Latin

Ykbal I - 19

Total number of words is 3756
Total number of unique words is 2015
33.2 of words are in the 2000 most common words
48.0 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilen seni öýärin — diýip, Durda has ýakyn süýşdi.
Durdy bu işde Annatuwaga kömek beräýmäge şeýle bir garşy hem
däldi, sebäbi ol heleýden ýaňa Durdynyň çeken jebri, iýen azasy
ýüreginde berç alyp durdy. Annatuwagyň günüsiniň uran ýerleri
Durdynyň endamynda mydama syzlaşyp durdy. Ondan ýaňa Durdynyň
ýüreginde
näçe
gahar-gazaplar
döräpdi.
Şonuň
üçin-de
Durdy
Annatuwaga neneňsi kömek berip biljegini ýene has açyk bilmek isledi.
Annatuwak Durdynyň çigninden tutup, töweregine garandy-da, pyşyrdap
— Sen kömek berseň, men ony edil şu mahalyň özünde öldirin. Edil şu
mahal oturan ýerinde jany çykýar. Kömek berjekmi?!. Meniň diýenimi
etjekmi?.. Aýt, tiz aýt!.. — diýip, Durdyny gyssady.
Annatuwagyň günüsiniň häzir jany çykaýjag-ow diýip, Durdynyň
ýüregi sersmedi. Şeýle-de bolsa, özüniň neneňsi kömeginiň ýetjekdigini
bilmek üçin ýene-de:
— Aýt ahyry, men neneňsi kömek edeýin? — diýdi.
311
Annatuwak gözlerini elek-çelek edip:
— Ynha, men seniň neneňsi kömek etjegiňi aýdaýyn. Ýöne, maňa
aýtdyryp, soňundan kömek etmeseň, öz başyňy iýerin, şuny bilip goý —
diýdi. — Ynha, häzir ol heleýiňkide Sary nahar edinip otyr. Ol heleýiň
özi hem öýünde. Äri bolsa tamda goşasyny oklap otyr. Sen bar-da, şol
heleýiň gapysyndan seret. Saram, ol heleýem — ikisem öýde bolsa, göni
yzyňa dolan-da, öýüň bäri gapdalynda duruber. Men tama ylgap baryp,
arçyna «Heleýiň Sary bilen gujaklaşyp, ogşaşyp dur» diýerin-de, ylgap
daş çykaryn. Arçynam meniň yzymdan goşasyny alyp, heleýiniňkä
topular welin, tamdan çykan badyna, seniň şol öýden bärik ylgap
gelýäniňi görsün. Orta ýolda öňüňden çykyp, sen meniň aýdanymy
aýdarsyň. Ana, onsoň onusy-munusy ýok, işikden baran badyna,
ikisinem otlar. Ine, seniň maňa hem özüňe etjek kömegiň.
Durdy Annatuwagyň bu sözüni eşidip, ýüzüni aşak saldy.
Annatuwak:
— Gorkma, gorkma. Saňa ýagşylykdan başga ýamanlyk bolasy ýok
— diýip, Durdyny gyssady.
Durdy ýene sesini hem çykarmady, ýüzüni hem galdyrmady.
Annatuwak Durdynyň çigninden tutup silkeläp — Gorkýamyň? Sen är
dälmi?! Ýa henizem özüňi oglan hasaplaýamyň? Sen ýigit çykypsyň
ahyry... Ýa-da sen özüňe geljek ýagşylyga düşünmeýämiň?! Seret maňa.
Sen meniň şu aýdanymy etmeseň, şol heleýiň başynyň ýerine seniň öz
başyňy iýerin!.. — diýip, dişlerini gyjap seredende, onuň gözleriniň
garasy agyndan saýlanyp, bäbenegi çykaýjak ýaly boldy. Annatuwak
ýamaşgandan dişlerini gyjap, it kimin gyňrarylyp garanda, Durdy:
«Wawf!» edip bir ýerinden ýapyşaýar öýtdi. Şonda-da Durdy oňa ýene
jogap bermedi. Annatuwak ýamaşgandan, Durdynyň çigninden berk
penjeläp, iki gaýra silkdi. — Diliň lal açdymy, hezzet götermez
haramzada?! Ynha, men häzir seniň dilleriňi ömür-ha geplemez ýaly
ederin!.. Aýt, bolmasa «Maňa el degirjek boldy» diýip tama gygyrdym.
312
Ynha, derrew gelip, arçyn kükregiňden otlasyn. Ýa ol ak guýruk heleýiň
kellesiniň ýerine öz kelläňi beresiň gelýämi?! Aýt göreýin!.. — diýip,
Durdyny gazap bilen azmyna alyp başlady.
Durdy Annatuwagyň duzagyna düşenini bildi. Bu sykajakdan iki
kelläniň birini bermän, sypyp bilmejegine onuň açyk gözi ýetdi. Ynha,
gamanyň iki ýüzi. Haýsyny alsaň al. Isleseň, Sarynyň kellesini ber,
isleseň, öz kelläňi ber. Bu iki kelläniň birini bermän gutulmaga Durdy
oturan ýerinde başga bir ýol görmedi. Ol agyr ýagdaýda galdy.
Annatuwak — Tiz bol! — diýip, ony gyssamaga başlady.
Durdy:
— Hany birazajyk pikir edeýin — diýdi.
