Latin

Ykbal I - 12

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 1865
34.6 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gidişerin, dawamda basylman» diýýämiş, Bekmyrat baýy jalaýgöten
goýaýmak aňsat däldir. Şu ýerde «Semiziň ýagy siňinçä arrygyň jany
çykar» bolaýmasyn?
Ýene-de biz prisdewi satyn almak üçin bir müň ýigrimi tümen harç
etdik. Häzir Bekmyrat baý bolköýnegi satyn alypdyr. Bekmyrat baýyň
192
elinden bolköýnegi aljak bolsak, azyndan iki müň tümen harç etmeli.
Häzirki elimizdäki puldan bäş ýüz tümen galýa. Emma Bekmyrat baýy
bolköýnekde basaýsak, işiň köpýesini1 onuň Aşgabada göterjeginiň iki
ujy ýokdur. Biz bolsak elimizde galan bäş ýüz tümen bilen Aşgabadyň
ýoluna-da garap bilmeris.
Ynha, indi meniň şu ýerde aýtjak sözüm bar. Biz şu ýerde «Ar
köýenden iman köýsün» ederismi ýa-da «Namartja olam, sagja olam»
ederismi? — diýip, arçyn oturan adamlara maslahat saldy.
Oturanlaryň biri:
— «Ar köýenden iman köýmelidir». Gyz biziňkidir, biz gyzymyzy
hiç kime bermeris. Tä ýykylyp, ýanymyz ýere degýänçä gitmelidiris —
diýdi.
Ikinji biri:
— Dogry, gyz biziňkidir, pul kemçilik etse, ýene ilatdan pul
ýygnarys. Ýöne weli gyzy bermeris — diýdi.
Meret arçyn:
— Bu ýerde «Gyzymyzy bermeris» diýip gygyryşyp otyrsyňyz —
diýdi. — Gyz hemmämiziň agzymyza ýaglyk gysdyryp gidipdir. Ol
işanlardan biri bilen gaçypdyr. Barymyzy ýüň sakgal edip, elimize darak
tutduryp gidipdir, «Alyň, sakgalyňyzy daraň, başga işi oňarmarsyňyz»
diýägede, Bekmyrat baý üç günden bäri bütin Mary uýezdini sorag edip,
uç çykaryp bilmän ýör — diýende, oturan ýaşulularyň hemmesi: «Bä-de,
bä!» bolşup, sakgallarynyň uçlaryny agyzlaryna saldylar.
Meret arçyn:
— Ynha, gördüňizmi, hemmäňiz sakgalyňyzy dişlediňiz. Ynha, şuňa
«Agza ýaglyk gysdyrmak» diýerler. Ýogsam erkek adamyň agzynda
ýaglyk näme işlesin, erkek adam ýaşynýamy näme? — diýip, oturanlara
seretdi.
Oturanlar ýerli-ýerden gowur-da, gowur boldular:
1
Kopiýasyny
193
— Men-ä şol gyza kaýyl boldum...
— Aý, ol kaýyl bolmaz ýaly iş etmändir.
— Özem on bäş-on alty ýaşlaryndaky gyz... Mert ekeni.
— Merdiňem merdi ekeni, biz-ä telpek goýýas...
— Aý, telpek goýmazça-da däl. Gaty akylly ekeni.
— Şol türkmençilikde gaty güýçli baý ýere gaçaýan bolsa, şol gaty
akylly boldugy-da.
— Aý, eýleň-beýleňräk ýerden kim onuň ýanyna baryp biljek, bir
gylyjydan gan damyp duran bolmasa.
Meret
arçyn
bular
gowurdaşyp
bolýançalar,
diňläp
oturdy.
Mylaýymlykdan ýene özi söze başlady:
— Şol dogry. Türkmençilikde gaty güýçli ýere gaçan bolsa, şol gyz
Bekmyrat baýlaryň elinden çykýa. Emma eýleň-beýleň adam bilen gaçan
bolsa, ýeriň aňry ujuna giden-de bolsa, şol gyz gutulmaýa. Siz biziň
türkmen baýlarymyzy özüňiz ýagşy bilýärsiňiz. Şular ýaly aýal maşgala
dawa bilen orta düşdümi, onsoň hemme baý şoňa aşyk. Ähli baýy şol
gyz özüniň gözelligi bilen humar edýä. Uzug-a näme, şeýle bir maşgala,
özüniň hakyky owadanlygy bilen her göreni humar etjek. Indi bu işiň
neneňsi çözüljegini aýdyp bereýin. Süýt-gatyk öňünde näme, Bekmyrat
baý bilen gyzyň gaçan ýeriniň pul güýji deň bolup, ikisi dim-dik bolup
dikleşende, gyzyň aýdany bolar. Gyz — Bekmyrat baýlar meni zor edip
süýrediler. Bu adama özüm gaçdym. Şoňa-da razy — diýer gutar. Kazykowal bolsa: «Gyza nika gyýlansoň, är talak etmese, başga kişä nika
düşenok» diýer. Gyzam bolsa «Öň men hiç kime nika razyçylygyny
beremok. Şol sebäpden hem başym boş, şunuň bilen gaçdym» diýer.
Ondan soňra galar türkmençilik. Türkmençilikde-de näme, gyzyň gaçan
ýeri Saryja baýlar ýaly ýer bolsa, tüpeňiniň misini gyzardyp dursa, gyz
Bekmyrat baýlaryň elinden gidibiýr. Ynha, boljak işler-ä şeýle — diýip,
Meret arçyn oturanlara seretdi.
