Latin

Salyr soňy Sarahs - 18

Total number of words is 3761
Total number of unique words is 2222
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçin şonuňka tarap ugrady.
Yzyny ýel çalmanka-da gaýdyp geldi. Gelşi ýalam ini bir zat syzan ýaly
“ýalt” edip teläriň üstüne seretdi. Hi-iý” etdirip içini çekdi. Ýakasyny tutdy. Ýüzüni
aktam edip daş-töweregine seretdi.
Çünki, ýap-ýaňyja-da şöhle saçmakda Taňrynyň tegelegi bilen bäsleşip ýatan
pil ýerinde ýokdy. Ol öýüň daşyndan bir durman dört gezek dagy aýlanyp çykdy.
Içinem gördi. Ýok!
168
Şondan soň ol tä äri gelýänçä içeri bir girip, bir çykyp özünden-özi samrady
ýördi. Äriniň şol pili boýaga derek alyp gelenine begenmedik hem bolsa, ýitenine
çyn ýürekden gynandy. Çünki, her niçik hem bolsa içerä giren zat öýüň umumy
baýlygy hasap edilýär. Şol baýlykda özüniňem hilesiniň bardygyna bolsa Akbike
gaty gowy düşünýär.
“Ýa özi men ýokkam gelip, bir ýerde bukup gidäýdimikä?” diýip arasynda
özüni köşeşdirjegem boldy, ýöne towga ýükläýmeli bu horaşaja öýüň içindedaşynda pil bukar ýaly ýer bolmasa näme?
Her niçik hem bolsa Akbike bolan işi goňşy-golamlara duýdurmady. Syr
bildirmedi. Jumasaparyň gelýänine gözi düşendenem ylgap öňünden çykdy.
Aýalynyň bir aladasynyň bardygyny aňan Jumasapar, ol özüniň-eşeksiz
gelenine gynanýandyr, söwdasy oňan däldir öýdýändir, diýip pikir etdi.
Şonuň üçinem:
–Ýa-a-a, i-i... Gorkma. Söwdam küşat. Eşegi aldym. Ýöne, alyp gaýdy –
bilmedim. Çagalarynyň biri bir ýana münüp giden ekeni. Ertir özümiz eltip gaýdarys
diýdiler. Berinem haçan pulsaň pulaý, diýdiler – diýip, howlukmaç gelpedi. –Hümfçü-üýf!..
–Eşegiň bar bolsun seň, pil ýok. – diýip, Akbike ondanam howlukmaç hem
howsalaly seslendi. – Ýer ýykyp gözledim, ýok..
–O nähili ýok?
–Ýok-da...
Jumasapar iki elinem uzadyp teläryň üstüni sermeledi.
–I-i... Öz elim bilenjik şu ýerde goýdum-a men ony ýap-ýaňyja... – Öňden şol
ýerde ýatan köne pilini, bir dişi döwük demir ýabasyny alyp, hamala şeýdiberse
birinden-biri ýalpyldap duran täzeje pile öwrüläýjek ýaly olary telim gezek dagy
öwrüp, eýlesine-beýlesine seretdi. Bir külter kendir ýüp ýatyrdy şol ýerde, hatda
şoňa çenli agdaryşdyryp aşagyny barlaşdyrdy. – Özüňem öýde... – Birdenem “ziňk”
etdirip aýalyna tarap öwrüldi. Ýüzüne jiňkerildi. – Ýa şalkyňy köwşüldedip gitdiňmi
bir ýana şu ikortada?..
Piliň ýitenine özi günäkär ýaly ýygryljyrap duran Akbike ysgynsyz seslendi.
–Ýa-ak, giden ýerim ýok. Bar edenim Garbanbagtyň halyny sorap gaýtdym,
aýak üstünden. Şu ikortada aldajy alaýmasa adam alara-ha wagt geçenok...
–Wah, başda şoň alnanyna gynanyp, dommarylyp oturşyň ýamandy seň... –
diýende Jumasaparyň sesi sandyrap çykdy. Süňňem saňňyldady. – Ine, indi
maksadyňa ýetdiň. Begende otur...
–Begenip nä... Men-nä...
Şol wagtam ýeňseden “çygşyldy” eşidildi. Hä diýmänem arka ýüzlerinde
oturýan, kyrk ýaşlaryndaky goňşusy, garaýagyz, keltejik, tos-togalak, ýüzünde päki
çalybermeli ýaňaklary ýalpyldap duran, gaty bir daşa gidäýmese ýa sowuk
bolaýmasa ýylyň ähli möwsüminde aýak ýalaňaç gezmäni gowy görýän, hut şonuň
üçinem dabanynyň aşagy, ökjesi jaýryk-jaýryk bolup duran Tuwak gyrmyl-gyrmyl
edip gaşlarynda peýda boldy. Gele-gelmäne-de är-heleýiň ikisi bilenem çalak-çulak
salamlaşyp Akbikeden hamyrmaýa sorady.
Öý eýesi sessiz-üýnsiz içeri girip çykdy:
169
–Gün göräýmesin gyz, täzeje hamyrturuşdyr, – diýip, köz dege-dege eleme
deşik bolan, goňrumtyl ýeňlige dolangy hamyrmaýany goňşusynyň eline tutdurdy.
Soňam hiç kim eşitmesin diýýän ýaly alkymyna dykyldy. Ýuwaşja seslendi. – A
gyz, ýaňy men ýokkam bize gelen-giden, soran-idän-ä bolan däldir.
