Latin

Ykbal I - 20

Total number of words is 3823
Total number of unique words is 1936
34.2 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etme!» diýip, niresinden pyçagy urjagyna çenli salgy berdi. Durdy ak
saply jöwheriň sapyndan berk gysymlap sogranyny özi hem duýman
galdy. Ol bütin güýç-kuwwatyny bir ýere ýygnap, «Aşaklykdan
sokaryn» diýip durka, birden gapdalynda duran ýaş ýigidiň «Çary kaka»
diýip, oňa ýüzlenenini görüp, pyçagyny çalasynlyk bilen ýygnady.
Durdynyň bady gaçdy; ýeňsesine dolanyp, bir hyrçyny dişläp, başyny
ýaýkady. Emma dyknyşyk içinde onuň pyçagyny ne çykaranyny gören
boldy, ne-de — dolanyp, gynyna salanyny.
Çary dagy üç adam bolup, dyknyşykdan çykyp ugrady. Durdy
içinden:
«Hudaýym bar eken, pyçagy uran bolsam, Çaryny alsamam-a
alardym welin, emma menem sypdyrmazdylar» diýip, olaryň yzlaryndan
garap galdy.
Durdy şondan soň hem Çarynyň jalaýlar bilen ýaýkanyşyp ýörenini
327
iki gaýra dagy gördi. Bir gezek onuň ak saply jöwherini, gynynyň
halkasyndan guşagyna ildirip, egnaşyr arkasyna taşlap, ýaýkanyp
barýanyny gördi. Onuň ýeňsesindäki ak saply jöwheriň kümüş gynynyň
altyndan
salnan
nagyşlaryna,
päýnegine
oturdylan
gymmatbaha
daşlaryna seredende, Durdynyň bir hili howy basylan ýaly boldy. Ol
bazaryň gür ýerinden jalaýlar bilen ýaýkanyşyp barýarka, adamlar
çekilişip, olara ýol berýärdi. «Şol barýanlaryň ortasyndaky uzyn Çary
jalaýdyr. Ol özümden başga dünýede adam bardyr öýdýän däldir» diýip,
ýeňsesinden onuň gürrüňini edýärdiler; adamlar ony bir-birine görkezip
tanadýardylar.
Durdy Çara görünmän, garama-garama yzarlap, olary bazardan
çykardy. Çary dagy ýaýkanyşyp, şähere — çaýhana ugradylar. Durdy
bazardan çykmady. Ol Çarynyň yzyna düşdügiçe, ony öldürmegiň
kyndygyna şonça düşündi; duran ýerinde hyrçyny dişläp, bir başyny
ýaýkady. Öz-özüne: «Ah!.. Şu mahal ýürek alşar ýaly dost ýigit gerek.
Şu matlabymy aýdyp-aýdyp, bir ýüregimi gowzatsam; olam maňa ýigit
kimin özüniň dostluk maslahatyny berse. Şonda edil daga söýenen ýaly
bolardym. Häzir men bir hili... Çarydan howum basylaýan ýaly. Bir hili
ertirki wejim gaçan ýaly. Ýa men oglanlyk edip gorkaýýamykam? Men
neneňsi oglan? Men on sekiz ýaşymda. Ýok, men oglan däl, şu ýaşymda
gelmedik gaýrat maňa ýene on ýyldanam gelmez. Men ýeke!.. Ynha,
meniň salymyň gowşaklygynyň sebäbi. «Ýekäniň çaňy çykmaz». Aý...
maňa dost gerek, dost!.. Maňa ýürek alyşmaga ýürekdeş dost gerek!..»
diýende, birden onuň gözi ýitelmäge başlady. Başyny galdyryp, has
uzaklara seretmäge başlady. Göwrümi giňän ýaly, ýüzi biraz ýagtylyp,
şähti açylan ýaly boldy. Şol duran ýerinde: «Dostum-Sary, agam Sary!»
diýip, onuň adyny iki öwran gaýtalap tutdy. Şol ýerden Saryny
gözlemäge ugrady. Ol Saryny ahyrbazara çenli gözledi. Şol uly bazaryň
içinde gözläp ýörşüne giçden soň Sarynyň talaban bazarynda ýüzüni
aşak salyp oturanyny gördi. Durdy salam berip, Sarynyň ýanyna bardy.
328
Sary Durdyny gören badyna, ýitirip tapan ýaly, derrew:
— Otur — diýip oturtdy.
Durdy:
— Ýeri, Sary aga, talaban bazaryna gelipsiň-le? — diýip sorady.
— Aý, Durdy jan, ol heleýden, abraýymyz barka, gaçmasak
bolmady. Ynha, seniň ýeriňe başga bir alasamsyk bolan bolsa, biziň edil
şol mahal bagrymyz garalmaly. Men şuny açyk bilýän. Meret arçynyň
iki heleýiniň bir-birine duşmançylygynyň uçugy ahyry bir bigünä
adamyň ganydyr. Ondan ýöne abraý bilen gülberiňi daňyp gaýdan ýagşy.
Ol heleýden «Gaçan gutular, duran tutular» diýip, bizem gaçdyk. Sen
şuny neneň görýäsiň? — diýip, Sary Durdynyň ýüzüne seretdi:
— Sary aga, siz gaty oňarypsyňyz.