Meret arçyn Uzugyň Berdi bilen gaçanyny aňlaýardy. Şeýle-de
194
bolsa, ol hakda gürrüňdeşlerine hiç zat duýdurmady. Eger-de «Gyz Berdi
bilen Ahala gaçyp gidipdir» diýäýse, maslahatdaşlary «Hökman yzyndan
gidip, gyzy elinden almaly» diýjekler, sebäbi bu oturanlaryň hemmesi
hem Meret arçyndan ýaşdy. Olaryň her haýsynda-da Meret arçyndaky
«Uzugy özüme aýal edip, alyp biläýsem» diýen inçe tama bolup biljekdi.
Meret arçyn muny hem aňlaman durmaýardy. Ol sebäpden hem onuň
pikiri häzirki ellerindeki iki müň bäş ýüz tümen puly, bäş adam bolup,
deň paýlaşyp oturybermekdi. Şeýle edilse, Meret arçynyň hasapda
görkezmedik alty ýüz tümeni bilen göni bir müň bir ýüz tümen onuň
jübüsine girýärdi. Maslahatdaşlaryna bolsa bäş ýüz tümenden pul
ýetýärdi. Şonuň üçin-de gyzy gaýtaryp almak indi bize mümkin bolmaz
diýen pikiri Meret arçyn özüniň mylaýym sözleri bilen ýoldaşlarynyň
başyna saldy, soňra bu pikirini açyk aýtmaga girişdi:
— Indi, adamlar, meniň-ä size bir aýtjak sözüm bar. Babalarymyzyň
«Ýedi ölçe-de, bir biç» diýen sözüni ýatdan çykarmalyň. Siziň näçe
ölçäp, näçe keseniňizi bilemok welin, men-ä şu iş hakynda şeýle pikir
etdim. Gyz biri bilen gaçan bolsa, ol bizden arany açdy. Indi ol gyz
enesiniňem diýenini etmeýä. Her ýerde soralsa-da, şol gaçan
adamsyndan başgany tanamaýa. Ol sebäpden biziň indi mundan beýläk
höňküldejek bolmamyz bir salgyma çapan ýaly zat bolýa. Oňa görä-de
meniň maslahatym: şu işi goýbolsun edeliň. Bir yrap gördük, gopmady,
besdir. Mundan beýläk gadam ätsek, bu iki müň bäş ýüz tümen
pulumyzy gi-diris. Men-ä şu puly biderek köýdürmäliň diýjek. Siz näme
diýýäsiňiz? — diýip, arçyn oturanlara maslahat saldy.
Oturanlar Meret arçynyň sözüniň äheňini aňdylar. Iki müň bäş ýüz
tümen puluň ýerini gazmak pikiri barynyň başyna birden gelip doldy.
Emma bir-birlerinden mekirsiräp: «Aý, bolýa-da» diýişdiler.
Meret arçyn olardan hem mekirsiräp:
— Onda bu puly näderis? Ilatyň salgydyna geçiräýerismi? — diýdi.
Oturanlardan ses-seza çykmady.
195
Birnäçesi pula humar bolup, sarsman oturyp bilmediler-de, oturan
ýerlerinden gozganyşdylar.
Meret arçyn:
— Näme sesiňizi çykaraňzok? Onda meň aýdanyma razy-da? —
diýende, oturanlaryň biri ahyrynda ýaryldy:
— Aý, Meret arçyn, bu bir biziň jübimizdäki pul-la. Munça puly
jübiňden çykaryp, ilatyň salgydyna beräýmeli bolarmy? — diýip
ýyljyraklap, oturanlaryň ýüzüne seretdi.
— Bermejek bolsaňyz aýdyň-da, men-ä size garaşyp otyryn.
— Garaşyp oturma, paýla!
— Hawa, hawa, paýla!
— Düýä münüp, hataba bukmak gerek däl, paýla!
— Wah, hawa-la, paýlasana — diýşip, Uzugy bahanalap ýygnalan
halkyň puluny bäş bolup paýlaşdylar.
Biçäre gyzyň takdyry hem Meret arçynyň öýünde şeýle çözüldi.
Muňa zamanasynyň nakyly dogry geldi:
«Akja gümmez dik bolsa,
Başgasyny sil alsyn».
AHALDA
G
ÜÝZÜŇ baş egip, gyşa ýagşy ýol beren günleriniň biridi.
Demirgazykdan öwüsýän şemal gahar-gazap bilen ýüzüňden penjäni
urup, rehimsiz dalaýardy.
Çep egnini daga gyýarak tutup, paýtunyň üstünde oturan murtlak
paýtunçy bolsa şemala ýüzüni uzak dalatmak islemeýärmi ýa-da gün
gijigipdir-dä, gijä galmajak bolýarmy, atlaryny näçe diýseň haýdap sürýärdi.
196
Paýtunçy wagtal-wagtal:
— Hä-ä! Köpekler!.. — diýip, atlarynyň her haýsynyň gandyzyna bir
gamçy gondurýardy. Tüýüni çekseň, ýagy çykjak bolup duran iki sany
demir gyr at gandyzlaryna degen gamçynyň namysyna näçe diýseň
gidýärdi. Paýtunyň tigirleri ýere her ýerde bir degýärdi.
