Latin

Salyr soňy Sarahs - 14

Total number of words is 3630
Total number of unique words is 2157
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görümde arkaýyn ýatybilmen. Yza bolsa ýol ýok. – Ol tutuksy nazaryny zoraýakdan
diýen ýaly myhmanlara tarap gönükdirdi. – Gaýyp ýokmy araňyzda?
Bu gezek hemmeden öň Teke han seslendi.
–Bar,bar...
–Onda näme sesi çykanok oň?
–Aý, damagy dolup gepläbilenok.
–Hä-ä... Hm-m...
Oňa çenlem Gaýyp dyzanaklap diýen ýaly gojanyň ýanyna bardy. Golundan
ýapyşdy. Ýuwduna-ýuwduna zordan gepledi.
128
–Men ine, bärde halypa. Şu ýerde. Seň ýanyňda.
Hamala şägirdini elläp görmekçi bolýan ýaly Döwletdurdy tüýdükçi
gapdallaryny sermeledi.
–Şu ýerde bolsaň onda oturyber şu taýda... Beýleki bagşy-sazandalaram
bamy?
–Bar, halypa, hemmesem bar.
Döwletdurdy tüýdükçi indiki sözlerini şolara degişli edip aýtdy.
–Sizem şu sazy diňläň. Öwreniň. Ýat bekläň. Gerek bolsa üstünde işläň.
Ýöne, gylyny gyşartman indiki nesillere ýetiriň.
Her sözünde säginip “has-has” edip zordan gürleýän sazandanyň häziriň
özünde alaga-da tüýdük çalyp başlajakdygyna dogrusy oturanlaryň biriniňem ynamy
ýokdy. Her kim ol ýöne, öz ugruna gepläp oturandyr, aňy üýtgändir, çaýmaklap
gepleýändir öýdýärdi. Emma goja geplemesini goýdy-da, sag eli bilen sermekläp
sag dyzynyň ýaynda ýatan tüýdügini aldy. Naýly tarapyny kentlewügine diredi.
Guşuň gursagy ýalyjak bolup galan kükregini ýelden doldurdy. Çalarak gobsundy.
Üfledi. Howada galgap ugran tüýdükden “şyggyldy” gatyşykly pessaýja owaz
çykdy. Horja barmaklaryň tüýdükdäki deşijekleriň üstünde gaýmalaklap ugramagy
bilen öýüň içinde henize bu güne çenli hiç kimiň eşitmedik üýtgeşik bir sazy
ýaňlanyp başlady.
Ol saz Döwletdurdy tüýdükçiniň tüýdüge doly güýjünde erk edip bilýän
döwürlerindäki ýaly göçgünli çykmasa-da iňňän mylaýym, labyzly, siňňitli,
zehiniňe batnykly eşidildi. Çünki goja tüýdükçi öz tüýdügini bu wagt barmaklary
bilen däl-de, sary gaçan bimar ýüregi bilen çalýar. Şonuň üçinem, tüýdügiň içinden
çykýan owaz durşy bilen nala, perýat, kükreginden çykýan bat bolsa ýel däl-de,
efgan “ah” bilen “wah”. Sazyň süňňünde bolsa, sazandanyň öz aýdyşy ýaly ýeke bir
özüniň, öz taýpasynyň ýa türkmen iliniň däl, eýsem külli adamzadyň dogup-döräli
bäri başyndan geçiren pajygaly ahwalatlary bar. Gören ýagşy günlerem, ýaman
günlerem, sapaly çaglaram,. gussaly, gamgyn pursatlaram, çeken azaplaram,
güzaplaram, gaty bir gysga-da bolmadyk ömrüniň dowamynda gabha pelek birle
guran tükeniksiz darkaşlaram, başyndan inen heýhatlaram şonuň içinde. Her
öwrümiň ahyrynda-da: “Eý-ho-oý... Eý-ho-oý...” diýen içi harpdan doly, iniňi
tikeneklendiriji zaryn bir owaz öýüň içinde köwsarlap, tüýnüge tarap burugsapburugsap gidýär.
Muny oturanlaryň hemmesi eşitdiler. Aýdyň gördüler. Sazyň beýanatlaryna,
sazandanyň ahwalatlaryna düşündiler. Hususan-da, Döwletdurdy tüýdükçiniň öz
isleýişi ýaly, bu sazy bagşy-sazandalar bek bellediler. Beýnilerine ýazdylar.
Aňlaryna berkitdiler. Garry sazandanyň iň soňky deminde-de öz öňlerinde uly borç
goýup gidip barýandygyna göz ýetirdiler. Ol uly borjy boýunlaryna aldylar.
Saz bolsa barha pessaýlap gidip barýar. Çünki, sazanda egbarlady. Jan haçan
teslim etse edäýmeli ýagdaýa geldi.
Her niçik hem bolsa saz iň soňuna çenli dowam etdi. Tamam bolandanam
sazanda tüýdügini agzyndan aýyrdy. Ýöne, ýerde goýmaga ýetişmedi. Elinden
gaçyrdy. Gözlerini süzüp boýnuny bir tarapa gyşartdy. Oglanlary tutup
ýetişmänkälerem “şalkyldap” arkan gaýtdy. Şol aralykda-da bir zatlar diýdi. Güňleç
iňledi.
