Latin

Ykbal I - 05

Total number of words is 3685
Total number of unique words is 1928
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.7 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bellenilen ýer Amandurdy baýlar bolsa, şolara barmaly. Bir ilat
hem bolsa, araň ýakyn-da bolsa, tiräň başga; özlerem zor ýerler.
Yzyndan gelen bolsa-da, olara size deprişi ýaly dözümli, kast bilen
depremez. Hem olar arada durup, ylalaşdyrmaga ýagşy bolar.
Bardy-geldi, iş ula gidäýse-de, olar arkaňda durarlar. Kowus,
bularyň jogabyna-da garaşman, aýgyt edip — sürüň meniň
yzymdan — diýdi. Ol atyny depgiläp, öňe geçdi-de, Amandurdy
baýlara garşy atyny daýaw sürmäge başlady.
Amandurdy baýlar bilen Bekmyrat baýlaryň arasynda dostluk
aragatnaşygam, aýal gatnaşygam ýok däldi. Amandurdy baýyň
aýaly bilen Bekmyrat baýyň aýalynyň enesi bir tireden bolansoň,
Bekmyrat baýyň aýaly Amandurdy baýyň aýalyna daýza diýen
bolýardy. Ynha, şol aragatnaşyk bahanasy bilen bu gün Bekmyrat
baýyň aýaly Amandurdy baýlara gelipdi. Bu gün ol ertirden bäri
her kim bilen gürrüňleşse-de, gulagy daşarda, atyň aýagynyň
sesindedi. Şol takatsyz garaşygyň bir halatynda onuň gulagyna at
aýagynyň sesi gelen ýaly boldy. At aýagynyň sesi eşidilenden soň
72
— wäh! — diýlen ýaly bolup, ýüregi tarsyldap, näme-nämedigini
aňşyrjak bolanda, Amanmyradyň sesi onuň gulagyna ildi.
Amanmyrat bu ýagdaýda neneňsi boljagyny bilmän, aljyrajak
ýaly bolup durka, gapydan dazlap çykan egni göwşülräk keteni
köýnekli, gollary üç goşma bilezikli, ýüzi-gözi ýagty, gaşlary çytyljak
bolup duran, orta ýaşan aýalyň öz gelnejesidigini tanap, arka tapynan
ýaly:
—Gelneje, alaweriň — diýip, onuň ýüzüne seredip ýylgyrdy.
Bekmyrat baýyň aýaly:
—Waý... gara gana bulaşaýypsyňyz-la, baryň, ýuwnuň, kelläňizi
daňyň. Hany getir bäri awuňy — diýip, Uzugy atyň üstünden gujaklap
alyp, şol durşuna Amandurdy baýyň öýüne saldy-da — getir, daýza,
mahmaly — diýip, derrew onuň başyna mahmal büredi.
Biçäre gyzyň ygtyýaryna erk edip, her bir ynsan üçin iň gymmatly
erk-ygtyýary elinden alyp, ony hol işikde çagşap ýatan köwüşçe görmän,
öz islegleri boýunça Uzugyň takdyryna gara çekmäge başladylar. Ýaňyja
durmuşa meýil edýän gözel gyzyň gül bezegli gözel durmuşynyň parlak
geljeginiň altyn bosagasyny owratmaga durdular.
Uzugyň gara gözlerine gan öýlüp, gabaklary ýumruk ýaly bolupdyr.
Ol akyl-huşuny ýitirip, seňse bolan ýaly, nire-niredigini aňşyrman,
gygyrjagyny-gygyrmajagyny bilmän, ýürekleri ezilip, bütinleý ysgyndan
düşüp, ýanyny ýere berip aglap ýatyrdy.
Emma onuň töweregindäki adamlardan onuň beýle halyna gyýlyp:
«Muny beýle etmäň» diýjek ýekeje adam-da ýokdy, çünki beýle adamlar
bar-da bolsa, olar bu öýe goýberilmejekdi hem. Bu öýe üýşenleriň
maksatlary bütinleý başgaçady. Olar Uzugy öýe salandan, gapyny ýapyp,
gözenege gamyş aýladylar. Bu wagtlar aýallar edil ortasyna kesek atylan
«gajargeldi» ýalydy. Olaryň içeri girişip, daşary çykyşyp, aýaklary bişen
ýaly zowzanaklaşyp, bir-birlerini dürtekleşip, hyşyr-da, wyşyr bolşup
ýörüşleri-de biçäre gyzyň täleýini tersine öwürmegiň gamydy.
73
Ynha, bu mahallar gapynyň birden iki taraplaýyn açylyşy bilen
gaşlary gyýlyşyp, maňlaýlary çytylyşyp duran gara gyýkmak, uzyn
boýly, agaç et aýal peýda boldy. Ol aýal iç işige girenden, iki elini
bykynyna urup, daljygyp, uludan-uludan iki gezek demini aldy; ol
agyzlaryny towlap, heniz dillenmänkä, Amandurdy baýyň aýaly aljyrap:
—Geçiň, Täçsoltan — diýenini özi hem duýman galdy.