–Ýa-ak.., – Tuwak biraz böwrüni diňläp durdy-da, – Ýöne, ýalt-ýult edip
ýaňyrak şu ýerden Maman apaň goňşusy Ojuk murdar-a geçip gitdi... Näme Bir
zadyňyz nemedipmi? Alnypmy? Ýokmy?..
–Aý, ýok, ýöne, soraýdym – Tuwak gybyrdyklap öýüň aňyrsyna
öwrülendenem Akbike hamala ýiten zat iňňe ýaly henizem teläriň üstüni sermeläp
ýören äriniň ýanyna bardy – Şoldur. Şol ýer ýuwdandan başga hiç kim däldir.
Derrew bar-da, bas üstüni. Tut ýakasyndan. Güm, etmänkä tapdyr. Ertiriň özünde
Mara gidip tabşyrmaly ýerine tabşyrar welin, indiki Baky güni öz zadyňy ýene bir
gezek satyn alyp gaýtmaly borsuň. Tapmasaň Teke hana aýdaryn, kazy molla Oraza
aýdaryn, diýip gyssaberseň garagy akan ýaly çykaryp berer. Öňňil Seýitjan çolagyň
geçisini ogurlanynda-da şeýdip tapdyrtdylar-a şoňa. Şonda: “Gaýdyp şular ýaly iş
etmen, diýip şolaryň öňünde ant içip, awy ýalap zordan gutulanmyşyn-a...
Ärini gižželejek bolup, Akbike başga-da kän zatlar aýtdy. Jumasapar welin
gozganmadam.
–Aý, beýdip bolasy ýok-laý... Bilip-bilmän... Çen bilen... Giden bir pil
bolsun-laý... – diýip, şo-ol, ýöwselledi oturdy. – Ýaňy sen dogry aýtdyň, Geldimyrat
ussaň dükänyna baryp sähelçe “tark-turk” etdirsem öňkimem hiç neneň däl-laý...
sapyny täzeledäge-de, ýüzünem tapladaryn welin, bor durubir... Geldimyrat bolup
demriň eline düşen özüň bolma. –Hümf-çü-üýf!..
Şeý diýdi-de, aýalynyň jogabyna-da garaşman, sansyz pilini eline alyp,
Jumasapar ýarym günüň içinde indi ikinji gezek Geldimyrat ussanyň ýanyna gitdi.
Akbike kemiş-kemiş edip, tä äriniň garasy ýitýänçä yzyndan garap oturdy.
Başda nägile bolanyna puşman etdi. Äriniň düşen gününe gynandy. Ojugyň üstüne
baryp dyzabermekden ýüz öwrenine bolsa gahary geldi.
–Ýüzsüz-dä, ýüzi guran, adamyň ýüzüne geliblenok-da, ötsüz-dä, nebsi ýokda, hojalyk bilen işi ýok-da... – diýip, öz ýanyndan käýindi. Oturdy. Terslin-oňlyn
keple diýseň...
Gaýdyp gelenden soň, äriniň elindäki “kakyş-kukuş” edilen köne pili görkezip
özüne bir zatlar diýýänine ünsem bermedi-de, nämedir bir zatlar “jazlatmak” üçin
Akbike gyrasy gemmijek, kiçijik, çoýun gazanyň abat galan ýekeje gulagyndan
tutup, teläryň aşagyndaky otdan ýaňa içi gyzaryp giden, gyralary gap-gara, horaşaja
ojaga atardy. Içine azajyk çigit ýagyny guýup köýdürdi. Üç sany kiçijik sogan
arçady. Gözüni ýaşardyp oturşyna ýartydan azrak kädem dogrady. “Jazyrdadyp”
bulaşdyrdy. Aram-aram böwrüni diňläp oturdy. Birdenem göwnüni bire baglan ýaly
“zöwwe” ýerinden galdy-da, tutaç bilen tutup, gazany ojakdan düşürdi. Henizem
köne piliniň o ýerine, bu ýerine seredip, keýpsiz halda oturan ärine bir zatlar diýjek
bolup çemelendi. Ahyram elini silkdi-de, göni obanyň ileri çetinde oturýan Maman
apalara tarap ýumlukdy.
Onuň nä hyýala münendigini aňan Jumasaparam dikejegine oturan ýerinden
aýaklanmadyk köşek ýaly “tapyr-tupur” edip galdy-da, ellerini kelemenledip bir
zatlar diýip gygyrdy. Ýöne, näme diýenini Akbike-hä asylam eşitmedi welin,
170
özüniňem eşideni-eşitmäni belli däl. Çünki, hernäçe gygyrandyryn öýtse-de, içinden
sesi çykmady.
Tomsuň tüp yssysynda epgekli ýele dasdaryny pasyrdadyp barýan Akbike
gitdigiçe bat aldy. Ökjesi ýeňledi. Eýýäm pili tapylan ýaly göwnüne giňlik aralaşdy.
Güman edilýän, oba belli, tüýkesme ogry Ojuk murdaryň çat maňlaýyndaky
goňşusy Maman apalaryň gapysyna barybam:
–Aýuw, Maman apa barmysyňyz-u-uw... Bar bolsaň çyk-u-uw... Bir agyz gep
bar-u-uw... – diýip, gygyrdy.