129
Oglanlary ony düşegiň üstünde ynjalykly ýatyrdylar-da, özleri eýýämhaçan
örüşip ugran myhmanlary ýola salmak üçin gapynyň agzynda häzir boldular. Azajyk
eglenmeklerini duz dadyp gitmeklerini haýyş etdiler.
Ogullarynyň mürähedine Ýagşygül apa-da goşuldy:
Heý,wa-a...Ýazmuhammet! Nahar pişip dur-a. Duz datman gitmäň-ä.
Bäregem bükdürip otyryn-a men kelinlere.
– ...Nahary baryp toýdan iýeris, kelapa. Hassa bolsa rahatlyk gerek. Sag
oturyň. Akgamyzyňam ahyry gelsin.
–Bor, Ýazy jan. Taňryýalkasyn. – Ýagşygül apa agyr göwresini zordan
herekete getirip bir ädim öňe süýşdi. Teke hanyň alkymyna dykyldy. Pyşyrdap
gepledi. – Oba arasynda bir “hyşy-wyşy” bar welin...
–Bar bolsa dogrudyr, Ýagşygül kelapa. Ýöne sen arkaýyn bol, bir üýtgeşiklik
bolsa ogullaryň bilen habarlaşarys.
***
...Bagşylardyr-ekabyrlaryň gaýdyp gelmekleri bilen, bagşy aýtdyryljak ýerde
seýregrägem bolsa üýşüp oturan märekä jan girdi. Hereket köpeldi. Käbirleri öňki
oturan ýerlerinde gorsanyşsalar, käbirleri bagşylar üçin düşekleip goýlan ýere golaý
süýşenekleşdiler. Täze gelenler ýerlerinden turup han-begler, bagşy-sazandalar bilen
görüşdiler.
Ekabyrlaryňam özleri üçin bellenip goýlan ýere geçmekleri bilen, märekä
nahar çekildi. Nahardan soň Abyt işan töwür etdi. Toýy gutlady. Ýagşy dilegler etdi.
Içinden bolsa il-günüň bu gün-erte sag-aman öz ýurduna gowuşmagyny arzuwlady.
Şondan soň gezek bagşylara ýetdi.
Özleri üçin göre-gündizden ýazlyp goýlan galyň düşekçeleriň üstünde
ykjamlanyşyp oturyşlaryna olar öňden işip, syntgylap goýan ýüpek kirişlerini gara
gazmalaryna howlukman, uly söýgi bilen dakdylar. Üstünden sypalaşdyrdylar. Bir
barmaklary bilen “tyryň-tyryň” etdirip ilki aşaky, soň şabram kakyp iki tarapynam
sazladylar. Ondan soň üýşüp biri-biriniňkä düzdüler. Göwünlerine jaý bolandan
soňam baş atyp makullaşdylar. Muny aňan märeke tolkun atyp başlady.
–Bolaweriň ho-ow!..
–Başlaň-a indi...
–Ýa, Alla!..
–Hany bir hezil beriň...
Bagşylar gaňrylyşyp, golaýlarynda oturan ekabyrlara tarap seredişdiler.
Olaram öz gezeklerinde Teke hanyň ýüzüne bakdylar.
Teke han: “Başlaberiň”, diýen manyda baş atdy.
Ozaldan gelýän edähleterine görä, döwür gurap oturan bagşylaryň hersi öz
gezeginde şol bir heňe bir aýdym aýtmaly. Hiç kim özünden öňürti aýdylan aýdymy
gaýtalamaly däl. Şonuň üçinem, özara ylalaşyp, bir aýdymy käte ikä ýa üçe bölüp
aýdýan gezeklerem bolýar.
Muňa “bir aýlaw” diýilýär.
Aýlaw boýunça aýdylýan aýdymlar “ýapbyldakdan” başlanyp, kem-kemden
ýokary perdelere çykylýar. Şondan soň hakyky synag başlanýar. Kimiň sesi nirede
ýetmese, ol şol ýerde yza süýşýär-de, dutaryny dula söýäp, çekilýär oturyberýär.
130
Ýagdaý şeýle bolansoň, özüne göwni ýetýän bagşylar garşydaşlaryny
aýlawdan çykarmak üçin her gezekki aýdymdan soň dert-azar çep elleriniň
barmaklaryny dutarlarynyň gulaklaryna ýetirmek bilen bolýarlar. Muňa onuň
garşydaşlary kejikýärler, özlerine göwniýetmezçilik edildigi hasaplaýarlar we göz
görkezmek üçin olaram ur-tut dutarlarynyň tarlaryny çekmek bilen bolýarlar.
Netijede bagşylaryň arasynda bilniksiz bäsleşik, kejeleşik emele gelýär. “Öten
agşamky toýda pylany ýeňdi” diýen ady her kimiň özi alasy gelýär.
Bu ýagdaý bagşylary ýeke bir basdaşlyga däl, eýsem görüpçilige çenli alyp
barýar. Olary käte uly betbagtçylyklaryň üstünden eltýär. Içleriniň gyrylýan,
içegeleriniň ýolunýan, ömürlik maýyp bolýan, hatda ölümiň üstünden eltýän
gezeklerem bolýar.
Şonuň üçinem, obanyň kethudalary, toýuň beýemçileri, galyberse-de, hanbegler hemişe olara “haý-küş” edip durýarlar. Kellegyzgynlyk edip biri-birlerine
agram salmazlyklaryny, kast etmezliklerini haýyş edýärler. “Bize siziň “it urşuňyz”
gerek däl, hezil bereniňiz gerek” diýýärler. Karamlyk ýa emel edip ýaryşýan
bagşylara baýrak bermeýärler, soň “aýlawa” goýbermeýärler, gaýdyp orta
çykarmaýarlar, asla toýa-da çagyrmaýarlar.