— Bu ýerde pikir bolmaz, tiz bol!.. — diýip, Annatuwak ýene
gyssap ugranda, daş işikden aýak sesi eşidildi. Annatuwak Durdudan
ýeňseräk çekildi.
Bu wagt onuň eltisi bir gadak çaý sorap girdi. Annatuwagyň eltisi bu
wagt Durdynyň gözüne şeýle mähriban bolup göründi, «Sen — enem,
meniň enemden zyýada bir aýal sen!..» diýip, Durdynyň ylgap baryp,
ony gujaklaýasy geldi. Ol üstünden dag aýrylan ýaly bolup, ýerinden
turdy-da:
— Annatuwak eje, sen meniň başymy haýsy wagt isleseň, iýip biljek
ekeniň, oňa gözüm ýetdi. Ýöne men hiç haçan Sarynyň başyny iýip
bilmen, oňa-da seniň gözüň ýetsin! — diýip, dogry çykyp gitdi.
Annatuwagyň eltisi:
— Wiý, gyz, ol näme diýdigi boldy onuň? — diýip sorady.
— Aý, samahyllar ýörer-dä, samsykdyr-da...
Durdynyň sözi Annatuwagyň eltisine düşnüksizligine galdy.
Durdy agşam bu wakany Sara ýekän-ýekän aýdyp berdi. Sary tä
Durdy aýdyp gutarýança, başyny aşak salyp diňläp oturdy. Iň soňunda
şol ýüzüni aşak salyp oturyşyna ýumşajykdan myssa ýylgyrdy. Onuň
ýylgyryşynda bir gamgynlyk aňlady. Soňra Sary başyny aşak-ýokary
313
ýaýkap:
— Ýeke heleýli baý gözlemeli boldug-ow. Ýeke heleýli baýam-a
aňsat tapdyrmaz; tapdyrmasa-da, bu iki güninis duşmançylygy ahyr biziň
birimiziň başymyza ýeter... — diýip, uludan bir demini aldy.
Durdy:
— Aý, Sary aga, ahyr däl, asyl derrew başymyza ýetäýjek. Ýöne:
«Tiz aýt, ynha, gygyrdym!» diýip, gyssap alyp barýar aýt. Özüni
wejeralyga salyp gygyrdy gutardy-da, edil şol mahal janyň ýok-da —
diýdi...
Durdy bu işden aman-esen gutulanyna köp wagtlap begenip gezdi.
Soň bir gün ol pilini egnine atyp, suw tutmaga barýardy welin, öýüň
ýeňsesinde Annatuwak muňa pete-pet duş geläýdi. Durdy ony görüp,
tisginen ýaly boldy. Annatuwak oňa:
— Öňki gezek ujyz gutulansyň, indi girime düşäýseň, aman
gutularyn öýtmegin — diýip geçip gaýtdy.
Durdy sesini çykarman, suw tutýan ýerine bardy. Ol öňürti pesräk
pellere düzüşdirip suwardy. Iň soňunda bir beýik pele düzdi. Bu pel
suwy näçe çişirse-de, Durdy böwet bişişendir diýip, arkaýyn boldy.
Birden salmanyň suwy tap berip başlady. Ol ylgap, böwediň başyna
barsa, böwet eýýäm gidipdir. Mes suwy ýeke özüniň alyp bilmejegine
Durdynyň gözi ýetdi. Ol Mommukdan haraý isläp:
— Haý, Mommuk, ýet, haw! Böwet gitdi, haw! — diýip, gygyrmaga
başlady. Mommuk, pilini alyp ylgap geldi. Ol böwediň bütinleý
gidendigini görüp, howlukmaçlyk bilen töweregine seredende, ýandak
petdeleriniň birine dürtülgi duran ýabaga gözi düşdi.
— Gir, haramzada, suwa! — diýip, Mommuk Durda azgyryldy.
Durdy ýüzüniň ugruna suwa özüni oklady-da, satanyny abşardyp,
ýabyň her gyrasyna bir elini diräp berk durdy. Mommuk ýandak
petdelerini suwuň öňüne basmaga başlady. Mes suw ýandak petdelerini
Durdynyň butlaryna, döşlerine näçe diýseň gysmaga başlady; ýandak
314
bolsa özüniň naýzalary bilen Durdynyň bedenine şonçakly sançýardy.
Durdy ýandagyň sansyz sanjylýan naýzasynyň yzasyna döz gelip, suwuň
hüjüminden bir daban-da ýeňsä süýşmejek bolup, gara güýjüň garşysyna
güýç goýýardy. Ýekeje daban ýeňsä süýşäýse, suwuň güýjüniň üstün
çykjagyny ol açyk bilýärdi. Ol sebäpden şol başda elini-aýagyny berk
diräp durşuna edil demirgazyk ýyldyz ýaly gozganman durdy. Şeýle-de
bolsa, petde ýandaklaryň öňüne Mommugyň atýan gumunyň üýşdügiçe,
suwuň güýji artýardy. Öňi alynýan mes suwuň çişginli güýji artyp, ahyry
Durdyny bir daban ýeňsä tesdirdi; onuň aýaklary şol bada kerte direlip,
Durdynyň durşy öňküden-de berkedi. Häzirki durşunda suw ony
omraýmasa, ýeňsä tesdirip biljek däldi. Indi Mommuk näçe topragy
çalasynlyk
bilen
taşlasa,
şonça
peýdady.
