Latin

Salyr soňy Sarahs - 09

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2090
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýolbaşçylygynda geňeş geçirip, Orsyýede birigendikleri baradaky habar dürli ýollar
arkaly Zurabada gelip ýetdi.
Bu täzelik salyrlaryň gaýgy-aladalaryny hasam artdyrdy. “Maryny alan bolsa,
ors hökümeti aňyrsy iki günden Sarahsam alar, sebäbi, ol Mary sebitini tutuşlygyna,
hususan-da Tejen derýasynyň sag kenaryny özüne degişli hasap edýärmişin.
...Birdenem Zurabada: “Ors hökümeti hakykatdan-da Sarahsy alypdyr. Içine
goşunam çekipdir. “Gel gaýratyň bolsa” diýip, Eýrana ýumrugynam görkezipdir
diýen ýene bir habar gelip gowuşdy. Ol habardaky maglumatyň has gyzykly ýeri
bolsa, ine şu aşakdakylardan ybarat: Orslar Sarahsa öz orslaryny däl-de, Maryda
oturan salyrlary göçürip getiripdirler. Olary eýýäm Köne Sarahsyň ýokary çetinde
ýerleşdiripdirlerem, Eýranda oturan salyrlaram Sarahsa göçürip eltmekçimişin,
çünki, olar Sarahsyň ata-baba salyrlara degişlidigini bilýälermişin. Olar Eýrana-da
hut şeý diýip aýdanlarmyşyn. “Bäş öýli salyry watanyndan siwa edip, itiň gününi
görkezip ýörmüşiňiz, utanoňyzokmy!..” diýenmişin. Alymerdan hana dagy: “Her
ýan ýatsaňam men Sarahsa göçürip getirýän şolary, şu ýere gelýänçäler biriniň
bitiniň burny ganasa-da jogabyny senden soraryn. Seň ýaly possuk gula dagy öz
salyrlarymy horlatdyrman” diýenmişin. Ýerli ilatyň dini-ygtykaty bilen-ä asla işi
ýokmuşyn. “Hudaý birdir, hemmämizem şoňa tarap barýas. Ýöne, herimiz bir ýol
bilen barýas...” diýýämişin. Özleriniňem salyrlar bilen ata-baba garyndaşlyklaram
barmyşynmy, nämemi...
Bu zatlara halk dogrusy ynanjagynam bilmedi ynanmajagynam. Çünki, şolar
ýaly imrindiriji täzelik nijembir wagt bäri alasarmyk hem egbar ýagdaýda oturan
adamlar üçin edil, bulutsyz asmanyň ýüzünde ýyldyrym çakan ýaly bir zatdy.
Ýöne, her niçik hem bolsa halkyň muňa ynanasy gelýärdi. Hemmeler şol agyz
suwarydyjy gürrüňiň çyn bolup çykmagyny isleýärdi.
Şonuň üçinem, şol habar gelen gününiň ertesi Garadepeden Meňli hanam
çagyryp, Teke han başlyklaýyn gyssagly maslahat geçirdiler we şu karara geldiler:
“Sarahsa adam ibermeli, ol ýere gelen ors baýarlary bilen gürleşmeli, eşidilen
habaryň anygyna ýetmeli, egerde aýdylýanlar rast bolup, ol ýere göçüp
barmagymyza hemaýat etjekdiklerem çynlary bolsa, din dawalaram ýok bolsa, onda
olaryň ol teklibine ikelläp razy bolmaly, ýagdaýlary başdanaýak düşündirmeli,
kömek etmeseler biziň bu ýerden özbaşdak baş alyp çykyp bilmejekdigimizi
düşündirmeli...”.
Şondan soň ol ýere ibermeli adamlaryň sanawyny düzmäge başladylar.
X
Hoş habar
79
Tüýs: “Hassasy gutuljak bolsa tebibi garşy geler” diýenleri boldy. Kethudalar
entek ol ýere gitmeli adamlarynyň atlarynyam belli edip ýetişmänkäler Alyhanowyň
gepleşik geçirmek üçin ýörite iberen wekili molla Sähediň özi ýanynyň adamlary
bilen salam berip gapydan giräýdi.
Görkezilen ýere geçip oturanlaryndan soň molla Sähet özüni tanyşdyrdy.
Näme maksat bilen gelendigini, Ors hökümetiniň düýp matlabynyň nämedigini
aýtdy, soňky döwrüň syýasy wakalaryny jikme-jik gürrüň berdi. Ors hökümeti we
onuň syýasaty baradaky eşiden habarlarynyň dogrudygynt tassyklady. Soraglaryna
jogap berdi. Käbir zatlary gaýtalap-gaýtalap düşündirdi.
Apbas Mürzäniň çozuşyndan soň, onlarça ýyl bäri şol urgudan aýňalyp
bilmän ondan-oňa göçüp-gonup, Watan zaryny çekip ýören adamlaryň gözüne şolar
ýaly hoş habary getiren molla Sähet şol wagt Hudaýtarapyn ibrilen Jebraýyl
perişdäniň hut özi bolup göründi.
Şonuň üçinem, gatnaşmaly adamlaryň başlarynyň öňemdigine görä, ýapýaňyja öz işini tamamlan maslahat täzeden açyldy.
