Latin

Ykbal I - 17

Total number of words is 3736
Total number of unique words is 1856
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Pul... pul... Ol pul bilen hemme ýerini tep-tekiz edip goýupdyr. Nirä
barsaň, kükregiňden itip durlar. Henizem hernä, hudaýym, şu suw
maşynynda işleýän Sirgeýiň ömri uzak bolsun. Ynha, dört gezek arza
ýazyp berdi. Atbekada pul berip, arza ýazdyrjak bolsam, bir arza-da
berip biljek däl. Men Sirgeýe: «Şu arzam hem dereksiz gitse, indiki
gezek Aşgabada ýa-da Daşkende ýarym paşşa arza ýazyp ber» diýdim.
Sirgeý başyny ýaýkap: «A-a-ý... daýza, Maryda güjük otyr,
Aşgabatda-da — gaýyň, Daşkentde bolsa ullakan tüýlek erinlek,
burunlak köpek otyr. Bularyň hemmesi hem it, ýöne biri-birinden ýarak,
biri-birinden tutak, biri-birinden iýermen — diýdi. — Bu diwallar bolsa
entek gözi açylmadyk, müňňüldeşip, jyňkyldaşyp ýatan it çagalarydyr.
277
Ýöne olaryň gözleri açylmadyk-da bolsa, iýermenligi uly itlerden kem
däl» diýdi.
— Eý-h-oý!.. Şeý diýsene. Ol neneňsi adamka, özi orus bolup, orsy
ýamanlap otyr?
— Sen türkmen bolup, Meret arçyny ýamanlap oturmaýamyň?
— Wah, ol-a şeýle-le.
— Ol Sirgeý diýýän adamlary tüýs garyp üçin dörän adam. Men şu
kakasy aradan çykaly bäri, arza ýazdyrmaga, maslahatlaşmak üçin onuň
ýanyna köp barýan, onuň aýalam gowy adam. Edil türkmen ýaly saçagy
açyk adam. Barsaň «Içeri gir» diýip, çaý-çörek goýup, gara gadyr, ýöne
türkmen dilini oňat bilenok. Ärini çagyryp — aýt — diýýä. Ärem maňa
aýdyp berýä. Ol maňa bir göwünlik berýä, bir göwünlik berýä... Ärem
bolsa süýdüň öňünde näme aýtmalydygyny maňa birin-birin aýdyp
berýä. Şondan soň bozuk göwnüm biraz aram tapýa.
— Wah, Orazsoltan, şeýle oňat adamlar bolsa, bir gün bile gideli,
menem gideýin.
— Wah, gyz, halha bir ors gelýä, şol Sirgeý bolaýmasyn? — diýip,
Ogulnyýaz eje ýerinden turdy. Orazsoltan eje hem ýerinden turdy. Bular
öýüň ortasynda dik durup seredişdiler. — Waý, gyz Orazsoltan, oň
ýanynda bir türkmen adamsam-a bar ýaly.
— Waý, ol seniň ogluň Gylyçly-la.
— Wiý, Gylyçly jandyr. Men ony şu gün ertir «şähere git-de,
Orazsoltanyň arzasyndan bir habar tut» diýip iberipdim. Ol şähere
gidende-gelende, bende degip geçýändir. Sirgeýem bentde bolýa-da.
— Hawa-la, desetnigiň ogly Sirgeý-dä. Sirgeý ýönelige gelýän
däldir.
— Hemişe-de gelýämidi?
— Ýok, hemişe-hä gelenokdy. Belki, hudaýym, bir ýagşy habar
getiräýedi-dä. Belki, arzamyza serediljekdir.
Bular gürrüňleşip durkalar, ýaňkylar işige geldi. Öňürti Gylyçly
278
salam berip girdi. Yzyndan Sergeý hem girip, amanlyk-saglyk soraşyp
oturdylar.
Orazsoltan eje çaý gaýnadyp, olaryň öňlerinde goýdy. Çaý içip
otyrkalar, ondan-mundan gürrüňçiler geldi. Gürrüň Myrat aganyň
öldürilişi hem ony öldürene çäre görülmeýşi hakynda boldy. Sergeý köp
wagtlap gürrüň berip oturdy.
Sergeý özüniň gürrüňi bilen oturanlaryň aňynda adalatsyzlyga garşy
näletli pikirler döredendigini aňlady. Adamlaryň agzyndan otly-ýalynly
sözler çykyp, çabramaga başlady. Bu ýerde oturan adamlar ýerli-ýerden
gepleşip, köp närazyçylyk bildirdiler:
— Dogrusyny aýdanda, biziň obamyzda ýigit ýok.
— Ahow, sen beý diýme.
— Men-ä şony gaty diýjek. «Goç ýigit söweşde belli» diýýä. Goç
ýigit bar bolsa, özüni belli etse bolmaýamy?
— Sen, walla, biderek sözleýäsiň...
— Näme biderek sözleýän? Dogry dälmi eýsem?
— Hawa, dogry däl. Bu obada ýigidem bar, hemmesem bar. Bu
obada ýaşuly ýok. Ýaşulyň Meret arçyn ýaly bolsa, obaň ýigidiniňem
bitiren işi bolmaz, beýlekisiniňem.
— Ana, dogry söz. Şol gyz süýrelende, pristewiň işigine üýşüp baran
obanyň ýigitleri dälmidi?
