Latin

Salyr soňy Sarahs - 06

Total number of words is 3598
Total number of unique words is 2050
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Buhara emiri welin, ýüze çykan bu ýagdaýdan ýene-de özüçe peýdalanmak
isledi. Wagtynda duýup, wagtynda kömege ýetişmändigi üçin ötünjem soramady-da,
Hywa hanyna ýaňadan göz görkezerleri ýaly saryklara, Ýolötendäki salyrlara
ýeterlik mukdarda goşun iberdi.
Türkmenler muny uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler.
Şondan soň Marydan-Hywa, Hywadan-Mara yzygiderli suratda talaňçylykly
ýörüşler gaýtalandy durdy.
Bu ýagdaý Buhara emiriniň gökdäki dilegini ýerde gowşurdy. Çünki, onuň
esasy maksady – iliň eli bilen ot gorsamak, türkmenleriň üsti bilen Hywany birsyhly
biynjalyk edip durmak, ony güýçden gaçyrmak. Onsoňam özara jenjelleri zerarly
goý, türkmenleriňem, Hywa hanynyňam eli oňa ýetmesin. Goý, biri-birleri bilen
sermenekleşsin ýörsünler.
Ýöne, pelegiň çarhy Buhara emiriniň emri bilen aýlanmaýar, taryh öz
öwrümleri üçin hiç kime geňeşmeýär.
...Horasan häkimleriniň biri Salaryň 1846-njy ýyldan başlap, tä 1850-nji ýyla
çenli dowam eden, iňlisleriň meçew bermeginde, Eýran hökümetiniň hut özüne
garşy turzan gozgalaňy netijesinde hem Eýranda, hem türkmen topragynda bolup
geçen bulam-bujarlyklardan soň, dürli syýasy sebäplere görä, Mary sebitindäki
türkmenler, şol sanda salyrlar hem ýene-de Hywanyň ygtyýaryna geçidler.
Wakalar umuman alanyňda şu aşakdaky tertipde bolup geçdi.
Salaryň gozgalaňy türkmen han-begleriniň ünsüni tussumandan özüne çekdi.
Aňyrsynda
kim-kimleriň
durandygyndan
bihabar,
Garaoglan
hanyň
ýolbaşçylygynda Ahal tekeleri, Oraz hanyň hem-de Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda
Sarahsly tekeler oňa göwünjeň kömege geldiler. Maşady almaga we onda bir
ýyldanam gowrak saklanmaga ýardam etdiler.
Haçanda hökümet goşuny Maşady gabawa salanda Maryly türkmenler oňa üç
müň adamdan ybarat goşun iberdiler.
Maşady elden giderenden soň, Salar gaçyp özüni Ahal tekeleriniň arasyna
atdy.
Ýöne, Salara bolan dostlukly garaýyşlary, goldawlary ilk-ä Ahal tekeleriniň
öz aralarynda agzalalyk döretdi. Ýagny, tohtamyşlara has köp üns berýär diýen
düşünje bilen otamyşlar ondan öýkelediler. Kine etdiler. Öýke-kinäniň dawa-jenjele
ýazaýmagyndan ätiýaç edip, Salar ur-tut ol ýerden göterildi. Sarahsly tekeleriň
arasyna geldi.
Nämäniň-nämä sebäp bolandygyny aýtmak kyn, ýöne, Salar şol ýere
baranyndan soň Sarahsly serdarlar Oraz han bilen Hojamşükür han öýkeläp, öz
diýen adamlary bilen bilelikde Sarahsdan çykyp gitdi we baryp, Mary ýolunda
ýerleşýän Garaburun diýen ýerde düşledi. Oňa ondan-mundan başga-da gelip
goşulanlar köp boldy. Tutumy gitdigiçe giňeldi. Şol ýere ýygnanan ilatyň içinden
Aganyýaz perwanaçy, Omar beg we Mustapaguly kazy ýaly tanalýan hem täsirli
adamlary ýanyna alyp, Hojamşükür han şol ýerden göni Hywa gitdi. Baryp
Muhammet Emine sadyklyk bildirdi.
Olaryň ýoklugyndan peýalanyp, Hojamşükür hanyň garşydaşlary Garaburuna
çozdular we taladylar.
50
Muňa gahar edip, Muhammet Emin han 1847-nji ýylda Mary sebitine goşun
sürdi. Ol gelşi ýaly Baýramaly han galasynda ýerleşen saryklary gabady.
Garaburunlylar bolsa şol ýere Hywa hanyna salama geldiler. Boýun sundylar,
sowgatlar berdiler, hezzet-hormat etdiler.
Gabawda oturan saryklara Sarahsly tekeler kömege geldiler. Ýöne, Hywalylar
olara aýgytly hüjüme geçmäge maý bermediler. Şeýle-de bolsa, galany alyp ýa
saryklary boýun egdiribem bilmediler. Şonuň üçinem, endiklerine görä galanyň
daşynda talaňçylyk işlerini geçirdiler, ekin meýdanlaryny tozdurdylar, Soltanbendi
ýykdylar.
Umuman, şeýdip, Mary sebitiniň gündogar böleginde ýaşaýan türkmenleri
derbi-dagyn etdim hasap edeninden soň, Muhammet Emin han Hywa dolandy.
