Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 08

Total number of words is 3755
Total number of unique words is 1919
33.4 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Düýş gören abraýly kişi ertesi ir bilen öýünden çykyp, Bişriň
gözlegine çykypdyr. Oňa gözleýän kişisini meýhanadan tapjagyny
aýdypdyrlar. Ol meýhananyň gapysynyň agzynda saklanyp, bir
kişiden Bişri çagyryp bermegini haýyş edipdir. Bişr eýýäm serhoş
bolmaga ýetişen eken. Ony çagyrmagy boýnuna alan adam ýanyna
gelip, daşarda duran kişiniň oňa bir habar getirenini mälim edipdir.
118
Bişr:
– Git-de, kimden habar getirenini sora – diýipdir. Habar ýollanyň
Allatagaladygyny eşideninden soň bolsa:
– Eý-waý, işim gaýtdy, Allatagala maňa ýazgaryandygyny aýtmagy tabşyrandyr – diýip lapykeç bolupdyr. Habar gatnadýan adam
ýene daş çykyp gelip:
– Ýagdaý seniň çak edişiň ýaly däl eken – diýipdir.
Bişr daşarda duran adamyň ýanyna baryp, onuň aýdanlaryny
diňläpdir-de:
– Dostlarym bilen gürleşýänçäm biraz garaş – diýip seslenipdir.
Ol meýhanada oturan dostlarynyň ýanyna gelip, olara:
– Dostlar, meni başga bir ýere çagyrypdyrlar, şol ýere gid­
ýärin. Sizi-de Allatagala tabşyrýaryn. Gaýdyp meni bu meýhanada
görmersiňiz – diýipdir-de, hoşlaşyp çykyp gidipdir.
Ol perişan şekilde, başy açyk, aýakýalaň halda daşary çykyp, toba
edipdir. Şol günden soňra şol jelegaýda ony gören kişi bolmandyr.
Bişr terkidünýälige baş urup, erkini bir weliniň eline beripdir. Şondan
soňra onuň aýakgap geýenini gören bolmandyr. Şol hem oňa Hafy
(aýakýalaň gezýän) lakamyny bermeklerine sebäp bolupdyr. «Näme
üçin aýakgap geýmeýärsiň?» diýip soranlara bolsa: «Allatagalanyň
öňünde baş egip, toba eden günüm aýagym ýalaňaçdy. Indi aýakgap
geýmekden utanýaryn. Üstesine-de, Hak tagala: «Biz ýer ýüzüni siziň
üçin düşek etdik» («Bakara», 2/22; «Nuh», 71/19) diýýär. Patyşanyň
ýazan düşeginiň üstünde aýakgaply ýöremek edeplilik däldir» diýip
jogap berer eken.
***
Ilden çete çekilip, ybadata berlenleriň käbirleri uly täretlerini
bozan mahallary kesek, tezek ýaly zatlary ulanmandyrlar we ýere
tüýkürmändirler, çünki olar ähli zady Allatagalanyň nurunyň syry
hasaplapdyrlar. Bişr hem şolaryň biridi. Hatda Allahyň nury «görer
gözi» bolany sebäpli, Ondan başgasyny görmezdi. Allatagalanyň
nury bir kişiniň görer gözi boldugy Ýaradandan başga zat gözüne görünmezmiş. Mysal üçin, Allahyň Resuly (s.a.w.) Saglabanyň
jynazasynyň yzyndan ýöräp barýarka, daraklygyna basmaga jan
119
edipdir we «Perişdeleriň aýagymyň astyna düşmeginden gorkýaryn»
diýipdir. «Perişdeler nähili zat bolýar?» diýip soranlarynda, ol: «Olar
Allahyň nurudyr! Imanly kişi Allatagalanyň nury bilen görer» diýip
jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ahmet ibn Hanbal tiz-tizden Bişriň
ýanyna gider eken. Ol lükgeligi bilen oňa baglanyp oturyberipdir. Bir
gün şägirtleri oňa ýüzlenip:
– Sen hadysdan, fykyhdan baş çykarýan müjtehit alymsyň, dürli ylymlarda saňa taý gelip bilýän adam ýok. Muňa garamazdan, bir
sallam-sajak eşikli adamyň ýanyna gidýärsiň. Bu saňa ýaraşýarmy?
– diýipdirler. Şonda Ahmet:
– Hawa, ýaňky sanan ylymlaryňyzyň ählisini men ondan has
gowy bilýärin. Emma ol beýik Allatagalany menden has gowy tanaýar – diýip jogap beripdir. Soňra ol Bişr hezretleriniň ýanyna gidip: «Maňa gudraty güýçli Allatagala barada gürrüň ber!» diýip haýyş
edipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Bilal Hawwas şeýle diýipdir:
«Ysraýyl tiresine degişli çöl bilen barýarkam, garşymdan biri çykdy.
Men «Şu Hydyr ata bolsa gerek» diýip içimi gepletdim we:
– Allatagalanyň haky üçin özüňizi tanadyň! – diýip, oňa ýüzlendim. Ol:
– Men seniň doganyň Hydyr – diýip jogap berdi.
