Latin

Ykbal I - 04

Total number of words is 3733
Total number of unique words is 1919
33.1 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolsa, ikisinem Ogulnyýazyň öýüne elt-de, nika gyý-da oturyber.
Ogulnyýaza onuň hökümi ýöremez. Soňra elinden gelenini edäýsin.
Berdiň-ä näme ýaş jany bar. Her ýerde-de zähmeti bilen çörek tapyp iýip
biler. Menem bütin ömrümi şunuň öňünde ýaýaplap geçirdim. Halys
etimden ötüp, süňňüme ýetdi. Suhan gaty bolmasa, ýene bir gaty boljak
eken-dä, menem öz kärimden bir döwüm çörek tapyp iýip bilerin. Ýagşy,
garry, söz şu bolsun.
54
Iki garry maslahaty jemledi. Şondan soň Myrat aga maşgalalary bilen
hoşlaşyp, gijäniň içinde guma ugrady. Ol ertire galyp, ýene Suhan
gatynyň gözüne görünmek islemedi.
Berdi gumdan gelýänçä, Orazsoltan eje Ogulnyýaz ejeleriň toparyna,
başga-da obada pikir alyşýan adamlaryna bu iş hakynda maslahat saldy.
Maslahat salan adamlary — aýal-erkek Orazsoltan ejäniň bu işini gaty
gowy gördüler.
Berdi hem, Myrat aga guma gidenden soň, dört-bäş gün geçipgeçmänkä, oba geldi.
Orazsoltan ejäniň maslahatdaşlary: «Sen her zadam bolsa, Suhan
gata bir maslahat salan bolup gör. Belki, razy bolup, Berdä bir aý-ýarym
aý rugsat berer. Ýok, dört aýakda bir baş boluberse bolsa, Ogulnyýazyň
öýüne eltip, nika gyýarys; ondan soň olam elinden gelenini edibersin»
diýdiler.
Ynha, şu maslahat bilen Orazsoltan eje Suhan gatynyň ýanyna bardy.
Suhan gaty ýekeje özi öýüň ortarasynda arkan düşüp ýatyrdy.
Orazsoltan eje:
—Salamäleýik — diýip, öýe girdi.
Suhan gaty:
—A-a-le... — diýip, onuň doly salamyny-da alman, dik oturdy.
Köýneginiň eteginden elini sokup, garnyny sypalaşdyrdy. Orazsoltan eje
girenden soň, ara ep-esli salyp salyp — he... Orazsoltan, geç, otur —
diýdi.
Orazsoltan eje:
Geçip oturjak däl — diýip, ojagyň öňünde çommaldy.
Suhan gaty gapdallaryny gaşaşdyryp:
—Hä, habarlyja geldiňmi? — diýip sorady. Orazsoltan eje ýere
seredip oturyşyna:
—Biz-ä
gyzymyzy
Berdä
nika
gyýyp
oturybereli
maslahatlaşdyk. Siz şony neneňsi görýäsiňiz? — diýdi.
55
diýip
Suhan gaty derrew sakgalynyň ujuny agzyna salyp: «Hüm... Berdä,
hüm... Berdä...» diýip, iki gezek gaýtalady. Soňra sakgalynyň ujundan
kertip alanlaryny «tüf, tüf-tüf» edip, üç gezek tüfledi-de:
—Aý, ol ýagşy iş. Ene-ata razy bolsa, başganyň sözi bolmaz —
diýip, elini köýneginden çykardy. Suhan gatynyň bu sözünden soň
Orazsoltan ejäniň biraz göwrümi giňedi:
—Aý, her zadam bolsa, ýaşulyňa maslahat salan ýagşy-da — diýdi.
— Aý, ol hawa-la, ýöne bu işde ene-ata nämä razy bolsa, şol bolar.
Meniň Bekmyrat baýlar diýmegim olar bir il içinde atly-abraýly baý
adamlar. Siz näçe salsaňyz-da, siziň salgydyňyzdan gaçjak däl. Sizem bir
garyp adam, size-de pul gerek. Ynha, meniň hem olara ýykgyn etmegim
size bolsun diýip etdim. Asyl siziň bular ýaly pikiriňiziň baryndan
habarym bolmasa nätjek. Eýle bolanda, Bekmyrat baýyň jogabyny şo
mahal bererdik.
— Aý, galyň-palyň diýip oturjak däl. Gyz satyp baýan ýokdur. Şol
ýeke çagam deňine-duşuna sataşsa bolýa.
— Aý, ony gaty akyl edýäsiňiz. Orazsoltan.
Suhan gatynyň bu sözlerinden soň Orazsoltan eje arka tapynan ýaly
boldy. Ol mundan beýle sözlere garaşmaýardy. Soňra Orazsoltan eje has
arkaýynlaşyp:
— Hany onda ol oglana bir aý-kyrk gün rugsat beriň-dä, obada gezer
ýaly — diýdi.
Suhan gaty: «Indiki geljek — uzak bazarymyz, soňky — gysga
bazarymyz... gysgadan soň guma gitsek bolar» diýip, hymyr-symyr edip,
özünden özi gürrüň etdi. Soňra tiz başyny galdyryp, gapyrgalarynyň
ýüzüni gars-gars gaşady-da:
— Hawa, Orazsoltan, häzir Berdini guma iberiň. Ol ýerde Myradyň
ýeke özüne kyn bolar. Ol ýanyndaky oglanam entek ýaş. Hawa, indiki —
uzak bazar, soňky gysga bazarda men çoluk tutup, ertesi guma ugraryn.
