Latin

Ykbal I - 16

Total number of words is 3814
Total number of unique words is 1974
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
suwa inenini gördi.
Gelin bürenjeginiň Myrat agadan tarapyny gyýarak çekinip,
gabagyny galdyrman, bir bedresini dolduryp, aňryk aýyrdy. Ikinji
bedresini doldurmaga ugranda, aşaklyk bilen gabagyny galdyryp, Myrat
aga seretdi-de, ýene başyny aşak salyp, bedresini doldurmaga durdy.
Bedresini dolduryp ýokary galanda, assyrynlyk bilen Myrat aganyň
ýüzüne ýagşy seredip:
— Ka... Ka-ka!.. — diýip, hopugan ýaly, assajyk seslendi. Bedresini
260
golundan gaçyryp, ýüzüni tutup duran ýerinden özüni aşak goýberdi.
Myrat aga tisginip, ýerinden turdy-da, usullyk bilen güzeriň ol
gyrasyndan gelip aşak oturdy.
Soňra bularyň arasynda gürrüň bolmady. Güzeriň başy misli
jandarsyz ýaly, sessiz-sezasyz galdy.
Aýralyk oduna örtenip ýören ataly gyz ikisindäki beýle tötänden
tapyşyk: «Lam-jim!» diýip, olaryň ýüzlerine demir şarpygy bilen çalyp,
dilden-agyzdan aýyrdy. Myrat aga bilen Uzuk — her haýsy öz içki
dünýäsine siňip, pikir-duýgy dumanyna gaplandy. Ataly gyzyň bu
wagtky hal-ýagdaýyny aýdyp sözlemäge dil hem özüniň kesbi-kärinden
boýun tolgaýar.
Iň bärkijesini aýdanda, bir tarapdan, adat: «Gyz äre barandan soňra,
köp wagtlap, ata bilen gyzyň ýüz görüşmegi haýasyzlykdyr; eý
bihaýalar, şerim ediň!» diýip, özüniň döwülmez demir çybygy bilen
olaryň ýüzi kessir dyngysyz çalyp dur. Ikinji tarapdan, Myrat aganyň bu
ýerde görlüp: «Gyzynyň nikasyny bozjak bolýa» diýlip ýöňkeljek
günäsine ajal garçgaýy garaşyp, özüniň ganly penjesini gerip dur.
Bu betbagtçylyklaryň, bu şumluklaryň gapdalyndan gymmatly
tapyşygyň şatlygy hem olary ilkinji bir hili duýga eýe edýär.
Ynha, şeýle hala düşen ataly gyz — ikisiniň arasynda heniz hem
sözleşik ýok. Uzuk: «Ka... kaka!..» diýip, özüni aşak goýberenden, bir
elini diräp, ýanyny ýere beripdi, çünki ol häzir özüniň nä
ýagdaýdadygyny bilmeýärdi. Başy aýlanyp, gözleri garaňkyrap, ýer
başyna düňderilip, asman başyna inip, suwlar tersine akyp barýan
ýalydy. Myrat aga birhaýukdan soň başyny ýokary göterip, gyzynyň
ýüzüne seredende, onuň perişan halyny görüp, hamsygjyrap, zordan:
— Dirimidiň, gyzym?! — diýip, ýene aňry gepläp bilmän, sesini
kesdi.
Uzuk aga garyşan sandyrawuk owaz bilen ýanyny ýere berip,
bedresini söýget edinip oturan ýerinden zordan:
261
— Nä diriçilikdir!.. — diýdi.
Myrat aga özüni biraz raslap:
— Goý, keýgim, aglama. Mert bol, aglama Allanyň salanydyr-da...
— diýip, gyzyna göwünlik berjek boldy. Emma beren göwünligini öz
göwni hem tutmady. Gözlerinden sakgalsaýy dökülýän ajy ýaşyny
köneje donunyň syýyna süpürip kepetjek boldy. Ol kepemedi. Ony
kepetmek üçin synyk ýürekdäki ýangynly oduň howruny köşetmek
gerekdi.
Uzuk garry atasynyň perişan halyny görüp, öňküden hem beter
bozuldy:
— Kaka jan, sen neneň bu ýerlere düşdüň?! Meniň ýesir düşenim
bolmaýamydy?! Sen näme gelip, meniň derdimi paýlaşýasyň?! Meniň
agyr ýükümiň astynda seniň garry süňkleriň neneň çydam berer?! Eý
meniň garry kakam! Meniň agzymdan çykan ýalynly sözlerim seni
ýakyp-gowurmazmy?! Men giň meýdana çykyp, asmana ýüz tutan
biperwaý agaçlara derdimi aýdamda, olar başlaryny aşak salyp
endireşýäler. Sen näme gelip, meniň oduma ýanýasyň?! Seniň öz jigeriň
beri ýanmasyn! Goý seniň jigeriň gapdalyndan aýrylan bir parasy
ýansyn! Goý seniň eziz, mähriban gyzyň ýansyn! Mende başga alaç
ýok!..
— Aý, balam, sen garry ataň näme üçin gelendigini bilmeýämiň?!