Maman apa öýden çykyp Akbikäni güler ýüz bilen garşy aldy diýseg-ä ýalňyş
bolar. Çünki, ol diýseň ýadaw görünýärdi.
Şonuň üçinem:
– Aý, mezez, künti, bolup gelşiň nähili süýr günortan, albassy ýaly bolup?
Näbela boldy, ýüzüňde gözüňde gan-kok ýok-la?.. Saglykmy bir özi?...
Akbike gyssagara saglyk-amanlyk soraşansoň işiginde bir zatlara
güýmenjirän bolup, özlerine tarap ogryn-ogryn seredýän Ojugam eşider ýaly
öňküsindenem has batly gygyrdy.
–Bir eline bismil çykmyş namyd-a meň çalymyň şu günjik Bakydan satyn
alyp gelen täzeje piliniň nisini çekipdir. Indi tapylaryndan-a geçdik welin, Maman
apa gaýrat et-de bir, şony alan juwanamerke gargap bersene! Ýaman gynanaýdykda... Özem meň boýag üçin sargan puluma getirilen pi-il...
Ojugyň häsiýetine belet Maman apa Akbikäniň nyşanasynam, niýetinem
bada-bat aňdy. Näme isleýänine-de düşündi. Şonuň üçinem, onuň özünden gaty
gygyrmasa pes-ä gygyrmady.
–Häý, ýelni kesilen puşt kençini! Geljegiň bar irgözündenjik gelagaýsaň
bolmadymy? Ýap-ýaňyja gargynjymy gutaryp, içeri girip oturşymdy. Men indi siziň
piliňizi ogurlan hudaýtarryha näme diýsemkäm? Meýdi yranyp tabydy ters
daňylsyn, diýsem-ä o meň günde-günaşa aýdyp ýören zadym, hökmi bolmaz. Günüň
gyzaran çagynda meýdiň gyzyl düýäň üstünde gyzaryp gitsin, diýsem o-da maňa
gelişjek zat däl. Hiç zat diýmesemem seň boýnuň buruljak. – Maman apa göz
astyndan indi birneme howsalasy artyp köwşüniň içine gor guýlan ýaly iki-baka
köwejekläp ugran Ojuga tarap ogryn-ogryn garady-da, sesine öňküsindenem beter
bat berdi. – Şo pili kim alanam bolsa bar-a, o bar-a, bu bar-a, jan Akbike şol
haramydan bolan hern-ä aňyrsy iki güne ýetmän üç köpsün-de, alanja pili bilen
gabyrjygy gazylsyn... – Soňky sözleriň barysyny bir demde aýtdy-da, Maman apa
ýadawlykdan ýaňa “has-has” edip aşak çökdi. Razy bolandygyny ýa bolmandygyny
bilmek üçin oturan ýerinden eňegini taýzardyp Akbikäniň ýüzüne seretdi. – Ine, jan
dogan, şüpille-hä mende şundan başga zat ýok. Az görseňem ertir irdenjik gel, şol
ýaýdyrgap galany men ed-dil iki günden tamugyň töründe gögerer ýaly ederin...
ýurdunda ýel ösdirin...
Akbike ilk-ä öýüne bir girip, bir çykyp, indi öňküsindenem beter
“zowzuldap”, tekiz ýerde-de büdräp ýykylyp-sürşüp ýňren Ojuga seredip içini
güldürdi, soňam henizem demini doly dürsäbilmän, ap-ak gözlerini özüne dikip
oturan Maman apa seredip “ýyrş” etdi.
–Bor, dogan, bor. Az göremok. Taňryýalkasyn. Aýdanyň gelsin. Sag otur,
özüňem.
171
Akbike ertesi irden turup görse, ýitirilen pil işiklerindäki teläriň üstünde,
äriniň düýnküje goýan ýerinde goýşy ýaljak ýatyr ekeni. Günüň dogup, barha
ýokary galmagy bilen onuňam şöhlesi şo-ol, artdy gitdi oturdy.
***
Ana, Maman apanyň gargynçlary oba arasynda şolar ýaly şöhrata eýe.
Indi onuň tebipçiligi barada hem bir agyz söz aýtmasak tarypymyz kemterräk
kakar.
...Zurabada soňky gezek göçülip gelnäýen döwürleri, bir toýda salyr aýallary
Teke hanyň öňünden çykyp, dürli sebäplere görä Maşadyň zyndanynda oturan
hossarlaryny halas etmegini sorap, oňa agy bilen ýüz tutdular. Arz etdiler.
Teke han olaryň arzlaryny kabul etdi. Kömek etmäge söz berdi.
Şondan soň köp wagt geçmänkä-de, şol mesele boýunça ýanynyň bäş-alty
sany atly-ýaragly nökeri bilen Maşada gitdi. Hanyň huzyryna bardy. Ýöne, ol wagt
Maşadyň hany Alymerdan han däl-de, şo-ol, salyrlara kömek etjek bolup, işinden
aýrylan, soňam nirä gidendigi näbelli bolup galan handy. Ol şol gezegem salyr
hanyny kabul etdi . sözüni diňledi. Haçanda Teke han: Egerde zerurlyk ýüze çyksa
salyrlaryň öz bendileri üçin pul-mal, altyn-kümüş ýygnamaga hem taýýardyklaryny
aýdanda ol iki elini daldaladyp onuň sözüni böldi.
–Hiç zat gerek däl. Egerde salyrlar öňküleri ýaly Horasan goşuny üçin
serbazlyga birsyhly adam iberip dursalar, biz bendileri hiç zatsyz hem boşadarys.
