Latin

Salyr soňy Sarahs - 19

Total number of words is 3694
Total number of unique words is 2213
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
damana ýolundan haýsydyr bir aýdyma hiňlenjiräp otyrdy.
***
Nowşirwan ähli işini terk edip, türkmen tebibiniň “tap” diýip giden zatlarynyň
gözlegine çykdy. Maşadyň özünden tapmasa Tährana, ondanam tapylmasa
Türkmensähra, Mazendrana, dagda, düzde oturan çopan-çoluklaryň üstüne gitdi,
garaz aýdylanlaryň barysyny jemledi. Bir aýlabam şol zatlary ulanmak bilen, tebibiň
aýdyp giden emlerini amal etdi. Gyzjagazynyň biliniň göz-görtele gönelip, çişiniň
aýrylyp barşyny görüp, çaganyň özündenem beter begendi. Onuň hakykatdanam
gutulyp gitjekdigine ynandy. Wagty boluberendenem öňküje paýtunyna ataryp,
Artykmuhammedi Maman apanyň yzyndan Zurabada ugratdy.
***
Giden gününiň ertesi gijöýlänler Artykmuhammet Maman apany alyp geldi.
Paýtunyň üstünde gözlerini dym-ak edip, kimdir birine içinden gargap oturan tebibi
Aýşa hanym götergiläp diýen ýaly düşürdi. Maman apa welin entek ýere-de
gonmanka onuň “taňyrýalkasynyny” ýetirdi.
–Waý, goýber meni ýelni keslen. Keçje gyzylbaşyň çagasy! Endam-janymy
gök-dalak etdiň-ň...
Artykmuhammed-ä onuň bu sözlerini terjime etmedi, eýýämhaçan tebibiň
häsiýetine belet bolan Aýşa hanymyňam ony gaty bir eşidesi gelip durmady. Oňa
çenli her ýerden bir basyp Nowşirwanam peýda boldy-da, ikisi iki ýerden Maman
178
apa begençlerini buşlap başladylar. Gyzlarynyň kän gowulaşandygyny, eden
emleriniň ýerine düşendigini uly tolgunma bilen habar berdiler.
–Bilýän-le bir, bilýän... – diýip, hüňürdäp barýan Maman aa bu gezegem
öňküsi ýaly göni syrkawyň ýanyna girdi. Özüni ýylgyryp garşylan Perişdäni eglip
gujaklady, ýaňajygyndan ogşady.
–Akyllyja gyzym, şekillije gyzym, meniň maşalajak gyzym – diýip, garaçyny
bilen söýdi. Birlaý seredip çykandan soňam gyzyň hossarlaryna ýüzlendi. –
Aýdanlarym-a aňry ýany bilen ýerine ýetiripsiňiz. Indi bolsa daşardaky ojakda ojar
ýakyň-da, közüni demir taba salyp şu ýere getiriň. Köz näçe köp bolsa şonça gowy.
Gyzam täzeje, tämiz düşege geçiriň-de, közli tabanyň gapdalynda ýatyryň. Çişiň
üstüne ýapan ýag meşigiňizizem aýraýyň. Indi onuň geregi ýok.
Öý eýeleri ýene oňa öňürti iýip-içmekligi, dynç almaklygy teklip etdiler.
Ýöne, tebip olara ýeň bermedi. Agzyny-burnuny towlap:
–Näme etmelidiginimi men özüm gowy bilýän, siz ýöne aýdylany ediň
basymrak – diýdi.
Ähli zat taýyn bolandan soňam gyzy täze düşegiň üstünde ýüzün ýatyrdy.
Oňurgasynyň üýtgän ýerine hamyrdan “ýürek” ýasap goýdu. Içine-de gyralaryny
gyrmaladybraga-da garaýag guýdy. Demir tabanyň içindäki gülbüreşip duran çoggyzyl közleriň birini ataşgir bilen tutup aldy-da, garaýagyň bir barmak boýurak
ýokarsynda saklap durdy. Köz köräberse ony gapdalynda duran başga bir boş gaba
zyňdy-da başgasyny aldy. Hä diýmänem “ýüregiň” içindäki garaýag “bygyr-bygyr”
gaýnap başlady. Tenine ötmeýän borly, gyz asla tisginmedem.
Maman apa zol-zol eglip, gyzyň agzyny ysgady. Garaýagyň ysy gelip
ugrandanam:
–Boldy! – diýip, ýuwaşja seslendi. Perişdäniň bilindäki “ýüregi” aýyrdy.
Eşiklerini geýdirdi. – Tur, gyzym! – diýdi. Turandan soňam: –Bar, indi oýnaber,
joralaryň bilen, emiň-ýumuň şu bolsun – diýäge-de arkasyna çalarak kakyp
goýberdi. Gyz gapynyň agzynda gözjagazlaryny tegeleşip duran doganjyklaryna
tarap ugrandanam söýünçli seslendi. – Weý, jompuldapjyk barşyňa döneýin, meň
perişdejigim..
Gyzlarynyň gutuljakdygyna bireýýäm ynanan hem bolsalar Aýşa hanym bilen
Nowşirwan waka beýle çalt tamamlanar, gyzlary göni düşegiň üstünden turup
gidiberer öýtmändiler. Şonuň üçinem, olaryň şol wagtky begençleriniň çägini ýazyp
beýan etmek mümkin däl.