Irimçek hem-de uzynak göwresini yranjyradyp oturan, salyryň iň okuwlysy
hem ýaşulysy hasap edilýän Eýeberdi ahun Teke han bilen “üm”arkaly aň alyşdyda, usullyk bilen daş-töweregine göz aýlady.
– Abyt işanyň araky aýdyp beren tymsalyndaky ýaly biziňkiňem indi ýöräp
ugran bolaýmagam ahmal:
– Belki şeýle bolaýady-da...
– Agzyndan Hudaý eşitsin ahun aga...
– Ýa Rebbin-älemi... – diýen ýaly sesler eşidildi.
Eýeberdi ahun: yzyny özüň dowam etdiriber diýen manyda Teke hana tarap
baş atdy.
Molla Sähediň gözüne iňňän nurana hem salyhatly görnen uzyn boýly, uzyn
gara sakgally, gara çäkmenli, aksowult ýüzli, elli üç, elli bäş ýaşlaryndaky Teke han
içki begenjini gizlejegem bolmady.
– Bu gün biziň gökdäki dilegimiz ýerde gowuşdy. Ýap-ýaňyja-da düşen
ýagdaýymyzdan çykalga gözläp, çäresini tapypbilmän otyrdyk. – Ol çat maňlaýynda
oturan molla Sähede mähirli seretdi. – Ine, bu myhman ýigit bize tüýs bir garaşýan,
ýöne, ýatsak-tursak ýadymyza-oýumyza düşmejek habarymyzy getirdi. Düýnöňňünlikde gulagymyza degen, ýap-ýaňyja-da takygyny bilmek üçin adam ibereli
diýip oturan habarymyzyň çyndygyny, özüniňem hut şol mesele boýunça şu ýere
iberilendigini öz agzy bilen aýtdy... – Teke han uludan demini aldy-da, myhmanyň
ýüzüne soragly bakdy. – Elbetde, ol ýere biziň barmaga meýillidigimiz barada
gürrüň ýok. Asla biz öňki gezekler gelenimizde-de şol ýurt diýip geldik. Ýöne,
hersinde-de Eýran hökümeti bizi ol ýerde oturtmady. Ol indem bizi bu ýerden
goýbermez. Sebäbi biz olara bergidar. Şu ýylyň bugdaýam şolar bilen ýarpasyna
ekilen. Üç ýyl bäri tohumlyk dänäni şolardan alýas. Üzlüşip bolsa bilemizok. Şu
ýagdaýda dogrusyny aýtsak ogryn-a däl, dogryn gitmegem gelşiksiz. Üstesine daştöweregimizem atly-ýaragly serbazlardan doly. Olar biziň ýekeje hereketlerimizem
sypdyranoklar. Maram Orsyýede birigipdir, diýen habar ýaýraly bär-ä halys
gonçlaryna gor guýulana döndi. – Han molla Sähede tarap eglip ýuwaşja pyşyrdady.
80
– Biz bu ýerde göz tussagy. Arzy-halymyzy bolsa diňlänoklar. Gaýtam
aýtdygymyzsaýy beter edýäler.
– Bu zatlaryň barysyna siz baryp Alyhanowyň özüne aýdarsyňyz – diýip,
molla Sähet pert-pert gürledi. – Ol size kömek eder. Eýran bilen araňyzam açyp
berer. Algy-bergili meseläňizem çözer. Sebäbi onuň arkasynda Ak patyşanyň hut
özi dur. Sarahsa diňe salyrlary göçürip eltiň diýenem şol.
– Ak patyşamy?
– Howwa-a...
– Bäýip-bä-ä... – diýip, sadadygy daşyndanam bildirip duran, ýüzi goturaky
agzyndan tüýküligini syçradyp gepleýän kiçiräk bir tiräniň baştutany hökmünde
çagyrylan kellesi şyr takyr Otjan kel atly bir kişi oturan ýerinden molla Sähede tarap
omzady. – Ak patyşa şol oturan ýerinden şu ýerdäki iki öýli salyryň aladasyny edip
otyrmy?..
Molla Sähet öz gürrüňiniň köpçülige şeýle berk täsir edendigine diýseň
begendi.
– Howwa-a... – diýende ýüregi joşmakdan ýaňa gözlerine çyg çaýyldy. –
Şonuň hut özi alada edip otyr. Bizem şonuň buýrugy bilen şeýdip ýörüs... Marydaky
salyrlaram Sarahsa şoň görkezmesi bilen getirildi.
Otjan kel ýene bir gezek:
– Bäýip-bä-ä... – diýeninden soň, ýap-ýaňyja zarp bilen galdyran oturýerini
indi usullyk bilen öňki ýerinde goýdy. – Errekgemen-nä-ä!..
Molla Sähet onuň soňky sözüne düşünmedi. Has takygy salyr şiwesidir öýtdi.
Hakykatda welin beýle söz salyrda-da ýok. Asla onuň manysam ýok. Hiç zady
aňladanok. Ol söz Otjan keliň öz önümi. Çagalykdan agzynyň werziş eden endigi.
Bir zada garaçyny bilen geň galsa ol ilk-ä usullyk bilen kükregini ýelden dolduragada: “Bäýipb-ä-ä...” diýip pyşgyrmaly, ýeli boşandan soňam: “errekgemenn-ä-ä!”
diýip, ulyili bilen gygyrmaly. Şeýtmese ynjalyp bilenok. Ýüregi ýerine gelenok.
