Latin

Ykbal I - 13

Total number of words is 3792
Total number of unique words is 1808
34.6 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyýmaga gelen molladan.
— Molla Oraz, siz bu ýere näme işe geldiňiz? — diýip sorady.
— Bizi «Nika gyýyp berseňiz» diýip çagyrdylar.
— Nikany gyýan bolsaňyz düşermidi?
Molla Oraz jogap bermedi.
— Näme jogap bermeýäsiňiz, molla Oraz, men Sizden soraýan. Ýa
kişiň heleýine her bir gezip ýören bilen nika gyýjak ýörjekmi? Hä, näme
diýýäsiňiz, molla Oraz? — diýip, işan mollany gyssady.
— Biz ýalňyşypdyrys, işan aga, günämizi geçirmegiňizi soraýas —
diýip, molla Oraz tagzym bilen gol gowşuryp, aýak üstünde durdy.
— Günäňizi biz geçirsek, hudaý geçirmikä? — diýip, işan mollany
ýene gyssady.
— Aý, biz ýalňyşypdyrys, işan aga — diýip, molla Oraz yzyna
garaman çykyp gitdi.
Nika gyýdyryljak bolup getirilen mollany işanyň kowmagyna
Nurmämmediň ýaman gahary geldi.
Işan ardynjyrap:
— Nurmämmet, Siz «Hataryň ýaşulusy diýsek hem bolýa» diýdiňiz.
Siz ýaşuly bolýan bolsaňyz, bular ýaly ýoldan çykan, dini bozan,
ýaramaz adamlary öýüňizde saklamaň-da, derrew ýola salyň — diýdi.
— Bolýa, işan aga, Siz «Ýola sal» diýseňiz, şol adamlary derrew
ýola salaýyn, eger-de şol adamlaryň gany dökülen ýerinde, şonuň
210
webalyny şu oturan adamlaryň öňünde öz boýnuňyza alsaňyz.
Ahun:
— Ilde ölşüp ýören adamlaryň işan aga haýsy biriniň webalyny
boýnuna alsyn?! Siz biderek gürrüň edýäsiňiz — diýdi.
— Men biderek gürrüň edýän däldirin, ahun aga. Boýna alynmajak
işiň başynda görünmek dogry däldir. Bu gaçyp gelen oglan — meniň
dogan ýegenim. Asyl tanamaýan adamym-da meni penalap, gaçyp gelse,
men ony tutup, jelladyň eline berip bilmerin. Sizem, işan aga, ahun aga
bilen bir adamy tutup, jelladyň eline tabşyrjak bolup dyzap oturmaň. Il
içinde adyňyz-abraýyňyz üçin oňat bolmaz.
Işan söz tapman:
— Jellat barmy bu ýerde? — diýdi.
— Jellat bar bu ýerde. Jelladyň hanjarynyň ujundan täzeje adam
gany bugaryp damyp durany, meniň keramatym ýogam bolsa, görnüp
dur. Siz-ä näme, işan aga, ahun aga ikiňiz keramatly adamlar, size aýan
görnüp durmaly ahyrym — diýip, Nurmämmet kinaýalady.
Ahun:
— Olar ýaly kinaýaly söz gerek däl bu ýerde, Nurmämmet — diýdi.
— Ahun aga, kiniýaly sözüň men-ä nämediginem bilemok. Häzir-ä
men gaty dogry söz sözleýän. Kinaýaly sözüň nämedigini bilýän bolsam,
onam sözlesem sözlär otyrdym-da.
Ahun:
— Ynha, adamlar, üýşüp otyrsyňyz, hiý, öňde-soňda bir adamyň
nikaly aýalyny äri talak etmese, «Ikinji bir adam alyp, nika gyýdyryp,
heleý edinipdir» diýip eşidipmidiňiz? Hiý, nikaň üstüne nika gyýlypdyr
diýip eşideniňiz barmy? — diýip, oturan adamlara ýüzlendi.
Oturan adamlardan ne ýagşydan, ne ýamandan bir adam bir söz
aýtdy.
— Meniň, adamlar, işan-ahun bilen dawalaşmaga çakym ýok. Ylyma beýlede dursun, sowadymam ýok, edil özüňiz ýaly, garamaýak adam.
211
Ol sebäpden din nirede bozulýa, nirede düzülýä, men bular bilen dawa
edib-ä biljek däl. Bular bilen dawalaşdyrmaga molla-ahun tutmaga bolsa
meniň jübim Bekmyrat baýyňky ýaly doly däl. Ol sebäpden men dini
bilmesem-de, özüm sözlemeli bolýan. Menem ynsan arasynda ýaşaýan,
ýagşy-ýamana düşünýän. Men ýagşa «ýagşy» diýýän, ýamana «ýaman».
Ana, meniň şerigata düşünişim şol.
Ene-ata öz maşgalasyny arlyk üstünden ýuwup-ardyp, iýdiripgeýdirip, kemala getirýä, ene-ata ol maşgalanyň boýuna-syratyna
guwanyp oturýa. Bekmyrat baýyň näme haky barmyş al-asmandan jan
almanyň kastyna şaglap inen laçyn ýaly, iliň maşgalasynyň näzik
bedeninden özüniň hapa penjesini urmaga?! Bekmyrat baýyň näme haky
barmyş ol goragsyz garyp gyzy zor bilen atyň öňüne basyp, enäni onda
gygyrdyp, balany munda bagyrdyp alyp gitmäge?!
