Latin

Salyr soňy Sarahs - 08

Total number of words is 3713
Total number of unique words is 2149
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ugrunda. Eşidişimize görä Güljemal han Ahalda ornaşan ors baýarlary bilen
ylalaşmak barada hat alyşýarmyşyn... – diýdi. – Indiden soň haýsy tarapa
gyşarsaňam Orsyýetiň golastyna düşersiň. Hatda Hywa bilen Buharada Orsyýete
ýan berdi şu wagt.
Gürrüň şu ýere ýetende Apby tarsa ýerinden turdy-da, gollaryny galgadyp
durşuna ýüzüni syçjak itiň ýüzi ýaly eňşeýdip:
– Adamlar! Biz şu ýere näme üçin ýygnandyk? Hä? – diýdi-de, ulyili bilen
gygyrdy. Gyň... gyňke... – diýip, sakawlaý-sakawlaý, “bazzyk” eden sözüniň yzyny
aýtmakdan zordan saklandy. – Bir taýpa goşulmak üçinmi? Ýa-ak! Biz bu ýere
Hudaýyň öňünde näme günämiziň bardygyny seljermek üçin ýygnandyg-a. Ana şoň
69
gürüňňini edeliň! Ýogsam ugur-utga ýog-a bu aýdylýan zatlarda. Netijesiz-ä myň
bary.
– Edil beýle-de däl, Allamyrat diýip, molla Ýegenmyrat onuň adyny doglaly
bäri indi bir günüň içinde ikinji gezek dogry tutdy. – Günämiziň ýa ýalňyşan
ýerimiziň bar bolmagy ahmal, ýöne, bar bolaýanda-da, şoň jezasyna barabar jebri
biz ýeterlik derejede çekdik. Şoň üçinem bu meselde Hudaýy günäkärläp, oň bilen
kazylaşjak bolup oturmaklygyň manysy ýokmuka diýýän men-ä...
– Gürrüň kazylaşmak barada däl-de, gyň... gyň... günämizi ýuwmak barada,
ýulunmak barada barýar. – diýip, Apbam şol bir diýenini tutdy oturdy. – Meň
pikirimçe, Hudaý ýoluna ullakan sadaka bermeli. Ajy doýurmaly. Ýalaňaja don
ýapmaly...
Häliden bäri sesini çykarman agzyny müňküldedip oturan baş kazy molla
Oraz ajymtyk ýylgyrdy-da, ýüzüni ýerden galdyrman, ýöne, kesgitli gürledi.
– Içinde dokuň bolmasa kim-kimi doýursyn? Baýyň bolmasa kim-kime don
ýapsyn? Senmi? Ýa menmi? Han beg diýeniňdedem-ä bir artyk-süýşük zat ýok.
Onsoňam Hudaý seň hudaýolyňa zar däldir, ýa garny aç bolup, aş hantama bolup
bizlere jebir görkezýän däldir. Bu zatlaryň başga bir emmasy bardyr.
– Bileliň-dä onda şoň emmasyny! Aýdyň-da onda näme etmelidigini! Biz bir
zat diýseg-ä...
– Bermeli bolsa hudaýoly bereris. Mal tapylar – diýip, ýalawaçlaryň içinde iň
baýy hasaplanýan Jumadurdy baý söze goşuldy. – Aslynda-da hudaýoly bermek
garybyň däl-de dokuň borjy. Hudaý doka diýýä: sen meň beren baýlygymy ýeke
özüň holtumyňa dykyp oturma, garyp bendelerime-de ber, ryskyňy bölüş, ýogsam
eliňden alaryn, diýýä. Salyrda-da gaty bir tüçjar bolmasa-da Hudaýy razy edibiljek
barly adamlar tapylar. – Ol ýeke-ýeke barmagyny büküp başlady. – Ine, mende bar,
Ýazmuhammetde bar, Meňli handa bar, başga-da goşuljaklar bar bolsa-ha
goşulsynlar, bolmasa şolarmyz bolubam bir zat ederis. Gep onda däl. Ýöne, şony
şeýdenimiz bilen mesele çözülermikä? Gep ine, şunda!...
– Çözüler! Çözülmese-de ugruna ýykylyp bir göreliň... – diýip Apby indi
öňküsine görä birneme çekinjeňräk seslendi. – Zyýany-ha degmez. Iň bolmanda
adamlar bir günlükçe doýa-garna hezil-ä ederler.
Onuň soňky sözüne ýylgyrmadyk galmady diýseňem boljak. “Haý, Apbyň bar
bolsun” diýip çalaja seslenenlerem boldy. Umuman maslahat başlanaly bäri dowam
edip duran dartgynlylyk birneme gowşady. Howasy ýumşaşdy. Ahyram baý beýleki
ýok, her kim baryndan orta goýmaly diýen netije bilen maslahaty jemlejek boldular.
Emma muny Teke han göwnemedi.
– Ýok, adamlar, beýtmäliň. Beýtsek biri-birinden kem galmajak bolup ýenede halk heläk bolar. Esasanam garyp-gasar kösener. Asla onça zady iýere adamam
tapylmaz. Ýaňy Jumadurdy dogry aýtdy, sadakalyk maly biz özümiz çykararys...
Şeýle hem etdiler.
Molla Ýegenmyrat, Eýeberdi ahun, Abyt işan dagy hudaýoly berilýän ortalyk
ýerde oturyp dogaýy-dilegler etdiler.
