Latin

Ykbal I - 21

Total number of words is 3848
Total number of unique words is 1980
35.0 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
56.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
belet bolnar. Ondan soň dogan bolarys. Ol bolmasa, bu gün dogan
okaşyp,
ertir
hüý-häsiýetimiz
dogry
gelişmän
tersleşsek
ýa-da
aýrylyşsak, ol hiç bir zatça-da bolmaz. Sen şuny neneňsi görýäň? —
diýip, Allak Gylyçlynyň ýüzüne seretdi.
— Men öň Durdynyňam sözüne Dogry diýipdim welin, indi
ikiňiziňem pikiriňizi eşitdim. Ýöne häzir dogan okaşmagyňyzy goýuň.
Ýaňky aýdanyň, ilki bir-biriňiziň hüý-häsiýetiňize belet boluň. Ondan
soň dogan okaşsaňyz, çyn ýaly bolar.
— Meniňem Durda aýdýanym şol-da — diýip, Allagyň ýüzi
ýagtyldy.
— Aý, bolýa-da, olar ýaly bolsa, «Il oňlasa, atyňy soý» diýýä. Siz
şony maslahat bilýän bolsaňyz, bizem goşulýas — diýip, Durdy jöwheri
gynyna saldy.
Mundan soň Durdy bilen Allak köp wagt bile tirkeşip gezdi. Her hili
agyrlyklar, kyn günler başlaryna düşen wagtlarynda, ol kynçylyklaryň
öňünde Durdynyň ýegşermän, arslan ýaly berk durşy Allagy haýran
galdyrdy.
Allak Durdy bilen näçe köp tirkeşdigiçe, onuň bütin hüý-häsiýetini,
berkligini, edenliligini halap, gün geçdigiçe, ony gowy görmäge başlady.
Soňky wagtlarda Durdynyň açyk hem ynamdar ýüzüne seredende, ol
344
özüniň bet pikiri ýadyna düşüp, agyr oý-pikirlere düşmäge başlady.
Allak birnäçe gezek Durdyny öldürjek bolup synananda, bir tarapdan,
öldürmäge çekinip goýan bolsa, ikinji tarapdan, öldürmäge dözmän, köp
wagtlar ýaýdanyp gezdi.
Ynha, şeýdip gezip ýören wagtlarynda, bir gün erte gije Bekmyrat
baýlaryň öýüne dökülip, erkek göbeklisinden ele düşenini öldüreli diýen
maslahat bilen Durdy bilen Allak örän uzak ýoldan Bekmyrat baýyňka
ugrady. Gelýärkäler, ýolda gün ýaşyp, garaňky düşdi, emma Bekmyrat
baýyň öýüne ýetjek bolsalar, bu gijäni tutuşlygyna ýöremelidiler. Oňa
görä bu gije arkaýyn ýatyp, ertir gündiz ýöräli diýen pikir bilen ýoldan
sowlup, beýleräkde ýatmakçy boldular. Durdy gaty ýadaw bolansoň,
atdan düşdi-de, nan-çaý iýmän, bir ýumşagrak çöpi ýassanyp gyşardy.
Ol, gyşaran badyna uka gidip, hor çekmäge başlady.
Allak çaý içjek bahanasy bilen ýatmady. Ol Durdynyň başujunda bir
çukurja ýerde tüňçesini oturdyp, çüýrän sazaklaryň agaçlyraklaryndan
düýbüne taşlaşdyran bolup otyrdy. Bu wagtlar onuň pikirinde çaý
gaýnatmak bolman, belki, Durdyny neneňsi edip öldürmeli diýen pikir
başynda höküm sürýärdi. Ynha, şol bet pikir bilen ol ýerinden emaý
bilen turup, gerinjiräp, töweregine seretdi-de, ýuwaşjadan — pişik
basyşyny edip, Durdynyň başujuna baryp durdy; çep tarapynda guşagyna
gysdyrylan ak saply jöwheriň şirmaýy sapyndan sag eli bilen tutup,
usullyk bilen çekip çykardy, ony Durdynyň kükreginden sokmak
maksady bilen goluny ýokary göterende, süýji ukuda gapyl ýatan
ýoldaşynyň nurana ýüzüne gözi düşüp, gollary diýen etmän ysgyndan
gaçyp, aşak düşdi. Allak Durdynyň öz durmuşyndan ýanyp-köýüp beren
gürrüňleriniň baryny boýdan-başa birme-bir ýadyna düşürip, ony öz
durmuşy bilen deňeşdirip, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkap, lampa aşak
oturdy. Oturan ýerinde özüniň durmuşynda iň kyn hem agyr meseläni tiz
wagtyň içinde çözmekçi boldy. Häzir gözüniň öňünde açyk howadan
çuňňul-çuňňul ýuwdup ýatan, her günsaýyn pikirlenişip, bagtly
345
durmuşyň nesihatyny berip ýören, ýaşlykda ädi ýanan ýanyk ýürekli
ýakyn ýoldaşynyň ýangynly kükreginden rehimsiz jöwheriň girip,
gyrmyzy ganyny gangynsyz gara ýere saçalajagyny ýadyna salanda, ol:
— Ah! — diýip, maňlaýyna uranyny özi hem bilmän, tisginip örgökden geldi.
