Latin

Salyr soňy Sarahs - 17

Total number of words is 3729
Total number of unique words is 2238
31.2 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nazarly mergen eýýämhaçan hereketi haýallan bäbeneklerini agdar-düňder
etdirip, örän kynlyk bilen ilk-ä meýdan doňzy dek hiç bir ätiýaçsyz, özlerine tarap
düwdenekleşip gelýän garakçylara, soňam çagalaryna tarap seretdi. Görse, Arslanyň
ýagdaýy agyr. Özüniňkiçe-de ýok. Atmasynam goýupdyr-da, tüpeňini bir gapdala
taşlap, gollarynam giňden serip ýatyr. Gözleri süzük. Hyýalynda henizem atyp
ýatandyryn öýdýän bolsa gerek, sag eliniň süýem barmagy mäşe gysýan dek
sykylyp-sykylyp gidýär. Nopar bolsa eteginden ýyrtyp alyp onuň ýarasyny daňýar.
– Arslanyň tüpeňini al-da, atyp başla, gyzym! Men gowy, meni alada etme!
158
Edil awa gidip ýa-da bular ýaly gandöküşikli urşa gatnaşyp ýören bolmasa-da,
meşhur mergeniň gyzydygyna, şeýle hem oturan ýerleriniň şony talap edýändigine
görä, erkek doganlary bilen bir hatarda Noparam tüpeň atmany aýagy ýer tutup
ugran döwürlerinden bäri öwrenip ýördi.
Şonuň üçinem, ol kakasynyň aýdanyny iki gaýtalatmady. Göz açyp-ýumasy
salymyň içinde Arslanyň tüpeňini ýerden göterdi-de, indi has golaýlan
garakçylardan atyp başlady. Onuň bu bolşy oňa tarap käte bir gözüniň gyýtagyny
aýlap, atyp ýatan mergeni buýsandyrdy. Kem-kemden ysgyny gaçyp barýan
ýüreginiň kuwwatyny artdyrdy.
Üç ýerden iňňän mergenlik bilen atylýan oklaryň zarbyna garakçylaryň üçüsi
bir wagtyň özünde ýer bagyrtlady. Ýene bir ädim ätdikleri özleriniňem şol güne
düşjekdikleriniň gümansyzdygyna gözi ýeten garakçylaryň galanlary sakga
saklandylar-da, yzlaryna dönmek bilen boldular. Emma, hamala diýersiň tutuş bir
lek goşuna baştutanlyk edýän ýaly henizem baýryň üstünde gykylyklap duran
Hasan, haýbat atyp olary yza gaýtardy. Tüpeň çenäp, öňe hereket etmeklerini talap
etdi.
Eýýämhaçan ýarysyndanam, gowragy hatardan çykan garakçylar şondan soň
öňküleri ýaly süme-sürç däl-de, käte daşdan-daşa, käte bolsa biri-birlerine
bukulyşyp, iňňän seresaplylyk bilen öňe süýşüp başladylar.
Olar üznüksiz atýardylar, ok gaýgyrmaýardylar, ýöne, ökdelik bilen atyp
bilmeýärdiler. Üstesine Nazarly mergeniň çagalary bilen ýerleşen ýerem berkdi.
Penalady. Nyşana almak kyndy. Şonuň üçinem, garakçylaryň atýan oklary sowa
geçmeýärdi.
Şeýle-de bolsa...
...Goşaryndanam ýaralanmagy bilen, ozalam özüne zordan erk edip ýatan
Nazarly mergen tüpeňini ymykly elinden gaçyrdy. Oňa çenlem garakçylar gelip
üstlerine howala boldular.
Garma-gürmeligiň başlananyny, atyşygyň mazaly sabaşyberenini görüp,
Hasanam baýyrdan ylgap düşdi-de, bulara tarap gaýtdy. Gelşi ýalam penjelerini
ýaýyp Nopara topuldy. Nopar: “Waý!..” diýip, çirkin gygyrdy, elindäki tüpeňiň
nilinden tutup, gundagy bilen Hasanyň tumşugyna suňşurdy. Emma ol çalasynlyk
bilen urgudan sowlup ýetişdi we Noparyň goltugyndan tutup, gelen ugruna bakan
idirdedip ugrady.
Gyz gyssanjyna:
–Waý, dogan!.. Waý, kaka!.. Waý, il-gün!.. – diýip, gygyrdy. Iki ýana urundy.
Haraý isledi.
Emma bu wagt Nazarly mergen bilen Arslan-a agyr halda ýatyrdylar, Nury
bolsa ýap-ýaňyja sürnüp gelen garakçylaryň biriniň çenemän atan okundan çalarak
ýaradar bolupdy we birazajyk aljyraňňylyga düşüpdi.
Nopar bilen tutaklaşyp barýan Hasanyň gözi birdenkä Nazarly mergeniň hem
türkmen, hem pars toýlarynda çapylyp, hemişe baýraklar alyp ýören meşhur dor
atyna düşdi. Ýoldaşlarynyň birine “üm” bilen şony tutup getirmekligi buýurdy.
Getirişleri ýalam böküp üstüne mündi. Gyzam şol at getiren hemşerisiniň kömegi
bilen çekip alyp ýüzi aşaklaýyn öňüne kese basdy. Şeýle ýadaw hem ertirden bäri
159
aç-suwsuzdygyna garamazdan, dor at böwrüne debsilenenden ýaýdan sypan ok ýaly
süýndi ötägitdi.
