Latin

Salyr soňy Sarahs - 11

Total number of words is 3674
Total number of unique words is 2249
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dünýäniň düzüw, ykbalynyň sürgünli wagtlary gazanan, erkinlikde gezip ýören
eýranly dostlaryna bir tär bilen ugruny tapyp, Döwletdurdy tüýdükçini zyndandan
gaçyrmak başartdy. Şeýle-de bolsa gözlegiň, aňtawyň juda güýçli bolandygy
sebäpli, sazanda ýurtdan çykmak, iline aşmak welin miýesser etmedi. Şonuň
üçinem, ol ýene-de şol, ýerli dostlarynyň kömegi bilen, musulman äleminiň ägirdi,
türkmenleriň arasynda “gyzyl ymam” ady bilen meşhur bolan Ymam Rzanyň
kümmetine özüni atdy. Eýran hökümetiniň kanuny düzgünine görä, özüni mukaddes
saýylýan islendik ýere-öwlüýalara, metjitdir-medereselere, guburlara atan günäkär
eldegirilmesizlige eýe bolýar. Oňa “best”, ýagny, “bestde oturmak” diýilýär. Şol
düzgüni hiç kim, hatda şanyň özü-de bozup bilmeýär.
Döwletdurdy tüýdükçi şeýle ýagdaýda ýedi ýyl oturdy. Bir gowy zat, dostlary
oňa nijembir ýyl bäri aýra düşen tüýdügini getirip berdiler, saz çalmaga, içini
egismäge mümkinçilik döretdiler. Dogry, musulmançylykda olar ýaly ýerlerde saz
çalmak, aýdym aýtmak bolmaýar, ýöne, o-da özüniň şol pişesini ile äşgär etmezlige
çalyşdy, ýagny birinjiden-ä ammar hökmünde ulanylýan ýerzemine girip, ýarym
gijeden soň, hatda kümmetiň hyzmatkärleriniň, gullukçylarynyň süýji uka giden
wagtlary, onda-da şowhunly, toý mukamlaryndan däl-de, gamgyn, ýas
mukamlaryndan, usullyk bilen, ýuwaşjadan çaldy. Tüýdügini köpçülige
görkezmezlige çalyşdy. Soň-soňlar il içinde uly meşhurlyk gazanana “ymamlar”
atly sazyny hem ol şol ýerde döretdi.
98
Ahyram wagtyň geçmegi, köşk emeldarlarynyň köpüsiniň diýen ýaly
çalşylyp, Fethaly şanyň ýowuz permanynyň ýatdan çykyşmagy, könelişmegi
netijesinde salyr ýaşulylary täze hökümet agzalarynyň üsti bilen Fethalynyň ýerine
geçen şanyň ýanyna ýörite baryp, köp-köp engamlar bermek arkaly ony boşatdylar
we öz ýurduna alyp gaýtdylar.
***
...Öz ilinden öňli-soňly ylaýyk on iki ýyl aýra düşen Döwletdurdy tüýdükçi
şonça ýyllap arzuw eden ýerini-ýurduny, şanyň köşgüne çalyşmadyk il-gününi öňki
ýerinde görüp bilmedi. Ol Sarahsda diňe sähel wagtlyk aýak çekip, öten-geçenlere,
uruşda wepat bolanlara aýat okady we Ýolöten sary rowana boldy. Ýer bilen ýegsan
bolup ýatan köne ýurduny görüp, sazandanyň ýüregi yza çekdi, gözlerinden ýaş
dökdi. Şunça aýralykdan soň, kalbynda dörän şol gozgalaňy köşeşdirip biläýjek hiç
hili nyşan tapylmady.
Hatara oturan owadan öýler, baý howlular, obanyň bu çetinden girip ol
çetinden çykýan ýylan yzy dek egrem-bugram gumaksy ýollar, geleni-geçeni
dumly-duşa ugradyp duran kerwensaraýlar, buýsançly galalar barysy haraba
öwrülipdir. Ýarak ýa häpbeki itleriň, derýa boýundaky ter öleňli çemenlikden doýup
gelen, emjekleri tulum ýaly süýtli sygyrlaryň, ýorgalap ýöränlerinde gerşinde bir
okara süýt goýsaň gaýmagy bozulmajak, göreniňde göwnüňi göterýän kelte bykyn,
boýny deraz boz atlaryň kişňeşýän sesleri, öý arasynda iki-baka okkessirme geçýän
çybyk atly çagalaryň, olara “haý-küş” edýän sary dasdarly aýallaryň gykylyklary, on
dördi gijäniň şems olan Aýynyň ýagtysyna obanyň ortarasyndaky ak inişden inipçykyp, läle kakyşyp ýören gyzlaryň ýakymly owazlary eşidilenok. Gum-guklyk. Ne
toý, ne märekä, ne şowhun, ne şagalaň, hiç zat ýok.
Iň ýamanam hiç ýerde Ýazsoltan görnenok. Öňünden ylgap çykanok.
Köpçüligiň arasyndan ogryn-ogryn bakanok, “Näme üçin sen beýle uzak eglendiň”
diýip gözleri bilen sorag berenok. Gelip boýnuna zyňanok...
Ýolötene baranlaryndan soň ähli ýakynlarynyň ýogalyp, bir özi galandygy
sebäpli, bütin ulus, uly-kiçi, aýal-erkek barysy Döwletdurdy tüýdükçiniň ýakyn
garyndaşlarynyň biriniň öýüne gözaýdyňa ýygnandy. Hemmeler öz hususy ýitigini
tapana döndi. Begendi.
