Latin

Salyr soňy Sarahs - 05

Total number of words is 3621
Total number of unique words is 2025
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şeýle-de bolsa, ok degip garny ýarylan, başsyz galan bäşdir-üçdir ulyly kiçili
mallary, ot düşüp ýangyn döredendigi sebäpli ähli öý goşlary küle öwrülen käbir
hojalyklary, ýataklary, howlulary, top okunyň gyýçagyndan heläk bolan ýekeje
adamy hasap etmeseň atyşygyň bütin dowamynda goraýjylardan hiç hili ýitgi
bolmady.
Diwaryň üstünde we dişleriň içinde durup juda ökdelik bilen atýan mergen
ýigitler duşmanyň bir ädimem öňe süýşmegine maý bermediler.
Garaňkynyň düşmegi bilen top oklarynyň gelip düşmesi bütinleý kesildi.
***
Goraýjylar uzynly gijäni gezek-gezegine şöwür çekip, çirim etmän geçirdiler.
Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bolsa galadan atylyp çykdylar-da, dünýeden bihabar,
süýji ukuda ýatan serbazlaryň çadyrlaryna çozdular. Ep-eslisiniň janlaryny
jähenneme iberdiler.
Türkmen ýigitleriniň duýdansyz ýagdaýda görkezen bu gahrymançylyklary
duşmany diýseň aljyratdy. Bujagaz köneje galanyň içinde oturan bäş öýli taýpadan
olar asla garşylyk bolaram öýtmeýärdiler. Türkmenleriň bu aýgytly hereketleri hatda
ors-eýran urşuna gatnaşan Apbas Mürzäniň özünem haýykdyrman durmady.
***
Şol wakadan birnäçe wagt öň, Horasana eden nobatdaky ýörüşleriniň iň
soňkusyny tamamlap Hywa gelýän wagty, Allaguly han öz wepaly hyzmatkäri
Muhammetnyýaz Ýasawulbaşyny ätiýaç üçin bir garnizon goşun bilen Maryda
galdyryp gaýdypdy.
Apbas Müräniň Horasanda edip ýören soňky hereketlerinden habarly,
salyrlaryň üstünden geçdigi onuň bir durman Mara, ondanam Hywa geljekdigine
gözi ýetip duran, şeýle-de özüni ençeme şowsuzlyklara uçradandygy üçin,
horasanlylardan ýaňa içi ýanyp duran Allaguly han, haýal etmän, Sarahsa ugramak,
salyrlara kömek bermek barada Mara – Muhammetnyýaz Ýasawulbaşa buýruk
gönderdi.
Ýasawulbaşy hem haýdan-haý ýomutlaryň tanymal kişisi Durdy kel serdaryň,
teke beglerinden Teran beg bilen Oraz perwanaçynyň, saryklardan molla Öwez
serdaryň, müjewürlerden Baba şyhyň, Muhammet şyhyň hem-de Ýary şyhyň, ataly
serdarlardan Şir atanyň ýolbaşçylygynda algyr bürgüt kimin gaýduwsyz ýigitlerden
uly bir leşger düzüp Sarahsa ýollady.
40
Olar Sarahsa gelişleri ýaly duýdansyz turan tupan deý, indi birneme özlerini
tijäp gaýtadan gala zabt edip ýören duşmanyň üstüne howala boldular. Bir zarbada
derbi-dagyn etdiler, ençemesini ýesir aldylar. Ýalantuş galan goşuny bilen gözgülban halda özüni zordan henizem Nowruzabatda goşunyň esasy böleginiň
ýanynda bolýan Apbas Mürzäniň huzuryna atdy.
Bu ýagdaý galany goraýjylary ilk-ä diýseň geň galdyrdy. Olar öz gözlerine
ynanmajak boldular, asla kömege gelenleriň kimdiklerinem bilmediler. Nämäniňnämedigine göz ýetirenlerinden soň welin, şeýle bir begendiler, duran-duran
ýerlerinde ýumruklaryny düwüşip, gylyçlaryny bulaýlaşyp:
– Bizler halas bolduk! Bizler indi azat! Doganjyklarymyz geldi, olar bizleri
halas etdiler! – diýşip, gygyryşdylar. Derrewem galalaryndan çykdylar-da, kömege
gelen goşun bilen bilelikde duşmanyň ätiýaçlykda duran böleginem dyza çökermek
üçin gykuwlaşyp Nowruzabada tarap at goýdular. Pyýadalara galanyň töwereginde
bolmaklygy, naçarlary, oglan-uşaklary, garrylary goramaklygy tabşyrdylar.
Halkyň galanyň içindäki şol, goraga mätäç bölegi bolsa begençlerine
aglaşdylar. Halas edendigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdiler.
– Men aýtdym-a, gelerler diýdim-ä – diýip, şo-ol, ýüzi menekli saryýagyz
ýigit atlylaryň arasy bilen ýüzini tot-tozan edip barşyna “jyňňyl-jyňňyl” etdi. Ony
hiç kim eşitmese-de çep gapdaly bilen at gorduryp gelýän garaýagyz gartmaç
pyýada eşitdi. Derrewem jogabyny berdi.
– Näme bular Hytaýdan ýa Osmanly ýurdundan gelendirler öýtýäňmi?