Ýadawlyk ukusyndan şirin-şirin sorup, gapyl ýatan ýigit munuň
çeken ahyna oýanmady. Allak Durdynyň başyny alandaky hem
almazlygyndaky öňünde goýlan şertleri birme-bir gözüniň öňünden
geçirdi, Durdyny öldürmekden başga özüne gidere ýol ýokdugyny
ýadyna salyp, çuňňur ukuda ýatan mähriban dostuny öldürmek kasty
bilen ýene elini ýokary göterdi. Ýene misli: «Haý, dur!» diýlen ýaly
bolup, pyçagy urup bilmän, lampa aşak oturdy. Dolanyp, ýerinden
galmaga-da onuň mejaly bolmady. Oturan ýerinde gara dere çümüp,
hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soňra, usullyk bilen pyçagyny gynyna
salyp, beýleräk çekilip gyşardy. Ýagşy birsalymdan Allagyň endamlary
sowaşyp, derleri gaýdyşan ýaly boldy.
Ol Durdyny öldürmegi bütinleý kalbyndan çykaryp, irkilmek maksady
bilen köp wagtlap gözüni ýumup ýatdy, emma hiç irkilip bilmedi. Her
näçe gözüni ýumup, uklajak boldy, emma gözleri hiç ýumulmady.
Gollaryny ýere urup, usullyk bilen ýene ýerinden galdy. Ymgyr giden
çöl-beýewanyň hereketsiz ýatan gamgyn garaňky gijesinde Allak özüniň
ters takdyrynyň ýorgudyny garamaga oturdy. Eneden ýalňyz dogup,
durmuşdan deňlik tapmadyk ýeke ýigidiň bütin ömür boýy dadan
deňsizlik tygynyň yzasy häzir onuň ýüregine dykyn urup geldi. Ol: «Ah,
dadysyz günler!.. — diýip, başyny aşak salyp durdy-da — men eneden
dogup, aglamak-eňremek, aza-sezadan başga näme gördüm?!» diýdi.
«Indi men näme görjek? Hany meniň ömrümiň gymmaty? Beýle däl,
men özümi öldüreýin! Durdy ýaly ary-namysy ugrunda jan alyp-jan
berýän är ýigitleriň ýaş ömrüniň tanapyny gyrmaýyn!.. Goý gyrlan öz
ömrümiň tanapy bolsun!» diýip, Allak Durdynyň ýanyndan biraz
346
aýrylmak maksady bilen başyny aşak salyp, ýeke-ýeke basyp ugrady.
Käte durup, käte edip barşyna, atynyň duşundan geçiberende, aty onuň
ýanyna gelip, misli eýesi bilen hoşlaşýan ýaly bolup, usullyk bilen
maňlaýyny süýkedi. Allak atynyň ýüzüne ýüzüni goýup, gözlerinden
yzly-yzyna iki gaýra ýaş damjasyny goýberip: «Hoş, razy bol, melejäm!
Indi meni arkaňa alyp, duşman arasyndan alyp çykmarsyň! Men öz elim
bilen öz tygymdan özümi gurban edýän!» diýip, atynyň ýüzünden ýüzüni
aýyrdy-da, onuň boýnuny gujaklap, pyçagyny gynyndan sogrup, gynyny
beýläk oklady. Allak ahyrky halatda kast bilen pyçagyň sapyny berk
gysymlap, kükreginden urmaga çenänden soň, ýene ajal karkarasy
astynda onuň başyna birnäçe pikirler gelip geçdi. Ol bütin durmuşyny öz
düşünişiçe bir-bir gözüniň öňünden geçirdi.
«Maňa buýrulan iş — Durdynyň başyny almak. Eger-de şu gije
Durdyny öldürmesem, özümi öldürmeli. Ertire abat çyksak, erte agşam
Bekmyrat baýyň öýüne dökülip, erkek adamlarynyň ele düşenini
öldürmeli. Emma ol iş bize başardarmy? Bekmyrat baý ahmal däldir.
Onuň ýaragy, adamsy köp. Bekmyrat baýy öldürmek bize aňsat düşmez.
Ol gijeler öýüniň töweregine garawul goýýa. Onuň bilen çapyşsak, ýa
ölmeli, ýa öldürmeli. Onuň hiç biri hem bolmasa, ýene-de maňa dünýäde
gezmek kyn, sebäbi ozal duşmanyň bir Weli baý bolsa, soňra
Bekmyradam meniň duşmanym bolýa, duşman iki esse güýjeýä. Eger-de
Durdyny öldürmän, bu gije gaçyp gitsem, ýa bu işiň üstünde Durdy bilen
aýrylyşsam, soň men Durdyny öldürip bilmen. Durdyny öldürmän, oba
barsam, Weli baý meni Sibire iberder. Meni ilden-günden aýryp, sowuk
ýurda ibärler. Maňa gör nirelerde, ýeriň aşagynda, garaňky ýerde gijegündiz daş köwdirler, arak içirler... Aýalym bolsa munda galar. Ony
satarlar. Men özüm bolsam şol ýerlerde ölüp galaryn. Meniň läşim
şagallara şam, itlere ýal bolar... Ah! Kynçylyk... Agyr günler... Ah,
dadysyz durmuş.
Men Durdyny öldürip baraýsam, Bekmyrat baý Weli baýyň
347
ýabysyny tölejek, meniň günämi geçjek. Wah, meniň günäm barmy
näme?! Bolmasa-da, men «günäli»...