Sähel wagtyň içinde tutuş howlynyň içi toýhana öwrüldi. Mal soýuldy, gazan
ataryldy. Dogan-garyndaş, tanyş-biliş, dost-ýar barysy jem boldy. Her kim
Nowşirwany, Aýşa hanymy gutlady. Maman apa alkyşlar aýtdy.
O zatlar hiç. Ol bir begenilen wagty gyzgyny bilen tutulan şagalaň. Esasy toý
şondan üç gün soň boldy.
Nowşirwan öňürt-ä uly sadaka berdi. Soňam uly toý tutdy. Oňa ýörite adam
iberip Teke hanam çagyrdy.
Ol zatlar kyn bolmady. Ýöne, şol üç günüň içinde Maman apany saklamak
welin, Nowşirwan üçin bar zatdan beter kyn düşdi. Ol ony diňe toýdan soň, Teke
han we beýleki salyr kethudalary bilen bilelikde ugratdy. Hezzetläp, hormatlap ýola
179
saldy. Şu çaka çenli özüni Zurabat aralygynda gatnadan paýtuny goşulgy aty bilen
bilelikde oňa sowgat berdi.
–Artykmuhammedem bereýinmi? – diýip, Nowşirwan degişdi.
–Güm bolsun-la, jumanamerk – diýip, Maman apa ýüzüni küssertdi. –
Başyma ýapaýynmy men ony ýan tazy ýaly edip...
Muňa hemmeler gülüşse-de Artykmuhammediň gahary geldi. Dişini gyjap,
ýüz-gözüni çytyp durşy elindäki gamçysy bilen tebibiň ýüzi kessir ýelmäýerli
göründi. Ýöne, köpçüligiň içinde, onda-da şeýle sylanýan adamy, Nowşirwanyň
eziz myhmanyny beýtmäge bogny ysmady. Kükregini ýaryp barýan hem bolsa,
gaharyny ýuwutmaly boldy. Üstesine salyr kethudalary hem:
–Biziň Maman apamyzyň bolşy şeýle, Artykmuhammet, sen ondan gaty
görme, gowy gören wagty bize-de aýdýa, şolar ýaly ýakymly sözler... – diýşip, ony
ýerli-ýerden köşeşdirmekçi boldular.
Artykmuhammet welin, barybir köşeşmedi. Elindäki gamçyny Nowşirwanyň
eline tutdurdy-da, özüniň tebibi Zurabada äkitmejekdigini aýtdy. Ol diňe Maman
apanyň özi:
–Ýeri, künti heleý ýaly eşek näzini etme-de, mün paýtuna! Sensiz men “Eşek
gerişden” nädip geçeýin. Mert ýigid-ä sen... Çölüň gurdy, uly iliň arkas-a sen... –
diýeninden soň doly köşeşdi. Maman apanyň hakykatdan-da aňyrsynda zat
ýokdugyna-da diňe şondan soň düşündi.
Oňa çenli Nowşirwan paýtunyň içini her dürli gymmatbaha harytlardan
doldurdy. Hojalyk üçin gerek bolan goş-golamlardanam atdy.
Muny görüp Teke han:
–Sen-ä Maman apa Zirewä baryp dükan açybermeli bolduň – diýdi. –
Artykmuhammedem dükançy edip al...
Muňa hemmeler gülüşdiler. Aňsat-aňsat gülmeýän Maman apanyň özem
güldi. Artykmuhammedem çalarak ýylgyrdy. Nowşirwan bolsa garaçyny bilen:
–Açsa, açybersin. Satyp ýetişse haryt bilen men özüm üpjün ederin – diýdi.
Gyzynyň keýik owlagy ýaly deň-duşlary bilen iki-baka bökjekläp ýörşüne gözi
düşende bolsa hasam joşdy. – Owal-a Alladyr welin, Maman hanym maňa gyzymy
ikinji gezek gaýdyp berdi. Şoň galan ömri üçin men şuňa minnetdardyryn. Şonuň
üçinem men muňa hany-manymy tuttuşlygyna bersemem ýaraşman durmaz...
Nowşirwanyň beren zatlarynyň arasynda bir gadak ýaly çaýam bardy. Onuň
üýtgeşik ysy dessine Maman apanyň burnuna urdy. Dörüşdirip içi çaýly düwünçegi
tapdy. Yzly-yzyna ysgady. Beň ýa şoňa meňzeş zatdyr öýdüp gorkdy. Nowşirwanyň
ýüzüne soragly seretdi.
–Munyň näme?
–Ol çaý. Gaýnak suwa atyp içmeli.
Çaý barada elbetde, Maman apa eşidipdi. Ýöne, içip görmändi. Asylam ol
wagtlar çaý halk köpçüliginiň içinde meşhur däldi. Diňe baýlar, han-begler
içýärdiler. Söwdagärler olara Buharadan, Samarkantdan, Hywadan, Eýrandan
getirip berýärdiler. Halk, hususan-da gelin-gyzlar welin tamdyrdan çykan gyzgyn
nany suwly çanaga ýaprak-ýaprak edip dograýardylar-da “myžladyp” iýýärdiler,
suwunam “hörpüldedip” başlaryna çekýärdiler-de, işli-işlerine tarap turýalar
180
gidiberýärdiler. Olaryň arasynda: “Baýlar suwy boýap içýämişler” diýen gürrüň
bardy. Ýöne, şonuň çaýdygyny welin, soň-soňlar bilip galdylar.
