Latin

Salyr soňy Sarahs - 15

Total number of words is 3676
Total number of unique words is 2230
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolupdyr, öňküsine görä göz-görtele ýigdelipdir, ylhamy joşup, yşgy belende
göteripdir. Oňa bagyşlap täze-täze goşgular goşupdyr. Özi bilenem şeýle bir
ysnyşypdyr welin, gelninden aýrylyp hojagaz ýere-de gidesi gelmändir. Hatda,
egnine küýzesini alyp derýa suwa gidende-de, “atymy suwa ýakjak” bahanasy bilen
bile gidipdir, bile-de gaýdypdyr. At üstünde yzyna düşüp gelşine ony synlapdyr,
ýörişine guwanypdyr. Gaz kibi moýmuldap barşyna gözi düşende bolsa, göwni
göterilmekden ýaňa özüne göwni ýetýän ýaş ýigitleriň toý-tomguda gelin-gyzlara
görünmek üçin edişleri ýaly, eýeriň üstünde syrtyny bir ýana taşlap ýanynrak
oturypdyr-da, telpeginem gyşygrak geýäge-de:
138
Ýalan dünýäniň behişdi,
Gyzyl gülden täze gelin,
Ak ýüzleriň meňzär Aýa,
Ýaýkanyşyň gaza gelin.
Şeýdaýy diýr söz bolmasa,
Bakjada gülüm solmasa,
Zyýada gurur bolmasa,
Bermen ýüz-müň gyza gelin.
–diýip, öz ýanyndan gelnini taryp edipdir.
Adamsynyň şeýdip öz daşynda kebelekläp ýörşüne Aýjemalyňam göwni
göterilipdir, her hili täze ýörüşler, näz-kereşmeler tapyp şähyryň heserini hasam
güýçlendiripdir. Käte-de bir yzyna gaňrylyp, ördek deý gyýalabrak garaga-da, çep
gözüni süzüp, gaşynam çalarak kakar ekeni-de, ýene-de öwrülip, ýoluny dowam
etdiriberer ekeni welin, şolar ýaly-da şähyryň tutuş süňňi lerzana gelip atyň üstünde
oturan ýerinde dodaklaryny ýalap galpyldaberer ekeni.
Ömrüniň soňky gürpünde şahyryň şeýle hoşwagt hala düşendigine il-günem
begenipdir. “Wah, öň şeýtmelidi, bir nadany adam etjek bolup, ömrüni kül etdi”
diýşip özara gürrüň edipdirler. Birneme gijräk hem bolsa şahyra şolar ýaly belent
söýgi berendigi üçin Aýjemala-da minnetdarlyk bildiripdirler. Ol ikisini
birwagtlarky ötüp giden aşyk-magşuklara meňzedipdirler.
Şeýdaýynyň özem özlerini ötüp giden aşyk-magşuklara meňzedip goşgular
ýazypdyr:
Leýli diýip, Mežnun dünýäden geçdi,
Şirin diýip, Perhat daglary deşdi,
Aşyk Garyp ýedi ýylda gowuşdy,
Biz hem ýetsek şol myrada ýaranlar.
Aýdyşlaryna görä, özüniň “Gül-Senebur” atly yşky dessanynam şahyr şo-ol
Aýjemalyň yşkynda şeýda bolup ýören döwürleri ýazanmyşyn... – Abyt işan bir
aýtmasyz zady aýdyp köpçüligiň keýpini bozaýmaýyn diýýän ýaly, gaşyny çytyp,
ýüzüni bir ýana sowdy. Esli wagt dymyp oturdy. – Ýöne... özüňiz bilýäňiz, hiç zat
hemişelik dowam etmeýär. Herki zadyň bir ters tarapy tapylaýýar. Şeýdaýynyňkam
şeýle bolupdyr. Şolar ýaly bagtyýarlykda ýaşap ýörşüni öňki aýaly oňa rowa
görmändir. Içinden gyryndy geçiren şol görüplik ony öz gününe goýmandyr.
Nädibem bolsa bir ýol bilen Aýjemaly abraýdan gaçyrasy, kowdurasy gelipdir.
Şeýdibilse Şeýdaýy ýene-de özüni alar öýdüpdir.
Ine, hut şol niýet bilenem, ol bir gün halys hurşy gutaryp egbarlan, azardan
çykybilmän öýünde düwdek bolup ýatan oba belli neşekeş, tüýkesme ogrynyň
ýanyna barýar-da, az-kem pul berip, özüne geler ýaly edýär-d: “Meniň bir ýumşum
bar, egerde şony bitirip bilseň kän pul bererin...” diýýär.
139
Neşekeş onuň aýdanlaryna razy bolupdyr. Näme etmelidigini sorapdyr.
Aýalam: “Sen ertir Gün guşluk boluberende derýanyň güzerine bar-da, hyşalygyň
içinde bukulyp otyr. Şol wagt Şeýdaýynyň odäkisi suw almana barar, yzy bilen
sömpüldäp özem barar. Ine, onsoň odäki suw alyp, yzyna dolanar welin, oturan
ýeriňden oňa tarap kesek zyň, bärsine bakaram welin, bukudan çyk-da, goluňy bula:
“Bärik gel!” diýip, ýuwaşja seslen. “Düýn näme gelmediň”, diýip abaý eden bol.
Şeýdaýyny görübem gaç” diýipdir.
