Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 14

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 1870
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birine-de eýermedim. Özüm üçin her mezhebiň iň kyn hökümlerini
saýlap aldym. Özümi bilelim bäri namaz okap gelýärin we her namaz
üçin gusul (boý) täretini almadyk gezegim ýok».
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek onuň boýnundan içýanyň
ýöräp barýanyny görüp, bu zäherli jandary öldürmek isläpdirler.
Emma ol:
– Oňa zat diýmäň! Çünki ol on iki ýyl bäri boýnumy mesgen
edinen dostumdyr – diýipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Samarkandyň ýaşaýjysy Reşit
Hurt günleriň birinde Käbä gitmek üçin ýola çykypdyr. Bir ýerde
düşlänlerinde, ol töwereginde ýygnanan adamlara ýüzlenip wagyz
edipdir. Ol şeýle diýipdir: «Bir gezek Hallaç dört ýüz sopy bilen birlikde çöl ýoluny tutupdyr. Birnäçe günleri ýolda geçse-de, bularyň
eline iýer ýaly zat düşmändir. Ahyry olar Hüseýine ýüzlenip:
– Otda gyzardylyp bişirilen kelle iýesimiz gelýär – diýipdirler.
Ol:
– Hany, aşak çöküň – diýipdir we sag elini arkasyna tarap uzadyp,
ol ýerden oturanlaryň her birine otda gyzardylan bir kelle we iki çörek
alyp beripdir. Şeýlelik bilen, olara jemi dört ýüz sany otda gyzardylan
kelle we sekiz ýüz çörek alyp beripdir. Soňra sopular:
– Täze hurma iýesimiz gelýär – diýipdirler. Onda Hüseýin:
227
– Meni agaç silterlän ýaly edip silterläň – diýip seslenipdir.
Ony silterläp ugransoňlar, ýere täze hurma dökülmäge başlapdyr.
Derwüşler hurmadan doýýançalar iýipdirler. Hallaç tä barjak ýerlerine ýetýänçäler, haýsy tikene arkasyny direse, tikende täze hurma
peýda bolmaga başlapdyr».
***
Rowaýat etmeklerine görä, birtopar adam orruk çölüň ortasynda
Hallaja ýüzlenip:
– Injir iýesimiz gelýär – diýipdirler. Ol elini bir tarapa uzadypdyr
we öňlerinde bir tabak injir goýupdyr. Başga bir gezek sapara çykanda, oňa halwa iýesleriniň gelýändigini aýdypdyrlar. Ol hem bada-bat
bir tabak ýaňy taýýar bolan bal ýaly gyzgynjak halwany öňlerinde
goýupdyr. Halwany gören derwüşler:
– Bu Bagdatdaky meşhur Babu Takyň bişirýän halwasy ahyryn –
diýip seslenenlerinde, Hallaç:
– Biziň üçin çöl boldy, Bagdat boldy – hiç hili parhy ýok – diýipdir.
***
Adamlar onuň özüni alyp barşyny görüp, haýran galmaga
başlansoňlar, oňa tarapdar we garşydaş bolan adamlaryň sany gün-günden artmaga başlapdyr. Onuň edýän geň-taň işlerini görüp, geň-taň sözlerini eşidip, oňa dil uzadypdyrlar we aýdýan sözlerini halife
habar beripdirler. Halif bu işi kazylaryň garamagyna beripdir. Kazylar
onuň «Enel-Hak» diýýändigini bahanalap, biragyzdan ölüme höküm
edipdirler we oňa ýüzlenip:
– Enel-Hak (Men – Hak) diýmegiň ýerine Hüwel-Hak (Hak Oldur) diý – diýip, ondan talap edipdirler. Ol hem:
– Hawa, her bir zat Oldur. Siz: «Ol ýitirim boldy, onuň ýerine
men galdym» diýýändirin öýdýäňizmi? Ýok, men asla beýle diýmek
islemeýärin. Ýitirim bolan meniň özümdirin – Hüseýindir. Heý, umman hem ýitirim bolarmy, azalarmy?! – diýip, öz halyny mälim edipdir.