Nazarly mergen barja güýjüni jemläp tirsegine galdy-da, kiçi ogluna tarap
gygyrdy.
–A-at!.. gaýrat et oglu-u-m!.. Aýaga, gal-da, daşlaşmankalar a-at!.. – Oglunyň
düşünmezlikdenmi, nämemi haýal-ýagallyk edýänini görüp, Nazarly mergen
öýkeninden syzdyryp, öňküsindenem has edrenç gygyrdy. – Duşmanyň eline
düşenden goý, topraga şam bolsun, a-at...
Nury ahyry dillendi.
–Atymyzy ataýynmy, kaka-a?..
Nazarly mergeniň gözleri hanasyndan çykaga-da patlap ýere gaçaýarly
göründi. Damagyna pyçak goýlan garry göhert ýaly “har-har” etdi.
–At gitse geler, namys gitse gelmez, gyzdan a-at!..
Oňa çenli dor atyň öňüne keseleýin basylgy Noparam inçejik goljagazlaryny
galgadyp çirkin gygyrdy.
–At jigi-im!.. A-at!.. Menden at!.. meni bu janybaşgalara berip goýberme-e!..
Oglunyň entegem ýaýdanýanyny görüp, Nazarly mergen ömründe ilkinji
gezek, ulyili bilen möňňürdi.
–At diýýän men saňa-a!.. At meni namysa goýma-a!.. A-a-at! Atmasaň
kyýamat güni ýüzüňi görmen-n! – Nury uýasynyň gök öýme ýaglykly kellesini
nyşana aldy. Mäşäni gysdy. Naçarynyň atdan aganyny görmejek bolup, gözlerini
ýumdy.
Emma atdan näme üçindir Nopar däl-de, eýeriň üstünde dikgerilip oturan
Hasan ellerini kelemenledip gaýtdy. Onsuzam başdakysyna görä bady birneme
haýallan at bir gezek öwrüm etdi-de, “hokranyp” yzyna öwrüldi. Nopary ýykmajak
bolup, ol haýsy tarapa agsa şol tarapa ýegşerildi. Gyzyň guýlunyp ýere düşmegi
bilen o-da durdy. Guýrugyny bulap burnuny “parryldatdy”. “Pat-pat” etdirip
tezekledi. Tezeklerden ýukajyk bug göterildi.
Nopar ellerine daýanyp ýerinden galdy. Turşy ýalam hossarlaryna tarap
ylgady. At hem onuň yzyna düşdi. Iki tirkeş bolup ýykyla-sürşe öňküje gaýdan
ýerlerine geldiler.
Edil şol wagtam ileriden bir topar serbaz göründi. Olaryň öňüni çekip gelýän
ak köýnek-balagyň üstünden ýeňisz gara gursakça geýnen, başy gara baganadan
tikilen zömmük telpekli, ala gözli, burunlak, uçlary jaýtarylyp duran ýogyn çal
murtly, mele atly daýaw adam – Seýdylla handy. Öňňin ýanyna baranda Nazarly
mergene aýdyşy ýaly, ol birnäçe gün bäri Maşatdan, Tährandan iberilen buýruga
görä, özüne degişli çäklerden garakçylary gözläp ýördi. Düýnki alnan maglumatlar
boýunça ol Hasanyň öz nökerleri bilen “Eşek gerşine” tarap çekilenini çaklapdy we
şol habaryň yzyny çalyp gaýdypdy.
Nazarly mergeniňem şu gün Garadepä gitmekçidiginden çen tutup, Seýdylla
han Hasanyň niýetini aňypdy we gyssanmaç ýola düşüpdi.
“Eşek gerşe” gelende ol öz çakynyň çyn bolup çykandygyna düşündi. Çagşap
ýatan arabany, dyzap-dyzap halys ysgyndan düşen ýabylary, ötügiň içinde gyzylýaýyrt bolup ýatan öý goşlaryny görüp haýykdy. “Hern-ä jesed-ä ýok” diýip, uludan
demini aldy. – diýmek, ölmändirlerem, ele-de düşmändirler”.
160
Şondan bärem onuň at başyny çekmän gelşi. Wakanyň gidip duran ýerine
gelende Hasan-a ýaňy bir Nopary öňüne alyp ugrapdy, nökerlerem atlanyp onuň
yzyna düşmekçi bolup durdular.
Hasan atdan agansoň olar birbada näme etjeklerini bilmän, asla nämäniňnämedigine-de, öňden gelýän atlylaryň kim-kimlerdigine-de düşünmän äm-säm
bolup durdular. Aljyradylar. Seýdylla hana gözleri düşendenem “gykuwlaşyp” hersi
bir ýan dyr-pytrak boldular.
Seýdylla han atyny debsiläp bir kiçeňräk alaňyň üstüne çykdy-da:
–Beýnetud! Hiç kodam häräkät näkonid!1 – diýip, garakçylaryň gaçyp barýan
tarapyna bakyp hökümli gygyrdy. Indiki buýrugy bolsa ol öz serbazlaryna berdi. –
Begiridäş! Ýekişirä häm räha näkonid!...2
Atlaram, özlerem demgir gelýän serbazlar ýekeje öwrüm edenlerinde
garakçylaryň barysy bir ýere çugdamladylar. Olar indi başdakylary ýaly köp däl,
bolaýsalar bäş ýa dört sany. Nazarly mergeniň çagalary olaryň tas ýarysyndanam
gowragynyň janlaryny jähenneme iberipdiler.
