Latin

Ykbal I - 22

Total number of words is 3067
Total number of unique words is 1691
33.8 of words are in the 2000 most common words
48.4 of words are in the 5000 most common words
55.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oturdy-da, ýüzüni galdyrdy, uludan bir demini alyp — Aý, Sary jan, inçe
syrlar açylanda, ahyryna çenli açmak gerek. Entek açylmadyk syrlar
kän!.. — diýip, özi gürrüň bermäge başlady:
— Menem başymdan köp şumluklar geçirdim. Meniň atam,
kakamyň kakasy, Halaçda bir baýa bergidar bolup, bergisini üzüp
bilmeýä. Ol baýyň ogly bir gun gelýe-de, algysynys ýerine onun seýýen
gyzyny zorlap alžak bolýa. Kakam ol günler ýaňy ýetişip barýan
ýigdekçe ekeni. Gyzlaryny bermejek bolup, garşylyk görkezýäler.
Gyzlaryny goraýalar. Ýöne welin ol ýurtda ýaşap bilmejeklerine gözleri
ýetýä. Ana, ondan soň emiriň soraýan ýerinde durup bilmän, bergidar
bolup, Mara gaçyp gelýäler.
Syryň üsti indi açylýa. Weli baý meni nähak ýerden ogry tutup,
gazamada saldyryp, Sibire ibertjek bolanda, men näme etjegimi bilmän,
guduzlan it ýaly başymy onda-munda urup ýördüm. Ynha şol günler
Bekmyrat baýyň ýanyna dalda isläp barsam, ol maňa: «Durdyny öldürip
gelseň, işiňden azat etdireýin, gelniňi getirip, üstüňe öý tutup bereýin»
diýdi. Men şu mahala çenli siziň araňyzda goýun derisini geýen
möjekdim, emma şu gün derimi sypyrdym.
Men şu güne çenli siziň araňyzda Durdynyň başyny Bekmyrat baýa
360
engam etmek üçin gezýädim. Men Durdynyň janyny almak kastynda
jellat azmly, pyçagymy dyngysyz çarhlap ýörýädim. Şol çarhlanan
jöwheriň sapyndan şeýle berk tutup, Durdynyň kükreginden dikmäni hiç
ýadymdan çykarmaýadym. Onuň ýaş, ter bedenini para-para etmäge
mydam taýýardym.
Emma Durdynyň ýoldaşyna sadadan mylaýymlygy, iň agyr, kyn
ýerlerde sarsmaz ýürekliligi, batyrlygy meni özüne ýesir etdi.
Bekmyrat baý bilen Weli baý meni şeýle bir agyr güne saldy:
töwerek-daşym düýpsüz giden uçurymly gorp bolup galdy. Gozganmaga
mejal ýok, bir gadam basmaga ýer ýok. Nirä gozgansaň, dik başaşak
gaýtmaly, ýapyşara-da ýapyşalga ýok. Şol duran ýeriňde-de depäňden
daş ýagyp dur, wagtyňam kesgitli.
Ynha, dostlarym, Bekmyrat baý bilen Weli baý meniň üstüme
neneňsi günler getirdi.
Emma şol durmuşda maňa bir Syrat köprüsi ýaly çykmaga ýolam
görkezdiler. Şol ýol bilen çykan ýerimde-de maňa Bekmyrat baýyň
«behişdiniň» işigi iki ýanlaýyn açylmalydy, onuň içinde hüýr gyz hem
elini salgap, meni çagyryp otyrdy.
Ynha, dostlarym, maňa: «Şol duran ýeriňden aman-esen çykyp, şol
hüýr gyzyň ýanyna diňe Durdynyň janyny alyp, şonuň üstüne münüp,
uçup ýetmeli — diýdiler. — Eger-de şeýle aýşy-aşrata ýetmek islemeýän
bolsaň, onda sen akmak ekeniň, saňa bu dunýäde ýaşamagam gerek däl»
diýip, Weli baý bütin güýjüni ýygnap, şol duran ýerimden dik başaşak
edip, iberjek bolup durdy.
Şol çykgynsyz gara günden gutulyp, Durdynyň janynyň üstüne
münüp, uçup, şol hüýr gyzyň ýanyna ýetmek üçin bolsa men siziň
araňyzda ýüzüme gara perde çekip gezdim.