Paýtunçy atlarynyň beýle gidişine şähdi açylyp, çep egniniň
üstünden ýeňsesine garady-da:
— Ýarym sagatda Owazmamet gulunkiýe bararah — diýdi.
Bekmyrat baý:
— Aý, çoh sag ol, byg han. Sen ýarym sagada galmar sen — diýdi.
Bekmyrat baýyň bu sözleri paýtunça ýakmady. Ol ýüzüni aňry dolap,
gaýtadan bulara habar gatmady.
Paýtunyň üstünde Bekmyrat baýyň gapdalynda oturan tegelege
ýakyn galyň ýüzli, togalak ýogyn burunly, ullakan gözleriniň üstüne
dökülip ýatan tutaşyk gaşly, giň kükregini ýapyp duran gürzelek uzyn
sakgally adam Bekmyrat baýyň gumly garyndaşydy. Bu adama Serbaz
baý diýerdiler.
Iliň gürrüňine görä, Serbaz baý Bekmyrat baýdan hem baýrak
bolmaga çemeli. Emma Bekmyrat baý bu gezek Ahala gaýdanda, Serbaz
baýdan kömek isläp, ony alyp gaýtmandy. Ýöne — ýanymyzda bir gara
hem-de ýurt görer — diýip alyp gaýdypdy.
Serbaz baý üçin häzir töwereginde görünýän zatlaryň hemmesi
täsindi. Ol gözüni çep tarapyndan aýyrman, baýyrlara, daglara seredip,
dyngysyz sorag berýärdi. Munuň soragyna köplenç paýtunyň üstünde
onuň özi bilen ýüzbe-ýüz oturan adam jogap berýärdi. Bu jogap berip
oturan ýylmanak suwulgan ýüzli, köse sakgal, gözleri ýiti adam agzyny
towlap, dodaklaryny müňküldedip oturyşyndan, nähili-de bolsa, bir söz
bilen çümmükläýjek ýaly bolup görünýärdi.
Serbaz baý öňünde ýyljyraklap oturan adama:
— Bu, Weli baý diýýän-ä, şu hemişeler köne adamlardan eşiderdik
197
«Bulutlar ýagan wagty daglaryň üstüne çöküp otyrmyş» diýip, şol ras
eken — diýdi. — Hal, görýämiň, dagyň başynda çöküp oturanlaram bar.
Dynçlaryny alyp, turup barýanlaram bar.
Oglankak — bulutlar deňizlere çöküp, suw alyp, asmana
göterilýämiş — diýibem eşiderdik. «Gudraty görseň, daglara bar»
diýenleri ras eken-ow, her zady görüp ynanaýmaly.
Bekmyrat baý maly dünýä sygmaýan nadan garyndaşynyň bu
sözlerine hezil edinip, ha-ha-haýlap güldi.
Weli baý mekirlik bilen ýylgyryp:
— Görýämiň, Serbaz baý, «Köp ýaşan bilmez, köp gezen biler»
diýýä, köpräk gezmek gerek, görmek gerek. Sen şol «Gumda goýnumyň
gumalagy yrýa bolýa» diýip, Garagumy bagyrtlap ýatyrsyň — diýdi.
Bekmyrat baý ýene hezil edinip güldi. Bekmyrat baý hemişe Serbaz
baýy görende, oňa gülüp, hezil ederdi. «Bekmyrat maňa gülýär-ow»
diýip, Serbaz baýyň hiç gahary gelmeýärdi.
Weli baý:
— Eşidýämiň, Serbaz baý, awçylar gizlenip baryp, kämahallar
gartaşanrak bulutlary tutaýýalarmyşlaram — diýdi. — Ahal bazarlarynda
bulut satylýa. Şondan bir bölegini Mara alyp gitsek nädýä? Ertip tamyň
içine goýberseň, şol tamdan çykyp bilmän, ýokarda sepeläp aýlanyp ýör
— diýdi.
Serbaz baý:
— Be... öýe goýberseňem ýagarmyka? — diýip, Bekmyrat baýyň
ýüzüne seretdi.
Serbaz baýyň bu sözüne Bekmyrat baý bilen Weli baý gyzyl-gyran
gülşüp, hezil etdiler, olar gülüşýärlermi, gülüşmeýärlermi, Serbaz baýyň
perwaýyna-da däl. «Bular-a maňa gülüşýärler-ow» diýip, onuň ýüzem
üýtgänokdy. Onuň gülşükli ýeri hem tä gülşüp bolýançalar, sarsman,
üýtgemän, gözüne seredip oturmasydy.
Weli baý gülküden ýaňa zordan özüni raslap:
198
— Serbaz baý, öten agşam: «Dat, otly ýykylyp barýa!» diýip,
uklatmadyň-aýt — diýdi.
Serbaz baý:
— Aý, näbileýin, gijäň bir wagty oýansam, ýöne şakyrdyň-şakyrdyň,
şak-şak-şak edip, elesledip alyp barýa. Onuň tigirlerem ýolundan çykjak
bolşup barýalar. Onuň ýoly bir-iki barmak demir, garaňky gijäň içinde
sypsa, sypar duruberer-dä, onsoň nätjek? — diýdi welin, ýene Bekmyrat
baý dagy gülkä berdiler.
Weli baý ýene özüni raslap:
— Ýagşy, ol magunyň tagtasyndan ýapyşyp ýatmaň näme? — diýip
sorady.