– Ymam Şapygy hakda näme aýdyp bilersiň? – diýip soradym.
– Ol öwlatlardandyr – diýdi.
– Ahmet ibn Hanbal hakda näme aýdarsyň? – diýip, ýene bir sowal berdim.
– Ol syddyhlardandyr – diýdi.
– Bişriň derejesi nähilidir? – diýip soraman durup bilmedim. Ol:
– Ondan soňra onuň ýaly bir kişi dünýä geljek däldir – diýip
jogap berdi.
120
***
Rowaýat etmeklerine görä, Bişr hezretleri kyrk ýyllap oda gyzardylan et iýmegiň höwesinde gezipdir, emma ony satyn alar ýaly
puly bolmandyr. Ol kän ýyllap gatlama iýesi gelip gezse-de, onuň
hem tagamyny dadyp görmändir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Bişr hezretleri: «Halaldygy şübheli
bolan puluň hasabyna gazdylar» diýip, soltanlar tarapyndan gazdyrylan ýaplardan suw içmez eken.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Bişr hezretleri bir sopynyň bir soraga
beren jogabyny düşündirip, şeýle diýipdir: «Allatagala töwekgellik
etmek hiç haçan adamlardan zat almazlygy ýüregiňe düwmekdir».
***
Rowaýat etmeklerine görä, Bişr şeýle diýipdir: «Bir gün öýüme
gelip, bir adamyň maňa garaşyp oturanyny gördüm we ondan:
– Kim bolarsyň? Rugsat berilmezden, içeri girip oturmaň näme?
– diýip soradym. Ol:
– Men seniň doganyň Hydyr – diýdi.
– Meniň üçin doga etsene – diýip haýyş etdim.
– Allatagala tagat etmegi saňa aňsatlaşdyrsyn – diýdi.
– Ýene bir doga edip ber – diýdim. Şonda ol:
– Tagatyňy gizläp saklamagy saňa nesip etsin! – diýip seslendi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir adam Bişr hezretleriniň huzuryna
gelip:
– Halalyndan iki müň altyn gazandym. Şonuň hasabyna haja
gitmekçi bolýaryn. Muňa näme diýersiň? – diýip maslahat sorapdyr.
Bişr:
121
– Sen haja tomaşa etmek üçin gidýän bolmaly. Eger haja Hakyň razylygyny gazanmak üçin gitmekçi bolýan bolsaň, onda birnäçe ýoksulyň
bergisini ber ýa-da bir ýetime, ýa bolmasa, çaga-çugasy köp bolan birine
bu puluňy ber. Çünki olaryň kalbyna aralaşjak rahatlygyň gazandyrjak
sogaby ýüz hajyň gazandyrjak sogabyndan kändir – diýipdir.
– Emma men has köp haja gitmek isleýän.
– Aýdanyňa ynanýan, emma onuň başga bir sebäbi bar. Sen bu
baýlygy dogry ýol bilen gazanmadyk bolmaly. Şol sebäpli-de ony
nädogry bir şekilde sowup gutarmazdan, rahatlyga gowuşmajaga
meňzeýäň.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.)
Bişriň düýşüne girip:
– Allatagalanyň seni beýlekilerden tapawutlandyryp, mertebäňi
beýgeltmeginiň sebäbini bilýärmiň? – diýip sorapdyr. Ol hem:
– Ýa, Allahyň Resuly, meniň mundan habarym ýok – diýip jogap
beripdir.
– Sen meniň sünnetime eýerdiň, salyh kişilere hormat goýduň,
dost-ýarlara öwüt berdiň we sahabalardyr ehli-beýtimi söýdüň. Şol
sebäpli hem seni sadyklaryň hataryna goşdurdym – diýip, Muhammet
alaýhyssalam oňa habar beripdir.
***
Bişr Hafy şeýle diýipdir: «Bir gije düýşümde hezreti Alyny
görüp, ondan:
– Ýa, imanly kişileriň emiri! Maňa bir nesihat ber – diýip haýyş
etdim. Ol: «Rahmandan sogap hantama bolup, baýlaryň garyplara
duýgudaşlyk etmekleri neneňsi gowy! Ýaradanyň keremine bil bag­
lap, garyplaryň baýlaryň ýanynda özlerini buýsançly alyp barmaklary
bolsa has hem gowudyr» diýdi.
***
Bişr Hafy şeýle diýipdir: «Dünýäde gadyrly bolmak isleýänler
üç zatdan, ýagny zerur zatlaryny ýaradylanlardan dilemekden, kimdir
122
birine erbet söz aýtmakdan, kimdir birine myhman bolmakdan gaça
dursunlar!
Syýahat ediň, çünki suw akyp ýatan mahaly gowy bolup, ýata
hala gelende yslanýandyr!
Adamlaryň arasynda meşhur bolmak isleýän kişi ahyretiň lezzetini datmaz.
Dünýäde hormat goýlup ýaşamakdan başga zada peýdasy bolmaýan kanagatkärlik hakyky kanagatkärlikdir.
Adamlaryň arasynda meşhur bolmagy arzuw edýän bolsaň, bilip
goý: dünýä bolan söýgi şondan başlanýandyr.
