Latin

Salyr soňy Sarahs - 04

Total number of words is 3573
Total number of unique words is 2071
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
iş üçin gerek bolan at,ýarag we beýleki derwaýs zatlar bilen üpjün edýärdiler hemde alaman şowly bolan ýagdaýynda oljanyň ýarysyna özleri eýe bolýardylar.
Şolar ýaly gatnaşyklary olar Horasanyň ýerli häkimiýetleri bilenem
saklaýardylar. Mysal üçin, şolaryň biri Ybraýym Hozar bir gezek özüniň haýsydyr
bir bäsdeşiniň garşysyna göreşer ýaly salyrlardan bahasy müň tümene barabar bolan
mukdarda birgiden at satyn aldy. Şonça puly nagt hasaplaşar ýaly pulunyň
bolmandygy zerarly, şonda ol özüniň uly ogluny aýaly we çagalary bilen bilelikde
girew goýdy.
Mahlasy, salyrlaryň Sarahsdaky ýagdaýlary şol wagt şeýle bir gowudy welin,
on ýedinji asyrda, Maňgyşlakda oturan döwürlerindäki rowaçlyklaryny ýada
salýardy. Taryhy mütdetden alanyňda gaty bir uzak bolmadyk geçmişde galan şol
döwür olar Orta Aziýany Orsyýet bilen baglanyşdyrýan söwda ýolunyň, ýagny
Hazar deňzindäki buhtalaryň başlangyç nokatlarynyň ählisiniň hojaýynlary bolup
durýardylar.
Şeýle baýdyklaryndan, şeýle amatly ýerde ornaşandyklaryndan başga,
Sarahsda oturan döwürleri olar ata-babalarynyň irki şöhratlaryndan hem
peýdalanýardylar, uly güýç we edermen halk hökmünde ähli türkmen taýpalary we
türki kowumlar, horasan begleri, şeýle-de eýran hökümeti tarapyndan
hormatlanýardylar, sylanýardylar.
Ýöne, 1825-nji ýylda Hywa hany Muhammet Rahymyň ýogalyp, onuň ornuna
ogly Allaguly hanyň geçmegi, onuňam inisi Rahmangulyny uly goşun bilen birnäçe
gezek Horasana talaňçylykly uruşlra ugratmagy, şol ýörüşleriňem belli bir derejede
Sarahs bilen, şeýle-de onuň ýaşaýjylary bilen bagly bolmagy, ol ýerde oturan salyr
30
türkmenleriniň ýagdaýlaryny görnetin üýtgetdi. Öňde-soňda Eýrana edilen
talaňçylyklara, hususan-da Horasanyň ýerli hanlarynyň Eýran hökümetine garşy
göreşmekleri üçin at-ýarag bermek, gul söwdasy türkmenler tarapyndan edilýän
garakçylyklary, alamanlary guramaçylyklaşdyrmak ýaly eden ýalňyş hereketleri
bolsa, olary ahyry hiç haçan düzedip bolmajak uly bir betbagtçylygyň üstünden
eltdi.
Umuman ýagdaý şeýle boldy. Maşat şäherine goşun sürüp gelen Rahmanguly
ullakan şowsuzlyga sezewar boldy we goşunynyň galak-gaçak bölekleri bilen
bilelikde özüni zordan Sarahsa atdy.
Eýran serkerdeleri gelip salyrlardan Rahmangulynyň özlerine berilmegini
talap etdiler. Emma salyrlar olaryň ol talaplaryny berjaý etmekden ýüz öwürdiler.
Ähli güýçlerini jemläp, eýran goşunynyň öňünde demir gala dek berk durdylar.
Rahmangulyny goradylar.
Ýöne, Rahmangulam dek ýatmady. Ol Sarahs galasyndan çykman ýerli
halkdan uly goşun toplady we gabaw aýrylandan soň gidip Eýranyň çetki
galalaryna, obadyr-şäherlerine çozuş etdi. Emma barybir ýeňiş gazanyp bilmedi.
Ýene-de şowsuzlyga sezewar boldy. Onuň bilen giden salyr ýigitleriniň köpüsi şol
şowsuz söweşleriň pidasy boldy.
Yzly-yzyna ýüz beren bu şowsuzlyklara çeti gyzan Rahmanguly öz
talaňçylykly ýörüşlerini bes etmekden geçen gaýtam howlukmaç suratda Hywa
gitdi-de, özbeklerden, garagalpaklardan ybarat üç müň atly goşun toplap derhal
yzyna gaýtdy. Bir durmanam Sarahsa geldi. Salyrlardyr-saryklardan toplanan atly
goşunam olaryň üstüne goşdy-da, zut gitdi, niredesiň Maşat diýip.
Emma, bu ýörişi hem oňa şöhrat getirmedi.
Halys paltasy daşa degen Rahmanguly ýene-de aýagyny süýräp zordan
Sarahsa geldi. Ýöne bu gezek ol ýerde eglenmeg-ä däl, hatda dem-dynç almaga hem
bogny ysmady. Aýak üstünden duz datdy-da, Hywa tarap ýola düşdi.
Inisiniň hiç hili netije bermedik ýörüşlerini haýal etmän Allaguly hanyň
özüniň dowam etdiresi, han tagtynyň beýle bir gowşak däldigini, gylyjynyň beýle
bir kütek däldigini ýeke bir Horasana däl, eýsem külli Eýrana bildiresi geldi.