...Gelnimi gaýtaryp getirip, üstüme öý tutup berjek. Öňki algylaryny
geçjek. Menem il ýaly öýli-işikli bolaryn. Maşgalam bolar. Belki,
bagtym açylyp, ýagşy gün görerin. Emma häzirki bolup ýörşümden ölen
ýagşy. Öýlenenime pylança ýyl boldy, şondan bäri gelnim bilen görşüp
bilemok. Onuň onda saçy agarjak, meniň munda — sakgalym. Menden
galyň berip gelnini gaýtaranam ýokdur! Ah! Kyn işler... Kyn işler...
Gel, aý, indi näme bolsa, bolmaly boldy. Men özümi öldürmäýin,
men Durdyny öldürsem, maňa ýagşy gün garaşýan ýaly-la. Hoş, gaflat
ukusynda ýatan ynamdar dostum! Sen dönük, satlyk ýoldaşyň tygyndan
gurban bolmaly bolduň. Ynha, seniň al-ýaşyl gyzgyn ganlaryňy
sowatman, gangysyz gara ýer sorup, maňa rehmet aýdar. Ah!.. Ol rehmet
maňa nämä gerek? Ynha, seniň berk bedeniňden syçraşyp çykan
ganlaryň her bir maýdajyk damjajyklary maňa müňlerçe nälet aýdarlar.
Ölüme garşylyk görkezen diriçilik höwesindäki ýaş ganlar meniň
pyçagymyň tygyna azazyl ýaly ýapyşar. Pyçagymyň tygyndan joralanyp,
gara ýere daman ganlaryň her bir damjasy:
— Nälet!.. Nälet!.. Bigaýrat!.. — diýen owaz bilen gygyryşyp, ýere
siňip giderler! Durdy hem bolmaz, ol dünýä indimi-inmedimi, belli hem
bolmaz. Hiç kim ondan ýagşylygam görmez, ýamanlygam!
Emma ölüm aty ýüwrükdir. Ynha, ol Durdynyň ýurtda galan garyp
enesiniň gapysyny soragsyz-idegsiz iki ýanlaýyn açar. Durdynyň
ölümini eşiden mähriban ene nä günlere düşer?! Ah! Ene mähri, ene
ýüregi... Ene söýgüsi Durdynyň ýekeje damja ganynyň ýere damjak
ýerinde gara başyny damak gan çukuryna goýmazmydy. Belki, ol şu
mahalyň özünde öýünde erbet-erbet düýş görüp ýatandyr.
Ah! Garagurum dolagly gara günler demir penjelerini gerşip, meniň
ýüregimi paralady-la! — diýende, şirmaýy sapyndan berk gysymlanyp,
Durdynyň ýüregini nyşanalap, ýokardan zarply inen pyçagynyň ujy
348
Durdynyň bedenine iki barmak ýetmän, ýene saklanyp galdy. Allak şol
durşuna doňan ýaly hereketsiz, gymyldysyz ýagdaýda durka, onuň
başyna az wagtyň içinde ýene ençeme pikirler gelip geçdi:
«Durdy ýaly ary-namysy, ykrary üstünde pelek bilen mert oýnap, daş
kimin dagdan-daga atylýan bir ýigit ölenden goý meniň ýaly bigaýrat,
ykrarsyz, arsyz-namyssyzlaryň ýüzüsi ölsün! Men ony oýaraýyn, goý, ol
meni öldürsin! — diýip, Allak tüýs ýürekden özüni näletläp:
— A-a-hah!!! — diýip, çep eliniň şapbady bilen maňlaýyna berk
uranda, Durdy oýanyp, syçraklap ýerinden galdy.
Ol oýanandan, erbet surata gözi düşüp, pyçagynyň sapyny berk
gysymlap turdy. Şeýle-de bolsa, Durdy özüni ýitirmedi. Ol pyçagynyň
sapyndan berk gysymlap, çep eli bilen maňlaýyny tutup, sag elini öňe
gerşine uzadyp, doňdurylan ýaly bolup duranyň öz ýoldaşy Allakdygyny
tanap:
— Allak, bu näme boluşdyr? — diýdi.
Allak Durda jogap bermän:
— Al! Al! Al pyçagy! Ynha, kükregim, ur! — diýip, çep elini
maňlaýyndan aýryp, döşüni gaýşardyp, kükregini görkezdi.
Durdy Allagyň bu bolşuna haýran galyp:
— Allak, dälirediňmi ýa oýanyp bileňokmy? Hany oýan — diýip,
onuň elinden tutup silteledi.
Allak gerimine tutup duran pyçagynyň sapyny şatyrdadyp gysyp,
döwere getirdi-de: «Eh!» edip, alla owarra zyňyp, aşak oturdy.
Oturyşyna maňlaýynyň derini süpürişdirip, uludan demini aldy.
Durdy Allagyň bu bolşuna düşünip bilmän:
— Allak, bu nä boluşdyr, hany bir özüňe gel, näm boldy saňa? —
diýip, onuň gapdalynda oturdy.
Durdy hem ony gyssap oturmady. Soňra Allagyň damarlary
gowşaşyp, ýüregi ýerine gelip, özüni biraz raslady. Ol daň atýança
ýatman, bütin başdan geçenlerini Durda gürrüň edip berdi.
