Latin

Ykbal I - 18

Total number of words is 3855
Total number of unique words is 1872
33.6 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sizde azajyk ynsançylyk ysy bar bolsa, azajyk adalat ýokundysy bar
bolsa, ýüregiňizde azajyk-da rehim nyşany bar bolsa, siz betbagt ejiz
aýala kömek ediň. Meniň golumdan tutup: «Bar, bolsun» diýip silkmäňde, meniň işimi süýde geçiriň. Meniň bu haýyşymy ýerine ýetirmeseňiz,
sizi men ýalňyz arzan bazaryň dellallary diýip tanaýan. Men hiç bir
bazarda alamogam, satamogam. Onda meniň elimi hem silkmäň,
elleşdirjek hem bolmaň. Meniň işimi süýde geçiriň.
Dilmaç, prisdewe meniň arzymy aýdyň, meniň işimi süýde
geçirsinler — diýip, ol pesde oturan märekä tarap seretdi.
Pesde oturanlar kellelerini atyşyp, Orazsoltan ejäniň aýdan
294
sözlerinden gaty razydyklaryny bildirdiler.
Rahym diwal:
— Sen-ä bir ugursyz aýal ekeniň — diýdi.
— Hawa, men ugursyzdyryn. Meni «ugursyz» diýiň-de, işimi süýde
beräýiň.
— Seň işiň-ä süýde geçirilmez, gaty gidiberseň, bir köpük hun-da
berilmez saňa.
— Men köpük hun soramok. Men adamymyň ganyny satmaga
gelmedim. Men ganhora jeza sorap geldim. Men işimiň süýde
geçirilmegini soraýan.
Aşakda oturan jemagatdan:
— Iş süýde berilsin!
— Hun almak islemeýä, iş süýde geçirilsin!
— Öldüreniň jezasy — Sibir!
— Baýlar garyby öldürip-öldürip, hun töläp ýörmelimi?! Jezasy —
Sibir!
— Jeza!
— Sibir! — diýen gykylyklar güýçlenip başlady.
Dilmaç ýerinden turup:
— Pristaw baýar siziň parahat oturmagyňyzy soraýar. Gykylyk
etmäň! — diýdi.
— Biz gykylyk etmeris, öldüren jezalansyn!
— Öldürene — ölüm!
— Öldürene — Sibir!
— Iş süýde geçsin! — diýen gykylyk ýene güýjemäge başlady.
Diwallar özara maslahatlaşyp: «Bu gün goýbolsun edeliň. Soň
Orazsoltanyň üstüne işan-ahunlardan iberip, ýaraşyk etdireris» diýen
karara geldiler.
Rahym diwal ýerinden turup:
— Ýagşy, adamlar, siz gaýdyň. Bu gün işi goýbolsun edýäs — diýdi.
295
Halk ýerinden turup, ileri-ileri süýşmäge başlady:
— Bize beýle diwallar gerek däl!
— Bular hakyt pula satylypdyrlar!
— Diwallaram täzelensin, kazam!
— Halkyň agyrysyny edýän diwallar bolsun!
— Diwallar adalatly adamlardan bolsun! — diýen gykylyk güýjäp,
zaly ýarara getirdi.
Adamlar ileri-ileri süýşüşip, diwallaryň öňüne geldiler. Rahym diwal
gep düşündirjek bolup, adamlaryň öňüne dykylyp bardy. Gahar-gazap
bilen gygyryp, ileri-ileri süýşüp gelýän jemagatyň gylygynyň geň
däldigini bilip, ol ýene gaýra çekildi. Närazyçylyk görkezýän jemagatyň
azmyndan howpurgan jigitler böküşip, ýokary çykdylar. Pristaw bilen
diwallar ýaraglaryny çykaryp, adamlary ýokary goýbermezlige taýýar
boldular. Seýidahmet işan bilen kazy ýeňsä çekildi-de, ellerini göterip:
— Alla! Alla! — diýip, doga okamaga başlady.
— Öldürene — ölüm!
— Öldürene — Sibir!
— Iş süýde geçsin!
— Kazy, diwallar täzelensin! — diýen gykylyk ýene-de asmana
göterildi.
Bu wagtlar poliseýskiler gelip, zala doldy. Olar adamlary saýgylap,
zaldan çykarmakçy boldy. Saýgylanyp-südürlenip barýan adamlar:
— Jeza!
— Jeza! — diýşip gygyrýardylar.
Adamlaryň isleglerine-soraglaryna goýman, ýaragly polisiýa üýşen
jemendäni zor bilen köçä kowdy.
Pristawyň, diwallaryň ýüzlerinde gorkularyndan gan-pet galmady.
Soňra pristaw biraz özüni raslap, diwallara:
— Oturyň! — diýip höküm etdi.
Diwallar stoluň başynda oturdy.
296
Pristaw sözledi, dilmaç terjime etdi:
— Hormatly diwallar, halkyň bu günki soragyndan men netije
çykardym. Halkyň bu günki soragyndan rewolýusiýanyň ysy gelýär.
«Diwallar täzeden saýlansyn! Zähmetkeşlerden saýlansyn!» diýip
gygyrýarlar. Bu süz şu ýerik ýygnanan halkyň öz sözi däl. Kim-de bolsa,
şu sözi bir adam şu ýerik gelen adamlaryň agzyna salyp berip
goýberipdir. Kim-de bolsa, bir adam bu halky: «Işiňiz oň bolsun!» diýip,
ýola salyp, pata berip goýberipdir. Ynha, halky şeýle ýola salýan
adamlary tapyp, olara berk çäre görmek gerek!