Serbazlar garakçylary atdan düşürip gollarynam arkalaryna bagladylar.
Seýdylla han olary iki sany aty-ýaragy gurgun serbazyň öňüne salyp, öz
galasyna tarap ugratdy. Hasan ýaraly ekeni, han onam gezek-gez egine göterip alyp
gitmekligi garakçylaryň özlerine tabşyrdy.
Ol diňe şondan soň Nazarly mergeniň ýatan ýerine geldi. Mergeniň çagalary
bilen düşen bu göz-gülban halyny görüp, erbet gynandy. Gözlerine ýaş aýlandy.
atdan düşüp mergen bilen Arslanyň ýanlaryna bardy, ýüz-gözlerini sypalaşdyrdy.
Az-owlak suw içirdi. Hem agasyny, hem kakasyny gezek-gezegine gujaklap aglap
ýören Nopara göwünlik berdi.
Birdenem onuň gözi bir gyrada tüpeňini gujaklap oturan, göwresi kiçijik, ak
saçly kişä düşdi. Ony tanamansoň Nopardan sorady.
–Bu kim?
Seýdylla han elbetde, Nazarly mergeniň ähli çagalaryny tanaýardy, ýöne,
ýaňy bir on iki ýaşyny dolduran Nurynyň saçy bu wagt edil, ýetmiş ýaşly gojanyňky
ýaly duw-ak. Ýüzi bolsa kül sepilen ýaly göm-gök. Gözleriniň nyşanasy nämälim.
Ol asla töwerek-daşyndaky bolup geçýän gymyldy-hereketleri görýäne, duýýana
meňzänok. Özem, bütin durky bilen ýanar ot. Kelle welin buz ýaly. Şol beýniniň
içinde Nopardan atan okunyň nädip sowa geçendigi baradaky sorag örboýuna galyp
dur. Çünki, kakasyndan atyş öwreneli bäri atan okunyň sowa geçen ýeri ýok. Häzir
bolsa Nopar hon-ha, gözleriniň öňünde gaýmalaklap ýör! Käte gelip ol ony
gujaklaýaram, aglaýaram, bir zatlar diýişdirýärem. Ýöne, Nury onuň näme diýýänini
aňşaranok, bolup geçen wakany doly göz öňüne getirip bilenok. “Ýa düýşümmikä?
Başym çaşdymyka? Gözüme görünýämikä..” diýen ýaly alasarmyk oýlaram ony
alarladyp alyp barýar. Egerde oýa bolsam, onda, diýmek kakamyň ynamyny ödäp
bilmändirin-dä? Maşgalamyzyň namysyny gorap bilmändirin-dä?...” diýen ýaly
pikirler ony otly tagana mündürip, düşnüksiz bir dünýä tarap alyp gidýär. Gulagyna
1
2
Duruň! Biriňizem butnamaň (parsça)
Tutuň! Birinem sypdyrmaň (parsça)
161
bolsa kakasynyň: “Atmasaň kyýamat güni ýüzüňi görmen...” diýen ýangynly sözleri
gelýär...
Noparyň:
–Bu Nury... – diýip, Seýdylla hanyň soragyna beren jogaby ony çalaragam
bolsa özüne getirdi. Ýöne, barybir oý-pikirlerinden aýňalyp bilmedi.
Seýdylla han welin, birbada Noparyň aýdan sözüne ynanamady. Arkan
gaýşyp, ýüzün gaýdyp, kä ýapyrylyp, kä oturyp ony kän synlady.
Ahyram:
–Nury-y?.. – diýdi-de, garbap alyp gujagyna gysdy. Ýüzünden-gözünden
ogşady. Parsçalap garakçylaryň pederlerine nälet okady. – Wah-wah-wah... Waýwaý-waý....
Oglunyň şeýle ýagdaýa düşenini ýaňy gören Nazalry mergeniň ruhy
ahwalyny bolsa ýazyp beýan etmek mümkin däl...
***
Seýdylla han serbazlaryň üç sanysyna Nazarly mergeniň “Eşek gerişde” galan
arabasyny, goşlaryny, mallaryny alyp gelmekligi we hemmesini Garadepä eltip
gaýtmaklygy özleriniň welin eglenmezliklerini tabşyrdy.
Garakçylary Eýran hökümetiniň degişli edaralaryna basymrak tabşyrmak
üçin, özi derhal ýola düşdi. Ugrajak wagty käte bir özüne gelip-gidip ýatan Nazarly
mergeniň üstüne abanyp durşuna:
–Hoş gal, byradar... – diýdi. Gözlerinden paýrap dökülen gyzgyn gözýaşlar
Nazarly mergeniň gan-gabarçakdan ýaňa tanamaz ýaly bolan ýüzüne damdy. – Razy
bol...
Dost mähriniň yssysyna bedeni kuwwatlanan, köňli az-kem karar tapan
mergen gözüni açyp bilmese-de, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny çalaja gymyldatdy.
–Senem razy bol, Seýdylla. Ýagşylykda ýatlaşaly...