1848-nji ýylda ol indi ikinji gezek, Sarahsly tekeleriň garşysyna ýörüş etdi.
Tutuş Mary sebitinden ýygnanandyklaryna garamazdan, türkmenler ýeňlişe sezewar
boldular we mejbury suratda Hywa bilen ylalaşyk baglaşdylar.
Sarahsly tekelerden soň Ahal tekelerem Hywa tabyn bolýandyklaryny
boýunlaryna aldylar.
Şol ýylyň özünde saryklar bilen salyrlaram özlerini raýatlyga almagyny haýyş
edip, Hywa ilçi iberdiler.
Ine türkmenleriň ýene-de Hywa hanyna raýat bolmaklarynyň gysgaça beýany
şundan ybarat.
Ýöne, bu zatlaryň hemmesi türkmenleriň Hywany özlerine hakyky hossar
saýýandyklary üçin däl-de, hatda, zerurlyk ýüze çykandygy üçinem däl-de, mejbury
ýagdaýda bolup geçdi.
Hywa hany haýdan-haý türkmenleriň arasyna öz dikmelerini, hadymlaryny
we syýasy wagyzçylaryny iberdi.
Horasan bulagaýçylyklaryna gatnaşandyklary hususan-da Salar bilen ýakyn
aragatnaşykda bolandyklary üçin, on dokuzynjy asyryň kyrkynjy ýyllarynyň
ahyrlaryndan, ellinji ýyllaryň ortalaryna çenli, Mary sebitinde ýaşaýan türkmenleriň
esasanam tekeleriň ýagdaýy, Eýran hökümeti bilenem juda oňşuksyz halda boldy.
1850-nji ýylda Salary tutup, jezalandyranlaryndan soňam Eýran hökümeti
türkmenlerden öç almasyny bes etmedi. Ahal we Sarahs tekelerine ol has-da
rehimsiz darady.
Şeýlelikde, tekeler iki oduň: Hywanyň hem Eýranyň arasynda çykgynsyz
ýagdaýda galdylar. Öz raýatlygyna alan hem bolsa, Hywa türkmenleri doly suratda
gorap bilmedi.
Şonuň üçinem, türkmenler, Hywa doly göwün bermeýärdiler, bu meselede
esasanam Ýolöetende oturan salyrlar erjellik görkezýärdiler. Olar Hywa hanynyň öz
aralaryndaky wekillerini her hili ýollar bilen birsyhly ýanadylar ýördüler we
ahyrsoňy gaçyp gitmäge mejbur etdiler.
Şolar ýalyda Hywa türkmenleriň üstüne özüniň jeza beriji goşunlaryny
sürýärdi, ýöne, Mary sebitinde ýaşaýan teke, saryk, salyr, türkmenleriniň birleşen
güýçleri her gezek olara berk gaýtawul berýärdi, hüjümlerini yza serpikdirýärdi,
gaçyp gitmäge mejbur edýärdi.
51
Hywanyň hanlygy türkmenleriň başyndan diňe 1855-nji ýylda Sarahsda,
Gowşut hanyň baştutanlygyndaky teke türkmenleri bilen bolan söweşde ýeňlip,
Muhammet Emin hanyň özem öldürilenden soň sowuldy.
Şol söweşde uly bolmadyk goşun bilen Gowşut hana Eýran hem kömek etdi.
***
Şeýle-de bolsa, Eýran barybir tekeleri ol ýerde ynjaltmady. Uzak ynjalyp
bilmejekdiklerini tekeleriň özlerem duýdular. Şonuň üçinem, aždarhanyň agzyndan
aýrylmak üçin, 1857-nji ýylda Mara, Murgap derýasynyň ýakasyndaky suwarymly
ýerlere göçdüler. Öň şol töwereklerde oturan saryklar bolsa, Pendi sähralyklaryna
tarap süýşdiler. Ýolötende oturan salyrlaram öz gezeklerinde ol ýerden göterildilerde, otuz ýyla golaý wagt bäri zaryny çekip ýören Watanlaryna – Sarahsa bakan
rowana boldular.
Sarahs şol wagtam ne Hywa, he Buhara, ne Eýrana, hiç kime degişli däldi.
Şeýle-de bolsa, Eýran hökümeti salyrlara ol ýerde ornaşmaga rugsat bermedi we
Eýranyň Horasan welaýatyna degişli Zurabat diýen ýere göçüp barmaklaryny talap
etdi. “Otursaňyz-a ho-onha, şol ýer, oturmasaňyzam gelen ýeriňize gidiberiň” diýdi.
Olaryň Apbas Mürzäniň gyrgynçylygyndan öň, Sarahsdaky sürgünli döwürlerini
ýatlatdy. Indi o zatlara ýol berilmejekdigini duýdurdy.
Şol elpe-şelpeligiň ahyrsoňy özlerini nämeleriň üstünden eltendigine gözi
ýetip duran salyr kethudalaryna edilen teklip bilen ylalaşaýmakdan başga alaç
galmady.
