Latin

Salyr soňy Sarahs - 01

Total number of words is 3703
Total number of unique words is 1934
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
JUMA HUDAÝGULY
Salyr soňy Sarahs…
Taryhy etnografiki roman – mozaika
I
Köne Sarahs kime degişli bolmaly?..
Ahal tekeleri tarapyndan iňňän gaýduwsyzlyk bilen berk goralan Gökdepe
galasy synandan üç ýyl soň, 1884-nji ýylyň ýedinji ýanwar güni Güljemal hanyň
ýolbaşçylygynda geňeş geçirip, Mary tekeleriniň Orsyýede meýletin birikmek
barada mejbury karar kabul etmekleri, Pendi ýaýlalarynda agyp-dönüp ýören
sarykaryňam şol karara özakymlaýyn goşulmaklary netijesinde türkmen topragy
tutuşlygyna diýen ýaly Orsyýetiň ygtyýaryna geçdi. Çünki, Lebapda oturan ärsary
türkmenleri-hä Buhara bilen birlikde birwagtlar Orsyýetiň düzümine giripdi.
Hazarýaka ýomut türkmenleri, hususan-da Maňgyşlakda, Çelekende oturan
japarbaýlar we atabaýlar bolsa Gökdepe söweşindenem öň Orsyýetiň raýatlygyny
kabul edipdirler.
Şeýlelikde, Orsyýet türkmen sähralyklarynyň üsti bilen Owganystana,
ondanam Hindistana aralaşmak baradaky baryp-ha Pýotr birinjiniň döwründen bäri
edip gelýän arzuwyna doly ýetip bilmese-de, garaz, onuň bäri ýanyna, ýagny,
Şeýhu-Jüneýide-hä baryp ýetdi. Hazar deňzinden başlap tä, Bathyz belentliklerine
1
çenli bolan aralygy öz ygtyýaryna geçirdi we ahyrsoňunda bir egnini Owganystana
bir egninem Eýrana diredi.
Ýöne ine, hemişe Mary sebitlerine degişli edilip gelnen, Eýranyň Täze
Sarahsyndan uzak bolmadyk aralykda Tejen, derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän
Köne Sarahs welin şol wagt eýesiz ýatyrdy. Degre-daşy tozap ýatan, ilatsyz boş
meýdandy. Onda ir döwürlerden bäri oturan, şol topragyň hakyky eýeleri hasap
edilýän salyr türkmenleri-hä 1832-nji ýylyň güýzünde, Eýran tagtynyň mirasdüşeri
şazada Apbas Mürzäniň ýolbaşçylygynda edilen elhenç çozuşdan soň zir-zöwran
bolşup Ýolötene, Çärjewe, Meýmenä tarap bosupdylar. Ýer-suw ýetmezçiligi
zerarly on sekizinji asyryň başlarynda Ahal tekelerinden bölünip gaýdyp, ilki
Gäwersde, Abywerdiň Bäşgala diýen ýerinde, soň Tejen derýasynyň aýaklaryndaky
Garrybentde oturan, Apbas Mürzäniň ýokarda agzalan çozuşy sebäpli salyrlar
gidenden dört ýyl soň, ýagny, 1836-njy ýylda Hojamşükür hanyň we Oraz Ýaglynyň
ýolbaşçylygynda Sarahsa gelen tekeler bolsa Eýranyň çapawulçylykly hereketleri
zerarly bu ýerde uzak ynjalybilmändiler we 1858-nji ýylda Gowşut han olary Mara,
Murgap derýasynyň boýlaryna alyp gidipdi.
Şeýdibem, Tejen derýasynyň sag kenary bilen tä, Hyrada çenli uzalyp gidýän
dilkawja zolak – Köne Sarahs boşap galypdy.
Dogry, Gökdepe galasy synandan soň, ors hökümetiniň şol etraplara hem
gadam goýaýmagynyň ahmaldygy baradaky sarsgynyň ýaňy bir ýaýran wagty,
Eýran hökümeti Köne Sarahsy öz halky bilen ilatlaşdyrmaklyga synanyşyk edipdi.
Hatda Köne Sarahsyň on iki kilometrlik demirgazyk – günbatarynda ýerleşýän
Gowşut han galanyň golaýynda Tejen derýasynyň sag kenaryna diräp diýen ýaly
Ruhnabat harby berkitmesini gurdurmaga
girişipdi. Ýöne, uzak ýyllaryň
dowamynda goňşy türkmen taýpaarynyň öwez-alamanlaryndan we käbir
çapawulçylykly toparlaryň talaňçylyklaryndan ýaňa bizar-peteňleri çykan
serhetýaka Eýran halky Köne Sarahsa göçüp gelmeklige döwtalap bolmandy.
Ruhnabat berkitmesiniň gurluşygy bolsa, ors hökümetiniň talap etmegi netijesinde
doly gurlup gutarylmanka togtadylypdy.
Eýsemde bolsa Köne Sarahs ors hökümetine ýeke bir Eýran serhedine eňek
diremegi üçin gerek boldumyka?