Täçsoltan:
—Sen öýüňi orramsyhana edeniňden soňra, men se-niň duluňa
geçmerin! — diýip, ýeň etegini ýokarrak çe-kip, çermegine gysdyrdy-da,
Ezraýyl ýaly bolup, Uzuga ýapyşdy. Täçsoltan gykylyklap, Uzuga
ýapyşandan, öýde oturan aýallar, içlerine ýylan giren ýaly bolup, zöwwe
ýerinden galdy. Täçsoltan çirkin ses bilen gykylyklap, Uzugyň başyna
bürelen mahmaly sypyryp, ol dula zyňyp, iki saçyndan tutup
silkeleşdirdi-de, tagyrdadyp süýremäge başlady. Öýdäki ýaş-ýuş
aýallaryň barjasy çykyşyp gaçyp gitdi.
Uzugyň önki agyr halynyň üstesine saçlary gopara gelip süýrelse-de,
ol, gurt ýaly, düwdek bolup ýatyrdy. Biçäre gyzyň beýle ýagdaýda
garşylyk görkezmezligi gorkulydy. Belki, bu durmuşda onuň ýüregi
ýarylyp ölendir. Belki, özünden gidip çaşandyr. Belki hem, başyndan
inýän agyrlyklaryň barysyny mertlik bilen geçirip, çydam berip
ýatandyr.
Ony ahyrda, aýallar Täçsoltanyň elinden käýýäp-sögüp aldylar.
Emma Täçsoltan alyň sesi ýaly çirkin sesini edip, ýarak it ýaly, çar
tarapa jabjynyp, Uzugyň üstüne dyzady. Käte aýallaryň elinden sypyp
gelip, Uzugyň niresi çem gelse, urup-çümmükläp:
—Waý, heleý-eý!.. Gid-eý!.. Güm bol-uw-w!!! Wah, başga är
tapmadyňmy?! Ärsiräp tapanyň meniň ärim bol-dum-e-eý!.. E-he-he-e-ee... — edip aglap, käte-käte ýykylyp galýardy.
Uzugyň bu wagtky halyny dilde aýtmak mümkin däl, belki, görmek
hem kem bolup, bu halyň agyrlygyny ýeke gerden bilen çeken biler. Bu
74
agyrlygyň tebigatda başga taýy bolman, ýeke ynsanlarda duş gelýän
agyrlykdyr. Emma Uzuk şeýle agyrlyk astynda galan bolsa-da, bihuda,
peýdasyz ýere şerraýlyk edip, masgara bolup gygyrman, ýuwaş ses bilen
perýat etdi.
—Ah, günüm!.. Aý... Ýer bilen ýogsan bolan belent daglar! Siziň
başyňyza gelen bela meniňkiden güýç-lümidi? Ah, asmana ýüz tutan
namysly daglar! Ýa men, ynsan, binamysmykam?! Ah, getiriň öňüme
ajal gyz-ganyny, goşa golum bilen gül dessesi kimin gysymlap, näzik
bedenime owkalaýyn!..
Ahyrsoňunda Uzugyň kellesine: «Gel, sarpaly sözlerimi bisarpa
etmäýin-le, oky nyşana gelende ataýyn» diýen pikir gelip, ol sesini
goýdy. Emma Täçsoltan gykylygyny goýar ýerde goýmady. Ahyrda
Bekmyrat baýyň aýaly durup bilmän:
— Waý, Täçsoltan, ýat obanyň içinde masgara bolduň-la,
hemmämizem wejera etdiň-le, goý ahyrym sesiňi; bolmasa, öýüňe
baranda et, näme etseň. Hiý, beýle-de bir wejeralyk bolarmy?!—
diýip köşetjek boldy.
Emma Täçsoltanam öwç aldy:
—Üýrmegin, heleý! Belanyň körügi sendedir. Senden ýaňa içim
tütäp durandyr. Sen daýzalaryňa gelen eş-şeksiň! Siz işi menden
bukulyp etjeksiňiz, men siziň içiňizde näçe tezegiňiziň bardygyna
çenli bilýändirin! Bu esrän tulakyny haýsy obadan alyp geldiňiz ?!
Aýdyň obasyny, men häzir gidip, hossarlaryny alyp geljek. Waý,
aýt obaňy, ak guýruk heleý, nirelerden esräp geldiň-eý?!— diýip,
ýene Uzugyň üstüne topuldy.
Şol halatda kellesi ak ýaglyk bilen daňylgy Amanmyrat
daşardan gelip, päýnegi gyzyllanyp, gaş oturdylan kümüş gynly
jöwher pyçagynyň şirmaýy sapyndan tutup sogurdy-da:
—Seniň bir ganyňy içeýin! — diýip, Täçsoltana topuldy welin,
ýeňňesi tutup saklady.
75
Täçsoltan äriniň ärlik dabarasyndan gorksa-da, güýçli baýyň
gyzy bolansoň, onuň ýüregi suwlujady:
—Gelip, şol pyçagyňy böwrümden urmasaň, är diýmen! Şu
ýurduňa gan çaýkadaryn! Gel-de, öldür meni, ýerden ýeke çykandyr
öýtseň! Gelip, indi öldürmeseň, är bolmadygyňdyr! Waý, jan eje
jan-eý! Gyzyň nä güne düşde-eý!... he-he-he-we-e! — edip, il
wejerasy boldy.
Onýança pyýada kazylar geldi:
—Essalawmaleýkim!— diýip, olar sanamaga durdular welin,
Täçsoltan şark-şurk gapyny ýapyp:
—Waý, kazylygyň başyňy iýsin-e-e-eý!!! Güm bol-u! Öz
heleýiňi äre berip, pyýada kazyçylygyňy edäý!!! — diýip,
gykylyklap, pyýada kazyny wejera edip, öýe salmady.
