Latin

Ykbal I - 01

Total number of words is 3721
Total number of unique words is 1945
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
HYDYR
DERÝAÝEW
Eserler
ýygyndysy
Birinji tom
YKBAL
ROMAN
www.gollanma.com
Gollanma© Kitaphana
1
KIMIŇ DARAGYNYŇ SESIDI?
B
AGTLY durmuşy, gözel görnüşi umyt edip, alys ýollara
ugran Murgap özüniň gözbaşyndan birnäçe ýüz kilometr uzaklyga
çekilenden soňra, bir belentlik meýdana duş gelýär. Ol özüniň güýçkuwwatyna buýsanýan mele suwy bilen bu ýerde hem bökdenmän,
uçurymly gaýalary ýaryp, ýene demirgazyk tarapa ýönelýär.
Ynha, şu berk gaýaly, uçurymly ýeriň ýele ýanyndan birnäçe
ýyllar mundan ozal bir köpri salnypdyr. Dört tarapdan gelýän ýol
bolsa şol köpriniň üstünde birigip, ýene her haýsy öz ugruna
nämälim uzak ýerlere ýylan ýaly egrem-bugram bolup, suwlup
gidýärdi. Bu ýollaryň birisi gözýetimden obanyň ýeňsesini syryp
geçýän gyrasy hellewläp duran beýik-beýik daragtly nobur bilen
uzak ýerlerden bäri deň kowalaşyp gelýän bolsa-da, ahyry ondan
aýrylyp, ýaňky köprä tarap öwrülýärdi. Şol noburdan öwrülen
ýerinden bäri bolsa ol ýol az-kem daýhançylyk hem maldarçylyk
edip oturan obanyň ortasy bilen onda-munda ýap-salmalaryň
gyrasynda bitip oturan agaçlaryň arasyndan geçip, göni köprä tarap
uzalyp gelýärdi.
Ynha, şu ýol bilen gelýärkäň, köprä sesýetim ýer galanda,
sag egniňde bir uzyn hatar öýlere gözüň düşýärdi. Ol Suhan
baýlaryň obasydy. Bu hataryň töwereginde daşlaryna garym
çekilen küde-küde ýandaklar dag ýaly seňňer alşyp durdy.
Küdelerden gaýrak baka tä ýeňseki gözýetimden görünýän agaçlara
çenli syza, selme, syrkyn ýaly otlardan bezelen giň meýdan bolup,
aňyrsynda ýer bilen gök birleşen ýaly bolup duruberýärdi. Bu giň
meýdanyň göwsünde geçi, goýun, düýe, sygyr ýaly mallar mydama
ýaýraşyp, otlaşyp ýörerdiler. Bulardan başga-da bu ýoldan geçeňde,
Suhan baýyň gara gulak düýeleriniň çisňi, jybar astynda galyp ýumşaşan
2
ýaňky seňňerli küdelerden işdämen agyz urup, otlaşyp duranlaryny hem
görerdiň. Birnäçeleri bolsa ýaňky küdeleriň içinden zat gözleýän ýaly
ysyrganyşyp, aýlanyşar ýörerdiler. Ýene birnäçeleri gäwüş kakyşyp,
misli ýoldan geçeni tükelleýän ýaly, çiňkerilişip seredişip durardy.
Obalaryň arasynda, bölejik ekinleriň içinde işleşip ýören
daýhanlara hem gözüň düşýärdi. Ertir bilen «Mally, malyňy goýber, haha-a-a-w-w!!!» diýip gygyrýan çopanlaryň sesi bolsa obanyň içinden
çykyp, gulagyňda ýaňlanyp durýardy.
Dokma daragynyň sesi, at aýagynyň sesi ýaly, her öňsaýy
güpürdäp çykýardy.
Ýaňky küdeli hataryň çep tarapynda başga öýlerden arasy has
açygrakda dikilen, daşyna talaň urlan ýaly maýryjak, garaja öýden
çykýan daragyň sesi has aýratyndy. Bu darak gara daňdandan güpürdäp,
obanyň bütin dokmaçy gyz-gelinlerini ukudan oýarmagyndan başga-da
onuň sesi başga daraklaryň sesinden has zarplyrak çykyp, kakymy tiztizden berilýärdi. Bu Orazsoltan eje bilen onuň gyzy Uzugyň daragynyň
sesidi.
Uzuk obada eli hünärli, uzyn boýly, inçesagt, at ýüz, bugdaý reňk,
ýaňy göze görnen belli owadan bir gyzdy. Onuň hoş gylygy, gözel
görnüşi göreni özüne hyrydar ederdi. Obanyň içinde ýaş-garry aýallar
çemi gelse, erkekler tarapyndan hem Uzugyň artykmaç maşgaladygy
hakynda höwes bilen gürrüňi edilýärdi. «Öz-ä... örän oňat maşgala weli,
atasy — çopan; ýer urup, ýurtda galan bir garybyň gyzy-da...» diýip,
göklän taýhar ýaly tumşugyny ýokary tutýan baýlar hem ýok däldi.