Meni bu ýere doga açylman geçen gara maňlaýymyň açylyp, bagtymyň
çüwgüni getirdi. Ölmezden ozal, saňa duçar etdi. Indi men ölsem hem,
alladan ýüz-müň razy. Balam, indi meniň ömrümde seni ýatlap, aglapeňräp ýörmekden başga zat galmady. Eger-de meni, garry eneňi razy
etjek bolsaň, beýdip aglap ýörmegin. Çydajak bolgun, bu-da allanyň
salanydyr. Seniň gözden döken ýaşlaryňa gyýyljak ýürek ýokdur,
gaýtam, şatlanyp güljekler köpdür — diýip, Myrat aga hem geplemesini
goýdy. Aňry ýene bularyň arasynda sözleşik kesildi.
Birhaýukdan Uzuk direnip oturan elini ýerden galdyryp, bir uludan
262
demini aldy-da:
— Kaka, meniň ejem nädýä?— diýdi.
Myrat aga:
— Ejeň nätsin... Özüňi gör-de, meni gör, meni gör-de — ejeňi. Biribirimizden gowulygymyz ýok. Ol hem gara çatmasynda, garyp ojagynyň
başynda gara gününiň derdini çekip oturandyr-da. Biziň gözýaşymyzdan
başga güýjümiziň ýetýän zady barmy?!
Uzuk birden howlugan ýaly bolup:
— Kaka, sen bu ýerlerik neneňsi düşdüň? Hany seniň goýunlaryň?
— diýip sorady.
Myrat aga uludan demini alyp:
— Aý, keýgim, ne goýun galdy, ne — çoluk... Biziňki «Begiň
öňünden geçme, gatyryň — syrtyndan» diýenleri boldy. Begiň öňünden
geçenem biz bolduk, gatyryň syrtyndan geçenem. Iň soňunda Suhan gaty
depdi, başymyz açyk, aýagymyz ýalaňaç çopan-çoluk — barymyz
kowuldyk — diýip, hyrçyny dişläp başyny ýaýkady.
Uzuk, kakasynyň beýle gaýgyly habaryny eşidip, ot bolup tutaşdy,
başda durmuş golunyň uzap «söýgi» diýip sözleşen, söýginiň ýaňy
açylan gülüniň nepis baldagyndan bir elde tutuşan söýgülisini ýatlady.
Onuň häzir türmede, durmuşyň iň aşaky gatlagyna düşüp, gark bolup
gidip barýanyny göz öňüne getirdi. Bu mahal onuň şol ertekilerde eşiden
zyndandaky adamlary ýadyna düşdi. Häzir Berdi dar, garaňky, hapa
tamyň içinde; aç, eşikleri ýyrtyk, saçy-sakgaly ösgün. Bu ýagdaý onuň
halyny has-da agyrlaşdyrdy. Ol:
— Kaka, men ýandym!.. — diýip, çep goluny ýere diräp gyşardy.
Uzugyň «ýandym» diýen sözi kakasynyň ýüregine ot bolup ýapyşdy. Ol
mundan artyk gyzynyň ýüzüne seredip durup bilmedi. Iki gözüniň
çikgesinden taýly gezek düwmeläp akan ýaşyny köne donunyň syýyna
süpürip, ýüzüni aşak saldy. Bularyň bu halyna tebigatda hem üýtgeşiklik
bolan ýaly boldy. Yzly-yzyna iki gezek aşyrym-aşyrym öwsen şemal
263
misli bularyň ýüzlerini sypalap, gözýaşlaryny kepetmek üçin öwsen ýaly
boldy. Üstlerine saýa salan tal agajy hem şygyr-şygyr seslenip,
ýapraklaryny bir-bir seçeläp, bularyň halyna döz gelip bilmeýän ýaly
boldy. Öz jiger-bagyrlaryndan aýrylyp, pelpelleşip, suwa düşýän
ýapraklaryň göni akyp gidibermän, suw ýüzünde gaýyşyp ýörmekleri
hem bularyň agyr halyna çydam bermän, özlerini onda-munda urup:
«Dat-perýat!» diýip, gol çarpyşyp ýördükleri ýalydy.
Myrat aga uludan bir demini alyp, başyny ýokary galdyrdy-da,
Uzugyň ýüzüne garap:
— Goý, gyzym, mert bol. Aglama — diýdi. — Seniň bu çeken ahynalalaryň dagy-daşlary endiretse-de, bu zalymlaryň rehimi inmez! Biz
bir görgi üçin ýaradylan bolduk. Bu hem allanyň işidir, başga alaç ýok!
Biziň edenimiz bergi boldy, görenimiz görgi boldy. Hoş, gyzym! Belki,
garry ataňy iň soňky görşüň bolar, indi maňa bu obada duruw ýokdur.
Her gün gözümiň öňünde seni görüp, günde derdimi täzeläbilmen! Men
görmäýinem-köýmäýinem, hoş, gyzym, garry eneňe salam aýdaryn —
diýip, Myrat aga ýerinden turdy.
Uzuk hem ýerinden turup:
— Bolýa, kaka jan, meniň häzir gözýaş dökenimi namart diýip
bilmegin. Sen mert maşgala ýetişdirensiň — diýdi. — Belki, meniň
mertlik habarymy basym eşidersiň. Men bu gara güni basym başymdan
aşyryp uraryn!
Bolýa, kaka, gitseň, jigim jana salam aýt. Ejeme-de salam aýt. Ol
menden agyran-ynjan bolsa, razy bolsun.