Amanmyrat gykylyga çydap bilmän, duldaky dürre gamçyny
alyp, Täçsoltany urmaga başlady. Onýança Bekmyrat baý daş
işikden:
—Näme gykylyk? Lal bolsun, güm et! Çykar daşary, kowup
goýber! — diýip gygyrdy.
Amanmyrat Täçsoltany elindäki gamçy bilen urup, endamjanyny gök-ala edip, daşary çykaryp, pyýada kazyny öýe saldy.
Täçsoltanyn soňraky gykylyklaryna garaman, nika gyýmaga
başladylar. Pyýada kazy iç işige girip, sanalýan zatlary sanan
boldy-da:
—Nika wekilçiligini kime berdiňiz? — diýip sorady.
Ýerden seza çykdy, Uzukdan çykmady:
Aýallar ýetmiş ýerinden hürsekleşip:
— «Gully baýa berdim» diý! Diýsene, gyz, basymrak! Näme
uly ili mähetdel edip otyrsyň. Hiý, beýle-de bir masgaraçylyk
bolarmy, utanmaýamyň, uýalmaýamyň ahyrym? — diýip, näçe
gyssadylar.
76
Emma Uzuk:
—Siz özüňiz haýa ediň, bihaýalar! Meni utandyrjak bolmaň.
Meniň kükregimi ýaraga-da, jigerimi sogrup alyp, öňümde
goýsaňyz-da, menden nika razyçylygyny almarsyňyz! Ondan
menem gynamaň, özüňizem gynamaň, heleýler! — diýip, gaty
sagdyn jogap berdi.
—Wiý, gyz, beýle däl, aýdýanyň näme? Ilde-günde sen ýaly
bolýan gytmy näme, biz-ä sen ýaly masgaraçylyk edeni görüpeşiden däldiris — diýşip, aýallar ýene näçe gyssasalar-da, hiç zat
çykmady. Ahyrym Bekmyrat baýyň Uzugy atdan gujaklap düşüren
aýaly bilezikli eli bilen berk hürsekläp:
—Asyl seniň jigeriňi çykarmaly! Sen razy bolmasaň, jigeriňi
däl, gözüňem çykarlar! Al, Amanmyrat, jigerini çykar jigeri
çykmyşyň! — diýip, aýagy bilen Uzugy depip, ýerinden turdy.
Uzuk ýykyldy.
Onýança jany ýanyp duran Amanmyrat pyçagyň sapy bilen
Uzugyň maňlaýyna urup ýardy. Ýene Uzugyň: «Öl-dür!» diýip
gygyran sesini eşidip, has hem hyjuw edip, çem gelen ýerine urup,
ökjeli ädigi bilen depginiň astyna aldy. Uzugyň bütin synasynda
abat ýeri galman, başyna zor bilen bürelen gyzyl mahmala siňen
gyzyl ganlar tegmil-tegmil bolup, mahmalynyň her ýerinde
görünmäge başlady. Onýança ozalky Amanmyradyň eline tabşyran
akýal aýal gelip, köpbilmişlik bilen äheňini üýtgedip, höre-köşe
bilen Uzugy yrmaga jan etdi:
—Aýryl, Amanmyrat, beýdip horlama! Özi razy bolar. Hiý,
janym, özüň öz başyňa şu günleri satyn alyp, horlanyp oturýasyň.
Häli razy bolan bolsaň, bu horluklary görmeli däl. «Gully baýa berdim»
diýäý, janym! — diýip, Uzugy ysgynsyz ýatan ýerinden gujak-lap
galdyrjak bolanda, Uzuk süzülen gözlerini zordan açyp:
77
—Meniň etimi dogram-dogram edip dograsaňyzam, meniň dilimden
nika razyçylygyny eşitmersiňiz!.. Meni beýdip ýakmaň, örtemäň! Maňa
eden ganymçylygyňyzy alla iru-giç öz başyňyzdan hem sallar! — diýip,
sözüni zordan soňlady. Ondan aňry haldan düşüp, zarly aga ýugrulan
sandyrawuk owaz bilen: — Wah!.. Eje jan!.. Men öldüm-le!!! Ýüregim
ýaryldy-la!!! Ah!.. Wah!!! — diýip, soňra sözlemäge ragwaty galman
özünden gitdi.
Bu wagşylyga, bu zuluma garşylyk görkezmäge onuň ýaş bedeninde
gurbat galmady. Emma biçäre gyzyň beýle ýagdaýa düşmegi
töwereginde oturanlara onçakly täsir hem etmedi. Olar ýene-de nika
hakynda sözleşip, basymrak nika gyýmagyň gürrüňini edýärdiler.
Uzuk birhaýukdan soň çala özüne gelip, biraz gözüni açdy.
Ýene heleýler:
—Hiý, beýle güne düşüp otyrsyň, janym, «Gully baýa berdim»
diýäýsene — diýşip jyňňyldaşmaga başladylar.
Uzuk nire-niredigini, töweregindäkileriň näme is-leýändiklerini
bilmän ýatyrka, yzly-yzyna «Gully baýa berdim diý, Gully baýa berdim
diý!..» diýen sesiň gulagyna eşidilip durmagy bilen näme diýýändigini
bilmese-de, özüniň närazyçylygyny beýan etmek isledi. Dodaklaryny
zordan gymyldadyp: «Ýok-la... bolmaz...» diýip, başyny yraýan ýaly
etdi.
