Latin

Ykbal I - 09

Total number of words is 3782
Total number of unique words is 1945
36.0 of words are in the 2000 most common words
50.2 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýmezdi. Elmydama Ogulnäzik diýip adymy tutardy. Bibiden birneme
özüme mähremlik duýsam, işandan bir hili sowuklyk duýýardym.
Soňabaka bularyň enem-atam däldigine gözüm ýetse-de, ýaşlykdaky
endigim boýunça bulary mährem görerdim.
— Garaz, sözüň gysgasy, bular meni ýedi ýaşymda mekdebe
berdiler. Bäş ýyl oglan-gyzlar bilen bile oturyp okadym. Soň, ýaňy göze
görnüp, saçymy bogamda, meni köpçülikden aýryp, şu işikdäki hüjrä
geçirdiler. Ahun, meniň ýeke özüme sapak berip okutmaga başlady.
Beýdibem bäş ýyl okap, on sekiz ýaşyma girdim. Men örän zehinlidim.
On ýylyň içinde köp ýerlere bardym. Oňat sowadymy çykyp, çeper
ýazmany maşk edip öwrendim. Özüm bolsam gije-gündiz şol hüjreden
çykman okap oturdym. Diňe ýatmaga öýe gelerdim.
Hawa, medresede okaýan Gylyçly atly bir ýüpek ýaly ýumşak oglan
bardy. Men onuň bilen öň ýanaşyk oturyp okapdym. Olam şol
medresede okap, ýigit çykdy. Ana, şol oglan men bir söý bilen daş
çyksam, daşarda häzir-dä, meniň daş çykanymy penjireden göräýýäminämemi. Şu maňa ogryn-ogryn seredýä — diýende, Uzuk çalaja
ýylgyryp:
— Sen seretmiýämidiň? — diýdi.
— Sen-ä maňa gülersiň welin, gülseň gülüber, gülseňem aýtjak.
Başga meniň ömrümde höwes bilen ýatlar ýaly gören zadym ýok —
diýip, Ogulnäzik ýene gürrüňini dowam etdi:
— Hawa, menem seredýädim. Seretmez ýaly ýigit däldi ahyrym.
Bir gün ýassynlar hüjrämde okap otyrdym welin, birden işik açyldyda, öňüme bir hat zyňlyp düşdi. Alyp okap görsem, jan dogan, Gylyçly
bir hat ýazypdyr, waý, munuň diliniň süýjüdigini, Ana, şol haty
okadymam, ot bolup tutaşdym. Ondan soň seniň kelläňe okuw giräýse
nädersiň. Haýsy kitaby açsam, içinde Gylyçlynyň şekilinden başga zat
göremok, jan dogan. Indi men muny hiç ýadymdan çykaryp bilemok. Bir
142
uklasam ýadymdan çykarýan, oýansam, ýene ýadymda.
— Düýşüňde-de görýänsiň-le?
— Hawa, olam bolýa. Ana, onsoň hatynda: «Maňa jogap ýaz. Meniň
adyma ýazma. Hatyň yzyna goluňy çekme. Ýassy namazyna durarlaram
welin, hatyňy eltip, pylan ýerde goý, namaz gutaran badyna, men baryp
alaryn» diýipdir. Men aýdyşy ýaly etdim. Şeýdip hat alşa-alşa, ahyry
Gylyçly maňa sawçy ibermekçi boldy. Bir gün söz aýdyjy geldi. Bulara:
«Başga ýerden gyz gözläberiň» diýipdirler. Şuny eşidip, hüjräniň içinden
gulplap, bir aglandyryn, jan dogan, aglamagam bir aglamakmydyr.
Ana, ondan soň Gylyçly bilen ýene hat alyşmaga başladyk. Indiki
hatlarda ýazylýan zat gaçmaň gürrüňidir. Neneňsi edip gaçmaly, haçan
gaçmaly? Şeýdip, sähedini belleşip ýörkäk, meniň hatymy eltip goýan
ýerimden Eneküti tapyp alaýmazmy. Alybam, pirine eltip berýä. Ýagşy,
hatda ýazylan gaçmaň gürrüňi bolsa, sähedi belleşilen bolsa, gaçjagam
gyz bolsa, menden başga kim bolup biler? Menden başga hat ýazyp
bilýän gyz barmy näme? Pir meniň hatymy tanýa ahyry. Edil şol
agşamyň özünde nika gyýdy-da, özi meni aldy oturyberdi.
— Wah, Enekütini ýerler ýuwutsyn, hudaýym...
— Ylahym, ýagşylyk ýüzüni görmesin! Mende neneňsi maksat
bardy, neneňsi höwes bardy; baryny gyryp, oda atdy-da oturyberdi. Aşyk
bilen magşugy öz maksadyna ýetirmediler!..
Ynha, jan dogan, bu ýerde edilýän işler. Ýagşy, men öz gyzlary
bolmamda näme, men bularyň elinde öz gyzlary ýaly bolup,
terbiýelendim ahyry. Hiý, beýle-de bir zat bolarmy?.. Indi men atam ýaly
garry är bilen gül ömrümi geçirmeli-dä? Ynha, jan dogan Uzukjemal,
seniň takdyryň eýle bolsa, meniň takdyrym beýle!..
— Maňlaýymyza ýazylandyr-da!..
— Elbetde, şeýledir-dä!..
— Ykbal!..