228
***
Günleriň birinde Ibn Ata bir adamy Hüseýin ibn Mansur Hallajyň
ýanyna ugradyp:
– Oňa aýt: goý, ol halas bolmak islese, aýdan sözleri üçin ötünç
sorasyn – diýip tabşyrypdyr. Hallaç hem:
– Kimiň sözüni alyp gelen bolsaň, bar-da şoňa aýt: goý, maňa
aýtmagy tabşyran sözleri üçin onuň özi menden ötünç sorasyn –
diýip, çapary yzyna ugradypdyr. Hallajyň sözlerinden habardar bolan
Ibn Ata:
– Biz Hüseýin Ibn Mansuryň ondan biriçe-de ýok ahyryn – diýip
aglaberipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Hüseýin ibn Mansur Hallajy zyndana
taşlan ilkinji gijeleri barlamak üçin gelip, ony ol ýerden tapmandyrlar.
Olar zyndanyň bar ýerini gözden geçirseler-de, gözlerine ilen adam
bolmandyr. Ikinji gije gelip, ony-da, zyndany-da tapmandyrlar. Üçünji gije bolsa zyndanyň-da, onuň-da öz ýerindedigini görüp:
– Ilkinji gije niredediň? – diýip, Hüseýinden sorapdyrlar.
– Ilkinji gije ylahy huzuryndadym. Şonuň üçin meni bu ýerden
tapmadyňyz.
– Ikinji gije bu ýerde sen-de ýokduň, zyndan-da. Muňa näme
diýersiň?
– Ikinji gije Hezreti Hak bu ýerdedi. Şonuň üçin zyndan ikimiz
birden gaýyp bolupdyk. Üçünji gije bolsa şerigaty goramak üçin meni
yzyma ugratdylar. Şerigat maňa nähili jeza bermegi talap edýän bolsa,
eglenmän, işiňizi bitiriň – diýip, Hüseýin parahat seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Hüseýin ibn Mansur Hallaç zyndandaka gije-gündiziň dowamynda müň rekagat namaz okar eken. Ondan:
– «Men – Hak» diýýärsiň. Şeýle bolýan bolsa, namazy kimiň
razylygyny almak üçin okaýarsyň? – diýip sorapdyrlar. Ol hem:
– Biz öz derejämizi bilýäris – diýip jogap beripdir.
229
***
Hüseýin ibn Mansur Hallaç şeýle diýipdir: «Allatagala töwekgel­
lik etmek diýmek bir şäherde nahar iýmäge senden has hakly biriniň
bardygyny bilen mahalyň nahar iýmän saklanmagyňdyr.
Yhlas amaly bulanyk, kirli halyndan tämizläp, dury hala getirmekdir.
Gürleýän diller dymýan kalplaryň heläkçiligidir.
Sözler we söhbetler sebäplere, amallar bolsa şirke baglydyr.
Haktagala bolsa olaryň ählisinden uzak we olara mätäç däldir. Allatagala: «Olaryň köpüsi şirk goşmazdan Allaha iman etmezler (imanlaryna azda-kände şirk goşarlar)» («Ýusup» süresiniň 106-njy aýaty)
diýipdir.
***
Hakykaty kalby bilen syzyp aňlaýanlaryň bu başarnyklary,
aryflaryň Allatagala barada bilýän zatlary, hudaýtarapyn alymlaryň
nury, ezeli we ebedi gutulyşa gowşan öňdebaryjy adamlaryň tutan
ýoly we ortadaky her bir zat hudusyň hilindendir, ýagny soňra peýda
bolandyr we şonuň üçin hem wagtlaýyndyr. Emma muny nämeden
aňlajaklar? Bular kimler üçin niýetlenilen? Bular kalby bolan ýa-da
Allatagalanyň sypatlaryny kalp gözi bilen synlaýan mahallary gulaga
öwrülen kişi üçindir. «Munda kalby bolan we bulary synlaýan kişi
üçin, elbetde, bir öwüdiň bardygy şübhesizdir» («Kaf» süresiniň 37-nji aýaty).
Razylyk äleminde ýakin diýlip atlandyrylýan bir aždarha bolup,
on sekiz müň älemdäki halkyň amallary onuň agzynda, bir çöl bilen
deňeşdireniňde zerre nähili kiçijik bolup görünýän bolsa, edil şonuň
ýaly bolup görner.