Ýöne onuň düýbünden ýat adamlaryň, onda-da uly bir döwletiň ygtyýarly
wekilleriniň ýanynda, düýpli meseläniň çözülýän wagty beýdip, ýeke özüniň
alagalmagal bolup oturşyny kethudalar halamadylar. Ony çagyrandyklary, iň
bolmanda sesini çykarman oturmaklygyny öňünden tabşyraýmandyklary üçin
puşman edýän ýaly, gözlerini tegeleşip, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Baş
kethuda Begnazar: “...Gysyp otur” diýen manyda, aşaklyk bilen öz ýüzüne seredip
batly-batly ardynjyrandan soň Otjan kel ýalňyşyna düşündi, gyzaryp aşak bakdy,
oturan ýerinde götinjekläp yza süýşdi, gaýdybam sesini çykarmady.
Molla Sähetdir, onuň ýanyndakylar welin, öý eýeleriniň beýle oňaýsyz
ýagdaýa düşendiklerini aňmadylaram.
– Men indi gaýdaýyn, adamlar – diýip, myhman kethudalaryň ýüzüne ýekänýekän garap çykdy. – Esasy mesele boýunça gürrüň etdik. Düşünişdik. Men siziň
haýyşyňyzy Alyhanowya ýetirerin. Sizem näme, öz araňyzda ýene bir gezek
maslahatlaşyň, halkyňyza sala salyň, netijäňizem aýdarsyňyz-da. Ýetirersiňiz-dä...
Ýöne, köp garaşdyrmaň. Howlugyň. Sebäbi bu wagt her sagat gymmatly. Hasaply.
Hemme zady çözýän şol. Edilen sähelçe haýal-ýagallygyň özi döwlet möçberinde,
asyrlara barabar säwlikleriň üstünden eltäýmegi mümkin.
Ony köpçülik bolup ugratdylar.
81
Soň ýene-de dolanyp öýe girdiler. Götermeligi üçin Otjan kele usullyk bilen
käýediler. Ýerden ses çykdy Otjan kelden çykmady. Razylygyň alamaty hökmünde
şo-ol, aşak bakyp, kellesini silkdi oturdy.
Şondan soň maslahat bir gijäniň içinde indi üçünji gezek täzeden başlandy.
Teke han adamlardan öňi bilen şu gelen habaryň iňňän gizlin saklanmagyny,
takyk bellisi bolýança hiç kimiň, hatda öz öý agzalaryna hem duýdurmazlygyny
haýyş etdi. Soň hemmeleriň göç baradaky öz gutarnykly pikirlerini aýtmaklaryny
sorady.
– Asyl-ha bu meseläni beýdip, çözjek bolup çekeleşip oturmalygyň geregem
ýok... – diýip, giriş hökmünde onuň özi gysgaça söz sözledi. – Bu mesele öň
çözülen. Maý boldugy eglenmän göterilmelidigi hemmä belli. Ýöne, tertip-düzgün
diýibem bir zat bar. Islendik mesele, çözgüdi aýdyň bolaýanda-da amal
edilmezinden ozal orta atylaýmaly. Maslahatlaşylaýmaly. Her kimiň pikiri
diňleniläýmeli. Öňümize düşjek bolup duranam kadaly-kanunly, şaly begzadaly uly
bir döwlet bolansoň bu örän möhüm... Şoň üçinem, kim näme pikir edýän bolsa
aýdybermeli. Kimiň gidesi gelmeýän bolsa onam çekinmän aýdybermeli.
Hemmeler Eýeberid ahunyň ýüzüne seredişdiler. Ahun köpçüligi uzak
garaşdyrmazlyl üçin, çalarak ardynjyrady-da söze başlady.
– Ýazmuhammet dogry aýtdy. Bu mesele maslahata mätäç däl. Çözgüdi öň
çözlen. Günübirin göçmelidigem belli. Şular ýaly mümkinçiligiň dörärine biz gör,
näçe wagtlap garaşdyk. Ine, indi şunam sypdyraýsak welin galan ömrümize atawatanymyzy görmäne zar borus. Çünki, ähli türkmen taýpalary eýýäm Orsyýetiň
raýatlygyna girdi. Bir biz galdyk. Hä diýmänem ors hökümeti Eýran bilen arasyny
ýapar. Serhet çeker. Şeýtmejek bolsa ol onlarça ýyl bäri Eýran şasy bilen ondamunda yzly-yzyna duşuşyp, Mugan daglaryny, lenkerany, Türkmensährany öz
hasabyna geçirer ýörmezdi. Şonuň üçinem, sähelçe haýal-ýagallyk etsek, serhediň
bäri ýüzünde galarys. Ýeke bir Sarahsdan däl, külli türkmen topragyndan, ähli
kowumdaşlarymyzdan aýra düşeris. Biri-birimize saýry ýat adamlar bolup galarys...
– Eýeberdi ahun süňklek, damarlak ellerini kelteräk ýaýdy. – Ine, meň-ä aýtjak
zatlarym şu, adamlar.
– Diýmek, siz göçüň tarapdary-da? Gutarnykly pikiriňiz şo-da?
– Howwa. Meň gutarnykly pikirim şol.
– Ýagşy-y... – Teke han oturan ýerinde göwresini dikeldip köpçülige nazar
aýlady. – Ýene kim geplejek? Şol wagtam onuň gözüniň gyýgy sag gapdalynda
galgaýan kelteräk bir gola düşdi. – Hä-ä... Oraz senmi? Aýtjakmy bir zat? Aýt, aýt...