Beýle adam Orsiýetden şu ýere sürgün edilen adam hem bolup biler.
Özi ýörite şular ýaly iş üçin iberilen hem bolup biler. Emma şu ýerde
öňden ýaşap ýören adam hem bolup biler. Her kim-de bolsa, bu işi men
žandarm naçalnigine aýan ederin.
Indi Bekmyrat baý hakynda: Bekmyrat baý oňat adam. Her ýol bilen
bolsa-da, biz Bekmyrat baýa kömek etmeli. Ýöne biziň bir eden
ýalňyşlygymyz
bolupdyr.
Ýaňky
märekäniň
öňünde
diwallaryň:
«Bekmyrat baýyň işini suda geçirmeli» diýen kararyny okap bermeli
eken — diýip, pristaw sözüni soňlady.
Diwallar meseläniň soňkusy hakynda öz pikirini aýtdy:
— Weý, onda Çaryny süýt ederler.
— Etmezler, ugry tapylardy...
Dilmaç oturanlara ýüzlenip:
— Ýagşy, diwallar, siz gaýdyň; Bekmyrat baý, siz galyň, prisdew
baýar siziň bilen gürleşmek isleýä — diýdi.
Diwallar gaýtdylar. Pristaw, Bekmyrat baý, dilmaç — üçüsi kabinete
girdi.
Pristawyň Bekmyrat baýa aýdan sözüni dilmaç terjime etdi:
— Diwallaryň indiki ýygnagynda karar edip, seniň işiňi süýde
geçirýärin, emma sen gorkma. Orazsoltana iki ýüz tümen hun berjekdiň.
Şol iki ýüz tümeni deň paýla-da, birini süýde ber, birini — polisiýanyň
297
naçalnigine. Öz arçynyňyz bilen oňat gepleş. Soň Çary arkaýyn
gezibersin, ony bazarda-da tanan bolmaz, obada-da gören bolmaz.
Emma Orazsoltan ynjalmaz, ol ýene arza ýazar, belki, Aşgabada-da
arza ýazar, haýry ýokdur. «Biz Çaryny tutup bilmeýäris» diýen
dokumentimiz hemmesinden güýçli çykar.
Ýöne Orazsoltana dözmeýän, onuň agyrysyna-da deň agyryşýan bir
akylly, ýol bilýän adam bar. Oňa dyngysyz arza ýazyp berip oturan hem
şol adam. Orazsoltanyň agzyna söz salyp berýän hem şol adam.
Orazsoltanyň şu günki aýdan sözleri öz sezleri däl. Ol adam kim? Meniň
özümiň-de oňa akylym haýran.
Bekmyrat baý:
— Baýarymyz sag bolsun! — diýip, ondan biçak minnetdar bolup
çykyp gitdi.
DURDY TALAP UGRUNDA
O
RAZSOLTAN eje Bekmyrat baýlara jeza berdirmek ugrunda
näçe çalyşsa-da, netije çykmady. Ol, ahyry paltasynyň daşa degendigini
açyk bildi. Myrat aga öldürilenden soň, güzeran-durmuş ugrunda
Orazsoltan ejäniň özi ylgamaly boldy. Kimiň igini egrip, kimiň ýüňüni
saýyp, daragyny darap berse-de, onuň güzeran dolamagy juda kyn boldy.
Beýle agyr durmuş ony oturyp-oturyp pikir etmäge mejbur etdi. Ahyry:
«Durdyny kime-de bolsa, birine öýdeniçer edip bereýin» diýen netijä
geldi. Bu iş dogrusynda ýene baryp, Meret arçyna ýüz tutdy. Orazsoltan
eje — Meniň oglumy damagyna-da bolsa alyň. Sizde iş tapylar —
diýende, Meret arçyn sesini çykarman, köp pikirlenip oturdy. Onuň uly
aýaly:
— Wiý, olar ýalak bolsa, alaýmak gerek, olar ýaly ýaş oglan el-aýak
ýaly bor — diýip, äriniň ýüzüne seredende, äri närazyçylyk bilen
298
aýalynyň ýüzüne garady.
— Ýeke nahar bor öýdýämiň? Egin-eşigem gerekdir. Ynha, gelen
badyna, çepek gerek bor. Gyşda çokaý, don, telpek gerek bor — diýdi.
— Köneje telpegi bardyr, şonuň bilen oňar — diýip, Orazsoltan eje
ýüzüni aşak saldy.
— Ýeri, onuň şeýle bir ullakan keşigi bolasy ýok. Çokaý... hol,
oglanlaryň köne çokaýlary çagşaşyp ýatyr. Şolaň haýsy birini aýagyna
sokanda bolmaýa? Donam ýene şo zeýilli — diýip, Meret arçynyň uly
aýaly Durdyny öýdeniçer edip almaga has höwesekdigini bildirdi.
Meret arçyn ýene birsalym pikirlenip oturdy-da:
— Ol düýe bakmany başarmazmyka, iki sany köşekli düýe alyp,
yzyna salaýsak? — diýip, aýalynyň ýüzüne garady. Soňra «Näder?»
diýip, Orazsoltan ejä seretdi.
