Latin

Salyr soňy Sarahs - 03

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 2050
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düşünjesine görä hökmany zerurlyk bolup durýardy. Çünki, “syýasat”, “Eýran,
20
“wagtlaýynça” diýip, hernäçe özelensde-de, bu meselede onuň gorkýan zady
düýbünden başga. Ýagny, birinjiden-ä erkinlik söýüji türkmenleriň ol ýere barabarmana özleriniň Buhara raýatdyklaryna garamazdan, Eýran hökümeti bilen dil
tapyşaga-da ur-tut onuň raýatlygyna geçäýmekleri ahmal. Ikinjidenem şeýle bolaýan
ýagdaýynda Daniýar beg salyrlar bilen bilelikde Sarahsam elden giderjekdi.
Bu bolsa onuň üçin mugtja emgekden başga hiç zat däl.
Şeýle-de, Sarahsa baranlaryndan soň salyrlaryň gylyçlaryna daýanaga-da
özlerini Buhara-da, Eýrana-da garaşly däl erkin halk hökmünde yglan edip
oturybermeklerem ahmal. O-da Daniýar begiň öňünde içi täze-täze kelle
agyrylardan doly birgiden meseläni keserdip goýjak.
Üçünjiden bolsa salyrlaryň hem Eýran, hem Hywa bilen ykdysady, söwda
bähbitleri babatda ylalaşaga-da şolaryň ikisi bilenem gowy gatnaşyklara girmekleri
we Buharadan ýüz öwürmekleri bolup biläýjek zat. Bu welin, Daniýar begiň
Sarahsyň hem-de salyrlaryň üstünden agalyk sürmek baradaky hüçjetlerine
düýbünden ters gelýär. Şonuň üçinem, ol başarsa hiç wagtam salyrlary Sarahsa
ibermekçi däl.
Asyl-ha şolar ýaly, hatarly serhetýaka zolagy ilatlaşdyrmak hökmanmy, ýa
gowusy ol ýeri giň giden öri meýdanlary üçin çarwaçylykda ulanmalymy, ine şu
zatlar barda hem ol entek-entekler otlanmaly.
Häzirlikçe bolsa ol bu barada Tenek bilen gürleşmeli. Ony özüne çekmeli.
Ol hut şeýle hem etdi. Salyrlaryň görkezilen ýerde ornaşan günleriniň ertesi
Tenegi çagyryp şeý diýdi.
– Taýpaňyzyň göç meselesini yza çekmekde sen maňa kömek et. Bu babatda
menem saňa degerli kömegimi bererin. – Şeýle hem ol bu zatlaryň Buhara –Eýran
syýasaty bilen, esasanam salyrlaryň howpsuzlygy bilen baglydygyny ýene bir gezek
nygtady. – Halkyňa-da şeý diýip düşündir. Ýogsam olar bir birgiden garamaýakdyr,
haýryny-şerini bilmezler. Men bir zat diýsem-ä asylam ýamanlykdyr diýip,
düşünerler. Mümkinçilik dörän güni welin, men özüm siziň öňüňize düşüp eltip
gaýdaryn.
Tenek oňa ynandy. Hakykatdanam salyrlaryň bähbidini arap gürleýändir
öýtdi. Muny ol il-halkynyň öňünde hem aýtdy. Ynandyrdam. Şeýdibem olary
haçana çenlidigi belli bolmadyk bir möhlet bilen şol ýerde galmaklyga yrdy.
***
Her niçik hem bolsa salyrlar ol ýerde saýatlar bilenem, beýleki türkmendirözbek taýpalary bilenem ençeme ýyllap oňşukly oturdylar. Özleriniň ylalaşykly
halkdyklaryny degmedige degýän däldiklerini subut etdiler.
Goňşularam özlerini olaryň öz boluşlaryna barabar alyp bardylar. Hiç hili
dawa-jenjelsiz ýaşadylar. Gyz aldylar, gyz berdiler, garyndaş boldular. Ýöne,
belanyň körügi düýbünden başga tarapdan gopdy. Oňşuksyzlyk salyrlaryň öz
arasynda döredi.
Öňi bilen-ä köpçülik gondalaw tapdy. Wagty bilen göçli gürrüňiň
gozgalmaýanlygyndan, asla onuň ýatdan çykarylyp barylýandygyndan närazyçylyk
bildirip bäşleň-üçleň kä Tenegiň, käte Öde Meňlidir Gurban Meňliniň ýanyna
gatnap ugradylar. Baryp emir bilen gürleşmeklerini talap etdiler. “Indi emiriň aýdan
21
wagtam ýetdi hetdem ýetdi, egerde siz baryp gürleşmäge çekinýän bolsaňyz, onda
baryp oň bilen özümiz gürleşjek” diýdiler. Elbetde, Tenek olaryň bu gepini emire
günübirin ýetirdi. Ýöne kanagatlanarly jogap alyp bilmedi. Köpçülik muňa hasam
kejikdi.
Soňabaka olara Öde bilen Gurbanam goşuldy-da, ikortada Tenegiň bir özi
galdy oturyberdi. Kyn ýagdaý döredi.