Arzuwlaryň bilen aralygyňa demir diwar galdyrmasaň, ybadatdan lezzet almarsyň.
Eliň ýuka wagty jomartlyk etmek, adam-garasyz ýerde ýokary
derejede takwa bolup galmak, eýmenýän kişiňiň ýanynda dogryňy
aýtmak iň kyn işlerdendir.
Halaldygy şübheli bolan zatlary doly terk etmek we mydama
berjek hasabyňy göz öňünde tutup ýaşamak takwalygyň iň ýokary
derejesidir.
Terkidünýälik islegdir tamadan päk bolan köňülden başga ýerde
karar tapmaýan soltandyr.
Gussa öz karar tapan ýerinde başga bir zadyň bolmagyny asla
islemeýän soltandyr.
Bir gula berlen zatlaryň iň gowusy Allatagalany tanamak we
ýoksullyga sabyr etmekdir.
Eger Allatagalanyň ýakyn dostlary bar bolsa, olar aryflardyr.
Sopy Allatagalanyň huzurynda kalby päk bolan kişidir.
Aryflary Hak tagaladan başgasy tanamaýar we olara diňe
Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin hormat goýulýar.
Kim erkinliginiň lezzetini datmak isleýän bolsa, oňa «Syryňy paş
etme» diý.
Kim Hakyň razylygyny gazanmak üçin dogry we tüýs ýüreginden amal edýän bolsa, muny görkezmäge halkdan utanar.
Bu dünýä köňül berenlere salam bermegi terk etmek arkaly salam beriň».
123
***
Bir gezek Bişr Hafy şeýle diýipdir:
– Öz öýüňde mazardakydan artyk zat goýma. Şeýle etseň, bu
dünýäni terk edeniňe gynanmarsyň.
***
Welileriň biri aradan çykan Hafy hezretlerini düýşünde görüp,
ondan Hudaýyň özüni nähili garşylandygyny sorapdyr. Hafy hezretleri şeýle jogap beripdir:
– Hudaý gahary gelýän ýaly edip, ýüzüni çytdy-da, menden:
«Hafy, sen dirikäň näme sebäpli Menden beýle gaty gorkduň? Eýsem Meniň rahman hem rahymdygymy bilmeýärdiňmi?» diýip sorady. Soňra-da sözüni dowam edip: «Indi sen Maňa gulluk etmäge
sarp edýän wagtyňdan köp bölegini alar öýdüp gorkmakdan ýaňa,
Meniň hatyram üçin ýüz öwren iň bir saýlama naharlaryňdan hem
içgileriňden lezzet alyp bilersiň» diýdi.
124
Zünnun MÜSRI
D
ünýäde salamat gezmekden ýüz öwrenleriň ýolbeledi, kyýamatyň ýaşaýjylarynyň çyragy, mertebeliligiň we
terkidünýäligiň delili, magryfetiň we töwhidiň soltany, «Fakyrlygyma buýsanýaryn» diýen jümläniň şaýatnamasy, öz döwrüniň kutby
Zünnun Müsri tasawwufçylaryň hökümdarlarynyň biri bolup, belabeterlerden daşda bolmagy we sag-salamat gezmegi özüne rowa görmändir. Töwhidiň syrlary babatda inçeden yzarlap, şoňa görä-de hereket edýärdi. Görkezen keramatlarynyň sany-sajagy ýokdy.
***
Zünnun hezretleri toba edişini gürrüň berip, şeýle diýipdir: «Pylan ýerde bir ybadathon kişi bar» diýip, habar alan badyma, oňa zyýarat etmek üçin ýola düşdüm. Baryp görsem, ol bir agaçdan başşak
asylypdyr-da:
– Eý, bedenim (nebsim)! Ybadat we tagat etmäge maňa rugsat
ber, ýogsam, açlygyňdan ölýänçäň sen şu şekilde durarsyň – diýip
gaýtalaýardy. Onuň bolşuny görüp, agym tutdy. Ybadathon kişi agla­
ýanymy eşidip:
– Haýasy az, günäsi köp birine rehimi inen kişi kim bolar? –
diýip seslendi. Şondan soň onuň öňüne geçip salam berdim we:
– Bu näme etdigiň bolýar? – diýip soradym. Ol:
– Şu meniň bedenim Hak tagala boýun bolmak islemeýär, adamlar bilen barabar bolmagy höweslenýär – diýip jogap berdi.
Men bolsa ol bir musulmanyň ganyny dökendir ýa-da uly bir
günä edendir öýdüpdim. Ybadathon:
125
– Bu halk bilen garyşyp-gatyşansoň, yzyndan islendik zada
garaşybermelidir – diýip aladaly seslendi.
– Terkidünýälikden jyda düşerin öýdüp gorkýarmyň? – diýip,
men hem ondan elimi çekmedim. Ol:
– Menden hem terkidünýä birini görmek isleýäňmi? – diýdi.
– Isleýärin.
– Onuň ýaly bolsa, şu görünýän daga tarap git.
