Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 18

Total number of words is 3894
Total number of unique words is 1825
35.3 of words are in the 2000 most common words
48.6 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çekmegini goýmandyr. Mäne baba bir gezek şeýle diýipdir:
– Bir zada göz ýetirdim: hatda şirkden doly saplanaýamda-da,
perdeleriň ählisi galkyp gidibermejekdi. Bir gije keýwanymdan – Abu
Tahyryň ejesinden aýaklarymy ýüp bilen mäkäm baglamagy hem-de
başaşak asmagy haýyş etdim. Ol aýdyşym ýaly edip, gapyny ýapyp
çykyp gitdi. Men öz-özüme: «Başaşak halyňda Gurhany-Şerifi hatym
edip bilermiň?!» diýdim we Ony bir başyndan okamaga başladym.
Basym beýnime gan inmäge başlap, gözlerim hanasyndan çykara geldi. Içimden: «Muny bir bähbit gözläp etmändim. Bize diňe bu söz
(«Allah!» sözi) gerek. Gözüm bolsun, bolmasyn, parhy ýok!» diýen
karara geldim. Gözlerimiň hanasyndan akýan gan ýere damýardy.
Şobarmana Gurhany Şerifdäki «Feseýekfiýkehüm Allahü» (golaý
manysy: «Olardan Allah seni gutarar». «Bakara» süresiniň 137-nji
aýatyndan) diýen mukaddes sözlere ýetdim. Şol pursat syr açyldy,
maksadym hasyl boldy».
295
***
Mäne baba hezretleri şeýle diýipdir:
– Bir dag bardy, onuň aňry tarapynyň eteginde bir gowak bolup,
her kim ony görjek bolup, dagyň depesinden aşak seretse, öt haltasy
gopýardy. Ol ýere gitdim, onsoň: «Eger-de bu ýerden gowaga insem, hökman ölerin! Gowusy, Gurhany Şerifi hatym edeýin. Munuň
üçin bolsa biraz uklap, kelläme dynç bermegim gerek» diýip içimi
gepletdim-de, kellämi ýere goýdum. Agyr uka giden wagtym, togalanyp aşak gaçypdyryn. Edil şol pursat oýandym. Oýanan wagtym,
dagyň etegine gütüläp düşmän, ýokarda – howada asyl-asyl bolup durandygyma gözüm ýetdi. «Ýa, Allah! Özüň ýetişeweri!» diýip, Ony
kömege çagyrdym. Haktagala öz gudratynyň we rehimdarlygynyň
arkasynda meni ýene-de dagyň depesine çykardy.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Mäne baba bir gün kölegesi beýlebir goýy bolmadyk söwüt agajynyň saýasynda goş ýazdyryp,
çadyr gurunýar. Bir türki kowumdan bolan çory – kenizek hem
onuň aýak­laryny ýuwmaga başlaýar. Mäne babanyň ýassygynyň
ýanynda-da bir gadak şerbet durmyş. Egnine possun geýen müridi
bolsa, ýakyp-ýandyryp barýan nurly Günüň aşagynda dur diýýär.
Günüň gyzgynyna müridiň possunyndaky süňk ilikler döwülmäge
başlaýar. Özi hem gara dere batanmyş. Ýöne ol diýseň sabyr-takatly eken. Şonda-da içinden: «Allahym! Ol guluň (ýagny Mäne
baba) yzzat we näz içinde, bu guluň, ýagny men bolsam, ýakyp-ýandyryp barýan Günüň aşagynda biçäre we ejiz halda durun!»
diýenini duýman galýar.
Onuň içgepletmesi derhal Mäne baba aýan bolýar. Ol:
– Eý, juwanmert! Seniň şu görýän daragtyňdan başaşak sallangy ýagdaýda Gurhany Şerifi segsen gezek hatym etdim we şu derejä
ýetip, onuň sähelçe kölegesinde dynç almaga hukuk gazandym. Sen
hem biraz çile çek! – diýip seslenýär. Keramatly şyh öz müritlerini
şeýdip terbiýelär eken.
296
***
Aýtmaklaryna görä, özi ýaş bolsa-da uly wezipäni eýeleýän
biriniň ýoly Mäne baba hezretleriniň mejlisiniň üstünden düşýär. Ýaş
ýigit halypanyň aýdýan sözlerini diňläp, tasawwufyň yşkyna düşüp,
piriň eteginden ýapyşýar. Ol toba edip, ähli baýlygyny keramatly pire
getirip berýär. Mäne baba şol günüň özünde onuň getiren pullaryny
we gymmat bahaly zatlaryny derwüşleriň zerurlyklaryna sarp edýär
we ýaş ýigide ýüzlenip şeýle diýýär:
– Gündizlerine agzyň bekli bolsun, diliň zikir kylsyn! Bütin
gijeleriňi bolsa namaz okamak bilen, ybadat bilen meşgul bolmaly
bolarsyň.
Bu diňe başlangyjydy. Mäne baba oňa tasawwufyň çilesini çekdirmek üçin bir ýyllap hajathanany arassalap gezmegi, jaý salmak üçin
ulanylýan daşlary taraşlamagy; ikinji ýyl bolsa hemişe hammamyň
içiniň ýyly bolup durmagyny üpjün etmegi hem-de derwüşleriň hyzmatynda gezmegi; üçünji ýyl gapy gezip, dilegçilik etmegi buýurýar.
