Latin

Salyr soňy Sarahs - 07

Total number of words is 3669
Total number of unique words is 2222
30.1 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
artanjalaryny bolsa goňşy pars obalaryna, hatda Maşada çenli äkidip satdylar. Azowlak pul gazandylar, gerek zatlaryna çalyşdylar, azal, mala, künde ýaly iş
gurallaryny edindiler. Hatda işe goşar ýaly öküz satyn alanlaram boldy.
Gürrüňimiz gury maglumat bolup gidip otuzmazy ýaly, şol gidişlikleriň
arasynda bolup geçen, Sarahsda oturýan salyr türkmenleriniň arasynda henizhenizlerem ýatlanyp gelinýän gyzykly bir wakany şu ýerde ýazyp beýan etmegimiz
gerek.
***
Ortadan uzynrak boýly, saryýagyz, goňrumtyl ösgün gaşlary küle gaçan
gakylyk ýaly gögümtil, bulançak gözleriniň üstüni örtüp duran, özi-de bilmezden iki
agzynyň birinde sögünjiräp gepleýän, sesi boguljagrak, diňlense-diňlenmese dili dek
durmaýan orta ýaşlaryndaky, çyn ady Allamyrat, ýöne, Apby lakamly bir daýhan
kişi ulagy bolmansoň Maşada-ha gidip bilmedi welin, köneje horjunynyň iki
gözünem kakdan doldurdy-da, ýanyna daşkynrak garyndaşy, ýagny, ýegen ugry,
öwünjeňligi üçin il içinde Kully köwek adyny alan, entek öýlenmedik, ýöne şonuň
aladasynda gezip ýören, gürrüňçiligiň arasynda “zeleli ýok” diýmäge derek “zezeli
ýok” diýmeklige endik eden, özi ýaly hortabrak ýöne birneme uzynagrak, hünni
gara birinem ýanýoldaş edindi-de, zut gitdi, niredesiň golaýdaky bazarly pars
galalarynyň biri diýip. Özlerem paý-pyýada Ýolboýy edýän gürrüňlerem alyp
barýan harytlarynyň takmynan näçeden geçjekdigi, näçeräk peýda gazanyp
boljakdygy, şol pula nämeler alsalar gowy boljakdygy barada. Egerde şu gezek
söwdalary oňsa, onda telim gezek gatnap, hatda gyşa goýan kaklaryna çenli satyp
pula öwürmek barada göwün ýüwürdýärler.
Kully köwegiň göz öňüne köp pul gelýän bor-a çemeli, her gezek şony
agzanda agzy suwjarýar-da, “şi-ip” etdirip dişiniň suwuny sorýar. Her daýym durup,
“liňk” etdirýär-de, arkasyndaky kakly haltasyny ýokary silkip iki kebzesiniň
arasynda jaýlaşdyrýar. Sähelçe haýal-ýagallyga ýol berse, söz gezegini Apby
agzyndan kakyp alaýjak ýaly ara salym salman gürrüňini dowam etdirýär. Düşenje
pulunyň gylyny gyşartman öýüne eltjekdigini, öňden ýygnap goýanjasynam üstüne
goşup, ýetmese ondan-mundan belki-de Apby daýysyndan az-kem karz alyp gowy
at, iň bolmanda kündä goşar ýaly ýa-da indiki gezek münüp kak satmaga Maşada
gider ýaly işe werzişräk bir ýaby aljakdygyny öwran-öwran gaýtalaýar.
Apbam gezegini boş geçiräýenok. Kully köwek sähelçe sägindigi, kime
diýýäni belli däl:
I-i... Gyňkeýin... – diýýär-de, dilini ýalmandyryp, “tükezzybanyna” tutup
ugraýar. – Aýtsaň-a Gulmyrat jan, Apby aýtdy bolýa, aýtmasaňam içiň ýanyp barýa,
şu ömrüme Nartäç kelapaňa ýekeje gezegem täzesar köýnek geýdirenim ýadyma
düşenok. Ýagdaýym bolmady. Boýamyş biz bilen eşek alagadan başga zat gören
däldir, şo görgüli... – Apbynyň gözlerine ýaş aýlanýar, bokurdagy dolýar,
60
hamsygýar. – Ine, şu gezek sowdam oňsa welin, “gyňkeýin” şoňa bir gowy
köýneklik mata almasam bolmaz.
– Dogry aýdýaň, Apby daýy şü ka-aýt, pars şalarynyň öz aýallaryna
äpberýänlerinden äpber özüňem...
– Hň-ň... Hakyt şöýtjek, - diýip, Apby jojugyny emdirýän meýdan doňzy ýaly
“hyňk-hyňk” edýär-de, aýak çekip, arksyndaky ýüküni ykjamlaýar. – Soň
ýüregimde arman galmaz ýaly gyzyma-da äpberjek şo matadan bir kişiligini. Pulum
ýetse ogluma balaklyk mawudam aljak. Yzyma pul getirjek-gä, sowjak! Näme
edeýin men onça puly çagalarym şo ýagdaýkalar.
– Olara alaňň-a zezeli ýok welin, Apby daýy puluňy sowup gutarmankaň öz
üsti-başyňam bir ýemet... bite... ýogsam çagalaryň-a o hili geýnip ýörseler, senem
beýdip ýörseň... birhili ýemeräk bor... “Pylanyň pylanysy şeýdip ýör” diýseler,
garyndaş aralykda bize-de gowy dä... Özümizem bir namysjaň adamlar
bolamyzsoň...
