Latin

Ykbal I - 15

Total number of words is 3722
Total number of unique words is 1974
32.8 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
adamam ölýä, oňa-da Myrat günäkär bolarmy?» diýip çykyp gaýtdym,
nädeýin dagy?
Ynha, indi ondan-a zat ýok, ýöne başga bir eklenjiň gamyny
243
iýibermeseň. Halha, dulda bolsa iki ýugyr ýaly un galdy. Olam
gutaransoň, agzyňy göge açaýmalydyr.
— Aý, eklenjiň-ä gamyny ondan başga bir zat bolanda-da etmeli-le.
— Etmeli bolsa, meniň şol düýnküje aýdanymy edäý. Otuz ýyllap
kişiniň goýnuny bakybam, donuň iki bolmady. Indi daýhanam bir durup
gör. Ikisinde-de işiginde iner çökerjek gümanyň ýok welin, her zadam
bolsa, mülk arasyna daýhan dursaň, bir aýdan-iki aýdan bir görşüb-ä
durarys-da. Çopan dursaň, ýyldan-iki ýyldanam bir görşüp bolanok.
Ynha, şu öňki betbagtçylygymyzy näçe habar edip ýetirjek bolsam-da
bolmady. Bir gün özüm öläýsemem, kim meniň meýidimi ýygnajak?!
Ondan şu gün bazara gitdejik, birine daýhan dur, belki, bir oňat adam
duşaýady-da.
— Bolýa-da. Onda şu gün gidip daýhan duraýarys.
— Şeýt, häzir men özüm bolsam ilden dilärin-tirkärin, biriniň igini
egrip, ýüňüni tüýderin, garaz, günümi görerin. Ilçilikdir, «Agzy açyk aç
ölmez», iliň ýagşysam bardyr — ýamanam.
— Bolýa onda, hany maňa bir döwüm nan eber. Men ugraýyn —
diýip, Myrat aga aýalynyň ýüzüne seretdi.
— Belki, gurbany gitdigim hudaýyň özi garaşyk edip, bir musurman
bendä duş edäýedi-dä, al nany maňlaýyňa sylyp, dileg edip ugra —
diýip, Orazsoltan eje bir döwüm nany uzatdy.
Myrat aga ýerinden turup, ýüp guşagyny guşandy-da, nany ýüzüne
sylyp, goltugyna saldy, soňra ilki bilen oglunyň ýüzüne bir seredip,
yzyndan aýalynyň ýüzüne seretdi-de:
— Hoş onda, men ugraýyn — diýdi.
— Daýhan tutjak adamyň ýüzüne-gözüne seretgin. Oňat adamyň
ýüzi-gözi nurly, maňlaýy giň, gaşlary açyk, sözleri ýumşakdan ýerbe-ýer
bolar. Beýlesinem hudaýyň özi oňar-da — diýip, Orazsoltan eje ýerinden
turdy.
Durdy kakasynyň ýanyna gelip:
244
— Kaka, haçan gelersiň? — diýdi.
— Indi her wagt gelerin duraryn, oglum, indi çopan durjak däl —
diýip, Myrat aga öýden çykyp, bazara ugrady.
Ol tä bazara barýança, özüniň durmuşyndaky bütin dadysyz
agyrlyklaryň oduna ýanyp, ondan çykalga gözledi: «Eý hudaýym, meni
şeýle gün görkezjek bolup ýaratdyňmy? Meniň pälimiň näme ýaman ýeri
bardy?! Meniň başymdan, hiý, bu gara günler sowulmazmy?! Belki,
meniň pälimiň ýaman ýeri bardyr? Hakykatdan hem, pälimiň ýaman ýeri
bar: ynha, sakgalym agarypdyr, henize-bu güne çenli maňlaýym ýere
degenok. Eý hudaýym, toba edip, ýoluňa ýykylýan. Indiden beýläk
namazy bilmesem-de, ýoluňa yrlyp, namaz-orazamy goýbermäýin! Sen
bu günden meni gutar!.. Eý asmandaky gaýyplar! Meniň dilegimi
eşidip: «Omin» diýiň!
— Ýedi ýyl kişüwläp goýun bakanyň dilegi duş geler, Hydyr ata
ýoldaş bolar — diýýäler. Men munça ýyllar kişüwläp goýun baksam-da,
hiý meniň dilegim duş gelmezmi? Hudaý!!! Eý hudaý!!!» diýip, namazorazany ýatlaman sakgalyny agardan garyp durmuşdan halys ejizläp, hiç
bir daýançsyz galyp, alla-pygamberler ýoluna boýun bolup, ýalbarmaga
başlady.
Şeýlelikde, durmuşyň agyr batgasyna çüme-çüme, ahyry bazara
ýetdi.
Murgap derýasynyň gündogar ýakasyndaky ýol bilen aşak tarapdan
geleniňde, derýanyň köprüsinden günbataryna geçeniňden soň, çep
egniňe dolanyp, elli-altmyş ädim ýöreseň, bazaryň birýan çetinden
girýärdiň. Bazaryň çetinden gireniňden, üsti gök demir bilen örtülen
ullakan beýik bassyrma gözüň ilýärdi. Şol bassyrmanyň günbataryndaky
köçe bilen günorta gapdala gidiberseň, gapanyň duşundan geçen ýeriňde,
çep egniňde haparak zatlar dökülýän bir giň öwürt bardy. Bu öwürdiň
adamsy bazaryň başga ýeriniň adamsyndan tükel ýyrtyk geýimli
bolmagy bilen tapawutlanýardy. Bu ýyrtyk geýimlileriň arasynda her
245
haýsynyň ýanyna bir baryp, aýlanyşyp ýören täze geýimliler hem bardy.
