Latin

Salyr soňy Sarahs - 13

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2152
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
taýzartdy. – Işan aga serediň, merde meňzedimmi?
– Edil özi bolduň.
– Onda bejergä başlajakmysyňyz işan aga? Haçan başlajak? Häziriň
özündemi ýa birki günden geleýinmi? Öňürti okajakmysyňyz ýa doga ýazyp
berjekmisiňiz? Ýa çüflejekmisiňiz? Nirede nemetjeksiňiz? Öýe salypmy ýa şu
ýerdemi? Ýatyrypmy ýa dik duran ýerimdemi? Ýa gaşyňyzda “şykraýlyp”
oturybereýinmi?..
Abyt işan ýüzüni çynlakaý sypata salyp ýerinden turdy. Gülbedeniň ýanyna
bardy. Çat maňlaýynda durup ýüzüni-gözüni synlady. Birdenem:
– Hany gözüňi ýum!.. – diýdi. Abyt işanyň demi ýüzüne urandan süňňi
saňňyldap başlan gelin gözüni ýumdy. Öz hasaby boýunça bir zatlara garaşdy.
Emma tamasy çykmady. Onýança-da Abyt işan: - Açaý – diýdi. Balkyldap duran
köşek gözler açylandanam: - Hi-ih! – etdirip içini çekdi. Gaýra tesdi. Şonda onuň
gözlerinde gorky, ýüzünde ürki göründi. – Hä-ä... – diýip, aýasy bilen buduna urdy.
Iki baka haýdap başlady. Kä asmana, kä ýere garady. Öwran-öwranam: - Wah-wahwah... Wah-wah-wah... – diýdi. Hyrçyny dişläp başyny ýaýkady. – Häýt, häýt! Küşküş! Ýok bol- diýip, asman sary kimdir birine haýbat atdy. Goluny bulap kowdy.
Häliden bäri uçnaklap duran gelniň özem onuň o bolşundan gorkup başlady.
Heý-wa-a... Işan aga-a?.. näm boldy? Ýa meň derdim siziň çak edişiňizdenem
çökderräk ekenimi?
Aý, sen sorama, dogan, menem aýtmaýyn... sen ýaňy iki-üç günden
geläýeýinmi diýýäň, ýekeje pursatam gijä goýmak bolanok myny...
Aýtdym-a men, gaty heläk bolýan diýdim-ä...
Aý, ýok, aýdyşyňdan dagy gaty beter bi... Hälem wagtynda geläýipsiň.
Ýogsam dagy...
Hä, näme? Näme ýogsam?
Ýogsam alardy bi seni.
Alardy-y?
Howwa...
Eý, Huda-aý!.. nämemişin ol meni alar ýaly? Kimmişin? Aýdyň-a işan aga...
Aýtmana dilim baranok, dogan...
Aýtmal-a borsuňyz, işan aga...
Iň ýamanam ol maňa eýgerdenok. Ýaňy sen gözüňi ýumanyňda bir
synandym, welin, hi-iç, bor ýaly däl. Gaty sarç ekeni o peläket...
Gülbeden çyna berimsiz çylbyrlyk edip başlady.
– Ganyma galmajak bolsaňyz aýdyň, işan aga. Näme ol? Kim ol? Maňa näme
bolupdyr?
– Seni Zymýan peri urupdyr.
– Zymýan peri-i?
– Howwa, Zymýan peri.
– Kim bolýar ol?
118
Abyt işan aktam bolan ýüzüni kese sowdy.
– Aý, o-da bir gaýyp gezýän arwahlaryň biri-dä. Mahal-mahal oba aralaşyp
şeýdäýmesi bar-da. Gözem edil, özüň ýaly gözel gelinlerde, owadan gyzlarda.
– Näme, erkekmi ol?
– Aý, her hilisi bolýa-da. Ýöne, saňa duşan-a erkek ekeni.
– Onda-ha gaty gorkunç däl bolmaly ol.
– Şeýlemi? Onda degmäýinem? Nemetmäýinemmi? Gaýtarmaýynanmy?
Ýok, ýok, deg. Aýyr ony ortadan. – Gülbeden böwrüni diňledi. – Näme, gaty
nemedipmi o meni? Gaty urupmy?
Abyt işan aşak çökdi. Dikejegine oturdy. Sag eliniň aýasy bilen gytyk,
goňrumtyl sakgalyny sipalady.
Gaty urupdyr. Ýaman dert özem ötegçi ekeni.
Gülbedeniň ýüzi üýtgedi. Gözleri ulaldy. Göwüsleriniň galyp-düşmesi
ýygjamlaşdy.
– Ötegçi bolsa erbetmi?
– Aý, neme-dä, adam görmän çölde-gyrda gezip ýörensoň tilsimi güýçli
bolýa-da olar ýalyň. Bu jelegaýlaryňka meňzemeýä-dä... – Abyt işan sözüni
tamamlaryna mähetdel ýerinden turdy, ylgaşlap diýen ýaly öýe girdi, eglenmänem
eli ullakan kitaply daş çykdy. Supanyň gyrasynda oturyp kitaby açdy. Sahypalaryny
agdaryşdyryp, o ýerine, bu ýerine seredişdirdi. – Howwa, ine, edil aýdyşym ýaly
ötegçi ekeni. Tüýsem gaty bozuk görünýä. – Ol ýene-de kitaby dörjeşdirdi. –
Ýöne...