Uzugyň atasy Myrat aga dogan-garyndaşsyz ýeke adam bolup,
Suhan baýyň hatarynyň çetinde saýalap, onuň ýigrimi-otuz ýyldan bäri
çopançylygyny edip gelýän bir garyp adamdy. Ol ýeke gezip ýören
ýerlerin-de: «Şuny, «Uzugy» aman-sag abraý bilen ýerleşdirsek, başgaha bir gara bokurdak bolaýmasa, üstümizden gara bulut sowlan ýaly
boljak» diýerdi. Şol oý-pikir bilen içinden gürrüň edip, birden hem
3
daşyndan özünden özi, uzyndan-uzak çekip, düşnüksiz: «Hüm-m...»
edip, başyny aşak-ýokary ýaýkap: «Aý, bolýa-da...» diýip, sakgallaryny
sypalaşdyrardy-da oturybererdi.
Zamanasynyň nakyly «Dokuň açdan habary ýok» diýýär. «Myrat
aganyň ýeke özi bir ýerde otursa, edil märekede gürrüň edişip oturan
ýaly-ow» diýşip, dürli ýomaklar atyşyp gülüşýän adamlar hem ýok däldi.
Emma Myrat aganyň samyrdy-gürrüňleri keýpihon samyrdy-gürrüňler
bolman, daşky dünýäsinde ýanýan durmuş oduny içki dünýäsinde
ölçerende, onuň ýangynynyň labyrdysydygyna aýaly Orazsoltan eje
ýagşy düşünip, Myrat aganyň ýanýan oduna bile ýanyşýardy.
B
GÖÇ GELÝÄRMI ÝA — GÖZEL!
AHAR her ýurda özüniň aýratyn gözellikleri bilen gelýär. Ol
özüniň getiren sowgadyny dumly-duşa jomartlyk bilen seçeläp, dürli
nagyşlar bilen dürli görnüşde bezeýär. Ýeriň ýüzi al-ýaşyl bolup, özüniň
öwşünli bezegi bilen bezenýär. Çilläniň zäherinden dyngysyz ýuwutmak
bilen, öz görk-görmeginden aýrylyp, har düşen agaçlar boý-kaddyna gök
keteni ýapynyp, bütin bedenine timar berýär. Baharyň uzak ýerlerden
gelýän mylaýym şemalyny dürli otlar dürli reňkde gül bezegli
garşylaýar. Güller müşk-anwar ysyny gysganman, dumly-duşa saçalaýar.
Baharyň dürli gülleriniň ysyna gatyşan ýakymly şemalyny agaçlar
hem saz-söhbetde, şadyýanlyk bilen şapyrdaşyp, tagzym bilen baş egşip
garşylaýar.
Bu pasly synlamaga özüňde höwes üstüne höwes döreýär. Bezegli
giň meýdana, töwerege, uzakdan-uzaga seredip, baharyň bar gözelligini
görüp, aňyrsyna çyksam diýýärsiň. Dürli yslara gatyşan bahar howasyny
çuňňurdan-çuňňur ýuwutdygyňça ýuwdasyň gelýär.
Ynha, ýazyň şeýle gözel görnüşli paslynda al-elwan gülälekli giň
meýdanyň ortasyndaky ýaşyl donuny ýapynan öwüşginli depäniň
4
üstünde bir ýigit otyrdy. Bu ýigit töweregindäki agdarylyşypdönderilişip, böküşip-oýnaşyp ýören owlak-guzulara biperwaý garap,
özüniň gargy tüýdügini pasyl tabyn ruhubelentlik bilen: «...Ge-e-e-l,
gülüm, ge-e-e-l! Ge-e-el, Uzum, ge-e-e-l!» diýip, dyngysyz gaýtalap
çalýardy.
Bu gök maýsanyň içinde sonarlap ýören owlak-guzulara
agdarylyp-dönderilip,
bir
ýerde
otlaşyp
ýörmäge
olaryň
ýaş
bedenlerindäki joşgunly güýç uzak takat bermeýärdi. Bularyň belli bir
ýerde durman, ýüzleri haýsy ýana bolsa, şaýraşyp gidip barmaklary
Berdiniň alaňyň üstüne çykyp, dyngysyz tüýdük çalyp oturmagyna tälkede bermän durmaýardy.
Şeýle bolsa-da, Berdi owlak-guzularyna gaharlanman, «Guzy
bakdym – guş bakdym; düýe bakdym – ýol bakdym» diýen nakyly
ýatlap, olaryň yzyndan galman ýöreýärdi. Her daýym olaryň öňüne
geçip, biraz togtadan wagty:
...Şo-onda meniň-eý,
Şu-u-unda meniň-eý,
Uz dilberim-ow görünmez-e-ý...–
diýip, zaryn mukamda tüýdügini zowladýardy.
Berdi wagtal-wagtal taýagyna söýenip: «Şu günmi-ertemi
Suhan gaty garyp sagymçylary ýygnap, ýazlamaga geler. Şol
sagymçylaryň arasy bilen Uzuklaryň maşgalasam geler. Göni bir
ýyl garaşan günüm geldi. Aýdan aşa, her günsaýyn Uzugyň
owadan ýüzüne, boýuna-syratyna ogryn-ogryn seretjek günlerim
geldi. Be-e... Uzugyň ak ellerinden birden adam tutaýsa näderkä?