Şolaryň arasy bilen Ýazsoltanam geldi. Ýöne, ýeke däl, elinde bir, yzynda-da
iki sany ýaňy aýak bitenje çaga ylgaşlapjyk ýör. Iki ellerem ejeleriniň eteginde. Ol
görgüli il ýaly Döwletdurdynyň gaşynda oturyp: “Gözüň aýdyň, sag-aman gelipsiň”
diýibem bilmedi. Çep egnini işigiň söýesine ýaplap, gözlerinden boýur-boýur ýaş
döküp, şo-ol delmuryp durdy. Näme diýjek bolsa-da ýüreginden diýdi. Dodaklary
gymyldasa-da içinden ses çykmady.
Döwletdurdy tüýdükçi onuň ýürek nalasyna düşündi. Näme diýjek bolýanyny
aňdy. Ýüregi bilen syzdy. Şonuň üçinem, gam-gussanyň gubaryndan ýaňa çalaja
çyzylýan gözleriniň nazary bilen: “Men seni günäkärlämok Ýazsoltan, nijembir
ýyllap ýoluma göz dikip garaşyp oturanyňam bilýän, başyma düşen zatlary bolsa öz
maňlaýymdan, takdyrymdan görýän. Bu-da bir bizi sergezdançylyga salyp özi
gökde gerdan bolyp ýören pelegiň oýnudyr. Bize indi diňe merdana bolmak galýar.
99
Çagajyklaryň, ýan ýoldaşyň bilen uzak ömür sürmek miýesser etsin, menem
maňlaýymdakyny görerin...” diýdi.
Sazandanyň wagtyndan ir kösseýişen gözleri bilen aýdan bu sözlerine
Ýazsoltan düşündi. Baryp-ha jahyl wagtlary gözünden uçan, ine indem ýaşyny
kemsiz alan goja dek geleniň-gideniň öňünde bir düýrmek bolup oturan söýgülisiniň
gara köýük bolan ýaraly ýüreginden çykýan agynyň zaryna o-da sessiz-üýnsiz ses
goşdy.
Edil näme diýýändiklerini aňşyrmasalaram, olaryň şeýdip, sessiz aglaşyp,
sessiz sözleşip oturandyklaryny il-günem duýdy. Olar: “E-eý, pany dünýä! Senden
hiý, armansyz geçen barmyka? E-eý, çarhy pelek! Seň hiý öz ugruňa aýlanjak
wagtyň barmyka?..” diýşip, uludan demlerini aldylar-da, assa-ýuwaş dagaşmak
bilen boldular.
Şondan soň Ýazsoltanam uzak eglenmedi. Eglenesi gelmedi. Ýok, eglenesi
geldi, ýöne, eglenmäge ejap etdi. Gapdalynda ýeke özi somalyp oturmaga il-günden
çekindi. Gapydan çykjak wagty bar güýjüni jemläp bärsine öwrüldi. Bir zatlar
diýjek boldy. Emma eteginden aslyşyp, ýeňinden çekeleşip duran çagalary oňa
sözläre maý bermediler. Oňa çenlem elindäkijesem aglap başlady.
Ýazsoltana didelerinden dyňzap çykan ajy gözýaşlaryny gara zähmetden ýaňa
eýýämhaçan jaýryk atyp ugran aýalary bilen süpürip, ümdüzine gidibermekden
başga alaç galmady.
Her niçik hem bolsa Döwletdurdy hossarsyz-a däl. Daşgynrak agalaram,
inilerem, uýalaram, daýydyr-ýegenlerem bar. Iň bir esasy zat bolsa şolaryň ählisiniň
ornuny tutup biljek ili-güni bar. Ana, şolar ony ýekesiretmezler. Öýlendirerlerem,
öý-işigem ederler, aýaga galyp gitmäge-de, şonça ýylyň azaply argynlyklaryndan
aýňalmaga-da kömek ederler.
Ýöne, hem durmuşyň, hem yşgyň uran agyr zarbasyndan ýaňa süňňi juda
lagşan sazanda bedenine ornan ýadawlykdan aňsat-aňsat aýňalyp bilmedi.
Öýlenmekdenem, öý-işik bolmakdanam bir syhly ýüz öwrüp, diwana ýaly oba
arasynda aýlandy ýördi. Günüň ýaşan ýerinde ýatdy, dogan ýerinde turdy. Gaty bir
zerur bolaýmasa ýuman agzyny açmady. Hiç kim bilen gürleşmedi.
Ýöne, wagt diýen bir zat bar. Uzagyň ujundan ol ähli zady ýerli-ýerinde
goýýar. Ähli ýaralary bejerýär.
Wagtyň geçmegi bilen Döwletdurdam assa-ýuwaş açylyşdy. Ile-güne
goşulyşdy. Garyşdy. Ýagşa-ýamana gatnap başlady. Dogan-garyndaşlarynyň
kömegi bilen etli-ganly, daýaw, gabaklary gözleriniň üstüni örtüp duran, adamsy
dagda mallar üçin guýy gazyp ýörkäler üstüne daş gaçyp ýogalan, çagasyz ýeke
oturan Ýagşygül atly bir gelne öýlendi.