Ybadathon kişiniň salgy beren dagynyň etegine baryp, bir
külbäniň gapysynyň agzynda oturan ýetginjegi gördüm. Onuň
aýagynyň biri gapynyň iç tarapyndady, beýlekisi bolsa daş tarapynda
kesilgi ýatyrdy we onuň ganjaryp duran ýerinde gurtlar mygyl berýärdi. Men onuň ýanyna baryp, halyny soradym. Ol:
– Bir gün külbämde ýeke özüm otyrdym. Bir zenan maşgalanyň
bärligine ýönelenini görüp, koňlüm ony isledi we oňa lak atmak üçin
daşary çykmaga hyýallandym. Aýaklarymyň birini ýaňy bir külbämiň
gapysyndan daşary çykaryp-çykarmankam, gulagyma:
– Hiç utanmaýarmyň? Otuz ýyldan bäri gudraty güýçli Allatagala
ybadatdyr tagat edýärsiň, şindi bolsa şeýtana uýmaga hyýallanýarsyň
– diýen ses eşidildi. Men şobada daşary uzadan aýagymy kesip
taşlap, «Indi gözüme näme ilerkä, maňa näme ederkäler?» diýip, aşak
çökdüm. Häzir hem şol oturyşym. Günäkärleriň ýanynda seniň näme
işiň bar? Eger Allatagalanyň razy boljak adamlaryndan birini görmek
isleýän bolsaň, dagyň depesine çyk.
Dag örän belent bolansoň, onuň depesine çykyp bilmedim we
gelip, ýetginjekden ol ýerde ýaşaýan kişi barada gürrüň bermegini
haýyş etdim. Ol:
– Birnäçe wagt bäri ol ybadat bilen meşguldy. Bir gün biri
«Ryskyň sebäbi kesp-kärdir» diýip, onuň bilen jedelleşmäge başlap­
dyr. Ol hem: «Adam oglunyň edýän käri bilen bagly hiç bir zady iýmerin» diýip, Allatagala bilen wadalaşdy. Birnäçe günläp hiç zat iýmedi. Şondan soň, töwereginde öý ýasanyp, oňa bal bermekleri üçin
Allatagala onuň bolýan ýerine bal arylaryny gönderdi – diýip, bu täsin
adamyň tarypyny ýetirdi.
Men görüp-eşidenlerimden soň, gudraty güýçli Allatagala töwek­
gellik eden adamyň aladasyny Biribaryň özüniň edýändigini, yhlasyny
126
puja çykarmaýandygyny aňladym. Soňra bolsa ýene ýola rowana boldum. Şol gidip barşyma, ýoluň gyrasyndaky agaja gonan kör guşa
gözüm düşdi. Men: «Bu biçäre içjek suwuny, iýjek iýmini nireden
tapýarka?» diýip içimi gepletdim. Guş derrew aşak inip, ýere gondy-da, çokjasy bilen ýer peşemäge başlady. Onuň peşäp duran ýerinde
iki sany ýalpyldawuk gap göründi. Gaplaryň biri altyndan, beýlekisi
bolsa kümüşdendi. Olaryň birinde ak künji, beýlekisinde gül suwy
bardy. Guş künjüden iýip, gül suwundan içeninden soň, ýene uçup,
agaja gondy. Ýaňky gaplar hem bir ýere sumat boldular. Bu bolan işi
synlap durkam, birdenkä mende «töwekgel etme haly» peýda boldy.
Soňra ol ýerden aýrylyp, birnäçe menzil ýol aşdym. Gidip
oturyşyma, agşamara bir harabanyň üstünden bardym. Bu ýerden bir
küýze altyn tapdym. Küýzä gapak bolup duran tagtanyň ýüzüne gud­
raty güýçli Allatagalanyň ady ýazylgydy. Harabanyň içinde başga-da
gijelemäge galan kişiler bardy. Olar altynlary paýlaşdylar. Men:
– Küýzäniň agzyndaky tagtany maňa beriň, onuň ýüzüne dostumyň ady ýazylypdyr – diýip, ony elime alyp öpdüm. Şu
hereketimiň berekediniň hormatyna halym bir uly mertebä ulaşyp, bir
gije düýşümde:
– Eý, Zünnun! Beýlekiler altyndyr kümşe topuldylar. Sen bolsa
olardan has gymmat bolan zady – meniň adym ýazylan tagtany diläp aldyň. Biz hem hökman seniň öňüňde ylym we hikmet gapysyny
açarys – diýip, özüme ýüzlenilendigini eşitdim. Şol gijäniň ertesi bolsa ýaşaýan şäherime dolanyp geldim.
***
Zünnun hezretleri şeýle diýipdir: «Bir uly derýanyň kenaryna
bardym. Onuň kenarynda bir köşk seleňläp durdy. Köşgiň içine girip,
täret kyldym. Täret kylyp bolup, daşary çykdym. Birdenkä köşgüň
üçegine tarap gözümi aýlanymy duýman galypdyryn. Köşgüň balkonynda duran örän owadan bir çora gözüm düşäýmezmi. Onuň bilen
tanyşmak isläp:
– Eý, çory, kim bolarsyň? – diýip soradym. Çory hem:
– Eý, Zünnun! Uzakdan synlap, seni dälidir öýtdüm, ýakyn­
laşaňsoň alyma meňzetdim, has golaýa gelen mahalyň hem aryfdygyň
127
baradaky netijä geldim. Soňra bolsa dykgat edip, bularyň hiç birisi
hem däldigiňi aňladym – diýip jogap gaýtardy.