Şu jöwher maňa şirmaýy sapyndan berk gysymladyp, asmandan
şaglap inende, Durdynyň bedenine ýetmäge iki barmak galanta, iň soňky
aýgytly halat boldy. Şol halatda meniň ynsanlyk wyždanym oýanyp,
361
ýüregimden özüniň demir penjesini uranda, çydaman «a-a-h-h-h-!!»
diýip gygyran owazym meniň ýüzümden perdäni zyňdy. Durdynyň
janynyň üstünde hüýr gyzyň ýanyna uçup barmakdan elli bizar geçdim.
Men gara ýerden ýer tapman, at sagrysyny ýassanyp, at arkasyny
düşenip, gök bulutlary ýorgan edip, şu ümmülmez giň çöllerde ýatypturup, ömür geçirmeli boldum. Durdy bilen gan dogany boldum. Şol
halatdan bäri Durdy — meniň doganym, Durdy — meniň dostum. Durdy
— meniň ýoldaşym — diýende, Durdynyň bir ýerden gelip, atdan
düşmegi Allagyň sözüni kesdirdi.
PERIŞAN HAL
B
EKMYRAT baýyň toparynyň Uzuga görkezýän gününi it
görse, gözi agarardy. Ol bu ýerde hiç bir saladan bolman, bütinleý aýak
astyna düşdi. Bekmyrat baý Uzuk hakynda «Men muňa zyndan guraryn.
Mydam dişi yşyraman geçer» diýen gepini gögertdi.
Çary Myrat agany öldürenden soň, Uzuk biraz tolgunjyrajak boldy.
Netijede öz gününi öňküden-de agraltdy. Durdy Çaryny öldürenden soň
bolsa, Uzuk Bekmyrat baýlaryň toparynyň barysynyň gözüne — gara,
gerşine çiş bolup göründi. Olar ganlaryny Uzukdan üzüläýjek boldular.
Uzuk şeýle agyr güne düşse-de, Täçsoltanyň gözüne onuň güni agyr
görünmeýärdi. Ol: «Şunuň ýassygy çekilmese, meniň içim sowamaz»
diýip, ep-esli wagtdan bäri onuň ýassygynyň çekilmeginiň hem
aladasyny edýärdi. Şonuň üçin-de Täçsoltan: «Meni kakyn eýeläpdir,
men dälirejek» bahanasy bilen ep-esli wagtdan bäri Seýidahmet işanyň
aýagyna ýykylyp, oňa berk ýapyşýardy. Ol wagtal-wagtal Seýidahmet
işanlarda on-on bäş gün bolup gaýdýardy. Kämahal bolsa işan agasy
bilen ikiçäk oturyp, Uzuk hakynda gybat etmäge-de wagt tapýardy.
Täçsoltan ýekelikde, ýagdaýyny tapyp, Uzugyň näçe gybatyny etse,
362
Seýidahmet işan ony şonça-da gyzyklanyp diňleýärdi. Käwagt Eneküti
hem bu gybata goşulyp, piri bilen Täçsoltanyň tüýs ýüreginden turýardy.
Täçsoltan Uzugy näçe ýigrenýän bolsa, Seýidahmet işan ondan hem
beter ýigrenýärdi, sebäbi ol Uzuga ýüzüni dyrnaçakladanyny hiç
ýadyndan çykaryp bilmeýärdi, Orazsoltan eje bilen Ogulnyýaz ejäniň bir
wagtky galmagal turzup gidenleriniň ahmyryny hem Uzukdan çykarmak
isleýärdi; ogly Çerkez işanyň sakgalyny syrmagyna-da Uzuk sebäp
boldy diýip, Eneküti oňa birin-birin gürrüň beripdi. Ony eşidende, işan
otly köýnek geýipdi. Şondan bäri işan elinden gelse, ýedi kelleli aždarha
bolup, ony diri ýuwutmaga taýyndy; Berdi bilen Uzuk ikisiniň Bekmyrat
baý bilen Çerkez işanyň atlaryny münüp gidenini ýatlanda bolsa: «Olar
adamzat jynsyndan däldir, adam suratynda inen ahyrzaman möjekleridir,
olar alamatdyrlar, olaryň eden işlerine aý-gün hem çydam edýän däldir»
diýip jibrinýärdi.
Işan bilen Täçsoltan ikiçäk oturyp, Uzuk hakynda sözlemäge maý
tapan wagtlary, ony ýerden alyp, ýere salýardylar.