349
Allak gün dogar-dogmazyň öň ýanynda sözüni soňlady:
— Ynha, Durdy jan, iş şeýledi, şu güne çenli meniň ýüzüm perdelidi.
Sen meni tanamaýadyň, şu gün men perdäni ýüzümden sypyrdym, sende meni tanadyň.
Men seniň öňüňde günäkär, meniň günäm ölüme barabar. Anha,
pyçaklap öldürseň, biliňde pyçak. Meniň elim boş, menden saňa
gaýtawul ýok. Atyp öldürseň, ynha, ýanyňda tüpeň, bäş gadam beýläk
çekilýän. Ýok, günämi geçjek bolsaň, başga aýtjak sözüm bar.
Durdy Allagyň sözlerini diňläp, birsalym sesini çykarman oturdy.
Soňra:
— Hany günäňi geçemde, aýtjak sözüňi aýt — diýdi.
— Ýok, şu güne çenli namart-da bolan bolsam, günäm geçilmezden
öňürti, ol sözi aýdyp, ýüzüme ýylgyrdyp biljek däl. Öldürjek bolsaň,
ygtyýar sende.
Durdy ýene köp pikirlenip, birden Allaga seredip:
— Aýt, günäňi geçdim — diýdi.
— Günämi geçen bolsaň, biliňdäki pyçagy ber — diýip, Allak Durda
elini uzatdy.
Durdy pyçagy gynyndan sogrup, Allagyň eline berdi.
Allak pyçagy alşyna özüniň çep eliniň ýumry etinden urdy-da, Durda
uzatdy.
Durdy hem çep eliniň ýumry etinden pyçagy urup, ikisi bir-biriniň
ganyny soruşdy. Gujaklaşdylar. Şeýlelik bilen, olar gan dogany boldular.
Olaryň düşünjeleri boýunça gan dogany süýt doganyndan hem bir-birine
ýakyn bolmalydy.
Olaryň öz ynançlary boýunça häzir Durdy hem ýeke däldi, Allak
hem. Allak — Durdynyň dogany, Durdy — Allagyň, bular — iki dogan.
Olaryň häzir her haýsy iki esse güýçli.
Bu wakadan soň Durdy Allaga şeýle maslahat berdi:
— Bolýa, Allak jan, sen şeýle ýagdaýa düşeňde-de, meni öldürmäge
350
wyždanyň çatmandyr. Sende wyždanly ärleriň ysy bardygyna ynandym.
Seniň ýeriňe başga bir wyždansyz, bigaýrat adam bolan bolsa, ol, men
uklap ýatyrkam, başymy alyp, Bekmyrat baýa eltip engam bererdi.
Meniň kelläme Bekmyrat baýdan näçe baýrak, sylaglar islärdi.
Emma men şu ýerde, oturan ýerimde-de bilip otyryn: sen meniň
başymy Bekmyrat baýa eltip beren-de bolsaň, her hili bahanalar tapyp,
saňa bir köpük-de bermezdi. Başga hiç bir bahana tapyp bilmese — Asyl
saňa bir zat-da bermeýän — diýerdi. Şonda etjek zadyň näme? Sen-ä,
näme, Weli baýyň eline tabşyrsa, ol derrew gözüňi Sibirde açdyrdy.
Meniň aýdanlarymyň hakdygyna seniň ynanmagyň gerek. Onuň
üçin-de şu ýerden atlan-da, git Bekmyrat baýyň ýanyna. Bar-da, aýt
«Men Durdyny öldürdim» diý.
Eger ynanyp, aýdan şertlerini ýerine ýetiräýse, onda iň gowusy, oňa
ýetesi näme bar? Onda men Ahala çykar gidibiýrin. Onda meniň
yzymdan ideg-de bolmaz, sorag-da; seniňem işiň bitýä, meniňem.
Ýöne beýle zat bolar diýip, men hiç oýlamaýan. Her zadam bolsa,
sen git, haýsy bolsa-da, seniň üçin bähbitli. Sen «Hem daýylaryňa
gidýäsiň, hem taýyňa baş öwredýäsiň».
Bekmyrat baý sözüniň üstünde är ýaly dursa, seň bähbidiň, durmasada seň bähbidiň. Durmasa, dolanyp Bekmyrat baýyň, Bekmyrat baý
ýalylaryň ýüpüniň üstünde bir penje odun goýmarsyň. Olaryň ýüpüniň
çüýrükdigine ykjam ynanarsyň. Bu seniň üçin sapak bolar.
Allak Durdynyň maslahatyny makul bilip, Bekmyrat baýyňka
ugramakçy boldy. Durdy Allagy ataranda:
— Ýylanlyň oýunda öldürdim — diýip aýdarsyň — diýdi.
Ol Allagy ugradyp, özi Ýylanlynyň oýuna ugrady.
Ýylanlynyň oýunyň demirgazyk ýakasy Sary dagynyň gara
ýatagydy. Durdy bu ýerik gelende, goýunlar örä giden ekeni-de, goşda
bir Esen galypdyr. Esen Durdynyň goşlaryna gelmegine köp şatlandy.
Ikisi oturyp nahar iýdi, çal içdiler. Soňra Durdy:
351
— Esen jan, hany bir-iki sany pil tap, ikimiz Ýylanlyň oýunyň
ýokary çetine gideli — diýdi.