— Aý, oňaryb-a sen oňarypsyň. Iki oglunam masgara edip urup
gaýdypsyň.
Durdy Sara has ýakyn süýşdi-de, assajykdan:
— Sary aga, meniň size bir maslahatym bar. Şu gün ertirräk Çaryny
öldürjek bolup, öldüribilmän sypdyrdym. Siz maňa bir maslahat beriň —
diýdi.
Sary derrew çöküne düşüp, Durda tarap egildi. Durdy Çarynyň
jalaýlar bilen tirkeşip, şähere gidenini, onuň atyny görendigini gürrüň
berdi.
Sary köp pikirlenip oturdy. Birhaýukdan soň ol Durdynyň ýüzüne
seretdi-de, hiç kim düşünmez ýaly, burnuna salyp, hymyrdy gürrüňe
başlady.
— Durdy, gaty bir kyn, agyr işe baş goşupsyň. Şeýle-de bolsa, edýän
işiňe telek diýjek däl. Gaty oňat maksat tutupsyň. Indi «Ýola çykan
ýoldan gaýtmaz» diýýä, tä öz matlabyňa ýetýänçäň, bular bilen gidişgin.
Ýöne duşmanyň-a gaty güýçlüdir. Gijede-gündizde, köpçülikdeýekelikde şony ýatdan çykarmagyn. Ätiýajy hiç wagtda goldan
bermegin. Bu işiňde men saňa elimden gelen kömegi bereýin. Seniň
329
ýeke özüňe Çaryny öldürip, salamat gaçyp gutulmak aňsat däldir. Ol kän
bir ýeke gezýän däldir. Ýekedir öýden ýeriňde, ýene-de ýanynda adam
bardyr.
Onda şeýle, Durdy, sen şonuň atyndan daşrakda, hiç kime bildirmän,
garawulla-da
ýör.
Men
şu
ýerden
«Ýolbarsla»
gideýin.
Ol
«Ýolbarslydan» başga ýerde däldir. Garaz, haýsy semawarda bolsa-da,
men ony tapyp, assyrynlykdan aňtar ýörerin. Ýanynda kim bar, kim bilen
girýä, kim bilen çykýa — men jikme-jik bilerin. Ondan soň ugrajak
bolup, saraýa atynyň ýanyna gelende, ýeke özümi ýa ýanynda başga
degişli adam barmy — men ony bilerin. Ol atynyň ýanyna ýetip barýaka,
men şonuň ýanyndan bir köw urup geçerin welin, senem şol wagt maňa
pete-pet duş gelersiň. Ana, şonda men saňa nätmelidigini aýdyp geçerin.
Sen meni ýöne aýdyp, geçip gidibiýr öýtmegin; ýanyňda bir zada
güýmenen bolup duraryn. Men ätiýajy goldan bermen. Sen Çary atynyň
üzeňňisine bir aýagyny basanda, edil ýagyrnysynyň gözünden dikersiň.
Şol bir pyçakda Çaryny agdaryp bilseň, örän çalasyn pyçagyňy işledip,
Çarynyň atyna münüp depersiň. Ynha, buýa-ha işler şowly bolanda
ediljek iş. Ol wagtda menem: «Bar, ýoluň ak bolsun!» diýip, yzyňdan
seredip galaryn. Emma ätiýajy elden bermeli däl. Eger işler isleýşimiz
ýaly şowly bolmadyk ýerinde men kömek bermäge taýyndyryn. Sen şol
wagtda aljyrajak bolaýmagyn. Ynha, işlerimiz ikinji hili, şowsuz bolup
çyksa, onda ikimizem atlanyp gaçmaly borus. Her hili etmelidir, ele
düşmeli däldiris. Ele düşsek bolsa, olar bizi edil şol ýerde kakarlar. Ýöne
mert bolgun, aljyramagyn, edil edeniň eden ýerinde bolsun, düşdüňmi?
— diýip, Sary Durdynyň ýüzüne seretdi.
— Gaty düşnükli.
— Düşen bolsaň, sen eýläk, men — beýläk — diýip, Sarynyň özi
şähere — çaýhana ugrady, Durdy bolsa — saraýa.
Ir ikindiler Çary atynyň ýanyna ýeke özi geldi. Ol atyna münjek
bolup, üzeňňä aýagyny basanda, Durdy onuň iki kebzesiniň arasyndan ak
330
saplyny dikdi.
Çary:
— Wah!.. — diýip, agdarylyp düşdi.
Durdy pyçagyny çalasynlyk bilen işletdi. Ol armandan çykyp, şol
halatda Çarynyň atyna atlandy. Atyň bykynyna bir depende, at her
ýerden bir basyp, ony derrew bazardan alyp çykdy.
Durdy atyň başyny çekmän, on-on iki kilometr gitdi. Soňra
duşmandan ýagşy arany açandygyny bilip, atyny uly ýoldan sowup,
biýol hem üç-dört kilometr sürdi. Iň soňunda bir kiçiräk ýabyň mal
güzerine duş gelip, ondan atyny suwa inderdi. At suw içip durka, Durdy
biraz özüne gelip, eden işleri hakynda pikirlendi. At suw içip bolansoň,
onuň suwuna degmek maksady bilen ýene birsalym sürdi. Soňra bir
ýabyň öwrüminde, eşekýorunjalyk ýerde düşüp, atynyň irişme bagynyň
ujundan tutup oturdy. At biraz horguryp, otlamaga başlady.
