Latin

Ykbal I - 11

Total number of words is 3814
Total number of unique words is 1906
33.9 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
seredip bilmeýän — diýip, hamsygyp, başyny aşak saldy. Birsalym
geplemän oturdy. Oturan adamlar hem başlaryny aşak salyşdylar. — Aý,
bu-da bir şeýtanyň ýoluna giden guludyr-da — diýip, Seýidahmet işan
sözüni dowam etdi. — Ynha, otyrsyňyz, adamlar, her haýsyňyz agygarany, ýagşyny-ýamany seljerýän adamlar. Men sizden öz aýybymy
ýaşyrjak däl. Oglum meni uly ile wejera etdi. Meniň il içinde abraýymy
dökdi. «Seýidahmet işanyň ogly sakgalyny syrypdyr, azypdyr» diýen
ady alanymdan şu gün kazam dolup ölenim ýagşydyr. Halha, otyr, men
onuň bilen sözleşjek hem däl, ýüzünem görjek däl — diýip, uludan
demini alyp, ýüzüni beýläk sowdy. Aňry sözlemedi.
Oturan adamlardan hem ses-seza çykman, hüjräniň içi birnäçe wagt
gum-gukluk boldy.
Soňra Seýidahmet işanlaryň obasynyň iň baý adamlarynyň biri
gozganjyrap, ardyndy-da, oturanlara ýüzlenip:
— Hawa, adamlar işan aga baryňyza ýüzlenýä, kömek isleýä —
175
diýdi. — Ynha, Çerkez işan hem otyr. Olam gepe-gürrüňe düşünmeýän
adam däl, maslahat berseňiz alar, atasynyň beýle agyr güne düşmegine
özi hem razy däldir. «Azaşan yzyn tapsa, aýyby ýok» diýýä. Ol hem
entek azaşyp serhetden aşmandyr.
Oturan adamlardan birinäçesi Çerkez işana maslahat bermekçi boldy,
birnäçesi käýýäp, sokuranjak boldy.
Çerkez işan öňürti aýdylan sözlere jogap gaýtarman, diňläp oturdy.
Soňra başyny galdyrman:
— Maňa dädeme iki agyz söz aýtmaga rugsat ediň — diýdi.
Oturanlar köşeşip, Çerkez işana gulak saldy. — Dädem meni
okadypdyr. Dogry, men okadym. Medresäni hem gutardym. Dädemiň
indiki menden isleýän zady: men başyma selle orap, hüjreden çykman
oturmalymyşym. Gelene doga ýazyp bermelimişim ýa-da Buhara gidip,
ýene pylança ýyl okap, hatm edip gelip, öz medresesinde müderris
bolmalymyşym. Ynha, dädemiň menden isleýäni.
Men bolsam ony islemeýän. «Biri gaýkyny halar, biri — küýkini»
diýýä. Dädem küýkini halaýan bolsa, men küýkerilip oturmany
halamaýan. Men gaýkarylyp gezmäni halaýan. Dogry, dädem meniň
şähere gitmegimi-de halamaýa; men bolsam, şäherçi adam; şähere
gitmän oňup bilmeýän. Meniň sakgal-murty aýranyma dädemiň ýaman
gahary gelipdir. Dogry, sakgal-murtuň maňa şeýle agramy ýokdy, ýöne
«Gerdişi şeýle gelipdir, iç gatykny nansyz» diýýä, gerdişi şeýle geldi,
bizem «gatykny nansyz» içip goýberdik. Ol neneňsi gerdiş, ony sizem
soramaň, menem aýtmaýyn. Ol bir aýdybermeli gerdiş hem däl.
Ýene-de dädem: «Sakgalyň her gylynyň düýbünde bir perişde ýatyr,
ony syrmak günädir» diýýä. Emma men düýbünde ýatan perişdelere azar
bermän, ýüzünden syrdym. Şu «düýbünde perişde bar» diýip,
sakgallaryny syrman ýören adamlaryň birnäçesi sakgallaryna timar
berýärler. Timar berenlerinde bolsa, sakgallarynyň kese öňündäki gyllary
müçenek bilen töňňesi-söňňesi bilen goparyp zyňýalar. Şol töňňelere
176
ýapyşyp gygyryşyp, çykan perişdeleri bolsa aýak astyna zyňýalar. Olar
aýak astynda basylyp ýok bolup gidýäler. Ýagşy, bu günä dälmike?
Näme üçin dädem olara «günä» diýip düşündirmeýä?
Çerkez işan bu sözleri aýdanda, az-kem sypaýyçylykly hem
aýtmady, çünki Enekütüden eşiden ertirki sözüne onuň şeýle bir gahary
gelip, atasyna-da, oturan adamlara-da asyl-ha sypaýyçylykly sözüni
aýdasy hem gelmedi, sebäbi edilýän iş bilen bu ýerde aýdylýan sözüň
büs-bütin bir-birine meňzeş däldigi Çerkez işan üçin açykdy.
Seýidahmet işan ýüzüni bir gapdala sowup:
— Seni zehin urupdyr, seni ylym urupdyr, sen ýol urdurypsyň —
diýdi. — Sen şähere gidýäsiň, sakgalyňy syrypsyň, sen azypsyň, sen
azgyn!
Çerkez işan atasyna kakdyryp:
— Kimiň azanyny bilmek kyndyr — diýip, ýüzüni aşak salanda,
onuň göz öňüne ýene Uzugyň suraty geldi.