Kaka, ejem meni dünýä inmändir diýip hasaplasyn! Ol meniň oduma
ýanmasyn, ynha, kapasada galan garyp gyzynyň arzyly enesine sargydy.
Hoş, kaka jan, razy bol, hoş!..
*
*
264
*
Tomsuň soňky aýlarynyň bir günüdi. Günortanyň jokrama yssysy
köşeşip, ikindi salkyny arady. Yssydan gorkusyna salkynrak saýa gözläp,
gür çöpleriň arasyna siňen guşlar örüşipdiler. Olar bu wagt dürli owaz,
dürli sesler bilen saýraşýardy. Ekin arasyna ýaýran daýhanlaryň
sözleşikleri, olaryň aýdymlary her tarapdan eşidilip durdy. Dem bermez
yssynyň sowlup, salkyna ýetilmegindenmi ýa daýhanlaryň ýyl boýy
çeken zähmetiniň hasyla girip, bir tarapdan gollaryna gowuşmaga
başlamagyndanmy, garaz, pasylda bir ruhubelentlik duýulýardy. Emma
bu ruhubelentlik hemmelere berlen deň paý däldi.
Myrat aga mundan biraz öňräk gyzy bilen hoşlaşyp aýrylyşypdy. Ol
häzir Annageldi ussanyň ýorunjasynyň içinde agşam oty ýygyp otyrdy.
Paslyň bu wagtky ruhubelentligine onuň çigit ýaly şärikligi ýok ýalydy.
Ol köp gaýgylanyp, dünýäde ýeke galan ýalydy. Jany ýangynly ýaly,
otlary dolap alyp, garçyldadyp orup gidip barşyna yzyndaky sergi bolup
ýatan otlary görüp: «Ah, mendäki şeýle kuwwat näme üçin Suhan gaty,
Bekmyrat baý ýalylara ýöremeýä?!» diýip, Myrat aga içini gepletdi. Ol
janynyň ýangynyna ýatan otlary desse edip, şatyrdadyp boguşdyryp
taşlaşdyrýardy.
Gün ýagşy erňekledi. Myrat aga ýygan otlaryny çykap, garry eşegine
urdy-da, Annageldi ussanyň örkli duran sygryny boşadyp, idip ugrady.
Garry eşek mytdyldap, öz maýdalyna ýöräp barýardy. Myrat aga ony kän
gyssaman, gamgyn halda başyny aşak salyp, ýuwaşjadan hiňlenmäge
durdy:
Arzy-halym bir-bir beýan edeýin,
Gezer boldum gaýgy-gamyň içinde;
Derdim güýçli, men örtenmän nädeýin?
Gowga köpdür gamgyn başym içinde.
Jepa çekip, dünýä ýolun tapmadym,
265
Toýlar tutup, atlar her ýan çapmadym,
Çekip gonaklara halat ýapmadym,
Bisan boldum deňi-duşum içinde.
Bu garyplyk üstümizden gitmedi,
Köňül maksat-myradyna ýetmedi,
Gaýgy-gamsyz meniň günüm ötmedi,
Gezmedim hiç köňülhoşuň içinde.
Bimaza görüner göze mekanym,
Ýyl-ýyldan ýeňledi agyr dükanym,
Aýrylyp perzentden, köýdi bu janym,
Gözlerim galdy-la ýaşyň içinde...
Onuň bu hiňlenip gelşine ýüzüniň gara köýük bolup çytylyp durşy,
misli lezzetsiz durmuşy mädesine degip, ýüregi endiräp duran ýaly bolup
görünýärdi. Ol ýataga geldi-de, oty eşekden jany agyryly ýaly agdaryp
urdy. Mallary daňyşdyryp, olaryň öňlerine ot döküşdirdi-de, Annageldi
ussanyň ýanyna ugrady.
Annageldi ussa howa garaňkyransoň, şaý gyzyllamaga gözi
görmezligi sebäpli, kepbäniň saýasyna atylan düşegiň üstüne irräkden
çykypdy. Ol ýassygyny goltuklap, çaý içip otyrdy. Myrat aga ýanyna
baransoň:
— Arma? Daýhançylyk işine indi birneme girişýänsiň ýa henizem
egri taýagy egniňe ataýasyň gelip durmy? — diýip, bir käsäni dolduryp,
oňa çaý uzatdy.
Myrat aga uzadylan käsäni aldy-da:
— Aý... girişip-girişmän, hemmesem bir zähmet-dä, zähmetden
gaçmadyk adam hemmesinem başar-la, ýöne iş başga ýerde — diýip,
uludan demini alyp, elindäki käsesini ýerde goýdy.
266
— Aý, hawa, zähmetden gaçmadyga gara işiň hemmesem bir-le.
Kärden gaçýanlar «Pylan iş, pylan iş» diýip iş dannaýar — diýip,
Annageldi ussa Myrat aganyň ýüzüne seretdi.
Myrat aga aňry geplemän, hödürlenen çaýynyň ýaryny içdi-de,
ýarysyn beýläk serpip:
— Ussa, şu gün agşam meniň bilen hasaplaşyp, düşdük hakjagazymy
berseňiz. Ertirem irden rugsat berseňiz, men gitjek — diýip, ýüzüni aşak
salyp, oturan ýerinden elindäki oragy bilen ýer köwmäge başlady.