Bagtyna Ýagşygül oňşukly, adamkärçilikli, etiniň agyrdygyna garamazdan
hyzmata gaýym, öýüne yssy, adamsyna mähirli, edil ady ýaly ýagşy adam bolup
çykdy. Iki ogul, bir gyz dogrup berdi.
Çaga gözi düşendensoň-a Döwletdurdy hasam açylyşdy. Özüni ymykly
dürsedi. Bir günem özüniň bir wagtlar meşhur sazanda bolandygy ýadyna düşdi.
Ençeme ýyl bäri ellenmän tärimden asylgy duran tüýdügini usullyk bilen eline aldy.
Könelişip giden gabyndan çykaryp eýlesine-beýlesine seretdi. Syryşdyrdy,
100
süpürişdirdi. Içinden suw akytdy. Çaýkady. Gurandan soň naýly tarapyny agzyna
ýetirdi. Dişine diredi. Üfledi.
Sazandanyň öýünden çykan owaz bütin obany aýaga galdyrdy Pendi
ýaýlalarynyň üstünde pel-pelläp, Bathyz belentliklerine tarap ýaýylyp gitdi.
Ençeme wagt bäri gözünden uçan, söýgüli sungatynyň birdenkä gaýdyp
gelenine begenen halk, hä diýmän Döwletdurdynyň öýüne ýygnandy. Içerä
sygmandyklary sebäpli olaryň köpüsi öýüň daşyna halkalaýyn aýlandylar. Soňabaka
golaý-goltumda oturan goňşy obalardanam atly, eşekli, pyýada, ygym-sogum
geldiler durdylar.
Bu – Döwletdurdy tüýdükçiniň sazanda hökmünde ikinji gezek dünýä inişidi.
Tüýdügiň şol gezekki sesini eşidip, Döwletdurdyny günde-günaşa görüpköýüp ýörmezlik üçin baryp-ha onuň Eýrandan gelen döwürleri goňşy obalaryň
birine göçüp giden Ýazsoltanam paýu-pyýada, ala-tozan turzup geldi. Daşarda
oturyp saz diňledi. Döwletdurdynyň adam hökmünde-de, sazanda hökmünde-de indi
ikinji gezek dünýä inendigine uly il bilen bilelikde begendi. Saza-da, sazanda-da
guwandy.
Onuň gelenini eşidip Döwletdurdynyňam yşgy göterildi. Öňküsindenem has
hyjuwlandy. Ilkiagşam “Pelek ömrümden” başlanan saz şol gije daňdanaralar “Bady
saba” bilen tamamlandy. Onda-da sazanda özüniň ýadandygy üçin däl-de,
diňleýjileri şondan artyk ýadatmazlyk, olaryň gündizki aladalaryna päsgel bermezlik
üçin goýdy.
Ýazsoltan bu gezegem hemmelerden soň gaýtdy. Döwletdurdy bilen
salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp, tüýdügini täzeden eline alandygy bilen gutlap
şondan soň gaýtdy. Gaýtjak wagty:
– Ozalda bizi aýra salanam şu tüýdük. Ýöne, indi bir goýma şonyňy. Tä,
ömrüň ötýänçä çal. Şoň sesi çykyp dursa menem ýaşar ýörerin, ölmäne elim
degmez... – diýdi.
Döwletdurdy tüýdükçi şondan soň ýene-de toý-tomaşalara gatnap başlady.
Öňküleri ýaly uzak ýerlere, ýurt aşyp gitmese-de, Ýolöten, Pendi töwerekleriniň
çakylyklaryndan irinmedi. Käte Mara-da gidiberdi.
Senedi hossarsyz galmaz ýaly ol ýaş ýigitlerden bäş-üç sany şägirt tutundy.
Şolaryň arasynda Gaýyp atly ýigit tüýdüge has yhlasly bolup çykdy.
“Är garrar heňňam garramaz” diýleni, şondan soňam uly iliň başyna düşen
ähli külpetleri, göç-gonlary, zar-zelillikleri onuň bilen deň-derman çeke-çeke,
Döwletdurdy tüýdükçi ömrüniň galan böleginem paýawlady. Öýkeniniň sary gidip
ýetmişem arka atanyndan soň bolsa, Gaýyba ak pata berdi. Mundan bu ýana öz
ornuny şol adamyň tutjakdygyny bir uly toýda, agyr märekäniň içinde aýtdy.
Şondan soň Gaýybyň ady – Gaýyp tüýdükçi boldy.
Zurabada soňky gezek göçüp gelenlerinde Döwletdurdy tüýdükçi segsene ser
urup ýördi. Onsuzam mazaly tapdan düşen göwrä Zurabadyň kesel ýaýradyjy
çybyndyr-çirkeýli, zeýli hem petiş, demikdiriji howasam ýaramadymy, nämemi,
garaz, şondan soň ol egbarlap başlady. Hä diýmänem ýanyny ýere berdi. Gitdigiçede gaýra tesdi.
101
Ine şondan bärem onuň jan dalaşyna girip, ajal bilen darkaş gurap ýatyşy.
Haýsy gün, haýsynyň ýeňjekdigini bolsa, Biribardan başga bilýän ýok.
***
Ekabyrlar baranlarynda Döwletdurdy tüýdükçi ýaňy bir ymyzganan ekeni.