Men-ä adam çym-pytrak, çalam-çaş bolup, topraga garyşyp
ýatybiýrmikä öýdýän. Birden Uzuk meňki bolaýsa, mende hiý
dünýäde başga arman galarmyka? Onda men dünýäde iň bagtly
5
adam bolaryn. Myrat aga meni örän gowy görýä, Orazsoltan ejede; Uzugam halaýandyr. Dört ýyl Suhan gatyň goýnuny bakdym,
hakjagazym bolsa dur. Ýene iki ýyl baksam, alty ýyl bolýa. Oňa
çenli Uzugam tüýs diýen wagty bolup ýetişer. Suhan gatyda bolsa,
alty ýyllyk hakym bolýa. Şony alagada:
— Ine, Myrat aga, şuny alyň. Ýene talap edip, gazanyp
biýrin. Uzugy maňa beriň. Men siziň ogluňyz ýaly bolup gezerin.
Başga meniň gitjek ýerim ýok – diýsem, razy bolarlar ahyryn»
diýip, öz göwnüni raslanda, onuň ýüreginde döreýän şatlyk her
adamda döräp hem bilmejekdi.
Birnäçe günden bäri bu pikir Berdiniň ruhuna ruh goşýardy.
«Gel, gülüm, gel; gel, balym, gel; gel, Uzum, gel!» diýip, günuzyn
tüýdügini dyngysyz çalýardy. Onuň ýüregi ylaýta-da şu gün köp
gozgalaň tapdy. Berdiniň göwnüne şu gün ýazlagçylar geläýjek ýaly
bolup durdy. Ol bu gün beýikden beýik alaňlaryň üstüne çykyp, Uzugyň
ýoluna bitakat seretdi; tüýdük çalanda hem, ýüzüni Uzugyň geljek
ugruna tutup çaldy.
Berdiniň durmuşynda iň gymmatly halat ýetişip, ony şatlyk
derýasyna gark etdi. Holha, dag ýaly belent ýapynyň üstünden ýazlagçy
göçüniň kerweni bulut dek bolup indi. Berdi göçi görüp: «Jan!» diýip,
zyňlyp ýokary galdy; uzakdan görnen kerweniň içinden Uzugy saýgarjak
bolup, elini kölegeledip seretdi. Ol Uzugy seljerip bilmedi. Ýürek
joşgunyna durup bilmän, ýapydan ylgap düşdi; kerwen gözden ýitdi;
ýene ylgap alaňa çykdy.
Bu mahal urýan ýürek ýeke Berdiniňki däldi; belki, Uzugyň
ýüregi Berdiniňkiden hem beter urýardy. Berdi beýle bitakat garaşyp
durman, aýak aldygyna ylgap.. Uzugyň öňünden çykyp gujaklardy.
Emma haýa-şerim goýbermeýärdi. Eýsem Berdi: — Geldiňmi, Uzuk jan!
— diýip, onuň ak gollaryndan tutup,—Ynha, egenler üçin çukur gazyp
goýdum — diýip, Uzugy şatlandyryp bilmezmidi? Ýa-da onda beýle
6
isleg ýokmudy? Ol isleg onda näçe güýçli bolup, iki kebzesinden basyp
çökerip barýan bolsa-da, adat güýji ondan hem zor bolup, beýle etmäge
ýol bermeýärdi. Şeýle-de bolsa, Berdi beýlede aňkaryp, durmuşa
goşulman durmady. Döwrüniň düzgüniniň göterişine görä, Orazsoltan
ejäniň ýanyna gelip salam berdi. Uzugyň ýüzüne seredip: «Amanmy,
Uzuk?— diýdi-de — geldiňmi, jigijigim?» diýip, Durdyny gujaklady.
Soňra derrew düýeleri çökerip, ýükleri düşürdi. Orazsoltan ejäniň gara
gazanyny eltip, öň gazyp goýan ojagyna oturdyp:
— Orazsoltan eje, görýäňizmi, ojagy neneňsi ylaýyk gazypdyryn,
men siziň gazanyňyzyň ölçegini bilýän ahyrym — diýip, bärsini garanda,
Uzugyň gülümsiräp duran ýüzüne gözi düşüp, dünýäsi bütinleý dolup
galdy.
Soňra egenleri alyp, öň gazyp goýan çukurlaryna gömüşdirdi-de,
başyny egişdirip, garşyma-garşy bir-birine baglaşdyrdy; derrew üzükleri
alyp, egenleriň üstüne ýapyşdyrdy-da, daňmaly ýerini daňyşdyrdy. Il
eýlesini-beýlesini garamanka, çatma taýyn boldy; gazan ojaga ataryldy.
Gurt teläri, çalmary bolsa Berdi öňden taýýarlap goýupdy.
— Ynha, görýämiň, Orazsoltan eje, iki ýanlygyňy asar ýaly
ýanlyk agaçlaryň çukurynyň arasyny açyk gazdym — diýip, ol iki sany
ýabaly agajy deňje gömdi-de, üstüne kese agajyny atdy. — Getir,
Orazsoltan eje, ýanlyklaryňy hem asyşdyraýyn — diýdi.
Orazsoltan eje:
— Ýok, taňry ýalkasyn, Berdi jan, eliň-gözüň dert görmesin, ak
gyz ýoldaşyň bolsun — diýende, Berdi Uzugyň ýüzüne seredenini özi
hem duýman galdy. Uzugyň şähdi açyk, şatlyk bilen suwarylan,
oýnaklap duran gara gözlerine gözi düşende, iň ýokary ýetjek derejesine
ýetdi. Şu mahal Berdiden: «Seniň dünýäde näme maksadyň bar?» diýip
sorasaň, «Şu oýnaklap duran gara göze ýetmek maksadym bar»
diýjegine şek-şübhe ýokdy.