Onuň ýüreginden syzdyryp, garaçyny bilen aýdan bu sözleri Apbynyň girre
gaharyny getirdi.
– Ýa-a..., gyňkeýinm, seňňem egniňde ýalpyldap duran keşdeli kürte
göremzok-laý... Ýalpyldasa-da kirden ýaňa ýalpyldaýan bolaýmasa. Ýakaň kiri
haçan görseň damagyňy çaljak bolup dur. Şoň üçinem utanmaly bolsa biz utanmaly.
Biz namys etmeli seň ýaly ýegenimiziň barlygy üçin...
Kully köwek şondan soň bilip galdy daýysynyň göwnüne degenini. Kellesiniň
gyzgynyna aýtmasyz zatlaram aýdyp goýberendigine puşman etdi. Ýöne, nätjek, söz
agyzdan sypansoň yzyna aljak gümanyň ýok. Günäkärdigiňi boýnuňa alanyňam
sesiňi çykarmazlyk bilen subut edäýmeseň.
Şondan soň esli waglap aralarynda gep-gürrüň bolmady. Diňe aram-aram
Kullynyň dişiniň suwuny çekişi, käýarymam öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Ä-äý,
zezeli ýok-la-laý...” diýýän gyryljak sesi eşidildi durdy.
Ýöne, ýol uzak, ýük agyr, gepleşmän gitjek bolsaň ýüküňem öňküňden iki
esse agralýa, ýolam uzalýa.
Ýoluň iň kyn hem howply ýeri bolan “Eşek gerşinden” geçip beýik bir baýryň
düýbündäki çeşmäniň başynda dynç almak üçin aýak çekenlerinde welin Apby
durup bilmän ýaryldy. Ol “şildir-şildir” edip telperje akýan dury çeşmäniň içindäki
owunjak balyklary synlap oturşyna ýüzüni-gözüni gamaşdyryp:
– Al-aýt, bi gyňkeýinler gyş aýlary suw doňanda nirede ýatýakalar – diýdi.
Kully köwegem ony uzak garaşdyrmady.
– Nirede ýatarlar öýdýäň, tala çykyp ýatýandyrlar.
– Goýsaň-aýt – diýip, Apby “tarsa” ýerinden turdy. – Gala çykyp ýatar ýaly
olar näme sygyrdyrmy?...
Gapdallarynda başga adam bolmansoň olaryň oýnudyklaryna ýa
çynydyklaryna düşer ýaly bolmady. Özlerem bilen däl bolsalar gerek, şondan soň-a
asylam gepleşmediler.
***
Barmaly obalaryna gijräk, bazar sowulansoň bardylarda, ätiýaç üçin
obadaşlarynyň birinden salgysyny alyp gaýdan öýlerine myhman düşdüler. Gulzar
61
atly daýaw, murtlarynyň ujuny ýeňsesinde çatybermeli, ullakan ala gözleri birneme
gussalyrak hem ýadaw görünýän, sag aýagy täbigräk bolansoň çep tarapyna
gyşarylyp, ganatlarynam çalarak galgadyp ýöreýän, gepi-sözi ýakymly, mährem
adam özüni sorap gelen adamlary mähirli kabul etdi. Öýüne ýat myhman
gelendigine begenýändigini bildirmek üçin goňşy-golamlaryna tarap buýsançly
garady.
Şol aralykda-da Kully köwek:
– Apby daýy, sögünmän gepleşjek bolaweri – diýmäge ýetişdi.
– Düşünselerem, düşünmeselerem gowy däl-dä...
– Ýa, i-i... Sögünip men nä “gyňkeýin” bylarda algym bamy? Ýa arym
köýüpmi... – diýip, henizem öýkesinden doly açylybilmedik Apbam “hoňňulhoňňul” etdi.
Gulzar olaryň özara gürrüňlerine ünsem bermän öýüne saldy. Töre geçirdi.
Saçak ýazdy. Baryndan orta goýdy. Aýaly, çagalary bilen tanyşdyrdy. Ýaryny
parsçalap, ýarysyny türküçeläp ondan-mundan gürrüň etdi, garaz, myhmanlarynyň
içini gysdyrmady.
Umuman, ol göwniaçyk adamkärçilikli, myhmansöýer adam ekeni. Baýam
däl, garybam däl. Öz güzeranyny aýlap, ýören, telekeçi adamdygy bildirýär.
Apbam gabat gelse-gelmese, ýerine düşse-düşmese, öňe-yza omzap onuň
“hä”-sini ýetirdi oturdy. Söz berşi ýaly sögünçden saklandy.
Kully kän gürrüňe goşulmady. Çep tarapyna tirsekläp, aýasynam dulugyna
diredi-de, olaryň gürrüňlerine diň saldy oturdy. Nahardan soň orta şerbet, suw ýaly
zatlar geldi welin, Apby horjunyndan iki towlam kak çykaryp ortadaky içi halwaly,
gyralaryna gögümtil gülüň suraty nagyşlanan tegelek hem telper ak läläniň içinde
goýdy. Ýoldaşyna görä birneme jomardyrakdygyny öý eýeleriniň duýandygyny
syzdyrmakdan ýaňa ýüreginiň üsti süýjäp gitdi. Bir azajyk pezzeräýen bolaýmagam
ahmal.