Ýok! Ýeke bir onuň üçinem däl. Ol ýer oňa özüniň güýç-kuwwatyny birsyhly
Eýrana güjeňläp durmak, ony hemişe gorky astynda saklamak üçinem iňňän
amatlydy. Şeýlede bu gadymy ýurt giden bir tekiz meýdan bolup ors harbylary
özlerine garaşly türkmenleri az sanly güýç bilen doly gözegçilikde saklap
biljekdiler. Ýagny, Köne Sarahs olara gözegçilik nokady hökmünde hem hyzmat
edip biljekdi.
Şonuň üçinem ol haýal etmän Sarahsy eýelemelidi. Eýran hökümetiniň ony
özünden öň ilatlaşdyrmagyna ýol bermeli däldi. Özünem mümkin boldugyça çalt,
şeýle-de, hut türkmenler bilen ilatlaşdyrmalydy, öz hasabyna geçirmelidi, raýatlyga
almalydy.
Orsyýetiň şu mesele boýunça aşaklyk bilen alyp barýan özara gepleşikleri,
Köne Sarahsa bolan meýli Eýran hökümetine basym äşgär boldy we ol hem Köne
Sarahsy öz halky bilen orslardan öňürti ilatlaşdyrmak we şol sebiti öz ýurdunyň
çägine gutarnykly goşmak höwesi bilen gaýtadan joşup başlady. Eýran şasynyň hut
2
özi, bu barada Maşatda oturan dikmesi, Horasanyň general-gubernatory Alymerdan
hana haýdan-haý görkezme berdi. Şol iş üçin hiç-hili çykdajydan gaçmazlygy
tabşyrdy.
Orsyýetiň Tährandaky ilçisi Melnikow hem özüniň ygtybarly çeşmeleriniň
üsti bilen, Eýran hökümetiniň bu tutumyndan habardar boldy we telegraf arkaly
Peterburga gyssagly habar ýollady. Köne Sarahsy öz halky bilen ilatlaşdyrmak
baradaky Eýran hökümetiniň düýn-öňňünlikde öňe süren syýasatynyň öňüni almak
üçin, ol ýeri eýýäm Orsyýetiň raýatlygyny kabul eden Maryly teke türkmenlerinden
ýa-da saryk türkmenlerinden doldurmaklyga ygtyýar bermeklerini sorady.
Peterburg Melnikowyň teklibini goldady we onuň Aly hezretleri Beýik
imperator bu işe gönüden-göni gözegçilik etmekligi Zakaspiý oblastynyň naçalnigi
general Komarowa hem-de Kawkaz harby okrugynyň goşun ýolbaşçysy knýaz
Dondukowa tabşyrdy.
Ady agzalan adamlar Ak patyşanyň görkezmesine şeýle bir ilgezek
ýapyşdylar welin, bu işe türküstanyň we türkmenleriň, galyberse-de tutuş
Gündogaryň taryhyny, dilini, däp-dessurlaryny ýagşy bilýän adamlary hem çekmek
bilen, meseläniň garaşylyşyndan hem has oňyn çözgüdini tapdylar.
Ýagny, Köne Sarahsy Melnikowyň öz telegrammasynda teklip edili ýaly
maryly tekelerden ýa saryklardan däl-de, taryhy möwrütleriň öwrümlerinde dürli
sebäplere görä ol ýere gelip-gidip ýören, uly bolmadyk bir böleg-ä häzir Maryda,
esasy bölegi bolsa Eýranyň Horasan welaýatyna degişli Zurabat diýen ýerde, üç ýyl
bäri mejbury ýagdaýda oturan Köne Sarahsyň hakyky eýeleri hasap edilýän salyr
türkmenlerinden doldurmaly diýen karara geldiler.
Ýüze çykan mesele boýunça Tährandan telegramma gelen gününiň ertesi,
ýagny, 1884-nji ýylyň 14-nji maý güni, öňürt-ä Maryda oturan iki ýüz öýli salyry,
ondan soň bolsa haýal etmän, olaryň Zurabatda oturan uly bölegini Sarahsa göçürip
getirmek barada Mary okrugynyň naçalnigine gyssagly buýruk ýolladylar.
Ozaldanam Apbas Mürzäniň çozuşyndan bäri ata-watanlaryny küýsäp ýören
mazaly salyrlar ors hökümetiniň özleri üçin eden bu elmaýyşlyklaryny köp-köp
minnetdarlyk bilen kabul etdiler we ur-tut goşlaryna ýapyşdylar.
Kimsi arabaly, kimsi düýeli ýa eşekli, aglabasy bolsa arkasy sähelçe ýükli
pyýadalardan ybarat göç 1884-nji ýylyň 28-nji maý güni, ir bilen başly-baradrak
hem bolsa bir toplum bolup, Marydan Sarahsa tarap ýola düşdi. Olaryň
howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ýanlaryna podpolkownik Alyhanowyň
ýolbşçylygynda iki ýüz sany atly kazak goşuldy.
Barýan göçi sag-salamat Sarahsa eltip, ol ýerde ýerleşdireninden soň,
Zurabatda oturan salyrlary Sarahsa göçürip getirmek baradaky edilmeli aladalar hem
Mary okrugynyň naçalnigi tarapyndan Alyhanowyň boýnuna atyldy. Ýöne,
howlukmaçlyk ýa dyzmaçlyk edip Eýran hökümetiniň wekilleri bilen urşa ýa uly
dawa getirip biljek gapma-garşylykly hereketlere girmeli däl, gödek gürleşmeli däl.
