Latin

Ykbal I - 03

Total number of words is 3715
Total number of unique words is 1835
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýüzüne seredip, gürrüňi dowam etdirdi:
— O nähili ýerkä? Nämesi barka?
— Nähili ýerdiginiň açyk aýygyna meň özümem entek ýetip
bilemok. Özleri-hä örän gurgun, bir köpçülik ýermiş. Şolaryň menä şäher bilen gatnaşyklysam bar öýdýän, pagta alyp berýäminädýämi. Şol, şu ýerik gelip giden adamyň gürrüňinden şeýle
aňladym. Şu ýerik gelip giden dört-bäş doganmyş, özi iň ulusymyş.
Habar tutdurýan bolsa özünden kiçisimiş, iň ulusyndan kiçisi
bolýa-da. Ana, şonuň ozalam bir aýaly barmyş-da, ýöne maşgalasy
37
bolmaýamyşmy-nämemi? Kim bilýä onuň maşgalasy bolýamybolmaýamy?
Men
bu
gürrüňleri
Orazmuhammediň
aýaly
Oguljerenden eşitdim. Oguljereniň özi şol obanyň gyzy, hemmesini
ýagşy tanaýa. «Özleri örän kakabaş, bozuk ýerlerdir» diýip, birinbirin gürrüň, edip berdi.
Men maşgalamy olar ýaly bozuk ýere, orta ýaşan adama aýal
üstüne
berip,
dirije
ýakyp
biljek
däl.
Baý
bolsalar,
goý
bolubersinler. Baý bolsalar, özleri üçin. Olaryň baýlygyndan maňa
bir köpüklik haýyr ýok. «At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp
ýarygyny»; goý at bolsa gazygyny tapsyn, suw bolsa — ýarygyny.
Goý, baý bolsa, öz deňi bilen gaşaşsyn. Men maşgalamy özüm ýaly
garyba berjek; özüniň deňine-duşuna berjek. «At rysgaly alnykda»
diýýä. Soň maňlaýlarynda näme bar bolsa görerler. Ýöne men
maşgalamy öz elim bilen özüm dirije oda atyp biljek däl.
Ynha, senem baýyň ýanyna barsaň: «Meniň maşgalam entek
ýaş, hiç kim bilen guda bolup biljek däl» diýip aýtgyn. Ol adamyň
öňüne düşüp getirýän hem şu garny ýarylmyş Suhan gatynyň
özümişle. Meniň entek ýetişip oturan gyzym ýok. Özüniň ýetişip,
ötüşip oturan gyzy bar. Dözmeýän bolsa, öz gyzyny beräýsin!

Aý...
emaý
bilenräk
geplesene!
Tamda
gulak
bar,
eşidäýmesinler.
— Eşitseler eşidibersinler, o bolmanda, günümiň gülümsiräp
durdugymy?!
— Bolýa. Onda men baýyň ýanyna baryp, seniň ýaňky
aýdanlaryňy aýdaýyn — diýip, Myrat aga ýerinden turup
ugraberende, Orazsoltan eje:
— Aýu, eşidýämiň? Sen bir ýeke ejiz adamsyň, her hili
howatyrlary ýadyňdan çykarmagyn. Suhan gaty bilen ekjeşmegin.
Juda sözüňe gulak salman dursa: «Ejesi bilen bir maslahatlaşaly»
diýip gaýdybergin. Soňuny bolsa soň görübereris-dä — diýdi.
38
Myrat aga Orazsoltan ejäniň sözüni diňläp, baýyň ýanyna
çykyp gidensoň, aradan köp salym geçmänkä, daşarda:
— Ýeri, gyzym, arma? Dokmaňy gutarýamyň? Gaýrat et
bakaly, indi gutarypsyň — diýen ses Orazsoltan ejäniň gulagyna
eşidilen ýaly boldy.
Aradan köp salym geçmänkä, Myrat aga dolanyp geldi. Ol:
— Baý-ha ýok ekeni. Bazara gitmeli boljak öýdýän. «Geläýse,
bazara barsyn» diýip, aýallaryna sargap gidipdir — diýip, iç işige
girip durdy.
Orazsoltan eje:
— Sargap giden bolsa, bazara gidersiň-dä — diýdi.
— Hany gitmeli bolsa, ozalam gijä galdym, bir-iki şaýy saraý
puluňyz bar bolsa ber. Men ugraýyn.
— Biz-ä ertirden bäri bazara duz sargajak bolup, bir köpüksiz,
«Kimden dilärkäk?» diýip, töweregimize garanjaklap, şony hem
sargap bilmän galdyk. Bolmasa, bazara gitjek bolsaň, baýdan
birneme alarsyň-da.
— Aý, baýa ynanyb-a, pulsuz bazara gidip bolmaz.
— Onda näderkäk, Uzugyň boýnundaky gyranjyklaryň birini
alaýarmykak... — diýip, Orazsoltan eje ýerinden turup, sazanaklap
durdy.
Myrat aga:
— Şeýdäýsene bolmasa — diýensoň, aýaly ýüzüni daşaryk
öwürdi-de:
— Uzuk! Aý, Uzuk! Hany bäri gel, keýgim! — diýip gygyrdy.
Uzuk:
— Näme etjek, eje? — diýip gapydan girdi.