Ýöne, olaryň Eýran hökümetine mundan buýanky wepalylygyna we onuň tertipdüzgünlerine ygrarlylygyna siz özüňiz jogap berersiňiz.
Teke han razylaşdy.
Ertesi hakykatdan-da bendiler boşadyldy. Olaryň barysy gelip Teke hanyň
aýagyna ýykyldylar. Köp-köp alkyşlar aýtdylar. Şolaryň arasyndan bütinleý nätanyş
biri Teke hana has ykjam ýapyşdy.
–Han aga, bir çemçe ganymy geçseňiz bir agyz sözüm bar – diýip, hünübirýan
aglady. – Aýt diýseňiz-ä aýtjak, bolmasa-da tä ömrüm ötýänçä atly ýöreseňiz-ä
üzeňňiňizden, pyýada ýöreseňizem syýnyňyzdan aslyşjak ýörjek...
Teke han ony köp ýalbartmady.
–Bar, geçdim näme günäň bolsa-da. Aýdyber, aýtjak sözüňi.
Nätanyş kemiş-kemiş edip durdy-durdy-da, öňküsindenem güýçli ses bilen
möňňürip goýberdi. Hanyň aýagyna ýykyldy. Elinden ogşady. “Hyk-çok” edip
zordan gepledi.
–Haknazary öldüren men...
Hanyň ozaldanam akýagyz, nurana ýüzi üç ýuwlan ak esg-ä döndi. Gözleriniň
öňünde bolsa, Maryda oturylan döwürleri janlandy.
...Şonda, Bakydan gaýdyp gelýärkä, düşnüksiz ýagdaýda inisi Haknazar
öldürilipdi. Näme sebäpden, kimiň öldürendigi bolsa bilinmän galypdy.
Zatlarynyň talanandygyndan, pullarynyň alynandygyndan çen tutup, ol işi
eden adamyň garakçy bolaýmagynyň ahmaldygy güman edilipdi. Çünki, ganhor
Haknazaryň ýeke gelýändiginden peýdalanyp bukudan atypdyr. Ol hatda onuň
atynam almandyr. Ötegçiler üstünden baranlarynda at janawer eýýämhaçan jan
teslim eden eýesiniň daşynda “horguryp”, aýlanyp ýören ekeni.
172
Öz aralarynda hemsaýa hökmünde oturan salyrlaryň, şeýle-de Teke hanyň hut
özüniň hatyrasyna, ganhory tutuş Mary ilaty bolup gözlediler, emma netije
çykmady.
Ine, indem onuň özi: “Men şol” diýip, Teke hanyň aýaklarynyň arasynda
guýlunyp ýatyr. Özem:
–Maňa hiç kim Haknazary öldür, diýmedi. Hakyna-da tutmady. Ol iş saňa
ýamanlyk etmek üçin ýörite edilen işem däl. Men asla onuň Haknazardygynam
bilemokdym. Seniň iniňdigindenem habarym ýok. Bu bir betbagtçylyk boldy. Ol
maňa juda bijaý ýerde duş geldi. Men nebsime buýrup bilmedim. Ýogsam men şol
wagt gaty bir azarlam däldim. Men... Men nähak gana galdym. Iki şaýy üçin kimi
öldürendigimi bilenimden soňam gorkunjyma göni bäri gaýtdym. Emma bu ýerdede dek gezmän zyndana düşdüm. O ýerde men... – Ol boşadylan beýleki bendilere
bakyp başam barmagyny uzatdy. – Ol ýerde men ine, şular bilen bile oturdym. Bir
döwürräk düşdük. Ýöne, bular meniň kimdigimi bilenoklar. Siziňkilerdendirin
öýdüp bu gün han menem boşatdy. Meniň aslym, ýurdum öýüm-ilim ýok. Men
tüweleý. Özümem gara tüweleý. Maňa bu dünýede orun ýok. Ýöne, jan süýji, ýaşap
ýörün. Indi bolsa galan ömrüm size bagly. Ölüme höküm etseňizem, yzyma zyndana
dykdyrsaňyzam öz işiňiz...
Teke han eglip egninden tutdy-da, günäkäri aýak üstüne galdyrdy.
–Nähak gan dökeniň günäsi ýolunýan-a däldir... ýöne... men eýýäm seň
günäňi geçäýdim-dä... – Teke han agyr dert astynda gurak-gurak ýuwdundy. – Bir
sargydym bar, o-da galan ömrüňe meň demim düşýän ýere garaňy salaýma. Ýene
bir zat: Meň razy bolmagymy isleseň gaýdyp günä iş etme. Dogry ýola düş. Meni
razy etjek bolsaň, öňürti Hudaýy razy et...
Gandaryndan gözýaşyny gizlemek üçin Teke han syýnyny silkip beýlesine
öwrüldi. Agyr ýatlamalardan açylyşmak üçin baryp, azat bolan obadaşlarynyň özara
gürrüňlerine goşuldy. Olardan kimdir biri günäkäri häziirň özünde
jezalandyrmaklygy ýa-da äkidip kazy molla Oraza tabşyrmaklygy teklip etdi. Emma
Teke han o zatlaryň hiç birine-de rugsat bermedi.
