Latin

Ykbal I - 14

Total number of words is 3804
Total number of unique words is 1933
34.5 of words are in the 2000 most common words
48.6 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýöne ol bu hakda özüniň berk sözüni Seýidahmet işanlarda aýdypdy. Ol
öz sözüni gögertse gerek.
Nurmämmet dagy bir aý gowrak türmede ýatdy. Emma şu bir aý
gowrak wagtyň içinde bütin oba bolup, bulary kepile almaga gün yrman
gatnadylar. Soňabaka bulary kepile almaga ýygnanýan adamlar ýeke
Nurmämmediň öz obasynyň adamlary hem bolman, goňşy obasynyň
halky hem günde ýygnanyşyp geldi. Ahyry halkyň irginsizligine
çydaman, bulary kepile berdiler. Emma Berdini kepile almak üçin köp
obalaryň adamlary ýygnanyşyp gelseler-de, netije çykmady. Berdini
kepile bermediler, çünki onuň daşyna Bekmyrat baýyň pulunyň saldyran
galasy çenden berk boldy. Şol kepile berilmeýşi ýaly hem, Berdi
gazamatda ýatmaly boldy. Nurmämmet dagynyň işini halk görmelisini
görüp, bermelisine berip düzetdi.
Nurmammet öz işleri düzelenden soň hem, Berdini çykarjak bolup,
näçe çalyşdy, emma hiç bir ýerden uç-da tapmady, netije-de çykaryp
bilmedi.
Bekmyrat baý: «Berdini gazamatda çüýrederin!» diýip aýdýamyş
diýlen habar Nurmämmediň gulagyna ýetýärdi. Nurmämmediň Berdini
çykarjak bolup çeken azaplary netijesiz çykansoň, şol gulagyna ýetýän
habarlara ol berk ynandy. Hakykatdan hem, Berdi Bekmyrat baýyň
pulunyň labyrynyň astyna düşüp, Aşgabatda gazamatda galdy. Soňra
Berdiniň gazamatdaky ykbaly birnäçe ýyllap daýysyna-da mälim
227
bolmady.
KYNYŞ BAÝYŇ AHMYRY
B
EKMYRAT baý Uzugyň yzyndan Ahala kowgy gideli bäri,
onuň enesi Kynyş baýyň saly suw üstündedi. Bütin nebereleri gijegündiz onuň halyndan habar alyp, göwünlik berip durýardylar. Gelinleri
agşamyna elleri sypynsa, Kynyş baýyň öýüne gelip, köp gürrüňleşip
oturýardy. Bu gün agşam hem onuň öýüne gelinleri ýygnanyşypdy.
Kynyş baý çäýnegindäki çaýynyň iň soňuny käsesine sarkdyrdy-da,
gapdalynda ýatan ak gülli ýaglyga derini süpürdi. Onýança öňüne täze
demlenen ýene bir hum çäýnek süýşürildi. Kynyş baý uzadylan çäýnegi
öňüne çekip:
— Aý, bolýa-da, menden salasyz eden işlerinde ýogyn ýüpleriniň ýol
almaýandygyny bilerçe bolandyr bular, ýöne bolýa-da. Ahyry haýyr
bolsun — diýip, püre-pür käsäni agzyna ýetirdi.
— Darykmaň, Çaryň ejesi. Ahyry haýyrdyr, ynşalla. Ynha, aman-sag
aýlanyp gerler. Size-de sala salynýandyr — diýip, gelinleriň biri oňa
göwünlik berdi.
Kynyş baý:
— Ýok, maňa sala salynýan bolsa, men — bir ergeneksiz eklenip,
terbiýesiz saklanan ýüwürt ýykany süýräň diýip aýtmazdym. Men
süýrejek bolsam, güýjüme baýrynjak bolsam, iliň içinden gül ýaly
çaganam tapardym. Indi Ahalyny goýmasynlar, Tejenini goýmasynlar,
kowalaşsyn ýörsünler. Wah, süýrediler, taň etdiler, soňky onuň bilen
kowalaşyp ýörmeleri näme?! Gaçdymy, ile masgara boldumy, Täterime
gitsin. Gözüm görüp, gulagym eşitmez ýaly ýere gidipdir, ylahym,
ondanam aňryk gitsin. Ana, indi «Neneňsi boldularka?» diýip, yzlarynda
sandyraklap otyrsyň — diýip, öňüne alan çäýnegini gaýtarmaga oturdy.
228
Gelinleriň ýene biri:
— Çaryň ejesi, gaýgy edip oturmaň. Indi ony diri alyp geleslerem
ýok. Şol Ahalda ýere süsdürip gaýdarlar. Onsoň asyl-ha gözüňiz-de
görmez, gulagyňyz-da eşitmez. Ynha görersiňiz — diýip, gaýynynyň
göwnüniň üstünden turjak boldy.
Bu gelniň sözi Kynyş baýyň göwnüne jaý bolmady. Ol başyny
ýaýkap:
— Aý, gelinlerim, siz gaýyn ataňyzyň neneňsi adamdygyny
bilmeýäsiňiz. Men onuň gylygyna oglanlygyndan belet, Bekmyrat bir
zady häzir aýtsa şu gün gögerdip, ertesi gülledýän adam ol. Ol şu ýerden
ugranda aýtdy ahyry: «Men ony öldürmen, ölenden ýaman ederin» diýip.