Durdy birneme pikirlenip, öteni bilen geljegini saldarlap gördi.
Emma öten günlerinden geljek günleri agyr geldi. Bu işleri etmezinden
ozal, onuň maksadynda duşmany öldürmekden başga hiç zat ýokdy.
Öldüren halatynda, onuň başyna diňe salamat gutulmak pikiri gelipdi.
Onuň başynda şundan başga hiç bir pikir ýokdy.
Indi sag-aman sypdy. Emma onuň başyna täze pikir girdi. Bu pikir
geljek günleriň pikiri boldy. Şu mahal munuň geljegi geçmişden agyr
göründi. Munuň pikirinden ýüzlerçe ýollar çykyp gitdi. Emma bu
ýollaryň hemmesi hem baryp, iňrik astyna girip, ol ýerde ýitirim bolup
gitdi. Durdynyň gözüne hiç bir ýoluň aňyrsynda yşyk-yşgalaň
görünmedi. Ol usullyk bilen ýerinden turup, käte bir basyp, irişme
tanapyň kem-kemden ýokarsyndan tuta-tuta, ony yzarlap barşyna atyň
boýnuny gujaklady. Ýaňky iňrik astyndaky bir nokada köp wagtlap
nazaryny dikip durdy. Emma hiç bir zat görüp bilmedi. Durdy birden:
«Ah!» diýip, hyjuw bilen çep aýagyny üzeňňä basdy; at epilip, arka
beren ýaly boldy; nädip eýeriň üstünde oturandygyny onuň özi hem
331
bilmän galdy.
Durdy
başga
hiç
bir
ugur
tapman,
Gylyçlynyň
ýanyna
maslahatlaşmaga ugrady. Ýagşy garaňky düşensoň, gelip, ony öýünden
çagyryp alyp gitdi. Obadan ýeňseräkde atyň üzeňňisine bir aýagyny
basyp, gapdalrak oturdy-da, Gylyçly bilen gürrüňleşmäge başlady:
— Halypa, men-ä Bekmyrat baýyň inisi Çaryny şu gün öldürendirin.
— Eşitdim, ogul, eýýäm bazarçylar uly ile ýaýratdy. Saňa hemmeler;
«Berekella, edenli ýigit ekeni!» diýýä.
— Ýagşy iş bitirildi welin, indiki maslahat? Hökämet meni tutsa,
hökman sibir eder. Meniň arkamy tutup, para berjegim ýokdur. Öz
obamda gezip biljek däl, meniň arkamda daýanyşyp duran dogangaryndaşym ýok. Meni bir gün gezdirmän öldürerler. Gaçyp Ahala
gitsem, Bekmyrat baýyň puly köpdür, ol ýerde-de öldürerler. Men-ä indi
ýolumy ýitirip, seniň ýanyňa gelendirin...
— Meniň berjek maslahatym «Ahala git» diýjekdim. Bir ýylda-iki
ýylda biläýermikä?
— Aý... halypa, edil bir aýa ýetirmän biler. Ol hemme ýerden
habarlydyr.
— Olar ýaly bolsa, entek çekeräk, at üstünde geziber. Men hem
gulakdaşrak bolaryn. Bekmyrat baý näme pikir edýä? Ilden-günden, daş
gulakdan eşidenimi saňa aýdaryn. Maslahatlaşarys.
— Bolýa onda, halypa, maňa şondan başga ýol galmady. Ýene
görşeris.
Durdy ýüregine howp düşen ýaly, atyny sürüp ugrady.
Gylyçly:
— Hoş, indiki gelýänçäň, ýarag enjamyňy edip goýaryn — diýip,
aýagynyň burnuna seredip galdy.
Ol şol durşuna birnäçe wagtlap gozganmady. Onuň başyndan köp
pikirler gelip geçdi. Emma Durdyny bu ýagdaýdan gutarmak hakynda
näme maslahat berjegini bilmedi. Şol eden pikirleriniň içinde: «Sergeý
332
bilen bir maslahatlaşyp göreýin» diýen pikiri makullady. «Sergeý her
zady bizden ýagşy bilýä, boldy...» diýip, öýüne gaýtdy. Gelip, öýüne
girende, ýaşyl kürtäniň aşagyndan Abadangözel gelniň ýüzüne gözi
düşdi. Emma şonda-da Gylyçlynyň göwni hemişekisi ýaly göterilmedi.
Abadan Gylyçlynyň ýüzüne seredeninden, bir zat aňyp:
— Näme habar? — diýip sorady.
— Habar, Gözelim, Çaryny-ha kaklapdyrlar.
— Waý, haýsy Çaryny?
— Şol siziň obaňyzdaky Bekmyrat baýyň inisi — Çary jalaýy.
— Wah, ol bolsa jähennem-le. Olar bir garadan gaýtmaz, garaňkydan
gorkmaz, musallat boldy.
— Bilýämiň, Gözelim, kim öldüripdir?
— Men nireden bileýin? Men-ä ine, senden eşidip oturyşdym.
— Durdy öldüripdir. Ýaňky gelip giden atly şol.