Gidip barýarkalar, Esen ýolda Durdudan:
— Halypa, biz pilli nirä barýas? — diýip sorady.
Durdy:
— Bekmyrat baýy gömmäge barýas — diýdi.
— Esen muňa hezil edinip güldi:
— Kakdyňmy aýt, halypa?
— «Ala gargada hakym bolsa, ýaz almasam, gyş alaryn» diýýä, bu
gün kakmadyk bolsam-da, ahyry bir gün kakaryn.
Bular gürrüňleşip gidip baryşlaryna Ýylanlynyň oýunyň ýokary
çetinde aýak çekdiler.
— Ynha, Esen jan, şu ýerden Bekmyrat baýyň mazaryny ýasamaly
— diýip, Durdy gabyr gazmaga başlady.
Durdy bilen Esen — ikisi iki ýerden haýdap, başujuna hem
aýagujuna agaç dikip, çyna berimsiz edip, mazar ýasady.
Durdy mazary näme üçin edendigini Esene aýdyp berdi.
— Ynha, Esen jan, meni ep-esli wagt görmersiňiz, Allak gelse, maňa
siziň goşuňyzda garaşsyn. Ýöne meni soran bolsa, şol ýaňky aýdyşym
ýaly: «Allak Durdyny öldürdi, ana, onuň mazary» diýersiňiz. Häzir men
atsyz galdym, Bekmyrat baýyň atyny Allaga berip goýberdim. Men
Gylyçlyň ýanyna ugrajak. Wagtlaýynça şonuň ýabysyny alyp, aşak —
guma çekilerin. Soňuny bolsa soňra görüberýäs — diýip, Durdy Esen
dagynyň goşundan ugrady.
*
*
*
Gaty gawun entek bişmändi, kyrkgünlük, zamça ýaly gawunlar
ýagşy bişip, bazary doldurypdy.
Paslyň şu döwürleriniň açyk, salkyn bir gijesi ýarymdan agypdy.
352
Uzyn hataryň kese işiginde uly-kiçi — hemme uklaşyp ýatyrdy.
Bekmyrat baý öýüniň işiginden sowarak demirgazyk taraprakda
goýlan pružinaly krowatyň üstünde arkan düşüp, serginläp, pikir edip
ýatyrdy. Ol bu wagtlar öýüň gapdalyndan öwrülip, özüne garşy ýerän
adamy görüp, laňňa ýerinden galyp, aýagyny ýere atdy. Onýança bir
adam Bekmyrat baýyň ýanyna gelip:
— Salawmaleýkim — diýdi.
Bekmyrat baý usullyk bilen:
— Aleýkim, Allak, senmi? — diýip, zöwwe ýerinden turdy.
— Hawa, men. Hany ýör, ýeňsä çykaly-la.
— Ine derrew — diýip, Bekmyrat baý ýassygynyň aşagyndan
brawnik sapançasyny alyp, Allagyň yzyna düşüp ugrady. Allak öýüň
ýeňsesindäki paýapyldan aňryk geçip, derýanyň bir köwüne eltdi-de:
— Ynha atlaryňyz — diýdi.
— Nätdiň, özüni alyp bildiňmi?
— Özünem aldym.
— Nirede, haçan aldyň?
— Öten agşam, ýarym gijäniň öň ýanynda, Kümüş depäniň aňry
ýanynda, Ýylanlyň oýy diýýä, şonuň içinde öldürdim.
— Galagoplukda çalajan-zat eden bolsaň, üstünden ýene adam-gara
baryp, ýygnasa, birden düzelip ötägitmesin?
— Aý, ýok, indi ondan adam bolasy ýok — diýip, Allak uludan
demini aldy.
— Bolýa onda, ýör, tama baraly. Arkaýyn ýatyp, dynjyňy al —
diýip, Bekmyrat baý tama eltip, Allagy ýatyrdy. — Men oglanlara atlary
ýygnadaýyn — diýip, özi daşary çykdy.
Ol derrew özüniň iki sany adamsyny turzup, atlaryň ýanyna alyp
bardy-da, olara berk tabşyryk berdi:
— Ynha atlar. Allak gandaryňyzy öldürip gelipdir. Öldüren ýeri
Kümüşdepede Ýylanlyň oýundamyş. Siz derrew şu ýerden ugraň. Baryň353
da, çalajan-zat bolsa, öldürip, ýerini üýtgedip gömüň. Eger ölen bolsada, tapylmaz ýaly edip, başga bir ýerde pugta gömüň. Özüňizem bir
ýerde-de dil ýazdyraýmaň. Eşidýäsiňizmi?
— Eşidýäs.
— Eşiden bolsaňyz, baryň, geýimleriňizi geýip geliň, ugraň — diýip,
Bekmyrat baý iki sany atlynyň şaýyny tutduryp, Durdyny Allakdan
gizletmäge iberdi. Özi bolsa ýene pružinaly krowatynyň üstüne baryp
gyşardy.
Allak birnäçe gün onda-mundarak, bukdak-sukdak edip gezdi. Her
gün Bekmyrat baý çagyryp, gelni getirmek dogrusynda gürrüň eder
diýip, ol tama etdi. Emma Bekmyrat baý ony çagyrmady.