Ýöne, maslahat günem köpleriň aýdyşy ýaly, salyryň başyndan yzly-zyzna
inýän apatlar onuň bilenem sowlup gidibermedi. Gaýtam öňküsindenem has
mojugrak zatlar başlaryndan indi.
70
***
Güýz düşdem welin, bir ýerden gögüň ýüzüni duman deý büräp, ýeriň ýüzüni
syrgyn deý sydyrdyp çekirtge sürüsi geldi. Ol sary aždarha ýaly “haşyldap”
günortadan, dag tarapdan geldi-de, öňünden çykan zady ýalmap, ýuwdup,
demirgazyk sary süýşüp ugrady. Özüniňem ne öňi bar, ne ardy. Ýeke bir ekindikiniň galan-gaçanlaryny, gögerip oturan iki-ýeke agaçlary däl, gara öýlere,
gapylarda ýatan gury agaçlara, odun-çöplere, öý-esbaplaryna çenli bir ujundan
syryp-süpürip ýalmap-ýuwdup barýar.
Ol hiç kime, hiç zada hüjüm edenok. Çakanogam, dişlänogam-da, ýöne, geçip
barýar. Geçen ýerinde welin diş synçgara çöp goýanok. Teýim-takyr. Ol o zatlary
iýýämi ýa ýöne leýs edip gidip barýamy belli däl. Iýýän bolsa doýaýmaly, ýene
ajygýança bes edäýmeli ýaly. Keýpine zaýalaýan bolsa-da ýadaýmaly, dynç
alaýmaly ýaly. Emma ol doýanogam, ýadanogam. Ne gije, ne gündiz hereketsiz
wagty ýok.
Bu hadysa adamlary alakadyr-şagallardanam beter aljyratdy. Çünki, alaka
diňe bugdaýlaryny şagallar gawunlaryny zaýalan bolsa, bu nägehan ozaldanam
garyp halkyň galanja zatlarynam ýok edip gidip barýar.
Has geň ýeri ol bela goňşy oturan pars obalaryna deger-degmez, diňe
Garadepe bilen Zurabadyň üstünden aşyp, derýanyň boýy bilen göni Köne Sarahsa,
ondanam Tejene “Ýolbarslynyň” ýylgynlygyna tarap süýşýär. Ondanam guma siňip
gidýär. Ýeri-gögi gaplap barýan bu agyr sülsadyň garşysyna göreşmek üçin elbetde,
döwlet derejesindäki uly güýç, kuwwat, serişde gerek. Güzeranyny zordan aýlap,
ondan-oňa göçüp-gonup ýören kiçijik taýpada bolsa ol zatlaryň birem ýok.
Ýöne, olaram barybir gollaryny gowşuryp oturaýanoklar. Içiňde janyň bolsa
oturmak mümkinem däl. Şonuň üçinem, gije-gündiz barysy aýak üstünde. Birinden
dynsak bir peýda, diýşip onda-munda ot ýakýarlar, tüsse goýberýärler. Iň bolmanda
has degerliräk, gerekliräk zatlarynyň, hususan-da ir-iýmişleriniň daşyna tapan
zatlaryny ornaşdyryp guma gömýärler, meşige salyp agzynam mazaly bitirýärler-de,
suwa salyp goýýarlar.
– Şularyň et iýmeýänem bir gowy zat, ýogsam barymyzy iýip gutarardylar –
diýip, kimdir biri bir gezek ot ýakyp ýörkäler ýarym degişme bilen aýtdy-da, öz
sözlerinden gorkýan ýaly töweregine gorkuly garady. Hiç kim oňa üns bermedi.
Jogap gaýtaranam bolmady.
Şol ýagdaýda adamlara iň ýakyn hossar “garasar” diýlen guş boldy. Olar
çekirtgäniň yzysüre bir ýerden peýda boldular-da, olary bir ujundan
“paýhynlamaga” başladylar.
Halk birbada olaram çekirtgeleri iýýändirler, garynlary doýansoň uçar
giderler ýa-da aşa düşüp ondan bütinleý ýüz öwürerler öýtdüler.
Emma, bu beýle bolmady. Olar edil ýokardan buýruk berlen ýaly duýdansyz
gelen myhmanlar bilen aldym-berdimli söweşe girdiler. Asmandan “şaglap”
inýärler-de, towsuşyp barýan çekirtgeleriň üstlerine abanýarlar, ganatlaryny gerip
duruşlaryna çüňkleri bilen garbap alýarlar, başlaryny iki-baka ýaýkap, silkeläp, ilk-ä
mazaly ysgyndan gaçyrýarlar, janserek edýäler, soňam gazap bilen ýeriň ýüzüne
pylçap urýarlar, onuň bilenem çäklenmän, ujy ýiti dyrnakly aýaklary bilen
71
basgylaýarlar, mynjyradýarlar, peşäp guma garýarlar. Bütinleý hatardan
çykandygyna, mundan buýanky ýörişe goşulmajakdygyna gözleri ýetenden soňam
uly hyruç bilen başga biriniň üstüne topulýarlar. Ýadaman, ýaltanman, günuzyn şol
bir hereketlerini gaýtalaýarlar. Bu ýagdaý hemmeleri haýran galdyrdy. Halkyň halys
öçeňkirläp barýan umydyny oýardy, ruhlaryna ruh goşdy, göwrelerine gurp berdi.
