Latin

Ykbal I - 08

Total number of words is 3813
Total number of unique words is 1945
35.5 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birinji söýginiň ody näçe güýçli bolsa-da, oňa döz gelip — Ýagşy,
Ogulnyýaz eje, eger-de bir ýerde Berdini göräýseňiz, Uzuk saňa salam
124
iberdi diýip aýdarsyňyz. «Başga elimde-de, ygtyýarymda-da saňa
ibermäge hiç bir zadym bolmady» diýdi diýersiňiz. Hoş sag boluň, ejeme
göwünlik berersiňiz — diýip, garrylary ýola salyp, yzyna dolandy.
Uzugyň bu sözlerini Eneküti eşidip durdy.
Uzuk ýüzi açyk, agzy ýaşmaksyz, deň basyp, özüne garaşyp duran
gyzlaryň ýanyna ugrady.
Eneküti üýşüp duran aýallaryň ýanyna baryp:
— Serediň, serediň, ýaş gelinmiş-dä... hiý, haýa barmy? Ýaşmak
ýok, ýüzi açyk, bolup barşyna bir serediň! — diýip, Uzugy görkezdi.
Duran aýallardan biri:
— Ýeri, sizde haýa bar bolsa, ejesi bilen görüşdiräýseňiz
bolmadymy? — diýip, Enekütiniň al petinden aldy.
Ýene biri:
— Hawa-la, gyz, görüşdiräýseler bolmyýamy, onda bu zeýilli
masgaraçylyk hem boljak däl — diýip, özüniň närazyçylygyny bildirdi.
Çagasyny göterip duran üçünji aýal:
— Waý, hawa-la, gyz, her kim maşgala ösdürýä, gyz ýetişdirýä. Ene
biçäre neneňsi onuň boýuna-syratyna, akylyna-huşuna guwanýa.
Görkezmesin, öz başyňdan düşäýse nätjek? «Ody özüňe bas, ötmese, —
kesekä» diýýä. Öňürti özüňe basyp görmek gerek — diýip, sözüni
soňlamanka, ýene bir aýal:
— Waý, gyz, hüjre gytmy, beräýsinler bir hüjräni. Goý enesi ýatyp
gitsin. Sözleşip, göwün solpudan çykardylar. Iki tarapdan razyçylyk
bolardy — diýip, bu hem sözüni gutarmanka, başga biri:
— Waý, gyz, onda enesi gyzyny düwünçege düwüp alyp
ötägitmezmi? — diýip, bu işe dörän gahar-gazaplaryny Enekütüden
çykarjak boldy.
Duran aýallardan biri:
— Ol mysalasy gurmuşa serediň, ganyny sarkdyryp bolup ýörşüni...
— diýip, ýaňky maňlaýy ýarylan ýalýagysyny görkezdi.
125
Ýanynda duran adamlardan biri:
— Sen-ä, goçaman ýigit, gyzyl gana bulaşyp, güýçli ýagyny
gaýtardyň-ow... — diýip ýaňsa aldy.
— Aý, edermendir bu, ýaňky garry aýalyň ýakasyndan tutup
hyrlandyryberşini görmediňizmi? Şony haýsy biriň edip biljek? Şony-ha
hiç kim edip bilmez — diýip, ýene biri ajy ýylgyrdy.
Ýaňky hüjrede Uzugyň ýanyna üýşüşen gyzlarda-da bu işe
närazyçylyk az bolmady.
«EÝELI» HÜJRE
S
EÝIDAHMET işanyň Çerkez işandan öň iki ogly bolup ölüpdi.
Çerkez işan bolanda: «Ozal men iki oglumyň adyna öwlat adyny
goýdum, olar durmadylar, indi garaçy adyny goýjak» diýip, Çerkez
goýupdy.
Çerkez işan atasynyň lälik saklanan ýeke ogly bolansoň, öz
medreselerini okap gutaran-da bolsa, onuň pikiri mollaçylyk-işançylykda
bolman, şahsy keýp-sapasyny sürüp ýörmekdedi. Ol soňky ösdürimiň
sakgallaryny syryp, murtly gezişine höwes ederdi. Medresede selle
oranyp oturandan şäherde dükan tutup, söwda eden ýagşy diýip
düşünerdi.
Baý işanyň ogly bolansoň, onuň hiç bir zatdan kemi ýokdy. Oňa görä
söwda-da etmän, köp wagtyny şäherde köpçüligiň üýşen ýerinde geçirdi.
Seýidahmet işan il gezip, owadan gözläp, ogly Çerkez işan on iki
ýaşyndaka, oňa on sekiz ýaşly gyz hem alyp beripdi. Soňra Çerkez işan
ýigrimi bäş ýaşyna baranda: «Meni ýaş öýerdiler, armanly boldum»
diýip, öňki aýalynyň üstüne ýene seçip-saýlap, on ýedi ýaşly gyza-da
öýlenipdi.
Häzir Çerkez işan otuz ýaşynda. Onuň başyna ýene yşk söwdasy
126
düşüpdir. «Eşek eşekden galsa, gulagynam kes, guýrugynam» diýen
ýaly, ol Bekmyrat baý bilen Meret arçynyň dawasyna baş goşmak
isleýärdi. Ol Uzugy olaryň ikisiniň hem elinden alyp, özi öýlenmek
köýündedi. Şol pikir başyna gireli bäri, gijeler uklap bilmeýärdi. Ol:
«Eger-de men Uzukjemaly görüp, özüme razy edip biläýsem,
dawagärlerimiň ikisinden hem üstün çykaryn. Uzukjemal meniňki bolar»
diýen pikire berk ynanýardy. Şol iş üçin Uzugyň yzyna salan aýaly
Eneküti bolsa oňa her gün bir hili habar getirip berýärdi.