Çolugy Berdiň ýerine goýup, özünem alyp gaýdaryn. Toý üçin goýun
56
gerek bolsa, bu ýerde bazardan alyp biýrin. Bolmasa, gumdan goýun
sürüp gaýtmak Berdä aňsat düş-mez. Un gerek bolsa kömek biýrin.
Şeýle bolup-da, soňky uzak bazardan soň sähedini belläber. Orazsoltan
— diýip, sakgalyny agzyna saldy.
Orazsoltan eje Suhan gatydan köp hoşal bolup çykyp gaýtdy.
Maslahatdaşlaryna Suhan gatynyň aýdan sözlerini ýeke-ýeke aýdyp
berdi. Maslahatdaşlary hem Berdiniň gaýdyp guma gitmegini makul
bildiler. «Hawa-la, gitsin; «Ýarym güne ýaryş ýok» diýişdiler.
Berdi guma gitdi.
DÜWÜN ÇIGIŞSE ÜZÝÄRDILER
S
UHAN gaty gapdallary don asylyp doldurylan, galanlary bolsa
eplenilip, törüne basylan dükanyň ortarasynda satlyk donlaryň birini
ýasgynjaň atynyp, haram ölen towugyň maslygy ýaly, şumroý sary
telpegini dyzynyň aşagyna basyp otyrdy. Onuň egnindäki alabeder biz
köýneginiň ýakasynyň kiri damagyny çaljak bolýan bolsa, başyndaky
jambörüginiň kiriniň derdinden neneňsi matadan edilendigi belli bolman,
edil mum edip, sapak işip oturmalydy.
Bu wagtlar gün uly guşluk bolup barýardy. Emma entek bazar ýagşy
gyzmansoň, häzir söwda-satyg gaty gyzgalaňly däldi.
Ynha, bu wagtlar Bekmyrat baý aldyran ýaly, bir ýerden alakjap
gelip, murtlaryna timar berip, dükanyň gapysynda durdy-da, Suhan gata:
— Salawmaleýkim! — diýdi.
Suhan gaty hasanaklap ýerinden galyp:
— Aleýkimessalam. Dükana geç — diýdi. Bekmyrat baý başyndaky
silkme telpegini çykaryp, bir silkdi-de, içindäki ýaglygy bilen derini
süpürişdirip:
57
— Ýok, Suhan aga, sag boluň, geçip oturjak däl. Howlugýaryn —
diýip, Suhan gatynyň gözüne seredip, gözi bilen gör nämäniňdir
habaryny berdi.
— Geç, çaý iç-dä... — diýip, Suhan gaty mürähet etdi.
Bekmyrat baý:
— Aý, sag boluň — diýip, Suhan gatynyň ýüzüne ýiti seredip,
gözüni agdardy-da, ýeňsesine dolandy.
Suhan gaty inisine:
— Sen dükanda otur — diýip, her aýagynyň üstüne bir basyp, pyşdyl
ýörişi bilen Bekmyrat baýyň yzyndan ugrady. Bular dükanlaryň öňi bilen
tirkeşip, saraýa bardylar. Suhan gaty arabanyň hapa tigrine ýaplanyp,
ýerde ýagşy ornaşyp oturdy. Bekmyrat baý hiç bir zada ýaplanman.
Suhan gatynyň öňünde çyzganjyrap, çommalyp oturdy-da, söze başlady:
— Ýeri, Suhan aga, habar haýyr bolsun, Myrat gelendir?
Suhan gaty, birsalym sesini çykarman, pikir eden bolup:
— Aý, biziň bu işimiz «It boýnuna göwher daşyny daksaň, item
aglar, göwherem» boldy. Aslynda «Söz parhyny bilmän sözlän adamdan,
ondan ýene otlap ýören mal ýagşy» diýip könelerimiziň aýdany gaty
dogry söz — diýip, ýerliksiz nakyl getirip, dürsürän bolup tüketmedi.
Suhan gatynyň ugursyz dürsürän bolup oturyşyna Bekmyrat baýyň
jebegesi gysylyp:
— Ahyrynda näme diýdi? — diýip, gysga sözde açyk jogaba
garaşdy.
— Aý, «Maşgalam ýaş» diýip, hynnyk-mynnyk eden bolup otyr.
Meniňem gaharym gelip: «Tur, meniň gözüme görünme!» diýip, goýna
kowup goýberdim.
— Onda işimiz ugra barmajak-da?
— Aý, ugra baryp-barman näme, ol öz elimizdäki zat. Indi näme,
Bekmyrat baý, ikimiziň aramyzda gizlin zat ýok. Ata-enesi razy bolmasa
bolmasyn. Razyçylykdan daşarda-da ýol bar ahyryn. Myratdan razyçylyk
58
aljak bolup, çagyran bolup ýörmegimizem ýöne il ýüzüne depme
halallyk bir zat-da. Indi näme, razy bolmasalar, razyçylykdan daşdan ýol
gözlemeli bolar-da. Ýöne Myrat meni şu işde ýüň sakgal etdi. Meniň şu
ömrümde düýnki Myrada gaharym gelşi ýaly, gaharym gelen däldir.