Şeýle gürrüňleriniň netijesinde bir gün işan:
— Ol ynsan jynsyndan bolmadyk oglan-a pälinden tapdy. «Adam
adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz» diýenleri boldy. Bekmyrat
baý ondan gutuldy. Ol pälinden gutulmady. Indi ol şol Aşgabatda
gazamatda çüýräp galar. Ýöne bu aýal siziň maňlaýyňyzdan aýrylmaz
gara bolup galdy-da. Sizem, inşalla, päliňiz gowy bolsa, ondan
gutularsyňyz — diýip Täçsoltanyň ýüzüne garady. Täçsoltan, işanyň bu
sözünden arka tapynyp, haýýarlyk bilen gözüne ýaş getirdi. Işan oňa —
Goýuň, aglamaň — diýende, Täçsoltan:
— Men neneň aglamaýyn?! — diýip hamsygdy. — Şol heleýden
ýaňa däliremegime az galdy. Henizem size yhlas bilen ýapyşalym bäri,
ýüregim biraz aram tapdy. Ýogsam eýýäm zyr-däli bolup, ümdüzime
çykyp gidýädim.
Hiý, işan aga, doga-tumar bilen şol ýurt ýykan heleýiň bir çäresini
363
edip bolmazmyka? Şonuň däli-telbe bolup saçyny selkildedip, ümdüzine
çykanyny görmesem, men özüm dälirejek. Meniň ýüregimde takat ýok
— diýip, has haýýarlygyna tutdy.
Täçsoltanyň bu sözünden soň işan oňa ýiti-ýiti seredip:
— Täçsoltan, men size bir söz aýtjak — diýdi. — Ýöne bu sözden
soň men siziň adyňyzy tutman, gyzym diýerin. Ynha, men size bir doga
ýazyp bereýin. Indiki şenbe güni men Bekmyrat baýyňka bararyn. Şol
gün siz ullakan howsala bilen şu doganyň üstüni açarsyňyz. Ana, şonda
bu dogany maňa getirip okadarlar. Şol wagt men doganyň ýüzünde
ýazylanlary okap, ol heleýden siziň ýüregiňizem, öz ýüregimem
sowutmasam, ondan bärde ikimiziň ýüregimizdäki ýangyn asyl-ha
köşeşmez. Ol aždarhany gaçyran aýybygadymyň şu ýerde az wagt
amanat
goýlanda
eden
işlerini
ýada
salsam,
ýöne
lowlap
ýanyberýändirin. Iň soňunda-da meni uly ile masgara edip, şu ýerden
neneňsidir ýol tapyp, gaçyp gitdi. Şonda men aýtdym «Gören ýeriňde,
gorpa sokup gaýdyberseňem, gany ýokdur» diýip. Bilmedik, Bekmyrat
baýyň göwnüne näme geldi. «Ýok, men oňa şu dünýede görkezjek»
diýdi. Netijede näme boldy? Bekmyrat baý görkezýänçä, ol onuň gül
ýaly inisiniň başyny iýdi. Hany indi Çary? Ýok, bu heleýden bir gün
öňürti dynyp bolsa dynmalydyr.
Dertdeşi bilen derdinişip, birneme içini gowzadansoň, işan ýaňky
wada beren dogasyny ýazyp, Täçsoltanyň eline tutdurdy.
Seýidahmet işanyň Täçsoltan bilen belleşen şenbe güni hem gelip
ýetdi. Bu gün işan, aýdyşy ýaly, Bekmyrat baýlara gelip düşdi. Bu gün
Täçsoltanyň elinden gelen haýýarlygyny etmeli günüdi. Emma onuň äri
Amanmyrat bir ýerik gidipdi. Şeýle-de bolsa, ol hyýanatly maksadyna
ýetmek üçin haýýarlygyna başlady:
— Sen, heleý, köpbilmişlik edýäsiň! Seniň eliňden köp zat gelýä!
Senden her zady oslaýmalydyr! Bu dogany görýämiň, bu dogany? Bu
dogany seniň başbogyň ujundan çözüp aldym. Sen äriňe doga-tumar
364
etjek bolýasyň, ony däli-tentek edip, özüň ýaýnap galaýjaksyň welin,
göreris! Häli agşam äriň gelsin bakaly, şatyny göräýmezmikäň... —
diýip, Täçsoltan Uzuga ite diýmezini diýdi.