– Aý, haýsam bolsa zyýan-a degmez.
Oňa çenlem Nowruzabada golaýladylar.
Şondan soň, Apbas Mürze Horasanlylara demlerini dürsemek üçin maý hem
bermedi-de, jeň meýdanyna özüniň uruş başlanaly bäri ätiýaçda duran döwletlik
goşunyny sürdi. Demgir duran şa goşuny ur-tut hem ýadaw, hem uruşdan halys
bizar bolan türkmen ýigitleri bilen Marydan gele kömekçileriň arasyna girdiler we
hersini bir tarapa gysyp başladylar.
Söweş diýseň gazaply boldy. Oňa çenli Ýalantuşyň ýap-ýaňyja ýeňse beren,
Horasanlylardan ybarat goşunam özüni dürsedi-de, sallam-sajagrak, öňli-soňlurak
hem bolsa hökümet goşunyna gelip goşuldy.
Söweşiň jogapkärçiligini indi Apbas Mürzäniň ýeke özi üstüne aldy. Ol jeň
meýdanynyň ähli mümkinçiliklerinden şeýle bir ussatlarça peýdalandy welin, galany
goraýjy ýerli türkmenler özlerine kömege gelen goşun bilen hatda hoşlaşybam
ýetişmediler.
Kömege gelenlerem ýagdaýyň birdenkä beýle çylşyrymlaşanyny görüp, ur-tut
atlarynyň başyny gelen ugurlaryna bakan öwürmek bilen boldular. Sarahslylaram
sap atyp gabawdan çykdylar we duşmanyň öňünde kelterak bir öwrüm edäge-de,
“gykuwlaşyp” yzlaryna dolandylar, gelibem ýap-ýaňyja uly umyt bilen çykyp giden
derwezelerinden kürseşip girdiler.
Begençlerine aglaşyp oturan naçarlar indi ýene-de gara günleri üçin
aglaşmaga başladylar.
Bally Mährem hemmeleri mertlige, ejizlige, esasanam duşmana syr
bildirmezlige çagyrdy.
41
Olaryň hemmesi ýene-de diňe öz güýçlerine bil baglamalydyklaryna ýa
ölmeli ýa almalydygyklaryna, üçünji bir ýoluň ýokdugyna düşündiler. Şonuň
üçinem, hüjüm näçe gazaply bolsa, garşylygam şonça güýçli boldy. Soňabaka
goranyşa gollary çomuç ýaly gelinlerem barmaklary sülük ýaly sülmüreşip oturan
gyzlaram goşuldylar. Hatda garry-gurtylaram, oglan-uşaklaram gollaryny gowşuryp
oturmadylar. Güýçleriniň çatdygyna görä ýetdik kömeklerini berdiler.
Nazarmuhammet han, Berdimyrat han ýaly diňe galanyň içindäki ýagdaýa serenjam
berip ýören adamlaram söweşe goşuldylar.
Goşun şondan soňam dokuz gije-gündizläp galanyň daşyny gabap ýatdy.
Häli-şindi uly goh hem galmagal bilen ähli tarapdan çozdy durdy. Toplaryň birsyhly
ýaňlanyp duran gümmürdisinden ýaňa galadakylaryň gulaklary kamata geldi.
Şeýle-de bolsa, olar duşmanyň ähli çozuşlaryny erjellik bilen yza
serpikdirdiler. Göreşi tutanýerlilik bilen dowam etdirdiler. Dogum, gaýrat,
çydamlylyk görkezdiler. Şol aralykda hem Nazarmuhammet hanyň aýy-güni ýetik
aýaly ogul dogurdy. Ony ogly bilen bilelikde, ýanynyň on bäş sany atlysy bilen,
galadan çykarmak we Ýolötene ugratmak salyrlara başartdy.
***
Ýöne olaryň gahrymançylyklary welin uzaga çekmedi. Çünki, ok-ýarag,
azyk-suw ýetmezçiligi halky halys egbarlatdy. Ýadawlyk basdy. Ýaralanýanlaryň
sany artdy. Her dürli keselçilikler ýüze çykdy. Günüň-gününe köpelip gidip barýan
ölüm-ýitim bolsa adamlaryň aňkasyny aşyrdy.
Bally mährem ýaly iliň öňüne düşüp, halkyň ruhuny göterip ýören dogumly
adamlaryň wepat bolmagy bolsa, Nazarmuhammet han, Berdimyrat han ýaly diri
galan kethudalaryň öz ýagdaýlaryna gaýtadan seretmeklerini talap etdi.
Olar her tiräniň, urugyň, bölegiň baştutanlaryny bir ýere ýygnadylar-da, ýüze
çykan ýagdaýy göz öňüne tutup, iň bolmanda halkyň galan bölegini bir bu,
köptaraplaýyn gyrgynçylykdan halas etmek üçin, goranyşy bes etmeli, duşmana
boýun egmeli, galany tabşyrmaly diýen teklibi orta atdylar.
Elbetde, dyzmaç ýigitler bu gezgem başdaky ýaly kethudalaryň gelen
netijeleri bilen ylalaşmajak boldular.
