Latin

Ykbal I - 10

Total number of words is 3806
Total number of unique words is 1942
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Hapa bolma, dogan, sen meni ýola sal. Maňa maslahat ber: bu
ýerden neneňsi gaçyp gutulmaly bolar? — diýip sorady.
— Wah, dogan, gaçjak bolsaň, şu ýerden gutulmak bolar-la — diýip,
Ogulnäzik sesini kesdi; birsalym daşaryk diň saldy; ýene çalajadan
pyşyrdap, — ynha, dogan, seni maňa tabşyrdylar. Seni gije-de, gündizde idejegem, ýatlajagam mendirin. Tä men özüm baryp aýdýançam, seni
ýatlajak ýokdur — diýip, ýene daşaryk diň saldy.
Uzuk biraz ýaýapjyrap:
— Wah, olar ýaly bolsa, meniň garamatym seniň başyňa
düşmezmikä? — diýip, Ogulnäzigiň ýüzüne seretdi.
— Men özüm hem şu garry ärden ýanan. Her kimiň öz deňineduşuna sataşjagyny bilsem, eger garamat-a däl, depämden daş ýagjagam
bolsa, men elimden gelen kömegi ederin.
Uzuk howlukmaç:
— Onda maňa ýol salgy ber, nädip gaçaýyn? — diýip, daşaryk diň
saldy.
Ogulnäzik ylgap gapyny açdy-da, töweregine seretdi. Ýene Uzugyň
ýanyna gelip:
— Ynha, dogan, işanlardan ir-ertir, giç-agşam, bimahal-nämahal —
haçan çyksaň çykyp ugrabermelidir. Bu ýerden çykyp ugrandan — sen
nirä barýasyň? — diýip, soran adam bolmaz. Bu ýeriniň gelim-gidimi
her wagt bolup durýa. Ýöne erkek bilen aýal gijäniň bir wagty tirkeşip
ugraberse, bir hili. Onuň üçin men size iki adamlyk bir laý erkek geýim159
eşigini tapyp bereýin. Geýniň-de, ýola düşüp, arkaýyn ugraberiň. Iki
sany erkek adam gijäniň her mahaly her ýerde gezip biler. Iki sany erkek
adam bir aýal, bir erkek ýaly göreniň gözüne dürtülip durmaz — diýip,
derrew iki laý erkek geýim-eşigini tapyp berdi.
Uzuk gara ädigi aýagyna çekdi, gyrmyzy dony geýdi, bilini tirme
guşak bilen pugta çekip guşady, bilek ýaly gara saçlaryny ak telpegiň
içine düýrläp saldy-da, biraz gülümsiräp:
—Ýigide meňzeýänmi, dogan? — diýdi.
— Ýigidiň ýigidi bolduň. Bar, dogan, ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak
bolsun, süýjülik bilen ömür sürmek nesip etsin; hemme kişem siziň ýaly
maksat-myradyna ýetsin — diýip, Ogulnäzik Uzugy ýagşy alkyşlar bilen
öýünden çykaryp ugratdy.
Uzuk garaňky gijäniň içinde töweregine garanjaklap, gorka-gorka,
Berdiniň ýanyna bardy.
Al, geýin — diýip, elten geýimini uzadanda, Uzugyň başynda bir
agyr pikir peýda boldy. Berdi geýimlerini çalşyrýança, ýaňky Uzugyň
başynda peýda bolan agyr pikir ençeme gezek güýçlendi. Uzugy bütinleý
öz labyrynyň astyna saldy. Berdi:
— Boldum — diýip, başyny galdyranda, Uzugyň gözlerinden yzy
kesilmän, monjuklap dökülýän ýaş damjalaryny görüp, ony gujaklady,
maňlaýyndan yzly-yzyna iki gaýra öpüp:
— Uzuk jan, näme boldy saňa, aýt — diýdi.
Uzuk assajykdan başyny ýaýkap:
— Men ýandym!.. Men tutaşdym!.. — diýip, guýlunyp aşak oturdy.
Berdi onuň gözlerinden biygtyýar dökülýän ýaş damjalaryny süpürip
kepdirip bilmedi:
— Aýtsana, Uzuk jan, aýtman, meni beýle ýaman güne salmasana —
diýip, onuň elinden tutup, özüne çekdi.
Uzuk gözlerini bimaksat bir nokada dikip oturyşyna:
— Berdi, men häzir seniň öňüňde bir hata iş edipdirin. Men häzir şol
160
iş üstünde seniň öňüňde günäkär. Meniň günämi geç! Bagyşla!.. —
diýip, agyr oý içinde uludan bir demini alyp, gara köýük ýüzüni ýere
saldy. Berdi Uzugyň agyr halyny deň paýlaşmak maksady bilen:
— Aýt, Uzuk jan, aýt. Meniň öňümde hiç bir wagt-da seniň günäň
bolup bilmez — diýip, ony goltugyna berk gysgy.