Agşam Amanmyrat gaýdyp gelende, Täçsoltanyň çyrpynaýşy
öňkiniň dagynyň deňi däldi. Ol äriniň öňünden çykyp, gözlerini petredip,
kükräp başlady:
— Wah, seretsene!.. Hiý, görsene!.. Ahyrym seni däli-tentek edip,
sandan çykarjak-la ol heleý!.. Ynha, başbogusyndan aldym, şu saňa
edilen doga. Hol, işan aga otyr, bar-da, doganyň aňyrsyna ýet! — diýip,
oda-köze düşen bolup, dogany äriniň eline berdi.
Amanmyrat derrew Seýidahmet işanyň ýanyna baryp, dogany
görkezdi. Işan dogany okan bolup, Amanmyrat bilen ikiçäk daş çykdy.
Daşarda oňa:
— Bu doga örän erbet doga, munuň edilen ýerlerini men häzir okap
çözeýin welin, derrew oda atalyň, dolanyp dünýede gürrüň etmäň —
diýdi. — Bu dogany hudaý görkezmesin! Heniz munuň edilmeli
zatlaryndan edilip gutarmadyk ýerleri köp. Emma şol edilmeli zatlarynyň
hemmesi edilip gutarylaýan bolsa, onda siz däli-tentek bolup, ömür
açylman giderdiňiz. Bu dogany kiçi aýalyňyz edipdir — diýip, hymyrsymyr, küf-çüf eden boldy-da — bu doga hakynda soň gürrüň ederis.
Derrew eltiň-de, oda atyň — diýip, ony Amanmyradyň eline berdi. Özi
bolsa dolanyp, öňki oturan öýüne girdi. Amanmyrat şol duran ýerinde
gahar-gazap bilen dolup galdy.
Ertirden bäri rehimsiz zalym baýrynyň şyltagyny, bet gybatynyň
agyrlygyny çeken Uzuk tamdyryň başynda nan bişirip duran ýerinde işan
bilen Amanmyradyň tirkeşip, daş çykanlaryny görüp, bütinleý özüni
ýitirdi. Ol nähili bolandygyny bilmän, ýapyp duran nanyny düşürdi;
ýanynda nan salyp berip oturan Bekmyrat baýyň daýhany Torlynyň
aýaly Gurbanjemala garap, Uzuk:
— Ah!.. — diýip, sag eli bilen maňlaýyny tutdy-da — jan dogan,
365
«Bekmyrat baý Durdyny öldüripdir» diýen habary eşidelim bäri, nähili
gezip ýörenimi bilemok — diýdi.
Ýekeje doganymyň ölümini eşidip, gözýaş edip aglap bilemok. Hol,
Seýidahmet işan bilen ol zalym — ikisi tirkeşip çykdy... Şol maňa şyltak
edilýän dogany okatjakdyr. Meniň ykbalym Seýidahmet işana galan
bolsa, gara bagtymyň garaldygydyr, jan dogan... Meniň ýüregim çaşdy.
Wah, dogan, Gurbanjemal! Bu gün meniň gara bagtymyň garalan
günüdir! Bu gün meniňki ölümdir! — diýip, Uzuk elinden repidesini
gaçyrdy; gyzgyn tamdyra maňlaýyny ýaplap, aşak oturdy. Onuň perişan
halyna Gurbanjemalyň garyp göwni gyýçak-gyýçak gyýlyp, Uzuk bilen
deň gözýaş saçyşyp, nanyny özi salyp, özi ýapyp, bişirip berdi.
Uzuk nanyny göterip öýe ýetip barýarka, äriniň taýak alyp, öýüne
girenini görüp, bütinleý ysgyndan düşüp, özüni ýitirdi; aýaklary çalşyp,
zordan bosagadan ätlän ýerinde elleri diýen etmän, göterip gelýän
nanyny dik duran ýerinden gaçyryp:
— Waý! — diýip, ysgynsyz ýykyldy.
Rehimsiz zalym är Uzugyň perişan halyna rehim etmän, ony elindäki
taýakdan bir tutam galýança ýençdi. Uzuk şol ýykylandaky: «Waý!»
diýşinden soň aglap, zalym äri, duşmanlary owazyma guwandyrmaýyn
diýip, dolanyp sesini çykarman, surnugyp, özünden gitdi...