Aýdanynam eder. Ynha görersiňiz, süýräp getir. Onsoň bu hatardan
çykyp, men nirä gideýin? — diýip hamsykdy.
Gelinleriniň biri derrew:
— Çaryň ejesi, siz ony gaýgy etmäň-de, gidenleriň aman
gelmekleriniň dilegin ediň — diýip, ol gözýaşa ýetmänke, sözi Uzugyň
üstünden üýtgetmek isledi. Emma sözi üýtgedip, Kynyş baýyň
göwrümini giňedip bilmedi. Gaýtyp, ol öňküsinden hem beter howsala
düşdi:
— Aý, nätjek-dä, ömrümiň ahyrynda bir ýamanlyk görmän,
ýygnanaýarmykam diýýädim welin, boljak däl öýdýän. Gitmäň diýsem
etmediler. Gitdiler, indi men yzlarynda otly köýnek geýip otyryn. Amansag, baş esen, bagry bitin dolansalar, hudaý ýoluna bir goýun. Gelen
batlaryna bir goýun öldürip «Sadaka bolsun» diýerin. Aý, näbileýin-dä...
Ol ýüwürt ýykanlaram Ahalda bir iliň içine barar ahyryn. Kimiň öýünede, dalda isläp gaçyp atsa, baran ýerem türkmendir, gyrlyşarlar weli,
arka tutunyp baran adamyny bermez...
— Bermese, gowy-da, Çaryň ejesi.
— Wah, bermese, gowy welin, göreniň Bekmyratdyr. Almasa
gaýtmaz. Iki arada gyrlyşyk bormuka diýip, gara janym galanok —
229
diýende, öýüň ýeňsesinde paýtunyň sesi eşidildi. Öýde oturanlar: «Durda, dur» bolşup diňirgenişdiler. Onýança paýtun gelip, işikde durdy.
Gelinleriň biri ylgap, işigi açdy-da:
— Waý, Çaryň ejesi, ony getiräýipdirler — diýip dolandy.
Kynyş baý oňa:
— Geç, otur ýeriňde! — diýip azm urdy.
Ýaňky gelin ýerinde oturýança, Amanmyrat gapyny açyp, enesine
salam berdi.
Kynyş baý:
— Aman-sag geldiňizmi? — diýip, ýerinden turdy. Öýde oturan
gelinleriň birinden ses-seza çykmady. Kynyş baý turşuna bir gözüni
aýlap seredende, gelinleriň barysy oturan-oturan ýerinde doňan ýaly bolup galdy.
Amanmyrat Bekmyrat baýyň Serbaz baý bilen Sapary keselhana
salyp, özi hem olaryň ýanynda Aşgabatda galanyny aýtmady. Enesini
gorkuzmajak bolup:
— Bekmyrat kakam, Sapar, Serbaz kakam Tejende galdy. Weli
kakamam öýünde düşüp galdy — diýip, gapyny çekdi.
Kynyş baýyň:
— Waý, Bekmyrat dagyň özleri bir gurgunmy? — diýen soragyna
daşardan:
— Gurgun — diýen ses eşidildi. Şol söz bilen Amanmyrat öýüne
gitdi.
Kynyş baý dik duran ýerinde: «Aman!» diýip, başyny tutdy.
Gelinleriniň barysy birden ör-aýak üstüne galdy. Olar beýle ýagdaýda
Kynyş baýa neneňsi ýaranyp, neneňsi göwnüni tapyp, neneňsi söz
aýtjaklaryny bilmediler. Soňra iň uly gelni — Bekmyrat baýyň aýaly:
— Çaryň ejesi, hapa bolmaň. Siziň göwnüňiz näme isleýän bolsa,
oglanlaryň razy eder — diýip, onuň golundan tutup aşak oturtdy.
Kynyş baý hamsygjyran bolup:
230
— Tursam turup, otursam oturyp, gülsem gülüp, aglasam aglap
oturan gül ýaly gelinlerim bar. Indi men şu gül pürçügi ýaly gelinlerimiň
arasynda ol il masgarasyna neneňsi edip garaýyn?.. Bu yrylmaz
döwletime ol tüwmaýagy neneňsi ýanaşdyraýyn?! — diýip, ahyry
aglady.
Bekmyrat baýyň aýaly gaty dilewardy. Ol gaýyn enesiniň gözýaşyny
kepdirmek üçin onuň janyna batymly ýüzlerçe gep tapyp:
— Waý, goýaweriň, Çaryň ejesi. Şol masgara üçinem göze ýaş
getirlermi? — diýdi. — Ol Siziň gözüňizden ýere daman ýekeje damja
gözýaşyňyza arzaýamy näme?.. Käşgi gözýaşa arzaýan bolsa, onda
gözüňize ýaş getirseňiz, aýybam ýok.
«Pylan baýyň gapysynda pylança çorusy bardy. Çorularyň çagalany
bikesine-de aýyp däldi, hojasyna-da. Hywanyň, Buharyň bazaryna sürüp
äkidip satyp goýberdiler» diýip, özüňiz mydam gürrüň berip otyrsyňyz
ahyry.