— Hawa, ykbal!.. Jan dogan Uzukjemal, «Täleýiň ters gelip, bagtyň
143
şor bolsa, haş-haşyň samany başy syndyrar» diýenleri şudur!..
Bularyň ikisi hem ýüzlerini aşak saldy. Soňra Uzuk:
— Hä, jan dogan Ogulnäzik, Gylyçly bilen gaçjak bolmadyk bolsaň,
belki, seni başga bir ýere çykaryp goýbererdiler — diýdi.
— Ýok, jan dogan, meni nedir-nyýaz diýip getiren günleri, işan
özüne niýetläpdir. Başdan ahyra çenli bir gezek gyzym diýmäge dili
öwrülmedi ahyry. Özi almajak bolsa, meni beýdip okadasy ýokdy —
diýip, Ogulnäzik gürrüňini gutaransoň ýatyşdylar.
GADYRLY MYHMAN
M
ARY wokzalyndan çykyp, günorta tarapa ýüz ädimden
gowrak ýöräp, çep tarapyňa dolanaňson, üç köçäni geçirip, dördünji
köçeden sag egniňe sowlup, ýigrimi-otuz ädim ýöräňde, berk gök
gabsaly derweze bardy. Bu derwezäniň kiçi gapysyndan girip, çep
gapdalyňdaky zynatly tamyň ýokarky gatyna çykaňda, içi üýtgeşik
bezelen iki sany tam bardy. Bu tamlaryň birinden köçä garşy çykyp
duran balahananyň üstünde elmydama birnäçe türkmen kellelerini
ýalaňaçlap, çaý içip oturýardy.
Bu gün dört sany aýal uzyn gün iş edinip, bu saraýyň içini-daşyny
syryp-süpürip, gaty päkizeläp goýdy. Bu saraýyň içi ýarym tanaprak
inedördül meýdan bolsa-da, syryp-süpürilenden soň, munuň içine haly
düşäp çykdylar. Ýokaryk çykylýan basgançagyň her haýsynda bir haly
torbany ýazyp goýun, seçeklerini aşak sallaşdyryp goýdular. Ýokarky iki
tamyň içine bolsa bäş gat haly düşäp, diwarlaryna barmak basara ýer
goýman, haly bilen bezäp çykdylar. Ortasynda iki sany stoly uzynlygyna
ýanaşdyryp goýup, üstüni dürli güller bilen bezäp, her hili içgileri
setirläp goýdular. Bu bezeglere, bu taýýarlyklara ýolbaşçylyk eden
Bekmyrat baýyň tatar aýaly Hanym boldy.
144
Hanymyň başga ady bar bolsa-da, Bekmyrat baýa geleli bäri, başga
ady tutulmaýardy. Türkmenler oňa Hanym diýýärdiler. Ol Bekmyrat baý
bilen şäherde bolýardy. Bekmyrat baý obadaky türkmen aýallarynyňka
gezegine baryp ýatyp gaýdýardy. Şeýle-de bolsa, Hanyma gezek
obadaky türkmen aýallarynyňkydan iki esse-üç esse köp ýetýärdi.
Ynha, Hanym dört sany aýal bilen iki gün gören taýýarlygyny
ikindinara gutardy. Ol işçi aýallary ugradyp, özi bolsa iň gymmat baha
geýimlerini geýdi.
Bu wagtlar iki sany paýtun gübürdäp, ýaňky derwezäniň agzyna
gelip durdy. Birinji paýtunyň üstünden egni pogonly saryýagyz, uzynak
rus adamsy alty-ýedi ýaşlaryndaky gyzyň elinden tutup düşdi-de, yzyna
dolanyp, paýtunyň üstünde eli saýawanly oturan aýalyň golundan tutup
düşürdi. Ikinji paýtunyň üstünden bir murtlak ermeni bilen on dört
ýaşlarynda bir oglan, on iki ýaşlarynda bir gyz düşüp, birinji paýtundan
düşen rusuň ýanyna gelip: «papa!» diýşip, her haýsy bir golundan
tutdular. Bu rus adamsy uýezd naçalnigidi; eli saýawanly bolsa onuň
aýaly bolup, bu gün olar ähli maşgalasy bilen Bekmyrat baýlara
myhmançylyga gelipdirler. Murtlak ermeni bolsa Bekmyrat baýyň pagta
alyp berýäni — Awanesdi. Ol uýezd naçalnigi bilen Bekmyrat baýyň
arasynda gezip, Bekmyrat baýyň işini düzetmäge kömek edýärdi. Bular
Awanesiň umumy merhemeti bilen topar tutuşyp, derwezä garşy
ugradylar. Olar derwezä ýetmänkäler, derwezäniň iki tarapy hem giň
açyldy. Günüň ýaşyp barýan wagtlarynda, meýdan horazyň peri ýaly,
dürli öwsüşip duran halylar özleriniň nagyşlary bilen Bekmyrat baýyň
hormatly myhmanlaryna misli: «Geliň, siziň dabanyňyza biziň näzik
bedenimiz mynasypdyr» diýen nyşany bildirýän ýalydy. Onýança
Bekmyrat baý hem gymmatly myhmanlaryň öňünden gyssanan ýaly
bolup çykdy. Awanes türkmençeläp:
— Bolköýnek baýar bilen tanşyňyz, onuň aýaly bilenem tanşyň —
diýip, saýawanly aýaly görkezdi.