Bekmyrat baýyň Durdynyň meýidini gizletmäge iberen adamlary:
«Ony eýýäm çopanlar gömen ekenler. Mazaryny tep-tekiz edip, ýer bilen
deňläp gaýtdyk. Gum syrap dur, Allak şu pille gitse-de, şony tapmaýa»
diýip gelipdiler.
Baý bu habary eşidip, begenjinden näçe heşelle kakypdy. Allagyň
Durdyny öldürendigine ol indi şeksiz, şübhesiz ynanypdy. Dolanyp,
Allagyň onuň mazaryny tapmajagyna-da berk ynanyp, ýzregi ýerine
gelipdi.
Şeýle-de bolsa, ol iberen adamlaryna:
— Wah! Şol ýerde çopanlaryň itlerine etini dograşdyryp berer ýaly
ekeniňiz! — diýip, näçe ahmyr çekipdi.
Ynha, şol ynanç bilen Bekmyrat baý bir gün Allagy çagyryp:
— Allak, täzeden men bir habar eşidýän — diýdi. «Allak Durdyny
öldürip bilmändir, ýöne, atyny alyp, gaçyp gaýdypdyr» diýýäler. Indi her
kim her zat diýse-de, ynanybam-a duramok, ýöne has ynandyrybam
barýalar. Menem seni iberemde, bir zada boýun bolupdym. Şol boýun
bolan zadymy edip dynaýsam diýýän. Näme «Bergini beren ýeňer, ýoly
— ýörän» diýýä. Boýnuma alan zadymy edip dynaýsam gowy görýän.
Men indiki bazardan soň seniň gaýynlaryňa gelniňi dilemäge gitjek,
354
ýöne sen şoňa çenli şol öldüren adamyňdan nyşanjagaz getir. Menem
duşmanymyň ölendigini bilip, bir arkaýyn gezeýin. Ýogsam şol seniň
gaýynlaryňa gitjegem bolsaň, at-ýarag şaýyňy tutup ýörmeli — diýip,
Allagyň ýüzüne seretdi.
Allak:
— Indi men-ä, baý aga, Durdynyň ýanyna baryp, ölen tenine tyg
çekmäni gaty ýaman görýän — diýdi.
— Men bimamla gep aýdýan däldirin, haw, Allak, sen kyn görjek
bolma.
— Aý, baý aga, siziň şu buýrugyňyz-a öldürmek üçin iberen
buýrugyňyzdanam kyn görýän.
— Ýok, inim, kyn görme. Ana, at, ynha, ýarag, mün-de depiber,
derrew alyp gelersiň. Sözüň dogrusy, nyşan getirmeseň, boýnuma alan
zatlarymyň birinem edip biljek däl.
— Baý aga, şu buýrugy siz maňa buýurmasaňyzlaň, bolmasa, men
salgy bereýin, bir adam iberiň, alyp geler. Men-ä dogrymy aýtsam,
şonuň bilen bile gezip, köp öwrenişipdirin, şonuň tenine indi baryp
ýaragam urup biljek däl.
— Ha-ha-ha-a! Onuň öli tenine ýarag urup bilmejek adam neneň
öldürdikä? Ynha şu ýerde bir hili syr bar.
— Bolýa, baý aga, getiriň atyňyz bilen ýaragyňyzy, size nyşan
getirip bereýin.
— Hanha, at eýerli dur, bar-da, mün-de gidiber. Me, ynha-da, ýarag.
— Äberiň — diýip, Allak, ýaragy alyp, aty münüp, obadan çykyp
gitdi.
INÇE SYRLAR AÇYLYŞYNDA...
A
ÇYK hem dury asmanda ýyldyzlaryň ýaş gelniň şahy
355
çabydyna düzülen çaprazlar ýaly, asmana bezeg berip duran bir gijesi
giden ymgyr çölüň bir nokadynda sansyz agyr süri goýun gara ýatakda
gäwüş kakyşyp, gernişip, turşup, ýene ýatyşyp durdy.
Bu süriniň gapdalynda üç sany adam ýekeje çäýneklijek garaja
tüňçäni taýly gezek oda goýup, gezegine çaý içişip otyrdy. Bu
oturanlaryň biri gaýnap oturan tüňçäni otdan aldy-da, çümmügi bilen üç
gezek ujypsyzja çaýy tüňçäniň içine taşlap, otdan ýeňseräk süýşüp, çaý
içmäge oturdy.
Ol tüňçesiniň jüründiginden käsesine pagladyp, iki gezek agdardyda:
— Aý, bolýa-da, dünýedir-dä, barysy geçer. Bir topary geçdem —
diýip, öz başyndan geçen günlerini çaý başynda gürrüň bermäge oturdy:
— Meniň kakam zordan ýykma-ýykylma öz gününi dolaýan garyp
adamdy. Onuň öleni meniň ýadyma düýş ýaly düşýä. Ol biçäre üç sany
çagany enemiň elinde ýetim goýup ötdi. Atamdan tüwelek galmansoň,
enemiň ýeke özüne üç çagany idetmek gaty kyn düşdi. Biz gyşyn-ýazyn
aýakýalaň-başy açyk gezerdik. Ynha, şo barmana gyşyň sowuk
günlerinde menden beýleki çagalaryň ikisi hem keselläp, yzly-yzyna
ýogaldy. Enemiň elinde ýeke men galdym, onda-da biziň günümiz
öňküsinden gowy geçmedi.