— Dogry, dogry, şonda pristewiň işigine üýşüp baran adamlary toýa
çagyryp-da, şonça üýşürip bolmazdy.
— Üýşüp bardy-da, näme netije çykdy?
— Ýogsamam, ýaşulyň Meret arçyn ýalylar bolsa, netije çykmaz.
Indi bar-da, soý-da dabanyndan Meret arçyny.
— Siz Meret arçyn diýip bardyňyzmy o ýere ýa — gyz diýip?
— Biz gyz diýip bardyk. Şol gyzyň ýolunda gan dökmelem bolsa,
şol adamlaryň birem gaýra durmaýady, ýöne bolýa-da...
— Ýagşy, Myrat aganyň ölümine indiki pristewiň, diwallaryň edip
279
ýören pyssy-pyjurlyklaryna biziň ýüregimiz agyrmaýamy, janymyz
ýanmaýamy?..
— Hany bizdäki ol namys, ol güýç-kuwwat, ol gaýrat? Nirä gitdi?
Sergeý:
— Meret arçyn ýuwutdy — diýdi.
Ogulnyýaz eže:
— Wah, bokurdagyna tegek bolsun!.. — diýdi.
— Dogry aýdýa Sirgeý. Meret arçyn hem onuň ýanyndaky
höňküldeşýänler ýuwutdy.
— Uzuk süýrelende, ilden ýygnap bilenlerini ýygnadylar. Ahyrynda
bolsa özleri paýlaşdylar.
— Indi bu iş üçin pul diýmäge olarda ne ýüz bar, ne — tuwa. Pul
bolmadyk ýerinde-de olar görünmez. Olaryň ary-da, namysy-da, ygraryda, imany-da — bary pul. Olaryň janlaryny alan pul.
Bu ýerde oturan adamlaryň hemmesi hyjuw alyp, birden geplejek
boldular.
Sergeý:
— Şeýle, adamlar — diýende, bary köşeşip, Sergeýe gulak saldy.
— Meniň şu ýerde aýtjak zatlarymy menden öňürti size durmuş
aýdypdyr. Birazajyk aňy-paýhasy bar adam şu durmuşa düşünmeli.
Pristewiň, diwallaryň ýanyna barjak bolsaň, ugran ýeriňden kagyz
manatdan ýol salyp, şonuň üsti bilen ýöräp barmaly. Bolmasa, pristewiň
ýolam tapylanok, barsaň, gapysam açylanok. Garyplarda bolsa pul ýok.
Indi nätmek gerek?
Erte däl, birigün diwallaryň barysy pristewiňkä diwala ýygnanýalar.
Men muny açyk eşitdim. Şol diwala Bekmyrat baý hem çagyrylýa,
munam eşitdim.
Belki, Bekmyrat baý şu iş üçin çagyrylandyr. Orazsoltan daýzama-da
şu günde-ertede çakylyk haty geler ýa-da poşşy gelip, çagyryp gider.
Indi eger-de Orazsoltan daýzamy çagyraýsalar, onuň ýeke özüni
280
ibermän, obaň daýhanlary bolup, hemmäňiz bile gidiň. Adam näçe köp
gitse, şonça gowy.
Indi ol ýerde ediljek iş: türkmeniň işi bolsa, öňürti diwalda diwallar
garaýandyr. Emma adam öldürmek iň ýaman işdir. Kanun boýunça ölşük
işine diwallaň seretmäge haky ýokdur. Ölşük işine ýalňyz sud
seretmelidir. Jezasam Sibirdir. Şuny ýadyňyzda saklaň.
Emma Orazsoltan ejäniň işini diwalda gararlar. — Bu ölşük-de
bolsa, türkmen ölşügi — diýerler. Diwallaryň jeza bermäge haky ýokdur.
Orazsoltan ejä — ýaraş — diýerler. Töwella-da edip görerler. Ähli diwal
jem bolup, Orazsoltan ejäni ara alyp çekelärlerem. Her haýsy bir
ýerinden tutup, it kimin dalarlaram. Emma, Orazsoltan eje, men Size
häzir ýeriň giňinde tabşyrýan — hiç bir wagtda ýaraşyga razy
bolaýmagyn. Meniň işimi suda geçiriň — diýip, başdan tut, ahyryna
çenli hem sypdyrma. Diwalda näme aýtmalydygyn men öň saňa aýdyp
beripdim. Emma men gorkýaryn, diwallar Bekmyrat baýyň işini suda
geçirmezler. Diwalsyz göni suda arza bersek, sud bize: — Bu türkmen
ölşügi. Öňürti diwala arza beriň, diwalyň: «Sud garamaly» diýen karary
bilen arzaňyzy bize pristaw ibersin — diýer. Kanun boýunça suduň beý
diýmäge haky ýokdur. Ýagşy, nätsin? Kanun hem gol gowşuryp, pula
ybadat edýä. Ýagşy, şu döwürde, şu günde, şu işimizde biz pul bilen
göreşip üstün çykyp bilerismi? Aýtmak gaty kyn. Şeýle-de bolsa,
türkmeniň bir nakyly bar: «Ar köýenden iman köýsün». Şeýle bolýan
bolsa, biz arymyz-namysymyz ugrunda, hakykat ýolunda ahyryna çenli
göreşeris. Goý, biziň namysymyz-da, arymyz-da, hakykat-da bizden
nadyl bolmasyn.