Uzuk özüniň agyr haly bilen Berdä ýaman täsir edendigini bilip,
biraz köşeşdi. Uludan bir demini alyp, geçmişlerinden kiçijik bir parça
ýatlady:
— Berdi, ýadyňdamy, ýazlagda, şol gumuň üstünde men saňa bir
desse gül beripdim. Ol wagtda biz ikimizem täze boglan gül dessesi
ýalydyk. Ol wagtda ikimizde bir-birimize neneňsi söýgi bardy. Şol
wagtda ikimiz bir-birimize neneňsi mynasypdyk. Häzir ol günler ötdi, ol
möwsüm sowuldy. Meniň päk bedenlerime mynasyp bolmadyk hapa
gollar degdi. Häzir men saňa mynasyp däl!.. Men... saňa mynasyp däl!..
Sen indi özüňe mynasyp ýar gözle. Meniň bagtym pes eken. Maňlaýym
gara eken. Goý, indi men şu bagtypeslik bilen galaýyn. Indi maňa
ýokarky şaha el uzatmak uslyp däl... Ynha, men şuny ýada salman, seniň
bilen gaçmaga boýun bolupdyryn. Bu — meniň hatam... — diýip, bir ah
urup, başyny ýaýkady.
Berdi Uzugyň bu sözüne misli ýalyn bolup tutaşdy. Ol mähribanlyk
bilen Uzugyň başyny kükreginiň üstünde emaý bilen goýup:
— Uzuk jan, sen şu mahal ýüregimiň ýanyk, köýük yslaryny
alýamyň?.. — diýdi. — Näme sen beýle meniň ýanyk ýüregimiň üstüne
öz sözleriň bilen ýene köz goýýasyň?! Näme sen öz sözleriň bilen meniň
ýaradar ýüregimiň üstüne täze ýara salýasyň?!. Meniň ýüregime
Bekmyrat baýlaryň salan ýarasyny az görýämiň?! Uzuk jan, sen meniň
derdimiň üstüne öz sözleriň bilen täzeden dert goýma!.. Besdir meniň
ýüregime Bekmyrat baýlaryň salan ýarasy! Besdir Bekmyrat baýlaryň
meniň ýüregimde ýandyran ody!.. Uzuk jan, men: «Bekmyrat baýlaryň
aryna ar bilen, namysyna namys bilen, etmişine etmiş bilen, güýjüne
161
güýç bilen jogap bererin!» diýip, seniň başyňy kükregimiň üstünde
goýup, bütin namysymdan ant içýän. Uzuk jan, sen Bekmyrat baýlaryň
etmişini özüňe syn bilip, beýle sözleri meniň öňümde hiç wagt dile
getirme. Sen iliň öňünde-de, meniň öňümde-de päksiň, sende günä
ýokdur. Sen päk, seniň ahlagyň päk. Päk ahlagy hapa gollar hem hapalap
bilmez. Päk ahlaga hiç wagtda hapalyk ýokmaz. Ol sebäpden hiç wagtda
men senden ýüz döndermen. Ikimiziň janymyz birdir, diňe tenimiz
başgadyr — diýip, Berdi berk gujaklanda, Uzugyň ýüregindäki bütin kirkimirler dökülip, onuň ýüzünde şatlyk we höwes ruhy beslendi.
Uzuk:
— Hany onda ugraly — diýip, işige ýönelende, niredendir, göz
agyrysy ýaly bolup, Eneküti geldi. Enekütini gören badyna, Uzugyň
üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolup, depesinden dabanyna çenli
dygyrdap gitdi. Ol birden üstüni aldyransoň, näme diýjegini hem
bilmedi.
Eneküti iç işikde gapa ýaplanyp duran ýerinden kellesini gart-gart
gaşandy. Bu mahal onuň ýüzünde rehim-şepagat ýokdy. Ol birden azm
bilen:
— Ýeri, gelin, beýle ýalyňýüz oglan bolupsyň-la. Nä hyýala
mündüň?..
Üstüňdäki
erkek
geýimini
nireden
aldyň?
Nireden
alandygyňy bilmeýändir öýtme, aňyrsyna-da geçýän. Bu ýigit bilen
tapyşdyranymyň muzdy şu ýeke dagdan boldumy? Bu ýigit bilen ýola
rowana boljak bolup durmuň?.. Gaçyp gutularyn öýtmeginiň. Bekmyrat
baýyň öz aýaly bilen paýtunly geleninden habaryň ýokmy? Olar seni
ertir alyp gitjek bolup gelipdirler. Sen bolsa özüňe ýigit tapyp gaçjak
bolýasyň — diýip, iki elini bykynyna urdy.
Uzuk:
— Sadagaň gideýin, Eneküti eje, özüň sopy bolup, hudaýyň iň ýakyn
dosty bolup otyrsyň. Biziň ýalylar öz söýgülisine duşuşjak bolanda, sen
hyýanat etjek bolma! — diýip, oňa ýalbarmaga başlady.
162
Berdiniň bu mahal bütin damarlary gerjeşip, ýüregi urmaga başlady.
Ol içi-içine sygman, bir demde Enekütini dünýä inmedik ýaly etmäge
taýyn boldy. Bu hakda Uzukdan bir nyşan bolar diýip, ondan gözüni
aýyrman durdy. Emma Berdiniň pikiri amala aşmanka, Eneküti ikinji
tarapdan öwüsmäge başlady. Ol Uzugyň ygtyýaryny eline alandygyny
bilip:
— Şol saçyňa dakýan bäş gyranlyk gylyçly manatlyklaryň alty
sanysyny ber-dä, men ony gyzyma bereýin — diýdi.