Bu ýerde ýyrtyk geýimliler özleriniň zähmetlerini satýan bolsalar, täze
geýimliler arzandan-arzan zähmet gözläp, her haýsynyň ýanyna baryp,
olaryň zähmetini bahaladyp görýärdiler.
Myrat aganyň hem maksady ýaňky köprüden geçip gelşine şol
öwürtdäki ýyrtyk geýimlilere goşulmakdy. Emma ol bazaryň çetinden
girip, şol öwürde gelýänçä, birnäçe geň zatlar gördi.
Myrat aganyň ýaňky gelen ýolunda bazaryň bir çeti zolak, has böwür
berip durdy.
Bu böwre dik bazar diýerdiler. Bu bazarda köplenç zatlar elde
satylyp, ýeklän-tüklän dükan hem ýok däldi.
Dik bazara ýetmäge ýigrimi-otuz ädim galanda, bu bazaryň
adamlarynyň hemmesi Myrat aga tarap topuldylar. Adamlar başly-barat,
ýykylany haýsy, sürşeni haýsy, her kim aýak aldygyna ylgaýardy. Myrat
aganyň öňünden bazara tarap barýan adamlar-da yzlaryna serpilip, ökjäni
göterdiler. Myrat aga bu hadysa düşünip bilmedi. Düşünmäge maý hem
bolmady. Onuň ýüregine howsala düşüp, gaňrylyp yzyna seretdi. Görse,
yzyndan bazara tarap gelýänler hem yzlaryna dolanyp degberäýýäler.
Myrat aga hem «Kyrkdan özüni saýlan namart, assa gaçan çamandyr»
diýip, Kereguly babasyny ýatlady-da, yzyna garşy degberäýdi. Myrat aga
näme üçin gaçýandygyny bilmese-de, bu hadysa düşünmese-de, gaty
çyny bilen gaçdy. Ol garram bolsa, birenteginiň egninden basyp geçdi.
Gaçyşlyk uzaga çekmedi. Adamlar tiz duruşdylar. Emma gaçanlaryň
hemmesi hem edil Myrat aga ýaly eken. Näme üçin gaçandyklaryny,
nämeden gaçandyklaryny hiç kim hem bilmeýär eken. Muňa
bazarçylaryň özleri hem haýran galdylar:
— Näme boldy, näme üçin gaçdyň?
— Men-ä bilemok.
— Bilmeseň, näme gaçýaň?
— Sen bilýämiň, ýaman jyrtaýlap gaçýasyň-a.
246
— Be!..
— Toba...
— Estagpyrylla.
Emma hiç haýsy hem bir zat bilip bilmedi.
Ahyry bu wakanyň takygyna ýetdiler. Žulikler neneňsi-de bolsa, iki
sany iti ýaňky dik bazaryň ortasyna getirip, ikisini hem çatyp, ortalaryna
et oklapdyrlar. Itler-de etiň üstünde urşup dikleşen wagtynda, ýaňkylar:
«Adamlar, gaçyň! Itler guduz!.. Gaçyň!..» diýip, adamlaryň arasynda
dowul salypdyrlar. Şol dowulda garma-gürmelik bilen hem ogrular
oljany urup, gaçyp gidipdiler.
Bu wakadan soň gidip barşyna Myrat aganyň ýoly towuk bazarynyň
üstünden düşdi. Ol towuk bazarynda iki sany horazyň ýolmalaşyp
duranyny, horazlaryň gapdalynda bolsa iki sany adamyň horazlardan
hem beter urşup duranyny gördi. Uruşýan horazlaryň biriniň kekeji gara
gan bolupdyr, beýlekisiniň bolsa kekejine ýara düşmändir. Uruşýan
adamlaryň weli ikisiniň hem agzy-burny gara gan bolupdyr. Bularyň
daşyndan syn edip duran adamlardan biri:
— Özleri horazlaryndan ýaman uruşýalar — diýdi.
— Oňa ikinji biri:
— Horazlaryna alty rupyýa baýrak goýdular, bes, özlerine näçe
baýrak goýmuşlar? — diýip, çalgyrt gepledi.
— Özleriniň baýragy iki dürredi.
Edil şol wagt bir bazarnik gelip, urşup duranlaryň her haýsynyň
ýagyrnysyna bir dürre sugşurdy. Urşup duranlar, ganlaryny tasadyp, her
haýsy bir ýana zym-zyýa boldy.
Myrat aga duranlaryň birinden bularyň näme uçin uruşýandyklaryny
sorady.
— Bularyň käri baýrak goýup, horaz uruşdyrmak. Şol kekeji
ýaralanmadyk horazyň eýesi onuň kekejini ýaglapdyr. Ol sebäpden hem
ýaralanan horazyň çüňki ýag bolup, beýleki horaza ýara salyp bilmändir.
247
Ony hem ýaralanan horazyň eýesi bilip, özleri hem uruşmaga başladylar
— diýip, ol jogap berdi.