Olaryň bolup ýörüşlerini synlap duran Kully köwek bir gezek begenjini
daşyna çykaranynam bilmän galdy.
– “Dert beren Alla dermanynam bile biýr” diýenleri çyn ekeni-ow,
görýäňizmi, edil biri yzlaryndan baryp kömege çagyryp gaýdan ýaly... – Soň ol
gapdalynda içini tutup, iki bükülip oturan Apba ýüzlendi. – Hä? Hm? Dogry aýdýan
gerek Apby daýy?
Apby ony goldamady. Henizem köşeşmedik köneje agysyny aglady.
– Ýa, “gyňkeýin” bile berýän bolsa nä, şagal bilen syçanyňkynam beräýmeli
eken-dä...
“Kime näme diýip duranyňy bir bilýäňmi how sen”, diýen manyda töwerekdaşdakylaryň barysy birden oňa tarap üşerilişdiler. Ýöne, her kim içinden: “Aý, jany
ýanan taňrysyna gargar” diýenleridir-dä diýen pikire uýandyrlar-da sesini çykaran-a
bolmady. Her kim ajymtyk ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady oňaýdy.
...Belli bir wagta çenli işlänlerinden soň, ýere çyrşalan çekirtgelriň
endamlaryndan syzylyp çykýan şirelerden ýaňa guşlaryň çüňkleri çyr-çyrşak bolýarda, gamaşyp başlaýar. Biri-birine ýelmeşýär. Açylyp-ýumulmasy kynlaşýar.
Çekirtgeleri wagtly-wagtynda garbap tutup bilenoklar, tutaýanlarynda-da aýryp,
zyňyp bilenoklar. Şonda olar agyzlaryndaky öli çekirtgeleri penjeleri bilen çekeläp
aýyrmaly bolýarlar. Beýle ýagdaýda “iş” edil öňküsi ýaly şüweleňli gitmeýär.
Guşlar welin barybir pişelerini taşlamaýarlar. Uçup gidýärler-de, baryp bir suwly
ýere gonýarlar. Suw ulurak bolsa gyrasynda durup, telperräk bolsa içine girip, öňi
bilen-ä çaýkap-çaýkap penjelerini, çünklerini, çüňkleridir-penjeleri bilen bolsa
endamlaryny ýuwýarlar, kellelerini suwa sokup ýykarýarar, çümýärler, paşyr-paşyr
edip silkinýärler, mazaly arassalananlaryndan soňam uçup gidýärler-de baryp ýenede öz “işlerini” dowam etdirýärler.
Bu zatlary mazaly synlap duran baş kazy mola Oraz:
– Golaýa suw çekmeli. Juda bolmasa howuz etmeli, çukur gazmaly-da, şony
suwdan doldurmaly... – diýip, gapdalynda duran kethuda Begnazara ýüzlendi. –
Ýogsam her gezek suw gözläp daşa gitmeli bolýalar, wagt ýitirýäler, ýadaýalar...
Molla Orazyň bu teklibini ýeke bir Begnazar däl, hemmelerem goldadylar.
Şonuň üçinem, ur-tut, ýerli-ýerden işe girişdiler. Guşlar süýşdigisaýy bularam şol
tarapa suw çekip gitdiler oturdylar. Suwy eltip bilmedik ýerlerinde çukur gazdylar,
aýallar oglan-uşaklar bolsa, çelekdir-setilli, elleri bilen suw daşap çukurlary
doldurdylar.
Bu çäre gowy netije berdi. Çekirtge sowulansoň garasarlaram adamlar bilen
hoşlaşýan ýaly Zurabadyň üstünden üç-dört gezek öwrüm etdiler-de, gara bulut
süýşen dek asmanyň ýüzi bilen, Garadepä tarap ýöneldiler. Ondan soň nirä
gidendiklerini bilýän ýok, ýöne şol guşlary salyrlar soň-soňlaram uly hormat bilen
ýatladylar ýördüler. Saý-sebäp bilen obanyň içinde görnäýseler, öňlerine däne
72
sepdiler. Hamala olar adam diline düşünýän ýaly, şo-ol, birwagtky eden kömekleri
üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Howwa, çekirtge belasyndan dynanlaryndan soň salyrlar ýene-de üýşüp
,aslahat etdiler. Onda: “Näme üçin sadaka-sogap bilenem bela başymyzdan
sowulmady, gaýtam güýjerledi çekirtge çozdy, bilgije zada gitmelimi” diýen sorag
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de: “Her edip, hesip edip Sarahsa aşmaly bu
ýagdaýda biz ýa açlykdan, ýa keselçilikden gyrlyp gutararys” diýlen meselä hem
seredildi.
Birinji mesele babatda öz pikirini aýtmaklygy Teke han molla
Ýegenmyratdan haýyş etdi.
Molla Ýegenmyrat daýaw göwresini leňňerledip, selçeň hem gögümtil-ak
öwüsýän sakgalyny sypalap oturşyna gyýagrak gözlerini süzdürip şeý diýdi.