Beýle zulumlara rugsat berýän şerigaty men tanamaýan, beýle
şerigatyň wekillerinem tanamaýan! Ýöne biziň şerigatymyzda beýle zat
ýokdur. Kim rugsat beripdir Bekmyrat baýlara surat ýaly näzik çagany
päk bedeninden özleriniň mynasyp bolmadyk elleri bilen tutup, zor bilen
nika gyýmaga?!
Ynha, şu biçäre ejiz gyzyň gözýaşyna, ahy-zaryna azajyk-da rehimi
inmän, zordan nika gyýan doňýürek mollalara hem ýagşyny-ýamany,
hudaýy ýatlamak gerek.
Belki, siz ol mollalardan dälsiňiz. Belki, siz ýagşy ynsanlardansyňyz.
Sizde ynsanlyk duýgusy bardyr. Şol gyz bilen şol ýigit — ikisi birbirlerini söýüpdir. Özleri hem ýurtda ýer tapman, Mary ýaly ýerden
laçyndan gaçan kepderi kimin, bütin Garagum çöllerini söküp,
boýunlaryny süýndürip atan ýerleri hem şu ýeri.
Geliň, indi siz, işan aga, ahun aga bilen rehim ediň, ýörüň, şol gyzyň
ýanyna baralyň, şol gyzyň hiç kime nika razyçylygyny bermändigini öz
gulagyňyz bilen eşidiň. Geliň, şolara şu ýerde nika gyýalyň. Adamlar, siz
näme diýýäsiňiz? — diýip, Nurmämmet oturanlara ýüzlendi.
212
Adamlar:
— Dogrudanam, eger gyzyň özi başga kişä nika razyçylygyny
bermedik bolsa, nika gyýmak gerek.
— Dogry, nika gyýylsyn, nika gyýmak gerek — diýşip, ýerli-ýerden
dillendiler.
Işan:
— Nurmämmet, Siz nähak sözler bilen ýoldan çykyp, şerigaty
bozjak bolmaň. Nika gyýlanda, şol ýerde oturan jemagatyň güwä
geçmegi bilen gyýylýandyr. Gyzyň nika wekilçiligini berenini jemagat
eşidýändir, gyýylýandyr. Ondan soňra gyz: «Men nika razyçylyk
bermedim» diýeni bilen nika çözülmez. Nikany ýalňyz äriň talak haty
çözýändir, başga hili ýol ýokdur — diýende, Nurmämmet dolup:
— Duruň, işan aga, sözüňiz agzyňyzda, «Jemagat gyzyň nika
wekilçiligini berenini eşidýändir» diýdiňiz. Gyzyň razyçylygy gerek
dälmi? — diýdi.
— Gerek. Nika gyýlan bolsa, gyz razyçylyk beripdir. Soňky sözler
hiç.
Işanyň bu sözüne Nurmämmediň gaty gahary geldi:
— Işan aga, siz ahun aga bilen başyňyz selleli, egniňiz ala ýektaýly,
diniň wekili bolup, nähak sözleri sözleýäsiňiz. Jemagatyň öňünde meniň
agzyma almajak sözlerimi aýtmaga mejbur edýäsiňiz. Babalarymyzyň
«Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer» diýen sözi bar. Onuň
manysyna düşmeýän bolsaňyz, ynha, men düşündireýin.
Häzirki oturan ýeriňizde siziň biriňizi ýigit hökmünde, biriňizi hem
gyz hökmünde men size nika gyýýan. Özüňize-de: «Nika wekilçiligini
pylankese berdik» diýdirip, ýetmiş iki gezek gaýtaladaryn. Oturan jemagat hem eşider, ertir güwä hem geçer. Şeýle nika kabul bolarmy
eýsem? — diýip soranda, ne işandan, ne-de ahundan ne ses çykdy, ne-de
— seza. Nurmämmet ýene-de işan bilen ahuna ýüzlendi. — He, işan aga,
ahun aga, siz jemagatyň öňünde her bir sözi kelamullanyň ady bilen
213
sözleýäsiňiz. «Şerigatda şerim ýok» diýýä. Siz orta düşen her hili soragda bolsa jogap bermeli. Jemagat sizden jogaba garaşýa. Şu oturan
adamlaryň hemmesem meniň özüm ýaly garamaýak halk, kitap açylan
ýerinde elipden şermende. Bu soragy menem kitap açyp, kagyz agdaryp
beremok. Ýagdaý nähili soragy agzyma salsa, menem şol soragy size
berýän — diýip jogaba garaşdy.
Jemagatdan:
— Hawa, her bir soraga jogap berilsin.
— Şerigatda şerim ýokdur.
— Bu ýerde berilýän soraglar mesawy soraglar däl. Bu ýerde bir
adamyň takdyry çözülýä — diýen sesler çykmaga başlady.
Işan Bekmyradyň ýüzüne bir seretdi-de, soraga jogap bermän, ýüzüni
aşak saldy. Ahun ýüzüni galdyrman, çalaja:
— Beýle nika bolmaz — diýip, aşaklykdan işanyň ýüzüne seretdi.
Bekmyrat baýyň ýüzüne seredip bilmän, başyny aşak saldy.