Ähli zat halkara diplomatiýasynyň gadymdan gelýän berk düzgünlerine hem-de
talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmaly.
***
3
Marydan gaýdan göç, 1884-nji ýylyň maý aýynyň otuz biri güni göç Sarahsa
geldi. Olar tire urug, bölek hasabynda kowçum-kowçum bolup bölündiler we hersi
öz saýlap alan ýerlerinde, hususanda Köne Sarahs galasynyň we musulman äleminiň
iň uly alymlarynyň biri, meşhur Mäne babanyň hem mugallymy hasap edilýän
Abylfazyl Sarahsynyň kümmetiniň günorta tarapynda, häzirlikçe howul-hara
ýerleşdiler.
Alyhanow bolsa haýal etmän özüniň iki ýüz atlysy bilen Gowşuthan gala
bardy. Uruş alamatlary bolmaz ýaly kazaklary şol ýerde galdyryp özi birnäçe
milisionerler bilen pars berkitmesi bolan Ruhnabada tarap ugrady. Baryp, galanyň
derwezesiniň agzynda goş ýazdyrdy. Çadyr dikdirdi. Atlaryň eýerlerini aýryp
derýanyň boýundaky bol biten otluk meýdana goýbermek barada soldatlara
görkezme berdi. Aýak ýeter ýaly ýerlere aýlandy, derýanyň kenaryna baryp,
okgunly akýan, popurrykdyr-porruk garyşykly melemtil sil suwuny synlady. Ondan
soň birmeýdan daş-töweregini gurşap alan, gür goýy hem salkyn saýaly, towlamtowlam ýüpleri sallanyşyp duran toraňňylaryň, şorumtyk ysly, ösgün, her şahasy
baldyr ýaly ýylgynlaryň arasynda aýlandy, güsürdeşip, ondan-oňa uçup-gonup
ýören sülgünleriň, käkilikleriň kä kölegeden, kä gür gamyşlyklaryň arasyndan, kätede söwütleriň çür depesinden eşidilýän ýakymly owazlaryny, ownuklu-irili dürli
guşlaryň bir heňe goşup çalýan nagmalaryny hezil edip diňledi. Mahlasy, sähelçe
salymlyk hem bolsa dünýäniň ähli aladalaryny, uruş-gowgalaryny we dawajenjellerini unutdy. Täzeje aw etini iýmäge, umuman aw etmäge höwesi hernäçe
güýçli bolsa-da, tüpeň sesini çykaryp, gele-gelmäne serhetde howsalaly ýagdaý
döretmezlik üçin ol meýlinden el çekdi.
Ors atlylarynyň beýle duýdansyz peýda bolaryna garaşmadyk bolsalar gerek,
Alyhanow dagy gelende Ruhnabadyň derwezesinde hatda parslaryň garawullaram
ýok ekeni. Diňe şol günüň ertesi kelte boýly, keltejik aýakly, ullakan ala gözleri
oýnaklap duran, burunlak, uçlary iki erninden aşak sallanyp duran ýogyn gara
murtly kiçi çinli bir pars ofiseri iki sany uzynak serbazyň öňüne düşüp geldi we
olary Ruhnabadyň girelgesinde garawul goýdy. Özi gybyrdyklap gelip Alyhanow
bilen harbylarça salamlaşdy. Eýran Sarahsynyň komendanty Haýdarguly handan
salam gowşurdy. Näme maksat bilen gelendiklerini sorady.
Orsyýetiň raýatlygyna giren Marynyň bir bölegi hökmünde Tejen derýasynyň
sag kenary, şol sanda Köne Sarahs hem bize degişli – diýip, Alyhanow
sypaýyçylykly jogap berdi. Ýene soragyň barmy diýen manyda çalarak
gyýaklabraga-da juda kelteligi üçin boldan biçilen harby lybasyň içinde birneme
gülkünjiräk görünýän ofiseriň ýüzüne şonuň üçinmi ýa başga bir sebäbe görämi,
gülümsiräp garady.
Milisionerleriň biri onuň aýdanlaryny pars diline terjime etdi. Ofiser aşak
bakyp durşuna jogaby üns bilen diňledi. Ýöne, hiç hili garşylykly pikir aýtmady.
Jedelleşjegem bolmady. Sesini çykarman, gitdi-de, ýap-ýaňyja goýan garawullaryny
galayň agzyndan aýyrdy. “Got-got” edip ýene-de Alyhanowyň ýanyna gaýdyp geldi.
Ýaňky aýdanlaryny Haýdarguly hana ýetireri ýaly hata ýazyp bermegini haýyş etdi.
Bu meseläniň entek has ýokary derejelerde çözülýändigini, maslahatlar, gepleşikler
geçirilýändigini, şol zatlar bir ýüzli bolandan soň, iki tarapyňam degişli
4
edaralarynyň has takyk görnüşde hat üsti bilen habardar ediljekdigini aýdyp,
Alyhanow onuň ol haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
Pars ofiseri düşbülik hem boýun sunujylyk bilen baş atdy. Alyhanow bilen hiç
bir kinesiz, mertebeli hem mynasyp hoşlaşdy. Ilerligine tarap elini salgap, “ýöräň”
diýen manyda serbazlaryna yşarat etdi. Üçüsiniňem ümzügi Täze Sarahsa tarap
gönükdi.