Bular ýaly çopan-çolujaklaryň gorpa süsdüriläýdigem bardyr welin, ýöne
degmedim-dä.
— Bu aýdanyňyz dogry, olar ýaly daýhan-deşdiwana kimdigiňi
tanadaýsaň kem bolmaz.
— Özümiz-ä tanada-tanada gelýändiris welin, bolýa-da. Aý, özümizi
tanatdygymyz-da, ol razy bolmady diýip, haýyr bolan işi şere ýazjak
gümanymyz ýok. Meniň ozalky sözüm — söz, Bekmyrat baý. Ozal men
saňa bir kör bahasyna alyp bereýin diýdim gerek? «Her iş bolsa, bähbit
bolsun» diýýä. Ozal kör bahasyna alyp bermäge boýun bolan bolsam,
indi mugt alyp bermäge boýun bolýan.
— Özüň gör-dä, Suhan aga, şol maşgalany alyp beräýseňiz, siziň
gaty gadyryňyzy bilip, sylagyňyza ýeterin. Siz özüňiz bilýäsiňiz, meniň
şol mele atyma kimler hyrydar bolup dilemedi. Emma men diläne —
agramyna zer çekseňiz hem, satlygy ýok — diýýädim. Şeýle gowy
görýen malymy Siziň hatyraňyza sylag bermäge razy boldum ahyryn.
Heniz hem meniň sözüm sözdür. Ýöne şu maşgalany her hili-bir
hili
edip alyp bereweriň, Suhan aga. Indi ol ýer diýen meseläňiz bar. Ony
Siz, Suhan aga, hiç gaýgy etmäň. Ol aýdýan oglanyma Allak
diýýändirler, obamyzda doganoglanynyň elinde gezip ýören bir ýetim
oglan. Onuň doganoglany bolsa agyr maşgalaly bir garyp adam. Ol şol
Allagyň atasyndan galan üç tanap ýeri ekip, zordan güzeranyny dolaýar.
Men üç gün mundan ozal Allagy çagyryp, onuň bilen gürrüňleşdim. —
Senem beýdip söwedeňläp ýörme-de, öýlenjek bol — diýdim. — Ol doganoglanyňdan hantama bolsaň, seni müjerret ötir. Garşa dagy edeli
diýse-de, ýetişip oturan gyzy ýok; bolaýsa-da, öz ogly hem ýetişip barýa.
Ýöne sen ýerjagazyňy sat-da, öýlen; ýetmedigini bolsa ondan-mundan
59
karz-kowal al, men özüm hem kömek edeýin — diýip maslahat berdim.
Ol meniň maslahatymy makul görüpdir. Doga-noglany bilen bolsa
tersleşipdir. Öten agşam — sen meniň ýerimi satyn al — diýip, ýanyma
geldi. Ynha, şonuň ýerini saňa arzanjak alyp bereýin. Häzir bir ýurt
tutsaňyz, soňra ýurdy giňeltmek bolar-la. Onsoňam näme, Siziň bir eliňiz
şäherde bolsa, bir eliňiz gumda bolmaly ahyryn.
— Wah, hawa-la, Bekmyrat baý. Meniň şu ýer işimem bitiräýseň-ä...
— Bitirib-ä, uly söze toba-tagsyr, onuň bitdigi-le.
— Meniň ol ýerik göçüp barjak bolmagymyň sebäbi — şähere
ýakyn. Söwda-satyg etjek adama şäher ýakyn bolsa, kem bolmaýa.
Hawa, indi ýaňky maşgalany almak hakynda. Siz şu maşgalany
sypdyraýmaň. Il ýüzünde maşgala bolsa, özi ýalydyr. Adamçylygynda
diýermiň, görk-görmeginde diýermiň, çeperçiliginde diýermiň — hiç bir
tarapdan maşgala öňüne düşmez. Onuň özi, giren bolsa, ýaňy on altysyna
girendir, bolmasa, on bäş ýaşyndadyr. Şonda-da boýy-göwresi hiç bir
adamyňkydan pes däl. Onuň çykarýan halysynyň ýöne ýüzüni sypap, syn
edip otur-malydyr... Ýagşy, indi neneňsi almak bolar öýdýäsiň?
— Biz-ä bilmedik, Suhan aga, ony özüňiz ýagşy bilýäsiňiz. Biz-ä
«Pylan hili ýol bar» diýip, ýol salgy berseňiz, şony etmäge taýyn.
— Etmäge taýyn bolsaňyz, ene-atasy razy bolmansoň, ýekeje ýol
galýa. Ol-da bolsa atyň öňüne basyp alyp gaýdybermek. Atasy-ha näme,
çölde gezip ýör. Bu işiň beýle bolanyny bir ýyldan hem eşitmez. Öýde
bir enesi bardyr. Ol näme edende näme, gyk-bak eden bolar, goýar.
Soňuny bolsa men özüm oňararyn, soňunyň çigit ýaly pikirini
çekme.
— Bolýa onda, Suhan aga, asyl meniň başdan garaşýan zadym
şudy. Her söz aýtjak bolanyňyzda, şu sözi eşitmek isleýädim, indi
islegime ýetdim.
— Islegiňe ýeten bolsaň bolýa. Biz tarapdan göwnüňize zat
gelmedik ýeri bize bolýa.