Ol birhaýukdan özüne gelip, töweregine seredende, tüýnükden
düşýän Aýyň ýagtysyna pytraşyp ýatan nanlara gözi düşdi. Emma
gijäniň nä wagtdygyny bilip bilmedi. Garaňky öýüň içinde gara gününiň
tesbisini sanap, ep-esli wagt oturdy. Birneme özüni raslansoň, bu agyr
pursatda Berdini ýatlady, ýarym-ýaş bolup: «Arman, pelek!.. Dat,
pelek!..» diýip, zaryn owaz bilen pessaýja hiňlendi:
Otlara atdyň, pelek,
Suwlara itdiň, pelek;
Ýar wepasyn görkezmän,
366
Diri ýuwutdyň, pelek!..
Söwer ýarym gelmedi,
Ýürek odum sönmedi;
Zalymlaryň zulmundan
Gözüm ýaşy diňmedi.
Ýatsam-tursam ýadymda,
Berdi, söýgüli adyň,
Bir zerre wepa bolman,
Ýetdi maňa perýadyň.
Ýat edip söwer ýarym,
Gidirdim ygtyýarym,
«Ýar-ýar!» diýip, kül boldum,
Kime galar webalym?!.
Uzugyň bu hiňlenmesi, bir tarapdan, onuň dykyn alyp duran ýüregini
birneme gowzadan ýaly etse-de, ikinji tarapdan, durmuşyndaky
şumluklary birin-birin gözüniň öňüne getirip başlady. Ol ýüregine düşüp:
«Ah!.. meniň günüm!.. Perýat!.. — diýip, iki eli bilen köýneginiň
ýakasyndan berk tutup, ýokary galdy. — Ah, ýumrulmyş dünýä! Kim
senden wepa gördi?!.» diýip, şol durşuna içki dünýäsine berildi. Wagty
gelende, adalatsyz, gabahat gara dünýäni ýakyp-ýandyrjak gaýnagly
gözýaşlary gara gözlerinden gara ýere dökülip siňip gitdi. Bu ýagdaýda
garaňky öýde uzak durmaga Uzugyň ýüregi takat bermedi. Ol giň
ýalança, beýik asmana syn etmäge yranyp daş çykdy; öýüň kölegesini
penalap, gamşyna ýaplandy. Beýik asmana, giň ýalança syn etmek bilen,
onuň ýüregi giňemedi. Hasratly günüň agyr batgynyndan çykyp bilmän,
gam derýasyna gark bolup oturdy. Asmanda aýyň ala bulut astyndan käte
367
görnüp, käte ýitip, birsyhly batmaga süýşüp, gidip barşyny Uzuk özüniň
sansyz muşakgatlar içindäki dadysyz durmuşynyň bihuda geçip
barmagyna deňedi. Gara gözlerinden dyngysyz dökülýän gözýaşlaryny
ol gyňajynyň ujuna süpürip, kepetmek isledi. Emma süpürmek bilen
gözýaş kepemedi. Gözýaşy kepetmek üçin ony bagtly durmuşyň höwesli
gününiň el degmedik parçasyna süpürmek gerekdi. Hany Uzukda ol?
Uzukda ne maksat goýdular, ne-de — myrat... Barysyny Bekmyrat
baýlar ýykdylar, ýumurdylar, aýak astyna salyp depgilediler. Bekmyrat
baýlar bilen bu göreşde Uzugyň salan hummary ala oturdy. Agyr döwür
Uzuga demir penjesini uzadyp, Bekmyrat baýlara gül dessesin tutdurdy.
Uzugyň atasyny öň öldürdiler, «Bekmyrat baý Durdyny öldüripdir»
diýen şum habary ol düýn eşitdi. Berdi Aşgabatda gazamatda galdy,
enesi ýykylan ýurtda ýalňyz galdy. Uzuk näçe mertlik bilen çydam etsede, depesinden garaguş ýaly inen gara durmuş ony çydamdan aýyrdy.
Ol ýürek ýangynyna çydam tapman, monjuk-monjuk dökülýän ýaş
astynda gara gözlerini bimaksat bir nokada dikip, güýçli hasrat bilen
gaýnap joşdy:
— Eý mähriban atam! Eý eziz doganym! Siz zalym ganhorlaryň
elinden armanly ötdüňiz... Bir ýumruk ýaly garryny ýurtda garyp goýup
gitdiňiz... Ýene ganly penjä gysylyp galan men boldum! Men! Men!..