Adamlar dilegçilik edip ýören ýigidiň elindäki sebedi dürli-dümen azyklardan doldurýar ekenler. Şeýdip, ol boş wagty diňe ybadat
bilen meşgul bolýan takwa adama öwrülipdir.
Ýöne dilegçilik etmegiň hem çeni bar, çaky bar. Hemişe dilegçilik edip ýörensoň, ýigit soňabaka halkyň gözünden düşýär, horlanýar.
Oňa hiç kim zat bermän başlaýar. Hezreti Abu Sagyt Abul Haýyr hem
öz müritlerine:
– Halk oňa zat berenok, sizem ýüz bermäň! Ýanyňyza gelse,
kowuň, adam hasabynda görmäň! – diýip tabşyrypdyr.
Onsoň, müritler hem oňa jebir-jepa çekdirmäge başlaýarlar. Hiç
kim onuň bilen gürleşmeýär, her kim ondan ýüz öwürýär. Onuň güni
agyr, haly teň bolýar.
Emma hezreti Mäne baba bu ýigit barada diýseň gowy pikirdedi.
Şeýle-de bolsa, birnäçe wagt geçeninden soň, ol hem ýigide ezýet
edip başlaýar. Adamlaryň arasynda onuň bilen sowuk-sala gürleşýär,
ýanyna gelende hem ýüz bermän kowýar. Bu ýagdaý esli wagtlap dowam edýär.
Soňra ýigit has hem kyn güne uçraýar. Ol üç günläp dilegçilik etse-de, oňa gara kişmiş beren hem bolmaýar. Şol üç günüň dowamynda297
-da agzy bekli gezip, agşam agzaçarda iýer ýaly ýeke lukma hem tapyp
bilmeýär. Keramatly pir hem oňa iýmäge hiç zat bermezligi tabşyrýar.
Dördülenji günüň agşamy derwüşhanada üýşüp zikir etmek kararyna
gelýärler. Şu mynasybetli dürli-dümen lezzetli tagamlar taýýarlaýarlar. Mäne baba biş-düş bilen meşgul sopulara:
– Bu tagamlardan oňa dadyraýmaň! – diýip, ýörite tabşyrýar.
Derwüşlere hem: – Ol gelse, içeri girmegine ýol bermäň! – diýýär.
Oglan uzakly gün gedaýçylyk etse-de, eline hiç zat düşmän, boş
sebedini süýräp, keýpsiz, lapykeç halda dolanyp gelýär. Açlykdan
ýaňa ol halys tapdan düşüpdir. Şol gelşine özüni zordan aşhana atýar,
emma gapydan girmekçi bolanda, ony içerik goýbermeýärler. Orta
saçak ýazylanda hem saçak başyndan oňa orun bermeýärler. Ol aýak
üstünde, edil asmandan asylan ýaly ýagdaýda galýar. Keramatly pir
hem, sopulary hem oňa üns bermeýär.
Nahar iýlip bolanyndan soň, keramatly piriň nazary oňa düşüp:
– Eý, kowlan betbagt melgun! Näme üçin tabşyrylan işi
etmeýärsiň?! – diýip, üstüne gygyrýar. Üstesine-de, sopular tapsyz,
haly teň, aç oglany tutup, ýençýärler hem-de südenekledip gapydan
daşary çykarýarlar. Ol betbagt derwüşhananyň gapysynyň daşynda
galýar. Oglanyň indi halkdan umydy doly üzülipdi. Üstesine, maly-da, maýasy-da, wezipesi-de, abraýy-da elden gidipdi. Has takygy,
dünýä onuň elinden gidipdi, emma din hem eline geçmändi. Onsoň,
ýigit haly harap halda metjide barýar hem-de maňlaýyny sejdä goýup:
«Ýa, Rebbim! Sen meniň kowulandygymy, hiç kişiniň meni kabul etmeýändigini bilýänsiň. Senden başga derdimi diňlejegiň ýokdugyny,
Senden başga meni öz penasyna aljagyň ýokdugyny hem bilýänsiň,
görýänsiň, jan Allam!...» diýip Haktagala ýalbaryp, içini dökýär,
zarynlaýar. Gözlerinden ganly ýaş akyp, maňlaýyny sejdä goýan ýerini ezýär. Şol pursat ýigit birdenkä bir hala ulaşyp, maksat-myradyna
ýetýär oturyberýär. Ol bu halyna gümra bolup, dünýäni unudýar.