Baş kazy molla Oraz endigine görä gözlerini süzüp, sag eliniň inçe hem
süňklek görünýän süýem barmagynam aýdym aýdýanyňky ýaly dik ýokary
çommaldyp söze başlady.
– “Elli gepden belli gep” adamlar – diýende, onuň sesi göwresine görä-de,
dilli tüýdügiňki has inçe çykdy. – Egerde Sarahsy orslar alan bolsalar, ýaňky ýigidiň
aýdyşy ýaly bize-de: gelsinler, şu ýerde diňe şolary ýaşatjak, sebäbi, şolar şu ýeriň
hakyky eýesi, diýýän bolsalar, arkalarynda-da Ak patyşanyň hut özi duran bolsa,
özümizem şu ýagdaýdakak bize başga näme gerek? – Ol Teke hana ýüzlendi. –
Ýaňy sen rast aýtdyň, Ýazmuhammet bu ýerde çözjek bolup çyglyp oturar ýaly
82
çiginli mesele ýok. Bar zat oň çözlen. Ras, mümkinçilik döredimi, günübirin
göterilmeli...
– Bolýa. – Teke han köpçülige göz aýlady. – Ýene kim?
– Menem bir agyz aýdaýaýyn...
Baş kethuda Begnazar özüniň gyryljak sesi bilen boguljyrap gepledi.
– Birhili öňki aýdylanlary gaýtalaýan ýalam bolýan welin, şonda-da... – Ol
gysymyny, agzyna guýguç edip birki ýola üsgürinjiredi. – Şol ýere baryp
ornaşybilsek, ekin ekip, hasyl alyp açlykdan, horlukdan, keselçilikden, bergidenborçdan halky alyp çykybilsek dogrudanam bize başga näme gerek? Gaýtam beýdip,
bir zady müň gezek gaýtalap wagt ýitirip oturmalyň-da, häziriň özünde ugralyň.
Alyhan diýilýäniň ýanyna! Niýeti ýaman bolsa Ak patyşa bize geňeşmän, Sarahsy
öz orslaryndanam dolduryp bilerdi. Şeýdäýende-de onuň çekgesine çaljag-a ýok.
Begnazar sözüni tamamlaryna mähetdel Teke han Meňli hanyň ýüzüne
seretdi. Çalaja baş atdy.
– Howwa?.. Meňli?... Sen?..
Garalygyndan ýaňa ýaňaklary ýalpyldap duran geplemezegräk gepläýende-de
“pert-pert” gepleýän Meňli han çalarak gozganjyrady. Çalaragam ardynjyrady.
– Umuman, aýdylan zatlar dogry. Menem elbetde, göçüň tarapdary. Men
muny ähli kiçiagalylaryň adyndanam aýdyp biljek. Ýöne, ine, ýaňy myhmanyň
ýanynda-da gozgaldy şol mesele Eýran bilen algy-bergili meseläni çözmän,
algydaryňy razy etmän, ýüzüňi garaňka tutup, gaçyp gidibermegem-ä birhili. Ýaňky
ýigidiň aýdyşy ýaly bu meselede parslar bilen orslaryň özleri gepleşip, özleri dil
tapyşybilseler-ä ne ýagşy, birden, o-da başa barmasa welin... Gelşikl-ä däl öz-ä.
Kyýamat güni alnymyzda goýuljak ters işi etjek bolýan-a däldiris-dä hern-ä?..
– Aý, Meňli senem-ä! Şu ikiarada-da kyýamaty orta sokan bolup, muşakgat
ýazdyryp otyrsyň-ow... – diýen-de Teke hanyň aşaky dodagy eňegi bilen bilelikde
titir-titir etdi. – O mesele orta goýlanog-a bu wagt. Häzir diňe göçmelimi, dälmi
diýlen meselä seredilýä, halkyň şo baradaky pikiri soralýa. Gidesi gelýän-ä: gitjek,
diýýä, gidesi gelmeýänem: gitjekgä, diýýä. Başga gürrüň ýok.
– Göç barada men öz pikirimi aýtdym. Men şoň tarapdary.
– Ine, mynyň bolýa. Ýaňky diýeniň, bolsa enşalla ertiriň özünde Alyhanyň
ýanynda çözleris. Bergili mesele birýüzli edilmese, biz hakykatdanam gidibilmeris.
Ol namartlyk bolar. Egerde nesibämiz göterilip gidäýsegem, heran-haçan
üzlüşjekdigimizi boýnumyza alyp, gideris.
Şondan soň molla Ýegenmyradyň teklibi boýunça, şu meseläni süýndürip
oturmaklygyň geregi ýok hasap edildi.
Teke han Abyt işana-da söz bermekçi boldy, ýöne, ol endigine görä, “myssa”
ýylgyrdy-da, köpçüligiň aýdanlaryndan artyk aýdara zadynyň ýokdugyny aýdyp söz
sözlemekden boýun gaçyryd.
Şol wagtam Maryda oturylan döwürleri teke garyndaşlara goşulyp, Gökdepe
galasyny goraýjylara kömek bermek üçin Ahala giden, Teke hanyň daşkynrak
garyndaşy Öwezgeldi batyr atly daýaw, çekge süňkleri çykyşyp duran, tegelek ýüzli
gabakman saryýagyz ýigit ýaýbaň egilerini ýaýkyldadyp oturyşyna bir elini ýokary
galdyryp, maslahaty ýapmak üçin ýaňy bir agzyny açan Teke handan söz sorady.