145
Bekmyrat baý:
— Bolkeýnek baýarymyzyň hanymy — diýip görüşdi-de, yzyndan
— bolköýnek baýar — diýip, uýezd naçalniginiň özi bilen görüşdi, soňra
onuň maşgalalary bilen görşüp çykdy.
Awanes uýezd naçalniginiň aýalyna rusçalap:
— Muňa Bekmyrat baý diýýäler. Bu raýonda tanymal adamlaryň
biri. Meniň zawodym üçin alynýan pagtanyň köpüsi şu adamyň elinden
gelip-geçýä. Bu meniň birinji dostum. Ynha, munuň saraýyna garaň —
diýip, saraýyň içine elini aýlap goýberdi.
Aýal:
— Eh, kak horoşo!.. 1 — diýip, äri bilen gol ötürişip, saraýa girdi.
Uýezd naçalnigi halyny ýagşy tanaýardy. Ol misli ajaýyphana aýlanýan
ýaly, bütin maşgalasy bilen saraýyň içine aýlanyp, haýsy halynyň haýsy
raýonda dokalandygyny, haýsynyň gowy, haýsynyň hordadygyny
aýdyşdyryp berdi. Bular halylaryň üstünde aýlanyp, ep-esli gezdiler.
Gün ýaşyp, biraz garaňkyrady. Halylaryň öwüşginini garaňky
ýuwudyp, gözden ýitirdi. Soňra olar haly torbalaryň üstünden
basyşdyryp, basgançak bilen ýokarky tama çykdylar.
Ýokarky tamda bir-birine merhemet edişip: «oturyň-da, sadites»
bolşup, stoluň başyna geçdiler. Öňürti Awanes ullakan hormat bilen
polkownigiň aýalyny oturtdy. Uýezd naçalnigi aýalynyň sag tarapynda
oturdy. Onuň sag gapdalynda Bekmyrat baýyň tatar aýaly oturdy.
Awanes naçalnigiň çagalaryny ýerbe-ýer oturdyp, Bekmyrat baýy hem
naçalnigiň aýalynyň çep gapdalynda oturtdy. Özi bolsa Bekmyrat baýyň
çep gapdalynda oturdy.
Naçalnigiň aýaly:
1
Bä, ne ajap!..
146
— Smotri, kakaýa krasota! 1 — diýip, diwarlaryň ýüzüne asylan
halyçalary görkezip otyrka, yzly-yzyna her hili naharlardan gelip
başlady. Ýörite çagyrylyp getirilen aşpeziň bişiren tagamlarynyň dürli
ysy garjaşyp, tamyň içine ýaýrady. Tagamlaryň ysyndan agyzlary
suwaryp, işdäleri ýalmanmaga başlady. Bu wagt Awanes ýerinden turup:
— Kim haýsysyndan içjek? — diýip, her kimiň islegi boýunça
bulgurjyklary doldurdy. — Birinji tosty Bekmyrat baý aýdýar.
Bekmyrat baý ýerinden turup:
— Biz özümiziň hormatly baýarymyzyň öz hanymy bilen her gün
şular ýaly şatlykly agşamlary geçirmegine hem bize şeýle şatlykly eşreti
beren ak patyşanyň saglygyna içeliň! — diýende, Hanym onuň agzyndan
kakyp, derrew rus diline terjime etdi. Göter-hä, göter bolup göterdiler.
Ikinji göterilişikde Awanes uýezd naçalniginiň aýalynyň tost
aýtmagyny haýyş etdi.
Naçalnigiň aýaly:
— Men şu günki kompaniýamyzyň şöhratyna içýän — diýip,
bulgurjygy göterdi. Iç-de, iç bolşup içdiler.
Üçünji tost uýezd naçalnigine berildi:
— Men biziň hemmämiziň dostumyz bolan Awanesiň hem onuň
ýakyn dosty Bekmyrat baýyň saglygyna hem olaryň bilelikde alyp
barýan söwda işleriniň şöhrat gazanmagy üçin içýärin — diýip,
bulgurjygy boşatdy. Onuň sözüne el çarpyşdylar. Uýezd naçalnigi hem
bulgurjygy goýup, el çarpdy.
Soňra yzy göter-hä, göter, ur-ha, ura gitdi. Uýezd naçalniginiň aýaly
serhoş bolup, gözgülban boldy: turup, Awanesiň ýanyna geçdi. Onuň
egniniň üstüne elini goýup, pugta ýaplandy-da, içginsiräp başlady:
— Hormatly Awanes, biz seniň bilen Mary şäherinde belli adamlar.
Biz bir-birimiz bilen gatnaşmasak, işçiler bilen gatnaşyk edelimi näme?..
Elbetde, biz, bir-birimiziň hatyramyzy tutup gatnaşmaly... — diýip,
1
Seret, ne gözel!
147
yzyny üzmän gürläp, Awanese geplemäge maý bermedi.
Uýezd naçalnigi aýalynyň bolup oturyşyna üns hem bermän,
Bekmyrat baýa nesihat bermäge başlady (Hanym ony terjime edip
otyrdy):
— Öz soraýan topragymda — Mary uýezdinde — bir adamyň
rewolýusion iş alyp barýandygyny bilsem, her hili jezalara duçar etmäge
men taýýar. Eşidýäsiňizmi, Bekmyrat baý, siz žandarmeriýa adamsy.