– Adamlar, çekirtgeden öňem aýdyldy şu gürrüň, ýene-de aýdýas, beren
sadakamyz üçin eýtmedi, beýtmedi diýip Hudaýdan nägile bolmaň. Haklaşjagam
bolmaň. Ol biziň berýän hudaýýolylarymyza zar däl. Ol bir Hudaýyň adyndan
Hudaýyň öňünde sogap gazanmak maksady bilen, ajy, garyp-pukarany doýurmak
üçin berilýän aş. “Siz-ä şeýtdiňiz welin, şoňa derek alyň menem size şuny berýän
diýen ýaly edähet Hudaýyň düzgüninde ýok. Ol berende-de, alanda-da hiç kimden
hiç zat tamakin bolup almaýar, tamakin bolup bermeýär. Onuň öz hasaby bar. Ol
hasapdan biziň başymyz çykmaz. Şonuň üçinem, bu zatlaryň sebäbini
maňlaýymyzdan göräýmesek men-ä bilmedim-ow... .
Aşa tolgundymy, nämemi, molla Ýegenmyradyň süňklek çekgesindäki
damarlar tirpildedi, elleri çalarak sandyrady.
Şolar ýalyrak terzde başga-da gürrüň edenler köp boldy. Teke hanam, Meňli
hanam, baş kazy molla Orazam, baş kethuda Begnazaram asla hemmelerem molla
Ýegenmyradyň aýdanlary bilen razylaşýandyklaryny aýtdylar. Umumy pikir gelnen
netije şeýle: “Hudaýdan dilgir bolmaly däl, başa inýän muşagatlyklary asla Ondan
görmeli däl. Haýsydyr bir günäsi üçin taýpany Hudaý ýazgarýandyr diýen
düşünjedenem el çekmeli. Çünki, günä köpçülik bolup edilmeýär, ol bir bolup,
ýekebaralykda edilýär, tutuş bir taýpanyň şu derejä çenli aşak çökeri ýaly günä
gazanan bolmagy mümkin däl. Dogry, halkyň öz şasy sebäpli günä galýan
pursatlaram bolýarmyşyn, ýöne, salyrlarda häzir şa-da ýok, ol özbaşdak döwletem
däl. Sütem göräýmese, baran ýerinde hiç kime sütem eden ýerem ýok...”
Şunlukda birinji mesele çugdamlanyberdem welin, ikinji meselä
geçilýändidigini yglan etjek bolup oturan Teke han birdenkä gozganjyrap,
ardynjyrap ugran Abyt işana ýüzlendi.
Abyt belki senem bir zat diýersiň şu barada. Geçen gezegem geplemän oňduň.
Bu gezek bir aýt bir zat.
Şondan soňam esli wagt aşak bakyp, ýuwdunjyrap oturan Abyt işan köpçüligi
köp garaşdyrýan bolaýmaýyn, diýen manyda töweregindäkilere birlaý göz aýlap
çykdy-da, endigine görä çalaja ýylgyryp:
– Aýdylmaly zad-a bar öz-ä – diýdi. – Umuman, Ýegenmyrat aganyň
aýdanlaram, köpçüligiň gelen netijejesem dogry. “Hudaýdan bidin çöp başy
gymyldamaz” diýilse-de, bar zady başdanaýak Hudaýyň üstüne atyp oturybermek
dogry däl. Elbetde, biri ýogalsa-da “Hudaýyň işidir” diýilýär. Bu dogry. Çünki
73
Hudaý her kime kesgitli ömür berýär. Sanalgysy dolan günem alyp gidýär. Çünki,
Ol ony oňa amanat berýär... – Abyt işan ýüzüni ýerden galdyrman iki baka
oýkanjyrady. – Ýöne, “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” diýenem bir nakyl
bardyr, ana, şonuň aňyrsynda ullakan many ýatyr. Ýagny, her bir bolmaly zat
wagtyndan öňem bolmaz, soňam bolmaz, ylaýyk wagtynda bolar. Başa geljek zat
gelmeli wagty geler, gitmeli wagtam gider. Şoňa çenlli ony bolduraýyn, diýip
boldurybam bolmaz, boldurmaýyn diýip boldurmanam bolmaz. Pelegiň çarhyny özi
aýlanmasa el bilen herekete getirip bolmaz. Herekete gelen güni saklabam bolmaz...
–Abyt işan tebigy ýygralygy bilen “myssa” ýylgyrdy-da, Teke hanyň ýüzüne
seretdi. – Wagtymyzy alýa diýmeseňiz şu meselä degişli men size bir tymsaljyk
aýdyp beräýeýin?...
Teke hanam birenaýy ýylgyrdy-da, tutuş göwresi bilen Abyt işana tarap
owsun atdy.
– Şeýtsene...
Teke han şeý diýensoň, beýlekilerem ýerli-ýerden: aýtda-aýt!... boluşdylar.