— Kakaň, bazara gitjek welin, bir köpük pul tapman,
ýaýdanaklap dur. Şol boýnuňdaky gyranyňy ber, keýgim — diýip,
39
ejesi gyzynyň ýüzüne seredende, onuň ýüzünde özleriniň agyr
durmuşlarynyň tagmasyny gördi.
Uzuk, ejesiniň dilegini eşidip, birsalym sesini çykarman,
ýüzüni aşak salyp durdy. Soňra herekete gelip, elini usullyk bilen
alajasynyň düwnüne ýetirýänçä, onuň kellesine şeýle pikirler geldi:
«Toýda -tomaşada deň-duş bilen şagyrdaşyp, şelpeli dagdan,
gylyçly gyran dakynmadym. Şu lezginiň sary ýapragynyň, Käbiliň
lükgi gyranynyň arasynda ýeke gyran hem saýlanyp durmasyn!..»
diýip, ysgynsyz eli bilen alajasynyň düwnüni çözmäge başlady.
Emma
alajanyň
düwni,
gyranyň
Uzukdan
aýrylmagyna
närazyçylyk görkezýän ýaly bolup, hiç çözülmedi. Uzuk onuň
bilen köp kejeşip durman, şarta üzüp, gyranyny alaja setirinden
sogrup, ejesiniň eline berdi-de, geplemän çykyp gitdi.
Ejesi biçäräniň hem gyzynyň yzyndan seredip, uludan demini
alyp galmakdan başga eden çäresi bolmady.
*
*
*
Güýzüň açyk günleriniň biridi. Hepdäniň içinde penşenbe hem
duşenbe günlerinde iki gaýra bazar bolup, duşenbe bazaryna —
«uzak bazar», penşenbe bazaryna «gysga bazar» diýlip aýdylýardy.
Bu gün uzak bazar günüdi. Öňki gysga bazaryň bazarlananyna
dogry üç gün geçip, dördünji güne ýüz urupdy. Halk, edil suwsan
goýun
ýaly,
arabaly,
düýeli,
eşekli,
pyýada
ibirtde-zibirt,
«Muňalan — Käbä» diýen ýaly, her kimiň ýüzi bazara tarapdy.
Myrat aga eşegini münüp, obadan saýlandy-da, ýokarrakdan
derýanyň köprüsinden günbatar tarapyna geçdi. Derýanyň çep
goltugyny syryp geçýän ullakan bazar ýoluna düşüp, bazarçylara
goşuldy.
40
Myrat aga öýünden ugrandan, ullakan alada astyna düşüp, onuň
başyna köp pikirler gelip geçýärdi; bazara barandan soň, Suhan
gata neneňsi jogap berjegi hakynda köp pikirlenýärdi. Ol beýle
pikir astyna düşensoň, şeýle uly bazar ýolundaky bazara barýan
jemendäniň arasynda misli ýeke özi ýaly bolup, gürrüňdeşi özüdi.
Käte-käte içinden eden pikirlerini daşa çykaryp, hümürdäp,
özünden-özi gürrüň edýärdi. Onuň eşegi bolsa Myrat agadan
goşançsyz, öz peýwagtyna ýöräp barýardy; köplenç pyýadalaryň
yzyna eýerip, haýsy pyýadanyň yzyna düşse, şonuň yzyndan köp
wagtlap aýrylman ýöreýärdi. Ol eslije wagtdan bäri ýoluň
gyrasyndan barýan dört sany pyýadanyň yzyndan galman gelýärdi.
Myrat aga käte-käte pikirinden boşan ýerinde bu pyýadalaryň
zeýrenişip edýän gürrüňlerini hem diňleýärdi. Şol bada üsti
şirekili, ala gaýyşly jylawyny basyp barýan gezermen atyň üstünde
biri kümüş jylawyny goýberip, eýeriň ýeňsesindäki gaýyş ganjyga
bökderilen bökdergä arkasyny berip, ösgün silkme gara telpeginiň
sakagyny alkymyndan ildirägede, ýeňsä taşlap, gözi ýok ýaly,
eşeklileri guma garyp, Myrat aganyň öňüne düşüp barýan
pyýadalaryň birini kakdyryp geçip gidiberdi. Pyýada biçäre
entirekläp,
başy
ýere
ýetmänkä,
kakynjyrap
galyp,
eşitdirmänrägede: «Häh, haramzada! Gözi ýok ýaly-how, edil
adamyň üstünden sürýä» diýip sögdi.
Myrat aga:
— Hä, urduraýdymy? — diýdi.
— Aý, urduraýman, bularyň biri-ikisi däl, at müneni şeýle. Edil
gözi ýok ýaly, nire adamyň üsti bolsa, şondan sürýä — diýip,
ýaňky pyýada ýerden göteren telpeginiň gumuny kakyşdyryp,
başyna geýdi.
Ýolagçylardan biri:
— Mesligiň etdirýänidir-dä — diýdi.
41
— Aý, puluň etdirýänidir, ýogsam olar kimden artyk. Şu mahal:
«Düş atdan, pyýada gideli» diýseň, iki ätse: «Ädigim aýagyma
degýä» diýer durar welin näme?..— diýip, urdurylan pyýada
kellesini ýaýkady.