— Onda nika iki tarapynyň razyçylygy bilen gyýylmaly-da. Şeýle
dälmi, işan aga, ahun aga? — diýip, Nurmämmet ýene-de sakaklap
başlady.
Işandan-ahundan jogap bolmady.
Jemagat tarapyndan:
— Iş adalat ýüzi bilen çözüljek bolsa, şu ýerde berilýän soragyň
baryna doly jogap bermeli — diýlen talap güýçlenensoň, işan bilen ahun
jogap bermän oturyp bilmedi. Olar bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
Ahyry işan:
— Hawa, nika iki tarapynyň razyçylygy bilen gyýylmalydyr —
diýdi.
Bu soraga şunça jemagatyň öňünde başga hili jogap bermek mümkin
hem däldi.
Nurmämmet özüni ykjamlap:
— He, ana, işan aga dogry söz aýtdy. Ahun aga, sizem işan aganyň
214
sözüni makullaýansyňyz?
— Hawa, makullaýas.
— Ana, menem makullaýan. Jemagatam makullaýandyr. Jemagat,
siz näme diýýäsiňiz? — diýip, Nurmämmet oturanlara ýüzlendi:
— Makul!
— Makul! — diýlen sesler eşidildi.
— Ynha, indi iş aňsat boldy. Geliň onda, işan aga, ahun aga, şu ýerde
gyz-ýigidiň — iki tarapyň razyçylygy bilen nika gyýalyň. Yşk-söýgi,
razyçylyk şundan aňryk geçmez. Mary ýaly ýerden Garagum çöllügini
sökdürip getirenem şulardaky söýgi bilen razyçylykdygyna kimde azajyk
ynsançylyk duýgusy bar bolsa, şübhesiz ynanaýmagy gerekdir. Işan aga
bilen ahun aga bolsa gije-gündiz «Hak» diýip, dünýäni terk edip, haka
sygnyp oturan adamlar. Ol sebäpden şu günki gyýjak nikamyzyň
hakdygyna olarda-da şübhe döräp bilmez. Şu oturan jemagatyň hem
islegi şol.
Hawa, işan aga, ahun aga, başlaýasmy nika gyýmaga? — diýip,
Nurmämmet işanlara ýüzlenende, jemagat:
— Hawa, başlalyň.
— Başlaň, haýal etmäň! — diýip, ýerli-ýerden seslendi.
Emma işanlardan ses-seza çykmady.
Jemagat:
— Hawa, işan aga, başlamak gerek.

Hany
pyýada
kazysy
kimler
bolmaly?

diýip
ýygjamladyberensoň, işan:
— Ýok, biz bulara nika gyýyp bilmeris — diýip, sözüni soňlan
badyna, ahun:
— Hetdimiz ýokdur — diýip, ýüzüni aşak saldy.
Nurmämmet gaty gaharlanyp:
— Siziň biriňiz: «Nika gaýyp bilmeris» diýýäsiňiz, biriňiz bolsa:
«Hetdimiz ýokdur» diýýäsiňiz. Bu neneňsi söz boldy? — diýdi. —
215
Belki, zor edilip, nika gyýlanyna ynanýan dälsiňiz? Ynanmaýan
bolsaňyz, ýörüň, şol gyzyň ýanyna baralyň. Nika razyçylygyny almak
üçin onuň bedenine salnan tagmalary görüň. Ýok, özüňiz baryp görmäni
biedepçilik bilýän bolsaňyz, men aýallary çagyraýyn, şolardan gyzyň
bedenindäki tagmalary gözleri bilen gören näçe şaýat gerek bolsa, men
tapyp bereýin. Ol tagmalaryň her biri hiç kimden ýüz görmän, hakykatyň
diri şaýady bolup durýalar. Ýagşy, indi Bekmyrat baý dagy ýaly adam
ganyndan doýmaýan jellatlaryň sözüne ynanjakmy ýa-da gana batan
rehimsiz gollaryň şol näzik bedene mydamalyk salan tagmalaryna
ynanjakmy? Men özüm, elbetde, şol ýüz görmän, hakykaty sözläp duran
tagmalara ynanýan. Meni bu ynanjymdan hiç kim hiç bir wagtda
dönderip-de bilmez. Meni işan-da, ahun-da, Bekmyrat baý-da, hem onuň
ölçegsiz puly-da hiç wagtda hiç bir tarapa burup-da bilmez, üýtgedip-de.
Men hakykaty söýen hakykatparaz men. Hakykat ugrunda haýsy bir
sagadyň haýsy bir minutynda bolsa-da, atyşmaga-da, çapyşmaga-da men
taýyn. Tä tende damja ganym galman dökülýänçä, şu iş üstünde dik
durjagyma-da, şu mahal ynanmaýan-da bolsaňyz, iş işe çakyşanda
ynanarsyňyz.
Ynha, Bekmyrat baý, biý-ä siziň jogabyňyz.
Işan aga, «Dogry sözliň dosty ýok». Bolmasa-da, men sözüň
dogrusyny aýtjak. Siz Bekmyrat baýyň islegi boýunça müň adamyň
aşyna awy gatyp, takdyryny terse ýazmany eşegiň gerşine syh basançada görmeýäsiňiz. Ana, sözüň dogrusy.
Bolýa onda, myhmanlar, siz oturyň, «Dogry gelen keýigiň iki
gözünden başga aýyby ýok» diýýä. Biz nika gyýmak işine girişjek.