Emma
Magtymguly
babamyzyň: «Ulalanda, iş hoş gelmez, ýaşlykda köýmän ýigide» diýşi
ýaly, kär ýakmaýan baý ogly şujagaz işleýänine näçe diýseň gyzýardy.
Ol Durdynyň bir daban ýeňsä tesenine ýerliksiz ýerde gahar edip:
— Berk dur, haramzada!.. — diýip, ýeke gulak kepjäni onuň iki
kebzesiniň arasyna gondurdy. Asmandan inen piliň zarbyna Durdynyň
aýaklary kertden sypyp ýykyldy. Läbik suw onuň üstünden şygyrdap
indi. Petdeler bulanyk suwda hatarlanyşyp eýýäm gözden ýitdi. Indi
suwuň öňüne basaýmaga töwerekde petde ýandak-da ýok, çyrpynyp
akýan mes suwuň toprak bilen öňüni aldyrjak gümany-da ýok. Ýene-de
Durdy suwdan şapyrdap çykdy-da, durup bilmän, beýle ýanyndaky ýapa
tarap ylgady. Durdy ýapynyň aňyrsynda köp hyşa düýbüň üýşüp
ýatanyny bilýär eken. Durdy bilen Mommuk şondan böwet ýere daşady.
Soňra hyşa düýbi basyp, suwuň öňüni aldylar.
Böwedi ykjam berkidensoňlar, Mommuk işlänine jany ýanyp:
— Sen böwet basmany bilmezmiň, haramzada?! — diýip, Durda
topuldy. Ol Durdyny öňki ýyllardakysy ýaly göterip, suwa basaýaryn
öýtdi. Emma ýapyşandan, onuň güýç bermejegini bildi. Şeýle-de bolsa,
ikisi sarmalaklaşyp gitdi. Şol sarmalaklaşyp baryşlaryna-da ikisi hem
315
ýaba doldy. Neneňsi-de bolsa, Mommuk Durdynyň üstüne düşdi. Ol
Durdynyň kellesinden basyp, biraz «kyrk-kyrkdan sanatdy». Durdy
ahyrym zordan hopugyp çykdy-da:
— Indi kyrk-kyrkdan sen sana! — diýip, Mommugy gübürdedip
basdy.
Mommuk suwuň aşagynda biraz «kyrk-kyrkdan sanady». Durdy ony
öldüm-öldümde bir çykaryp — Ýene sana kyrkdan, seni baý ederin —
diýip, ýamaşgandan hem basdy. Şeýdip, Durdy Mommuga «kyrkkyrkdan goýun sanadyp» durka, Mommugyň inisi gelip, Durdynyň
boýnuna bökdi. Durdy onuň burnunyň üstüne raslap bir goýdy-da,
elinden sypyp gaçyp, ýapdan çykdy. Daşynda bular Durdyny ikiläp
ýençdiler. Emma bu ýerde-de urşuň tiz gaçyrymyny aldy. Ol gaçyp
uruşmaga başlady. Durdy gaçyp uruşmaga başlansoň, onuň her çalan
ýumrugynyň täsiri artyk bolup başlady. Mommuk pile topuldy. Durdy
öňürti ýetişdi. Ol piliň sapyndan tutup, bir depende omurdy; pili ýaba
zyňyp, sapyny eline aldy. Ikinji pili hem şeýtdi. Şeýlelikde, Durdy iki
sany pil sap bilen ýaraglandy. Soňra ol iki dogany pil sap bilen
ýençmäge başlady. Mommuk agyrysyna çydaman, inisine:
— Ylga, goşany getir! — diýip gygyrdy.
— Inisi goşa ylgady. Özi bolsa taýaga çydaman, ýabyň anyrsyna
böküp geçdi. Inisine — Tiz ylga — diýip gygyrdy.
Durdy şol ýerden çalt-çalt ýöräp öýlerine gaýtdy...
Iki dogan goşany alyp, Durdynyň yzyndan ylgady.
Ejesi Annatuwak öýüniň gapdalyna çykyp:
— Bagryny garaltman gaýdaýsaňyz, kelläňizi keserin! — diýip
heňkirdi.
Durdy Ogulnyýaz ejäniň hataryna ýetmäge bäş-alty ýüz ädim
galanda, Mommuk Durdudan atmaga başlady. Tüpeň sesine Ogulnyýaz
ejäniň
hatarynyň
adamlary,
oglan-uşak
barysy
ylgaşyp
çykdy.
Ogulnyýaz eje Durdynyň yzyndan ylgaşyp, atyp gelýänlerini görüp,
316
agtyklarynyň birine:
— Bar, goşany al-da, ol «batyr» haramzadalaryň öňünden çyk! —
diýip gygyrdy.
Ol sözüni soňlamanka, agtygy goşasyny alyp, kowguçylara tarap
okduryldy. Meret arçynyň oglanlary, Ogulnyýaz ejäniň agtygyny
görenden, yzlaryna gaçdylar.
Orazsoltan eje bu hadysadan gapyl galdy, sebäbi Ogulnyýaz eje ony
ukudan oýarmady.
ÝAŞAMAGA ÝER GALDYMY?