— At çapmakdan geçeňsoň, ýalyna berk ýapyşmaly bolar-da.
— Weý, adamyň ölesi gelenok, haw, onsoň bir zada ýapyşmaly
bolar-da. Men size näçe aýtdym: «Baryň, şol garakelläni sürýäne aýdyň,
bu garaňky gijede beýle gaty sürmesin» diýip. Garaňky gijede bir zada
büdrese, büdrär durubiýr-dä. Näçe sürjek bolsa, gündiz sürsün, ýoly oňat
görünýä. Asyl gündizem beýle gaty sürmesin. Ol biz gyssanýandyrys
öýdýändir. Biz gyssanyp duramzok ahyrym. Bu gün barmasak, erte
barjak ekenik-de — diýende, Serbaz baýyň gürrüňine ýene gülüşdiler.
Weli baý:
— Ýagşy, biz garakelläni sürýäne «Çalarak sür» diýsek ederdimi? —
diýip sorady.
— Weý, etmese, bildiňi görkezäý. Biz diýenimizi etmejek bolsa,
onuň bildini näme üçin pul berip alýas? — diýip, Serbaz baý gara çyny
bilen Weli baýa düşündirmäge başlady.
Onýança paýtunçy:
— Owazmamadin obasy budy, kimin äwine warajah siz? — diýip,
egninden garap seretdi.
— Owazmamadin äwün biler sen? — diýip, Bekmyrat baý paýtunça
seretdi.
199
— A-ha, Owazmamat gulun äwin bilerem — diýip, paýtunçy göni
Öwezmämmediň işigine baryp: «Dur-r-r» diýip, atlarynyň başyny çekdi.
Paýtun gara öý bilen tamyň arasynda durdy. Bir uzyn boýly owadan
adam tamdan çykyp:
— O-ho-ow! Bekmyrat baý, Weli baý! — diýip, şatlyk bilen görüşdi.
— Ba-a, «Gelen — döwlet» diýýä, geliň. Sizem bu ýerlerik düşjek
ekeniňiz. Asyl, şu gün hiç ýerik çykasym gelmän, gözümiň çekip
durşun-danam bir şatlyga garaşýadym. Ynha, görýämiň, şatlyk nireden
gelip çykdy — diýip, Öwezmämmet arzyly myhmanlaryny tama alyp
bardy.
Öý eýesi özüniň hormatly myhmanlaryna goýun öldürip, söwüş etdi.
Bu obanyň Mämmedoraz işan diýen bir atly işany, Saparguly ahun diýen
bir ahunlary bardy, Öwezmämmet işan bilen ahuny hem söwşe çagyrdy.
Myhmanlara öňürti çekdirme çekildi, soňra — palaw. Iýdiler-içdiler.
Soňra gürrüňçilik başlandy. Gürrüň, bir tarapdan, Mary ýurdunyň halahwal, güzeran ýagdaýy hakynda bolsa, ikinjiden, Ahal ýurdunyň halahwal, güzeran-durmuşy hakynda boldy. Gürrüň gaty gyzyşandan soň,
gije ýaryma çenli oturdylar. Soňra daşdan-içden gelen myhmanlar ýekeýekeden turşup dagadylar. Iň soňa işan bilen ahun galdy. Bekmyrat
baýyň ertirden garaşyp oturan müddeti geldi. Ol bu amatly pursaty elden
bermän, derrew aýtjak sözüne başlady:
— Hawa, Öwezmämmet baý, ynha, işan aga bilen ahun aga-da
otyrlar, jogap berseňiz, men bir söz aýtjakdym.
— Hawa, aýdyň — diýip, Öwezmämmet baý jogap berdi.
— Aýtsam, işan aga, ynha, ahun aga-da otyr, meniň özümden kiçi
inime Amanmyrat diýýäler. Ana, şol bir ýerden bir gyz süýräpdir,
menden hem bimaslahat. Özüm bilen bolsam etdirmezdim. Ana, şol
gyzyň işi bolsa ula çekdi. Onuň aňry tarapy arza berip işikleşdi.
Ahyrynda ol gyzyň dawasy çözülmän, iş çözülýänçä, ortada goýmaly
edip, Seýidahmet işanlarda goýduk. Seýidahmet işan-a tanaýansyňyz,
200
işan aga.
— Hawa, tanaýas.
— Tanaýan bolsaňyz, örän ýagşy. Şol gyz öz obasynda bir çoluk
bilen dilleşikli eken. Ana, Seýidahmet işanlardan şol çoluk oglan bilen
bir gije göteriliberýäler. Onuň özem bolsa biziň inimiz Amanmyrat bilen
nikaly. Şol çoluk oglanyň ejesi şu siziň gaýraky otly ýolunyň
aňyrsyndaky obaňyzdan. Eger-de şol oglan bilen şol gyz siziň şol
obaňyza gelmese, şolary ýa ýer iýipdir, ýa-da asmana uçupdyr.
Öwezmämmet:
— Be, kim bolarka, janlarym, ol obada Mara düşen gyz? — diýdi.
Işan:
— Biziň ol obamyz bir galtaman obadyr, ol obadan Mara düşen gyz
köpdür. Ynha, Meňliň gyzy bar. Ol nemäň... aý, tapsaňyzlaň adyny,
hawa, Nurmämmediň uýasy bolmalydyr.