Tertip-düzgün diňleýjilerdenem talap edilýär. Ýagny, her bagşynyň
obadaşlary, ilen-çalanlary, tiredeşleri, ýaşrak bolsa deň-duşlary oňa janköýerlik
edýärler. Her aýdymdan soň, gerek bolsa arasynda-da onuň adyny tutup
gygyryşýarlar, “how” çekýärler, “jukguldanda” şonuň jukguldysyna” goşup ökjelri
bilen ýer depýärler, “haýt-haýt”, “häýt-häýt” diýşip goltgy berýärler. Ýa-da: “Aý,
enteg-ä aýdym eşidemizok”, “Hany tijen...” diýip gižželeýärler.
Käte duýgulary hetden aşan janköýerler toparlarynyň arasynda dawa-jenjelem
turaýýar. Ana, şolar ýalyda hem kethudalar ara düşmeli bolýarlar. Janköýerleriň has
dyzmajraklaryny tertip-düzgüne göz-gulak bolmaklary üçin öňünden ýörite bellenen
iki-üç sany işşekçer jahyllaryň kömegi bilen “hangöter” edýärler-de, märekeden
çykaryp goýberýärler. Şondan soň ol märekä gelibilmän daşyndan aýlanyp ýörendir.
Egerde şol bir bidüzgünçilik şol bir adam tarapyndan birnäçe gezek gaýtalansa,
onda ol hem bagşa gelmekden bütinleý mahrum edilýär. Şonuň üçinem, olar
duýgularyny mümkingadar öz içlerinde saklajak bolup jan edýärler, dawanyň
turmagyna sebäp bolmazlyga, göze düşmezlige çalyşýarlar.
Şeýle ýagdaýda märekäniň şowhuny kada laýyk bolýar. Bagşylaryň aýdýan
aýdymynyň sözleri märekä aýyl-saýyl eşidilýär, täsiri, terbiýeçilik ähmiýeti güýçli
bolýar.
Tirebazlyk etmän, diňleýjileriň hemmesiniň deň-derejede janköýerlik etmegi
bagşylara hem oňaýly täsir edýär, hyjuwlaryny güýçlendirýär, märeke bilen özlerini
bütewi bir göwre saýmaklaryna, özlerini gowy duýup, aýdymlary öňkülerindenem
has gowy edip ýerine ýetirmeklerine goltgy berýär.
Bar pişesini taşlap, hemişe bagşylaryň yzyna düşüp ýören märekemän
adamlaram bar. Olara il içinde “yşky” diýilýär. Olar beýleki janköýerler ýaly
şowhun turuzmaýarlar, duýgularynyň ugruna gidip gaty ses bilen “how”
çekmeýärler, gopgun turuzmaýarlar. Aşak bakyp, gözlerini süzüp oturyşlaryna “hää” edip käte bir başlaryny ýaýkaýarlar, hyrçlaryny dişleýärler, ellerini
owkalaşdyrýarlar, gözlerine ýaş aýlaşyp: “Ýüregimi paralama meň, bagşy jan”,
131
“wah, men bir senden ir öleýin how, inim” diýen ýaly sözleri yzly-zyyna
gaýtalaýarlar.
Olaryň sözlerini hiç kim eşitmese-de bagşylar eşidýärler. Aýdym-saza bütin
durky bilen berilýändikleri üçin olara minnetdar bolýarlar we käte hut şolar üçin has
belent perdelere çykyp, aýdýan gezeklerem bolýar. Şeýtmek bilen olar “yşkylaryň”
aýdyma bolan teşneliklerini gandyrmaklyga, höweslerini kanagatlandyrmaklyga
çalyşýarlar.
Ýöne, “yşkylara” aýdym-sazdan ganma ýok, gaýtam aýdymyň hörpi
güýçlendigisaýy işdäleri açylýar. Ertesi: “Öten agşam sen toýda pylan zat diýdiň,
pylan hili hereket etdiň” diýseler ýatlaryna salyp bilenoklar.
Yşkylar pul zyňmaýarlar. Çünki, olar özlerini bagşylaryň öz adamy hasap
edýärler. Asyl olary bagşylaryň özlerem, il-günem şeýle hasap edýär.
Salyr bagşylarynyň aýdym aýdyş tertip-düzgünleriniň ýene bir häsiýetli
tarapy mazaly gyzanlaryndan soň, aýdýan aýdymlary üçin olara diňleýjiler
tarapyndan pul, mal zyňylýar. Pul ugrundan köplenç Eýran tümeni, ýüzüne alynky
bir goly gylyçly ýolbarsyň şekli basylan gyranlyklar oklanýar. Seýregrägem bolsa
Buhara, Hywa pullaram düşäýýär. Mal ugry bolsa her kimiň öz ýagdaýyna görä.
Tokludan, çebişden başlap tä, köşekli düýä çenli galybermeli.
Ýöne, o zeýilli baýraklar diňe törde oturan hanlaryň, begleriň, baýlaryň
elinden gelýär. O-da juda seýrek bolýar. Gizlin göçüň talabyna görä bu gezeg-ä olar
ýaly uly baýraklar asla-da zyňylmaz. Bu gezek ähli güýç şowhuna, şagalaňa berler.