Şol wagtam kimden çykandygy belli däl: “Egerde özüni salyra baş han edip
bellese, Tenek göçli gürrüňi günübirin galdyrmaga emiriň öňünde söz berenmişin”,
diýen gürrüň ýaýrady. Muňa kim ynandy, kim ynanamady. Ýöne, tüýs bolmajak
bolsa bolmaz, diýleni, şol gürrüňiň yzysüre Tenek ýaşulylary ýygnady-da, emire
bolan başky ynanjyna görä:
– Agalar, entegem göçli gürrüňiňizi goýuň, dynç oturan halky gorjamaň,
wagty gelen güni emiriň özi aýdar, o-da dert-azar bize ýagşylyk etjekden... – diýdi,
welin, gaýtam indi şol gürrüňe öňki ynanmadyklaram ynandylar-da, ýagdaý bütinleý
çylşyrymlaşdy duruberdi.
Tenek barada ýaýran soňky gürrüň esasanam Öde Meňli bilen Gurban
Meňlini otdan alyp suwa saldy. Olaryň ikisem Tenegiň ýanyna bardylar-da, iki
gözüniň içine iki ýerden dikan garap duruşlaryna:
– Biz özümiz han saýlamaly bolaýanymyzda-da, senden başgany
saýlamazdyk. Emir saýlaýanda-da biz seniň hanlgyňa garşy bolmarys, ykrar ederis.
Ýöne, egerde sen hanlygyňy halkyň göç meselesini galdyrmaklyga söz berip, satyn
almakçy bolýan bolsaň, aýdylyşy ýaly emir ikiňiziň araňyzda şeýle gürrüň bolan
bolsa, onda ony bizem ykrar etmeris, halkam ykrar etmez. Göç meselesinem
günübirin güýçlendireris. Uzaklaşdyrman göçerisem. Sen onsoň öz emiriň bilen şu
ýerde galyber.
Tenek muňa ör-gökden geldi. Bu gürüňňiň ýalandygyny, egerde ynanmasalar
ertiriň özünde emir bilen ýüzleşibem biljekdigini janyndan syzdyryp abtdy.
Doganlar muňa razy boldular. Diýlen wagty emiriň ýanyna bardylar.
Gepleşişleri ýaly ol ýere Tenegem geldi. Öde Meňli ýüze çykan gümürtik gürrüň
boýunça Tenek bilen ýüzleşmekligi emirden talap etdi. Öz gezeginde muny Tenegiň
özem haýyş etdi.
Emiriň muňa şeýle bir gahary geldi welin, ol ýerinden turup ýigitleriň üstüne
sürüneninem, ýumruklaryny howada galgadyp sesiniň ýetdiginden gygyrybereninem
bilmän galdy.
– Egerde saýlasym gelse men Tenegi häzir siziň gözüňiziň öňünde-de baş
hanlyga saýlabilýän, ýöne, menden beýle zady talap ederçe, pylany biln ýüzleş
diýerçe siz kim bolupsyňyz? Kazymy? Kelanmy? Ýa ýurt eýesimi? Öz araňyzda
dörän dawany baryň-da öz araňyzda çözüşiň! Bolmasa-da ho-onha, emirligiň baş
kazysy ba, şoňa ýüz tutuň!
Hywa dawasyny ýatlap, kazynyň gepiniňem emiriňkiden aýry
çykmajakdygyna gözleri ýeten aga-ini ol meseläni şondan artyk çişirjegem
bolmadylar-da, salyryň ähli garamatyny öz üstlerine alýandyklaryny ilk-ä emire,
soňam ulusa mälim etdiler we emiriň rugsadyna-da, Tenegiň ygtyýaryna-da
garaşmazdan, halky haýal etmän Buharadan göçmeklige, Sarahsa tarap ýola
düşmeklige çagyrdylar. Tenegiň özüne-de:
22
– Ýaýran gürrüň ýalan bolsa-ha senem biz bilen bile goşuňy düwersiň, çyn
bolsa-da tarapdarlaryň bilen galarsyň. Şu seniň üçin iň soňky synag. Synagdan
geçseň öňki sylagyň. Şu ýerden ugran pursatymyzdan başlap biz seni özümiziň baş
hanymyz hasap edýäs. Bolmasa-da...
Tenek ýene-de kyn güne galdy. Egerde ol häzirki aýdylanlar bilen ylalaşsa,
onda ýene-de il gözüne hanlyga kowalaşyp şeýden ýaly görünjek. Etmese-de ýenede halk özi barada ýalňyş pikirde boljak. Halky goýberse-de emiriň aýdyşy ýaly
baransoňlar olara nämeleriň garaşýandygy belli däl.
Üstesine şol döwür emirem ony ýanyna çagyrdy-da, Öde Meňli dagy bilen
tirkeşip ýüzlenmäge gelendigi üçin mazaly käýedi. Gatyrgandy. Ýöne, ýaýran şol
ýalan gürrüňi üçin çynyrgatsa il üçin has bähbitli boljagynam aňdy. Şonuň üçinem
kim näme diýse-de, gybatdyr gürrüň bolsa-da, seni salyra baş han edip bellemek
meniň pikirimde hakykatdan-da bardy, ýöne, men muny saňa syzdyramokdym... ine,
indi görýän welin syzdyrmadygym gowam bolaýypdyr. Sen barybir halkyňa gepiňi
ýöredip biljek däl ekeniň. Hanlyk ukybyň ýok ekeni. Dogry, serdarlyk, serkerdelik
ukybyň ýok däl, söweş güni goşuna ýolbaşçylyk edibiljek sen muny Hywadan
gaýdanyňyzda-da subut etdiň, ýöne, o başga hanlyk başga... Men indi salyryň
içinden özüniňkilere buýrup, gepini düşündirip biläýjek başga birini gözlemeli
bormukam diýýän – diýdi.