Başy ak selleli, egni ala ýektaýly, aýagy mesili, gonjy mesgaply
işanlar, ahunlar, mollalar nika gyýmasalar gyýmasynlar. Şu oturan
jemagatyň içinde başy telpekli, aýagy çarykly, egni donly nika gyýyp
bilýän adamlaram ýok däl.
Biz nikany işan-molla, ahuna gyýdyrman, nikany adama gyýdyrarys
216
— diýip dolup oturdy.
Bekmyrat baý:
— Siziň ýegeniňiz ogry, bilip goýuň. Pylança ýüz tümenlik atlary
alyp gaýtdy. Ol atlary kimden sorap münüp gaýdypdyr? — diýdi.
Atlar hakynda gürrüň başlanmagy bilen, Nurmämmet biraz demden
düşüp:
— Atlar hakynda söz ýok. Olar hiç ýaňa gitmändir. Hal, ýatakda
daňylgy durlar. Atlar siziňki. Alyp gidiň. Münüp gaýdanlary üçin, ýol
kireý aljak bolsaňyz, onam aýdyň. Atlar horlanypdyr, gorlupdyr, biz at
aljak däl, bize bahasy gerek — diýseňiz bolsa, bahasyny aýdyň. Şu
oturan ýeriňizden turmakaňyz, il-gün bolup, bahasyny tapyp bereris —
diýdi.
— Atlaryň bahasy tapylar, gep onda däl.
— Gep gyza nika gyýmakda — diýlen sesler eşidildi.
Nurmämmediň ýene birneme gahary ýatyşyp:
— Bekmyrat baý, bizi bir juda bimamla adamlardyram öýdäýmäň.
Bizem bir kowahada ýakynlaşan zat bolsa ylalaşarys. Ýok, «Şol atlary
men iň soňky daňan gazygymdan çözüp aljak» diýseňiz, oňa-da biz razy.
Onda bu gije myhman bolarsyňyz, göwün tutan wagtyňyz gaýdarsyňyz.
Atlaryňyz şol gelen ýoly bilen baryp, Mary ülkesinde iň soňky çözülen
gazygyna daňlar — diýip, Nurmämmet sözüni soňlamanka, ahun
ardynjyrap, onuň sözüni böltedi:
— Näme... ol... bu aýdýan sözleriňiz mamla sözler.
— Pikirlenseňiz, meniň bimamla sözüm ýokdur.
— Ýok, beý diýmäň. Atlar hakynda aýdýan sözleriňiz mamla bolsada, ýigitdir gyz hakynda aýdýan sözleriňiz bimamla. Bimamlalygyňyz
şu: Bekmyrat baý: «Siziň ýegeniňiz ogry» diýende, «Ýok, meniň
ýegenim ogry däldir» diýip, bir agyz söz aýdyp bilmediňiz. Siz ýaman
görmäň, meniň haka «hak», nähaka «nähak» diýmek borjumdyr. Siziň
ýegeniňiz tüýs ogry, ýurt ýykan. Şeýle ilden çykanlary goramaklyk
217
şerigatda-da, kowahatda-da iň gabahat işdir.
Nurmämmet ýene gahara gaplandy:
— Size men öňem aýtdym — men şerigatdan şermende — diýip,
siziň bilen men kowahat ýüzi bilen sözleşýän. Men siziň şerigaty öňe
sürüp, nähaky — haka, haky nähaka öwürjek bolup, dyzap oturyşyňyza
haýran!
— Kowahada düşünýäsiňizmi? — diýip, işan Nurmämmediň sözüni
böldi.
— Men kowahada gatam düşünýän.
— Düşýän bolsaňyz, nämedir ol?
— Meniň wyždanym nämäni kabul etse, şol kowahatdyr.
— Siziň wyždanyňyzyň kabul edenini uly iliňki edermi?
— Meniň wyždanymyň kabul edenini uly iliňki eder. Ynha, jemagat
otyr. Aýtsyn, şu çaka çenli aýdan sözlerimiň galady bar bolsa.
Oturanlar:
— Dogrudyr — diýip, başlaryny atdylar.
— Ýene-de siz: «Ýegeniň ogry» diýip, meni haýykdyrjak
bolýasyňyz. Men: «Ýegenim ogry däl» diýip, ýedi gezek aýdaryn. At
ogrusy ogry-da, gyz ogrusy ogry dälmi?! At-ýaragly dökülip, biriniň
dulunda oturan gyzyny zor bilen alyp gaýdanlara jeza ýok-da, iki sany
ýaş söýginiň iki taraplaýyn razylaşygyna jeza barmy?.. Hany bu ýerde
hakykat?!. Her bir gözlän ýeriňden hakykat tapylýan bolsa, meniň
ýegenim daýym diýip, Marydan gaçyp, Ahala gelmezdi. Meniň
ýegenimiň demir gala ýaly daýanyşyp duran, murtlary syh-syh agalary
bar bolsa, Marynyň özünde hakykaty tapardy Ynha, meniň kowahada
düşünişim — diýip, Nurmämmet gahar bilen ýüzüni aşak saldy.
Bu ýerde özüniň işini işan-molla bilen düzetmejegine Bekmyrat
baýyň gözi ýetdi. Ol:
— Işan aga, turalyň — diýip, ýerinden turdy-da, gahar bilen
Nurmämmet daga ýüzlendi:
218
— Bolýa onda, siz öz hezzetiňizi bilýän adamlar däl ekeniňiz.