Başujynda akja ýaglyk bilen onuň ýüzüni ýelpäp oturan Ýagşygül apa myhmanlara
gözi düşenden agyr göwresini götermek üçin iki elinem ýere diredi-de, “hyk-çok”
edip galdy, entirekläp ýanlaryna geldi. Öýüň içidigine garamazdan, sag eliniň
aýasyny gözleriniň üstüne kölegeledip ýeke-ýeke ýüzlerine seredip çykdy. Teke
hana gezek gelendenem:
– Heý-wa-a... Ýazmuhammet bi senmidiň asyl – diýip, begençli seslendi. Iki
eli bilen sag golundan gysymlap görüşdi. Beýlekiler bilenem şeýtdi. – Geliň geçiň...
Ine, şu ýerdejik oturyberiň. Ýa dyşaryk keçe atdyraýynmy?
Teke han:
– Ýa-ak-la, syrkaw soramana gelibem daşarda otursak bolmaz-a – diýdi-de,
Ýagşygül apany ýanyndakylar bilen tanyşdyrmaga başlady. – Büý-ä Begnazar,
büýem molla Oraz, ine, bi, Aý gören tat ýaly ýyrşaryp duranam Abyt işan...
Salyryň iň abraýly adamlarynyň gelendigine begenmekden ýaňa Ýagşygül
apa näderini bilmän, iki baka zowzuldap ugrady.
– Hä-ä... Allanäme... Geleniňiz gowy... Gelen döwlet...
Ýerli-ýerlerinde ornaşansoňlar Teke han ýene-de Ýagşygül apa ýüzlendi.
– Nädýä, akgamyz gowulaşýamy?
– Aý, ýagşy öz-ä... – Ýagşygül apa hamala bir aýtmasyz zady aýdan ýaly
birdenkä böwrüni diňledi. – Nädjek-de, Ýazy jan, şeý diýmeli bolýa-da...
– Howwa-da, çykmadyk janda umyt ba” diýleni-dä, umydy elden bermeli däldä.
– Şo-da. Iki gije-gündizden bär-ä halys uhlap bilenok. “Ah” çekip, iki-baka
urnup ýatyr. Häli-şindem: “?Meni Sarhasa äkidiň, şol ýerde jaýlaň...” diýýä.
Birdenem “Ýa Yma-am... Ýa dida-ar... Ýa gamho-or...” diýýä-de, ýumruklary bilen
kükregine urup başlaýa...
– Iýip-içýän zady bamy?
– Ýa-ak-la... Iý-iç nämişlesin. Telim gündir indi agzyna zat almaýanyna.
Düýn bir käsejik atalajyk bişirip berdim. Al, iýagaý şujagaşy, içagaý, diýýän welin,
eger-eger... ýuman agzyny açanok.
Aýalynyň gümür-ýamyrynamy ýa syzgyr ýürek myhman gelenini aňdymy,
garry sazandanyň ýumuk gözleri çalaja çyzyldy. Opurylan ojak ýaly agzynyň içine
gidip ýatan dodaklary müňküldedi. Ardynjyradygy bolsa gerek, ilkä kükregi
“hyjyrdady” soňam bokurdagy “hykyr-hykyr” etdi. Düýbünden röwşeni galmadyk
öçügsi gözlerini haýallyk bilen myhmnalara tarap aýlady. Tamşandy.
Ýagşygül apa ozaldanam taýyn duran suwly käsä sähelçijik pagta batyrdy-da,
adamsynyň dodaklaryna çaldy. Birki damjasyny agzyna damdyrdy.
Şol wagtam sazandanyň ogullary salam berip gapydan girdiler. Myhmanlar
bilen görüşdiler. Hersi bir tarapdan söýget berip, kakalaryny dik oturtdylar. Daştöweregine ulyly-kiçili ýassyklardan tekýe goýdular. Has amatly bolar ýaly
arkasyny tärime ýapladylar.
102
– Hm-m... hm-m... – edip öýüň içine haýallyk bilen ser salyp oturan
sazandanyň gözleri kem-kemden ulaldy. – Eý-ho-oý... Eý-ho-oý.... – diýen gyryljak,
“şyggyldyly” ses çykdy.– Bir zat diýjek bolýandyr öýdüp, hemmeler oňa tarap
üşerilişdiler. Teke han ýapyrylyp gulagyny oňa golaýlatdy. Sazanda ýene-de şol bir
sözlerini
gaýtalady.

Eý-ho-oý...
Eý-ho-oý....
Ýagşygül apa ak hasadan tikilen köneje dasdarynyň bir gyrasy bilen gözüniň
ýaşyny süpürdy. Burnuny çekip Teke hana ýüzlendi.
– Ine, ýaňky aýdanym şü meň, Ýazy jan. Düýn namaşamdan bäri bileni-biteni
şol iki agyz söz.
Teke han: Hiý, bir zat aňdyňyzmy, näme diýjek bolýanyna düşündiňizmi,
diýýän manyda oturanlaryň ýüzüne soragly seretdi. Olaram aýalaryny serşip,
eginlerini gysdylar.
Oňa çenlem Döwletdurdy tüýdükçi öçügsi nazaryny bürşeýdip Teke hana
dikdi. Özüne zor salyp, arasyny kesip-kesip, kynlyk bilen gepledi.
– Bagşy... Bagşy sazandalaram alyň-da... Er... Eritr agşam... Hem... hemmäňiz
şü ýere üýşüň... Gaýy... Gaýybam bolsun, hökman araňyzda...