Gaty ýiti serediň. Şolar ýaly ýaramaz işler öňürti şäher bilen
baglanyşykly adamdan çykar. Oňa görä-de biz türkmenlerden işçileriň
bolmazlygyna çalyşýas. Türkmenler — ýagşy adamlar, goý, olar şol
ýagşylygyna galsynlar. Işçi bolup, şäherli bolup bozulmasynlar —
diýende, Bekmyrat baýyň begenjinden başy göge ýetdi.
Soňra Bekmyrat baý sözledi (Hanym muny hem rus diline terjime
etdi):
— Hormatly baýarymyz, bize şunça şatlyk beren, şunça döwlete eýe
eden ak patyşanyň hiç bir wagtda gaşynyň çytylmagyna biz razy däldiris.
Meniň segsen ýaşynda garry enem bar. Şol günde bäş wagt namazynyň
yzyndan «Biziň ak patyşamyzyň ömri uzak bolsun, döwleti yrylmasyn»
diýip alkyş edýä. Türkmenleriň içinde siziň aýdýan adamlaryňyz ýaly
ýaramaz adamlar bolsa, men onuň iki goluny baglap, žandarma
tabşyrmaga her wagt taýyndyryn — diýende, oturanlar el çarpyşdylar.
Gije ýarymdan agdy. Bekmyrat baýyň gadyrly myhmanlary
gaýtmakçy boldular.
Bekmyrat baý:
— Gaýtjak bolsaňyz, biziň ikinji tamymyzam görüň — diýip,
myhmanlaryny ikinji tama alyp girdi.
Naçalnigiň aýaly:
— Uýut! 1 — diýip, diwarlaryň ýüzündäki halyçalara seredip durka,
Hanym şifoneriň içindäki iň gowy matalardan zamanasynyň modasynda
1
Täsin!
148
tikilen üç sany paltony çykaryp, naçalnigiň maşgalalaryna geýdirmäge
durdy.
Naçalnik bilen onuň aýaly:
— Beýle azara galmaň. Goýuň, geýdirmäň — diýip, geýdirtmejek
boldular.
Awanes:
— Almasaňyz bolmaz, bu türkmenleriň adatydyr. Almasaňyz, gaty
ýaman görerler — diýip, höre-köşe etdi.
Bekmyrat baý olaryň ýeke oglanlaryny geýimli edeni bilen
kanagatlanmady, ýaňky şkafdan oňat türkmen bagana possunyny
çykaryp:
— Bolköýnek baýarymyza halat geýdiriň — diýip, Awanesiň eline
berdi-de, özi hem köp garaköli bagananyň içinden saýlanyp tikilen
garaköli paltonyň ýakasyndan tutup:
— Aňryňyzy bakyň, baýarymyzyň hanymy — diýip, naçalnigiň
aýalynyň ýanyna göterip bardy.
Naçalnigiň aýaly:
— Ýok, ýok, sag boluň — diýen bolsa-da, bagana paltony gören
badyna bagry eräp, egnini tutup berdi. Paltony geýensoň — Bolýa-da
onda, biz soň üzeris — diýip, äriniň ýüzüne seretdi-de, paltonyň
laýyklygyna syn edip, jübüsine elini sokdy welin, eli şakyrdap duran
kagyz manatlara degdi. Eli kagyz manatlara degen aýal uşajykdan
ýylgyrjak ýaly edip, aşaklykdan äriniň ýüzüne bakdy-da, pul bereris
diýmesini-de goýdy.
Halat geýen myhmanlar ullakan şatlyk bilen derwezeden daş çykyp,
garaşyp duran üç sany paýtunyň ikisine ýerleşdiler. Birine Bekmyrat baý
Amanmyrat bilen münüp, naçalnigi öýüne ýerleşdirip gaýtdy.
Bu berlen halatlara Amanmyradyň nebsi agyrypdyr. Ol gaýdyp
gelýärkäler, ýolda agasyna:
— Gaty kän zat berdiň, ol beren zatlaryňa tekäň orta barmak ýaly
149
ýerinden gyz almak boljak — diýdi.
Bekmyrat baý inisiniň arkasyna kakyp:
— Aý, inim, ýaş bolýasyň. Sen agaň oýnuna entek düşünmeýäsiň.
Men bu ýerde ýeke gelin almaýan, ýeke dawamda dawagärimden üstün
çykmaýan, belki, Mary uýezdiniň neçelligini satyn alýan. «Dagdan
arkasy bolanyň polatdan ýüregi bolar» diýýä. Bolköýnegi tarapyňa
geçireňsoň, puluň gamyny iýmegin; ony ýüz ýerden çykararys — diýip,
sözüni gülüp gutardy.
Bekmyrat baý özüniň polkownik baýaryny munça halat-serpaý
geýdirip sylaglandan soň, iki güni geçirip, üçülenji gün arzasyny idäp
bardy. Baryp, polkownigiň kabinetiniň gapysyny açandan, Bekmyrat
baýy görüp, zöwwe ýerinden galyp, stolunyň başynda oturtdy. Derrew
onuň beren arzasyny çykaryp:
— Ne bespokoýtes 1 — diýip, Bekmyrat baýyň egnine kakdy.
Bekmyrat baý:
— Işimize basymrak garaweriň — diýdi.
Polkownik Bekmyrat baýyň egnine kakyp, rusçalap:
— Ýene iki günden Amanmyradyň gelnini gutlap bilersiňiz — diýip
güldi.
Bekmyrat baý wagtyhoşluk bilen:
— Goý Meret arçynyň gözi çyksyn, erte-birigün gelni işanlardan
alyp gaýdaryn — diýip çykyp gaýtdy.