Bol pula, imrinen ol ülhit buýrulan işi bolmalysyndanam has mojugrak edip
ýerine ýetiripdir. Şeýdaýyny görübem özüni jeňňelige urupdyr.
Aýjemal welin oňa ünsem bermändir, sesinem çykarmandyr, gaçyp giden
tarapyna gazap bilen garapdyr-da, ýoluny dowam etdiriberipdir.
Bu ýagdaýa şaýat bolan Şeýdaýynyň bar keýpi gaçypdyr. Göwnüne güman
gidipdir. Gahar-gazapdan ýaňa birbada näme etjegini bilmän, saňňyldap kän
durupdyr. Atynyň jylawyny elinden gaçyrypdyr. Uly höwes bilen gyşyk geýen
telpegini maňlaýyna süýşüripdir, seçelenip duran buýralary bilen gözleriniň öňüni
örtüpdir. Syrtynam eýeriň üstüne dürs goýupdyr. Daş-töweregindäki
hyşagulpaklardyr-toraňňylaram başlaryny yraşyp üstünden gülýän ýaly, müýnürgäp
aşak bakypdyr. Özüni namysa galan hasaplap erbet örtenipdir. Bir demde ýagyrnysy
bükreýip, göreçleriniň röwşeni kemelipdir. Baryndan beterem ýüregine ot düşüpdir.
Öýkeni ýellenipdir. “Men-ä muny gözümiň görejine deňäp... aýamyň üstünde
saklap... gije-gündiz wasp edip, apalap ýörün, bu bolsa... meni garry görüp... ile belli
bir iflis bilen azaýan ekeni-ow, adyma ysnat getiräýen ekeni-ow” diýip, içini
gepledende dodaklary kemiş-kemiş edipdir. Gözlerine ýaş aýlanypdyr. Gabanç
duýgulary şeýle bir güýçlenipdir welin, bolup geçen zatlaryň hakykatdygyna doly
ynanypdyr. Gazaby ýetjek derejesine ýetip, beýnisinde ýyldyrym çakypdyr. Çaltrak
öýüne ýetesi, Aýjemaly kowup bu masgaraçylygyň aşagyndan basymrak çykasy
gelipdir. Şol maksat bilenem aýagynyň aşagyndaky atyny debsiläpdir. Emma
hemişe sähel zada göterilip, uçganaklap duran at şol wagt ýerindenem
gozganmandyr. Öňki edýän ýörüşlerini etmändir. Ýörese-de juda ýaltalyk bilen,
diýseň haýal ýöräpdir. Hemişe nädip geçileni bildirmeýän, gözüne diýseň gysga
görünýän ýoluň şol gezek Şeýdaýy üçin soňy gelmändir.
Öýüne gelip, küýzesini egninden düşüren gelin äriniň bolup gelşinden rejäniň
geň däldigini aňypdyr-da: “Şahyr saklan! Meseläniň anygyna ýet! Şondan soň
öldürseňem men kaýyl!..” diýip oňa tarap aýalaryny ýaýypdyr.
Şahyr welin ony diňlemegem islemändir. Agzyndan ak köpük saçyp, bütin
durky bilen titräp durşuna: “Bar git! Ýok bol! Men sen ýaly biwepa bilen ýaşaşjak
däl! Goý, seni meň yhlasym ursun! Ygtykatym ursun! Söýgim ursun! Sen menden
talak! Talak, talak, talak!..” diýip gygyrypdyr. Onuň bu diýenlerini goňşygolamlaram hatda köçeden geçip barýan bazarçylaram eşidipdirler. Durup-durup diň
salypdyrlar. Şeýle parasatly, uly ile akyl berip ýören şahyr adamyň beýdip tutuş
köçäni ýaňlandyryp durşuna geň galypdyrlar.
Şahyr bolsa adamçyl erkek ýaly gözlerini agdar-düňder edip gelnini gapa
tarap itekläpdir. Aýjemal bolsa çykmajak bolup kän dyrjaşypdyr, gapynyň
söýesinden ýapyşypdyr, bosagasyndan aslyşypdyr. “Hälem bolsa aýdan sözüňi
yzyňa al, öýden çykmankam düşünişeli, soň bolmaz...” diýip, ýalbarypdyr.
140
Ýöne, onuň ol ahy-nalalary ol wagt şahyra täsir etmändir. Gaýtam Aýjemal
ýalbardygysaýy namysy joşup, erk-ygtyýaryny elden gideripdir. Ahyram ähli
güýjüni jemläp, bigünä gelni gapydan çykaryp goýberipdir.
Aýjemalam bir “ah” çekipdir-de: “Hä, şahyr ýalňyşdyň. Ýöne, indi bolmady.
Indi men gitmeli boldum. Gazabyň gaçyşansoň ýalňyşandygyňa düşünersiň,
puşmanam edersiň, ýöne giç bor...” diýipdir. Şeýdibem gözýaşyny seçe-seçe, yzyna
garaý-garaý, öýünden çykyp gidipdir.
Şol obada öýlenibilmän ýören bir garyp, ýöne arassa ýigit bar ekeni. Aýjemal
göni şol oglanyň öýüne barypdyr-da: “Sen meni şu günüň özünde nikalap al, ertire
goýmak bolanok, özüňem hiç zat sorama, soň özüm düşündirerin” diýipdir.