Ýöne, Nazarmuhammet han bu gezek olara juda berk darady. Bütin süňňi
bilen saňňyldap durşuna:
– “Gury namys göt ýyrtar” etjek bolmaň, ýigitler – diýdi. Hor, uzyn hem
aksowult barmaklaryny ýeke-ýeke bükdi. – Ok ýok, ýarag ýok, gylyja girere bolsa
adam sanymyz az, çozara ýagdaýymyz ýok, diňe goranyp oturmaklygyň bolsa soňy
barybir şoňa barýa... ýa salyryň tohmunyň tükenmegini isleýäňizmi?..
Şondan soň ýigitlerem hakykatyň gözüne göni seretmeli boldular. Başga bir
çykalganyň ýokdugyna göz ýetirdiler. Ýaşulylaryň aýdanlary bilen razylaşdylar.
Uludan sowuk demlerini aldylar-da, gylyçly gollaryny aşak goýberdiler.
Gepleşige gitmeli adamlaryň kim-kimler bolmalydygy belli edilmänkä-de
duşman ähli diwarlar boýunça özüniň nobatdaky hüjümine başlady. Üstlerinden
aşyryp galanyň içine atmak arkaly topçular olary penaladylar.
Ýöne, galany goraýjylar bu gezek olara hiç hili garşylyk görkezmediler. Elleri
ak baýdakly, derwezeden tasaşyp çykan adamlaryň ýaraşyk baradaky gygyryşyp
aýdýan sözlerine ne serbazlar, ne olaryň serkerdeleri hiç km üns bermedi. Şondan
42
soň galanyň içindäkileriň hemmesi diýen ýaly “aman” dileşip dyzlaryna çökdüler.
Aýallar ýüzlerini ýyrtyşyp saçlaryny ýaýdylar, depelerinden penje-penje gum
guýdular, aglaşdylar.
Galanyň bu gezek hiç hili garşylyksyz alnandygyna ilk-ä haýran galan, soňam
uçursyz begenen Ýalantuş öňdäki hatarlaryň birinde horasanlylara buýruk berip
ýören ýerinden atyny däbşenekledip geldi-de, derwezeden urup girdi. “Aman”
dileýänleriň üstüne howala bolup durşuna gylyjyny çoçjaýdyp:
– Indiden soň bize amanyňyz gerek däl! Bizem indi size syrtyňyzy Hywa
diräp, bize görkezenje oýunlaryňyzy görkezeris! – diýdi. Soň gylyjynyň ujuny
gapdalynda buýruga garaşyp duran serbazlara tarap gönükdirdi. – Şorug konug1...
Şol buýrukdan soň, näçe günläp dowam edip gelen gyrgynçylykly uruşdanam
has aýylganç talaňçylyk başlandy.
Bu ýagdaýy görüp, ýaş ýigitleriň uly bolmadyk bir Nopary täzeden
gylyçlaryna ýapyşdylar. Ýaşulylar indi olara bir zat diýjegem bolmadylar. Asla bu
wagt hiç kimiňem hiç kim bilen işi ýok. Her kim öz başyna gara gaý.
Derwezeden birneme gijräk giren Apbas Mürze “aman” dilänlere aman
bermändigi, serbazlary ur-tut talaňçylyga küşgürendigi üçin, Ýalantuşy halkara
diplomatiýasynyň düzügnlerini bilmeýän, körzehin serkerde hökmünde aýyplap
üstüne gygyrdy, apyla-sapyla sowulandan soň temmi berjekdigini aýdyp, garaçyny
bilen haýbat atdy. Hälki, bir bölek ýigidiň täzeden söweşe başlandygyny görübem,
Ýalantuşa tarap elini silkdi-de atynyň başyny şol tarapa öwürdi.
Garşylyk görkezýän ýigitleriň sany otuzdan köp däldi. Ýöne, olar öz
daşlaryny gabap alan iki ýüzdenem gowrak serbaza şeýle bir garşylyk
görkezýärdiler welin, daşyndan seredeniňde serbazlar däl-de olaryň özleri hüjüm
edýäne meňzeýärdi. Käte bir tarapa gysyp-gysyp serbazlary ýaý görnüşine
getirýärdiler, käte ortalaryna girip olardan tegelek halka ýasaýardylar. Ýöne,
halkany böwüsmek, galadan çykyp gaçmak hakynda welin pikirem etmeýärdiler.
Çünki, olar bu wagt dirilik üçin däl-de, ölüm üçin söweşýärdiler, gaçyp gutulmak
üçin däl-de, iň soňky demlerine çenli söweşip, Watanyň, topragyň öňündäki
borçlaryny berjaý etmek, ganlaryny şoňa garmak, gurban bolmak üçin göreşýärdiler.
Ajal – diýen söz ol wagt olar üçin öz hakyky manysyny ýitiripdi.
Howwa, olarda başga niýet ýok. Şonuň üçinem, hiç zatdan gorkanoklaram,
hiç zady ýatlaryna-da salanoklar. Ho-ol ýerde durup özlerine tarap telpeklerini
bulaýlaşýan Nazarmuhammet handyr Berdimyrat hanyň näme diýýändiklerini bolsa
aňşyranoklaram, aňşyraslaram gelenok.
Her demsaýy ýitgi çekýändiklerine garamazdan, serbazlaryň sany köpelmese
azalanok. Çünki, olara gelip goşulýan köp. Ýigitleriň sany welin gitdigiçe azalýar.