Şondan soň Alyhanowam ol ýerde uzak eglenmedi. Ýanynyň milisionerleri
bilen Gowşuthan gala bardy we ol ýerdäki kazaklaryň bir wzwodyny alyp gaýdyp,
üç günden çalyşmak şerti bilen, serhet goragçylary hökmünde Ruhnabatda goýdy.
Gowşuthangalada hem şol şert bilen şonça güýç galdyrdy. Esasy güýji bolsa, Köne
Sarahsda, derýanyň sag kenaryna golaý ýerde ýerleşdirdi.
Indi ol özüne buýrulan ikinji hem esasy ýumşa amal etmeklige girişmelidi.
Hut şol niýet bilenem ol özüniň hat-petek ýöredijisi molla Sähedi ýanynyň bäş-alty
sany jigidi bilen Zurabada iberdi. Ol şol ýerde oturan salyr türkmenleriniň
kethudalary, hususan-da Teke han bilen duşuşmalydy, göç meselesi barada
gürleşmelidi, egerde döwtalap bolsalar, onda ors hökümetiniň gol kömegini
gaýgyrmajakdygyny aýtmalydy. Ýüze çykan ýagdaýy, syýasatyň ugruny
düşündirmelidi. Düşünişmelidi. Olary Alyhanowyň ýanyna gepleşige çagyrmalydy.
Has gowusy gyssagly suratda kethudalaryň özlerini alyp gelmelidi.
II
Ors–Eýran gepleşikleri
Orsyýetiň Köne Sarahs babatdaky täze syýasaty bilen Eýran hökümetini hiç
bir bassyr-ýussursyz açykdan-açyk habardar etmekligi ilçi Melnikow özüniň borjy
hasaplady. Degişli adamlar bilen bolan duşuşykda Sarahs topragy, onuň Orsyýete
degişli bolmalydygy barada gürrüň etdi. Marydan iki ýüz öýli türkmeniň göçürilip
getirilendigini aýtdy. Ýöne, Zurabatda oturan salyrlary ol ýere göçürip eltmek
üçinem degişli çäreleriň görülýändigi barada welin dil ýarmady. Çünki, tabşyryk
şeýledi. Eýranyň içki meselesine degişli, nägileçilik döredip biläýjek ol gürrüň
häzirlikçe hiç ýerde gozgalmaly däldi. Ol mesele salyrlaryň öz syýasy hereketleri
arkaly çözülmelidi.
Elbetde, Orsyýetiň Zurabatly salyrlar babatdaky içki syýasatyndan bihabar
bolsa-da, Köne Sarahsa eýýäm iki ýüz öýli türkmeniň göçürilip getirilendiginden, ol
ýerde iki ýüze golaý soldatyň gulluk edip ýörendiginden Eýran hökümetiniň
onsuzam habary bardy. O zatlar bilen Eýrana degişli Tejen derýasynyň çep
kenarynda ýerleşýän Täze Sarahsyň komendanty Haýdarguly han güni degişli
adamlary, şol sanda şany hem habardar edipdi. Ýöne, ol topragy öz ilaty bilen
özleşdirmekligiň höwesinde gezip ýören şanyňam bu meselede aňsat-aňsat ýan
beresi, gaýra tesesi, agzyna golaý duran lukmany “mesaňa” diýýäge-de başga birine
berip goýberäýesi gelmedi. Iň bolmanda garşylyk görkezip galasy, netije bersebermese bagtyny synap göresi geldi.
Şonuň üçinem, ol Eýranyň Orsyýetdäki ilçisi Ýahýa han Müşireddowlä, Ak
patyşa Aleksandr II bilen golaýda boljak duşuşygy mahaly Köne Sarahsyň ykbaly
barada ýörite gürrüň gozgamaklygy tabşyrdy. Edilmeli gürrüňiň mazmunyny terzini
5
salgy berdi. Işiň juda gyssagdygyny, sähelçe haýal-ýagallyk etse, gürrüňi edilýän
topragyň öz ellerinden ömürlik gidäýmeginiň ahmaldygyny öwran-öwran nygtady.
***
Geçirilmeli gepleşigiň iki tarap üçinem iňňän möhümdigini, gaýry
goýulmasyzdygyny degişli adamlaryň ýanynda öwran-öwran ýanjamak bilen,
Ýahýa han, Onuň Aly hezretleri Beýik imperator Aleksandr ikinjiniň özüni öň
bellenen möhletden has irräk kabul etmekligini gazandy.
Gepleşige Orsyýetiň Daşary işler ministri hem gatnaşdy.
Eýran ilçisi turuwbaşdan Köne Sarahs barada söz açdy. Orsyýetiň türkmen
topragyny eýeländigi, türkmenleri öz raýatlygyna alandygy babatda Eýran
hökümetiniňem, şanyň hut özüniňem hiç hili nägileçilikleriniň ýokdugyny, ýöne,
onuň ine, Köne Sarahsa hem öz goşunyny salmagynyň welin şa hezretlerini birneme
ynjalyksyzlandyrýandygyny syzdyrdy. Soňundanam:
– Köne Sarahsda türkmenler ýaşamaýarlar, şonuň üçinem ol toprak siziň
eýelän ýerleriňize girmeýär we köpden bäri Eýran hökümeti tarapyndan
gözegçilikde saklanýar. Egerde Köne Sarahsyň Eýrana degişlidigini ykrar etseňiz, şa
Sizden köp-köp hoşal bolardy – diýdi.