Oglanyň şu haly başyndan geçiren pursady Mäne baba müritlerine:
– Hany, eliňize ýanyp duran şem alyň! Gideliň! – diýipdir. Keramatly pir hem-de sopulary ýigidiň oturan metjidine gelip, başyny
sejdä goýup, gözlerinden dynuwsyz ýaş dökýän ýigidi görýärler. Birdenkä ýigidiň gözi keramatly pire we sopulara düşüp:
298
–Ýa, pirim! Duçar eden bu derdiň näme?! Meni näme üçin bu
güne saldyň? Pirim! Maňa çekdiren bu jepalaryňyzy tüýs ýüregiňizden
maňa rowa gördüňizmi? – diýip, keramatly pire sowal berýär. Hezreti
Abu Seýit Abul Haýyr:
– Balam! Sen ozal adamlardan umydygärdiň. Çünki Haktagala
bilen araňda perde – Abu Sagyt bardy! Sende indi ol umytdan hiç zat
galmady! Ol perdäni diňe şeýdip syryp bilerdiň. Nebsiňi diňe şeýdip
ýok edip bilerdiň. Hany, aýaga gal, balam! Düşen ýoluň ak, mübärek
bolsun! Ýoldaşyň hem umydyň hem Haktagalalyk bolsun! – diýip,
ýigidi Haktagalaň hak ýoluna salypdyr.
***
Mäne babanyň aýratyn gowy görýän hyzmatkärlerinden Hasan
Mueddep şeýle diýipdir:
– Söwda-satyk işi bilen Nyşapurda bolýardym. Bir gün keramatly pir hezreti Abu Sagyt Abul Haýryň sesini eşidip, onuň mejlisine
bardym. Keramatly piriň nazary maňa düşüp:
– Gel, seniň sakgaldaşyň barada käbir zatlary aýtjakdym! –
diýdi. Men aslynda sopularyň edýän hereketlerine müňkür, olaryň
boluşlaryny hem inkär edýän adamdym. Biraz wagt geçeninden soň,
şyh bir derwüşe eşik bagyşlamaklaryny isledi. Men hem öz içimden:
«Men oňa sellämi bereýin-le!» diýip oýlandym. Soňra bolsa: «Bu
sel­läni maňa Amuldan sowgat getiripdiler. Onsoňam onuň bahasy
10 dinar ahyryn!» diýip, bu pikirimden ýüz öwürdim. Keramatly pir
haýyşyny gaýtalady. Men ýene sellämi bermäge hyýallanyp, ýene
goýbolsun etdim. Keramatly pir haýyşyny üçünji gezek gaýtalady.
Meniň gapdalymda bir adam otyrdy. Ol:
– Pirim! Allatagala öz bendesi bilen gürleşermi?! – diýip, keramatly pirden sorady. Pir onuň soragyna şeýle jogap berdi:
– Tabarystandan (Amul şäherinden) iberilen bir selle üçin Haktagala ýanyňda oturana üç mertebe ýüzlendi, ol bolsa: «Bermerin!
Çünki bu selläň bahasy 10 dinar! Özem ony Amuldan sowgatlyk getirdiler» diýýär.
Bu sözi eşiden badyma, bütin tenim galpyldap, üşedip, titräp
başladym. Şyhyň ýanyna baryp, donumy, sellämi çykaryp, toba etdim.
299
Ýüregimde sopular babatda müňkürlikden, betgümanlykdan hiç zat
galmady. Elimde-aýagymda her ne pulum, malym bolsa, hemmesini
keramatly piriň ýoluna çykaryp, bilime hyzmat kemerini guşanyp, ol
hezretleriň hyzmatynda galdym.
***
Pirleriň biri şeýle diýipdir:
– Ýaş ýigitkäm söwda-satyk niýeti bilen ýola düşdüm. Kerwen
adatyna görä, öňden barýardym. Birden meni uky basmarlap başlady.
Men ýoldan çykyp, kellämi ýere goýup, uka gitdim. Kerwen bolsa geçip gidipdir. Men ertesi Gün dogýança, şol ýerde ýatypdyryn.
Oýandym-da, derrew ýola düşdüm. Emma ýol köwsarlap çäge
sowurýan gum alaňlarynyň içinden geçensoň, kerweniň yzyny çalyp
bilmedim. Eýläk-beýläk çarp ursam-da, baş alyp çykyp bilmän, tersine, has hem azaşyp, ugrumam, huşumam ýitirdim. Huşuma gelenimden soň, bir tarapy saýlap, şol tarapa ýola düşdüm. Onýança-da Gün
gyzyp, yssy düşdi. Suwsuzlykdyr açlyk meni burup başlady. Ondan
aňryk ýöremäge kuwwat-mejalym galmady. Men tä agşam düşýänçä
sabyr etdim. Onsoň bütin gije ýol ýöredim. Ertesi daňdanlar gurap
ýatan bir sähralyga baryp ýetdim. Açlyk we suwsuzlyk derdi soňky
derejesine çenli baryp ýetdi. Howa hem gaty yssydy. Bu ýagdaýdan
aman sypmak umydym gyryldy. Indi başymda ölümden başga çäräniň
ýokdugyna göz ýetirdim. Şondan soň özümi ol sähralykda bolan has
beýik ýere atmak üçin gyrmyldap başladym. Ol ýerden sähra göz gezdirdim. Uzakdan bir bag-bakja göründi. Ýüregime kuwwat gelen ýaly
boldy. Şol ýere tarap ýöneldim. Ol ýerdäki çeşmeden suw içdim, täret
kylyp, namaz okadym. Öýlän bir adam peýda boldy, ol göni suwa tarap gelýärdi. Ol uzyn boýly, ak ýüzli, uzyn sakgally kişi bolup, egninde-de dony bardy. Ýaňky adam çeşmäniň ýanyna gelip, täret kyldy,
namaz okap bolup hem öz ýoluna gitdi. Men öz-özüme:
– Näme üçin onuň bilen habarlaşmadyň?! – diýip igendim. Sabyr
edip, ýene-de garaşdym. Ol adam ikindi namazy üçin gelende, ýanyna baryp:
– Eý, halypa! Gudratly Allatagalanyň haky üçin, kömege
ýetişeweri! Nyşapurdan hem, gidip barýan kerwenimden hem aýra
300
düşdüm. Başyma şeýle-şeýle ýagdaýlar geldi! – diýdim. Ol meniň
elimden tutdy. Şol wagt sähra tarapdan bir ýolbars geldi-de, şyhyň ýanynda hyzmata gaýym bolup durdy. Şyh ýolbarsyň gulagyna agzyny
goýup, oňa bir zatlar diýdi. Soňra meni ol ýolbarsa mündürip:
– Gözleriňi ýum! Ýolbars nirä baryp dursa, şol ýerde ondan düş-de, gözüňi aç – diýdi.