HAKYKY HOSSAR
G
IÇ öýlänler Orazsoltan eje garyp çatmasynda özüniň elinden
aldyran perzendini ýatlap, ýekeje özi otyrdy. Bu wagtlar öýüň
1
Arkaýyn bolaýyň!
150
gapdalyndan çybyş-çybyş aýak sesi gelen ýaly boldy. Ol diňirgenýänçä:
— Salawmaleýkim — diýip, Berdi içeri girdi.
Orazsoltan eje Berdini gören badyna, zöwwe ýerinden galdy-da,
zordan:
— Amanmysyň? — diýip, hamsygyp aşak oturdy. Berdi heniz öýe
girmänke, daş işikde öňürti dokma kepbä seredip, soňra içeri giripdi.
Öýe giren badyna-da, içerik bir gözüni aýlady-da, howlugan ýaly:
— Hemme gurgunçylykmydyr? — diýdi.
Orazsoltan eje gözünden boýur-boýur goýberip:
—Aý!.. Öý boş galandyr, Berdi jan!.. Garyp öýüň görki-görmegi
gitdi!.. Goşa golum, giň gujagym boş galandyr, balam!.. Uçurdym
guşum! Aldyrdym perzendim! Ýüregime dag saldylar! — diýip
aglamaga başlady.
Berdi bu habary eşiden badyna, özüni lampa aşak goýberdi. Başyny
egip, elini maňlaýyna ýetirdi. Yzly-yzyna sojap, uludan-uludan demini
aldy. Dag ýaly ýigit şol bada bükülip, gysyma girme bolup galdy. Şol
oturyşyna boguk ses bilen:
—Ýogaldymy? — diýip sorady.
Orazsoltan eje agy garyşan owaz bilen:
—Aý, balam, nämäni soraýasyň, ýogolan bolsa, gowy bolardy.
Ýogolmady, süýrediler!.. — diýdi.
Berdi «süýrediler!» sözüni eşidip:
Ä?! Süýrediler?! — diýende, onuň gara gözlerinden ot syçraklap
çykan ýaly boldy. Şol halatda ýüzleri garört bolup, gözleri ganguýma
boldy. Şeýle gahar, şeýle gazap astynda dişleri gapyşyp, damarlary
dartyşyp durka, bilindäki pyçagynyň şirmaýy sapyndan gysymlanyndan
özi hem bihabar galdy. — Bu nä zorluk?!. Bu nä gazap?!. Bu nä
zulum?!. — diýip, her sözi aýdanda, pyçagynyň sapyny gysyp, döwere
getirdi. Soňra şol oturyşyna ep-esli wagt doňan ýaly bolup galdy.
Birhaýukdan başyny aşak-ýokary ýaýkap — süýrediler diýsene... Ne
151
ajap maksadyň düýbüne döwek goşdular diýsene!.. — diýip, Orazsoltan
ejäniň ýüzüne seretdi. Orazsoltan ejäniň perişan halyna gözi düşende, ol
öňküden-de beter ot bolup tutaşdy. Ýüregi urup, kükregini ýaryp çykara
geldi; başyny ýaýkap, öňküden-de beter pikir derýasyna gark boldy.
Uludan-uludan demini alyp, ýene başyny aşak saldy. Ol neneňsi başyny
aşak salmasyn... Uzugy gör neneňsi söýýärdi. Onuň iň ýokarky maksady,
bar höwesi Uzuk bilen goşulyşyp, Myrat agalarda hem giýew, hem ogul
ornunda gezmekdi. Ol Garagum çöllerinden gaýdanda, tizräk Uzugyň
ýanyna ýetjek bolup, misli dagdan inen ýaly bolup gaýdypdy. Bütin ýol
boýy Uzugyny ýat edip gelýärke, Garagumuň şeýle agyr ýollary hem
ony ýadatmaýardy. Yşk şemalynyň öwüsgini onuň ökjesini ýere
degirmän getirýärdi. Emma gelse, öňi boş!.. Uzuk ýok!.. Hiý, mundan
beter hem ýaş söýgini döwmek bolarmy?!. Neneň onuň dili tutulmasyn?
Neneň ol sözlesin?!.
Orazsoltan eje Uzugy Bekmyrat baýlaryň süýrändigini, Meret
arçynyň hossar çykan bolup, özüniň aljak bolýandygyny, iki taraplaýyn
dawa bolup, häzir Uzugyň işanlara düşendigini ýekän-ýekän gürrüň edip
berdi. Ogulnyýaz eje bilen Uzugy görmäge işanlara gidendiklerine,
Seýidahmet işanyň ony görkezmändigine, Ogulnyýaz ejeden Uzugyň
Berdä salam iberendigine çenli birin-birin aýdyp berdi. Şol gürrüňiniň
dowamynda gön ýaşdy, gije ýarymdan agdy, Orazsoltan ejäniň ahyr özi
uklap galdy.
Uzugyň ejesiniň gürrüňini diňledigiçe, Berdiniň ýüregine dolan arnamys, gaýgy-gam barha güýjedi. Ol agyr oý-pikirler astynda uzynly
gije kirpigini çalşyrman daň atyrdy.
Berdi ertirden soň oňly çaý-çörek hem iýip-içmedi; ol agzynyň içi öt
atylan ýaly bolup, işdäden kesilipdir. Ol bilini guşap, ýerinden turdy-da:
— Ýagşy, Orazsoltan eje, men şol gyzyň ugruna çykyp görjek; häzir
şu ýerden işanlara gitjek — diýip, Orazsoltan ejäniö ýüzüne seretdi.