Hawa, şeýlelikde, aradan iki-üç ýyl geçdimikä diýýän — bir agşam
aýyň süýt ýaly aýdyň gijesi oglanlar obanyň ortasyndan geçýän uly
ýoluň üstüne oýnamaga ýygnanyşdylar. Olaryň arasyna menem eşigimi
tazyň july ýaly edip, oýnamaga bardym. Ilki «çürrük depdi», soňra
«basyrdy», «setdar-metdar» ýaly oýunlar oýnap, giçden soň dagaşdyk.
Men ýekeje özüm ilerden öýümize gaýdyp gelýärdim welin, öýümize
ýakynlaşamda, dolananymyň eşekgeriş kepbesiniň kölegesinde bir
gaýmalaşyk göründi. Men bu gaýmalaşygyň duşuna gelemde, kölegede
duranyň kakamyň doganoglanydygyny tanadym. Onýança bir garry
heleý kepbäniň aňyrsyndan ejemi yzyna düşürip geldi-de, kakamyň
356
doganoglany bilen ony elleşdirip, bir zat-bir zat diýip, hymyr-symyr etdi.
Men bu ýagdaýy görüp, üstümden suw guýlan ýaly bolup, duşlaryndan
geçip gitdim. Baran gapym hem bir daşkyrak garyndaşymyzyň öýi
boldy. «Be, bular henizem ýatmandyr-aýt» diýip, gapylaryny açdym
welin, öýde üç sany garry heleý, üç sanam ýaşulurak adam, birem selleli
molla otyr. Men bir aýagymy öýe atyp, ikinji aýagymy atmankam, söýä
ýaplanyp duran garry aýal gursagymdan itekläp: «Bar, git-de, ýat» diýdi.
Menem gelip işigimizde ýatdym, ýöne näme iş bardygyna düşünip
bilmedim... Hawa — bu işden soň üç gün dagy geçipdi öýdýän — bir
görsem, kakamyň doganoglanynyň aýaly uly ili bilen nadaraçylyk edip,
hem ärine, hem ejeme sögüp aglaýa. Ol bir gün aglap goýmady, iki gün
aglap goýmady. Ony äri düýe ýenjen ýaly edip, telim sapar ýençdi. Men:
«Näme üçin gelnejem aglaýa?» diýip, illerden soraýadym, maňa «Äri
bilen sögüşipdir» diýip jogap bererdiler. Men oglanam bolsam, bir zat
bardygyny bilýädim, ýöne näme iş bardygyny açyk bilmeýädim. Şeýlelik
bilen, aradan ýene birnäçe wagt geçdi, gelnejem birneme köşeşdi, ýöne
ejem bilen it-de pişik ýaly boldy. Ynha, mundan soň kakamyň
doganoglanynyň
bukdak-sukdak
edip,
ejemiň
ýanyna
gelip
ýatýandygyny aňladym. Ýöne welin birnäçe wagtdan soň ýene gelmesini
goýdy. Ondan soň gelnejem hekgerip, ejem horlanmaga başlady. Ol ýeke
oturan wagtlarynda, hiňlenip aglardy, men onuň aglanyna dözmän: «Eje,
saňa näme bolýa?» diýip sorap, özümem aglardym; ikimiz oturyp
aglaşardyk. Bir gün ikimizem aglaşyp otyrdyk welin, ejem sesini goýup,
gözlerini-ýüzlerini süpürişdirip, bütin bolan işleri maňa aýdyp berdi.
Şondan
soň
men
ejemi
kakamyň
doganoglanyna
zor
edip
dakandyklaryny, kakamyň doganoglanynyň bolsa birnäçe wagtdan soň
ejeme seretmän taşlandygyny, günüsiniň bolsa ejeme her hili şyltaklar
edip, öldir ýaly urduryp, heşelle kakýandygyny bilip galdym.
Dogrudanam, ejem pahyryň guni bir bolsa, urşy iki boldy, agam ony
urup-urup, üstünde piliň sapyny kül-owram ederdi. Ejem pahyr özünden
357
gidip, seňseläp galardy. Ol urlan wagty, men öýe gelip bilmän,
daşarlarda aglap gezerdim. Bir gün ikindinaralar — bilmedim,
nämäniňdir üstünde — agam ejemi ullakan agaç bilen urup seňseletdi.
Ejem pahyr uzyn gije öljek bolup, hyrkyldap ýatdy. Men bolsam onuň
başujunda aglap, uzyn gijäni uklaman geçirdim. Şondan soň ejem üçdört günläp duz datman, aglap, daşary çykman ýatdy. Onuň gözünden
akýan ýaşlaryna men çydap oturyp bilmeýädim. Men öýe girmän,
daşarlarda oglanlaryň oýnaýşyna seredip oturýadym, hiç oýnasym
gelmeýädi. Iller agşam nahara ýygnananda, men daşarda ýekeje özüm
oturýadym. Bir gün, daşary ýagşy garaňkyransoň — iller agşam
naharyna ýygnanypdylar — men ejem öýde aglap oturansoň, öýe
barasym gelmän, garaňkyň içinde ýekeje özüm goňşymyzyň kepbesine
ýaplanyp otyrdym.
Birden öýümiziň içi ala-burugsy bolup, gyzyl ot bolup duruberdi.