– Pikiriňi üýtgetmegiňe näme sebäp boldy? – diýdim. Çory:
– Eger däli bolsaň, täret almazdyň, alym bolsaň, nämähreme
bakmazdyň, aryf bolsaň hem Hakdan başgasyny görmezdiň – diýip
seslendi-de, bir ýerlere gaýyp boldy.
Şeýlelik bilen, onuň ynsanlardan däldigi, meni ägä etmek üçin
gelendigi belli boldy. Şol wagt kalbyma ot düşdi we deňze ýetmäge
howlukdym. Barşyma-da gämä münüp oturan birtopar adamyň arasyna goşuldym. Deňiz bilen ýüzüp barýarkak, bir täjiriň gymmatbaha
daşynyň ýitendigi mälim boldy. Hemmeler daşyň ýitmegini menden
gördüler. Ejir baryny çekdirseler hem, agyzlaryna gelenini diýseler
hem, sesimi-üýnümi çykarmaýardym. Halys bolmansoň, men:
– Rebbim, näme etmelidigini özüňden gowy biljek ýok! – diýip
seslendim. Derrew suwuň ýüzünde müňlerçe balyk peýda boldy. Her
biriniň agzynda-da bir gymmatbaha daş bardy. Daşlaryň birini alyp,
gämidäkilere uzatdym. Olar bu bolan işi görüp, aýaklaryma ýykylyp,
ötünç dilediler».
Şol wakadan soňra oňa Zünnun (balyklaryň hojaýyny, balykçy)
diýmäge başlapdyrlar.
***
lip:
Rowaýat etmeklerine görä, biri Zünnun hezretleriniň ýanyna ge-
– Bergim bar we ony bermäge hiç zadym ýok – diýipdir. Zünnun
ýerden bir daş alyp, onuň eline tutdurypdyr. Ýaňky adam daşy eline
alyp, bazara barypdyr. Barýança, daş zümerrete öwrülen eken. Ol bu
zümerreti dört ýüz dirheme satyp, bergisinden dynypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, mydama sopulary inkär edip ýören
bir ýetginjek bar eken. Bir gün Zünnun oňa ýüzügini berip:
– Pylan çörekçiniň ýanyna git we muny bir altyna derek oňa girewine ber – diýipdir. Ýetginjek ýüzügi alyp, çörekçiniň ýanyna barsa-da, ony bu baha girewine almakdan ýüz dönderipdir. Ýaňky ýigit
128
yzyna dolanyp gelip, ýüzügi bir dirhemden artyk puluň öwezine girewine almaýandyklaryny habar beripdir. Zünnun hem:
– Onuň ýaly bolsa, ýüzügi pylan zergäriň ýanyna alyp baryp, bahasyny kesgitläp bermegi haýyş et – diýipdir. Ýetginjegiň alyp baran
ýüzügini iki müň altyna bahalapdyrlar. Ol ýene yzyna dolanyp, bu
wakany gürrüň berensoň, Zünnun:
– Ine, sopularyň haly bilen deňeşdireňde seniň ylmyň çörekçiniň
bu ýüzük hakda bilýäni ýalydyr – diýip seslenipdir.
Şondan soňra ýetginjek toba edipdir we sopulary inkär etmegini
goýupdyr.
***
Bir gezek Zünnunyň aýal dogany onuň Gurhany Kerimi okap
oturanynyň üstünden barypdyr. Şol wagt ol Hudaýyň Ysraýyl halkyna
iýmit gönderişi hakdaky aýaty okap otyr eken. Aýal dogany bu sözleri
eşiden badyna, özüni aşak goýberipdir-de, doga etmäge we Hudaý
özüne nahar gönderýänçä, oturan ýerinden turmajagyny aýdyp, ant
içmäge başlapdyr. Şobada asmandan dürli tagamlar inipdir. Zenan
maşgala aýak üstüne galyp, çöli nazarlap ugrapdyr. Şondan soňra ony
gören ýa-da ol hakda bir zat eşiden kişi bolmandyr.
***
Zünnun hezretleri şeýle bir wakany gürrüň beripdir:
– Bir gezek men dagyň gerşine çykyp, ol ýerde dürli kesellerden
ejir çekýän adamlaryň uly toparynyň oturandygyny gördüm. Olar gowakda ýaşaýan weli kişä garaşýardylar. Bu weli ýylyň dowamynda
diňe bir gezek iliň arasyna çykar eken. Şonda ol ilki asmana seredip, soňra näsag adamlara tarap çüfleýär eken welin, olar kesellerinden saplanaýýarmyş. Men hem onuň daşary çykmagyna garaşyp
başladym. Weli ahyry gowagyndan çykyp, ýanymyza geldi. Onuň
ýüzünden nur ýagyp durdy. Garrap, tapdan gaçandygy görnüp duran hem bolsa, göwnüňe, onuň daş keşbi dagyň zähresini ýaryp, dag
ýöne saňňyldap duran ýalydy. Weli ilki asmana nazar aýlady. Soňra
musulmanlar ýeke-ýekeden onuň ýanyna ýakynlaşyp ugradylar. Ol
çüflän badyna, näsaglar tut ýaly bolaýýardy. Men ol ýaňy bir gowaga
girmekçi bolanda ýanyna baryp, donunyň syýnyndan ýapyşdym-da:
129
9.*
– Sen adamlaryň keselli beden agzalaryny sagaldýarsyň. Meniň
bolsa ruhum keselli. Maňa bu dertden gutulmaga ýardam ber – diýdim. Ol:
– Zünnun, menden daşrak dur-da, syýnymy goýber, ýogsam, bir-birimiz baradaky aladany özümize goýup, Hudaýyň bizi terk etmegi
mümkin – diýip seslendi. Ol şeýle diýdi-de, donunyň syýnyny çekip
alyp, gowaga girip gitdi.