Orazsoltan eje jogap berjek bolanda, Meret arçynyň aýaly onuň
agzyndan kakyp:
— Hiý, kakasynyň aýdyp oturanyny... Ol bir iri oglan-la — diýdi. —
Käşgä, hol Marraň ogly ýaly lekbeti bolsa, «Oňarmaz» diýseň. Bi,
tüweleme, ers-mers-le. Oýnanda-dagy edende, bir görseň, ýöne tutan
ýerini oburyp barýa-la. Ol bir dogumyň öýi-le. Iki düýe-hä beýlede
dursun, sürüli düýäňem bakawersin — diýip, ol Durdynyň tarypyny
ýetirdi.
Orazsoltan eje oglunyň öwlenine örän minnetdar boldy.
Meret arçyn:
— Bolýa onda, ogluňy getirip gidersiň. Ýöne hak-heşdek hantama
bolma. Aç-ýalaňaç bolmaz — diýdi.
— Wah, şony aç-ýalaňaç etmedik ýeriňiz bolýa — diýip, Orazsoltan
eje öýüne gaýtdy.
Soňra ol ikindiniň öň ýanynda ogluny yzyna tirkäp, ýene Meret
arçynlara geldi.
Meret arçynyň işiginde polly-potolokly tamy bardy. Onuň eýwany
299
ýarym metr galdyrylyp, tagta düşelendi. Orazsoltan eje gelende, Meret
arçynyň uly aýaly eýwanda gülli keçäni düşäp, üstünde burçak-burçak
derläp, gök çaý içip otyrdy. Biri Durdudan — iki ýaş, biri dört ýaş uly
ogullary hem ejesiniň ýanynda otyrdy. Durdy eýwanyň gyrasynda
aýagyny aşak sallap otyrdy. Onuň bu mahal ýüzüni galdyrman
oturyşyndan başynda gaýgy-gamdan başga hiç zat ýokdugy aç-açan
görnüp durdy. Orazsoltan eje Meret arçynyň aýalynyň hödür eden bir
käse çaýyny içdi. Soňra ýerinden turup:
— Durdy jan, sen indi gal, oglum — diýdi. — Ynha, gelnejeň otyr.
Bir diýenini iki diýdirmän etgin. Kän oýna gyzykmagyn. Oýna
gyzyksaň, gelnejeň oňat görmez. Alnyň-bagtyň ýagşy bolsun, balam —
diýip, öýüne gaýtdy.
Durdy şol başyny aşak salyp oturyşyna sarsman otyrdy. Meret
arçynyň aýaly ýanyndaky saçakdan bir döwüm nan döwüp:
— Me, janym, şuny iý — diýip, Durda uzatdy.
Durdy aşaklykdan zordan seredip:
— Juk — edip, çalaja kellesini ýaýkady.
«Gelnejesi»:
— Me, eltip ber — diýip, ýanynda oturan ogluna uzatdy.
Ogly Durdynyň öňüne geçip:
— Me, iý — diýip uzadanda, Durdy utanyp, zordan ol döwüm çöregi
aldy. Ol şol oturan ýerinden gozganman, ýüzüni aşak salyp oturyşyna
çöregi haýaljakdan iýip gutardy.
Bu gün şeýlelik bilen geçdi. Agşam oňa «gelnejesi» düşek salyp
berdi...
Ertesi hem tur-otur, kersen getir diýen ýaly ýeňil-ýelpaý ýumuş
bolaýmasa, Durdynyň eden işi bolmady. Ol bular bilen az-kem
öwrenişmäge başlady. Şeýle ýagdaýda iki-üç gün geçdi.
Bir gün agşam salkyn düşende, Meret arçynyň uly ogly Mommuk:
— Bar, sen ota git, menem derrew bararyn — diýip, Durdyny agşam
300
ota iberdi.
Durdy Mommuk gelýänçä, ýygyp gutarjak bolup, näçe hasyrdap, ot
ýygdy. Ol on sekiz desse oty orup, boguşdyryp goýdy. Ýene orjak bolup
durka, Mommuk arabaly gelip:
— Näçe desse ýygdyň? — diýip sorady.
— On sekiz desse.
— Tüweleme, sen-ä bizi agşam otdan dyndaraýjak — diýip,
Mommuk ýylgyrdy.
Mommuk bilen Durdy oty araba ýükläp gaýtdy. Gelip, oty kölegede
düşürdiler. Durdy derrew desseleri bir-biriniň üstüne basjak boldy.
— Dur, dur, beýdip bassaň, ol derrew dymjygar. Onsoň goýun ysgap
aýrylybiýr, iýmez — diýip, Mommuk desseleri bir-birine agram bermez
ýaly oturdyp çykdy.
Bu mahal Meret arçyn gelip:
— Ýeri, Durdy han, baggoýun bakmany bilýämiň? Seniň kakaň-a
gaty zor çopandy. Sen goýun bakmaga ökde bolmalysyň — diýdi. Durdy
ýüzüni aşak salyp, jogap bermedi. — Bilmeýän bolsaň, baggoýny şeýle
bakmalydyr: ynha, on sekiz desse ot getiripsiňiz. Hal, goýunlar salkynda
gernişip galdylar. Indi näçe berseň iýerler. Senem näçe iýseler ber. Özüň
häzir bolup dur. Ortadaky sebediň içindäki gazyga dürten dessäň başyny
çürterlerem welin, derrew täze desse dürt. Başy çürtülen dessäni eltip,
atyň ahyryna dök. Ahyrym, goýunlar dessäň başyny çürtmesini goýarlar.