Bular ýaly biderek, ýaramaz işleriň kök-damarynyň nireden urup,
nireden çykýanyny Myrat aga nireden bilsin? Bu zatlaryň hemmesiniň
bozuk döwräň ýüze çykyp, görnüp duran gara hallarydygyna nireden
düşünsin? Ol: «Aý, bir bozuk zamana bolupdyr» diýip, ýene talaban
bazaryna ugrady.
Ugran ýerinde Myrat aga erbet dyknyşyga düşdi. Aýlanyp geçmäge
ýol-yz ýokdy:. Ini kilometrden aşarak, boýy bir ýarym kilometrden
gowrak bazar meýdany bu ýere üýşen jemendeden hyryn-dykyn dolup
durdy. Gürleşik, gykylyk, ala zenzele, belli bir ses eşidilmän, bütin bazar
tutuşlygyna ýöne wag berip durdy.
Başy telpekliden papakla, jambörüklä, sellelä çenli egni ýüpek donly
geýnüwlilerden ýeňi ýoluk köne donly tozgun, aç-ýalaňaç, gallaçlara
çenli bary bu bazara gelip dolupdyrlar. Gedaýlar, diwanalar, maýypmüjrüpler, aç-ýalaňaç çagalaryň eneleri jokrama yssynyň aşagynda
ertirden agşama çenli bir döwüm çörek soraşyp, gollaryny serşip
otyrdylar.
Owganystan, Eýran, Bulujystan ýaly ýerlerden özleriniň ilini-gününi,
ýaş çagalaryny terk edip, talap gözläp, bu bazara giren adamlaryň
aňyrsy-bärsi ýokdy.
«Aby hudaýy» diýşip, ýalaňaç, suwly küýzäni eginlerine göterişip
ýörenler, çilimsazlar. şular ýaly biderek senetlerden köpük gözleşip
ýören adamlaryň sany-sajagy ýokdy.
Ynha, şeýle jemendäniň arasy bilen gidip barşyna Myrat aga ýene bir
bazaryň üstünden bardy. Bu bazarda garşyma-garşy hatara oturan
satygçylaryň öňünde agyzlary çöwrülip goýlan kiçijik haltajyklar hatarhatar bolşup durdy. Myrat aga bularyň mysgal terezilerini, mysgallykdan
başlaýan kiçijik daşlaryny görüp haýran galdy. Ol beýle kiçijik terezini,
beýle maýdajyk daşalary heniz ömründe görmändi. Ýöne onuň başyna:
248
«Şeýle kiçijik terezi bilen, şeýle maýdajyk daşlar bilen hem söwda edip,
eklenip otyrlarmyka?» diýen pikir geldi. Emma bir satygçynyň şol
kiçijik terezisiniň bir tarapyna kiçijik daşyny goýup, bir ujypsyz zady
çekip berip, köp pul alanyny görüp, Myrat aga haýran galdy. Bu setiriň
söwdagärleri çalgyrt dil bilen: «Ine, ine, temin, düýe temin, ine ýogyn,
ine inçe, ýöntem, ine nah, ýüpek!» diýip gygyranlaryny eşidende, Myrat
aga az-kem düşünjek ýaly etdi, emma: «Zäk, mawuja! Naşatur, degen
ýerin uşatur! Porsuderman, porsaňňoza, eşek-tezek, sakgyz, zenjebil,
dalçyn, semaýmekge, kelepçe, ýüzärlik, ýüz derdiň dermany! Gel,
türkmen dermanlarynyň ýagşysyna!» diýip gygyrylanda weli, düşünip
hem bilmedi.
Kim bilýär, bu ýerde satylýan zatlaryň haýsy biri haýsy derdiň
dermany? Kim bilýär, ýa hiç biri hiç bir derdiň hem dermany dälmi?.. Ol
zamanlar dert köpdi, doktor kömegi bolsa ýokdy. Her kim garaňky
bazardan bir ýerde öýünde ýatan kesellisine derman gözleýär.
Söwdagärler näme diýseler, ynanyp alyp gidýärdiler.
Myrat aga bu zatlara seredip, bir ýerde uzak durmaýardy. Her kimiň
özüniň maksady bar. Onuň maksady basymrak talaban bazaryna baryp,
özüniň gara zähmetini arzanu-gymmat geçen ýerine satmakdy. Ynha, şu
maksat bilen gidip barşyna, talaban bazaryna ýakynlanda, onuň ýoly nas
bazarynyň üstünden düşdi. Bu ýerde ol hem gülküli, hem hasratly bir
wakany gördi. Naspuruşlaryň biri: «Eý, aby!» diýip gygyranda, abylaryň
üç-dört sanysy howlugyp, bir-birinden öňürti barjak boldular. Bu ýerde
biri büdräp, egnindäki suwly küýzesini gaçyrdy. Küýze zyňlyp, naspuruşyň terezisine degip, çym-pytrak boldy. Gapdaky suw nasyň üstüne
döküldi. Nas öňürti suwuň aşagynda birentek bykyrdap gaýnady. Soňra
suwy özüne çekip, gumbaýrak palçyk ýaly, şar-gara bolup galdy. Bu
hadysany daşdan görenler gülüşdiler. Emma naspuruş bilen aby ullakan
hasrata galdy.