— «Ýakma, bişersiň, gazma, düşersiň» diýleni ine şudur. Olar näçe
diýseň gazdylar. Mesem bolsaň, köpçüligem bolsaň, beýle azmaly däl
ahyrym. Olar «Aýaz han, çarygyňa bakarak» diýen sözi ýatlaryndan
çykardylar. Oba arasynda ýaba ters artlaşyp münýäler. Şol Çary ýabyň
syrtynda sagrysyna bakyp, ters oturýa; elinde-de dutary, çalan bolup,
heý, bir göz-görümlikdir-le.
Eger-eger Çary öläýipdir diýip, göwnümiň bir ýan çetem gyýlanokda. Meniň ýene-de Durda nebsim agyrýa. Ol nirede gezer, nirede öz
janyny saklar, nirede ýatar, nirede turar? «Düşüp, çaý-çörek iýip git»
diýseň bolmaýamy? Açdyram ol.
— Aý, Gözelim, entek onuň çaý-çörek işdäsi alýan däldir. Onuň
pikiri-zikiri janyny gutarmakdyr.
— Wah, onda gijäň içinde ol nirä gider?
— Gözelim, onuň şu mahal iň ýakyn dostam, hossaram —
garaňkydan garaňky gije. Häzir garaňky gije ony ýygnaram, ýaşyram,
Bekmyrat baýlaryň eline-de düşürmez. Ol şu gije uzakdan-uzak
333
Garagum çöllügine aşar. Şol ýerde çopanlaryň goşunda birnäçe wagt
bolar. Soňra ahyry neneňsi bolljak, oňa özüm-de haýran galyp, aňyrsyna
göz ýetirip bilmän otyryn — diýip, Gylyçly pikire gitdi.
Durdy garaňkyda daşardan Gylyçlyny çagyranda, öýde oturanlar
Durdynyň sesine meňzeş diýip, haýran galypdylar. Emma atly gelip,
ýeňseden
çagyransoň,
ony
Durdydyr
öýtmändirler.
Soň
onuň
Durdydygyny bilip, Ogulnyýaz ejäniň hatarynyň aýal-erkegi Gylyçlyňka
ýygnandylar. Uzyn gije gürrüň Durdynyň Çaryny öldürişi hakynda
boldy. Her kim bazarda, bazar ýolda eşidenini gürrüň berdi. Orazsoltan
eje, bir tarapdan, oglunyň duşmanyny öldürenine begense, ikinji
tarapdan, mundan beýläk Durdynyň ykbaly neneňsi bolarka diýip
gaýgylanýardy.
Ogulnyýaz eje:
— Orazsoltan, Durdy jan ak bazaryň ortasynda Çary jalaý ýaly
duşmanynyň hötdesinden gelipdir. Bazarnyklaň eline düşmän, başyny
çarap, aman-sag gutulypdyr. Indi ol, ynşalla, iki daşyň arasynda galsada, hor bolmaz — diýip, näçe göwünlik berýärdi. Bu ýerde oturanlaryň
barysy hem göwünlik berip, Orazsoltan ejäniň garyp göwnüni göterdi.
TÖHMET BELASY
T
ORBA-çuwaldan tärimleri görünmez ýaly bezelip, içi haly
düşekden doldurylan alty ganat ak öýüň çep dulunda egni keteni
köýnekli, alny egmeli, gollary dört goşa bilezikli ýaş gelin uz ýaşynyp,
süýnüp-sarkyp, zülpüni sypalap otyrdy. Gyşyň sowuk günlerinde
gaýgyrylman ýakylýan ojar ody gapdalynda goýlan gara taňkalaryň
salymyny bermän, lasyrdadyp, ýaňky gelne çaý demlemek aladasyny
berýärdi. Bu gelniň sag gapdalynda ojagyň tör tarapynda gelniň äri
Bekmyrat baý bagana possuna dolanyp, gaty agyr oý-pikirler içinde
334
ýüzüni galdyrman dymyp otyrdy. Ojagyň sag tarapynda ýüzüne gara
mata çekilip, gyrasy gyrmyzy dondan parawuzlanan bagana possunly,
gözleri ýanyp duran guljumygrak adam ertirden geplemän otyrdy. Ol
birden, ýeňseräk süýşüp:
— Od-a ojagyň başyny giňeltjek öýdýän — diýdi.
Bekmyrat baý uludan bir demini aldy-da:
— Aý, adamyň janyn ýaranmak kyn. Gyşda ot gerek, tomus —
kölege. Onda-da jana şypaly, aramy gerek — diýip, sag dula,
gürrüňdeşiniň ýanyna çekildi-de, ýelek ýassygy tirsekläp gyşardy. Şol
gyşaryşyna birsalym başyny aşak salyp pikirlendi-de, usullyk bilen:
— Weli, men seni bir iş üçin çagyrdym — diýdi.
— Hä, haýyr bol-a.
— Biz ynha, dogan-garyndaş, uzyn iki hatar bolup otyrys. Gören
«Pylanylar» diýýä. Emma özümiz bir ullakan namysyň astyndan çykyp
bilemzok. Häzir biziň toparymyz bilen ile çykara ýüzümiz ýok. Il-gün
gürrüň edýändir «Şonça dogan-garyndaş bolup, bir ýetim ösenden
arlaryny alyp bilenoklar» diýip. Eger-de biziň birimiz ölüp, Çary diri
galan bolsa, şol burny sümükli oglan asmana uçsa-da sypdyrmazdy, ýöne
ol neressäniň bagty pes boldy.