— Orazsoltan eje, çökelik torbaňy asar ýaly agaç dikmändirin —
7
diýip, Berdi ýadyndan çykaran iň soňky işini hem bitirdi; ony iki günlük
işinden dyndaryp, guzularynyň ýanyna gitdi.
Orazsoltan eje çatmasynyň içinde düşegini ýazyp, ýorganýassygyny çatmasyna getirdi.
— Eli-gözi dert görmesin; Berdi jan iş bitirdi — diýip, ol aşak
oturanda, Uzuk gaýnadan gara tüňçesini alyp geldi. Bular oturyp çaý
içdiler.
Bu wagt ýagyş biraz ýagjak ýaly etdi; goňşy aýallar üýşüşip,
Orazsoltan ejäniň çatmasyna geldiler. Uzuk gelen aýallara dyngysyz çaý
gaýnadyp berip durdy. Çaý içip oturan aýallaryň Berdiden başga
gürrüňleri bolmady. Uzuk daş çykyp, içeri girip ýörse-de, Berdi hakynda
edilen gürrüňleriň birini hem sypdyrman diňleýärdi. Aýallaryň Berdi
hakynda eden gürrüňleri Uzugyň ýüreginde söýgi üstüne söýgi
döredýärdi. Ol her daşary çykanda, assyrynlykdan Berdä seredýärdi.
Guzular bu mahal doýşup ýatypdylar. Berdi ýatan guzularyň ýanynda hiç
zatdan bihabar gümürdenen bolup ýörse-de, Uzugy göz gytagyndan
sypdyrmaýardy.
*
*
*
Murgap derýasynyň aýagy ýagşy guma girip giden ýerinde
Garaçuňňul atly bir köw bardy. Derýa bahar aýlary joşanda, şol çuňňuly
dolduryp, ondan hem aňryk geçip gidýärdi. Garaçuňňulyň gyrasy Suhan
gatynyň ýazlagydy. Bu çuňňulyň ýakasynda Uzuklaryň çatmasynyň
dikilenine üç gün bolupdy. Bu gün ertirden «Şu gün goýun seçiljekmiş»
diýen habar uludan-kiçä bar kişiniň arasynda ýaýrap, bu hakda
gyzgalaňly gürrüň edilmäge başlandy. Aýallar süýt kädilerini, kersençanaklaryny, gazanlaryny ýuwuşdyryp taýýarlapdylar. Gün gyzdy,
günorta wagty boldy. Tokar guzuly goýunlar hol ýapydan tozan turzup,
yzlaşyp indiler. «Goýun gelýär! Goýun gelýär!» diýen gykylyk bilen
8
aýal-erkek, oglan-uşak — barysy, goýnuň öňünden çykyp, sürüli goýunguzyny ýaňky Garaçuňňula gabadylar. Kimiň eli gaňrakly, kimiň eli
pürli ýylgyn çybykly goýunlary seçmäge başladylar. Berdi Uzugyň
ýanynda durdy. Adamlaryň arasyndan dazlap çykýan goýunlar bilen
birnäçe guzular hem zymdyrylyp çykyp gidýärdiler. Eneleri bilen çykan
guzulary on üç-on dört ýaşlaryndaky oglanlar gaňraklaryny olaryň
boýunlaryndan derrew ildirip, tutup alyp gelýärdiler. Durdy örän çalasyn
hem ýyndamdy; ol enesi bilen çykyp gaçan guzulary salymyny bermän,
yzly-yzyna tutup getirýärdi.
Berdi birinji gün Uzuk bilen bir ýerde durup goýun seçdi. Seçilen
goýunlary çopanlar sürüp, yzlaşdyryp alyp gitdiler. Berdi ýazlag
wagtynda, guzy goşulýança, guzy çopan bolup galdy.
Ertesi günortanlar goýunlar goşa geldi. Her kim ýerli-ýerden
goýunlary kökerip sagmaga başlady.
Berdi sagym wagty Durdyny guzularyň ýanyna iberip, özi
Orazsoltan ejä goýun sagmaga kömekleşmek üçin galdy. Berdi bilen
Uzuk kökerilgi goýunlaryň her haýsy bir çetinden sagmaga başlap, näçe
goýny sagyp, elden geçirdikleriçe, şonça-da bir-birlerine ýakynlaşyp
barýardy... Şeýlelikde, Uzuk bilen Berdi ýakynlaşa-ýakynlaşa, iň soňky
goýny sagmaga gezek gelende gapdalma-gapdal, ýanma-ýan degşip
oturýardy. Ynha, şu mütdet bu ikisiniň arasynda iň ýakynlyk halaty
bolup, bu ýakynlyk her günde diňe iki gezek gaýtalanýardy.
Birinji
ýakynlyk
gaýtalamyndady.
Berdi
baş
sagymynda
şu
pursatyň
bolsa,
her
gün
ikinji
içinde
ýakynlyk
sansyz
gaýtalanmagyny isleýärdi, emma onuň ol islegi, ol dilegi duş
gelmeýärdi.
Berdi Uzugyň hyzmatynda mydam durmaga razydy; Uzugyň doly
süýt kädisini alyp, gazana boşadyp gelmek isleýärdi. Uzuk ejap edip,
Berdä kädisini bermeýärdi; gaýtam, Berdiniň doly kädisini hernä özi
äkidip, süýdüni gazana boşadyp gelýärdi.