Hemişe haýsydyr bir welaýaty golastyna geçirmegiň aladasynda
gezýän patyşa ýaly, biz ömür boýy Onuň belasyny diläp gezýäris.
Kalbyň Haky ýatlan mahaly hiç bir duýgy we pikir oňa garşylyk
görkezmez.
Mürit tobasyny, eren bolsa günäsizligi saýalaýandyr.
Müridiň sarp edýän güýç-kuwwady özüne aýan edilen ruhy syrlardan, erene aýan edilen ruhy syrlar bolsa sarp edýän güýç-kuwwatyndan artykdyr.
230
Dünýäden ýüz öwürmek nebse mahsus terkidünýälikdir, ahyretden ýüz öwürmek kalba mahsus terkidünýälikdir, özüňden ýüz öwürmek ruha mahsus terkidünýälikdir».
***
Hüseýin ibn Mansur Hallaçdan:
– Sabyr näme? – diýip soranlarynda, ol:
– Bir kişiniň özüniň elini we aýagyny kesip, dar agajyndan asmaklaryna razy bolmagydyr – diýip jogap beripdir. Bu aýdanlarynyň
barynyň onuň öz başyna gelmegine geň galmazlyk mümkin däl.
***
Hüseýin ibn Mansur bir gün Şiblä ýüzlenip:
– Eý, Şibli! Päliňden gaýt, çünki biz uly bir işe baş goşupdyrys.
Bu iş biziň aňkamyzy aşyrdy. Ol bizi dar agajynyň ýanyna süýrekläp
elter – diýipdir.
231
Ybraýym HAWWAS
D
ünýäni kalbyňdan çykaryp, Allatagala ýönelme sährasynyň
ýolagçysy, ýeke hudaýlylyk tegeleginiň merkezi, ylym we
amal meýdanynyň görnüklisi, ezeli hökmüň sylany, yhlasyň we Allaha töwekgellik etmegiň sytdyhy, zamananyň kutby bolan Ybraýym
Hawwas (Allah oňa rehim eýlesin!) öz döwrüniň ýeke-tägi we iň uly
welisidi. Bir gezek ondan:
– Sapara çykan gezekleriňde ýüzbe-ýüz bolan täsinlikleriň barada bize habar bersen-e – diýip haýyş edenlerinde, şeýle diýipdir:
– Ýüzbe-ýüz bolan zatlarymyň iň täsini şudy: bir gezek Hydyr
ata meniň bilen söhbet etmek isledi, emma şol wagt köňlümde Hakdan başgasynyň bagyşlap biljek şatlygynyň we hormatynyň ýer almagyny islemändigim üçin onuň teklibinden ýüz öwrüpdim.
***
Allatagala töwekgellik etmekde Ybraýym Hawwas hezretleri bilen deňleşip biljek adam bolmandyr. Şonuň üçin hem ol her bir edýän
hereketini ýedi ölçäp, bir kesipdir. Muňa garamazdan, ol nirä gitse,
iňňe, ýüplük, mytara we gaýçy ýaly zatlary ýanyndan aýyrmandyr.
«Bulary näme üçin ýanyňdan aýyrmaýarsyň?» diýip soranlara-da:
«Çünki bujagaz zatlar töwekgellik etmäge zyýan bermez» diýip jogap berer eken.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ybraýym Hawwas hezretleri şeýle
diýipdir: «Sährada aýlanyp ýörkäm, bir çora gözüm düşdi. Ol Allata232
gala bolan yşkyndan ýaňa serden geçip, perişan bir haldady. Başy-da
açykdy. Onuň bilen aramyzda şeýle bir gürrüň bolup geçdi:
– Eý, çory, başyňy örtmäniňi bir bilýärmiň?
– Eý, Hawwas, gözleriňe eýe çyk!
– Men – aşyk, aşyk bolsa gözlerini ýummaz. Emma sen birdenkä
gözüme iläýdiň.
– Meniň hem sermest bolan wagtym bu. Sermest bolanyň başyny
örtmek ýadyna düşmez.
– Haýsy meýhanada serhoş bolduň?