Türkmen ýigitleriniň içinden olara-da gelip goşuljak kän, ýöne, olary birinjiden-ä
han-begler goýberenoklar, ikinjidenem aýal-gyzlar, çagalar, garrylar çyr-çykylyk
bolşup öňlerini gabsaşyp durlar.
Ine-de söweşýän ýigitleriň sany ona, bäşe, üçe geldi.
1
Başlaň... (parsça)
43
Şol wagtam Apbas Mürze serbazlara “Duruň!” diýip buýruk berdi. Serbazlar
çekilenlerinden soň ol gözleri ganguýma gyzyl bolan, üsti-başlary sal-sal, tyg
degmedik, gan çykmadyk ýeri galmadyk türkmen ýigitlere:
– Bar, gidiberiň, siz azat – diýdi. Soň serbazlara ýüzlendi. – Degmäň! Goý
gitsinler.
Ýigitler welin ýerlerindenem gozganmadylar. Üçüsem bir wagtyň özünde,
edil öňünden dilleşilip goýan ýaly gylyçlaryny çep gursaklaryna dirediler-de,
özlerini atlaryndan dikbaşaşak goýberdiler.
Apbas Mürze şol üç ýigidi aýratyn bir ýerde, hormat bilen jaýlamaklygy
türkmen ýaşulylaryna tabşyrdy.
Islendik uruşda bolşy ýaly bu gezegem salyrlaryň ähli emläkleri ýeňijileriň
haýryna geçdi. Olara ummasyz olja düşdi. Aýal-gyzlary ýesir edip, serbazlaryň bir
böleginiň ugratmagy astynda Eýrana sürdiler. Olardanam başga ýene üç ýarym müň
öýlini maşgalasy bilen birlikde günübirin dagdan aşyrdylar. Şolaryň arasynda
Annagurt han we onuň bilen bilikde Apbas Mürzäniň Nowruzabatda girew alyp
galan adamlary, Maşatda tussag ýatan elli sany ilçiniň aýallary hem bar.
Apbas Mürzäniň bir özi üç müň öýli salyra we üç ýüz sany saýlama bedew ata
eýe boldy. Däne gorlarynyň hemmesi syrylyp-süpürilip Maşada äkidildi. Galalary
ýumrulyp, obalary ýer bilen ýegsan edildi.
Bu elhenç gyrgynçylyk we talaňçylyk, salyr türkmenleriniň baryp-ha Oguz
han döwründen bäri gelýän şan-şöhratlarynyň hem-de soňky döwürlerde
Horasandaky, şeýle-de Merkezi Aziýadaky eýeleýän ähmiýetli orunlarynyň kemkemden, soňy bilen gutarnykly suratda aşak gaçmagyna günleriiniň ýaşmagyna esas
goýdy.
Şondan soň olar gaýdyp galynmadylar. Uzak wagtlap yzygiderli suratda,
harby
şowsuzlyklary,
tozgunçylyklary,
göçhä-göçlükleri
ynjytmalary,
kemsidilmeleri başdan geçirdiler we oguz-türkmen taýpalarynyň şejeresinde iň irki
orunlaryň birini eýelän, güýçli taýpa bolanlygyndan üçünji derejeli, türkmeniň iň bir
garyp hem ejiz taýpasyna öwrüldiler.
Öňden göz öňüne tutup gelşine görä, şondan soň Apbas Mürze beýleki
türkmen taýpalarynyň üstüne – Mara, Ýolötene, Pendä ondan soň Hywa, Buhara
tarap ýörüş etmelidi. Olaram özüne tabyn edip, tutuş sebitde agaýana höküm
sürmelidi.
Bu niýetini onuň hiç hili ýitgisiz, goşunyna pida çekdirmezden, abaý hem
syýasat arkaly amala aşyrasy geldi. Çünki, onuň pikiriçe, salyr türkmenleriniň
şahyna urlan taýak, beýleki türkmen taýpalarynyňam süňňüni syzlatmalydy, yşarat
bolup hyzmat etmelidi.
Şonuň üçinem, ol, şol wagt Tejen derýasynyň aşak akymyndaky Garrybent
diýen ýerde oturan tekelere, salyrlaryň öňden bäri Ýolötende oturan bölegine,
Marydaky saryklara hat iberdi. Şol hatynda ol agzalan taýpalaryň gowulyk bilen öz
raýatlygyna girmeklerini hem-de yzygiderli suratda, bellenen möhletde paç töläp
durmaklaryny talap etdi.
Sarahsdaky salyr türkmenleriniň düşen gözgyny ýagdaýlary garyndaş hem
golaý goňşy hökmünde öňi bilen Ýolötende oturan salyrlara has agyr täsir edip di.
44
Üstesine, sarahslylaryň gyrgynçylykdan we ýesirlikden diri sypanlaram
yzanda-çuwan bolşup, şol tarapa bosupdylar.
Edil şol döwrem ol ýerde öňden oturan salyrlara Apbas Mürzäniň talap haty
gelip gowuşdy.