Gülbeden Abyt işanyň alkymyna dykyldy. Boýnuny uzadyp kitabyň içine
seretdi.
– Hä, ýönäňiz näme işan aga?
– Ýönäm... O bedähediň dogasy bu kitapda ýok ekeni-dä...
– Wiý, ony näme siziň özüňiz ýatdan bileňzokmy?
– Wah, bilemok-da...
Obanyň iň okumyşy hasap edilýän atly-abraýly adamsyny öz çirtmegine
düşürendigine begenmekden ýaňa gelniň kaňşyrawugy tütäp gitdi.
– Siziňem bilmeýän zadyňyz bar ekeni-ow, işan aga. Il-günüň aýtmagyna
görä-hä Marynyň molla Töre ahunam size boýunmyşyn.
– O zatlar berbesdir, dogan, ynanma...
Onda beýleki kitaplaryňyzda bardyr-a. Kitap kän diýýäler-ä sizde.
Aýduwlaryna görä içi suratlylaram barmyşyn. Gaýrat ediň-de şolaram göräýiň-dä...
– O kitaplar şygyr diwanlary. Dessanlar. Dini däl. – Ol elindäki kitabyň
sahabyny Gülbedeniň ýüzüne golaýlatdy. – Boljak bolsa ine, şunda bolmaly,
munda-da ýok.
Şondan soň kimiň-kimi oýnaýandygyny biler ýaly bolmady.
– Onda başga bir doga okaýyň.
–Başga doga oňa kär etmez.
–Kulhualla-da kär etmezmikä?
–Ýak. Olar ýaly dogalar-a asyl, bular ýaly zatlar-a garmak bolanok. Her
zadyň öz dogasy, her doganyňam öz ulanylýan ýeri bar...
119
Gülbeden iki eli bilen başyny tutdy-da, ilk-ä iki-baka ýaýkandy, soňam
gözlerini süzüp çalarak “yňrandy”.
–Waý, indi men nätsemkäm? Nä alaç etsemkäm? Haýsy gapydan
barsamkam? Derdimi kime aýtsamkam?
Abyt işanam onuň özünden kem oturmady.
–Näme, beterlejek bolýamy?
–Bolýamy däl-de, beterledi asyl. Şu ýere gelenimdäkidenem kän beterledi.
–Aý, entegem beterlär gider oturar.
–Dogry aýdýaňyz, işan aga. Şu wagt ho-ol, içi suwly jürdegem gözme
Ezraýyl bolup görünýä-dä. Ýerinden turaga-da üstüme zyňaýjak ýaly bolup dur.
–Çyndyr-çyndyr. Sebäbi biz onuň kimdigini bildik, adyny tutduk, ol indi biziň
bilen tutluşyga girer, ýeňilmejek bolup her zat eder.
–Onda çaltrak nemedäýiň-dä, işan aga, kömek edäýiň-dä, Ol sizden başga
adama eýgertmez.
Abyt işan kitabyny goltuklap öýüne girdi-de, kagyz-galam alyp çykdy.
–Kömek ederis. Kömek etmesek bolmaz. Ine, men saňa bir hatjagaz ýazyp
bereýin welin, şony al-da göni molla Ýegenmyratlara git. Ýagdaýyňy aýt. Abyt işan
iberdi diý. Ýalňyşmaýan bolsam Zymýan periniň dogasyny şol bilýän bolmaly.
Ol hat ýazmaga oturdam welin, eýýäm maksadyma ýetdim, mundan buýanky
hysyrdylaryň geregi ýok hasap eden Gülbeden ynjalyksyzlanyp başlady.
–Aý, ýa-akla işan aga, ýazybam oturmaň-la, gerekgäl-e, bolmasa men
oňaýaýyn-la, ind-ä birhili gowulaşanam ýaly-la.
–Ýa-ak, oň temmisini bermesek bolmaz. Negözel naçary göz-görtele eline
berip goýberibersek oň dişinde et galar. Beýleki gyz-gelinlere-de erjeşip ugrar. Asyl
hemmesini parçalaman gitmezem. – Haty ýazyp bolandan soň Abyt işan kagyzy
dört epläp Gülbedeniň eline tutdurdy. – Aňsat-aňsat okalýan doga-ha däldir. Özem
kyndyr. Agyrdyr. Molla Ýegenmyradam bir garry adam, okamajag-a bor, ýöne, meň
adymy berseň ýak diýip bilmez. Okar. Özüňem: “Gaýrat et, molla aga, gadryňy
bilerin” dagy diýersiň-dä... – Gülbedeniň ikirjiňlenýänini görüp, Abyt işan ony
gyssady. – Ýöne howluk. Näçe çalt gitseň şonça gowy. Ýaňky gowulaşan ýaly
boldum diýýäniňem şoň bir oýny. Şeýdip ol seni özüne öwrenişdirjek bolýa.
Okatdyrmajak bolýa. – Abyt işan ömür etmeýän işini edip, aýaklary bilen ýer depdi.
Çasly gygyrdy. – Bar, indi durma! Ugra-a!...
Gülbeden bir bökende “alaşaňňyrdy” bolup ýola düşeninem bilmän galdy.
Esli ýere baransoň ýene-de özüne geldi. Abyt işany oýnamaga gelendigi
ýadyna düşdi. Ony öz göz öňüne getirşindenem beter oýnandygyna ynandy.