Şonuň üçin Maman apanyňam näbelet atyň sagrysyny sypalasy gelmedi.
Agzyny-burnuny towlap, gözünem erbet bir akjartdy-da, elindäki çaýly düwünçegi
Teke hana tarap uzatdy.
–Ýazmuhammet, bi siziň içýän zadyňyz ýaly-la?
Teke han garaçyny bilen güldi.
–Saňa-da kem ýakmaz şol bi ýaşdan soň, içiber.
–Näme oýny ba muň?
–Oýny ýok, ýöne ýadawlygyňy aýyrýa.
–Onda-ha bolaýjagam ekeni.
Şeý diýdi-de, ol elindäki düwünçegi paýtunyň içindäki goşlaryň üstüne oklap
goýberdi. Özem münmezinden ozal Perişdäni ýanyna çagyryp, ýörite hoşlaşdy.
Gujaklap bagryna basdy. Gözlerine ýaş aýlap durşuna:
–Indikille narduwana münmegin gyzym – diýdi. Hamsykdy. – Hoş, sag bol.
Işallasa men seň toýuňa-da gelerin.
Perişdejigem aglady. Halasgäriniň boýnundan aslyşyp, goýbermän kän
saklady. Ugranlaryndan soňam, Maman apany alyp barýan, yzyna gaýdyşyn
Artykmuhammet müner ýaly ýörite sarç at tirkelen paýtun indiki köçeleriň birinden
öwrülip, tä gözden ýitýänçä köýnejigini şemala galgadyp eljagazlaryny bulady
durdy.
Paýtunyň gapdaly bilen birnäçe atlynyňam goşulyşyp barşy daşyndan
seredeniňde gelnaljynyň toý dabarasyna meňzedi.
Howwa, bu waka Maman apanyň dabarasyny dagdan aşyran, abraýyny
öňküdenem has artdyran üýtgeşik hadysalaryň diňe biri. Ol hakda ýörite bir kitap
ýazsaňam gelişmän durmasa gerek.
***
Agyr hala düşen Nazarly mergeniň maşgalasynyň dadyna-da Maman apa tüýs
wagtynda ýetişdi. Teke hanyň Jumadurdy baýa: “Maman apanam alyp git” diýeni
gowy boldy. Garakçylara gargap oturşyna Nazarly mergen bilen Arslanyň
ýaralaryny ýuwdy, em etdi. Daňdy. Şol hysyrdylardan dynansoň daş-töweregini
gallaşyp oturan adamlaryň arasyndan gözleri bilen sermeläp Meňli hany tapdy.
–Ýaralary agyr. Ýöne, ölmezler. Galanam özlerine bagly. Çöl gurtlarydyr,
sähel-mähel zada per bermezler.
Jumadurdy baý Meňli hana Döwletdurdy tüýdükçiniň ýap-ýaňyja jan teslim
edendigini, onuň irgözinden Sarahsa ugradyljakdygyny, Nazarly Mergenem
çagalary bilen bilelikde gölegçilere goşup Sarahsa ugratmaklygy Teke hanyň teklip
edendigini aýtdy.
Meňli han makullaýjylyk bilen baş atdy. Az salym böwrüni diňläp oturandan
soňam iňläp ýatan mergene tarap baş atdy.
–Maman apanam şulara goşmasag-a bolmaz. Barýançalaram, baranlaryndan
soňam seredip durmaly bor...
181
–Bolýa. – Jumadurdy baý ýerinden turdy. – Men onda ýöräýin. – Onuň bilen
bile Maman apa-da ör turdy. Jumadurdy baý dik duran ýerinden oňa tarap elini
ýaýdy. – Manam apa sen otur.
–Ýak, Jyma jan, oturmaýyn. Öňi-soňy bile gitjek bolsak men bulara Zirewede
goşulaýaryn. Almaly-goýmaly zatlarymam bar.
XIX
Göç ýola düşýär.
Salyrlar özlerini hernäçe seresaply alyp barsalaram, garnizonlardaky serbazlar
toý gijesi Zurabatdaky hem Garadepedäki bolup geçýän adaty bolmadyk
hysyrdylardan, bagşy sesiniň arasy bilen eşidilýän “şakyr-şukurlardan, “takyrtukurlardan”, howsalaly “haýt-haýtlardan”, “gaýt-gaýtlardan, köne arabalaryň
“jygyldylaryndan” mallaryň “güpür-tapyrlaryndan”, tümlükden çykýan howatyrly
“hyşy-wyşylardan, topar-topar bolup toýhana däl-de, garaňka siňip gidýän
adamlaryň aýaklaryny gorkuly basyşlaryndan çen tutup, obalara bir üýtgeşikligiň
aralaşandygyny barybir aňdylar we şol gijäniň özünde aşaklyk bilen Maşada,
gübernator Alymerdan hana gyssagly çapar gönderdiler.
Ýöne, Eýranyň daşary razwedka gullugam erbet işlemedi. Olar hatda
Zurabatda oturan salyr türkmenleriniň Sarahsa göçmek üçin ors ofiseri,
podpolkownik Alyhanow bilen geçiren gepleşikleriniň wagtyna, ýerine çenli öz
baýarlaryna beren hasabatlarynda örän takyklyk bilen görkezdiler. Şonuň üçinem,
“Salyrlaryň Sarahsa göçmeklerine ýol bermeli däl” diýen görkezme Alymerdan
hana serbazlaryň iberen çaparlaryndanam kän öň gelip gowuşdy.