VII
Zurabat
Zurabat Köne Sarahsdan 120 wýorst çemesi uzaklykda, Tejen derýasynyň
ýokary akymlarynda, çep kenarda ýerleşýär. Oňa barmak üçin, öňürti derýanyň sag
kenary bilen akymyň tersine, günorta tarap, tä Pulhatyn köprüsine çenli gitmeli,
ondan çep kenara geçmeli we ýene-de ýokarlygyna tarap ýöremeli. Halk ony öz
dilinde heniz-henizlerem “Zirewe” diýip atlandyrýar. Pars dilinde ol “güýç şäheri,
“güýçli şäher” diýmekligi aňladýar. (Zur – zor, güýçli, abat – şäher.)
Heniz düýn-öňňünki agyr göçüň ýadawlygyndanam doly aýňalyp ýetişmedik
halk ygym-sogum bolşup ýene-de ýola düşdi. Aýaklary gan-gabarçak bolan aýallar
çarkandakly ýol bilen entirekleşip baryşlaryna:
Alla jan, hiý bu göç-gon biziň başymyzdan aýryljak dälmikä? Aýagymyzyň
ýer tutan wagty bolmazmyka – diýşip hünübirýan aglaşdylar. Olaryň perýadyna
çagalaram goşuldylar.
Nazarmuhammet hanyň ýolbaşçylygyndaky garamanlardan we öz hanlary
bolmansoň köp wagt bäri iki bölünen ýalawaçlaryň bir böleginden ybarat birinji
topar-a Zurabatda, Berdimyrat hanyň ýolbaşçylygyndaky kiçiagalardan hem-de
ýalawajyň beýleki böleginden ybarat ikinji topar bolsa Zurabatdan on-onki çakyrym
ýokarrakda ýerleşýän Garadepe diýen ýerde ornaşdy.
Zurabatda-da, Garadepede-de halkyň oturşy başly-baradrak. Bitertip. Bölekbölek. Şolaryň her kowçumy bir tire, urug ýa-da haýsydyr bir tiräniň bir bölegi.
52
Mysal üçin garamanlar: ükürjikli, sapalak, halyl, çulum, alam, kiçiagalylar:
eýke, musa, ýagup, saýat, ýaýçy, ýalowaçlar: gurt, hebip, kerimaga, şeterrik ýaly
böleklerden ybarat. Olaryň begsi, sakar ýaly has ownuk tireleri bolsa ol wagt
Owganystanyň Meýmene diýen ýerinde otyrdylar.
Kowçumlaryň has uluraklaram, has kiçiräklerem bar. Käbirleri bolsa birigip,
küren tutup otyrlar.
Her tiraniň baş hanynyň oturan küreni beýlekilere görä ulurak. Onda bäşleňüçleň ak öý, işiklerinde ýatak, howly mal-gara görünýär.
Ownuk tireleriňem hersiniň öz hany, kethudasy bar. Olaryňam ýaşaýyşy,
güzerany hiç neneň däl.
Köpçüligiň öz ýagdaýy welin el-halrak.
Umumy baş han ýok, ýöne, gyzzy gyzza gelende hemmesi Nazar han bilen
Berdimyrat hanyň agzyna bakýalar. Islendik mesele köpçülik we ownuk tire hanlary
bilen bilelikde maslahatlaşyp çözülýär.
Tertip-düzgüne seredýän, dawaly meseleleri aýdyňlaşdyryp berýän umumy
kazylary, şeýle hem baş kethudalary bar.
Zurabat Sarahs ýaly mes toprakly ýurt däl. Suw köp, ýöne ol çagylly, daşly,
egrem-egrem dar jülgeleriň, baýyrlyklaryň saýlaryň içi bilen zymdyrylyp akyp gidip
barýar, töwereginde ekin ekere amatly ýer ýok.
Zurabadyň köne harabaçylyklaryna golaý ýerde bolsa ekin üçin az-owlak ýer
bar-da, suw ýok. Ýap gazyp derýadan alara-da halkda güýç-kuwwat, harajat, serişde
iş gurallary ýok.
Üstesine-de ýurt çyg, şorluk, gamyşlyk. Ýüzüni ýaşyl kerepler örten, hiç hili
hereketsiz we peýdasyz ýatan arnalardaky, kölçelerdäki ýata suwlardan göterilýän
agyr yslardan ýaňa demiňi alar ýaly däl. Çybyn-çirkeý bolsa Gün ýaşandan tä
daňdana çenli adamlary dik oturdýar. Hiç kime-de aňsat däl welin, bu ýagdaý hasam
çagalary heläk edýär.
Üstesine, şol zatlar zerarly keselçilik baram döräp gidip otyr. Keselçiligiň
soňy bolsa gürrüňsiz, gyrgynçylyga eltýär. Adam jaýlamak, öli ugratmak dagy
soňabaka adaty bir pişä öwrüldi. Adamlaryň agysy tükendi. Taýpa san taýdan gözgörtele azaldy. Üstüne bütinleý ýitip gitmek howpy abandy. Toý-tomaşa, märeke,
meýlis ýat boldy.
Her niçik hem bolsa gelen ýyllary Eýran hökümetinden karzyna däne alyň,
onda-munda ýer açyp, bolşuna görä bugdaý ekdiler. Onuňam köp böleginde-hä hiç
zat bitmedi, bitenjelerem meňki bolsun diýer ýaly hasyl bermedi. Hasyl
beräýjeklerem bişip ýetişmänkä suwsuzlykdan ýaňa gurady.