Buýsandy. Elindäki hata seredip: “Baý, doga-tumara ynanmaýan ekniň-ä, baý,
döwe-perä, jada beýlekä parh etmeýän ekeniň-ä... diýip, içinden telim ýola dagy
gaýtalady. Ertiriň özünde, deň-duşlaryna Abyt işanyň düşen gününi gürrüň berip,
gyzyl-gyran gülüşdirjekdigini göz öňüne getirip begendi.
Şol zatlara kanagat edip, şol ýerden göni öýüne gidiberse boljakdam welin,
işdäsi açyldy-da, onuň indi molla Ýegenmyradam oýnasy geldi. “Aýtdym-a men,
bularyň biri-ikisi dä, hemmesem oýnatgy, bilýän zatlary ýok” diýip, ertesi
joralarynyň ýanynda öwünesi geldi.
120
Şeýdibem ýene-de şeýtanyň goluna düşdi. Sähelçe wagtdanam molla
Ýegemyradyň gapysynda häzir boldy.
Günrotanyň yssysynyň doly sowulmandygy sebäpli ahun aga-da öýünde
oýaly-ukuly ýatan ekeni-de, Gülbedeniň “şaňňyr-şuňňuryna” “hyk-çok” ýerinden
galdy. Entirekläp gapynyň agzyna geldi. Iki elinem söýä diräp daşaryk boýnuny
uzatdy. Gözlrini açalak-ýumalak etdirip çat maňlaýynda alazenzele turzup duran
“şaýly gelne” geň galyjylyk bilen seretdi. Ýöne, ol agzyny açyp-açmanka Gülbeden
elindäki haty uzatdy-da, habaryny bermäge durdy.
Meni siziň ýanyňyza Abyt işan iberdi, molla aga, kömek etsin, diýdi.
–Kime kömek etmeli men? Saňamy ýa oňamy?
–Maňa.
–Näm bolýa saňa?
–Ýaramok, molla aga. Iki gün bäri başym dertli. Galanam hata ýazylandyr.
Bir zat tapynypdyrynmy, nämemi...
Ýaşy bir çene baran, çekgeleri süňklek, ýüzi tegelegiräk gözleri mazaly
kösseýişen, ýaşuly adamlara mahsus zybrym ak geýinen molla Ýegenmyrat
türkmençilik terbiýesine görä, ýeke wagty ýat maşgalany öýe çagyrmaga ejap edip,
özi daş çykdy, öýüň kölege tarapyna aýlandy. Arkasyny gamyşa ýaplap dikejegine
oturdy. Özi üçin ýörite iri harplar bilen ýazylan hatyň gatlaryny açyp gözüne
golaýlatdy.
Gülbeden tä haty okap bolýança onuň çat maňlaýynda joňkarylyp, ýüzüne
çiňerilip oturdy. “Iň bolmanda şüý-ä hiç zadyň ýokdugyny aňar, “Aý gelin sende
derdem ýok, keselem ýok, Zymýan diýen perem ýok, onuň dogasam ýok, sen ýöne
birazajyk was-wasa düşensiň-de, Abyt işanam tejribesizligini edip gaýtam ýüregiňi
çişirip goýberendir, bar, arkaýyn gaýdyber öýüňe” diýer, birazajygam, käýýär öýtdi.
Onuň ýüzüni hasam dykgat bilen synlady, gözleriniň içine dikanlady.
Ine-de, hata tiňkesini dikip oturan molla Ýegenmyradyň dodaklary
müňküldäp, çekge damarlary çekip başlady. Ýygy-ýygydan başyny ýaýkady. “Wahwah-wah...” diýip, ýumrugy bilen kükregine urdy. “Wah peläket, haý zaluwat”
diýip, aýasy bilen buduna ýelmedi. Arasynda “öwhüldäp” dem aldy. Birdenem
ünsüni hatdan sowdy-da, Gülbedene tarap nebsiagyryjylyk bilen seretdi.
–Sen-ä jan kelin gaty kyn derde duşupsyň. Aýtsam-a mana, seň göwnüň
galjak, aýtmasamam zybanym kemjejek... Sen belaň gaty ulusynyň üstünden
barypsyň.
Içi gülüp duran gelin birdenkä biynjalyk bolup başlady.
–Molla aga näme, meni dogrudanam Zymýan peri urupmy?
–Wah, onda-da nä urmak... Sen indi myndan açylybiläýseň ne ýagşy.
Molla Ýegenmyradyň ýüzi-gözi şol wagt şeýle bir üýtgedi welin, ony görüp
Gülbedeniň özem dowla düşüp başlady. Indi ikinji adam, özem uly iliň öňüne düşüp
ýören adam şeý diýensoň özüni hakykatdanam Zymýan peri kakan, zyýan tapynan,
doga-tumara mätäç ýaly duýdy. Öz-özüne ynanyp, özi-de bilmezden öz pirimine özi
çolaşyp başlady.
–Molla aga oýun edýäňizmi ýa çynyňyzmy?
121
–Biziň-ä oýun ýadymyza düşenok, keýgim. Ýöne, hernäçe gynansam-da
menem saňa kömek edibiljek-gä. Sebäbi men şol doganyň ýarysyny bilýän-de, galan
ýarysyny bilemok.
–Hany Abyt işan siz bilýänsiňiz diý-dä.
–Dogry, öň bilýädim, ýöne, gaty güýçli doga bolansoň ýadyňda saklamak kyn
bolýa. Huşumyzam kütelişensoň-a...
Gülbeden gyssanyp başlady.
–Siz-ä meni birhili yşandyryp barýaňyz, molla aga.