Şonuň üçinem ol 1826-njy ýylda öz goşuny bilen Eýranyň Jam welaýatyna
bardy, ol ýerde hernäçe assyrynlyk bilen hereket edendirin öýtse-de, Allaguly hanyň
nirede, näme edip ýörendigi Eýran hökümeti tarapyndan wagtynda duýuldy. Goşun
ýyldyrym çaltlygynda Jama geldi we Hywa goşunyna berk gaýtawul bermek bilen,
Allaguly hany nökerlerini taşlap gaçmaga mejbur etdi.
Allaguly han hem inisi Rahmanguly ýaly durman Sarahsa bardy. Ýerli halkyň
özüni bir gaýym gorajakdygyna gözi ýetip duranam bolsa, ol ýerde uzak ynjalyp
bilmedi. Haýdan-haý ýola düşmek bilen boldy. Hä diýmänem Hywa bardy.
Şeýle-de bolsa, “ýykylan göreşden doýmaz” diýenlerini edip, Allaguly han
şolar ýaly talaňçylykly ýörüşlerini Eýrana 1830-1831-nji ýyllarda hem dowam
etdirdi durdy.
***
31
Bolup geçen şol wakalaryň aglabasy Eýranyň Orsyýet bilen uruş ýagdaýynda
duran döwürlerine gabat gelipdi we Hywa hany onuň şol aljyraňňylyklaryndan
peýdalanypdy.
1828-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ine, Töwriziň 50 kilometrlik golaýyndaky
“Türkmençaý” diýen obada Eýran bilen Orsyýetiň arasynda, serhet meselesi
boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa synçy hökmünde Angliýa hem gatnaşdy.
“Türkmençaý” şertnamasy diýen at bilen taryha giren bu duşuşyk 1826-1828nji ýyllar aralygynda dowam eden Eýran-Orsyýet urşunyň soňuna nokat goýdy.
Onda hususanda 1804-1813-nji ýyllarda ýüz beren Eýran-Orsyýet urşunyň
tamamlanmagy mynsybetli Garabagyň Gülüstan obasynda geçirilen “Gülüstan
şertnamasy” diýip at alan Eýran-Orsyýet gepleşiklerinde kabul edilen
borçnamalaryň netijelerine we ýerine ýetirilişine täzeden seredildi.
Oňa Orsyýet tarapyndan Beýik Imperatoryň general-adýutanty Iwan Paskewiç
bilen general-adýutant Aleksandr Obreskow, Eýran tarapyndan bolsa şazada Apbas
Mürze gatnaşdy.
Gepleşigiň özi we şonuň bilen baglanyşykly deslapky gepleşikler Orsyýetiň
Kawkazdaky dikmesiniň diplomatik kanselýaryýasynyň naçalnigi meşhur ýazyjy
A.S.Griboýedow tarapyndan taýýarlanyldy.
“Türkmençaý şertnamasynyň” netijesinde Eýran Araksyň aňry ýüzündäki
Eriwan hanlygyny, Nahiçewan hanlygyny, Deşti Mugany we Hazar deňziniň
ýakasyndaky Lenkarany Orsyýete berdi. Eres derýasy araçäk diýlip yglan edildi.
Şeýle-de, uruş döwründe ýetiren zyýanlary üçin, Eýran Orsyýete 20 million
rubl kontribusiýa töledi.
Özüne düşen çäkleri edara etmek üçin Orsyýet Tiflisde ýörite gubernatorlyk
açdy.
Eýran bilen aralykda bolup geçen hem bolsa, “Türkmençaý şertnamasy”
Orsyýetiň Orta Aziýa bolan ykdysady we syýasy täsirini giňeltmegi üçinem oňaýly
şertler döretdi. Şol meşhur şertnamadan soň, Orsyýet ýaly uly hem güýçli döwlet
bilen alnyp barylan, soňy netijesiz gutaran uruşdan eli boşan Eýran hökümetiniň
indi has wajybrak hereketlere baş goşasy, has takygy öz daş-töweregini
tertipleşdiresi geldi.
Öňi bilenem ähli ünsüni Horasana gönükdirmekligi, onuň öňde-soňda özüne
garşy göreşen hanlaryny şeýle hem olara hertaraplaýyn goltgy beren Sarahsly
türkmenleri mugyra getirmekligi, berk temmi bermekligi, ondan soň Mara, Hywa,
Buhara ýörüş edip ol töwerekleri hem öz düzgünine salmaklygy ýüregine düwdi.
Ýeňil bolmadyk bu işi amala aşyrmaklygy tagtyň mirasdüşeri, “Türkmençaý
şertnamasynda” Eýran şasyna wekilçilik eden şazada Apbas Mürze öz üstüne aldy.
Ol muňa diýseň erjel ýapyşdy. Turuwbaşdanam Habuşanyň hany, Eýran
hökümetiniň gyr duşmany hasap edilýän Ryzaguly hany tutup ili we maşgalasy
bilen birlikde Maşada sürdi.
Hywa hany Allaguly han özüniň uzak bolmadyk geçmişdäki ýarany bolan
Ryzaguly hana ýardam etmek üçin goşun tartyp geldi.