9
Ynha, bularyň arasyndaky söýgi şeýle görnüşde günden güne
geçip barýardy. Ýazlag pasly bolsa gutaryp barýar. Berdi: «Meniň gowy
görýändigimi Uzuk bilýämikä, ol meni gowy görýämikä?» diýen pikiri
gije-gündizde başyndan çykarmaýan bolsa, Uzugyň hem gijede-gündizde
edýän pikiri şoldy.
*
*
*
Bir gün goýun seçilip durka, Uzuk Berdä: «Dokuz gezek garagurt
gaýnatdym; eger-de odunymyz bolan bolsa, ýazlagdan gaýtmankak, ýene
bir gezek gaýnadardym» diýip gürrüň berdi. Ertesi Uzuk irden turup
görse, işiklerine biri bir düýe odun getirip düşüripdir. Uzuk oduny gören
badyna, düýnki goýun seçilip durka eden gürrüňi ýadyna düşüp,
Berdiniň getirendigini bildi. Ol: «Men öz gürrüňim bilen Berdini azara
goýupdyryn» diýip, içini gepletdi-de, derrew teläriň üstünde serginleşip
duran gatyklary ýanlyklara guýuşdyrdy. Pişegini ýuwup-ardyp, ýanlyk
ýaýmaga başlady. Uzuk dim-dik durşuna öz pişeginiň sapyndan berdaşly
elleri bilen berk tutup ýaýmaga başlandan, ýanlykdaky gatyk tupan
turandaky deňiz suwy ýaly joşguna geldi. Pişegiň zarbasyndan ýanlyk
ýarylara gelip, goýy gatyklar suwaşyp, aýrana aýlanyp, ýagy ýeljikläp
ýüzüne galmaga başlady. Ynha, hä diýmän, ýag düşdi. Uzuk ýagyny
alyp durka, Orazsoltan eje gelip, ikinji ýanlygy ýaýmaga başlady.
Orazsoltan eje asly sünňi berk adam bolsa-da, oňa garrylyk
ýetişipdir. Ol Uzuk ýaly dim-dik durşuna diňe iki eliniň hereketi bilen
ýaýyp bilmeýär; pişegi göterende, arkan gaýşyp, uranda ileri eňlip, bütin
göwresi bilen hereket edip ýaýýar.
Uzuk birinji ýanlygyň ýagyny aldy-da, ejesine ýüzlendi:
— Eje, hol oduny görýämiň, şony Berdi getiripdir. Men düýnki
gaýnadan çökeligiň suwuny ýygnap, gazana guýup goýdum. Bu gün
garagurt gaýnadaly. Berdi daga goýup gideris. Bar, sen gazanyň aşagyna
10
ot ýakyber; saňa ýanlyk ýaýmak agyr bolýa; ýanlygy men özüm ýaýaryn
— diýip, Orazsoltan ejäniň elinden pişegi aldy.
Garagurdy ertirden agşama çenli gaýnatdylar, Ikindinara, gazanyň
düýbünde azajyk galanda, Uzuk gazany düşürip, içindäki buýanlary
çykaryp zyňdy-da, bir çogmak hyşa bilen çalmaga başlady:
Dolaş, dolaş, dolaş, gurdum,
Dolaşmasaň bulaş, gurdum!
Indi uzak çalmaryn,
Gaýdyp ele almaryn;
Dolaş, gurdum, dolaş, gurdum,
Dolaşmasaň, bulaş, gurdum!—
diýip, çalyp otyrka:
— Garagurt gaýnadýasyňyzmy? — diýip, bir ýerden Berdi geldi.
— He-e, garagurt, ýalap gör! — diýip, Uzuk jogap berdi.
Durdy garagurt ýalap oturan ýerinden derrew bir buýan tapyp,
Berdiniň eline berdi. Berdi buýany iki gezek batyryp ýalady-da:
— Gaty gowy bolupdyr — diýdi. Uzuk çala gülümsiräp:
— Gowy bolan bolsa bolupdyr, şuny size goýup gitjek — diýdi.
Berdi Uzugyň: «Size goýup gitjek» diýen sözüne tüýs ýürekden
minnetdar bolsa-da, ýanynda Durdy oturansoň, eýleň-beýleň söz aýdyp
bilmedi.
Garagurt dolaşdy. Uzugyň bu günlükçe işi gutardy.
*
*
*
Uzuk öten agşam gurt çalyp otyrka, ilerden bir dag ýaly gara bulut
abanyp turupdy. Bu gara bulut uzyn gije diýen ýaly mylaýymlyk bilen
ýagdy. Ertesi howa biraz bulutlaşyp, salkyn şemal öwsüp durdy. Bu
11
ýagşa otlaryň ýüzleri suwlanyp, dürli güller açylyşyp, bahar ýaňy
başlaýan ýaly boldy. Bu günki howa ýazlagçy gyz-gelinleriň ruhlary
göterilip, ýelmik-ýuwa çöplemäge guma çykdylar. Gyz-gelinler dürlidürli gülleri ýygyp, ýene belent-belent alaňlaryň üstüne çykdylar;
ýüzlerini şemala tutuşyp, töwerege syn etdiler; ol alaňlardan hem düşüp,
ýene ýolda ýelmik-ýuwa çöpleşip, ondan hem belent alaňlara mündüler.