Doýup, gür-gür silkinişip, soňra ýatarlar. Şol wagg çürtülmedik dessäni
aýyrjak bolup, goýunlary turzaýjy bolmagyn. Goý, gäwüş çalşyp
ýatsynlar. Soňra, gije ýarymdan agansoň, turup, edil agşamky naharlyşyň
ýaly edip naharlarsyň. Tä goýunlar doýup ýatýançalar, özüňem ýataýyjy
bolmagyn. Goýunlar hem ýatar özüňem ýatarsyň. Soňra namaz wagtlary
turup, ota gidersiň. Otuň çygy göterilmänkä, ýygyp getirsiň. Getiren
otuňy gün gyzmanka, goýunlara iýdirsiň. Goýunlar gün gyzyberende
ýatarlar. Ondan soň goý tä günorta çenli gäwüş çalşyp ýatsynlar. Oglan301
uşak, it-guş agylyň ýanyna baryp, ýatan goýunlary örüzäýmesinler.
Agylyň töwereginde oglan-uşak, it-guş görseň kow. Gün hem orta bolar
welin — hol duran kerseni görýämiň? Paçak dogra-da, ber-de dur, ber-de
dur, tä özleri doýup ýatýançalar. Özleri paçakdan doýup ýatarlaram,
soňra barma ýanlaryna. Goý kersenem şonda galsyn, zadam. Ondan
soňra gäwüş çalyp, tä agşam salkynyna çenli galman ýatarlar. Ynha, şu
aýdan zatlarym tä güýz düşýänçä, wagtly-wagtynda her günsaýy
gaýtalanyp durmaly, öz wagtynda, irem däl, gijem däl. Güýz düşüp,
gawun-garpyz paçagy azalyp başlar. Ana, ondan soň kädä iým garyp
berersiň. Şeýdip, güýzüň soňuna çenli baksaň, Saryjalaryň ürkek,
goňurbaş goýunlary edil üýrülen ýaly bolup galar. Ana, ondan soň
janawarlarda ürkeklik galmaz. Ýatanlarynda: «Tur, janawar» diýip,
göterip turuzmaly bolar.
— Düşnüklimi? — diýip, Meret arçyn Durdynyň ýüzüne seretdi.
Durdy:
— Düşündim — diýip jogap berdi.
— Düşünen bolsaň, seret, baggoýunlary güýz göterip turuzmaly
bolmasa, sen gunäkär bolarsyň — diýip, işiginde baryp oturdy.
Durdy goýunlary edil Meret arçynyň aýdyşy ýaly edip bakmaga
başlady. Emma bu iş Durdy ýaly ýaş oglan üçin gaty agyrdy.
Hemmesinden hem beter gije ýarymdan agansoň ýatman, goýunlary
naharlamak Durda gaty agyr degdi. Durdy uklap galaýsa-da, şol
wagtynda Meret arçynmy, aýalymy — biri ony turuzýardy. Durdy tä
goýunlar doýýança ýatman, olaryň gazygyna ot dürtüp durýardy.
Bir gün Meret arçyn bazardan iki sany köşekli düýe alyp geldi.
Durdy bu düýeleriň alnanyna gaty begendi. Ol düýe bakmak goýunlara
seretmekden dyndar öýtdi. Emma netijede düýe bakmak ony diňe agşam
oty ýygmakdan dyndardy. Hakykatda agşam oty ýygmakdan hem
dyndarmady. Hemişe her gün agşam on sekiz-ýigrimi desse ýorunja
ýygýan bolsa, indi her gün agşam eşegi basyryp ýükläp, selme-syrkyn
302
getirip, düýeleriň öňüne dökmeli boldy. Goýun bakmanyň başga işleriniň
hemmesi Durdynyň boýnunda galdy. Hatda günortan gelende-de, hiç
ýere butnaman, oturyp paçak dograýardy. Şeýle işleriň netijesinde Durdy
oňat ukusyny hem alyp bilmeýärdi. Onuň mydama ukusy ýetmän,
gyşarsa, uklajak bolup durýardy.
Bir gün Durdy düýelerini goýberip, Meret arçynyň otag otap ýören
daýhany Sarynyň ýanyna geldi. Sary aýratyn ýumşak tebigatly oňat
ýigitdi. Ol Durdyny «jigim» diýip, örän oňat görerdi. Durdy Sarynyň
ýanynda gürrüň edip oturan ýerinde gyşaryp uklap galdy. Sary Durdyny
oýarmaga dözmän, üç-dört gezek düýeleri ekine ýakynlaşanda gaýtaryp
geldi. Soňra: «Bar, düýeleriň ekine ýetip barýa» diýip, ony gyssap
oýardy. Durdy gözüni açalak-ýumalak edip, düýelerine tarap ylgady.
Düýeler ekiniň çetinden girip-girmänkä, ýetişip gaýtardy. Emma ekiniň
eýesi Durdynyň gulagyndan tutup, bir gezek, iki gezek çalyp goýmady.