Başy göge dirän ýigidiň begenjiniň çägi bolmandyr. Ol obasyndaky gurplurak
adamlaryň birinden bir goýny nesýe alypdyr-da, goňşy-golamlaryny ýygnap
üýşmeleň edipdir. Nika gyýdyrypdyr. Aýjemalam törde gelinsiräp oturmandyr-da,
goluny çyzgap gelene-gidene hyzmat edipdir.
Oňa çenli şahyryňam gahary gaçyşyberipdir. Ötenden-geçenden Aýjemalyň
nirä barandygyny, näme işläp ýörendigini üzlem-saplamragam bolsa eşidipdir.
Özüniň ýalňyşandygyna düşünipdir. Neşekeş bilen azan bolanlygynda Aýjemalyň
ur-tut oňa däl-de, başga birine baryp oturybermejekdigine, şu hereketinem ýekeje
günem bolsa ile-güne başy boş, eýesiz, hossarsyz görünmezlik üçin edendigine göz
ýetiripdir. Neşekeşiň kesek atan wagty sesini çykarman gaýdyberendiginiň
sebäbiniň bolsa şerraýylyk edip, hiç zat ýok ýerden özüni ile ryswa edesiniň
gelmeýändigi bilen baglydygyny bilipdir. Maşgalasyny ýaman gözden, ýaman
dilden goramaly halyna gaýtam özüniňem betgümanlyk edip ony şolar ýaly
çykgynsyz güne salandygy üçin gynanypdyr. Eden işine ökünipdir. Bu pirimiň
nireden, kimden ýeteninem kem-kemden aňypdyr. Ýüregi howlap daş çykypdyr.
Garyp ýigidiň işigindäki üýşmeleňe tarap boýnuny süýndürip durşuna, ýap-ýaňyjada
öz öýüni bezäp oturan gelniň eýýämhaçan başga bir öýüň ody bilen girip, küli bilen
çykyp ýörşüni, indi oňa özüniň hiç hili dahlynyň ýokdugyny ýüregine sygdyryp
bilmän aglapdyr. Onuň bilenem derdi egsilmänsoň, näme edýänini özem bilmezden,
eýýäm nika gyýlandygyndan bolsa bütinleý bihabar, “hyk-çok” edip, öz-özüne
töwellaçy bolmak üçin toýhana tarap ugrapdyr. “Dähedem-dessemläp” diýen ýaly
barypdyr. Horaşaja ojak bilen garyp külbäniň arasynda eli tabakly ylgaşlap ýören
Aýjemalyň ýanyna baryp: “Men dogrudanam ýalňyşypdyryn, Aýjemal. Günämi öt.
Ýör, gideli. Öýe baraly...” diýip ýalbarypdyr.
Gelin bir diňşirgrnipdir-de, uludan demini alyp: “Soňky tüýkülik sakgal
ezmez” diýipdirler, şahyr, indi giç. Kerwen gitdi. Döwran ötdi. Göwün göç eýledi.
Bagt guşy egniňden uçdy. Ýöne, özüňden gör, men indi şu ojagyň eýesi. Bir garyň
ýigidiň halaly. Nikalysy. Namysy-ary. Göwnümi gapysyna bent edip, örkümi
tärimlerine bagladygym bolan şu öýüň arassalygyny, başymy gara başyna deňäp
bardygym şol ýigidiň mertebesini edil seniňkini goraýşym dek gorap saklamak
meniň borjum. Indi bolsa gaýt, çünki, beýdip, “gideli” diýip, eýeli maşgalanyň
üstüne ernip durmak sen ýaly atly-abraýly adam üçin aýp bor” diýipdir. Şeýdibem
daş işikdäki “gübürdäp” duran ojagyna ot salmak üçin şo tarapa ýüwrüpdir.
Eýýämhaçan dünýäsi daralyp ugran şahyr halys aljyrap onuň golundan aslyşypdyr.
“Men sensiz oňup biljek däl, ekenim, Aýjemal. Şoňa gözüm ýetdi. Emma, seň bu
141
diýip duranlaryňam dogry. Men indi galan ömrümi jebir çekip geçirmeli boldum.
Ýalňyşandygyma, şeýtanyň ugruna gidendigime-de düşündim. Ýöne, halys
gussadan ölmezim ýaly iň bolmanda aram-aram habarlaşyp bir duraly. Juda
bolmasa, mahal-mahal, pynhan ýerde duşuşaly. Geçen günlerimizi ýatlaşaly.
Gelejegimizi yzlaşaly. Ýak, onam etjek-gä diýseň, märekä-meýlislerde, ýoda-yzda
ogryn-ogryn gözleşeli, sessiz-üýnsiz sözleşeli, birek-biregiň ýüzüne bakyp, mähirmuhabetden, kaddy-kamatdan ganyşaly” diýip, ýaňky diňlän aýdymyňyzdaky
aýdylýan ahmyrly sözlerini şonda ilkinji gezek aýdypdyr.
Aýjemal bolsa: “Ýak!... o diýeniň-ä asylam bolmaz!..” diýip, kesgitli
aýdypdyr-da, ho-ol, kesek atan neşekeşiň yzyndan garandakysy ýaly şahyra tarap
şeýle bir gazaply garapdyr welin, ol edil aýagyndan syrtmak salnan garry göhert
ýaly iki eli bilen başyny tutup, “lampa” aşak çöküpdir.