***
Bir gezek Zünnun hezretleri şeýle diýipdir:
– Men otuz ýyllap wagyz etmek bilen meşgullandym. Emma wagyzlarymdan özi üçin diňe bir adam peýda tapdy. Ol şazada eken.
Bir gezek wagyz edip durkam, ol metjidiň deňinden geçip barşyna:
«Özünden güýçli bilen söweşýän adamdan akmagy tapmarsyň»
diýen sözlerimi eşidäýipdir. Şazada meniň ýanyma gelip, bu sözleriň
manysyny ýorup bermegimi haýyş etdi. Men:
– Bu sözlerden Hudaý bilen bäsleşýän adamyň baryp ýatan akmakdygy hakdaky many gelip çykýar – diýip jogap berdim. Ol çykyp
gitdi we ertesi ýene ýanyma gelip, Hudaýa gowuşdyrjak ýoly salgy
bermegimi haýyş etdi. Men:
– Iki ýol bar: olaryň biri beýlekisinden uzynrak. Ýollaryň uzyny
dünýäden, isleglerden we günä işlerden; has çalt geçilýän we gysga
ýol bolsa Hudaýdan gaýry zatlardan ýüz öwürmegi talap edýär – diýdim. Ol:
– Men ýollaryň gysgasyny saýlaýaryn – diýip, gymmat bahaly
eşiklerini çykaryp taşlady we ýapynja bürendi-de, tokaýda ýaşamaga
başlady. Ol şol ýerde magryfete gowuşdy.
***
Zünnun hezretleri şeýle diýer eken:
– Weli kişiler hiç wagt puluň yşkyna düşmeýärler.
Hudaýyň gözüne ýigrenji bolup görünýän adam garyp düşmekden
gorkar.
130
***
Zünnun hezretleri şeýle diýipdir:
– Adamyň ruhuna alty zat zyýan ýetirýär:
1. Ýagşy işleri harsal ýerine ýetirmek.
2. Şeýtanyň maslahatlaryna uýmak.
3. Ajalyň söbügiňe düşüp ýörenine üns bermezlik.
4. Ýaradan mahluklarynyň göwnüni awlamak arkaly Ýaradany razy etmäge çalyşmakdan ýüz öwürmek.
5. Arzuw-islegleriň pidasy bolmak we Pygamberiň hem-de
onuň sahabalarynyň ýörän dogry ýolundan azaşmak.
6. Saýlap alan ýalňyş ýola düşeniňi aklamak üçin welileriň
goýberen säwliklerine salgylanmak, olaryň eden ýagşy işle­
rini ýatlamakdan bilgeşlin gaça durmak.
***
Zünnun hezretleri şeýle diýipdir:
– Ýaradylan zady söýýäni Hudaý halamaýar.
Ýalňyzlyk ruhy kämillige eýe bolmak isleýän kişi üçin iň gowy
halypadyr.
Eden günäsine tüýs ýüreginden puşman edýän kişiniň günäsi geçilýär.
Allatagalanyň zikri ruhumyň iýmitidir.
Sema islegleriň ählisini bejermegiň aýratyn bir ýoludyr. Ony
imanly kişi diňlese, Hudaýa tarap barýan ýoly tapýar; duýgularynyň
islegini kanagatlandyrmak üçin diňleýän kişi bolsa dinden çykýar.
Hudaýa töwekgellik etmek beýleki ähli serişdelerden we edilýän
tagallalardan ýüz öwürmegi aňladýar.
Hudaýyň dostlaryny söýmek Hudaýyň özüni söýmekdir.
Ýaradylan zatlara söýgüden ýüz öwürmek Hudaýa bolan yşkyň
peýda bolmagynyň alamatydyr.
Zerre ýaly iman dünýäniň ähli baýlygyndan gymmatlydyr, çünki
ol halas bolmagyň ýoluny arçaýar.
Dünýälik zatlaryň ählisini halamazlyklary we ýaradylan zady hiç
haçan öwmezlikleri imanly kişileriň alamaty bolup durýar.
131
Ýaradylan dünýäni söýýän kişi dinsiz pyrgunyň (faraonyň)
hakyky nökeridir. Allatagala ýakynlaşan kişi hiç wagt ýaradylanyň
kömegine bil baglamaýar.