–Aý, yşansaň yşan, yşanmasaň yşanma, biziňk-ä bir aýtmak. Dogasyny okap
ony obadan kowmagam biziň borjumyz, ýöne...
–Hiý, o dogany dolulygyna bilýän ýokmuka bu jelagaýda?
–Bolmaly. Ýöne, birneme daşrak-da.
–Nirede?
–Garadepede.
–Kim ol?
–Eýeberdi ahun. Ana, şol bilýän bolmaly. Asyl okan ugram şol şoň. Ömrüni
däli-tentek, zagba, siýek okap geçirdi. Senem açar şol. Peri bolsun, döw bolsun, jyn
ýa arwah bolsun, tapawudy ýok, agzyny açanda ýa-ha sermagallakdan gaýdýalar,
ýa-da “güpürdeşip” gaçmak bilen boluberýäler. Sen ana, şoň ýanyna git.
–Şu günmi?
–Şu gün däl, şu pursatyň özünde.
–Şu tüp yssydamy?
–Zymýan peri seň yssyňa sowugyňa bakmyýa, kelin. Howlukmasaň ömürlik
maýyp edäýer. Iň bolmanda gözüňi alar, diliňi baglar, aklyňy-huşuňy kemer, eliňiaýagyňy şel eder, garaz, boş-a goýmaz. Galanynam özüň bil. Soňky gün aýtmadylar
diýmeseň bolýa... – Molla Ýegenmyrat Abyt işanyň hatyny Gülbedene gaýtaryp
berdi. – Me, şunam Eýeberdi ahuna görkezersiň. – Soň ol Gülbedeniň üsti-başyna
“üm” etdi. – Bu, “şakyr-şukularyňy” bir taşlap git. Ýogsam “şaýly gelinmikä” diýip,
ýolda-yzda duşanyň ýüregi ýarylar.
Şeý diýdi-de, molla Ýegenmyrat öýüne girip gitdi.
Şondan soň Gülbeden: “Toba, toba itiň oýnam bolsa göläň çyny”, diýişleri
ýaly bulaňň-a gara-çynlary” diýip, içini gepletdi. Ýöne, ynjalybilmedi. Gitdigiçe-de
jegebesi darykdy. Gözleriniň öňi ümezläp, başy aýlandy. Molla Ýegenmyradyň
gaýdyp çykmajakdygyna gözi ýetenden soň-a bütin dünýäde ýeke özi galan ýaly
göwnüne her zatlar geliberdi. Asyl Zymýan peri ganatlaryny galgadyp üstüne
sürnüp gelýän ýalam boluberdi.
...Bir bilýän zady öýüne baryp eşiklerini çalyşdy. Ýönekeýräk geýindi. Nädip
Garadepäniň ýoluna düşenini, gaýdyrylyp gelşine gumak ýollardan nädip, ýeldirilip
geçenini welin bilenok.
Ýolboýam Zymýan periniň öňünden çykaýmagyndan gorkup, içinden bar
bilýänje dogalaryny okady. Munça azap çekip baranyna görä ahun aganyň öýünde
bolaryny diledi. Gitdigiçe-de gorkusy artdy. Hamala Zymýan peri öňünde
penjelerini ýaýyp duran ýaly: “Haýt! Küş! Ýok bol! Çekil! Aýna! Darak! Burç!
Pyýaz! Pyçak!” diýip, haýbat atdy. Arasynda halys ysgyndan gaçyp ýykylan
gezeklerem boldy.
122
Garaz, zoraýakdan özüni Garadepä atdy. Sorap-idäp Eýeberdi ahunyň
howlusyny tapdy. Derwezesinden yranjyrap girdi. Hemmesi birmeňzeş, hatara
oturan bäş-alty öýüň haýsyna barjagyny bilmän ýaýdandy. Howlynyň ileri
çüňkündäki mal ýataklaryň ýanynda bir zatlara güýmenjiräp ýören hyzmatkär
ýigitden ahun aganyň öýdedigini ýa ýokdugyny bar bolaýanlygynda öýleriň
haýsyndadygyny soramak üçin şoňa tarap ýöneldi. Oňa çenli howlynyň beýleki
çüňküne basylan, adam boýundanam beýigräk ýandak küdesiniň aňrysyndan
üsgürinjirap, eli täp-täzeje mis kündükli, gök ýektaýyny ýelbegeý atynan, başyna
ýukajyk gyzyl-ala reňkli hülleden selle oranan, ak köýnek-balakly Eýeberdi ahunyň
özi çykdy.
Derdi hakykatdanam beterläp ugran gelin ylgaşlap öňünden çykdy-da,
kündügini ýere goýaryna mähetdel, salam-helik ýok elindäki kagyzy ahun aganyň
gözüne golaýlatdy.
–Ine, şuny Abyt işan bilen molla Ýegenmyrat iberdi.
Eýeberdi ahun dik duran ýerinde selçeň hem uzyn sakgalyny sypalap durşuna
öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Amanmy kelin, gurgunmysyň...” diýdi-de, haty açyp
okamaga başlady. Okap durka telim gezek dagy içini hümletdi. “Be-e...” diýip geň
galyjylykly seslendi. Okap bolandan soňam, yzy bar bolaýmasyn, diýýän ýaly o
ýerine bu ýerine hatda arkasyna çenli seredişdirdi.