— Wah, Eneküti eje, geregiň alty sany gylyçly manat bolsun,
onusyny biýrin — diýip, Uzuk oňa derrew on sany gylyçly manat berdi.
Eneküti on sany bäş gyranlyk, Eýranyň ýüzi ýolbarsly kümüş manadyny
gysymyna gysyp, hi-hi... edip bir güldi-de:
— Wah, gyzym Uzukjemal jan, sen häzir gaçjak bolýasyň, men ony
bilýän. Wah, ak ýoluň açyk bolsun, gaty gowy ýigit tapypsyň. Çerkez
işana ýüz degýä — diýip, az salym geplemän durdy. Soňra bolsa — hany
onda, gitjek bolsaň, ýene-de bir zat ber-dä... — diýip, gara nebsini
şaglatdy.
— Geregiň zat bolsun — diýip, Uzuk gyrasyna çapraz-çaňňa düzülen
şahy çabydyny çykaryp berdi.
Eneküti şahy çabydyň şaýyny iç ýüzüne edip epläp, goltugyna
dykdy-da:
— Waý, Uzukjemal jan, basym ugraň, adam-gara geräýmesin. Wah,
pyýada gitjekmisiňiz? — diýip, Uzugyň ertirden bäri aýtjak bolup oýlap
duran pikiriniň ahyry özi üstünden bardy.
Uzuk ýaýdana-ýaýdana:
— Eneküti eje, sen bize bir kömek etsene, Çerkez işanyň aty
howluda daňylgy dur welin, sen bize şol howlyň açaryny, atyň eýer,
uýan-gamçysyny tapyp bersene, ynha, şu keteni köýnegem bereýin,
gyzyň bukjasyna salarsyň — diýdi welin, Eneküti: «Waý!» diýip daşaryk
ylgady. Ynha, salymyny bermän, howlynyň açaryny getirip, Uzuga:
163
— Ynha açar, howlyň aňyrky agzyny açarsyňyz, gara-da görmez, itde üýrmez. Atlaryň hemme esbaplary atlaryň ýanyndaky tamdadyr. Waý,
basymrak gidiň-eý, turuň! — diýip, özüniň hem demi-demine ýetmän,
gyssanyp çykyp gitdi.
Şeýlelikde, Uzuk dagy Çerkez işan bilen Bekmyrat baýyň atlarynyň
her haýsy birine atlanyp, niredesiň Ahal diýip, Tejen aýagyna ýüz
tutdular.
ENEKÜTINIŇ SOŇKY «OÝNY»
E
NEKÜTI bu gün agşam öýüne gaty giç geldi. Ol öýüne gelen
wagty — Ejemiz gelmedi — diýip, maşgalalary ýatypdy, öýi garaňkydy.
Adatdan daşary uran oljasyna şatlanyp, onuň aýaklary ýere degmeýän
ýalydy. Öýüne gelýänçä, örän çalt ýöräp geldi-de, edil gapysynda durup,
öz öýüni diňledi. Soňra usullyk bilen pişik basyşyny edip, içeri girdi-de,
ýene biraz doňuz diňini saldy. Maşgalalarynyň doly we deň dem alyp
ýatyşyndan olaryň uka gidendiklerini bildi. Soňra usullyk bilen gabsanyň
zülpesini ildirip, dogry sandygynyň öňüne bardy. Getiren zatlaryny
assajykdan ýerde goýup, saçbagyndan açaryny gözlemäge durdy.
Bu wagtlar onuň gaýtarma gyzy Jeren oýanyp:
— Eje, geldiňmi, ynha, çyra etseň, kükürt — diýip, kükürdi
şykyrdatdy.
Eneküti gyzy birden kükürt çakaýar öýdüp, ýüregi ýarylan ýaly:
— Zäher etdiňmi, men senden kükürt soradymmy, ýat gömül-de —
diýip, sesine agram salyp, güýçli pyşyrdady.
Ol wagt adamsy oýanyp, gyzyna:
— Ejeň hazynasynyň ýanyna baran bolsa, kükürt agzama. Birden biri
onuň hazynasynda näme bardygyny göräýse nätjek? — diýip, çagalaryny
oýarmajak bolup çalajadan seslendi.
164
Eneküti ärine jogap gaýtarmady. Jeren ýene ejesini gabajak bolup:
— Bir gün-ä açaryny ogurlap, hazynasyny ýeke-ýeke barlaryn —
diýdi.
Ejesi çyny bilen:
— Hany açaryň ýanyna bir gel, janyňy alaýmyýanmy... ýat indi
gömül-de...

diýip,
sandygyny
açmaga
durdy.
Sandygyny
zaryňňyldatmajak bolup, assajykdan açaryny towlamaga başlady. Her
hili etse-de, sandyk her gezek açar towlanyp sypanda, zaryňňyldap gitdi.
Eneküti gijäň içinde zaryňňyldyny il eşider öýdüp, gabanjyndan her
zaryňňylda: «Bela-a!.. zaryňňyldaman galan, zaryňňyldamaz derde
uçran! Şunuň sesini bir ýok edip bolmazmyka?» diýip, gargyna-gargyna,
Uzukdan alan oljasyny sandygyna salyp ýygşyrdy. Äri alasarmyk uky
içinde:
— He... ozal-a: «Zaryňňyldaýan sandyk alyp ber» diýip, başymy
gora sokduň, indi onuň sesine gargaýasyň — diýip uka gitdi. Jeren
kakasyndan öň uka gidipdi.