D
URDY Meret arçynyň oglanlary bilen urşup gaýdandan soň,
dolanyp olara barmady. Ol oba arasynda kimiň günlükçiligini, kimiň
potratçylygyny edip geziberdi. Gyş aýlary her kimiň gazysyna gidip,
kimiň odunyny çekdi, garaz, ýykma-ýykylma güzeranlaryny dolarlyk
gazanç edýärdi.
Kakasynyň öldürilmegi, uýasynyň süýrelmegi hakynda her hili adam
tarapyndan her hili gürrüň Durdynyň gulagyna ýetip durýardy. Bu hakda
Durda hakyky ak ýürekden dostluk maslahatyny berýän köpdi. Emma
Meret arçynlaryň topary ýaly, ýörite hyýanat etjek bolup, Durdynyň
gulagyna her hili söz ýetirýän adamlar hem ýok däldi.
Bir gün köpçüligiň üýşen ýerinde ogul-gyz, perzent hakynda gürrüň
boldy. Bu gürrüňçilikde Durdy hem bir çetde otyrdy. Meret arçynyň
ýakyn garyndaşlarynyň biri Durda kakdyryp:
— Aý, her kim ogul-gyz, perzent diýen bolýa-da, birnäçesi
bolandan-a perzentsiz öten ýagşy. Ogul bolanda näme, atasyny biri
öldürip, köçede döşüni gerip, ýaýkanyp ýörse, olam, sakgalyny syryp,
«Namartja olam, sagja olam» diýip, gorkusyna ýaýdanyp ýörse. Şolar
ýaly zehiniňi örtän ogul bolandan bolman geçsin! — diýdi.
317
Durdy oturan ýerinden ýanyny ýere berip, ýüzüni aşak salanyny özi
hem duýman galdy. Bu mahal şol Uzuk süýrelende, Meret arçynyňkyda
halkyň puluny paýlaşan adamlaryň biri märekäniň içinde otyrdy. Ol hem
sözüň üstüni ýetirdi:
— Haw, biz hemmämiz başymyza telpek geýip ýöremizsoň,
aýallarymyz tanamaýa. Heleý asyl är tanamaz eken, başyna telpek geýen
ärdir öýdäýer eken. Emma birnäçesiniň başyndaky telpeginiň her bir
buýrasy: «Dat! Men bir binamysyň başyna mynasyp boldum!» diýip, ah
urup, arman çekýä. Ynha, ýaňky seniň aýdanyň ýalylara biri sataşsa:
«Ärim» diýen bor ýörer-dä...
Bu gürrüňe Durdynyň bil oňurgalary eplenişip, içine çöküşip barýan
ýaly boldy, onuň bütin gapyrgalary owranyşyp, epilişip barýana döndi.
Ýatan ýerinde onuň näler gernesi geldi; gerinmäni uslyp bilmän, ol bütin
bedenindäki agyrylara çydam berip, özüne dözdi. Turup gaýdybermäniň
hem uslybyny tapmady.
Oturanlaryň içinde Ogulnyýaz ejäniň ýaşy ýigrimi bäşe ýeten bir
ogly otyrdy. Onuň adyna Gylyçly diýerdiler. Gylyçly aýdylýan sözleriň
hemmesiniň Durda degýändigini bilýärdi. Ol Durda berilýän gyjalata
çydap oturyp bilmän, lakgyldaşyp oturan adamlara jogap bermäge
başlady:
— Siz, adamlar, sözi gaty giňden aýlap urýamykak öýdýäsiňiz welin,
siziň gürrüňiňiziň çyzygy gaty dar gelýä. Siz «Heleý är tanamaz eken»
diýdiňiz. Heleý äri gaty ýagşy tanaýandyr. Heleý gözýetimden görenden,
erkegiň sakgalynyň näçe gyly bardygynam bilýändir, ýöne —
sataşanymdyr-da, nädeýin — diýip gezip ýörendir. Şolam biziň bir topar
telpek geýip ýörenlerimiz üçin bähbit; Eger-de biziň aýallarymyz,
oruslaryňky ýaly seçip-saýlap, her haýsy göwün halanyna barýan
bolsady, onda bu mahal bir topar başy telpekli iki-üç heleýlilerimiz
heleýsiz galardy. Bir topar başy telpekli aýalsyz gezip ýörenlerimiz bolsa
şolaryň deregine aýally bolardy. Men şu aýdan sözlerime gaty-da
318
ynanýan — diýdi.
Oturanlar:
— Beýle iki taraplaýyn tyryňňyldyly söz nämä gerek?! — diýişdiler.
— Ýok, adamlar, men bu sözleri başdan diňläp oturdym. Ol sözleriň
nireden aýlanyp, nirä degýänine men düşünip otyryn. Şol oglan häzir
biziň hatarymyza göçüp geldi. Näçe wagt biziň hatarymyzda otursa,
şonça wagt şol meniň inilerimiň biri, gitse-de şeýle. Oňa görä-de şol
oglanyň bir ýerine gelip degen agramly, batymsyz sözler meniň edil iki
garagymyň arasyna gelip degýä. Men Suhan gaty däl. Suhan gaty bir
ygrarda bolsa, men başga bir ygrardaky adam.
Iki dulugy içine çöküp duran bir agaç et ýaşuly ýerinden gobsundyda:
— Ahow, Gylyçly, şu sözler bu ýerde gerek däl, haw, geliň goýuň.