Biýem bir gapyňda gezip ýören gyrnagyň ekeni-de. Şatyr-şallak
ölýänçä işlederler. Hudaýa şükür, iş näçe diýseň bar. Birden çagalaýsa
näme, oňa ýetesi näme bar. Halha, Amanmyradyň ýaşy kyrkdan
geçipdir. Henize çenli çaga gujagyna alanok, oňa-da bir ýüwürt sakçy
gerek ahyryn. Şonam pikir etmeli. Bular ýaly garyp ýeriň maşgalasy
çagalagyç bor. Belkiýem, goşa-goşadan ogul edip berjek — diýende,
Kynyşbaý.
— Wah, meniň dürdäne gelnim, baş gelnim. Senden görenim men
hiç kimden görmen — diýip, iki eli bilen Bekmyrat baýyň aýalynyň
egnine ýapyşdy. Bekmyrat baýyň aýaly özüniň sözi bilen onuň göwnüni
tapan bolmaga çemeli. Kynyş baý iki elini hem onuň egninden
sypdyrman: — Dogry, Amanmyrat jana ogul gerek! Ogul!.. Ogul!.. —
diýdi.
At gerekdir atarmaga,
Goltugyndan götermäge,
231
Hak myrada ýetirmäge,
Ogul gerekdir ýigide,
Zürýat gerekdir ýigide... —
diýip başyny ýaýkap, ýene — Ogul! — diýip gaýtalady.
Eýsem-de bolsa, ogul sözi Uzugyň ömrüni birnäçe wagt uzaldan
bolsa gerek, sebäbi Kynyş baý ogul sözüni birnäçe gezek gaýtalap,
başyny ýaýkandan soň, onuň — her zadam bolsa, ol tüwmaýagy etjegim
içimdedir. Irde-giçde şol etjegimi edip, maksadyma ýetmesem, armanly
ölerin — diýip aýdan sözünden köp many aňlamak boljakdy. Bu öýde
oturan gelinleri hem Kynyş baýyň bu sözünden: «Indi boljak iş bolupdyr,
Ahaldan öldürmän getiripdirler. Indi näme-de bolsa, bir-iki sany ogul
edýänçä çydaşaýyn, soňra bolsa bir sebäp tapyp, dünýä inmedik ýaly
etdirin» diýen manyny aňlan bolsalar gerek.
Kynyş baý biraz köşeşen ýaly boldy. Ol Bekmyrat baýyň aýalyna:
— Bar, bilip gel. Ol tüwmaýagy arzylap nirä ertipdirler? — diýdi.
Bekmyrat baýyň aýaly gapyny açdy-da:
— Daşarda tama ýaplanyp otyr — diýip, yzyna dolandy.
Soňra Kynyş baý gelinlerine:
— Baryň, gidiň-de, ýatyň. Biriň hem baryp habar tutaýjy bolmaň.
Goý uzyn gije şol oturan ýerinde otursyn. Söýgi güýçlümi, aýaz —
agramlap görsün — diýdi.
Gelinleri turşup ugradylar. Bekmyrat baýyň aýaly:
— Çaryň ejesi, gije ol doňup galaýmasyn? — diýip yzyna gaňryldy.
Kynyş baý oňa azgyrylyp:
— Doňsa, doňuplar galsyn! Iliň-ä arzuwy şol. Sen näme dözmezçilik
etjek bolýasyň? — diýdi.
Ol hem:
— Doňsa, doňuplar galsyn-la, men oňa dözmezçilik eder ýaly, iki
dogup, bir galanymmy? — diýip çykyp barýarka, Kynyş baý ony ýene
232
yzyna çagyrdy. Eline bir açar berip — Kepbä sal-da, daşyndan gulpla —
diýdi.
Gelni Kynyş baýyň buýrugyny berjaý etdi.
Uzuk uzynly gijäniň aýazyny, aňzak şemalyny ot-ojaksyz, ýorgandüşeksiz eşek geriş kepbäniň içinde geçirdi. Kynyş baýyň gelinleriniň
biri gara daňdandan turup, onuň serpigini açyp, ojagynda oduny ýakdy.
Emma — Ol gelin-ä henizem kepbededir — diýip, Uzuk hakynda bir
agyz söz aýtmady. Kynyş baýyň özi daşarda täret gylyp gelenden soň:
— Bar, ol tüwmaýak doňup galmadyk bolsa, Amansoltan pahyryň
öýüne sal. Bolmasa, ýalançy ýagtylypdyr, il görse, gürrüň bor — diýip,
ýaňky ot ýakan gelne Amanmyradyň ölen aýalynyň öýüniň açaryny
berdi.
Gelin baryp, Uzuga:
— Ýör, öýe erteýin — diýdi.
Amanmyrat Uzugy ölmez-gülmez edip, getirip taşlapdy. Häzir onuň
bedeninde abat ýeri ýokdy. Ahaldan başlap, degen taýaklaryň ýerleri
bütinleý aza bilen sezady. Onuň üstesine-de uzynly gijäni aýazyň
astynda geçirensoň, häzir ol hiç bir ýerini gozgap bilmän otyrdy. Şeýlede bolsa, bütin aza-sezasyna döz gelip, tama söýenip galjak boldy.
— Näme, bir ýeriň agyrýamy? — diýip, Kynyş baýyň gelni Uzukdan
sorady.
— Ýok, hiç ýerim agyranok.
Gelin Uzugyň agyr halyna dözmeýän ýaly edip, birden onuň
goltugyndan tutup, hemaýat berjek boldy. Şol halatda ýene elini çekip,
Kynyş baýyň gapysyna seretdi. Tiz hataryň ugruna gözüni aýlap,
Uzugyň goltugyndan tutup, ýokary göterdi. Uzuk ýokary galyp, gelniň
elini özünden aýyrdy-da:
— Siz maňa eliňizi degirmäň. Men häzir bu halatda gara gazandyryn.
Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar — diýdi. Soňra yranyp, zordan
görkezilen öýe ýetdi.
233
Ol bir aý galman ýatdy. Gündiz daşary-içeri hem çykmady. Bu
hatarda gözüniň ýaşy kepmedi. Onuň ne toýda ady tutuldy, ne —
tomaşada. Ady tüwmaýak boldy, Uzukjemal diýip, bu hatarda dogry
adyny tutan bolmady. Güni gününe meňzeş, aýy aýyna meňzeş, ýalňyz
gamgynlykda geçip başlady. Gyzyl gül hara döndi!.. Söýgi soňy zara
döndi!..
SUHAN GATYNYŇ «SYLAGY»
B
ERDI oba gelip, ýitirim bolandan soň, Baýramy Suhan gatynyň
ogly çoluk tutup, bazardan alan bir düýe uny bilen goýna eltip taşlap
gaýdypdy. Suhan gatynyň ogly Baýramy eltende, Myrat aga «Bu oglan
Berdiniň ýerine wagtlaýynça çoluk» diýip aýdypdy. Myrat aga hem bu
sözi eşidensoň has arkaýynlaşypdy, çünki Uzugy durmuşa çykarmak
dogrusynda Myrat aga bilen aýalynyň eden maslahaty şowly bolsa, Berdi
obada galyp, ýerine başga çoluk gelmelidi. Ynha, Berdi hem obada
galdy, çoluk hem onuň ýerine geldi. Myrat aga bu işden soň: «Hudaýa
şükür, bir dilegimiz duş geldi, bir gaýgydan çykdyk» diýip, köp hoşal
boldy.
Emma
ýöreninden
obada
gyzynyň süýrelip, aýalynyň
ýanyp-köýüp
ol bihabar galdy. Orazsoltan eje Myrat aga gyzynyň
süýrelendiginiň habaryny ýetirjek bolup, şunça jöwlan ursa-da, onuň
çäresini tapmady. «Myrada habar ýetiriň» diýip, özi aýdyp gördi, ile
aýtdyryp gördi, emma haýry bolmady. Suhan gaty ol sözi
aýdanda:
«Ynha, basym goýna aýlanmaga gitjek, şonda aýdarys» diýen jogaby
berdi. Ol hakda artykmaç sözleşip oturmak-da isle-medi. Orazsoltan eje:
«Suhan gatynyň guýusyny bilýän barmyka?» diýip, obadan sorag-ideg
edip gördi. Emma onuň guýusyny bilýän adam hem tapylmady. Asyl
Suhan gatynyň özi ýa oglanlary bolaýmasa, onuň guýusyny bilýän adam
ýokdy. Şeýlelik bilen, birnäçe wagt Myrat aga gyzynyň süýrelenliginden
234
bihabar galdy. Bir gün Orazsoltan eje Suhan gata: «Sen guýyňy uly ile
bildirmän saklajak bolýasyň. Biri bilip, guýyňa baraýsa, gözi urup,
goýunlaryňy gyraýar öýdýämiň? Halha, il içinde seniň guýyňy bilýän
hem bar eken. Men eýýäm habar etdim. Özünem «Otuz ýyl
köpelden
goýunlaryň bir ýylda soňuna çykman gaýtmagyn» diý-dim. Enşalla,
goýunlardan el ýuwaýmazmykaň» diýdi. Suhan gaty dört aýak-da bir baş
bolup, gykylyklamaga başlady. Soňra Orazsoltan eje onuň gykylygyna
gulak salman, öýüne gaýtdy.
Orazsoltan ejäniň bu sözüni eşidensoň, Suhan gatynyň aşagyna suw
giden ýaly boldy. Ol aňyrsy iki-üç günüň içinde çopan-çoluk tutup,
guma ugrady.
Bular çopanlaryň goşuna ýetmänkäler, bir gün erbet sowukly syrgyn
boldy. Bu syrgynda körpejiň agzy açylyp, içine gar doldy. Körpejiň
içinde alty sany ýaşajyk gyşlaky guzy bolup, bular doňup galdylar.
Birnäçe wagt howaýy aýdylan söz hem durmuşda dogry geläýýär. Ynha,
bu guzularyň doňmagy hem Orazsoltan ejäniň: «Otuz ýyl köpelden
goýunlaryň bir ýylda soňuna çykman gaýtmagyn» diýdim diýen sözüne
tötänden dogry geldi.
Suhan gatynyň doňan alty sany guzyny görüp, taklap, tas jany
çykypdy.
Goşa baran badyna bolsa:
— Sen eýýäm heleýiň nesihatyny alyp başlapsyň. Sen meniň
döwletime zeper ýetirip bilmersiň. Sen meniň döwletime zeper
ýetirýänçäň, men seni ýok ederin. Görünme gözüme şu ýerde,
çoluklaryňy al-da, gümüňi çek! — diýip, Myrat aganyň üstüne gygyrdy.
Myrat aga:
— Meniň aýalym näme nesihat beripdir?! Men iki aýdyr, aýalymy
görmesem-bilmesem, ol maňa näme nesihat bersin?! — diýdi.