— Onda näme pikir edýäsiň, menden näme kömek bolup biljek?
— Sendenem kömek bolup biljek, Weli baý.
— Aý, meniň elimden geljek kömegiň işi haýyr-la.
— Haýyr bolsa, seniň saragtly myhmanlaryň haçan ugraýalar?
— Şu gün agşam.
— Şu gün agşam bolsa, sen şolara ýabyňy gizlin berip goýber-de,
ertirden soň ogurlapdyrlar diýip, yzçy getir. Getiren yzçyňa birneme berde, dilleşip, Allagy ogry tutdur. Onsoň sen «Ýabyny tap» diý-de, Allagy
gyssaber. Hiç kimiň töwellasyny, nesihatyny alma. Ondan soňraky etjek
işimi men özüm ederin.
— Bar etmeli zat şo dälmi?
335
— Hawa.
— Aý, onuň işi haýyr-la. Men yzça hut Allagyň ýüzüne köpçüligiň
içinde: «Sen alypsyň» diýip aýtdyryn.
— Şony aýtdyrybilseň bolýa.
— Ynha, ertiriň özünde meniň ogrym Allak-da. Başga iş ýok gerek.
— Başga iş ýok.
— Onda men turjak.
— Bolýa tursaň.
— Hoş onda.
— Hoş.
Bekmyrat baý bilen Weli baý wadalaşanyndan soň, iki gün geçdi.
Allak ikindinaralar Bekmyrat baýyň gapysyndan salam berip girdi.
Bekmyrat baý agras ýüz bilen onuň salamyny alyp:
— Gel — diýdi.
Allak öýe girdi-de, sag duldaky hatara goýlan bugdaýly çuwallaryň
birine ýaplanyp, ýüzüni aşak salyp oturdy. Ýagşy birsalym geçenden soň
— Ýeri, Allak, gurgunmysyň? — diýip, Bekmyrat baý Allaga söz gatdy.
Allak zordan:
— Gurgun — diýdi.
— Aý, gurgun bolsaň bolýa.
Allak ýuwaşlyk bilen:
— Men-ä, baý aga, Siziň ýanyňyza bir habar bilen geldim — diýdi.
Bekmyrat baý biperwaý:
— Hä, aýdyber — diýip, öňüne alan çaýyny gaýtarmaga oturdy.
— Aýtsam, öňki agşam Weli baýyň ýabysy ogurlanypdyr. Onda-da
düýn yzçy getirip, obanyň çaklanaýýanrak adamlarynyň baryny çagyryp,
yzçynyň öňünden geçirdiler. Onda-da yzçy: «Ynha ogryň» diýip, köpçüligiň içinde meni görkezdi. Men bolsam bir aýdan dagydan bäri Weli
baýlaryň asyl töweregine-de gelemok. Men-ä şolaryň ýabylarynyň
ýatagyna yzymyň düşenine gaty haýran. Indi Weli baý bolsa: «Şu
336
hepdäniň içinde ýabymy tapmasaň ýa tölemeseň, gazamada saldyryn,
sibir etdirin» diýip goýanok. Indi men ýabyny nireden tapaýyn?
Jähennem, nähakam bolsa töläýin diýsem, zadym ýok. Bergi-borç edeýin
diýsem, meniň ýaly ýalaňaja kim bir köpük berýä? Şol näçe ýyl mundan
ozal öýlenemde eden bergilerimem heniz üzüp bilemok. Pulum bolsa,
men şeýdip, gezip ýörjekmi, onda bireýýäm gelnimi üzüp almazmydym?
Şu aýralykda saç-sakgal agarjak-la! Bu işem onuň üstüne urna bolup
ýapyşdy.
— Hä, indi näme etsem diýýäsiň?
— Aý, baý aga, meniň-ä etjek zadym ýok. Oňa-muňa aýdyp,
töwella-tagsyr etdirdim. Hiç kimiň töwellasynam alanok, gulagam
salanok, ýöne: «Tapsaňam — taparsyň, tapmasaňam — taparsyň!» diýip,
aýagyny depip dur. Birnäçe ýaşulular «Bekmyrat baýyňam ýanyna
baryp, haýyş edip gör, eger-de şol çyny bilen töwella-tagsyr etse, Weli
onuň diýeninden kän çykybilmez» diýdiler. Ynha, siziň ýanyňyza
gelmegimem şol iş üçin. Bir gaýrat edip, Weli baýy görüp berseňiz. Ol
meni beýdip heläk edip ýörmesin. Yzymy başga bir yzça görkezeýin
diýsem, onda-da Weli baý bilen kejeleşen ýaly bolýa, gaýtam, onuň
ýeňsesi gataýa, ikinji tarapdan bolsa, ol yzy eýýäm bozupdyrlar. Men-ä
indi näme etjegimi bilýän däldirin, baý aga, özüňiz gaýrat edip, bir zat
edäýmeseňiz.
— Men näme edeýin, onça adamyň töwellasyny almadyk bolsa,
meniňkini alar öýdýämiň? Meniňkem ýele giden söz bolar-da.