Annageldi ussa ör-gökden gelip:
— Weý-weý, näme boldy? Näme bir ýaman zat eşitdiňmi? Birden
näme beýle pikire mündüň? — diýdi.
— Aý... ussa, meniň sizden gören ýamanlygym ýok, şeýle-de bolsa,
indi maňa bu ýerde gezmek agyr.
— Be-e, ol-a ýagşy däl. Hany aýt ahyrym, näme beýle?
— Aý... ussa, muny aýdyp oturasy işem-ä ýok welin, her hilem
bolsa, bir ýagşy görýän adamyňa syryň aýtsaň, derdiňi deň paýlaşan ýaly
bolýasyň. Şu Bekmyrat baýlaryň süýrän gyzy biziňki bolmaly. Men ilki
daýhan duran wagtymda, siz meniň haýsy ilatdandygymy soradyňyz,
emma men siziň haýsy ilatdandygyňyzy soramandyryn. Ol sebäpdenem
men siziň Bekmyrat baýlar bilen bir obadandygyňyzy bilmändirin, bilen
bolsam, ozalynda bu oba daýhan durmazdym, men bu oba gelenimsoň,
Bekmyrat baýyň şu obadan ekendigini basym bildim, emma bilsemem,
bu obadan ol günler gitmedim, sebäbi, bir sebäp bilen bu oba düşemsoň,
şol biçäre gyzyň neneňsi ýaşaýandygyny biljek bolup hem ölmezden
ozal şol gyz bilen, hiý, bir görşüp bolmazmyka diýen maksat bilen şu
çaka çenli gezdim. Şu güne çenli hiç kimiň ýanynda gürrüňem edip
bilmedim, sorabam bilmedim. Ynha, ol maksadyma bolsa şu gün ýetdim,
ölmezden ozal görmek nesibämiz bar eken, görüşdik. Gabagymyzyň
üstünde
jaý
berip,
ekläp-saklan
çagamyzyň
itden
ýaramaz
ýaşaýandygyny bildik. Oturyp aglaşdyk. Başga eden zadymyz bolmady.
267
Biz ýaly garybyň elinden başga näme geljek?..
Bu iş üstünde köp dawa-da bolupdyr. Emma biz, atasam bolsak, ol
işlerden bihabar bolupdyrys. Itden bisala, şol Garagum çölünde goýun
bakyp gezipdiris. Bu işleriň hemmesinem Garagum çöllerinden it ýaly
kowlanymyzdan soň, oba gelip bilip galýas.
Aý, ussa, sözlesem, agzymdan ot çykýandyr. Onsoň bu obada men
neneňsi edip duraýyn? — diýip, Myrat aga uludan demini alyp, ýüzüni
aşak saldy.
Annageldi ussanyň özi hem Bekmyrat baýlar bilen gaty saz däldi. Ol
Myrat aganyň bu sözlerinden soňra köp pikir edip oturdy-da, başyny
aşak-ýokaryk ýaýkap:
— Hüm-m-m, aý, bolýa-da — diýdi. — Seniň aýdanlaryň bary dogry.
Şeýle-de bolsa, meniň maslahatymy alsaň, saňa bir maslahat: «Pahyr
adam penada, possuny — samanhanada» diýýä. Sen häli biraz demden
düş. Sabyr et. «Sabyr edenler gara dagy ýer eder, bisabyrlar haýyr işi şer
eder» hem diýýäler. Indi bu ýerde bir tarapy Bekmyrat baýlardan
çözülmeli bolansoň, neneňsi haýyr işiň boljagynam-a bilemok welin, her
zadam bolsa, görmek gerek, neneňsi-neneňsi bolýa. Her zadam bolsa,
wagt geçer, gaharlar ýatyşar. Belki, soňra, Bekmyrat baýlar bilen
araňyzam sazlaşar gider. Eger-de bu ýerik göçüp gelseň, meniň
ýerjagazymy ekerine alarsyň. Gyzyň hem ýakyn ýer, geler-gider durardy.
Menem ony-muny görüp, Bekmyrat baýa töwella-tagsyr etdirdim; belki,
olam töwellany alyp, siziň bilen gudalyk gatnaşygyny etsin. Sen her
zadam bolsa howlukma. Wagt geçer, zamana üýtgär, bu ýürek
çişginlikler-zatlar düşüşer gider. Şu gün gerdişi şeýle gelipdir, şonuň
üçinem meniň kem akylymyň kesişine görä, şeýleräk geçiräýmek gerek.
Ertirem bolsa näme «Almany göge at, ýere düşýänçä, ýa pelek» diýýä.
Zamanamyz gaty bozulypdyr. Güýç-güýç ýeteniňki bolupdyr. Bekmyrat
baýlar gaty ersendir. Olaryň towugyna tok diýilýän däldir. Edýän işleri
ýeke
bu
däldir,
adam
öldürmek
268
diýermiň,
başga-başga
haramzadaçylyklar diýermiň, garaz, olardan oňlulykdan başga zat
tapylýandyr.
«Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz» diýýä. Sen
olardan gutularsyň, emma olar pällerinden gutulyp bilmez, enşalla, öz
pällerinden taparlar.