— Boldy, indi maňa düşnükli. Onda indi toba edip, päliňden gaýtjak
däl-dä?..
— Men nämä toba edeýin, meniň näme etmişim bar? Men adam
öldürdimmi, ýol urdummy ýa biriniň malyny ogurladymmy, mende toba
eder ýaly etmiş ýok.
«Hüjreden çykman otur, doga ber» diýjek bolsaň, ony maňa aýtma.
Indi menden hüjrede oturanam ýok, doga berenem. Besdir, kesellä syýa
içirip, derdiniň üstüne dert goýýan molla menden başga-da az däl.
Seýidahmet işan ýene-de oglunyň ýüzüne seretmän, oturan adamlara
ýüzlendi:
— Adamlar, eşitdiňizmi bu ýoldan çykanyň sözüni? Indi men munuň
bilen sözleşjek däl, ýüzünem görjek däl. Ynha, siziň maslahatyňyzy alyp,
pälinden gaýdyp, toba etse-hä etsin; ýok, onam etmese, meniň gözüm
görmesin; gitsin nirä gitse — diýip, ol ýüzüni aşak saldy.
Adamlar: — Sen ataňy agyrtma, onuň diýenini et,.. — diýip, köp
177
maslahat berdiler.
Çerkez işan ýaşulularyň beren maslahatyna şeýle jogap berdi:
— Atam meniň şu bolşumy görüp bilmeýän bolsa, meniň şu bolşum
oňa ýaramaýan bolsa, men çykyp gitmeli bolaryn. Emma indi men
hüjreden çykman oturyp, doga ýazyp berip biljek däl. Ýöne şu sözi
aýtjak, mende gaýdar-gaýtmaz ýaly üýtgeşik bir päl ýok. Ýöne hüjreden
çykman oturanlar hem öz pälinden gaýtsynlar... — diýip, atasyna
kakdyrdy.
Atasy oglunyň sözüne açyk düşündi, emma hiç hili gaýtargy
bermedi. — Atamyz biziň bu bolşumyzy görüp bilmeýän bolsa, «Iki
goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýýä, biz gideris, şäherden bir jaý
tutup ýaşabiýris — diýip, Çerkez işan ýerinden turdy. Ol heniz daş
çykmanka, Eneküti içerde bolýan gürrüňleri daşarda derejeden diňläp
duran ýerinden bibi ejesiniň ýanyna ylgady. Ol bibi ejesiniň ýanyna
ullakan howsala we alada astynda tasanjyrap bardy. Enekütiniň
ýaraşyksyz ullakan gara ýüzünde üýtgeşik gorky hem erbet alamat
duýuldy. Onuň başyna kyýamat inip, tupan basyp barýan ýaly bolup,
heniz aýtjak sözlerine başlamanka, bibi ejesiniň zähresini ýardy.
Çerkeziň ejesi uly bibi howlukmaç ýuwaş ses bilen:
— Waý, tobeý! Näme boldy?! — diýip, Enekütiniň elinden tutdy.
Eneküti aýratyn keçebazlyk bilen söze başlady:
— Bibi eje, öten agşam ýassy namazymy okap durkam, ýüregime
erbet howp düşdi. Bir alamat syzan ýaly boldum. Namazymy: «Hernä
eýgilige bolawersin-dä, hudaýym!» diýen alkyş bilen gutardym.
Bibim, men neneň edip beýle şum habary Size aýdaýyn. Meniň
elmydama her kime şatlyk habaryny ýetirmek kalbymda. Meniň näme
üçin niýetim özüme miýesser gelmeýä?
— Niýetiňiz miýesser geler; waý, aýdyň basymrak...
— Bibim, pirim ogluny azypsyň diýip kowdy, Çerkez janyň güler
ýüzi soldy... Meniň ýüregime ot goýdy. Çerkez jan: «Şähere göçüp
178
gitjek» diýdi.
— Waý... men gara maňlaý ekenim... Ol neneňsi azgynçylyk? —
diýip, bibi eje aglamaga başlady.
Eneküti:
— Wah, sakgal-murtunam syrypdyr, indi nä alaç ederis? — diýip,
çyg çykmaýan gözüni tüýküligi bilen ölläp, bibi ejesi bilen deň
«aglaşdy». Soňra çykyp, Ogulnäzigiň ýanyna gitdi.
Ogulnäzik öten agşam Uzugy aman-esen ugradanyna biçak şat
bolup, bu gün onuň ruhy belentdi. Ol Enekütini güler ýüz bilen
garşylady:
— Geliň, ýokary geçiň — diýip, ullakan hormat etdi. Ogulnäzigiň
güler ýüzi bilen: «Geliň, ýokary geçiň» diýen merhemetine Eneküti dik
duran ýerinden:
— Geçeris — diýmekden başga jogap gaýtarmady.
Ogulnäzik ýene-de:
— Geçiň, oturyň, ynha demlije çaý, içersiňiz — diýdi.
Eneküti ýasama agras ses bilen:
— Men saňa meňzeş heleýiň indiden beýläk duluna-da geçmen,
çaýynam içmen, duzunam datman; seniň ýüzüňi görmek hem päl däldir...