Ol bu sözleri ölmi däl-de, öňde duran, belki ölümden-de beter agyr aýralygy
göz öňüne tutup aýdýardy. Seýdylla han bolsa dosty bilen ajalyň ara düşerinden
gorkup razylaşýardy.
Han özüni bilmän ýatan Arslan bilenem, Nopardyr – Nury bilenem mähriban
ata deý gadyrly hoşlaşdy.
Şeýdibem gitdi. Basym serbazlar ýolagçylaryň “Eşek gerişdäki” arabalaryny,
goş-golamlaryny, işçi mallaryny alyp geldiler. Nazalry mergen bilen Arslany
arabanyň içinde, ýumşajyk düşekçeleriň üstünde ýatyrdylar. Nopar öňküsi ýaly
jylawy eline aldy. Nury bolsa arabanyň yzynda, tersine bakyp oturdy. Ol tä gözden
ýitýänçä, wakanyň bolan ýerine seretdi oturdy.
Serbazlar olary Garadepä çenli ugratdylar. Obadaşlaryna tabşyrybam yzlaryna
dolanmak bilen boldular. Hiç-hili üýtgeşik hereket alada aňmadylar.
Şol wagt Gün ýaşyp, ýaňy bir iňrik garalyp ugrapdy. Garadepede toý uly
şowhun bilen gidip durdy. Gije kelte göç ugradylmalydy.
Ýolboýy dymyp gelen Nury welin Garadepä gelenlerinden soňam geplemedi.
Soralýan soraglara jogap bermedi. Şo-ol, bir nokada seretdi oturdy. Özem
köpçülikden çykyp, bir çet ýere çekiläýenini, pynhan ýerde ýalňyz oturaýanyny kem
görmedi. Çünki, emjek çekişen, dar garynda depişen, bir öýde bir ojagyň başynda,
162
bir atanyň, bir enäniň dyzynda oturyp, gujagynda kemala gelen süýtdeş
uýajygyndan çenäp atan wagty onuň ýeke bir saçy çalarman, ýüzi könelmän, eýsem
dilem tutulypdy. Özi diri galan hem bolsa ýüregi ölüpdi. Ruhy paralanypdy. Şol
pursat ajal bilen namys jan dalaşyna giripdi. Şol dalaş henizem gidip otyr. Olaryň
haýsynyň ýeňjekdigi bolsa henizem belli däl. Çünki, Nurynyň gerdenine duýdansyz
urlan ýük çaga çekerden agyr, ýüregine urlan zarba çaga çekerden çökder. Iň
ýamanam ol öz okunyň sowa geçendigine ynanyp bilenok. Kyýamat magşar güni
kakasynyň özüne ýüz bermezinden gorkýar.
Ol iki oduň arasynda galdy. Otlar bolsa biri-birinden gyzgyn.
Hakykatda welin onuň oky sowa geçmändi. Has takygy sowa geçmeli däldi.
Ýöne, “Eşek geriş” tarapdan duýdansyz peýda bolan Seýdylla hanyň Nury bilen tas
bir wagtyň özünde deýen ýaly atan oky Hasany eýerden agdarypdy we sähelçejik
hem bolsa atyň ugruny üýtgedipdi. Şeýdibem, Nopar Allanyň eradasy bilen gyl
ýatym beýläk gyşarypdy we öz mähriban jigisiniň atan okunyň öňünden sowlupdy.
Nesibe takdyr bilen bir wagtyň özünde hem ölümden, hem bütin maşgalanyň, asyl
tutuş taýpanyň, türkmen halkynyň ýüzüni ýere saljak namys belasyndan halas
bolupdy.
Göräýmäge hemme zat düzüw, ýerbe-ýer ýaly. Ýöne, munuň şeýledigini
Nazarly mergenem, Noparam, Nurynyň özem bilenok. Arslanyň-a asylam o
zatlardan habary ýok. Seýdylla han bolsa indi hiç haçan olar bilen ýüzbe-ýüz
bolmaz, wakanyň şol tarapyny açyp bermez, şeýlelikde, ol syr tä Kyýamat-Magşar
gününe çenli syrlygyna galar. Şonda Nury gözleri bilen: “Kaka, men nyşana dogry
atdym ahyry” diýer. Nazarly mergen oňa ynanar. Ynanamazlyk etjek bolsa welin,
onuň hakykatdan-da şeýledigine Biribaryň özi güwä geçer.
Nury diňe şondan soň dil açar. Ýeke bir dili däl, özem açylyşar.
XVIII
Maman apa
Edil garaşyp ýatan ýaly, toý sowuldam welin, Döwletdurdy tüýdükçi jan
teslim etdi.
Onuň iki oglunyň Gün çäş galyberende, eginlerini deňläp, ýüzlerini
gündogara tutup çeken iň soňky “waýlarynyň” iniňi tikeneklendiriji sesi hatda harby
garnizonlardaky nobatyny ýoldaşyna tabşyryp ýaňy bir süýji uka giden serbazlara
çenli aýak üstüne galdyrdy. Zurabatda biriniň ýogalandygyny bütin oba, belki
ondanam has uzagrakdaky obalara-da bildirdi.
Jaýlanyş çäresiniň maslahatyny etmek üçin, ekabyrlaryň, işan-mollalaryň,
başga-da degerliräk adamlaryň yzlaryndan adam iberdiler. Olar ýap-ýaňyja
toýhanadan dargapdylar. Az-owlak dynç almakçydylar. Emma, bular ýaly ýagdaý
ýüze çykanda ähli zat gaýra goýulýar.