Iç işikde ýa o ýerdenem orun tapman daş işikde eginlerini gysyşyp oturan
billeri kendir guşakly, aýaklary çepekli inçejik sesleri bilen käte bir: “Garyp”,
“Ýekäniň”, “At bolar” diýen ýaly pukaratap aýdymlary buýruşyp buruljyraşyp
oturan çekinjeň garyp görgülilerden-ä bagşylara asla zat ýok. Ýöne, ine, diňe söýgi
baradaky juwanhalar aýdymlary diňlemäge höwes edip, dişleriniň suwuny çekişip
oturan ýaş-ýeleňler, durmuşdan içi ýanan, maşgalasy oňmadyk, perzentsiz ýa
aýalsyz, orta ýaşlaryndaky bendeler welin boş oturanoklar. Juda bir ýer urup ýerde
galan bolaýmasa pul zyňman oturmak salyrda umuman namys hasap edilýär. Ady
tutulman galan obanyň ýigitleri bigaýrat saýylýar.
Şonuň üçinem her obanyň oglanlary öz aralarynda pul toplaýarlar-da, bagşa
aýdym buýurýarlar. Buýran aýdymlary aýdylmasa ýa juda eglenip aýdylsa özlerini
äsgermezlik edilendigi, obalarynyň kemsidilendigi hasaplap, täzeden, öňküdenem
köp pul toplap öňkä görä has agyzlyrak, has dogumlyrak birini bagşylaryň üstüne
ýollaýarlar. O-da bagşylaryň aýdyp oturan aýdymlaryny tamamlap, gysgaça
“arakesmä” çykan wagtlary tasap ýerinden turýar-da, bir bökende baryp, bagşylaryň
üstüne howala bolýar. Arkan-ýüzün gaýşyp, elindäki pullary güjeňläp durşuna ilk-ä
haýsy obanyň ýigitleriniň pul zyňýandygyny, haýsy aýdym üçin, özem indi näçenji
gezek zyňylýandygyny aýdýar, soňam gollaryny giňden galgadyp, elindäki pullary
bagşylaryň öňünde ýazylan ýaglygyň üstüne ýeke-ýekeden zyňyp başlaýar. Her
zyňanda-da: “Ine, aýtmasaňyz! Mana aýtmasaňyz! Gaýratyňyz bolsa ýene-de
aýtmaň! Ine, büýem şol aýdym üçin! Şüýem şol aýdym üçin! Hm-m... Hä-ä-ä..”
diýip, ulyili bilen gygyrýar. Ýaz aýynyň kebelekleri ýaly howada gaýmalaşyp ýören
kagyz pullaryň iň-soňkusy baryp emaý bilen ýaglygyň üstüne gonandanam maňlaý
derini eliniň arka tarapy bilen çalyp, yzyna dolanýar. Gelip ýene-de obadaşlarynyň
132
arasynda ornaşýar. Hili bir iş bitiren ýaly gözlerini agdar-düňder edip, gormaýyp
oturşyna “nätdim” diýen manyda, dost-ýarlarynyň ýüzüne ýeke-ýeke seredip
çykýar. “Has-has” edip: “Hany şu gezegem bir aýtmasynlar bakaly şony, “kelleriň”
kimdigini gözlerine görkezeris” diýip, tutuş göwresi bilen iki- baka owsun atýar.
Gapdalynda oturanlaryň birem bagşylara tarap boýnuny süýndürýär-de: “Şü
gezegem aýtmasaňyz lükgämiz bilen turup gidýäs” diýip, bagşylara haýbat atýar.
Umuman, şol wagt märeke gyzan bazara dönýär, hemmäniň kellesi göçýär,
manyly sözler, güýçli owazlar, owadan hörpler diňleýjileri jadylaýar. Şol wagt olar
üçin dünýäde başga iş-alada ýok. Her kim öz buýran aýdymyny wagtynda eşidibilse
onuň üçin gaýry bir bagt ýok. Bu ýagdaýy bagşylaram ýagşy bilýärler. Märekäniň
keýpini duýýarlar. Şonuň üçinem, olar islendik obanyň ýigitlerini öýkeletmezlige,
buýran aýdymlarynyň birinem galdyrmazlyga çalyşýarlar. Şeýdibem märekäniň
deňagramlylygyny saklamaklygyň hötdesinden gelýärler.
Şeýle ýagdaýda aýdym buýran toparlaryň hemmesi deň-derejede karar
tapýarlar we öňküdenem beter has belent we çeküwli aýdymlary buýurmak üçin
täzeden pul toplaşyp başlaýarlar.
Olaryň öňki öýke kinelerem, atýan haýbatlaram barybir kiçi dilden bärde.
Aýdymyň jadyly humarynyň etdirýän oýny. Aýdym-saz tamam bolandan soň
bagşylar öz diňleýjilerinden: “Janym akgam hezil berdiňden başga söz eşitmeýärler.
Bagşyçylygyň belläp geçmeli ýene bir düzgüni: ýokarky perdelere
çykylandan soň pes aýdymlary buýurmak bolanok. Buýursaňam aýdylmaz. Ol hiç
kim tarapyndan oňlanylmaýar we şony buýran kişi aýdym-sazdan daşdaky, märekä
tötänden düşäýen hasap edilýär. “Aýdym tanaýşyň şu bolsa bar, git-de, ojaga ot sal
ýa başga bir pişe tap...”, diýlip üstünden gülünäýmegem ahmal.