Suhan gaty:
— Iki aýlap aýalyňy görmän, näme işläp ýörsüň? Bar-da, halyndan
235
habar al — diýip, ýene gykylyklamaga başlady. Iki şaýyny aw bilip
ýören baý doňup ýatan ýaşajyk guzynyň satanyndan göterip:
— Görýämiň muny? Wah!.. Wah!.. — diýip, özüni öldärmäge az
galdy. Boguk sesi bilen gykylyklap, çopanlara agzyndan gelenini aýdyp,
ite diýmezini diýdi. Iň soňky sözünde — Deýýus, haramzadalar! Şu
salymyň içinde men hileli ýerde garaňyz görünmesin, gümüňizi çekiň!
Bir köpük hak-heşdek menden size zat ýok. Üstüne harama çykaran
guzularyňyzy hem tölärsiňiz. A!.. harama çykan guzular... — diýip,
maňlaýyna urup aşak oturdy.
Baýram hojaýynynyň çep tarapynda taýagyna direnip duran
ýerinden:
— Bolýa!.. Bolýa, hojaýyn aga!.. Örän ýagşy iş... Biz gideris, emma
indi saňa Myrat aga tapdyrmaz! — diýdi. — Bu guýruklaryny ýerden
süýreşip ýören baýlykly araby goýunlar seniňki däldir! Bular gaýratly,
edermen Myrat aganyň, Eseniň, Baýramyň hem Baýram ýalyň biliniň
kuwwaty, berk ýegşermez zähmetiniň jöwheridir! Myrat aga ýaly otuz
ýyl goýnuňy kişüwläp bakan adama iň soňunda aýdýan sözüň şu bolsa,
bu-da biri! Myrat aga-da senden iň soňky taňryýalkasyny aldy.
Bolýa, hojaýyn aga, biz gideris, emma bilersiň, ikinji gün: «Wah,
Myrat aga!» diýersiň, soňky tüýkülik sakgal ezmez — diýip, Baýram
taýagyny egnine atdy-da: — Myrat aga, Esen jan, ýörüň, gideliň! Bu
ýerde biziň işimiz ýok — diýdi.
Myrat aga Baýramyň berk sözüni eşidip, goşa baryp, zatlaryny aldyda:
— Ýörüň, inilerim — diýip, çoluklarynyň öňüne düşüp ugrady.
Üçüsi üç tirkeşik, ýüzlerini aşak salşyp, ýeke-ýeke basyşyp, goşdan
saýlandylar. Emma Myrat aga Garagumuň giň çölleri bilen aýrylyşmak
gaty kyn degdi. Ol çoluklarynyň öňüne düşüp, taýagyny iki eli bilen
goltuklap gidip barşyna taýagyny çep goltugyna gysdy-da, köneje
telpeginden kirlije ýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürişdirdi:
236
— Aý, inilerim, bolýa-da... Garagumuň giň sähralygynda ýakyn
ýoldaşymy goýun edip, Suhan gatynyň goýnunyň yzynda sowuk-yssyny
bilmän, aç-suwsuz entänime şu ýyl dogry bir kem otuz ýyldyr. Iň
soňunda hojaýyn agadan alan taňryýalkasynymyz şu boldy. Siz, oglanlar,
şuny ýadyňyzdan çykarmaň. Hojaýynlaryň daýhanyna, çopan-çolugyna
edýän iň ýakyn dostlugy şudur, bolmasa, öldürip, gorpa dykardylar.
Muny hem ýadyňyzdan çykarmaň! — diýip, Myrat aga gidip barýan
ýerinden ýüzüniň ugruna öňünde ýüzüne seredip ýatay wepaly
kömekçisi Ýolbarsa başyny ümledi. Ýolbars Myrat aganyň ümüne
düşünip, ýerinden turdy-da, gapdallary bilen seňkildäp ugrady.
Çopanlaryň aýdan sözlerine Suhan gatynyň dili tutulan ýaly bolup,
näme diýjegini bilmän:
— Iti goýup gidiň! — diýdi.
Esen:
— It siziň ýaly ýagşylary tapyp durka, biziň ýalynyň yzyna düşmez
— diýdi.
Bular Suhan gatynyň soňraky sözlerine gulak salman, goşdan arany
açdylar. Ömrüne ýatyp-turup ýören ýerleri Garagumuň içi bolsa-da, bu
gün Garagumuň giň çöllerinde azaşdylar. Aç-suwsuz başlary aýlanyp, iki
gije-gündiz entediler. Ahyry ertir ir bilen gumdan çykyp, bir inçeräk ýola
düşdüler. Bu inçejik ýol bilen birnäçe wagt ýöräp, giç öýlänler bir ýol
aýyrda duş geldiler. Myrat aga bu ýerde sakga durup, ýüzüni aşak saldyda:
— Hawa, oglanlar, biziň-ä ýolumyz aýra düşýä... Her kimiň agyranynjan ýeri bolsa, birek-birekden razy bolmaly. Indi näme, birek-biregi
görmek ýa bardyr, ýa ýokdur — kim bilýä? — diýip, çoluklaryň ýüzüne
rehimdar göz bilen seretdi.
Ene-atasyz ösen kiçijik Esen Myrat agany atalyk tutunan ýaly, onuň
bilen aýrylyşmaga ýüregi çydam bermän, gözüniň okarajygyny ýaşdan
dolduryp, balkyldatmaga başlady.