Umuman, şol ýylky hasyl arly ýyl iýmäge ýa bergilerini üzmäge-hä däl, asyl
indiki ýyl üçin tohumlyga-da ýetmedi.
Ýylyň-ýylyna gaýtalanyp duran şu ýagdaý salyrlary Eýran hökümetiniň
öňünde ýurt bergidary edip goýdy.
Şeýdip on bir ýyl dyrjaşdylar, has takygy açlyk bilen, ölüm bilen göreşdiler.
On ikinji ýyl diýlende Nazarmuhammet han bilen Berdimyrat hanyň
ýolbaşçylygynda, her obadan bir wekil bolup, Tährana gitdiler we edil şanyň özüni
görüp bilmeselerem Eýran hökümetiniň degerli adamlary bilen duşuşyp, özleriniň
53
ata-watanlaryna goýbermeklerini haýyş etdiler. Olaram gyssagly suratda şa bilen
maslahatlaşyp, wekillere şeýle jogap berdiler:
– Bolýa. Biz sizi goýberýäs. Şa muňa razy. Ýöne, bir şert bilen: Siz Eýran
serhetini Mary tekelerinden we saryklardan goramaly. Şolary geçirmeli däl. Galkan
bolmaly.
Salyr kethudalary özara maslahatlaşdylar-da: “Tekelerem, saryklaram öz
garybymyzdyr, ýagdaýymyza düşünerler, bizden kine edip durmazlar, bizem bir
olaryň öňlerinden çykyp, döşlerine döş direşip durmarys, olaram bir gelip, üstümize
dyzap durmazlar, galanam nebibedir, häzirlikçe şu ýagdaýdan bir çykalyň”
diýişdiler.
Şeýdibem öz öňlerinde goýlan şerti kabul etdiler.
***
Olaryň getiren hoş habarlaryna halk diýseň begendi. Her kim ýerli-ýerden göç
şaýyny tutup ugrady. Aýallar bu gezegem aglaşdylar, ýöne, gynançlaryna däl-de,
begençlerine agladylar.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, agyr göç Zurabatdan çykyp, derýanyň çep
kenary bilen Pulhatyna geldi, ondan geçibem sag kenary syryp, Köne Sarahsa bakan
ugur aldy.
...Her kim öý dikmezden owal maňlaýyny ýere urup, ýurduna togap etdi.
Topragyna ogşady. Tozuny gözüne sürtdi.
Ýöne, entek doly ýaýrap-ýazylyp ýetişmänkälerem aňryujy boljak bolsa
bolaýmaly iş gopdy.
Eýran hökümeti bilen özleri babatda şolar ýaly şertnama baglaşandyklaryny
eşidip, Gowşut han salyrlardan juda gaty gördi. Gahary geldi. Şonuň üçinem,
nökerlerine olaryň ähli mallaryny sürüp gaýtmaklygy buýurdy.
Han aýtdy gutardy. Tabşyrygy derhal ýerine ýetirdiler.
Düýn-öňňünlikde “Alla, Alla” bilen Zurabadyň kynçylyklaryndan sypan salyr
ýaşulylary Nazarmuhammet han bilen Berdimyrat hanyň ýolbaşçylygynda indi
ellerini ýeňleriniň içine sokuşyp, çalaragam eglişip, mallarynyň yzy bilen Mara
tarap ýola düşdüler. Gowşut hanyň gaşyna baryp, mallarynyň gaýtarylyp
berilmegini haýyş etdiler.
– Bizler şeýle şerte kaýyl bolmaly bolduk, han, çünki, siziň alamançylyk
etmeýändigiňizem, şondan ötri siziň şol ýolda bize hiç haçan gabat
gelmejekdigiňizem, iki ýeke ogrular üçin, bolsa siziň beýdip, ýemedip
durmajakdygyňyzam bilýäs, şoň üçinem...
Gowşut han gaharyny gizlejegem bolmady. Şeýle-de bolsa hem-ä ilçilik
edähedini bozmazlyk, hemem han hökmünde sypaýyçylygy elden bermezlik üçin
başardygyndan parahat gürlemäge çalyşdy.
– Gep mende däl, garyndaşlar, berlen sözüň, baglaşylan şertiň manysynda... –
diýende tegelekden gelen boldumly ak ýüzi al öwsüp gitdi – Biziň kimdir biri
tarapyndan biri-birimize garşy goýulýandygymyzda. Hamala teke bilen saryg-a ýol
urup ýören talaňçylarmyşyn, sizem ol ikisi bilen Eýranyň arasyndaky adyllyk
ölçegimişiňiz.
Nazatmuhammet han öz eden hereketlerini aklamaga çalyşdy.
54
– Zirewede oturarlyk ýok, han... soň bosa...
Gowşut han ýüzüni ýerden galdyrman oturşyna kesgitli gürledi.
– Öň näme, sizi bu ýerden biri zor bilen kowdumy? Gitmäge mejbur etdimi?
– Ýak. Hiç kim kowanok. Özümiz gitdik. Watan diýip gitdik. Ýöne Horasan
häkimleri bizi öz ýurdumyzda oturtmadylar. Soň... osoň... O ýerde-de güzeran
bolmansoň Sarahsa goýbermeklerini haýyş etdik... Olaram...
–Näme, bizi ynjaltmadyk adamlar ol ýerde sizi ynjaldarlar öýtdüňizmi?