Eneküti bu agşamky işlerini berjaý edip, ýerine girdi. Ol, açary
saçynda näçe çigişdirilen-de bolsa, ynam etmän, ýatanda, saçbagyny
ýassygynyň aşagyna pugta salyp ýatýardy. Eneküti sandygy hakynda,
hakykatdan hem, was-wasdy. Maşgalasynyň biri oýundan-çyndan —
Sandygyňy açaryn-zat — diýip aýdaýsa, dört aýak-da bir baş bolup
gykylyklap, dolanyp agzyna almaz ýaly edýärdi. Ol sebäpden onuň
sandygynda näme bardygyny maşgalasyndan hiç kim bir zat hem
bilmeýärdi.
Eneküti ýerine girse-de, bu gije hiç uka gidip bilmedi. «Wah... meniň
akylym hernä soň gelýä-dä... Men uzynam-a däl, akylym soň ger ýaly.
Wah, wah!!. Uzugy sogan ýaly soýsam bolmaýamydy...
«Sen gaçjak bolýansyň, aýdaryn» diýip oturan bolsam, eneden ýaňy
dogan ýaly edip goýberjek ekenim. Wah... öz zadyndan başga-da
Ogulnäzikdenem näme getir diýen bolsam getirjek eken... Ah... men
165
guraýyn-la, tüýs oljaň üstünden düşüp-de, alyp bilmäňsoň, indiki
ahmyryň näme?!» diýip, Eneküti uzyn gije ah urup, arman çekdi. Bir
gezek — o gapdalyna, bir gezek bu gapdalyna agdarylyp, uludan-uludan
demini alyp, haşlap, ahyry daňyň öň ýanynda uka gitdi. Emma ukusynda
hezil etdi. Ol, uklan badyna, ýene şol hüjrede. Uzuk bilen duşuşdy. Ol
Uzuga:
— Sen gaçjak bolýasyň, häzir gykylyklap masgara ederin — diýip,
ony gorkuzdy.
Uzuk onuň ellerinden tutup, gujaklap, boýunlaryny burup ýalbardy:
— Sadagyň gideýin, Eneküti eje, o dünýe-bu dünýe ýamanlyk
ýüzüni görmäsiň, meni masgara etme, näme diýseň tapyp bereýin! —
diýdi.
Eneküti, ahyry masgara etmezlige razy bolup, oňa köp ýüpek
serpaýlar buýurdy. Uzuk gidip, Ogulnäzikden goltugyny dolduryp, her
hili ýüpek serpaýlar getirip, hüjräň ortasyna dökdi.
— Ynha, Eneküti eje, hemmesi täze, heniz birine-de el degmändir —
diýip, ýeke-ýekeden görkezip, bermek üçin çaňňaly-çaprazly täzeje
maldaý çabydy uzadan-da, Eneküti elini ýetirmänkä, ýokardan uçup
barýan daň garga öýüň depesinde «gak!» etdi. Eneküti: «me-erk! —
diýip oýandy. — Häk, gagyldaman gal, gagyldaman galmyş! Gagyldajak
bolsaň,
başga
mahal
tapmadyňmy?!.
Haram
ölmüş,
gagyldap,
ýakasyndanam tutdurmady...» diýip, dik oturyp, ala garaňkynyň içinde ot
alyp barýan başyny gart-gart gazamaga başlady.
Jeren oýanyp:
— Eje, nämäň ýakasyndan tutdurmady? — diýip, ejesine bildirmän,
ýatan ýerinden güldi.
Ejesi birden gahar edip:
— Ajalyň ýakasyndan tutdurmady, ýat-da gömül-de, kim senden
habar soraýa? Näm bolsa, geçiň öň aýagy ýaly şyrkyldap öňde. Bu
artybam
wagtly-wagtynda
ýuwlanok,
166
daralanok.
Şuňa-da
wagt
tapylanok. Şol işanlaň işinde omadakketdan atyp geçýäsiň — diýip,
kellesine gargamaga oturdy.
Äri ýatan ýerinde:
— Kim seni işanlara iberýä?.. Otur öz ojagyň başynda, il ýaly. Bir ik
ýüp egrip, maňa bir dolak dokasaň, öýüň nepagaty boljak. Şol gijegündiz işanlarda, öz ojagyňdan bizar — diýip igenmäge başlady.
— Besdir indi, barmagyma çüýke ildirip, sümek süýmen ýa-da
galdyrym üstünde ýüň saýyp, darak darap, pişge etmen. Besdir, halha
gyzyňa hemmesini öwretdim, dokma dokamanam öwretdim. Olar özi
üçin dokaýa. Özüne gerek bolmasa, olam dokamasyn. Indi men bir ýerde
oturyp etmeli iş bolsa, etjegem däl, ýanyna-da barjak däl.
— Kakamyň aýdýan zadyny... Ejem bir ýerde oturmajak bolup,
saçyny hem daranok ahyrym — diýip, Jeren ejesine gyjalat berip
başlady.