Töläýin diýse, abyda pul näme işlesin? Nasyna içi ýanan naspuruş
249
abynyň kellesine ýumruklamaga başlady. Aby: «Dat!» diýip gygyrmaga
başlady. Ynha, bu hadysa kim üçin gülki, kim üçin hasrat boldy, Şeýlede bolsa, abynyň başyna köp ýençdirmediler. Bir uzyn boýly, agaç et,
garaýagyz ýigit bulara hemmeden ýakyn durdy. Bu ýigit olary aralady.
Aby maňlaýynyň ganyny süpürip durka, ýaňky aralan ýigidiň ýoldaşy
aba:
— Siz säherden agşama çenli «aby-hudaýy» diýip, hudaýyň ýoluna
suw paýlaýasyňyz. Hudaý bolsa siziň başyňyza zille urdurýar. Bu nä
işdi? — diýip sorady.
Aby:
— Bilmirem, gardaş jan, men eýle lap säherden agşama gadar
allanyň ýoluna adamlary suwa ýahyram, eýle alla-da menim başyma
zille urdurur? — diýip, eýranly çalgyrtlygy bilen azerbaýjança gepledi.
Şu sözleri aýdanda, onuň ýüzünde birden gaýgy-gam alamaty peýda
boldy-da, ol ýaňky aýdan sözlerini misli rus ýigidine hudaýyň üstünden
arz eden ýaly edip aýtdy.
— Siz säherden agşama çenli «aby-hudaýy!» diýip gygyryp, hudaýa
çoh ezýet werirsiz, onuň size ajygy gelip. Eýle bir kär tapyň, goý hudaýda biraz rahat olsun, siz-de rahat oluň — diýip, ýaňky rus ýigidi öz
ýoldaşy bilen gitdi.
— Bah, köpeý ogly, nä ahyl danyşyr... — diýip, aby onuň yzyndan
seredip galdy. Bular ugranlaryndan soň, bu hadysanyň ýanynda köp
gürrüň boldy:
— Ýaňky orus hudaýa dil ýetirdi.
— Ýok, onuň ýüreginde ot bar, siz düşünmediňiz.
— Onuň sözi biderek lakgyldy däl.
— Ýok. Şony ýeriň giňinde sözletseň, onuň ýüreginde düwün kändir.
— Aýt, şol Pitirburgdan şu ýerlere sibir edilip iberilýän akylly
oruslardan bolaýmasyn?..
— Dogry şol. Paşşa özünden akylly bolsa, okuwy gaty aňry giden
250
bolsa, şu ýerlere sibir edip iberäýýämiş.
— Ýok, ol beýle däl, şu okuwy aňry gidip, ak paşşaň ýoluny ters
tapýan adamlary iberýämişler.
— Hany «Şu derýaň gyrasynda balyk tutup oturan oruslaryň birýarymynyň saçlary bulaşyk, sakgallak diýip, ýöne müjükdir öýdäýmäň.
Şolaryň hem arasynda Pitirburg ýaly ýerlerden bala-çagasyndan aýrylga,
sibir bolup gelenleri barmyş» diýýärler-le.
— Dogrudyr.
— Dogrudyr şol.
— Hawa-la, olam dogrudyr.
— Ahaw, adamlar, kim mysapyr bolsa, elinden gelse, şoňa kömek
etmeli.
— Hawa-la, kim bilýä, bu adamlaryň haýsy biri bir ýerlerde özüniň
bala-çagasyny ýetim galdyryp, özi munda ilsiz-günsüz sibir bolup ýör.
Myrat aga:
— Hawa-la, olar ýaly adama kömek edip bolsa, ondan ýagşysy näme
— diýende, naspuruş:
— Siziň aýdanlaryňyzyňam ugry bar welin, ýaňky orus hiç ýerden
gelenem däl — diýdi. — Ol — şu ýeriniň orsy. Turkmençänem suw ýaly
bilýä. Özem şol Egrigüzer meýdanyny suwarýan suw maşynlarynyň
massury bolup işleýä. Egrigüzer bendiniň desetniginiň ogly-da, özem şol
obada önüp-ösen. Adyna Sirgeý diýýäler. Ýanyndaky türkmen ýigidi
bolsa şol maşynda arabakeş. Şäherden ýag daşaýa. Onuňam adyna
Gylyçly diýýäler...
Myrat aga ýene talaban bazaryna ugrady. Talaban bazaryna
ýetmänke, Gylyçly bilen Sergeýiň yzlaryndan ýetip, gapdallaryndan
geçdi.
Gylyçly Myrat aga salam berdi. Sergeý Myrat agany tanamaýardy.
Gylyçly Myrat agany ýeňsesinden: «Şol Bekmyrat baýlaryň süýrän
gyzynyň kakasy» diýip, Sergeýe tanatdy.
251
Myrat aga talaban bazaryna baryp girende, aşak oturman, töweregine
göz aýlady. Bazaryň bu giň meýdanynda özleriniň zähmetini iň arzan
baha
satmaga
mejbur
bolşup
oturan
aňyrsyz-bärsiz
sellelilere,
telpeklilere onuň gözi düşdi. «Döwüm çörek çenden-çakdan gatapdyr»
diýip, ol ýüzüni aşak saldy.
Myrat aga ep-esli oturandan soň, bir uzyn gara murtly, argan-dargan
pyýada haly horjunyny goltuklap, Myrat aganyň ýanyna geldi. Bu
Bekmyrat baýyň inisi Çarydy.