Şol wagt Gaýyp obada ýokdy. Bir sebäp bilen Ýolötene gidipdi-de, ertire
çenli geljegi-gelmejegem belli däldi. Şeýle-de bolsa myhmanlaryň hemmesi birden
diýen ýaly: “Bor-da-bor” boluşdylar. “Näme üçin” diýip soramaga welin hiç birinip
bogny ysmady. Dogrusy olar tüýdükçi azajyk çaşandyr-da, çaýmaklap gepleýändir
öýtdüler.
...Türkmençilikde bir ýörelge bar. Ýagny, bir-ä gudaçylyga, birem syrkaw
soramaga barylanda uzak oturylmaýar.
Ekabyrlaram şol däbe eýerip, tizara turmak bilen boldular.
XIV
Toýuň başlanmagy
Şol günüň ertesi öňünden bellenilişi ýaly hem Zurabatda, hem Garadepede bir
wagtyň özünde toý hysyrdylary başlandy.
Zurabatda tutulmaly toýuň ähli hysyrdylaryny, gerek bolsa çykdajylarynam
öz boýnuna alan Jumadurdy baý öten agşam toý sähedi bugdaý oragyndan soňa
bellenen obadaşy Allamyrat goturyň öýüne bardy. Şeýle-şeýle ýagdaý ýüze çykdy,
gudaň bilen gürleş-de, sähediňi ertire geçir – diýdi. Sebäbini düşündirdi, ýöne, bu
hakda hiç kimiň, hatda öz çagalarynyň ýanynda hem dil ýarmazlygyny haýyş etdi. –
Gudaňa-da başgaça düşündir. Ýöne, toý adatdakylardanam has şowhunly bolsun,
çykdajysy meň bilen – diýdi.
Şondan soň Allamyrat goturam gidip, goňşy obalaryň birinde ýaşaýan gudasy
Esen bilen gürleşdi. Esen ör-gökden geldi. Entek özüniň taýýar däldigini aýtdy.
Beýle gyr-gyssaglygyň sebäbini sorady. Allamyradam takyk bir zat aýdyp
bilmänsoň ýüzüni iki ýana sypajakladyp oturşuna:
103
– Aý, bir zad-a bar how şu ikortada mendenem gelip haýyş etdiler. Ähli hanbegleriň talaby şü, kimem bolsa biri hökman toý edäýmeli, diýdiler. Garadepäňem
ýagdaýy şeýlemişin...
Han-begleriň atlary ara düşensoň Esenem ykyrganmasyny goýdy.
– Aý, bolýa-da olar ýaly bolsa. “Il oňlasa atyňy soý”, diýipdirler.
Şondan soň Allamyrat gotur ýeke-ýeke üstlerine baryp, toý güni geçiriljek
çärelere, tomaşalara kethudalyk etmeli, hyzmat etmeli adamlar bilen gürleşdi.
Gelmeli bagşylara çakylyk gönderdi.
Allamyradyň özem edil baý bolmasa-da, gaty bir garyp ýigidem däl. Hatda
orta daýhandanam ýokarrak diýseň boljak, ýöne, görer-göze-de kemçiligi görnüp
duran oglunyň nika toýunyň gyr-gyssagragam bolsa tutumynyň men-men diýen
barly adamlaryňkydanam uly boljakdygy, şüweleňli geçjekdigi ony has begendirdi.
Bu ýagdaý kakasyndanam beter öýlenjek oglan Çölini begendirdi. Ýöne, ony
begendiren zat toýuň dabaraly ýa iliňkä görä köp-köp şowhunly geçjekdigi däl-de,
bolmaly wagtyndan kän öň, onda-da hut ertiriň özünde, tussumandan tutulmagy.
Toý sähediniň orakdan soňa belleneneni gulagyna degeli bäri ol:
– Ozak haçan gutazýakaz-aý, ozak? – diýip, baran ýerinde göz-gülban bolar
ýörerdi. Şol soragy ol ejesine-de bererdi.
Dogrup beren ilkinji çagasynyň ýigit ýaşyna ýetendigine garamazdan birhili
oýnatgyrak, iň ýamanam ýagyrnysy hükgi, kükregem öňe çykyp duransoň boýny
bokur, göwresine görä kän uly görünýän kellesi çiginleriniň içine gidip duran,
aýaklary kiçijik, şol bolşy bilen sesem çilimi köp çekýän uly adamyňky ýaly zorruk,
dilem ujundan ary çakan dek, “wazyk-wuzzugrak” ogul bolup ýetişendigi üçin bir
özi günäkär ýaly äriniň ýanynda-da il-günüň öňünde-de kemsinip, oňa gözi düşdügi
gözüne ýaş aýlap ýören Äşe bolsa gözünden boýur-boýur ýaş döküp:
– Beý diýme, oglum. Aýyp bor, il-gün geň görer – diýerdi.
Ýöne Çöli welin soňky habar gulagyna degenden ýene-de ejesiniň ýanyna
ýüwürdi. Suwa goýberiljek gaýyk ýaly öňünde leňňer atyp durşuna:
– Dogzumykan-aý... apa, hä?.. Çynmykan-aý... – diýdi. – Eztiz agşama çenli
gazaşmalymykan-aý...
Ejesem ýene-de hem aglap hem gülüp oturşuna şol bir aýdýan sözlerini
gaýtalady.
– Çyn oglum, çyn. Sen ýöne onda-munda agzap ýörme – diýdi. – Birneme
agrasrak bol. Deň-duşlaryň agzasalaram sen özüň bilmediksirän bol.