Myrat aga:
— Aý, bolýa-da, inilerim: «Aýaz han, çarygyňa bakarak» diýlen sözi
ýatdan çykarmaly däldir welin, meslik nämeler etdirmeýä. Biziň
türkmenlerimizde: «Agajyň şahasy belent bolsa-da, miwesi aşak» diýlen
nakylam bardyr; birneme aýagyň burnuna seredibräk basaýmaly
welin, bolýan däldir-dä — diýip, adamlara gürrüň berip barşyna
birden bazara ýetip geldi.
Myrat aga bazara ýeten ýerinde bir saraýda eşegini daňyp,
saraýdan Suhan gatynyň ýanyna barýança, köp zatlar gördi. Ol,
aňyrsy ýetmiş ädim ätmänkä, başy-aýagy ýalaňaç, ýer-ýesir
bolşup, çagalarynyň gollaryndan tutuşyp: «Jan agalar, şujagaz
neresse
çagalaryň
haky
üçin
ýekeje
köpük
çörek
puly
beräýseňizläň!» diýşip ýören gedaýlar Myrat aganyň ýedi ýerde
syýyndan aslyşyp galdy. Myrat aganyň bulara näçe rehimi indi,
emma şeýle-de bolsa, ýeke nebsi agyrmakdan başga olara edip
bilen kömegi bolmady. Her haýsynyň ýüzüne bir seredip, hyrçyny
dişläp, başyny ýaýkap barşyna ol ýene köp zatlara duş geldi. Aňryk
ýene elli ädim ýöremänkä, aldajy gurt ýaly bolşup, barmaklaryny
ölleşip, dodaklaryny ýalaşyp, gözleriniň gytagy bilen göreniň
jübüsine seredip, bazarçylary uwultyradyp ýörenlere-de gözi düşdi.
Myrat aga bu zatlary görüp: «Eý toba, her bir zady oýlaýmalyhow» diýip, jübüsindäki ýekeje gyran puluny barlap gördi.
Onýança kisepürleriň biri bir adamyň kisesine elini sokdy welin,
Myrat aga durup bilmän, baryp, kisepüriň elinden tutdy:
—Eý, inim, beýdip ýörmeseň bolmaýamy? Bu uwul-tyradýan
adamlaryňyz barly bolsa, ne ýagşy, bir garybyň zadyny alyp,
42
çürkäp taşlaýasyňyz. Şundan başga kär tapmaýasyňyzmy?— diýip,
kisepüre nesihat berip durka, beýle ýanynda bir eşek jellabynyň üç
tümene alan ýalta eşegini syhlaşdyryp, keýkerip duran çys eşek
edenini gördi. Ol jellabyň:
—Eý, jan aga, ynha, ýalan sözleýän bolsam, sakgalymdan ak
giripdir... Şu eşegi ýaňyja birinden dört tümene aldym. Eşek örän
daýaw, çys; sen näme haýyr berseň beräý — diýip, üç tümene alan
eşegini sakgalyny şaýat edip, aldap, bir garyba bäş tümene satyp
goýberenini gördi-de, Myrat aga kisepüre:
—Bar, inim, senem ýoluňdan galma — diýip, goýberdi.
Kisepür iki egninden garap, ýeňil-ýeňil basyp, hälki kisesine elini
sokan adamsynyň yzyndan ugrady.
Myrat aga duran ýerinden üýtgemän, başyny aşak-ýokary
ýaýkaşdyryp:
—Eý-ho-oý! Meniň şäheri görmänime bu ýyl on üç-on dört ýyl
bolupdyr. Bazary öňki görelim bäri, ýagdaý üýtgän ekeni.
Azgynçylyk öňküdenem artypdyr. Betbagtçylyk köpelipdir. Ah!
Ahyrzamanaň adamsy bolaýdykmykak? Aý, ýykylmyş dünýä?.. —
diýip, başyny aşak salyp durşuna gyzyny gözüniň öňüne getirdi.
Hyrçyny dişläp:
—Eý, betbagt gyzym! Senem şu ýykylyp barýan bozuk
dünýäniň bir gorpunyň aşagynda galaýmabilseňheýdir!.. — diýip,
gyzynyň geljekdäki durmuşyny bir-bir gözüniň öňünden geçirdi.
Ýene bu ýerde uzak durman, «Gel-äý, Suhan gatynyň ýanyna
basymrak baraýyn, neneňsi bolsa-da, işiň aňyrsyna ýeteýin-le»
diýip, goýun bazarynyň üsti bilen aýlanyp, don bazaryna geldi.
Don bazarynyň bir ýan çetinden, dükanlaryň agzyndan birinbirin seredip ugrady. Orta gürpräge geliberende, Suhan gatynyň
garnyny gäberdip, dükanyň içinde bir adama garamtylragada dony
geýdirip duranyny gördi.
43
Bu mahal ol geýdiren donunyň bagjyklaryny dakyşdyryp,
arkalaryny sypalaşdyryp: «Bu donuň jähegi ýüpekdirem» diýip,
boguk ses bilen gykylyklaýardy.
Myrat aga dükanyň işiginden seredip:
—Essalawmaleýkim — diýdi.
Suhan gaty Myrat aganyň salamyny alman, söwdasyny dowam
etdi:
—Ýok, şol aýdanym; ýekeje köpügi kem bolsa-da, berjek däl
— diýip, iki şaýynyň üstünde bir donuň söwdasyny gaýtarjak
boldy.