– Eý, Hawwas, meni şeýle uzakdan synlaýaňmy? Jahanda Allahdan we onuň meýhanasyndan başgasy barmy?
– Eý, çory, maňa ýanýoldaş bolmazmyň?
– Eý, Hawwas, ham hyýala göwnüňi aldatma, çünki men özüne
är gözleýän zenanlaryň hilinden däl! Men köňlümi Biribara berdim.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir adam şeýle diýipdir: «Ybraýym
Hawwas hezretlerinden:
– Imanyň hakykaty nämedir? – diýip soradym. Ol:
– Men saňa şu wagt jogap berjek däl, çünki näme diýsem, ýöne
gürrüň bolup galjak. Bu soraga edýän hereketimiň üsti bilen jogap
bermegim gerek. Men şindi Mekgä gitmegi ýüregime düwdüm. Sen
hem meniň bilen birlikde ýola çyk. Ýolda bu soragyň jogabyny özümi
alyp barşymdan aňlarsyň – diýdi.
Onuň aýdyşy ýaly etdim. Şeýdip, iki bolup ýola düşdük. Çöllük
ýer bilen barýardyk. Her gün birhililik bilen gaşymyzda iki tabak nahar, iki käse-de suw peýda bolýardy. Ybraýym Hawwas hezretleri
olaryň birini maňa berip, beýlekisini-de özi alýardy.
Günleriň birinde çölüň ortarasynda bir atly goja peýda boldy.
Ol Hawwasy gören badyna, atyndan aşak indi. Olar birnäçe wagtlap gürrüňleşip durdular. Soňra goja atyna atlandy-da, ýanymyzdan
uzaklaşdy. Men Ybraýymdan:
– Şyhym! Bu goja kim ? – diýip soradym.
– Ol – seniň soragyňa berjek jogabym – diýip, ol ýüzüme dikanlady.
233
– Bu näme diýdigiň boldy? – diýip, men geň galdym. Ol:
– Ýaňky goja Hydyr alaýhyssalamdy. Ol maňa dostlaşmagy tek­
lip etdi, emma men bu teklibini kabul etmedim. Çünki onuň bilen
dostlaşaýsam, Allatagala töwekgellik etmegimi goýmagymdan we
özümde Hakdan gaýrysyna bil baglama halynyň peýda bolmagyndan
gorkdum – diýip seslendi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ybraýym Hawwas hezretleri şeýle
diýipdir:
– Bir gezek Hydyr alaýhyssalamyň sährada guş ýaly uçup ýörenini görüpdim. Onu bu şekilde göremsoň, Allaha bolan töwekgelligimiň
meni terk etmeginden gorkyma, derrew başymy aşak saldym. Şondan
soňra ol derrew ýanymda peýda bolup:
– Meni synlamagyňy dowam eden bolsaň, ýanyňa gelmezdim –
diýip, maňa söz gatdy. Emma men Allatagala bolan töwekgelligime
zyýan gelmezligi üçin ünsümi başga ýana gönükdirdim.
***
Ybraýym Hawwas hezretleri şeýle diýipdir:
– Bir zamanlar sapara çykan wagtym suwsap, teşneligimden
ýaňa özümi ýere goýberdim we gözlerimi ýumdum ýatyberdim.
Biriniň ýüzüme suw sepenini duýup, gözlerimi açdym. Görsem, gyr
ata atlanan bir owadan ýüzli kişi ýanymda dur. Ol maňa suw berdi we:
– Atymyň syrtyna mün – diýdi. Şol wagt duran ýerimiz Hijazyň
çägine girýärdi. Gün birneme ilerlänsoň, ol menden:
– Gözüňe näme görünýär? – diýip sorady.
– Medinäni görýärin – diýdim.
– Atdan düş we Pygambere (s.a.w.) menden salam aýt – diýip,
meni atdan düşürdi-de, ol ýoluny dowam etdi.