Şeýlelikde, ol alaňdan ol alaňa münüp, ýelejiräp gidip baryşlaryna
Uzuk aýratyn ýelmik-ýuwaly ýere duş geldi. Ol bu ýerde güýmenip,
beýleki gyz-gelinlerden arany açdy. Öňürti köp ýelmik-ýuwa ýygdy;
soňra her dürli güllerden ýygyp, desse baglamaga durdy.
Berdi guzularyny başyna kowup, gyz-gelinlere görünmän, olary
gapdallap gelýärdi. Onuň maksady Uzuk bilen ýekeräk ýerde
görüşmekdi. Ol maksadyna miýesser boldy. Ynha, Uzuk onuň öňünde
gül dessesini bogup dur. Berdi onuň ýeňsesinden bildirmän ýakynlaşdy.
Emma ara näçe ýakynlaşdygyça, Berdiniň ýüregi urup, aýaklary
saňňyldamaga başlady. Demi demine ýetişmän, haş edip, bir dem aldy.
Uzuk haşşyldyny eşitdi. Ýalta yzyna garasa, Berdiniň ýylgyryp duran
güler ýüzüne gözi düşdi. Bular bu ikiçäk duşuşykda nämeden söze
başlajaklaryny bilmediler. Uzuk ejap bilen ýere bakanda, onuň nurana
ýüzünde biraz gyzgylt öwüşgin peýda boldy. Dodaklary ýylgyrjak ýaly
çekilişende, agzynda sadap dek ap-ak dişleri setirlenişip göründi.
Uzugyň bu bakyşy özüne aýratyn gözellik berdi. Berdide şu halat
ömürlik üýtgemesedi diýen isleg döretdi. Berdi özüni biraz raslap:
— Beýle oňat güller ýygypsyň-la... — diýip garyljagrak seslendi.
Uzuk azajyk ýüzüni galdyryp:
— Oňat bolsa, me, alaý — diýip, gül dessesini uzatdy.
Berdi Uzugyň uzadan gül dessesini aldy-da:
— Bu seniň özüňe gerekdir, näme muny maňa berýäsiň? — diýip
ýylgyrdy.
12
Uzuk çalaja başyny göterip seredende, gara gözleri Berdiniň
ýylgyryp duran ýüzüne düşdi. Ýene näz bilen aşak sereti-de:
— Sen alaý. Gerek bolsa, men ýene ýygaryn — diýdi.
Berdi:
— Sen näme munça gül ýygnapsyň, şunça gül ýygnansa-da, seniň,
özüň ýaly bir gülçe bolup bilmändir. Seniň bir bakyşyň şular ýaly gül
dessesiniň ýüzüsinden zyýat — diýip, gül dessesini yzyna uzatdy.
Berdi bu sözleri aýdanda. Uzugyň ýüzünde bir hili şatlyk ruhy
uçganaklan ýaly etdi. Emma şol halatda ýene onuň ýüzüne uýat şapagy
inip, gyzgylt öwüşgin örtdi.
Soňra Berdi:
— Uzuk, meniň senden bir zat sorasym gelýä, soraýynmy? —
diýip, sesini saňňyldadyp, zordan sözüni soňlady.
Uzuk sesini çykarman, gabagyny göterip, bir seretdi-de, ýene
ýüzüni aşak saldy.
Berdi:
— Soraýynmy? — diýip, Uzugyň ýüzüne seretdi.
— Näme? Soraý.
— Sorasam, Uzuk, eneň-ataň seni maňa beräýse, sen razy
bolarmydyň? — Uzuk uýalyp, biraz kese bakdy.— Aýdaýsana, Uzuk,
meniň şuny bilesim gelýä.
— Bolardym.
Uzuk «Bolardym» diýende, azajyk gülümsirejek ýaly etdi. Onuň
ýüzünde şatlyk uçgunynyň uçganaklany bildirdi. Şunuň bilen bularyň
arasyndaky söýgi sözleşigi gutardy. Berdi aşak oturyp:
— Bar, Uzuk, git, birden biri görüp, masgara bolaýmaly — diýdi.
Uzuk gyzlaryň yzyndan gitdi.
Berdi şol oturan ýerinde ullakan oý-pikire gitdi: «Hiý, dünýäde
Uzuk ýaly perizat barmyka?! Hiý, şeýle gyz bilen jany bir, teni bir bolup,
ömür süreniň ýüreginde arman galarmy?! Hiý, şeýle bir ynsana artykmaç
13
söz aýdyp, agyrtmak bolarmy? Ýok, bolmaz. Men Uzugy şeýle bir
söýýän, ýürekde beýle mesgen tutan söýgi hiý-de dönermi?.. Ýok, beýle
söýgi hiç wagt dönmez... «Kyrk ýyl kişüwläp goýun bakanyň dilegi duş
gelermiş» diýýäler. Eger-de, kişüwläp kyrk ýyl goýun bakanym üçin,
Uzuk hakyndaky dilegimiň duş geljegini bilsem, men bütin ömrümi
goýnuň öňüne «häýt» diýip taýak atman bakyp geçirdim. Gel, aý, men
köpden bäri edip ýören pikirimiň şu gün aňyrsyna ýeteýin. Häzir
Ogulnyýaz ejä — Meniň üçin Uzuklara söz aýdyp beriň — diýip
aýdaýyn» diýdi-de, guzulary çatmalara tarap gaýtaryp, özi göni şonuň
ýanyna ugrady.
Ogulnyýaz eje daşarda, teläriň aşagynda gurt edip otyrdy.