Ýene-de bir söz aýtjak: Bekmyrat baýyň işini suda geçirmeli diýen
karary diwalda çykarmasalar, siz şeýle kararyň çykarylmagyny talap
etmelisiňiz. Tä şeýle karary okap berýänçäler, siz talabyňyzy
güýçlendirmelisiňiz. Olar beýle karar çykaryp bilmezler, sebäbi
Bekmyrat baý eýýäm olaryň barysynyň garagyny pul bilen gapandyr.
281
Şeýle-de bolsa, edýän talabyňyzy gitdigiçe güýçlendirersiňiz. — Pula
satylyp, puluň aşagynda boglup galan diwallar bize gerek däl. Bu
diwallaryň birem bize gerek däl, diwallar täzelensin, halkyň agyrysyny
etjek, adalatly diwallar bolsun — diýersiňiz. — Kazy hem başga bolsun
— diýersiňiz.
Ynha, şu talabyňyzy güýçlendirseňiz, size hiç zat edip bilmezler,
gorkmaň — diýip, Sergeý sözüni soňlady.
Ogulnyýaz eje ýerinden çalt turdy-da, öň etegini ýokarrak çekdi. Ol
Sergeýiň sözüne bütinleý berlip, nirede oturanyny hem ýadyndan
çykaran bolmaga çemeli, iki ädim ileri süýşägede, iki elini bykynyna
urup durdy-da:
— Gorkup näme, edil prisdewiň öňünde kazyň sakgalyny ütäýerin —
diýdi. — Öňräk Meret arçynyňkyda Rahym diwal: «Ogulnyýaz,
Seýidahmet işany nädäýdiň? Oňa degmegin, ol biziň keramatly
işanymyz ahyry» diýdi.
Men: «Işanyň däl, kazy-kowalyň bolaýsyn, gaharym gelende, girime
düşen özüň bolaýmagyn. Sakgalyňy ütüşdirägede, ütülen towuk ýaly,
gyzyl etene ederin — diýdim. — Men näme özümi Oguldurdy
pyçaklydan kem görýändir öýdýämiň. Bolmasa menem Oguldurdy ýaly
çermegime pyçak gysdyraýdym. Haraza baramda, nobatyňy berip,
unumy çykardyp, eşegime urup, mündürip goýbärsiň-dä — diýdim.
Gaharym gelende, Sülgün han ýaly, tüpeň atmanam öwrenäýesim
gelýä, ýöne Sülgün han ýaly, ýol urup, öý talaman-a oňarman» diýsem,
ýah-ýah edip güldi.
Şu Sirgeý jan bar-a, men adyňam dogry tutýanymy bilemok...
— Dogry, dogry.
— Dogry bolsa, şu Orazsoltanyň başyna salan gowgalaryndan ýaňa
içim-dagym ýöne ala-burugsy bolup, tütäp durandyr.
Şu Uzuk janyň gulaç gara saçlarynyň at toýnagynyň arasynda har
bolup, ýer dyrnap barşy, bürgüt penjesindäki ýaradar jeren ýaly urnup
282
barşy tä ölinçäm, meniň gözümiň öňünden gitmez! Gitmez!.. Asyl-ha
gitmez!..
Bu hakda meni gepletmäň. Bu hakda sözlämde, men adam däl, ýöne
lowlap ýanyp duran gyzyl ot...
Şu iş dogrusynda bir zat etmeli bolsa, erkeklerden gaýra durar
öýtmegin, Sirgeý jan, baryp, diwalda haýsy diwalyň sakgalynam ütmeli
bolsa aýdyň, edil prisdewiň öňünde etene edip taşlaýyn.
— Başararmysyňyz, Ogulnyýaz eje? — diýip, Sergeý ýylgyrdy.
— Başarmanmy, gözüne gül salaryn.
— Sergeý adamlaryň Myrat aganyň ölümi dogrusyndaky hyjuwly
gürrüňlerini, Meret arçyn, Bekmyrat baý, Suhan gaty, pristaw, sud hem
diwallar hakyndaky näletleýji sözlerini ýagşy birsalym diňläp oturdy.
Soňra:
— Ýagşy, adamlar, gürrüňdeş bolanyňyza köp sag boluň. Meniň
aýdanlarymy ýatdan çykarmaň — diýip, Gylyçly bilen çykyp gitdi.
*
*
*
Sergeýiň öňňunky getiren habary dogry çykdy. Onuň Orazsoltan
ejäniň ýanyna baryp gaýdan güni agşamlyk, Meret arçynyň iberen
oglany pristawyň çakylyk hatyny getirip gitdi.
Orazsoltan eje pristawyň çakylyk hatyny alan badyna, ýüregi böküp,
ylgap, Ogulnyýaz ejäniň ýanyna gitdi. Barsa, Ogulnyýaz ejäniň öýliişikli eden oglanlarynyň barysy eneleriniň işigine üýşüp oturan ekenler.
Başga-da hatardan gürrüňçilige ýygnanan adam az däl eken.
Orazsoltan eje barşyna:
— Salamälik — diýip, Ogulnyýaz eje ýüzlendi. Oturanlara
«Amanmysyňyz, oglanlar?» diýip, aýak üstünden bir zat aýtjak boldy.
Ogulnyýaz eje onuň sözüni diňlemän:
— Hany otur aşak, geç düşegiň üstüne. Indi gelipsiň, çaý içmän
283
gitmersiň — diýip oturtjak boldy.