Gözlerimi ýumdum. Ýolbars ýola düşdi. Birsellem gideninden
soň, ol bir ýerde saklandy. Men ondan düşdüm. Gözlerimi açýançam,
ýolbars gözden ýitip, gaýyp boldy. Birnäçe ädim ätlämsoň, Buhara
baryp ýetendigimi bildim. Bir gijämi derwüşhanada geçirdim. Ol ýerde uly bir jemagat bardy. Men:
– Derwüşhanada adam örän köp-le. Munuň sebäbi näme?! –
diýip, ol ýerdäki adamlardan soradym.
– Şyh, keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýyr (hezreti Mäne baba)
bu şähere geldi! – diýip habar berdiler. Men hem ol ýerdäkiler bilen
birlikde şyhyň mejlisine gitdim. Görsem, keramatly pir Abu Sagyt
meni ýolbarsa mündüren şo-l adam-da! Ol ýüzüni maňa tarap öwrüp:
– Entäk dirikäm, bu syrym barada hiç kime dil ýarma! Çünki
weýrançylykda görlen zat hakynda abadançylykda aýdylýan däldir!
– diýdi. Ol şeýle diýip, sözüni tamamlan badyna, aýylganç gygyryp,
özümden gidipdirin.
***
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde keramatly pir Abu
Sagyt Abul Haýyr Nyşapurda ilki gezek peýda bolýar. Bu şäherde
keramatly pir Abu Kasym Kuşeýriniň ýanynda bolýan hem-de onuň
söhbedini diňleýän otuz adamyň ählisi şol günüň gijesi düýşlerinde
nurly Günüň asmandan Zemin sary inendigini görýärler. Ol düýşi
keramatly pir Kuşeýriniň özi hem görýär. Ertesi azan wagty şähere:
«Şyh Abu Sagyt Nyşapura gelipdir!!!» diýen habar ýaýraýar. Kuşeýri
hezretleri:
– Onuň mejlisine gitmäň! – diýip, öz müritlerine berk tabşyrýar.
Abu Sagyt hezretleriniň şähere gelmegi bilen, nurly Günüň Zemin sary inişiniň müritleriniň düýşüne girmegi, soňra şol müritleriň
onuň mejlisine gidendiklerini bilmegi sebäpli Kuşeýri hezretleriniň
301
kalbyna birhili rahatsyzlyk aralaşýar hem-de Abu Sagyt (hezreti Mäne
baba) bilen görme-görşe gitmeýär.
Günleriň birinde keramatly pir Kuşeýri kürsüde oturan ýerinden:
– Men bilen Abu Sagydyň arasyndaky parh şudur: Abu Sagyt
Allatagalany söýýär. Allatagala bolsa Abu Kasym Kuşeýrini söýýär!
Onsoňam, Abu Sagyt bir zerre bolsa, biz dagdyrys! – diýipdir.
Onuň bu sözlerini keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýra ýetir­
ýärler. Ol:
– Aslynda, biz hiç zatdyrys! Zerre-de ol, dag hem ol! – diýip
seslenipdir. Onuň sözlerini hem Kuşeýri hezretleriniň gulagyna ýetir­
ýärler. Ol ýene-de kürsüsine çykyp:
– Abu Sagydyň mejlisine giden kişiden ýüz öwrüljekdir ýa-da ol
müritlikden kowuljakdyr! – diýip yglan edýär. Şol gije bu keramatly pir düýşünde hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberi görýär. Ol bir
ýoly külterläp barýar eken. Keramatly pir ondan:
– Ýa, Resulallah! Nirä barýarsyň?! – diýip sorapdyr. Hezreti pygamber:
– Abu Sagydyň mejlisine barýaryn! Onuň mejlisine gitmedik
kişiden ýa ýüz öwrüler, ýa-da ol kowlar! – diýip jogap beripdir.