Uzugyň
huşsuzlygynda
ýöne
bir
dodagynyň
gymyl-damagy
töweregindäkileriň islegini bitirdi. Bekmyrat baýyň aýaly Uzugyň
agzyna gulagyny ýakyn getiren bolup:
—Waý, «Gully baýa berdim» diýdi-le, gyz — diýdi.
Ýanyndaky aýallar ony tassyklady. Şonuň bilen iş gutardy. Nika
depme halal edildi. Uzuk heniz oňly özüne gelmänkä, garry ýolbarsyň
öňüne oklandy.
Iller işlerini bitirip dagaşdy. Şeýlelikde, Uzuk ýaş başynda kyrkdan
aşan Amanmyradyň ikinji aýaly bolup galmaly boldy.
78
Ah — bu gije!.. Perýat — bu gije!.. Bu gijäniň özi bir bolsa-da,
hemmeler üçin bir bolmady. Kimler üçin toý-tomaşa, şadyýanlyk,
zowky-sapa bolsa, kimler üçin ahu-zar, dadu-perýat, ýasu-hasrat
boldy... Ylaýta-da bu hasratly gije Uzugyň üstüne bütinleý labyryny
atyp, onuň üstünden sowulmaz howp boldy... Biçäre gyz özüniň
erk-ygtyýaryny giderip, gymmatly hazynasyny urduryp, jöwza
tygyny dadan suwsuz biýara ýaly süllerip, gysyma girip galdy...
Goragly bagyndaky beslegli gunçasy açylman soldy... Hazanyň
bimahal öwsen şemaly ter gunçany näzik baldagyndan tänderdi...
Biçäre gyz özüniň gül lälesinden aýrylyp, tora düşen bilbil ýaly,
erki-ygtyýaryndan, namys-aryndan, akyl-huşundan aýra düşdi.
Hasratly gijäniň agyr labyry astynda basylyp galdy. Ol özüniň
Zöhre ýyldyzynyň batyşyna diňe gol uzadyp galdy. Başga ýagdaýçäre tapman, oý-hyýala düşüp, bütin durmuşyny hyýaly halda göz
öňünden geçirdi: geçen günleriniň gözýetimden çala salgym atyp,
gol bulaýlap, kem-kemden daşlaşyp gidip barşyny, geljeginiň iki
sany aždarha bolup, ikisiniň hem ýuwutjak bolup durşuny görüp,
«Perýat!» diýip, ýerinden galanda, ýanynda ýatan garry köpegiň
butlaryndan beren burgulary ýaraly ýüregiň üstüne ýene-de ýara
saldy.
Heýhat bu gyzyň gününe!.. Daň hem atmaýar, gije-de
sowulmaýar! Garaşylmak bilen sabru-karar galmady. Ýene hem,
arman, jan tende, daňa ýetdi! Sabyrly gije sowlup, daň hem hasrat
bilen atdy!..
Amanmyrat, agzy gana degen gurt ýaly, ýalmanyp, Uzugyň
gapdalyndan sogrulyp çykdy. Amanmyradyň daşary çykaryna
mähetdel baýlaryň ýaş gelin-gyzlary şowurt-da, şowurt bolşup, her
haýsy bir bakyşda süýnüşip-sarkyşyp, zülplerine timar berşip,
Uzugyň ýanyna geldiler. Uzuk ýerinden galman, başyny basyryp
ýatyrdy. Gelen gelin-gyzlar Uzugy ýerinden turzup, tama baryp,
79
başyny darandan sonň, özleri bilen birlikde daşaryk gezelenje
çykmagy maslahat berdiler. Aýna-darak çykaryp berdiler. Uzuk
olaryň hiç biriniň sözüne gulak asmady. Onýança daşardan bir ýaş
gelin özüne timar berip, dähedem-dessem edip geldi-de, tutyny
aýryp, beýläk zyňdy. Emma her zat etseler-de, Uzukdan ýüz
tapmadylar.
Soňra
ýeke-ýekeden
turup
dagadylar.
Amanmyrat
ýamaşgandan öýe girip, Uzugyň üstünden ýorgany sypyryp beýläk
zyňdy:
— Ataň ölenini şu gün eşidensiň, eneň... — diýip, bütin güýji bilen
gelniň biline yzly-yzyna depip, çykyp gitdi. Uzuk ýatan ýerinde biline
taýak degen ýylan ýaly towlanyp, umytsyzlyk bilen dünýäden
zeýrenmäge durdy: «Ah, köp günleriň birisi! Sen näme hemişekiligiňe?!
Sende näme üýtgeşiklik bolmaýar?! Meniň bu perişan halymy
görmeýämiň?! Näme tutulmaýasyň?!. Men bihabar ekenim, seniň
astyňda her hili iş bolsa-da, sende üýtgeşiklik bolmaýan eken. Belki, her
günki ýoluňda meniň günüme düşýän ýüzlerçe-müňlerçe ejizleriň
gözýaşynda gulaçlap geçip gidýänsiň; belki, olaryň üstünden aýaklap
geçip gidýänsiň!.. — diýip, gözlerinden boýur-boýur ajy ýaş goýberip
aglady. Ýene gözleriniň ýaşyny süpürip: — Ah, aglamakdan haýyr ýok,
dadyňa ýetişýän adam barmy näme?!. Ýeňsämde daýany-şyp duran
murtlary syh-syh doganlarym bolan bolsa, şeýle bolarmydym! Ah,
atamyň gol doly goýunlary agdarylyşyp ýören bolsa, şeýle bolarmydym!