60
— Aý, bolýa, Suhan aga, «Dag daga söýenmez, adam adama
söýener» diýýä. Adam bir iş üçin gerek däl. Mydama gerekdir.
— Aý, hawa-la.
— Bolýa onda, Suhan aga, gep şu bolsun. Asla, Suhan aga, sen
şeýt: indiki bazar güni Amanmyrat iki-üç sany atly bolup barar.
Emma sen indiki bazar güni hatarda erkek göbekli goýman, her
haýsyny bir ýerik iber. Bolmasa, obada daýhan-deşdiwanlardan
adam bolup, iki arada gan görnäýmesin.
— Bolýa, şol aýdanyň gaty dogry. Eger-de düýekeşlerimiz
obada bolsa, ýa öldürerler, ýa ölerler, emma gyzy diri berip
goýbermezler. Oňa görä men şu gün agşam baryp, düýekeşleri aşak
guma ibereýin, galanlary bolsa indiki bazara gaýdarlar. Garaz,
gepiň gysgasy, Amanmyrat indiki bazar güni alyp gaýtsyn, obada
erkek göbekli görmez.
— Onda gep şu bolsun, Suhan aga.
— Bolýa.
— Hoş, onda sag boluň.
—Bolýa, gep şu bolsun — diýşip, her haýsy bir ýerik gitdi.
*
*
*
Bu gün Suhan gatynyň çoluk tutjak gysga bazar günüdi.
Çolugyň tutuljak güni bilen Uzugyň dokmasynyň kesiljek güni bir
güne düşdi. Bu gün Uzugyň ruhy belent, wagty hoş. Onuň
daragynyň sesi bütin da-raklaryň sesinden saýlanyp, «güpür-güpür,
güpür-güpür» edip, al asmana göterilýär. Gaýdymy hem şol
asmandan gaýdyşyna iň soňy, ürkek goýnuň aýak urşy ýaly, darsdars, dars-dars edip gutarýar. Ol bu gün dokmasynyň dutaryň tary
ýaly dartylyp çekilen erişleriniň bilinden günorta ýetirmän, ötgür
pyçagyny salmak maksady bilen dyngysyz çitýär. Onuň çeper, çalasyn
61
elleri her iki erşiň daşyndan dolap alan çitimlerini eltip, ýalňyşsyz öz
ýerine gondurýar. Onuň bu gün bütin paýhas-parasaty, zehini başda jem
bolup, halysynyň bütin çitimini nusgasyz görüp oturýar. Haýsy reňkdäki
ýüp gerek bolsa, elini uzadandan, şol reňkdäki ýumak togalanyp eline
gelip duran ýalydy. Indiki uzak bazardan öňürti Berdi bilen görşerin
diýen pikir onda näçe şatlyk, näçe guwanç, näçe höwes döredýärdi. Ol
içinden: «Ynha, durmuşyň iň näzik, iň nepis gülüniň baldagyndan tutjak;
hiý durmuşda şundan zyýada, şundan artyk höwes-isleg barmyka?»
diýýärdi.
Güýz aýlarynyň bir günüdi. Meýdan işleriniň ýeňleşen wagty
bolansoň, adamlaryň birnäçesiniň bazarlyk işi kän bolmasa-da, «köpüň
üýşen ýeri» diýip, galapyn bazara gitdiler. Suhan gaty bolsa hatarynda
bir erkek adam goýman, her haýsyny bir ýerik iberipdi. Obada ýekläntüklän galan erkek adamlar hem her kim öz işiniň üstüne dagady.
Köpden bäri giň jahana arkaýyn gernip syn etmedik Uzuk gyzyň hem
dokmasyny kesip, jahana arkaýyn syn etjek güni geldi. Ol dokmasynyň
iň soňky kakymyny gutardy-da, ejap bilen dokma kepbäniň gapysyndan
garap:
— Ogulnyýaz eje! Eje! Geliň, meniň dokmamy kesip beriň — diýip,
ýuwaşja seslendi.
Orazsoltan eje bilen Ogulnyýaz eje ertirden bäri biri-birine gaty
ýakyn oturyp, gör nämäniňdir tükeniksiz gürrüňini edýärdi. Bular
Uzugyň seslenenini eşidip:
— Tüweleme, gutardyňmy? — diýşip, dokma kepbä ugradylar.
Bu wagtlar Suhan gatynyň hatarynyň ýokary çetinden dört sany egni
ýaragly atlyny obanyň itleri aldajy ýaly bolşup garşylady. Elbetde,
dokma kesmäniň küýüne düşendirler-dä, itler näçe gabyrdaşyp üýrselerde, Orazsoltan eje dagy oňa hiç ähmiýet bermän, dokma kepbä girdi.
Uzuk:
— Alyň pyçak — diýip, ýiteldip goýan pyçagyny uzatdy.
62
Orazsoltan eje bilen Ogulnyýaz eje aralarynda sarpa saklaşyp:
«Alyň, siz kesiň-de, alyň, siz kesiň» boluşdylar. Ahyrynda
Orazsoltan ejäniň artykmaç sarpa goýmagy bilen Ogulnyýaz
eje pyçagy öz eline alyp:
— Ýa, bismilla rahman rahym — diýip, kesmäge başlady.