– Ýok! Beýle zat bolup bilmez – diýip, Imperator onuň bu pikirine çürt-kesik
garşy çykdy. – Çünki, Köne Sarahs dünýä kartasyna eýýäm Orsyýetiň bir bölegi
hökmünde girdi. Häzir boş ýatan hem bolsa, aslyýetinde ol sebit türkmenlere
degişli. Türkmenler bolsa häzir Hazar deňzinden başlap tä, Guşga çenli uçdantutma
biziň raýatlygymyzy kabul etdiler. Şol sebäpdenem ol ýurdy Eýrana degişli etmek
barada hiç hili gürrüň bolup bilmez... – Imperator çalaja ardynjyrady-da, ýerinden
turdy, iki ýana gezmeläp ýörşüne Ýahýa hanyň ýüzüne-de seretmän, edil öňküsi
ýaly pessaý, ýöne, sagdyn gürledi. – Biziň soldatlarymyz barmazynyň edil öň
ýanam Köne Sarahs tozap ýatan boş meýdandy. Egerde öňde-soňda ol ýerde biri
oturan bolsa, o-da türkmenlerdi. Türkmenleriň at toýnaklarynyň oýnagyna öwrülen
şol ak meýdana Eýran hökümeti henize çenli aýagynam sekmändi. Öz halky bilen
ilatlaşdyrybam bilmändi.
– Biz ol ýeri ilatlaşdyrmakçy...
– Indi-hä ol barada asla agzabam oturmaň. Onsoňam egerde gerek bolsa, şolar
ýaly tozap ýatan ýerler häzir siziň öz Horasan welaýatyňyzda-da az däl. – Ol
birdenkä, ilçä tarap çakganlyk bilen öwrüldi-de, ajymtyk ýylgyrdy. – Öň eýelik edip
bilmedik ýerleriňize indiden soň, ors ýaragynyň arkasyndan eýe boljak bolmagyňyz
gelşikli-hä däl...
Imperatoryň biliner-bilinmez kinaýa gatyşykly ýumşajyk ýaňsy bilen aýdan
bu sözüne aşak bakyp dyzynyň üstündäki açyk depdere sag elindäki gyzyl galam
bilen bir zatlary bellik edip oturan harby ministr “myssa” ýylgyrdy. Başyny
galdyryp ilki patyşanyň, soňam ilçiniň ýüzüne seretdi. Harby ministriň nazary bilen
nazary howada kaklyşan Ýahýa hanam bialaç ýylgyrdy. Ýöne, juda ebeteýsiz,
müýnli ýylgyrdy. Çalajada gyzardy. Soň uýaljyrap aşak bakdy. Aljyrap jübülerini
sermeleşdirdi. Öý eýesiniň aýdanlary bilen ylalaşýandygynyň alamaty hökmünde
usullyk bilen baş atdy. Şondan soň oňa eýran şasynyň hut özüniň öz agzyna salyp
beren ikinji teklibini orta ataýmakdan başga alaç galmady.
6
– Biziň beýik şamyz Köne Sarahsyň Orsyýet bilen Eýranyň arasyndaky
bitarap meýdança hökmünde ulanylmagyna hem garşy däl.
Imperator ýerine geçip oturdy. Şol bir sowukganlylygy bilen öňküsindenem
kesgin gürledi.
– Bular ýaly meselä-hä biz asla seretmegem islemeýäris. Çünki, Köne Sarahsa
eýýäm biziň raýatlygymyza giren türkmenler göçüp gelip ugradylar... – Ol ilçä tarap
gyýalabrak garady-da, öňküsine görä birneme ýumşagrak terzde gürledi. – Şu
mesele boýunça başga-da aýtjak zadyňyz barmy?
– Bar.
– Aýdyň.
Eýle bolsa biziň mertebeli şamyz iň bolmanda birnäçe aýa çenli Sarahsdaky
harby otrýadyňyzy ol ýerden çykarmagyňyzy Sizden haýyş edýär.
Ýahýa hanyň birsyhly ýan berip barmagy, Köne Sarahsa eýe çykmakda Eýran
şasynyň özi üçin hiç hili mümkinçilik görmeýändigini, bu meseläniň gürrüňsiz
Orsyýetiň bähbidine tarap çözüljekdigini äşgär etdi. Onuň soňky haýyşy bolsa, ýüze
çykan ýagdaýdan Eýran şasynyň mümkin boldugyça öz mertebesini, türkmenler we
duldegşir türkmen topragy babatdaky ähli etsem-goýsamlary puç bolan we
şowsuzlyga uçran ynjyk duýgularyny şondan artyk kemsitdirmänräjik baş alyp
çykybilse galan zatlara kaýyl bolandygyny aňladýardy.