Emiriň bu sözleri Tenegiň namysyny joşdurdy. Ganyny gaýnatdy. Düýnöňňünjik Hywadan öz eli bilen alyp çykan halkynyň bu günki gün beýdip özüne
gulak salman, aýdanlaryna ynanman, gaňryşyna gaýdyp duruşlaryny hasam gaty
gördi. Hanlygyň hatyrasyna däl-de, Sarahsa barylandan soň Horasanyň bulaşyklygy
sebäpli bolup biläýjek heläkçilikden halky halas etmekligiň hatyrasyna gaýrata
galmaklygy, şeýdibem hem-ä halky göçden alyp galmaklyga, hemem özüniň gepini
düşündiribilýän dogumly ýigitdigini hana-da, halka-da äşgär etmekligi ýüregine
düwdi.
Şonuň üçinem ol öňi bilen-ä özüniň bu göç bilen Sarahsa gitmejekdigini,
asyl-ha göçe ýol bermejekdigini, çünki, häzirki wagtda ol ýere göçüp barmaklygyň
bütin ulus üçin howply hem hatarlydygyny, möwriti gelen güni özüniň ilden öňürti
ýola düşjekdigini halka düşündirjek boldy. Şu hereketini ol han saýlanmaklygyň
hatyrasyna edýändir öýtseler asla özüni serdar hasap etmezliklerine hem garşy
däldigini aýtdy.
Emma, bu-da hiç hili netije bermedi. Gaýtam ol Tenege garşy çykýan Öde
bilen Gurbanyň il içindäki abraýynyň artmagyna itergi berdi.
Şeýtsem netije bermezmikä, diýen umyt bilen, Tenek şondan soň etini
gataltdyp ozaldanam inçe bolmadyk sesini hasam ýognadyp başlady. Gep gaýtarjak
bolýanlaryň üstüne dyzady, bir zady iki aýtdyrýanlaryň üstüne at debsiledi,
käbirlerine gamçysyny çommaltdy, hetden aşyberende gylyjynyň bagjagyny
ýazdyryp, dessesinden gysymlady, garaz, öňki Tenek şü, diýseň tanar ýaly bolmady.
Şeýdip barşyna ol bir gün halys hetden aşyp Öde Meňli bilen garpyşdy. Dawa
Gurban Meňlem goşuldy. Tenek muňa hasam gyzdy-da, at üstünde “has-has” edip
oturşyna:
– Iki öýli ýeýkäňizem alyň-da göteriliň şu ýerden! Baranyňysoň başyňyza nä
iş düşse-de men günäkär däl. Maňlaýyňyzdan görüň. Ýöne, ili azdyrmaň. Gününi
23
bulamaň. Men ony barybir size çaýkatdyrman. Il göçer, ýöne wagtynda göçer –
diýdi. – Size aýagynyň aşagyndan aňryny görübilmeýän akmaklar diýerler...
Egerde göç meselesi bilen wagyz geçirip, taýpany agyr ýola itekläp
ýörmelerini bes etmeseler, ikisinem emire ýetirmän özüniň jezalandyrjakdygyny,
iliň garamatyny boýnuna alyp ýören adam hökmünde şoňa hakynyň bardygyny
taýpanyň her bir wekiliniň özüne hökmany suratda gulak asmalydygyny hem ol
sözüniň soňunda nygtap-nygtap aýtdy.
Öde Meňliniň muňa şeýle bir gahary geldi welin, at bökdürip Tenegiň
daşyndan aýlanyp ýörşüne:
– Seňki indi belli. Sen synagdan geçmediň. Ýöne, men indi aňyrsy iki günüň
içinde halky göçürerin. Dadyňam bar, nirä ýetirseň şoňa ýetir – diýdi.
Gurban Meňlem atyny çarpaýa galdyryp gylyjyny gynyndan çykardy-da,
Tenege tarap dalawlatdy.
– Howwa! Eliňden näme gelýän bolsa et! Näme gaýratyň bolsa görkez!
Tenek diňe şondan soň özüne geldi. Uruşanlary ýaraşdyrmaly halyna özüniň
urşa baş boljak bolup durşuna utandy. Birdenem gorky basdy-da, at başyny Buhara
şäherine tarap öwürdi. Haýal etmänem emiriň huzyryna girdi. Ömür etmeýänini
edip, özüniň düýn-öňňinki egindeşlerini Daniýar begiň öňünde ýamanlamaga durdy.