Hudaýy görendigini aýdýan adam Ony hiç haçan gören däldir.
Ony gören kişi bu barada dil ýarmaýar.
Öz mürşidiňe hatda Hudaýyň özüne tabyn bolşuňdan hem güýçli
tabyn bolmazdan, hakyky mürit bolunmaýar.
Her pursatda ölmäge taýyn bol we iň soňky ýoluňa ýanyň bilen
alyp gitjek zadyňy jemläp goý.
Kyýamat gününde hasaba çekilmezden ozal eden işleriň üçin
özüňe hasabat ber.
Adamyň dymmagy halas boldugydyr.
Hudaýy unutmaga mejbur edýän dünýäniň näme gymmaty bolup
biler?!
Günä edýän kişiniň özüni ýigrenmän, çünki onuň ölüm ýassy­
gynda ýatyrka toba etmegi, Allatagalanyň hem tobasyny kabul edip,
mertebesini beýgeltmegi bolup bilmejek bir zat däl.
***
Ölüm ýassygynda ýatan Zünnun hezretlerinden näme isleginiň
bardygyny sorapdyrlar. Ol:
– Men ölmegimiň birnäçe pursat öň ýanynda haçan öljegimi habar bermeklerini isleýärin – diýip jogap beripdir-de, aşakdaky goşgy
bendini okapdyr:
Hudaýdan gorkyma hassalandym men,
Oňa duşmak isläp, dyndym erkimden.
Oňa bolan söýgim meni öldürdi,
Emma Hudaý janlandyrdy gaýtadan.
Günleriň birinde Hüseýin ibn Ýusup hezretleri din bilen bagly
nesihatlaryny diňlemek üçin Zünnun hezretlerini zyýarat edipdir. Öý
eýesi oňa ýüzlenip:
– Söhbet edip, ünsümi bölme, çünki men häzir Haýranlyk jülgesinde durun we Allatagalanyň rehmetiniň maňa tarap inip gelşini
synlaýaryn – diýipdir hem-de şobada jan beripdir.
132
Ol aradan çykan badyna, adamlar göze görünmeýän bir eliň
onuň maňlaýyna arap harplary bilen «Ol – Hudaýyň halany. Hudaýyň
söýgüsi oňa ajal gönderdi. Onuň janyny Allatagalanyň gylyjy aldy»
diýen sözleri ýazandygyny görüpdirler.
***
Zünnunyň jesedi salnan tabydy köçe bilen alyp barýarkalar,
tabydy Günden goramak üçin guşlar üstüne ganatlaryny geripdirler.
Tabydy metjidiň deňinden alyp geçenlerinde bolsa, azançy azan aýtmaga başlapdyr. Şol wagt tabytda ýatan weliniň bir barmagy ýokary
galypdyr. Adamlar geň galyşyp, oňa jan girendir öýdüpdirler, emma
bu beýle däl eken. Emma mazaryň içine goýan wagtlary hem onuň
barmagy aşak inmändir.
***
Zünnun hezretleri aradan çykanyndan soň, adamlar dinsiz hasap­
lan adamlarynyň uly weli bolandygyna akyl ýetiripdirler.
133
Baýezit BISTAMY
A
ryflaryň soltany, hakykaty yzlaýan alymlaryň delili, hudaýtarapyn halypa, bakylyk sütüni, mahrumyýet äleminde bişişen,
wagtyň şyhy Abu Ýezit Bistamy şyhlaryň iň ulusydy, welileriň iň görnüklisidi. Ol köp keramat görkezipdir. Jüneýit ondan söz açyp:
– Jebraýyl perişdeleriň arasynda nähili orun eýeleýän bolsa, Baýezidiň aramyzdaky orny-da şonuň ýalydyr. Töwhit älemine
girenleriň seýran eden meýdanlarynyň aňry çeti Baýezidiň ýaşan
meýdanynyň başlanýan ýeridir. Onuň aýak basan ýeriniň bäribaşyna
baran erenleriň ählisi şol ýerden aňry geçip bilmän, itinişip durupdyrlar we ol ýerde saklanmagy başarman, aşak inipdirler – diýipdir.
Baýezit Bistamynyň:
– Biziň ýaly bir gülüň açylmagy üçin bir gülzarlygyň üstünden
iki ýüz ýylyň geçmegi gerek bolar – diýmegi-de ýokarda aýdylanlaryň
dogrulygynyň delilidir.
***
Şyh Abu Sagyt Abul Haýyr:
– On sekiz müň älemi Baýezidiň dolduryp duranyny görýärin,
ol ortada ýok – diýipdir. Ol şeýle diýmek bilen Baýezit Bistamynyň
barlygynyň ýok bolup gidendigini aňlatmak isläpdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Baýezidiň atasy otparaz bolupdyr.
Onuň kakasy bolsa Bistamynyň abraýly adamlarynyň biri eken. Onuň
134
nähili adam bolup ýetişjegi heniz enesiniň garnyndaka belli bolmaga
başlapdyr. Mysal üçin, ejesiniň:
– Ol göwrämde galyp, jan gireninden soň, halaldygy şübheli islendik zady agzyma atsam, tä ony yzyna çykarýançam, garnyma deper durardy – diýendigini habar beripdirler.