Enekütiniň düýnki Uzukdan getiren ýakymly habary bu gije Çerkez
işany uklatmady. Ol ertir ir bilen: «He-e... öňde bir howlugan gyz:
«Gelesi günler gelesi, erte haçan bolasy?» diýipdir weli, biziň üçin şu
gün agşam haçan bolasy? — diýip, ýerinden turup gerindi. Aýnada
ýüzüne seredip — Bu sakgal hemişe beýle däl ýalydy-la, bu gün ýaman
pezzeripdir. Munuň ajaly ýakyn gelendir. Ynha, araky sabyn bilen bir
ýüzümi ýuwup geleýin. Soňra seniň soňuňa sogan ekerin — diýip, daş
çykyp, ýüzüni ýuwup, tamyna girişine şar gara sakgalynyň düýbünden
päkini saldy. Sakgallar ýel göteren ketgen ýaly ygyşyp, beýläk düşdi.
Murtlaryna oňat timar berdi. Aýnada özüne pugta syn etdi. Gözlerini
agdaryp, gaşlaryny inderip-göterip gördi. Maňlaýyny çytyşdyrypýazyşdyrdy. Murtlaryny her hili towlaşdyrdy, göterişdirdi, garaz, özüne
göwni ýetip, aýnany beýlede goýdy. Soňra krowatynyň üstüne gyşardy.
Ýatan ýerinde — Bu gün agşam Uzukjemal bilen haýsy hüjrede
görşerkäk? Mende onuň bilen görüşmäge şeýle höwes, şeýle isleg
döredi. Adamda her wagt şeýle isleg, şeýle höwes döräp, şoňa ýetip
ýören bolsa, hiç garramazam — diýip ýatyrka, onuň başynda ýene bir
pikir döredi — Be-e... «Saýatly Hemrada» bir gelin: «Sakgalsyz-murtsuz
oglan söýermen» diýýä, belki, gelinler murtam halaýan däldirler. Bir
murty syrmak bilen Uzukjemal ýaly gözele ýetmek gaty arzan söwda —
diýip, başyna gelen pikirini gaýtalady. Turup aýnany aldy-da, murtuna
syn etdi. — Aý, ýog-a, meniň bu murtum-a halasalar gerek ýa
127
halamazlarmyka?» diýip durka, gapydan kiçi aýaly girdi. Onuň gözi äriniň ýüzüne düşenden, içini çekip:
— Waý, hudaý-eý!.. Toba-tagsyr-eý!.. — diýip, iki eli bilen agzyny
tutdy.
Çerkez işan aýalyna:
— Hany bärik gel, sen kiçi tobany görüp, agzyňy tutýasyň. Uly
tobany göräýseň nädersiň? Tobanyň ulusy öňde bar — diýdi.
Aýaly äriniň ýylmanyp duran eňegine aňk bolup gelşine:
— Hiý... kakaň eşidäýse nätjek? — diýip, bir eli bilen ýakasyny
tutdy.
— Nätmekden hudaý saklasyn. Nälaç adamlara nätjek diýýändirler.
Biziň etjegimiz belli. Hany ýakyn gelsene — diýip, Çerkez işan aýalyny
öz ýanyna dartdy.
— Hany sen dogryňy aýt maňa. Aýallar murty gowy görýälermi ýada — erbet?
— Ýeri, otursana, indi murtuňam syrjak bolýansyň. Kakaň bilerem,
ullakan galmagal bolaram. Sen indi bir ýerik git-de, bir aýlap gelme ýada görünme, tamda ýat — diýip, aýaly çykyp gitjek boldy.
Çerkez işan aýalyna:
— Indi aýallaň murty nähili görýänini aýtmasaň goýbermen — diýip,
ony berk tutdy.
Aýaly aýtmazlyk maksady bilen:
— Goýber, süýdüm çogýandyr — diýip dyzady. Ahyry äriniň
goýbermejekdigini bilip:
— Hawa, murt-sakgal gowy; goýber indi — diýdi.
— Indi gowulygynyň sebäbini aýtmasaň goýbermen — diýip, äri ony
has ykjam tutdy.
Aýaly näme diýjegini bilmän, biraz pikirlendi. Soňra:
— Murt-sakgal erkek adam ýorganyňa girende, habar berýä, derrew
ýüz-gözleriňe dürtüşdirip barlaýa — diýip, jykyr-jykyr edip güldi.
128
Äri:
— Ýüz-gözüňe dürtüleni gowumy näme? — diýip ýylgyryp,
aýalynyň ýüzüne seretdi.
— Hawa, gowy. Bolmasa, ýorganyňa girýäniň erkek adamdygyny
näbiljek? — diýip, ýene jykyrdap gülüp çykyp gitdi.
Çerkez işan tamynda ýeke özi galdy. Ol dik duran ýerinde he-e...
edip gerindi. Ellerini berk owkalaşdyryp, özünden özi gürlemäge
başlady:
«Uzukjemal...
Ady
ne
owadan!