Eneküti Jereniň sözüni kesdirip:
— Ýeri, sen bir sem bolup ýatsana. Öň gyjalatçym bir ataňdy; indi
senem ataň gapdalyndan ýeňsikçi bolup ýetişipsiň — Eneküti başyny
gars-gars gazap — Jeren, şu gün günortana başýuwluk tapyp goý. Şu
hazan alany bir ýuwup dynmasam bolmady — diýdi-de, äh edip
ýerinden galdy; duldaky syrygy alyp, serpigi tapyladyp açdy-da,
tüýnükden asmana garady:
— Baý, daň kemsiz atypdyr. Tur, gyz Jeren, beýdip ýatma-da, ot ýak
— diýip, özi ojagyň ortasynda duran suwçilimiň başyna Ketdegorganyň
ak temmäkisinden bir ýanowuç guýup otlady. Çilimi ýelpäp-ýelpäp,
ýagşy tutaşdyrdy. Soňra üfläp, içini arçap, kellesini sandyradyp, tä demi
tükenýänçä pökürdedip sordy. Agzyndan çykan goýry ýaşyl tüsse, misli
zawodlaryň turbasyndan çykan ýaly bolup, asmana göterilişine göni
tüýnüge baryp ýetdi. Eneküti çilimiň naýyndan agzyny aýrandan,
gözlerini mäzerdip, zordan çilimi ýerde goýup, bir elini ýere diredi,
soňra ýanyny ýere berdi.
167
— Waý, kaka, ejemi çilim tutaýdy! — diýip, Jeren ýerinden turdy.
Kakasy:
— Tutaýman näme, bir elini sopy bolup, pire berse, bir elinem çilime
berse, çilim onuň bilen ara-çara daraşmaz. Çilim örän güýçlüdir, asyl
derrew bir ýaňalak edäýer — diýip güldi.
— Eje, sen şu haýran galany çekmäňi goý. Indi-hä näme pire gol
beren bolup, sopy bolan bolup ýörsüň il ýüzüne — diýip, Jeren jibrindi.
Eneküti ol wagt özüni raslap:
— Goýsana, gyz, gykylygyň näme? Men pirime gol beremde,
«Çilimimi goýdum» diýdim ahyryn. Sen bolsa, gykylyklap, ile
eşitdirjekmi? — diýip, assalykdan pyşyrdady.
Adamsy:
— Sen hem hudaýy aldajak bolýasyň, hem — piriňi, hemem — ili.
Baý, Küti baý, sen zor-ow — diýip güldi.
— Ýeri, sen bir goýsana, mydam gapdalymda agsak duşman. Şol
başdan tutaklaşyp, basybilmeýän ýagyň mendirin. Indi çilim çekdigimem
däl, ynha, ertir bilen çekip gidýän, günortanam ylgap gelipjik, bir çekip
gidýän; ondan soň tä agşam öýe gelýänçäm, çekmän oňýan ahyryn. Ol
çekdigim däl-le — diýip, Eneküti turjak boldy.
Adamysy:
— Hawa-la, bir — gaharda, bir—naharda, birem säherde çekeniň
zyýany ýokdur. Onuň üçin piriň bilse-de, hiç zat diýesi ýok — diýip
güldi. Jeren hem güldi, ataly gyz — ikisi hezil edinip gülüşdi.
— Hawa-la, indi ataly gyz — ikiňiz agzyňyzy birikdiripsiňiz. Indi
sizi gepde ýeňip bolasy ýok. Günuzyn aýak üstünde, birini atar, birini
düşür, halys itimem çykýa. Eý-weý-eý-ý... — diýen bolup, Eneküti
ýerinden turdy.
Adamsy:
— Aý... — «Sopudyryn» diýdiň, «sogandyryn» diýdiň, öýe-hä
nepagadyň ýok-da. Ondan soňra haçan gitseň, şonda git. Bibi ejeň
168
garaşyp ýatandyr — haçan gelip täret suwuny ýylydyp beräýerkä —
diýip. Barşyňa piriňe zyýarat et, saglyk-salamatlyk soraş. Edepli
bolmalysyň öňünde — diýip, adamsy Enekütini kinaýaly sözler bilen
ugratdy.
Enekütiniň öýüne çigit ýaly nepagatsyz, günuzyn şol işanlarda
wagtyny geçirmegi ärine ýaramaýardy. Äri bu hakda onuň bilen ilkiilkiler köp dalaşypdy, emma hiç bir alaç bolmansoň, soňky wagtlarda
kinaýaly sözlerinden başga hiç zat aýtmaýardy. Aýalynyň sandygy
hakynda was-wasdygyny bilse-de, sopy bolan bolup ýörensoň, beýle
gyrp-çyrp edip, oňa zat getirip salýandyr öýdüp, ýatsa-tursa oýuna
gelmeýärdi.
Eneküti öýünden çykyp ugranda, daňyň ümüş-tamşydy. Onuň bu gün
baryp, bibi ejesiniň serpigini açyp, oduny ýakyp, täret suwuny ýylydyp
bermek maksadynda ýokdy. Ol bu gün göni baryp, Çerkez işanyň
tamynyň gapysyny itdi. Çerkez işan Uzugy almagyň kül-külüne düşeli
bäri, onuň bütinleý ukusy gaçypdy. Eneküti gapyny itende, ol tamda
çyrany ýakyp, çiň arkan düşüp ýatyrdy. Enekütiniň girmegi bilen,
Uzukdan ýagşy habar getirendir öýdüp, batly turup barşyna Enekütiniň
salamynam alman:
— Gel, geç, otur. Eneküti — diýip, ony gaty gadyrly garşylady.