Henizem şol bir minnetdarlyk sözlerini gaýtalap, hem eglip, hem götinjekläp
barýan, ýap-ýaňyja günäsi geçilen ganhor bolsa Maşadyň köp mähelleli köçesine
siňip gitdi.
Öňi giç boldy-da, Teke han ýanynyň nökerleri we boşadan bendileri bilen
bilelikde şol gije Maşatda galarman boldy.
Giň howluly, gurply bir aşnasy bardy, adyna Nowşirwan duýerdiler. Olar
köplükdi. Nowşirwan iň ululary bolup ondan kiçileriniň ady, Nowgurban,
Nowjuwan, Nowzyban, Nowryzwan bolup gidýärdi. Hemmesem bir köçäniň
ugrunda, bir hatarda oturýardylar. Özlerem diýseň agzybir. Tüýs, “bäş-älty dogana
horluk ýaraşmaz” diýleni.
Nowşirwan mylakatly, myhmansöýer, gelim-gidimli adam. Täjir.
Söwdasynyň gerimi giň. Şowly. Teke han hern-ä nesibesi çekip Maşada gelse
şonuňkyda düşleýär. Asgynjagynyň kändigine garamazdan ol bu gezegem şol
edähedinden dänmedi.
173
Ullakan ala gözli, burunlak, sünnälenip bejerilen inçejik, şar-gara murty
erniniň iki çetini jähekläp aşak gaýdýan, gyrçuw gara sakgally, daýaw, abşanaklap,
eginlerini ýaýkyldadyp ýöreýän, birinji gezek görýän adam üçin diýseň haýbatly,
hyýrsyz görünýän orta ýaşlaryndaky, azerbaýjan türküsini suwara bolmasa-da,
garaz, düşünişerçe bilýän Nowşirwan Teke hany garaşyşyndanam has gadyrly garşy
aldy. Ýanyndaky adamlary görüp çytylmady, ýükürgenmedi. Oňa çenli inilerem
ýüwürişip geldiler-de, ikiden, üçden bölüşip, Teke hanyň özünden öňňesini alyp
gitdiler. Eltip hammama düşürdiler, eşiklerini täzelediler, iýdirdiler, içirdiler.
Nowşirwan Teke hany öz öýüne saldy. Täzeje halynyň üstüne ýazylan
ýumşak düşekçäniň üstünde oturtdy. Gapdalyna ýassyk taşlady. Özem onuň gabat
garşysynda ýazylan düşekçäniň üstünde oturdy.
–Eşitdik. Şu gün Bakyda gürrüň etdiler. Zurabatdan türkmenleriň hany
gelipdir, handan bendilerini sorap alypdyr, diýdiler. Men: Ol meniň byradarymdyr,
meňkä gelmän gitmez, özi-de çöh ýahşy adamdyr, diýdim. Şoň üçinem bu gün
dükany oglanlaryň birine tabşyryp, Bakydan ir gaýtdym – diýip, endigine görä
agzynyň ýetişibildiginden, hezil edip, “gübür-gübür” edip gürledi.
Nahardan soňky mesaýy gürrüňçilikde bolsa ol iki-üç aý mundan ozal, on
ýaşlaryndaky gyzjagazy Perişdäniň jaýyň ikinji mertebesine çykjak bolup
merduwandan ýykylandygyny we bilini agyrdandygyny şondan bärem ýerinden
gozganybilmän ýatandygyny, golaý-goltumdaky tebipleriň biriniňem nepiniň
degmändigini, Tährandaky, Maşatdaky hökümet bimarhanalarynyň hekimleriniň
bolsa: üç ýyl galman galypda ýatmaly bolar, diýendiklerini, şondan soň bir gutulyp
gidermi, diýen soragyna bolsa: ellerini ýaýyp, eginlerini gysyp oňandyklaryny
şondan bärem kime ýüz tutjagyny, näme etjegini bilmän, serimsal bolup
ýörendigini, ýöne, Marydan ussa Haýty diýip bir ökde tebibiň adyny juda köp
eşidendigini, köpleriň şoňa äkidip görkezmekligi maslahat berýändigini howlukman,
ýöne, bir demde diýen ýaly gürrüň berdi. Sen özüň nähili maslahat berýäň, çynmy
şol ussa Haýtyly gürrüň, diýýän manyda ýanyp duran gözleri bilen Teke hanyň
ýüzüne ýiti-ýiti garady. Egerde şol gürrüň çyn bolup, işem bitse hiç hili harajatdan
gaçmajakdygyny, ýolundan basylmajakdygyny öwran-öwran tekrarlady.
Mary bilen Maşat aralygy aňy bilen ölçeýän ýaly, Teke han nazaryny jaýyň
petigindäki näbelli bir nokada dikip ep-esli oturdy. Birdenem:
–I-i... – diýip, sag eliniň aýasy bilen dyzyna kakdy. – Seň uzak ýoluň ýakyn
bolaýmagam ahmal, Nowşirwan. Tebibiň şu töwerekden tapylaýmagam mümkin...
Nowşirwan tutuş göwresi bilen hana tarap owsun atdy.
–O nähili?..
Bizde hut şol ussa Haýtynyň özünden tälim alan bir tebip bar. Özi aýal adam.
Ýaşam bir çene baran. Şeýle-de bolsa bu ýagdaýda çagany äkitmeg-ä kyn bolar, ýolam
çarkandak. Kötel. Ýöne, ine, şu ýerden bardygym şo tebibi ibärin men seň ýanyňa.