Oňa çenlem daşyna adamlar üýşüpdirler. Ýerli-ýerden tutaklaşyp ýerinden
galdyrypdyrlar. Süýrekläp diýen ýaly öýüne alyp gidipdirler.
Emma, Aýjemalsyz galan öý Şeýdaýynyň gözüne dar görnüpdir. Asyl bütin
dünýä boşap galan ýaly bolupdyr. Giň jahan ony gysypdyr, gowrupdyr.
Şondan soň ol öýden çykmasyny, toýa-tomaşa barmasyny goýupdyr. Gijegündiz gam çekipdir, hunaba ýuwdupdyr.
Ana, şol gussalaryň arasy bilenem ýaňky diňlän aýdymyňyzy döredipdir. Oňa
saz düzüpdir. Ýüregi atygsap, halys gursagyna sygmadyk wagtam dutaryny
gabyndan çykaryp, çig ýüpekden işip ýasan inçe tarlaryny pessaýdan düzer ekenide, hususanam sabanyň sergin çaglary şol aýdymy ýüregiňi dilip barýan zaryn,
ýöne, pessaý bir owaz bilen aýdar ekeni.
Ony tutuş oba bolup diňlär ekenler, uly-kiçi hemmesi şahyryň düşen halyna
tüýs ýürekden gynanar ekenler.
Ol aýdymy saý-sebäp bilen ir turan wagty Aýjemalyň özem diňlär ekeni.
Aýdym gutarandan soňam bir “ah” çeker ekeni-de, tasap öýden çykar ekeni, şahyr
bilen näçe wagtlap döwranlar süren jaýyna tarap seredip durşuna kükregine ura-ura
ýüregiňi dilip barýan naýynjar ses bilen: “Ah, garry ezizim...” diýip, aglar ekeni.
Şeýdibem şol aýdymyň ady “Garry ezizim” bolup galyberipdir.
Ony şol döwrüň bagşylary bada-bat alyp göteripdirler. Üstünde işläpdirler.
Belent perdelere çykarypdyrlar. Ösdüripdirler. Has kämilleşdiripdiler. Şeýdibem iň
bir çeküwli aýdymlaryň birine öwrülipdir.
Olar ony soň-soňlaram aýdypdyrlar. Şeýdaýy ýurduny täzeländen soňam
aýtmaklaryny dowam etdiripdirler. Görşüňiz ýaly olar ony ine, häli-häzirem dowam
etdirip gidip otyrlar. Nesip bolsa mundan bu ýana-da arkama-arka dowam etdirip
gider otyrlar...
Abyt işan hekaýatyny tamalap bolandan soňam esli wagtlap märekeden ses
çykmady. Her kim uludan demini aldy-da, başyny ýaýkady oturdy.
Ahyram häliden bäri Abyt işanyň agzyna aňkaryp oturan Otjan kel ukudan
oýanan ýaly boldu-da:
–Bäýip-bä-ä!.. – diýdi. – Gaty güýçli aýdym diýip ýördük welin, asyl aňyrsy
güýçli ekeni-ow muň... Errekgemen-nä!..
Apbam:
142
–Gyň...Gyň... – diýdi-de, nirede, kimleriň ýanynda oturandygy ýadyna düşüp:
– Edil dessan diňlän ýaly boldy-aý... – diýdi.
–Aý, dessan kemi ýok-la – diýip, onuň gapdalynda gözüne ýaş aýlap oturan
Jumasapar hamsygyp gepledi. – Şahyr ýazýanlaram şolar ýaly dessanlardyr-da...
Hü-ümh-çü-üýf...
Teke han ara düşen ümsümligi şowhuna öwürmek üçin bagşylara ýüzlendi.
–Hany, siz bir sowaşmaň.
...Bagşylar “Köne güzere” ýetenlerinde daň saz berdi. Howa sowady. Açyk
meýdan bolansoň adamlar üşäp başladylar.
Hemişelik bolanda bagşylar şondan soňam öýe girip, tä Gün guşluga galýança
aýtmalydylar. Ýöne bu gezek ony etmediler. “Aýdym soňy saz” diýipdirler, düzgüni
bozmalyň, diýşip Amannazara üç sany saz çaldyrdylar. Şonuň üçünjisi “Balsaýat”
boldy.
Şondan soň kimdir biri:
–Gulagyň garny bolmaz, siňegiň erni” diýipdirler, indi turalyň adamlar –
diýdi.
–Gulagyň däl, gulanyň – diýip, eýýämhaçan örüşip ugran ekabyrlaryň arasy
bilen gidip barýan Abyt işan oňa aýak üstünden düzediş berdi. – “gulanyň garny
bolmaz” bolmaly. Gulan sözi gulaga öwrülipdir-de, adamlar indi ony ýalňyş
ulanýarlar.
Kelte göç üçin jogapkärçilige bellenen adamlar bütin gijäniň dowamynda
mahal-mahal, usullyk bilen gelip kethudalary, hususan-da Teke hany göçüň ýagdaýy
bilen tanyşdyryp durdular. Olar ine häzirem bagşydan gaýdyp gelýän kethudalaryň
öňlerinden çykyp, özlerine tabşyrylan ýumşuň doly ýerine ýetirilendigini habar
berdiler.
Olaryň indi hemmesi birigip şu gije ýarymdan agansoň ýola düşjek uly göçe
taýýarlyk görmelidiler.
Bu barada şu gün öýländen soň hemmeler, ýöne, juda berk tertipde habardar
edilmeli.