Bir gulagyny sypdyryp, ikinji gulagyndan tutup, ýene dulugyna-da
çalmaga başlady. Durdy: «Waý-eý! Waý-eý!» diýip, näçe gygyrsa-da, ol
ony goýberer ýerde goýbermedi. Bu wagt ekin eýesi ahyrynda, Sarynyň
gara derini sarkdyryp, aýak aldygyna ylgap gelýänini görüp, Durdyny
sypdyrdy. Sary ylgawyny haýallatman, ýaňky adamyň edil alkymyna
dykylyp geldi, Ol içi-içine sygman:
— Näme oglany urýasyň? — diýdi.
— Näme düýesini ekine goýberýä?
— Ýalan sözleme, düýeler seniň ekiniňe girip, bir agzam uranok.
Men görüp durun. Sen näme ýumruk ýaly oglany urýasyň? Maňa jogap
ber!.. Ýa ýetim oglany her ýeten urup ýörmelimidir?! Men şony sorýan!
— diýip, Sary ekin eýesini gyssady.
— Seniň nä işiň? — diýip, ekin eýesi gyzaryljak boldy welin, Sary
onuň kellesini goltugynyň aşagyna dolap, pugta gysagada, aşak egdi.
Durdy gapdalynda gözüni sykyp aglap durdy. Sary oňa:
— Ur taýagyň bilen! Ur! Sanap ur! Näçe şapbyk iýen bolsaň, şonça
303
taýak ber — diýdi.
Durdy gaçarak durup:
— Bir, iki, üç, dört... — diýip, her çalan taýagyny sanap başlady. Ol
göwün solpudan çykyp, Sarynyň ýüzüne seredip bir ýylgyrdy. Şol
ýylgyrmak bilen Durdynyň gözýaşy kepedi. Durdyny uran adam Sarynyň goltugyndan kellesini sypdyrjak bolup, bökeleklän eşek ýaly, biraz
aýaklaryny tapyrdatdy. Emma Sary onuň kellesini goltugyna düşenden
edil şetdat gysan ýaly etdi. Soňra Sary onuň kellesini sypdyryp:
— Şu oglana ýolda-yzda çola ýer diýip, eliňi degreniňi eşidäýsem,
kelläňi alaryn! — diýdi. — Utanmaýamyň, uýalmaýamyň, bihaýa,
binamys?! Bularyň başyna düşen ozalky sütemleri az görýämiň? Neneňsi
şu ýurtda galan ýumruk ýaly oglana eliň göterilýä?! — diýip yzyna
gaýtdy.
Şol günden başlap, Durdy Saryny özüne iň ýakyn adam hasaplady.
Durdy gyşyň düşmegine garaşýardy. «Gyş düşse, baggoýunlar
öldüriler, ekinler ýygnalar, düýeler başyna gezer, meniňem işim ýeňlär,
oýnamaga wagt bor» diýip, gyşa ýetmäge näçe höwes edýärdi.
Ynha, onuň höwes edýän günleri gyş hem geldi. Emma gyşyň
gelmegi bilen Durdynyň işi ýeňlemedi. Gyş düşen badyna, Meret arçyn:
«Bu ýyl ýandakdan tamdyr odun almaň, bu ýyl ýandagy düýeler iýer,
tamdyr odunyňyzy her gün Durdy getir» diýdi. Ynha — Durda iş. Meret
arçynyň iki öýi agyr maşgala. Gün yrman, her günde iki tamdyr nan
bişýär. Durdy gün günorta çenli iki arka oduny getirse-de, getirmeli,
getirmese-de — getirmeli boldy. Öýländen soň bolsa bede çapyp,
dürüşde garyp, mallaryň ahyrlaryna saman guýmak, ýabylara dürüşde
bermek, mallaryň ýataklaryny artmak, suwa ýakmak ýaly ýüz dürli iş.
Ylgap hem ýetişer ýaly däldi. Garaz, gyş düşenden soň, Meret arçynyň
gapysynda hiç haçan-da oýnamaga wagt bolmajagyna Durdynyň gözi
ýetdi. Ol iş etmäge razydy. Emma işi edip ýetişip bilmeýärdi.
Bir gün getiren tamdyr oduny ýeterlik bolmanmydyr ýa-da Meret
304
arçynyň uly aýaly kiçisine ýamanlyk edip, odunyň köpüsini özi
goýberäýipmi, garaz, kiçi aýalynyň tamdyr oduny ýeterlikli bolman, bir
nany düşüpdir. Durdynyň bolsa niredendir, edil nanyň gaçan wagty,
tamdyryň üstünden ýoly düşdi. Ynha, Meret arçynyň kiçi aýaly:
— Hany bäri dur, seniň kelläňi bir keseýin, kellesi kesilen! — diýip,
kesewi alyp, Durda okduryldy. Gele-gelmäne, onuň ýagyrnysyna iki
gezek suňşurdy-da, kesewiniň ujy bilen böwrüne hürsek berdi. Ýene
ylgap baryp, tamdyrynyň içine seretdi-de, heşerilip — haý iýeniň haram
bolsun, iýeni haram bolan! — diýip sögdi.
Ol heleýiň kesewisini elinden alyp, zyňyp goýberibermäge-de
Durdynyň güýji ýetjekdi. Ýöne ol beýtmäge çekindi.
Baýry aýaly:
— Nanyňy düşürip, ol oglany urmaň näme?! — diýdi.