Egerde dert oňa-da per bermese, onda ussa Haýtyly meselä-de soň seredibiris.
Çagany galyp gider ýaly ederis.
Hanyň beýle ynamly gürläp oturşyna Nowşirwan eýýäm gyzy gutulyp gidene
döndi. Begenjine çaga dek elini çarpyp, oturan ýerinde bökejekläp bolubilenini
boldy. Aýalyny çagyryp, myhmanyň hoş habaryny oňa-da aýtdy. Ol ärindenem
174
beter begendi. Iç işikde gözlerine ýaş aýlap durşuna Teke hana köp-köp alkyşlar
aýtdy. Bu habary gyzyna buşlamak üçin çykyp gidendenem, Nowşirwan Teke hana:
–Tebibi getirmek üçin näme gerek bor? Arabamy? Düýemi? Atmy? Eşekmi?
Haýsy gaýym bolar öýtseň ertir irden alyp gidibereriňiz ýaly şo zatlary men şu gije
taýyn edip goýaýyn...
Teke han ilk-ä garysyna galdy. Soňam dikeldi.
–Öz-ä sagdyndyr welin, her niçik hem bolsa aýal adamdyr, ýaňky aýdyşym
ýaly ýaşam bir çene baran, oňa at-a çusrak, eşegem ýaltarak bor. Düýäňem leňňerine
çydamaz. Şoň üçinem oňa ýagdaý bolsa at goşulgy araba ýa paýtun bolsa gowy bor.
“Pah-pah”, Nowşirwan ýaly Maşadyň atly-abraýly iň uly söwdagärleriniň ýanynda
paýtun dagy näme! Gerek bolsa ol Zurabada tirkeşi dokuzdan on hatar kerwen ýa
kejebe-de ugradyp biljek. Şoň üçinem ol şol bir badyny gowşatman:
–A beli, beli, byradar, beli! Näme diýseň tapylar. Paýtunam tapylar. Sen ýöne
näçesiniň gerekdigini aýdaý... O zatlar özümizden bitýä... – diýip, galkyjaklady
oturdy.
–Biri bolsa bolýa.
–Çoh ýahşy, çoh ýahşy... Häziriň özünde taýyn ederler. Men diýerem, hamusy
olar.
Teke han bir zat ýadyna düşen ýaly:
–Hä-ä... Neme... – diýdi-de, gözlerini Nowşirwanyň çat maňlaýyna dikdi. –
Öňünden aýdyp goýaýyn, tebibiň tebipçiligem, adamçylygam gowudyr, aňyrsynda
zadam ýokdur, ýöne, “käsip käýinjeň bor” diýlişi ýaly duýman durkaň, birdenkä
sögünibermesem, gargynybermesi bardyr, şony göwnüňize almaweriň. Özünedem-ä
sargaryn welin, şonda-da... bilip goýsaňyz gowu-da...
Päheý, hanyň aýdyp oturan zadyny! Hassasy gutuljak bolsa Nowşirwan gep
eşitmeg-ä däl, tebipden günde ýüz gezek taýak iýmelem bolsa taýýar...
Ol Teke hana-da şeý diýip aýtdy. Muňa olaryň ikisem gülüşdi.
***
Gepiň gysgasy şondan soň köp wagt geçmänkä, üstünde Maman apa
joňkarylyp oturan täzeje paýtun Maşadyň köp adamly köçeleriniň biirnde peýda
boldy.
Paýtuny sürüp gelýän Nowşirwanyň öz iberen adamsy. Ol ir döwürlerden bäri
Maşatda ýaşap, Nowşirwan bilen gatnaşykda ýören, Artykmuhammet atly ýaş ýigit.
Asly türkmenleriň nohur taýpasyndan. Onuň borjy Maman apany ynjytman
Zurabatdan Maşada getirmek, soňam yzyna eltip gaýtmak. Gaharyny getirmeli däl.
Öz-özünden gahar tapyp, gargynyberse, käýiniberse-de çydamaly. Şeýle hem ol iki
dile-de suwara ökde bolansoň, tebipçilik eden döwründe Maman apa bilen syrkawyň
hossarlarynyň arasynda dilmaçlyk etmeli. Olar ýaly çynlakaý işde Nowşirwanyňky
kimin çala we çalgyrt dil bilen oňňut etmek bolmaýar. Çünki, sähelçe säwligiň özem
ullakan ýalňyşlygyň üstünden eltäýmegi mümkin.
Şäheriň çetinden girişleri ýaly henize çenli beýle zady görmedik Maman apa
gözlerini bolşundanam beter akjardyp üsti-üstüne, şeýle-de biri-birlerine gyslyşyp
oturan beýikli-pesli şäher jaýlaryna bakdy-da, öz-özi bilen gepleşýän ýaly ýuwaşja
seslendi.
175
–Munça
jemende
bolup
bu
juwanamerkler
pohlaryny
nirä
artýakalar?..Duwlanara ýerlerem-ä ýok...
Artykmuhammet tebip özüne bir zat diýendir öýdüp, atyň jylawuny çekdi-de,
çekinjeňlik bilen yzyna gaňryldy.
–Maman daýza maňa bir zat diýdiňmi?
Tebip siltenjiräp beýlesine öwrüldi.
–Sürübersene arabaňy öz ugruňa, seň it diýip adyňy tutýan ýok...