Elbetde, saçagyň üstünde zat kän. Kakdan süýji zatlaram bar. Asyl süýjüň
özem bar. Ýöne, kak bir geň zat bolansoň, Gulzaryň çagalarynyň barysynyň gözi
birden şoňa dikildi.
Gulzar kaky çakgysy bilen deň-derman bölüşdirdi-de, çagalaryna
paýlaşdyrdy. Aýalyna-da berdi. Aşyk ýalysyny kesip alyp öz agzyna-da saldy.
– Çoh şirin – diýip, dodaklaryny “şapbyldatdy”. “Şip-şip” etdirip,
barmaklarynyň uçlaryny ýalaşdyrdy. Aýalam öz paýyny çeýnäp-çeýnemez
“gulkuldadyp” aňyrsyna geçirdi-de:
– Hup-hup, heýli hup, heýli şirin1 – diýdi.
Olar-a bir ýagdaýa düşünýän uly adamlar, şoň bilen oňdular, dört sany
deňemigräk gyzlaram paýlaryny iýip bolanlaryndan soň kirpikmen garaja gözlerini
horjuna tarap gönükdirmezlige çalşyp süýem barmajyklarynyň uçjagazlaryny bir
enaýy çukurjyklyja eňejiklerine direşip, seslerini çykarman oturyberdiler welin,
ýöne ine, bäş ýaşlyja Bedil atly oglanjyk Apbyny gaty kyn güne saldy.
1
Ýagşy, ýagşy, örän ýagşy, örän süýji... (parsça)
62
Ol paýyny iýip bolandan soňam ejesiniň dyzynyň üstünde oturan ýerinden iç
işikde diwara söýelgi duran içi kakly horjuna tarap barmagyny çommaltdy-da,
palçyk iýen ördek çagasy ýaly “war-war” etdi.
– Näne, ga-ak!..
Bu onuň kak diledigidi.
Muňa öý eýeleri birhili boldular. Hatda gyzjagazlara çenli ýerli-ýerden Bedile
tarap gözlerini alartdylar. Eneler-ä dyzyny silkip oglanjygy gowy galtady,
ýumrugynam maňlaýyna çenedi-de, “häýt” diýip, haýbat atdy. Ýöne, çaga ne
enesiniň, ne uýalarynyň aýdanlaryna, eden yşratlaryna ünsem bermedi. Gaýtam
ýaňky sözüni ýene bir gezek, özem edil şol bir labyzda gaýtalady.
– Näne, ga-ak!..
Apby: Bu gezek sen çykaraý birki burum, diýen manyda Kullynyň ýüzüne
seretdi. O-da derrew ýüzüni bir tarapa sowdy. Esli wagtlabam Apba tarap seretmän
oturdy. Irkiljirän boldy.
Çaga üçünji gezek dillenende welin Apby saklanyp bilmedi. “Hasyr-husur”
horjunyna ýapyşdy. Ýene-de iki towlam kak çykaryp ortada goýdy. Bedil ejesiniň
dyzyndan böküp düşdi-de, läläniň içindäki kakyň iki towlamynam kakyp aldy.
Gulzar ilk-ä bir erbet käýejek ýaly oňa tarap gazaply seretdi, soňam ýüregi dözmän
terzini gowşatdy-da, megerem, uýalaryň bilen bölüşip iý, diýen bolsa gerek,
parsyçalap bir zatlar diýdi.
Bedil welin bölüşjegem bolmady-da, elindäki kaky bada-bat kakasynyň eline
tutdurdy. Ejesiniň dyzyna mündi. Ýüzüne haraýly seredibem kakly horjuna tarap
barmagyny çommaltdy.
– Näne, ga-ak!..
Ýaňky kaky üleşdirip oturan Gulzar bu gezek ogluna çyny bilen gaharlandy.
Paýyny berende-de kakly elini silkeläp, abaý edip berdi. Gaýdyp diläýme diýen
manyda agzyny-burnuny towlaşdyrdy.
Çaga gorkan bolsa gerek, tä kakyny iýip bolýança gözjagazlaryny tegeläp
kakasynyň ýüzüne seretdi oturdy. Dodaklary bolsa kemiş-kemiş etdi. Iýip bolandan
soňam dillenibem bilmän, horjundan gözünem aýrybilmän serimsal boldy oturdy.
Gulzar gürrüň bilen çaganyň ünsüni sowjak boldy. Aýalyna ýumuş buýrup
gördi. Ýöne ejesi dolanyp geldigi Bedil onuň eteginden aslyşdy-da, horjuna tarap
göz aýlap:
– Näne, ga-ak... – diýdi.
Çaganyň hünübirýan aglabererinden ätiýaç edip, Apby gör indi näçenji
gezekdir, elini horjunyna tarap uzatdy. Içine elini sokdy. Gulzaryň garşylygyna,
aýalynyň “Dat, indi gerek däl” diýip edýän gykylygyna bakman bu gezek öňküleri
ýaly ikem däl-de, üç towlam kak çykaryp orta goýdy.
Şu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanandan soň, Gulzar ýene-de ogluna käýedi.
Ýöne, çaga göýä diýersiň onuň aýdýanlaryny eşitmeýän ýaly. Asla piňine-de däl.