Töwerekdäkiler töwella edip, ýerli-ýerden gygyryşdylar:
—Ahaw, ýaşuly, şu donuň bahasy ýetdi, bu hem bir daýhan
oglan ekeni, iki şaýynyň üstünde bolan söwdany gaýtarjak bolup
durma! Biz-ä indi şu oglana bir köpük gal diýip aýdyp biljek däl!
—Şaýysyny geçjekmi?
—Ýok, şu donuň köpüginem geçjek däl — diýip, Suhan gaty
dolanyp aşak oturdy.
—Bar, geçmeseň geçme. Iki şaýy meni oda-suwa ýykýan bolsa
ýyksyn! — diýip, hyrydar puluny sanap berdi-de, dony aldy. Suhan gaty
puly alyp, jübüsine saldy-da, haş-ş edip, uludan bir demini alyp,
töweregine seredende, Myrat aga gözi düşdi; ýüzüni torsardyp, aşak
saldy-da, don alan çykyp barýarka, ýene başyny galdyryp:
—Bar, inim, nesip etsin, toýda tozdur — diýdi. Don alan yzyna
garap:
—Aý, bolýa-da, agam, gaty erbet berk söwdagär ekeniň — diýip
çykyp gitdi.
Suhan gaty gapdalynda oturan inisine igendi:
—Seniň örän agzyň gowşak. Söwdada birneme berkräk bolmak
gerekdir — diýip, dükanyň işigine çykdy-da, Myrat aganyň tozgalap
44
duran köne donunyň egninden iki barmagy bilen çekip, — hany bäri gel
— diýip çagyrdy. Myrat aga onuň yzyna düşüp ugrady.
Dükanlaryň tükenen ýerinde saraý bilen aralykda bir suwalan
kepbede türkmen çaýçysy bardy. Suhan gaty şu çaýçynyň aňyrsyna
dolanyp, saraýyň içinde çaýhana ýaplanyp oturdy. Soňra ardyndy-da,
Myrat aga:
—Hany aşak otur — diýdi.
Myrat aga hem Suhan gatynyň çep gapdalynda kepbä ýaplanyp
oturdy.
Suhan gaty eňeginiň aşagyna düýrlenen sakgallaryny çykaryp,
barmaklary bilen daraşdyrdy-da:
—Haçan geldiň? — diýdi. Myrat aga ýüzüni ýokary galdyrman:
—Nirä, obamy ýa bazaramy? — diýip sorady.
—Oba.
—Oba şu gün uly guşluk wagtlary gelendirin-dä, bazara ýaňrak
geldim.
—Oba barypsyň-da onda?
—Hawa, oba-da bardym. Asyl aňyrdan göni oba geldim-dä.
—Oba baran bolsaň, näme üçin çagyrylandygyňy eşidensiň,
aýdandyrlar.
Myrat aga eşitdim diýmäni birhili görüp:
—Aý... biziň-ä şeýle bir açyk eşiden zadymyz ýok. Hawa, ýöne sen:
«Geläýse, bazara barsyn» diýip, sargap gaýdan ekeniň. Şony-ha aýtdylar.
Şol sargyt bilenem bazara geldim — diýip, ýüzüni galdyrman oturdy.
—Hüm-m... Onda hiç bir zat eşitmänsiň-dä? Aý, zeleli ýok. Ol
neme... Hol biri size gudaçylyga gelýärdi, seni çagyrmagymyzyň sebäbi
hem şol. Indi senem näme... maşgala özüňki, bir zat diýersiň-dä?
45
Myrat aga sözi niresinden tutjagyny bilmän, köp dymyp oturdy-da,
birden Suhan gatynyň özüne saljak ýaly edip:
—Ol gelýänler nähili ýerkä? Özüňiz tanaýasyňyzmy? — diýdi.
—Men özüm olary gaty ýagşy tanaýan. Olar gaty gurgun ýer.
Döwletli, köpçülik ýer; bäş dogan dagy bar. Hemmesi hem baý, guraw.
Indi süňňüni sorasaň, men açyk bilmeýän, ýöne gaty gul-a däldirler
welin, sizden pesräk bolsalar gerek.
Myrat aganyň esasy maksady giýew boljagyň kim ekenligini bilip,
şonuň aňyrsyna ýetmekdi. Şol maksat bilen hem:
—Ol gelýänleri kim bolmalyka?—diýip sorady. Suhan gaty açyk
aýtmany kyn görüp:
—Aý... gelýänleri boý bolsa, size gelmezdiler. Men-ä şolaryň
ulusyndan kiçisi üçin gelýäler öýdýän — diýip, gümmüň-sümmüňe urdy.
Myrat aga Suhan gatynyň jogabyna kanagatlanman pikire gitdi.