Asyl beýle bimaýa sözleriň ozal ebedinde başlanmagy gerek däl ahyrym
— diýdi.
— Ýaşulular, beýle sözi men başlamadym. Başlanmagyny hem
islemeýädim.
Indi
başlanypdyr,
goýulsa
goýulsyn,
goýulmasa
göterilibersin! — diýip, Gylyçly hum ýaly çişdi. Bu söz aňry gidiberse,
ahyrynyň oňly gutarmajakdygyna bu sözi birinji başlan adamlaryň gözi
ýetdi. Ol sebäpden bu gürrüň şu ýerde galdy.
Durdy şol ýatyşyna birnäçe wagt gozganman ýatdy. Tarapyny tutup
gepläni üçin, Durdy Gylyçlydan gaty razy bolsa-da, onuň ýüregi ýerine
gelmedi. Ol öz üstünde beýle sözleriň turanyna ýaman gyjalat çekdi.
«Indi men şeýle namys astyna galyp, her öňýeteniň gyjalatly sözüni
eşidip, ömrümi ötürmeli borunmy?» diýen pikir astyna düşüp, Durdy
ýatan ýerinden galyp bilmedi. Soň özüni biraz raslap, maý tapyp turup
gitdi. Ol hiç ýere dolanman, göni öýlerine bardy, öýlerine giren badyna,
ejesi:
— Oglum, oňat ir geläýdiň. Kakaň wagtly-wagtynda düşek aş, hudaý
ýolusyny-ha edip bilmedik. Her ýyl ölen güni ys-kok bir edip duraly.
319
Ertir şonuň aradan çykan günüdir, sen şähere git-de, bir gadak-ýarym
gadak zawut ýagjagaz alyp gelsene, hiý, bir ys-kokjagaz edip
bilmezmikäk? — diýdi.
— Aý... ys-kök edeniňde, kim aýat okajak, kim degsin etjek? Biziň-ä
allahakber bilen bismilladan başga bilýän zadymyz ýok. «Şu ýerde
kelemäňi çöwürmeseň, kelläňi alýas» diýseler, Ýagmyr körüň lal ogly
ýaly, «iläi-lällä-ääi» diýip, gygyryp durmasak, başga etjek zadymyz
ýokdur.
— Ýa..., oglum, beýdip samahyllap oturmasana, hanha, Annaoraz
işanyň agtygy molla Sahy bar ahyrym. Şony çagyryp, bir ýasyn-tebärek
çykardarys-da.
— Aý, ýasyn-tebäreginiň-ä nämedigini bilemok welin, şol molla.
Sahysynam, Annaorazynam doňuzdan enaýy göremok. Şolar biziň
gapymyzdan garamazlar-da... — diýdi.
— Haý, haý, oglan! Beý diýmesene! Senden geplediberseň, oňlusy
çykjak däl. Sadagasy gitdiklerim güýçli işanlar ahyrym.
— Aý, eje, sen ony maňa aýtmasana! Men olary ýagşy tanaýan.
Kakam ölende, bir gün gelip, işigiňde oturdymy? Hol Berdi baýyň,
soltan Söýüniň enesi ýaly, sallançaga salyp üwräýmeli guzudiş çykan
hüňkär enesi ölende, bir aýlap işiginden galman, gelene gübürdedip, aýat
okap beren bolup oturdy.
— Ol aýdýanyň-a dogry, oglum.
— Ol aýdýanym dogry bolsa, men bularyň hemmesini kakam
öldürilende,
gyzyň
süýrelende
tanandyryn.
Mollasam,
işanam,
hökümetem — bularyň hemmesi puluň awçysy, baýyň guly ekeni.
Ýadyňdan çykdymy — gyzyň süýrelenin-ä goýaýaly — kakam
öldürilende, arza berjek bolup, meni yzyňa tirkäp, hiç ýerini tapman, ol
köçeden ol köçä entäp, aglap ýöreniň? Men onda has oglanrakdym,
ýöne, oglanam bolsam, ol zatlara düşünýädim, ol horluklar meniň
ýadymdan ölinçäm çykmaz.
320
Bilýämiň, dört gezek arza ýazdyryp, prisdewemi-nirämi arza berdiň?
Dört arzany hem ýitirdiler. Henizem şol Sergeý garyndaşlyk edäýdi,
ýogsam kakamyň işine düýbünden serediljegem däl eken. Şol Sergeýi
indi meniň göresim gelýä.
Bilýämiň, şonda seniň arzaň ýitýädi. Onuň sebäbi: Awanys ermeni
bar-a, hol Bekmyrat baýyň hojaýyny, Bekmyrat baý şoňa pagta alyp
berýändir — ana, şol ermeni prisdew bilenem, bolköýnek bilenem, süýt
bilenem, gatyk bilenem tanyş eken. Şolar bilen içişip, barynyň garnyny
Bekmyrat baýyň bol pulundan doldurýan ekeni. Onsoň seniň arzalaryň
ýitmäge başlapdyr. Men-ä ol wagt bir oglan, şäher görmedik. Senem bir
aýal adam bolaňsoň, onda bolýan işlere biz düşünmeýän ekenik. Bu
zatlaryň hemmesini indi maňa il gürrüň berip düşündirýä. Şu zatlary
Meret arçynyň daýhany Saram oňat bilýär eken; Gylyçly ondanam oňat
bilýä.