Öde Meňliniň öz inisi bilen gozgalaň turuzýandygyny, salyryň aglaba bölegini alyp,
olaryň bu gün erte göteriläýmekleriniň ahmaldygyny aýtdy. Ýurt eýesi hökmünde
ara goşulmagyny, emirlikdäki hemişelik hereket edýän harby güýjüni ulanyp, göçüň
öňüni almagyny, halky heläkçilikden halas etmegini Öde bilen Gurbany bolsa
wagtlaýynça, halk göç keselinden köşeşinçä tussag etmegini zyndanda saklamagyny
haýyş etdi. Emir Tenegiň haýyşyny kanagatlanma bilen kabul etdi. Şol günüň ertesi
salyrlaryň üstüne goşun sürüp bardy-da, ýola düşjek bolup duran göçlerini dargatdy.
Göçi goraýjylar birbada garşylyk görkezjek boldular, ýöne, agzalalyk, Tenegiň öz
taraplarynda däldigi üstesine taýpanyň esli böleginiň Tenegiň tarapynda durup
özlerini göçdenem, söweşdenem çetde tutmaklary basym öz netijesini berdi. Ýeňiş
emiriň tarapynda boldy. Ol Öde bilen Gurban Meňlini tutup gollaryny arkasyna
daňdyrdy we atyň öňüne salyp, paý-pyýada köşge alyp gitdi. Barşy ýalam başbozar,
emirligiň içinde agzalalyk döredýän, topalaň turuzýan adamlar hökmünde, hiç hili
kazyçylyk işlerini geçirmezden, ur-tut dar meýdanyna eltip ikisinem jezalandyrdy.
Salyrlar bu işi eden emirem bolsa, sebäbini Tenekden gördüler. Şonuň
üçinem, üýşüp ýanyna bardylar-da oňa:
– Tenek, sen mert ýigitdiň, munuň şeýledigini Hywadan gaýdyşlyk bolanda
öz gaýratyň bilen görkezdiň. Tutuş taýpa baş bolup biljekdigiňi subut etdiň. Şu
ýerde oturan ýyllarymyzam sen Emir bilen ylalaşykly işleşmek arkaly ulus üçin köp
zatlar etdiň. Ýöne, azdyň. Özüňi han saýdyň. Egerde hanlyk islän bolsaň ony biz
saňa emirsizem berip bilerdik, emma seň dogumyň hanlyk derejesini götererden
pesräk ekeni. Injigiň ejizräk ekeni. Şoň üçinem, ulus seni hiç haçan öz hany
hökmünde ykrar etmez. Syrtyňy emire diräp bu gün salyryň iň bir eý görýän,
gaýratly, atyň dişi ýaly ýigitleriniň ikisini öldürden bolsaň, erteki gün işdäň açylyp
belki, onusyny öldürdersiň. Bu bolan işden soň han hasap etmeg-ä beýlede dursun,
halk seni asla adamam hasap etmez... diýdiler.
24
Öldürilenleriň on dört ýaşlarynda bir inileri bardy, adyna Işbaşy diýerdiler,
ine şol welin Tenege hemmelerdenem ýowuz darady. Ol Tenegiň çat maňlaýynda,
kiçijik ýumruklaryny düwüp, on iki süňňi bilen sandyrap durşuna iki gözüniň içine
seredip:
– Ýigit çykan günüm senden agalarymyň aryny almasam, atamyň ogly
bolmadygym – diýdi! – Diňe gan! Hun hakda gürrüň ýok!
Tenek Öde bilen Gurbanyň ölmüne özüniň sebäpkär däldigini, “jeza beriň”
diýip emire ýüz tutanynda-da olaryň beýle zalymlyk bilen öldürilmegini däl-de,
bary-ýogy “haý-küş” edilmegini çalarak gorkuzylmagyny haýyş edendigini
düşündirjek boldy. Emma onuň ol sözlerine hiç kim ynanmady. Asla ynanjagam
bolmadylar. Diňlemedilerem. Aýtjaklaryny aýdyp, diýjeklerini diýenlerinden soň
olaryň barysy ýüzlerini sallaşyp onuň ýanyndan daşlaşmak bilen boldular.
Şondan soň onuň öňki tarapdarlaram gapdalyndan sokga-sokga sogrulyşdylarda, köpçüligiň tarapyna geçdiler.
Ulusyň ýaşulylary ony hatda Öde bilen Gurbanyň patasyna-da eltmediler.
“Gelse-de kowuň, düşege ýanaşdyrmaň” diýip, bäş-üç sany ýigidi sakman goýdular.
Halys aljyran Tenek şondan soň ullakan ak ýüzüni bolşundanam beter aktam
edip ýene-de emiriň gaşyna bardy.
– Sen ýalňyş hereket etdiň emir aga. Meni öz halkyma duşman etdiň,
ynsabymyň öňünde ýüzügara etdiň. Bu işe meniň dahlymyň ýokdugyny halka aýdyp
ber, meni nähak günäden halas et – diýdi.
– Seniň günäsizdigiňi Hudaý bilýändir.
– Olar ony Hudaýdan soranoklar, emir aga, menden soraýalar.
– Senden sorasalar meniň ýanyma iberäý.
Goşunsyz galan serkerdäni emiriň şondan artyk diňläsem gelmedi. Çünki,
ýaşulylaryň aýdyşy ýaly onuň indi oňa geregem ýokdy. Şeýdip nähak gan Tenegiň
boýnunda galdy. Ondan halkam, emirem ýüz öwürdi.