Sarahsdan gelen salyrlar-a eýýäm Eýranyň raýatlygyna girdi hasap. Öňden
oturanlaram ur-tut maslahat çagyrdylar-da: “Şeýtmesek bizem garyndaşlarymyzyň
gününe düşeris” diýen gorky bilen köp çekeleşibem oturman, Eýranyň raýatlygyny
kabul etmeli diýen netijä geldiler we gelen kararlaryny aýan etmek üçin, Apbas
Mürzäniň ýanyna ýedi adamdan ybarat ilçi ugratdylar.
Salyrlaryň iki böleginiňem Apbas Mürzä boýun sunmaklary, raýatlyk sorap
hem hat, hem ilçi ibermekleri, Hywa hanynyň Ýolötendäki dikmesi
Muhammedemin begi otdan alyp suwa saldy. Eden töwellalary welin salyrlaryň ýele
ýanyndanam geçmedi. Ahyram ol ýüze çykan ýagdaý bilen hany elinjek habardar
etmek üçin, Ýolöetende öňden oturan salyrlaryň içinden Hywa hanyna wepaly bolup
galmaklyga, Eýranyň raýatlygyny kabul etmezlige yrybilen adamlaryny – bir işany,
şeýle-de birnäçe ýaşulyny ýanyna alyp, günübirin Hywa depdi.
Apbas Mürzäniň özüne haýbat atyp ýazan haty bilen tanyşdyrmak maksady
bilen, Mary galasynyň baştutany Nurmuhammet baý hem şol bir wagtyň özünde şol
tarapa jünedi.
Özüne raýat bolup oturan salyr tükrmneleriniň Sarahsda beýle naýynsaplyk
bilen çapylmaklary, talanmaklary, galalarynyň ýumrulmaklygy, ýurtlarynyň ýer
bilen ýegsan edilmegi, ebetde, Hywa hanynyňam çetini gyzdyrman durmady. Ol
muny salyrlaryň üsti bilen özüniň äsgermezlik edildigi saýdy. Namys etdi. Şeýle-de
bolsa, ol Eýrana goşun sürüp, öz raýatlarynyň aryn-a alyp beribilmedi welin, ýöne,
her-hal elli müň tümen puly elinje töläp bäş müň sany salyry ýesirlikden-ä boşatdy.
Egerde, ajal ara düşüp, bar zady başgaça çözmedik bolsady, onda ýeke bir
Hywa hanlygyna raýat bolup oturan däl, eýsem beýleki türkmen taýpalarynyňam
başyna Apbas Mürzäniň nähili külpetler saljak ekendigini, Sarahsda başlanan şol
gyrgynçylygyň haçan nirede we nähili ýagdaýda gutarjak ekendigini bu günki gün,
şunça wagt geçenden soň aýtmagam kyn, çaklamak ondanam kyn. Üstesine,
onuňam göwni edil Ak patyşanyňky ýaly ýeke bir goňşy oturan türkmen
taýpalaryny – Maryny, Hywany we Buharany boýun egdirmek däl, eýsem, şol
ýurtlaryň üsti bilen Balha, Hyrada çenli baryp ýetmek barada hem telwas edýärdi.
Emma, Eýran tagtynyň mirasdüşeri, şazada Apbas Mürzäniň bolup ýörşi,
göwnüne düwen niýeti Biribara-da ýakmadyk bor-a çemeli, Horasany mugyra
getirip, Sarahsy çapandan ylaýyk bir ýyl soň, ýagny, 1833-nji ýylda ol birdenkä
kemçilik tapdy-da, dünýäniň bar aladasyndan dynyp, bakyýa bakan hemişelik göç
eýledi.
Horasan, külli türkmen taýpalary, Mary, Hywa, Buhara barysy bilelikde,
uludan, sowuk demlerini aldylar.
Şondan soň bir ýyl geçip geçmänkä, Fethaly şanyň özüniňem aradan çykmagy
bilen, köşk emeldarlarynyň ünsüni Apbas Mürzäniň arzuw edip giden etsemgoýsamlaryndan ymykly sowan, özara içki agzalaçylyklar, dawalar, göreşler,
söweşler başlandy.
45
Bu bolsa, Hywa hanynyň az wagtlyk elden gideren ýerlerini, hususan-da
türkmen topragynyň günorta çäklerini, şol sanda Sarhasy hem yzyna gaýtaryp
almaklygyna mümkinçilik döretdi.
VI
Ýolöten
Hywa hanlygynyň tabynlygyndaky parahat durmuş birsydyrgyn, öz akymyna
gidip duran hem bolsa, Sarahsdan gaýdan salyrlar ol ýerde ymykly ornaşanlaryndan
soň, megerem ätiýaç üçin bolsa gerek, ol ýerde öňden oturan garyndaşlary bilen
bilelikde, meşhur Ýolöten galasyny gurdular.
Ýöne, özlerini Apbas Mürzäniň çapawulçylyklaryndan gorap bilmändigi, öz
raýatlygyna salmak üçin atan haýbatlaryna jogap berip bilmändigi üçin beýleki
türkmen taýpalary ýaly salyrlarhem Hywa hanyna bolan nägileçiliklerini dillerinden
düşürmeýärdiler. Bu barada olar hatda Hywa hanynyň öz aralarynda ýaşap ýören
dikmeleriniň ýanynda hem açykdan-açyk aýdýardylar.