Ol:
— Talaban durýamyň, ýaşuly? — diýip, Myrat agadan sorady.
— Hawa.
— Tirýek daga çekýän dälsiň, ýüzüň ýaman horla?
— Ýok, tirýeg-ä çekemok.
— Haý, salyň-a gowşakdyr. Gijeler tirýekhana gidip, tirýegiň
tükenen günem towlanyp ýatma?
— Aý, bolýa-da, olar ýaly bolsa, tirýeki dälini taparsyň-da — diýip,
Myrat aga uludan bir demini aldy-da, ýürege sygymsyz derdini ýene
ýüregine salyp, pikir derýasyna gark boldy.
Onýança kebzeleri tüňňi, boýny bokurrak bir ýaşuly gelip:
— Ýeri. Çary, bu ýerde görünýäsiň-le, näme talaban dagy tutjakmy?
— diýdi.
— Hä, Bekmyrat kakam üçin bir daýhan tutjak bolýan. Şu ýaşulyny
tutaýjakdym welin, munam gaty horam görýän. «Tirýek çekýän
bolaýma?» diýsem «Çekemog-a» diýýä — diýip, Çary murtlaryny
towlaşdyryp, Myrat aganyň ýüzüne seretdi. Myrat aga, bu adamyň:
«Bekmyrat kakam» diýen sözüni eşidip: «Şol meniň duşmanym
Bekmyratdyrow» diýen pikir göwnüne gelip, ini jigläp gitdi. Hakykatdan
hem, ol adama daýhan duraýan bolsa, Myrat aga göni gyzynyň üstüne
barjakdy.
— Aý, tirýek çekmese-de, siz bu ýaşulyny tutmaň, size bir baldyrlary
252
digir ýaly, gije-gündiz ylgap ýörse-de, işden basylmaýan gaýratly ýaş
adam gerekdir. Siziň işiňiz gaty zordur. Bu adam, tirýeki bolmasa-da,
gaty sagat däl, ýa keselden galanmy!.. Muny ynha, biziň ýaly, işi az
adam tutsa bolar.
— Siziň şol aýdýanyňyz dogry, ussa aga, onda Siz tutaýyň. Men
başga birini taparyn — diýip, murtly pyýada aýrylyp gitdi.
Ussa aga Myrat aganyň öňünde ýagşy ornaşyp oturdy-da:
— Adyňyz näme? — diýdi.
— Myrat.
— Hä, oňat at ekeni. Iliňiz-günüňiz, maşgalaňyz-zadyňyz barmy?
— Bar.
— Obaňyz nireräkde?
— Obamyz-a aşagrakda.
— Haýsy obadan, obaňyzyň atlyrak adamsy kim bolmaly?
— Suhan-gaty diýýäler, Meret arçyn diýýäler.
— Hä, Meret arçynyň obasyndan diýseňiz-le. Köp ýagşy.
— Ýüzüňiz hor-la, näme, kesele daga ýatyp turduňyzmy?
— Myrat aga uludan demini aldy-da:
— Hawa, kesele ýatyp turdum — diýdi.
— Hä, bolýa, kesele ýatyp turan bolsaňyz daýanarsyňyz-da.
— Meniň işim kän däldir, maňa daýhan duraýyň. Bir üç tanap
gowrak ýerjagazym bar. Şonuň içinde aýlaň-çaýlaň edip, mal-garalara
sereder ýörersiňiz. Başga kän iş bolmaz. Bize Annageldi ussa diýerler.
Biz kän bir tanymal adam hem däldiris. Özüm kümüşçi ussa, ol
bazardan-ol bazara dagdan, çapraz-çaňňajyk ýaly zatlar ýasap, el
ýüzünden satan bolup ýörýän. Henize-bu güne çenli daýhan tutup ýören
adam hem däl. Bir öýli-işikli eden oglumyz bardy. Ol öňräk aradan
çykypdy. Ynha, indi bar iş öz başyma galdy, özümiň bolsa altmyş dört
ýaşym bar, agyr iş edip bilemok — diýip, Annageldi ussa hem ogluny
ýatlap, uludan bir demini aldy.
253
Myrat aga Annageldi ussanyň syryny aňyp:
— Aý, ussa aga, bu dünýäde ölmek oňatmy, ölmezlik — bilemok
welin, ýaş ölüm gaty agyr degýä-dä. Her zadam bolsa, kazaňa razy
bolmaly. Boýun towlajak ýeriň ýok — diýip, özüniň durmuşdan
närazyçylygyny bildirdi.
Annageldi ussa gaty ýiti adamdy. Ol Myrat agada bir syr bardygyny
aňlady. Annageldi ussa bilen Myrat aganyň bütinleý sözleri garyşyp,
alşyp gitdi. Annageldi ussa Myrat agany ýylyna birlaý daşky eşik, ikilaý
hem içki eşik bilen alty tümen pula tutdy.
Annageldi ussa getirenje şaýjagazyny satyp, aljak-goýjak zatlaryny
alypdy.
Ol saraýa baryp, Myrat agany hem ýabysynyň syrtyna mündürip,
irgözinden öýüne ugrady.