***
Günleriň birinde Hawwas hezretleri öz müridi bilen birlikde
çölüň içi bilen barýar eken. Bir ýere baranlarynda, ol doga etmek üçin
dyzyny epipdir. Müridi onuň dünýäni duýman doga edip oturan ýe234
rine bir ýolbarsyň ýetip gelýänini görüpdir. Mürit halas bolmak üçin
agaja dyrmaşypdyr. Ýolbars Hawwas hezretleriniň ýanyna baryp,
daşyndan aýlanypdyr, ysyrganypdyr we öz ýoluna gidipdir. Hawwas
hezretleri oňa barmysyň hem diýmändir. Olar ýene ýöräp ugrapdyrlar. Gidip barýarkalar Hawwas hezretlerini bir çybyn çakypdyr. Ol
gygyryp goýberipdir. Müridi ondan:
– Siz ýolbars ýanyňyza gelende, göwnüňiz bir ýaly bolup, gorkmalydyr hem öýtmediňiz. Çybyn çakanda bolsa gygyryp goýberdiňiz.
Munuň sebäbi näme? – diýip sorapdyr. Hawwas hezretleri:
– Birinji gezekde Allatagala merhemet edip, meni bedenimi duýmakdan mahrum etdi. Şindi bolsa bedenimi duýýaryn – diýip jogap
beripdir.
***
Gije özüne tarap gelýän ýolbarsy görüp, Hawwas hezretleri
howsala düşjek bolupdyr. Şobada-da gulagyna gaýypdan bir owaz
eşidilipdir:
– Sen nämä birahat bolýarsyň? Ýigrimi dört sagadyň dowamynda
seniň aladaňy eder ýaly, Biz ýedi ýüz perişde gönderdik.
***
Hawwas hezretleri şeýle diýipdir:
– Günleriň birinde idegsiz galan bagyň içi bilen barýarkam, nar
agajyna gözüm düşdi. Narlaryň biriniň dänesinden dadyp gördüm.
Turşy bolany üçin ony zyňyp goýberdim. Biraz ýöränimden soň,
agsak, elleri hem maýyp bolan sandan galan gojany gördüm. Onuň
endamyny gurtlar iýýärdi, ýaralary bolsa durşuna siňek bolup durdy.
Men onuň ýanyna baryp:
– Seniň şeýle güýçli ejir çekişiň köňlümi üzýär. Seniň sagalmagyň
üçin doga edip bilerinmi? – diýip soradym. Ol:
– Ýok – diýip jogap berdi. Men:
– Doga etmegime rugsat bermezligiň sebäbi näme? – diýdim.
– Ol meniň ejir çekmegimi isleýärkä, men nädip rahatlygyň arzuwyny edip bilerin? Bu maňa gelişjek zat däl, çünki Onuň erkine
boýun boldum.
235
– Siňekleri bir kowup bilerinmi?
– Sen ilki kalbyňy süýji nar iýmek isleginden tämizle, diňe şondan
soňra meniň saglygymy dile. Ilki öz kalbyňy bejer, diňe şondan soňra
maňa duýgudaşlyk et.
– Meniň nar iýmek isleýänimi nädip bildiň?
– Allatagala akyl ýetirýän kişä hiç zat gizlin däldir.
– Gurtlar teniňi iýende, siňekler ýaraňy dörjelände, agyry
duýaňokmy?
– Bularyň ählisi Allatagala bagly. Şonuň üçin hem agyry duýmaýaryn.
***
Hawwas hezretleri şeýle diýipdir:
– Günleriň birinde Rum ilinde ýetmiş ýaşly hristianyň ýekelikde
ýaşaýanyny we yzygiderli doga edýänini bildim. Men ony görmek
üçin ýola düşdüm. Ol meniň ýetip gelýänimi görüp, kellesini penjireden daşary çykardy-da:
– Men hristian däl-de, nebis atly itimiň sakçysy. Ybraýym Hawwas, bu ýere näme üçin geldiň? Saňa bir maslahat bermekçi. Adamlar
bilen ham-çam boljak bolmaňy bes et. Özüňi gözle we ony tapanyňdan
soň, öz nebsiňiň aladasyny et. Çünki ol seni öz islegleriniň duzagyna
düşürmek üçin keşbini günüň dowamynda ýç ýüz altmyş gezek üýtgedýär – diýip seslendi.