— diýende, Ogulnäzigiň on iki süňňi üýme-üý gowşaşyp, pagyş-para
bolup gitdi. Ol oturan ýeri opurylyp, dik aşak ötägidendir öýtdi. Başy
aýlanyp, eýsem nirede oturandygyny hem unutdy. Dili basylyp, näme
aýtjagyny hem ýadyndan çykardy. Agzyna ýagşydan-ýamandan bir söz
hem gelmän, ýüzi garört bolup, başyny aşak saldy.
— Näme ýüzüňi aşak salan bolýasyň, müýnüňi ýeke özüň bilýändirin
öýdýämiň?.. Bibi ejem öýünde aglap otyr, pirim hüjresinde aglap otyr,
Çerkez jan öýünde aglap otyr. Şolaryň arasynda sen bir özüň şat bolup
gülüp otyrsyň, hany göreýin, şatlygyň näçe wagta ýeterkä?.. Şolaryň
başyna kyýamat salan seniň şu böwrek bökmäň dälmi?.. Hany göreýin,
böwregiň näçe wagt bökerkä?.. Böken böwrekleriň bökmez bolup
179
mynjyraýmazmyka?,. Näme iş etdiň öten agşam? Halat-serpaý bilen
myhmanlaryňy ugratdyňmy?.. — diýip, Eneküti iki elini bykynyna urup
dazarylyp duranda, Ogulnäzik ýöne bütin durky-durmuşy bilen ot-ýalyn
bolup, lowlap tutaşýandyryn öýtdi. Ol hiç bir zady saýgarman, ýöne:
— Waý! — diýip, çep elini ýüzüne tutdy.
Eneküti iki elini bykynyndan aýyrman, döşlerini ters towlap, ýekeýeke ýanyn basyp, gaýşarylyp barşyna:
— Aýyr eliňi ýüzüňden! — diýip, onuň elini zyňyp goýberdi.
Ogulnäzik:
— Waý, sadagaň gideýin, sopy eje, öldüriň meni, oda atyň, öz
ygtyýaryňyzda men; ile wejera etmäň meni! Näme diýseňiz edeýin;
gyrnagyňyz men, meni ile masgara etmäň!.. — diýip, Enekütiniň
aýaklaryndan öpüp ýalbardy.
Eneküti Ogulnäzigi eline alandygyna ýagşy gözi ýetensoň, aşak
oturdy. Ogulnäzik ýene ýalbarmaga başlady. Eneküti soňra misli
Ogulnäzige nebsi agyran kişi bolan bolup, kem-kemden köşeşen boldy.
Ogulnäzik Enekütiniň demden düşenine begenjine ony nirede
oturdyp, näme hödür edip, näme iýdirip-näme içirjegini bilmedi. Onuň
bir diýenini iki etdi.
Eneküti Uzugyň gaçmagyndan Ogulnäzigiň habarlydygyny, ol
gaçanda, Ogulnäzigiň kömek berendigini gizlin saklady. Şol syryň üsti
bilen bolsa Ogulnäzigiň bütin ygtyýaryny öz eline aldy. Enekütiniň esasy
maksady Ogulnäzigiň ygtyýaryny öz eline alyp, bir gün «Ony ber», bir
gün «Muny ber» diýip, onuň sandygyny boşatmakdy.
*
*
*
Eneküti işanlaryň başyna ahyrzaman inderen güni Ogulnäzigiň
ygtyýaryny öz eline alansoň, ol ýerden çykyp, ýene piriniň ýanyna
barypdy. Ol wagt Seýidahmet işanyň hüjresinde Bekmyrat baý hem
180
şykyrdawuk markizetden tikilen geýimli ak guş ýaly bolup otyrdy. Ol
işan agasynyň ýanyna jalbar-kürtesini geýmän gelipdi. Bu mahal
Seýidahmet işanyň ýanynda oturan ýeke Bekmyrat baý hem däldi.
Ondan başga-da obanyň baý adamlaryndan üç-dört sanysy bardy.
Bekmyrat baý goltugyndaky ýasy gapjygyndan birnäçe kagyz
manady çykaryp:
— Alyň, işan aga — diýip, Seýidahmet işanyň öňüne oklady.
Işan biraz äwmezlik bilen puly aldy-da, doga okap, ämin etdi.
Bekmyrat baý:
— Hawa, işan aga, biz-ä gelni alyp gitmäge gelendiris — diýdi. —
Men-ä şu ýerden atlanyp, şähere gitjek. Amanmyrat ýeňňesi bilen
paýtunly gelendir, şonuň ýanyna mündürip ugradarlar-da.
— Hawa, ugradarlar, biziň maksadymyz amanat maşgalany abraý
bilen gowşurmakdyr — diýip, işan tesbisini sanamaga başlady.
Oturanlar:
— Aý, hawa-la, bolköýnek baýar höküm eden bolsa, indi gepi
bolmaz.
— Meret arçynyňam sus bolaýar, beýlekiňem — diýişdiler.
Işan:
— Hawa, hawa, biz-ä kişi maşgalasynyň abraý bilen ýygnalan ýeri
bolýa — diýende, Eneküti gapydan kürsäp urdy. Ol iç işikde as ýaly
bolup, bir daýandy-da, iki eli bilen saçyny penjeläp, ylgap işanyň öňünde
çöke düşdi:
— Dat-bidat!.. Pirim, şermende bolduk!.. Uly ile masgara bolduk!..
— diýip, saçlaryny ütmäge başlady.