83
Han rugsat berendenem gaýşarylybraga-da her kimiň ýüzüne bir garap, ýognas sesi
bilen, howlukman “lepbil-lüpbülräk” gürledi.
Gitmäge mümkinçilik döräni gowy zat, akgalar! Bergili meselämizem oňyn
çözüläýse-hä hasam gowy. Ýöne, bir zady pikir ediň: O ýere barybam orslaryň
golastyna düşjek bolsak, onda bizň Watanymyza gowuşdygymyz-a bolmaz. Bir
aždarhanyň agzyndan sypyp, beýlekisiniň agzyna baranyň bilen beladan
gutuldygyňam bolmaz. Ýurdumyzyň mazasynynam bilmeris. Çünki, Watan
biziňkem bolsa, eýesi olar bor. Biz bolsak olaryň guly borus!...
Ýap-ýaňyja edilen duýduryşy eýýäm ýadyndan çykaran Otjan kel ýene-de
gykylyklap başlady.
– Aý, guluň guly bolandan-a orsuň guly bolanyňam gowudyr-laý...
Hiç kimden ses çykmady. Öýüň içinde şeýle bir ümsümlik höküm sürdi
welin, Otjan kel gepsiz-gürrüňsiz öz ýagdaýyna düşündi. Ýerliksiz gepländigini,
asla özüniň ara goşularynyň islenmeýändigini, halanmaýandygyny ýene bir
gezekaňdy. Şonuň üçinem, çym-gyzyl boldy-da, edil öňküsi ýaly aşak bakdy
oturyberdi. Öwezgeldi batyr sözüni dowam etdi.
– ...Men şunuň şeýle boljakdygyna yşanýan. Sebäbi, gözüm bilen gördüm
şolaryň nähili rehimdardyklaryny. Olar tekeleri şeýle bir gyrdylar, ne ýaş, ne garry,
ne aýal, ne erkek hiç kimi gaýgyrmadylar. Gala synansoň, halk açlykdan ölmezlik
üçin, öz gallalaryny olardan diläp almaly boldular. Olar Gazawatdaky türkmenlerem
şeýtdiler. Hazar deňziniň ýakasyndaky ýomutlara-da ilki bize berişleri ýaly süýji
söz, boş wadalar berip, soň, aýaklary ýer ruransoň işikdäki düýelerine çenli
“bagyrdyp” ellerinden aldylar, üstlerindäki gara öýlerine çenli sypyryp alyp gyş
oduny edindiler. – Öwezgeldi batyr uludan dem alyp oturşyna töweregine göz
aýlady. – Gepiň gysgasy olaryň zalymlyklary gajarlaryňkydan kän beter. Bular-a
gyssanan wagtyň tohumlyk däne berýäler, ýagşy-ýaman ýer berýäler, olar bolsa
gaýtam duluňdakynam syryp-süpürip alyp gidýäler...
– Gökdepede uruş boldy, Öwez!... – diýende molla Orazyň sesi öňkülerdenem
kän çasly çykdy. – Uruş bolan ýerde bolsa gyrgynçylygam bolýar, ýykgynçylygam.
Talaňçylygam bolýar, diýdimzorlugam. Egerde Apbas Müräniň Sarahsa eden
çozuşyny gören bolsaňyz, onda gajarlary orslara görä ynsaply saýmazdyň. Umuman
o zatlara ors bolsun, hyrs bolsun, pars bolsun halk däl-de, uruş günäkär. Sebäbi
urşuň edähedi şeýle. Ýüzi, häsiýeti şolar ýaly. – Molla Oraz öňünde duran okarany
eline aldy, içindäki paşyrdap duran düýe çalyndan owurtlap bokurdagyny ölledi. –
Ýöne, olar ýaly zadyň hiç birinem indi senem görme, Alla jan hiç kime-de
görkezmesin. Elbetde ahally garyndaşlara eden jebirleri üçin orslar günäkär. Oňa
söz ýok. Hudaý olara iru-giç göz görkezer. Tekeleriň aşa mertlik, gahrymançylyk
görkezendiklerem çyn. Ýeňiljekdigiňe, güýç, ok, däri, ýarag taýdan asgyndygyňa
gözüň ýetip durka-da şolar ýaly uruş serenjamlary ähli tarapdan üpjün patyşalyk
goşunyň garşysyna eliň ýalaňaç gylyçly çykmak her kesiň babaşarjak işem däl.