Türkmende bir nakyl bar: «Minara salan minara boýy çukur gazar»
diýýä. Şu nakylyň manysy gaty çuň hem giňdir. Indi Bekmyrat baýlary
alanymyzda, olaryň salan minaralarynyň çukury özlerini düzlärçe
boldumyka öýdýän. Indi olar şol çukura düşmelidirem, şondan çykyp
bilmän galmalydyram. Seniňki näme «Ýat itiň guýrugy ýamzynda»
diýenleri. Biraz guýrugyň ýamzyňdarak bolaýmasa, kän hezilem
beräýmezler. Ýüzüňi aşak salyp, öz işiňe gydyrdanyp ýörseň, näme, bir
ýyla ýakyn gezipsiň, hiç kim pylan zat diýip adyňy tutmandyr, ýene-de
şu gezişiňe ýüzüňi aşak salyp ýörseň, zat diýmezler.
Sen her zadam bolsa, gitjek bolup durma-da işläber. Soňra halasaň,
meniň ýerimi ekerine alarsyň, isleseň, göçüp gelersiň, ynha, ýurt, ýer...
Sen neneňsi görýäsiň meniň şu maslahatymy? — diýip, Annageldi
ussa aýalynyň ýüzüne seretdi.
— Hawa, dogry-la, indi boljak iş bolupdyr. Ebedi ýüz görüşmän
gezseňem, şol gyz ýadyňyzdan çykasy ýok. Gaýtap, mydama böwrüňize
tiken bolar durar. Bu ýerde bolsaňyz, baran bor, gelen bor, daşdan-içden
agyz gymyldasa, eşidiler durar. Siz ol pikiriňizden üýtgäň-de, ussaň
maslahatyny alaýyň — diýip, Amangözel eje hem Myrat aga şeýle
maslahat berdi.
Myrat aga bu maslahatdan soňra köp pikirlenip hem oturman:
— Bolýa-da onda, men siziň diýeniňizi edeýin — diýdi. — Ýagşy
maslahat. Göçüp gelmek ýaly gürrüňleri bolsa soň maslahatlaşyp
göreris-dä. Häzir işläbereýin — diýip, ol öňki pikirinden dändi.
Myrat aga gowaça suw goýberip, gulagyň başynda suwuň akyşyna
syn edip otyrdy. Ol ilki suwuň akyşyna syn etdi-de, soňra güne seredip:
269
«Entek günorta salym bar, nesip bolsa, bu gezek bir ýüzleýräk basdyryp
çykarys» diýip, ýerinden turdy.
Bu wagt:
— Salawmaleýkim — diýip, Çarynyň buluç daýhany Gulam geldi.
— Aleýkimessalam, amanlykmydyr, Gulam han?
— Aý, şükür, aga. Ýeri, Myrat aga, suw masmydyr?
— Aý, suwam ganymat, günorta çenli hemmesini basdyryp
çykarmykam diýýän.
— Myrat aga, siz Annageldi ussa ýerini ýarpasyna alandyr?
— Ýok, bu ýyl entek ekerine alamok. Nesip bolsa, gelen ýyl ekerine
alarys.
— Aý, şeýdaýsa, gowy boljakdyr.
— Ahaw, Gulam, saňa hojaýynyň gygyrýan ýaly-la, baraweri.
— Baý! Hojaýyn gygyrýa bolsa, byz barsyn — diýip, Gulam
ýerinden turup ugrady.
Çary bu wagt segsen ýaşly enesiniň iňirdisine çydaman, bu ýere
gelipdir. «Ogram öz göwnüne osar, orramsam» diýen ýaly onuň enesi
Myrat aganyň Annageldi ussanyňkyda talaban bolup işleýänini eşideli
bäri: «Ol şu oba oňlulyga gelen däldir. Şonda bir al bardyr. Ol gyzyny
azdyrjakdyr ýa-da biziň toparymyza doga-tumar, jady edip, bir hyýanat
etjekdir» diýip, Çarynyň gulak etini guradypdy.
Çary enesi iňirdemände-de, Myrat agany öldürmäni ýüregine
düwüpdi. Ýöne, enesiniň aýdyşy ýaly, aç-açan däl-de, hiç kime
bildirmän, ýitirim etjekdi.
Ynha, häzir bolsa şol gazap bilen Gulamy ýanyna çagyrypdy.
Çary Gulam ýetip-ýetmänkä:
— Işiňi taşlap, nirelerde gezip ýörsüň?! Hany düzgün edişdirip
goýduňmy? — diýdi.
Gulam:
— Aý, byz nyrada gezýä, hiç ýarda gezenok. Myrat aga ýanda azajyk
270
oturdy. Byz suwy bir eýýäm düzgün edendyr — diýdi.
— Nobatyň haçan?
— Nobat şu gun, günortadan soňradyr, aga.
— Häzir kim tutýa?
— Hazyr Myrat aga tutýandyr.
— Heniz suwaryp bolar ýaly dälmi?
— Aý, haniz-a şol suwaryp bolmaz.
— Bolmasa, bar, suwy ýykyp gel.
— Hazyr günorta bolan daldyr, aga, günorta bolanda, myrap geler,
şol aýdar.
— Men senden günortany, miraby soramok, git-de, suwy ýykyp gel
diýýän men saňa. «Günorta bolanok» diýýäsiň, häzir heleýler öýle
namazlaryny okaşyp ýörler. Sen bolsa nobatyňy köýdürip ýörsüň.
Derrew git! — diýip, Çary Gulama azm urdy.
Gulam pilini egnine atyp, Myrat aganyň ýanyna ugrajak boldy.