— Ýok, oturjak däl, ynha, prisdewiň çakylyk haty gelipdir, diwala
çagyrýamyşlar — diýip, elindäki ak kagyzy görkezdi.
Oturanlar hemmesi bir agyzdan:
— Gowy bolupdyr ol-a, gaty gowy bolaýypdyr — diýişdiler.
— Ogulnyýaz eje:
— Gözüň aýdyň, şu arza üstüne arza ýazyp duransoň, ahyry haram
eşekler seretmeli bolupdyrlar-da — diýdi. — Eşidýäňizmi, adamlar,
birigün biriňem hiç ýerik gidiji bolaýmaň. Göreniňize-eşideniňize habar
beriň. Hemmämiz şu ýerden top tutuşyp prisdewiňkä gideris.
Gitmedigem gitmesin, ýogsamam şu ýerde eşek bilen ynsan tanadar.
Birigün diwallaň başyna ýagyň gününi getirmeli günümizdir.
Oturan adamlar:
— Hawa-la, bu işde özüni gaýgyran ynsan däl-dir — diýişdiler.
Umuman, bu agşam şu ýerde oturan adamlaryň arasynda gürrüň
Myrat aganyň ölümi, Uzugyň süýrelmegi, Meret arçyn, Bekmyrat baý,
Suhan gaty, diwallar, pristaw, sud hakynda, olaryň adalatsyzlygy, zulum
ojagydyklary hakynda bolup geçdi. Ertesi hem iki adamyň başy çatylsa,
şondan başga gürrüň bolmady.
Diwala gidiljek güni bolsa irden obaň adamlary atly, eşekli, pyýada
Orazsoltan ejäniň öýüniň töweregine ýygnanyşdylar. Emma bu
ýygnanyşan adamlaryň arasynda Meret arçyn-da, Meret arçyn bilen pul
paýlaşanlar-da, ýene-de şolara meňzeşlerden köp adamlar ýokdy.
Bu wagtlar şu ýere gelmedik adamlaryň köpüsi Meret arçynyňka
ýygnandylar. Ol ýere ýygnanan adamlar Orazsoltan ejäniňkä ýygnanan
adamlara — Päli azan tilkiler, prisdewiňkä baryp, galmagal etjekmişler
— diýip, olaryň gybatyny edýärdiler.
Meret arçyn bolsa gyzzyrma degen ýaly galpyldap, bir ýerde durup
bilmeýärdi. Ol:
— Bu ýerde «Ýamanyň kesbi ýagşa deger» diýenleri bolar. Olar
284
baryp, prisdewiňkide bozgakçylyk etseler, «Düýäň ulusy köprüde taýak
iýer» diýenleri bolar, maňa-da gep geler — diýip, molla Sahyny töwella
iberdi. Özüniň bolsa üýşen adamlaryň ýanyna gelip, töwella etmäge
bogny ysmady, çünki ol oba adamlarynyň özi hakda edýän gürrüňlerini
ondan-mundan eşidýärdi.
Molla Sahy ýetip barýarka, Ogulnyýaz eje ak eşegiň üstünde
gaýkarylyp, Orazsoltan eje bilen ýygnanan adamlaryň öňüne düşüp,
şähere tarap ugrady.
Meret arçyn adamlaryň ugranyny görüp, agzyna zäk atylan ýaly
boldy. Ol ýanyna gelen adamlara: «Adamlar, men-ä şähere gitmesem
bolmady» diýip, ýabysyny münüp, göni şähere tarap depdi. Emma Meret
arçyn iliň giden ýoly bilen gitmän, başga ýol bilen ýabysyny aýak
aldygyna gamça basdy.
Adamlar, Meret arçynyň ilden öňürti baryp, pristawa — Bozgaklar
gelýä — diýip ýamanlajakdygyna düşündiler.
Oňa görä-de bu toparyň arasyndaky atlylar, pyýadalar bilen
eşeklilere: «Siz ýuwaş-ýuwaş baryberiň, biz Meret arçyndan soňa
galmalyň. Ol baryp, bizi ýamanlajakdyr» diýip, atlaryny daýaw sürşüp,
öňe saýlandylar.
Orazsoltan ejäniň tarapdarlary her näçe daýaw sürüp gitseler-de,
Meret arçyndan yza galypdyrlar. Olar pristawyňka gelen ýerlerinde
Meret arçynyň atynyň gara der bolup, gaňtarylgy duranyny gördüler.
...Pristaw öz edarasyna ýetip barýarka, Meret arçyn onuň öňünden
çykyp:
— Hormatly prisdew baýarymyza salam bolsun! — diýip, sag elini
ýüreginiň üstüne goýup, bükülip salam berdi.
Pristaw türkmen dilinde azajyk gepläp bilýärdi. Ol çalgyrt:
— Aleýkimessalam — diýip, Meret arçynyň ýüzüne seretdi. Meret
arçynyň ýüzi ak tam bolup üýtgäpdir. Pristaw:
— Nime, nime, Meret arçyn? — diýip sorady.
285
— Obaň ähli adamsy çozuşyp gelýärler. Olar şu gün ähli diwallary,
Bekmyrat baýy, baýarymyzy, Sizi, belki, menem öldürjek — diýýäler.
— Niçego ne ponimaýu. Poýdem dilmaç 1 — diýip, pristaw ony
yzyna tirkäp, kabinetine girdi.