Hernäçe “boz-boz” diýse-de, Çöli diline buýrup bilmedi. Gaýtam, öňi bilen
deň-duşlarynyň ýanyna ylgady. Täze habaryny buşlady. Olaram muny derhal
oýnamak bilen boldular. Hemmesinden beterem aralarynda iň bir diline şeýtan
siýenleri hasap edilýän Jangulynyň güni geldi. Ol hemişe Çölini oňa-muňa deňäp,
üstünden güler ýörerdi. Bir gezek: “Munuň iç goşuny çykaraga-da, derýada müner
ýaly gaýyk ýasasaň tüýs laýyk bolardy” diýse, ýene bir gezekde: “Aý, şun-a
kellesini bokurdagyndan soguraga-da tüfdan etseňem bolman durmaz” diýerdi.
Käwagtam: “Maýmynam şundan dörän bolaýmasa...” diýerdi. Beýlekilerem keýp
edip gülüşerdiler.
Ine, Janguly bu gezegem şol oýnuna başlady. Çöliniň üstüne abanyp durşuna:
104
–E-eý, näme etjeg-eý, sen öýlenip? Ýa nätmelidiginem bileňokmy? Apaň
aýtmadymy? Ýa men aýdaýynmy? Öwredeýinmi?.. – diýip gyssady.
Ýöne, oglunyň nirä, kimleriň ýanyna gidendigini aňan Äşe onuň yzysüre
bardy-da, elinden tutup idirdedip ugrady. Janguly daga-da:
– Jan oşular, degmäýiň-dä şuňa, gaýtam arkasyny alyň-a, hossar bo-luň-a... –
diýdi.
Ýeke Janguly däl, ulularyň arasynda-da käbir dili duzlyraklaryň oňa: “haý,
şun-a Hudaý halys iş tapman oturan wagty ýasan bolaýmasa, diýýänlerem, “Aý, iş
tapmazlykdan-a däldir welin, ýasara serişde tapmadyk bolaýmasa” diýýänlerem bar.
Ýöne, olar ony Çöliniň özüne eşitdirip däl-de, özara gürrüňçilikde, dilleriniň keýpini
görmek üçin aýdýarlar.
Ýöne: “At çapmaz, bagt çapar” diýlişi ýaly, Allamyrat gotur oňa şol bolşy
bilenem gül ýaly gyz tapyp berdi. Gudasy Esenem bir pukara kişi bolansoň aýaly
bilen maslahatlaşdy-da: “Gyzymyz hor-zar bolmasa, gapymyzdan aglap gelmese
bolýa” diýip, dessine hoş söz berdi. Garyp öýde göwni çökgün ösen gyzam ataenesine garşy çykyp durmady. Üstesine-de Çöliniň toýy şeýle möhüm, il bähbitli
taryhy meseläniň çözgüdine gabat geldi. Bu barada adamlar indi ýene ýüz ýyldanam
gürrüň ederler ýörerler.
Ýöne, entek halk köpçüligi anyk bilmese-de, bu toý bir günde sowulmaly.
Ertesi agşam hemmeler göterilmeli.
Hakyna seredeniňde welin, salyrlarda däp bolup galyşy ýaly bu toý hem üç
gije-gündizläp dowam etmeli.
Birinji gün: geňeş toýy. Onda esasy toý güni her kimiň öz başarnygyna görä
näme etmelidigi bellenýär. Ýagny, şol zatlaryň geňeşi edilýär.
Ikinji gün: esasy toý. Onda geňeş toýy güni bellenen adamlaryň hersi ýerliýerinde durup, özüne tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirýär. Gelin getirilýär. At
çapdyrylýar, göreş tutdurylýar, “altyn gabak” atdyrylýar, ýaglyga towsulýar, “keçekeçe” oýnalýar. Agşamlyk nika gyýylýar. Bagşy aýtdyrylýar.
Üçünji gün hyzmat edenler üçin toý. Çünki, olar hyzmatda bolandyklary üçin
toý güni toýuň mazasyny görüp bilmeýärler. Hiç zada tomaşa edip, bagşy diňläp
bilmeýärler. Üçünji gün welin şolaryňky. Hatda olar üçin ýörite bagşam aýtdyrylýar.
Şeýle-de, eden hyzmatlary üçin hersine sylag-serpaý ýapylýar.
Ana, şondan soň aýal-gyzlaryň toýy başlanýar. Olaryň birine: “Ýeňňe görşi”
diýilýär. Onda toý gününiň ertesi gelni atasy öýüne alyp gidýärler. Ýöne, Gün
öýleden agmanka ony yzyna getirmeli.
Ondan soň “dasdar” toýy. Bu baş salmak diýen ýaly bir zat. Dasdar ýaş
gelinlerde sary, ýaşy durugşan aýallarda ak reňkde bolýar. Ol her kimiň gurbuna
görä ýüpekden ýa-da hasadan bolup bilýär. Köplenç körpe ogluny öýerende ýa
agtygy bolanda aýallar indi gartaşdym diýen manyda sary dasdarlaryny aýryp ak
dasdar oranýarlar. Bu zenanlar üçin uly dereje hasaplanýar. Olaryň hersi şol derejä
ýetmekligi arzuw edýärler.
Dasdar toýundan soňam aýal-gyzlaryň ownukly-irili hysyrdylary telim güne
çekýär.
Ýöne, ýaňky aýdyşymyz ýaly bu gezek beýle bolmaz. Ähli zat bir günde
tamamlanar.