Ýöne, şolar welin, şony şeýtdiler. Şol, seň diýýän günüňe düşjeklerini bilip duranam
bolsalar etdiler şony. Watan diýip jan berdiler, jan aldylar. Gan dökdüler. Orslaram
ony gaty gördüler. Sebäbi, basybalyjynyň edähedi şeýle! Öňünden “lepbeý” diýip,
eliň duz-çörekli çykmasaň halanok. Gaty görýä. Şonuň üçinem, şol ýerde şeýle
boldy. Ýaňky seň agzap geçen aýylganç wakalaryň ýüz berdi... – Molla Oraz: köp
84
gepleýän-ä däldirin, diýen manyda Teke hanyň ýüzüne seretdi. Ol hem: aýdyber
diýen terzde yşarat edenden soň sözüni dowam etdirdi. – Ýöne, ine, maryly
garyndaşlar welin, düýbünden başgaça hereket etdiler. Uruşsyz boýun boldular. Biz
olaryňka-da däl diýip bilmeris. Sebäbi olar urşuň netijesizdigine Gökdepäniň
mysalynda göz ýetirdiler. Halky gyrgynçylykdan halas etdiler. Ýa-da ine, alyp
görsek, ärsary türkmenleri Buhara bilen, saryklar bolsa Mary bilen bilelikde
birikdiler. Kenarýaka ýomutlar-a baryp-ha nä wagtlardan bäri Orsyýetden raýatlyk
sorap başladylar. – Molla Oraz Öwezgeldi batyryň ýüzüne çiňerildi. – Görşüň ýaly
batyr her kim, her zaman öz ýagdaýyna, döwrüň, syýasatyň ýagdaýyna görä hereket
edýä. Bizem şöýtmeli. Başga ýagdaý ýok. Çünki, göreşde-de, söweşde-de,
syýasatda-da kim güýçli bolsa şol ýeňýä. Ýeňen adamyňky welin ýalňyşam bolsa
dogry bolýa. Ýeňleniň asla gepi diňlenmeýärem, ýolam almyýa. Türkmenler ýöne
ýere: “Agzy gyşygam bolsa baý ogly gürlesin” diýen däldir. Çünki, ejiz bolup
güýçliniň ýanynda gürleseň seňki hakam bolsa özüň günäkär borsuň. Özüňi uranyň
palta hakynam tölemeli borsuň. – Molla Oraz gurak-gurak ýuwdundy. Ýagdaý
şeýle, ýöne nätjek, aýagyňy ýorganyňa görä uzadaýmasaň başga çykalga ýok. Şu
wagt ortarada somalyp galan bir biz. Biziňem urşara-ha ýagdaýymyz ýok. Asyl ors
hökümeti “urşaly” diýip üstümize dyzabam duranok. Gaýtam: geliň, kömek edeýin,
Watanyňyza eýe edeýin, diýip, çagyryp dur. Onsoňam eger-de ahally serkerdeler
şolar ýaly ganly çaknyşyklardan soňam ors baýarlary bilen barlyşyp, saçaky
gatnaşyp ýören bolsalar, Dykma serdar, Magtymguly han, Gulbatyr serdar ýaly şol
urşa ýolbaşçylyk, orsuň men-men diýen ýanarallary, bolköýnekleri bilen döş direşen
adamlaram bu gün olar bilen ýaraşyp, Ak patyşanyň huzuryna gidip-gelip,
hyzmatyny edip ýören bolsalar biz nämüçin ikirjiňlenmeli? Egerde aňyrlarynda bir
bet niýetleri bolup, onam häzirlikçe bildirmeýän bolsalar onda onçasyny soň
görübiris. Öwezgeldi batyr dişini gyjap ýüzüni kese sowdy.
–Soň başga zat göräýmeseňiz, Oraz akga...
Molla Orazyň beýnisiniň içinde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Inçemik göwresi
elenip gitdi. Hernäçe syr bildirmejek bolsa-da gatyrgananyny bilmän galdy.
–Aý, Öwwi han... – diýende sesi juda ynjyly çykdy. – B... B... Birinjiden-ä
edep sakla. Ikinjidenem gepiň manysyna düşün. Ýa şu aýdylanlardan başga ýol,
çykalga bamy? Bilýäňmi? Aýt, bilýän bolsaň... Ýa gidesiň gelenokmy Sarahsa? Gal
onda... Ýöne, gep bu ýerde sen ýa men barada däl-de, uly il barada barýa... Adam iki
ädim ätjek bolsa, öňürti hökman şoň birinjisini ädäýmeli. Başga ýagdaý ýok.
Indi birneme deminden düşüşen Öwezgeldi batyr diňe şondan soň ýan berdi.
Menem ýaňky zatlary göçe garşy bolanym üçin däl-de, häki bir maglumat
üçin aýtdym, Oraz akga “Orsdan ataň bolsun, biliňde paltaňam bolsun” diýen
nakylyň ýöne ýere döremändigini ýadladaýaýyn, diýdim. Şol zatlar barada hem
birazajyk oýlanyp görmegiňizi isledim.
Batyr ýigit bilen kazynyň arasynda bolup geçen bu agyr hem gussaly
gürrüňden soň geplän bolmady. Hatda Teke hanyň özem esli wagtlap aşak bakyp
içini hümletdi oturdy. Diňe, ýola düşmek üçin gitmeli adamlaryň kim-kimlerdigini
basymrak belli etmek baradaky teklip orta atylandan soň köpçülige täzeden jan
girdi.
85
***
Şol gijäniň özünde ýola düşdüler.
Her kim öz ýanyndan öňde duran mesele, düýnden bäri yzly-zyyna üç gezek
geçirilen maslahatdaky edilen gürrüňler, orta oklanan pikirler, esasanam Öwezgeldi
batyryň janyndan syzdyryp aýdan sözleri barada içinden oýlanyp barýar. Bolarboldajyny, geler-geldejini öz aň mümkinçiligi boýunça ölçerýär, dökýär. Ugruna
çykylan bu işiň soňunyň näme bilen gutarjakdygyna göz ýetirmäge çalyşýar.