Ozalam iki sany dost bar ekeni... – diýip, Abyt işan ýüzüni-gözüni çynlakaý
sypata salyp söze başlady. – Hersem bir ýurduň şasy ekeni. O bolýa, bu bolýa, ýagy
çapýa, halkyň agzy alarýa, bir ýyl gurak gelýä, bir ýyl suw joşýa, mallar gyrylýa,
garaz, dürli sebäplere görä günlerde bir gün ýurt dargap şol iki dostuň biri
patyşalygyn-a bir ýitirýä, üstesine özem garyp düşýä. Öňki dost-ýarlarynyň,
garyndaşlarynyň barysy ondan ýüz öwürýä. Hatda öňki gullaryndan,
gyrnaklaryndan iş sorap barsa-da bermändirler. Şeýdip ýörkä bir gün oturyp
oýlanýa-da: “Gel-aý, şol dostumyň ýanyna bir baryp göreýin-le, ýaman etse kowar,
alyb-a galmaz” diýen netijä gelýär. Az ýöräp, köp ýöräp, ýanyna barýa. Bolan işi
birin-birin beýan edýä. Dostam ony diňleýär-de, baş wezirini çagyryp: “Şu adamy
hammama salyň, ýuwundyryň, geýindiriň, garnyny doýruň, gije myhman alyň, ertir
ir bilenem öňüne ýüz goýun salyň-da ugradyň, öri meýdanlarynam görkeziň”
diýýär. Aýdyşy ýaly edýärler. Garyp düşen şa bu ýagdaýa begenjeginem bilenok,
gynanjagynam. Gowy garşy almady, diňlemedi, kömek etmedi diýer ýal-a däl.
Ullakan bir gönendirip zadam ýok. Şeýle-de bolsa çörek pulum-a gazanaryn-da,
diýen niýet bilen goýunlaryny sürüp gidiberipdir. Ýöne, öň mal bakyp görmedigi
üçinmi ýa maňlaýyndanmy, bir gün-ä güýçli doly ýagyna on goýnuny buýdurypdyr,
soň bir gün apy-tupan turup şonçasyny guma garypdyr, ýene pylançasy gyş doňup
ölüpdir, ep-eslisini gurt çapypdyr, ýylan çakypdyr, käbirleri gaýadan uçupdyr,
ondan galanjalaram ýazyna ir çykan gyrtyçlary mör-möjek bilen garbap iýipdirlerde çişip ölüpdirler, garaz, ol görgüli göni bir ýyldan soň taýagyny egnine atyp ýenede şol, patyşa dostunyň huzuryna barypdyr. O-da edil öten ýylkysy ýaly ony üns
bilen diňläpdir-de, baş wezirini çagyryp, ýene-de ýüz goýun berip goýbermekligi
buýurýar.
Garyp düşen şa bilen bu gezegem öňki ykbal gaýtalanýar. Ol ýene-de
dostunyň ýanyna gaýdyp gelýär. Ana, şol gezek welin patyşa baş wezirini ýanyna
çagyrýar-da: “Şu adama pylan welaýata häkim edip goýuň. Özüň git-de ýerli
emeldarlar bilen tanyşdyryp gaýt, hemmeler şuňa boýun egsinler” diýýär.
Häkim bellenen kişi hezil edip özüne berlen welaýata gidýär, öň şa bolup
gören adam, ýurdy nädip edara etmelidigini adamdan soramaly däl, ähli zady ýerli74
ýerinde dürs alyp barýar. Edenem ugruna. Bagtyna ýylam gowy gelýär-de,
welaýatyň ekini ýere-göge sygmaz derejede hasylly bolýa. Mallaram gyşdan-a bir
sag-aman çykýalar, üstesine önümliliklerem görlüp-eşidilmedik derejede ýokary
bolýa.
Iň bir gowy görelde görkezen welaýat häkimi hökmünde şa dosty ony ýanyna
çagyryp köşkdäki iň uly wezipeleriň birini berýä şol ýerde üç ýyl işländen soňam
ony öňki ýurduna şa edip goýýa.
Şonda garyp düşen şa dostundan: “Sen näme üçin gelen dessime maňa
welaýaty beräýmediň ýa köşge işe alaýmadyň, goýun beren bolduň, çopan eden
bolduň, özüňem telim ýola gaýtaladyň durduň, munuň hikmeti näme?.. diýip
soraýar. Onda şa: “Ol wagt seňki ýöränokdy. Şalygyňam şoň üçin ýitiripdiň. Egerde
gelşiň ýaly welaýaty beren bolsam, onda sen welaýatam bulaşdyrardyň, halkynam
heläk ederdiň. Şeý diýip özüňe aýtmak bolsa şol wagt birhilidi. Gelşiksizdi. Oňa
wagt, soň özüň düşünmegiň, şonuň şeýledigine göz ýetirmegiň gerekdi. Indi seňki
ýöräp ugrady. Mundan beýläk seň öňüňde müşgül iş bolmaz, edeniň ugruna bolar
durar” diýip, jogap beripdir. – Abyt işan gürrüňiniň täsirini aňmakçy bolýan ýaly,
“myssa” ýylgyrdy-da, aşaklyk bilen oturanlaryň hersiniň ýüzüne birlaý seredip
çykdy. – Görşümiz ýaly adamlar, bu bolýan blaşyklyklary biz Ýegenmyrat aganyň
aýdyşy ýaly Hudaýdanam görmäliň, taýpamyzyň günäsi sebäplidirem öýtmäliň-de,
wagtlaýynça başymyzdan inen şowsuzlyklar döwri diýip düşüneliň. Ol
şowsuzlyklaryň basym başymyzdan sowuljakdygyna umyt baglalyň. Taryhda
salyryň sürgünli döwri bolupmy, ýene-de bolar, bu zatlaram häki bir barýakaň
bolaýmaly zatlardyr. Hiç zat bir durşuna durýan däldir. Bir adam bolsun, halk
bolsun başyndan döwran sowlubam biler, ýaňky garyp düşen şanyňky ýaly gaýdyp
gelibem biler. Biziňkem şeýle bolar. Hökman gaýdyp geler. Eselen günüň eljiräp,
peselen günüň aljyrap, Taňryňa gargap oturmak namartlyk bolar. Her ýolda
merdanalyk ýagşydyr. Ýöne bagtymyz haçan, nädip, nähili ýagdaýda, nirede
açyljak, ine şony welin men aýdyp biljek däl... O zatlar diňe Hudaýyň özüne
aýandyr .