*
*
*
Annageldi ussanyň hatary dört-bäş öýden ybaratdy. Bu öýleriň iň
ýokarky çetkisi onuň öz öýi bolup, beýlekileri doganoglanynyň hem
daşkyrak garyndaşlarynyň öýleridi. Annageldi ussanyň öýüniň işiginde
suwalan bir eşekgeriş kepbesi bardy. Onuň özi hem şol kepbäniň içinden
çykman, elmydama ýa kümüş ýenjip, ýa körük basyp, ýa-da sim çekmek,
kümüş gyzyllamak ýaly işlere meşgul bolup oturýardy.
Tumarynyň düwmesi gaçan, egmesiniň halkasy ýirlen, saçujusynyň
şelpesi üzülen, ýene şulara meňzeş şaýlar bejerdýän, ýüzük, sytara,
dagdan, ýeňselik ýaly uşakly-irili şaý buýurýan obanyň gyz-gelinleri
ussanyň öýüne gaty kän gelip gidýärdiler. Annageldi ussanyň aýaly
ajyny-süýjini görüp berkeşen, iliň ýagşysyna-ýamanyna ýaraýan bir süýji
dilli, şähdaçyk aýaldy. Onuň iň kiçi gyzy Abadan mundan iki ýyl ozal
çykarylan bolsa-da, heniz gaýtarylmandy. Onuň köpçülige ýaramlylygy
ejesinden hem beterdi. Abadan mydama gyz-gelinleri daşyna üýşürip,
her kimiň özüne ýaraýan söz tapyp, gyzyl-gyran gülüşdirer oturardy.
254
Onuň ýanyna köp gelin-gyzlar işlerini alyp gelerdiler. Şaý bejertmäge
hem buýurmaga gelen gelin-gyzlar-da onuň ýanynda oturyp-oturyp
giderdiler. Abadanyň ejesi bolsa: «Biz indi garrapdyrys, gyzlar-gelinler,
biz indi size goşulyşyp bilmeris. Siziň gülüşjek wagtyňyzdyr, gülşüň.
Ynha, men size çaý gaýnadyp bererin» diýip, Abadanyň ýanyna gelen
ýaşynýan gelinleri, utanjaňrak uly gyzlary çekindirmejek bolup,
gelenlere çaý gaýnadyp bererdi hem özüniň başga işlerine meşgul bolup,
içeri girip-daşary çykyp, güýmener ýörerdi.
...Myrat aganyň bulara daýhan duraly bäri, birnäçe aý geçdi. Ol
Annageldi ussalaryň aýal-erkekleriniň hüý-häsiýetine belet bolup, olar
bilen gaty öwrenişdi. Olaryň adamçylyklaryny gaty halady. Annageldi
ussalar hem Myrat agany «Polady ýumşak, oňat adam ekeni» diýip, gaty
gowy görmäge başladylar. Myrat aga özüniň maşgala durmuşyny gürrüň
edip berende, Annageldi ussa:
— Sen meniň ýanyma göçüp geläý. Seniň ýurt ýeriňi gysganmarys
— diýdi. — Ýöne Suhan gatynyňky ýaly elmydamalyk gyşyn-ýazyn
özümizde iş tapylar diýip aýdyp biljek däl. Özümizde iş tapylmasa-da,
bu ýerleri daýhançylygyň zor ýeri bolansoň, günlükçilik etseňem,
potratçylyk etseňem, iş-ä tapylman durmaz.
Ýöne bir zat bar. Men-ä garrapdyryn. Indi özüm daýhançylyk edip
biljek däl. Eger göçüp geläýseň, saňa ýerimi ekerine bererdim. Sen
göçüp geläý — diýip maslahat berdi.
Myrat aga Annageldi ussanyň maslahatyny näçe gowy görse-de,
göçüp gelmek meselesini bir hiliräk görýärdi. Ol özüniň durmuşy
hakynda köp pikir edýärdi. Bir gün günortan işden çykanda: «Şu gün
öýüme baryp gelmäge Annageldi ussadan soraýyn» diýip gaýtdy. Gelip,
Annageldi ussanyň dükan kepbesiniň kölegesinde ýazylgy düşegiň
üstünde donuny ýassyk edinip, tirsegine söýendi. Köp wagt geçmänkä,
Annageldi ussanyň aýaly Amangözel eje bir çäýnek çaýy getirip, onuň
öňünde goýdy-da:
255
— Nany soňra gatyk bilen iýersiň-dä? — diýdi.
— Bolýa, soňra iýäýeris. Annageldi ussa ýokmy? Dükan ýaman
dynçlyk ýaly-la.
— Ýok, hiç ýana giden däldir-ä, dükandadyr.
— Dükanda ses-üýn-ä ýok.
— Wiý, nirä gitdikä ol? Abadan! Aý, Abadan! Kakaň nirä gitdi,
keýgim?
Abadan dagy bir topar gyz-gelin bolup, öýüň kölegesinde işlerini
edişip otyrdylar.
Ol:
— Men-ä bilmedim, kepbede ýokmy? — diýdi.
Onýança ýanynda oturan agzy ýaşmakly bir gelin ýaşmagyň
aşagyndan:
— Ýaňy ol Aga dagy bilen tirkeşip, hataryň işigi bilen gitdi — diýip,
hyşyr-wyşyr etdi.
Onýança oturanlaryň biri:
— Durdymuhammediň ogly bolupdyr, şony gutlamaga gidendirler
— diýdi.