Adyny
tutaňda,
ýürekleriň
galdyraşýar. Adyndan özi owadan, ady özünden owadan. Ah!.. Derdimiň
başy, gözel! Men şol mahmalyň aşagyndan onuň bir ýüzüni görüp,
sabyr-karardan aýryldym. Duýdansyz bir bakyşda mahmaly ýüzüne
çekdem, şol halatda meniň akylymy başymdan aldy. Şol bakyşda meniň
ýüregimden penjäni urup sogrup aldy-da, şol mahmalyň arasynda
ýaşyrdy. Indi mende ýürek-de ýok, akyl-da ýok, huş-da. Bary şol
mahmalyň arasynda galdy.
Gijede-gündizde ýene-de bir şonuň ýüzüni görmegiň ahmyrynda,
emma hiç duçar bolmaýa. Işdäden bolsa kesilipdirin.Ynha, ýatsam-da,
gözümiň öňünden soga ýöräp, seýkin basyp, sallanyp barýa. Gözümiň
öňüne näçe köp geldigiçe, şonça-da näzeninleşip, perizatlyga aýlanyp
barýa. Dünýäde näçe owadan gelin-gyz bolsa-da, ýene şol däl-dä, onuň
özi dünýäde ýeke-dä, maňa şonuň hut özi gerek-dä! — diýip, başymy
tutup oturýan. Ah, öten agşamky onuň şanyna düzen gazalymy bir okap
göreýin-le — diýip, ýassygynyň aşagyndan bir tagta kagyzy alyp,
okamaga duranda, Eneküti içeri girdi. Çerkez işan Enekütiniň gelmegine
ruhlanyp — Gel, Eneküti, ynha, saňa gazal okap bereýin, diňle — diýip
okamaga başlady:
Soga ýöräp, seýkin basyp
Sallanyşyň näz bilen,
129
Saçujyň şabram-şabram,
Sagry üstünde saz bilen.
Goşa goluň sallanyp,
Ýöremäge kömekçi,
Agramy bile düşüp,
Bolýa-la maňa ünji.
Ýugrulypsyň näz bilen,
Näzler senli näz bolan,
Ak ýüzüňde goşa hal
Äleme şugla salan...
Çerkez işan gazaly okap bolýança, Eneküti çep elini agzyna tutup,
syrtarylyp durdy. Soňra:
— Waý, Çerkez, şu gazaly özüň ýazdyňmy? — diýip sorady.
Çerkez işan gülümsiräp:
— Hawa, özüm ýazdym; Uzukjemalyň yşgy meni şahyram etjek —
diýip güldi.
Eneküti biraz kemsinen ýaly bolup:
— Aý, biziň şanymyza gazal düzenem bolmady. Bu bagt diýen
içigaram, bolmasa, her bir tarapdan bolmaz eken. Bir owarra edip, ýat
illere bir satyp goýberseler bolmaýamydyka, onda adymyz Enejan
bolardy. Ynha, oba arasynda galyp, şol kiçijik gyzlygymyzdaky adymyz
galypdyr. Eneküti diýseler, gözüň öňüne derrew bir küti-süti, lopbuksopbuk zat gelýändir. Wah, özüň owadan bolsaň, adyň küti-süti bolsa-da,
gulaga ýap-ýakymly-la; özüň küti-süti bolup, meň ýaly maýkyldap ýören
zat bolansoň, adyň Zybagözel bolanda näme? Kim seniň şanyňa gazal
düzer ödýäsiň. Hudaýym bize görk-görmegem bermändir. Owadanlyk
diýen içigaryň özem her bazarda satylyp duran zadam däl. Satylan
bazardanam biz gijä galypdyrys. Şol bazaryň tüýs gyzan wagty Uzuk
130
ýetişipdir. Uzukda näme arman bar, baýyň baýlary, ýigidiň gülleri
üstünde gyrlym berýä. Ana, owadanlygyň etdirýäni. Wah, oňa
owadanlyk berlipdir, akyl berilmändir. Özüm-ä şonuň ýerinde bolsam,
seniň ýalyň keýwanysy bolup, gomparjak oturjak — diýip, hi-hih edip
güldi.
Çerkez işan ýylgyryp, murtlaryny towlaşdyrdy-da:
— Hany, Eneküti, sen maňa syn etmediň öýdýän. Bu sakgaly dagyny
nädäýipdirin, bir seret ahyry — diýdi.
— O neneňsi «syn etmediň öýdýän», syn etmez ýaly bolupmyň
näme? Gelelim bäri, syn edip durun. Hiý, ýigrimi bäşiň dälijesindäki
ýigit bolaýypsyň-da. Öň, sakgallykaň, bir epeý ýaşuly adama
meňzeýädiň. Bir aýnany al-da, özüňe syn et — diýip, Eneküti elini
agzyndan aýyrdy.
— Aý, aýna seredilmek kemi galan däldir. Eneküti baý, sen şony
habar ber — diýip, Çerkez işan aýagyny krowatdan ýere sallady.
— Enşalla, görşersiň. Meniň wadam wadadyr, sözüm sözdür. Indi
daga sakgalam syrypsyň, häzir göreniň gözi sende galjak — diýip,
Eneküti Çerkez işanyň ýüzüne gülümsiredi.
— Küti baý, men-ä şu murtam syraýsam diýýän. Sen näme diýersiň?