Hywa hanynyň raýatlygyndaky türkmenleriň aňyna ornaşan we ýüreklerinde
kine goýan şol syýasy ýagdaý elbetde, wagty bilen Buhara emiri Nasrulla hem baryp
ýetdi. Onuň bu ýagdaýdan peýdalanasy geldi we derhal özüne bähbitli işleri amala
aşyrmaklygy ýüregine düwdi.
Şol niýet bilenem ol öz adamlaryny gizlin halda türkmenleriň arasyna iberip,
ýüze çykan ýagdaýyň magadyna ýetdi, hakykatdygyna göz ýetirdi we 1841-nji
ýylda, türkmen taýpa begleriniň hersine aýry-aýrylykda, aşaklyk bilen hat gönderdi.
Şol hatynda ol türkmenleri Hywanyň raýatlygyndan çykyp öz raýatlygyna
girmeklige çagyrdy. Egerde şony edip bilseler, Alla görkezmesin welin, bardy-geldi
düýnki ýaly Eýran ýa başga biri bilen bulaşyklyga düşäýen halatlarynda Hywa hany
ýaly syrtyny çöpe diräp durman, duşman bilen döş direşip öz raýatlaryny
gorajakdygyny öwran-öwran tekrarlady.
Hernäçe ýaşrynlyk bilen edýän hem bolsa, onuňam bu hereketleri barybir
Hywa hanyna aýan boldy.
Şonuň üçinem, on ýedi ýyllap Hywa hanlyk eden we soňky Horasan
wakalarynyň esasy sebäpkäri bolan Allaguly hanyň ornuna ýap-ýaňyja, geçen
Rahymguly han derhal goşun toplady-da, Mary sebitlerinde oturan türkmenleriň
üstlerine ýörüş gurnady. Ýöne, harb etmedi. Gaýtam Daşgorgan, Anthoý,
Galaýynow ýaly ýerlere baryp, ýerli ilat bilen gowy gatnaşyklara girdi. Han-begler
bilen mylakatly gürleşdi. Buhara emiriniň hajyk-hujuklaryna ynanmazlyklaryny
haýyş etdi.
Şondan soň ol hazarylar bilenem arasyny sazlap, Tagtabazara tarap gitdi.
Ondanam günorta, Eýran serhetlerine sary ugur aldy.
Horasandaky işlerini bitirip yzyna gaýdyşyn ol Pendide düşläp,
türkmenlerden zekat ýygnady, jemşidileri bolsa näme üçindir Hywa sürdi. Saryk we
salyr beglerine gymmat bahaly serpaýlar ýapdy.
Şeýlelikde, Rahymguly han Mary sebitlerindäki raýatlary bilen özüniň öňki
gatnaşyklaryny ýola goýdum, olary razy etdim, öýke-kinelerini ýazdym. Buharanyň
öz garşysyna aşaklyk bilen gurnan hilesiniň öňüni aldym hasap etdi.
46
Ýöne, ol munuň bilenem çäklenmedi. Gorkan öňürtilär etdimi ýa öňürti ursam
emiriň sussuny basaryn öýtdümi şondan laýyk bir ýyl geçenden soň ol Buharanyň
hut özüne urgy bolyp biläýjek ýörüş gurnady, ýagny, Çärjewe hüjüm etdi.
Emma, bujagaz çäreler barybir Mary sebitindäki türkmenleriň Hywa hanyna
bolan öňki nägilelikli gatnaşyklarynyň, öýke-kineleriniň öňüni alyp ýa-da olaryň
Buhara bilen saklaýan aragatnaşyklaryny togtadyp bilmedi.
Muny Rahymguly hanyň özem aňdy.
Şonuň üçinem, kellesini juda köp agyrdan bu meseleden gutarnykly dynmak
üçin, 1843-nji ýylyň aýaklarynda ol öz dogany Muhammet Emin ynagy şol ýerde
tertip-düzgüni ýola goýary ýaly, serenjamy hertaraplaýyn üpjün edilen goşun bilen,
Mary sebitine ýollady. Muhammet Emin baryp, Hywanyň Marydaky dikmesi
Ýazmuhammet baýyň galasyn da ýerleşdi. Edil şol wagtam oňa Buharalylaryň
Hywa hanlygyna ýörüşe taýýarlanýandyklary barada habar gelip gowuşdy.
Muhammet Emin yzyna dolanmaga agasyndan ýörite buýruk almadyk hem bolsa,
gelen habardan özüçe many çykardy-da, Marydan göterildi we Hywa tarap ýola
düşdi.
Olaryň bu aljyraňňylyklaryndan peýdalanyp, tekeleriň, saryklaryň we
salyrlaryň öňdenem Hywa goşuny bilen uruşmaklyga taýýar bolup duran birleşen
güýçleri Marydan çykyp-çykmanka Muhammet Eminiň gaýdyp barýan goşunynyň
üstüne çozdy. Hywalylar dyr-pytrak bolşup, gaçmaga mejbur boldular.
Şondan soň türkmenler yzlaryna dönüp, Muhammet Eminiň ýap-ýaňyja
düşläp giden galasyna geldiler, ony taladylar, gala eýesi Ýazmuhammet baýyň özüni
bolsa, Hywa hanyna gulluk edendigi üçin, ilen-çalanlary bilen bilelikde
jezalandyryp öldürdiler.