Ol ikisi ýolboýam gepleşmän diýen ýaly geldiler. Artykmuhammed-ä
öňünden duýdurylansoň özi bir zat diýmese lak atmady. Ol şeýdip oturansoň
Maman apanyňam gadryny gaçyrasy gelmedi. Garaz gepleri alyşmady, sulhlaram.
Maman apanyň ýaňky sözlerinden soňam Artykmuhammet başyny ýaýkap
çalaja ýylgyrdy-da, öňki ugruna öwrüldi. “Çüw-w...” diýip, atyň jylawyny silkdi.
Gamçysyny galgatdy. Ýöne, çalmady. Çünki, köçeleriň käbir ýerleriniň has darlygy,
hereketiniň gürlügi paýtuny gaty sürmäge mümkinçilik bermeýär. Häli-şindi
saklanmaly, kä pyýadalara, kä ulaglylara ýol bermeli bolýar. Adamlaryň gohgalmagallary bolsa dik asmana göterilip, hatda sansyz-sajaksyz arabalaryň
şakyrdysyndanam güýçli çykýar. Giň sähradan gelen garry zenana bu-da gaty bir
ýakyp baranok.
“Alla-Alla” bilen agyr ýol aşan Artykmuhammet paýtuny baryp Nowşirwan
söwdagäriň ullakan agaç derwezeli howlusynyň agzynda saklady. Daşdan gelen
tebibi söwdagäriň ähli maşgalasy, dogan-garyndaşlary bolup garşy aldylar.
Hä diýmän goňşy-golamlaram üýşüşip geldiler. Uly-kiçi, aýal erkek barysy
Maman apanyň daş-töweregini gallaşyp, hümer bolşup durdular. Oňa tarap geň
galyjylyk bilen, ýiti-ýiti seredişdiler. Şular ýaly horaşaja, bigörk zenandanam
üýtgeşik hünärli adamyň çykyp biljekdigine ynanmaýan ýaly biri-birlerine bakyp
pyşyrdaşdylar. Şonça adamyň özüne çenelen nazaryndan sussy basylan Maman apa:
–Hä-ä, eneňizden dogalyňyz bäri adam garasyny gören dälsiňiz.. – diýip,
ýuwaşja seslendi. – Elläbem görüň, Aýdan gelen üýtgeşik bir zat, ýa Aýuw dagy
bolaýmaýyn men...
Nowşirwan ony öňürti öýe salyp naharlajak boldy. “Ýadap gelensiň, dynjyňy
al, syrkawa soň seredersiň” diýdi. Emma ol nahar-şordanam dynç almakdanam keskelläm ýüz öwürdi. Häziriň özünde syrkawy görkezmeklerini talap etdi.
–Siziň bu dar şäheriňizde demigip ölesim gelenok, syrkawyňy gördügim
beder gitjek yzyma... Ajyksam ýolda-da iýip-içibilýän men.
Artykmuhammet onuň aýdanlaryny gylyny gyşartman öý eýelerine terjime
edip berdi. Ýöne, ýylmabyrak, gödegräk ýerlerini aýyrybrak terjime etdi.
Şondan soň Maman apany syrkaw çaganyň ýanyna eltdiler. Garaja galpaklyja
balkyldap duran garaja gözleri haraýly bakýan, gaýmak çalnan ýaly akja hem ter
ýaňajyklaryndan nur, gabajyklaryndan mähir dökülip duran gyzjagazyň bolup
ýatyşy tebibiň ýüregini tisgindirdi.
–Wah, wah, wah! Adyňdan aýlanaýyn perişdejigim! Garaja gözleriňe
döneýin, jan oşym. Derde ulaşaýdyňmy? Hany näme bolýa, eneňe aýt, agyrýan ýeiňi
görkez...
Ýolboýy gatyrganyp, sögünjiräp gelen kempiriň dilinden bular ýaly süýji
sözleriňem çykybiljek ekendigine geň galan Artykmuhammet onam terjime etdi.
176
Perişdäniň ejesi Aýşa hanym dik duran ýerinden egilip, Maman apanyň
egnine elini goýdy.
–Gün-günden solup gidip barýa. Gaýrat ediň... Gadryňyzy bilmek meň bilen...
Maman apa onuň ýüzüne-de seretmän, agzyny-burnuny towlady.
–Suwjarmaňda-da ediler şol edilmeli zatlar, şondan şuňa şü diýip gelen
bolsak... Sen ýöne gaýyrrak çekil-de, gyza seredere maý ber maňa. Gowus-a çyk.
Hemmelerem çyksynlar.
Artykmuhammet onuň bu sözüniň diňe ikinji bölegini terjime etdi. Şondan
soň öýde kim bar bolsa, barysy çykdy. Maman apa syrkaw çaga bilen ikiçäk galdy.
Perişdäniň haly Teke hanyň gelip gidendäkisindenem agyrlaşan ekeni. Aýşa
hanymyň aýdyşy ýaly ol hazana giriftar bolup, gün-günden solup barýan nepis bir
güle meňzeýär.
Maman apa syrkawyň eşiklerini aýyryşdyrdy. Ilki ýüzün, soň arkan ýatyryp,
aýasy bilen garnyny gasygyny, arka-boýnuny, oňurgasyny sypalaşdyrdy,
barmaklarynyň ujy bilen gapyrgalarynyň aralaryna basyşdyrdy. Her ýere baranda:
“Şu ýeriň agyrýarmy, bu ýeriň agyrýamy, ine, bu ýeriň nädýä, indi nädýä, gaýyrrak
bassam nädýä...” diýip sorady. Boldum edenden soň eşiklerini geýdirdi gapa baryp
hossarlaryny çagyrdy.