...Aňrysynda agyr göçüň, uly aladanyň ýatandygyna garamazdan, şol düzgüntertipler bu toýda hem edil öňküleri ýaly başlandy, şol terzde hem dowam etdi.
“Sen-sen”, “Wahyt”, “Garybym” ýaly ýapbyldak heňlerden başlanan
aýdymlaryň yzy sähel wagtyň içinde baryp “Gülkeşde”, “Zöhre jan”, “Köçe bagy”,
“Şadilber” ýaly belent aýdymlara diredi. Orta ýazylan ýaglygyň üstüne üýşýän
pullardan ullakan üýşmek emele geldi. Şol üýşmegiň çür başy bagşylaryň derläp
duran depeleri bilen deňleşdi. Pullaryň baryp ýelmeşmezlikleri üçin, olar
kellelerine-de ýokajyk ýaglykdan selle oramaly boldular.
Märeke welin şol wagt aýdym-sazyň jadylaýjy humarlarynyň çetinden ýaňy
girip ugrapdy. Şolaryň arasynda muşt ýalyjak göwresini gaýkyjakladyp, gollaryny
galgadyp oturan Jumasaparam bar. Ol sözüniň doly eşidilmegi üçin gowruň
ýatyşaryna garaşdy. Ara böwşeňlik düşendenem:
–E-eý, geçiler! Bady-sabany aýtsaňyz bir bagşy sylagyňyz ba-a!- diýip, ulyili
bilen gygyrdy.
Barjamlydygy üsti-başyndan, ýüz-gözündenem bildirip duran, dolmuş
ýaňaklary ter, gabagy galmaýandygy sebäpli çep gözi çalaja çyzylýan, sakgalmurtsyz bir ýigit iki dyzyna galdy-da, ýüregi joşgun adamyň badyhowalygy bilen:
–Aý, Jymakga seňňem, gepilmän oturylan düşüň ýok – diýip Jumasaparyň öz
agyz uluňyna görä gep atdy. – Ýöne geçiden mal bolmaz, mana, men bir köşek
berýän seň şol aýdymyňa!... – Ol indi ýüzüni bagşylara tarap öwürdi. – E-eý,
akgalar, aýdyň şol aýdymy. Köşegem ertiriň özünde gapyňyzda hasap edäýiň!..
133
Muny Jimasapar gaty gördi. Ýerinden turup ynjyly gürledi. – Sen... Sen...
Köpüm mal-ow diýen bolup... Hondan bärsi bolan bolup... Hä-äý... Päh-eý... –
diýdi-de, kynlyk bilen aşak oturdy – Hümh – çü-üýf...
Baý ýigidiň eden şol hereketini märeke-de, ekabyrlaram halamadylar. Çünki,
hakykatdan-da baýlygyňa baýrynyp başga biriniň goýan baýragyny kemsitmek,
zyňylan baýraga söz tapmak bolanok. Bu türkmençilikdäki ýazylmadyk kanunlaryň
biri. Şonuň üçinem, ýaňky ýigidiň hereketi tertip-düzgüni bulaşdyrmak üçin edilen
synanyşyk hasap edildi we köpçülik tarapyndan ýazgaryldy. Goýan baýragy
häzirlikçe hasapdan öçürildi we aýdym-sazyň dowamynda, haýsam bolsa başga bir
aýdym üçin özbaşdak zyňmagyna rugsat edildi. Köpçüligiň gyssagara, onda-da
şeýle adyllyk bilen gelen bu kararyna bagşylaram köp hoşal boldular. Ýeňillik bilen
uludan demlerini aldylar, dutarlaryna ýapyşdylar we diňe Jumasaparyň geçisi üçin,
uly hyruç hem höwes bilen “Bady sabany” aýtdylar.
Köşek eýesem köpçüligiň gelen karary bilen ylalaşmaly boldy. Köşegini
şondan bäş-alty aýdym soň, “Gideli gyzlar” üçin zyňdy. Ýöne bu gezek ol köşegi
baran ýerinde süýtden horlanmazy ýaly, hemem bagşylaryň düýe gatyksyz
kösenmezleri ýaly enesi bilen bilelikde zyňdy.
Nireden çykandygy belli däl, köpçüligiň bir ýerinden Otjan keliň:
–Bäýip-bä-ä!.. – diýen meşhur sesi eşidildi. Ol onuň yzyna-da märekäni uzak
garaşdyrmady. – Errekgemen-nä-ä!..
Şeýdip, duýdansyz ýüze çykan köşekli meseleden ýaňy bir dyndylar welin,
Ýaguplar bilen ýanaşyk oturan Saýat obasyndan gelen myhmanlaryň arasyndan
Atak atly saryýagyzrak, uzynak, gözleri ýumjuklap duran bir ýigit syçrap ýerinden
turdy-da, diňleýjileriň arasy bilen däbşenekläp bagşylaryň ýanyna bardy. Elindäki
kagyz pullaryň bir ujundan tutup, depesinde galgatdy.
–Ine, pul şü, adamlar! Hemmesem “Garry ezizim” üçin. Saýatly ýigitleriň
adyndan. Aýtmasaňyzam ýamaşekketdandan ýygnaga-da, üstüňizi puldan gömeris
welin, saýatlylary gören ýeriňizde utanar ýörersiňiz...