Çary ýene gahar bilen:
— Nirä barýasyň? Men saňa «Myradyň ýanyna git» diýemok ahyry,
men saňa — dogry git-de, suwy ýykyp gel diýýän — diýdi.
Gulam egnine atyp duran pilini ýere dikdi-de:
— Byz-a, hojaýyn aga, ýykyp bylmaz, «Öýle bolupdyr» diýýär sen,
heniz günorta hem bolan daldyr. Hazyr baryp, böwet ýykyp, bir adam
hakyn byz-a alyp bylmaz, aga — diýip aşak oturdy.
Gulamyň bu sözünden soňra Çarynyň gaty gahary gelip:
— Seniň Myrat agaňa nebsiň agyrýan bolsa, şu wagtyň özünde
gümüňi çek, men hileli ýerde garaň görünmesin! — diýip, ýere dikilgi
duran pili sogrup aldy-da, egnine atyp, böwede garşy ugrady.
Baryp, böwedi ýykyp durka, Myrat aga görüp, ylgap geldi-de:
— Beýtmäweri, inim Çary, entek günorta bolmandyr — diýdi.
Çary gulak salman ýykmaga başlady.
Myrat aga ýene durup bilmän:
271
— Dursana entek, men miraby bir göreýin-le!— diýdi.
Çary:
— Men miraby tanamaýan. Saňa mirap gerek bolsa, bar, görüber,
maňa mirap gerek däl — diýip, böwediň ýeňsesini ýukalap, suwy
agdarmaga iň soňky pilini uranda, Myrat muňa çydap bilmedi. Ol:
— Ahaw, başyňa döneýin, jan inim! Beýle gözçykgynçylyk
etmesene! — diýip, Çarynyň piliniň sapyndan tutdy.
Çary murtuna bat berip:
— Goýber piliň sapyny! Bilýämiň kimiň piliniň sapyndan
tutýandygyňy?! — diýip azm urdy.
— Anha, goýberdim, ýöne inim, Çary jan, ynsap et! Beýle nähak iş
etme! — diýip, Myrat aga piliň sapyny goýberdi.
Çary böwediň üstünden bir depik gum alyp, beýläk oklady, çişip
duran mes suw şaglap indi.
Myrat aga ýene durup bilmän, Çarynyň piliniň sapyndan has berkräk
ýapyşdy. Ol:
— Ýykma diýýän suwy! Indi şu böwede piliňi uzatsaňam, ýykdygyň
bolsun! — diýip, gahar bilen garry güýjüni ýygnap, Çaryny beýläk
itekledi-de, böwedi saklamak üçin pilini ýere urdy. Ol wagt Çary Myrat
aganyň depesinden pili inderip, böwediň ýeňsesine togalady. Böwediň
ýeňsesinde seňseläp ýatan ýerinde hem ony pil bilen ýenjip, garry
süňklerini owradyp, gara gana bulady.
Bu wagt bularyň dawasyny görüp, töwerekden ylgaşyp gelýän
daýhanlar ýetişdiler. Gelen adamlar Çaryny derrew tutdular. Şonda-da
Çary gahar-gazap bilen dyzady. Tutan adamlaryň birnäçesine gahar edip,
silterläp, kakyş-kukuş eden adamsam bolman durmady. Her hili hem
bolsa, soňra töwerekden ýygnanan adamlaryň sany köpelip, ony
goýbermediler. Myrat agany ýapdan çykardylar. Ol owranan süňklerini
gozgap bilmän, gara gana bulaşyp galdy. Üýşen adamlar näçe ahmyr
etdiler, Bekmyrat baýlara näçe näletler aýtdylar.
272
— «Guduzyň ömri kyrk gündür», bular guduzlapdyr, bular uzak
ýaşamazlar — diýip gargadylar.
Bu habary Uzuk hem eşidip, aňyrdan aglap gelşine, gana bulaşyp
ýatan atasyny gujaklap:
— Wah!!!. Sen doga maňlaýy gara ekeniň, kaka jan!.. Sen ýazylman
geçen bolduň! Wah! Men nädeýin indi?! — diýip, ýakasyny ýyrtyp
aglady.
Kakasy ysgynsyz sesini sandyradyp:
— Aglama, gyzym! Goý aglama, Uzugym! — diýdi. — Indi meniň
üçin aglasy iş ýok. Meniň bütin süňklerim owranyp, etlerim
kerçgilenendir... Ýöne indi garry ataňdan razy bol! Indi mundan beýläk
ata-gyz — ikisine görüşmek ýokdur!.. Meniň ajalyma sebäp bolarça iş
boldy. Indi men ölmeli boldum... Gyzym, eneň tarapyndanam şu sözleri
aýdýan. Indi mähriban eneň bilen saňa ajaldan ozal görüşmek ýokdur.