— Her zadam bolsa, baý aga, bir gaýrat edip, aýdyp beriň, bir
töwella-tagsyr edip, belki, siziň töwellaňyzy alaýady-da. Meni beýdip
horlamasyn. Meniň ozalam şu dünýäde azarym gyt däl, ýüküm gaty
agyr. Meniň günümdäki adamlar hernä tirýeki, beňkeş bolup, sandan
çykyp gitdiler. Men şu iliň zadyna göz gyzdyrmajak, ilden çörek
dilemejek bolup, hiç işden gara zähmetimi gaýgyrman gelýän. Onda-da
meniň ýaly doga maňlaýy garanyň başyndan şeýle işler düşýä. Indi bu
337
günümiň hem üstüne gazamada saldyryp, sibir etdirip ýörseler, maňa
göni öz boýnumdan tanap salyp, asylaýmakdan başga ýol galanok.
— Aý Allak han, onuň üçin özüňi asjak bolup hem ýörmezler. Her
kim ozalebetde maňlaýyna ýazylanyny görmelidir. Seniňem maňlaýyňa
şeýle ýazylan bolsa, görmeli bolarsyň. Artykmaç zat bolmaz.
Welini gör diýseň, men görüp bererin, ýöne ony meniň görmegimden
haýyr ýok. Men ozal ony gördüm, onuň seni öldürmek maksady bardy.
Ol pikirini men goýdurdym. Indi baryp: «Günäsini geç» diýsem, ol bir
jynlydyr, gaýtam, oduny ölçeräýermikäm diýýän. Ondan, iň gowusy,
men onuň ýanyna barmaýyn.
— Şu gazamat, sibir diýip, heläk edip ýörenden göni öldürägede,
dyndaraýanyny men gaty gowy görjek. Ýene-de her zadam bolsa, bir
görüp beriň, gaýrat ediň!
— Bolýa onda — diýdi-de, Bekmyrat baý aýalyna başyny ümledi.
Aýaly äriniň ümüne derrew düşünip, öýden çykyp gitdi. Baý sözüni
dowam etdirdi. — Men saňa aýtdym, Weliniň seniň günäňi geçjek
gümany ýok, ýöne etseň, saňa bir maslahat berjek, etmeseň, onam berjek
däl — diýip, ol Allaga seretdi.
— Wah, bir maslahat bolsa etjek-le.
— Etseň şeýle. Häzir seniň boýnuňdan towky düşüpdir. Ozalky
bolup ýörşüňem şundan oňat däl. Ynha, ataňdan galanja mellegiňi satyp,
ondan-mundan karz-kowal pul alyp, öýleneniňe näçe ýyl boldy? Şondan
bäri bolsa gelniňi üzüp alyp bileňok. Ol onda bagly, senem — munda.
Ýene bir üç-dört ýyl geçse, gaýynlaryň «Maşgalaňy üzüp alsaň-a al,
almasaňam, rugsadyny ber» diýselerem diýer durarlar. Şeýle diýselerem,
seniň üzüp alyp biljek gümanyň-a ýok. Ondan soňra sen öleňde näme,
diri gezeňde näme.
Ynha, şu belalaryň barysyndan gutulmak isleseň, saňa bir ýumuş
buýurjak. Onam ederin diýseň buýurjak, bolmasa aýdybam oturjak däl.
— Aýdyň, indi her iş bolsa-da ýa bitirmeli bolduk, ýa-da şol ýolda
338
ölmeli bolduk — diýip, Allagyň damarlaryna azajyk gan ýörän ýaly
boldy.
— Aýtsam, sen Durdyny öldürip gelmeli. Baýragyň: ýabynyň
bahasyny berägede, Welini razy edip, häzirki işiňden gutarýan; gelniňi
gaýtaryp äkelip, üstüne öý tutup berýän. Ynha, pikirlen, eger-de razy
bolsaň, şu agşam at-ýarag şaýyňy tutup ugradýan. Ertir bolsa: «Allak
Weliniň öň ýabysyny ogurlady, indem atyny ogurlap, gaçyp gidipdir»
diýip habar ýaýradýan. Ynha, ýagşy pikirlen, göwrümiňe geňeş-de, şu
oturan ýeriňde jogabyňy aýt.
Allak başyny galdyrman, ýagşy birsalym dymyp, pikirlenip oturdy.
— Ýeri, pikirlendiňmi? — diýip, Bekmyrat baý ýylgyrdy.
— Pikirlendim. Şu gün agşam at-ýarag enjamyny edip goýuň.
— At-ýaragyň pikirini çekme. Şu agşam, il ýatandan soň, çokaýyňy
aýagyňa çek-de geläý. Meniň şu işimi bitirip berseň, hiç bir zadyň
gamyny etme. Gözümiň üstünde ýeriň bar.
— Bolýa onda, il ýatansoň gelerin. At-ýarag taýynlap goýaýyň.
— Bolýa.
— Hoş, sag boluň.
— Sag bol.
*
*
*
Durdy Bekmyrat baýyň inisi Çaryny öldürenden soň, gaçgak bolup
çykyp gidişine Garagumuň mahluksyz giň çölünde sowugy-yssyny
geçirip, ymgyr garaňky gijelerde ýekeden-ýeke ýatyp-turup ýördi. Ol
obalara köp gelmäge-de gorkýardy, köplenç bir gelen ýerine dolanyp
gelmeýärdi. Bekmyrat baýyň bütin ýere duzak gurjagyna onuň akyly
ýetýärdi. Emma şeýle bolsa-da, Durdynyň il içinde dost tutunyp,
ynanyşýan adamlary hem az däldi. Ol dosty hernä özi ýaly garyp
ýigitlerden tutunýardy.