Onsoňam... – Gowşut han kinaýaly ýylgyrdy. – ...Onsoňam öňki gezek
oturanyňyzda gözleriniň oduny alypsyňyz-a olaryň.
–Bizde indi olar ýaly güýç ýok, han. Bize indi öz güzeranymyz gaýgy.
Geçenden bolsa peýda ýok.
– Näme diýseňizläň, garyndaşlar – Gowşut han wekilleriň ýüzüne ýekänýekän garap çykdy. – Indiden soň gep guzladyşyp oturmakdan peýda ýok. – Ol
ýüreginden syzdyryp gepledi. – Şu ýere göçüp gelseňiz-ä mallaryňyzyň hemmesini
başy bitin gaýtaryp berýäs. Oturyň, il boluň, biziň iýenimizi iýersiňiz, içenimizi
içersiňiz, aç ýerimizde aç, dok ýerimizde dok bolarsyňyz. Adybir türkmenimiziň bir
bölegi beýdip, göreniň gapysynda gul bolup, ýetimsireşip ýörseler bize-de ýakyp
baranok. Ahal bilen Mary birikdi. Nurberdi hany bolsa baş hanlyga göterdi.
Saryklaram hyýalynda. Ärsarylar bilen ýomutlaram hemmämiziň birigip bir hanlyk,
ýagdaý bolsa döwlet döretmekligiň tarapdary. Şol güne ýetibilsek, Sarahsa sizi biziň
özümiz göçürip elteris. Sebäbi, ol ýer siziň asly mekanyňyz, ata-watanyňyz...
Bolmasa-da.... – Han ýüzüni bir gapdala sowdy. – Bolmasa-da ho-onha gidiň-de
Eýranyň serhetini goraberiň, gaýratyňyzy görkeziberiň. Göwün islegiňiz şol ýerde
garyndaşlaryňyz bilen garpyşmak bolsa tekelerem, saryklaram sizi uzak
garaşdyrmazlar. Bararlar... Barmasalaram barar ýaly ederis...
Salyr kethudalary Gowşut hanyň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler. Aýdara
delil tapmadylar. Çünki, han dogry aýdýardy. Döwletlilige bir agza bakmaklyga
ündeýärdi.
Şonuň üçinem, olaryň barysy birden başlaryny atyşyp, özleriniň
rasydyklaryny bildirdiler.
***
Sarahsa gelişleri ýalam uly-kiçi, aýal-erkek ulusy bir ýere jemläp, gürrüňçilik
geçirdiler. Gowşut hanyň sözlerini birin-birin beýan etdiler. Başga bir ýoluň,
çykalganyň ýokdugyny aýtdylar. Düşündirdiler.
Halk ýene-de goşuna ýapyşdy. Göç ýola düşdi. Aýallar ýene-de aglaşdylar.
“Wah gaýdyp barjak bolsak, aslynda ol ýerden gaýtmalam däl ekenik” diýşip,
yzlaşdylar. Özlerini şeýdip, iki ýana entedip ýören han-begleriň adyna nägilelikli
sözler aýtdylar.
Ýöne, nätjek, ýol uzak, gök yrak, gözýaş bolsa çäkli, adam başy daşdan gaty
diýlenem bir zat bar, wagtyň geçmegi bilen ol ähli zada kaýyl bolýar. Olaryňam orta
ýola ýetmänkäler gözýaşlary gurady, göwünlerine giňlik aralaşdy, hersi öňde duran
durmuş baranlaryndan soňky güzeran barada biri-birleri bilen pikir alşyp başladylar.
VIII
55
Mary
Gowşut han salyrlary oturymly obalaryň arasynda, her hatarda, bäş-on
öýlüden aralaşdyryp, bölek-bölek oturtdy. Hemsaýa hökmünde saklady.
Şeýle-de, ol Işbaşy ýogalaly bäri baş hansyz göçüp-gonup ýören salyrlara
garrylygy sebäpli düýn-öňňünlikde hanlygyny tabşyran garaman hany
Nazarmuhammet hanyň kyrk ýaşlaryndaky ogly, uzyn boýly, aksowult ýüzli, uzyn
gara sakgally, hemişe gara çäkmen geýip gezýän Ýazmuhammedi hem-ä kakasynyň
ornuna, hemem külli salyra baş han edip belledi.
– Başsyz ilde kuwwat bolmaz, çünki, “baş bolmasa göwre läş” diýipdirler. Bir
agza bakmaýan il hemişe hor bolar, özüçe bar-ýog-a bakna bolar – diýdi.
Onuň bu teklibini salyr kethudalary ikelläp goldadylar. Özleriniň ençeme ýyl
bäri çözüp bilmän ýören meselelerini bir demde çöp döwen ýaly edip berendigi üçin
minnetdarlyk bildirdiler.
Onuň bilen razylaşmadyklar bolsa, beýle uly serkerdäniň garşysyna gidip
bilmejekdiklerine, barybir gepleriniň ýer tutmajakdygyna gözleri ýetip duransoň
kinelerini içlerinde saklamaly seslerini çykarman oňmaly boldular.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, kiçiaga hany Berdi hanam garrandygyny
bahanalap, hanlygyny ýigrimi ýaşlaryndaky ogly, orta boýly, juda garaýagyzlygy
sebäpli eýýäm “Gara ýüz” lakamyny almaga ýetişen, guýlan kenek ýaly berk
bedenli Meňli hana tabşyrdy.