Abyt işan sözüni tamamlanyndan soňam esli wagtlap hiç kimden ses
çykmady. Her kim aşak bakyp içini “hümletdi” oturdy. Arkan gaýşyp uludan sowuk
demlerini alanlaram, aşaklyk bilen biri-birlerine soragly bakyşanlaram boldy.
Dymyşlygy häliden bäri sesini çykarman oturan Eýeberdi ahunyň gyryljakdan
gelen ýogyn sesi bozdy.
Eşitdiňiz dämi, adamlar? Birinji mesele barada şundan dogry tymsaly, şundan
dogry hem ýerlikli sözi hiç kim aýdyp bilmezmikä diýýän men-ä... Başga gepgürrüň gerek däl. – Ol agyr oý astynda gözlerini agdar-düňder edip, Teke hanyň
ýüzüne seretdi. – Indi ikinji meselä geçäý, Ýazmuhammet.
Uzaga çekmän, ikinji meseläniňem netijesini çugdamlaşdyrdylar: Her zat
etmeli, Eýran hökümetiniň islendik şertine kaýyl bolmaly welin, onuň razylygyny
alyp Zurabatdan göterilmeli. Sarahsa göçmeli. Salgydy köpräk tölemeliem bolsa,
goşun üçin adam bermelem bolsa ýok diýmeli däl. Mahlasy, Abyr işanyň aýdyşy
ýaly haçan açyljakdygy näbelli ryskyň geljek gününe garaşyp, gol-gowşuryp
oturmaly däl-de, hereket etmeli, şonuň aladasynda bolmaly, şol günüň golaýlaşmagy
üçin, şol arzyly pursata ýetmek üçin göreşmeli. Orslar eýelemänkäler özümizi
75
Sarahsa atmaly. Ony özümiz eýelemeli. Şol ýerde ornaşyp, özümizem Eýrana raýat
bolup otursak, orslaram batyrnyp bilmez.
***
Şondan soň salyr kethudalary her niçik hem bolsa ýyly boş geçirmezlik üçin,
çekirtgäniň yz ýany, halk üçin ýene-de Eýran hökümetinden tohumlyk karz däne
alyp, üstesine-de şärikli ýagdaýda, ýagny, ýarpasyna, derýanyň sag tarapynda ýöne,
Zurabadyň deňräginde güýzlik bugdaý ekdiler.
Şeýle hem, assa-ýuwaşlyk bilen, dürli ýollar arkaly Maşatdaky Horasan
häkimine arzlaryny ýetirip başladylar. Özleriniň Köne Sarahsa goýberilmeklerini
haýyş etdiler. Şol ýere barybilseler ýagdaýlarynyň gowulaşjakdygyny,
uzaklaşdyrman öňki-soňky bergilerini üzüp biljekdiklerini şoňa ýakyn adamlara
düşündirdiler, mümkin bolan ýagdaýynda onuň özi bilen duşurmaklaryny haýyş
etdiler.
Horasanyň şol wagtky walisi Maşalla han gepe-söze, hal-ýagdaýa düşünýän,
ýuka ýürekli, mysapyr adam bolup çykdy. Elbetde, ol salyrlaryň mundan üç ýyl öň
Zurabada indi ikinji gezek mejbury göçürilip getirilmegine sebäp bolan häkim däldi.
Ol başgady. Ony golaýda şa öz ýanyna çekipdi we ýerine şuny belläpdi.
Täze häkim salyr ýaşulylaryny kabul etjekdigi barada degerli adamlaryň üsti
bilen Zurabada habar gönderdi.
Kethudalar ony uzak garaşdyrmadylar. Habary alyşlary ýaly dokuz adam
bolup ýola düşdüler.
Horasan walisi olary güler ýüz bilen kabul etdi, üns berip diňledi, öňki-soňky
başlaryndan geçiren ahwalatlaryny eşidip gynandy, duýgudaşlyk bildirdi.
– Waý,waý,wa,! Wah, wah,wah!.. Hiý, beýle-de bir zat bolarmy? Ondanam
bir güzeran bolarmy? Öňem-ä gün görmänsiňiz welin, bu ýere gelibem... Ah-wah,
Ah-wah!... – diýip, şo-ol başyny ýaýkady oturdy. Gürrüňçiligiň soňunda özüniň
tizara Zurabada barjakdygyny, ýagdaý bilen ýerinde tanşyp gaýtjakdygyny,
meseläni basym çözüp berjekdigini janykdy.
– Ekin ekere başga-da ýer kän ahyry, beräýmeliler ekeni, nämüçin bermediler,
nämüçin beýtdilerkä? – diýip, garaçyny bilen aýtdy.
Aýdyşy ýalam etdi.Zurabada gelip, eşiden zatlarynyň barysyny gözi bilen
gördi. Öňküdenem beter gynandy. Nebsi agyrmakdan ýaňa gözlerine çyg çaýyldy.