Aýdym aýdyp oturanlaryň biri Täçmämmet bagşy. Beýlekisi Soltanýaz
bagşy. Üçünjisine bolsa Mäti bagşy diýýärler. Sekiz ýaşlaryndaky tokarja
oglanjygam onuň dyzyny ýassanyp otyr. Ol onuň ogly. Ady Oraz. Dutarçy sazandada bar, oňa Amannazar diýýärler. Ol aýdym aýdanok. Gyjak, gyjakçy ýok. Çünki
salyr bagşylary gapdallarynda gyjak çaldyrmaýarlar. Olar şol düzgünlerini henize –
bu güne çenli saklaýarlar.
Her gezekki aýlawa Täçmämmet bagşy başlaýar. “Garry ezizime-de” şol
başlamaly. Ol şol aýdymyň heňine “Nejebini” aýtdy. Mes iner ýaly kükräp oturşyna
eginlerini iki-baka ýaýkanjyradyp:
–Gul Nejep goladam düşendir wah-wah-eý-e, kyýa-amat boldy, ehe-he-eýeý... – diýende dagy märeke oturybilmän, tereň derýa deý tolkun atdy durdy. Gollar
howada gaýmalaklaşdy. Minnetdarlykly sözleriň yzy üzülmedi.
Gezek Soltanýaz bagşa ýetdi. Ol şol aýdymyň heňine:
–Nägehan sil geler daglaryň ýüzünden,
Derýasy bent olmaz baglamak bilen,
Dady-perýat eýlemäň gideniň yzyndan
134
Giden gaýdyp gelmez aglamak bilen.
–diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Ortadaky pully ýaglygyň üstüne kükregini
gerip, o ýan, bu ýan owsun atanda ýaňy bir çal sepip ugran gyrçuw sakgally çürüje
eňegi üýşmek puluň iň ýokarkylaryna degip aşakylaryny ýelpäp-ýelpäp goýberdi.
Edil “yşkylar” ýaly bagşylar bilen bile ýatyp-turup ýören bolmasa-da. Şolaryň
bäri ýany hasap edilýän, öýüni towga ýükläýmeli bolansoň il içinde “lütjek”
lakamyny alan, ogulsyz-gyzsyz, Baky atly, orta ýaşdan geçeňkirlän, çolagrak bir
garyp görgüli bardy, ana şol, aýdym soňlanyberende durup bilmän:
–Haý-haý, haý-haý! Jan ogul, han ogul! Böýtme! Ýüregimi paralama! – diýdide, “hork-hork” edip aglamaga başlady. Ýöne, gowry ýetik märeke onuň näme
diýeninem, eden hereketlerinem aňşyrmady.
Başga bir gytygrak gara sakgally, inçejik burnunyň çep ganaty meňli, ullakan
gözleri içiňden geçip barýan, boýy kelteräk ýigidiň bir dyzyna galaga-da, sag eliniň
ýumrugynam howada galgadyp:
–Jana-a, Syltanýaz akga, jan-a! Jaňkyny döwensiň sen şu aýdymyň!
Mendenem bir, öweç saňa şu aýdymyň üçin! – diýenini welin ýeke bir bagşydakylar
däl, eýsem golaý-goltumda hyzmat edişip ýörenlere, hatda kelte göçüň arasy bilen,
“Ýa, Alla” diýip, Sarahsa tarap ýola düşenlere çenli eşitdiler.
Aýdyp oturan namasyny gaýryp bolandan soň, Soltanýaz bagşy Mäti bagşa
seredip baş atdy. Gaşlaryny gerdi.
Bu onuň: Indi gezek seniňki diýdigidi.
Mäti bagşy “Garry ezizimiň” hut özüni aýtmalydy. Çünki, ol onuň boýnuna
alaja dakyp, öz adyna geçiren aýdymy. Şol aýdymy başga bir bagşy başga bir ýerde
aýtsa-da: “Pylany pylan toýda Mäti bagşynyň “Garry ezizimini” aýtdy welin, edil
özi bolaýdy” diýilýär. Aslynda buýran adamam şol aýdymy kimiň aýtjakdygyny
bilip buýran bolmaly. Beýleki bagşylaryň öňürti başlabam şol aýdymy Mäti bagşa
goýandyklarynyň sebäbem şol.
...Aýdymyň giriş öwrümleri edilip, ýola düşübermeli bolanda eti-gany
ýerinde, tegelek ýüzli, sakgal-murty seýregräk, kellesine gyzyl hülle ýaglyk oranan
Mäti bagşy: “Hö-öp...” etdirip demini içine çekdi, assa-ýuwaşdanam ony owaza
öwrüp yzyna goýberdi. Bokurdakdan çykýan güýçli hem iňňän ýakymly ses
petreýşip duran parlak ýyldyzlara baý, gara mahmal deý ýumşak arassa asman
gümmeziniň astynda bir öwrüm etdi-de, şaglap aşak indi, goldan-gola ýaň salybam
Tejen derýasynyň boýy bilen demirgazyga tarap ugrukdy. Ýelginine serbazlaryň
agaçdan ýasalan gözegçilik diňlerini yrgyldatdy, gowşagrak ýerlerini “jygyldatdy,
“Pulhatynyň” üstünden parran geçip, Gyzylgaýanyň goňras gaýalaryna sanjyldy,
Nowruzabadyň baýyrlyklaryny tozadybam göni, gadymy Sarahsa bakan rowana
boldy.