Ol haram doňuz baýaryňka-da her baranda, hol Arryk baý
başlyklaýyn Ulugberdi kazymy, Annaoraz işanmy, ýene-ýenemi: «Size
beýdip ýörmek utançdyr. Iki adamyň arasyna şeýtan düşüpdir. Agyzlary
alaryp urşupdyrlar, biriniň taýagy berkräk degipdir, ajaly şondan ekeni,
ölüpdir-dä...» diýip, seni aldap ýaraşdyrjak boldular. Sen ýaraşmadyň,
akyl etdiň. Ýöne paltaň daşa degendigini bildiň, şonda-da ýaraşmadyň.
Akyl etdiň.
— Wah, hawa-la, oglum.
— Bilýämiň, şonda ýaraşmajak bolaňda, «Aýal halyňa köçeden-köçä
entäp, nä körüň bar?!» diýip, saňa sögýänem bardy. Şonda men oglanam
bolsam, «Bekmyrat baýyň kakamy öldürmegine hiç razy däldirin!»
diýip, prisdewiň işiginden çykyp barýarkak aýtdym. Aý... eje, ol
horluklar, ol sütemlikler, Bekmyrat baýyň ol zulumlary meniň ýadymdan
gabra giremde çykar, ondan bärde çykmaz! — diýip, Durdy uludan bir
demini aldy-da, ýüzüni aşak saldy.
Bu wagtlar uýasyny Amanmyrat süýrände, onuň gara saçlary at
321
üstünden dökülip, ýerden süýrenip barýarka, Uzugyň agzy dykylgy
gygyryp bilmän, ýaralanan guş ýaly urnup barşy bir-bir Durdynyň göz
öňüne geldi.
Ýaňky oturylyşykda edilen gürrüňler bu zatlaryň üstüne urna boldy.
Ol ýaman hapa bolup, başyny aşak salyp oturdy. Soňra birden ör-boýuna
galdy-da:
— Hany, eje, ýag gabyňy tapyp ber, hem ýag alyp gaýdaryn, hem
biraz bozulan göwnümi açaryn — diýip, eline ýag gabyny alyp, şähere
garşy ugrady.
Durdy ýolboýy durmuş oduna ýana-ýana, Mary şäherindäki köne
bazar jaýynyň çetinden geldi. Bu ýerde bir inçeräk köçä düşüp, ýüzüni
günorta tutup ugrady. Bu inçeräk köçe gide-gide, derýanyň pyýada
köprüsiniň ýanyna ýetiberende, köne saraýlyklara diredi-de, aňry gitmän,
şol ýerde gutardy.
Durdy köprüden geçmek maksady bilen köne saraýlygyň arasyndan
aýlanyp, geçip barýarka, köne tamlaryň içinden çykyşyp:
— Bärik gel, ýagşy gyzlar bar — diýip, el bulaýlaşyp duran azarly
heleýleri gördi.
Ol: «Bular-a adamyny masgara etjekler aýt, tanyş-biliş görmänkä,
basymrak çykawereýin, men-ä bularyň öýjügine düşüpdirin» diýip, gatygaty ýöräp barýarka, öz giýewleri Amanmyradyň gapdalyndaky köne
tamdan çykanyny gördi. Durdynyň bozuk göwni muňa öňküsinden hem
beter bozuldy. Ol agyr oý-pikirlere düşüp, ýüzüni ýokary galdyrman
barşyna,
otluýoldan
geçen
ýerinde,
maňlaýynda
«Ýolbarsly»
çaýhanasynyň içinden şirwana tutulan goşa tüýdügiň ýanynda «Bady
saba, salamymny» diýen aýdyma gygyrylýan ses eşidildi. «Birsalym
aýdym diňlesem, hiý, bozuk göwün açylmazmy?!» diýip, Durdy çaýhana
dolandy.
Semawar hyryn-dykyn märeke. Adamlar ilki öňden aý berip
oturypdyrlar, yzynda her kim duran-duran ýerinde oturyp, ýer
322
tapmadyklar zynç bolup dik durdular. Durdy hem baryp, bir burça
dykylyp oturdy.
Öňde oturanlaryň hemmesi diýen ýaly gyrmyzy don, gara ädikli,
murtlaryna bat berşen bolup otyrdylar. Bularyň ak saply pyçaklaryny
oýnaşan bolup oturanlary haýsy, öňlerine oklaýanlary haýsy, boýunýakasyndan gysdyraýanlary haýsy, garaz, her haýsy öz ýanlaryndan
dagyň şiri däldirin öýtmeýärdi.
Bagşylar «Bady sabany» aýdyp gutaryp — Bolýa-da indi, gaty
ýadadygam — diýip, tüýdüklerini beýlede goýdular. Oturanlardan —
Bolýa-da tüýdük, hany indi dutar başlansyn-la — diýen adamlar
bolansoň, dutar çalynmaga başlandy. Aşakdan tutulyp, kem-kemden
ýokary galyp, gyzyşyp barýan dutarlaryň zaryn sesi diňleýjileriň her
haýsynda bir hili duýgy oýardy. Dutarlaryň her kimiň öz derdini gozgap,
kem-kemden
güýçlendirip
barýandygyny
oturanlaryň
hyrçlaryny
dişleşip, başlaryny ýaýkaşyp oturmaklaryndan başga-da «Sag bo-o-ol!»
diýip, biygtyýar gygyryşýan adamlaryň sesleri hem aýdyp durdy.