Onda yzymdan eýýäm gelmezmidiler?! Ah, dogan! Hossar! Güýçgurbat!.. Ygtyýar!..» diýip ýüregine urdy.
80
«IKI AT DEPIŞER, ARASYNDA EŞEK ÖLER»
Gyz gitdi. Ene biçäre, guşuny gaçyran awçy ýaly, yzynda delmuryp
galdy.
Bazarçylaryň bu işi eşidenleri irräk gaýdyp geldi, eşitmedikleri bolsa
biraz gijä galdy. Netijede ir ikindi bilen giç öýläniň ortasynda adamlar
Suhan gatynyň işigine üýşdüler! Gelenleriň ýaşuluraklary Suhan gatynyň
öýüne girip oturdy; beýleki adamlara bolsa häzir öýlerine gaýtmaga
rugsat berildi. Emma hiç kim öýüne gaýtmady. Hemmeler bu işiň
netijesine garaşdy. Suhan gaty öz ýanyndan şeýle di-lewarlyk bilen
sypaýyçylykly sözlemek isläp, ýüzüni galdyrman, gepläp başlady:
— Hawa, adamlar, siz şu taýyk üýşüşip gelipsiňiz; birnäçäňizi
çagyryp getirdik, birnäçeleriňiziň özüňiz gelipsiňiz. Näme üçin
gelendigiňizi aýdyp oturasy iş ýok. Adamyň dilem öwrülmejek bolýa,
şeýle bir iş bolupdyr. Bu hemmämiz üçin biabraýçylyk. Biziň
hatarymyzyň çetinde köp ýyllardan bäri saýalap oturan pukarany şeýle
etmekleri gaty ýokuş degýä — diýip, köýneginiň eteginden elini sokup,
gapyrgalarynyň ýüzüni gars-gars gaşandy. Soňra ýalt-ýult edip, eýlesinibeýlesini bakyp seretdi-de — häki enesinem çagyraýar ýaly ekenik —
diýip, sakgalynyň ujuny agzyna saldy.
Suhan gatynyň gepleýşine oturanlaryň göwni ýeten däldir-dä,
birsalym dymşyp oturdylar. Soňra oturanlaryň biri gapdalyndaky oturana
başyny egip, aşaklykdan:
— Sözlişiň gursun, şu dagam obanyň ýaşulusy-da — diýdi. — Ýeri,
seniň özi gelen bilen ne işiň, çagyrylyp gelen bilen ne işiň? Aý, bular
malyň ýaşulusydyr-la...— diýip, gözüniň gytagy bilen Suhan gata
seretdi.
Onuň gürrüň bereni ýuwaşja ýylgyrdy.
Onýança biri:
81
— Enesini çagyryp oturasy iş ýok, «Ol akyl-huşuny ýitirip, ýerinden
galybilmän ýatyr» diýýäler. Enesinden maslahat sorajak bolsaňyz, her
wagt hem tapylar, şu mahal maslahatyňyzy ediberiň — diýdi.
Oturanlar ýerli-ýerden dillendi:
— Hä, dogry, nahili maslahat bar bolsa aýdybermeli.
— Maslahat edip, asyl kimiň süýräni beri bellimi?
— Hawa-la, şol Bekmyrat baýlarmyş.
— Wah, bazar ýoly kesip geçenlerinde, oba adamlaryndan görenem
bar-la.
— Gören bar bolsa, näme üçin elinden almandyr ahyryn?
— Pylança ýaraglyň elinden alaýmak aňsatmy näme?
— Onda şu mahallar at-ýaragly üstlerine çozmak gerek.
— Çozmak bolmaz, bu iki arada gyrlyşyk etjekmi? Olar eýýäm nika
gyýandyrlar.
— Onda şu mahal hökümetiň üstüne gidip arz etmeli.
— Asyl hökümetden adam alyp, göni üstlerine baraýmaly — diýşip,
her kim başly-barat, biriniň aýdanyny beýlekisi eşitmän, gygyryşyp
galmagal etdi.
Öýden ýer tapman, daş işikde uýşüşip duran halkdan:
— Maslahat edip, biderek wagt geçirmän, üstlerine çozup, gyzy alyp
gaýtmak gerek.
— Süýräne jeza bermek gerek.
— Bu işde hiç kim öz janyny gaýgyrmaly däldir — diýen sesler
eşidilmäge başlady.
Onýança daşardan biri işigi açyp, boýnuny uzatdy-da:
— Bir nätanyş atly gelip, ýatakda düşdi — diýdi.
Oturanlar aňk-taňk boldy. Onýança Suhan gaty aýagyna ot basylan
ýaly bolup, togalanyp galdy-da, işige garşy maýtyklap ugrady. Işige
82
ýetmänkä, aňyrdan uzyn boýly, sakgalynyň iki dulugyndan ak görnen,
mäş-bürünç sakgally adam Suhan gata garşy geldi. Suhan gaty asmana
seredip, üstüne abanan uzyn adamyň ýüzüne äňetdi-de, ýaňy aýak biten
oglan ýaly, entirek-tentirek götinläp sowuldy.