Bu işlerden soňra eneň bu ýerik gelmez. Seni hem bu zalym gan içenler
eneň ýanyna goýbermezler. Ah!.. Men garyp doguldym, garyp hem
ölmeli boldum! Hoş, razy bol, ýöne sen, arman, şu zalym ganhorlaryň
elinde, kapasa düşen guş ýaly, gara gözleriňi balkyldadyp, nalaç galmaly
bolduň!.. Seniň bu çykgynsyz agyr halyň men ölsem-de, gözümiň
öňünden aýrylmaz. Wah!.. Güýç!.. Kuwwat!.. Arka!.. — diýip, Myrat
aga agyr hem sarsgynly ses bilen iki gezek gygyrdy. Soňra gyzynyň
perişan halyna çydap bilmän, onuň ýüzünden gözüni aýryp, giň jahana
gözüni agdaryp seretdi-de, hyrçyny dişläp: — Hoş, gyzym, garyp
ataňdan, garyp eneňden razy bol!.. Ýöne, ugruny tapsaň, meni bir garyp
tünege aşyr. Meniň maslygym duşmanyň gözüniň öňünde çaşyp, itlere
ýal bolmasyn!.. — diýdi.
Şol wagt Abadan bir ýerden ylgap gelip, Myrat aganyň gyzyl gana
bulaşyp ýatanyny görüp:
— Wah, elleriň, hudaýym, şeller açsyn! Wah, garyp adama neneňsi
eli göterildikä ömür-ha elleri göterilmän geçmişiň! — diýip, Uzugyň
273
kakasynyň ganyna bulaşyp, ony bagyrtlap ýatanyna ýüregi çydam
bermän, özi hem aglap, oňa göwünlik berjek boldy:
— Uzukjemal gelneje, wah, mert bolsana, çydajak bolsana... —
diýip, ol Uzugy gujaklady. Emma Uzuga beren göwünligini öz göwni
hem tutmady. — Wah... neneň edeýin-nalaç edeýin?!. — diýip, Abadan
ýerinden turdy. Bu mahal onuň kakasy hem ylgap geldi. Ol Myrat
aganyň üstüne abanyp:
— Ah! — diýip, maňlaý derini süpürdi. Abadan ony görüp, öňküden
hem beter oda-köze düşdi.
— Waý, kaka jan, ganyny tutsana! Wah, kaka jan, ganyny
goýbermesene! — diýip, ol garry bedenden bürküldäp akyp ýatan
ganlary saklamak üçin ýaranyň agzyna elini goýjak boldy. — Wah, agyrla! — diýip, otly köýnek geýen ýaly, ör-boýuna galyp, Bekmyrat baýlaryň hataryna seretdi. — Hudaýym, hataryňyz bilen ot alasyňyz, ömürha ýagşylyk ýüzüni görmäsiňiz, ýagşylyk ýüzüni görmän geçenler!.. —
diýdi. Soňra öz öýlerine garşy seretdi. Ejesiniň ala-tütün bolup gelýänini
görüp: — Waý, eje, ýeteweri!.. — diýip, ylgap baryp, burugsap duran
bedräni onuň elinden aldy-da, bir petde ýandagyň üstüne agdaryp ot
berdi. Onuň güýçli ýalny Annageldi ussanyň bedräniň içinde ýanman,
tütäp gelýän köne donuny salymyny bermän, küle öwürdi. Köne donuň
külüni Myrat aganyň ýaralaryna basyp, zordan onuň ganyny diňdirdiler.
Annageldi ussalaryň neberesi bu ýere ýygnandy, Emma Myrat
aganyň daşyna üýşen aýal-erkek, oglan-uşaklaryň Bekmyrat baýlaryň
toparyna nälet aýtmakdan başga edip bilen zatlary bolmady.
— Itiňe kesek atylanda, janyňa ýaranok. Ynha, öýüňde maşgalaň biri
ýaly bolup ýören biçäre garyp adamy nätdiler? Ah, güýjüň deň gelmeýädä, nädersiň-dä!.. Nobatymyzyň bular ýaly azgynlardan öň gelmegi hem
bizi hudaýyň ýazgardygydyr — diýip, Annageldi ussa, Myrat aganyň
gapdalynda otyrka, başyny bir ýaýkady. Onýança Annageldi ussanyň
arabasyny goşup, üstüne ýorgan baryny ýükläp geldiler. Arabanyň
274
üstüne düşelen ýorganlaryň üstünde Myrat agany ýuwaşja ýatyrdylar.
Annageldi ussanyň pikiri Myrat agany öz öýünde saklap, tebiplere
görkezip bejertmekdi. Emma Myrat aga:
— Indi menden adam bolmaz, ölmezimden öňürti meni öz öýüme,
maşgalamyň içine eltiň — diýensoň, Annageldi ussa ony öz öýüne alyp
gitdi.
Annageldi ussa — Myrady bejerdersiňiz — diýip, Orazsoltan ejä üç
tümen pul goýup gaýtdy. Ol gaýtjak bolanda:
— Enşalla, oňat bolarsyň, bu ýyl hasyly ýygnarsyň — diýip, Myrat
aga köp göwünlikler berip ugrady.
Çarynyň ganhor gollarynyň salan ýaralary, omruşdyran süňkleri
biterden agyrdy. Ol ýaralar, agyzlaryny açyşyp, berç-zeper ýygnaşyp,
barha beterleşýärdi. Bu ýagdaý Myrat aganyň berdaşly bedenlerini
kuwwatdan düşürip, gün geldigiçe ejizledip, ahyrky demine getirdi.
Onuň ýerde-gökde karar tapman: «Ah!.. Wah!.. Eý!.. Waý..» diýip
gygyrmasy galyp, bütinleý mejaldan düşdi. Ol indi başujunda aglaşyp
oturan oglunyň ýa aýalynyň ýüzüne käýarym usullyk bilen gözüni açyp
seredýärdi-de, ýene gözüni süzüp ýatyberýärdi.