Şu
wagtlar
barmaklaryna
Uzuk
garşylyk
aýdan
aşa
görkezen
günler
erişleriň
içinde
berdaşly
kültem-kültem
bolup, aşak dökülip durşuny, misli özüniň garyp göwnünde
köpden dykyn alan gaýgy-gubar, gussalary syryp alyp, dökülip
duran ýaly görýärdi.
Ogulnyýaz eje dokmany kesip boldy-da, boýy bilen boýdaş
göterip:
— Ynha, janym, şu dokaýan halylaryň özüňki bolaýsa
bolmaýamy? — diýip, Uzuk bilen ýüzbe-ýüz tutdy. Onýança
kepbäniň ilersinden at aýagynyň sesi eşidildi.
— Bu nämedir, nämedir?! — diýip, Orazsoltan eje ýerinden
zöwwe galyp, gapa garşy ugrady welin, gapa ýetmänkä, üç sany
ýaragly pyýada işikde peýda boldy. Uzuk iki elini göwsüniň
üstünden dolap, halysyna syn edip, maýdajyk gülümsiräp duran
ýerinden bulary görüp, özüni lampa aşak goýberdi. Onýança
ýaňky işikden görnen pyýadalardan aýagy gara ädikli, başy
silk-me gara telpekli, gyrmyzy donuň üstünden ýüpek guşak
guşanan, argan-dargan satanlak, gollary uzyn, gyýyk gara
gözli, burunlak, at ýüzli, gara gyrçuw adam öňürti kepbä girdide, Uzugy gujaklady. Uzuk dalda isläp:
— Waý!.. — diýip, Ogulnyýaz ejä ýapyşdy.
Onýança Orazsoltan eje:
— Eý-waý-eý-ý!!! Taňrydan tapanlar-eý-ý!!! — diýip,
golundaky darak bilen Uzuga ýapyşan adamyň iki gözüniň
63
arasyna berip, sakar ganyny sarkdyrdy. Ikinji gezek urmaga
maý tapman, golundaky daragyny aldyrdy.
Ogulnyýaz eje garyp biçäre gyzyň ahu-perýadyna bakman,
bagryndan geçip barýan wagşy penjeden golundaky pyçagyny
saldy, emma onuň heniz ynsan tenine tyg çekmedik tejribesiz
gollary bir gezek-de öz islegi boýunça işlemedi. Bu hem ikinji
gezek urmaga maý tapman, golundaky pyçagyny aldyrdy. Ol
özüniň garry güýjüni ýygnap, golundan pyçagyny bermezlik
ugrunda näçe çalyşdy, emma Amanmyradyň ýoldaşy Kowusyň
wagşy güýjüne taý gelmedi. Sag goly towlanyp, omurdandan
çykdy. Aňry garşylyk görkezmäge ýagdaý tapman, daş çykyp,
uly ilden haraý isläp, gygyrmaga başlady. Amanmyradyň
üçünji ýoldaşy, öküzligini edip, ýatan darty bilen Orazsoltan
ejänin iki kebzesiniň arasyna berip, urup ýykdy. Gyz hossarsyz
galdy. Gyz elden gitdi. Perýat ýumruk ýaly gyzyň gününe!.. Üç
sany wagşy ony ara alyp, agzyna düýrläp, ýaglyk dykdylar;
ikinji ýaglyk bilen üstünden daňyp, iki goluny pugta sarap,
Amanmyradyň öňüne basdylar. Şondan soň derrew atly-atyna
münüp, obanyň aldajy ýaly bolup, daşlaryna üýşen itleriniň
arasyndan tiz çykmaga howlukdylar.
Bu wagtlar obanyň arasy somsaýak bolup, oglan-uşak,
gyzu-aýal

barysy
Orazsoltan
ejäniň
öýüniň
işigine
ýygnanyşyp geldi. Emma bu gün obada derde ýarar ýaly erkek
adam gaty azdy. Bolanlary hem onda-munda, meýdanda iş
üstündedi.
Ýakynrakda
bolup,
eşiden
adamlar
ylgaşyp
gaýtsalar-da, wagtynda ýetişip bilmediler.
Şeýlelikde, bu ýerik ýygnanyşanlaryň köpüsi aýal-oglanuşak bolansoň, ýöne Orazsoltan ejäniň daşyna üýşüp: «Öldi-de,
öldi» bolşup, dowul etmäge başladylar.
64
Ogulnyýaz eje pahyr özüniň on dört ýaşly ogluna: — Bazara
bar-da, bütin oba adamsyna aýt, oba adamsyndan ýolda
göreniňe-de aýt. «Uzugy süýräp, obany gyran-jyrana saldylar»
diý — diýip, gyssap bazara iberdi.
Orazsoltan eje biçäre çalajadan demini alyp, kem-kemden
özüni raslady. Bir goluny ýere diräp, dik oturmak isledi, emma
ýüregi çydam bermän, burlup başyny ýassyga goýdy. Ýatan
ýerinde agy gatyşykly zaryn sandyrawuk owaz bilen:
Asyl parçaň galagydy,
Aýaga dolak boldy-la!..
Çyn käsäniň bölegidi,
Itlere ýalak boldy-la!..
Agyr mähnet göteren,
Golum işden gutaran.
Ady ýagşy, jan balam!
Eneň zarlap galdy-la!.. ––
diýip, başyny göterip bilmän, urnup galdy.