Abadan bu gürrüňi eşidip, işinden başyny galdyrman:
— Eje, eşidýämiň? «Durdymuhammet aganyň ogly bolupdyr, şony
gutlamaga gidendir» diýýäler — diýdi-de — aý gyzlar, siz ol... — diýip,
bir söz aýtjak boldy welin, gapdalynda oturan bir ýaş gelin Abadanyň
böwrüne dürtüp, onuň sözüni kesdirdi.
Ýaňky gelin degişmekden:
— Hernä: «Aý, gyzlar» diýip, gyzlara gürrüň berip otyrsyň,
gelinlere-de gürrüň ber ahyrym — diýdi.
— Waý, gyz, men hernä: «gyzlar», diýýänmi? Waý, ana, ýene
«gyzlar» diýdim. Bar onda, «gyzlar-gelinler» diýip gürrüň beribiýrin —
diýip, Abadan jykyr-jykyr güldi.
Ikinji bir ýaş gelin:
256
— Ýok, «gyzlar-gelinler» diýme-de, «gelinler, gyzlar» diýip, ilki
gelinleriň adyny tut — diýdi.
Bu wagt üçünji bir ýaş gelin işinden başyny galdyryp, ýüwseli
barmagy bilen ýaşmagyny tutup, aşagrak çekdi-de, usullyk bilen:
— «Gyzlar» diýme-de, «gelinler» diýiber. Gyzlaryň bolsa, gülüňki
ýaly, bir pasyl ömürleri bar, soň olar hem gelin boljaklar. Onsoň
«gelinler» diýip beren gürrüňiňe olar hem şärik boljaklar — diýip,
gyzlara degip, assyrynlyk bilen olaryň ýüzüne seretdi. Gyzlaryň
köpüsiniň utanjyndan ýüzi gyzardy.
Onýança Abadan gyzlaryň tarapyny tutdy:
— Ýok, gelnejeler, siziň indi başyňyzdan ertiriň çygy göteriljegi
göterilipdir, gül ýapragyňyz solup, güldüýbä dönensiňiz. Gyzlar bolsa
ynha «çuňňul guýa daş atsaň, batar gider, eje jan, ýat illere gyz satsaň,
ýiter gider, eje jan!» diýenleri boljak bolup durlar. Siziň ýaňy dälmidi:
Ertir gördüm gargany,
Agam sürer ýorgany,
Gelnejemiň sargany
Almamydy, narmydy?—
diýşip, saçyňyzy selkildedişip, depeleriň üstünde läle kakyşyp,
hyhymbyl çalşyp ýöreniňiz? Indi ynha, otyrsyňyz her haýsyňyz bir ilden,
gör nirelere düşüpsiňiz, başyňyz bürenjekli, agzyňyz ýaşmakly, arkaýyn
gepleşip bileňzok. Sähelçe sesiňiz gatyrak çyksa, gaýyn eneňiz al
petiňizden alyp, ýüz esse üstüne goýup, äriňize içirýä.
Goý, gyzlar bir pasyl ömürlerin görsünler-dä.
Abadanyň bu sözleri gelin-gyzlaryň baryna täsir etdi. Gelinleriň
arasynda bir üstüne alnan pahyr bardy. Ol:
— Wah, hawa-la, doganlar, adam mydama gyz bolup gezse
bolmaýamy! — diýip, bir hili hapa boljak boldy. Umuman oturanlaryň
257
ýüzünde bir hili agyrlyk duýuldy. Abadan öz sözi bilen oturanlara
agyrlyk salandygyny bilip, olary derrew gülüşdirip, şähtlerini açmak
üçin:

Gelneje,
sen:
«Wah,
adam
mydama
gyzlygyna
gezse
bolmaýamy!» diýip, ah çekýäsiň. Näme äriňden basylýamyň? — diýdi.
Abadanyň bu sözlerine gelinler içlerine salşyp, pyňk-da, pyňk gülüşdiler.
Gyzlar utanyşan bolup, gülüşmän oturdylar.
Hälki ýüwseli barmagy bilen ýaşmagyny agzyndan aýryp geplän
gelin ýene işinden gözüni aýryp, başyny galdyrman, gaňrylybrak
Abadana seretdi-de, ýaşmagyny ýokarrak göterip:
— Sen Annajemaldan: «Äriňden basylýamyň?» diýip, bilmezlige
salyp soran bolýasyň. Özüň äre näbeletlik eder ýaly bolan dälsiň-le, bir
aý ýaşanyndan soňra — diýip, oturanlara gaşyny kakyp goýberdi.
Abadan:
— Wah, ondan bäri iki ýyl bolup barýa, ýadymdan çykypdyr —
diýdi.
— Yzyňdan gelenokmy, gyz?
— Ýok... asyl gelenok-da, gyz. Geläýse bolmaýamy?
— Goýsana, gurbanlyk gijesi ýabyň aňyrsyndan kesekläp duran
seňki dälmidi?
Oturanlaryň hemmesi gyzyl-gyran gülüşdiler. Birden hem suw
sepilen ýaly boldy. Assyrynlykdan: «Waý, ol aga oturan ekeni, bar
lakgyldaşanlarymyzy eşidendir» diýen söz oturanlaryň arasyna ýaýrady.
Assyrynlyk bilen Myrat aga seredişdiler.