Emma Apbas Mürzäniň tutan işini soňuna çeli alyp barjakdygy çynydy,
tutumy uludy, serenjamy güýçlidi, hereketleri gazaplydy, özüni alyp barşy
aýgytlydy, tutanýerlidi. Şonuň üçinem, ol Allaguly hanyň goşunyna şeýle bir berk
32
zarba urdy welin, han kim bilen iş salyşýandygyna, gelmesiz ýere gelendigine diňe
şondan soň düşünip galdy we derhal yzyna dolanmak bilen boldy.
Habuşandan soň Apbas Mürze Türbet galasyna hüjüm etdi. Ony sözüň doly
manysynda tozdurdy. Ymaratlaryny weýran etdi. Hany Muhammet keraýyny bolsa
Ryzagluy hanyň yzy bilen Maşada ugratdy.
Şeýdip, Horasandaky işlerini birýüzli edeninden soň, Apbas Mürze öz
göwnüne düwen niýetiniň ikinji tapgyryna geçdi. Sarahs galasyny hem ýer bilen
ýegsan etmek üçin, ýüzüni şol tarapa öwürdi. Ýörişe başlamazyndan öň Goçandyň,
Keletäniň, Deregözüň hanlaryny ýanyna çagyryp, derhal Hywanyň raýatlygyndan
çykmaklaryny we Eýranyň raýatlygyna girmeklerini özi bilen bilelikde Sarahsa
çozmaklaryny talap etdi.
Şeýdibem ol 1832-nji ýylyň güýzünde, aglabasy Horasanyň iň abraýly we
görnükli serkerdesi, meşhur Ýalntuş hanyň ýolbaşçylygyndaky horasanlylardan we
döwletiň hemişelik hereket edýän serbazlaryndan ybarat toply-tophanaly goşuny
Köne Sarahsa boljak ýörüşe taýýar etdi.
Apbas Mürze goşuna müň tümen bergisi üçin ogly, gelni we agtyklary
salyrlarda girew saklanýan Ybraýym hany hem goşdy. Çünki, Ybraýym han
salyrlardan Eýran hökümete garşy däl-de, öz şahsy bäsdeşiniň garşysyna göreşmek
üçin kömek alypdy.
***
Öz üstlerine abanýan agyr howpy ynamdar adamlaryň üsti bilen wagtynda
duýan salyrlar: “Uruşmalymy ýa däl” diýen teklip boýunça gyssagly maslahat
geçirdiler. Öňi bilen “uruşmaly” diýen teklip goldandy. Ýöne köpçülik:
“Betbagtçylygyň öňüni almak üçin, her dürli sylag serpaýlar bilen üpjün edilen, elli
adamdan ybarat ilçiler Noparyny Apbas Mürze bilen gepleşik geçirmekleri üçin
Maşada ibermeli” diýlen ikinji bir pikiri goldady. Şol topar ýörüşiň öň ýany ýagny,
1832-nji ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymynda agzalan topar Maşada gitdi. Ýöne,
Apbas Mürzäniň hut öz buýrugy boýunça, olary Maşada giren ýerlerinde sakladylar.
Şazadanyň ýanyna ýa şähere-hä däl, hatda yzlaryna-da goýbermän, şol ýerde ýesir
hökmünde alyp galdylar.
Apbas Mürze bolsa goşunyny Mazendaranyň, Akderbendiň üsti bilen sürüp,
Tejen derýasyna bardy. Pulhatyn köprüsinden geçip Gyzylgaýa geldi we 1832-nji
ýylyň 17-nji oktýabrynda Sarahs galasyna golaý ýerde, Nowruzabatda goş
ýazdyrdy.
Haýal etmänem öz goşun serkerdesi Tahmasp Mürzä iki müň atly bilen
Sarahs galasyna hüjüm etmekligi buýurdy.
Buýruk ýerine ýetirildi. Ýöne hüjüm garaşylan netijäni bermedi. Ol goraýjylar
tarapyndan güýçli garşylyga sezewar boldy. Yza serpikdirildi. Tahmasp Mürzäniň
goşunyndan köp adam wepat boldy.
Bir bölek türkmen taýpasyndan gele-gelmäne beýle garşylyga garaşmadyk
Apbas Mürze şondan soň topçularyň emiri Suhrab hany ýanyna çagyrdy.
Galany topa tutuň!..
Suhrab hanam baş serkerdäniň sözüni iki gaýtalatmady. Baş egip bagyr
basdy-da, topçularynam alyp gala tarap ýörüş etdi. Serbazlaryň toplaryny süýreşip
33
gelişlerinden nämäniň-nämedigini aňan goraýjylar öz söýerlerini has penalyrak ýere
eltdiler-de, top okunyň düşäýjek ýerlerinde öňden bäri özlerinde saklanýan golaýaklary bagly ýesirleri oturtdylar.
Bu emel örän gowy netije berdi. Aralary mazaly seýrekläberenden soň,
ýesirleriň biri zynjyrlaryny “alaşakyrdy” etdirip ýerinden turdy-da, emedekläp diýen
ýaly diwara çykdy.
Byradyrlar! Atmaň! Atýan oklaryňyzyň barysy gelip bize degýä. Biz şol
ýerde otyrys – diýip, parsça gygyrdy.