105
Hyzmat edenleri bolsa Allamyrat gotur Sarahsa baransoňlaram razy edip
biler. Aýallar welin öz dasdar toýlaryny iki daşyň ortasynda bolsalaram, degirmene
salsalaram sypdyrmazlar.
***
...Toýuň serenjamyny, tutumyny gözden geçirmek üçin ekabyrlar toý güni ir
bilen toýhana ýygnandylar. Allamyrat gotur olary güler ýüz bilen garşylady. Öýüne
saljak bolsa göwnemediler. Çäreleriň geçiriljek ýerlerine bakan ýörüş etdiler.
Ekabyrlaryň öňüni çekip barýan Teke han, Abyt işan Allamyrat we Jumadurdy baý
dagylar Meňli han ýok. Ol Garadepede tutulýan toýa hem-de şu gije ugradylmaly
kelte göçe gözegçilik edip ýör. Üstesine Nazarly mergeni habardar etmekligem
şonuň üstüne atyldy. Molla Ýegenmyrat bilen Eýeberdi ahun biraz yzrakdan
gelýärler.
– Her niçik hem bolsa halk göçüljekdigini aňaýana meňzeýär. Köpüsiniň toý
bilen serleri ýok. Edil aýaklary bişen ýaly elewreşip ýörler – diýip, Jumadurdy baý
toý ýerinden saýlanyşlary ýaly güňleç seslendi. – Ýa meniň göwnümemikä?
Teke han oňa tarap sowuklaç seretdi-de, näme üçindir ynjyly gürledi.
– Göwnüňe däldir. Çyndyr. Köneleriň aýdyşy ýaly temeni haltada saklap
bolýan däldir. Aýtmaň diýip sargalan adamlar aýtmasyz zady öýlerine baryşlary
ýaly iň bolmanda aýallaryna aýdandyrlar. Aýllar eşidenden soňam özüň bilýäň...
Han-begleriň aýaklaryna eýerjek bolup özüne zor salyp gelýän Eýeberdi ahun
“has-has” edip:
– Esasy zat ony serbazlaryň duýmazlygy – diýdi. – Şonuň üçinem,
göwünlerine zat gelmez ýaly olara ýetişibildigiňizden iýmek-içmek daşaberiň.
Özünem boldan tutuň. – Ol molla Ýegenmyradyň ýüzüne seredip çalarak ýylgyrdy –
Dokluklaryndan ýaňa galara ýagdaýlary bolmasyn-la... Hä?....
Bulara ýolda goşulyp, ýan tazysy ýaly ýantaklaşyp gelýänleriň biri:
– Häýt, beýhuş derman bolaýsa... – diýdi.
Başga birem hili bir gep aýdylandyr öýdüp:
– Wah, bolanyna görä mergümiş bolaýsa diýsene. Palaç ýatyran ýaly ýatyr-da
weli baryny...
Egin deňleşip barýan Teke han, Abyt işan, Jumadurdy baý dagylar öňlerini
ýylan kesen ýaly üçüsem birden sakga durdylar. Ýüzlerini aktam edip ýaňky gürrüňi
aýdanlaryň ýüzlerine seretdiler. Ýalňyşandyklaryny bilen bolsalar gerek,
ekabyrlaryň otlukly nazarlaryna gözleri düşenden, olaryň ikisem ýüzlerini aktam
edip, gaýra tesip başladylar. Ýöne, Teke hanyň olary barybir boş goýberesi gelmedi.
– Birinjiden-ä bizde siziň ol diýen zatlaryňyzyň birem ýok, bolaýanda-da olar
ýaly bigaýrat hereketleri biz etmeris. Siz ýaly nadanlara-da etdirmeris. Asyl-ha
türkmen olar ýaly namart oýunlara baş goşýan däldir. Ol gylyja girer, ýöne beýle iş
etmez...
Allamyrat gotur her ýerden bir basmarlap bardy-da, näme etjeklerini bilmän
buruljyraşyp duran hälki ikisiniňem golundan tutup itekläp, goýberdi.
– Güm boluň, şu ýerden. Toýda-da görünmäň!..
Şol wagtam Zurabadyň günbatar tarapyndaky baýyrlyklaryň üstünde jarçynyň
sesi ýaňlandy. Ol hä diýmän mergenleriň ýaryşa başlajakdyklaryny habar berdi.
106
Henizem Teke hanyň aýdan sözleriniň täsirinden çykybilmän, yzyndan
gaharly garap duran ekabyrlar şondan soň olardan ünslerini sowdular-da, topbaklary
bilen atyşhana tarap ýöneldiler.
Şol wagt olara Begnazar bilen molla Orazam gelip goşuldylar.
Ýöne, atyşhana olardan öň gelenlerem kän ekeni. Köpüsem awa-şikara
mergençilik sungatyna höwesek ýaşlar. Özlerem ala-goh. Bir zadyň jedelini
edýärler.