Çerkez işan entek dillenmänkä, Eneküti:
— Wah... Çerkez jan, bu gün daňdan şum garga meni şum habar
bilen oýardy. Ol Uzuk öňürti-hä «men ölerin welin, Seýidahmet işana
gelin bolman!» diýip, köp dikýeňselik etdi. Ahyry, öten agşam gidensoň,
Uzuk saňa gelmäge razy boldy, soňra — seretsene onuň iki dillidigini —
diýdi. — Öten agşam başga biri bilen gaçyp ötägitse nädersiň!.. Seniň
atyňam münüp gidipdirler — diýip, sözüni soňlamanka, Çerkez işan:
— Näme?! Gaçyp gidipdirler?!. — diýip, Enekütiniň sözüni
gaýtalady.
— Hawa, gaçyp gidipdirler. Iki dilli eken...
169
Çerkez işan şapbady bilen maňlaýyna berk urup:
— Gaçyp gidipdirler!.. — diýip, maňlaýyny tutup, ýerinden galdy.
Elini maňlaýyndan aýyrman, başyny aşak salyp durdy. Bu wagt Uzugyň
suraty ençeme gezek gözellenip, onuň gözüniň öňünde durdy. Öňki
günki hüjrede sözleşip durany onuň ömrüniň iň gözel bir parçasy bolup
göründi, — Ol meni söýmedi, emma men ony söýdüm — diýip, Çerkez
işan Eneküti bilen derdini paýlaşmaga durdy. — Ýagşy, söýmeksöýmezlik meniň öz ygtyýarymdamy?.. Mende söýgi oňa özümden
biygtyýar döredi. Häzirki meniň ýüregimden penjeläp owradyp barýan
söýgi meniň öz elimde bolsady, onda men ony häziriň özünde başymdan
aşyryp, ýeriň ýüzüne urup, çym-pytrak ederdim-dä, onuň süteminden
çykardym. Emma ol beýle däl, söýgi meniň ygtyýarymda däl, men
söýginiň ygtyýarynda!.. Eger-de häzir Uzugyň atlanyp barýanyny gören
bolsam, men oňa — düş atdan — diýip bilmezdim, belki, aýak ýalyň-baş
açyk, köýnekçe, tä barjak ýerine barýança, yzyndan ylgap giderdim.
— Ýok!.. Eneküti, sen oňa iki dilli diýme... Ol öwgüden artyk,
söýgüden zyýat, taryp ýetmez bir perizatdy, emma ol meniň elimden
gitdi. Tarlaň guşum elimden uçdy. Ýöne welin ol mert eken, mertleriň
merdi eken, ýigidiň görki eken. Onuň bilen takdyryny goşan ýigit
dünýäde iň bagtly ýigitdir.
Indi men bütin ömrümi yşk oduna örtäp geçireýinmi?.. Mende Uzuga
dörän yşk ne Tahyrda döräpdir, ne-de — Mejnunda. Mende Uzuga dörän
yşk hiç wagtda sönmez, men oňa hak aşyk bolandyryn — diýende,
Eneküti:
— Wah, Çerkez jan, oňa aşyk bolmaýan barmy näme? Garry halyna
dädeňem aşyk bolupdyr ahyry — diýdi.
Çerkez işan «Dädeňem aşyk bolupdyr» diýlen sözi eşidip, derrew
elini maňlaýyndan aýyrdy. Onuň öňki ýangynly çykýan owazy bütinleý
üýtgäp, boşaň, çalasyn takyklaýjy owaz bolup çykdy. Soňra takyklaýjy
owazy boşaň äheňde peselip:
170
— Ol neneňsi aşyk bolupdyr?!. — diýip sorady.
— Ynha, indi bir hepde bolandyr, Uzuk bir hili erbet bolup çaşypdyr.
Ana, şonda dädeň Ogulnäzigi «Kuran» getir diýip, hüjrä iberýä-de, özi
Uzugyň bir ýerinden tutjak bolýamy-öpjek bolýamy, onam Ogulnäzik
göräýse nätjek.
— Aý, ol Ogulnäzigiň töhmeti bolaýmasyn?
— Ýok, ýok... Töhmet näme işlesin, şonda Uzuk dädeň ýüzünden
penjäni urup, bäş penjäni tagma edip goýdy ahyryn. Şonda seň dädeň
utanjyndan daşda-içde görnüp bilmän — keseldirin — diýip, hüjresinde
pylança gün ýatdy ahyryn. Ynha, iki günden bäri daş çykýa. Henizem,
ýüzüne siňe seretseň, penjäň sudury bildirýändir. Ynha, özüm sopy
bolup otyryn, şuny saňa aýdýanymam pirimiň şeýle iş etmegi ýüregime
sygman, kime aýtjagymy bilmän, ahyry saňa aýtdym.