Şonuň üçinem, üzlem-saplamrak hem bolsa olar uzak garaşdyrman
ýygnandylar. Şondan soň tüýdükçiniň işigindäki üçden-dörtden, aýak üstünde
ýüzlerini sallaşyp duran adamlaryň “hyşy-wyşylary” kesildi. Olar assa-ýuwaşdan
süýşüşip, ekabyrlaryň daşlaryna üýşdiler.
163
Ýaşulylar ýeke-ýeke girip, merhum bilen hoşlaşyp çykdylar. Boldum
edenlerinden soň Teke han tüýdükçiniň uly ogluny bir gyra çekdi.
–Hiý, sargyt eden zady boldumy?
Börtmen gabaklaryny galdyrmän, birsyhly ýere bakyp duran dolmuş, ortadan
galarak boýly, burny jaýtygrak ýigit ýadaw halda, güňleç seslendi.
–Boldy.
–Näme diýdi?
–Sarahsa äkidip, Sarahs baba gonamçylygynda jaýlasaňyz rahat ýatardym,
diýdi.
–Kakaň haýyşyny kahagatlandyrarys. Ony häziriň özünde, haýal etmän
Sarahsa ugradarys. Musurmançylykda gölegçiniň nirä barýandygynyň
soralmaýandygyny serbazlaram bilmän duran däldirler, gapdaly bilenem ep-esli
adam ugradarys. Özüňem ähli zatlaryňyzy alyp, gidişleýin gidiň. Aşyny-suwunam
şol ýerde sowarys. – Teke han edil şol wagt salam berip ýanyna gelen Abyt işana
ýüzlendi. – Merhumy ýola taýynlasynlar. Gün gyzmanka ugradalyň.
–Sarahsamy?
–Howwa.
–Bor, han aga.
Teke han ýene-de tüýdükçiniň ogluna ýüzlendi.
–Ýene näme sargyt etdi?
–Bir-ä çykarjak wagtlary, birem jaýlajak wagtlary Gaýyp jesedimiň başujynda
oturyp “Eý-hoýy” çalsyn, diýdi. – Yzynam aýtsammykam ýa aýtmasammykam
diýýän ýaly ýigit azajyk ikirjiňlenip durdy. – Kyrkym geçýänçä-de her juma gijesi
doga okalmazyndan öň “Ymamlary” çalsyn, diýdi.
Teke han bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Şol wagtam öýden
Ýagşygül apa çykdy.
Daşarda ellerini ýeňleriniň içine sokuşyp duranlaryň hemmesi oňa
duýgudaşlyk bildirdiler.
–Ýagşygül apa yzy ýarasyn.
–Imany hemra bolsun...
–Bendeçilikdir...
–Alla işidir...
Çümre bürenen donunyň aşagyndan başyna oranan ak dasdarynyň bir
gyrasyndan dişläp, egilibräk duran Ýagşygül apa olara pyşyrdap diýen ýaly
minnetdarlyk bildirdi. Taňryýalkasyn aýtdy. Soň duranlaryň birinden bir zat sorady.
O-da: “Honha” diýip, Teke hana tarap baş atdy. Ýagşygül apa “çygşyl-çygşyl” edip
geldi-de, han bilen salamlaşdy. Duýdudaşlyk sözlerinden soň ol usulyk bilen aşak
çökdi. Hanyň ýüzüne çekinjeňlik bilen seredip, ýuwaşja seslendi.
–Oglanlar aýtdylarmy?
–Howwa, Ýagşygül apa. Men tabşyryk berdim. Häziriň özünde ugradarys.
Ýagşygül apa öňküsindenem pessaý gepledi.
–Şo diýen ýerinemi?..
–Howwa.
–Heý-wa-a, onda biz näderis?
–Sizem bile gidersiňiz.
164
–Şömi?
–Howwa. Ogluňyza aýdylandyr, näme etmelidigi. Şonuň aýdany bilen
bolberiň.
Ýagşygül apa baş atdy-da, ýerinden turdy. Öýüne girdi. Entegräkdenem onuň:
“Wah, jan doganlar, garry bolanda näme gaýdyp gelýämi...” diýen zaryn agysy
eşidildi.
Teke hanyň Abyt işana beren görkezmesinden soň, merhumy ugratmak üçin
edilmeli aladalaryň ownukly-irili hysyrdylary başlandy. Girim-çykym köpeldi. Her
kim öz etmeli işine ýapyşdy.
Teke han baş kazy molla Oraz, baş kethuda Begnazar, Abyt işan dagyny
kölegä çekip olary aýak üstünden Döwletdurdy tüýdükçiniň soňky sargytlary bilen
tanyşdyrdy. Öten agşamky kelte göç bilen gidendikleri sebäpli Eýeberdi ahun bilen
molla Ýegenmyrat häzir bu ýerde ýok.
Döwletdurdy tüýdükçiniň soňky sargydy hiç kim tarapyndan goldanylmady.
–Beýle zat ýeke bir türkmende-hä däl, asla külli musurmanda ýok.
Könelerimizem: “Ilden çyksaň çyk, dinden çykma” diýipdirler. Hernäçe kyn hem
bolsa, hernäçe ýokuş degse-de o pikire men-ä garşy – diýip, Begnazar tebigy boguk
sesiniň badyny zor bilen güýçlendirmek üçin görgüsini görüp durşuna “jygyr-jygyr”
etdi.