Hem Tenekden, hem emirden göwni geçen salyr ulusynyň nägileçiligi bolsa,
şol elhenç wakadan soň hasam güýçlendi. Kim tarapyndan, haýsy tarapa
ugrukdyrylýandygy belli bolmadyk ulus indi ne Tenege, ne emire, hiç kime boýun
egmeýärdi.
Howlukmaçlyk edip, hakykatdan-da ýalňyşandygyna Daniýar beg diňe
şondan soň düşünip galdy. Üstünden höküm sürmek üçin, köpleriň aýdyşy ýaly
golastyňdaky halkyň agzyny alartmaly däl-de, özüňden birini ýolbaşçy belläp,
agzybir saklamaly ekendigine-de göz ýetirdi. Çünki, salyrlar onuň özüne-hä öňem
gulak asanokdylar, soňky wakalardan soň welin Tenegiň üsti bilenem täsir edip
bilenok. Üstesine Tenegiň tarapdarlarynyňam göçegçilere goşulmaklary bilen,
salyrlar ýene-de öňküleri ýaly kuwwatly güýje öwrülipdiler. Şonuň üçinem, ýene-de
bir sähelçe säwlik goýberdigi Hywa hanynyň başyna düşen ahwalatyň öz
başyndanam inäýmeginiň ahmaldygyna emir aňryýany bilen göz ýetirdi.
Ýöne... Bulaşyklyk ýene-de salyrlaryň öz içinden gopdy.
Ýokarky ganly wakadan ylaýyk üç ýyl geçenden soň, ýaňy bir on sekizini
dolduran Işbaşy özüni kemsiz kämillige ýeten ýigit hasap etdi-de, öň söz berşi ýaly
Tenegi ar meýdanyna çagyrdy we başa-baş söweşde ony gylyç bilen çapyp öldürdi.
25
Özüni tutuş ulusyň baş hany diýip, yglan etdi. Il-günüüň ähli garamatyny öz üstüne
aldy.
Onuň bu hereketine garşy çykan bolmady. Çünki, halka hakykatdan-da han
gerekdi.
Emir welin onuň hanlygyny ykrar etmedi. Emiriň ynamdar adamsyny öldürip,
emirlikde baş-başdaklyk döredendigi, öz-özüne han diýip, emiri äsgermezçilik
edendigi üçin, ony derhal tussag etjekdigini, zyndana taşlajakdygyny, haýal
etmänem agalarynyň yzyndan jähenneme ýollajakdygyny, asyl külli salyry ýerinden
gozganmaz ýaly, galan ömürlerini nesilme-nesil emirligiň gumuny garbap
geçirerleri ýaly etjekdigini aýdyp, Işbaşynyň iberen adamlarynyň öňünde haýbat
atdy.
Muny eşidip, şol günüň özünde ýanynyň ýigitleri bilen Işbaşynyň özi emiriň
köşgüne geldi. Nökerlerini daşarda goýup, özi hanyň ýanyna girdi. Öňünde dik
durup pert-pert gürledi.
– Tussag etjek diýipsiňiz, zyndana atjak diýipsiňiz, emir aga! Tutuň,
tutubilýän bolsaňyz, atyň zyndana atybilýän bolsaňyz, ine men! Soňky gün armanly
bolmaň! Men ardan-a çykdym, indem seň ýurduňdan çykjak. Halkymam alyp
gitjek! Hoşlaşjakmy ýa gylyçlaşjakmy?
Onuň bu sözleriniň aňyrsynda tebigy batyrlygam bardy welin, esasy zat
köşgüň daşynda bäş ýüzdenem gowrak saýlama ýigitlerem gylyçlaryny bulaýlaşyp
onuň yşaratyna garaşyp durdular. Emiriň arz jaýyna hatda olaryň her daýym bir
“haýkyryşýan” seslerem gelip durdy.
Ýöne emirem kiçi girim adam däl. Onuňam daşynyň goragy ýetik. Hatda
köşgiň içindäki ýasawullaryň özem türkmenleriňkiçeräk bar. “Häh” diýdigi ýene
müňlerçe adamdan ybarat goşunam köşgüň agzynda häzir edip bilýär. Şonuň
üçinem, ol Işbaşynyň haýbatyndan gorkdy ýa ätiýaç etdi diýib-ä bolmaz, ýöne gaty
bir batyrynybam bilmedi. Has takygy han halyna dargursaklyk edip, dar ýerde gan
döküşesi, köşgüň içini hapalasy gelmedi.
– Men näme diýen bolsam ederin, özem senden soraman ederin – diýip, zerli
donunyň üstünden guşagyny guşanyp siltenjiräp durşuna aýtdy. – Özüňňem şu ýere
çakylyksyz gelişiň iň soňky gezek bolsun! Çünki, men seniň hanlygyňy ykrar
etdemok, etmen! Göç meselesinem agzyňa alaýma. Butnadygyňyz baryňyzy ýer bile
ýegsan kylaman.
– Maňa siziň ykraryňyzam gerekgä, emir aga ygraryňyzam gerekgä. Butnapbutnamazlygam bizler sizlerden sorap durmarys. Päsgel berjek bolsaňyzam... –
Işbaşy “şowurdadyp” gylyjyny gynyndan sogurdy. – Ine, şunuň tygly tarapy bilen
sözleşeris... – Gylyjyny gynyna salandan soň ol birhili köşeşen ýaly boldy. –
Goşunyň barlygyna, ok-ýaragyň köplügine-de gaty bir buýsanyberme, biziň
sanymyzyň azlygyna-da gaty bir begeniberme çünki söweşde iş bitirýän san däl-de,
gaýratdyr. Ýürekdir. Ol güni ak meýdanda türkmen ýigitleriniň her biri döwe döner,
her biri seňkileriň onusyna taý geler...