***
Bir gezek Baýezitden:
– Bu ýolda adama näme ýaraşýar? – diýip sorapdyrlar.
– Dogabitdi döwlet we bagtyýarlyk.
– Bular nesip etmedik bolsa näme?
– Haky gören bir göz.
– Bu-da ýok bolsa?
– Hak sesi eşiden gulak.
– Bu-da bolmasa?
– Bu zatlar nesip etmedik bolsa, adama diňe tarpa-taýyn öläýmek
galýar.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Turabyň ýüzünden ot syçrap duran, Haka bolan yşkyndan ýaňa häli-şindi özünden geçýän bir müridi
bar eken. Abu Turap:
– Ýagdaýyň şunuň ýaly bolansoň, seniň hökman Baýezidi
görmegiň gerek – diýip, onuň gulak etini guradar eken. Günleriň birinde müridi onuň sözlerine jogap berip:
– Her gün Baýezidiň Rebbini ýüz gezek görýän kişi onuň özüni
näme etsin?! – diýipdir. Abu Turap:
– Sen Allahy öz görşüň bilen görýärsiň, Baýezidiň ýanynda bolsa
Ony piriň görşi ýaly görersiň. Görmek bar, görmek bar. Allah Sytdyha
(r.a.) bir gezek aýratynlykda, tutuş halka-da bir gezek umumy şekilde
görünmejekmi? – diýip, niýetinden el çekmändir. Onuň soňky aýdan
sözleri müridiň kalbyna uly täsir edipdir we ol:
– Ýeri bolýar, ýör, derrew ýola düşeli – diýip seslenipdir.
Halypadyr şägirt ýola rowana bolup, Bistam şäherine baryp ýetipdirler. Olar baran mahaly Baýezit hezretleri öýünde ýok ekeni.
135
Olar onuň suw alyp gelmek üçin öýünden çykan wagtyna gabat gelipdirler. Myhmanlar onuň suw almaga giden ýerine tarap ugrapdyrlar.
Görseler, egni köneje donly şyh bir küýzäni suwdan dolduryp alyp
gelýärmiş. Baýezidiň gözi Abu Turabyň müridiniň gözüne, müridiň
gözi-de Baýezit hezretleriniň gözüne düşäýmezmi! Mürit şobada
sandyrap aşak çöküpdir we jan beripdir. Bu bolan işiň şaýady bolan
Abu Turap:
– Eý, şyh! Bir bakyşyň onuň ölümine sebäp bolaýdymy? – diýip
seslenipdir. Baýezit Bistamy onuň sözlerine:
– Eý, Abu Turap! Bu ýetginjegiň tebigatynda bir hal bolup, şol
haly başdan geçirerden ol heniz ýaşdy. Baýezidiň gözüne gözi düşen
badyna, onda birdenkä şol hal peýda bolup, onuň edýän täsirine çydamady we dünýäden göçmek bilen boldy. Mysal üçin, bu hal Müsürli
zenanlaryň hem başyna gelipdi. Ýusup alaýhyssalamyň gözelliginiň
öňünde ejizläp, olar barmaklaryny kesip oturandyklaryny-da duýman,
aňalyp galypdyrlar.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ýahýa ibn Mugazyň Baýezit hezretlerine ýazan hatlarynyň birinde: «Bir bulgury başyna çekip, ezeliligiň
we ebediligiň serhoşy bolan kişi hakda näme aýdarsyň?» diýen jümle bar eken. Baýezit hezretleri bu jümledäki sowala: «Gürrüňini
edýän zadyň gije-gündiz diýmän, ezelilik we ebedilik deňzinden
içmegini dowam edýär we «Mundan hem artygy ýokmy? («Kaf»,
50/30)» diýip bagyrýar» diýip jogap beripdir. Şonuň ýaly-da Ýahýa
hatynda: «Ikimiziň aramyzda bir syr bar, emma bu syry dile getirmek üçin jennetdäki Tuba agajynyň aşagynda duşuşmagymyz gerek»
diýip ýazypdyr we «Şyhyň şu bir döwüm çörekden iýmegi gerek,
çünki men onuň hamyryny zemzem suwuna ýugurdym» diýip, öz
sözüniň üstüne goşup, hatly bukjanyň içine bir döwüm çörek salyp
ugradypdyr. Baýezit hezretleri onuň bu aýdanlaryna-da: «Hak zikir
edilýän her bir ýer hem jennetdir hem-de Tuba agajynyň saýasydyr.
Biz ýollan çöregiňizden datmadyk, çünki onuň hamyryny zemzem
suwuna ýugrandygyňyzy aýdypsyňyz-da, ununyň däneli ösümlikleriň
haýsysyndan üwelip alnandygyny habar bermänsiňiz» diýip jogap
136
beripdir. Ýahýa bu jogaby alanyndan soň, Baýezit hezretleri bilen
görüşmän durup bilmejegini aňypdyr we onuň zyýaratyna gidipdir.
Ol ýassy namazynyň wagtynda şyhyň öýüne barypdyr. Şondan soňra
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.