Ýagşy-ýamana düşünýän bolsaňyz, işan aga bilen ahun aganyň
sarpasyny saklap, şolaryň aýdanyna gulak asardyňyz. Bular ýaly adamlar
ara düşüp, töwella edende, il-gün ganynam geçýändir. Indi maslahaty,
töwellany almadyk bolsaňyz, özüňiz myhmanlaryňyzy prisdewiň işigine
alyp bararsyňyz. Ýörüň, adamlar, ugralyň — diýip, bile gelen
ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Ahun bilen işan hem onuň bile gelen
beýleki ýoldaşlary turşup çykyşyp gitdiler.
Ertesi giç öýläne çenli oňat, hemme zat düzgün boýunça ýerbe-ýer,
imisalalyk bilen geçdi. Gün ilerik agan wagtlary, bir adam çapyp gelip,
bir ýaramaz habar getirdi. Bu adam:
— Bekmyrat baý dagy pristewiňkiden birnäçe jigit hem polisiýalar
bilen ugrajak bolup durlar. Gelip, Berdini tussag etjeklermiş, gelni bolsa
alyp gitjeklermiş. Men şu işiň anygyna pugta ýetdim — diýip,
howlukmaç habar berdi.
Ogulnur bu habary eşidip, oda-köze düşdi.
— Wah, hany kakasy? Şular ýaly wagt olam öýde tapylmaz. Hany
nirä gitdi ahyry?! — diýip, Nurmämmedi gözlemäge başlady. — Baryň,
tapyň kimiň öýünde bolsa, alyp geliň! — diýip, derrew oglanlary
ýüwürtdi. Ýetginjeklere bolsa: — Siz biriňizem şu ýerden gozganaýmaň
— diýip, olary hiç ýere goýbermedi. Ol Bekmyrat baý dagy häzir gelip
gidibiýrlermikä öýdüp, gaty gyssandy. Onuň üstesine garry baba hem
näçe diýseň howsala saldy. Ol bütin durky-durmuşy bilen sandyrap:
— Hany Berdi? Gaçyryň ony... Wah.., arman, gola düşdi-dä!..
Oglanlar, aty eýerläň, men Berdini alyp gitjek — diýip, garabaşyna gaý
bolup, Berdini tapdy.
Ogulnur hem äri bolmansoň, garry babanyň howsalasynyň täsirine
düşdi. Ol bir sözünde: — Hany kakasy tapyldymy? — diýip, soraýan
bolsa, bir sözünde garry baba bilen goşulyşyp, Berdä:
— Sen gaç, janym, gola düşme — diýdi.
219
Bulardan başga-da Berdä: «Gaç» diýen garry-gartaň aýallar hem az
bolmady. Berdi ilkibada köp wagtlap sesini çykarman oturdy. Soňra ol:
— Siz maňa ýerli-ýerden: «Gaç» diýýäsiňiz — diýdi. — Men
neneňsi gaçaýyn? Ol gyzy Mary ýaly ýerden getirip, indi ony munda
taşlap, özüm hem gaçyp gitsem, meniň içimde tä ölýänçäm, kitüw
galmazmy?.. Ondan ynha Bekmyrat baý şu ýere geler welin, şonuň bir
kellesini alaýyn, onsoň meni dograp, gazana salaýsynlar, Sibir däl,
Sibirden hem aňryk iberäýsinler, bir armandan çykamsoň. Bir başa bir
ölüm her haçan bardyr. Kölegäňden, ölümden gaçyp gutulmak bolmaz.
Nirä gaçsaňam, olar özüň bilen bile giderler. Ol sebäpden dünýäde
bihepbe, boş ýaşap, ölüme gorka-gorka garaşanymdan namys-ar üçin
ölümiň üstüne özüm gorkusyz göni baraýyn. Maňa siz «Gaç» diýmäň —
diýip, babasyna, daýzasyna ýalbarmaga başlady.
Garry baba hamsygyp:
— Ah, bular bir oňmadyk garamaňlaý boldy. Gözel eýdip öldi, indi
özi hem beýdip ölse... Hiý, beýle-de bir bagtypeslik bolarmy?.. Baryň,
aýdyň gelne, gelip, hoşlaşyp ugratsyn muny — diýip, teweregindäkilere
gygyrdy.
Garry babanyň gykylygyny eşiden aýallaryň birisi ylgap, Uzugyň
ýanyna gitdi. Ol aýal hasanaklap barşyna:
— Gelin, näme beýle hiç zatdan bihabar bolup otyrsyň? Ýa ol
oglanyň ganyna galjakmy? Bar-da: «Gaç» diý oňa, hoşlaş — diýip,
Uzugyň ýüregine ot saldy. Bu aýal beýle ýerliksiz, agyr sözleri bir gara
maksat bilen aýtdymy ýa-da gorky-howsala astynda aýtdymy, bu mahal
muňa Uzuk düşünip bilmedi. Ýöne her hili hem bolsa, «Ol oglanyň
ganyna galjakmy?» diýlen söz içýan bolup, Uzugyň ýüreginden sokdy.
Uzuk ýüregine şeýle tiz ornaşan içýan zäherine döz gelmän:
— Waý!.. Ol neneňsi gan?!. — diýip, ýerinden zöwwe galanyny özi
hem duýman galdy.