Ýöne, Eýran hökümeti salyrlar beýle çalt hem duýdansyz göteriler
öýtmändiler. Üstlerini basara, päsgel berere öňlerini çolara maý bolar öýtdüpdiler.
Esasanam olar öz algydarlyklaryna bil baglapdylar. Iň bärkisi olaryň parslar bilen
ýarpasyna eken bugdaýlaram agza-burna gelip, bu gün erte oraga garaşyp ýatyrdy.
Elbetde, Teke hanyňam Maşatda şolar ýaly meseleler boýunça “ýörite” işläp
ýören adamlary ýok däldi. Şeýle-de Orsyýetiň Tährandaky ilçisi Melnikow hem gol
gowşuryp oturmaýardy. Eýran hökümetiniň Köne Sarahsda we Zurabatda oturan,
salyr türkmenleri babatdaky edýän her bir hereketi onuň gözünden sypmaýardy.
Şeýlelikde Alymerdan han-a gyssagly suratda salyrlaryň üstüne ýörişe
taýýarlanyp başlady, Alyhanow bolsa öň özüniňem salyrlar bilen gepleşip goýşy
ýaly, ors hökümetinden derhal Pulhatyna barmak we salyrlaryň sag kenara
geçmeklerine ýardam bermek, geçenlerinden soň goraglap Sarahsa eltmek, şol ýerde
ýerleşdirmek barada görkezme aldy. Zurabatdan göteriljek gijeleri daň bilen, ýanyna
iki ýüz atly kazakdan ybarat goşunynam alyp Sarahsadan çykdy.
***
Yzanda-çuwan bolşup, Döwletdurdy tüýdükçini alyp ugran gölegçilere
serbazlar azar bermediler. Asla olar bilen işlerem bolmady. Garadepeden arabaly
getirilen Nazarly mergeni hem çagalary bilen bilelikde şolara goşdular. Maman apada şolara goşuldy.
182
Uly göçüň şu gije ugradyljakdygyndan ogryn-dogryn baryp-ha Allamyradyň
toýy gijesi habardar bolan halk garaňky düşüp-düşmänkä göçe taýarlanyp başlady.
Erewde-berewlik göz-görtele artdy. Kim gamyşyny alyp gitmek üçin kepbesiniň
suwagyny aýryp ýör, kimler bilelikde sürmek üçin gapylaryndaky mal-garalaryny
bir ýere toplaşdyryp ýörler, käbir aýallar bolsa hem-ä Zurabat bilen hoşlaşyk,
hemem Sarahsa sag-aman aşmak üçin bölek-bölek edip, Hudaý ýoluna nan paýlaşyp
ýörler. Jumasaparyň aýaly Akbike-de şolaryň biri.
–Zirewedenem dilgir bolmaň, adamlar! Şunça ýyl duzuny iýdik, hor-zar
bolsagam üstünde toý tutuduk, önüp-ösdük, mundan buýana bu topragy ýa göreris,
ýa görmeris, “Biz senden razy, hoş gal, Zirewe”, diýiň!.. – diýip, ol hatar-hatar
syryp, her baran ýerinde şol bir sözüni gaýtalap ýör. Onuň beren bir bölejik
nanyndan dadyp:
–Hoş gal, Zirewe... – diýenlerinde aýallaryň bokurdaklary dolup, gözlerine
ýaş aýlanýar. Köpüsi bolsa aglaýar. Käbirleri welin, özlerini mert tutup, başlaryny
silkip goýberýärler-de:
–Aglamaň, heleýler! Gaýtam begeniň! Şatlanyň! Biz öz ýurdumyza, ataWatanymyza barýas, horlukdan çykyp barýas – diýip buýsançly seslenýär.
Aglabasy daşy palçyk bilen suwalan ýylgyn ýa gamyş kepbelerde ýaşap ýören
pukara halkda dogrusy goş diýer ýaly ullakan bir goşam ýok. Käbirlerinde gara öý
bar, olaram beýlekilere görä birneme gurplyrak hojalyklar bolup, ýük urar ýaly
birlän-ikilän iş mallary hem bar. Jumadurdy baý ýaly adamlarda araba bar. Paýtun
diňe Teke han bilen Maman apada bar. O-da özi gölegçilere goşulşyp gidensoň
paýtunyny Jumadurdy baýa goýup gitdi. Ony döwmän, ýençmän Sarahsa aşyrmak,
eýesine gowşurmak şonuň borjy. Ulanmak, üstüne adam mündürmek, goş ýüklemek
bolýar.
Halkyň aglabasy eşekli, düýeli, ýabyly. Gülberini arkasyna alyp paý-pyýada
gitmelileriňem hetdi-hasaby ýok. Çünki, Apbas Mürzäniň çozuşyndan soňraky ýüz
beren tükeniksiz göç-gon, uruş, aýraçylyk, tozgunçylyklar, şowsuzlyklar, hususanda ölüm-ýitim, ýesirlikler zerarly san taýdan azalmaklary salyr ilini şon deý
egbarlatdy. Çykgynsyz hem gözgyny hala saldy. Halkyň aňynda diňe öz atababalaryna bolan buýsanjy, belent ruhy galdy. Şol wagt bu taýpa türkmeniň iň bir
ejiz hem garyp bölegine öwrüldi.