Işbaşy şondan soň emiriň rugsat bererine-de garaşman batly gadamlar bilen
iki tarapy saklawly, haşamlanan mähnet gapa tarap ýöneldi.
26
– Man sizge korsataman! – diýip emir demi-demine ýetmän durşuna
ýasawullaryna Işbaşynyň köşkden hiç hili päsgelçiliksiz çykyp gitmegini üpjün
etmekligi tabşyrdy. Serkerdelerine bolsa goşuny söweşe taýar etmeklerini buýurdy.
***
Egerde şol gezekki ikitaraplaýyn haýbat atyşlygyň bolan gününiň dek ertesi
Buharanyň şäher ilaty, hususan-da söwdegärler, senetçiler, jerçilerdir-dükançylar
emir Daniýaryň we onuň köşk emeldarlarynyň salýan dürli görnüşdäki
salgytlarynyň möçberlerinden dat edip, gozgalaň turuzmadyk bolsadylar, duýdansyz
dörän şol ýagdaýdan gorkup, ýüregi ýarylara gelen Daniýar begem häkimiýeti ur-tut
il içinde özüne görä köp-köp akylly hasap edilýän ogly Şamyrada tabşyrmadyk
bolsady, onda emir bilen ýaş türkmen hanynyň arasynda bolaýmagy gutulgysyz
boljak ýagdaýa gelen soňky wakalaryň näme bilen gutarjak ekendigini, ykbalyň
kime gülüp bakjak ekendigini, salyrlaryň soňky ykballarynyň nähili boljak
ekendigini aýtmak kyn. Her niçik hem bolsa ýagdaý gowulyga tarap ugur aldy.
Şamyrat Buhara ilatynyň tamasyny ödedi. Öňi bilenem emirlikde düzgün-nyzamy
gowşadandyklary hem-de kanunçylyklary berjaý etmändikleri, şeýdibem halkyň
gozgalaň turuzmagyna sebäp bolandyklary üçin köşk emeldarlaryndan: ýokary
derejeli döwlet işgäri, ýerine ýetiriji häkimligiň baştutany, döwlet diwanynyň
ýolbaşçysy, şerigat we adam hukugy boýunça ýurdy dolandyryjy, hakykaty ýüzünde
emiriň orunbasary hasaplanýan Döwlet guşbegini we Nyzammeddin kazyny
jezalandyrdy. Yz ýany bilenem Buhara ilatynyň ençeme salgytlardan
boşadylýandygy barada perman çykardy. Ýatyrylan salgytlaryň ählisine derek “jul”
diýlip atlandyrylýan täze ýeketäk salgyt girizdi. O-da diňe uruş döwri goşuny
saklamak üçin niýetlendirilen salgytdy we parahatçylyk döwründe ýöremeýärdi.
Şamyrat emirlik üçin ýörite altyn pul hem çykartdy, Kazylyk häkimiýetini öz eline
aldy. Amyderýanyň öň elden giderilen çep kenaryny, Balhy, Merwi gaýtaryp alyp,
Buhara emirligine goşdy. Owganystanyň hökümdary Demir şa bilen üstünlikli
söweşler alyp bardy we netijede Türkistanyň özbekler bilen täjikleriň ýaşaýan
ýerleri bolan günorta welaýatyny öz garamgyna geçirdi.
Emir Şamyrat salyrlar, olaryň baky arzuwlary bolan Sarahs babatda hem
kakasy ýaly kejirlik edip, emele gelen düwnüň çignini has hem çigişdirjek bolup
durmady-da, iňňän oňyn çözgüt tapdy.
Ýagny, Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny etmekde Sarahs Buhara üçinem,
Hywa üçinem ir döwürlerden bäri amatly nokat bolup durýardy. Hut şol sebäplem ol
ikisiniň arasynda şol ýer üçin basdaşlyk höküm sürýärdi.
Gürüňi edilýän döwürde hem köpden bäri Buhara degişlidigine garamazdan,
Hywa hany dürli bahanalar bilen Sarahsa göz dikip ýördi-de, emir Şamyrat salyrlary
şol ýere iberip Sarahsy özüniň daýanç nokadyna öwürmekligi makul bildi we ur-tut
göçe rugsat berdi.
Bu örän dogry çözgütdi. Çünki, ol şeýtmek bilen hem-ä telim wagtlap
kakasynyň kellesini agyrdan, emirlik üçinem ençeme wagt bäri içagyry bolup duran
salyr meselesinden dynýardy, hemem Sarahsy hak eýelerine gowşurýardy, şolaryň
üsti bilen ol ýerde öz daýanç nokadyny döredýärdi şeýdibem bir okda iliň edişi ýaly
iki däl-de üçtowşan urýardy.