Ony hemmeler goldadylar. Çekeleşip oturmaklygyň hajaty ýok hasap etdiler.
Şonuň bilenem ol mesele çözüldi.
“Bela eke gelmez” diýlişi ýaly, edil şol wagt Garadepedenem bir gyzyl eňek
ýaş ýigit at derledip geldi-de, ilk-ä öten agşam kelte göçüň sag-aman
ugradyladygyny, indem gijeki boljak uly göçe taýýarlyk görüýändigini, ähli zadyň
edil gepleşip goýulşy ýaly kadaly barýandygyny hamala çapyp glene at däl-de, özi
ýaly “has-has” edip durşuna daljygyp-daljygyp habar berdi, soňam Nazarly
mergeniň bütin maşgalasy bilen başyna düşen ahwalaty gürrüň berdi. Öten
agşamdan bäri olaryň agyr halda ýatandyklaryny, kelte göç bilen ugratmaga-da Teke
handan biygtyýar ýaşulylaryň aýgyt edip bilmändiklerini aýtdy.
Teke han ilk-ä: “Häýt oňarmandyrlar, aňrujy ýagdaýy bolan bolsa olaram öten
agşam ugratmaly ekenler, iň bolmanda bärigem habar etmeli ekenler” diýip, gaharly
“hüňürde-di”, soňam, häliden bäri bir çetde sesini çyarman irkiljiräp oturan, iki gün
bäri toýuň aladasy bilen uçursyz ýadan Jumadurdy baýa üç-dört adam bilen
Garadepä gitmekligi, Nazarly mergeni maşgalasy bilen alyp gaýdyp, Döwletdurdy
tüýdükçiniň gölegçileri bilen birlikde Sarahsa ugratmaklygy tabşyrdy. Jumadurdy
baý: “Bor, han aga” – diýip, ýerinden turanyndanam:
–Maman apanam alyp git, hem-ä ýaralaryna em eder, hemem mergeniň
gandarlaryna gargap berer... – diýdi.
Şular ýaly kyn pursatda-da ýarym degişme bilen aýdylan bu söze hemmeler
ýakalaryna busup, ýaşyryn ýylgyrmak bilen oňaýdylar.
Çünki, bir gözi edil Eýran apbasysy ýaly tes-tegelek hem-de ap-ak, abat
gözem meniňki bolsun diýer ýaly däl derejede çap-çal hem-de buýr-bulaşyk, şol
bolşy bilenem bar zady görýändigine haýran galaýmaly, burny keççert orak ýaly
egri, boýy keltejik üstesine-de hor, eňegine jaň dakylan ýaly agzy bir pursatam dek
durmaýan ýaşy bir çene baran Maman apa salyrlaryň arasynda ýeke bir güýçli
165
tebipligi bilen däl-de, eýsem ezber sögünjeňligi, güýçli gargynjaňlygy bilenem
giňden meşhurlyk gazanaan zenan hökmünde tanalýar.
Tebiplik derejesi barada aýtsak, ol maryda oturylan döwürlerei goňurly tebip
ussa Haýtydan tälim alan. Abraýy uly. Ahallylaryň Gönübek sazandalary ýaly
kethudalar bilen bir hatarda sylanýan adam.şoaryň sözi geçen ýerinde onuňkam
geçýär. Zerurlyk ýüze çykan wagty islendik baýyň ýa hanyň sürüsine adam iberip,
bir ýa iki mal getirdip bilýär. Edil, Gönübegiňki ýaly, onuňkydanam yzyny soraýan
ýok.özem öz eden işi üçin zat talap edip duranok. Berseler-ä güzeran üçin az-owlak
alaýýar, bolmasa-da oňup ýör.
Gargynjaňlygy, sögünjeňligem kiçi dilden bärde. O zatlar dogrusyny aýtsaň
onuň keýpi. Neşesi. Aňyrsynda zat ýok. Il-günem onuň agzynyň ugruna aýdyp
ýören zatlaryny hasaba alyp ýa “şüý-ä şeý diýäýdi-ow”, diýip, kine edip ýörenok.
Onsoňam, Abyt işanyň aýdyşy ýaly bokurdakdan bärden aýdylan zadyň güýji
bolmaýarmyşyn, edil çäge ýazylan hat ýaly sähelçe ýeliň ýa suwuň badyna bozulyp
gidiberýärmişin.
Şol bolşy bilenem ol şeýle bir hyzmata gaýym welin, baran öýi, giren gapysy
özüniňki ýaly. Ýatsyrap ýa myhmansyrap oturmasy bolmaz. Toýlarda, tomaşalarda
dagy ýaş gelin-gyzlara gaýra dur diýýär. Özüniňem birentek hasap-hon heleýler ýaly
çakylyga garaşmasy, çakylyk gelmese: “Çagyrmadylar” diýip, çyşyp oturmasy
bolmaz. Göni eňäýer şol tarapa donuny parladyp! Barybam tä märeke sowulýança
özem dek oturmaz, beýlekilerem oturtmaz. Keýwanylyk eder. Ony, eýdiň, muny
beýdiň” diýip buýruk berer. “Çemçe ýuwsaňyz sapyndan, gazan ýuwsaňyz
gapagyndan, tabak ýuwsaňyz daşyndan başlaň” diýip, öwüt berer. Birdenem: “kihkih” gülerde: “Heý-wa-a, birden ýüreklerine düşäýmäýin men bu mezeň
kençinileriň...” diýer-de, bir şorta söz ýa täsin waka aýdyp töweregindäkileri
gülüşdirip goýberer.