— Waý, Çerkeziň aýdýanyny. Ynha, men saňa köplenç bolaýýan işi
aýdyp bereýin. Ynha, bir söý bilen bir gyz şu Uzukjemal ýaly, orta
düşýä. Şol wagtda baýlaryň özlerine men diýenleriniň her haýsy puluň
güýji bilenmi, diliň güýji bilenmi, şol gyzy özi aljak bolýa. Şol wagtda
akylly gyz bolsa şol yzynda şakyrdaşyp ýören baýlaryň birine-de
barman, başga biri bilen gaçyp ötägidýä. Ynha, sen hem Uzukjemalyň
dilini tapyp, özüňi haladybilseň, saňa geler oturyberer. Ondan soň
Bekmyrat baýam, Meret arçynam sakgallaryny sypaşyp galybiýrler.
— Wah... meniň başdan pikirim şol-da.
— Şol bolsa, men saňa bir zat aýdaýyn. Gyzlaryň ýetip bilmän,
depgin edýän zatlary: ýigidiň görki-görmegi, syraty. Sende bolsa, hudaýa
131
şükür, şonuň hemmesi bar — diýende, Çerkez işan:
— Dur, Eneküti, men şu murtam aýraýsam nädýä? — diýip,
şatlygyndan tas uçupdy.
— Wah, meniň hem aýtjagym şol-da. Ynha, göräýmäge sakgalsyzmurtsuz, ýigrimi ýaşlaryndaky ýigit bolarsyň, Uzukjemalyň görenden,
başy çarh ýaly aýlanar. Ýöne men saňa neneňsi kömek etmeli, sen şony
aýt? — diýip, Eneküti Çerkez işanyň ýüzüne garady.
— Kömek... sen maňa Uzukjemaly razy et hem ikimizi bir ýerde
tapyşdyr. Ana, seniň maňa etjek kömegiň şol.
— Wah, seniň ol aýdanlaryňy men hamyrdan gyl sogrulan ýaly
etjek-le, ýöne Uzukjemalyň Amanmyrat bilen nikasy barmyş diýýärlerle, şol ýeri neneňsi bolarka? — diýip, Eneküti sözüni soňlamanka,
Çerkez işan:
— Wah, sen ýene nika diýip, meniň janymy ýakýasyň. Nika nämedir
puluň gudratynyň ýanynda?! Mende pul bar, pul... pul... Pul adamyň
janynam alýa, janam berýä. Puluň üýşen ýerinde kowahat göterilýä, din
bozulýa, hak nähaka öwrülýä, nähak — haka. Puluň üýşen ýerinde sen
öýüň ortarasynda, ýorganyň aşagynda öz äriň bilen ýatyrkaň, «Sen başga
biri bilen ýatyrsyň, bu seniň bile ýatanyň öz äriň däl» diýip, seniň kelläňi kesip giderler. Seniň äriň: «Dat! Meniň heleýimi öldürip gitdiler»
diýip gykylyklar. Emma haýry ýokdur. Hakykaty düşündirjek bolar.
Haýry ýokdur. «Dat, hakykat!» diýip, hakykaty gözlär, haýry ýokdur,
hakykat tapylmaz. Ol hakykaty başga ýerlerden gözlär, emma hakykat
ençeme müň ýyllar mundan ozal, birinji puluň zikgesi kakylanda, şonuň
gatynyň arasyna düşüp galandyr. Ol gadym zamanlardan bäri puluň
gatynyň arasynda gizlenip gelýändir. Hakykaty başga ýerlerden
gözlemeklik akylsyzlykdyr. Hak-da, hakykat-da, din-de, iman-da, güýçde, kuwwat-da, edep-de, gaýrat-da — pul, pul, barysy — pul... O-how-ouw!.. Puluň gorpunyň aşagyna düşen özüň bolma, hiç wagt-da çykyp-da
bilmersiň, asyl-ha garaň-da görünmez, çyraň-da. Sen entek pul bilen iş
132
salşyp görmäňsoň, puluň gudratyny bilýän dälsiň. Dünýäde iň güýçli
gudrat puldadyr. Pul allanyň parzyny bozýa, pygamberiň — sünnetini.
Pul nikanyň iň berk çigşen düwnüni çözýä, ondan aňyrda näme bar?—
diýip, başyny ýaýkady.
— Men puluň gudratynyň güýçlüdigine gatam düşünýän. Men puluň
gudraty bilen hüjrede oturan ahundan gaýa ýasaryn. Pulluja baragada,
ahuna: «Başyňdaky selläň ak» diýsem, «ak» diýer, «gara» diýsem «gara»
diýer. Meň diýenimi birsyhly gaýtalap duransoň, gaýa bolman näme bor?
Gaýa-da näme diýseň, şony gaýtalaýar-da — diýip, Eneküti Çerkez
işanyň ýüzüne seretdi.
Enekütiniň bu sözünden Çerkez işanyň göwni hoş boldy. Ol
şähdaçyklyk bilen:
— Nurbat, Küti baý, nurbat saňa! Seniň sapagyň ýokarydygyny
öňdenem bilýän. Uzukjemal ýaly agzy saryja gyzlary teşne wagty suwa
inderip, suwsuz çykarjagyňam bilýändirin. Bujagazy bir al bakaly,
baýragyň ulusy iş bitireniňden soň bolar — diýip, bir penje kagyz puly
oklady. Eneküti öňüne ýaýrap düşen puly syryp aldy-da, ýakasyndan
köýneginiň iç ýüzündäki ogry jübüsine dykdy. Ogry jübä giren puluň
güýji eýýäm Enekütiniň ýüregine ýetdi. Şol halatda şatlyk ruhy ýüzünde
peýda boldy:
— Hany onda, Çerkez jan, Uzukjemala näme aýtmaly bolsa aýt —
diýip, gülümsiräp seretdi.