— Dogry, tapdyňyz, işan aga. Ana, şol çoluk oglan Nurmämmediň
ýegeni bolmaly. — Ýagşy, indi, işan aga, ynha ahun aga-da otyr, şolar
ýaly biriniň nikaly heleýini alyp gaçan haramzadany öldürseň, şonuň
gany düşermi?
— Ol hakyky zynakär, ony öldürseň, gany ýok.
— Işan aga, «Onuň gany ýok» diýdiňiz welin, talak edip
goýberiberende bolmaýamy? — diýip, ahun işanyň ýüzüne seretdi.
Işan:
— Ýagşy, heleýi talak etdiň, erkege näme jeza berjek?
— Şular ýaly ýurt ýykan haramlaryň, elbetde, jezasy bolmaly. Siz
näme diýýäsiňiz? — diýip, işan ahundan sorady.
— Siziň aýdanyňyz dogry, işan aga, biz ýalňyşypdyrys — diýip,
ahun ýüzüni aşak saldy.
— Ýagşy, işan aga, bu hakda söz galsyn. Olaryň jezasyny men özüm
bilýän. Ýöne size başga bir maslahat bar. Bir-ä, şolar Nurmämmediňkä
gelip
düşen
badyna,
neneňsi
edip
201
bilmek
bolar.
Onsoňam,
Nurmämmediňkä
gelip
düşensoňlar,
olar
bekişer.
Baryp,
alyp
gaýdybermeli bolmaz. Nurmämmedem «Pukaraň tutanýerlisi» diýip
eşidýän. Şoňa, işan aga, ahun aga, siziň töwella-tagsyryňyz gerek
bolarmyka diýýän — diýip, Bekmyrat baý işanyň ýüzüne seretdi.
Soňra bolsa — Niçiksi? — diýip, Öwezmämmediň ýüzüne seretdi.
Işan bilen ahun:
— Kömek ederis, asyl olar ýaly haramlara rehim etmeli däldir —
diýişdiler.
Öwezmämmet:
— Olaryň gelenini bilmek gaty aňsat. Ynha, biziň Nurbibimiz öýde
otyr. Ol şol obaň gelnidir. Ertir irden öýüne gaýdýa. Ynha, şoňa tabşyryp
goýbäris welin, şol ýerde gymyldy bolsa, derrew habary geler — diýdi.
Şunluk bilen, maslahaty jemläp, işan bilen ahun çykyp, öýlerine
gaýtdy. Myhmanlar bolsa ýatyşdy.
*
*
*
Güýzüň goýalyp, gyşa aýak basan wagtynyň bir günüdi. Ekinler,
miweler meýdandan ýygnalyp, adamlaryň eli boşaşypdy. Bu gün obanyň
çetindäki alaňyň güneşine dört-bäş sany adam ýygnanyp, düzzüm
oýnaşyp otyrdy. Düzzümiň bir utluşygyndan soň seredip oturanlaryň
biri:
— Hany, Nurmämmet, dur-la, maňa-da bir ýol ber. Menem bir oýnap
göreýin şuň bile — diýdi.
Ol wagt bir seýregrägede şar gara sakgally, açyk ýüzli, gözleri ýagty
bir adam ýyljyraklap, oýnuň başyndan turdy. Bu adam beýleräk çekilip,
donunyň syýlaryny kakyşdyryp, ýaňky alaňa dyrmaşyp ug-rady. Ol
alaňyň üstüne çykyp, özüniň ýiti gözleri bilen töwerege uzakdan-uzaga
seretdi. Gözleri ýiti bolansoň, gözýetim onuň daşyna gaty uzakdan
aýyldy. Töweregine näçe seretdigiçe, onuň şonça göwni göterilip, ýüregi
202
şatlandy. Ilki ol demirgazyk tarapdan öwüsýän mylaýym şemala
göwsüni gerip, köp durdy. Soňra daga tarap seredende, dagyň etegini
goltuklap oturan uly syrgyn oba seretdi. Şol mahal hem gündogar
tarapdan uly ýol bilen iki sany atlynyň atlaryny daýaw sürüp gelýänine
onuň gözi düşdi. Bu atlylar ýol aýyrda gelende, olaryň göni öz obalaryna
gelýän ýola dolananlaryny görüp: «Be... bular kim bolar aýt?» diýip,
muňa biraz haýran galman-da durmady. Bu atlylaryň göni yzlaryna
dolanyp gaýdybermeseler, Nurmämmediň edil gapdalyndan geçip, şu
obada biriniň öýüne gelip düşjegine-de şek-şübhe ýokdy, çünki bu ýol şu
oba gelip gutarýardy.
Ynha, edil aýdyşymyz ýaly, bu atlylar sürdükleriçe ýakynlaşýardylar.
Nurmämmediň ýiti gözleri ep-esli ýerden bularyň kimdigini saýgarmaga
başlady:
— Be, bularyň bir-ä Berdi ýegen ýaly, onuň ýanyndakam-a bir ýaş
oglan ýaly. Berdi ýegen bolsa, otly bilen gelmezmidi? — diýip, has hem
göz atuwyna getirdi.
Nurmämmet ýegenini oňat tanap, ylgap, alaňdan düşüp, ýoluň
üstünde garaşdy. Berdi atyny daýaw sürüp geldi-de, at üstünde
görüşmän, daýysynyň sarpasyny saklap, atdan zyňlyp düşüp, salam berip
görüşdi.