Ýeke bir öz obasynda däl, goňşy obalara, hatda nesibesi çekip düýbünden ýat
obalara barsa-da, Maman apanyň şol bir bolşy. Myhmansyrap oturanyny gören
ýokdur. “Garadepede biri dümewläpdir” diýselerem: “Hassanyň halyny soramak
sogapdanmyşyn, şoňa sarp eden pursatyň ömrüň üstüne goşulýarmyşyn” diýer-de,
şol tarapa jünäberer, baş donuny parladyp. Pylan obada pylany ýogalypdyr diýen
hatar bolubam saklap bolanok.
Şonuň üçinem, obadaşlary o barada: “Şuň özi öläýse dagy uly bir pir ölen
ýaly bor, Eýranda, Turanda ýasyna gelmedig-ä gamaz” diýen ýaly gürrüňler
edýärdiler.
Maman apanyň başga-da gowy taraplary kän. Mysal üçin, şeýle
käýinjeňdigine garamazdan, eçilen wagty şeýle bir dili süýji welin, şol gargynjaň
garry şü, diýseň adam ynanar ýaly däl.
Mysal üçin, öýüň kölegesinde tikin-çatyna güýmenip oturan wagty, oýnap
ýören çagalaryň biri gelip, iňňesine ýüplük sapyp beräýse dagy edil maýa hörelän
ýaly: “Janym oşym, hanym oşym, atasynyň goç ogly, Maman enesiniň iner ogly...”
diýip, söýgüläp bir ugrar welin, goňşy-golamlara çenli meýmireşip, gözlerini
süzübererler.
Ine, birdenem bir zada gahary geler-de, ýerinden towsup turar. “Häýt mysalaň
gursun, mysalasy guran juwanamerk! Häýt, seni bir ýerler ýuwutsyn! Hazan urup
166
mizan çalsyn! Tabydyň ters daňylsyn! Jähennem bol şu ýerden namy-yt!.. Ýogsam
ine, çekirdegiňi aýyryn! Üstüňe artlaýyn münäge-de agzyňa süýerin!..” diýip, ýapýaňyja-da özüne aýdylýan öwgülere humar bolup duran oglanjygyň üstüne topular.
Çaga ondan gaçyp gutulybilse kaýyl geler. Ho-ol, aňyrrak barybam iki eli bilen
injiklerini gysymlap, eglip durşuna: “Näme etdimkäm-aý, men...” diýen manyda
gözüni jüýjerdip Maman apa tarap naýynjar bakar. Onuň başky aýdan öwgüli sözleri
çynymy ýa soňkusy çynymy, bilibilmän kösener. Kimdendir birinden soragynyň
jogabyna garaşýan ýaly ýüz-gözüni gymşaýdyp daş-töweregine garanjaklar.
Iliň çagas-a baýaky welin, jyny tutan wagty Maman apa öz agtyklarynam
sylap duranok. Olaryň biri ylgap gelip: “Ene süýt içjek” diýäýse dagy: “Bar oglum,
gazanda durandyr, özüň aldajyk içäý” diýäýmän ýa özi guýupjyk beräýmän, mazaly
gasyn atan garaýagyz ýüzüni bolşundanam beter mojuk görnüşe getirip, dym-ak
gözlerinem depesine diker-de: “Hä-äýt, süýnüp, galasyň süýnüp galan namy-yt!
Meň näme süýt dükanym bamy saňa batmanlap süýt berer ýaly!..” diýip, ulyili bilen
gygyrar. Egerde: “Nan, iýjek” diýäýseler dahy: “Hudaýym nandanyň deşilsin seň,
nandany deşilen! Ýaňyja iýdiň ýarty nany, köteni ýaman juwanamerk! Doýmazdolmaz Hajymelik!” diýip, zähresini ýarar.
Käwagtam “höre-köşe” edip olaryň haýsam bolsa birine ýumuş buýrar. “Bar,
pylanlara baryp gel” , diýer. O-da, “Bor ene” diýäge-de, düňküldäp gidiberse ne
ýagşy, bardy-geldi “gitjek däl” diýäýse welin, “hasyr-husur” ýerinden turar-da,
köwşüni eline alaga-da: “Şömi? Gitjekgämi? Gitmeseň gitmän geç! Tepgyranyň
teýine git! Astananyň aşagyna git! Atamyň aýagujyna git! Gabra git! Gabrystana
git! Görüstana git! Gelmeze git! Ýulunmaza git!” diýip, bir ujyndan büküdip başlar
welin, öňünde döw musurman durar ýaly bolmaz.
Bir görseňem obanyň bar çagasyny gapysyna üýşürip, gyşyň günüdigine
garamazdan, gatadylan gaýmak paýlap oturandyr. Çünki, şol jelegaýlarda şondan
başga gyşa gaýmak gatadýan ýok. Ol ony tomus taýýarlap goýýar. Üstünde gaýmak
serer ýaly onuň ýöriteleşdirilen gamyşy bolup, oňa: “gaýmak gatar” diýilýär. Ýapýaňyja süýdüň ýüzünden syrylyp alnan her biri şapbat ýaly täzeje gaýmaklary
Maman apa şonuň üstüne gat-gat edip goýar. Serýär. Şol gaýmaklar kem-kemden
gatap, gyşa çenli kitirdäp duran şeýle bir süýji närse bolýar, asyl iýip doýup
bolanok.