Çerkez işan:
— Men aýtdym ahyry. Ilki bilen-ä, Uzukjemaly meniň bilen ýekeçäk
tapyşdyr. Onsoňam «Meniň hiç kim bilen nikam ýokdur; men Çerkez
işana barjak» diýip, il ýüzüne aýtsa boldy. Bu ýerde mesele-de
Uzukjžemalyň öz aýdan sözleri bilen halkyň gözüni gamaşdyrmakda.
Beýlesini men özüm oňaryn. Ondan soň pul bilen şerigatyň hem,
hökümetiň hem öňünden büdremän geçerin — diýdi.
— Bar hyzmatyň şol bolsa, ýasy ýanyň ýerde bolsun — diýip,
133
Eneküti çykyp gitdi.
Çerkez işan Eneküti çykan badyna, murtlarynyň düýbünden päkini
salyp, özüni özi taýpardyp goýdy. Ýüzüni ýuwup, aýna seretdi-de:
Görýämiň söýginiü etdirýän zadyny — diýdi. — Dünýäde iň güýçli zat
hem — söýgi, iň süýji zat hem — söýgi, iň ajy zat hem — söýgi. Tahyr
söýgi diýip, derýa düşdi. Zylyha söýgi diýip, ýanyp bişdi. Garyp söýgi
diýip, ýedi ýyl ilinden azaşdy. Şaapbas söýginiň zäherini dadyp:
Şaapbas diýer gülmedim;
Ozaldan näçün ölmedim?
Aşyklyk gadryn bilmedim,
Tä başymga düşmeginçä —
diýdi. Ynha, häzir Şaapbasyň güni meniň başymda. Aý, zyýany ýok, köp
wagt galmady. Häli agşam Senem söýgüsinde Senewber boýly gelniň
öňünde duraryn...
*
*
*
Asman aýsyz-da bolsa, howada bulut ýokdy, dury asmanda ýyldyzlar
patraşyp, öz möçberinde gijäni biraz ýagtyldyp durýardy. Aýak
ýygnandy. Obanyň irräk ýatýan adamlary eýýäm ýatyşdylar. Ogulnäzik
bilen Uzuk öýüň ortarasynda gaty içgin oturyp, bir zadyň gürrüňini edip
tükedip bilmeýärdi.
Bu wagt Çerkez işan şol belleşilen hüjresiniň kölegesinde ýalaňgat
donuň içinde galpyldap durdy. Onuň galpyldap durmagyna kim günäkär?
Enekütiniň gündizden taýýarlap goýan hüjresine girsin-de, ýyly öýde
oturybersin. Ýok, onuň hüjrede oturmaga ýüregi takat bermeýär. Ol
garaňky gijede şu halatda Uzugy saýgarmak isleýär.
Ana, ahyry garaşa-garaşa, garaňky gijäniň içinde Uzugy saýgardy.
134
Uzuk döşüni gerip, gös-göni Çerkez işana owsun atyp ugrady: Çerkez
misli margir kimin, özüne çekýän kişi bolup, öňünde çyrpynyp durdy.
Uzuk owsun ata-ata, gös-göni gelip, margiriň kükregine başyny goýdy.
Onuň ýüreginde möwç uran yşgyň ody baş kükrege degmegi bilen
güwläp tutaş-dy, söýgi ony çalam-çaş etdi. Her hilem bolsa, özüni raslap:
— Geldiňmi, söýgülim? — diýip, ellerini onuň başynyň üstünde
goýdy.
— Geldim, Uzugy getirip bilmedim — diýip, bir lopbuş gara heleý
onuň kükreginden başyny göterdi.
— Eneküti, asyl senmidiň, wah, tirýekä «wäh» diýen ýaly etdiň-ä! —
diýip, Çerkez işan bir maňlaýyna urdy.
Çerkeziň Hydyr diýip gujaklany hyrs çykdy. Uzuk onuň gujagynda
Enekütä öwrüldi.
Onuň lapy keç bolup, hüjrä girdi. Eneküti şumjarylyp, yzyndan girdi:
— Men hiç ugruny tapyp getirip bilmeýän, şol Ogulnäzik ikisiniň
arasyndan gyl geçmeýä. Bolmasa, me, puluňy alaý, men-ä başaramok —
diýdi.
Çerkez işan:
— Bolmasa, Ogulnäzige aýdyp gör; şonuň diýenini eder — diýip,
Enekütiniň şumjaryp duran şumroý ýüzüne seretdi.
Eneküti:
— Hiý, Ogulnäzige-de olar ýaly sözi aýdyp bormy?! — diýdi-de —
dur, tapdym, derrew alyp gerin — diýip, hüjreden çykyp, Uzuk bilen
Ogulnäzigiň bolýan öýüne tarap ýelk ýasady.
Eneküti baryp, işikden jyklady. Ogulnäzik ýok eken, Uzugyň ýeke
özi oturan eken.
Eneküti kürsäp öýe girdi-de:
— Ýör! Tur basym! Tursana basym! — diýip, Uzugyň egninden
çekdi.