Işanyň ýüregi ýarylan ýaly sandyraklap:
— Aýdyň, nä alamatdyr?!. Ýene nä hekaýatdyr?!. Aýdyň? — diýip,
Enekütä ýapyşdy.
— Dat-perýat!.. Öten agşam ol amanat gelin biri bilen gaçyp
gidipdir. Çerkez janyň aty bilen myhmanyň atyny hem münüp
181
gidipdirler — diýip, Eneküti saçyny ütüşdirmäge başlady.
Işan iki elini asmana göterip:
— Alla!.. Alla!,. Bu nä alamatdyr, alla?!. — diýip, nalyş etmäge
başlady.
Bekmyrat baý agzyna ýetirip barýan käsesini ýerde goýdy. Şu
halatda onuň gözlerine gan guýlup, ýüzleri hyrsyzlanyp, misli baş
kesmäge gylyjyny syryp topulan jellat ruhuna geldi. Şol wagt işanyň
naýynjar nalyşy hem onuň gulagyna ýaramady. Onuň şeýle ejiz güne
düşüp, nirelerden kömek sorap durmagy hem Bekmyrat baýyň ruhuna
gatlyşmady.
— Goýuň, işan aga. «Ölen gaýdyp gelmez aglamak bilen» diýýä —
diýip, Bekmyrat baý işany köşeşdirdi. Soňra ol — Işan aga, obadan bir
habar tutduryp bilmezmikäňiz, hiý, bir gördüm-bildim bolmazmyka? —
diýdi.
Seýidahmet işan derrew Enekütini ýollady. Ol başyny ýaýkap:
— Bu bir alamatdyr, ahyrzamanyň alamatydyr; «Ahyrzaman
ýakynlaşanda, heleý ata çykar» diýenleri gelendir — diýdi.
Bekmyrat baý:
— Işan aga, men munuň nämäniň alamatydygyny bilýän. Bu alamat
bir adamyň gany bilen sowlar gigelendir — diýdi.
Ýanynda oturanlar:
— Asyl, Bekmyrat baý, şolaryň ikisem — tüýs ajalyna howluganlar.
— Bolmasa, beýle iş edesleri ýok.
Şolaryň indi ikisinem gören ýeriňde ýere sokup goýberiberenden
gowusy ýokdur.
— Ýogsamam indi ol size gelin bolup hezil beresi ýok — diýişdiler.
Bekmyrat gahar-gazap bilen:
— Men olary etjegimi özüm gaty ýagşy bilýändirin — diýdi. — Olar
indi meniň elimden gutulmazlar. Asmana uçsalar, aýagyndan çekerin,
ýere girseler — gulagyndan. Şu ýagty ýalançyda menden gaçyp
182
gutulmazlar. Biriniň janyny jähennemä ibärin, beýlekisini bolsa ölmezgülmez belasyna sataşdyryn. Ynha meniň etjegim — diýdi.
Oturanlar ýerli-ýerden:
— Wah, etmelisi şoldur — diýişdiler.
Olardan biri:
— Aý, olaň ikisinem ýere sokaýandan gowusy ýokdur. Ol aýalam
ölmez-gülmez belasyna sataşdyrjak diýip, öldürmän goýsaň, iliň sözem
gulagyňa ilmän durmaz — diýdi.
Bekmyrat baý ýene gazap bilen:
— Il nämedir maňa? — diýdi. — Il maňa dil ýetirjek bolsa, ilki
meniň derejäme ýetsin. Soňra meniň bilen sözleşsin. Her bir köwşümiň
nalyna degmezler maňa dil ýetirmi?! Men şu çaka çenli synymdan
asyljak bolýanlara gysymymda buzuň oda öwrülip, oduň buza
öwrülýändigini görkeze-görkeze gelýändirin. Ölüm diýýäler, ölümdenem
bir jeza bormy?.. Aýagymyň aşagynda bir garynja galdy, öldi, gutardy.
Ýagşy, ondanam bir jeza boldumy? Jeza öz deňini-duşuny gözi görüp,
şolaryň arasynda ömür dişi ýylgyrmasa, ana, jeza şonda bor. Men ol
heleýe ömürlik zyndan guraryn. Ol meniň guran zyndanymyň içinde
gülmän, ýylgyrman, sözlemän, bütin ömrüni gözýaş içinde geçir. Ynha,
men şeýle jezany jeza diýip bilýän. Ölüm näme, bir öldi, bir gutardy —
diýip, Bekmyrat baý sözüni soňlamanka, Enekütiniň gelmegi onuň sesini
kesdirdi.
Işan saňňyldap:
— Hiý, gördüm-bildim, uç boldumy? — diýip sorady.
— Pirim, ne gördüm bar, ne — bildim. Hiç uç bilinmedi — diýip,
Eneküti ýaýdanaklan bolup durdy.
Bu habardan soň Bekmyrat baýyň oturyp hezili bolmady. Ol derrew
ýerinden turup:
— Ondan ujy men bilýän — diýdi. — Siz indi sorag edip, azara
galmaň. Ýagşy, işan aga, bize rugsat beriň.
183
Işan saňňyldap:
— Rusgatdyr — diýip ýerinden turdy.
Bekmyrat baý aýaly hem inisi bilen paýtunly öýlerine gaýtdy.