Gülbeden gelin iň bolmanda Eýeberdi ahunyň özüni paş ederini, ýalan sözläp
birtopar adamy azara goýup ýöreni üçin sypaýyçylyk bilen gatyrganaryny isledi. Hiç
hili derde duşmandygyna öz-özüni ynandyrasy, kalbynda dörän howsaladan sagaman gutulasy, hakykatdan-da açylasy geldi.
Ýöne, haty okap bolandan soň Eýeberdi ahunyň çeken nagrasy welin
öňküleriň dagy çakam bolmady. Ol ellerini asmana serdi-de, özüne mahsus bolan
ýogyn hem labyzly sesi bilen:
–Eý, Alla! Bular ýaly agyr apaty başyndan saljak bolsaň başga bir ýeňil kelle,
dars-daban, eýýar heleýleriň birini tapmadyňmy? Ezip içäýmeli beýle eziz
maşgalany munça belalara giriftar eder ýaly sen näme, ýeriňde-ýurduňda
ýokmudyň? – diýdi. Onuň bilen bilelikde häliden bäri dolup-daşyp duran gelinem
sesinde bary bilen hünübirýan aglap başlady. Ahun nagra çekmesini dowam etdirdi,
yzyndanam çalarak egildi-de, o ýan, bu ýan owsun atdy. Efsun urdy. – Ah, sen
Zymýan peri! Aram-aram oba gelip gyz-gelinleri çep ganatyň bilen kaka-kaka maňa
ömürboýy iş-ä bolduň! Seň uran gelin-gyzlaryňy açjak bolup ysgyn-deramatdan-a
aýryldym! Maýyplar boldum! Şu gezek bir seni gaýdyp gelmez ýaly etmesem
bolmaz! – Eýeberdi ahun aşak çökdi. Gülbedeni köşeşdirdi. – Goý, kelin, goý!
Aglama. Özüňem otur aşak – Zymýan periniň gaýtargy dogasyny okajakdyr öýdüp,
Gülbedenem hasyr-husur onuň gapdalyna çökdi. Hakykatdanam doga okamak üçin
tijenýän ýaly ahun gözlerini ýumup ýere bakdy. Soň göge garady. Başyny ýaýkap: –
Häýt, wah... – diýdi. Molla Ýegenmyradyňky ýaly aýasy bilen o ýerine, bu ýerine
kakyşdyrdy. Şol hereketlerini birnäçe gezek gaýtalandan soňam gözlerini “ýalpa”
açdy-da, gelniň ýüzüne naýynjar seretdi. – Garrylyk ýetişip güýjüm gaçyşypmy ýa
şoň özi indi halys azypmy Zymýan peri şu gezeg-ä maňa baş berenok, kelin.
Hernäçe beýnime zor salsamam dogaň başy ýadyma düşmän dur-da. Başyny
123
okamasaňam galan ýerini okanyňdan peýda ýok. Düşjek-düşjegem bolýa welin,
agzymdan kakyp alýa-da, kapyr...
Ahunyň bolup oturşy, aýdýan sözleri Gülbedene öňküdenem beter güýçli täsir
etdi. Halys lagşatdy. Ýene-de aglap başlady.
–Edil maňa gezek gelende şeýle bolaýmalymy? Molla Ýegenmyrad-a yzy
ýadyma düşenok diýýä. Sizem öňi ýadyma düşenok, diýýäňiz. – Birdenem bir zat
ýadyna düşen ýaly aglamasyny goýup begençli seslendi. – Wiý-ý... Bolmasa molla
Ýegenmyrat bilen bile okaýyň. Ol-a öňüni okasyn, sizem yzyny okaň. Ýa-da men
ine bu gün yzyma gideýin-de, molla Ýegenmyrada öňüni okudaýyn ertirem siziň
ýanyňyza gelerin welin, yzyny okaýyň...
–Ýak köşek, ony bötmek bolmyýa. Ol düzgüne ters gelýä. Öýdüp okalan
dogaň hökmem bolmyýa. Ýöremeýä. Üstesine-de bötsek ýeke bir Zymýan peri däl,
beýleki jyn-arwahlaram biziň üstümizden gülerler. Ejizläpdirler, diýerler. Özlerem
barha köpelmek bilen bolarlar, ýygy-ýygydan gelip ýürege düşerler. Şu ýerde
galaýmaklaram mümkin. Sebäbi olaryň gözlegi ylmyň gowşan, adamlaryň azan
ýerleri.
–Waý, indi men nätsemkäm, ahun jan aga? Hiý, muň bir alajy bolmazmyka?
Men indi şeýdip... aýny diýen wagtymda... ardurjy gidibermeli bormukam?
Eýeberdi ahun Gülbedene çyna berimsiz göwünlik berdi.
–Ýa-a-a, i-i-i... Ruhdan düşme. Aglama. Bir alajy bor...
–Şeýlemi ahun aga? Onda gaýrat edeweriň. Ind-ä şo bela öz gözüme-de
görünýän ýaly bolup dur.
Eýeberdi ahun ýüzüni-gözüni çytyp, çynlakaý sypata girdi.