Gowşut han onam ykrar etdi we salyrlar babatdaky häli-şindi ýüze çykyp
durýan dürli meseleleri şol ikisiniň üsti bilen çözdi, näme talap etse-de şolaryň üsti
bilen etdi. Umuman, ähli babatda hem ol özüni salyrlar bilen oňşukly, parasatly
adam hökmünde alyp bardy. Egindeşlerindenem şony talap etdi. Olary saýry
saýmazlyklaryny, gelmişek diýip kemsitmezliklerini, namyslaryna, gan-hun
meselelerine diräýjek hereketlere baş goşmazlyklaryny tabşyrdy. Hak-hukuklaryny
hem öz raýatlygyndakylaryňky bilen deň etdi. Umuman, Keýmir körüň “teke
deňlik” syýasatyny ýöretdi. Soň-soňlar ýerli halk tarapyndan “gara çäkmen” adyny
alan Ýazmuhammet han bilen-ä hasam ysnyşykly gatnaşdy. Baryşdy, gelişdi, köpköp märekeleri, teşwüşleri bile sowuşdy, möhüm meseleleri bilelikde maslahatlaşdy,
geňeşdi, çözgütler tapyşdy.
Ýazmuhammediň umumy hanlyga özleri tarapyndan däl-de Gowşut han
tarapyndan saýlanmagy janlaryna ýakmadyk, ýöne, seslerini çykarybilmedikler
bolsa öz ýanlaryndan görübilmezçilik edip aşaklyk bilen: “Muny biz saýlamadyk,
tekäň hany saýlady, şonuň üçinem, bu biziň hanymyz däl, tekäň hany...” diýen ýaly
gürrüňler ýaýradyp başladylar.
Şondan soň köpçüligem ilk-ä ogryn-dogrynrak, soňam açykdan-açyk, ýöne,
göwnüýetmezçilik bilen däl-de, asla göwünlerine zat getirmän, Ýazmuhammede
“Teke han” diýip başladylar. Şeýdibem onuň ady orta ýaşdan soň “Teke han” boldy
gidiberdi. Gaty bir golaý garyndaşlary bolaýmasa, soňabaka onuň hakyky ady
tutlmadam diýen ýaly.
Ýöne, Ýazmuhammet hanyň özem muny gaty bir ýokuş görüp durmady.
Gaýtam: “Kakamyň bir oglunyň ady Ärsary. Meňkem Teke bolan bolsa tüýs
bolaýan ekeni” diýip, “loh-loh” güldi ýördi.
56
Gowşut hanyň 1878-nji ýylda, il içinde Aly mülhit diýlip tanalýan ors içalysy
tarapyndan köwşüniň içine iýji sepilip öldürilmegi ähli türkmen taýpalary bilen
bilelikde Teke hany hem biçak gynandyrdy. Ors hökümetiniň şeýle namart işler
edýändigine, esasanam halkyň hanlaryny ýok etmeklige ürç edýändigine geň galdy.
Gökdepe urşunyň öň ýany, Nurberdi hanyň hem ors içalylary tarapyndan awylanyp
öldürilmegi ony hasam howsala saldy. Dogrudanam bu halkdan gaça duranyň kem
däl ýaly-la, diýen düşünje döretdi. Göwnüne bolmasa, orslaryň Gazawatdaky eden
gyrgynçylyklary Ahal bilen Mara-da golaýlap gelýän ýaly bolup göründi.
Munuň hakykatdanam şeýledigi Gowşut hanyň ölmünden ylaýyk bir ýyl soň,
ýagny, 1880-nji ýylyň tomsunda bolup geçen Ahalteke urşunda belli boldy.
Diýmek, Ors baýarlary ýurda hüjüm etmezden öň kümsük ýollar arkaly onuň
iň gowy ogullaryny ýok edýär. Şonuň üçinem, ondan mümkin boldugyça daşrakda
durmaly. Eýrana aşmaklygyň dogry bolaýmagam ahmal. Çünki, ors diňe Ahal,
Maryny alany bilen oňmaz.
Ýöne, Gökdepe söweşem, Nurberdi hanyň ölümem entek öňde.
Teke han häzir Gowşut hanyň düşeginde otyr. Salyrlaryň indiki ykbaly,
Gowşut hanyň ornuna kimiň saýlanjakdygy, täze saýlanan hanyň on ýyl bäri göz
tussagy bolup oturan salyrlara nähili garajakdygy, ony öz ýurtlaryna goýberjekdigi
ýa goýbermejekdigi barada oýlanýar.
***
Gowşut han ýogalandan soňam salyrlar Maryda üç ýyl gowrak oturdylar. Şol
aralykda Gowşut hanyň ýerine hiç kim han saýlanmady. Mynasyp adam tapylmady.
1880-nji ýylyň aprel aýynda Ahal we Mary tekeleriniň hany Nurberdi han hem ors
içalylar tarapyndan zäherlenip öldürilenden soň, onuň şol ýerdäki ikinji aýaly
Güljemal han Mara han bellendi.