Uzuk Amanmyradyň öňünde, atyň üstünde aždarhanyň
agzyna düşen ýaly çalnyp ýatyrka, onuň gulaç gara saçlary
ýerden süýrenip barýardy. Durdy ony gören badyna, oda atylan ýaly
boldy:
— Eý-waý, ýetiň-eý! Waý-eý, nädeýin-eý?! — diýip, ýüzüni ýyrtypýolup, özüni ýere bulap urup, gum garbap ýykyldy. Ýene turup, Uzugyň
gapdalyndan ylgady. Ol, şol ýarym-ýaş bolup, atyň gapdalyndan ylgap
barşyna: — Waý, aga-eý! Jan aga-eý! Beýtme-eý, goýber-eý! — diýip,
boýunlaryny burup, delmirip ýalbardy.
Durdynyň beýle perişan halyna çydaman, itler hem aýratyn
65
tutaklanan ýaly bolup, Amanmyradyň atynyň öňüne geçip, garbaşyp
goýbermediler. At, diriň-diriň böküp, itleriň arasyndan çykyp bilmän
durka, Durdy itleriň arasy bilen böküp-kakyp duran atyň gapdalyna
baryp, Uzugyň aýagyndan çekdi. Amanmyrat başagaýlykda Uzugy
öňünden aşak gaçyrdy. Uzuk eli-aýagy saralgy, atyň dört aýagynyň
aşagyna guýlunyp düşdi. At böküp, beýläk çekildi. Durdy Uzugy
gujaklap, üstüne ýykyldy. «Wah, degmäň-eý! Ýetiň-eý! Tutuň-eý!»
diýip, töwerekden haraý isläp gygyrdy. Şol barmana Uzugyň agzyna
ykjam ýaglyk dykylyp daňlandygyna birden onuň gözi düşdi. Bu ýagdaý
Uzugy Durda has-da naýynjar görkezdi. Ol haýdan-haý daňyny aşak
sypyrdy-da, uýasynyň agzyna dykylan ýaglygy çekip çykardy.
Uzuk ýatan ýerinde:
— Meniň elimi-aýagymy çöz, jan jigim! — diýip, näçe urundy.
Durdy Uzugy gujagyndan sypdyraýsa, elinden alaýjaklar ýaly bolup,
Uzugy boşatmaga durman: «Dat, ýetişiň-eý!» diýip, töwerekden haraý
isledi.
Şol halatda altmyş ýaşlaryndaky garry adam bir ýerden ýetişip,
hasasy bilen urup, atlylaryň biriniň başyny ýardy. Onuň rehimsiz haram
gany akmaga başlady.
Guwwan garry babany atyň üstünden dürre gamçysy bilen
saýgylamaga başlady. Onýança bir orta ýaşly aýal ýetişip, uzyn syrygy
bilen Guwwanyň kellesine bir goýanda, ol atynyň boýnuny gujaklady.
Soňra ol aýal at bolsun, üstündäki adam bolsun, gaýgyrman saýgylamaga
başlady. Asmandan şakyrdaşyp inýän sy-ryklaryň sany kem-kemden
köpelmäge başlady.
— Har-ram eşek, häh, har-ram eşekler, häh! — diýşip, ellerindäki
taýaklary, syryklary gaýgysyz inderýän aýallaryň sany artdy. Adamlara,
atlara şarpyldap, gürpüldäp degýän taýak-syryk sesleri näçe diýseň
güýçlendi. Gyz süýreýjileriň at üstünden dyngy-syz salýan dürre
gamçylarynyň şarpyldap çykýan sesleri hem taýak-syryklaryň sesine
66
gatyşdy. Bu wagtlar omurdanyndan çykan sag elini çep taý eli bilen
tutup duran Ogulnyýaz ejäniň: «Uruň, gelinler! Gaýdaýmaň! Döküň
haram eşek ganlaryny!» diýip gygyrýan sesi dyngysyz eşidilip durýardy.
Atlar asmandan inýän syryklara, taýaklara çydaman, boýnaşyp, böwür
berip gaçmaga başladylar. Olar üstlerinde oturan eýelerine baş bermän,
gapdallaşyp, götinleşip, aýallaryň hüjüminden çekilýärdi. Şeýlelikde,
jeňçiler Uzukdan biraz arany açdylar. Uzuk ýeke galdy.
Uzuk näçe: «Elimi-aýagymy çözüň!» diýse-de, başagaýlykda munuň
sözüne hiç kim gulak asmady. Soň Durdy biraz arkaýynlaşyp, Uzugy
boşatmaga durdy, emma çigşen düwünleri wagtynda çözüp bilmedi.
Bu zatlaryň hemmesi gysga wagtyň içinde boldy.
Amanmyradyň ýoldaşy Saparyň aty ýuwaşady. Ynha, Sapar şeýle bir
halatda, maý tapyp, atyny çapyp gelşine, özüniň wagşy penjeleri bilen
Uzugy penjeläp çekip, atyň öňüne basdy. Ogulnyýaz eje: «Boşadyň
gyzy! Gyzy boşadyň!» diýip gygyrýardy. Uzugyň atyň öňüne basylanyna
onuň gözi düşende bolsa: «Wah, goýbermäň!» diýip gygyrdy. Durdy
Uzugy goýbermän aslyşdy. Bu ýerde «Mal eýesine çekmese — şumluk»
diýenleri dogry çykdy. Amanmyrat, atyny depgiläp sürüp gelşine bir:
«Gap!» diýende, at gulagyny gyrpyp; Durda okduryldy. Gele-gelmäne,
çigninden tutup, bir sil-kende, Durdy honda togalanyp gitdi. Derrew
onuň çigninden çykan gan köýneginiň daşynda peýda boldy.