Şonuň üçinem, indi birneme nebsi ejizläp ugran Apbynyň göwnüne Gulzar oňa häki
bir göz üçin käýeýäýändir diýen güman gitdi. “Meň oglum bolsun şol gyňkeýin,
nädersiň bir gezekde mum-helim bolaýsa” diýip, içini gepletdi. Biliner-bilinmez
dişini gyjady.
63
Ýöne, Gulzaryň welin çynydy. Ol ogluna berk daramaga dözmeýärdi. Dört
gyzyň yzyndan doglan ýeke oglul bolansoň ony asylam läligräk saklaýardylar,
aňryujy ýagdaý bolsa gaňryşyna gaýtmajak bolýardylar. Muny ol ahyry, halys unupçydamansoň Apbynyň ňzüne-de aýtdy. Soňam uly adam bilen gürleşýän ýaly edip
myhmanlaryň kaky ýörite satmaga getirendiklerini, daň bilen bazara
çykarmalydyklaryny düşünje puluna-da çagalary üçin bir zatlar alyp gitmelidiklerini
Bedile düşündirdi. Çaga welin diňledi-diňledi-de, ýene-de ýüzüni ejesine bakan
öwrüp:
– Näne, ga-ak!.. – diýdi.
O tama äkitjek bolsalaram etmedi. Aglady. Zor bilen alyp gitjek bolsalar
welin öňküsindenem beter, çabalanyplar aglady.
Şeýle-de bolsa, ol indi kaky gaty kynlyk bilen iýýär. Has takygy özüne zor
salyp iýýär. Ujundan dişläp alýar-da, göwünli-göwünsiz gäwüşäp oturşyna näçeräk
galanyny bilmekçi bolýan ýaly elindäki bölege seredýär, her daýymam kä açylyp, kä
ýumulyp gidýän gözlerini süýji ukuda ýatan uýalaryna, içi kakly horjuna aýlaýar.
Arasynda irkilen ýalam edýär-de, birdenkä tisginip oýanýar, hasyr-husur elindäki
kaka agyz urýar-da, doly çeýnäp ýetişmänkä ýene-de ymyzganýar.
Oňa seredip, içini tutup oturan Apby: “Indi-hä “gak” diýmäge ýaraýmasaň
gerek, kerahta bolduň, gyňkeýniň çagasy” diýip, öz ýanyndan oýlanýar. Ýöne onuň
ojagaz umydam hasyl bolmady. Indi iki gözünem ymykly uky büren çaga elindäki
kakyň iň soňky dişlemini aýasy bilen iterip-iterip agzyna dykdy-da, durşuna şire,
sary şepbik bolup duran elini indi belki iýesi gelip däl-de, ilkagşamdan bäri eden
endigine görä, Apbynyň indi mazalyja gowzan içi kakly köneje horjunyna bakan
galgatdy. – Näne, ga-ak!.. diýmäge ýetişmedi. Agzyny açyp-açmanka boýny bir
tarapa “şalkyldap” gaýtdy.
Apbynyň horjunyna tarap uzan eli howada doňup galdy. Muny görüp
Gulzaram: “Gerek däl” diýen manyda ellerini ýaýyp yşarat etdi.
Çaga indi hakykatdanam kak gerek däldi. Ol artykmaç iýmekden ýaňa aşa
düşüpdi, laky-tak durupdy, ýadapdy we ysgyndan düşüp, özünden gidipdi. Kak
dileýämi ýa hyýalynda henizem iýip otyrmy, eňegi entegem çalarak gymyldaýar,
gäwüşeýär, tamşanýar, iki erninden bolsa şire gatyşykly şepbeşik sary suw dynman
akyp dur.
Gulzar ýüzüni sallap ýerinden turdy-da, çagasyny eline alyp, tördäki
otaglaryň biirne geçdi.
– Waý, dat, waw eýla-a!...1 – diýip, birki ýola ellerini öwüsdid-e, aýalam
onuň yzy bilen çykdy. Çagasynyň derdini şondan görýändigini nygtamakçy bolýan
ýaly, aňyrky gapa ýetip-ýetmänkä gaňryldy-da, gazaply nazary bilen köneje
horjunyň ozaldanam sary gaçan gzölerini para-para etdi. Ondan soň: ol nazaryň
neşterleri gelip onsuzam içi ýanyp duran Apbynyň hortap göwresine sanjyldy.
Ol henizem horjunynyň öňünde gala ýaly bolup berk oturan Kulla göügidijilik
bilen seretdi... içini gepletdi. “Bu gyňkeýniň hem-ä horjuny gowzamady, hemem
melamata galmady. Men bolsam... Pataşyň tazysy ýaly bolup...”.
1
Waý, indi men nätsemkäm... (parsça)
64
Daşyndan bolsa diňe içini güldürip, gözlerini ýyldyradyp oturan Kully eşider
ýaly edip:
– Gagyldap geçen gyňkeýin-ä kakyň jümüni üzdi-ow – diýdi.
Şeý diýmek bilen ol Kullydan iň bolmanda dil kömegine garaşdy. “Howwaaý, ol-a şony oňarmady-aý, “gak-gak” diýip seni halys jüllük-köten goýdy-aý,
eýelerem “haý-küş”dagam edäýenoklar-aý... diýdirjek boldy. Ol bolsa göwni bir
ýaly uzyn-uzyn pallady-da:
– Aý, hi-iç-laý, zezeli ýok-laý, janyňy ýakmasan-aý... – diýdi.