–Sen indi eglenme-de ho-ol, derýa golaý ýerdäki ene saýyň gyrasynda oturan
küreniň ileri çetindäki ak öýe bar. Eýesine Mätjuma diýýändirler. Şoň uly ogly
Orazmyrat tutuşlygyna bilýän bolmaly şo dogany. Düýn-öňňünlikde Maşada gidip,
Gyzyl Ymamyň müjewürinden öwrenip geldi şony. Zehini daş ýarýan ýaş ýigitdir. –
Eýeberdi ahun uludan demini aldy-da, öňküsine görä has ýuwaşrak gepledi. – Ýöne
, gijä galmajak bol. Sebäbi gije diýeniň bir jyn-arwahyň, döw-periniň jadysynyň
güýçlenip, erbet pygyllarynyň rowaçlanýan pursaty bolýa. – Ahun häliden bäri bu
geň ahwalata agzyny açyp syn edip duran hyzmatkär ýigide öýden döwetdir-galam
alyp çykmaklygy buýurdy. Getireninden soňam Abyt işanyň iberen hatynyň
gyrasyna bir zatlar çyrşaşdyrdy. Boldum edibem gelniň eline tutdurdy. – Mana!
Barşyň ýaly sen-men ýok şuny eline tutdurgyn. Ýogsam, kakas-a ýüpek ýaly, adam
welin, özi sypjykdyr. Ýöne, meniň belligimi görse ýagdaýa düşüner. Kömek eder.
Gülbeden şeýdip ol ýerdenem gitdi, Mätjumalara tarap. Ýöne, möhümi welin
o ýerdenem bitmedi. Hata göz gezdirip bolansoň-a Orazmyrat gaýtam Eýeberdi
ahunyň aýdyşyndanam beter sypajaklap başlady. Mazaly süňňüni saraldan soňam
gelne başga biriniň salgysyny berdi.
–Bu gün-ä indi giç bor welin, ertir baraý oň ýanyna, kän bir biwagt barany
halaýan däldir – diýdi.
Nädersiň şol gün irdenem bökjekläp ýören sagat gelin gijesi bilen ýatyp
biläýse. Asyl, Zymýan peri bilen uzak gije tutluşyp çykdy diýseňem boljak. Özem
ýeke bolansoň derdini paýlaşara-da adam ýok. Joralarynyň ýanyna giderdenem
biwagt.
124
Ertesi irden köwşüni süýräp salgy berlen ýere bardy welin, o ýerdenem ýüz
tapmady. Gülbedeniň derdi bolsa gitdigiçe güýjerledi.
Üçünji gün diýlende ol obanyň ortarasyndaky şyr-takyr ak meýdana çykyp:
“Ho-onha ho-ol küňreli howlynyň çüňkünde-hä, biri ganatlaryny pasyrdadyp otyr,
onuň beýle tarapyndaky ak öýüň üstünde bolsa başga biri daranyp otyr. Ikisiniňem
gözi mende, petreýdişip iýäýjek bolýalar. Dag tarapdanam biri “şaglap” üstüme
gelýär. Hüýt-gara birem süýr depämde aýlanyp ýör...” diýip, ala-goh turzup duran
boldy.
Şondan soň tutuş il bolup ony o dertden nädip açyp boljakdygy barada gürrüň
etdiler.
Şondan soň oňa: “Sen Maşada git-de, külli Horasana belli Gul molla görün,
ýüzugruňa-da gyzyl Ymama zyýarat edip gaýt” diýdiler. O-da: “Men ýeke özüm
ýagdaýym ýok”, diýdi. “Onda git-de, Sarahs baba ýykyl, Mara bar-da, molla Töre
ahundan doga al” diýenlerem boldy. O-da gidibilen ýerine gitdi. Aýak ýeter ýaly ýer
bolsa bardy. Ahyram laky-tak durdy. Ýanyny ýere berdi. Alty aý diýlende zordan
özüne geldi.
Abyt işanyň ýazan hatyny welin şol sebitde sowatly adam bar bolsa barysy
okap çykdy. Gülbedeniň başyna düşen ahwalatam Horasandyr-Mara ýaýramasa-da
Zurabatda, Garadepede, hatda Ýolötendir-Meýmenede oturan salyr obalaryna-ha
ýaýrady. Ol wakany soň-soňlaram ýatlaşyp gülüşdiler ýördüler. Şindi-şindilerem
ýatlap ýörenler kän.
Hatly-sowatly parasatly adamlaryň demine düşüp, tas dälilik derejesine ýeten,
şol dertden ölmän zordan gutulan Gülbeden şondan soň özüniň hakykatdan-da
degmesiz adamlara degendigine, süýkenmesiz adamlara süýkenendigine düşündi.
Toba etdi, öňlerinde dyzyna çökdi. Sag-aman ölmän gutulandygy üçin güýjüniň
ýetdigine görä ili ýygnap sadaka berdi, özüniň degsinjeň häsiýetinden, ýerliksiz
oýunlaryndan el çekdi. Hatda Sary maňkany oýnamasynam goýdy. Dogry ýola
düşdi. Ile goşuldy. Şondan soň oňa iki-ýeke hyrydar çykanam tapyldy. Ýöne, o
zatlar biraz soň, Sarahsa göçülip barylandan soň boldy.
Abyt işanyň at-abraýy bolsa şondan soň hasam artdy.
Onuň Gülbeden gelni otlara salan şol, meşhur hatynda bolsa, ine, şu setirler
ýazylan ekeni:
Eý, peri, Zymýan peri,
Zymýan peri ursun seni,
Eý bihaýa, bimahal,
Ukudan oýgardyň meni.
Eý gelin, algyn nesihat,
Sen dagy bir äre bar,
Et bilen ýag isteseň,
Ynjaldy-da Döwletýara bar.
Asyýa unun iýseň,
Rahmannazar eýýara bar,
Ogry, tirýekkeşi diýseň,
125
Ol Ojuk murdara bar.