27
Onsoňam, öz arzyly mekanlaryna meýletin goýberendigi üçin salyrlaryň
özleriniňem oňa ömürlik minnetdar boljakdyklaryna, ol ýurdy gözleriniň göreji ýaly
eý görjekdiklerine Hywadanam, Eýrandanam ähtibarly gorajakdyklaryna şek-şübhe
ýok we asla bolubam bilmez. Ikiçäk gürrüňçilikler mahaly bu barada Şamyrat
çekinibräk hem bolsa kakasyna-da aýdýardy, emma akyl çägi gaty bir giň bolmadyk
Daniýar beg oňa gulak asmaýardy.
Gelen netijesini Emir Şamyrat salyr kethudalarynyň özlerine-de aýtdy.
Olardan köp-köp gowulyklara garaşýandygyny duýdurdy.
Işbaşy bilen bolsa aýratynlykda, ikiçäk gürleşdi. Ýörite tabşyryklar berdi.
Üstünden geçýän söwda ýoluny parahat saklamaklygy, Eýran bilenem, Hywa
bilenem, asla hiç kim bilenem dawalaşmazlygy, oňşukly gatnaşmaklygy, arkasynda
dag ýaly bolup duran Buhara emiriniň, abraýyny saklamaklygy maslahat berdi. Han
hökmünde ykrar edýändiginiň subutnamasy hökmünde emirliginiň adyndan möhürli
hat ýazyp berdi.
Işbaşynyň özem, salyr jemgyýetem onuň bilen doly razylaşdylar. Hoşallyk
bildirdiler.
Göç ýola düşdi.
V
Sarahs
Sarahsa gelip ornaşanlaryndan soň, salyrlar halk tarapyndan “Sarahs baba”
diýlip atlandyrylýan, ylmy dünýäde Abyl-Fazyl Sarahsy hökmünde tanalýan şahsyň
kümmetiniň başynda ilk-ä ullakan sadaka berdiler, soňam Işbaşynyň ornaşan
ordasynyň golaýyndaky beýik, ak depäniň üstünde gurnalan toý şagalaňyna
ýazdyrdylar.
Şol toýdur-sadaka Işbaşy birnäçe gün öňünden çapar iberip, ýeke bir Mary,
Ahal, Tejen, Pendi ýaly içinde türkmenler oturan belli-belli sebitleri däl, eýsem
olaryň aralarynda, gyrak-bujaklarynda ýerleşen ownuk obalara, syrgynlara,
kürenlere, hatda Maşatda, Tähranda, Horasanda ýaşaýan pars ekabyrlaryna çenli
çagyrdy. Gelen myhmanlary bir menzil öňünden çykyp hut özi garşylady, hut özi
hem hyzmat etdi. Ata-watanlary bolan şu topraga hemişelik gelendiklerini, ähli
goňşy halklar bilen agzybirlikde ýaşamak, dostlarça gatnaşmak niýetleriniň
bardygyny aýtdy. Resmi suratda gelendikleriniň delili hökmünde, degişli adamlara
Buhara emiri tarapyndan berlen möhürli haty görkezdi. Olaryň şanyna at çapdyrdy,
göreş tutdurdy. Aýdym aýtdyrdy, saz çaldyrdy.
Myhmanlaram olary sag-aman watanlaryna gowşandyklary bilen çyn
ýürekden gutladylar, begençlerini paýlaşdylar, täze ýurtda uzak ýyllar ömür
sürmeklerini, goňşulary bilen hemişe mähribançylykly gatnaşyklarda bolmaklaryny
arzuw etdiler.
Gidenlerinde bolsa Işbaşy olaryň hersini sowgat-salamlar bilen esli ýola çenli
ugradyp goýberdi.
***
28
Asyrlarboýy arzuw edilip ýetilen birenaýy durmuş başlandy. Işbaşy
tarapyndan tertip-düzgünli han tutumy girizildi. Başynyň ýaşdygyna garamazdan ol
ulusy öz agzyna bakdyrmaklygy başardy. Halk oňa boýun sundy. Talaplaryny
berjaý etdi. Kiçi ulyny, uly kiçini sylady. Birewiň deňinden hiç kim salamsyz
geçmedi. Goňşy goňşusyny ynjytmady, hiç kim kişiniň malyna göz dikmedi. Arnamys mertebe ähli zatdan belentde goýuldy. Goňşy halklar bilen ara tow salyp
biläýjek gelşiksiz hereketler etmek ullakan aýp iş hasap edildi. Metjitler guruldy,
çagalary okutmak ylym-bilim bermek işleri ýola goýuldy. Gyzlar halanlaryna
bardylar, oglanlar saýlanlaryna öýlendiler.
Ýöne, üç ýyl geçip-geçmänkä, tussumandan diýen ýaly Işbaşy bir dert
tapyndy-da, uzak ýatmanam ýogaldy. Salyr ulusy şondan soň ýene-de uzak wagtlap
baş hansyz galdy. Her urug, tire bölek öz ownuk hanlarynyň diýeni bilen boluberdi.