Keramatly pir Kuşeýri şol wagt ukudan oýanyp, gören düýşüne
haýran galýar we derrew Abu Sagyt hezretleriniň mejlisine gidermen
bolýar. Ol täret almak üçin ýerinden turýar. Emma täret alan mahaly
sünnete laýyk bolmadyk bir hereket edäýýär. Ol muny aňýar, emma bu
säwligini düzederden indi giçdi. Kuşeýri hezretleri daňyň ataryna-da
garaşman, Abu Sagydy zyýarat etmek üçin ýola düşýär. Ýolda onuň
öňünden birtopar it çykýar. Olar öz aralarynda hyşyda-wyşymyşyn.
Kuşeýri hezretleri:
– Bu ýerde näme bolýar? – diýip, olara ýüzlenýär. Oňa:
– Bu ýere bir ýat it geldi. Ýerli köpekler onuň üstüne hüjüm edip,
oňa azar berip başladylar – diýip jogap berýärler.
Bu jogaby alan keramatly pir: «Ite mahsus häsiýetden el çekmeli. Gelen myhmana topulmaly däl! Myhmany päkýüreklilik, şatlyk
bilen kabul etmeli! Ynha, men hem şyh Abu Sagydyň hyzmatyna gid­
ýärin!» diýip, içini gepledipdir.
Ol birnäçe wagtdan soňra keramatly piriň oturan metjidiniň gapysyndan garaýar. Onuň metjide gelenini gören halk haýran galýar.
302
Ussat Kuşeýri gözüni aýlan badyna Abu Sagydyň ruhy kämillige
barýan ýolda soltanlyk şanyna we mertebesine ýetendigine akyl ýetirýär. Ussat Kuşeýri: «Bu adam danalykda we ylymda menden üstün
ýaly! Ýagdaýa göräräk bolaýyn. Ýogsa-da ol şeýle sylag-hormata nädip mynasyp bolduka?! Men näme üçin onça ýokkam?» diýip, içinden pikir öwürýär.
Onuň bu pikirleri Abu Sagyt hezretlerine keramat üsti bilen aýan
bolýar. Ol Kuşeýri halypa tarap öwrülip:
– Eý, ussat! Bu ýagdaýyň sebäbini täret alanda sünneti terk eden
meşhur ulamanyň halyndan gözle – diýipdir.
Bu sözleri eşiden ussat Kuşeýriniň erki elinden gidipdir. Birden
bolsa şeýle bir keýpi kökelip, şadyýan hala giripdir, kalbyny heýjan
gaplap alypdyr.
Abu Sagyt hezretleri hem kürsüsinden düşüp, dogry ussat
Kuşeýriniň ýanyna baryp, iki pir gujaklaşypdyr. Keramatly piri inkär
etmegine sebäp bolan pikirler şobada Kuşeýri hezretlerini terk edipdir.
Şeýdip, olaryň arasynda dostlukly gatnaşyk başlanypdyr. Hatda
bir gezek Kuşeýri hezretleri münberde duran ýerinden:
– Abu Sagydyň mejlisine gatnamaýan adamdan ýüz öwrüljekdir
ýa-da aramyzdan kowuljakdyr! Öňki aýdanlaryma ters gelýändigine
garamazdan, bu gün şeýle diýýärin! – diýip, yglan etmäge-de özünde
güýç tapypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, keramatly pir Kuşeýri sema’ ynanmaýan ekeni. Ol bir gün keramatly pir Abu Sagydyň gurduran
derwüşhanasynyň öňünden geçip barýarka, ol ýerde sema' edilýändigini görýär. Ol: «Şeýdip, baş açyk, aýak ýalaňaç aýlanyp, döwre
gurap, pyr-pyr pyrlanýanlara dürs, takwa kişiler diýilmegi şerigata
dogry gelmez! Olaryň iman getirendiklerine asla ynanylmaz!» diýip
içini gepledýär. Onuň içgepletmesi Abu Sagyt hezretlerine keramat
üsti bilen aýan bolýar. Onsoň ol bir adamy Kuşeýri hezretleriniň
yzyndan gönderip: «Sen ondan meniň adymdan: «Imandan söz açar
ýaly, iman barada asla näme bilýäň?! Biziň imanly kişileriň hatarynda
303
durandygymyzy ýa-da durmaýandygymyzy haçan gördüň?!» diýip
sora!» diýip tabşyrypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Aly Dekkakyň gyzy Abu Kasym
halypanyň ýanýoldaşy eken. Ol Abu Kasymdan şyh Abu Sagyt Abul
Haýryň mejlisine gitmäge ygtyýar soraýar. Halypa:
– Bolýar, ýöne başyňa köneje çadra atyp, ýüzüňe perde çek!
Seniň kimdigiňi, goý, hiç kim bilmesin! – diýip maslahat berýär.
Bir gün Abu Kasymyň aýaly Abu Sagyt hezretleriniň mejlisine
gelip, beýleki zenanlaryň arasyna, jaýyň üçegine baryp oturýar. Abu
Sagyt Abul Haýyr hezretleri söhbet edip oturyşyna:
– Bu sözi Abu Aly Dekkakdan eşitdim, onuň parçalaryndan bir
parça häzir şu ýerde – diýýär. Keramatly piriň özi hakda aýdanlaryny
eşiden zenan bihuş bolup, özünden gidip, üçekden aşak gaçýar. Bu
haly gören Abu Sagyt Abul Haýyr derrew:
– Ýa, Hudaýym! Bu hanymy öňki oturan ýerine çykaraweri! –
diýip doga edýär.