***
Hawwas hezretleri şeýle diýipdir:
– Dört sany amal ruhy ösüşe alyp barýar. Ol amallar Gurhany
Kerimi okap, onuň aýatlarynyň manysyny tirmekden, az iýip, gijäňi
uklaman geçirmekden, ir bilen doga edýärkäň gözüňden ýaş gelmekden, weli kişileriň söhbetinde bolmakdan ybaratdyr. Bulardan iň täsirlisi ir bilen doga edýärkäň gözüňden ýaş gelmegidir.
Sopy kişi sopuçylygyň haýsydyr bir makamynda galman, onuň
makamlarynyň ählisini geçmelidir.
236
***
Käte Hawwas hezretleriniň batyrgaýlanyp we döşüne urup:
– Men Allatagalanyň hemişe ýanymda bolan sypatyny gözleýärin
– diýmesi bar eken.
237
Abu Hasan HARKANY
G
am-gussa deňzi, dagdan has sagdyn, ylahy güneş, soňsuz
sema, hudaýtarapyn täsinlik we zamanynyň kutby Abu Hasan Harkany (Allah oňa rehim eýlesin!) soltanlyklara eýe şyhlaryň
soltany, dünýädäki abdallaryň we öwlatlaryň kutby, tarykat we hakykat ýoluna düşenleriň patyşasy, magrifet meýdanynyň ýeke-tägi bolup, hemişe köňli rahatdy. Ol hakykatyň syrlaryndan habarly bolup,
hümmeti uly, mertebesi belentdi. Rahatlygyň nämedigini örän gowy
bilýärdi, başa-baş söweşlerde aýdyp-diýip bolmajak derejede batyrgaýlyk görkezýärdi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, şyh Baýezit hezretleri ýylda bir gezek şehitleriň Dehistandaky mazarlaryny zyýarat etmäge geler eken.
Şonda ol Harakan şäherçesiniň içinden geçip barýarka aýak çekip,
bir zadyň ysyny alýan ýaly edip, burnuny dolduryp, uludan bir dem
alarmyş. Ýanyndaky müritleri bir gezek oňa:
– Şyhymyz! Biz hiç bir zadyň ysyny almaýarys. Seniň burnuňa
nämäniň ysynyň urýanyny bilesimiz gelýär – diýipdirler. Şonda ol:
– Hawa, üýtgeşik bir gelýän ys ýok, emma men şu peýdakeşler
şäherçesinde ýaşaýan bir kişiniň ysyny alýaryn. Onuň ady Aly,
künýesi Abu Hasan bolup, menden üç basgançak dagy öňden barýar.
Ol maşgalasynyň ýüküni çekýär, ekerançylyk bilen meşgullanýar we
agaç ekýär – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hasan Harkany hezretleri ilkiilkiler ýassy namazyny Harakanda jemagat bilen okap, soňra Baýe238
zit hezretleriniň mazaryny zyýarat etmek üçin Bistam şäherine geler
eken. Bu zyýaraty mahalynda ol her gezek dik duran ýerinden:
– Ýa, Rep! Baýezide yhsan eden donuň ysy burnumyza geler
ýaly et! – diýip doga edeninden soň, Bistamy terk edip, yzyna dolanypdyr we ýassy namazy üçin alan täreti bilen ertir namazyny Harakanda jemagat bilen birlikde okamaga ýetişipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hasan Harkany hezretleriniň
zamanynda bir garakçy, bu kär bilen meşgullanmagyň hatyrasyna,
şäherden başyny alyp gidipdir. Şondan soňra ony gören-eşiden bolmandyr. Abu Hasan:
– Men bu işiň yşgyna düşmek babatda bir garakçyça bolman bilmen – diýip, mazarystanlyga baryp, Baýezit hezretleriniň mazaryna
başyny goýupdyr. Ol şol oturyşyny üýtgetmän, birnäçe günläp oturypdyr. Ahyry mazardan:
– Eý, Abu Hasan! Kelläňi mazardan galdyryp, dikelmeli wagtyň
gelip ýetdi – dýen ses gelipdir. Ol:
– Eý, Baýezit! Ähli hümmetiňi jemläp, maňa ýardam edewer,
çünki meniň hiç hili sowadym ýok, şerigatdan hem habarym ýok. Heniz Gurhany-Kerimi okamagy hem öwrenmedim – diýip, halypasyna
ýüzlenipdir. Mazardan ýene ses eşidilipdir:
– Eý, Abu Hasan! Maňa berlen üstünlikler seniň at-abraýyňyň
haky üçin berlipdir.