Aýak üstünden eden iň soňky maslahatlarynam tamalap, az-kem dynçlaryny
alyp, ýaňadandan duşuşmak üçin, dagaşmak çy bolup duran ekabyrlaryň
gapdalyndan şol wagt çalarak entirekläp, çalaragam hiňlenjiräp barýan Baky lütjek
geçip gitdi. Ýap-ýaňyja bir märekeden örendiklerine garamazdan ol han-begler bilen
baş atyp salamlaşdy-da, ýolunam, hiňlenmesinem sol öňküsi ýaly dowam
etdiriberdi. Ozaldanam geň häsiýetli, geplemezek, bukma kesel degen ýaly hemişe
busup ýören bu adama onsuzam aladalary ýetik kethudalar kän bir ünsem
bermediler.
Ol welin, aýdyma hiňlenenokdy-da, “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliňpal” etdirip dodaklary, dili bilen saz çalýardy. Onda-da ýap-ýaňyja aýdym-sazyň iň
soňunda ýaňlanan “Balsaýady” çalýardy. Gerek ýerinde barmaklarynam işledýärdi.
Şol saz beýnisine şeýle bir ornaşdy welin, asla ol indi onuň täsirinden aýňalyp
bilenok: paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...”.
Gaýda-gaýmalaşyk bolup barýan adamlaryň arasy bilen aşak bakyp,
süssenekläp barşyna ol öten agşamky ýabysyny daňyp giden ýerine geldi.
Ýanbaşyndan torba asybermeli hor, gözleri çylpyklap, ýörände art-bujak deşigi
143
dokmaň mäkisi ýaly gelip-gidip duran, tüýleri gytyk hem hapa, reňki aksowultdan
gelen melemtil, maňlaýynyň depeli çala bildirýän ýaby “munça wagtlap meni aç
goýup nirä gitdiň-aý” diýýän ýaly eýesiniň ýüzüne soragly seretdi. Çalarak
hokrandy. Baky bolsa: “paliýilliň-pal,
paliýilliň-pal...” diýip ýabysynyň
aýagyndaky ýüpüni çözdi. Myhyny sogurdy. Ýüpüni külterläp ganjygadan asdy. Şol
bir heňe goşubam aýagyny üzeňňä basdy. Atlandy. “...Pal” diýibem syrtyny
palçyldadyp eýere goýdy. Yranjyrap saz çalyp oturşyna, toýhanadan çykyp öýliöýüne tarap barýan toýçular bilen gollaryny galgadyp özüçe hoşlaşdy. Ýabysynyň
başyny öz obasynatarap öwürdi. “Pal...” diýip, ysgynsyz aýaklary bilen ýabysynyň
böwrüne depdi.
Barjak ýeri gaty bir golaý bolmasa-da, ol tä gapysyna barýança saz çalmasyny
goýmady. Baransoňzm goýmady. Egerde ýaby janaweriň özi ýatagyna baryp
gazygynyň gapdalynda durubermedik bolsady, onda Baky lütjek özüniň öýüne
geleninem bilmezdi.
Hälem bagtyna howa ýagtyldy-da, ýabysynyň ýataga girenini bilip, syrylyp
ýere düşdi. “Pal...” etdirip aýagyny ýere goýdy. Häliden bäri dutar edinip gelýän
gamçysyny eýeriň gaşyndan ildirdi-de: “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliňpal...” etdirip elindäki ýüpüň bir ujuny gazyga “gazykbag” edip daňdy, beýleki
ujunam “paliýilliň-pal...” diýip, ýabysynyň aýagyna “kürmek” çaldy, “pal” diýibem
çigdi.
Ýöne, “Balsaýat” onuň bilenem tamamlanmady. Ýatakdan çykyp gapysyna
barýança-da, Baky saz çalmasyny dowam etdirdi. Işiginem: “paliýilliň-pal,
paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...” diýip, açdy-da, sag aýagy bilen: “Pal...” diýip, içerik
ätledi. Ýaňyja biçilen gök kürre ýaly aýaguçda “hynçgyryp” oturşyna saza goşup
üstki eşiklerini çykardy. Hersini bir tarapa zyňyşdyrdy. Oýaly-ukuly ýatan aýalynyň
gapdalyna geçdi. Iň soňky gezek: “Pal...” diýibem, sermagallakdan gaýtdy.
Soň-soňlar, Sarahsa gelenlerinden soň aýalynyň onda-munda aýtmagyna görä,
Baky ukudaka-da saz çalmasyny goýmandyr. “wagyr-wugur, lagyr-lugur” edip,
“patanaklap” ýatyşyna, her gezek eýlesine-beýlesine öwrülende: “Pal-l...” etdirip,
şol tarapky goluny kä köneje sowuk keçäniň, käte-de ýyrtygyndan düýe ýüňleri
çykyşyp duran ýyljak ýorganyň üstüne “patyladyp-patyladyp” urupdyr.
Şol gün heleý öýläni boluberende, aýaly ony uly howsala bilen oýardy. Uly
iliň göçe taýýarlyk görýändigini, şu gije ýarymdan agansoň Sarahsa göçüljekdigini
habar berdi.