–Owalda aklymny haýran eýlediň,
Hylwat ýerde sözleýşeli söwdügim,
Agladyp gözýaşy girýan eýlediň,
Uzak döwran yzlaýşaly söwdügim.
135
Beýdiň soňy ilk-ä “hüžžüldä” soňam, “jukgulda” ýazdy, jukguldynyň soňy
säkdirmä, onuň soňy bolsa gaýnatma syrykdy.
Märeke-de öz gezegini sypdyrmady.
–Jana-a-a!...
–Berekella!...
–Ja-anym akgam!..
–Ömrüň uzak bolsun!..
Baky lütjegiň sesi iň soňundan, ýöne, örän ysgynsyz çykdy.
–Men bir senden öň öleýin how, inim...
Bagşy hasam göterildi.
–Bagda bilbil saýrar, çekdigi zardyr,
Aşyga köýmeklik ozaldan bardyr.
Gerdeniň dutardyr, zülpleriň tardyr,
Saba turup sazlaşaýly söwdügim.
–Baý-ba-a-a!..
–Eý-ho-o-o!
–Errekgemenn-ä-ä!..
Baky lütjegem iki dyzyna galyp ýer sermäp ugrady.
–Haý-haý-haý!.. Jan ogul, jan ogul!.. beýtmäweri... Oňurgasyny ýazdyrýaň
sen ol aýdymyň, çekirdenini aýyrýaň!...
Mäti bagşynyň sesi ýetjek derejesine ýetdi.
–Ýetim guzy kimin gezmegin mäläp,
Gözeller içinde men seni halap,
Ömrümi ötürdim näzli ýar aglap,
Gelse döwran yzlaşaly söwdügim.
Aýdymyň soňky beýdine gezek gelendenem hälki, şol aýdymy buýran, saý at
obaly ýigit ýerinden hasanaklap galdy-da, iki elinem pul zyňýanlaryňky ýaly
howada hallanladyp durşuna:
–Şeýdaýy diýr, diý, Oroz akga, Şeýdaýy diýr, diý!.. – diýip, zarynlady. –
Ýürek joşguny ýetjek derejesine ýeten bor-a çemeli onuň bilenem çäklenmän, bir
bökende bagşynyň ýanyna geldi, sag eliniň aýasyny Mäti bagşynyň gara der bolan
egnine goýdy. – Şeý diýmeseň razy däldirin, akgam! Şo ýerini galdyrsaň gözümi
açyp giderin!.. Soň ol eglip, Mäti bagşynyň ýüzüne çiňerildi. – Düşdüňmi akgam?..
Islendik üýşmeleňe gijä galyp gelmek endigi bolan Apby şol gezegem edil
märekäniň çetinden girdi-de, birtopar adamyň arasy bilen ätmerläp geçip, bagşa
golaýrak ýerde oturdy. “Garry ezizimi” buýran ýigidiň soňky sözlerinem eşitdi.
Eşidişi ýalam:
–Ýa, gyňkeýiniň balasy, ölseň üç köpsen-aý, ýöne, beýdip, aýdym-a päsgel
berip, märekäň badyny alyp bir durma-a... – diýip, garaçyny bilen gahar etdi. – Ýa
kimiň şygryny aýdýantygyny şol adamlar bilýän däldirler öýtýäňmi?..
136
Saýat obaly ýigidiň uçup-gonup durşy dogrusy ýeke Apba däl, hiç kime-de
ýaramady. Asylam aýdym aýdyp oturan wagty bagşa lak atmak, bir ýerine kakmak,
onda-da arkasyna kakmak, çapyp barýan atyň öňüne kesek atan ýaly bir zat hasap
edilýär. Ol ýagdaý bagşynyň özüne hasam erbet täsir edýär. Bady gaçýar, sowaşýar.
Kejikdirýär. Toýnak kakyşyny ýitirýär. Netijede meýlisiň mazasy gaçýar.
Şonuň üçinem, saýatly ýigit Apbynyň aýdany bilenem ýerine geçip
oturybermedi welin, han-begleriň arasynda oturan, baş kethuda Begnazar özüniň
gyryljak sesi bilen pessaý, ýöne, diýseň hökümli gepledi.
–Otur how, Atak ýeriňe geç-de! Öz keýpiň ugruna gidip märekä-hä bir aýdym
diňledeňok, üstesine bagşynam öz gününe goýaňok.... Häý! Çekibileniňizi çekip paň
bolýaňyz-da, birentegiňiz.
Märekäniň içinde kethudalaryňam oturandygyny ýaňy bilen ýaly ol ýigit şeýle
bir utandy welin, asla ýoldaşlarynyň arasyna barany bilenem ynjalykly oturyp
bilmedi. Aşak bakyp oturşyna gorsanjyrady-gorsanjyrady-da, turdy ötägitdi. Ony
görüp Apby Begnazara tarap boýnuny uzatdy.
–Bekgi akga oňardyň şun-a. Gowy etdiň. Biz bir zat diýseg-ä Apby aýtdy
bolýa...
Ol zatlar şeýle bir çalt bolup geçdi welin, Mäti bagşy kimiň näme diýenini
dogrusy aňşyrybam ýetişmedi. Gaýta pellehana golaýlan bedew at ýaly ümzügini
barha öňe atyp, aýdymyň iň soňky setirlerini külterläp ugrady.
–Şeýdaýy diýr, gitmez synamyň dagy,
Göwsünde gurulmyş eremiň bagy,
Ol gara gözleriň ýagydyr-ýagy,
Ogryn-ogryn sözleýşeli söwdügim.