Gitjek wagty taýpanyň aýal-erkek, uly-kiçi, tas, ählisini diýen ýaly daşyna ýygnap,
hökman kömek etjekdigini, Sarahsa, iň bolmanda Horasanyň başga bir has
hasyllyrak, suwlurak ýerine göçürmäniň aladasynda boljakdygyny, ýöne, öňürti bu
barada şanyň hut özi bilen gürleşip görmekligiň gerekdigini, çünki, bular ýaly uly
hem iňňän çalt çözülmeli derwaýys meseläni bir özüniň çözüp bilmejekdigini halys
ýürekden syzdyryp, dabaraly suratda aýtdy.
Muňa hemmeler begendiler. “Hudaýa şükür. Ol biziň dilegimizi eşitdi. Abyt
işanyň diýen güni golaýlaşdy. Ine, indi basym ýurdumyza gowuşarys, zulumdan
dynarys, ýasdan çykarys...” diýşip ýeňillik bilen dem aldylar. Hiş habara garaşdylar.
Bu gün erte tutjak bolup duran toýlaryny Sarahsa göçülip barylaryna
goýanlaram boldy.
76
Ýöne, olaryňky bu gezegem paşmady. Edilen arzuw-umytlaryň, ýagşy
dilegleriň barysy puç boldy. Çünki, gelen habaryň mazmuny garaşylyşyndan
düýpgöter başgaça bolup çykdy.
Ýagny, Maşalla han söz berşi ýaly salyrlaryň aladasyny edip ugradam welin
näme üçindir ur-tut işinden boşadyldy. Nirä gidenem mälim bolmady. Onuň ornuna
pes boýly, göwresi togalak ýüzi hyrsyz häsiýeti yzgytsyz, käse ýaly ullakan, agy
sary, garasy bulançak gözleri göreniňden ýüregiňi bulaýan Alymerdan han bellendi.
Salyr kethudalary Allany çagyryp Teke han başlyklaýyn onuňam ýanyna
bardylar. Kynlyk bilenem bolsa kabulhanasyna girdiler. Arzy-hallaryny aýtdylar.
Emma Alymerdan han olary düýbünden başgaça garşylady. Asla diňlemegem
islemedi. Kömek ederis, goldarys, diýen ýaly sözleriň dagy üstündenem barmady.
Gaýtam içýakgyç soraglar, kinaýaly gürrüňler bilen ýaşulylary kejikdirdi,
ozaldanam “güwläp” duran kellelerini bulaşdyrdy. Özem birhili olaryň kyn
günlerine begenýän ýaly:
– Siziň Eýran hökümetine öňem-ä ummasyz däne bergiňiz bar ekeni welin, bu
ýylam-a alypsyňaz ep-eslini. Şonuň üçin siz indi o ýan, bu ýan gitmek barada-ha
pikirem edip oturmaň. Siz indi galan ömrüňizi Eýranyň haýryna işläp geçirmeli
borsuňyz. Indiki nesilleriňizem şeýtmeli bolarlar. – diýdi. Egerde aýdylana gulak
asman, ogryn-dogryn aňryk geçäýseňizem belli biliň, barybir bizden sypmarsyňyz,
sypaýanyňyzda-da, baryp orsuň penjesine düşersiňiz. Ol bolsa sizi ýeke bir gulam
etmez-de, diniňizdenem çykaryp öz dinine salar.
Teke han ähli ýaşulylaryň adyndan gürledi.
– Biz bu wagt jan gerekmi-pyçaga geldik, han. Keselçilikden, açlykdan,
horlukdan ýaňa adamlarymyzyň Hudaý bilen kazylaşarlyk derejede aňkalary aşdy.
Çagajyklarymyzyň, aýal-gyzlarymyzyň ýagdaýy hasam erbet. Şonuň üçinem,
gürrüň bu wagt ygtykat barada däl-de, bir döwüm çörek, halky agyr ýagdaýdan alyp
çykmak barada barýa.
Alymerdan han erniniň bir tarapy bilen ajy ýylgyranda gözleri öňküsindenem
beter gorkunç göründi.
– Adamlarymyz açlykdan gyrlyp gutaryp barýa, diýdiňiz, hiý, han-beglerden,
işan-mollalardan gününi görübilmän açlykdan ýa keselçilikden öleni barmy? Ýa alaböle olaryň ekinleri gowy bitäýýämi? – Teke han bir zat diýjek bolup owsunypowsunmanka Alymerdan han ikinji soragyny suňşurdy. – ....Onsoňam: gürrüň
ygtykat barada däl, diýýäňiz, eýsemde bolsa garnyňyzy doýurjak diýseler, orslara
imanyňyzy sataýjakmysyňyz? ...Diniňizden ýüz öwüräýjekmisiňiz?..
Şondan soň-a Teke han oňa jogap berjegem bolmady. Egindeşlerem oňa şony
aýtdylar. “Muň bilen eňekleşip oturandan peýda ýok, Ýazmuhammet, gideliň”
diýdiler.
Şeýdibem ýerlerinden turdular. Alymerdan han hatda olar bilen hoşlaşmadam.
Hamala myhmanlaryny sylamaýandygyny bildirmekçi bolýan ýaly, beýlekisine
öwrüldi-de, häliden bäri öz gapdalynda oturan wekilleri bilen bir zatlar barada
gürleşiberdi.