Suhan
gaty
Myrat
aganyň
agyr
pikire
gidenini
bilse-de,
bilmediksirän boldy. Eger-de kim üçin gelýändiklerini dogry aýtsa:
«Giýew bolmalyň ýaşy ortadan agan, öňem iki heleýi bardy welin, biri
öten ýyl öldi; siziň gyzyňyz şonuň ýerine barmaly; özi hem iki heleýiň
biri bolmaly» diýmelidi. Emma ol beýle diýip, dogrusyndan gelmek
islemedi, gaýtyp, ol tarapyny ýaşyryp, mekirlige urup gitdi:
—Hawa, Myrat, men aýdyp ýörmesem-de, öz ýanymdan seniň
gadyryňy gaty bilýändirin. Döwletime döwlet goşanyň hem sendigiňi
bilýändirin. Senem meniň malyma çopan bolup gelensiň, hudaýa şükür,
göz degmesin, tüweleme, meniň malym hem örňäp başlandyr. Sen ol
zatlara
düşünmeýändir
öýtmegin.
Men
ol
zatlara
gaty
gowy
düşünýändirin, gadyryňam bilýändirin. Şol sebäpden ömrümiň ahyrynda
sana bir ýatdan çykmaz ýaly ýagşylyk etmek meniň mydam kalbymda.
Ýöne şony neneňsi ýol bilen etmegiň tagadysyny tapman ýördüm. Ynha,
indi şol etjek ýagşylygymyň ýeri geldi.
46
Öňräk Bekmyrat baý menden bir gelinlik maşgala sorady. Men oňa:
«Biraz howlukmaň, men size bir üýtgeşik maşgala tapyp biýrin» diýdim.
Şol sözi aýdamda-da, siziň maşgalaňyz meniň ýadymda. Ýöne men oňa
birden bir zat aýtmadym. Aňyrsyny-bärsini pikir edip, her bir tarapdan
ölçerip gördüm. Iň soňunda şol ömrüniň ahyrynda ýatdan çykmaz ýaly
ýagşylyk edeýin diýen maksadymyň ýeri gelendigini bildim. «Gel, men
Myrady Bekmyrat baýlar bilen guda edeýin» diýdim. Bekmyrat baýlar
ýaly gudalary bolanyň dünýäde näme armany bar? Gökdäki dilegi ýerde
gowuşýar. Maşgalasy ýag-ýüpegiň arasynda dolaşyp gezjek.
Ilki men — şeýle-şeýle bir maşgala bar — diýemde — atasy garyp;
çopan gyzy — diýip, biraz tykyrajak hem boldy. Ýene-de — siziň
hataryňyzda terbiýe alan bolsa bolýa-da — diýip, razy boldy.
Indi siz biraz pikir ediň. Häzir döwlet siziň üstüňize süýşdi, bilseňiz.
Gelen döwletiň ýüzüne urup gaýtarjak bolmaň. Döwlet her adamyň
ömründe onuň gapysyna bir gezek gelermiş, emma ony tutup bilmän
gaýtarsa, dolanyp gelmezmiş. Siz hem şu gelen döwleti gaýtaryjy
bolmaň. «Döwletliden döwlet ýokar, bidöwletden — mähnet» diýýä.
Bekmyrat baýlaryň haýsy sandygyny açsaň, jagyrdap ýatan altyn-kümüş.
Kim onuň hasabyny bilýä, kim onuň hasabyna ýetýä. Gyzyňyz şeýle
döwletiň içinde aýlanansoň, «Bal tutan barmagyny ýalar», elbetde,
barmagyny ýalamaly bolar.
Bir gelende, bäş-alty tylla getirse, ikinji bir gelende, dört-bäş tylla
getirse, ana, size bir ýyl iýerlik zat.
Bu ýerde iýerligiňiz bolsa, onda çopançylykdan gazanan goýunlaryň
sürüde alany ýanyna bolup gezibir. Şeýlelikde, bäş-alty aýyň içinde özüň
bir çekeneli adam bolarsyň. Ana, şol döwletiň geldigi bor. Soňra çekenäň
örňese, öz başyňa süriň bor. Isleseň, guma çykarsyň; isleseň, goýnuňy
mülk arasyna ýakyn çekersiň. Isleseň, çopan tutarsyň; isleseň, özüň
bakarsyň. Ine, saňa döwlet! — diýip, ýylgyryp, Myrat aganyň ýüzüne
seretdi.
47
Suhan gatynyň bu bolsadysy Myrat aganyň göwnüni götermedi.
Onuň ýüzünde azajyk-da şatlyk ruhy görünmedi. Ol şol oturyşyndan
gozganmady hem.
Suhan gaty biraz ýylgyran bolup:
—He, diňlediňmi meniň sözümi, düşündiňmi, döwlet nireden gelip,
gapyňy açýa? — diýip sorady.
Myrat aga agras ýüz bilen:
Döwlet
gelip,
gapymyzy
açjakmy-açmajakmy,
ol
tarapyn-a
bilemzok, ýöne aýdan zatlaryňa-ha düşündim — diýdi.
—Weý, döwlet bosagaňdan ätjek bolup dur ahyryn, şony bileňokmy?
— diýip, Suhan gaty gorkajyk gözlerini tegeläp seretdi.
Myrat aga bir ardynyp:
—Aý, indi biziň köpümiz ötüp, azymyz galypdyr. Ol geljek
döwletmi, gelmejek döwletmi, oňa garamaly däl-de, şol gyzyň geljekde
dişi ýylgyrjakmy-ýylgyrmajakmy, şoňa garamaly — diýip, başyny aşak
salyp, oturan ýerinde uludan bir demini aldy.
Suhan gaty ileri omzap:
—Hemme kişiň hem islegi şol-da — diýdi.— Men aýtdym ahyry.