Mundan soňra Çerkez işan ýüzüni aşak salyp, birsalym geplemän,
agyr oý-pikire batyp oturdy. Ol soňra bu mahalky başyna düşen agyr oýpikirleriň aşagyndan başyny galdyryp:
— Eneküti, mende ne gözel söýgi bardy — diýdi. — Bütin ömrüm
ýat edip, şol gözeliň ruhy bilen gezerdim... Säher bilen geldiň-de, öňürti
ýüregimdäki söýgä näçe güýç-kuwwat berdiň. Ol söýgi meniň
ýüregimde ösüp, meni akylymdan-huşumdan aýyrdy. Yzyndan hem
«Dädeň öpjek bolupdyr, gapjak bolupdyr» diýip, şeýle ýangynly
söýginiň üstünden buz ýaly suw guýduň-da, patladyp söndürip
oturyberdiň. Häzir meniň ýüregimde söýgi galmady, bilmedim nirä gitdi,
söndi, söndürdiň!.. — diýip gepläp oturan wagtynda, onuň ýüreginde öz
atasyna güýçli ýigrenç döredi. Şeýle-de bolsa, ol atasyna dörän ýigrenjini
Enekütiniň öňünde paş etmedi. Gaýtam, ony hem atasynyň aýybyny
ýaşyrmak maksady bilen Enekütä:
— Meniň dädem hiç bir wagtda beýle iş etmez — diýdi. — Seniň bu
aýdýanlaryň töhmet... Uly iliň içinde abraýly işanyň abraýyny dökjek
bolýasyň. Sen bir töhmetçi, gybatkeş, wenezzyna! Seni dädem tanamasa171
da, men ýagşy tanaýan. Senden sopy bolmaz, sen bir haramysyň. Şu
sözüňi başga bir ýerde agzyňa alanyňy eşidäýsem, dolanyp şu hatarda
seniň garaň görünmez, şuňa ýagşy düşün! Tur, özüňem şu ýerde garaň
görünmesin!.. — diýip, ony kowup goýberdi.
Eneküti Çerkez işanyň ýanyndan çykyp, alagaraňkynyň içinde göni
piriniň ýanyna ugrady. Bu gün piriniň irden täret suwuny ýylydyp
bermänsoň, piri hemişeki metjide barýan wagtyndan biraz gijä galypdyr.
Ol hüjresinde metjide ugrajak bolup, galoşyny geýip durka, Eneküti
gelip, onuň aýagyna ýykyldy:
— Pirim, sadagaňyz gideýin!.. Günämi geçiriň! Men Siziň öňüňizde
günäkär gyrnakdyryn... Günämi geçiriň, men bu gün Siziň täret
suwuňyzy gijä goýdum — diýip, piriniň iki aýagynyň üstünde ýüzüni
goýup, mesileriniň gonjundan sypalaşdyrmaga başlady:
Piri:
— Turuň, günäňizi geçdim — diýse-de, Eneküti turmady:
— Pirim, täret suwuňyzyň gijä galanynyň sebäbini soraň — diýip, ol
Seýidahmet işanyň mesisiniň daşyndan gujaklap, sypalaşdyryp aglady.
— He, aýdyň.
— Sadagaňyz gideýin, jan pirim, meniň ýüregime şypalyk ber,
ýüregime dynçlyk ber. Gijede-gündizde meniň ýüregimde takat-karar
galmady. Bir hepdeden geçdi, men Siziň öňüňizde günäkärdirin. Bir
gizlin syry Size aýtman saklap gelýän. Men şol syry Siziň öňüňizde
açmasam, Siziň öňüňizde-de, hudaýyň öňünde-de ömürha-ömür ýüzi
garadyryn. Şol syry açmaga rugsat ediň.
— Rusgatdyr, açyň.
— Ah, pirimiz, dilimiz öwrülmeýä.
— Öwrülsin diliňiz, aýdyň.
— Aýtsam, pirim. Sizis ogluňyz azypdyr. Indi bir hepde boldy, ol
sakgal-murtuny syryp, uly ile masgara boldy. Şondan bäri metjide
namaza-da gatnanok. Uly il bolup, gürrüňini edýärler: «Çerkez işan
172
sakgal-murtuny syryp, metjide barmasynam goýupdyr; dädesi näme çäre
görmeýäkä azgyn ogluna» diýip. Şondan bäri menem daş çykmaga bizar
bolupdyryn. Öňümden çykan «Piriň ogluna hiç zat aýdanokmy?» diýip,
menden soraýa.
Seýidahmet işan bu gürrüňi eşidensoň, hasasyna daýanyp duran
ýerinde bütin durky, durmuşy bilen elenip, aýak üstünde durup bilmedi.
Eneküti piriniň endiräp durşuny görüp:
— Waý... kyýamat!.. — diýip ýerinden turup, pirine ýapyşdy.
Eneküti bilen piri bir-birlerini tutaklaşyp, entirekleşip, gezekmegezegine: «Kyýamat-da, kyýamat» bolşup, hüjräniň içinde aýlanyşdylar.
Bu wagt kyýamat bularyň biriniň başyna inip gelýärmi ýa-da ikisiniň-de
başyna deň inip gelýärmi, ýüzlerine seredip bilmek gaty kyndy. Piriniň
ýüzünden ruhy göçüp, edil ýuwusgadan gorkan ýaly boldy. Ýüz-gözünde
gan-kok galman, misli üç ýuwlan ak esgä döndi. Onuň bilen deň
sarmalaklaşyp, basga galyp ýören Enekütiniň bolsa gara lopbuş,
ýaraşyksyz ýüzünde şeýle bir üýtgeşiklik bildirmeýän ýaly bolsa-da,
onuň boýny towlanan öküzçäniňki ýaly, ullakan jögi gezlerine we edýän
nadaraçylyklaryna seredeňde, kyýamat öňi bilen onuň başyndan inäýjek
ýaly bolup görünýärdi.