339
Durdy ilki gaçgak bolup ata çykan wagtlarynda, dostlarynyňka-da
kän gelmän, köplenç çöl-beýewanlarda ýatyp-turardy. Ol soňky
wagtlarda, dosty bilen duşmanyny oňat tanap başlansoň, dostlarynyňka
köp gelýärdi. Öýlerine gelen wagtynda, ol köplenç Gylyçlynyň ýanynda
bolýardy.
Bahar aýlarynyň bir gijesidi. Asmanda bulut ýere gaçaýyn diýýärdi.
Daşary gözedürtme garaňkydy. Basan ýeriňden dik başaşak gitjek ýaly
bolup durýardyň. Bu wagtlar Gylyçly öýünde donuny ýasgynjaň atynyp,
oda degrilen töňňäni ýeke sal ätişgir bilen kakyşdyryp, ojagyň başynda
aýbogdaşyny gurup otyrdy. Durdy bolsa ojagyň sag taýynda uzynlygyna
bagryny ýassyga berip, maýdajykdan şibirdäp ýagýan ýagşyň sesine
gulak asyp, bütin dertlerini birme-bir ölçerişdirip, pikir derýasyna gark
bolup ýatyrdy.
Gylyçly ýeke sal ätişgir bilen ojagyň haýatyna haýaljakdan tyrk-tyrk
kakyp, uludan bir demini aldy-da:
— Hany, Durdy jan, bir «Ýalňyz başymy» hiňlenip bersene — diýdi.
Durdy şol ýatyşyndan sarsman:
Ümmülmez giň giden eý syrly çöller!
Şaýat bol, göwsüňde nije är geçdi?
Eneden deň dogan ogul-gyzlardan
Gülen az-da, köpler gözýaşyn saçdy.
Men hem gözýaş saçan garyp köplügiň
Biri bolup, gelip geçmeli boldum,
Beýewan çöllerde ýekeden-ýeke
Ýagsyz çyra kimin öçmeli boldum!..
diýip, aýdymynyň mazmunyna laýyk heňini tapyp, pessejik gamgyn
owaz bilen hiňlendi, ýaplanyp ýatan ýassygyna usullyk bilen maňlaýyny
340
goýdy.
Gylyçly oňa:
— Ah, Durdy jan! Sen şu aýdymyň bilen meni halys ýandyrýasyň.
Seniň şu aýdymyňy diňlämde, men gaty bozulýan — diýdi.
— Aý, halypa, seniň derdiňi gozgaýandyr. Häli Bekmyrat baýyň
ýanyna baryp aýtsam, asyl derdini gozgaýmaz, gaýtyp, derrew meniň
gara başymy almaga ýapyşar.
— Dogry. Bolmasa, sen meniň köneje maslahatymy alsana. Sen
Mary topragyndan çyk-da, Ahala git. Seniň bu bolup ýörşüň bir hili.
— Senin ol aýdýanyň dogry, halypa. Men özüm şu günümden halys
iripdirin, ýöne başga-da bir gidere ýol tapamok. Ahala git diýýäsiň.
Bekmyrat baýyň başy dik bolsa, Hywa barsamam, başymy alar. «Berim
gökden ýol ýasar» diýýä, onuň puly gaty kändir. Men onuň özüni
öldüräýmesem, her ýerik barsamam, gezip bilmen, Bekmyrat baýy
öldüräýsem welin, olaryň başy çaşar. Bolmasa, häzir maňa Garagum
çöllüginden uzak ýurt tapylmaz. Häzir meniň dostum-da, eňem-de, atamda, giň gujagyny açyp kabul etjek-de — Garagumuň çölüdir. Ol meni
duşmana satmaz, duşmanyň eline-de bermez, ol meni özüniň iň gizlin
ýerlerinde ýaşyryp saklar.
Birden daşarda itler garbaşyp, at aýagynyň sesi eşidildi.
Durdy:
— Halypa, daşary çyk-da, seret, itler nämä üýrüşýäler? — diýdi-de,
özi hem sozany goltuklap, daşary çykdy. Ol kepbäniň sag tarapy bilen
aýlanyp, ýeňseki akyp geçýän ýaby penalap, aňyrsyna böküp geçdi-de,
birsalym diňirgenip durdy.
Gylyçly daş çykyp, göni itleriň garbaşan ýerine bardy. Ol şol ýerde
bir atlynyň itleriň arasyndan çykyp bilmän, atyny bökdürip durandygyny
gördi. Gylyçly itleri kowdy-da, ýaňky atlynyň has ýakynragyna baryp:
— Allak, senmisiň? — diýdi.
Atly:
341
— Hawa, men, salawmaleýkim — diýip seslendi.
— Waleýkimessalam. Asyl senmidiň, men bu gijäniň içinde it
üýrüzip ýörän kimkä diýdim. Düş, atyňy daňaly, sen öýe baryber,
Durdam bardyr — diýip, Gylyçly Allagy öýe ugradyp, özi aty daňmaga
galdy.
Allak öýe baryp oturan badyna, Durdy:
— Salawmaleýkim — diýip, işikden girdi.