Berdi onuň ýanyna gelip:
— Salawmaleýkim. Armaň, gurt edýäsiňizmi? — diýip, taýagyna
söýenip durdy.
Ogulnyýaz eje:
— Amanmysyň, hawa, gurt edýäs. Berdi jan, oňat geldiň.
Şulary bir teläre çykaryşsana — diýýp kömek sorady.
Berdi gurtlary derrew teläriň üstüne serişdirip, soňra gurt
edişmäge oturdy.
— Ogulnyýaz eje, bu ýyl gurdy köp edip bildiňizmi? —
diýip, Berdi söze başlady.
Ogulnyýaz eje:
— Aý, Berdi jan, bolany bor. Her kime öz bary nesip etsin.
Ynha, tüweleme, bu ýyl Orazsoltan ejeň köp edendir. Olar,
tuweleme, garagurdam köp gaýnatdylar. Uzugam, köp görmesin,
bir elli-aýakly maşgala. Haýsy işiň gyrasyndan barsa, iş öňünde
bent alanok. Senem, tüweleme, olara oňat kömek berýäsiň. Biziň
ýaly bir goýun sagýança, senem, Uzugam üç-dört goýny elden geçirýäsiňiz. Orazsoltan senden gaty minnetdar. Otursa-tursa: «Eliaýagy dert görmesin Berdi jan» diýip, agzyndan düşürenok. Seni
14
olaryň hemmesi gowy görýärler — diýdi-de, bir zat aýdaýjak ýaly
edip, ýene aýtman goýdy.
Berdi turup, guzularyna seretdi-de, ýene aşak oturdy.
— Ogulnyýaz eje, meniň size bir ýumşum bar... — diýip, ol
ýüzüni aşak saldy.
Ogulnyýaz eje Berdiniň ýüzüne bir seretdi. Onuň ýüzünden
utanýandygyny ýa-da ýumuş buýurmany agyr görýändigini aňlap:
— Wiý, hanym, çekinmedejik aýdyber. Sen öz ýumşuňy özüň
aýtmasaň, başga kimiň bar? Seniňki «Ýetim oglan öz göbegini özi
keser» diýenleridir. Gerek zadyňy aýdybiýrler utanman — diýip,
Berdä sözlemäge oňat ganalga berdi.
Berdi başyny galdyryp, Ogulnyýaz ejäniň ýüzüne seredende,
utanjyndan onuň ýüzünde gyzgylt-garamtyl öwüşgin göründi. Özi
hem ýaýdanaklan ýaly boldy. Ogulnyýaz eje Berdiniň bu
ýagdaýyny aňyp:
— Aýt, janym, aýt — diýdi. Berdi ýüzüni aşak salyp:
— Neme... şü... Orazsoltan ejelere meniň üçin söz aýdyp
berip bilmezmikäňiz? — diýip aýdanda, ýüzi çym gyzyl bolup
gitdi.
Ogulnyýaz eje Berdä hemaýat berip:
— He, ana, «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýen
sözüm geldi. Ana, şeýdip, çekinmän aýdybiýrler. Gaty oňat söz
aýtdyň — diýip, sözüni soňlamanka, Berdi:
— Men olara ogul dereginde bolardym. Ömür boýy gazanjym
şolaryňky-da, meň başga äkitjek ýerim ýok — diýdi.
Ogulnyýaz eje çalajadan pyşyrdap:
— Berdi jan, sen sesiňi çykarma-da, arkaýynja geziber. Bu
zatlaryň pikirini sen şu gün eden bolsaň, Orazsoltan ejeň bilen
Myrat agaň öňräkden edip goýdular. Näme, meniň olardan gizlin
syrym ýok, olaryň menden gizlin syry ýok. Ynha, ýaňy-ýakynda-da
15
üçimiz oturyp, şonuň gürrüňini etdik. Men: «Özüň garyp bolsaň,
kim bilýä, dul geljekmi, telpegi agan geljekmi ýa kel geljekmi, kör
geljekmi?— diýdim.— Nä wagt, nä zamana, Uzuk ýaly aýratyn
görmegeý gyz ýetişensoň, bir garyp gapa girip-çykyp ýörse, biriniň
dili ýetjekmi, biriniň eli ýetjekmi, kim bilýä?— diýdim.— Sessizüýnsüz Berdä beriňdejik oturyberiň. Ikisi bir-birine mynasyp.
Berdiňem sizden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Hem — giýew, hem ogul
eken-dä» diýdim.
Ynha, maslahat şunda galdy. Ýöne Orazsoltan ejeň: «Entek
Uzuk ýaşrak, bir ýyl garaşalyň» diýdi.
Şeýle bolsa-da, Berdi jan, ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde
bolsun. Ýöne eşitmedik ýaly bol-da, sesiňi çykarman geziber —
diýip, Ogulnyýaz eje başyny göterip, töweregine seretdi.
Berdi Ogulnyýaz ejäniň gürrüňini ullakan höwes bilen
diňledi. Häzir onuň dünýäsi bütinleý dolup galdy. Iň ýokarky şaha
eli ýetdi. Ol bu zeýilli, me saňa, nagt, beýle ýakymly habara
garaşmaýardy. Häzir oňa dünýäde hiç bir zat gerek däl.
Ol bu habary eşiden gününiň ertesi iň soňky iki goýny,
hemişekileri ýaly, Uzuk bilen ýanma-ýan oturyp sagyşdy. Bu wagt
Orazsoltan eje süýdüni gazana guýmaga gitdi. Bular açyk arkaýyn
sözleşmäge wagt tapdylar.