Ol aýalyň:
220
— Bekmyrat baýlar atly gazak bilen çozup, seni alyp gitjekler.
Berdini gazamat etjekler. Bar, ol oglan bilen hoşlaş-da, ýola sal, gaçyryp
goýber. Ele düşmesin. Başyny gutarsyn — diýen sözüni eşidende, Uzuk
bu ýagdaýdan hiç baş çykaryp bilmän, doňup galdy. Şol halynda özüniň
neneňsidigini saýgarman, Berdiniň ýanyna bardy. Zordan gözýaşsyz
saklanyp:
— Hoş, Berdi, gezen ýeriňde aman gez!.. — diýdi-de, aýtjak sözüniň
aňyrsyna ýetip bilmän, ýüzüni aşak saldy.
Berdi Uzugyň sözüne ýaman hapa bolup:
— Uzuk, sen näme meniň bilen hoşlaşýasyň, men senden aýrylyp,
nirä gideýin? — diýdi.
Uzuk töweregindäki garry-gurry aýallaryň ýerli-ýerden: «Gitsin,
Garaguma özüni atsa, başyn gutar, aman gezer» diýen sözlerine berildi.
Bu ýerde şu işiň aňyrsyny-bärsini giňden pikir edip oturmaga wagt hem
bolmady. Ol ýene şol töweregindäki gykylygyň täsiri astynda:
— Ah, Berdi jan, «Nirä gideýin?» diýme! Meniň ýüregime ot
salma!.. Ugur taparsyň, az sözle, tiz git — diýdi.
Berdi Uzugyň mahmalynyň gyrasyndan berk gysymlap:
— Ýok!.. Ýok!.. Uzuk jan, sen meni kowma. Men diriligimdäki
nepesimiň iň soňkusyny seniň ýanyňda alaryn. Sen meni kowma —
diýdi-de, Uzugy özüne çekdi.
— Berdi jan, men saňa başda «Meniň takdyryma takdyryňy goşma»
diýdim. Gördüňmi, meniň şum takdyrym nirä çekdi!..
— Uzuk jan, birjik-de puşeýmanym ýokdur. Beýle sözleri dile
getirme! — diýende, Uzuk biraz köşeşjek ýaly etdi:
— Berdi jan, sen eşitmänmidiň: «Baýlara günde baýram, günde toý,
garyplara günde hasrat, günde oý» diýip, men şol hasratly günleri toýa
öwrüp bilýän ýigidi halaýan. Seniň hem beýle hasrat astynda galmagyňy
islemeýän — diýip, Uzuk Berdiniň ýüzüne seretdi.
Berdi:
221
— Uzuk jan, mende hasrat ýok, mende maksat bar. Men seni şonça
ýerden getirip, indi bu ýerde ýeke taşlap, neneňsi gaçaýyn?! Soňra men
neneňsi il ýüzüne çykaýyn?! Ynha, şonuň namysy meni baglady. Uzuk
jan, sen şuňa düşünmeýäsiňmi ýa-da düşünmek islemeýäsiňmi?
— Ýok, men oňa gaty gowy düşünýän. Seniň Bekmyrat baýyň
goluna düşmegiňi, onuň jezasyna uçramagyňy men islemeýän.
— Uzuk jan, men-de onuň goluna düşmegi islämok. Men onuň
goluna düşmezden öňürti, ony ýok ederin, belki, ondan soň ele-de
düşmän galaryn.
— Ah, Berdi jan! Ynha salymyny bermän, sallatlar geler. Seniň
elleriňi arkaňa daňarlar, Berdi jan. Men seniň gollaryň arkaňda
baglananyny görmek islemeýän. Sen meni beýle hasrata goýma-da, tur,
ugra, belki, Bekmyrat baý sallatlar bilen ýetip gelýändir — diýip, Uzuk
sözüni soňlamanka:
— Bekmyrat baý sallatlar bilen gelýä?! — diýip, biri hasanaklap
geldi.
— Ah! Bu nä gowgaly günler boldy!.. — diýip, Uzuk başyny tutup,
ýerinden turdy.
Bu wagt töwerekden: «Gaç, eglenme!» diýen sesler güýjedi.
Berdi:
— Ýok, gaçmaryn! Maňa «Gaç» diýmäň ýa-da siziň hemmäňiz meni
namys astynda goýmak isleýäsiňizmi?.. Meni namys baglady! Namys!..
Meniň namysymyň öňünde janymyň gymmaty ýokdur!.. Uzuk jan,
senem şuňa düşünmeýäsiňmi?! — diýip, Uzugyň ýüzüne seretdi.
— Ah!.. Düşünýän, Berdi jan.
— Düşünýän bolsaň, beýle sözler aýtma maňa.
— Ýok... Aýtman...
— Men birinji okumda Bekmyrat baýy ýok ederin, belki, iň soňky
okumy hem özüme biýrin... Ýagşy, Uzugym, diriçilikde razylaşaly —
diýip, Berdi Uzugyň elinden tutup gujaklady.
222
— Ýok, Berdi jan, sen özüň diri gal, şol özüňe degjek okuňy maňa döz.