Beýleräkden bolsa bäş-alty sany ýetginjek sozanda-guýruk bolşup şol tarapa
barýarlar. Olaryň arasynda öýlenýän ýigit – Çölem bar. Onuň üsti-başy
beýlekileriňkiden üýtgeşik. Bezemen. Ýöne, ýaman dert Janguly oňa bu ýerde-de
gün berenok. Eýlesine- beýlesine geçip bir zatlar diýýär. Durup-durup eşiklerini
synlaýar. Soňam çümmügi bilen tutup egnindäki ýalpyldap duran şahy matadan
tikilen kürtäniň o ýerinden bu ýerinden çekýär-de: “Kimiň egnindedirin diýip
ýalpyldaýaň, gyňkeýiniň kürtesi, ýyrtyl...” diýýär. Soň onuň mawutdan tikilen täzeje
gyýma balagyndan çümmükläp çekýär: “Kimiň aýagyndadyryn öýdüp öwşün atýaň,
gyňkeýniň binamys balagy, ýyrtyl...”. Ondan soň köneje köwşüniň burny bilen
Çöliniň gat-gat gönden tikilen gyrmyzy köwşüniň böwrüne kakýar: “Kimiň
aýagyndadyryn öýdüp gülgün öwüsýäň, gyňkeýiniň hokgasy, Gagşa...”.
El ýaly gyzgynjak çöregiň daşyna goýnuň aka bişen ýagjymak garnyny dolap
oňa käte bir agyz urup gelýän Çöli welin Jangulynyň ol hereketlerine kän bir ünsem
berenok. Käte bir:
– E-eý, aýzyl-eý... Gowy bol-eý... Apama aýdazyn-eý... – diýýär-de, göwni
bir ýaly ýoluny dowam etdiriberýär.
Bolýan oýna içleri byjyklap alyp barýan bor-a çemeli, gapdalyndakylaram
“diriň-diriň” böküşýärler. Özlerem “hikirde-hikir”.
Oňa çenlem oglanlar atyş meýdanyna golaýladylar. Özleri bilen bir wagtyň
özünde diýen ýaly ol ýere ekabyrlaryňam ýetip gelýändiklerini, arasynda Çöliniň
kakasy Allamyrat goturyňam bardygyn görüp, Janguly ilk-ä sesini peseltdi, soňam
usullyk bilen bir gyra çekildi. Gaty daşlaşmanka-da Çölä garap ýuwaşlyk bilen:
– I-i-i-i gyňkeýniň çagasy, apaňa aýtýançaň-a honha, kakaň geçip barýa, şoňa
aýt – diýmäge ýetişdi. – Utanaňzokmy apaňy orta goşmana...
Allamyrat
gotur
ýetginjekleriň
ýöne
ýere
Çöliniň
daşynda
gaýmalaklaşmaýandyklaryny aňdy. Usullyk bilen olara golaýlady-da, ogluna tarap
gözüni alartdy. Dişini gyjap: bar, ýok bol, şu taýdan diýen manyda sessiz-üýnsiz
haýbat atdy. Başyny silkip yşarat etdi.
Hernäçe gidesi gelmese-de Çöli görkezilen tarapa ýönelmeli boldy. Şondan
soň Allamyrat ýeke-ýeke ýetginjeklere, hususan-da Jangula alaryldy. Ýöne, olara
gidiň diýip bilmedi. Asla hiç zadam diýmedi.
***
Atyşhana üçin Zurabatdan ýokarlygyna uzap gidýän baýryň etegindäki
dilkawja, şyr-ak takyr meýdan saýlanyp alnypdyr. Bir çetde syrdam, uzyn agaç
dikilip, ujundaky ommujak şahadanam palaw kädi asypdyrlar. Ondan ýigrimi ädim
çemesi aralykda bolsa mergenler özara “hümürdeşip” durlar. Aram-aramam
üşerilişip kädä seredýärler, aralygy ädimläp görýärler, ýüzün ýatyp nili şahly hyrly
107
tüpeňleriniň ujuny kädä çeneýärler. Soň ýene-de nämedir bir zadyň maslahatynymy
ýa jedelinimi edip gaty ses bilen gygyryşmaga başlaýarlar.
Agajyň düýbünde-de üýşmeleň az däl. Şol ýerde pökgüje garnyny gaýşardyp,
dik-depesine garap duran kelte boýly, ýüzi tes-tegelek, ýaňaklary ýaňy bolan
çaganyň budy ýaly tep-ter, burnunyň çep ganaty çalarak ýirik, gözleri gyýagrak ýigit
ekabyrlaryň öz ýanlaryna gelýändiklerinden bihabargöwresine laýyk gelmeýän
inçejik sesi bilen “jyňňyl-jyňňyl” etdi.
– Häý, mergenler-ä “altyn gabak” atjaklar-ow...
Bir ýaňagynyň tas ýarysy diýen ýaly peşehordaly, garaýagyzrak, hanasynyň
içinden çala görünýän kiçijik gözleri çap-çal, jedelkeşlikde bütin taýpa ýakasyny
tanadan Gurtýaz atly uzynakdan gelen daýaw bir ýigidem:
– Birinjiden-ä ýaryşyň ady “altyn gabak” däl-de, “altyn tabak” Kelew han.
Şoňa görä bu agajyň ujundakam hakyna seretseň kädi däl-de “tabak” bolmaly, ondada altyn tabak bolmaly – diýdi.
– Näme, kümüş tabak bolanda bolmyýamyşynmy?
– Bolýan däldir-dä. Bolýan bolsa başda “altyn tabak” diýmezdiler-de “Kümüş
tabak” diýerdiler.
– Kädi bolanda kümşüň bolmaýşy-ha birtüýleg-ow, Gurtýaz halypa.
– Tüýlegem bolsa, tüýsüzem bolsa şeýle şol.
Ýaşka kel bolandygy üçin Kelew lakamyny alan Atdy, has takygy Atamyrat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 12
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.