Ine, şunda welin Apby ýaryldy. Oturan ýerinde ýer ýumruklap, dişinden
syzdyryp, ýuwaş, ýöne, diýseň ýangynly gepledi.
– Howwa-da, seň üçin hiç-dä, seň üçin zeleli ýok-da, sebäbi zelel çeken mendä... seň içiň gülýä-dä...
Oňa çenlem zulmat gyzardy. Daň agardy. Onda-munda horazlar
gygyryşdylar. Köçeden mal sürüp barýan adamlaryň “haýt-haýtlary” paýtunçylaryň
“şakyr-şukurlary” eşidildi. Hä diýmänem Gün dogdy.
Bediliň aladasynda bolup gijäni çirim etmän geçiren är-aýal bilen howul-hara
hoşlaşdy-da, Apby mazaly gowzan horjunyny egnine atyp daş çykdy.
Agyr horjunyň aşagynda ýegşerilip barýan Kullam sessiz-üýnsiz onuň yzyna
düşdi. Ýoldaşynyň böwenemjek geçiniňki ýaly dyňzap duran horjunyna gözi
düşenden Apbynyň derdi täzelendi. Gaýdyp baransoňlar oba ýaýrajak ýoknasyz
gürrüňleri aňyna getirip özünden-özi kejigip başlady. “Deň gidip deň gelenem
bolsalar, Kully Apbydan köp söwda edipdir, köp pul gazanypdyr, köp zat getiripdir”
diýerler. Apby zadynyň köpüsini bir garybyň saçagyna goýupdyr, ajy doýrupdyr,
sogap gazanypdyr” diýmezler, “Kully syrnyh ekeni öýünde ýatyp, duzuny iýibem
öý eýesine kakyndan dadyrmandyr” diýmezler, diýip gaýybanasyndan
obadaşlaryna-da gyjyndy. Asyl şol sözleri kim-kimleriň aýtjagyna çenli göz öňüne
getirip: “Ölüň, bigaýratlar! Özüňiz-ä öýüňizdenem çykyp bileňoz, çykanlary bolsa
görüp bileňzok” diýdi. Ahyram: “Dogry-da, aýtsaň-a Apby aýtdy bolýa,
aýtmasaňam içiň ýanyp barýa...” diýip, ýene-de özüni-özi köşeşdirdi. Şeýle-de bolsa
öz ýanyndan Kullynyňam eýini ýetirmän durup bilmedi. “Diýseň-diýmeseň sen
gyňkeýniň çagasy, zor sen. Bu bolşuň bilen sen ýaby-ha däl, atam alarsyň. Şol
ikisini bile alaýmagyňam ahmal. Şu ýerden bir pars gyzyny satyn alan şol atyň
syrtyna mündürip äkidäýmegiňem mümkin. Sebäbi, sen şoňňaly adam, biz bolsak
muňňaly adam. Seň bir gytjyňy keýin, Kully-y”... diýip, tä, baryp bazaryň bir
çetinden girýänçäler kesanasyndan derisine saman dykdy gitdi oturdy.
Gyjyndygysaýam oňa bolan ýigrenji artdy. Soňabaka dagy gözüne Kullynyň keşbi
şeýle bir betgelşik göründi welin, asyl, şoňa tarap seredesi gelmedi.
Şonuň üçinem uzynly gün bir ýerde ýanaşyk oturan hem bolsalar biri-birleri
bilen gepleşmediler. Durup bilmän Kullynyň özi lak atsa-da Apby jogap bermedi.
Oba gaýdyp gelenlerinden soňam Apby ýegenine ýüz bermedi. Salam bersede almady. Alsa-da göwünli-göwünsiz aldy. Olaryň bu gatnaşygyny aňyp ol, bu
sorasa-da, sebäbini aýtmady. “Aý biz bir zat diýsek Apby aýtdy bor, gowusy
aýtmazlykdyr”... – diýdi-de, sorag bereniň gapdalyndan turdy ötägitdi. Aýalynyň
ýanynda welin ýegeni bilen ara düşen sowuklygyň sebäbini aýtman durup bilmedi.
65
Soňundanam: “Dagy-duwara şo gytjyňňy keýin bilen bir ýana gitsem atamyň döli
bolmadygym...” diýýip, çyna berimsiz şert etdi.
***
Gawun, kak satyp iş gurallaryny kämilleşdirendikleri sebäpli daýhanlar indiki
ýyl bugdaýdanam gowy hasyla garaşdylar. “Şeýdipjik gidiberse halkyň sanlyja
ýyldan galynyp gidibermegem ahmal” - diýşip, kethudalar uly umytda boldular. –
Bergimizi üzeris, bäş-on çuwal bugdaýy dulumyza söýäris, garnymyzy doýrarys,
özümizden artanynam näme, geçen ýylky gawun satyşymyz ýaly o ýan, bu ýan
äkidip satarys...” diýişdiler.