– Bu bolup biljek zatmy? Sen menden ýüz otuz ýyl öň ýaşap
geçipsiň ahyryn!
– Hawa, bu aýdýanyň dogry, emma men Harkanyň içinden geçen
gezeklerim şol ýerden asmana göterilýän nura gözüm düşerdi. Otuz
ýyllap Allahdan hajatymy diläp gezdim. Ahyrynda: «Eý, Baýezit!
Ol nury hormat bilen özüňe şepagatçy edin, şeýtseň, dilegiňi kabul
edeýin» diýen bir owaz kalbyma aýan boldy. «Ýa, Rep! Ol nur kime
degişli, ol kişi nirede?» diýip seslendim. Gaýypdan ýene: «Ol biziň
ýakyn gulumyzyň nurudyr. Oňa Abu Hasan diýýärler. Dilegiň kabul
bolmagyny isleseň, şol nury şepagatçy edin!» diýen bir owaz geldi.
239
***
Bir rowaýatda habar berilmegine görä, Abu Hasan Harkany hez­
retleri: «Harkana diýip ýola çykyp, ol ýere barýançam, ýigrimi dört
günde Gurhany Kerimi ýat tutupdym» diýipdir. Başga bir rowaýatda
bu waka: «Baýezit maňa: «Fatihadan» başla!» diýdi we men Harkana
barýançam Gurhany Kerimi hatym etdim» şekilinde aňladylypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hasan Harkany hezretleriniň bir
kiçijek bagy bar eken. Ol bagynyň düýbüni bir gezek agdaranda, ol ýerden kümüş çykypdyr, ikinji gezek agdaranda altyn tapypdyr, üçünji gezek agdaranda-da dür-göwherleriň üstünden barypdyr. Şondan soňra ol:
– Ýa, Rep! Meni munuň bilen aldama! Men dünýä üçin Seniň
ýaly Ýaradandan ýüz öwürmen – diýip seslenipdir.
***
Abu Hasan Harkany hezretleri käte öküzlerini azala goşup, ýer
sürer eken. Namaz wagty girende, ol öküzlerini öz ugurlaryna goýberip, namaza duruberýärmiş. Namaz okap gelýänçä-de, öküzleriň bir
özleri ýer sürer ýörer ekenler.
***
Omar Abu Apbas diýen biri Harkany hezretlerine ýüzlenip:
– Gel, ikimiz güýjümizi birikdirip, şu agajy kökünden sogrup
taşlaly – diýipdir. Bu agaç müň goýna saýa bolup hyzmat edýär eken.
Harkany hezretleri ony akylyna aýlamak üçin başga bir zady teklip
edipdir. Ol:
– Gel, ikimiz güýjümizi jemläp, kerem eýesi Jenaby-Hakyň merhemet elinden ýapyşyp, iki dünýäniň hem üstüne çykaly. Soňra-da
jennet bilen hem, jähennem bilen hem gyzyklanmaly – diýipdir.
***
Şyhlaryň şyhy Hapyz Şirazy bir gün Abu Hasan Harkany
hezretleriniňkä myhmançylyga gelipdir. Abu Hasanyň öňünde suw240
dan doly bir uly jam duran eken. Hapyz Şirazy elini suwly jama sokup, onuň içinden bir janly balyk çykarypdyr. Bu keramaty synlap
oturan şyh Abu Hasan:
– Suwdan balyk çykarmak aňsatdyr. Keramatyň ulusy suwdan
ot çykarmakdyr – diýip seslenipdir. Hapyz Şirazy hem ondan kem
galmajak bolup:
– Onuň ýaly bolsa, gel, şu gyzyp duran pejiň içine girip oturalyda, kimiň ondan sag-salamat çykjagynyň şaýady bolaly – diýipdir.
Abu Hasan oňa şeýle jogap beripdir:
– Eý, Abu Abdullah! Gel, o peje öz ýoksullygymyz bilen gireli-de,
şol ýoksullygy ýitirmezden haýsymyzyň otdan çykjagymyza bakaly.