Aňyrdan gelen adam salam berip, oturanlaryň hemmesi bilen görşüp
çykdy. Soňra adamlaryň gysylyşyp, törden görkezen ýerlerinde oturdy.
Myhman, öňüne çaý goýlandan soň, habary alyn-mazdan ozal,
howlukmaç:
— Habar aýtmaga rugsat berseňiz, biriniň ýumşuna, bir hyzmat bilen
gelipdik — diýdi.
Oturanlardan ses çykmady. Suhan gaty:
— Hawa, habarly gelen bolsaňyz, habaryňyzy berip oturyň. Adamlar
diňlärler — diýdi.
Myhman çaý guýan käsesini göterip, bir gezek owurt-lady-da,
ardynjyrap, habaryny bermäge başlady:
— Sizem üýşüşip oturan ekeniňiz. Oňat, obanyň ýaşulularynyň
hemmesi bar. Biziňkem näme, bir ýum-şoglany ýaly, onuň
habaryny size, siziňkini oňa eltip bermek. Başga bu iki arada biziň
bähbidimiz ýok. Hawa, şu gün bazarda dükanda otyrkam, bir atly
gelip: «Bekmyrat kakam şeýle-şeýle iş üçin çagyrýa — «Derrew
gelsin» diýýä — diýip, bazardan alyp gitdi. Barsam — biziň
ýaşkiçilerimiz şeýle iş edäýipdirler, şolara bir gidip ber — diýip
iberdi. Indi biziňem aýtjagymyz: bir iş boljak bolsa bolaýýar.
Birnäçe işler bolandan soň, ony dolanyp öňküsi ýaly edip bolmaýa.
Ol edil agyzdan gaçan söz ýaly bolýa. Ynha, şu iş hem edil
agyzdan gaçan söz ýaly bir iş. Muny her zat etseň hem, bolmadyk
ýaly edip, öňküsi ýaly ýerine salmak bolmaýa. Oňa görä iki tarap
üçin hem şu işde barlyşyk edäýmekden bähbitlisi ýok. Iki tarap
dawa-gär bolup, orta tow düşse, ol hem ýagşy iş däl. Bu işiň özi
hem ýagşy iş bolmandyr, ony hem aýtmak gerek. Emma her zadam
83
bolsa, bolmaz iş bolupdyr. Indi bu işi çuňaltjak bolup ýörmäň, iki
tarapdan ylalaşyk edäýmek gerek.
— Ynha, biziň-ä gözleýän zadymyz, iki tiräň arasyna tow düşmesin.
Iki tarapyň hem bähbidi bolsun, razy bolsun — diýip, Bekmyrat baýyň
wekili ýüzüni aşak saldy.
Oturan ýaşulular habarçynyň habaryny eşitdiler, emma olaryň hiç
birinden
ses
çykmady.
Birhaýukdan
soň
oturanlaryň
has
ýaşuluraklaryndan biri:
— Hawa, Suhan baý, myhmanyňyz-a habaryny eşitdiňiz, indi
jogabyny hem bermek gerek — diýdi.
— Hawa, myhmanyň habaryny hemmeler eşitdiler. Ýeke men däl,
ynha, otyrsyňyz, maslahatlaşmak gerek. Indi işiň özi ýaramazam bolsa, il
içinde ýagşam bolýa, ýaramazam. Bekmyrat baýam: «Men-ä etjegimi
etdim, indi siz hem edersiňiz-dä...» diýip oturybermändir. Işi
berkitmezlik maksady bilen Baýramgylyç baý ýaly adamy heläk edip
iberipdir. Indi Baýramgylyç baýa «Siz häzir gaýdyň; maslahatlaşarys,
göreris» diýäýsek neneňsi bolarka? — diýip, Suhan baý obanyň
arçynynyň ýüzüne seretdi. Arçyn ýüzüni aşak salyp, sarsman, bir
oturyşyna oturdy.
Onýança arçynyň sag tarapynda oturan adam gozgan-jyrap:
— Birden bir zat edäýmeli däl, enesini çagyryp soraşmak gerek —
diýdi.
Adamlar:
— Hawa, hawa — diýişdiler.
Orazsoltan eje Bekmyrat baýlardan adam gelendigini eşidip,
maslahat bolýan ýere özi gelýärdi. Ol şol halatda başyna bürenen köne
donunyň ýeňi bilen ýüzüni tutup, ýyl hassalygyndan turan ýaly, çala
yraň-daraň edip, işikden girdi-de, gabsa ýaplanyp oturdy.
Adamlar:
— Ynha, özi geldi, soramak gerek — diýişdiler.
84
Onýança Suhan gaty:
— Orazsoltan, sen näme beýdip özüňi horlap ýörsüň? Adam
diýen mert bolar. Il-ä senden maslahat sorajak, senem beýdip
ýörsüň — diýdi.
— Maslahat sorasaňyz soraberiň, men gaty jogap bererin.
— Hä, şeýdeweri. Beýdip aglap-eňräp ýörme. Öleniň yzynda
ölüp bolýamy, seniň maşgalaň-a, hudaýa şükür, gurgun. Hä... he-e.