Uzuk hem bularyň ýanyna gelip, atynyň başyny çekdi. Uzuk üçin bu
ýagdaý adatdan daşary bolsa-da, özüni ýitirmedi. Erkek hökmünde.
— Salawmaleýkim — diýip, erkekleriň görşüşi ýaly görüşdi.
— Aleýkimessalam — diýip görşenden soň, Nurmämmet Uzuga
assyrynlyk bilen seretdi. Uzugyň aýagy gara ädikli, başy ak telpekli, egni
gyrmyzy donly, bilinde — pugta çekilip guşalan tirme guşak. Nurmämmet: «Il içinde her hili görmegeý ýigitler bolýa-da» diýip pikir etdi.
Nurmämmet Berdi dagyny öýe alyp bardy. Oglanlar ýerli-ýerden
çykyp atlary tutdular.
Bu ýerde Uzuk kyn ýagdaýda galdy: «Erkekleriň arasyna baryp
203
otursam, bir däl. Bu geýimim bilen erkeklerden aýrylyp, aýal-gyzlaryň
arasyna barsam, maňa däli diýerler» diýen pikir bilen ol Berdiniň ýüzüne
seretdi. Berdi hem Uzuga seredip, ikisi assyrynlykdan ýylgyryşdy.
Berdi aşaklykdan:
— Giribereli — diýensoň, öýe girip oturdylar.
Bu wagtlar bir ýerden Berdiniň garry babasy geldi. Ol:
— Amanmysyň, oglum? — diýip, Berdini gujaklady, garry baba
Berdiniň maňlaýyndan pugta bir gezek öpüp, bozulyp aýryldy. Berdiniň
ejesi agyr ýagdaýda ölensoň, Berdini görse, garry bozulýardy.
Berdi:
— Bozulma, baba — diýip, onuň çigninden tutup aşak oturtdy.
Soňra Berdiniň babasy:
— Amanmysyň, oglum, aman-esenmisiň? — diýip, Uzuk bilen
salamlaşdy.
Bu öýe uly-kiçi, aýal-oglan-uşak — Berdi ýegen gelipdir — diýşip
üýşdüler.
Şol wagt ýüzi-gözi gykmagragada, ýaşy kyrklardan geçen garaýagyz,
dim-dik, uzyn boýly aýal daşardan howlugan ýaly bolup geldi-de:
— Amanmysyň, Berdi ýegen? — diýip, şapba-şupba görüşdi. Uzuga
«Amanmysyň?» diýdi-de — Waý, Berdi ýegen, gezmäge geläýdiňmi,
çöl bilen geldiňizmi? Waý, siz ýolda horlanansyňyz. Otly bilen
geläýseňiz bolmadymy? Wah, Mary illeri gurgunmy, daýzamam
gurgunmy? — diýip, bir topar aýalyň adyny tutdy.
Berdi bir söz bilen:
— Gurgun — diýip jogap berdi.
— Wah, Gözel pahyr aradan çykmaka, ýylda barşyp-gelşip, gatnaşyp
durýardyk. O pahyr aradan çykaly bäri, özüň geläýmeseň, gatnaşyk
kesildi-dä — diýip, bu aýal Berdiniň ejesiniň adyny tutup, ýitirip tapan
ýaly aýratyn gadyr görkezdi.
Berdi:
204
— Ogulnur daýza, siz özüňiz meniň ýoldaşym bilen bir daşary
çykyň, onuň size bir-iki agyz aýtjak sözi bar — diýdi.
Ogulnur:
— Ýör, hanym — diýdi.
Olar Uzuk bilen daş çykdylar.
Ogulnuruň adamsy Nurmämmet.
— Ýeri ýegen, Mary illeri neneňdir, milletiň hal-ýagdaýy neneň, bu
ýyllarda Mara-da gidemzok? — diýip, hal-ahwal sorady.
— Aý, Marynyň ýagdaýy näme, şol öňki görşüňiz ýaly-da. Her kim
dürlüçe güzeran geçirýä. Ýöne halkyň ýagdaýy oňat däl.
— Aý, Maram bir uly, baý ýurt-da.
— Daýy-ýegen — ikisi ondan-mundan gürrüňleşip otyrdy. Berdi
daýysyna öz başyndan hem Uzugyň başyndan geçen hal-ahwallary
gürrüň berdi. Häzir hem Uzugy alyp, gaçyp gelendigini aýtdy. Daýysy
ýegeniniň gürrüňini yhlas bilen diňledi.
Uzuk daşarda Ogulnurdan:
— Daýza, öýüňiz haýsy? — diýip sorady.
— Öýüm-ä ynha, şu çykan öýümiz.
— Ýanaşygyňyz kim bolmaly?
— Ýanaşygymam kiçi eltim bolmaly. Ynha, şu — kiçi eltimiň öýi.
— Hany, ýörüň, onda kiçi eltiňiziň öýüne baralyň.
Ogulnur Uzugy kiçi eltisiniň öýüne alyp bardy. Uzuk onuň içine bir
gözüni aýlady, öýde bir düňderilip oturan ýapy ýaly uly gyzdan başga
hiç kim ýokdy.
Uzuk Ogulnuruň ýüzüne seredip ýylgyrdy-da:
— Daýza, gorkaýmaň — diýip, başyndaky ak telpegini göterdi.
Uzugyň ýeňsesinde goşa örüm gara saçlary iki sany höwrügişen
garagaýçak ýaly guýlunyşyp, sagrydan aşak sallandy.