237
Myrat aga Eseniň ýanyna bardy-da, onuň arkalaryny sypalaşdyryp:
— Oglum, Esen jan, men saňa «oglum» diýýän. Men seniň ýanan
ýürekli garry ataňdyryn. Meniň saňa iň soňky atalyk sargydym: Seniň
eneň-ataň ýok, agyran ýeriňde: «Balam!» diýip, ýüregi gyýyljak adamyň
ýok. Oňa görä sen mert bolmalysyň. Seniň gözleriňden akýan häzirki her
bir damja ýaşlaryň ýangynly ýüregiň erginleridigine men düşünýän, ýöne
meniň alajym ýok... Emma seniň gara gözleriňden dynman akýan
ýaşlaryňa zalym, adalatsyz Suhan gatylaryň rehimi inmez. Onuň men
özüm diri şaýady. Ynha, gözümiň öňünde bolan bir işi aýdyp bereýin:
— Bir wagtda, Amanmuhammet diýerdi, bir çolugym bardy. Uzyn
boýly, inçesagt, gyýkmak gara gözleri oýnaklap durýady. Nurana uzyn
ýüzünde mydama şatlyk ruhy gol çarpyşyp duran ýalydy. Bahar-ýaz
ýaly, daýaw bir ýigitdi. Ýedi-sekiz ýyl çolugym bolup gezdi welin,
şonuň bir-de gaýgy-gama basdyryp, tukat bolup oturanyny görmedim.
Özem her bir iş bolsa, a-aýy bolmazdy, öňünde müşgil işem bolmazdy.
Näme bolsa: «Men özüm ederin, Myrat aga» diýip ylgar ýörerdi. Bir
gün, Suhan gatynyň iň uly ogly goýunlaryna aýlanmaga gelende,
Amanmuhammet neresse aýlygyny az görüp: «Birneme aýlygymy
köpeldäýseňiz-ä...» diýip sorady. Öňem pylança gezek sorapdy, ýöne
onuň aýlygyny köpeltmändiler. Şol sebäpden hem ol Suhan gatynyň
goýnundan gitmek isleýädi. Birnäçe gezek rugsat hem diläpdi. Emma
dürli bahanalar bilen oňa rugsat-da bermändiler. Näme diýseň,
Amanmuhammet ýumruk ýalylygyndan olaň goýnunda gezip ýörensoň,
onuň Suhan gatylardan ep-esli almaly haky bardy. Olar şony bermäni
kyn görýädiler. Ana, şol sapar Amanmuhammet: «Hasapjygymy et-de,
rugsadymy ber» diýip, has basa sorady. Baýyň ogly şonda-da onuň
rugsadyny bermedi. Näme, rugsat berseň, hakyna ep-eslije goýnam
bölüp bermeli-dä. Oňa-da olaryň gözi gyýanok. Ahyry Amanmuhammet
neresse: «Rugsadymy bermeseň, bir gün goýundan bölüp, hakjagazymy
alyp giderin» diýdi. Olara daga beýle sözi aýdyp bolýamy näme? Suhan
238
gatynyň uly oglunyň agzam paýyş, sökdi-dä. Amanmuhammedem
gaýtargysyny berdi. Bahana-da şol boldy, sebäbem. Men-ä beýleräkde
nahar etmek üçin gap-çanak ýuwup ýördüm. Birden: «Wah» diýen ses
çykdy welin, seretsem, Amanmuhammet neresse gyzyl gana bulaşyp
ýatyr. Suhan gatynyň ogly bolsa üstünde pyçagy kükreginden yzly-yzyna
sokup-çykaryp dur. Ylgap gelip: «Haý! Haý!» diýip tutdum welin, näme,

eýýäm
gutarypdyr.
Başujuna
geçip,
ýüzüni
sypalap:
«Amanmuhammet!» diýdim welin, bir gözüni açyp seretdi-de, hyrçyny
dişlejek ýaly edip, ýene gözüni ýumdy. Şol gözüni ýumşuna-da
gutardy...
Ynha, oglanlarym... — diýdi-de, Myrat aga burnuny çekip, köneje
telpeginden kirlije ýaglygyny alagada, sakgalsaýy dökülen gözýaşyny
süpürdi, ýüzüni aşak salyp, birsalym geplemän oturdy. Soňra biraz özüni
raslap, ýüzüni ýokary galdyrdy-da, gürrüňiniň yzyny dowam etdi. —
Hawa, Amanmuhammet neresse öldürilenden birnäçe wagt geçipdi. Bir
gün gumdan oba gaýtdym. Ýol näme gaty uzak-da, eşegiň üstünde
irýäsiňem. Käwagt oba ýetmänkäň, ýolda nanyň tükenýän wagtam
bolaýýa. Ynha, şol sapar ýolda nanym tükendi-de, gel aý, bir çaý-çörek
iýip geçibereýin-le — diýip, ýoly ýakalabrak oturan bir oba sowuldym.
Baryp, biriniňkä düşdüm. Gaty oňat ýer ekeni, baran badyma, çaý-çörek,
ýag getirip goýdular. Nan iýenimde, ýanymda bir ýetginjek gürrüň edip,
nireden gelýändigimi, näme işleýändigimi soraşdyryp otyrdy. «Men
Suhan gaty diýen baýyň çopanydyryn, häzir goýundan gelýän» diýip
aýtdym welin, «Suhan gatynyň goýnunda Amanmuhammet diýen bir
oglan
işleýärdi,
şony
tanaýamydyňyz?»
diýip
sorady.