Ýalawajyň ownuk “eýýar” tiresinden Rahmannazar atly bir käsipkeş, ussa
adam-a “ýagşy niýet ýarym döwlet” diýlen nakyla eýerip, aýal-gyzlaryň agyr
zähmetini ýeňilleşdirmek üçin, derýanyň amatlyrak ýerinden suw çirtip aldy-da,
mesenesi hemişe dolup-daşyp, dyňzap duran şowy beýik hem batly suw
degirmeninem gurnady. Garnizonlarda gulluk edýän we günde-günaşa gurluşygyň
gidişini synlamaga gelýän serbazlaryň, goňşy pars obalaryndan gelýänleriň üsti
bilen pars diliniň täsirine düşüp, salyrlar ony “Asyýa” diýip atlandyrdylar. Ýeri
gelende aýtsak asman sözi hem degirmen sözi bilen badaşýar we “as-man” ýagny,
degirmene meňzeş diýmekligi aňladýar. Beýleki türkmen taýpalary degirmene
“Haraz” diýýärler. Ýöne, bu hem barybir baryp maňlaýyny pars diline direýär we
“Eşek degirmeni” diýmekligi aňladýar. Ýagny, har-eşek, as-degirmen.
Nähili
atlandyrylandygyna
garamazdan,
Rahmannazaryň
guran
degirmeninden salyrlaryň tamalary uludy. Tährandan, Maşatdan serişde baryny
getirip, ussalaryny Hywadyr, Buharadan çagyryp, çykdajy baryny eden
Rahmannazar eýýaryň özüniňem öz degirmeninden tamasy uludy. Ol desga hem-ä
halkyň güzeranyny gowulandyrmalydy, hemem eýesine ummasyz girdeji
getirmelidi.
Şol umyt bilenem, uly il bolup, basymrak oragyň düşerine, bugdaýyň bol
hasyl bererine garaşyp başladylar.
Edil garaşyşlary ýalam boldy. Ýöne, täze ýerde, tarpdan peýda bolan
ekinçiligiň öten ýylky hasylyndan çalarak dadyp galan syçandyr-alakalar ol täzelik
barada bu ýyl özleriniň has uzagrakdaky kowumdaşlaryna-da irgözünden buşlap
ýetişdilermi, nämemi ýaňy bir bişip, agza-burna gelip ugran dänäni olar daýhan
oraga başlamazyndanam kän öň öz hinlerine daşap başladylar.
Adamlar olary “ýaman algydarlar” diýip atlandyrdylar we ur-tut oraga
girişdiler. Ýöne bu çäre peýda bermedi. Gaýtam “algydarlaryň” işini öňküsindenem
has aňsatlaşdyrdy. Öň özleri baldagyny kertip, ýatyryp, ondan soň hoşasyny
owradyp alýan bolsalar, indi harmandan taýýar däne daşaberdiler. Harman bolsa
daýhanlaryň gözleriniň öňünde ýere siňip, peselip gidip barýar. Syçanlaryň şu
meselede özlerinden kän-kän emelkeş ekendiklerine daýhanlar harmanlary
gözleriniň öňünde peselip ugrandan soň düşünip galdylar. Göçürip gördüler welin,
harmanyň ýatan ýerinde hinden ýaňa barmak basara boş ýer ýok. Edil galbir ýaly.
Göz-göz bolup dur. Hemmesiniňem içi torgaý düwündiräýjek zire-zire arassa
bugdaýdan doly.
66
Hasyr-husur çuwalmy, haltamy, gap-gaçmy tapan zatlaryna salyp harmanam
hinlerdäki bugdaýlaram öýlerine daşadylar. Harman ýerlerini täzelediler. Ýöne, o-da
peýda etmedi, çünki, birinjiden-ä syçandyr-alakalar günübirin olaryň yzlaryndan
oba bardylar we edil öňküleri ýaly emin-erkin bolmasa-da garaz, ogryn-dogrynlyk
bilen öýlerindenem öz ýetdik paýlaryny aldylar, ikinjidenem olar barybir eýýäm
hasylyň içini üzüpdiler, ep-esli bölegini “ammarlaryna” daşapdylar. Garaz, daýhana
öz almaly hakyndan syçandyr-alakalaryňka görä, juda az paý ýetdi.
Gemrijilerden, beýle äsgermezçilige garaşmadyk adamlar şondan soň içleriniň
ýangyjyna olara “garakçylar” diýip täze at goýdular we hukugy haklaryny yzyna
almak üçin, elleri çuwaldyr-çanakly garakçylaryň “amarlaryna” bakan ýöriş etdiler.
Olaryň gelýänini aňyp “garakçylaryň” ählisi hinleriniň agzyna çykdylar-da,
üýşüp gaýtawul bermekçi bolýan ýaly iki art aýaklarynyň üstünde duruşlaryna
“omyn” edýän dek iki öň aýaklaryny çommaltdylar, daş-töwereklerine
ýaltaklaşdylar. Birdenem “zybyrt-zybyrt” bolşup hinlerine sümüldiler-de zym-zyýat
boldular. Şondan soň olary gördüm-bildim bolmady.
“Ammarlardan” welin şeýle bir däneler çykýardy, ony görüp daýhanlaryň
käbirleri: “Haý, halalyň bolsun, bugdaý-a asyl şulara ýygdyraýmaly ekeni...”
diýenlerinem duýman galýardylar.
Ýöne nätjek, hernäçe yhlas etseňem, meýdandaky hinleriň hemmesini köwüp
çykyp bolaýanok. Hemmesini tapybam bolanok. Käbirleri bolsa asla elýeterden
daşda. Düýbüne ýetýänçäň gazyla-gazyla guma garylyp ýitip gidýänlerem az
bolanok. Garaz, harmanyňdan duluňdaky söýelgi çuwalyňdan ýa uryňdan susup
alanyň ýaly däl-dä.