Gökdepe urşunyň gyrgynçylyklaryna sapak edinip, Maryny Orsyýete uruşsyz
birikdirmek baradaky ownukly-irili hysyrdylar bilenbaşagaý bolan bolsa gerek,
güljemal han salyrlaryň Sarahsa göçmek baradaky meselelerine seretmedi.
Şonuň üçinem, 1881-nji ýylda Gökdepe söweşi tamamlanyp ahal serdarlary
ors hökümeti bilen ýaraşyk baglaşanlaryndan soň, Teke han ýanyna öz
egindeşlerinden birnäçesini alyp, ýörite Ahala gitdi we özleriniň öňki mekanlaryna –
Sarhasa goýbermeklerini Mary kethudalaryndan haýyş edip bermegini sorap,
Dykma serdara ýüz tutdy.
Diňe şondan soň olara ýene-de Köne Sarahsa gaýdyp barmaklyga
mümkinçilik döredi.
Ýene-de goşlar düwüldi, ýene-de ýola düşüldi, aýallar ýene-de aglaşdylar.
goňşy-golamlar bilen ajy gözýaşlar içre hoşlaşdylar.
IX.
Ýene-de Zurabat
57
Ýöne, bu gezegem olara Sarashda ornaşmak nesip etmedi. Maşatda oturan
Horasan walisi Eýran hökümetiniň adyndan gepläp, olaryň ýene-de Zurabada
gitmelerini talap etdi.
Hywa hanlygam, Buhara emirligem bireýýämden bäri Orsyýetiň
tabynlygynda bolansoň, ol wagt Sarahsyň üstündäki öňki çekeleşikler ýokdy we
Eýran indi ony ymykly özüne galandyr öýdýärdi. Goňşy oturan türkmen
taýpalarynyň Orsyýet tarapyndan birsyhly boýun egdirilip gidip oturylmagy bolsa
onda gabanjaňlyk duýgusyny döredýärdi. Şol işi özüniň başaryp bilmändigi üçin
kemsinýärdi. Şonuň üçinem, ol entegem bolsa, iň bolmanda Tejen derýasynyň sag
kenaryny Köne Sarahs bilen bilelikde tä Bathyz belentliklerine çenli öz halky bilen
ilatlaşdyrmaklygyň kül-külüne düşüp ýördi. Galyberse-de Zurabatda otursalar
salyrlar göniden-göni Eýrana degişli boljakdylar we ne Orsyýet ne Angliýa hiç biri
syýasy taýdan olara öz täsirlerini ýetirip biljek däldiler, şeýle hem salyrlar Eýran
üçin hem-ä öndüriji güýç hemem zerurlyk ýüze çykan wagty ulanar ýaly taýyn
duran goşmaça harby güýç bolup hyzmat etjekdi.
Hut şol maksat bilenem Horasan häkimleri salyr kethudalaryny Zurabada
göçüp gitmeklige yrmak üçin hiç hili harajatdan, hajyk-hujuklardan gaýtmadylar.
Sylag-serpaýlaryny gaýgyrmadylar. “Bu gezek öňki ýaly bolmaz, biz size bol suwly
gowy ýer bereris, isleseňiz şol ýerde oturyp ekin-dikinleriňizi derýanyň sag
kenarynda, hatda bir wagtkyňyz ýaly Sarahsa gelibem ekip bilersiňiz” diýdiler.
Häzir Sarahsda oturmagyň howpludygyny, bu gün, erte Orsyýetiň eline
düşäýmekleriniň ikuçsuzdygyny, egerde şu ýer parslaşdyrylsa, resmi taýdan Eýrana
degişli bolup galjakdygyny, ine, şondan soň salyrlary göçürip getiräýenlerinde-de
hiç kimiň dawa edip bilmejekdigini öwran-öwran tekrarladylar.
Her niçik hem bols Sarahsda galmak meselesi boýunça Teke han başgada
birnäçe kethudalar bilen bilelikde bir gezek Maşada, iki gezek Tährana gidip geldi.
Şanyň iň ýakyn adamlary bilen birnäçe gezek duşuşdy, gürrüňdeş boldy, delillerini
aýtdy. Ahyrsoňunda-da: “Adamlar, men-ä razylyk beräýendirin” diýip, sus halda
gaýdyp geldi.
Şu meselede elbetde, sylag-serpaýlaryň, boş wadalaryň abaý-syýasatlaryň
hem aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolandygy çyn, ýöne, esasy zat: Orsyýetiň eline
düşmezlik üçin häzirlikçe Eýranyň jümmüşine aralaşmak, soň, Sarahsy Eýran
ymykly öz adyna geçirenden soň, Horasan häkimleriniň wada berişleri ýaly, atawatana dolanyp gelmek. Orsyýede raýat bolandan öz Watanyňda ýaşap Eýrana raýat
bolanyň ýagşy...
***
Ýöne ýene-de aldanandyklaryna salyrlar Zurabada gelen günleriniň ertesi göz
ýetirdiler. Eýran hökümeti diňe tohumlyk däne kömegini berdi-de, ekin, sürüm üçin
wada beren guraldyr-enjamlaryny bermedi. Asyl-ha agzamadam. Özleri
agzasalaram eşitmezlige saldylar. Üstesine yzlaryna gitmezlikleri üçinmi ýa halkara
syýasaty bilen bagly bolan başga bir maksat bilenmi, her obanyň golaýynda garawul
durar ýaly diňli, kiçiräk galaly garnizon gurup, hersinde-de on-on bäş sany atlyýaragly serbazy gullukda goýdy.