— Meret arçyn näme diýýär — diýip, pristaw dilmaçdan sorady.
Meret arçyn daşarda aýdan sözlerini dilmaja aýtdy. Dilmaç pristawa
terjime etdi.
— Seni öldürjek bolsalar, näme üçin öýüňde öldürmediler?
Meret arçyn:
— Men özüm hakymda çak edýärin — diýende, gelen adamlar
güsürdeşip, ýygnak zalyna girdiler. Pristaw howlugyp, telefonyň
trubkasyna ýapyşdy. Ýene trubkany alman, sapançasyna ýapyşyp,
kabinetinden çykdy. Görse, gelenleriň içinde diwallardan hem üç-dört
sany adam bar. Adamlaryň diwallar bilen sözleşip duranlary hem bar.
Oturanlary oturypdyrlar, oturmadyklar hem oturjak bolşup durlar.
Adamlaryň ýüzünde hiç bir üýtgeşik zat ýok.
Pristaw birneme arkaýynsyrap, kabinetine girdi. Şeýle-de bolsa,
ätiýajy goldan bermeli däl diýip, polisiýanyň naçalnigine jaň urdy:
— Şu gün diwallar üýşüşýäler. Bekmyrat baýlaryň işi garaljak.
Emma Meret arçynyň aýtmagyna görä, onuň obasynyň daýhanlary
ýygnanyşyp gaýdypdyrlar. Ýigrimi adam çemesi eýýäm zala girdi,
emma adamlaryň ýüzünde häzir bozgakçylyk ruhy görünmeýär. Şeýle-de
bolsa, ätiýajy elden bermeli däl. Oňa görä duýdurman, assyrynlykdan
çäre görmäge taýýar bolmaly bolarsyňyz — diýip, trubkany ýerinde
goýdy.
Geljekler gelip ýetişdi. Zalyň içi adamdan hyryn-dykyn boldy.
Orazsoltan eje şol Uzugyň işi garalandaky oturan ýerine baryp oturdy.
Ogulnyýaz eje-de onuň gapdalynda oturdy.
Myrat aganyň gandary Çary gelmändi. Bekmyrat baý üç-dört sany
1
Hiç zat düşünmeýärin. Ýör, gideli dilmaja.
286
atly baý bilen gelip, iň öňki hatarda, beýleki tarapyň adamlaryndan
çekeräk oturdy.
Diwallar gelip, stollarynyň başynda beýleki oturan adamlardan
belentlikde oturyşdylar. Ulugberdi kazy hem kellesini saňňyldadyp gelip,
stoluň başynda oturdy.
Dilmaç pristawyň kabinetinden çykyp:
— Baýarymyz «Başlabersinler, ynha, menem bararyn» diýdi —
diýip, diwallaryň ýanyna gelip oturdy.
Rahym diwal:
— Seýidahmet işan gelip ýetişmedi. Bekmyrat baý, Seýidahmet işan
gelmedi-le, geljekmidi? — diýip sorady.
Bekmyrat bay:
— Aý, geler özi-hä, biraz garaşalyň. Aý, gaty bir takwa adam-da,
bazara-şähere gelmäni gaty kyn görýä — diýdi.
— Hä, ol adamlar dil ýetirip, pitçiň atylmaly adamlar däldir. Işan aga
toýa-ýasa çagyrylanda-da, ýoly şäheriň üstünden düşse, şäherden
aýlanyp geçýär ahyryn. Ýogsamam, şeýle bolmasaň, keramata eýe
bolaýmak aňsat däldir. Ol şu hüjresinde ýeke özi otyrka, melaýyklaryň
ruhy bilen gepleşip otyr diýýär ahyrym — diýip, Rahym diwal
adamlaryň ýüregine howsala salyp goýberdi.
Oturan adamlaryň arasynda hyşy-da, wyşy «gurbany gitdigim...»
diýşip gürrüň etdiler. Ogulnyýaz eje Orazsoltan ejä garşy gyşarylyp:
— Men-ä şoň gurbany gitmen — diýdi.
— Äý, ýüzi kesilsin-le — diýip, Orazsoltan eje elini galgadyp
goýberdi. Ogulnyýaz eje dagynyň ýanynda Seýidahmet işanyň kiçi aýaly
Ogulnäzik boldan bolsa, gör näme diýerdi?
Eger-de Uzuk şu oturan adamlaryň öňünde Seýidahmet işanyň
keramaty hakynda geplemeli bolan bolsa, şu işan-da özüniň keramaty
bilen ýanyp duran ot bolsa, onuň şol oda: «Ýok, bu ot däl, bu suw» diýip
aýtjagyna şek-şübhe ýokdy.
287
Ogulnyýaz eje bilen Orazsoltan ejäniň eden gürrüňini neneňsi-de
bolsa, Ulugberdi kazy eşidipdir.
— Aýallar, siz toba ediň, biziň keramatly işanymyza dil ýetirmäň,
agzyňyz gyşar. Öňem bir wagt onuňka baryp, ony köp nadyl edip
gaýdypsyňyz. Belki, şu başyňyza düşen ýaman işlerem, şony
agyrdanyňyz üçin görkezilen gözdür. Siz henizem düşüneňzok —
diýende, diwallar:
— O nä dil?! Toba ediň! — diýşip, ýerli-ýerden azm urdular.