Henizem ukudan açylybilmän, üstüsine “Balsaýatdanam” aýňalybilmän aýak
uçda yranjyrap oturan Baky onuň näme diýjek bolýanyny aňşyrmady. Aňşyrjagam
bolmady. Hiç hili soragam bermedi. Diňe dodaklarynyň ysgynsyz gymyldysyndan,
içinden bir ýerlerden çykýan güňleç sesiň “hüňňüldisinden” çen tutup, aýaly onuň
entegem saz çalýandygyny aňdy.
***
Munça bolanyna görä, toýly meseleden gaty bir daşlaşmankak, toý gijesi,
toýuň esasy sebäpkäri Çöliniň başyndan geçiren ahwalaty barada hem bäş-üç agyz
aýtmagymyz gerek.
144
Salyr türkmenleriniň özboluşly bir däbi bar, ýagny, toý agşamy deň-duşlary
üýşüp gyzyň ýanyna salanlaryndan soň köp wagt geçmänkä, öýlenýän ýigit entegem
daşarda garaşyp duran dostlaryna, ganly pamyk görkezmeli. Ol oglanlaram ony
ululara hususanda aýallara eltip bermeli. Garaz, şol gyzyň hakykatdan-da gyzlykly
gelendigine tutuş oba gözi bilen görmeli.
Eger “abat” çykmasa, onda gyz şol gijäniň özünde yzyna ugradylýar.
Emma käbir ýagdaýlarda şol işiň oglan sebäpli gijikdirilýän gezeklerem
bolýar. Şolar ýalyda oglanyň hossarlary gaty oňaýsyz ýagdaýa düşýärler. Eýläkbeýläk urunýarlar, “dogalanandyr, baglandyrlar, diýşip, gyssagara molla gözleşip
başlaýarlar. Käbirlerine “baglanan” ýigidi şol gije açmak başardýan bolsa,
käbirleriniň tas bir aýa çenli diýen ýaly baglylygyna gezýän halatlaram, hatda özözünden namys edip, il- günden utanyp janyna kast edýän pursatlaram bolýar.
Çöliniňkem edil soňkylaryňky ýaly bolmasa-da, garaz, garyndaşlaryna iş-ä boldy.
Ilk-ä ilkagşam palaw çekilşik bolanda özüne palaw berilmändigini aýdyp, gyzyň
ýanyna girmekden boýun towlady. “Kim palaw iýen bolsa şol giribersin” diýip,
“hoňňul-hoňňul” etdi. Soňam zandy gowşaklygyndanmy ýa şeýle owadan gyzdan
sussy basyldymy, garaz eýdip-beýdip ýanyna salanlaryndan soňam ganly pamygy
wagty bilen deň-duşlaryna çykaryp berip bilmedi. Ýogsam Janguly dagy oňa,
öňünden ähli zady düşündirdilerem. Düşünendigini ýa düşünmändigini gaýtalapgaýtalap soradylaram. Emma o zatlar barybir peýda bermedi. Arasynda Janguly oňa
gyjalat berip erbet zatlaram aýtdy. Barybir bolmady. Peýda bermedi. Hä diýmän
ulularam sorag-ideg edip başladylar. Netije-de ýagdaý baryp Allamyrat goturyň
özüne çenli ýetdi. Onuň: “Hany şol oglanňy... keýini maňa bir görkeziň” diýip,
arlaýan sesi gelinli öýüň golaýyndan çykyp ugrandanam dogan-garyndaşlary
öňünden ylgaşyp çykdylar-da, ony tutaklap diýen ýaly alyp gitdiler. “Alla kaka
gaýgy etme, gorkuly zat ýok, aňyrsy düzüw...” diýşip, köşeşdirdiler.
Doga üçin derhal molla Ýegenmyrat bilen Eýeberdi ahunyň yzyndan adam
iberdiler, gaýrat etsinler-de, gelip açyp bersinler, baglanypdyr” diýdiler. Emma
olaryň ikisem eýýäm kelte göçe goşulyp Sarahsa giden ekenler. Bagşyda, Teke han
dagynyň ýanynda oturansoň Abyt işana aýtmaga bolsa çekindiler. Kimdir biri: “Aý,
ol-a aýdaýanyňda-da bu zatlara goşulmaz” diýdi.
Şondan soň birini bir ýyndam ata mündürip Mätjumanyň ogly Orazmyradyň
yzyndan iberdiler.
Şondan gelen dogany tärimden uzadanlaryndan soň ýegen ugurlary ellerini
owkalaşyp oturyşlaryna:
–Alla jan, Çöli daýymyňky şu gezek bir bolubilsedir... – diýşip, yzly-zyyna,
gezek-gezegine gaýtalaşdylar oturdylar.
Muny çybygy at edip, toýhananyň o çetinden bu çetine, bu çetinden o çetine
okkesirme geçýän çagalaram eşitdiler-de, bagşy diňläp oturan märekäniň
gapdalyndan geçselerem, tamdyra nan ýapyp oturan aýallaryň deňinden ýa gaýnap
duran gazanlaryň başyndan eli susakly aşpezleriň duşundan ötselerem: “Alla jan,
Çöli daýymyňky şu gezek bir bolubilsedir” diýşip, şol bir eşiden sözlerini
gaýtaladylar ýördüler.
Şeýlelik bilen, dogan-garyndaşlary hernäçe bukjak bolsalaram, şol oňaýsyz
waka hemmelere aýan boldy.
145
Doga täsir etdimi ýa Hudaý bigünä çagajyklaryň dilegini kabul etdimi,
Çöliniňki şondan soň hakykatdanam “boldy”. Gyzyň päkligine hemmeler ynandy.