Bagşylar, kem-kemden gyzyşyp, zaryn perdä tutup, ahyrym «Zalym
aýralyk» heňini çalmaga başlady. «Zalym aýralyk» heňine Durdynyň
göwni bozulyp, misli özi üçin çalnan ýaly boldy. Ol, «Zalym aýralyga»
bütinleý özüçe düşünip, garyp göwni çydam bermän, gözünden
biygtyýar dökülen ýaşlaryny süpürip otyrdy.
Bu wagtlar dutaryň ýanynda oturan murtlak ýaş ýigidiň:
— Meniň şu bolşumy görüp bilmeýäniň gözi çyksyn! Meniň
duşmanymyň gözi çyksyn! — diýip gygyrýan sesi eşidildi. Bu ses
Durdynyň gulagyna ilen badyna tisginip seretdi. Şol bada özüniň
gandary Çaryny tanap, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Şol halatda Çarynyň ýanyndan biri:
— Halha, seniň duşmanyň boýnuny uzadýa, öldüräýmesin, haw! —
diýip, hah-hah-haýlap güldi.
Çary barmagyny Durda uzadyp:
323
— Duşmanym şolar ýaly burny pohlular bolsa, ýaragym hyşadyr,
Aman jan! — diýip gygyrdy.
Durdy oturan ýerinde özünden giden ýaly bolup, ýag gabyny almagy
hem ýadyndan çykaryp, zordan ýerinden turdy-da, çaýhanadan çykyp,
dogry öýlerine gaýtdy.
Öýlerine ýetip barýarka, çaýhanada ýag gabyny galdyrandygy onuň
ýadyna düşdi.
Ol iňrik garalandan soň, öýlerine geldi.
Ejesi:
— Näme, oglum, gijä galdyň, hany ýag gabyň? — diýdi.
— Şäherden ýag tapmadym. Ýag gaby ýolda Baýjaň butgasynda
goýdum, onuň butgasyna ertir ýag geljekmiş. Meniň-ä kellämem agyrýa,
ýer salyp berseň ýatjak — diýip, Durdy ýer saldyryp ýatdy.
Durdynyň ýatmak bilen gözüne uky gelmedi. Bütin durmuşyndaky
agyrlyklar pikirinde ýeke-ýekeden gözüniň öňüne gelip geçmäge
başlady. Gam, gaýgy-pikirler basmarlap, oňa uklamaga maý bermedi.
Durdy uklap bilmän, eýlesine agdaryla-beýlesine agdaryla, gijäni ýarym
edip, ahyrym daňa golaýlanda, uka gitdi...
Tomsuň yssy aýlary, günortanyň garaňkysynda, giň meýdanyň
ortarasynda Durdy ýabysynyň uýanyny eýeriň gaşyna ildirip, öz
maýdalyna sürüp barýardy. Howa yssydy. Meýdanda gezip ýören
adamdan, mal-garadan hiç bir göze ilýän zat ýokdy. Käwagtlar ýoluň
ugrunda kölegeläp ýatan torgaýlaryň gürre uçup, ýene yssa çydaman,
beýle ýanyna gonandaky ganatynyň sesi bilen ýabynyň aýagynyň sesi
bolaýmasa, başga eşidilýän hiç bir ses-üýn ýokdy.
Ynha, şu gum-guklugyň içinde giň meýdandan inçejik ýoda bilen
ýabysyny öz maýdalyna sürüp barýarka, bir ýoly kesip geçýän çaýyrçamyr basyp ýatan ýandakly kölçeden geçjek bolup, ýabysyny inderen
ýerinde Durdynyň gapdalyndan aýal dogany çykyp:
— Eý, eziz doganym! Men seniň şu ýoldan geçjegiňi eşidip, ertirden
324
ýoluňy saklap otyrdym — diýdi. — Durdy jan, näçe ýyllar mähriban
enemiň diri didaryna zar boldum. Näçe ýyldyr, deň ösüşen jan doganym,
seni görmälim! Zalymlar meni tanyş-bilişden, il-günden, ene-atadan aýra
saldy! Men zalymlar golunda, zyndan içinde galdym! Men elmydama ot
içinde, gerdenimde taýak, gözümde ýaş, gel, meni bu zalym ärden azat
et! — diýip, Uzuk Durdynyň atynyň boýnuny gujaklap duran ýerinde
ysgynsyz syrylyp, biline taýak degen ýylan ýaly guýlunyp, at aýagynyň
ortasyna ýykyldy.
Durdy Uzugyň perişan halyndan gözüni usullyk bilen aýryp, başyny
kem-kemden göterip, atynyň kellesiniň üstünden öňüne seretdi. Görse,
öňi giden mazarlyk bolup, atasy köne tamyň içinde ör-boýuna ak zada
dolanyp.
— Eý, oglum! Sen ol ýurmuk ýaly naçary beýle horlatma, sen ony
zalym golundan azat et — diýýär. — Ol ýumruk ýaly ejizi azat etmek
ugrunda ölümden gorkma! Ölmek kyndyr, ýöne namys däldir, emma
duşman gyjalaty astynda galmak agyr, ýaramaz, pes bir haldyr. Ol
ýagdaýdan gutulmak gerek, ol zynjyry gyrmak gerek — diýýär welin,
Durdy ör-gökden gelip, hopugyp, laňňa ýerinden galýar.