Ogulnyýaz eje:
— Şol işan hakynda aýdan sözüme tobam bolmaz — diýdi. — Öň
biz ony agyrtmadyk, ol bizi agyrtdy. Eger-de şonda bizden agyrap-da,
göz görkezmek üçin Orazsoltanyň başyna şeýle günler getiren bolsa,
onda şol işan edil ýanyp duran ot-da bolsa, şu ýerik gelen badyna
garnyny silkäýmeli. Şonuň üçin agzym gyşarýan bolsa, şonda-da tobam
ýokdur. «Keramaty bar, göz görkezendir» diýip, günäni başga ýere
sowjak bolup, ýeke jylaw çekmäň. Biz keramatyň nirededigini, gözi kim
görkezendigini ýagşy bilýäs. Bize göz görkezen hol oturan garny gäbe
baý. Ana, «Şonda keramat bar» diýseňiz ynanaryn — göz görkezýä —
diýseňizem ynanaryn. Ana, otyr garnyny gäberdip, eňňereden doýan yýk
ýaly bolup — diýip, Ogulnyýaz kellesini silkip, eli bilen Bekmyrat baýy
görkezdi.
Diwallar tarapyndan:
— Ýeri, boldy.
— Goý indi.
— Gepläberseň, senden gowusy çykjak däl — diýen sesler çykmaga
başlady.
— Ýogsamam menden gowusyna garaşmaň, bolmanda-da goýdum.
Diwallar Ogulnyýaz ejeden haýygyp, öz aralarynda ýuwaşlyk bilen
onuň gürrüňini etdiler:
— Kim aýt bu heleý, Oguldurdy pyçakly-ha däl?
288
— Ýok, bu Oguldurdy pyçaklydanam zor.
— Bir gün bir topar aýal bolup, obadan gelýär ekenler welin,
Oguldurdy pyçakly bularyň öňlerinden çykaýýar. Bu heleý eşekden
zyňlyp düşýär-de, Oguldurdy pyçakla: «Düş, Oguldurdy, atdan,
özümden başga türkmende heleý ýokdur öýdüp ýörme, ynha, göreşden
başlaly» diýýä welin, Oguldurdy pyçakly: «Aý, gidibersene, ýaly
kesilen» diýip, atyny sürüp geçiberýä.
— Ne gyzka, ne gelinkä, dalaşda munuň ýanyny ýere degren
bolupdyr.
— Bu ýerik ýörite gelendir, birentek «oýun» görkezer.
— Ony ýörite getirendirler.
— Özi gelýändir. Kim oňa gel-gelme diýjek. Sülgün han ýaly tüpeň
atmanam öwrenjek diýýä — diýip, gürrüňleşip otyrkalar, eli horjunly biri
zalyň işigini açdy-da, özi yza çekildi. Onýança aýagy mesi-galoşly, egni
gat-gat dürli ala çyzmyk ýektaýly, başy ullakan ak selleli, ýüzi ak
mapraç adam işikde peýda boldy.
Diwallar:
— Seýidahmet işan geldi.
— Işan aga geldi — diýip, oturanlaryň howuny basmak üçin
ýerlerinden galdylar.
Kazy onuň öňünden çykdy, Bekmyrat baý garşy aldy.
— Ýörüň, ýörüň — diýip, Seýidahmet işany iki taraplaýyn dik duran
adamlaryň ortasy bilen ýokaryk, diwallaryň ýanyna çykardylar. Diwallar
Seýidahmet işan bilen görüşdiler. Biri:
— Oturyň — diýip, onuň öňüne stul süýşürdi. Seýidahmet işan
oturgyç süýşürene elini daldalady, gapdalynda horjunly duran adamyň
ýüzüne seredip, eli bilen poly görkezip:
— Ýazyň — diýdi. Ol adam göterip duran horjunynyň bir gözünden
täzeje hywa donuny çykaryp, pola düşedi. Ikinji gözünden ýukajyk
namazlygy çykaryp, pola degirmän, donuň üstünden ýazdy. Işan
289
ýektaýlarynyň syýlaryny pola degirmejek bolup, çekinjiräp, namazlygyň
üstünde çöküne düşüp oturdy.
Kazy:
— Işan aga, bu günki işleriň şowly bolup, ileri giderine doga okap,
pata beriň — diýdi.
Işan doga okap, omyn etdi.
— Hudaýym, ýaraşyk bolsun, iki tarapynyň göwnüne giňlik sal-a,
ylahym, işleriňiz şowly bol-a, maksadyňyza ýetesiňiz, ylla rahmat ed-ä...
— diýip, gol göterdi. Diwallar, oturanlar gollaryny göterdiler.
Bu wagt pristaw gelip:
— Başla, başla — diýip, özi aşak oturdy.
Rahym diwal:
— Orazsoltan Myrat aýaly, bäri çykyň. Bekmyrat Amangeldi,
ýokary çykyň — diýip, ýokary çykanlara oturgyç görkezdi. Orazsoltan
eje gelip oturan badyna, Seýidahmet işan aýat okap:
— Orazsoltan, yzy ýarasyn, jaýy jennet bol-a — diýdi.
Diwallar: — Hawa, şeýle bol-a — diýişdiler.
Orazsoltan eje çala dodagyny gymyldatdy.
Diwallar ýerli-ýerden gepläp başladylar:
— Hawa, işan aga, Orazsoltana nesihat beriň, Siziň töwellaňyzy alar.