Gijäniň içinde adam çagyraýyn diýseler, ýakyn ýerde oba ýok. Suhan
gatylar bolsa, bulary ýurtda taşlap, göçüp gidipdir. Durdy gijäniň içinde
gidip, adam çagyrmaga-da gorkýar, eňek atyp ýatan kakasynyň ýanynda
ýeke galmaga-da gorkýar. Orazsoltan eje bolsa eňek atyp ýatan hassany
ýeke taşlap, adam çagyrmaga gidip bilmän, gijäni ýarym etdiler. Il
ýatyp-it uklady. Emma Ýolbars aýylganç-aýylganç ses bilen uwlap, hiç
ýatmaýardy. Onuň Myrat aganyň yzyna düşüp çörek iýmänine köp wagt
geçipdi. Ol indi, birnäçe gündür, Myrat aganyň garasyny hem görmän,
Suhan gatynyň ýurdunda agzyny dik asmana tutup, aýylganç-aýylganç
sesler bilen «U-uw-uw-uw!.. Wew-we-uw-u!!» edip uwlaýar. Onuň
aýylganç sesi Myrat aganyň ahyrky demine çenli gulagyna gelip durdy.
Myrat aga iň soňky deminde gözüni agdaryp seredende, başujundaky
275
başyna peşeň geýdirilen pelteli çyranyň ýagy tükenip, öçügsi şöhle bilen
inçeden uzyn tütünläp, sönüp barýanyny gördi. Onuň şol öçüp barýan
çyradan gözüni aýyrman jan bermegi «Boş ýurtda, garyp öýde, betbagt
maşgalany şeýle garyp goýup gitdim-ä!..» diýlen manyny aňlatdy.
DIWALDA
M
YRAT aga Bekmyrat baýlaryň salan ýarasyndan öldi...
Uzugy süýrediler. Orazsoltan eje özüniň ýekeje ogly bilen ýurtda ýetim
galdy.
Myrat aga aradan çykansoň, Orazsoltan ejäniň başyndaky gaýgyhasratlar öňküden hem beter artdy. «Malym ýok, mülküm ýok; ýerim
ýok, suwum ýok, Durdy entek ýaş, indi men neneňsi eklenerin, ony
neneňsi terbiýelärin?» diýen pikir Orazsoltan ejäniň başyndan galkman,
hekem baglap galdy.
— Öň gyzym süýrelende, Meret arçyn meniň halymdan habar
alypdy. Hossarçylyk edipdi. Indi Meret arçyn-da meniň adymy tutmaýa.
Hiç kim maňa hossarçylyk etmeýä... Kime gerek men? — diýende, onuň
gürrüňdeşi Ogulnyýaz eje:
— Indi sen hiç kime gerek dälsiň, Orazsoltan — diýip, onuň bilen
derdinişmäge başlady.
— Wah, hawa-la.
— Orazsoltan, men şonda-da aýdypdym. Meret arçynyň hossar
çykmagynyň bir emmasynyň bardygyny. Hol aýdyşym ýalam boldy. Indi
il gürrüň edýä: «Meret arçyn Uzugy Bekmyrat baýlaryň elinden alyp, özi
aýal edinip oturyberjek ekeni. Görse-hä, olam bolmandyr, Bekmyrat baý
ökde çykypdyr» diýip. Şol wagt sözem tapdy: «arym» diýdi, «namysym»
diýdi, «ilim», «tiräm» diýdi. Beýle arly-namysly bolýan bolsa, hany indi
ar-namys nirä gitdikä ary-namysy gurmuşyň?
276
Indi seretsene, Orazsoltan, Uzugy bahanalap, ilden dünýäň puluny
ýygnapmyşlar. Iliň haraz towzasyny, kärendesini ýygnap, bäş sany adam
bolup paýlaşyp, öz holtumlaryna dykyp oturyberseler nätjek, holtumlary
çüýräp akmyşlar. Iliň zadyny iýip-iýip, dyňzap, ahyry ýarylyb-a ölerler,
ýarylyp ölmüşler.
Görýämiň, Orazsoltan, indi hiý gapyňdan garaýalarmy? Indi Meret
arçyn-da gapyňdan garamaz, onuň golamançylary-da.
— Wah, hawa-la.
— «Kör hasasyn bir aldyr» diýýä. Öň Uzugy bahanalap, pul
ýygnanlarynda,
barymy-ýogumy
ýygnap
berdim.
«Müýnli
syrt
müňküldär» diýýä. Indi pul diýip, hiç kimiň gapysyndan baryp
bilmezler. Hany gelsin gapymdan, göreýin. «Holtumyňyz gowzadymy,
haram eşşekler?!» diýäýmenmi...
— Orazsoltan, arzaňdan näme habar bar?
— Aý, Ogulnyýaz, näçe arza ýazdyrsam-da, edil hokurdana gidip
ýatan ýalydyr. Meniň ýörejek ýolum bozulypdyr, barjak gapym
ýapylypdyr.
Öňküler aýdypdyr ahyrym: «Güýçli bilen göreşme, ýüwrük bilen
ýaryşma» diýip, Bekmyrat baýlar bilen biziň oýnumyz deň gelermi?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 17
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.