Mary we onuň sebitleri şondan soň uzak wagtlap Buhara raýat bolup oturdy.
Şol döwür Maryda Buharanyň dini we syýasy dikmeleri ot urdylar, halkyň içinde
wagyz-nesihat işlerini geçirdiler, Buhara emirliginiň şertini düzgünlerini ýöretdiler.
Kazyçylyk işlerinem şolar alyp bardylar.
Mary sebiti bilen Byhara emirliginiň arasyndaky söwda gatnaşyklary şol
döwür henize çenli görlüp-eşidilmedik derejede gowulaşdy. Salyr- we saryk täjirleri
Repetek ýoly bilen at tezegini guratman Buhara gatnadylar.
Olar hususan-da däne söwdasy bilen meşgullanýardylar. Bu bolsa şol döwür
Murgap derýasyndaky Soltanbendiň dikeldilip işe girizilmegi we suwarymly
ýerleriň köpelmegi bilen baglydy.
Buharanyň Marydaky edara ediş merkezi şol wagt Baýramalydy. Ýöne,
Marydaky Ýazmuhammet baý galasy hem entek öz ähmiýetini ýitirmändi. Ol ýerde
hususan-da saryklar ýaşaýardylar.
Hywanyň welin henizem Mary sebitinden el çekesi gelmeýärdi. Ony
Buharanyň elinden gaýdyp almak üçin dürli tärler bilen häli-şindi şol tarapa owsun
atýardy, käte saklanyp bilmän penjesini uzadaýýan gezeklerem bolaýýardy.
Onuň şol çyrpynmalarynyň esasylarynyň biri hökmünde, Buharanyň elinden
alyp, öz tabynlygyna geçirmek üçin, Hywa hany Rahymguly hanyň 1844-nji ýylda,
Ýolötende oturan salyrlaryň üstüne eden çozuşyny mysal görkezmek bolar.
Şonda, daşyndaky bar bolan ähli emlägini, mal-mülküni taşlap, salyrlaryň
barysy öz salan galalarynyň içine ýygnandylar.
47
Ýöne, Hojanazar Selim atly bir barly adam özüne gulak asýan hem-de özi
ýaly Hywa hanyna wepaly hasap edýän adamlary bilen bilelikde gala girmekden,
goranyşa goşulmakdan boýun towlady we galanyň daşynda galdy. Goşun
birmenzillik ýola gelip goş ýazdyrandanam derhal şol ýere bardy we öz yzyna düşüp
gelen adamlaryň ählisiniň adyndan hana sadyklyk bildirdi. Garyndaşlyk
gatnaşyklarynyň juda gaýymdygyny göz öňünde tutup, ýany bilen alyp gelen
adamlaryny galadakylaryň garşysyna ulanmazlygyny haýyş etdi. Han onuň
haýyşyny ýagdaýa düşünmeklik bilen kabul etdi we kanagatlandyrdy.
Goşun gozgandy. Gala gabaldy. Top oklary “gümmürdeşip” dumly-duşdan
galanyň içine ýagmaga başlady. Goh, zenzele asmana göterildi.
Henizem baş hansyzdyklary sebäpli aralarynda doly derejede agzybirlik ýok
hem bolsa, goraýjylar örän tutanýerlilik bilen söweşdiler. Ruhdan düşmediler.
Duşmana aýgytly hem berk gaýtawul berdiler.
Apbas Mürze bilen Sarahsda bolup geçen söweş tejribelerini ulanmak arkaly,
gijelerine galadan çykybam uruşdylar, duşmana duýdansyz, agyr-agyr zarbalar
urdular. Gerek ýerinde söweşe bu gezegem aýal-gyzlaram, garry-gurtularam, oglanuşaklaram goşuldylar.
Dyzmaç ýigitleriň biri top oklarynyň seýreklän mahaly ara düşen
böwşeňlikden peýdalandy-da, diwaryň üstüne çykyp sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
– E-eý, porsy gaýralylar! Siz näme, ala-böle bäş öýli salyryň üstüne
süssenekleşip gelýäňiz? Salyr näme siziň bajyňyzy ýemetdimi? Ýa eneňiziň aşagyny
gorsadymy?..
Onuň bu sözi duşmana baryp ýetdimi ýa ýetmedimi, magat düşündilermi ýa
düşünmedilermi, belli däl ýöne, şondan soň hüjüm görnetin güýçlendi. Top
oklarynyň gelip düşmesi öňküsindenem kän ýygjamlaşdy.
Hälki ýigit şol sözleri hiç kime geňeşmän, öz kellesi bilen aýdan bor-a çemeli,
galanyň içindäki ýaşulylar ýerli-ýerden oňa tarap telpeklerini bulap aşak çagyrdylar.
Ýanlaryna gelenden soň oňa erbet käýýediler. Bular ýaly uly söweşde özbaşdak
hereket etmeli däldigini, eden-etdiligiň hiç haçan gowulygyň üstünden
eltmeýändigini, asylam, duşmanyň bolaýanda-da namysyna degiji sözler aýtmaly
däldigini düşündirdiler.
Ýaşulylaryň şol diýenlerine söweşe ýolbaşçylyk edip ýören ekabyrlaram
goşuldylar. Şeýle ýagdaý ýene bir gezek gaýtalanaýsa, söweşe gatanşmak
hukugyndan mahrum etjekdiklerini ol ýigide duýdurdylar.