Şondan soň Janguly Çölini tärimiň agzyna çagyryp:
–Nahili ekeni?..
Çöli lagar düşen düýe ýaly “wagyr-wugur” etdi.
– Aý, ajykdyzýa-laý...
Janguly turşan ýüzüni gamaşdyryp bir gyra sowdy. Janyýangynly gepledi.
–Şu ikiortada-da damagnyň aladasy-ow, gadyr bilmez anaň ...keýniň
çagasynyň... – Soň ol dişini gyjap, otlukly nazaryny gelinli öýe tarap dikdi. – Kime
heleý bolandyryn öýdüp gyzyl-çog bolup otursyň, ondan-a git-de uçguryňa boglup
öl...
XVII
Nazarly mergen
Onuň mesgeni Zurabatdanam, Garadepedenem has ilerräkde, pars obalaryna
golaý, awlagly jülgeleriň arasyndaky belent, howaly ýerde, uly ýoluň ugrunda
ýerleşýär.
Maşgalasy uly däl. Iki ogly bir gyzy bar. Ulusynyň ady Arslan. Ol eýýäm
ýigit çykan. Bu gün-erte öýlendiribermelem. Asla Nazarly mergen şonuň aladasynda
gezibem ýör. Garadepede oturan daşgynrak garyndaşlarynyň biriniňkä gyz sorap
gudaçylyga-da bardy. Hoş sözem aldy. Basym toýuň sähedem bellenjek. Nazarly
mergen toýuň başyny Garadepede, öz obadaşlarynyň arasynda tutup, pars
goňşularynyň hatyrasyna yzyny şu oturan ýerinde dowam etdirmekçi. Ýöne, her zat
nesibä bagly. Duýdansyz ýüze çykan göç meselesi zerarly ol indi toýy megerem,
Sarahsda sowmaly bolaýsa gerek.
Emma ol entek o zatlardan bihabar.
Nazarly mergeniň ikinji ogly Nury ýaňy bir on-onki ýaşlarynda.
Olaryň ikisem dogumly. Işeňňir. Aw-şikär tärlerini gowy bilýärler. Tüpeň
atmaga ökde. Kakalary ýaly mergen. Özbaşdak gidip aw awlap geläýdiklerem
bolaýýar.
Mergeniň gyzy Nopar ýaňy bir on dördüni dolduryp, on bäşine giden,
görmegeý gyz. Ejesi bolmansoň öýüň ähli hysyrdysy şonuň boýnunda. Üç erkegiň
naharyny bişirýänem, eşiklerini ýuwýanam, içerini-daşaryny syryp-süpürýänem şol.
Şonuň üçinem, agasy Arslanyň basymrak öýlenmegini hemmeden beter höwes
edýän şol.
Nazarly mergeniň aýaly Ogultuwak mundan üç ýyl öň, Marydan göçülip
gelnen döwürleri ýylan çakyp ýogaldy. Mergen ony öz arabasy bilen Garadepä
äkidip, oba mazarystançylygynda jaýlady. Aşyny-suwunam şol ýerde berdi. Ýöne,
bu ýere gelensoňam ýan ýoldaşynyň hatyrasyna uly sadaka berdi. Oňa şu
töwerekdäki pars obalarynyň ähli ýaşaýjylary diýen ýaly gatnaşdylar. Daşy berkitme
galaly, içinden durnanyň gözi ýaly dury hem süýji suw akyp geçýän “Çeşmeli”
obasynyň adamlary şol alada-da mergene has hem golaý durdylar. Iň gowy
gatnaşýan adamlary hökmünde gelene-gidene dik durup hyzmat etdiler. Şol obanyň
146
kethudasy mergen bilen saçakly gatnaşyp ýören Seýdylla hanyň hut özi märekä
beýemçelik etdi.
Özünden kän kiçidigine garamazdan, Seýdylla han Nazarly mergeni gowy
görýär, edil deň-duşy deý sylaýar, üstünden ýoly düşse sowulman, saglyk-amanlyk
soraşman geçenok. Käte nökerleri bilen awa çykan wagty Nazarly mergeniňkide
düşleýän, hatda ýatyp gidýän wagtlaram bolaýýar. Nazarlynyň özem “Çeşmelä”
barsa onuň bilen salamlaşman gaýdanok.
Mergeniň hojalyk ýagdaýam gowy. Mally, harjyly adam. Aw onuň üçin
düşewüntli kär. Ol oňa hem iýmit, hem geýmiş bolýar. Awlan haýwanlarynyň etini,
derisini, hatda buýnuzlaryna çenli äkidip golaýdaky pars obalarynda ýa-ha satýar,
ýa-da hojalygy üçin gerek zatlaryna çalyşýar. Käte Maşada, Tährana aşaýdygam
bolaýýar.
Ýaş babatda alanyňda-da ol entek-entekler özüni elden berer ýaly däl. Güýçkuwwaty ýerinde. Bolaýsa kyrk, kyrk bäş ýaşlarynda. Islese oňa türkmen
obalaryndanam, pars obalaryndanam ýan ýoldaşlyk maşgala tapylman durjak däl,
ýöne onuň barybir öýlenmek niýeti ýok. Çünki, Ogultuwaga bolan söýgüsiniň
öwezini hiý bir maşgalanyň dolup bilmejekdigine ol örän gowy düşünýär.