KOWGY
B
EKMYRAT baý özüniň bezegli jaýynda dört-bäş sany adam
bilen otyrdy. Bu adamlar onuň iň degerli, ýakyn garyndaşlaryndandy.
Oturanlaryň barysy hem Bekmyrat baýyň ýörite çakylygy boýunça
ýygnanypdy.
Baý gahar-gazap bilen ýüzüni ýokary galdyrman:

Ynha,
adamlar,
biziň
häzir
näme
maslahat
bilen
ýygnanyşandygymyz barymyza mälim — diýdi. — Şu iki günüň içinde
Maryda, Baýramalyda habar tutulmadyk ýer galmady. Olary ýer iýipmi
ýa asmana uçupmydyrlar — mälim däl, ne gördüm bar, ne-de — bildim.
Bazarda jar çagyrtsaň, ol bir ýitig mal däl, jaram çagyrdyp bolanok,
göreniň üstünden hem düşüp bolanok. Gören hem bize gelip aýdanok.
Şol sebäpden hem bize uç bermän gidip barşy.
Ýöne bir zat bar: şol gyzyň işanlardan ýok bolan gününiň öňküsi
güni Suhan baýyň Berdi atly çolugy gumdan azyga gelýä. Ol ertesi azyk
alyp, guma gitmeli eken; emma azygam alyp gitmändir, özem ýok, zymzyýa bolýa, nirä uçanam mälim däl.
Gyzyň işanlardan ýok bolan güni, şol çolugyň salgynda bir nämelim
ýaş ýigidiň işanlarda agşama çenli diýen ýaly oturyp, gijara turup
gidenini gören bar. Ýöne weli nirä gidipdir, hiç kim bilmeýä. Netijede
Suhan baýyň çolugam ýok, şol gyzam ýok, olaryň üstüne Çerkez işanyň
atam ýok, meň atymam oň üstüne ýok.
Oturanlardan biri:
— Belki, özüni suwa-söle taşlap, ölüp, ýok bolup gidendir — diýdi.
184
— Wah, olar ýaly ölüp gitse, Täterimiň aňyrsyna gitsin. Men şolar
ýaly çopan-çoluk bilen ýok bolup gitdimikä diýip, gara janym galanok.
Her bir bor-bolmaz çopan-çoluk dagam ýedi günlük ýeläňden kesek
oklasa, ondan ölen ýagşy dälmi? — diýip, Bekmyrat baý sözüni soňlan
badyna, ýanynda oturanlar ala gowurdy boluşdylar:
— Wah, ol-a şeýle-le!
— Wah, olar ýalyň tohumyny kesmelidir-le!
— Olar ýaly beýle eden bolsa, dünýä inmedik ýaly bolar-la!
— Ýok, indi şol gyzyňky ýetdi, indi şol gyzy görnen ýerinde ýere
süsdürip gaýtmaly!
Bekmyrat baý:
— Ony gören ýerinde ýere süsdürip gaýtmakdan aňsat näme bar?
Onda senem dynarsyň, olam dynýa. Ol beýle däl. Ony ynha, saglyk
bolsa, ölmez-gülmez belasyna duçar ederis — diýip, ýol salgy bermäge
durdy: — Ilki olary tapmak gerek. Şol çoluk oglanyň ejesi Ahal
gyzymyş. Onuň daýy topary Ahalda bolmaly. Ol ýegen oglany Ahaldan
gözläýmeli. Özem otla ýanaşmaz, çöl bilen gider. Ol sebäpden
Amanmyrat bilen Sapar Tejen aýagynda ýoluny saklar. Tejen aýagynda
olar bir ýere degmän geçmezler. Eliňize düşenlerinde, ol haramzada
çolugy ýere sokup gaýdarsyňyz, emma şeýle ederseňiz: ys-da çykmasyn,
kok-da. Ol heleýem bolsa getiriň, onsoň nätjegimizi özümiz bileris.
Düşündiňmi, Amanmyrat?
— Düşündim.
— Düşünen bolsaň, tur, ugraň, otla çykyň — diýip, Bekmyrat baý
olary turzup goýberdi.
Oturanlardan birisi:
— Bekmyrat baý, sen ol heleýi «ölmez-ýitmez belasyna duçar etjek»
diýýäsiň welinim, şony tep-tekiz edip oturyberenden gowusy ýokdur. Ne
söz bor, ne-de — gep, dynar oturybiýrsiň — diýip, işanlardaky adamyň
pikirini aýtdy.
185
Bekmyrat baý muňa-da işanlarda aýdan sözüni gaýtalady. Iň
soňundan bolsa:
— Men: «Şony ölmez-gülmez belasyna duçar ederin» diýdim. Şol,
ýalňyşam bolsa, meniň agzymdan çykan söz. Men agzymdan çykan sözi
gaýdyp almany hol ýere gaçan tüýküligimi gaýdyp agzyma alan ýaly
görýän. Indi bu hakda gürrüň gutardy — diýip, kamzolynyň goltuk
jübüsinden ýasy gapjygyny aldy-da, içinden bir kagyz çykardy, Ol
kagyzyň hatly tarapyny adamlara tutup — ynha, adamlar, şu haty
görýäsiňizmi? Şuny bolköýnek aşnamyz berdi — diýdi. — Haýsy ýerde
bolsa-da, kömek gerek bolsa, şu haty şol ýeriň pristewine tutaýmaly. Ol
maňa näme kömek gerek bolsa, gürrüňsiz beräýmeli. Ahalyň bir
tarapynda seniň şu hatyňa pristew pitiwa etmese, onda bolköýnek
agamyz: «Göni maňa tilgram uraý, men Aşgabat bilen sözleşip, şol
pristewi hyzmatyňda «Gulluk, aga!» diýip durar ýaly etdirin» diýdi.