Şondan soň galanyň içine top okunyň düşmesi seýrekledi. Kem-kemdenem
galdy. Her gezek howadan top oky güwläp gelende, ýere düşüp ýarylanda lükgesi
bilen eýläk-beýläk agyp-dönüp, alazenzele turzup ýören ýesirlerem köşeşdiler.
Uludan demlerini alyp, özlerini ýere goýberdiler. Käbiri arkan, käbiri ýüzün düşüp
ýatyşlaryna sessiz-üýnsiz aglaşdylar, özlerini goramagy, sag-aman çagalarynyň
arasyna barar ýaly etmegini Biribardan dileg etdiler.
Ara düşen bu böwşeňlikden peýdalanyp, salyrlaryň iň sylagly adamlary bolan
Bally Mähremiň, Annagurt hanyň Nazarmuhammet hanyň we Berdimyrat hanyň
baştutanlyk etmeginde salyr kethudalary gyssagara üýşdiler-de, aýak üstünden
maslahat etdiler. Maslahat artykmaç gan dökmän ýaraşyk etmeli, Apbas Mürzäniň
ýanyna ýene-de adam ibermeli, galadaky üç müň sany ýesiri, Maşatda ýesirlikde
saklanýan elli sany salyr ilçisiniň aýallaryny şeýle hem Ybraýym hanyň
birwagtlardan bäri özlerinde girew saklanýan ogluny we maşgala agzalaryny hem
şolara goşmaly, diýen karara geldi.
Şeýle hem edildi. Maslahatyň gelen kararyna görä Nazarmuhammet han bilen
Berdimyrat han galada galdy. Gitmeli adamlaryň öňüne düşüp, ak baýdak göterip
barýan Bally Mährem bilen Annagurt han aýgytly sypatda, dogumly ädimler bilen
galadan çykdylar, hiç kimden hiç hili garaw görmänem göni Nowruzabada, Apbas
Mürzäniň düşelgesine bardylar.
Ýesirleriň gollary, aýaklary bu wagt boşdy. Ybraýym hanyň maşgalalary
bolsa bir çetden topbak tutup gelýärdiler. Asylam olar aýratyn öýde, hakly-hukukly
erkin saklanýardylar, hiç kim olara ýesir ýa duşman hökmünde garamaýardy, olar
hatda ýagşa-ýamana hem gatnaşdyrylýardylar, ekinlerden hasyl ýygnalanda paý
berýärdiler.
Donlaryny çöwre hem çümre bürenip barýan sary dasdarly salyr aýallar
bärden baranyşlary ýaly Apbas Mürzäniň öňünde durup aglaşdylar. Ellerini öwsüşip
iki ýana ýaýkanyşyp haraý islediler, Maşatda ýesirlikde saklanýan ärleriniň
boşadylmagyny haýyş etdiler.
Bally Mährem bilen Annagurt han hem öz gezeklerinde olaryň haýyşyny
gaýtaladylar, soňam galadan gabawyň aýrylmagyny soradylar. Ylalaşyga
gelmeklerini, ýaraşyk baglaşmaklaryny towakga etdiler. Ýesirleri, girew goýlanlary
getirendiklerini aýtdylar. Ýene näme şerti bar bolsa diňläp biljekdiklerini, razy
boljakdyklaryny, bitirjekdiklerini duýdurdylar.
– Hormatly şazada! – diýip, aýak üstünde gol gowşuryp duran Bally Mährem
umumylykda aýdylan sözleriň dowamy hökmünde sadyklyk bilen sözüni dowam
etdirdi. – Egerde öz raýatlygyňyza kabul edip, penakärçiligiňizde saklamaklyga razy
bolsaňyz biz hemişe size gulluk etmäge taýýar. Biz häzir Hywa hanyna-da, Buhara
34
emirine-de raýat däl. Öňem her gezek olara bialaç raýat bolýardyk. Sebäbi biz bir
hossarsyz kiçi halk. Kim ýüz berse şony özümize hossar saýýas. Diýjek bolýanym
bize hakyky hossar gerek, daýanç söýenç gerek. Biziň ümzügimiz hemişe-de size
tarapdy. Asylam Buharada-da, Hywada-da ynjalman şu ýere gaýdandygymyzy, şu
ýere özümizi ölümiň öýünde atandygymyzy siz özüňiz bilýäňiz-ä. Şonuň üçin, biz
biçäreleriň towakgasyny kabul ediň.
Hernäçe gaharly hem bolsa, mäşbürünç, gyrçuw sakgally, boldumly ýüzünden
nur dökülip duran, gabakman, agras bakyşly, garaýagyz, daýaw bu kişini Apbas
Mürze üns bilen diňledi. Tä gepläp bolýança sözüni bölmedi. Soňam: senem bir zat
diýjekmi diýen manyda Annaguly hanyň ýüzüne seretdi.
Annguly han çalarak ardynjyrady. Çalaragam öňe süýşdi. Asuda, ýöne diýseň
ynamly gürledi.
– Biziň hemmämiz Bally Mähremiň aýdanlary bilen ylalaşýas. Halkyň gelen
netijesi şol. Salgyt, nöker babatda-da siz näme diýseňiz şol bolar.
Apbas Mürze şol bir parahat görnüşini bozman, ýöne, hökümly gepledi.