Men ejiz, men betbagt, näme üçin ölmedim?! Bu meniň ýaşadygym
däl!!! Bu ganhor dörän bürgütler gana batan penjelerinde meni uzak
saklamazlar. Bir gün meniň gyzgyn ganymy yrýa etmän içerler. Ýok!
Men olara damja ganymy rowa görmerin! Duşman elinden ölenimden
öz-özümi gark edip ölerin!.. — diýip, Uzuk göni derýa tarap ugrady. Ol
7 — 8 metr belentlikdäki uçut gaýanyň gyrasyna bardy-da aýak çekdi.
Soňra edil yzyndan kowgy gelýän ýaly hasanaklap, etegini topurdan
doldurdy; saçynyň bir çogmagy bilen ony berk düwdi-de, gaýanyň
gyrasynda oturyp, töweregine diň saldy. Gursagyny ýarara getirýän
ýüreginiň gürsüldisinden başga onuň gulagyna hiç zat eşidilmedi. Ajal
368
karkarasy astynda Uzuk ýene ejesini ýatlady. — Garyp ýurduň garyp
sakçysy, jan eje, ölüm aty ýüwrükdir, meniň biajal ölüm habarymy
ýüwrüp elter ýanyňa, otlar salar janyňa!.. — diýip, ol ümezlän
gözlerindäki ýaş astyndan dolup akýan derýa seretdi. Yňdarylyp akýan
mes suw misli aždarha ýaly çyrpynýardy. Derýanyň girdaby gur-gur-r...
edip, garaňky gijede aýylganç-aýylganç seslenýärdi. Yzly-yzyna gelýän
tolkunlar kükregini gyra jalkyldadyp urup, çym-pytrak bolup gidýärdi.
Bu perişan halynda bulut ýaly gara saçlary hem çöşlenip, onuň aý
dek ýüzüni basyrdy.
Asmanda aýyň kä buluda girip, kä çykyp durmasy-da Uzugyň
perişan halyna çydam bermän, endişä galyp duran ýaly bolup göründi.
Onuň bulutdan biygtyýar çykyp, Uzugyň ýüzüne nazar salmasyndan
bolsa — Men beýle pida durmuşyň geljekde diri şaýady bolmalydyryn
— diýen many aňlanan ýaly boldy.
Uzuk şol perişan halynda Berdini ýatlady:
— Ah, men öz ýaryma gowuşman, tä ahyrky demime çenli ony diňe
ýat edip ölmeli boldum! Berdi jan!.. Zalym ganhorlaryň, zulmatdar är
bilen hyýanatdar güniniň zulumynda meniň ýaş ömrüm armanly kül
boldy!!! Bu zalymlar meniň nähak ganyma galdylar. Ejizler ganyndan
doýmadyk Bekmyrat baýlar meniň oýlaýan pikirimiň — oýlamaz,
görýän gözlerimiň — görmez, sözleýän dillerimiň sözlemez bolanyny
görüp, heşelle kakyşyp güler.
Goý gülsünler, men olaryň agymy aglamaklaryny islämok. Il içinde
meniň biajal ölümimi ýatlaryndan çykarman, uzak wagt gürrüňimi
etjekler köpdür. Berdi jan, käşgi seniň bir wagt gazamatdan çykyp,
meniň biajal ölümimi eşitjegiňi bilsemdim, onda men: «Ganymy
Bekmyrat baýlardan sora» diýerdim...
Onuň başyndan geçen agyrlyklar bir-bir gözüniň öňüne gelmäge
başlady. Kakasynyň böwediň başynda gana bulaşyp ýatany ýadyna
düşdi. Durdynyň syçrap çykan gyzyl ganlary onuň gözüniň öňünde
369
uçganaklaşyp başlady. Berdi onuň gözüne eşikleri ýyrtyk, hor, çiňňirt
uzyn, dyrnaklary alynmadyk, saçy-sakgaly syrylmadyk, bulaşyk bolup
göründi. Ol dodaklaryny çalaja gymyldadyp pyşyrdady:
— Ah... Berdi jan... men saňa işanlarda aýtmanmydym: «Meniň
ykbalyma ykbalyňy deňeme» diýip. Ynha, gördüňmi, indi meniň
ykbalym seni nä günlere saldy?!.