Umumy han saýlamaklygyň zerurdygy her ädimde köre hasa görnüp duran
hem bolsa, şu mesele boýunça salyr kethudalarynyň üýşüp çaşmalarynyň hemmesi
netijesiz gutardy. Her tire her urug öz hanynyň baş hanlyga saýlanmagyny isledi. Bu
ýagdaýa hatda Buhara emiriniň özem oňyn täsir edip bilmedi. Dogry, ol käte kimdir
birini Işbaşynyň ýerine belleýändigi barada Sarahsa hat ýa çapar gönderýärdi, käte
bolsa halky agzyna bakdyryp biläýjek haýsydyr bir atly-abraýly, barjamly adamyny
Buhara çagyryp eline hanlyk ýarlygyny berip goýberýärdi, emma tirebaşylarynyň
üm etmekleri netijesinde halk olaryň hiç birinem unamaýardy,ykrar etmeýärdi.
Şeýdip halk ýene-de hansyz galýardy.
Ýöne, hemmeleri haýran edýän bir hakykat bardy o-da şolar ýaly başbaşdaklygy başlaryndan geçirýändiklerine garamazdan, salyrlar ol ýerde özlerini
kem-kemden, ähli tarapdan şeýle bir erkin duýup başladylar welin, soňabaka ýeke
bir Eýrana ýa Hywa däl, eýsem özlerini şu ýere daýanç hökmünde ýollan Buhara
emirligine hem tabyn däl ýagdaýa geçmekligi başardylar.
Şeýle-de bolsa, uly söwda ýolunyň üstünde oturýandyklary sebäpli olar Eýran
bilenem, Hywadyr-Buhara bilenem dil tapyşmaly bolýardylar we olar bu
wezipäniňem hötdesinden ökdelik bilen gelýärdiler.
Sebitdäki çalt-çaltdan üýtgäp duran syýasy ýagdaýlaryň netijesinde soňabaka
Buhara özüniň Sarahs ilatyna bolan täsirini bütinleý ýitirdi.
Şonuň üçinem, Hywa hany Muhammet Rahym hanyň Horasana eden
ýörüşleri döwründe, salyrlar şu günki bähbitleri üçin düýnki günüň kinelerini
unutdylar-da, Hywanyň tarapynda durdular, hatda oňa maddy kömegem berdiler.
Hywa hanynyňam özi üçin uly güýç bolup biljek bu türkmen taýpasy bilen
galan ömrüni öýkeli halda geçiresi gelmedi we ur-tut ýaraşyga girip olary güýç
hökmünde-de, daýanç nokady hökmünde-de mazaly ulandy. Olaryň serdar, beg, han
hökmünde öňe çykan adamlaryny häli-şindi Hywa çagyryp sylaglady. Hatda
Horasan welaýatyndan basyp alan galalarynyň käbirlerini käte salyrlara peşgeş
beräýdigem bolýardy. Salyr kethudalarynyň Hywa çagyrylyp, diwan işlerine
gatnaşdyrylýan gezeklerem az däldi. Hanyň köşgünde hemişelik wekil hökmünde
oturdylýan adamlaram bolýardy, ýöne, Sarahs sähralyklaryna bolan küýseg olaryň
birinem ol ýerde uzak oturtmaýardy we şeýle içgysgynç durmuşdan basymrak
dynmak üçin derhal yzlaryna dolanmak bilen bolýardylar.
29
Şeýle-de beýleki raýatlyklardan tapawutlylykda şol döwür Buhara, Eýran ýa
Hywa tarapyndan Sarahsda hiç hili dikme, dini hadym ýa edara ediji syýasy
guramalar ýokdy.
Diňe şujagaz tymsallaryň özem şol döwürde salyr türkmenleriniň sebitde
näderejedäki ähmiýetli güýç bolup durandyklaryna subutnama bolup biler.
Ykdysady hal-ýagdaýlary babatda hem olar iňňän baý ýaşaýardylar. Çünki,
Sarahsyň mes toprakly ýeri bol suwy bardy. Bu bolsa, olara oba hojalyk önümlerini
köp öndürmäge bol-elin iýmäge, agyzlaryndan artanlaryny goňşy ýurtlara äkidip
satmaga mümkinçilik berýärdi.
Ter öleňli otluk ýaýlalarda süri-süri mallary, bedew atlary gezýärdi.
Halyçylyk sungatynyň hili belent derejede bolup, taýpa ummasyz girdeji getirýärdi.
Düýe ýüňünden dokaýan çäkmenleri bolsa
“salyr çäkmeni” diýen at bilen külli
Horasanda, Hywa we Buhara bazarlarynda giňden meşhurdylar hem-de iň geçginli
harytlaryň biri bolup durýardy.
Bu zatlardan başga-da, Köne Sarahsyň amatly söwda ýolunda ýerleşýändigi
üçin, salyrlar öz üstlerinden ötýän kerwenlerden paç görnüşinde hem arsyz köp pul
gazanýardylar. Olaryň söwda işlerine gatnaşýardylar, bähbitlerine goşluşýardylar,
käte bolsa araçyllyk edýärdiler. Üstlerinden ötýän kerwenler arkaly, gytaklaýy n,
bilniksizräk hem bolsa, gul söwdasyna gatnaşmak arkalam peýda görýärdiler.
Çapawulçylyk, alamançylyk bilen özleri görnetin meşgul bolmasalar-da, delalçylyk
etmek bilen şol zatlardanam bähbit gazanýardylar. Köp halatlarda beýleki türkmen
taýpalarynyň garakçylykly hereketleriniň guramaçylary bolup durýardylar. Olary şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 04
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.