— Urman, gözünem çykaryn gözi çykmyşyň! Tamdyr gyzmasa,
arkasy tutmasa, men näme elim bilen tutup saklar öýdýämiň ýal
bolmuşy?! Halha ýal-a boldy, ýal bolmuş!
— Ýal etmejek bolsaň ýaltanma, gördüň-ä tamdyr odunyň az, git-de,
getiräý ýandakdan. Ol neressäni bigünä ýerden bardyň-da çalyberdiň.
Eliňi degirmegin ýetim oglana!
— Näme beýle dözmezçilik etdiň? Onuň ýetimligine men
günäkärmi? Atasyny men öldürdimmi? «Ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň,
salyp ur» diýipdirler. Ýetip bilmedik bolsam, salyp urardym.
Durdy Meret arçynyň uly aýalynyň öz tarapyny tutanyny eşitdi. Ol:
— Annatuwak eje gaty oňat aýal — diýip, ondan örän minnetdar boldy.
Soň Annatuwak Durdyny görende:
— Sen ol eli kesileniň ýanyna barmagyn. Diýenini etmegin. Onuň
saňa etjek zady ýokdur. Nany saňa men berýän ahyry... — diýip,
günüsini ýamanlady. — Durdy jan, sen maňa gulak sal — diýip,
assyrynlykdan hiç kime eşitdirmän, oňa gürrüň bermäge başlady. —
Ynha, Durdy jan, seniň günüň şol aždarha galan bolsa, burnuňdan ik
305
ýaly gan getirdi. Ol bir ýedi ojagy düzläp, ýurt ýykandyr ol. Ol bir
wejera heleýdir. Sen onuň gözüne görünmän gezibergin.
Sen meniň öýümden iýip-içýäsiň ahyrym. Anha, saçak, haçan iýipiçesiň gelse, arkaýyn geçip, alyp iýibergin. Haçan öňüňde goýlarka diýip
garaşyp oturmagyn — diýip, Durda hoşamaýlyk bilen ýyly sözler aýtdy.
Şundan soň Durdy Annatuwagy has hem oňat görmäge başlady:
«Meret arçynyň maşgalasynda bir Annatuwak ejäniň ýyly sözi
bolaýmasa, gije-gündiz çekýän jebrimden başga zat göremok» diýip, ol
pikir etdi.
Durdynyň ýaş başyndan beýle ýaman ejir çekýändigine Sarynyň näçe
nebsi agyrsa-da, ol näme kömek etsin? Sarynyň özi hem edil Durdy ýaly
ejirde ýaşaýar. Ýöne Sary her hili hem bolsa, Durda öz bildigiçe nesihat
berip, onuň göwnüni göterýärdi.
Ol Durda şeýle nesihat berdi:
— Durdy jan, seniň ýaş başyňda şeýle ýaman günlere düşmegiňe
men gaty gynanýan. Hol, Meret arçynyň döw ýaly oglanlary oýnaşyp
ýör. Sen bolsaň oýundan geçen, etmeli işleriňe ýetişip bileňok. Sen şu
gara günleri başyňa getiren adamlary hiç wagt ýadyňdan çykarmagyn.
Ynha, ýigit çykyp barýasyň. Şu duşmanlaryň başyna «It alnyna gelen
gurt alnyna hem geler» diýlen nakyly getirgin. Goý duşmanlaryň
sandyraşsynlar seniň zarbyňdan. Gezen ýerlerinde başlary aýlansyn,
misli oturan ýerleri oburylyp, dik-başaşak gidip barýan ýaly bolsunlar.
Bary bir, iki gün öň, iki gün soň, aňyrsy-bärsi ölüm. Ýöne şu sütemlik,
şu jebir, gara günüň içinde binamyslyga salyp, iki gün zyýat ýaşajak
bolup ýörmegin. Näçe gün ýaşasaň, goý seniň zarbyňdan daş daşa
çakyşyp, gara daşlardan syçraklap, otlar çyksyn. Goý şol syçraklap
çykan otlardan seniň duşmanlaryň eýmensin.
Durdy jan, sen meniň öz ýüregimde ahmyr ýokdur öýtmegin. Meniň
öz ýüregim hem ahmyrdan doly. Belki, saňa salgy berýän ýoluma özüm
senden öňürti düşerin, belki-de, gijä galaryn, ony aýdyp biljek däl, ýöne
306
her wagt başyňa agyr gün düşse, meni ýatlagyn. Men her wagt elimden
gelen kömegi biýrin.