Uzuk aňka-taňka bolup:
135
— Näme? Näme bar? — diýdi.
— Tursana basym, hany ýörsene. Ol Ogulnyýaz ejeden salam iberen
oglanyň Berdi gijäň içinde seniň bilen görüşmäge gelipdir — diýip,
Uzugyň ýüregine howsala saldy.
Uzuk Berdi sesini eşidip:
— Eý-waý, ýene görmek barmyka? — diýip, Eneküti bilen tiz çykyp
gaýtdy.
Eneküti Uzugy getirip, Çerkeziň garaşyp oturan hüjresine saldy.
Uzuk hüjrä girenden, duzaga düşendigini bilip, gyrgy gören serçe ýaly
sandyrap, yzyna dolanjak boldy. Emma Eneküti ýüňli ganar ýaly bolup,
gapynyň agzyny tutup duran ýerinde:
— Dursana, gelin, seniň bilen iki agyz sözleşmek üçin çagyrdylar
ahyry — diýip, ony goýbermedi.
Uzuk güýç bilen çykjak bolup, birki gaýra dyzap gördi, emma
gapyny tutup duran çişik heleýiň güýjüniň ölçegsizdigini bildi. Şol bada
sypyp gaçaýar öýdüp, Çerkez işan hem onuň üstüne howala boldy. Uzuk
bürenjeginiň bir taýyny ýüzüne dartyp, sähelçe beýleräk çekildi.
Çerkez işan biraz oýlanyp durdy-da, mylaýym äheňde sözläp
başlady:
— Uzukjemal, siz aljyrajak bolmaň, gorkmaň, ynha, ýanymyzda
Eneküti dur. Ol bizi taşlap hiç ýaňa gitmez. Sözleşigimiziň şaýady bolar.
Dogry, men sizi şu hüjrä çagyrtmazdym, ýöne başga nirä çagyr-daýyn?
Nirä çagyrtsaňam, töwerek-daşyň gözu-dil. Ana, şol ýaramaz gözlerden,
şyltyk dillerden çekeräk bolar diýip, men sizi şu ýerik çagyrtdym...
— Hawa-la, şu ýerden abadan ýer ýok — diýip, Eneküti gapynyň
agzynda duran ýerinde burnuny çekip goýberdi.
Uzuk şol bir gapdala çekilişine durkuny bozman durdy.
Çerkez işan mylaýym ses bilen nesihat bermäge başlady.
— Şeýle, Uzukjemal, bir adamyň bagty ömra oýanman ýatyp hem
biler, emma neneňsi-de bolsa, onuň oýanýan wagtam bolmaly, ýöne
136
bagtynyň oýananyny adamyň özi hem bilmeli, oýanan bagtyny
sypdyrmaly däl...
— Wah, hawa-la, oýanan bagtyny sypdyrsa, dolanyp gelmezmişem
— diýip, Eneküti duran ýerinde saçyny gart-gart gaşap goýberdi.
— Hawa, Uzukjemal — diýip, Çerkez işan sözüniň dowamyna
başlady.
— Ynha, size boý-syrat, görk-görmek berlipdir, ol tarapdan özüňize
betbagt diýmäge hakyňyz ýok. Emma Bekmyrat baý, Suhan gaty ýaly
naýynsaplar siziň başyňyzdan ýaramaz betbagtçylygy inderdiler. Meret
arçynyňam size hossar çykyp, tarapyňyzy tutan bolmagyna-da mazalyja
düşünmek gerek. Häzirki ýagdaýda Bekmyrat baýlaryň elinde galmak
ýagşymy ýa-da olaryň elinden sypyp, Meret arçynyň eline düşmek ýagşymy, ony seçip-saýgarmak size örän kyn düşer. Olaryň ikisem, ýagny
Meret arçynam, Amanmyradam orta ýaşdan agan adamlar. Ana, şol
hakda bir mazalyja oýlanyp görüň!
— Wah, sadagaň gideýin, işanym, Uzukjemal jany oýlanar ýaly
etdilermi, ýaş başyndan neneňsi günlere saldylar! — diýip, Eneküti
hamsygan bolup, burnuny yzly-yzyna çekdi-de, Uzuga tarap seretdi.
Emma Uzuk bürenjeginiň Çerkezden tarapyny ýüzüne çekişine henizem
sarsman durdy. Onuň ýagşydan, ýamandan bir agyz söz aýtman durmagy
Çerkez işana üýtgeşik täsir edýärdi, çünki ol özüniň aýdýan sözlerine
Uzugyň neneňsi garaýandygyny bilmän galýardy. Neneňsi-de bolsa, ol
ýene sözüniň dowamyna başlady.
— Uzukjemal, biz bu ýerde beýdip durmalyň, töwerekde ýaramaz
göz bar, dil bar. Men siziň mundan beýläk dile düşeniňiziň tarapdary däl.
Belki, meniň maksadyma düşünýän dälsiňiz? Has düşnükliräk aýt-sam,
men sizi uzakdan, ýakyndan birnäçe gaýra gördüm, synladym, has
düşnükliräk aýtsam haladym. Eger siz öň meni görmedik bolsaňyz, ynha,
men ýanyňyzda durun, serediň, synlaň. Bu ýerde utanjaňlygyň geregi
ýok. Eger sizem meni halasaňyz, maňa gelmäge razy bolsaňyz, men sizi
137
şol ataň ýaly adamlaryň elinden, ýagny Amanmyradyňam, Meret
arçynyň hem elinden gutararyn... — diýip, Çerkez işan heniz sözüni
soňlamanka, Eneküti ara düşdi.