Atlylar Uzugy ýene öz ygtyýarlaryna geçirdiler.
Duşmanlaryň at üstünden gerdenlerine, kellelerine sansyz suňşurýan
dürre gamçylarynyň zarbyna seretmän, söweş meýdanyna giren aýallar
ellerindäki taýakdan, syrykdan bir tutam galýança, gaýduwsyz söweşip,
ahyry Uzugy gollaryndan aldyrdylar.
Obanyň arasynda elleri taýakly, syrykly, somsaýak bolup, kömege
gelýän aýallaryň sany-sajagy ýokdy, ýöne olaryň köpüsi ýetişmän,
arman çekişip galdy.
Ogulnyýaz eje üsti Uzukly atyň ep-esli arany açandygyny görüp,
67
gyzdan tamasyny üzdi.
—Boldy indi, gygyryp oturara iş galmady — diýip, ol
jibrinmäge durdy. — Hemmäňiz ýöne şat-da, şat uruşýasyňyz.
Biriňiz gyzyň el-aýagyny boşadan bolsaňyz... wah, wah, wah,
Uzuk janym bir adama-iki adama at öňüne aldyrmazdy! Ýene
azajyk saklanaýan bolsa, näçe aýal ýetişjek eken. Ho-ol erkekleriň
hem ýetişjegi bar eken. Ho-ol ekin meýdanyndan somsaýak
ylgaşyp gelýäler. Biçäre gyz armanly gitdi... — diýip, Ogulnyýaz
eje başbogusyna gözýaşyny süpürdi.
Üýşen aýallar:
—Wah, wah, gyz gitdi, uz gitdi! Uz gitdi, gyz gitdi!.. — diýşip,
gözýaşlaryny süpürişip, yzyndan seredişip galdylar.
Ogulnyýaz eje:
—Orazsoltanyň ýanyna baryň. Onuň demi bir barmyka, ony
gaty urdular. Men elimi seýikletmäge gitjek — diýip, ak eşegini
münüp, ussa Haýtyňka ugrady.
Jeň meýdanyna ýygnanyşan aýallar Orazsoltan ejäniňkä üýşüp
bardylar. Bular onuň halynyň ganymatdygyny görensoňlar, gyzyň
elden giderilendigine ahmyr edişip, zeýrenişmäge başladylar:
—Wah, jan doganlar, olar obada tüýs erkek ýokdugyny bilip
gelipdirler.
—Wah, bu bir oslanmadyk iş boldy. Aýallar osal galdy,
ýogsam bolmasa, oba gelip, gyz alyp gitmäge hetleri barmy?
—Wah... şo pille elime bir gök demrem ilmedi... Imansyzlaň
garynlaryny silkip, läşini şol meýdanda ýaýratjakdym...
—Wah, şol pille bir degerliräk ýylgyn taýagam eliňe ilenok-da.
Hernä eliňe ilýäni talu-syryk-da...
68
—Wah... jan doganlar, bu bir bolaýjak iş boldy. Ýene birazajyk
saklanylanda, gyzy alyp biljek gümanlary ýokdy. Aýal-erkek ýerlierden ýetişjek eken.
—Hawa-la, gyz, üç sany adam eli ýaragly, atlylaryň öňlerini
gabatlap, näçe ylgady welin, ýetişmedi-dä. Atyşdylaram welin,
aralary açygrak bolandyr-da. Atlylar saýlanyberdiler.
Onýança bir aýal:
—Waý, gyz, anha, ýaňky atyşanlar dört ýaragly bolup gelýäler.
Olara derrew atlanyp, kowuň diýmek gerek — diýende, aýallar
ýerli-ýerden: — Hawa-la. Haýal etmän ugrasynlar — diýişdiler.
Bir gartaşanrak aýal ýany ýaraglylaryň öňünden çykyp:
—Janlarym, derrew atlanyň-da kowuň — diýdi.
Ýerli-ýerden:
—Haýal etmeli däl, derrew ugramaly! — diýen sesler eşidildi.
Ýaraglylaryň biri:
—Jan eje, ulag ýok — diýdi. — Obada hol iki sany garry ýaby
bar. Olary münüp kowandan eşek münüp kowan ýagşy. Ýabylaryň
bary bazarda; her kim münüp bazara gidipdir. Oňat ýaby ýa at
bolanda, biz häzir hem orta ýolda yzlaryndan ýeterdik. Ol wagtda
ýa ýas üstüne ýas bolardy, ýa-da şu gün agşama çenli gyz enesiniň
öýünde oturardy — diýip, ol tüpeňine söýenip, başyny egdi.
Aýallar ýerli-ýerden:
—Halha, Meret arçynlaryň atlary gazyklarynda gazanyşyp dur.
Münsünler-de, depibersinler — diýişdiler.
Ýaraglylar:
—Şol atlar biziň hem ýadymyza düşýä. Münüp gitmäge jogap
berseler, orta ýolda ýüzlerini ýere basjagymyza-da gözümiz ýetýä.
Halha, Meret arçynyň aýaly dur, baryň, soraň-da!