Bekmyrat baýlarda ýag iýip, ýüpek geýjek diýip. Siziň maşgalaňyzyň
azajyk ynjajak ýerinde men özüm hem razy däl. Men siziň maşgalaňyzyň
öz maşgalamdan tapawudyny bilýän däldirin — diýdi-de, ýaplanyp
oturan kepbesine oýkanyp, ýagyrny-synyň gijisini köşetdi. — Hany
näme diýýäsiň? Men beýdip oturmaýyn; meniň dükanda söwdam galýa
— diýip, Myrat aganyň ýüzüne seretdi.
Myrat aga sykajakdan çykyp bilmän, ýene-de:
—Ol gelýänleri kim bolmalyka? — diýip sorady.
Suhan gaty kim üçin gelýändiklerini ýene-de aýtmajak boldy:
48
Men saňa öň aýtdym ahyry, iň ulusyndan kiçisi diýip. Boý bolsa, size
gelmezdiler. Elbetde, boý ýigit däldir — diýip, sakgalynyň ujuny agzyna
saldy.
Myrat aga ýene jogaba kanagatlanman:
—Maşgalasy-zady hem bardyr? — diýip, has türküledi.
Suhan gaty ýene gümmüň-sümmüňe salyp:
—Onuň oglan-uşagy-ha ýok öýdýän. Ýöne ozal hem bir aýaly
barmyş-da, maşgalasy bolmaýamy-nämemi — diýdi.
Myrat aga işiň magadyna ýetdi. Ýagdaý aýalynyň ozalky aýdyşy
ýaly. Indi muňa şol aýaly bilen belleşen jogabyny bermek isleýär. Emma
hiç bir zat aýdyp bilmän, ýüzüni aşak salyp otyr.
Suhan gatynyň uzak oturmaga ýüregi takat bermän:
—Ýeri, näme diýýäsiň?— diýip, gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi.
Myrat aga näme diýjegini bilmän:
Aý, näme, bir zat diýip-diýmän, biziň-ä entek ýetişip oturan
gyzymyzam ýok. Ony näme... Siz özüňizem ýagşy bilýäsiňiz — diýip,
ýüzüni ýokary galdyrmady.
—Aý, bilip-bilmän, aýal maşgaladyr-da, ony ýetişdirjek bolup
oturmazlar. Kebelek ýaly başyňdan aýlap goýberenden gowusy ýokdur.
—Aý... ol aýdýanyňyz-a dogry welin, ýöne kebelek ýaly başdan
aýlap: «Bar, näme bolsaň, şol bol» diýip goýberibermäge-de her kimiň
öz maşgalasy bolýa, ýüregiň etmeýä... — diýdi.
Myrat aganyň bu sözüne Suhan gatynyň bijaý gahary gelip, tegelejik
gözleriniň içi ganguýma boldy. Ýene-de, gaharyny bildirmän, mekirlik
bilen Myrat aganyň içine-daşyna geçip, ony razy etjek boldy. Ahyry
Myrat agadan razyçylyk bolmajagyny bilip, birden çym-gyzyl bolup
doldy. Onuň tutup oturan eşek taýagyny siltäp alyp, gahar bilen ýere
berk dikdi-de:
49
—Sen biraz pikirlen! — diýdi — Kim bilen gepleşýäniňi ýada sal!
Kim saňa — maşgalaňy kebelek ýaly başyňdan aýlap — bar, näme
bolsaň, şol bol — diýip, goýber — diýýä?! Adam kimler bilen
maslahatlaşan bolup otyr-a!.. Adamyň özüni öldürmeli-le! Sen özüňe-de
seret, gelýän adamlara-da seret! Olar kim?.. Sen kim?.. Olar sen diýip
gelmeýäler, olar men diýip gelýäler, olar ömürem seniň gapyňdan
garajak adamlar däl. Olar meniň abraýym diýip gelýäler!.. Şu zatlara-da
düşünip, biraz pikir etmek gerek! — diýip, ýüzüni keserdip oturdy.
Suhan gaty bolar-bolmaz ýerde daýhan-deşdiwanlarynyň öňünde
agyzly kişi boljak bolup ýören bir adamdy. Ol ugursyz zatlaryň üstünde
çopan-çoluklarynyň hakyny bermän kowup, ýaşkiçilerine urduran bolup
hem ýörýärdi. Myrat aga, şu zatlary göz öňüne getirip, berk bir zat
aýtmakdan çekindi:
—Aý...
ol
aýdýanyňyz-a
dogry-la.
Siziň
abraýyňyz
diýip
gelýändiklerini hem bilýäs. Ýöne maşgalamyz ýaş bolansoň, ýene bir-iki
ýyl enesiniň elinde terbiýelenäýse kem görmeýäs-dä. Enesi hem ýekelli
adam. Bir öýde bir özi diýen ýaly, hem enesine kömek
boljak... Olar
ýaly bolsa, näme... ynha, oba bararys, enesi bilen hem maslahatlaşyp
göreris, enesi näme diýýä — diýip, ýüzüni ýokary galdyrman oturdy.
Suhan gaty:
—Özüň erkek bolsaň, bular ýaly işde asla aýala maslahat salmazlar.
Maslahatdaşyň aýal bolsa, bir-de işiň ugra barmaz! «Saçy uzynyň akyly
kelte» diýip, babalarymyzyň aýdanyny bir-de ýadyňdan çykarmagyn.