– Siz maňa raýat boljakdygyňyzy aýdýaňyz. Mundan buýana siz maňa
isleseňizem raýat bolarsyňyz, islemeseňizem. Gullugam edersiňiz. Pajam tölärsiňiz.
Getirdik diýýän ýesirleriňizi, Ybraýym hanyň girew goýan maşgalasynam men siziň
eliňizden berseňizem alaryn, bermeseňizem. – Şazada sözüne biraz dyngy berdi-de,
içki pikirlerini ýüzlerinden aňmakçy bolýan ýaly birlaý öz goşunbaşylarynyň
ýüzüne seredip çykdy. Soň ajymtyk ýylgyryp, nazaryny ilçilere dikdi. – Bu diýýän
zatlaryňyz siziň şu ýagdaýyňyzdaky islendik adamyň aýdaýjak sözi. Siz bu wagt
ýagdaýdan çykalga gözleýäňiz. Tilkilik edýäňiz. Sapalak atýaňyz. Maňa ýaraýjak
söz gözleýäňiz. Islän wagtym men sizden nökerem alaryn, islendik möçberde
salgydam salaryn. Ýöne... – Ol ellerini dyzlaryna diräp ýerinden turdy. Iki-baka
gezmeläp başlady. – Bolýa, goý, şeýle bolsun. Men size ynanaýyn. Ýöne, häzirlikçe
o zatlaryň barysyny bir gyra goýalyň-da siziň yhlasyňyzy synamak üçin bir zat
edeliň. Ýagny, ähli tireleriňiziň iň edermenlerinden batyrlaryndan saýlap, bäş ýüz
atlyny şu günüň özünde bize getirip beriň. Goý, olar biziň şu ýerden başlap tä, Mara,
Hywa, Buhara çenli etjek ýörüşlerimize gatnaşsynlar, özlerini görkezsinler, biziň
sylag-serpaýlarymyza mynasyp bolsunlar, ynamymyza girsinler, siziň şu wagtky
berip duran wadalaryňyzyň boş däldigini subut etsinler...
Çykgynsyz ýagdaýa düşen kethudalara Apbas Mürzäniň aýdanlary bilen
sessiz-üýnsiz ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. Şonuň üçinem olar aşak bakyp
duruşlaryna biri-birleri bilen nazarlary arkaly sözleşdiler.
Bally Mährem aýdylanlar bilen razydyklaryny hemmeleriň adyndan goşun
başlygyna mälim etdi.
– Hoş bolgaý şazada. Aýdylanlara amal etmäge biz taýýar.
Atan oky nyşana degen serkerde hoşwagt ýylgyrdy.
– Ötägidiň...
Göraýmäge ylalaşyk gazanylan ýalam boldy. Şazadanyň şertini hernäçe agyr
gören hem bosalar, taýpany uruş belasyndan, gyrgynçylykdan sowar ýaly garaz bir
çykalga tapylandygy üçin kethudalar Hudaýdan müňde bir razy boldular. Gitmäge
hyýallandylar.
Ýöne, tüýs: “Pelegiň agyp dönmesi bir pursatlyk” diýenleri boldy.
35
Kethudalar entek çadyrdan çykyp-çykmankalar, häliden bäri şazadanyň
daşyny gallaşyp duran Horasanly serkerdeleriň barysy birden herekete geldiler.
Salyrlar bilen beýle ylalaşyga gelinmegine garşydyklaryny şazada aýdyp, kiçiräk
“goh” turuzdylar. Gepleşigiň gelen netijesiniň ýatyrylmagyny, salyrlar bilen gylyç
arkaly gepleşilmegini, güýç görkezilmegini şazadadan talap etdiler.
Sarahsa sen çozmasaňam horasanlylar bolup, biz çozarys, sebäbi o baýlyklary
olar biziň agzymyzdan kakyp alyp topladylar – diýşip, gygyryşdylar.
Ýalantuşyň garjaşyk sesi beýlekileriňkidenem has janyýangynly çykdy.
Bu taýpa baran ýerinde özüniň gyňyrlygy, başbozarlygy bilen ýakasyny
tanadýan halk. Şu ýerde-de şeýtdiler. Asla oňşuk diýen zadyň nämedigini
bilenoklar. Muny diňe biz, şu ýere göçüp gelenleri bäri bular bilen iş salşyp ýören
horasanlylar bilýäris. Hywa hanyna syrtlaryny diräp, biziň galalarymyzda
hojaýynsyraşyp ýörüşleri düýn dälmidi? Eýran hökümetine garşy topalaň turzan
Horasan beglerine at, ýarag kömegini beren näme şular dälmidi? Indem raýatlyk
ýatlaryna düşenmişin. Gysaja düşenlerinden soň sadyklyk görkezjeklermişin. Dogan
boljaklarmyşyn.
Türkmen ýaşulylary ýüzlerini aktam edişip Apbas Mürzäniň ýüzüne
seredişdiler.
Apbas Mürze gyýa bakyp durşuna Ýalantuşyň ýüzüne-de seretmän, diýseň
parahat gürledi.