Dagaşjak bolup durkalaram ýaşlardan biri ýüzüni küsserdip:
– Ýa, i-i... Uruşdyrda, näme edeňde näme... Ýa indi öldüreňde bolýa-da
sögeniňde bolmyýamyşynmy? – diýdi.
– Howwa! Bolmyýa!.. Düýbünden bolmyýa! – diýip, beýleki ýigide käýýäp
duran ýaşuly indi synyny silkip oňa tarap öwrüldi. – Tyg ýarasy biter, öleniň ýerine
ertesi ýene biri doglar, ýöne, söz ýarasy bitmezem, ýitmezem, ýüküň haýsy tarapa
agjagy bolsa belli däl. Ertir uruş gutaraga-da, şol sözüň ýeňilen tarapy, esasanam şol
sözi aýdan adamyň özüni uruşdanam ölümdenem beter elhenç bir zadyň üstünden
eltmegi mümkin. Sebäbi, namys diýlen zat ýeke sende däl hemmede-de bardyr.
Onsoňam sen duşmanyň enesi ýa uýasy bilen urşaňok, näme gaýratyň bolsa agzyň
bilen porsap durma-da, özüne görkez... Salyryň üstüne geleni üçin bolsa sen ondan
48
gaty görme, gaýtam sag bolsun aýt, minnetdarlyk bildir. Çünki, gelen bolsa ol sende
güýç özüne mynasyp bardygyny bilip gelendir, görüp gelendir. Gaýtawul görmejek
ýerine hiç kim taýagyny çoçjaýdyp biriniň üstüne barmaz...
Ýigit öz günäsini boýnuna aldy. Gaýdyp bular ýaly hereket etmejekdigine söz
berdi.
Şondan soň her kim ýerli-ýerine bardy. Söweş tä giç agşama çenli dowam
etdi.
Ol şol günüň ertesem, birigünem soňky günem, ondan soňkusy günem,
mahlasy bir hepdeläp, bir aýlap dowam etdi.
Şeýle-de bolsa, agyr artilleriýasynyň, gabaw serişdeleriniň bardygyna, goşun
serenjamynyň hemmetaraplaýyn üpjündigine garamazdan, Rahymguly hanyň hut öz
ýolbaşçylygyndaky Hywa goşuny Ýolöeten galasyny syndyryp, goraýjylaryny
boýun egdirip bilmedi.
Ahyram dagy nätjeklerini bilmän, olar galanyň töwerek-daşyndaky göze
iläýjek zatlary talamaga başladylar. Öýleriň içindäki alyp bolaýjak zatlaryň
barysyny oljaladylar, alyp bilmediklerini bolsa öýüň özi bilen bilelikde otladylar. Iş,
zähmet gurallaryny, çagşytdylar, agyllary, kümeleri ýumurdylar, guýulary
gömdüler, pagsa jaýlary ýykdylar.
Şol wagtam edil, Apbas Mürze bilen Sarahsda bolan çaknyşykdaky ýaly bir
ýerden bir bölek goşun peýda boldy-da, Hywa goşunyny bir ujundan gyran-jyrana
salyp başlady. Salyrlar bu gezegem bir bada olaryň kimdikleriniem bilip bilmediler.
Birdenem diwaryň üstünde tüpeňine ok sürüp duran ýigitleriň biri galanyň
içindäkilere tarap öwrüldi-de, telpegini bulap başlady.
– E-eý, bylar Sarahslylar ýaly-la-eý!...
Şol ýerde duranlardan ýene birem onuň aýdanlaryny tassyklady.
– Howwa e-eý, şolar –e-eý!
Hemmeler diwara tarap çozdular.
Gelenler dogrudanam şol wagt Sarahsda oturan teke garyndaşlardy.
Olaryň arasynda meşhur Gowşut han hem bar. Ýöne, ol entek han däl. Şol
wagt ol ýaňy bir ýigrimi bir ýaşynyň içinde bolup, tegelekden gelen ak ýüzli,
ortadan ýokarrak boýly, döşi giň, ýaýbaň eginleri terezilenip duran dolmuş, süňkleri
iri, süňňi berk ýigit. Ol kömege gelen topara ýolbaşçylyk edýär ekeni.
...Şondan soň galany goraýjylaram daş çykyp, Hywalylar bilen aç-açan,
meýdan söweşine girişdiler. Onsuzam bir aýlap galany alyp bilmän, lapykeç halda
serimsal bolup ýören goşun indi iki güýjiň arasynda-ha asylam durup bilmejekdigini
duýdy-da, assa-ýuwaş yza tesmek bilen boluberdi.
Diňe şondan soň salyrlar Sarahsdan gelen teke garyndaşlary bilen atdan
düşüp, gujak gerşip, gadyrly salamlaşdylar, görüşdiler. Şeýle kyn pursatda kömege
gelendikleri üçin köp-köp minetdarlyk bildirdiler.
Şeýle hem olary üç gün myhman aldylar. Hezzet-hormat etdiler. Ýeňiş toýuny
toýladylar.
Hormat bilenem hoşlaşdylar.
***
49
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 06
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.