— Aý, işan agaň töwellasyny alman, kimiňkini alsyn?
— Aý, işan agaň töwellasyn-a bular ýaly ara gan düşende,
gylyçlaryny syryşyp duran hossarly adamlaram ala-ala gelýändir.
— Hawa-la, Orazsoltan, näme, hossarsyz-howandarsyz ýeke adam,
alar-la — diýşip, Seýidahmet işana ýol berdiler.
— Hawa, Orazsoltan, bir ýaramaz, bolmaz iş bolupdyr. Indi ony
bolmadyk ýaly edip, ýerine salmak bolmaýa. Bu işem bir agyzdan çykan
gep ýaly. Bir ýaramaz söz agyzdan çykýa, ony dolanyp ýuwdup
bolmaýa. Bu bolan iş hem şol zeýilli. Ozal ebedinde maňlaýyna
ýazylyşydyr-da. Ondan sypmak bolmaýa.
290
Ozal ebedinde alla-tagala adamzady enesiniň wüjütinde, katra
suwdan surat eýlän wagtda, onuň sanalgysyny sanap, maňlaýyna ýazyp
goýarmyş. Şu dünýeýi äleme inip, tä wepat bolynça, näçe nepes
almalydygy maňlaýyňda ýazylgy bolarmyş. Şol sanalgy nepesi
gutardymy, Ezraýyl perişde asmandan peýda bolup, onuň janyny alyp,
asmana göterilermiş. Hudaýdan biidin çöpüň başy yranýan däldir.
Hemme zat alla-tagalanyň eradasy bilen bolýandyr. Myradyň ol oba
daýhan durmagy, Çarynyň ony öldürmegi — hemmesi alla tarapyndyr.
Allanyň edenine boýun bolmazlyk küpürlik — alladan daş düşmekdir,
şeýtan tarapyna geçmeklikdir.
Melgun bir zamanda bütin okuwlaryň aňyrsyna çykyp, seždeden
başyny götermen ýatan eken. Bir gün ol kyrk müň ulama ymam bolup,
başyny seždä goýanda, asmandan towky gyzyl ot bolup inýä. Melguna
uýan ulamalaryň bary gorkusyna seždeden başlaryny göterip bilmeýäler.
Emma melgun özüne menilik getirip: «Kimiň başyndan inerkä?» diýip
görjek bolup, başyny seždeden göterýä welin, towky onuň öz başyndan
inýä. Şondan beýläk Melgunyň azdyrany özüniňki bolýa, ýagny
Melgunyň tarapyna geçip, şeýtany bolýa. Melgun bolsa şeýtanlaryna
adamzadyň eti bilen derisiniň arasyndan jaý berýä. Şeýtanlar bolsa
adamlaryň mydama böwrüne dürtüp durýa: «Ýaman iş et!» diýip.
Indi näme şeýtanlaram Çarynyň böwrüne dürtüp-dürtüp, ony
azdyrandyr. Siziň adamyňyz bilen urşandyr. Urşansoň, näme, «Bir taýak
bagt — diýýä — bir taýak — bibagt».
Ozal ebedinde siziň adamyňyzyň kysmaty Çarynyň bir taýagyndan
bolansoň, onuň gidere ýeri bolmaz.
Orazsoltan eje:
— Onda meniň adamymyň ölümi şeýtan tarapyn bolýa-da? Şeý
diýdigiňiz-dä — diýdi welin, işan lak boldy. Mundan aňry gepläre-de
onuň weji bolmady. Seýidahmet işan diwallara garap:
— Hawa, Orazsoltan ýaraşar-la. Hany huny näçe bolýa? Kazy,
291
hasabyny ediň — diýdi.
Diwallar:
— Hawa, ýaraşar. Orazsoltan ol biderek, kemakyl aýallardan däldir.
— Aý, asylly adam bir göreňde tanadýa-la.
— Aý, men Orazsoltany öňden tanaýandyryn. Ol işanlaň, ýaşululaň
ýüzüni ýere salýan adam däldir, ýaraşar. Hany, kazymyz, boluň. Indi iş
size galdy — diýişdiler.
Kazy ardynjyrady-da, öňden taýýarlap goýan hökümini sesine nazym
berip, okamaga durdy:
— Myrat Sähet ogly Çary Amangeldi ogly bilen şeýtan ara düşüp
urşanda, Çary Amangeldi oglunyň bir taýak çalmagy sebäp bolup,
sanalgysy dolan güni wepat bolýa. Wepat bolan wagtynda, elli dört
ýaşynda. Ol wagtda Annageldi ussanyňkyda ýylyna alty tümene talaban
bolup işleýärdi. Geýim-eşigi, iýjek-içjegi — ýylyna iki tümen, jemi
gazanjy bir ýylda sekiz tümen. Ömrüni ösdürip, 64 ýaşa eltýäris. On ýyl
ömri bolýa. On ýylda ýylyna sekiz tümenden gazanjy — segsen tümen,
hyýanat bilen öldürilmegine — kyrk tümen, maşgalasynyň gynanjy —
ýigrimi tümen, sadakasy, onusy-munusy — bäş tümen. Jemi huny ýüz
kyrk bäş tümen.
Kazy köp diýäýendirin öýdüp, ýalt edip, Bekmyrat baýyň ýüzüne
seretdi.
Bekmyrat baý başyny atyp, razyçylygyny bildirdi.