Seýidahmet işan ahyry entirekläp baryp, keçäniň üstünde oturyşyna,
gap bilinden tutan hasasyny söýget edinip, maňlaýyny iki goşarynyň
üstünde goýdy. Şol oturyşyna onuň jany barmy, dem alýarmy ýa-da
doňup galaýdymy, bilmek hem aňsat däldi. Eneküti bolsa onuň ýeňinden
iki eli bilen berk gysymlap, iki dyzynyň üstünde endiräp otyrdy.
Enekütiniň bu wagt etlek kir basan gara ýüzündäki eňşişini göleren
göläniňki ýaly, jögi gözlerini hem özüni aýratyn howatyr astynda
görkezmek
üçin,
endiräp-sandyrap
edýän
keçebazlyklaryny
şol
oturyşyna doňduragada — ynha — diýip, görkezäýmeseň, dilde aýdyp,
hatda ýazyp suratlandyrmak hiç mümkin däldi.
Bu ýagdaý Seýidahmet işanyň iki goşarynyň üstünden başyny
173
usullykdan galdyrmagy bilen özgermäge başlady.
Enekütiniň eýmenç hem aýylganç mysalasyna Seýidahmet işanyň
gözi düşende, onuň inleri dygyrdap, depesinden dabanyna çenli üýşüp
gitdi. Şol sebäpden ol Enekütä:
— Siz biraz rahatlanyň — diýdi.
Eneküti özüniň naýynjar basyk owazy bilen:
— Ah... pirim, siziň beýle günüňizde maňa parahatlyk nireden gelip
ýetişsin? Meniň ýüregim agzymdan çykyp gelýä. Meniň ýüregime teselli
ediň, giňlik beriň — diýip, ýene eýmenç suratda pirine azazyl ýaly
ýapyşdy.
Piri gorkusyna:
— Ýa, alla, giňlik ber! Ýa, alla, meniň azyz sopymyň ýüregine
aramlyk ber! — diýdi. — Eý meniň azyz sopym, rahatlanyň, Siz biziň iň
ýakyn azyz gören sopymyzsyňyz. Siziň ýüregiňizde piriňizden aýralyk
ýokdur, rahatlanyň — diýip, iki elini ýokary göterip nalyş edenden soň,
Eneküti öz şekiline geldi. Soňra piri Enekütä: — Baryň, metjide habar
beriň — diýdi. — Haýal etmän namazlaryny okasynlar, maňa
garaşmasynlar. Mende dik durara mejal galmady, daş çykara — ýüz.
«Pirimiziň metjide gelmäge haly, ragwaty ýok» diýersiňiz, Bekmyrat
baý biziň myhmanymyzdyr, namazdan soňra biziň ýanymyza gelsinler
— diýip, Seýidahmet işan ýene biraz pikirlendi-de, obanyň ýedi-sekiz
sany baý adamynyň adyny tutup — olara-da aýdarsyňyz, olar hem
gelsinler; Çerkeze-de aýdarsyňyz, ol hem gelsin — diýdi.
Eneküti piriniň buýrugyny eşidip:
— Lepbeý! — diýip, aýagy ýer galtaman çykyp gitdi.
Ol çakylyga çykyp gidenden soň, ýarym sagat geçip-geçmänkä,
çagyrylan adamlar Seýidahmet işanyň hüjresine ýygnanyşdylar.
Pir gelen adamlara garap söze başlady:
— Adamlar, siz baryňyz häzir meniň çakylygyma ýygnanyşyp
gelipsiňiz. Hemmäňiz ýagşa-ýamana düşünýän adamlar. Meniň sizi
174
çagyrmagymyň sebäbi siziň baryňyz-da at-abraýa çapýan adamlar. Il
içinde, öz obaňyzda, öz maşgalaňyzyň arasynda adyňyz-abraýyňyz bar.
Bu dünýäde her bir ynsan öz at-abraýyny saklamak ugrunda çalyşýa. Her
kimiň öz deňiniň-duşunyň arasynda ýüzi salyk bolmasyn, dili gysga
bolmasyn. Bu dünýäde her bir ynsan öz döwründe perzent isleýär,
perzent ata-enäniň ýaraşygydyr. Perzent owal dünýeýi äleme inende,
ene-ata begenýä, şatlanýa, ony kemala getirýä, onuň menikli bolmagyny
dileýä. Oňa ylym-yrpan berip, onuň ylym-yrpan alşyna höweslenýä. Iň
soňunda höwesiň ýerine ýetse, höwesiň ödelse, ana, bagt, at-abraý hem
şol ýerdedir. Ana, şol döwlet guşuň başa gondugydyr.
Ynha, adamlar, meniň size aýtjak sözüm. Hudaýdan ýaşyrmadygymy
bendesinden ýaşyrjak däl. Men häzir hudaýyň hem öňünde şermende,
bendesiniň hem öňünde şermende. Men oglumy okatdym, ylym berdim,
medresäni gutartdym. Bu şeýle zehinli boldy. Iň soňunda-da muny zehin
urdy, öz zehininden tapdy. Ylym urup, ýol urdurdy. Halha, ýüzüne dogry
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 11
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.