Men:
«Amanmuhammedi gaty ýagşy tanaýan. Ol meniň sekiz ýyl çolugym
bolup gezdi. Iň soňunda-da Suhan gatynyň uly ogly gözümiň öňünde
neressäni öldürdi» diýdim welin, bokurdagym dolup, işdäm tutulyp
duruberdi. Onsoň menem ýeňsä çekilip, aýat okap, degsin etdim-de,
saçagy dolap oturyberdim.
239
Ýanymda oturan oglan saçagy dolap, öýe göterip bardy-da:
«Gelneje!» diýip, bir hymyr-symyr etdi welin, gaty aňşyryp bilmedim.
Onýança öýden göwşülräk ýaşyl kürte bürenen bir ýaş gelin çykyp, maňa
garşy ugrady welin, Amanmuhammet neressäniň bütin ýüz keşbi
gözümiň öňüne geldi-de duruberdi.
Gelin gelip, menden arasy açygrak çommalyp oturdy-da, ýüzüni aşak
salyp oturyşyna gabagyny galdyrman: «Siz Suhan baý diýen adamyň
çopanymyşyňyz, şonuň goýnunda Amanmuhammet diýen bir oglan
çolukdy. Siz şony tanaýamysyňyz?» diýdi.
«Men ony gaty ýagşy tanaýaryn, ol meniň çolugymdy» diýdim
welin, ol gelin: «Men täzeden eşidýärin — Suhan baýlar şony
öldüripmişler — diýip, eger-de siz öldürilendigini açyk bilýän bolsaňyz,
çekinmän aýdyň. Men Amanmuhammediň aýal doganydyryn. Onuň
menden başga hossary ýok. Ol öldürilen bolsa, men wagtynda onuň
aşyny-suwuny bereýin» diýdi-de, gözlerinden biygtyýar akdyran ýaşyny
başbogusynyň ujuna süpürdi. Men bolşy ýaly edip aýtdym welin, biçäre
gelin ýerinden turup: «Bir eneden ýalňyz önen jan dogan!!!» diýip, iki
ýana yranyp, ses edip, öýüne garşy ugrady welin, halys kyýamat başyma
inen ýaly boldy.
Myrat aga mundan beýläk gepläp bilmän, ýaglygy bilen gözlerini
süpürişdirdi. Soňra uludan bir demini aldy-da — Aý, bolýa-da,
oglanlarym. Meniň öz ömrümde gören günümiň bary şular ýaly. Aýtsam,
aglap oturmaly. Meniň ýüregim halys gidipdir. Meniňki bolmaýa,
aglaberýän.
Ynha, oglanlarym, bular ýaly gürrüňleri menden birinji gezek
eşitmeli dälsiňiz. Ozaldan gulagyňyz ganykdyr. Ýöne siz şuny
ýadyňyzdan çykarmaň, özüňiz çopan bolsaňyz, hojaýynyňyzdan ägä
boluň. Hawa, oglanlarym, ugralyň, ýol uzakdyr. Her kim birek-birekden
agyran-ynjan bolsa, razy bolmaly. Biziň-ä indi köpümiz ötüp, azymyz
galypdyr.
240
Baýram Myrat aganyň ýüzüne seretdi-de:
— Bolýa onda, Myrat aga, sizden hiç agyran ýerimiz ýokdur!
Ölýänçäk, sizi ýadymyzdan çykarmarys.
Hawa, Esen jan, ikimiziň ýolumyz Myrat aganyňkydan aýra düşdi!
Myrat agadan ikimiz aýrylyşmaly bolduk. Ýol ugrunda beýdişip, köp
durmalyň, ýol daşdyr, ugralyň — diýdi.
Esen:
— Bolýar onda, Myrat aga, hoş, sag boluň! — diýdi.
— Hoş, sag boluň, hanym!..
Esen bilen Baýram uly ýol bilen ugrady. Myrat aga çep tarapa
aýrylýan inçeräk ýol bilen gitdi. Ýolbars başdan iki öň aýagynyň üstünde
başyny goýup, Myrat aganyň gürrüňini diňläp, bularyň agyr derdini deň
paýlaşýan ýaly bolup ýatyrdy. Ol ýüzüni aşak salyp, gözlerini süzüp
ýatan ýerinden turdy-da, Myrat aganyň yzyna düşüp ugrady.
Aýrylyşanlaryndan soň, üçüsiniň hem ýüzlerini aşak salşyp gidip
baryşlaryndan bularyň hemmesiniň ýürekleri doludygy bildirýärdi.
Ýol aýyrtdan näçe daşlaşdyklaryça, bularyň şonça hem aralary
açylýardy. Myrat aganyň ýanynda gürrüňleşere adam ýok diýseň,
Baýram bilen Esen — ikisi hem gürrüňleşmän gidip barýardy. Suhan
gatynyň bir köpük hak bermän, beýle ýaman sözler aýdyp kowmagy
bularyň ýüregine dag goýdy.
Myrat aga çoluklaryna serede-serede, ahyr olary gözden ýitirdi.