Ogulnur muny görüp:
— Waý! — diýip, misli doňan ýaly bolup galdy. Ýaňky töri
205
dolduryp oturan uly gyz hem ornundan turdy.
Bu gyz iki göwsüniň üstünden dolap, agzyna bir elini ýetirdi-de,
Uzuga haýran galyp, doňan ýaly bolup galdy.
— Men ozal: «Gorkaýmaň» diýip aýtmanmydym, hany meniň
ädigimi çekip beriň — diýip, uly gyzyň ýanyna bardy. Uly gyz
üýşenjiräp, ýeňsä çekildi.
Ogulnur:
— Getir, men çekip bereýin. Ol gyzy segsen iner zer ýükli, ýetmiş
halat, ýelmaýa satamyzda, ädik çeker — diýip, Uzugyň ädigini çekip
berdi.
Uzuk tirme guşagyny çözüp, gyrmyzy dony sypyrdy. Köýnekjalbaryny hem sypyryp, özi lowurdap duran gyzyl çog keteniniň içinde
galdy.
— Indi erkege meňzeş däldirin? — diýip, ýylgyryp, Ogulnuruň
ýüzüne seretdi.
Ogulnur gülüp, bir ýerden börük-mahmal tapyp, börügi geýdirip,
mahmaly büredi.
Uzuk başyna börük geýip, mahmal bürenensoň, ýaňky törde ýapy
ýaly bolup oturan gyz Uzuga tarap süýşüp başlady.
— Waý, men bir sada-da, saçyň ýeňsäňe dökülenden soňam, hiç
zada düşünemok-da. Erkek adamdyr öýdüp otyryn.
— Sadalyk salyhatlylykdyr, şondandyr meniň ädigimi çekip
bermäniňiz. Ädik çekmäni, başa selle etmäni öwrenmek gerek, ynha,
başyňa düşjek bolup dur ahyryn — diýip, Uzuk güldi.
Ogulnur bosagaň öňünde Uzugyň sözüne gaňrylyp gulak salyp,
gülüp çykdy.
Ogulnur Berdiniň oturan öýüne aldyrany bar ýaly kürsäp urdy.
— Berdi ýegen, tüweleme, asyl iş bitiräýipsiň? Iki gözüň dört
bolupdyr. Asyl eşitseňizläň, iller, Berdi ýegeniň eden işini. Gyz alyp
geläýipdir. Ýaňky ýanyndaky erkek geýimli ýoldaşy ol öýde, anha, gyz
206
geýimini geýip otyr — diýdi.
Ýaňky öýde oturan oglan-uşak — bary bir ýerden ol öýe eňdi. Gyzlar
Uzugyň öňüne geçişip, biri: «ýegençi», biri: «gelneje», biri: «gelin», biri:
«gyz» — her haýsy bir zat diýip, misli igdä üýşen garasar ýaly jagyl-da,
jugul boldular.
Berdiniň daşyna üýşüp oturanlardan üç-dört sany erkek adam galdy.
Beýlekileriniň bary Uzugyň oturan öýüne doldy.
— Tüweleme, Berdi ýegen, sen-ä iş bitiripsiň. Çöl bilen gelşiňe-de
haýran galyp, soramaň uslybyny tapman otyrdym welin, beýleje sebäbi
bar eken — diýip, Berdiniň gyz alyp gaçyp gelenini gürrüň berip
gutaransoň, içeri giren daýylarynyň biri dylym-dylym edip, ýegeniniň
ýüzüne seretdi.
Berdi:
— Aý, daýy, «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýýä. Şeýtmeseň
bolýamy näme? — diýip ýylgyrdy.
Hatarda şagalaň güýçlendi. Oslanmadyk ýerden uludan-kiçä barynyň
ruhy göterilip, hatardaky imisalalyk toý-tomaşa öwrüldi. Aýallar, gyzlar
derrew täze geýim geýnip, sypanyşyp, alynlaryny daňmaga başladylar,
dürli-dümen şaý dakyndylar. Içerde-daşarda şagyr-şugur güýçlenip
ugrady.
Aýak ýalaň, başy açyk, egin-başy ütük, ylgaşyp-oýnaşyp ýören
gyzlaryň hem eginlerinde täzeje köýnek, başlarynda täze ýaglyk
görünmäge başlady. Garaz, şeýle bir taýýarlykly, bezegli toý bolmasada, ortaça toý mertebesine ýetdi.
Nurmämmet ýazy bilen bakyp oturan baggoýunlarynyň iki sanysyny
öldürtdi. Inileriniň birini iberip, bir ýerden molla getirtdi. Daş-içleriniň
aýal-erkegini çagyrtdy. Aýal-erkek, oglan-uşak üýşensoň, şagalaňşugalaň, gyk-bak güýçlenip, tötänden tutulan toý ýagşy gyzdy.
Elbetde, ozaldan taýýarlyksyz toý bolansoň, nika gyýmak işleri biraz
gijä galdy. Indi nika gyýmaga başlalyň — diýip otyrkalar, bir ýaş ýigit
207
gelip:
— Nurmämmet kaka, bir daşary çykyň — diýdi.
Nurmämmet daşarda alty sany atlyny görüp, ini bir zat syzan ýaly
boldy. Atlylaryň iki sanysynyň başy ullakan ak selleli, dört sanysynyň
başy telpeklidigini Nurmämmet gijäniň içinde saýgardy. Ol bulary atdan
düşürip, ýaşulularyň oturan öýüne alyp geldi.