Obadan är tapmasaň,
Penşenbe gün bazara bar,
Onda-da takat tapmasaň,
Tümmek gabrystana bar.
Kelläň özüňde bolmasa,
Açyk ýatan mazara bar,
Ala daglar kabul etmez,
Daglar içinde gara bar.
Eý, peri, Zymýan peri,
Zymýan peri ursun seni,
Eý bihaýa bimahal,
Ukudan oýgardyň meni.
XVI
Toýuň dowamy
...Ekabyrlaryň aýlawa barmaklary bilen at çapyşygy hem başlandy. Ýeňijilere
Teke han hut öz eli bilen baýrak gowşurdy.
Ondan soň olar üýşüp göreş meýdanyna bardylar. Döşleri gapak ýaly,
baldyrlary ýogyn galyň-galyň pälwanlar il agalaryna gözleri düşenden damaklaryny
arçaşyp, ellerine tüýkürişip, öňkülerindenem has tijenmek bilen boldular. Han
aganyň öz elinden baýrak almak höwesi bilen garşydaşlarynyň guşaklaryndan
ýapyşdylar.
Ol aladanam birýüzli edenlerinden soň, ekabyrlar öýli-öýlerine dagaşyp azkem dynç aldylar. Aşaklyk bilen gijeki boljak kelte göçüň taýýarlyk ýagdaýyndan
habar tutdular. Şol zatlar üçin jogapkär adamlara täze-täze tabşyryklar berdiler.
Gün gyzar ikindä golaýlandanam idäp-sorap Gaýybam tapdylar-da, oňa-da
häziriň özünde özleri bilen Döwletdurdy tüýdükçiniň ýanyna barmalydygyny aýdyp,
ýene-de toýhana geldiler. Bagşy aýtdyryljak ýere bardylar. Açyk meýdanda ýazylan
täzeli-köneli halydyr-palaslaryň, keçeleriň üstünde ikibir-üçbir, özara gümür-ýamyr
edişip oturan märeäniň bir çetinde dim-dik bolup duruşlaryna baş atyp, başlybaradraga-da salamlaşdylar.
Köpçülik welin onuň bilen oňmady. Sylanýan adamlara öz yzzatlaryny
görkezmek üçin “gürre” ördüler-de, duran-duran ýerlerinde bagyr basyşyp, baş
egişip salam berdiler. “Aleýik” aldylar. Gulluk bildirdiler. Käbirleri bolsa özlerini
has yhlasly görkezmek üçin ylgap baryp, iki elleri bilen görüşdiler. Duran ýerinden
“haýkyryp” salamlaşanlaram boldy.
Entek irräkdigi sebäpli dutarlaryny gaplaryndanam çykarman oturan
bagşylaram ýerlerinden ýeňillik bilen galdylar-da, düşegiň gyrasyna gelip, ekabyrlar
bilen birlaý görşüp çykdylar, hal-ahwal soraşdylar.
126
Han-begler üçin bagşylara golaý ýerde, ýüpek körpençeler ýazlyp goýlupdy.
Köpçüligiň içinde märekä beýemçelik edip ýören, çyglyp hem gaty gygyryp
gepleýän, ak sakgally, ak kirpikli, ýüzi çog-gyzyl, dodaklary tebsiräp durandygy
sebäpli hemişe ýalmanyp ýören bir ýaşuly öňe çykyp, olardan şol ýere geçmeklerini
haýyş etdi.
Emma Teke han oňa bu wagt özleriniň oturmakçy däldiklerini, bagşylaram
alyp Döwletdurdy tüýdükçiniň ýanyna gitmelidiklerini bagşynam şondan gaýdyp
gelenlerinden soň oturyp arkaýyn diňlejekdiklerini aýtdy. “Ýörüň” diýen manyda
bagşylara yşarat etdi.
Bagşylar: “Munymyzam almalymykag-aý...” diýýän ýaly dutarlaryna tarap
soragly seredişdiler. Ekabyrlaryň sessiz-üýnsiz öwrülip gidiberendiklerini görübem:
gerek däl ýaly-la, diýen netijä geldiler.
Olar ýolboýam şeýle agyr halda ýatan hassanyň ýanyna beýdip, üýşüşip,
onda-da gyr-gyssag barýandyklarynyň sebäbini bilibilmän kösendiler.
Kethudalardan soramaga bolsa çekindiler.
Soraýanlarynda-da, garry sazandanyň ýanyna näme üçin barýandyklaryny
han-begleriň özlerem bilmeýärdiler. Olara diňe: “Bagşy-sazandalaram alyň-da, erte
agşam geliň” diýlipdi.
Baryp görseler Döwletdurdy tüýdükçiniň işigi kiçiräk toýhana öwrülen ekeni.
Daşarda içi çekdirmeli ullakan gazan “bygyr-bygyr” gaýnap dur. Bir
tarapdaky timar bilen, rejelenip basylgy odunyň üstüne ýaňyja soýlan goýnuň bolluk
bilen duzlanan derisi serilgi. Tamdyrdan çykan bäş-alty sany galyň hem ullakan,
tegelek nany sazandanyň gelinleriniň biri repideli egninde göterip, hatara oturan
öýleriň çepkisine ýetip barýar.
Ekabyrlar bu omalak-çomalaklygyňam nämäniň alamatydygyny bilip
bilmediler. Ýöne, göwünlerine erbet zat getirmediler. Olar ýaly bolsa “gyk-bak”
bolardy, “haý-waý” çykardy, eşidilerdi, habar barardy, diýip, öz-özlerini
köşeşdirdiler.