Indi, Weli baý, näme diýýäsiň, biz üçimiz hem Ahala ugrasak diýýän
— diýip, Bekmyrat baý Weli baýyň ýüzüne seretdi.
— Hawa, gitmek gerek, haýal etmek gerek däl — diýip, Weli baý
ýanynda oturanlaryň ýüzüne seretdi.
Oturanlar:
— Gitmek gerek.
— Nirede-de bolsa, tapmak gerek — diýip, maslahaty bir ýere
jemlediler.
ÇOPAN AGANYŇ GOŞUNDA
Ç
OPANLARYŇ
durmuşynda
günde-günaşa
şeýle
bir
üýtgeşiklik bolup durmaýardy. Bu günki günleri — düýnkä, düýnki
günleri bu günkä meňzeş, birsydyrgyn durmuş geçip duransoň, bularyň
arasyndaky gürrüň hem şol bir gürrüň bolup, günden-güne diýen ýaly
186
gaýtalanyp durýardy. Setanda-seýranda bularyň goşlaryna bir adam
azaşyp-tozaşyp düşäýse, ol çopanlaryň durmuşyna bir hili üýtgeşiklik
salýardy. Ol gün hemişeki birsyhly gaýtalanyp edilip durlan gürrüňleriň
az-kem mazmuny üýtgäp, bularyň gürrüňçiligine kem-käs täzelik
salýardy. Olar durmuşlarynda bolýan şujagaz täzelige hemişe şatdy,
ygyp-tozup goşlaryna düşen myhmana: «Gelen — döwlet, geliň» diýip,
gujaklaryny giň açýardy.
Çopan aganyň goşy hem şu umumy çopanlaryň goşy ýaly bir goşdy.
Çopan aganyň ady hem Çopandy, käri hem çopançylykdy. Ol köp
ýyllardan bäri Tejen aýagynda ömrüni çopançylyk bilen geçirip gelýärdi.
Çopan aga özüniň adaty durmuşy boýunça bu gün agşam hem ojar
oduny gümredip, hol beýle ýanynda çoluklary bilen gök çaý urup, derläp
otyrdy. Çopan gazany oduň başynda hiç kime minnetsiz lygyrdap
gaýnap durdy.
Ynha, bu mahal birden çopanlaryň beýle ýanynda ýatan Akbaý,
Goňurbaý hem Ýowbasar ýerlerinden turup, gündogara tarap gabyrdaşyp
topuldylar. Şol halatda üç itiň ortasynda iki sany atly göründi.
Çoluklaryň biri itleri kowup, atlylary goşa alyp geldi. Atlylar:
— Salawmaleýkim — diýip, salam berdiler.
Çopan aga:
— Aleýkim — diýip, atlylaryň ýanyna geldi.
— Atdan düşüň, Mergen, atlary tut — diýip, çolugyna buýurdy.
Atdan iki sany ýaş ýigit düşdi. Bularyň ikisiniň hem aýaklary hrom
ädikli, başlary ak telpekli, eginleri gyrmyzy donly. Çopan aga öz
içinden: «Bular-a baý ogullary bolmaga çemeli» diýip pikir etdi.
Ol:
— Myhmanlar, geçmäge törümiz-ä ýok, ynha, gümräp duran oduň
başy, oturyň — diýip, aşaklaryna oýlugyny düşäp, bulary oturtdy. —
«Gelen — döwlet» diýýä, çopanlaň goşuna-da, şeýdip, aýda-ýylda bir
myhman düşäýmesi bolýandyr. Mergen, hany taňkaň gaýnadymy,
187
myhmanlara çaý demläp ber — diýip, öz hormatly myhmanlarynyň
öňünde çaý demledip goýdy. Çaý başynda gürrüňçilik boldy. Soňra
nahar iýdiler. Nahardan soň ýene çaý başynda Çopan aga:
— Myhmanlar, ugur haýyr bol-a, nireden gelip, nirä barýasyňyz? —
diýip sorady.
Bu mahal Berdiniň başyna «Çaşgyndan gelip, Tejene barýas» diýen
pikir geldi. Emma ömründe ýalan sözläp görmänsoň, ýalan sözlemäge
onuň dili öwrülmedi. Şonuň üçin hem näme diýjegini bilmän,
birhaýukdan soň ýüregine daş baglap:
— Marydan gelip, Ahala barýas — diýip jogap berdi.
Çopan aga: «Näme üçin gelýäsiňiz, näme üçin barýasyňyz?» diýip
sorap oturmanyň uslybyny tapman:
— Örän ýagşy — diýmek bilen kanagatlandy.
Soňra çaý içişlik, gürrüňçilik gutaryp, ýatyşmaga başladylar. Berdi
bilen Uzuk ak keçäni iki gatlap aşaklaryna ýazdylar. Uzuk saçyny
görkezmejek bolup, tirme guşagyny selle edinip ýatdy.
Bular ýolda gaty ýadansoňlar, başlaryny ýere goýanlaryndan, berk
uka gitdiler.