— Wah, sadagaň gideýin, Uzukjemal jan, gökdäki dilegiň ýerde
gowuşdy. Hiý-de Çerkez jan ýaly ýigide gowşanyň hem ýüreginde
arman galarmy!.. — diýip, ýene-de bir zat aýtjak boldy. Emma Uzuk şol
halat üýtgeşik herekete geldi. Ol mahmalynyň ýüzüne çekip duran
tarapyny bat bilen serpip goýberdi-de, Enekütä tarap öwrüldi.
— Meniň gökdäki dilegim ýerde gowşan bolsa, şol dilegimi seniň
gyzyňa bagyşlaýaryn — diýdi-de, soňra ýüzüni ýapyp gizlejek hem
bolmady.
Eneküti oňa jogap gaýtarjak bolanda, Çerkez işan:
— Bes, boldy! — diýip, ony sözletmedi.
Uzuk ýüzüni açyp duranda, Çerkez işana ony ýakyndan synlamaga
mümkinçilik döredi. Onuň bugdaý reňkden ak öwüşginli ýüzünde üzüm
suwy ýaly sarkyp barýan gözellik mähri göründi. Çerkez işan ony
görende, bir hili tolgunyp başlady, gepläýse, sesiniň garyljaň
çykjakdygyny bilip, çalarakdan ardynyp sözlemäge başlady:
— Siz öz razyçylygyňyz bilen maňa gelseňiz, ynha, ululy-kiçili
halylar, haly çuwallar, torbalar bilen bezelen gümmürdäp oturan sekiz
ganat ak öýüň eýesi bolarsyňyz; ýüpek körpeçäniň üstünde oturarsyňyz;
başujuňyzda — per ýassyk, aýak ujuňyzda ýelek ýassyk bolar; tamdyra
barmarsyňyz, iýjegiňiz agzyňyza geler. Şol agyl ýaly ak öýüň içinde alýaşyl ýüpek lybasly boýdan-başa altyn-kümüş bezegde, waňňyrdap,
şaňňyrdap turup, aýnaly yşgapda ýüzüňi-zi görseňiz, gara zülpleriňize
timar berseňiz, açary saçbagyňyzdan saýlap alyp, demir sandygy
zarňyldadyp açyp, pul äberseňiz, başga siziň çigit ýalyjagam etjek işiňiz
ýok — diýip, Çerkez işan özüniň synçy gözleri bilen Uzugyň ýüzüne
seretdi. Emma onuň ýüzünde gaýgy, gam-hasratdan başga hiç zat görüp
bilmedi. «He... biçäre gyzda göwni çökgünlik, gam-hasratdan başga hiç
138
zat galmandyr. Belki, häzirki ýagdaýynda munuň ýüreginde höwes-de,
maksat-da, şatlyk-da, megerem söýgi-de ýokdur?» diýip, ep-esli salym
oýlanyp durdy. Soňra Çerkez işan — Şeýle, Uzukjemal, häzir-ä meniň
sözüme jogap bermediňiz. Bolmasa oýlanyp görüň, men oýlanmaga-da
wagt berýärin. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň. Siziň üstüňizde dawa
guranlaryň iki tarapam, ýagny Bekmyrat baýam, Meret arçynam örän
güýçlüdir. Olaryň iki tarapam dawasynda basylmajak bolup, ellerinden
gelenini ederler. Şeýlelikde, dawa Maryda çözülmese, seni Aşgabada-da,
belki, Taşkende-de alyp giderler. Ana, Uzukjemal, şol hakda-da
mazalyja oýlanyp görüň! Eger-de maňa razy bolsaňyz, dawa özünden özi
çözülip duruberýär. Onda siz şu ýerde galyberýärsiňiz. Oýlanmaga-da
wagt berýärin. Belki, maňa häzir jogap berersiňiz! — diýip, Çerkez işan
Uzugyň ýüzüne seredip, ep-esli garaşdy. Emma Uzukdan jogap
bolmady. Çerkez işan ýene jogap sorady.
Uzuk ep-esli wagtdan soňra ýuwaşja ses bilen: — Oýlanyp göreýin
— diýdi.
— Bolýar, oýlanyp görüň...
— Oýlanyp görseňiz, görüň-de, razy bolaýyň, bolmasa Çerkez jan
seni doga-tumar bilen boýnuna böküp durar ýaly edip biler.
—Hawa, Uzukjemal, Enekütiniň sözünem unutmaň! — diýip,
Çerkez işan Uzugyň yzyndan garap galdy.
*
*
*
Ogulnäzik endişä galyp, öýüniň ortarasynda nätjegini bilmän, dik
durdy. Ol Uzuk içeri girenden:
— Waý, dogan! Näme boldy? — diýip, baryp, ony gujaklady.
Uzuk sesini çykarman, aşak oturdy; iki eli bilen ýüzüni tutup,
gözlerinden ajy ýaşlaryny döküp aglamaga başlady; Ogulnäzik näçe
jibrinipler sorasa-da, näme bolandygyny aýtmady. Soňra Uzugyň aglap
139
oturyşyna ýüregi çydam bermän, özi hem aglamaga başlady. Ogulnäzik
öz gözýaşyny saklap bilmese-de, Uzugy köşeşdirjek bolup, oňa
göwünlik berdi:
— Aglamasana, jan dogan, meniňem ýaraly ýüregimiň ýarasyny
gozgaýasyň. Men saňa düşünýän ahyry. Menem seniň özüň ýaly ýaradar.