Orazsoltan eje:
152
— Wah, sadagaň gideýin, Berdi jan, şol gyza hossarçylyk edip, şu
sütemlikden dyndaraýsaň, men hudaýdanam razy bolardym, sendenem.
Ýöne duşman güýçlüdir, özüňe häzir bolawergin — diýip, ýaýdanaklap
ýerinden turdy.
Berdi nazaryny bir nokada dikip durşuna:
— Aý, Orazsoltan eje, bu ýol ar-namys, gahar-gazap ýoludyr. Bu
ýoluň bir tarapy oňat bolsa, bir tarapy ölümdir. Onuň haýsynyň
garaşýanyny bilmek bolmaz. Belki, meniň ajalym aždarha bolup, agzyny
açyp durandyr. Belki, meni ol özüne dartýandyr... Belki hem, men onuň
agzyna dogry barýandyryn... Her hilem bolsa, indi men ugran ýolumdan
dönüp biljek däl. Beýle ar-namys, sütem, horluk-zorluk astynda ýatandan
är ýaly ölen ýagşydyr. Indi men Bekmyrat baýlar bilen bellisini
etmesem, başga ýol galmady.
Ýagşy, Orazsoltan eje, dilegde boluň. Men sizi, siziň maşgalaňyzy
ýatdan çykarman. Men siziň maşgalaňyza hakyky hossar bolmaga
ugraýan — diýip, dogry işanlara ýüzlendi.
Günorta bolmanka, ol işanlara gelip ýetdi. Uzuga garaşa-garaşa,
sabyr-karary galmady. Gün gijikdi, emma Uzugy görüp bilmedi. Näme
ederini bilmän otyrka, iki sany aýal Berdiniň oturan ýeriniň duşundan
geçip, baryp, bir hüjrä girdi. Ýüzleri açyk bolmansoň, ol aýallaryň
kimdikleri-de Berdä mälim bolmady. Ýöne biriniň ýüzi ürpünjekli
bolansoň, bibileriň biridir çaklady. Ýanyndaky uzyn boýly inçe tap gelin
başyna atynan gyzyl mahmalyny ýüzüne berk tutup baransoň,
ýörişinden, aýak basyşyndan. Uzukdyr diýip çak etdi. Çak çaklygyna
galdy, hiç bir netije bolmady.
Soňra Berdi: «Men işanlarda birnäçe wagt bolmasam, Uzugy görüp
bilmen» diýen netijä geldi. Ondan soň: «Işanyň ýanyna neneňsi
bararkam?» diýip pikirlendi. Onuň ýanynda özi ýaly işanlara gelen üçdört sany ýaşuly otyrdy.
Berdi:
153
— Ýaşuly, işan agany neneňsi görmek bolarka? — diýip, olaryň
birinden sorady.
Ol ýaşuly:
— Eneküti diýýändirler, bir garaýagyz, gysga boýly aýal bardyr. Şol
mydam daşda-içde ylgaşlap ýörändir. Şony görseň, işan aganyň öz
ýanyna neneňsi barmalydygyny aýdar — diýdi.
Berdi Enekütini görüp, Seýidahmet işanyň ýanyna bardy. Ol:
— Salawmaleýkim — diýip, işanyň hüjresiniň bosagasyndan çep
aýagyny öňürti ätläp girdi.
— Waleýkum essalam. Salam bereňde: «Essalam aleýkum» diýip,
gol gowşuryp, tagzym bilen durmalydyr. Içeri gireňde, öňürti sag
aýagyňy içeri atmalydyr. Beýle biedep bolmazlar. Siz oglan-uşak däl
ahyry — diýip, Seýidahmet işan Berdiniň howuny basdy.
— Işan aga, men bir ýetim oglan bolamsoň, mekdep-zat hem
görmän, şol çölde, kişiniň goýnunyň yzynda ulaldym. Siziň bu aýdan
zatlaryňyzy maňa kim eşitdirsin? — diýip, Berdi ýüzüni aşak saldy-da,
aýbogdaşyny gurup oturdy.
Seýidahmet işan:
— Özüňizden ulynyň ýanyna geleniňizde, edep bilen çöküňize düşüp
otyrlar. Siz aýbogdaşyňyzy gurup ornaşaýdyňyz — diýip, sözüni
soňlamanka, Berdi derrew çöküne düşdi.
Soňra işan: — Näme habaryňyz bar? — diýip sorady.
— Işan aga, soňky wagtlarda ýüregim ýerinde ýer tapmaýa. Şu giň
ýalançy meni gysyp-owradyp gelýä. Edil jan agyryly ýaly, wagtal-wagtal
damarlarym çökiberýä. Şeýdip, gürrüň etsem, «Bar-da, Seýidahmet
işanyň aýagyna ýykyl» diýdiler. Ynha, men-ä sizden haýyr gözläp,
aýagyňyza ýykylmaga geldim. Indi tä ýagşy bolýançam, sizde gezjek.
Seýidahmet işan derrew içmek üçin doga, dakynmak üçin tumar
ýazyp berdi-de:
— Siz bu ýerde gezjek bolsaňyz, odun aýyrmak, suw getirmek,
154
goýun öldürmek ýaly işleriň başynda ykjam duruň. Baryň, geziberiň —
diýip goýberdi.