Aýdym gutardy. Köpçüligiň içinden ýene-de alkyşly sözler eşidildi. Ýeke bir
Mäti bagşynyň däl, aýlawa gatnaşan beýleki bagşylaryňam, hatda Amannazar
sazandanyňam şanyna öwgüli sözler aýdyldy.
Her gezekki aýlawdan, esasanam şular ýaly agyr aýdymlardan soň hemişe
edilişi ýaly, dem-dynç almak hem söz alyşmak üçin bagşylar bu gezegem
dutarlaryny usullyk bilen bir gyra goýdular. Ýüzlerinden, boýunlaryndan akýan
derlerini ellerindäki ak ýaglyklary bilen süpürişdirdiler.
Hanlara mähsus bolan agraslyk bilen, häliden bäri sesini çykarman aýdym
diňläp oturan Teke han onsuzam hemmelerden saýlanyp duran uzynak göwresini
hasam dikeltdi-de, gara çäkmeniň üstünde öňküsindenem aksowult görünýän ýüzüni
sag tarapynda oturan Abyt işana tarap aýlady.
–Şu aýdymyň özbaşyna taryham barmydy, Abyt? Sen aýdýamydyň şony?
–Howwa han aga bar. Özem Şeýdaýynyň hut özi bilen baglanyşykly.
–Sen onda bagşylar demlerini dürseýänçäler adamlara aýdyp beräý şony,
zähmet görmeseň...
Abyt işan endigine görä “ýyrş” etdi-de, çalaja gozganjyrady, çalaja-da
ardynjyrady. Çekinjeňlik bilen ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Ýektaýynyň synlaryny
dyzlarynyň aşagyna dykyşdyrdy.
137
–Kynlyg-a ýok oň welin, ýöne, bulaň hemmesi eşidendir ony öň.
Bilýändirler...
–Aý, şonda-da aýdyp goýber, belki aralarynda eşitmediklerem bardyr.
Işanyň ýaýdanjyraýanyny görüp, diňleýjilerem ýerli-ýerden: “Aýtda-aýt”
diýşip, gygyryşdylar. “Henize çenli bir gezegem eşidemizok” diýenlerem boldy.
Zandy ýumşak Abyt işanyň köpçüligi özüne şondan artyk ýalbardasy gelmedi.
–Bu waka salyrlaryň Hywa, Buhara sebitlerinde oturýan döwürleri ýagny,
mundan ýüz ýyl gowrak öň bolup geçipdir. – diýip, ol mylaýymlyk bilen söze
başlady. – Aýdyşlaryna görä Şeýdaýynyň başdaş aýaly birhili bethüýräk,
siltenjeňräk, geplände gepi-sözi tüýs, bir dawa-jenjele jabdak gelip duranrak, iň
beterem hanysarak, üpül-süpülräk, kemhyzmatrak, şol bolşy bilenem özüni hondan
bärsi tutýan, ärini özünden bir basgançak pes saýýan, edýänje işinem minnetli edýän
üstesine-de gasygyna gan degmedik, hasylsyz-harmansyz bir töwra maşgala ekeni.
O bendäniň güni bir bolsa äri bilen urşy iki ekeni. Özem onuň tüýs bir halamajak
sözlerini aýdyp, ýakmajak hereketlerini edip ýörite kejikdirýän ekeni. Şeýle-de
bolsa şahyr onuň bilen elli ýaşlaryna çenli ýaşaşypdyr, häsiýeti düzeler, çagasy
bolar, akyllanar öýdüpdir. Emma üýtgän zat bolmandyr. Şol aralykda-da bagty
çüwýämi ýa boljak işmi, garaz, şahyr özünden kän kiçi, başy boş, Aýjemal atly bir
owadan gelin bilen sulhy alşyp ugrapdyr. Ol gelin Şeýdaýynyň ähli goşgularyny
ýatdan bilýär ekeni, toýlarda bir çetde durup, aýdymlaryny diňleýär ekeni..
soňabaka olar gatnaşyk açypdyrlar, ýygjam-ýygjam duşuşyp, goşgy, dünýä, panylyk
hem bakylyk, öý-öwzar, perzentsizlik dagy barada içginden-içgin gürrüňler edip
ugrapdyrlar, biri-birlerini görmeseler kararlary ýetmändir. Şeýdaýy o barada:
Aşyk Şeýdaýy diýr, ýaryň elinden,
Agtaryp tapmadym, gyzdan-gelinden,
Säher wagty “hüw” diýp galdym ýerimden
Düşer Aýjemalym ýada ýaranlar.
–diýen ýaly yşky goşgular ýazypdyr. Bu ýagdaý Aýjemaly şahyra hasam
golaýlaşdyrypdyr. Ýaş tapawutlaryna garamazdan, Şeýdaýy öňki aýaly bilen
aýrylyşyp, Aýjemala öýlenipdir.
Durmuş guranlaryndan soň Aýjemalyň şahyra bolan hormaty hasam artypdyr.
Söýgüsi zyýadalaşypdyr. Şüý-ä garry-ow, diýip, oňa äsgermezçilik etmändir. Özüni
artyk saýmandyr. Häli-şindi “haşgyryp”, ýüzüni alyp yşgyny gaýra tesdirmändir.
Şeýdaýam ony şeýle bir gowy görüpdir welin, dünýä täzeden inen ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 15
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.