Men zöwwe ýerimden galdym welin, bir zat gyzyl ot bolup labyrdap,
işigimizden çykdy-da, aýylganç ses edip, hataryň işigi bilen ökjäni
göterdi. Men gorkyma duran ýerimde özümden gidip ýykylypdyryn.
Meni birhaýukdan soň tapyp ýygnapdyrlar. Ýaňky gyzyl ot bolup çykan
ejem biçäre bolsa nätjek!.. Ol pahyr özüni otlapdyr.
— Ah! Öldümi?..
— Hawa, ölüpdir! Biçäre ejem bu dünýäň azabyndan dynypdyr...
Ýumruk ýaly ogluny ýurtda ýalňyz taşlap gidipdir... Wah!.. Ynha, meniň
gören günlerim — diýdi-de, ol hamsygan ýaly edip, owurtlan çaýyny
ýuwdup bilmän, elindäki käsesini ýerde goýdy. Birsalym başyny aşak
salyp oturyp, özüni raslansoň, ýüzlerini süpürişdirip, ýene gürrüň berip
başlady. — Hawa, men ejemden gorkup, bir aýlap kesel bolup ýatdym.
Bir aýdan soň aýak üstüne galyp, yraň-daraň gezip ýören günlerim obada
biri hudaýýoly etdi. Obanyň oglan-uşaklarynyň barysy hudaýýola
gidensoňlar, ýaş bökjäp duran höwesjeň ýürek, menem illerden soň
hudaýýola ugradym. Hudaýýoly edilýän ýeriň bäri çetinden baryp, bir
358
öýüň gapdalyna ýaplanyp ýygrylyp oturdym. Hemişeki bile oýnap ýören
oglanlarymyň bary daşrakda üýşüşip — Sary, Sary; Sarynyň ejesi özüni
özi otlap ölüpdir-dä... neresse ýetim galypdyr-da... — diýşip, pyşyr-da
pyşyr gürrüň edýäler. Onýança Oraz aga diýerdiler, bir oňat adam bardy
«Baryň, oglanlar, oýnaberiň, beýdişip durmaň» diýip, maňa seredişip
duran oglanlary dargadyp «Al, oglum, çorbaňy iýiber» diýip, öňümde bir
okara çorbanam getirip goýdy.
— Görýämiň, il içinde her hili oňat bendeler bar-da!
— Wah, hawa-la, Oraz aga ýadyma düşende, hemme adam şonuň
ýaly rehimdar bolaýsa bolmaýamy — diýýän.
— Hawa, men — keselden höňküräp turan; öler ýaly iýdim. Çorbany
iýip bolan badyma, ýaňky adam: «Al, oglum, geýimleriň ýyrtylypdyr,
olary çalşyryp, muny geýersiň» diýip, oglunyň täzeje köýnek-balagyny
getirip berdi. Men — Taňryýalkasyn — diýip, elinden aldym; epleşdirip,
goltugyma gysdym-da, şol ýerden özümiň dogan obamy ymykly taşlap
çykyp gitdim. «At — ürken ýerinden, är — gorkan ýerinden» diýenleri.
Şondan soň özümiň dogan obama barmaga aýagym-da çekmedi.
Hawa, şol ýerden çykyp gidişime bir baýa talaban durdum. Şol
günden başlap, onuň-munuň gapysynda talaban gezip ýörşümdir. Meret
arçynyň gapysynda talaban gezemde bolsa, onuň aýaly meni tas biajal
öldären eken. Indiki galan ömrüme Durda minnetdardyryn. Meret
arçynyň gapysyndan turup ugramda: «Indikide iki heleýliň işiginde
gezmen» diýip, özüme söz berdim. Indem iki heleýlem bolsa, jähennem,
gapysyndan gaýrarak, gel äý şu Hydyr gezen sähralara-da bir syn edeýin
diýip, şu garaýatakda gäwüş kakyşyp ýatan goýunlaryň hojaýynyna
çopan durdum. Bu goşa-da Durdy gelýä, biz ýene-de onuň bilen bir
ýerde. Näçe wagtdan bäri baý aýallarynyň iňirdili sesleri gulagyma
gelenok, şoňa-da şükür edip aňyrsyna ýetip bilemok — diýip, Sary
sözüni soňlady.
Sary
sözüni
soňlasa-da,
onuň
359
oda
seredip
oturan
ýoldaşy otdan gözüni aýyrmady. Ol häzir misli Sarynyň gürrüň beren
wakalarynyň içinde gezip ýören ýalydy. Gürrüňçi özüniň durmuşyny
hekaýa etmäge başlandan, ody gujaklajak ýaly bolup, käýarym bir: «Hä»
diýip, owsunyp oturyşyndan onuň üýtgeşik duýgudadygy bildirýärdi.
Gürrüňçiniň sesi heniz hem onuň gulagynda ýaňlanyp durdy; öňünde
ýanyp duran ot misli wakalaryň meýdany şekilinde bolup, berlen
gürrüňler oduň içinde janly obrazda görnüp, gelip-geçip duran ýalydy.
Ol bu wakalary öz durmuşy bilen deňäp görýärdi. Beýle pida
durmuşlaryň, beýle geçmişleriň ot içinde bihuda kül bolup ýanyp
gidýändigini görýärdi. Ol birden ýüregine ot ýapyşan ýaly bolup:
— Ah!.. — diýip, gursagyna urup, ýagşy birsalym ýüzüni aşak salyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 22
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.