Ol indi baryp özüniň asyrlarboýy arzuwlap gelen arzyly mekanyny ýurt
tutunmaly, gaýtadan kök urmaly, ornaşmaly, özüni dürsemeli, dabanyny Sarahsyň
bol suwly mes topragyna diräp zähmet çekmeli, gurplanmaly, şeýdibem täzeden
aýaga galmaly.
***
... Daň saz berip, ýaňy bir zulmat gyzaryp ugrandanam, şol bir wagtyň özünde
hem Zurabatdan, hem Garadepeden agyr göç äpet uly gara aždarha ýaly bolup,
demirgazyk sary süýşüp ugrady.
Olar derýanyň çep kenarynda, iki gün bäri mal-garalaryň ýygnanýan ýerinde,
Zurabadyň gündogar tarapyndaky pesligiň içinde birleşdiler we wagt ýitirmezlik
üçin sessiz-üýnsiz ýollaryny dowam etdirdiler.
183
Serbazlar olaryň bu hereketlerine hem hiç hili garşylyk bildirmediler. Çünki,
salyrlaryň niýeti indi olara belli. Üstesine-de göç baradaky habary ýetirilmeli ýerine
ýetirdiler. Borçlaryny berjaý etdiler. Şonuň üçinem olar arkaýyn. Näme çäre görmeli
bolsa ýokarkylar görerler. Galyberse-de, göçüň daşy edil goragsyzam däl.
Salyrlaryň iň bir edermen ýigitleriniň eli ýarag tutany, at-esbaby bolany bosgunlaryň
daşyny gallap, islendik hüjüme taýýar bolup barýarlar. Olar hatda Eýran
hökümetiniň Maşatdan geläýmegi mümkin hasap edilýän döwlet goşuny bilen
çaknyşmaga-da taýýar.
Ine-de, olar ýaňy bir oruma gelen bir bölek maýsalyk meýdanyň gyrasyndan
geçip barýarlar. Ol halkyň nijembir umyt arzuw bilen eken, arly ýyl göz diken
rysgaly. Diýmek, halk şu wagt ömürlik Watan diýip, iki günlik rysgalynyň
duşundan geçip barýar. Rysgal bolsa hamala: “Meni taşlap gitmäň” diýýän ýaly
olara gol bulaýar, haýpy gelýän ýaly başyny ýaýkaýar. Ýuwaşjadan ygşyldaşyp,
dostlarça hoşlaşýar.
Olar tä Pulhatyn köprüsine çenli derýanyň çep kenaryny syryp, akymyň
ugruna gitmeli we şondan sag kenara geçip Alyhanowyň otrýady bilen duşuşmaly.
Ondan aňyrda bolsa olara Köne Sarahs garaşýar.
Ýöne, entek Pulhatyna ýetmänkäler Teke hanyň yzda goýup gaýdan
gözegçilerinden biri at derledip geldi-de, Alymerdan hanyň alty ýüz atly esger we
iki sany topdan ybarat goşun bilen Pulhatyny nazarlap Maşatdan çykandygy barada
öz çawuşlaryndan habar alandyklaryny aýtdy.
Teke han gyssagara öz egindeşlerini daşyna toplap, at üstünde maslahat
geçirdi. Maslahata Öwezgeldi batyr ýaly ýaşlardanam gatnaşany boldy. Olar
Pulhatyna çenli gitmekligi, gerek bolsa Alymerdan hanyň goşuny bilen
söweşmekligi teklip etdiler. Emma maslahat muny göwnemedi. Ol: “Pulhatyna
gitmeli däl. Alymerdan hanyň goşuny bilen urşup pida çekmeli däl. Derýadan şu
ýerde, urup geçmeli”, diýen netijä geldi. Şeýle-de maslahatyň karar etmegi bilen,
halkyň ejiz bölegine ýardam etmek üçin, Hojaş diýen uzynak, ala gözli murtlary
jaýtaryp duran burunlak, süňkleri iri, deşli ýigit bilen Öwezgeldi batyryň
başlyklygynda elli sany syrdam, saýlama ýigitlerden ybarat halas ediş topary
döredildi.
Şondan soň, Teke han göçüň hereketini doly togtatdy. Bir ýere üýşensoňlar
öňlerine geçip, ýüze çykan ýagdaýy, şeýle hem maslahatyň gelen netijesini güýçli
ses bilen gygyryp köpçülige mälim etdi. Soňundan daş-töweregini gallaşyp duran
ekabyrlara ýüzlendi.
–Oglan-uşaklardyr, garry-gurtularyň köpüsini öňki agşam ugradanymyz gowy
bolaýypdyr. Ýogsam olar ardurja heläk boljak ekenler.
Teke hanyň beý diýmeginiň sebäbi bardy. Çünki, derýa parahat däldi.
Hanasyny dolduryp, käte ondanam çykyp, o ýan, bu ýan çyrpynýan, towlanjyrap
ýylan-deý owsun atýan derýanyň goýnuna şol wagt ýürek edip özüňi urmag-a däl,
hatda seretmegem gorkulydy.