Ol ony külli salyryň içinden saýlap alypdy. Ýeke bir görk-görmegi däl, eýsem
edep-ekramy, gepi-sözi oturşy-turşam Nazarlynyň göwün islegine laýyk gelýärdi.
Äriniň ýüzüne gaňrylyp bakmaýardy, awdan ýadap gelende gaşyny çytmaýardy,
içerisini daşarysyny, üsti-başyny gap-çanaklaryny hapa saklamaýardy, öýde et
porsatmaýardy.
Olaryň toý tutan wagtlary salyrlaryň birinji gezek Zurabatda oturyp giden
döwürlerine gabat gelýär. Nazarly şol wagt ýigrimi ýaşlaryndady we Garadepede
ata-enesi bilen bile ýaşaýardy.
Öýlenenden soň türkmen däbine görä üç ogluň ulusy hökmünde ata-enesi
onuň öýüni başgaladylar.
Ine, şondan soňam aw bilen ymykly gyzyklanmak üçin, Naazarly mergen
Garadepeden gaýtdy we şu ýerde mesgen tutdy.
Arasynda Mara gidişlik bolanda, uly il bilen bir hatarda ol hem gitmeli boldy.
Ýöne şol ýerde-de ol köp wagtyny Badhyz belentliklerinde aw yzynda geçirdi. Şol
hünäre ömrüni baglady.
Çarwaçylyk, daýhançylyk gören adam däl. Çagalaram şeýle.
Parslar bilen goňşy oturansoň ol soňabaka parsça geplemänem öwrendi.
Çagalaryna-da “Haýsy halkyň arasynda ýaşasaň, öňi bilen onuň dilini
öwrenmelidir” diýdi. Olaram oňa iki aýtdyrmadylar. Gepiň gerdişine görä aýtsak,
Nazarly mergen gyzy Noparyň adynam pars aşnalarynyň hormatyna, pars diline
ýanap goýdy. Ýagny, Nopar – “now” hem-de “bar” diýen parsy sözlerden ybarat
bolup, “täze miwe” diýen manyny aňladýar. Ol sözüň käte “Now bahar” “täze
bahar” görnüşinde düşündirilýän wagtlaram bolýar.
Haýsy hem bolsa şol söz şondan soň Nazarly mergeniň üsti bilen, ýagşy
başlangyç hökmünde ähli salyrlara geçdi we olar şu günki güne çenli egerde gyz
bolsa ilkinji çagalarynyň adyna “nopar”, ogul bolsa “akmyrat” goýup gelýärler.
Terbiýe-ahlak, hüý-häsiýet babatda hem Nazarly mergen gaty üýtgeşik adam.
Daşyndan göreniňde tutuk, geplemezek, ýöne, ýüzünden nur dökülip dur. Mähirli.
147
“Ha-ha-haýlap” gülenini gören adam ýok. Gatam gürlänok. Umuman duýgylaryny
içinde saklamaklygy başarýan adam. Çagalaryna gezek gelende-de şonuň ýaly. Ol
hatda olary ogşanda-da özlerine bildirmän, uklap ýatan wagtlary ogşaýar. Onuň
pelsepesi şeýle: “Çaga ata-enesiniň özüni gowy görýändigini duýmalydyr, ýöne,
bilmeli däldir. Ata-ene öz çagalaryny gowy görmelidir, ýöne bildirmeli däldir”.
Umuman, durmuşdaky ähli zatlar babatda onuň öz ýörelgesi, pikiri, paýhasy bar.
Şoňa görä, ulalandan soň onuň oglanlaram özi ýaly gepi-sözi ýerinde, edil uly adam
ýaly agras eserdeň bolup ýetişýärler.
Gyzynyň edebi barada hem diňe gowy sözler aýtmak mümkin. Nazarly
mergen onuň hem atasy, hem enesi. Nopary göreniňde gadymy oguz gyzlary, düýp
terbiýe ýadyňa düşýär.
Nazarly mergen dag içinde ýeke otursa-da, obasyndanam, obadaşlaryndanam
arasyny üzenok. Gatnaşygyny kesenok. At tezegini guratman gidip-gelip dur.
Awuny ýeke bir pars obalaryna däl, öz obalaryna hem äkidýär.
Umuman türkmenlerem, parslaram, ony goňşy oturan iki halkyň arasyndaky
köpri hasap edýärdiler. “Pulhatyna” deňeýärdiler. Ilçi, wekil hökmünde garaýarlar.
Ara sähelçe gep-gürrüň düşjek bolsa-da iki tarapam öňi bilen şoňa ýüz tutýar. Hanbeglerem ony edil öz biri-birleri hökmünde sylaýarlar.
***
Ýagşu-ýaman her zadyň soňy gelýär, diýleni. Şeýle rahat hem asuda ýaşap
ýören Nazarly mergeniňem güni bulaşyp başlady.
...Bir gün ikindinaralar onuň dag daşlaryndan salnan pessejik iki otagly
külbejiginiň gapysynda çynmy, ýalanmy, belli däl, özüni Hasan diýip tanadan atsyzýaragsyz, daşyndan diýseň pukara hem hor görünýän, bäbenekleriniň hanasy çuň,
gözleri gamaşyp duran derwişpisint bir adam peýda boldy. Halymsyrap durşuna
ýarym parsy, ýarym türki dilde gürledi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 16
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.