Diwallar: «—Bolýa-da, bolýa — bolşup — çykar, Bekmyrat baý,
puly» diýişdiler.
Bekmyrat baý haly horjunynyň bir gözünden ep-esli haltany çykaryp,
stoluň üstüne oklady.
Diwallar stoluň üstüne haltany başaşak etdiler. Ak rupyýa jagyrdap,
stoluň üstüne ýaýrady. Diwallar ýerli-ýerden sanamaga durdular. Olar
ýüz kyrk bäş tümeni sanap:
— Haý, Orazsoltanyň bagtyna hemmesem täze rupyýa eken, al,
292
Orazsoltan, ogluňy oňat terbiýele, geýim-eşik alyp ber. Ynha, Bekmyrat
baýlar bilen gatnaşyk açarsyň. Gyzyň ýanyna bararsyň, gaýdarsyň —
diýip, ýüz kyrk bäş tümen puly Orazsoltan ejä tarap süýşürdiler.
Bekmyrat baý ýerinden gobsunjyrap:
— Ahaw, adamlar, şonuň üstüne ýene ýigrimi bäş tümenem goýuň,
olam gudalyk haky bolsun. Indi Orazsoltan bilen ýaraşarys, gatnaşyk
açarys — diýip, şunuň bilen iş bitdi hasap edip ýyrşaryldy.
Suhan gaty aşakda oturan ýerinde ot alyp barýan kirli kellesini
gazaşdyryp:
— Ahaw, Bekmyrat baý, sen bu gün ýaman köp eçilýäsiň-le, haw —
diýdi. — Orazsoltan, sen-ä Bekmyrat baý hezil etdirdi — diýip, ho-hoho edip, samsyklaç güldi.
Bekmyrat baý: «Näçe bersem-de, gyzynyň galyňyna-da ýetenok»
diýen pikir bilen:
— Aý, biziň pulumyz başga ýere gidenok, gitse, öz gudamyza gidýä.
Ahaw, adamlar, şony bölüp-biçip oturmaň, göni ikä dogrulaň — diýip,
pul bilen Orazsoltan ejäniň başyny aýlajak boldy.
Orazsoltan eje ýerinden turdy-da, Suhan gata:
— Bekmyrat baýyň meni hezil etdirişi ýaly hezillik saňa-da nesip
etsin, hudaýym. Höwes edýäniň şu zeýilli hezillik bolsa, ýetersiň,
enşalla. Ýadyňdan çykdymy meniň tüýnügimden ot berjek bolup
duranyň? Indi meniň «hezil edenime» senem hezil edip gülýämiň?!.
Bolýa! Adamyň ýadyndan bir ýagşylyk çykmaz, bir-de — ýamanlyk.
Seniň hem edeniň meniň ýadymdan hiç wagt çykar öýtmegin!.. —
diýende, sesi ilki utanjyndan sandyrap çykdy. Soň ol özüni raslap,
kazynyň ýüzüne seretdi-de: — Kazy, siz meniň adamymy öldürip, ýüz
kyrk bäş tümen baha kesdiňiz! — diýdi. — Men adamymyň gara ýere
damyp, siňip giden her bir damja ganyny müň tümene bermeýän...
Meniň öňüme ak rupyýany üýşürip, nebsimi oýarjak bolýasyňyz! Ýok!..
Mende tümen-de ýok, men garyp!.. Maňa tümen-de gerek däl, siziň
293
baýlygyňyz-da!.. Meniň baý bolup, adam ganyny torç edip, basgylamak
maksadym ýok!.. Siz çep eliňiz bilen ýüz kyrk bäş tümeni meniň öňüme
süýşürdiňiz!.. Şol puly süýşüren eliňizi goýuň stoluň üstünde, men şol
çep eliňizi kesip, size ýüz kyrk bäş tümen töläýin. Dogry, mende bir
tümen ýok, ýöne meniň sagynman tölejek ilim bar — diýdi.
Soňra ol Bekmyrat baýa garap: — Sen öz baýlygyňa baýrynýan
bolsaň, men öz garyplygyma buýsanýan — diýdi. — Sen ýigrimi bäş
tümenden galyp, meniň adamymyň ganyny satyn alyp bilmersiň! Meniň
ýegşermez buýsanjym bar. Ol-da meniň namysym, arym, ykrarym,
özümiň wepat bolan adamyma tä ölinçäm wepadarlygym.
Ynha, meniň gymmatym, ynha, meniň buýsanjym. Sen meni arzan
bazaryň söwdagäri diýip hasap etmegin!.. Men bu ýerik satmaga-da
gelemok, almaga-da. Men bu ýerik adamhorlara jeza berdirmäge geldim!
— diýdi-de, Orazsoltan eje daljygyp, diwallara seretdi.
— Diwallar, siz kim?.. Siz iň arzan bazaryň dellallary! Siziň iki
adama el alyşdyryp: «Bar, bolsun» diýip, gol silkmekden başga käriňiz
ýok! Ol tutuşan iki goluň arasynda ar köýýämi, namys köýýämi, nahak
dökülen gan köýýämi ýa ol tutuşan gollaryň bir tarapyndan ýesir galan
ýetim çagalaryň gözýaşlary damyp durýamy — ol zatlaryň hiç birini siz
pikir-de etmeýäsiňiz, ol zatlaryň hiç biri siziň perwaýyňyza-da däl.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 18
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.