Olaryň aýdan sözleriniň yrýasy bolmaz — diýip, biraz deminden düşjek
ýaly etdi.
Myrat aga öňki pikirinden dänmän, sypaýyçylyk etdi:
Aý... ol aýdýanyňyz-a dogry-la. Ýöne her zadam bolsa, olam ene-dä,
gara bagyr, öndüripdir, ekläpdir-saklapdyr, onsoň oňa-da maslahat
salaýaly diýýäs-dä.
50
Myrat aga ýene-de gürrüňdeşiniň göwnüniň üstünden turmady.
Suhan gaty henize çenli daýhanlaryndan, çopan-çoluklaryndan bular
ýaly gaýtawul görmeýärdi. Oňa görä-de Myrat aganyň bu bolşuna onuň
gaty gahary geldi. Tegelejik gözlerini öňküden hem beter tegeläp, çymgyzyl boldy; ýel berlen tulum ýaly çişip, boguk sesleri bilen has gaty
gykylyklamaga durdy:
Ol maşgalany eklän kim?! Onuň ene-atasynyň iýýäni kimiňki?
Ýigrimi-otuz ýyldan bäri iýýäniň meniň çöregim dälmi? Ol maşgalalar
meniň çöregimi iýip, önüp-ösendir. Sen «Aşyňy içeýin, tabagyňa...»
etjek bolýasyň! Saňa duz depen diýerler! Seni meniň duzum urar. Sen
meniň maňlaýyma depjek bolýasyň! Hany göreli, kim kimiň maňlaýyna
depýäkä! Nädersiň, şol maşgalany atyň syrtyna berip goýberibersem!..—
diýip, dodaklaryny ýalaşdyryp, eýlesine-beýlesine sereden bolup,
öňküsinden hem beter keserilip oturdy.
Ak bazaryň ortasynda Suhan gatynyň nähak ýere gykylyklap,
masgara bolup oturyşyna Myrat aga utanyp, ýere girip bilmedi. Ýaman
gahary gelip, bilindäki pyçagyny sogrup, Suhan gatynyň kükreginden
dikmek isledi. Ýene işiň netijesi tersine çözülip, öz maşgalasynyň ýerýesir bolup, ýetim galjagyny göz öňüne getirdi-de, hyrçyny dişläp, sesini
çykarman oturdy.
Myrat aganyň azarly janyndan bihabar, bili agyrmaýan Suhan gaty:
—Hä... Näme geplemän otyrsyň? Utanmaýamyň, uýalmaýamyň,
hiý, beýle-de masgaraçylyk bolarmy? Bular ýaly işde ene-ata ýaşula
ynanyp oturyberýändir, eger-de ýaşulynyň hatyrasyny tutýan bolsa. Sen
meniň çöregimi şunça çeýnäp, ýene beýle masgaraçylyk edip otyrsyň.
Aslynda şol gelýän adamyň özi «seniň ýanyňda oturýan bolsa, oňat
maşgaladyr» diýip, maňa daýanyp gelýä. Ondan soň men ol adamlara —
guda bolmaýalar — diýip aýdyp bilmen ahyry! — diýip, eşek taýagyň
ujuny ýerden sogurdy.
51
Myrat aga çykgynsyz agyr hala düşüp, öz içinden: «Aý, özüň garyp
bolsaň, haýsy bir işiň ýerine ýetýä. Bu hem ýerine ýetmedik işleriň biri
eken-dä» diýip, ýüzüni ýokary galdyrman, göwünsiz:
—Aý, onda näme, bolýa-da... Size daýanyp gelýän bolsalar,
geliberiň diýersiňiz-dä — diýdi-de, ýerinden turdy.
Suhan gaty:
—Bolýa onda — geliberiň — diýip aýdaryn — diýip, dükana garşy
ugrady.
Myrat aga dik duran ýerinden gozganman, ýüzüni aşak salyp:
— Eý-ý-ý!.. Ýazgyt!.. Ýazgyt!.. — diýdi. — Bu Suhan gatynyň
ýazgydy boldy. Men özüm bolsam, ýumruk ýaly gyzymy orta ýaşan
adama aýal üstüne bererinmi?! Ýok!.. Ýok!.. Bermerin!.. Men özüm
hem bar! Men şu işe hiç razy däl. Häzir Suhan gata baryp aýdaýyn —
diýip, onuň dükanynyň işiginden bardy-da. — Suhan aga, bäri çykyň —
diýdi.
Suhan gaty dükandan çykdy.
—Ýaňky maslahatymyzy goýbolsun edeliň — diýip, Myrat aga
ýüzüni bir gapdala sowdy.
—Näme, adamyny oýnajak bolýamyň? — diýip, Suhan gaty
gaharlandy.
—Oýnanym-oýnamanym şol. Men şol işe razy däl! Ol gelýän adamada: «Ata-enesi razy däl, maşgalamyz ýaş» diýip aýdýalar diýip
aýdaýyn—diýdi-de, Myrat aga durman gidiberdi.
Gün gijikdi, bazarçylar somsaýak gaýdyşýarlar. Obanyň uşajyk
oglanlary obadan açygrak saýlanyp, bazar ýolda kakalaryna garaşýarlar.