Nowşirwan bilen Aýşa hanym ikisem ýüzlerini aktam edişip içerik gorkuly
ätlediler. Olaryň yzy bilen Artykmuhammedem girdi. Üçüsem soragly hem aladaly
nazarlaryny tebibe dikip, onuň näme diýerine sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Aýşa
hanym bilen Nowşirwanyň-a tutuş göwreleri bilen galpyldaýandyklaram bildirdi.
Perişde bolsa gözjagazlaryny bir tebibe, bir ata-enesine dikip, sessiz-üýnsiz ýatyr.
Maman apa el hereketi bilen öý eýelerine “oturyň” diýen yşaraty etdi. Olar
oturanlaryndan soň:
–Gyzyňyzyň üç-dört sany oňurgasy ornundan üýtgäpdir – diýip, asuda hiç bir
gorky-ürküsiz halda parahat seslendi. –Çagany bükreýdenem, güýlenem,
gasygyndaky çişi döredenem şol. – Ol töweregindäkileri haýran galdyryp ýylgyrdy.
– Ýöne, gorkmaň. Gaýgam etmäň. Alla bizlik bolsa hassaňyzyň derdi dep bolar.
Tebibiň agzyndan näme çykarka, diýip, agyr alada astynda duran Nowşirwan
begenjine gapdalynda duran aýalyny garsa gujaklanynam bilmän galdy. Aýşa
hanym bolsa aglady. Soň ikisem baryp Perişdäniň gapdalynda çökdüler. Onuň ýüzgözünden ogşadylar. Uýalarynyň gutuljakdygyny eşidip, Nowşirwanyň daş işikde
heşerenişipjik duran beýleki çagalaram, goňşy-golamlaram, dogan-garyndaşlaram
begenişdiler.
Perişdäniň özi hemmedenem beter begendi. Begenjine garaçyny bilen aglady.
Akja gollaryny uzadyp ejesiniň boýnundan aslyşdy. Kakasynyň elinden, ýüzünden
ogşady. Şondan soň onuň ýüzjagazy jöwherlenen, gözjagazlarynyň röwşeni artan
ýaly boldy. Birenaýyja dodaklary Hyradyň pissesi deý çalaja çyzylanda, körpe,
guzunyňky ýaly ap-akja dişleri öwşün atyp gitdi.
Maman apa diňe şondan soň arkaýyn oturyp garbandy. Öý eýeleri bilen
ondan-mundan gün-güzeran barada arkaýyn gürrüň etdi. Töwürden soň Aýşa hanym
bilen Nowşirwany çat maňlaýynda oturdyp, em üçin gerek bolaýjak zatlary ýekeýeke sanady.
177
–Üstünden üç ýyl aşan saryýag, bir sany öň mazaly ulanylan ýag meşigi, çöri
gaýnadyp alnan garaýag, ýumurtga ýagyndanam taýýarlabileniňizi taýarlaň-da bir
aýlap gyzyňyza günde bir gezekden ýarym käsejig-ä ýag içiriň, günde bir gezegem
güneşe çykaryň-da, oňurgasynyň yzaly ýerine ýumurtganyň ýagyny çalyň, ýag
meşigini bolsa gasygyndaky çişe daňyň-da, bir aýlap aýyrmaň. Şu zatlary berjaý
edip bolanyňyzdan soňam meni çagyryň.
Ýadyndan çykarmazlyk üçin, Nowşirwan aýdylan zatlayň barysyny jikme-jik
kagyza ýazyp aldy. Düşünmedik ýerlerini çintgäp-çintgäp sorady. Ahyram:
–Galan zatlar-a düşnükli welin, şü garaýagy näme etmeli – diýdi.
–Oň bu wagt geregi ýok. Ýöne tapyp goýuň. Gelemde taýýar bolup dursun. –
Şeý diýgeç ol etegine ot düşen ýaly “alahasyrdy” bolup ýerinden turdy. – Indi bolsa
meni ugradyň.
Eýýämhaçan daş işikdäki köwüşleriň arasynda aýagyny hokgasyna sokjak
bolup “hykgyldap” duran, geň häsiýetli bu, tebibi öňüniň gijedigini, atyňam,
Artykmuhammediňem ýadawdygyny, ýollaryň bolsa asyl-ha howpsuz däldigini, has
beterem “Eşek gerişden” geçmekligiň kyn boljakdygyny aýdyp zordan sakladylar.
“Ine, daň ataram welin, ýoluňyz açyk, sizem arkaýyn borsuňyz, bizem” diýdiler.
Ertesi irden Gün dogar dogmazda, Artykmuhammet ony alyp gitdi.
Ýaz pasly bolansoň, şäherden çykyp ilki baýyrlyga, soň kemerli dag
gerişlerine aralaşmaklary bilen, howa mazaly üýtgedi. Gülälekleriň, dürli dermanlyk
otlaryň , akar çeşmeleriň hoştap ysy bilen garyşyp gelýän dag howasy Maman
apanyň dar şäherde leji çykan ýadaw göwresine gurp berdi. Artykmuhammet bilen
bir zatlar barada gürleşesi geldi. Ýöne, o-da eýýäm öz ýanyndan göwni göterilip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 19
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.