***
77
Şondan soň ol türkmen obalarynyň golaýlaryndaky garnizonlaryň sanyny
köpeltdi. Galalaryny öňküdenem beter berkitdi. Serbazlarynyň sanyny artdyrdy. At,
ýarag,
azyk-suwluk
ýagdaýlaryny
hasam
gowulandyrdy.
Gözegçiligi
güýçlendirmeklerini, türkmenleriň ýekeje ädimlerinem sypdyrman yzarlamaklaryny
obalarda edilýän gürrüňçilikleriň ählisiniň many-mazmunlaryny derhal özüne ýetirip
durmaklaryny, munuň üçin ýerli halkyň arasyndan “çawuş” tutunmaklaryny
serbazlardan talap etdi. Bu iş üçin ýeterlik derejedäki pul serişdeleri bilen üpjün
etjekdigini aýtdy.
Ýöne, galan tabşyryklary nägerek-eýle ýerine ýetse-de, tükrmenlerden
“çawuş” tutunmak meselesi başa barmady. Asla bu baradaky teklip bilen serbazlar
kimdir birine ýüz tutubam bilmediler. Tutaýanlarynda-da kanagatlanarlykly jogap
alyp bilmediler. Şeýle-de bolsa olar “şugulçy” üçin, goýberilýän pullary “şolara
berýäs” diýen ýaly ýalan sözlere perdelenip öz jübülerine urdular. Ýöne, öňünden
berilýän ýalan maglumatlar bilen , halkyň iş ýüzündäki hereketleriniň deň
gelmezligi basym olaryň syryny açdy. Alymerdan han hut şu mesele boýunça
serbazlaryň köpüsini ýerinde jezalandyrdy, temmi berdi, käbirlerini bolsa Maşada
eltip kaza tabşyrdy we watan dönügi hökmünde zyndana taşlatdy, käbirleri üçin
bolsa hossarlaryndan köp mukdarda pul aldy.
Ondan ýaňa halys paltalary daşa degen salyr ýaşulylary ahyram özara
maslahatlaşdylar-da, bu barada Eýran şasynyň hut özi bilen duşuşyp görmek gerek,
diýen netijä geldiler.
Elbetde, şa bilen duşuşmak üçin Tährana gitmeli. Özem Alymerdan handan
bidin, oňa bildirmän gitmeli. Çünki, onuň özlerini Tährana tarap ýekeje ädimem
ätdirmejekdigine kethudalaryň gözleri ýetip dur.
Olar şeýle hem etdiler. Iki gezek gitdiler. Ýöne, şanyň huzyryna welin barybir
girip bilmediler. Üçünji gezek baranlarynda bolsa, halys ýüredüşgünç gepe-söze
gulak asmaýan, bitertip adamlar hökmünde, kethudalaryň birnäçesini tussag edip
alty aýa golaý zyndanda oturtdylar. Bir gowy zat – olaryň arasynda Teke han ýokdy.
Ol şo gezek başga bir möhüm mesele bilen başagaý bolup gidibilmändi.
Türkmenleriň öz üstünden aşyp, Tährana gatnap ýörmekleri Alymerdan hana
hakykatdan-da ýaramady. Şonuň üçinem, Nasreddin şanyň döwlet işi bilen Maşada
geljegini eşidip, salyr ýaşulylarynyň dördünji gezek eden synanyşyklaryny hut özi
puja çykardy. Şonda, degişli adamlar salyrlaryň duşuşmak isleýändiklerini asla,
şanyň özüne duýdurmadylaram. Gaýtam gödeňsi hereketler edip, paýyş sözler
aýdyp kowdular, güýç ulandylar, garaz, “Ýer gaty, gök yrak” diýenleri boldy.
Güzeran-a çekip-çydardan kyn, çykalga bolsa ýok. Çar tarapyň ýapyk. Gaçyp tezip
Sarahsa aşaly diýseler, Eýran hökümeti olary barybir ol ýerde-de ynjaltjak däl.
Öňem şol ýerde oturtman şu ýere süren şolar. Mara ýa Ýolötene dolanaly
diýselerem, o ýerde-de şol, ýer-suw meselesi öňlerinde keserip dur.
Galyberse-de daş gulakdan eşidilişine görä, Maram Orsyýet bilen birikjek
bolup ýörmüşin. Üstesine-de Orsyýetem Sarahsa göz dikip ugranmyşyn. Asyl, ol ýer
Eýran ikisiniň arasynda dawalymyşyn. Tereziniň agramly tarapam ak patyşanyň
elindemişin. Ýagdaý şeýlekä ol ýere barsaň öz aýagyň bilen belanyň üstünden
bardygyň, oduň üstünden basdygyň boljak. Ine, onsoň diniňden aýryl-da, doňuz eti
78
bilen arak iç-de ýör. Ýagdaýyňam şu wagtkysyndan erbet bolaýmasa gow-a bolmaz.
Iň bolmanda ors baýarlary gazananjaňy eliňden alarlar oturarlar.
***
Salyrlaryň şeýdip, özlerini nirä urjaklaryny bilmän, janserek bolup ýören
wagtlary, ýagny 1884-nji ýylyň başlarynda, Mary tekeleriniňem Güljemal hanyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 09
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.