Diňe Pulhatyn köprüsine gelenlerinden soň barysynyň dili açyldy. Çünki,
haçanlar bina edilendigem bilinmeýän bu ajaýyp desga gije bolsun, gündiz bolsun,
uly ýa kiçi, aýal ýa erkek bolsun tapawudy ýok, duşundan geçeni biparh goýmaýar.
Kalbyny gozgaýar. Bilesigelijiligini artdyrýar. Sungata bolan söýgüsini joşdurýar.
Ol barada bir zatlar eşidesi, bilesi gelýär.
Ilkinji gezek görýän adam bolsa hökman onuň üstünde düşleýär. Dürli
taraplarynda durup içgin-içgin synlaýar, aşagyna girip çygjarmakdan ýaňa
damjalary bulduraşyp duran hüjrelerini, edil düýn-öňňün gurlan ýaly tämiz hem
berk görünýän daş diwarlaryny uly höwes bilen synlaýar. Sowuklaç, çygly hem
hoştap howasyndan dem alýar. Köpleriň gözi bilen görmedik, ýöne, owazasyny
eşidip, görmekligi höwes edip ýören zadyny görendigine buýsanýar, şeýle bagty
miýesser edendigi üçin ykbalyndan minnetdar bolýar.
Bu gezegem şeýle boldy. Ýolagçylaryň arasyndan ilki “hümür-smür”, soňam
ondan-mundan gep-gürrüň eşidilip başlady. Öňi bilenem Molla Orazyň inçejik sesi
çykdy. Ol gadymy köprüniň garaňkyda sudur bolup görünýän keşbine seredip
özünden – özi:
– Büýem-ä ýat bolup galar-ow, Sarahsa göçsek, – diýdi.
Muny hiç kim eşitmese-de, atyň üstünde irkiljiräp gelýän Begnazar eşitdi. Ol
tisginjiräp gözüni açdy-da, alasarmyk halda, bolşundanam beter boguljyrap gepledi.
Nämol? Näme ýat bolar? Kim ýat bolar?
Köpri.
Pulhatynmy-y?..
Howwa.
Bä-ä... Eýýäm şoňa geläýdikm-aý?.. – Begnazar köprä tarap boýnuny
süýndürip seretdi-de, ýene-de molla Oraza sorag berdi. – I-i... Nämüçin ýat bolsun
ol? Ger durarys-a...
Nädip geljek Orsyýete raýat bolsaň?
Ukudan açylyşan bolsa gerek, Begnazaryň sesi birneme durlanyp başlady.
– Hä, bolaňda nä?..
– Bolsaň bu ýere gelibilmersiň. Sebäbi Eýran muny özüne alar. Bu serhediň
bärisinde galar.
– Sen serhediň nireden çekiljegini näbilýäň?
– Ýaňky gelip giden ýigit aýt-da, Tejen derýasy serhet bolmaly diýd-ä.
– Bolsa bolubersin, barybir ors muny Eýrana bermez!
– Ýa , senem-ä!.. Ors bu ýere ýaňy geldi. Eýran bolsa muňa müň ýyl bäri
eýelik edip otyr. Onsoň bereri-bermezi bormy oň? Osoňam kim gurduran bolsa
eýesi şol bor-da.
– Eýran gurduranmyşynmy muny?
86
– Onda kim gurdursyn. Ady aýdyp dur-a, Pulhatyn diýip. Aýduwlaryna görä
muny Eýranly bir baý, pully aýal gurdurypdyr. Şoň üçinem, Pulhatyn, ýagny, Pully
hatyn diýlipdir.
Diýseň-diýmeseň Oraz, hatynam, pulam pars söz-ä däl bolmaly. Ikisem türki
söz. Parslar aýala hatyn diýenoklar-da “zen” diýýäler. Pula bolsa tümen diýýäler.
Şonuň üçinem munuň adyna seretseň-ä biziňkiler gurduran bolmaly. Ýöne “pul”
sözi bu ýerde köpri manysynda gelýän bolsa onda hakykatdanam parsça bolýa.
Çünki, “pul” diýmek parsça köpri bolýa. Şoň üçinem, manysy “pully hatyn”
bolanok-da, “hatynyň gurduran köprüsi” bolýa... Ýöne, haýsy hatyn? Kim ol? Ine,
şol welin belli däl.
Şundan artyk jedel edere Begnazaryňkyça-da gory bolmadyk molla Oraz
gylyjyny gynyna salyp gyra çekilmek bilen boldy.
– Aý, biziňk-ä bir eşitmiş how, Begnazar. Haýsynyň dogrudygyny welin,
Hudaý bilsin.
Olaryň tas ula ýazan jedeli hemmeleri ukudan açdy, özüne çekdi,
gyzyklandyrdy. Teke han gapdaly bilen jylaw deňläp barýan Abyt işana ýüzlendi.
– Sen näme pikir edýäň bu barada, Abyt? Hiý takyk bir jogaby ýokmy muň
seň okan kitaplaryňda.