Meni indi Bekmyrat baýlaryň goluna diri düşürme. Indi maňa olaryň
elinden gutulmak ýokdur. Bolmanda-da meniňki ölümdir. Ýöne meniň
ajalym şolaryň elinden bolmasyn. Meniň bedenime tyg çekip, gyzyl
ganymyň akyşyna olar göwünleri hoş bolup, syn etmesinler... — diýip,
Uzuk Berdini gujaklady.
Berdi Uzugy gujaklap duran ýerinde:
— Uzugym, boljak işleriň hemmesine meniň gözüm ýetýä — diýdi.
— Pelegiň gerdişi şeýle gelensoň, men nädeýin? Men pyçagymyň
tygyny seniň bedeniňe gezäp bilmerin, tüpeňimiň nilini saňa öwrüp
bilmerin. Wagt ýakyn geldi. Häzir ajal kimiň ýakasyndan öňürti tutjak,
ol mälim däl, ýöne mert bolgun — diýip, ol soňky sözüni aýtdy.
Ogulnur bularyň iň soňky aýralyk sözlerini eşidip:
— Berdi ýegen, hiç ýerik gitme. Duşmanyň öňünde är kimin dur.
Bular ýaly işler är başyna düşýändir, «Är başy gowgasyz bol maz, dag
başy — dumansyz» diýýä. Biz üstümize gelen duşmanyň öňünde baş
egmeris — diýdi. Dowul edişip oturan aýallara bolsa «Goýuň sesiňizi!»
diýip gygyrdy. Daşarda at aýagynyň sesi eşidildi.
Ogulnur:
— Wah, kakasy gelmedi... — diýende, Nurmämmet başyny silkip,
böküp içeri düşdi. Ol oturanlara:
— Galmagal etmäň! — diýdi. — Ýegençini bek saklaň, elden
bermäň. Berdi ýegen, daýyň ýykylyp galanyny ýagşy bilýänçäň, daş
çykmagyn. Ýöne daýyň ýykylanda, «wah» diýip ýykylmaz, şuny bilgin.
Işigi içinden gulplaň — diýende, Bekmyrat baý dagy gapynyň agzynda
bäş adam bolup göründiler. Bu görnenleriň içinde Sapar bilen
Amanmyrat hem bardy. Nurmämmet bular görnen badyna, böküp daşary
çykdy. Bu wagt birnäçe atly jigit, birnäçe atly poliseýskiler hem işigiň
agzynda nyzam bilen durdular. Polisiýanyň naçalnigi: «Zarýažat!» 1
1
Ok sürüň.
223
diýip, komanda berdi. Şakyrt edip, ýaraglara ok sürüldi. Polisiýanyň
naçalnigi bir kagyza seredip:
— Nurmämmet Garly — diýende, Nurmämmet:
— Men — diýip jogap berdi.
Polisiýanyň naçalnigi rus dilinde:
— Myhmanlaryňy çykar! — diýdi.
Nurmämmet rus diline düşünýärdi. Ol türkmençeläp:
— Biziň adatymyzda myhman ataňdan uludyr. Men olary çykaryp
bilmen — diýdi.
Polisiýanyň naçalnigiiýe derrew Nurmämmediň sözüni terjime
etdiler. Ol:
— Nikakih adatow, dawaýte, zabiraýte? 1 — diýdi.
Bekmyrat baýyň edil öňünde işigiň agzynda Nurmämmet iki elini
ýeňsesine tutup, ak saply jöwheriň şirmaýy sapyndan berk gysymlap
durdy. Onuň iki tarapynda bolsa Nurmämmediň dogan-garyndaşlary,
obadaşlary iki taraplaýyn topar tutup durdular.
Bekmyrat baý Nurmämmede:
— Myhmanlaryňyzy çykaryň-da, ugradyň! — diýdi.
Nurmämmet ýaňky sapyndan berk gysymlap duran pyçagyny
görkezägede:
— Men myhmanlarymy ugratman. Kim meniň myhmanlarymy
ugratjak bolsa, men oňa tarap şu pyçagyň tygyny ugradaryn — diýdi.
Bekmyrat baý henize çenli towugyna «tok» diýilmedik adam. Şonuň
üçin hem ol Nurmämmediň sözüne çişip ýarylaýjak boldy. Ýanynda
duran Sapara:
— Dep gapyny — diýip gygyrdy.
Sapar bütin güýji bilen işigi bir depende, işigiň zülpesi sypyp, iki
taraplaýyn açyldy. Sapar bir aýagyny ätläp, sümüp-sümmänkä,
Nurmämmet Saparyň iki kebzesiniň arasyndan ak saplyny dikdi. Bu
1
Adatyňam bilmen-beýlekiňem, alyp çykyň!
224
halatda Berdi gapyny güýç bilen itende, Saparyň maňlaýyna degip, ony
çiň-arkan serreltdi. Soňra Nurmämmet gaty edermenlik hem çalasynlyk
bilen pyçagyny işletmäge başlady. Polisiýanyň naçalnigi, Nurmämmediň
gyr-ýap edip barýanyny görüp, oňa at üstünden bir ok berdi.
Nurmämmet öýüň gamşyna gapdalyny berip, syrylyp ýykyldy. Bu wagt
iki taraplaýyn uruş näçe diýseň güýjedi. Berdi daýysynyň ýykylyp
galanyny bilip, öýden ylgap çykdy. Çykan ýerinde muňa Serbaz baý duş
geldi, Berdi ony Bekmyrat baýdyr öýdüp, bir ok berip agdardy. Şol
halatda polisiýanyň naçalnigi at üstünden Berdä-de bir ok berdi. Berdi
okuň zarbyna tüwdürilip gitdi. Onuň elindäki nagan sapançasy zyňlyp
beýläk düşdi. Sapança Nurmämmediň tarapdarlarynyň eline düşmänkä,
poliseýskiniň biri garbap aldy. Soňra Ogulnur hem çykyp, urşa girişdi.