Şol pursat bihuş ýatan zenan Allatagalanyň gudraty bilen ýokary
göterilýär we üçekde oturan zenanlar ony çekip alýarlar.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Nyşapur şäherinde Abu Hasan
Tuny diýen ymam bar eken. Ol keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýra
diýseň müňkürlik bilen garapdyr. Hatda oňa gargyş hem edýän ekeni. Keramatly pir Nyşapur şäherinde bolýan mahaly onuň gurduran
derwüşhanasyna barmak beýlede dursun, hatda bir sapar ýanyndan
hem geçmändir. Bir gün keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýyr:
– Aty eýerläň! Abu Hasan Tunynyň ýanyna gitjek! – diýipdir.
Ýanyndaky adamlar: «Şyhymyzyň özüne lagnat okap, gargyş edýän
bilen görme-görşe gitjek bolmagy näme, janlarym?!» diýip, içlerinden närazy bolupdyrlar.
Keramatly pir ol jemagaty hem ýany bilen alyp, ýola düşýär.
Ýolda şyhyň keramatyna müňkürlik edýän başga bir kişi öňlerinden
çykyp, pire lagnat aýdýar. Jemagatdakylar ol müňküri suwa-salma
edip ýençmek isleýärler. Şol wagt pir:
304
– Hany, köşeşiň! Allatagala bu lagnaty sebäpli, oňa rehmet eçiljekdir! – diýip seslenipdir. Adamlar:
– Bu näme boldugy?! – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Bu kişi keramatymyzy gözbagçylyk hasap edýär hem-de
Allatagalanyň razyçylygy üçin gözboýagçylyga lagnat okaýar –
diýipdir. Ýaňky kişi piriň aýdanyny eşidip, onuň münüp oturan atynyň
öňünde çöküne düşüp, eden işine toba edip, ötünç soraýar. Şyh şonda
şeýle diýipdir:
– Gördüňizmi?! Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin edilen
lagnat, gör, nähili täsir edip, gör, nähili netije berýär!
Soňra keramatly pir ýene-de ýola rowana bolup, zyýarata gel­
ýändigini Abu Hasan Tuna öňünden habar berer ýaly, onuň huzuryna
çapar gönderýär. Çapar baryp, bu habary Abu Hasan Tuna ýetirende,
ol gargynjyrap:
– Onuň meniň ýanymda nä köri bar!!! Onuň gitmeli ýeri
isaýylaryň ybadathanasydyr – kilisedir. Onuň orny şol ýerde! – diýipdir.
Derwüş yzyna dolanyp baryp, ýüze çykan ýagdaýy keramatly pir
Abu Sagyt Abul Haýra habar berýär. Keramatly pir bu habary eşidip,
atynyň ýüzüni başga tarapa öwürýär-de:
– Bismillah! Goý, şeýle bolsun! Piriň emrini ýerine ýetireýin! –
diýip, kilisä tarap ugraýar. Öz dini däpleri bilen meşgul isaýylar, şyhyň
kilisä gelenini görüp, onuň niýetini aňlamak üçin daşyna üýşüpdirler.
Kilisede çokunylýan ýeriň öň tarapynda Isa alaýhyssalam bilen Bibi
Merýemiň toslanyp tapylan şekilleri bardy. Şyh şol şekillere seredip:
– «E ente kulte linnäs ittehezuwniý we ümmiýe iläheýni min
duwnillähi» diýen senmi?! – diýipdir (Gurhany Şerifiň «Maide»
süresiniň 116-njy aýatyndan. Bu aýatyň öňi: «We iz kale Allahü ýa
Isa ebn Merýeme» diýip başlanyp, soňra hezreti Mäne babanyň ýokardaky ýatlan ýerleri gelýär. Bu aýatyň golaý manysy: «Allatagala (şonda): «Eý, Merýemiň ogly Isa! Ynsanlara: «Meni we enemi
Taňrydan başga iki Hudaý diýip kabul ediň!» diýen senmi?!» diýer»).
Soňra keramatly pir sözüni dowam edipdir:
– Eger Muhammediň dini Hak dini bolýan bolsa, onda ikiňiz hem
şu dem Allatagala(nyň ýeke-täkdigine kepil geçip), Oňa sejde ediň!»
305
20.*
diýip, şekillere ýüzlenipdir. Şol dem şekilleriň ikisi hem Käbä tarap
öwrülip, ýere gaçýar. Isaýylar bu ahwalaty görüp, aglap başlaýarlar.
Olaryň içinden kyrk kişi billerindäki zünnary (hristian dinindäkileriň
bil guşagy) çözüp, iman öwrüp, musulman dinini kabul edýär.
Şyh bu ahwalatdan soňra öz ýanyndaky jemagata tarap öwrülip:
– Her kim pirleriň görkezen ýoly bilen gitse, ol piriň bereketi
bilen işi, ynha, şeýle netije berer! – diýipdir.