Düýn öýlän dag içinde dynman ýagyş ýagandygyndan ýolagçylaryň hemmesi
habarly. Gabaraly gara bulurlaryň belent-belent dag gerişleriniň üstüne kükreklerini
gerip, bagyrlaryny oýkaýyşlaryny olar kesesinden synlapdylar, asmanyň ýüzüni bir
zarbada persala edip goýberýän ýyldyrymlaryň ujy ýalaw ýaly dyrnaklaryndan
184
howatyr edip, oglan-uşaklar dagy öýlerine kürsäp-kürsäp urupdylar, şol zatlaryň
zulmuna çydabilmän “ah” çekýän gögüň “gübürdisini” diňläpdiler. “Bärik bir
gelmäýbilseýdir” diýşip, Biribardan dileg edipdiler.Zemine sahabat seçýan şol uly
ýagmyryň sil suwuna öwrülip, daglaryň ýüzi bilen aşak gaýtjakdygyndanam,
derýany doldurdyp Köne Sarahsa, Tejen topragyna tarap akjakdygyndanam
habarlydylar. Ýöne, hut ertiriň özünde onuň bilen jan dalaşyna girmeli
boljakdyklaryndan welin bihabardylar.
Çünki, gelnen öňki netijä görä, derýa nähili ýagdaýda bolanda-da göç baryp
Pulhatyndan geçmelidi, derýadan urup geçmek göz öňüne tutulmandy.
Her niçik hem bolsa ýagdaý şoňa bardy. Derýadan urup geçmek barada
buýruk berildi. Tebigat bilen ynsan oglunyň arasyna edil, Magşar dek agyr synag
düşdi.
Bir bada hiç kimiň töwekgelçilik edesi gelmedi. Ne ulaglylardan, ne
pyýadalardan özüni suwa urmaga milt eden bolmady. Her kim biri-biriniň ýüzüne
seredip götinjekledi durdy.
Göçüň ýaýdanýandygyny görüp, Teke han ýene-de öňe çykdy.
–Adamlar! Siz agyr synagyň öňünde dursuňyz. Derýanyň aňyrsynda Watan
bar, bärde bolsa ýoksullyk, kemsidilmeler, aýraçylyk bar. Aňry geçsek bize gowy
durmuş, ilimiz-günümiz garaşýar. Çünki, külli türkmen şo ýerde. Şol iki çägiň
arasynda bolsa ine, möwç urup duran şu derýa bar. Elbetde, ol howply, ýöne, bize
bu ýerde galmak ondanam howply. Şoň üçinem bizde başga alaç ýok. – Han ak
atyny debsiläp has belent ýere çykdy. – Goş-golamlaryňyzam taşlaň-da, uruň,
özüňizi derýa! Gara başyňyzy gutarybilseňiz galannyň bir alajy bolar. Aňry ýüzünde
bize ors serkerdesi Alyhan garaşyp dur. Ol bize dosluk goluny uzadýar. Bu ýere
bolsa topy-toýhanasy bilen Alymerdan han ýetip gelýär... Ol Pulhatyny eýelär we
bizi barybir ondan geçirmez. Uruş etsegem gyrgynçylyk bolar... güýjümiz bolsa pes.
Hanyň aýdan sözleri halka iňňän güýçli täsir etdi. Şol wagtam kethuda
Begnazar üzeňňä galdy-da, sag goluny derýa tarap galgadyp, bir wagtlar, edil şu
derýanyň boýunda, Pulhatynyň başynda, Hyrat häkimi Soltansöýün Baýkara bilen
Myraly şir Nowaýynyň aýdyşygyny ulyili bilen gygyryp, dile getirdi.
–Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni!!!...
Adamlar duran-duran ýerlerinden, yzanda-çuwan: “Ýa, Alla! Ýa Sarahs
baba!... Ýa, Gyzyl Ymam!.. – diýşip, özlerini derýa urdular.
Pokurryk gatyşykly akýan haýbatly sary läbik welin halky ol kenara beýle
aňsatlyk bilen geçirmejekdigini turuwbaşdan duýdurdy. Ýaman algydar ýaly
goýnuna gireni gujaklap alyp ilk-ä bagryna basdy, soňam ýanbaşyna göterip
dikbaşaşak inderdi. Gomlary bilen dolap alyp holtumyna dykdy, äkidip
allaowarralardan çykardy, käbirlerini bolsa eltip guýganaklap duran girdabyň içine
sokdy.
Adamlaryň gyk-baklaryny, aýallardyr-çagalaryň çyr-çykylyklaryny hasap
etmäniňde-de, suwa girmejek bolup galyň-galyň düýeleriň bagyryşýan, atlaryň
kişňeşýän, “özüm-ä hiç welin, bulary nädeýin”, diýýän ýaly gözlerini tegeläp
gölejiklerine tarap mölerişýän, sygyrlaryň molaşýan, iki baka tazygyşyp ýörüşlerine
zaryn-zaryn mäleşýän goýunlaryň, guzularyň, çekreşýän geçileriň, owlaklaryň,
hynçgyryşýan eşekleriň sesleri goşulyşyp ol ýagdaýy hasam edrenç görnüşe getirdi.