Ýöne ynha, özüň ýaly ýaş oglan hiç zada düşünmänkä, onuň başyna
ýaman gara günler düşüp galýa. Şol ýowuz günleriň ol oglanyň başyna
düşmegine bolsa birnäçe adam sebäpkär bolýa. Ynha, ol oglan kemala
gelip, düşünmäge başlansoň, oňa dost-duşmanyny tanatmak, dogry ýol
salgy bermek biziň türkmenlerimizde öňden gelýän adatdyr. Menem
özüň ýaly ahmyrly ýigit. Saňa dost-duşmanyňy tanadyp, dogry ýol salgy
bermäge men seniň öňüňde borçly. Birinji bilen seniň başyňa şeýle gara
günleriň, şeýle ýowuz günleriň düşmegine sebäpkär bolan Suhan
gatydyr. Muny berk belle. Ikinjiden, şol günleri öz eli bilen başyňa
inderen duşmanyň Bekmyrat baýdyr. Ondan aňryk gidiberse, kazam,
Seýidahmet işanam, prisdewem — bary seniň duşmanyň. Duşmanym
köp eken diýip, ýüzüňi ýere salmagyn. Berk düwlen ýumrugy hiç kim
açyp bilmez. «Men ölmen!» diýip öz aýdan sözüňe özüň berk ynanyp
bilseň, sen ölmersiň. «Men garraman» diýip öz aýdan sözüňe özüň berk
ynanyp bilseň, sen garramarsyň. «Men duşmanym güýçli-de bolsa
ýeňerin» diýip, öz sözüňe özüň berk ynanyp bilseň, sen hökman
ýeňersiň. Ynanç ýüregiňi sarsdyrmaz, pikiriňi çaşyrmaz, el-aýagyňy
ýitirtmez, süňňüňi saňňyldatmaz. Ynanç her bir ýagdaýda saňa goluny
salgap, ýol görkezip durandyr.
Hawa, Meret arçyn hem seň duşmanyňdyr. Birnäçe gezek bu işiň
men gyrasynda-da boldum. Şol Uzugyň işine diwallar garanda, men
özüm-ä her halatlar içinde Meret arçynyň diwaldan çykagada: «Adamlar,
gyzy alyň» diýlen sözüne garaşyp oturdym. Şol wagt men şol gyzy
aljagymyza gaty ynanýadym, sebäbi «Siz gyzy hökman alarsyňyz»
diýip, meniň ynanjym aýdyp durdy.
Şol gyzyň gitmeginiň bir sebäpkäri hem Meret arçyndyr.
Düşündiňmi meniň beren gürrüňime? — diýip, Sary Durdynyň ýüzüne
seretdi.
307
Durdy:
— Men gaty düşünýän — diýip jogap berdi.
Bir gün gijara Durdy düýe bakyp ýördi. Mommuk onuň ýanyna
gelip:
— Şu gün meniň kelläm agyrýa. Bar, sen agşam ota git, men
düýelere özüm serederin — diýdi.
Durdy güne seredip:
— Beýle bolsa, irräk gelseň bolmadymy? Indiden soň haçan ýygyp
ýetişjek? Agşam oty gijä goýsaň bolsa, kakaň söger — diýip,
närazyçylygyny bildirdi.
Mommuk bu hakda kän sözleşmek-de islemedi:
— Hammyk-hummuňy kemelt-de, derrew ugra. Ynha, men arabany
goşup bararyn. Ýigrimi desse ot wagtynda taýyn bolsun. Gijä goýmagyn
— diýdi.
Durdy otuň gyrasyndan baranda, hemişeki agşam oty ýyglyp, öýe
eltilýän wagt boldy. Ýorunjany öz orluş düzgüni bilen oraňda, ýeriň
ýüzünden orman, oran ýeriň yzynda mele toprak küpürsäp ýatmalydy.
Emma Durdy gaty howlugansoň, ýeriň ýüzünden ormaga başlady. Ol
otuň çetinden girenden, şeýle çalasynlyk bilen orup başlamagynyň
netijesinde Mommuk arabasyny goşup gelýänçä, ýigrimi desse oty orup,
bogup, beýläk taşlady. Mommuk ilki gelen badyna, Durdynyň beýle çalt
ýygyp, oty taýýar edip goýmagyna gaty begendi. Derrew desseleri araba
basdylar. Otuň täze orlan ýerine Mommugyň gözi düşende, ol:
— Oty ýeriň ýüzünden orupsyň! — diýip, Durda sögmäge başlady.
Durdy Mommuga gaýtargy bermedi. Mommuk kem-kemden gyzyp
gidip barşyna, birden bütin güýji bilen Durdynyň dulugyna çaldy. Durdy
urlany üçin hem gaýtawul bermän, gyzyp giden ýaňagyny tutdy.
Mommuk
muňa
kanagatlanman,
ýorunjanyň
syh-syh
düýplerine
Durdyny
basyp,
onuň
ýüzüni
oýkajak
boldy.
Durdy
ýüzüni
oýkalatmajak boldy; ýorunjanyň içinde ikisi näçe hasanaklaşdy. Her hili
308
hem bolsa, Mommuk Durdydan dört ýaş uly bolansoň, ondan güýjüniň
ökdedigini bildirdi. Ol ahyry Durdyny basyp, ýorunjanyň çöňürsäp ýatan
düýplerine onuň ýüzlerini oýkalaşdyryp, gara gan etdi. Durdynyň
burnundan, dişlerinden, ýüzünden gan akdy. Şeýle-de bolsa, onuň
gözünden çyg çykmady. Durdy ýaba baryp, ganyny ýuwmaga oturdy.
Mommuk arabasyny sürüp gitdi. Emma ýene bir ýyldan-ýarym ýyldan
Durdynyň güýç bermejegine Mommugyň ykjam gözi ýetdi.
Ertesi günortan Durdy bir iş bilen öýe girdi. Mommugyň ejesi
Annatuwak Durdynyň ýüzüniň persaladygyny görüp:
— Waý, oglan, ýüzüňe näme boldy?! — diýip sorady.
Durdy aýtmajak boldy:
— Aý, hiç — diýdi.