Birsalym pikirlenenden soň, ol munuň düýşüdigini bilip galýar.
Durdy bu düýşi köp pikirler astynda daňa ýakyn uka giden badyna
gördi. Soňra gözüne uky gelmän, ýüregi howlap, ýatyp bilmän turdy-da,
ot ýakyp, ojagyň başynda çugutdyryp oturdy. Birhaýukdan ejesi oýandy.
Ol Durdynyň ot ýakyp oturanyny görüp, ýüregi ýarylan ýaly:
— Durdy jan! Näme beýdip otyrsyň? Näme bir ýeriň dagy
agyrýamy?! — diýip ýerinden turdy.
— Aý, eje, agyrýan ýerim köp. Hemmesinden beteri — ýüregim
agyrýa. Şu zalym ganhorlaryň sütemlerini hiç çekip bilmeýän! — diýip,
Durdy düýnki başyndan geçen ahwallary gije gören düýşüne çenli bir-bir
aýdyp berdi.
— Aý, oglum, näme diýeýin-dä, «Biziň ýaly ejize sütem edýänler öz
325
pällerinden tapar» diýip oturybermesem, elimden gelýän başga zat
barmy?! — diýip, Orazsoltan eje aglamaga başlady.
— Aý, eje, goý, aglama, aglap döken gözýaşlaryňdan çigit ýaly
haýyr ýok. Seniň döken gözýaşlaryň derek tutýan bolsa, mundan ozal az
dökmediň, goý, indi gözýaş dökme!.. Duşmana ýaşly göz bilen bakman,
gaharly, ýangynly, ganym gözler bilen bakmak gerek, ahyrky demiňe
çenli gaýratyňy görkezmek gerek. Men duşmana güýjümi görkezerin,
ýöne men ýekedirin, olar köpdür, olaryň puly kändir. Olar ýene menden
üstün çykarlar. Goý çyksynlar! — diýip, Durdy babasyndan galan köne
kössäni aldy-da, çäkmeniniň aşagyndan egnine ildirip, pyçagyny biline
gysdyrdy.
— Hoş, eje, men gidýän. Men duşmanyň kastyna çykýan. Menden
razy bol-da, ak göwünden enelik pataňy ber.
— Waý, oglum! Beýle däl! Sen ýekesiň, ýekäniň çaňy çykmaz.
Päliňden gaýt! — diýip, Orazsoltan eje aglap ýapyşdy.
Durdy ejesiniň aglap ýapyşmagyna gahar edip:
— Eje, pata berseň-ä, pataňy alyp gitjek, bermeseňem, ine gitdim.
Gidemsoň, gije-gündiz meniň işimiň oň bolmagyny dileg edersiň —
diýip, ejesiniň gykylygyna garaman, gijäniň içinde çykyp gitdi.
*
*
*
Şu gije daň atsa, bazar günüdi. Daň hem hasrat bilen atdy. Bazar
jaýyň her ýerinde-her ýerinde ýeklän-tüklän görünýän adamlar kemkemden köpelmäge başlady. Gün dogmazyndan ozal, bazar jaýyň çar
töwereginden dökülip başlan bazarçylar tä günorta bolýança, yzy
kesilmän gelip, bazaryň giň meýdanyny hyryn-dykyn doldurdy.
Saraýlardaky goýun ýatagyň çöründen kän gazyklardan mal daňmaga
gazyk tapylman, arabalaryň tekerlerine, aryşlaryna daňlan mallaryň hem
sany-sajagy galmady.
Durdy bazar ýagşy gyzandan soň gelip, saraýlara aýlandy. Bir
326
saraýyň çetinde Çarynyň atynyň gaňtarylgy, gazygynyň daşyna aýlanyp
duranyny gördi. Ol içinden: «Hä, bolýa, indi Çarynyň özüni tapmak
gerek — diýip, bazara garşy ugrady. Baryp, Çarynyň bolýan ýerlerine,
dükanlara seredişdirdi, emma tapmady. — Bu doňuz ogul-a şähere,
semawarlara gidendir, eger ýeriň astyna gitse-de sypdyrman» diýip,
Durdy şähere garşy gidip barýarka, bir dükanyň işiginde gara ädikli,
gyrmyzy donly, uzynak bir ýaş ýigidiň ýeňsesinden Çara meňzeş görüp,
gapdalragyna geçip seretdi. Görse, Çary, nogul-nabat, kemput, mampasa
ýaly dürli-dümen zatlardan çekdirip, kagyza dolap, haly horjuna dykyp
dur.
Bir tarapdan, Çarynyň gaty güýçli ýerdendigi Durdynyň ýadyna
düşüp, inleri gowşaşyp, ýüregi urmaga başlady. Ýene bir tarapdan bolsa,
Çarynyň, Suhan gaty, Meret arçyn ýalylaryň eden sütemleriniň baryny
birden göz öňüne getirdi. Bu wagt Durduda niredendir görülmedik güýç,
kuwwat peýda boldy; onuň ýürekleri urup, bütin damarlary gerjeşip,
dişleri bir-birine gysylyşmaga başlady; bütin duýgusy: «Ur! Ur! Haýal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 20
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.