Berdi işandan işini bitirip, aman-sag onuň elinden sypanyna begenip
daş çykdy.
Onuň maksady Uzugy görmek bolansoň, ol pikir başyndan hiç
çykmaýar. Ol daşarda durup, biraz oýlanandan soň: «Belki hem, şol
hüjräniň penjiresiniň öňünden geçip gitsem, Uzuk meni görer. Ol
işanlarda menden köp boldy. Belki, ol meniň bilen duşuşmagyň ugruny
tapar. Bolmasa, maňa onuň bilen duşuşmak aňsat düşmez» diýen pikir
bilen penjiräniň öňünden serede-serede geçip gitdi.
Uzuk aýnadan Berdini gördi. Ol: «Berdi!..» diýip, daşaryk böküp
çykmak isledi, adat gapyny ýapdy. Aýnany kakmak isledi, adat ellerini
tutdy. Daşary çykyp, Berdi bilen iki agyz sözleşäýse, adatyň iň ýaman
jezasyna sezewar boljagyna açyk gözi ýetdi. Ejesi bilen Ogulnyýaz ejäni
ugradan ýerinde Uzuk adatdan üstün çykypdy, emma bu ýagdaýda
adatyň ölüm hödürleýji aýratyn jezasy Uzukdan üstün çykdy. Ol
döwürde aždarha ýaly her deminde ýuwutjak bolup duran gara adat bilen
göreşiň her bir görnüşinde Uzugyň ondan üstün çykyp durmagy mümkin
hem däldi. Şeýle ýagdaýda Uzuk Berdini nalaç sypdyrdy... Ol iki
ýumrugy bilen kükregini berk gysyp: «Ah!., ejizleri diri köýdüren
adat!..» diýip, biline taýak degen ýylan ýaly, bir towlandy. Munuň ahyna
alty-ýedi ýaşlaryndaky oýnap ýören bir oglan gelip, gapyny açdy. Uzuk
özüni ýitirmedi. Şol halat içinde uçuran guşuny tutmak ugrunda tiz
pikirlenip, aňyrsyna ýetdi. Oglanyň eline bir rupyýa berip: «Enekütini
derrew tapyp, meniň ýanyma getirseň, ýene bir rupyýa bererin» diýip,
Enekütiniň yzyndan çapar oglan ylgatdy. Ol oglan Enekütini derrew
süýrekläp alyp geldi. Uzuk oglanyň eline ýene bir rupyýa berdi-de: «Bar,
daşarda oýnaber» diýdi. Oglan daşary çykandan, Uzuk boýnundaky alaja
bagy şarta üzüp, şelpeli dagdany şabradyp, Enekütä:
— Ynha baýragyň, ýaňky şu penjiräniň öňünden geçip giden ýigidi
155
gördüňmi? — diýdi,— Halha, seret aýnadan. Şol ýigit bilen meni Çerkez
işan bilen tapyşdyran hüjräňde şu gün agşam tapyşdyryp bilseň, ine, şu
şaýlaryň hemmesi seniňki.
Eneküti:
— Waý!.. — diýip, dagdanyň bilinden bir tutdy-da, ýola tarap
maýtyklap ylgady. Emma özüniň paýtyk aýaklary bilen ylgap, ýol
almajakdygyna tiz gözi ýetdi. Bu hem ýaňky Uzugyň çapar oglanyny
ýola salyp çapdyrdy, özi hem yzyndan — Çapar oglum çapyp gider
daýysynyň ýanyna — diýip, oýmuldap ugrady.
Berdi uly ýola düşüp, ep-esli ýöräpdi. Ýaňky oglan onuň yzyndan
ýetip:
— Sizi çagyrýalar — diýdi.
Berdi aňka-taňka bolup:
— Kim çagyrýa? — diýdi.
Ol oglan:
— Eneküti eje. Halha özem gelýä. Hol elini bulap, sizi çagyrýa,
ýörüň — diýdi.
Berdi yzyna dolandy.
Eneküti:
— Amanmysyňyz, jigi. Işanlara gelen soraman-idemän gidibermeli
bolar ogşuýan. Işan agaňyz bilen hoşlaşyp, pata alyp, ýola düşmeli bolar,
hany ýörüň — diýdi.
Berdi özüniň pynhan syry bilnendir öýdüp:
— Men işan aganyň ýanyndan ýaňy çykdym. Men hiç ýere gidemok.
Birnäçe wagt men işan agalarda boljak. Men işan aganyň aýagyna
ýykyldym — diýdi.
Onda-da Eneküti:
— Hany ýörüň — diýip, ony şol «eýeli» hüjrä getirip saldy. — Men
gelýänçäm, hiç ýerik gidäýmegin — diýip, özi çykyp gitdi.
Uzuk bu ýagdaýy Ogulnäzige gürrüň berdi. Ogulnäzik:
156
— Enekütüden her zatlary oslaýmalydyr, jan dogan — diýdi. — Sen
bu gün agşam Berdi bilen ol hüjrede görüşme. Eneküti bir hili çatak
salaýmasyn. Ynha, garaňky düşer welin, men şol hüjräniň işiginden: —
Berdi, sen erte agşam şu hüjrede Uzukjemala garaş — diýer-de
gaýdybirin.
— Wah, jan dogan Ogulnäzik, haýsy ýagşy bolsa, şony edeli.
— Ýagşysy şol-da. Bu gün agşam ol hüjrede duşuşmak gorkuly.