Bu habar ymam Abu Hasan Tuna baryp ýetýär. Şol pursat Alla
tarapyn onuň kalbyny ylahy nur gaplap alýar. Ol ýanyndakylara:
– Hol, iki bölek tagtany ýanyma alyp geliň we olardan kejebe
ýasap, meni oňa mündürip, şyhyň ýanyna alyp baryň – diýipdir. Ony
kejebä mündürip, Abu Sagyt Abul Haýryň ýanyna äkidýärler. Onuň
huzuryna baran Abu Hasan Tuny nagra tartyp, şyhyň aýagyna ýykyl­
ýar. Ol toba edip, ötünç sorap, onuň müridi bolupdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, nyşapurly Kazy Soed hem hezreti
Abu Sagyt Abul Haýryň keramatlaryna müňkürlik edýänlerden ekeni. Ol keramatly şyhyň: «Eger-de bütin älem gan bilen dolsa (ýagny
her kim diňe haram iýse) hem, biz halaldan özge zat iýmeris!» diýenini eşidipdir. Onsoň keramatly piri barlap, synap görmek niýeti bilen, bir gün iki sany: biri halal pula, beýlekisi haram pula satyn alnan
toklynyň etini kebap edip, ikisini-de keramatly Abu Sagyt Abul Haýyr
hezretleriniň huzuryna ugradýar. Özi bolsa öňürdip, iberen tokly kebaplary baryp ýetişmänkä, keramatly piriň huzurynda peýda bolýar.
Kebaplary alyp gelýän hyzmatkärleriň öňünden birnäçe serhoş
çykyp, haram pula satyn alnan toklynyň etinden bişirilen kebaply mejimäni zor bilen alyp iýýärler. Kazynyň hyzmatkärleri keramatly piriň
gurduran derwüşhanasynyň gapysyndan girip, kebaby onuň öňünde
goýýarlar. Keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýyr şonda kaza şeýle
diýýär:
– Eý, kazy! Sen arkaýyn bol! Haram läş bireýýäm itlere şam
boldy. Halal tokly bolsa, ynha, bize miýesser etdi!
Kazynyň bu sözlere ýüzi gyzaryp, örän utanypdyr hem-de öz
müňkürliginden el çekipdir.
306
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gün keramatly pir ýerde ýatan bir
serhoşy görüp:
– Hany, eliňi ber maňa! – diýip, ony ýerinden turuzmak isläpdir.
Serhoşyň:
– Eý, şyh! Öz ýoluň bilen gidiber! Elden tutmak seniň işiň däl,
çünki biçäreleriň elinden tutup, ezeneginden galdyrýan tenha gudratly
Allatagaladyr! – diýip jogap bermegi onuň diýseň göwnüne ýarapdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, keramatly pir öz müridi bilen sähralyk ýerden ýöräp barýar eken. Bu jelegaýlarda adam iýýän möjekler
hem duş geläýýärmiş. Ynha, şol möjeklerden biri keramatly şyhyň
üstüne hüjüm etmekçi bolanda, müridi ýerden daş alyp, möjegi daşlap
başlapdyr. Şonda şyh:
– Edýäniň näme?! Bir jan üçin, bu janawara jepa berme! –
diýipdir.
***
Mäne baba şeýle diýipdir:
– Eger-de sekiz jennet Abu Sagydyň ýokluk zerrelerinden diňe
bir zerresiniň garşysynda durmaga synanyşyk etse, onda olaryň hemmesi bütinleý gaýyp bolardy!
***
Mäne baba şeýle diýipdir:
– Zerreler üçin Allatagala barýan ýol bardyr. Emma şol ýollaryň
arasynda Allatagala iň ýakyny musulmanyň kalbyny rahatlatmakdyr!
***
Rowaýat etmeklerine görä, derwüşlerden biri:
– Ony (ýagny Allatagalany) nirelerden gözläýin?! – diýen sowal
bilen Mäne baba ýüzlenýär. Ol:
307
– Ony nireden gözläňde bolman dur?! Eger-de Ony tapmak niýeti bilen ýola düşüp, tüýs ýürekden bir gadam öňe ätmegi başarsaň,
nirä baksaň-da Ony görersiň! – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, keramatly piriň ýalançy dünýäni terk
etmeli pursady ýakyn gelende, ol şeýle diýipdir:
– Bize bir habar gelip gowuşdy. Ol habarda: «Bu ýere gelen şu
adamlar häzirlikçe seni görýärler! Ýöne häzir seni olaryň arasyndan
çykararys. Soňra olar, goý, bizi görsünler!» diýilýärdi.
***
Keramatly pir ýene şeýle diýipdir:
– Biz gidýäris, ýöne size şu üç zady miras goýýarys: Hak ýoly
bilen öňe ilerle. Ýolçulykda ýüzüň hem, eginbaşyň hem tämiz bolsun.
Agzyňa hapa söz alma!
***
Günleriň birinde Mäne baba ýanyndakylara ýüzlenip:
– Erte ýüz-müňlerçe kişi tagatyň nämediginden bihabar gezer.
Emma gudratly Allatagala olara tagat etmegi öwreder – diýipdir. Bu
habary eşidenler:
– Olar kimler?! – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Biz söhbede başlanymyzda başlaryny aşak salanlar! – diýip
jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Mäne baba ömrüniň ahyrky günle­
riniň birinde birnäçe jümle aýdyp, soňra başyny aşak egipdir. Şol pursat hatda onuň gaşlary hem aşak sallanypdyr. Jemagat bu haly görüp
aglapdyr. Soňra keramatly pir ata atlanyp, özüniň gijelerine, gündizlerine ýekelikde, terkidünýä ýagdaýda Haktagala mynajat eden bütin
sähralaryna aýlanyp, ol ýerler bilen hoşlaşypdyr.