Annatuwak ýene-de gaharlanyp:
— Ýok, hiç däl. Hany aýt göreýin. Haýsy eli kesilen etdi, hany aýt,
eli kesileniň ellerini keseýin! — diýip, näçe sorasa-da, Durdy aýtman
çykyp gitdi.
Bu iş şunuň bilen gutardy. Durdynyň ýüzüniň ýaralary bireýýäm
bitdi gitdi. Ondan soň ýyldan aşa wagt geçdi.
*
*
*
Bir gün Annatuwak eýwanda çaý içip otyrka, Durdyny öz ýanyna
çagyryp:
— Durdy, sen ynha, başyň täze telpekli, egniň täze donly, aýagyň
täze çokaýly, edil baý ogly ýaly geýinýäsiň, iýýäsiň-içýäsiň. Şu zatlary
kim edýä saňa? Sen şony bilýämiň? — diýdi.
Durdy oňa:
— Şu zatlaryň hemmesine men senden minnetdar. Size gelip, henize
çenli senden ýaman söz eşidemok, eşitsem, oňat söz eşidýän, oňa-da
minnetdar — diýip jogap berdi.
309
— Şu zatlara akylyň ýetýän bolsa bolýa. Ynha, ilki birnäçe wagt
damagyňa gezdiň. Soňra aýdyp-aýdyp günüňe iki şaýy aýlyk kesdirdim.
Ondan soň aýlygyňy köpeltdirdim. Indi bolsa, tüweleme, ýigit çykypsyň.
Saňa ile meňzeş geýinmek gerek. Ýigidiň görki eşikdir. Tüweleme,
geýnip ugraňda, gören duşuňdan seredýä. Men daşyňdan höwes edýän.
Ynha, senden uly iki sany oglum bar, seni üçünji oglum hasaplaýan...
Durdy:
— Annatuwak eje, şu toparda sulhum alan adamsy sen bolduň. Enem
ýaly edip saklaýasyňyz. Men senden gaty razydyryn — diýende, keseden
gelen bir aýal bularyň gürrüňini kesdirdi.
Durdy turup gitdi. Bu gürrüň gürrüňligine galdy. Ondan soň birnäçe
wagt geçip gitdi.
Indi iki ýyldan gowrak Durdy Meret arçynyň ýerinde Sary bilen deň
kätmen urýardy. Sary bilen Durdynyň arasynda gizlin syr ýokdy.
Durdy Meret arçynlarda ýaşlygyndan ulalansoň, henize-bu güne
çenli Annatuwak ejesinden ýaman söz eşitmänsoň, her wagt oturyp,
onuň hem gürrüňini, nesihatyny diňlemäni kem görmeýärdi. Annatuwak
Durdy bilen iki baş oturyp, oňa ýaşlygyndan her hili nesihatlar berip
gelýärdi. Ynha, şol nesihatlaryň birinde ol ýaşlygyndan belli bir maksat
bilen taýýarlap gelen oglanynyň öňünde ahyry özüniň inçe syryny
açmakçy boldy. Syryny Durda aýtmazdan ozal, Annatuwak köp
pikirlendi: «Ozal, Durdyny ýaş görüp, syrymy aýtman gezdim, indi bir
ýetişdirdimmikäm?..» — diýip, telim ýola ölçerip dökdi. Iň soňunda
«Ýok, häzir tüýs wagty» diýip, aýgytly karara geldi. Ol öz gürrüňiniň
täsirini güýçlendirmek maksady bilen elini, gözüni-gaşyny, bütin
göwresini hereketlendirip, pikirini beýan etmäge durdy:
— Ynha, Durdy jan, men saňa neneňsi ýagşylyklar etdim, ol hakda
aýdyp oturjak däl. Ony sen özüň ýagşy bilýänsiň. Meniň etjek
ýagşylygymyň ulusy seniň öňüňde. Men seni ogullarymdan zyýat
görýän. Men seni özüme ogullyk edip aljak. Ili gezip, saýlap-seçip, saňa
310
maýa ýaly gelin alyp biýrin. Ynha, meniň maksadym. Şu maksada ýetjek
bolsam, meniň öňümde ýedi kelleli aždarha agzyny açyp, ýuwutjak
bolup dur. Ol aždarha, ýuwdup bilse, menem ýuwutjak — senem. Şol
öňümizde keserip ýatan aždarhany ýok etmäge sen maňa kömek ber —
diýip, Annatuwak öz günüsiniň adyny tutdy.
Durdy Annatuwagyň bu sözüne haýran galdy. Onuň çyny bilen
aýdýanyna ýa-da ýöne agzyna gelenini ýaňrap oturandygyna düşünip
bilmedi. Onuň sözüne has açygrak düşünmek maksady bilen:
— Ol aždarhany ýok etmäge men neneňsi kömek bereýin? Aslynda
seniň bu işiňe men neneňsi kömek berip bilerin? — diýip sorady.
Annatuwak çalt-çalt pyşyrdap:
— Meniň şu işime ýeke sen kömek berip bilersiň. Bu ýeke meniň
işim däl. Onuň ölümi seniň hem bähbidiň. Ol ölensoň, hemme zat meniň
ygtyýaryma geçýä. Onsoň maňa gapdalymdan tälke berjek ýok. Ony
öldürtsem, seni derrew ogullyk alaryn, oglanlarymyň deňinde öz gezegiň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 19
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.