Enekütiniň özi tapyşdyryp, ýene özi üstüňe adam eltmekdenem gaýtmaz.
Kim bilýä, onuň başynda näme pikir bar? Ýarym güne ýaryş ýok,
gowusy goý Eneküti başdan sowulsyn. Ýogsam ol hüjre «eýeli» diýip,
giçden soň hiç kim hem barýan däldir. Şol sebäpden ertir duşuşsaňyz,
has arkaýyn gürrüňleşersiňiz.
Şeýlelikde, duşuşygy erte agşama goýdular.
Ertesi agşam belleşilen wagt Uzuk hüjrä bardy. Berdä gözi düşende,
bozuljak bolup, birden gepläp bilmedi.
Berdi howlukmaç:
— Uzuk jan, nä külpetler başyňa düşdi, men ýörite şu beladan seni
gutarmaga geldim, gideli — diýip, daşaryk diňirgendi.
— Berdi, sen nämäniň gürrüňini edýäsiň? Bize gidere ýol galan
däldir. Men şeýle howatyr astynda iň soňky gezek seniň bilen
hoşlaşmaga geldim.
— Ýok, Uzuk jan, beý diýme, gaçaly. — Uzuk başyny ýaýkady.
Berdi Uzugyň mahmalynyň ujundan berk gysymlap — Uzuk jan,
ynanmaýamyň meniň sözüme? — diýdi.
— Ýok, ynanýan, saňa rehimim inýä. Meniň gara bagtyma bagtyňy
deňemegiňi islemeýän. Seniň bilen iki agyz sözleşenim maňa dünýä
malyna degýä. Men ýörite saglygyňy sorap, iň soňky gezek: «Hoş, sag
bol!» diýmäge geldim. Ynha, şu ýüzügi saňa ýadygär goýmaga geldim.
Seredip, her wagt meni ýatlap durarsyň — diýip, Uzuk barmaklaryndaky
ýüzükleriniň iň gymmat bahalysyny barmagyndan sogrup, Berdiniň
157
barmagyna dakdy.— Ikimiziň aramyzdaky söýgi şeýle çözülýä.
Men Bekmyrat baýlaryň ganly penjesinde Ömrüzaýa ýyldyz kimin
batmaly boldum! Seni bolsa kysmat nirä çekýä, maňa mälim däl... —
diýip, Uzuk bozuldy.
— Ýok, ýok!.. Beýle bolmaz! Men seni şolaryň demir penjesinden
gutararyn. Şu gije Amanmyrady ýok ederin! — diýip, Berdi bir ah urup,
başyny aşak saldy.
Uzuk duran ýerinde Berdiniň elinden tutup:
— Berdi, biraz köşeş, gaharyň ýatsyn — diýdi. — Men seniň
barmagyňa tiken urmagyna razy däl. Eger sen, şu gije Amanmyrady ýok
etseň, ertir özüň ýok. Sen beýle gorkuly ýola aýak basma. Söz şunuň
bilen galsyn.
Berdi Uzugy gujagyna berk gysyp:
— Ýok, ýok! Beýle bolmaz, Uzuk jan! Hiç kim seni meniň ýaly
edip, gujagyna gysyp bilmez, şuňa düşün! Hiç kim meniň ýaly söýübem
bilmez! — diýip, Uzugyň gözlerinden syçraklap çykýan monjuk-monjuk
ýaşlaryny eli bilen süpürip, maňlaýyndan öpdi.
Uzuk Berdiniň elinden pugta tutup, köp wagtlap, onuň ýüzüne
seredip durdy. Soňra ýüzüni aşak salyp:
— Bolýa, Berdi, men seniň diýeniňi edeýin — diýdi. — Ganly ýola
gadam basaly. Bagta töwekgel. Men razy däldim. Indi maslahat, neneňsi
gitmeli? — diýip, Berdiniň ýüzüne seretdi.
— Häzir çykyp gideli.
— Ýok, Berdi, gijäniň bu wagty meni yzyňa tirkäp, bu uly küren
obanyň içinden çykyp bilmersiň. Sen biraz otur, men bir ýerik baryp
geleýin — diýip, Uzuk çykyp gitdi.
Ol hüjreden çykyp, Ogulnäzigiň ýanyna geldi.
Ogulnäzik zöwwe ýerinden turup:
— Nätdiň, görüşdiňmi, gyz? — diýip sorady.
Uzuk:
158
— Görüşdim, jan dogan — diýdi. — Men häzir şonuň bilen çykyp
gidýän. Bulara heleý bolup, ömür sürenimden ýa gutulaýyn, ýa-da goý
Garagum çöllerinde läşime gargalar gonsun.
— Jan dogan, şeýdäýseň-ä, är işini bitirýäsiň. Ýöne men ömrümi şu
garry işan bilen geçirmeli boldum-da... — diýip, Ogulnäzik hapa boljak
boldy.
Uzuk:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ykbal I - 10
  • Parts
  • Ykbal I - 01
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1945
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 02
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 1892
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 03
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 1835
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 04
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1919
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 05
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 1928
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1926
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 1888
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 08
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1945
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 09
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 1945
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 10
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1942
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 11
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1906
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 12
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 1865
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 13
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 1808
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 14
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 1933
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 15
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1974
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 16
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1974
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 17
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 1856
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 18
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1872
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 19
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2015
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 20
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 1936
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 21
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 1980
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ykbal I - 22
    Total number of words is 3067
    Total number of unique words is 1691
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.