Garyş boýdan galdyran mähriban enem!.. Men: «Kelläm agyrýa»
diýemde, neneňsi kökenekler bolup, üstümde gara bagryňy gerýädiň...
Men gulpagymy tasadyp, keýik owlagy ýaly bökjekläp oýnamda,
gapdalymdan syn edip, neneňsi guwanýadyň...
Wah, eje jan, belki, şu mahal başga bir gürrüňe kelläň gyzyp, meni
ýatlaýanam dälsiň... Ýatla meni, jan eje, ýatla!.. Düýn Durdynyň ölüm
habaryny eşiden bolsaň, ertir meniňem biajal ölüm habarymy eşidersiň...
Garyp ýurtda garyp galan, jan eje!.. Eje jan!.. — diýip, Uzuk yzly-yzyna
çalajadan pyşyrdady:
— Dünýedäki iň süýji umydym Berdi jan, seniň bir wagt gazamatdan
çykyp geljegiňi, irde-giçde saňa-da gowuşjakdygymy bir bilsemdim...
onda şu ajalyň öňüne elimi daldalap saklanjak bolup dyrjaşardym...
Käşgi sen diri bolsaň bolmaýamy, ýalňyz dogan Durdy jan!..
Ýok!.. Hiç biri ýok, töweregim boş. Ýeke galdym!.. Bir ýerden
diriçilige yş görünýän bolsady, men ahyrky demime çenli şol yşyga tarap
ylgardym, ömrümi şol yşygyň ýolunda sarp ederdim... Ýol galmady.
Bütin ýolumy Bekmyrat baýlar kesdi. Ýekeje ýol goýdular, olam... ölüm
ýoly boldy — diýip, Uzuk uçut gaýanyň üstünden ajalyň goýry ýerine
özüni oklady. Agzyny açyp-çyrpynyp ýatan ümmülmez derýa ony
salymyny bermän ýuwutdy.
Uzugyň özüni oklan gaýasynyň beýle ýanynda Bekmyrat baýyň
daýhany Torly öküzleri güzerden suwa ýakyp durdy. Ol Uzugyň özüni
gark eden ýerine gele-gelmäne, geýimi-zady bilen dik başaşak özüni
oklaýşyna görünmez boldy. Ol heniz hem ýüze çykanok. Belki, Uzuk,
370
suwuň aşagynda boýnundan dolap alyp, ony hem gark edendir. Gark
bolany gutarjak bolýan emelsizleriň bolýany hem şol. Onuň entek bize
mälimi ýok. Ýöne biz suwuň üç-dört metr aşagyny görýän bolsak, olaryň
arasyndaky aýgytly jan dalaşygyny görerdik. Torlynyň ýekeje sekunt
osallygynyň olaryň ikisiniň hem gark bolmagyna sebäp boljagyny açyk
bilerdik.
Uzugy ölüm howpundan gutarmak, özüni hem gark bolmak
belasyndan saklamak üçin çümüjiniň şu mahal üç-dört metr suw astynda
edermenlik bilen edýän başarnykly hereketlerini görýän bolsak,
akylymyz haýran galardy.
Ol Uzuga eli degenden, birazajyk-da mütdeti biderek ýitirmän, şeýle
başarnykly çalasynlyk bilen onuň edil ýeňseçukuryndan saçyny eline
berk orap alşyna iki aýagy bilen ýeri ykjam depip, suwuň ýüzüne çykdyda, özüni ýitirmän, gyrany peýläp, ýüzmäge başlady. Kä çümüp, kä
çykyp, ýüzüp gelşine ol özüniň berdaşly goly bilen Uzugyň iki egninden
ýokarsyny suwa degirmän, howada saklap gelýärdi. Şeýle bolsa-da,
entek howp, gorky näçe diýseň güýçlüdi. Jeýhun bolup akýan derýa
aýylganç ses bilen köwlenip, ýele ýanyndaky aýlawa bulary näçe diýseň
çekýärdi.