Gije Uzugyň sellesi çözülipdir. Uzuk sellesiniň çözülenden bihabar
uklap galypdyr. Ýalançy ýagşy ýagtylandan soň, Çopan aga turanda, ol
ýaňky myhmanlaryň biriniň ýeňsesinde bilek ýaly gara saçyň guýlunyp
atanyny gördi. Çopan aga onuň saçyna gözi düşende, gara ýylandyr
öýdüp, taýagyna ýapyşdy, ýakynlaşyp, saçdygyny bilenden soň: «Bu nä
ajaýyp iş boldy?» diýip, yzyna dolandy.
Çopan aga ot ýakdy, ýuwundy-ardyndy. Ýalançy ýagşy ýagtyldy.
Soňra ol baryp:
— Turuň, ýoldaşyňyzyň başy açylypdyr, bir zat bilen ýapyň —
diýip, Berdini oýardy. Berdi tisginip turup, Uzugy oýardy, Uzuk ukynyň
arasynda aljyrap, iki eli bilen başyny tutdy. Uýalyp, Çopan aga seretdi.
Çopan aga oňa seretmän, oduň başyna gitdi. Uzuk Berdä assajykdan:
188
— Masgara bolupdyrys — diýdi.
Berdi:
— Onuň masgaraçylygy ýok, telpegiňi geý — diýip, Uzuga telpegini
uzatdy.
— Indi men neneňsi telpek geýerin. Çopan aga-da görendir — diýip,
Uzuk Çopan aga assyrynlykdan uýalyp seretdi.
Çopan aga oduň başynda ody ölçerişdiren bolup, hiç zatdan
bihabarsyran boldy.
Uzuk telpegini geýip, bilini pugta guşandy. Soňra Berdi bilen birbirleriniň ellerine suw akydyşyp ýuwundylar, oduň başyna gelip
oturdylar, çaý içdiler, nahar edindiler.
Çopan aga Berdiniň ýüzüne seredip:
— Inim, adyň näme bolmaly? — diýip sorady.
Adym Berdi.
— Örän ýagşy, Berdi jan. Hawa, indi öz başyňyzdan geçen halahwalatdan gürrüň ber.
Berdi Çopan agadan çekinmän, başdan geçenini gürrüň berdi. Çopan
aga Berdiniň her sözüne: «Berekella, tüweleme, berekella!» diýip diňläp
otyrdy.
Soňra ol Uzugyň ýüzüne seredip:
— Aý, berekella, keýgim, asyl erkekden zyýat iş edipsiň-dä — diýdi.
— Asyl edäýmelisem şoldur, asyl oňaraýypsyň-da, keýgim. Öten agşam
bilen bolsak, bu gün toý ederdik. Biz indi sizi toý etmän goýbermeris. Şu
gün agşam börsük ederis, ertir bu ýerde toý-tomaşa ederis, dynjyňyzy
alarsyňyz. Al, gyzym, çaý iç, asyl utanjak-uýaljak bolaýmagyn, asyl
öýüňizde ýalyjak bolgun. Aý, tüweleme, erkegiň etmedigini edäýipdirdä. Ynha, bu gün dynç alyň. Ertir azyga giden çolugymyzam geler —
diýip, Çopan aga bulary alyp galmakçy boldy.
Çopanlaryň durmuşy Berdiniň öz durmuşy bolansoň, bir gün-ýarym
gün dynç alyp gitmek Berdä-de ýaraman durmady.
189
— Bolýa-da, Çopan aga, bir gün-ýarym gün dynç alaýmak özümizede ýaraman duranok — diýip, ol Çopan aga; razyçylyk berdi.
Ertesi goýunlary hem çygra kowdular, azyga giden çoluk — Juma
hem gaýdyp geldi. Bu gün çopanlaryň durmuşynda toý-tomaşa, şatlyk.
Öten agşamky gömen börsükleriniň daşyna geçip, hezil edinip iýdiler.
Gerk-gäbe bolşup, süpürinişip-ardynyşyp, murtlaryny ýaglaşyp boldular.
Soňra Çopan aga:
— Hany, oglanlar, myhmanlara bir pata bereliň — diýdi. — Ýoluňyz
ak bolsun, ýoldaşyňyz — hak; aman-sag barjak ýeriňize baryň, bir-biriňe
guwanyp ömür sürüň; goşa-goşadan ogluňyz bolsun; allahekber — diýip,
Çopan aga çopan patasyny berdi.
Soňra bolsa — Mergen, al tüýdügiňi, Juma aýdym aýdar, toýy toý
ýaly geçirmelidir — diýip, şowhun berdi.
Garaz, tüýdük çalmakmy, gürrüňçilikmi, çaý içmek, nahar iýmek
bilen toýy öz möçberinde toý mertebesine ýetirdiler. Gün hem aşak
ýagşy sallandy. Çopan aga birden ini bir zat syzan ýaly:
— Juma, sen oba baraňda, «Goşa myhman geldi-dagy» diýip gürrüň
edäýen dälsiň-dä? — diýip sorady.
— Goşumyza iki sany myhman geldi — diýip gürrüň etdim.