Çoluklaryny gözünden ýitirenden soň hem, ýagşy birsalym ýöredi. Gün
bolsa bu wagtlar ertirden bäri özüniň jomartlyk bilen seçelän şöhlesini
kesip, ilerde ýeri erňekläp, tegelenip, köz ýaly gyzaryp durdy. Onuň bu
wagtky görnüşi diňe hoşlaşmak üçin bärsini bakyp duran ýalydy. Myrat
aga, misli onuň bilen hoşlaşmaga barýan ýaly, donunyň syýyny serpip,
haýdap ýöreýärdi. Gün kem-kemden aşaklap, bärsini baka-baka, ahyrym,
deňze atylan daş ýaly, ýitirim bolup gitdi. Soňra ol yzyndan basmarlap
gelýän garaňka gahar edýän ýaly, kese ilerä gyzyl ýalawyny çaýdy. Bu
241
wagtlar Myrat aga hem baryp, garyp çatmasynyň işigini itdi.
Orazsoltan eje otsuz-ojaksyz gara öýüň içinde, başyna atynan köneje
donunyň ýeňini dişläp, dyzynyň üstünde eňegini goýup, golundan
aldyran gyzynyň agyr hal-ýagdaýyny birme-bir göz öňünden geçirip,
gara gününiň gam derýasyna gark bolup otyrdy. Durdy bolsa onuň beýle
gapdalynda başyny ýere goýup, sessiz-üýnsüz ýatyrdy. Ol kakasynyň
içeri girenini göreninden zyňlyp, ýerinden turdy, salam berip, kakasynyň
ýanyna bardy. Orazsoltan eje gaňrylyp bir seretdi-de, gözünden
biygtyýar dökülen ýaşyny köneje donunyň ýeňine süpürdi.
Myrat aga aňk-taňk bolup dillenmänkä, Durdy:
— Şol seň öňki gelip gideniňden soň, Bekmyrat baý diýýän adamyň
inisi bir topar atly bolup geldi. Ejemi, Ogulnyýaz ejäni urup, Uzugy alyp
gitdiler — diýdi.
Orazsoltan eje içi-içine sygman, yzly-yzyna hork-hork edip aglady.
Yzyndan onuň haş-ş-ş edip, uludan dem alany eşidildi. Myrat aga bu
habary eşiden badyna, özüni lampa aşak goýberip, elini maňlaýyna
diräp, ýanyny ýere berdi.
Dolanyp arada gürrüň bolmady. Durdy kakasynyň beýle ýanynda
süýnüp ýatyşyna uklap galdy.
Myrat aga birhaýukdan Orazsoltan ejä:
— Goý, aglama, haýry ýok — diýdi.
Orazsoltan ejäniň aglamazlyga ýüregi çydam bermeýärdi. Ol ahyry
ýüregini gowzadyp, bütin bolan işleri Myrat aga birin-birin gürrüň edip
berdi. Myrat aga hem öz başyndan geçenini gürrüň edip berdi.
Bu ýagdaý şu agyr gün Myrat aganyň ýüregine dert goýdy. Ol bir
aýlap, daşary çykman ýatdy. Aýak ýoluna-da gije garaňky düşenden soň
çykdy. Özi bolsa, bütinleý işdäden kesilip, ysgynsyz, galdy. Ýüz-gözleri
saralyp, ýyl hassalygyna ýatan ýaly boldy. Emma onuň hiç bir zada alajy
ýetmeýärdi.
242
KÄR TÄZELEMEK DÜŞDÜMI!
G
ÜN ýaňy tegelenip, ýerden saýlanypdy. Myrat aga şol ýalançy
ýagtylandan turup, sag dulunda çöküne düşüp oturyşyna başyny
galdyrman, çuňňur oý-pikirler içinde agyr durmuşynyň tesbisini sanap
otyrdy. Durdy bolsa üç sany aşygyny ýokary atyp, ojagyň ortasynda
özünden-özi tänderme oýnan bolup otyrdy. Emma onuň aşyklary
ojaklarynyň büdür-südürliginden atan ugruna gitmän, ýolda ýedi ýerde
büdräp, ýetmiş ýere sowulýardy.
Orazsoltan eje bolsa turaly bäri öýe girmän, daşarlarda ondanmundan odun çöpläp, çaý gaýnatmagyň ugrundady. Ol pezzik ýandagyň
oduna gaýnadan gara tüňçesiniň külüni ykdyryp gelşine gap dula geçdide:
— Çaýam ýokdur. Düýnki Ogulnyýazdan alan çaýymam gutardy.
Ýöne şemmä demläp beräýmesem... — diýip, iki sany çäýnegi
şemmesine demläp, birini Myrat aganyň öňüne süýşürdi-de, beýlekisini
hem öz öňüne çekdi.
— Ol öýünde ölmedik gatap galan Suhan gatynyň ýanyna baryp:
«Hany masgara edip kowanyň-a kowanyň, indi onuň işlänje hakyny bir
ber ahyrym, biziňem ýagdaýymyz şeýle» diýdim. Onda Suhan gaty: «Nä
ýüzüňe hak diýip gelýäsiň?! Siziň mende bir köpük hakyňyz bolmaz!
Henizem men ynsap edýän, ýogsam bolmasa, ol harama çykaran
guzularyny hem butnatman alaryn. Onsoňam meniň üstüme ir ertir-giç
agşam gelip durmaň! — diýip, maňa azm urmaga başlady. — Ýeke ol
guzularam däl, ýene ol guzular ýaly pylança goýunlaram harama çykdy»
diýip, ölen goýunlaryny sanamaga başlady. Menem: «Ajaly ýetse,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 15
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.