Biziň ýüzüjimiz bilen derýanyň arasyndaky jan dalaşygy güýçlenip,
iň soňky derejä ýetdi. Sagadyň her bir sekundy bir gezek jan diýip urýan
bolsa, bir gezek ölüm diýip urmaga başlady. Derýanyň aýlawy misli
ýuwdarha bolup, özüniň gaýnagly joşgunlary bilen towlanyp owsun
atyp, Torlyny demine dartmaga başlady; güýç bermän, onuň iki aýagyny
hem özüne tarap dolap aldy. Ýüzüji bütin edeni, gaýraty bilen berdaşly
bedeninde näçe güýç bar bolsa, ýygnap, ýelä gyýalap näçe diýseň
ýüzýärdi. Sanalgy sekuntlar içinde agyr gara döwrüň gurbany bilen
birlikde ýa ajalyň agzyna diri düşjekdigine, ýa-da derýanyň kenaryna
salamat çykjakdygyna onuň gözi ýetýärdi. Emma bu aýgytly hadysanyň
haýsy biriniň üstün çykjakdygyna akyly çatmaýardy. Şeýle-de bolsa, ol
371
öz ygtyýaryndaky ynsany dilsiz ýaga berip, ýeke öz janyny salamat
gutarmagy hem islemeýärdi. Ynha, şol maksat bilen Torly dyngysyz
hereket edýärdi, deňsiz gara güýjüň garşysyna aýgytly göreş alyp
barýardy. Onuň bu wagtky gaýratly, edenli, namysly berk göreşi ýöne bir
suw bilen göreş hem däldi. Onuň bu wagtky göreşi ýumrulyp barýan
köne durmuşyň agzyna alan awuny onuň agzyndan alyp galmagyň
göreşidi, gabahat gara döwrüň gurbany bolan iň ýagşy ynsanyň
diriçiligini saklamaklyk ugrundaky göreşdi. Şol sebäpden hem ol
golundaky ynsany gabahat gara durmuşa gurban edip, ganymlar göwnüni
galkyndyrmak islemeýärdi. Ynha, näme üçin bu ýigitde şeýle güýç, şeýle
kuwwat, şeýle eden, şeýle gaýrat peýda boldy. Onuň bu wagtky göreşi
aýgytly göreşleriň bir görnüşidir.
Girdap olary öz ygtyýaryna geçirdi. Emma ynsan balasynyň şeýle
başarnykly hereketiniň garşysynda tebigatdaky şeýle deňsiz gara güýçler
hem öz isledigini edip bilmeýär. Aýlaw okaralap aýlanýar, misli gara
ýylan ýaly çyrpynýar, bularyň ikisini hem bir demde ýuwutmak isleýär,
emma başarmaýar. Biziň ýüzüjimiz ygtyýaryndaky ynsany dilsiz ýaga
gurban etmezlik maksady bilen heniz hem başarnykly hereket edýär. Ol
özüni ýitirmeýär, maksadyndan dänmeýär. Ol — maksat bilen ýugrulan
ynsan balasy. Ol Uzugy çykarmak maksady bilen gyrany peýläp ýüzýär.
Emma girdap bilen onuň arasyndaky göreş entek gutaranok. Haýsynyň
üstün çykjagyny aýtmak hem kyndy...
372
MAZMUNY
Hydyr Derýaýewiň döredijilik ýoly .............................................................................. 5
Kimiň daragynyň sesidi?.............................................................................................. 13
Göç gelýärmi ýa –– gözel? .......................................................................................... 15
Garaşylmadyk sawçy ................................................................................................... 26
Syrly çakylyk ............................................................................................................... 36
Ýazgytmy? ................................................................................................................... 41
Düwün çigişse üzýärdiler ............................................................................................. 59
«Iki at depişer, arasynda eşek öler» ............................................................................. 78
Daşy jäjek, içi möjek.................................................................................................. 101
«Eýeli» hüjre .............................................................................................................. 116
Gadyrly myhman ....................................................................................................... 132
Hakyky hossar ............................................................................................................ 138
Enekütiniň soňky «oýny» .......................................................................................... 149
Kowgy ........................................................................................................................ 167
Çopan aganyň goşunda .............................................................................................. 169
Meret arçynyň maslahaty ........................................................................................... 174
Ahalda ........................................................................................................................ 178
Kynyş baýyň ahmyry ................................................................................................. 206
Suhan gatynyň «sylagy» ............................................................................................ 211
Kär täzelemek düşdümi? ............................................................................................ 219
Diwalda ...................................................................................................................... 248
Durdy talap ugrunda .................................................................................................. 268
Ýaşamaga ýer galdymy? ............................................................................................ 285
Töhmet belasy ............................................................................................................ 300
Inçe syrlar açylyşanda ................................................................................................ 319
Perişan hal .................................................................................................................. 325
373
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.