– Sen mamla, serkerde. Bularyň günäsi uly. Jezalary ölüm. Şonuň üçinem
bular bilen uruş etmeli. Ýeňmeli. Ýöne, uruşsyz ýeňiş gazanjakdygyňa gözüň ýetip
durka söweş etmek, gan dökmek, pida çekmek nämä gerek? Öňi-soňy boýun bolup
duran adamlary gyrmak nämä gerek? – Ol ýuwaşja ädimler bilen ýöräp, Ýalantuşyň
ýanyna bardy. Alkymyna dykylyp, iki gözüniň içine seretdi. – Ýa uruş bolsa sen öz
serbazlaryňdan hiç biri ölmez öýdýäňmi? Ýa galadakylaryň barysy bigaýratdyr
öýdýäňmi? – Şazada ilçilere tarap öwrüldi. – Baryň! Gidiň-de ýaňky şertimiz
halkyňyza ýetiriň. Maslahatlaşyň. Siz özara düşünişip bilseňiz biz tarapdan hiç zat
üýtgemez – Ilçiler çykmaga hyýallandylaram welin, henizem deminden düşübilmän
“has-has” edip duran Ýalantuş bir bökende baş serkerdäniň sol tarapynda peýda
boldy. Boýnuny uzadyp gulagyna bir zatlar diýdi. Apbas Mürze makullaýjylyk bilen
baş atdy, gözlerini gypyrjyklatdy-da, sag elini henizem gözleri serkerdelerden
aýrybilmän ýaýdanjyrap duran Annagurt hana tarap uzadyp, kabul edilşigiň
dowamynda birinji gezek sesini gataltdy. – Dur! – Maşatdaky tussag kethudalaryň
aýallary bilen sen şu ýerde galarsyň. – Soň ol Bally Mähreme tarap barmagyny
çommaltdy. – Sen bolsa bile gelen beýleki adamlaryň bilen git-de gepleşigiň gelen
netijesini özüňkilere ýetir. Jogabyny getir. Özem çalt getir. Ylalaşykly habar bilen
gelseň-ä... – Ol Annagurt hana, şeýle hem eýýämhaçan bir çetde yzlaşyp ugran
aýallara tarap barmagyny çommaltdy.
–...Bularam boşadarys, Maşatdaky ýesirlerem boşadarys, bolmasa-da... – Ol
çalaja ýylgyryp Ýalantuşa tarap baş atdy. – Bolmasa-da ine, şularyň diýenleri bolar.
Arany gylyç çözer.
***
36
Bally Mähremiň agyr ýük astynda galan ýaly ýegşerilip gelşi, ýoldaşlarynyň
bolsa ondanam ep-esli yzdan aýaklaryny süýreşip gelişleri, aralarynda Annagurt
hanyň, ärlerini soramaga giden aýallaryň ýokdugy häliden bäri diwaryň üstüne
çykyp, ýola garap duran salyrlaryň uly-kiçi barysyny haýykdyrdy.
Gala girişleri ýaly hemmeler Bally Mähremiň daşyna üýşdi. Bally Mährem
dik duran ýerinde ýagdaýy düşündirdi. Apbas Mürzäniň talaplaryny, aýallar bilen
Annagurt hanyň girew hökmünde alnyp galynandygyny aýtdy.
– Men-ä adamlar şeýdäýmesek bolmaz öýdýän... – diýibem sözüni
tamamlady. Gapdalda ýatan ullakan gara töňňäniň üstüne çökdi. – Galanynam
özüňiz çözüň... Söz sizden.
– Howwa-la şeýtmesek bolmaz. Ylalaşyga geläge-de belaň öňünden sowlalyň,
wessalam... – diýip, kimdir biri ur-tut Bally Mähremi goldady. – Ýesirlerimiz onda
ýatyrlar, aýallarymyz munda otyrlar, galanlarymyzam gyryp gutarjak bolsa...
Başga-da ylalaşyga gelmekligiň, uruşsyz boýun bolmaklygyň tarapyny
tutanlar boldy.
Ýöne, hemişe şular ýalyda bolşy ýaly, bu gezegem batyrlar, hususan-da ýaşlar
o pikire garşy çykdylar. Ýaşulylaryň beýdip, Eýran serkerdesiniň näzini çekip,
ýaýdanjyrap duruşlaryny ýokuş gördüler. Namys etdiler. Taýpanyň belent
mertebesiniň, asyrlardan bäri gelýän şan-şöhratynyň aýak astyna oklanmagy,
basgylanmagy hasap etdiler.
– Söweşmek gerek. Üstümizi basgylap ötübermeli adamlar däldigimizi
görkezmegimiz gerek – diýşip, olar ýaşulylyaryň daşyny diwar deý gurşap
duruşlaryna gylyçlaryny syryp depelerinde bulaýlaşdylar. – Şularam Hywalylardan
dogumly däldirler, olary ýeňdikmi, bularam ýeňeris. Gerek bolsa daşardan kömek
sorarys. Teke garyndaşlaram, saryk garyndaşlaram ýüz tutsak ýak diýmezler.
– I-i-i... Osmanly ýurdundaky, Hytaýdaky salyrlaram ýak dizmezler, habar
etsek... – diýip, saryýagyz, inçesagat, ýüzi menek-menek, keselbenträk görünýän bir
ýigit garaçyny bilen “gyjyr-gyjyr” etdi. – Hä?... Hm?.. Şö dämi? – diýip, daştöweregine gözledi. Aýdanlaryny tassyklatjak boldy.