Abyr işan molla Oraz bilen Begnazaryň aýdanlaryny ret etmeli boljakdygyna
gynanýan ýaly birneme böwrüni diňläp gidenden soň:
– Bar han aga, jogaby bar. – diýdi. Şol wagt onuň endigine görä, “ýyrş”
edenini Teke han garaňkylygam bolsa aňdy. – Köne ýadygärlikleriň hemmesiniňki
ýaly taryhy kitaplarda muňňam döreýşi barada maglumat bar. – Hemmeler atlaryny
debsileşip oňa golaý geldiler. Molla Oraz bilen baş kethuda Begnazar ikis-ä ony
hasam alkymladylar, hatda bu geň gürrüňi eýeleri bilen deňine diňlemekçi bolýan
ýaly, atlaram burunlaryny arçaşyp, gulaklaryny keýerjekletdler. Şol dem olaryň
toýnaklaram topraga degmän, howanyň ýüzünden gaýmalaklap barýan ýaly bolup
duýuldy. – Munuň ady Temir leň soltanyň ogly Şahruhyň aýaly Göwherşatbike
hatynyň ady bilen baglanyşykly. Ýagny, Begnazaryň Göwherşatbike hatynyň
gurduran köprüsi diýeni hakykata golaý gelýä, ýagny bu ýerde “pul” sözi köpri
manysynda gelýä. Özem parsça. Ýöne, dogry aýtjak bolsaň “pul” däl-de, “pool”
diýmeli. Biziň dilimizdäki sowulýan puluň muňa dahyly ýok. Yzyndaky “hatyn”
sözi welin türküçe.
– Diýmek onda “Pulhatyn” pully hatynyň gurduran köprüsi bolanok-da,
“Hatynyň gurduran köprüsi” bolýa-da?
– Howwa, han aga, hut şeýle şol. Özem biri parsça, biri türküçe bolan iki
sözden durýa.
Özüniňkiniň hakykata golaý bolup çykanyna ýüregi joşan Begnazar gürlände
sesi “şyg-şyg” edip, bokurdagyndan zordan çykdy.
– Aýtdym-a men, ýaňy, şöýledir şol diýdim-ä...
– Nä döwürlerde gurlan zatka bi, Abyt – diýip, häliden bäri sesini çykarman
içini hümledip gelýän Meňli hanam gürrüňe goşuldy. – Biz aklymyzy bilib-ä şu-da
ba. Özem gaty berk gurlupdyr.
Garaňkyda eşidilmez ýa aňşyrylmaz öýtdümi, nämemi Abyt işan ömründe
etmeýänini edip gaty gürledi:
87
– Mundan dört ýarym ýüz ýyla golaý öň gurlan zat bi, Meňli akga. Kakasy
ýogalandan soň Şahruh Horasan, Mazaendaran, Sistan welaýatlaryna hökümdarlyk
edýä. Ol kakasynyň basyblyjylykly ýörüşleriniň netijesinde bolan ýykgynçylyklary
düzetmekde, weýran bolan galalary şäherleri dikeltmekde, ýadygärlikleri
abatlalaşdyrmakda meşhurlyk gazanypdyr, il arasynda uly şöhratdan peýdalanypdyr.
Iň bärkisi biziň iň belet, özümize has ýakyn ýadygärlik bolan Sarahs baba kümmeti
hem şol döwürde düýpli abatlandyrylypdyr. Syn etseňiz şoň öň tarapy güberçekli
nagyşlar bilen bezelendir, ana, şo-da şo döwürde edilen. Onuň aýaly Göwherşatbike
hatynam öz adamsy ýaly il bähbitli haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanypdyr. Şu,
biziň gürrüňini edip barýan köprümizem şol gurdurypdyr. Habaryňyz bar bolsa şu
wagt Maşatda Göwherşat metjidi bardyr, ana, şo-da şol aýalyň gurduran desgasy
bolmaly...
Abyt işan sözüni tamamlady.
Esli mahal hiç kimden ses çykmady. Molla Oraz bilen Begnazar ikisi ýerliýerden özbaşlaryna bir zatlar diýişdiler, ýöne, näme diýendiklerini aňşyran
bolmady. Her niçik hem bolsa, Abyt işanyň jogaby köp zatlary aýdyňlaşdyrdy.
Ýolagçylaryň arkasyndan agyr ýük aýrylan ýaly boldy.
– Be-e... Beýle eken-ow bi asyl. – diýip, Meňli han ukudan açylan ýaly bir
haýukdan soň ýuwaşja seslendi. – Şu çaka çenli eşitmeýşimizi, bilmeýşimizi
diýsene. – Şondan soň ol ýarym degişme bilen, Abyt işana degişli edip: –
Aýdaýaňog-aý senem... – diýdi.
Oňa çenlem Pulhatynyň üstüne çykdylar. Sag kenara geçdiler we
Gyzylgaýanyň etegini syryp, Nowruzabadyň üsti bilen Köne Sarahsa tarap ugur
aldylar.
Daň saz beriberende Görogly şadessanynda ady duşýan meşhur Buldurgassap
galasynyň, entegrägindenem Weýeňňäm şäheriniň harabaçylyklaryna ýetdiler.
Günüň dogmasy bilen bolsa Abyl fazl Sarahsynyň kümmeti, onuň aňrysyndan
bolsa gadymy Sarahs galasy elesläp göründi.
XI
Alyhanowyň huzyrynda
Podpolkownik Alyhanow salyr kethudalaryny Gowşuthangalada, soldatlar
tarapyndan, Tejen derýasynyň boýundaky bol biten ýylgynlardan ýyglyp, kazarma
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 10
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.