— Uzuk, sen menden gizlin, ikimiz hakda hiç bir gürrüň
eşitmediňmi? — diýip, Berdi gürrüňe başlady.
— Ýok, ol nähili gürrüň? — diýip, Uzuk kädisini gapdalynda
goýdy.
Berdi:
— Eşitmedik bolsaň, seni maňa berjekler — diýende. Uzuk
utanjyndan ýüzüni aşak saldy. — Uzuk, hany dogryňy aýt, sen şeýle
gürrüňi hiç eşitmediňmi? — diýip, ol Uzugyň goşaryndan tutdy.
— Çynymy aýtsam eşitdim. Berdi Uzugyň goşaryny goýberip:
16
— Hany neneňsi eşitdiň? — diýip, has içginsiredi.
— Gürrüň edip otyrkalar, çatma diňledim.
— Näme onda düýn, gül ýygyp ýörkäň, maňa aýtmadyň? — diýip,
Berdi Uzugy özüne çekdi.
Uzuk ýüzüni aşak salyp, ýuwaşja ses bilen:
— Aýrylsana, oglan!—diýip, Berdini itekledi-de, — aýtmaga
utandym — diýdi.
Orazsoltan ejäniň gelmegi bularyň gürrüňine päsgel berdi.
GARAŞYLMADYK SAWÇY
Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr her
ýeten...
G
Hem garyplykdan Keminäň içleri otly
tütün.
IJÄNIŇ bütin jandarlarynyň üstüni garagurum ýaly basan
garaňky asmandaky ýyldyzlary uzak şadyýan güldürip bilmedi. Ýeňse
kem-kemden sazaryp, agaryp, ýyldyzlary ýeke-ýekeden ýuwutmaga
başlady; bütin jandarlaryň üstüni ýeňledip, bir-bir gaflat ukusyndan
galdyrdy. Uzuk hem bularyň birinji sapynda turup, özüniň çeper
golunyň, ýiti pikiriniň, agyr zähmetiniň döreden gymmatly dokmasynyň
ýüzüni açanda, säheriň birinji açylan güli bolup, röwşen ýüzüni
ýylgyrtdy. Bu wagt Gün hem ýaldyrap çykyp, bularyň ýüzüne nazar
saldy. Üç ýüzüň üçüsi hem bir ýerde birikdi.
Gün ýokary galýar, ýalkym salýar; Uzuk çeper elleri bilen çitýär;
dokma önýär.
Uzuk düýn dokmasynyň iň soňky gölüni gutaryp ýatypdy. Ol ertir
irden turup, dokmasynyň üstüne münüp, ýüzüni açdy; düýnki gutaryp
goýan gölüniň ýüzüni sypalaşdyryp:
17
Baryň, aýdyň ýaryma,
Derman etsin janyma;
Dermanynyň haýry ýok,
Özi gelsin ýanyma.
Gaýra-gaýra bakar men,
Dokma-darak kakar men.
Men Berdini görmesem,
Eräp-eräp akar men.
Gaýra gaýrada galdy,
Peýkam ýarada galdy;
Çopan oglan söýgülim
Menden gaýrada galdy.
Gögüň ýüzi gök çüýşe,
Dograp düzseler çişe,
Şonda-da men dönmenem;
Galma, Berdi, endişä.
Çal, tüýdügin, şatlasyn,
Goýber goýnuň, otlasyn.
Bir hepdeden gelmeseň,
Uzuk seni ýatlasyn —
18
diýip, erişleriň näzik barmaklaryna görkezýän garşylyklaryndan
şatyrdap çykýan sese goşup, ýuwaşja, gamgyn owaz bilen hiňlenip,
çitmäge başlady.
Onuň gamgyn hiňňildisi özüniň durmuşyndaky köp agyrlyklary
bir-bir ýadyna düşürmäge başlady. Suhan baýlaryň gyzlarynyň
dokmalarynyň özlerine sep bolýandygy Uzugyň ýadyna düşüp,
içini hümletdi: «Ah! Meniň hem dokmam özüme sep bolýan bolsa
bolmaýamy... Arman, men kesen günüm baý aýaly Nurjemala
ýarysyny bermeli-dä! Dokmany iki kesip, paýlaşyp hem bolmaýa.
Nurjemal — Siz paýyňyzy sataýyň — diýip, ejemiň içine-daşyna
geçip, meniň dokmajygymy öz gyzyna sep eder... Ah, garyplyk
nämeler etdirmeýä?!. Eger-de şu dokmanyň ýüňi bilen reňkini
tapýan bolsak, ýarpasyna dokarmydyk?... Aý, bolýa-da!.. Ataň
mydama çopançylykda, özüň çopan gyzy... Bu garyplykdan, bu agyr
günden, bize hiý gutulmak barmyka?!» Uzuk şeýle pikirler bilen
agyr gününiň derdini çekip, başyny galdyrman, dokmasyny çitip
otyrdy.
Bu wagtlar gün ýokary galyp, gözýetimden geçýän ýeňseki
ýabyň
gyrasyndaky
agaçlaryň
depesinden
ýagşy
ýokary
saýlanypdy. Bu ýabyň bäri goltugyny syryp, köprä gelýän ýol bilen
bir atly, atyny säpjide-säpjide, obanyň duşuna geldi. Atynyň sag
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 02
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.