185
Göräýmäge derýada ummanlardaky ýaly möwç, lemmer, ýa mähnet tolkun,
gom ýok, ýöne, akym welin güýçli. Edil ýeriň bir dilkawja bölegi süýşüp gidip
barýan ýaly. Towlanjyraşýan depesi ak köpürjikli, onçakly uly bolmadyk tolkunlar
birdenkä ik ýaly pyrlanýarlar-da, sary ýuwdarha dek “haşşyldap” öz oklarynyň
daşyndan birnäçe gezek pyrlanýarlar. Birdenem, durmuşdan halys bizar bolan
betbagt kişi ýaly “öwhüldeşýärler-de” lagşan göwrelerini “pagşyldadyp” aşak
goýberýärler we gömülgeniň çägä gömülişi ýaly ýaryndan gowragy gyrmança bolup
duran sap-sary, läbik suwuň içine çümüp gidýärler.
Ýagdaý şeýle bolansoň, duran ýerinden derýa urup, şol deňdenem ol kenara
çykybilýän ýok diýen ýaly. Güýçli akym adamlary öz ugruna alyp gidýär. Ellerini
dik ýokary tutup, kä çümüp, kä çykyp, her çykanda-da Hudaýy ýa halasgärleriň
birini kömege çagyryşyp, gark urşup barýanlaryň hetdi-hasaby ýok. Diňe dogumly
gyzlaryň, gelinleriň we ýetginjek ýigitleriň käbirleri öz güýçleri bilen akymy
böwsüp, sag-aman sag kenara çykmaklygyň hötdesinden gelýärler.
Olar yzyndan gelýänlere ellerini uzadyp, kenara çykmaklyga kömek edýärler,
ýüp zyňýarlar, çekip alýarlar.
Käbir saly gowşagraklary bolsa çykyşlary ýaly sermagallakdan gaýdýarlar,
halys tapdan düşen göwrelerini “şalkyldadyp” ýere goýberýärler, birsellem çiňarkan
ýa ýüzün düşüp “hählerini” alýarlar, özlerini raslaýarlar. sähel wagtdanam yraňdaraň edişip turýarlar-da, kenary syyrp entirekleşip baryşlaryna öz söýerlerini,
hossarlaryny, dogan-garyndaşlaryny gözlerýärler. Ysygnsyz hem ýadaw sesleri
bilen atlaryuny tutup gygyryşýarlar.
Sag kenaryň böwür berýän ýerleri kert bolup, onuň aşagy boşluk.
Akym aýlap-aýlap adamlaryň köpüsini şol ýere eltýär. Ol ýerden kenara
çykyp bolanok. Ýöne, sähelçe hem bolsa çöp-çalamdan ýapyşyp dynç almaga, özüňi
dürsemäge maý bar.
Seýrek bolmadyk halatlarda kenar hopýar, “gümmürdäp” aşak gaýdýar.
Çünki, derýanyň öz sag kenaryny ýumurmak, hanasyny şol tarapa giňeltmek
häsiýeti bar. Ýene bir howply ýeri – kertiň düýbündäki böwürde köplenç
“horruldap”, “sokurdap” aýlanyp duran, ortasy guýganakly girdap bolýar.
Ol adammy, atmy, eşekmi ýa porrukmy tapawudy ýok, duşundan geçen zady
aýlap-öwrüp demine dartyp dur. Şeýle-de bolsa, käbir nesibesi güýçli, maňlaýy daş
ýarýan adamlar şondanam diri sypýarlar, ep-esli ýere baransoňlar “zompuldaşyp”
çykýarlar, hopugyşyp, ellerini kelemenledişip kenara tarap dyzaşyp başlaýarlar.
Nesibesi ýoklar bolsa şol gidişlerine gidýärler, asla çykmaýarlar, gaýdyp
görünmeýärlerem, görünäýenlerinde-de hiç-hili hereketsiz, dirilik alamatlary ýok
halda görünýärler, suwuň ýüzünde kä arkan, kä ýüzün ýatyp, kä çümüp, kä çykyp,
agdar-düňder bolup baryşlaryna kem-kemden daşlaşýarlar we bütinleý ýitip
gidýärler.
Umuman sag kenary nazarlap çep kenardan özüni suwa uranlaryň aglabasy
özlerini diňe akymyň ol kenara elterine, güzeriň ýa-da ýalpagrak ýeriň gabat
gelerine bil baglaýarlar.
Köplenç şeýle hem bolýar.
Ýöne, şol aldym-berdimli pursatda halas ediş toparynyň bitiren işini welin hiç
zat bilen deňäp bolmaz. Olar bosgunlaryň iň bir gowuşgynsyzlaryny, ejizlerini,
186
düýbünden ýüzüp bilmeýänlerini atlarynyň ardyna ýa öňüne alyp ol kenara
geçirýärler we derhal yzlaryna gaýdýarlar, gelip atlaryna sähelçe dynç berenlerinden
soň ýene-de şol bir hereketlerini gaýtalaýarlar.
Öňi-ardy adamly ýüzüp barýarkalar sen-men ýok gapdaldan gelip olaryň
atlarynyň ýalyndan ýa guýrugyndan aslyşyp gidýänlerem bolýar. Şolar ýalyda
ozaldanam gatnaý-gatnaý halys eňki gaçan atlar laky-tak durýarlar we özlerini ol
kenara juda kynlyk bilen atýarlar.
Teke han umumy gözegçilik bilen başagaý. Beýleki ekabyrlaram şonuň ýaly.
Abyt işan kenaryň has görnükliräk ýerinde durup, yzyny üzmän Kurany
Kerimden keramatly süreleri okaýar.