58
Şol serbazlar gije-gündiz salyrlaryň her bir hereketlerini sypdyrman
synlaýardylar, yzarlaýardylar, dürli ýollar arkaly gürrüňlerini diňleýärdiler we
sähelçe üýtgeşiklik boldugy ýa eşidildigi günübirin ýokarlaryk ýetirýärdiler. Oba bir
myhman düşläp geçse-de, derhal Maşadyň gübernatoryna, ol ýerdenem Tährana
aýan bolýardy. Şol gelip giden adamyň kimdigi, nireden gelendigi, nirä barýandygy
anyklanýanýardy. Bir eşek guzlasa-da, “bir salyr köpeldi” diýen ýaly habar möhüm
täzelik hökmünde paýtagtda oturan uly çinli çinowniklere baryp ýetýärdi. Olardan
ýaňa aýal-gyzlar çagalaryny gatyrak agladyp bilmeýärdiler, oglan-uşaklar tamdyr
towluk jygrama çöplemek üçin obadan sesýetim uzaklyga-da gidip bilmeýärdiler.
Ýetişen gyzlar, gelinler-ä ýany adamsyz goňşy obalara toýa-tomga gitmäge-de zar
boldular.
Serbazlaryň bor-bolgusyz bahanalar bilen halka azar beräýmelerem bardy.
Gyz-gelinlere göz gyzdyrýan, ogryn-dogryn lak atýan gezeklerem bolman
duranokdy.
Şol zatlar sebäpli ar-namysy joşa gelen ýigitler käte uwnup-çydaman
atlanýardylar we ýaraglaryny besläp gazap bilen garnizona çozýardylar.
Şolar ýalyda goňşy obalaryň golaýyndaky garnizonlarda gulluk edýän
serbazlaryň kömege gelmegi bilen urşuň has ula ýazyp, wakanyň ikitaraplaýyn
gyrgynçylyk bilen tamamlanýan halatlary hem bolýardy.
Şolar ýaly aýylganç wakalaryň sarsgynam elbetde, günübirin baryp hökümet
ýolbaşçylaryna, şanyň hut özüne ýetýärdi. Olaram öňi bilen-ä garnizonyň
göwrümini ulaldýardylar, serbazlaryň sanyny köpeltýärdiler, soňam öz
sypaýylaryny iberip ganly çaknyşyga gatnaşan türkmen ýigitlerini tutup alyp
gidýärdiler, Maşada ýa Tährana eltip, işini kazyýete geçirýärdiler, derňew
geçirmezden günäkärlernip, zyndanlara dykylýardylar. Şol adamlaryň gaýdyp
gelýänlerinden gelmeýänleri köp bolýardy. Satyn alara bolsa halkda pul ýokdy. Iň
ýamanam olaryň aňyrsynda direnip duran döwlet, hökümet hossar ýokdy.
Bu diýdimzorluklar, sütemler hamala diýersiň şeýle biçäre halkyň, kiçijik
taýpanyň öňküdenem beter gözüniň oduny almak, ruhuny çökermek ýüreklerini
çakmak üçin ýörite edilýän ýalydy. Ýöne, salyrlaryň Zurabatdaky görýän
görgüleriniň barysy ol däl. Ol diňe durmuşyň syýasy tarapy. Esasy kynçylyk
ykdysady ýagdaý. Hasylsyzlyk. Olaryň güzeranlaryny bolşundanam beterleşdirýän
zat ana, şol.
Şonuň üçinem, bir ýyl näçeräk eýle çytraşyp, bagty synap görenlerinden soň,
Eýran hökümeti bilen gepleşip goýuşlary ýaly geljek ýylyň ekini derýanyň sag
kenaryna geçip ekmeli, diýen netijä geldiler.
Şeýle hem etdiler.
Derýanyň amatlyrak ýerinden suw sowup, “Kärizli”, “Adam ölen” diýen ýaly
düzlük we ýarym baýyrlyk ýerlerde, “Gyzylgaýanyň” eteklerinde güýzlik bugdaý
üçin bolşuna görä ýer açdylar sürdüler, şüdügäri tekizläre malalary, kündeleri
bolmansoň üstünde adam oturdyp, petde-petde gyzgan süýrediler.
Sürümiň hili gowy bolmansoň bugdaý kelegräk bitdi. Bitenjesem çüte.
Käbirinde-hä asla başam ýok. Şeýle-de bolsa öňki gezekdäkilerine görä ganymat.
Käbir oýtagrak ýerlerdäki biten hasyl bilen-ä asylam oňuşmazça däl. Garaz, edil
Zurabatdakydan, Gardepedäkiden ganymat.
59
Oragyň öň ýany, sil suwunyň derýadan agyp gaçan ýerleriniň gyrmançasyny
açyp düme eken gawundyr-garpyzlary, kädileri welin edil, “Başyna gören ýaly”
diýenleri boldy. Tomus, şol zatlar bişensoň gaýnadylan sökler, serilen kaklar
degirmen-degirmen bolup dullaryny doldurdy. Gyş azyk ýükleri ýetdi. Özlerinden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 07
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.