Ýöne, ony goldanam bolmady, terslänem. Ýerli-ýerden:
– Ýak, senem-ä... – diýişdiler-de, ýüzlerini bir ýana sowşup başlaryny
ýaýkaşdylar oňaýdylar. – Bolmajak zadyň gürrüňini etmeli bolsa edil iki paý ýalyow senem...
Nazarmuhammet han sowukganlylyk bilen, ýöne, ýüreginden syzdyryp şeý
diýdi:
– Men siziň batyrlygyňyza-da, janyňyzy orta goýup söweşjekdigiňize-de
aňyrýany bilen ynanaýan, ýigitler. Bu zatlary kiçi dilden bärde aýtmaýandygyňyzam
bilýän. Ýöne bu wagt ýagdaý başgaça. Gelen goşun haýsydyr bir welaýatyňky,
hanlygyňky ýa emirligiňki däl. Serkerdesem haýsydyr bir gala begi ýa hany däl,
şazada! Şanyň mirasdüşeri. Aňyrsynda uly döwlet duran, tejribesem, serenjamam
ýetik goşun. Horasanyň birleşen güýçlerini hasap etmäniňde, hökümet goşunynyň
özem ýeterlik. Şonça goşun bilen bir kiçijik taýpanyň üstüne gelmeklerem biziň
üçin uly sylag. Hormat. Ýöne, biziň ýagdaýa dogry baha bermegimiz, hetdimizi
tanamagymyz gerek. Egerde şeýtmesek halkymyzy gaty erbet güne salarys. Sizem
gaýra gaýşyp durmaň-da, çekgä-dartga geläýiň. Onsoňam biz ölümiň öýünde ýeten
37
Watanymyzda otyrys. Şonuň topragynyň üstünde durus. Ýeňäýseg-ä ne ýagşy,
ýeňiläýsek welin ýene-de muny taşlap gitmeli borus. Ýene-de muňa zar bolmaly
borus. Aýallarymyz, çagalarymyz babatda-ha aýdybam oturmaýyn welin,
barymyzyň baryp Eýranyň ýa Hywanyň gul bazaryna düşäýmegimizem ahmal.
Ýaşlar barybir ýeň bermediler.
– Ýeňilmeris!..
– Gul bolmarys!..
– Biz hökman ýeňeris!..
– Watany taşlap hiç ýana-da gitmeris!
– Hut şonuň üçinem söweşmegimiz gerek!..
– Boýun egeniň bilen nä gul bolmarys öýdýäňizmi?..
– Gula gul bolanyňdan-a öleniňem gowudyr...
– Ýa-a-, i-i-i...
Berdimyrat hanam Nazarmuhammet hanyň pikirini goldap, ýaşlary ylalaşyga
çagyrdy.
– Nazar han dogry aýdýa. Şu gezek ýagdaý şeýle. Başga ýol ýok. Siziň barýan
ýoluňyz garaňky.
Ýaşulylardanam ýaşlaryň tarapyny tutanlary boldy. Aýal-gyzlaryň:
– Dat bizi dirije oda atjak bolýaňyz, gajarlara gyrnak etjek bolýaňyz – diýen
ýaly namys oýaryjy, dogum duýgularyňa daýandyryjy sözler bilen eňreşmekleri
netijesinde mesele ýaşlaryň peýdasyna çözüldi.
***
Habar geler salym ötdem welin, Sarahs galasy tarapdan Apbas Mürzäniň
düşelgesini nazarlap, dor atyny uçganakladyp gelýän bir ýigit göründi. Ol sesýetim
ara geldi-de, atynyň jylawyny çekdi. At bir säginen ýaly etdi-de, birdenem iki art
aýaklarynyň üstüne galyp öň aýaklaryny howada kelemenletdi. Eýesiniň habar
bermekçi bolýan zadyny ondan öňürti buşlamakçy bolýan ýaly, dumly-duşy
ýaňlandyryp kişňedi. Üstünde oturan uzynak, bugdaý reňkli, gara silkme telpekli,
egni gyrmyzy donly ýigidiň Gün şöhlesine gülbüräp duran gylyjyny bulaýlap,
parsça aýdan sözlerem onuň sesine goşulyşyp, akly-gyzyllyja çadyrlaryň dik
depesinde köwsarlady.
– E-eý, gajarlar! Geliberiň! Biz size goşunam beremzok, boýunam bolamyzook! Ýesirlerimizem boşadyň!..
Ýanynda duran serkerdeleriň hemmesi birden Apbas Mürzäniň ýüzüne
seredişdiler. Ol häliden bäri gaşlaryny çytyp, gaharyndan açylybilmän köwejekläp
ýören Ýalantuşy ýanyna çagyrdy. Elini egnine goýdy.
– Ine, indi seniň diýeniň boldy. Şu günki hüjüme-de özüň ýolbaşçylyk et.
Horasanlylary öňe sür. Salyrlardan ejir çeken şolar bolsa, goý şolaram hemmeden
öňürti ahmyrdan çyksynlar...
Ýalantuş zynjyrdan boşan ýaly ylgap baryp golaýdaky depejigiň üstüne
çykdy-da, aýalary bilen agzyny penalap, henizem atyny bökdürip, gyljyny bulaýlap
duran ýigide tarap gygyrdy.
– Häzir barýas! Ýesirleriňizem alyp barýas!..