Her niçik hem bolsa, onuň ol haýyşynynda Eýran üçin üýtgeşik bir utuşyň
ýokdugyny, agzalan ýer barybir eýelenenden soň özi üçinem uly bir ýitgi däldigini,
esasanam Gökdepä edilen harby ýörüş mahaly az-owlak hem bolsa eden hyzmatyny
göz öňünde tutup, egerde şonuň üçin amatly ýagdaý dörese, ýagny Marydan gelip
eýýäm Köne Sarahsda ornaşan we mundan buýana hem ondan-mundan geljek
türkmenler üçin Eýran tarapdan hiç hili howpuň abanmajakdygyna gözi doly ýeten
halatynda şanyň şol haýyşyny kanagatlandyrmaklygyň özi üçin gaty bir müşgül iş
däldigini patyşa Aleksandr ikinji belent mertebeli hem-de hemişe işi rowaç adama
mahsus bolan agraslyk bilen howlukman aýtdy.
Muny Daşary işler ministri hem baş atyp makullady. Depderine ýene-de
birnäçe bellikler etdi.
Imperatoryň soňky jogaby Ýahýa hana hem kem ýaramady. Iň bolmanda bir
meselede eglişik gazanan adam hökmünde ol uludan demini aldy-da, hoşallyk bilen
baş atdy, ýerinden turdy, bagyr basyp minnetdarlyk bildirdi.
Şondan soň ol Köne Sarahs barada gaýry bir meseläni öňe sürjegem bolmady.
Çünki, birinjiden-ä Orsyýetiň Köne Sarahsy eýelemeginde Eýranyň öz bähbidem
ýok däldi, ýagny, türkmenleri öz raýatlygyna almak bilen, Orsyýet Eýranyň
asyrlarboýy böwrüne sanjy bolup gelen gündogar serhedini howpsuzlandyrýardy,
türkmenler tarapyndan mundan buýana hiç hili alamançylygyň ýa çapawulçylygyň
bolmajakdygyny kepillendirýärdi. Eýranyň gündogar serhedini jähekläp ýatan Tejen
derýasynyň sag kenary tutuşlygyna Orsyýetiň ygtyýaryna geçipdi. Başga biriniň
telpegine dawa edip durmagyň bolsa geregem ýokdy, netijesem görnüp durdy. Gijä
galandygyňy, aýgytly pursaty elden giderendigiňi boýnuňa alaýmakdan başga alaç
ýokdy.
Şonuň üçinem, gepleşigiň barşynda gelnen netije bilen şany habardar
etjekdigini aýdyp, Ýahýa han imperator bilen hoşlaşdy.
7
Bolup geçen bu duşuşygyň mazmunyny Orsyýetiň Daşary işler ministri hem
öz gezeginde Tährandaky ilçisi Melnikowyň dykgatyna günübirin ýetirdi. Ol özüniň
giňişleýin telegrammasynda garalan meseläniň gutarnykly çözülendigini, şanyň özi
ýa-da onuň ministrleri bilen boljak islendik duşuşykda Köne Sarahsa degişli
meseleleri gozgamazlygy, bardy-geldi Eýran tarapyndan gozgalaýanda-da,
Imperatoryň Ýahýa hana aýdan sözlerinden ugur almaklygyň maksada laýyk
boljakdygyny duýdurdy.
Ýöne, şanyň özem Ýahýa hanyň Aleksandr II bilen geçiren gürrüňçiliginden
we ol ikisiniň gelen netijelerinden kanagatlanan bolsa gerek, Melnikow bilen bolan
soňraky duşuşyklarynda ol bu mesele barada hiç zat aýtmady.
III
Salyr türkmenleri barada taryhy maglumatlar
1. Sarahs haçan gurlupdyr?..
Ýogsa-da, ors hökümeti näme üçin Köne Sarahsy ala-böle salyrlara dahylly
etdikä? Taryhy nukdaý nazardan garanyňda bu hakykata laýyk gelýärmikä?
Elbetde, şemal bolmasa çöp başy gymyldamaýar. Herki zadyň özüne ýetik
sebäbi bolýar. Salyr türkmenleriniň Köne Sarahsa beýleki türkmen taýpalaryna görä
has dahyllydyklaryny subut edýän taryhy maglumatlar bir ýa iki däl. Mysal üçin,
miladynyň ýedinji asyrynda, araplar yslamyň ýaşyl tuguny parladyp, häzirki
türkmen topragyna aralaşan wagtlaram gadymy oguz taýpalarynyň biri bolan
salyrlar Sarahsda otyrdylar. Şonda olar beýleki oguz-türkmen taýpalary bilen
bilelikde, bir wagtlar Oguz han tarapyndan yglan edilen “Gök taňryçylyk” dinlerini
uzak wagtlap, iňňän tutanýerlilik bilen gorapdyrlar.
Elbetde, salyrlaryň içinde: “Şu şäheri biziň ata-babalarymyz gurupdyrlar, hut
şonuň üçinem biz ony öz ata-watanymyz hasap edýäris, diýip ýapyşyp ýatany ýok.
Bu şäheriň haçan gurlandygyny, kim tarapyndan düýbüniň tutulandygyny asla
bilýänem ýok. Taryhy çeşmelerem bu barada her dürli habarlar berýärler.
Mysal üçin, XII asyrda ýaşap geçen Merwli taryhçy as-Samany özüniň
“Atlaryň geneologik kitaby” atly işinde: “Sarahs Eýranyň efsanaýy patyşasy
Keýkowus döwründäki bir garakçynyň ady bolupdyr. Ol häzirki Sarahsyň oturan
ýerinde ýaşapdyr we şäheriň düýbüni tutupdyr, isgender Zülkarneýin bolsa ony
dowam etdiripdir” diýip ýazýar.