— Ýagşy bolmandyr. Aý, zyýany ýok, Berdi jan, häzir biziň
goşumyzdakaňyz, arkaýyn oturyň. Eger bir zat bolaýanda-da, hol ýatan
egri taýaklar, baý işlär-ä. Ynha, gün ýaşyp, ýyldyzlar görner welin, men
seni ýyldyz ýoluna salyp goýbärin. Şu gije Tejeniň çygryndan çykyp,
Takyryň düzünden sürersiň. Soňra guma urmagyn. Otlyň ýoluna bir
baraňsoň, ondan arany açmagyn. Mydam bir egniňi otlyň ýoluna tutup
sürseň, Ahala bararsyň. Aý, hiç darykmagyn, oglum — diýip, Çopan aga
Berdä köp gürrüň berdi.
Şol gürrüň berip oturyşyna ol ýagşy iňrigi garaltdy. Ýyldyzlar
asmanda patrak ýaly boldy. Berdi bilen Uzuk her haýsy bir ata atlandy.
Çopan aga bulary hol beýle ýandaky gara syrtyň aňyrsyna çenli ugradyp:
190
— Ýagşy onda, oglanlar, sag-aman baryň — diýdi-de, ýol salgy
berdi. — Ynha, hol maňlaýyňyzdaky ak ýyldyzy görýäsiňizmi, şoňa çat
maňlaýyňyzy tutup sürüberiň. Ol ýyldyz ýaşar welin, hol ýeňsedäki ýalpyldawuk gyzyl ýyldyz süýr depäňize geler, tiz wagtda-da öňüňize
geçer. Ana, şol öňüňize geçen ýyldyza maňlaýyňyzy tutup sürşüňize
daňy atyrsyňyz. Bu ýyldyz erňeklär-de ýaşmaz. Ertir hem şol ugruňyzy
ýitirmän sürüp bilseňiz, Duşagyň bir çemesinden çykarsyňyz. Ondan
aňryk otlyň ýoluny bir ýanyňyzdan sypdyrman sürersiňiz. Ýagşy, hoş.
Aman-esen barjak ýeriňize baryp ýetişiň.
— Ýagşy, bolýa onda, hoş wagtyňyz.
Çopanlar myhmanlaryny ýola salyp, bu agşam olaryň gürrüňini edip
köp oturdylar. Soňra ýatyşdylar.
Gije ýarymdan agansoň, goşa iki sany atly gelip, çopanlary oýardy.
Çopanlar ilki Berdi dagy gaýdyp geläýendir öýtdüler. Soňra bularyň
Berdi dagynyň yzyndan çykan kowgudygyny bildiler. Aman-esenlik
soraşdylar, kowguçylardan biri:
— Siziň goşuňyza degip geçen-ä bolan däldir? — diýip sorady.
Çopan aga bularyň Jumanyň «Goşumyza myhman geldi» diýip,
obada eden gürrüňiniň yzyny derňemäge gelendiklerini bildi. Ol
sebäpden «Ýok» diýip aýtsamam ynanmazlar diýen pikir bilen:
— Hawa, boldy — diýdi.
— Näçe adam?
— Iki sany.
— Garrymy, ýaş?
— Ýaş,
— Haýsy tarapa ugradylar?
Çopan ters ugry salgy berdi:
— Çaşgyna barýas — diýip, şu ýerden-ä Çaşgyn tarapyna ugradylar.
Kowguçylar çopanlar bilen hoşlaşyp, göni Çaşgyn tarapyna sürdüler.
191
MERET ARÇYNYŇ MASLAHATY
M
ERET arçyn ilki bu iş hakynda maslahat çagyranda, obanyň
ýedi-sekiz sany ýaşulusyny çagyrypdy. Emma bu sapar diňe dört sany
baý ýaşulyny çagyrdy, çünki bu üýşmeleňde çözülmeli mesele öňki
ýygnanyşykdakydan has ýeňildi. Bu dört adam bolsa obanyň iň degerli,
iň agyzly baý adamlarydy.
Öňki ýygnak gaty howlukmaç bolansoň, Meret arçyn myhmanlaryny
diňe gök çaý bilen sowupdy. Bu sapar bolsa myhmanlaryny towukly
palawdan doýurdy. Palaw ýagşy joşandyr alla diýip, gyrmyzy çäýneklere
demlenen ajy çaýlary bolsa myhmanlarynyň öňünde goýdy.
Endamlary ýumşap, der görnüp başlansoň. Meret arçyn özüniö
sözüne başlady:
— Hawa, adamlar, biz gyz dawaly işimizde birbada Bekmyrat baýyň
howuny basdyk. Emma şu işe girişip, birinji gadam basamyzda, aňyrsyzbärsiz, göni müň tümen harç boldy. Ýok, hawa, atbekada-da ýigrimi
tümen berdik. Bir müň ýigrimi tümen bolýa — diýip, Meret arçyn iki
agyz sözde göni alty ýüz tümen puly öz tarapyna geçirdi. — Hawa, bu
harç edilen puldan başga-da halkdan ýygnalan puldan ýüz segsen tümen
arassa pul galdy. Mundan başga-da halkyň haraz towzasyny, aralyk
ýabyň kärendesini şol wagtda pula öwrüpdim. Bu hem iki müň ýigrimi
tümen arassa puly dikläpdi. Şeýlelik bilen, häzir biziň elimizde galan
puluň jemi dos-dogry iki müň bäş ýüz tümen pul.
Indi ýene bir zat bar. Bekmyrat baý: «Tä jalaýgöten galýançam
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 12
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.