Bugdaýyň-a şeýdip gutumy gaçdy. Edil boş çykmasalaram garaz, garaşyşlary
ýal-a bolmady. Iýmäge goýsalar tohumlyga ýetmedi. Tohumlyga goýsalar Eýran
hökümeti bilen hasaplaşara zat galmady.
Daýhanlaryň bar umytlary ýene-de bakja önümleriniň öten ýylky ýaly bitginli
bolaryna bagly bolup galdy.
Ýöne, o-da tersine bolup çykdy. Bakja ekinleri ýaňy bir agza-burna geldi
welin, her biri bir gujak ýarym gujak ne gözel waharmanlaryň, hytaýydyr,
akbişerleriň, her biri tokly ýatan ýaly garrygyzlardyr-göktorlylaryň bir çetinden
şagaldyr-tilkiler parçalap başladylar. Özlerem edil biýaranyň düýbünden düwüp,
topragyň iň gowy iýmitlerini özüne siňdirip ulalan goldüýbi, süýji gawunlardan
saýlap-saýlap iýýärler. Dogrusy, iýibem gaty bir gönendirip baranoklar-da,
parçalaýarlar. Gawuny ýaryp belli bir has süýji ýerini datýarlar-da, baryp ýene-de
başga birine ýapyşýarlar. Alakalarypky ýaly aňyrlaryna basjak aladalary ýok. Şonuň
üçinem, yzlaryndan baryp zadyňy alyp gaýdara, azu-köp hasaplaşyp içiňi sowadara
ýagdaý ýok. Ähli azabyň gözüň öňünde ýere siňip gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyr. Ýagdaý
şeýle bolansoň öten ýylky ýaly ekiniň başynda kak sermek, sök gaýnatmak hakdaha gürrüňem ýok, daýhanlar hasylyň birinji ýüzüni ýygdylar-da kim ulagly, kim
pyýada gök ternelerine çenli ýygyp oba çekdiler. Ýöne, barybir onuň bilenem
mesele çözülmedi. Sebäbi, bakja diýeniň bugdaý ýaly bir ýygymda sowulaýanok.
Yzly-zyyna düwüp, ýetişip gidip otyr.
Şonuň üçinem, ilk-ä gijelerine gezek-gezegine garawulçylyk çekdiler. Barybir
bolmady. Gijede-hä garawula eýgertmediler welin adamlaryň gözlerine güýdüşip
67
şagallar gijekiden galan işlerini gündizlerine ediberdiler. Özlerem gitdigiçe
ökdeleler. Adam bar ýa ýogam diýenoklar-da, “haýda-waý” bolşup, ulyilleri bilen
“walalaýlaşyp” bir çozýalar welin, şo-ol, gadymky wakany gözleri bilen gören ikiýeke ýaşuly adamlar: “Apbas Mürzäniň serbazlary çozandakydanam aýylganç şulaň
sesleri” diýşip ýakalaryny tutýarlar-da bir gyra çekilmek bilen boluberýärler.
Birmeýdan gezekleşip, elleri tüpeňli obanyň itleri bilen, gije-gündiz
garawullabam gördüler. O-da netije bermedi. Tüpeňleriň oklary gutardy, itler lakytak durdylar, garaz, “ogra mal kän” diýenleri boldy. Hasyl ýetişse olaram zaýalap
ýetişdiler. Özlerem hakykatdan-da biri-birlerine habar ýetirýälermi, nämemi güngünden köpelip gidip otyrlar.
Bu ýagdaý uly-kiçi, aýalu-erkek hemmelerem haýykdyrdy welin, bir ýyl bäri
oturan-turan ýerinde: “Şu ýyl-a gyňkeýin Gulzaryňka sowulman göni bazara
geçerin, juda bolmasa birinden ýarpysyna ulag alyp Maşada giderin –diýip, göwün
ýüwürdip ýören Apbyny atdan ýykylan ýaly etdi. Oturyp şagallaryň ýedi pyşdyna
çenli nälet okady. – Wah, gyzylja gurtdan azan-a bu “gytjyňňykeýinler” aňyrsy
düzüw däl-ä bylaň!...
Özem gije duran bilenem sakmançylyk etdi, gündiz duran bilenem. Elinde
taýagyndan başga zady bolmasa-da, tüpeňliler bilenem durdy, itiniň ýokdugyna
garamazdan itliler bilenem durdy. Telim günläp şeýdip, söwür çekip ylgap ýörensoň
birhili ýadadymy, nämemi, beýnisem üýtgän ýaly boldy-da, bir gün hakyt
çatmasynyň agzynda çöküne düşüp, ulyili bilen aglamaga başlady. Wagty bilenem
goýmady. Gaýtam gitdigiçe örç aldy.
– Öten ýyl öýtdüň, by ýyl böýtdüň, böýderiň ýaly men näme Seň arpaňy ham
ordummy – diýip, arasynda Hudaýa nalyşam etdi.