Öýe girenlerinden soň welin, olar öz gözlerine ynanmajak boldular. Çünki,
düýnjigem “has-has” edip, demini sanap ýatan bimar sazanda bu gün gap böwürde
ýazylan gat-gat düşekçäniň üstünde arassa ak köýnekli, ak balakly, sakgal murty
ýuwlup tämizlenen, daralan, bejerilen, saçy syrylgy uçmany ýaňy öwrenjek bolýan
çaga kepdei ýaly ganatlaryny galkyjakladyp otyr. Söýget üçin daş-töweregine
birnäçe ýassyk üýşürilipdir. Ogullarynyň hersi bir gapdalynda tekýe berşip otyrlar.
Sag gapdalynda bolsa ömürlik hemrasy, ady-abraýy, şany-şöhraty bolan
tüýdügi ýatyr. O-da yhlas bilen syrylyp süpürilipdir. Arassalanypdyr.
Gelinleriniň ikisem girip-çykyp, hyzmat edişip ýörler. Olaryň biri bir okarany
püre-pürläp “paşyrdap” duran göm-gök düýe çal getirdi. Ýagşygül apa okarany
gelniniň elinden aldy-da, içine seredip:
–Heý-wa-a... pülnüleme edäýipdirler myny... – diýdi. Soň ony Teke hana
uzatdy. – Al Ýazyjan, özüňem iç, ýldaşlaryňa-da geçir.
Myhmanlaryň gelenini duýansoň sazandanyňam ysgynsyz göwresi herekete
geldi. Ogullaram ýerlerinden turup ekabyrlar bilen salamlaşdylar, görüşdiler.
Kakalarynyň ýanyndan ýer görkezdiler.
127
Ýagşygül apa bolsa içki joşgunyny saklap bilmän, agzynyň ýetişdiginden
samrap ýör.
–Akgaňyzam şu gün-ä ýagşy. Ertirden bäri size garaşyp ýatyr. – Ol uzak
durmaga mejaly bolman aşak çökdi. – Bir hyýala-ha mündi öz-ä. Tüýdügine çenli
taýynlap goýdy.
–Olar ýaly bolsa ýa-ha biziň bilen gidip toýda tüýdük çaljakdyr, ýa-da
öýlenmegiň kül-külüne düşendir – diýip, ykjam ornaşmak üçin düşekçäniň üstünde
oýkanjyrap oturan molla Oraz ara maýylganlyk girizmek üçin degişmä saldy.
Ýagşygül apa onuň oýnuna garaçyny bilen jogap berdi.
–Wah, käşge jan Oroz. Gutulyp gitjegini bilsem heleýi meň özümem äberjek
şuňa.
Degişmä baş kethuda Begnazaram goşuldy.
–Haý näbileýin-dä. Häli bir Gülbeden ýaly gara saçly görmegeý gelniň
goltugyndan tutup getiräýse janyňa-ha ýakmas-a gerek. – Begnazar suwly jürdek
ýaly “şyg-şyg” edip güldi. – Oklawyňy dalawladyp ikisiniňem injigini uçraýmasaň...
Indi Ýagşygül apanyň özem oýna goşuldy.
–Ýak, hiç zat diýmen. Sag-aman gutulsa bolýa.
–Aý, başdaşy ýüzüne seredip otyrka Döw kakamyz beýle iş etmez-laý – diýip,
aňsat-aňsat degişmä goşulmaýan Abyt işanam aşak bakyp ýylgyryp oturşyna
ýuwaşja seslendi. – Ýöne ýaňky molla Orozyň aýdyşy ýaly biz bilen Allamyradyň
toýuna gidip tüýdük çalmana taýýarlyk görüp oturan bolmagy mümkin. – Ol çalarak
egildi-de, Döwletdurdy tüýdükçä tarap owsun atdy. – Ýa çakylyk has uzagrakdan
geldimi, Döw kaka?..
Arkasyny tärime ýaplap birgiden ýassyklaryň arasynda yranjyrap oturan goja
tüýdükçi gözi ýumuk hem bolsa sesiň nireden gelenini, kimden çykanyny soňky
sözleriň özüne gönükdirilip aýdylanyny aňdy. Jogap berende kynlyk bilen, arasyny
kesip-kesip gürledi.
–Howwa, işan jan, bu gezek çakylyk uzagrakdan geldi. Onda-da juda uzakdan
geldi. “gitse gelmezden” geldi. O çakylykdan men boýun gaçyryp bilemok. Oňa
meň hakymam ýok, elajymam ýok. – Goja gurak-gurak ýuwdunan-da bokurdagynyň
ýumrusy “ligir-ligir” edip, telim gezek dagy aşak-ýokary inip çykdy. – Şonuň
üçinem men sizi şu ýere çagyrdym. Oňňam sebäbi... sebäbi Üh-he... kh-he-e... Men
size şu gün bir saz çalyp berjek... Ol siziň öňki eşiden sazlaryňyza girenok. Ol
meniň ömürbeýanym. Ýeke meňkem däl-de, tutuş halkyň, adamzadyň
ömürbeýany... Umuman, durmuş barada. Bu meniň şu agyr halda, ajal bilen jan
dalaşyna girip ýatyrkam döreden iň soňky sazym. Muny öz ýanym bilen alyp gitsem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 14
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.