Orta asyr arap taryhçysy Ýakut hem özüniň 1224-nji ýylda ýazan “ýurtlaryň
sözlügi” diýen kitabynda umuman, as-Samanynyňka meňzeş maglumat berýär,
şeýle hem: “...Parslaryň aýtmaklaryna görä, Keýkowus patyşa Judarzyň Sarahs atly
ogluna mülk üçin ýer bölüp beripdir, ol bolsa şol ýerde şäher gurdurypdyr hem-de
oňa öz adyny dakdyrypdyr” diýip, sözüniň üstüne goşýar.
Pars taryhçysy we jugrafiýaçysy Kazwini bolsa, 1340-njy ýylda ýazan
“Ýürekleriň eşreti” atly çeşmesinde: “Sarahsy Afrasyýap türk gurdurypdyr”, diýýär.
Görşümiz ýaly Köne Sarahsyň düýbüniň haçan, kim tarapyndan tutulandygy
barada anyk bir maglumat ýok.
8
Ýöne, bir zat welin belli. Ýagny ol iňňän gadymy şäher. Munuň şeýledigine
Isgender Zülkarneýniň Orta Aziýa eden ýörüşlerine hatda ondan has irki we has
soňraky döwürlere degişli çeşmelerde hem bu şäheriň adynyň edil şu günkisi ýaly
“Sarahs” görnüşinde gelýädigi-de aňyrýany bilen şaýatlyk edýär.
Salyr türkmenleriniň Sarahs şäherine dahyllydyklaryna goltgy berip biljek
ýene bir zat, o-da bu taýpanyň Sarahsdanam has irki, aslyny baryp-ha Oguz han
atamyzdan alyp gaýdýan iňňän gadymy halkdygydyr. Egerde bu şäheri Afrysyýabyň
gurdurandygy çyn bolsa-ha onda salyrlar Sarahsa çak edilişindenem has irki
döwürlerden bäri dahylly bolýarlar. Çünki, Afrasyýap Salyr hanyň garry atasy Oguz
hanyň, kakasy Gara hanyň kakasydyr.
2. Salyryň asly kim bolupdyr?
Salyr han. Köp adamlaryň ýalňyşlyk bilen pikir edişleri ýaly, salyrlaryň
aňyrysy Salyr Gazan däl-de, ýow güni hemişe atasy Oguz hanyň çeriginiň sol
ganatynda duran Dag hanyň birinji ogly Salyr handyr. Onuň nesil şejeresi şeýle:
Salyr han – Dag han – Oguz han – Gara han – tur serkerdesi Afrasyýap türk. Oguz
hanyň öz ogullaryna, agtyklaryna hormat derejesini bermek üçin diken on iki
çadyrynyň arasynda Salyr hanyň orny çepden üçünji çadyrdyr, göş üleşigindäki
paýy çep aýagyň aşyklysydyr, aşpezi Eýmir, attutary Kalaçdyr, guşy bürgüt,
tagmasynyň şekili gazaýak. Adynyň manysy “gylyçly”, “salgyr”, “söweşjeň”
diýmekdir.
Salyr Gazan. Ýüzýyllyklaryň, belki-de müňýyllyklaryň geçmegi bilen, Salyr
hanyň nesli ösüp-örňäp köpeldi we salyrlar atly uly bir oguz taýpasy emele geldi.
Salyr Gazan bolsa, taryhy ýagşy bilýän adamlaryň habar bermeklerine görä,
sekizinji, dokuzynjy ýüzýyllyklarda, oguzlaryň iň soňky gezek köplük bolup üýşen
ýerlerinde, ýagny Syr suwunyň hem-de Amyderýanyň aşak akymlarynda, Gazygurt
we Garajyk daglarynyň degrelerinde öz taýpasynyň içinden dörän erdemli soltan
ýigitdir.
Ýaşan ýerine ýanap, oňa “Garajygyň gaplaňy” hem diýer ekenler. Çünki,
“gazanfer” sözi arap dilinde gaplaň, şir diýmekligi aňladýar.
Rowaýat edilşi ýaly onuň “Gazan” ady içinde aş bişirilýän ullakan gazan
bilen, onuň şon deý ullakan gazanda nahar iýýändigi bilen däl-de, “gazanfer” sözi
bilen baglanyşyklydyr.
Şol döwür oguz patyşalygy salyrlara ýetipdi. Salyr Gazan bolsa külli oguzyň
soltanydy. Häzirki türkmen taýpalarynyň hemmesi şol döwür Salyr Gazanyň
raýatlygyndadylar, olaryň hemmesi bir il bolup Salyrlaryň özlerine içki salyrlar,
beýleki türkmenlere bolsa “daşky” salyrlar diýilýärdi.
Hut şonuň üçinem, Salyr Gazan öljek wagty: “...Salyra meniň ruhum bakar”
diýende ähli türkmen taýpalaryny göz öňüne tutupdy.