– Goý how, goý! Beý diýme! Nalama! Osoňam bi bela ýeke seň başyňda däl
ahy... Hiç kimiňem käsesi pülpüleme bolup duranok, ala-böle... – diýşip, ondanmundan ylgaşlaşyp gelen adamlar oňa ýerli-ýerden göwünlik berdiler, höre-köşe
etdiler, köşeşdirjek boldular.
– Wah, menem şoň ýeke özümiň başymda däldigi üçin aglaýan-da – diýip
söweriniň patasyna daş obadan gelen garyndaş ýaly indi dik durup iki eli bilenem
ýüzüni tutup aglady. – Aýdypdyrlar-a gyradeňlikden Hudaý saklasyn diýip. Bir
özüňde bolmasa ilden karz diläp bolýa, uly ilde bolmasa kimden dilejek?
– Aý, şonda-da Hudaýa bir nalyş etme, how, Apby daýy, – diýip, bir ýerden
ýegdekläp ýetip gelen, şol-ol kak satylşykdan bäri onuň-munuň üsti bilen ýaňy bir
gepleşip ugran Kully çat maňlaýynda çöküne düşüp iki gözüniň içine seredip
oturşyna aýtdy.
– Näme etmän? Oňa etmän kime edeýin men nalyşy. Saňa edeýinmi?
Osoňam, bar, men hiç diýeli, beýdip yzly-yzyna yrsgyndan kesip durady ýaly halk
näme edipdir Oňa? – Ol ýaşly gözlerini daş-töweregindäki harap bolup ýatan,
bakjaçylyga aýlady. – Muňa bir sered-ä! Öň-ä “gyňkeýin” bermän... Berenden
soňam beýdip... Birini syçandyr-alaka, beýlekisini şagaldyr-tilkä şam edip... Atababalarymyzam-a gün görmändirler, onda-munda enäp-tenäp...
Ony ahyry il içinde iň sylagly adamlaryň biri, ýaşy bir çene baryberen molla
Ýegenmyrat köşeşdirdi. Sözüniň täsirli bolmagy üçin, onuň çyn adyny tutup gürledi.
68
– Goý, Allamyrat goý. Aglama-da, Hudaýdan dilgirem bolma. Belki bir
günämiz bardyr, horlaýandyr, gowusy şoň pikirini edeliň.
– Etmeli bolsa edeliň-dä onda! Biz-ä bir zat diýsek Apby aýtdy bolýa,
aýtmasagam içimiz ýanyp, aňrymyz tütäp barýa...
Tüýs, “Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýenleri boldy. “Şu taýpanyň
dogrudanam Allanyň öňünde günäsi bar bolaýmasyn, ýogsam beýdip, baran ýerinde
orun tapman, ornaşan ýerinde hasyly bitmän, bitäýende-de gurt-guşa şam bolup, atawatandan siwa bolup ýörmezdi” diýen meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin, salyr
kethudalary hut şol gijäniň özünde molla Ýegenmyrat başlyklaýyn Teke hanyň
öýune ýygnandyrlar. Kethuda ýa han-beg bolmasa-da meseläni orta atan adam
hökmünde Apynam çagyrdylar. Çünki, kim näme diýse-de, hernäçe “haý-küş”
etselerem Apbynyň agysy, ýürek awusy hemmäniňem, hatda han-begleriňem, molla
Ýegenmydyň hut özüniňem kalbynda bardy. Şol ýylyň hasylyna halkyň uly umyt
bilen, edil Aýa,Güne garaşyşy ýaly garaşandygam çyndy. Şonuň üçinem, yzly-zyzna
ýüz berip duran, tutuş halkyň ykbalyna, gün-güzeranyna täsir edýän şol
şowsuzlyklar barada oturyp pikir etmezlik maslahatlaşdyrmazlyk, ýol gözlemezlik
mümkin däldi.
...Maslahatda her kimiň pikirini açyk aýtmaga rugsat berildi.
– Aý, biz bir owalebetde ters pata berlen taýpa biz. “Başyň birikse agzyň
birikse başyň birikmesin”, diýlen. Bar belaň başy ana, şol. Öňkülerimizem şoň üçin
öz ömürlerini zir-zöwrançylykda geçiren, belli bir ýerde kül dökmedik... – diýen
ýaly halys göwnüçökgünlilik bilen gürlänlerem boldy. – Şol şeýle bolmasa giden bir
uly halkdan bölüne-bölüne şular ýaly bäş öýlüsi galmazd-a...
Ýene birem:
– Hälem bolsa uly taýpalaryň birine goşulalyň-da dynalyň, ýeke özümiz hiç
ýerde-de başymyzy çaramyýas – diýdi.
– Dogry şol. Asla Marydan gaýtmalam däldik... – diýip, üçünji biri ony
goldady. – Tekelere goşulşyp, şolar bilen ilibiri bolup ýaşabermelidik... Etli-ganly,
garaýagyz, orta ýaşlaryndan geçiberen, az gepli, salyryň baş kethudasy Begnazar
sesini boguljyradyp:
– O zatlaryň barysy ýer-suw bilen bagly adamlar. Aslynda maryly tekeleriň
özleremAhaldan şol sebäpli gaýtmadylarmy näme? Nirä barsaňa, öňüňde şol mesele
keserer. Kim, saňa öz agzyndan kesip ýer-suw berer? Onsoňam bu wagt türkmen
taýpalarynyň barysy Orsyýetiň raýatlygyna geçdiler. Galan bir Mary. O-da şoň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 08
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.