Bazardan gelýän kakalar oglanlaryny ulaglarynyň öňüne alyp, kemput,
ak nan, halwa ýaly zatlary goltuklaryndan çykaryp berip, oglanlaryny
begendirýärler.
Bu gün Uzuklaryň öýlerinde hem il deňinde özleriniň bazarçysyna
garaşýarlar. Durdy tä iňrik garalyp, garaňky düşýänçä, öýe girmän,
52
kakasynyň ýoluna seredip durdy. Sansyz bazarçy ýol bilen geçip gitdi.
Öz obalaryndan bazara gidenler geldiler, emma Myrat aga gelmedi.
Durdy öýlerine girdi, emma kakasyndan tamasyny üzmedi. Ol hälişindi kakasynyň: «Çöş-ş...» diýip, daşarda eşegini durzan sesini
eşidäýjek ýaly bolup, köp garaşdy.
Bularyň öýlerinde Myrat aga garaşýan ýeke Durdy däldi; Orazsoltan
eje bilen Uzuk hem garaşýardy.
Iň soňunda, ýassynlar Uzuk ejesine: «Bolmasa, Suhan agadan sorap
geläýsene» diýensoň, Orazsoltan eje Suhan gatynyň ýanyna gitdi.
Suhan gaty Orazsoltan ejäniň soragyna:
—Men nä bilermişim Myrady. Bazarda ýanyma geldi, turdy gitdi —
diýip beren jogabyndan soň sözleşmek-de islemedi.
Orazsoltan eje göwünsiz berlen jogaby eşidip, çykyp gaýtdy. Öýüniň
işigine gelende, ýigrimi-otuz ädimlikde bir gara göründi. Şol halatda
gulagyna çalaja «Çöş-ş...» diýlen ses eşidildi. Ol: «Geläýdimi-kä?»
diýip, ýaňky garanyň ýanyna baranda, Myrat agany tanady. Gizlin
syrlaryny döküşmek üçin bulara çola ýer gerekdi. Ol sebäpden olar
öýlerine-de barman, edil şu ýerde ikisi oturyp gürrüňleşdi.
—Näme beýle gijä galdyň? — diýip, Orazsoltan eje söze başlady.
—Giç öýlänler baýa gahar edip, bazardan çykyp ugradym. Şol
ugryşyma hemme zady jähennem edip, göni guma gitjek bolup,
Peşanalydan hem geçdim. Ýene-de: «Bu gidişim ýagşy däl, öýde çagalar
ýaman gaýgy ederler» diýip, yzyma dolandym.
Ynha, işler şeýle, garry: men baýa seniň aýdyşyň ýaly edip aýtdym. —
Entek maşgalamyz ýaş, bular ýaly iş biziň göwnümizde ýok — diýdim.
Görsem, hiç bolar ýaly däl. Baý edil guduzlan it ýaly, gözlerini
gyzardyp, başyny silkip alyp barýa. Edil guda bolsaňam bolarsyň,
bolmasaňam bolarsyň diýen ýaly etdi. Indi men-ä, garry, halys akylhuşumy çaşyrdym. Näme diýip-näme aýtjagymy bilmeýän. Ýagşy, garyş
boýdan galdyryp, ekläp-saklap, kemala gelen güni, ene-ataň öz çagasyna
53
ygtyýary ýetmese, näme diýip-näme aýdarsyň?.. — diýip, Myrat aga
başyny aşak saldy.
Orazsoltan eje iki elini dulugyna tutup, Myrat aganyň sözüni diňläp
otyrdy. Ol şol oturyşyny bozman, öz pikirini aýtdy:
—Meniň diý diýenlerimi diýipsiň, gaty gowy edipsiň. Erte bir gün
meniň çagam «Enem-atam golumdan tutup oda urdy-ha» diýmez-dä.
Biziň barymyzyň islegimiziň tersine zor bilen bir iş etseler bolsa,
hemmämiziň närazyçylygymyz bir bolar. Barymyzyň gargyşymyz şol
bize hyýanat edene bolar.
Myrat aga mundan soň ep-esli pikirlenip oturdy. Soňra usullyk bilen:
—Neme-le, garry, biz: «Gyzymyz ýaş-ýuş» diýip çekip ýörmän,
Berdä nika gyýyp oturybersek nädýä? Öňden hem biziň iru-giç
maksadymyz şol-da — diýip, aýalyna maslahat saldy.
—Wah, şeýdägede, munuň başyny bogup dynaýandan gowusy
ýokdur. Onda başyňam dynç bor, gulagyňam. Berdiniň ýigit kemi ýok.
Gül ýaly oglan. Özüniňem bizden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Ýöne şu gatap
galan Suhan gaty üstümizden bir sowlaýsa. Häzir aýtsak, razy
bolmazmyka diýýän. Şol bir zat diýip durmasa, etmelisi şol-la — diýip,
Orazsoltan eje özüniň razyçylygyny bildirdi.
—Neme, garry, bu ýerde «Sag sagynýança, däli suwdan urup geçer»
etmeli — diýip, Myrat aga aýgytly karara geldi. — Men goşa baran
badyma, Berdini ibärin. Baýam bu işe özi razy bolup. Berdä bir aýýarym aý rugsat berse-hä bereni, eger-de närazyçylyk edip gykylyklajak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 04
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.