...Ýaňy bir ýüki ýaran, üstüne köne-küşül keçe bilen içiniň ýüňleri çykyşyp
duran ýorgança bökderilgi, burny gara gökje kürrejik gelşi ýaly biri syrtyndan gop
beren dek, guýrugyndan ýapyşyp gelýän orta ýaşlaryndaky egni ýagyrnysy şorlap
giden köneje alaçaly, başyna sary dasdar oralan, sarymeňizräk, dolmujrak daýza
bilen bilelikde ýüzüniň ugruna özüni suwa urdy. Göreni geňler galdyryp, esli ýere
çenli ýüzüp gitdi. Birdenem girdaba gabat geldi-de, öýüň içi ýaly ýerde guýganaklap
başlady. Her aýlawdan soňam aşaklamak bilen boldy. Ahyram “hokur-hokur” edip
duran girdabyň düýbüne gitdi.
Ýa-ha barja baýlygy şol, ýa-da girdap näme, gom näme bilenok, daýza
görgülem guýrugyny sypdyrman, kürre bilen bilelikde güw gitdi.
Soň olar bir ýerden çykdylarmy ýa suwuň düýbünde müdimilik galdylarmy,
ony bilýän ýok, ýöne, sähelçe wagtdan soň girdapdan taýak atym aňyrrakda dört
aýagynam dik ýokary tutup tolkundan-tolkuna geçip, garnyny akjardyp barýan bir
malyň şol gökje kürre bolaýmagynyň ahmaldygyny bu hadysa başdan-aýak syn edip
duran Teke han çak etdi. Şonuň üçinem, ol ýap-ýaňyja sag kenardan gaýdyp gelen
Hojaşa ätiýaçdan şol töwerege aýlanmagyny haýyş etdi.
Emma ne Hojaşyň, ne beýlekileriň gözüne salgy berlen ýerde hiç hili garamguram görünmedi. Birdenem: “Ine men bärde” diýýän ýaly edil Teke hanyň duran
ýerine golaýrakda hälki daýzanyň kellesi göründi. Bir aýlaw edibem, ýene-de ýomýok boldy. Gaýdybam görünmedi.
Indi, özüni suwa urubilmän ýaýdanyşyp duran-a ýok. Ýöne, her kim birhiliräk
öz alajyny edip, onsoň girýär. Tulum çişirip oturanam bar, hatda ýetginjek
oglanlardan balaklaryna ýel berip, çişirip münýänlerem bar. Göç uly bolansoň bir-ä
ýaýrawy giň birem üzlem-saplamrak. Her kim kenaryň amatlyrak ýerini peýläp
gidip otyr.
Birdenem kimdir biriniň:
–E-eý, Hojaş, gelniň gark boldy-y... – diýen çasly sesi eşidildi.
Hakykatda Hojaşyň gelni ýok. Ol entek öýlenmedik. Ýöne, salyrlaryň öz
aýdyşlary ýaly geleşdirilen. Geleşikli. Özem bir çak toý edilmelidi-de, galyň
meselesinde düşünişmezlik bolup, gaýra süýşürilip ýördi. Diýmek, gark bolýan
onuň gelni däl-de, gelinligi, ýagny geleşiklisi bolmaly. Sesiň gelen ýerine Hojaşa
görä-de Öwezgeldi batyr golaýrak durdy. Şonuň üçinem, ol derhal atynyň başyny
şol tarapa öwürdi. Ýöne, Hojaş bir demde onuň yzyndan ýetdi-de: “Dur!” diýdi we
çep kenar bilen aşaklygyna tarap atyny ýüzün saldyryp gitdi. Ho-ol, aňyrrak
barybam aty bilen bilelikde özüni suwa urdy. Möwçleriň arasy bilen gaýdyrylyp
187
barýan gelinliginiň öňüni çolady. Golaýyna gelendenem garbap alyp atyň öňüne
çekdi, sypdyrmazlyk üçin gujaklady. Ejap etdimi, nämemi, gyz şol aralykda-da
onuň elinden sypjak bolup dyzady, urundy, kakyndy, elleri bilen ýüzüni tutdy, ýöne,
ýigidiň berdaşly gollary ony sypdyrmady. Birneme aňyrrakdanam bolsa ol öz
gelinligini sag kenara alyp çykdy.
Ygym-sygym bolşup gyzyň hossarlaram kenara çykdylar. Hojaşa müň kerem
sag bolsun aýtdylar. Ejesi görgüli bolsa dyzyna çöküp saçlaryny ýaýyp oturşyna:
–Şu gün alsaňam seňki indi şu gyz, jan Hojaş – diýip, hünübirýan aglady.
Kakasam çöp-çalamdan we läbik suwdan ýaňa çyr-çyrşak bolan ýüzüni ikibaka sypajakladyp durşuna aýalyna tarap barmagyny çommalyp göwünligöwünsizräge-de:
–Heseliň aýdýany dogry şol... – diýdi.
Hojaş esli wagtdan soň Teke han dagynyň ýanyna gaýdyp geldi.
–Edil şol wagtam kenarda henizem öňki agşamky toýda aýdylan aýdym-sazyň
humaryndan çykybilmän hiňlenjiräp gelýän Baky lütjek peýda boldy. Ol
Pulhatyndan geçiler diýip arkaýyn bolan bolsa gerek, göçden kän yza galypdyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 20
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.