Nurmämmet myhmanlaryna hormat bilen gapyny açyp, özi içeri
girmän, ýeňsäk çekildi. Öýe yzly-yzyna iki sany selleliniň girmegi bilen
içerde oturan adamlaryň bary birden ýokary galdy. Her kim işan-ahun
bilen hem beýleki myhmanlar bilen ýeke-ýekeden görüşmäge başlady.
Görşen beýläk çekilip, tagzym bilen gol gowşuryp durdy. Soňra uly
hormat goýup, myhmanlara törden ýer görkezdiler. Işanyň bir gapdalynda ahun, ikinji gapdalynda Bekmyrat baý oturdy. Ýeke-ýeke
saglyk-amanlyk soraşdylar.
Bu gelen myhmanlardan iki sany başy selleliniň biriniň işandygyny,
biriniň hem ahundygyny oturanlaryň köpüsi bilýärdi. Başy telpeklileriň
bolsa biriniň Öwezmämmet baýdygyny tanaýan adam az däldi. Emma
beýleki üç başy telpeklini tanaýan adam ýokdy. Olary hem işan
tanyşdyrmaga başlady:
— Hawa, adamlar, siz-ä, oňat, ýaşulular bolup üýşüp oturan
ekeniňiz. Öwezmämmet baý bilen ahunymyz-a tanaýasyňyz. Bu
ýoldaşlarymyz maryly bolarlar. Ynha, bulara Bekmyrat diýerler,
Marynyň atly-abraýly, men diýen uly baýlarynyň biri. Bulara Weli baý
diýerler, Bekmyrat baýyň ýakyn garyndaşy, bular hem şolar ýaly atlyabraýly adam. Ynha, bulara bolsa Serbaz baý diýerler, bular-da
Bekmyrat baýyň ýakyn garyndaşy, gumuň iň baý adamlarynyň biri —
diýip, misli olary öňden tanaýan ýaly, her haýsyny eli bilen görkezdi.
Işan ara salym salman, ýene ýuwaşlykdan söze başlady. — Hawa,
adamlar, Bekmyrat baý dagy biziňem myhmanymyz, siziňem —
hemmämiziň myhmanymyz. Bular Ahala bir uly iş bilen gelipdirler.
208
Bularyň ýumuşlaryny bitirip goýbermek gerek — diýip, ol ýüzüni aşak
salan boldy.
— Älhepus, ýaman iş bolupdyr. Nätjek, ýamanam bolsa, aýtmaly-da
— diýip, ýüzüni ýokary galdyrdy-da, ýene sözüni dowam etdirdi. —
Hawa, adamlar, şu oturan öýüňize bir gelin bilen bir ýigit gelip düşendir.
Şol gelin Bekmyrat baýlaryň gelni bolmaly. Ýanyndaky bolsa bir hiç
zadyň parhyna bakman, ýagşa-ýamana düşünmän, çölde meýdan möjegi
ýaly bolup giden çopan bolmaly. Ana, şol oglan gelni şu ýerik alyp
gaçyp gelýä. Şolar ýaly, kowahada-şerigata garaman, göwnüne gelenini
edip ýören ýurt ýykana şu adamlaryň hiç biri tarapdar bolmaly däldir.
Gaýtyp, beýle adamyny ýazgarmalydyr, il masgarasy etmelidir. Kimdekim şeýle ahlaksyz, bozuk adama tarapdar bolsa, şerigat öňünde-de,
kowahat öňünde-de şol biahlak adam bilen deň günäkärdir, masgara,
ýüzügaradyr — diýip, işan wagyz-nesihatyny tamamlady. Soňra ahun-da
şonçakly wagyz-nesihat aýtdy.
Emma
Nurmämmet
hakykat söýen
adam bolansoň, işanlar
gelmezden öň, Berdiden-de, Uzukdan-da sorap, bu işiň jikme-jik
takygyna ýetipdi. Ol «Bu işde Berdi bilen Uzugyň arkasyny tutmak
adalatyň tarapyny tutmakdyr» diýip, öz ýüregine jaýlapdy.
Ahun bilen işan öňüne goýlan çaýy içmäge başlady. Emma
Bekmyrat baý gahar-gazap bilen dolup, öňüne goýlan çaýyň ýüzüne-de
seretmeýärdi.
Işandyr ahunyň sözüni diňländen soň, Nurmämmet ýagşydanýamandan bir söz hem aýtmady.
Bekmyrat baý gaharyny içine sygdyryp bilmän:
— Hany bu obanyň ýaşulusy kim? Bu ýerik gaçyp gelenlere kim
hossar çykýa? — diýip sorady.
Nurmämmet:
— Obanyň ýaşulusy biz diýsegem bolýa. Aýdyberiň aýtjak zadyňyzy
— diýip, sarsman oturdy.
209
— Onda şol öýüňize gaçyp gelenlere hossar çykjagam Siz bolmalyda?
— Hawa, biz bolmaly.
— Onda şol adamlary ýola çykaryp ugradyň.
— Ol adamlary biz çagyryp getirmändiris, olaryň özleri gelipdir. Öz
razyçylyklary bilen özleri ýola çykmasalar, biz olara «Ýola çykyň» diýip
aýdyp bilmeris.
Bekmyrat baý aňry sözlemän, işanyň ýüzüne seretdi. Işan nika
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 13
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.