Ynha, adam gelipdir, näme diýýäsiň? — diýip, Suhan gaty
sakgalynyň
ujuny
agzyna
saldy-da,
boýunlarynyň
ýüzlerini
gaşaşdyryp, bit gözleýän ýaly, kirli ýakalaryny sypalaşdyrdy.
Orazsoltan eje iki gözüniň üsti bilen maňlaýyny tutup oturan
ýerinden:
— Meniň maslahatym gutaran. Meniň gyzym gerek, başga zat
gerek däl. Maňa garyndaşlyk etjek bolsaňyz, meniň gyzymy alyp
beriň. Men olara gül ýaly çagamyň dyrnag... rowa gör...— diýdi-de,
aňry aýtjak sözüni aýdyp bilmän, bokurdagy dolup hamsygdy.
Ol sözüni gutaryp-gutarmanka, Suhan gaty gyzyp:
— Adamyň aýagyny ýorganyna görä uzatmagy gerek. Şu oturan
adamlar nämäni maslahat bilse, sen şoňa razy bolaýmalysyň. Şu
adamlaryň saňa ýamanlygy ýokdur. Şonuň namysam, aram
hemmelere deň gelýä — diýip, gözjagazyny tegeläp, arçynyň
ýüzüne seretdi.
Arçyn pişigiň oýnap, ýanyna getiren bir ujypsyzja zagpyran
kädisini gysymynyň içinde başdan oýnakladyp oturyşyna, käwagt
bir usullyk bilen uludan demini alyp, ýüzüni galdyrman otyrdy.
Adamlar:
— Hawa.
— Hawa.
— Orazsoltan, adamlaryň sada hyýanaty ýokdur. Häzir myhman
gaýtsyn, soňra maslahatlaşarys-da — diýişdiler.
85
Orazsoltan eje:
— Meniň gyzymdan başga maslahatym ýok. Maňa garyndaşlyk
etjek bolsaňyz, meniň gyzymy alyp beriň — diýip, aglamaga
başlady.
Muňa Suhan gatynyň gahary gelip:
— Orazsoltan, henizem sen aýallyk edýäsiň — diýdi. — Şunça
adamlaryň maslahatyny alman, näme bolup oturyşyň. Bolmasa,
adamlar, şeýle: Orazsoltan bolsa häzir jany agyryly adamdyr, olam
sowaşar gider. Biz öz tarapymyzdan Baýramgylyç baýa: «Siz häzir
gaýdyň, biz maslahatlaşarys, göreris» diýip aýdaýmagymyz gerek.
Siz näme diýýäsiňiz, adamlar? — diýip, ol adamlara ýüzlendi.
Oturanlaryň birnäçesi: «Bolýa-da, bolýa» bolşup,
Suhan
gatynyň sözüni tassyklady.
Daşardan:
— Bolmaz beýle zat.
— Enesi näme diýse, şonuňky bolmalydyr.
— Dokuň açdan habary ýok etmeli däl — diýlen sesler
eşidilmäge başlady.
Suhan gaty öýde oturan ýaşulularyň birnäçesi tarapyndan
sözüniň tassyklananyny bildi. Daşardan eşidilýän sözleri bolsa
diňlemek hem islemedi.
— Bolýa onda, Baýramgylyç baý, baryp, şeý diýip aýdarsyňyz
— diýip, Baýramgylyjyň ýüzüne seretdi.
Baýramgylyç baý:
— Bolýa-da onda, Sizem ýaşulularyň diýenine razy bolaýyň,
beýdip horlanyp ýörmäň-de — diýip, Orazsoltan ejä maslahat
berjek boldy.
Orazsoltan eje aglap:
86
— Meniň zorum ýokdur, zarym bardyr. Men ölinçäm, razy
bolman aglap geçerin. Meniň gargyşym siňip, bu dünýäde bolmasa,
o dünýäde gözlerine görkeziler — diýip, turup gitjek boldy.
— Rugsat berseňiz gaýdaýyn — diýip, myhman hem ýerinden
turjak bolup gozgandy.
Bu wagtlar obanyň arçyny elindäki zagpyranyny beýläk oklap,
häliden bäri içinde öwrüp oturan pikirini orta atdy:
— «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar» diýerdiler welin,
onuň ugry ýok ekeni. Bilseňiz, siziň şahyňyzy döwdüler welin,
siziň hiç endamyňyz syzlamaýar. Siz eýsem bolsa türkmen hem
dälsiňiz. Ýagşy, ýigrimi-otuz ýyllap, gapdalyňda saýalap otyr-da,
kim bolanda näme, onuň namysy-ary sada gelmezmi? Ýa seniň
ilatyň ol ilatdan pesmi? Bu gün gelip, obadan gyz süýreseler, ertir
gelip, heleý süýrärler.
Siz, ýaşuly, olaryň habaryny bize getirdiňiz, biziň habarymyzy
olara eltiň. Olar-a bir iş etdiler welin, indi biziň hem edýän işimize
seretsinler! Bar-da, şeý diý-de aýdaý — diýip, ýerinden turup,
çykyp gitmekçi boldy.
Suhan gaty çym-gyzyl bolup, arçynyň: «Siz türkmen hem
dälsiňiz» diýen sözüni süňňi pesräk bolansoň, özüne çekdi:
— Sen näme, menden ig ataň oglumy? Süňňüňi oda salşaý! — diýip,
ýerinden galyp, dört aýak-da, bir baş bolup başlady.