Allak laňňa ýerinden galyp, Durdy bilen gadyrly görşüp, saglykamanlyk soraşdy. Onýança Gylyçly hem gelip, gürrüň gyzygyp başlady.
Durdy:
— Ýeri, Allak, bu wagtlar bolup ýörüş nämedir! Ýaman giçläpsiňle? — diýdi.
— Aý, bu wagtky bolup ýörşümizem bir hili bolup ýörüş-dä. Sen
eşidensiň-le meniňem bolup ýörşümi.
— Hawa, bir ýan çetini eşitdim, galanynam bolsa indi özüňden
eşidäýeris-dä.
— Aý, kän aýdyp oturasy iş ýok, Durdy jan! Özüňize mälim zatlar,
garyp bolsaň, bu dünýäniň saňa lezzeti ýok, «Gurduň agzy iýse-de gan,
iýmese-de» diýenleri. Obada bir towuk ogurlansa-da «Pylany alandyr»
diýýäler. Arada Bekmyrat baýyň garyndaşy Weli baýyň gije ýabysy
ogurlanypdyr. Oňa-da yzçy getiren bolup, meni ogry tutdular. Ynha, indi
«Şol ýabyny pylança günüň mütdetinde tapsaňam taparsyň, tapmasaňam
taparsyň» diýip, başyma ala ýabylyň gününi getirdiler. «Şu beren
puryjamyzda ýabyny tapmasaň, ýagty ýalançydan irişdäňi üzdiris» diýip,
göni ýüzüme aýdýalar.
Ýagşy, indi siz özüňiz pikir ediň. Men şolar ýaly ýaby ogurlamanyzady oňarýan bolsam, aýalymy üzüp alyp bilmän gezermidim?! Aý,
bolýa-da, ogullar.
Soňra gidere ýol tapman: «Ogry bolsam, tüýs ogry bolaýyn» diýdimde, gije Weli baýyň atyny kesip, çykyp gaýdyberdim.
342
Ynha, häzirem birnäçe wagt bäri at üstünde gezip ýörşümdir.

Men
seniň
ata
Ondan-mundan
sorag
ýöne
sorag
meniň
çykanyňy
salyp,
salan
öňräkden
bäri
seni
birneme
ýerlerimde
hiç
eşidýän.
idedimem,
gördüm-bildim
bolmady.
Ata çykan bolsaň bolýa-da. Oňat iş edipsiň diýib-ä aýtjak däl, ýöne
başga alajyň bolmansoň, näme etjek? Ynha, indi bile gezibereris.
Duşman bilen göreşmek üçin, birden iki ýagşy, ikiden — üç.
— Aý, halypa Durdy, bu işe höwes edip ata çykmadym, ýöne başga
alaç ýok! Sen özüň höwes edip çykdyňmy näme? Indi ýöne ýaňky seniň
aýdanyň,
bileräk
gezip,
başga-da
adam
tapylsa,
birneme
ýygnanyşybermek gerek.
— Ýygnanyşyp-ýygnanyşman, her kim bilen tirkeşjek bolubam
durjak däl. Ýöne sen bolsaň, näme bir özüm ýaly garyp ösen ýeke ýigit.
Oňa görä her kim öz agyran ýerini tutsa-da, ikimiziň tutan ýerimiz bir
ýer bolarmyka diýýän.
— Dogry. Ýaňky Durdynyň aýdyşy ýaly, her öňýeten bilen tirkeşjek
bolubam ýörmezler «Dertdeş derdinişmäge ýagşy» diýýä. Derdiňiz bir
bolsa, agyryňyz bir bolar — diýip, Gylyçly hem gürrüňe goşuldy.
Durdy:
— Meniň hem aýdýanym şol-da — diýdi.
Allak:
— Siziň aýdýanyňyz dogry — diýdi.
— Biziň aýdýanymyz dogry bolsa, men ýekelikden, garyplykdan,
horluk-sütemden bir mähri ýanan oglan. Allagam edil meniň özüm ýaly,
oňa görä-de men Allak bilen seniň öňüňde gan dogany boljak. Sen şuny
neneňsi görýäsiň, halypa? — diýip, Durdy Gylyçlynyň ýüzüne seretdi.
— Örän ýagşy iş. Ol işden soň adam adama ähtibaram bolýa. Tüýs
bolaýjak iş — diýip, Gylyçly bularyň gan dogan bolmaklaryna ak
ýürekden guwanýandygyny bildirdi.
343
Durdy göwnünde çigit ýaly kireň bolmansoň:
— Bolýa onda, Allak jan, mert dur, ogul, sor ganymy — diýdi-de,
beýle ýanynda ýatan ak saply jöwheri gynyndan sogrup, goşarynyň
ýokary ýanyndaky ýumry etden urmak üçin çenendi. Emma Allak:
— Dur entek! — diýip, Durdynyň goşaryndan tutdy. — Men seniň
goşaryňdan tutdum, emma onuň üçin göwnüňe çigit ýaly güman getiriji
bolma! Men seniň bilen dogan bolmak islemän duramok, emma başga
ýol bar. Dogan bolup, birek-birege gan goşmak eşekden palan alan ýaly
bir zat bolmaly däl. Bu iş gaty kyn iş. Dogan okaşmaga wagt tapylar.
Ynha, aý geçer-gün geçer, birek-biregiň kyn ýerde hüý-häsiýetine
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 21
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.