Ol öýden çykan badyna, elindäki taýagy bilen bir jigidiň kebzesine
jaýlanda, jigit tüwdürilip gitdi. Onuň taýagyna bir poliseýskiý ýapyşdy.
Ogulnur elindäki taýagyny bermejek boldy, batyrlarça uruşdy. Soňra
Uzuk hem öýdäkileriň elinden sypyp, daş çykdy. Uruşmak üçin bir zat
gözläp, töweregine bir garandy. Emma onuň gözüne gözleýän zady
ilmedi. Nurmämmediň öýüň gapdalynda gana bulaşyp ýatany onuň
gözüne ildi. Uzuk ylgap baryp, Nurmämmediň başyny göterdi-de:
— Ah, daýy, şu zatlaryň barysyna men günäkär — diýdi.
Nurmämmet:
— Ýok, ýegençi, siz günäkär dälsiňiz, günä biziň üstümize birleşip
hüjüm edýänlerdedir, biziň ganymyzy gaýgyrman dökýänlerdedir —
diýdi.
Bu wagt Amanmyrat paýtunçylary Uzugyň ýanyna çagyrdy. Şol
Bekmyrat baý dagyny Öwezmämmediň öýünýe alyp baran murtlak
paýtunçy:
— Ýok, biz o gyzy aparmajaýah — diýip, paýtunyny boş sürüp
gidiberdi.
Başga bir paýtunçy:
225
— Ah, menim üçin pul olsa oldy, getir, bas — diýip, paýtuny ýanap
geldi. Uzuk paýtunyň gelenini duýmandy. Amanmyrat osallykda Uzugy
göterip, paýtuna basdy. Paýtunçy atlarynyň gandyzyna bir goýanda,
Uzugy jeň meýdanyndan alyp çykdy. Amanmyradyň ýany bilen iki atly
jigit hem ugrady. Uzuk paýtunyň üstünde Amanmyrada baş bermedi.
Amanmyrat jigitleriň birini kömege çagyrdy. Bir jigit oňa kömege bardy.
Uzugyň iki bolup, güýç bilen el-aýagyny saradylar.
Uruş
heniz
hem
güýçli
barýardy.
Jigitler,
poliseýskiler
Nurmämmetler tarapdan uruşýan adamlary tüpeňleriniň gundagy bilen,
ellerindäki nagan hem gaty dürre gamçy bilen niresi çem gelse,
gaýgyrman urýardylar. Öý hyryn-dykyn doly oglan-uşak, çagalaryň
gorkularyna barysy bosuşyp daşary çykdy. Atalarynyň, agalarynyň gara
ganlaryny tasadyp, arslan kimin atylyp, söweş edýänlerini gören çagalar
hiç ýere gaçyp-da bilmediler. Bular ýöne uly yzlaşyk bolup böküşip
durlar.
Nurmämmet bu bolşa seredip, biperwaý ýatyp bilmedi. Ol gyzyl
gana bulaşyp, zordan ýerinden galdy, bir elini öýüň gamşyna diräp,
urşup ýören adamlaryna ýüzlenip:
— Adamlar! — diýdi. — Bu gan eňreşip, böküşip ýören çul-çaga
siziň rehimiňiz inmese, polisiýanyň, Bekmyrat baýlaryň rehimleri inmez.
Siz şu çagalaryň haky üçin köşeşiň, uruşmaňyzy goýuň. Şemal bu gün
olaň üstünden öwüsýän bolsa, enşalla, biziň hem üstümizden öwsen
wagty bor — diýip, öýüň gamşyny dyrnaçaklap, ýene ýykylyp galdy.
Nurmämmediň bu sözüne jeň meýdanyndaky söweşijiler kelleleriniň
gyzgynyna gulak salmadylar.
Obanyň arasynda bir wzwod soldat nyzam edip ýördi. Şolaryň
ýetişip, bu işe gatyşmaklary netijesinde uruş ýatyryldy. Bu urşuň öňisoňy uzaga çekmän, gaty tiz gutaran bolsa-da, iki tarapdan hem agyrýeňil ýaradar bolan adam az bolmady.
Aňry tarapy öz ýaradarlaryny paýtuna basyp, keselhana iberdi.
226
Bekmyrat baýlaryň topary hem paýtunlara münüp ugrady. Polisiýanyň
naçalnigi özüniň birnäçe adamlary bilen Nurmämmet tarapdan ýaradar
bolan adamlary düýä ýükläp, alyp gaýtdy. Agyr ýaradarlary düýä ýürek
edip ýüklediler. Ýaradar bolman, ýöne uruşda gaýduwsyz urşan
adamlardan hem dört sany adamy alyp gaýtdylar. Bulary göni gazamada
alyp bardylar.
Uzuk bolsa gitdi Mara. Onuň takdyry Bekmyrat baýyň ýekeje agyz
sözüne baglydy: «Ölüm!» diýse — ölüm... «Zyndan!» diýse — zyndan.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 14
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.