Myrat aga bularyň gürrüňlerini kän diňlemeýärdi. Şeýle bolsa-da,
olaryň çalajadan edýän gürrüňleri ýeklän-tüklän onuň gulagyna gaýyp
gelip durdy.
Myrat aga çaýyny içip gutardy. Amangözel eje gatyk bilen nan
getirip öňüne goýdy.
Gelin-gyzlaryň gürrüňleri üýtgäp, başga mazmuna geçdi. Abadan:
258
— Ýaňy bir zat aýtjakdym welin, aýtmankam kesdirdiňiz. Men şony
aýdaýyn-la...
Ol
Amanmyradyň
heleý
üstüne
süýrän
gyzyny
gördüňizmi? Men öň, süýrelen günlerem görüpdim welin, onda pahyryň
mydama gözleriniň içi ot guýma, gabaklary ýumruk ýaly börtüşip durdy.
Men onuň bolşumyka diýerdim welin, bolşy däl ekeni.
Häzir görseň, bir gelin bolupdyr welin, oturyşy-turşy bir gyza degjek,
gaty owadan, boýunda-syratynda hiç bir kemi ýok, ýöne günüsi, gaýyn
enesi gaty azar berýämiş — diýýäler.
Oturanlaryň biri:
— A gyz, ony nireden süýredilerkä? — diýdi.
— Nireden süýrelendigin-ä bilemok welin, öz-ä bir garybyň
gyzymyş, atasy bolsa çöllerde çopançylyk edip ýörmüş, gyzynyň
süýrelenini dagysynam henize çenlem eşidýän däldir — diýýäler.
— Aý, ýogsamam şolar ýaly bir ejiziň maşgalasy bolmasa, hiý, heleý
üstüne gyz süýrär ýaly hetdi barmy?
— A gyz, ony süýredenem şol gyzyň atasynyň hojaýynymyş
diýýäler.
Myrat aga gatyk bilen nan iýip oturan ýerinden gelin-gyzlaryň bu
gürrüňlerini eşidip, bütinleý işdäden kesildi. Olaryň bu eden gürrüňleri
onuň agyr derdini gozgap, dadysyz durmuşyny bir-bir ýadyna salmak
bilen, özüniň ene-atadan aýra düşen ýekeje gyzynyň Bekmyrat baýlarda
gara başyny gam ýassygyna goýandygyny ýadyna saldyrdy. Ol:—Ah!
Zalym aýralyk! — diýip, zöwwe ýerinden turup, maňlaýyny tutup
birsalym durdy-da, dolanyp aşak oturman, dogry gidiberdi. Ol ugranda,
belli bir ýere barmak maksady-da ýokdy, ýöne ýolda gidip barşyna:
«Annageldi ussanyň ekininiň başynda bir agajyň düýbüne baryp eňlerin»
diýen pikir başyna giren bolsa-da, ol pikiri hem şol halatda ýadyndan
çykyp, başynyň salgynyna pikirlenen ýeriniň duşundan geçip gitdi. Şol
gidip barşyna birden, basyrganyp turan ýaly, ör-gökden gelip pikirlense,
Annageldi ussanyň ýeriniň aşak ýanyndaky uzyn hatar obanyň
259
gapdalyndan akyp geçýän ýaba ýakynlaşan ekeni.
Ol bu ýerde biraz salym pikirlenip durdy-da: «Öýle-de bolupdyr,
ýabyň başyna baryp, täret gylyp, namaz okaýyn — diýip, ýaňky obanyň
ýanyndaky suw güzeriň başyna baryp, täret gylyp, namazyny okady.
Soňra — Gel-eý-ý, bir gözümiň awusyny alyp turaýyn-la — diýip, şol
düýbünde namaz okan tal agajynyň saýasynda gyşardy. Emma Myrat
aganyň başynda mekan tutan gaýgy-hasratlar uklamaga ýol bermedi. Ol
ýatan ýerinden turup, birsalym başyny aşak salyp oturdy. Hasratly
günleriň gark eden gam derýasyndan çykyp bilmän, başyny kem-kemden
usullyk bilen ýokary galdyryp, uludan bir demini aldy. Gapdalynda
guma
bulaşyp
ýatan
telpegini
ýerden
galdyryp,
onuň
tutaşan
buýralarynyň arasyndaky sütüklerini bimaksat ütüşdirmäge başlady. Ony
gark eden gam derýasynyň çeşmesi ýatyp keçä öwrülen telpeginiň
pylança ýyllardan bäri bir gezek täzelenmeýänligi däldi, belki, özüniň
ýekeje gyzynyň ýaş başynda ene-atanyň mährinden mahrum bolup, gör

günlerde,
gör
haýsy
ýyrtyjy
wagşylar
golunda
rehimsiz
dalanýanlygyndady. Ynha, Myrat aga şeýle agyr pikir astyna düşen
wagtynda, bedräniň gulpunyň jygyldap gelen sesi onuň pikiriniň
gapdalyna pitiklän ýaly edip, başyny ýokary galdyrdy. Ol başyny ýokary
göterip, egninden garanda, aýagy könelişenräk gara köwüşli, egni
göwderi köýnekli, başy göwşülräk daraky şahyly, uzyn boýly, inçesagt,
bugdaý reňk, at ýüzli bir görmegeý gelniň çekinjiräp, ýanyndaky güzere
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 16
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.