Biz aglasak, duşman güler, jan dogan, biz aglamaly — diýip ýalbardy.
Uzuk ýüregini gowzadyp köşeşdi. Gözlerini süpürişdirip, uludan bir
demini aldy:
— Aý, bolýa-da... — diýip, ýüzüni galdyrman oturdy. Az salym
bularyň arasynda gürrüň bolmady. Soňra Uzuk:
— Aý, jan dogan, näçe aglamaýyn diýip, mertlik etseňem bolanok.
Ýürek öz jaýynda ýer tapmyýa. Özüň ýaly dertdeşiň ýanynda aglasaň,
gözleriňden çykan ýaşlaryň öt ýaly ajydygyna düşünýä. Derdiňi deň
paýlaşan ýaly bolýa — diýip, uludan demini alyp, ýüzüni aşak saldy.
Ýene-de bularyň arasynda birazlap gürrüň bolmady. Ikisi-de oýpikire gitdi. Soňra Uzuk uludan demini alyp geplemäge başlady:
— Jan dogan, sen maňa aglama diýýäň. Neneňsi men aglamaýyn?
Bu bolýan işleri ýadyma salamda, ýüreklerim ýarylyp barýa. Menem
adam ahyry. Menem ynsan balasy. Menem biriniň höwes bilen guwanyp,
ekläp-saklap oturan gyzydym. Mende-de höwes bardy, maksat bardy,
myrat bardy. Bütin ynsanda bar buýsanç mende-de bardy. Görenler gözel
görküme höwes ederdi. Hany indi ol gözellik, mende näme galdy? Hiç
zat galmady!.. Barysyny ýykdylar-ýumurdylar. Häzir meniň bir ynsan
keşbim, tende janym galdy. Özüme özümiň ygtyýarym ýetenok.
Ygtyýarym aldylar. It alan sanaja dönderdiler. Haýsy itiň agzy ýetse,
tagyrdadyp çekjek bolýa.
Ynha, seret ahyry bu bolýan işlere. Ýaňy, sen daş çykan badyňa, hol
işanyň eziz sopusy — Eneküti gelip, meni aldap äkitdi. Eltip, şol seniň
eýelidir diýen hüjräňe saldy. Asyl şol hüjrede Eneküti bilen Çerkez
işandan gorkunç, şolardan eýmenç eýe-de ýok, al-da ýok, arwah-da.
140
Aslynda şolar bimahal çak şol ýere adam-gara barmasyn diýip, şeýle
gorkunç sözleri ýörite ýaýratmadyk bolsalar, men allanyň öňünde
günäkär bolaýyn. Ol hüjräni eýelän arwah-da, jyn-da — şolaryň özleri.
Ýakasyny berk tutup oturan Ogulnäzik:
— Wah, jan dogan, men ynanýan-la — diýip, ýakasyndan içine üç
gezek tüýkürdi. Soňra: — toba, toba, toba! — diýip, çalaja pyşyrdap —
elem degirjek boldumy? — diýip sorady.
Uzuk ör-gökden gelip:
— Ýok! Hany degrip bilse bir degirsin. Ýüzüni-gözüni pers-ala
edäýmeýänmi.
— Onda näme diýdiler?
— Aý, jan dogan, öň aýtmadymmy saňa her bir agzy ýeten it, köne
sanaç ýaly bir ýana çekelejek bolýa diýip. Şol aýdanym-da näme. Çerkez
işan: «Men owadan, boýum uzyn. Maňa geläý. Maňa razy bolaý. Saňa
altyn bosagaly öý tutup biýrin» diýip ýalbardy. Meniň gözüme ol
zatlaryň hiç biri hem görnenok. Iň soňunda: «Seni doga-tumar bilen
yraryn» diýip, azm urup galdy. Men ýene bir iňkise gitdim. Nirä-de
bolsa, basymrak şu zyndandan bir çyksam — diýip, Uzuk uludan demini
aldy.
Soňra Ogulnäzik pyşyrdap gürrüň bermäge başlady.
— Jan dogan, Uzukjemal, sen gysga wagtyň içinde bir topar zatlary
bilipsiň. Bu ýerik il-bende işanlar diýip gelip dur. Gelýäler-gidýäler, hiç
zatdan habarlary ýok. Bu ýerde bolýan zatlary göz görüp-gulak
eşitmesin, jan dogan. Gözüň görse, gözüňi ýum, gulagyň eşitse,
gulagyňy dyk. Iň gowusy şoldur. Ýagşydan-ýamandan mydyrt etseň,
Eneküti eşitdi, gutardy. Onsoň pirine ýüz esse üstüne goýup eltip berýä.
Ondan soň dadyňa alla ýetsin.
— Ynha, jan dogan, indi özüm hakdaky sözi diňle — diýip, ýene
gürrüňe başlady. — Men, kiçijikkäm, şu işanlara nedir-nyýaz diýlip
berlen bir ýetimje gyz. Men özümi bilip başlalym, işanyň bibisi, häzirki
141
öz günim, meniň adymy gyzym diýip tutardy. Işan hiç wagt maňa gyzym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 09
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.