***
38
Şeýle baý ýaşaýandyklaryna garamazdan, şol wagt salyrlaryň galasy diýseň
köne, üstesine-de şeýle bir kiçijikdi welin, olaryň şol galada goranmakçy
bolýandyklaryna pars goşunyndaky serbazlaryň uçdantutma hemmesi geň galdy.
Her niçik hem bolsa olar şol galalaryna girdiler. Hamala tärimleriniň
gözeneklerinden ok geçmejek ýaly, daşyna oralan gara keçelerini serbazlaryň
gylyçlary kesmejek ýaly özlerini öýleriniň içine atdylar. Iň soňky taýýarlyk işlerini
tamamladylar. Iň batyr hem mergen ýigitler bolsa diňleriň atyşhanalaryna girdiler.
Söweşe ýolbaşçylyk etmegi salyrlaryň iň ekabyry hasap edilýän Bally
Mährem öz üstüne aldy. Onuň ähli buýruklaryny birkemsiz we iki aýtdyrman ýerine
ýetirjekdiklerine ýigitleriň barysy biragyzdan söz berdiler.
Diwarlaryň daş ýüzündäki pagsadan salnan pessejik jaýlarda ir wagtlardan
bäri Maşatdan gelip söwda edip ýören täjir jöhütler ýaşaýardylar. Ine, şolar welin
ýene-de sanlyja sagatdan ýer bilen gögüň gapyşjakdygyndan hamala bihabar ýaly
özlerini arkaýyn alyp barýardylar. Çünki, uruş bolmaz, kethudalar şazada bilen
hökman ýaraşyk baglaşarlar öýdýärdiler. Apbas Mürzäniň adalatly hereket
etjekdigine bil baglaýardylar.
Şonuň üçinem, “dabyrdyklaşyp” gelýän Horasan goşunynyň at toýnagyndan
göterilýän tozan olary juda aljyratdy. El ýüzünde duran harytlaryny nirä
bukjaklaryny bilmän iki-baka elewreşdiler. Pessejik jaýlaryna bir girdiler, bir
çykdylar, ikibir-üçbir üýşüşip bir zatlaryň maslahatyny etdiler, bir oturdylar, bir
turdylar, bir kem-kemden ulalyp gelýän çaňdyr-tozana, birem galanyň
diwarlaryndaky diňlerde ýerleşip ok-ýaraglaryny häzirleşip, duşmanyň ýoluna
eserdeňlik bilen garaşýan ezber hem erjel ýigitlere tarap taýly gezek seredişdiler,
ellerini asmana serşip, Biribardan delalat islediler.
Ýöne, gala golaýlaşan badyna Ýalantuş olary tanady we adam iberip, goşgolamlary blen birlikde derhal Maşada tarap ýola düşmeklerini tabşyrdy. Galadan
saýlanýançalar maý bermek üçin, goşunyň bir bölegine türkmenleriň öň dürli iş
bilen o ýan, bu ýan gidip, indem gaýdyp gelýänlerini tutmak, ellerinden zatlaryny
almak, garşylyk görkezenlerini duran ýerinde çapmak, aman dilänlerini ýesir almak,
has barlyraklaryny, abraýlaraklaryny bolsa girew ýa soň pula çalyşmak üçin jöhütler
bilen birlikde göni Maşada ugratmak barada buýruk berdi.
Soň saý-sebäp bilen galanyň daşynda galan, bäşleň-üçleň türkmen öýlerini
serbazlaryna talatdy, alybilmedik
zatlaryny zaýalatdyrdy, mal ýataklaryny,
agyllaryny, ot-iýmlerini otlatdy.
***
Pars goşunynyň içinde Eýran-Orsyýet urşy döwründe ýesir düşen,
“Türkmençaý şertnamasyna” laýyklykda dört aýyň dowamynda boşadylmaly, emma
näme üçindir henize çenli boşadylmadyk, gaýry milletlerden bolan urşujylaram
bardy. Apbas Mürzäniň teklibi boýunça, Ýalantuş şolardan gürjüleri we çerkesleri
galanyň iki gapdalyndaky garymlaryň golaýynda, ors soldatlaryny bolsa galanyň
diwarlarynyň gabat garşysynda ýerleşdirdi.
Pyýada serbazlara galany dört tarapyndanam gabamaklygy, şeýle-de, onuň
ähli taraplarynda atyşhana çukurlaryny gazmaklygy tabşyrdy.
39
Şol işler tamam bolandan soň, Ýalantuş öz topçularyna galany top okuna
tutmak barada buýruk berdi.
Tä, agşama çenli, yzyny üzmän galanyň içine toplardan ok ýagdyryldy.
Galanyň içini elhenç zenzele gaplap aldy. Sygyrlar bögürişip, eşekler aňňyryşdylar,
atlar kişňeşip, düýeler “bar-bar” bagyryşdylar, geçiler çekreşip, goýunlar mäleşdiler,
towuklar “wak-wak” edişip o ýan bu ýan gaçdylar, ýerläp-ýerläp uçdylar, uly
mallaryň käbirleri däbşenekleşip ýataklaryndan çykdylar we galanyň içindäki
erewde-berewligiň aýylganç keşbini öňküsindenem beter has elhenç görnüşe
saldylar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 05
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.