Oguzlaryň ruhy atasy hasap edilen, öň Düýeli Kaýy, Ynal Ýawy han ýaly
oguz şalaryna wezirlik eden, gaýypdan aýdan sözleriniň hemmesi durmuşda aýan
bolýan bolar-boldajyny, geler-geldejini öňünden oraşan görýän meşhur türkmen
ozany Gorkut ata Salyr Gazana hem wezirlik edipdi, onuň geňeşdary, külli oguz
iliniň maslahatçysy bolupdy. Ol özüniň dünýä belli “Gorkut ata” kitabyny hem
Salyr Gazana bagyşlapýazypdy. Goşgy hem kyssa bilen onuň edermenliklerini,
9
batyrlygyny akyl-paýhasyny taryplapdy. Bitiren işlerini gahrymançylykly
hereketlerini taryha salypdy.
Salyr Gazan dürli sebäplere görä ägirt uly çäklere ýaýran, dürli hanlyklara,
begliklere bölünen, sähraýy oguz parçalaryny hem öz raýatlygyndaky
oguzlarabirikdirip, Oguz han tarapyndan berkarar edilen, gadymy Oguz döwletini
gaýtadan dikeltmek barada hem ägirt uly tagallalar edipdi.
Şeýle hem ol diňe döwlete ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem
oguzlaryň özüne tabynlykdaky böleginiň hem köp tagallalar edipdi. Ömrüniň soňky
ýyllarynda bolsa, Mekgä gidip “Hajy” bolup gelipdi.
Salyr Ugurjyk. Ondan bäri gaýtsak, salyrlaryň aňyrsy Salyr Ugurjyk, ýagny,
Ugurjyk alpdyr. Ol seljuk soltany şa Mäligiň hökümdarlygy synandan soň, Diňli
begiň ýolbaşçylygynda Sarahsdan Horasana, Farsa, ondanam Yraga göçen salyr
iliniň içinden çykan alp ýigit. Şejere boýunça onuňam aňyrsy Salyr Gazana, soň
Salyr hana, Dag hana, ondan soň baryp Oguz hana direýär. Oguz han bolsa ýokarda
agzap geçişimiz ýaly, Gara hanyň ogly, Afrasyýap türküň agtygydyr.
Salyrlary Yraga elten Diňli beg dünýeden ötenden soň, salyr begligi Ugurjyk
alpa ýetdi.
Şol wagt Yrakdaky oguzlaryň patyşalygy baýandyr iline degişlidi. Ol ýerdäki
salyrlar hem şolara gulluk edýärdiler. Ýöne, bir sebäbe görä, Baýandyr begi bilen
Salyr Ugurjygyň sözi azaşdy. Uruş-dawa turaýmak ähtimallygy ýüze çykdy. Ýöne,
baýandyrlar bilen darkaş gurara ol wagt Salyr Ugurjygyň uly goşunam ýokdy,
ýarag-esbaplaram üpjün däldi. Üstesine halkam azlyk. Şonuň üçinem, ol bir gije
ýüzüni garaňka tutup, dokuz ýüz öýli salyr we özüne goşulan ýüz öýli garkyn bilen
Yrakdan çykdy.
Bir durman Şemaha geldi. Ol ýerde mesgen tutdy. Oturdy. Emma, Baýandyr
begi ony ol ýerde-de ynjaltmady. Goşun tartyp üstüne geldi. “Ýagydan ýaý boýy...”
diýip, Salyr Ugurjyk ähli ulusy bilen ol ýerdenem göterildi. Kryma geldi. Ol
ýerinem özi üçin bisereşgenräk gördü-de, Itil (Wolga) derýasynyň boýuna bardy.
Ýöne, goş ýazdyrmady. Geçdi. Baryp, Ýaýyk (Ural) derýasynyň degrelerinde
düşledi.
Şol zaman şol ýerlere Alageň we Garagaş ýurdy diýerdiler. Oturymly halky
kaňly, hanlary bolsa Gökdonlydy. Salyr Ugurjyk onuň ýanyna bardy. Salam berdi.
Baş egip, bagyr basdy. Ahwallaryny birin-birin beýan etdi. Kömek, ýardam, pena
sorady.
Gökdonly onuň haýyşyny kahagatlandyrdy.
Ol ikisi şol ýerde ençeme ýyllap goňşuçylykda oturdylar. Ýagşy
gatnaşyklarda boldular. Ynjaşmadylar, agyryşmadylar.
Ýöne, “dost bar ýerinde duşmanam bar” diýleni. Nämähremleriň
duşmançylykly hereketleri netijesinde ahyry ol ikisiniňem aralaryna tow düşdi we
gep-gürrüň ula ýazmanka, Ugurjyk ol ýerdenem göteriläýenini kem görmedi.
Onuň beýle duýdansyz hem özünden bidin gaçyp gitmegini Gökdonly juda
ýokuş gördi. Namys etdi. Öz mertebesiniň kemsidildigi äsgermezlik edildigi saýdy.
Goşun jemläp yzyndan kowgy gitdi. Ýetip harb etdi. Ýedi ýüz öýlüsini elinden alyp
galdy.
10
Salyr Ugurjyk üç ýüz öýlüsi bilen gaçyp gutuldy. Az ýöräp, köp ýöräp, özüni
Maňgyşlaga atdy. Garahan diýen ýerde mekan tutdy.
Şol ýerde üç ýyl oturdy. Parahatçylykda ýaşady. Dördülenji ýyl diýlende gara
bulut ýaly üstüne abanyp bir ýerden ýene-de Gökdonly peýda boldy.
Güýjüniň örän azdygyna garamazdan Ugurjyk oňa güýçli gaýtawul berdi we
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 02
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.