Öz paýlamaly möhleti gelýänçä, Maman apa ondan hatda öz agtyklaryna-da
berenok. Dileselerem: “Iliň çagasy iýende iýersiňiz sizem” diýip, gaýtam
ýüzlerinden alýar. Gargynjaňlygam, sögünjeňligem, mähremliligem onuň hut özüne
mahsus bolan, häli-şindi gaýtalanyp duran häsiýeti. Ol şolaryň hiç birinem edeýin
diýip ýa özüne dereje bilip edenok. Asyl şeýdýändirinem öýdenok.
Ýöne, kä halatlarda, obanyň käbir aýallarynyň onuň gargynjaňlyk häsiýetini
ulanaýdyklaram bolaýýar.
Mysal üçin, salyrlaryň Maryda oturýan döwürleri biziň eýýäm tanyş
gahrymanlarymyzyň biri Jumasapar bir gün Bakyçylara goşulyp Mary Bakyyna
gitdi-de, aýaly Akbikäniň ýüň boýag üçin sargan puluna ýalpyldap duran, iki
gulakly täzeje pil alyp geläýdi. Gelşi ýalam Geldimyrat ussanyň ýanyna gidip
sapladyp geldi. Daş işikde çommalyp oturşyna getiren harydynyň eýlesine-beýlesine
seretdi. “Oňarmansyň, men basym ýüň boýap keçe basjakdym” diýmäge bogny
167
ysman, boýagsyz galanyna-da içi ýanyp, bir çetde mugryljyrap oturan aýalynyň
öňünde günäsini ýuwmakçy boldumy ýa onuň göwnüni götermekçi boldumy, birki
ýola dilini ýalmandyryp:
–Hümf-çü-üýf – etidrdi-de, özbaşyna diýen ýaly hümürdenip başlady.
– Şu gün wekillerden bir oglan Bakyda ýüň manada ýüz çäkmen aldy.
–Aýalynyň özüne üns bermeýänini, aýdýan sözleri bilen gyzyklanmaýanyny görüp,
ony özüne imrindirmek üçin başga-da birnäçe gürrüňleriň başyny ayrtdy. – Gaýraly
biriniň horjunyny ogurladylar, Ahaldan gelen biri getiren harytlarynyň barysyny bir
elden satdy gidiberdi, harjyly adamlar kän-how her ýerde” – diýibem gördi. Ondada bolmansoň: – Ýadyňa düşýämi, Akbike, Peşanalydan bir Söýün diýip aşnam
bardy, ana, araky harasatda şoň tas, gölesi opurlyp kümesi aşagynda galyp ölen
ekeni, hälem Hudaý saklapdyr – diýdi. Akbike welin ýuman agzynam açmady.
Jumasapara indi gönüläýmekden başga alaç galmady. – Maryň iň ökde piliniň ýasan
ussasy şi... – Ol ýerinden turup aýalynyň ýanyna bardy. – Bary-ýogy iki sany ekeni-de,
oňňam birin-ä men aldym, beýlekisinem bir saryk oglan aldy. “Akga, men şu ussaň
pili diýip Pendiden ýörite geldim, ikisinem özüm alaýaýyn-la, diýip kän özelendi,
ýöne, özüň bilýäň-ä, maňa-da gereg-ä... Onsoňam menem bäri-bärden baramog-a...
I-i... Şoň üçinem oňa: ýak, berjek-gä, menem şiň gulagyndan çörek iýýän diýdim.
Nädipdirin? Oňarypdyrynmy? –Hümf-çü-üýf!..
–Oňarmansyň...
–Beý diýme, boýag, onsoňam seň sargan heleýiň Bakyda ýok ekeni...
–Bazarda-da bir boýag bolmazmy...
Jumasapar tossarylyp oturan aýalynyň ýüzüne jokgarylyp seretdi.
–Näme , gaty gynanaýdyňmy-aý?
–Ý-ak-la, gynanamok-la, men ýöne, öňki piliňem-ä oňuşmazça däldi, diýjek
bolýan...
Şeý diýdi-de, Akbike ýerinden turdy. Uludan demini aldy. “Çygşyl-çygşyl”
edip öýüne girdi we öz işi bilen boluberdi.
Jumasaparam täzeje pilini işiklerindäki teläryň üstüne okalp goýberdi-de,
aýaly eşider ýalyrak edip:
–Agşamlyk gerin. Batmanlardan bir eşek bilen birki günlükde adam
söwdasyny edipdim-de, sözünden dänmänkä öň bilenem belleisini edip gaýdaýyn.
Puluny soňraga garaşsa-ha münüp geläýmegimem mümkin... – diýdi. –Hümf-çüüýf...
Öýden ses çykmady.
Şeýdip, Jumasapar-a goňşy oba gitdi. Akbike-de içini dökmek üçin öýaşa
goňşusy, deň-duşy özi ýaly güzeranyny pukaraçylyk bilen aýlap ýören, iki gün
bärem dümewläp öýden çykman ýatan Gurbanbagty aýak üstünden sorap gaýtmak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 18
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.