308
***
Rowaýat etmeklerine görä, Mäne babanyň ogly Abu Tahyr mekdebe gitmegi diýseň ýokuş görýär ekeni. Ol, başarsa, mekdepden gaç­
mak bilen bolupdyr. Bir gün keramatly pir şeýle diýipdir:
– Kimde kim maňa derwüşleriň myhman bolmak niýeti bilen ýetip gelýändiklerini ilki bolup söýünjilese, onuň islendik arzuw-islegini bitirerin!
Keramatly piriň bu wadasyny eşiden ogly Abu Tahyr derwüş­
hananyň üçegine çykyp, myhman gelýänini ilkinji bolup buşlamagy
niýet edinýär. Daş-töweregi synlap oturan Abu Tahyr derwüşhana
birtopar derwüşiň ýetip gelýändigini görýär. Ol derrew olar barada
keramatly pire habar berýär. Mäne baba:
– Näme islegiň baryny aýt! – diýýär.
– Meniň islegim – mekdebe gitmezlik!
– Bolýar, gitme!
– Meniň mekdebe asla gidesim gelenok!
Mäne baba onuň näme isleýänini bilip, birsalym başyny aşak
salyp oturansoň:
– Bolýar, gitme! Emma «Innä Fetehnä» süresini ezber öwren! –
diýipdir. Abu Tahyr bu teklibe monça bolup, «Innä Fetehnä» süresini
gowy edip ýat tutýar. Keramatly piriň dünýäden gaýdanyndan nijeme
ýyl geçensoň, bir ýagdaý ýüze çykyp, Abu Tahyr agyr bergä-borja
batýar. Ol hoja Nyzamylmülküň häkimlik edýän Yspyhan şäherine
gidýär. Nyzamylmülk söz bilen taryp edip bolmajak derejede oňa hormat, sylag edýär. Şol wagt hoja Nyzamylmülküň huzurynda sopuçylygy, sopulary ýigrenýän bir adam hem bar ekeni. Ol Nyzamylmülke:
– Sen oňa şeýle köp halat-serpaý, pul berip, hormat edýärsiň!
Seniň hormat bildirýän bu kişiň täreti nädip kylmalydygyndan habarsyz ahyryn! Şerigat ylmyndan şermende-hä ol! Bu sopular şeýtanyň
ýumrugynyň içinde oýnap, mum-helim edýän adamlarydyr – diýip,
Nyzamylmülküň Abu Tahyra hormat goýup, serpaý ýapmagyndan
nägile bolýar. Nyzamylmülk:
– Seniň diýýäniň näme!!! Bularyň her bir zatdan habary bar,
onsoňam olar hemişe din işleri bilen meşgul bolýarlar! – diýip, onuň
309
bilen ylalaşmaýar. Ýaňky adam Abu Tahyryň Gurhany Şerifi okap
bilmeýänliginden habarly ekeni. Şonuň üçin hem ol Nyzamylmülke:
– Bu günki gün sopularyň iň gowusy Abu Tahyr hasaplanýar,
ýöne ol hem Gurhany Şerifi okap bilmeýär! – diýýär.
– Onuň ýaly bolsa, Abu Tahyryň özüni bu ýere çagyraly! Onsoň,
ondan seniň teklip eden süräňi okamagy talap ederis! – diýip, Nyzamylmülk ahyrky netijä gelýär. Soňra ol ýere uly din hadymlaryny
we sopulary jemläp, Abu Tahyry hem çagyrýarlar. Nyzamylmülk Abu
Tahyry ýamanlan adamdan:
– Hoja Abu Tahyryň haýsy süräni okamagyny isleýärsiň?! – diýip
sorapdyr. Onuň:
– «Fetih» süresini – diýmegi bilen, Abu Tahyr ol süräni okamaga
başlaýar hem-de nagra çekip, aglap, süräni okap tamamlaýar. Şeýdip,
şikaýatçynyň ýüzi lap-lap gyzarýar, Nyzamylmülk bolsa hoşnut bol­
ýar. Soňra Nyzamylmülk Abu Tahyrdan:
– Bu süräni okap durkaň, nagra çekip aglamagyň sebäbi näme?!
– diýip sorapdyr. Abu Tahyr «Fetih» süresi bilen bagly kakasy bilen
arasynda bolup geçen wakany başyndan aýagyna çenli oňa gürrüň
berýär. Nyzamylmülk:
– Mundan ýetmiş ýyl ozal keramatly pire, dünýäden gaýdanyndan soň, öz perzendiniň başyna geljek ýagdaý keramat üsti bilen
aýan bolupdyr. Şonuň üçin hem ol bu ýagdaýdan baş alyp çykmagyň
ýoluny bişirip gidipdir. Ol hezretleriň ýeten derejesine, keramatyna
serediň-ä! – diýipdir. Şol günden soňra Nyzamylmülküň Abu Tahyra
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.