Arçyn Suhan gatynyň gepiň manysyna düşmän, geplän bolşuna jany
ýanyp, sesini çykarman durdy.
Suhan gaty ýene köpüň içine düşen it ýaly, her kimiň ýüzüne bir
seredip:
— Kim namysly bolsa, ýanyna göçürip eltsin. Ana, Myradyň öýi,
ynha-da heleýi, men şu işiň gyrasynda ýok. Bekmyrat baýa-da şeý diýip
aýdarsyň, Baýramgylyç baý! — diýip, öýden çykyp gitdi.
87
Oturan adamlaryň köpüsi arçynyň aýdanlaryny makul bilip daş
çykdy.
Daşardaky adamlar:
— Meret aga, gaty dogry aýtdyň.
— Diýläýjek söz şol-da asyl.
— Meret arçyn obaň hossarydyr.
— Meret aga, ugramak gerek.
— Hawa, adamlar, dagaň. Atly atyna atlanyp, ýaragly ýaragyny alyp,
Orazsoltan ejäň öýüniň ýanyna ýygnanşyň.
— Hawa, dogry şol.
— Baryň, ýaraglanyp, atlanyp geliň — diýşip, gahar-gazap bilen
dagamakçy boldular.
Meret arçyn dagaşyp barýan adamlara:
— Adamlar, birazajyk tagapyl ediň. Beýdip atyşjak-çapyşjak bolup
ýörmäň. Häzir at-ýaragly gitseňiz, olar hem osal däldir; iki tarapdan
berbatçylyk bolar. Beýdip atyşyp-çapyşmakdan başga-da ýol bar.
Hökümet bar, hudaýa şükür, hökümet öňünde abraýymyz bar. Men şol
gyzy getirip, enesiniň öýüne salaryn, siz arkaýyn bolaýyň — diýip,
märekäni ynandyrdy.
Ynanmadyklar öz närazylyklarynda galdy. Şeýlelikde, adamlar
Meret arçynyň we onuň ýanyndaky birnäçe ýaşulularyň sözüne gulak
asyp, soňra dagaşdylar.
Bu ýerde iş Suhan gatynyň islegiçe bolup çykmady. Halkyň islegi
Suhan gatynyňkydan başga hili bolup çykdy. Meret arçyn özüniň berk
sözüni aýdyp gitdi. Suhan gaty mis ýaly gyzardy. Gahary içi-içine
sygman, gapana düşen tilki ýaly jowranyp, eli köne duşakly öýleriniň
gözeneginde aýlanyp ýördi. Ol bu wagt Orazsoltan ejäniň gaýdyp
barýanyny görüp, ony öz ýanyna çagyrdy. Oňa maslahat bermäge
başlady. Orazsoltan eje onuň maslahatyny alman, turup ugrady. Suhan
gatynyň öňküden hem beter gahary gelip, Orazsoltan ejä diýibilenini
88
diýdi. Orazsoltan eje «It üýrer, kerwen geçer» nakylyna eýerip, onuň
bilen gygyryşyp durmady; aýtjak sözlerini gysgaça pert-pert aýdyp,
öýüne ugrady.
Gaharyny kime siňdirjegini bilmän, köne duşagyň meýdanda
ýatmagyny bahana edip, uly heleýiniň öýüne baryp, ony urmaga başlady.
Maşgalalary enesiniň urulýanyny görüp, yzan-da, çuwan bolup
aglaşdylar. Soňra Suhan gaty uly heleýiniňkiden çykyp, kiçi heleýiniňkä
bardy-da, gahar-gazapdan ýaňa ýel berlen tulum ýaly çişip, özüni aşak
goýberdi.
*
*
*
Orazsoltan eje Bekmyrat baýyň iberen habarçysyny ugradyp, öýüne
gelip, ýüregine urup ýykyldy. Ol: «Eý meniň eziz balam! Eý meniň
uçuran guşum! Eneň iberen habaryny eşidip, sen nä günlere düşersiň,
eneň otly habarynyň içine düşüp, sen neneňsi çowlanyp ýanarsyň?! Ah!
Meniň gara bagtym! Gara daş astyna düşüp açylman galjakmy?! Meniň
agyr durmuşymyzyň ozalky ýüki azmy?! Suhan gatynyň indiki sözleri
näme, men nirä göçüp gideýin, men kimiň ýanyna göçüp baraýyn, meniň
kimim bar?! Meniň hiç kimim ýok! Meniň iň ýakynym sen, balam; seni
hem elimden sogrup aldylar! Ah, ýumrulan dünýä!.. Meniň üstüme
ýumrulyp, gorp basan ýaly basan bolsaň, durmuşyň beýle dadysyz
zäherinden datmazdym! Ah, adam pakyr, nämä garaşýasyň?.. Hany
seniň görjegiň, seniň öňüňde näme bar?!» diýip aglap ýatyrka, daşardan
gulagyna çybyş-çybyş edip, aýak sesi gelen ýaly boldy. Orazsoltan eje
bu aýak sesini aňşyrjak bolup, tirsegine daýanyp, başyny galdyranynda,
iteklenen gabsa tykyrt etdi. Ol gijäniň içinde bimahal çak iteklenen
89
gabsadan biraz ätiýaç etse-de, işigi açmak maksady bilen ýerinden turup,
gapa bardy-da:
— Kimsiň? — diýip sorady.
Aňyrdan çalarak:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 06
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.