69
Meret arçynyň aýaly eltisi bnlen ellerini bykynlaryna urşup,
dünýä göwünleri ýetmeýän ýaly, gaýşaryşyp durdular. Aýallar
ýerli-ýerden bularyň atlaryny soradylar. Meret arçynyň aýaly at
soralýany gulagyna ilmeýän ýaly, şol ýelejiräp durşuna, durkuny
bozman durdy. Soňra ýuwaşjadan sallanjyrap:
—Biziň atlarymyzyň münüp gitmäge esbaby ýokdur — diýip,
eltisiniň ýüzüne seretdi.
Atbakar oglan:
—Esbap bardyr. Men münüp giderlermikä öýdüp, eýerleşdirip
goýdum.
Bary,
gaňtarylgy
taýyn
bolup
durandyr;
münüp
galybermelidir — diýip, Meret arçynyň aýalynyň ýüzüne seretdi.
—Kim saňa atlary taýýarla diýdi?! Häli agşam özi geläýse
bolýa, seniň ed-dil iki gözüňem oýdyryn. Derrew git-de, atlary
basyrykla! — diýip, oňa azgyryldy.
Atbakar oglan, sesini çykarman, buýrugy berjaý etmäge ýumlugdy.
— Haý, ýeňsäň gursun, bedasyl, haram eşek!.. — diýip, onuň yzyndan
hüňürdedi. At soraýan halka bolsa:
—Menden at soramaň. Atlar meniň ygtyýarymda däl. Kim
bilýä, gyryljakmy, kim bilýä, ok degjekmi? Ile at berip, men
ärimiň öňünde jogapkär bolup bilmen — diýip, eltisi bilen
ýelejireşip öýlerine gaýtdy.
Aýallar dumly-duşdan gargyndylar:
—Şeýle günde ýaramadyk at artyp galsyn!
—Ýatagynda gölerip ölsün, hudaýym!..
Amanmyrat dagy gyzy öňlerine basyp, obadan ýagşy
saýlandylar-da, dört tirkeşik bolup, atlaryny ýolsuz ýerden sürmäge
başladylar. Kowus atyny depgiläp, Amanmyradyň sag gapdalyndan
geldi-de:
—Nirä bararys? — diýdi.
70
Amanmyrat Kowusyň soragyna düşünse-de, ony has türkületjek
boldy:
—Näme, nirä bararys, azaşandyrys öýdýämiň?
—Ýok, azaşmak däl, häzir kimiň öýüne alyp bararys? —
diýýän.
—Başga barjak ýerimiz ýok, ogul. Göni öz öýümize alyp
bararys. Bular ýaly gymmatly zat tapan utanman, öýe alyp baryp
biler-le.
Amanmyradyň bu sözi iň yzky ýoldaşy Saparyň gulagyna
degensoň, ol hem atyny depgiläp, Amanmyradyň çep tarapyndan
geldi-de:
—Näme? «Bararys-barmarys» gürrüňiňiz näme? — diýdi.
—Kowus: «Nirä bararys?» diýýä; Menem: «Göni öz öýümize
bararys» diýýän. Indi sen näme diýýäsiň?
—Meniň birinji diýjegim-ä maslahat welin, bu işden soň häzir
göni öz öýümize barmak oňat bolmazmyka diýjek. Iň bärkisi,
öýüňe baran badyňa, ugurly-ugursyz aýal gykylygam bolsa ýagşy
däl-dä.
Kowus:
—Meniňem aýdýanym şol-da — diýdi.
Onda Amanmyrat:
—Olar ýaly ugurly-ugursyz aýal gykylygynyň bolup biljek
gümany ýokdur. Olar ýaly gykylyk etjek aýalyň ed-dil boýnuny
towlaýaryn — diýdi.
—Dogry aýdýasyň, halypa! Düýä münüp, hataba bukjak
bolmaly däl. Olar ýaly aýal gykylygy boljak bolsa, näme
Amanmyradyň öýleriniň töwereginden darty tapylmaz öýdýämiň,
ha-ha-ha-a... Amanmyrat iki kebzesiniň arasyna bir berer welin,
gelnimiziň enesi ýaly, aýagyny sandyratsyn ýatsyn, ha-ha-ha-a...
Amanmyrat:
71
—Dogry aýdýasyň, Guwwan jan!
—Dogry aýtman, halypa, siziň öýüňize barman, baryljak ýeri
Amandurdy baýlaryňky dälmi? Ahaý, hemmesi bir ilatyň içi.
Araňyz sesýetim ýer. Şol öýüňize eltende, galmagal etjek daýzam
şol ýere ylgabam barawersin, ha-ha-ha... Her näçe bukdak-sukdak
eden bolaý, Amanmyrat jan, şol daýzamyň eşitmejek gümany
ýokdur, ha-ha-ha... Gutulmarsyň, ha-ha-ha...
Kowus häzirki ýagdaýda Amanmyradyň öňki aýaly hakynda
gürrüň edilmegini düýbünden ýersiz bilip:
—Etseňiz-ä, şu gürrüňiňizi goýuň — diýdi. — Adama bihuda
gürrüň etmek ýagşy bolmaz. Bir ilatyň içinden maşgala alyp
gaýdýasyňyz. Ondan soňra göni öz öýüňe barmak bolmaz. Ozal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 05
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.