Hapyz Şirazy oňa näme jogap berjegini bilmändir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, şyhlaryň şyhy Hapyz Şirazy şeýle
diýipdir:
– Otuz ýyldan bäri şyh Abu Hasandan gorkyma gözüme uky gelenok. Nirä ädim ätsem, öňümde onuň aýak yzlaryny görýärin. Hatda
Baýezidiň Bistamdaky mazarynyň başyna-da ondan öňürti baryp bilemok. Iki ýyldan bäri näçe jan etsem-de, şony-da başaramok. Onuň
üç parsahlyk ýoldan – Harkandan gelmeli bolýandygyna garamazdan,
haçan barsam, şyhyň mazarynyň başynda oturanyna gözüm düşäýýär.
***
Abu Hasan Harkany hezretleri bir gürrüňiniň arasynda özüni
görkezip:
– Bu ýola düşen her bir kişiniň kyblasy budur – diýipdir we külembike barmagyndan başlap, dört barmagyny ýumup, diňe başam
barmagyny öňküligine galdyrypdyr.
Onuň bu sözleri, nähililk bilen hem bolsa, garaz, şyhlaryň şyhy
Hapyz Şirazynyň gulagyna baryp ýetipdir. Ol Abu Hasana jan-dilden
wepaly bolansoň:
– Başga bir kyblanyň peýda bolandygyna görä, öňden belli bolan
kyblanyň ýoluny baglamagymyz gerek – diýip seslenipdir.
241
16.*
Şeýlelik bilen, haja gidilýän ýoluň öňi baglanypdyr we şol ýyl
haja gidenleriň kimi heläk bolupdyr, kimi talanypdyr, kimi-de azaşyp,
barjak ýerine ulaşmandyr. Şondan soňky ýyl derwüşleriň biri:
– Adamlary Allahyň öýüne barmakdan mahrum etmegiň näme
manysy bar? – diýip, Hapyz Şirazydan sorapdyr. Ahyrsoňy şyhlaryň
şyhynyň yşarat etmegi bilen ýol gaýtadan açylypdyr. Derwüş bolsa:
– Munça adam heläk bolansoň, ýol açyldy nä, açylmady nä –
diýip seslenipdir. Şonda Hapyz Şirazy:
– Hawa, pilleriň çaknyşan ýerinde arada galan birnäçe siňegiň
mynjyramagy ahmal, emma munuň näme ähmiýeti bolup biler – diýipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, sapara gitmegi ýüregine düwen birtopar adam Abu Hasan Harkany hezretlerine ýüzlenip:
– Şyhymyz! Gitjek ýolumyz – gorkuly. Bela-betere duşsak, ondan sag-aman başymyzy gutaryp bilmegimiz üçin bize bir doga öwret
– diýipdir. Şyh hem:
– Bir bela başyňyzdan injek bolanda, menden – Abu Hasandan
medet isläň – diýip maslahat beripdir. Emma onuň bu sözleri olaryň
gulagyna hoş ýakmandyr.
Olar ýola düşüp ugrapdyrlar. Ine, birdenkä garakçylar ýollaryny
kesip, bulary talamaga başlapdyrlar. Ýolagçylaryň diňe biri şyhy ýatlap, ondan ýardam isläpdir we derrew garakçylaryň gözünden gaýyp
bolupdyr. Arakhor garakçylar:
– Ýaňy şu ýerde bir kişi durdy. Ol nirä ýitirim boldy? Onuň özüni-de, ýükli atyny-da görmeýäris – diýip gygyryşmaga başlapdyrlar.
Şeýlelik bilen, Abu Hasan hezretlerinden medet islän kişiniň satmak üçin alyp barýan harytlaryna hiç hili zyýan ýetmändir. Beýleki
ýolagçylar bolsa, egin-eşiklerinden hem, baýlyklaryndan hem dynyp, şol ýerde galyberipdirler. Olar ýoldaşlarynyň biriniň sag-salamat galanyny görüp, örän geň galypdyrlar. Ol hem munuň sebäbini
düşündiripdir.
Olar şyhyň ýanyna dolanyp baryp:
– Allahyň haky üçin sen bize bir zady düşündir. Biz mydama
Allatagalany ýatladyk we Ony kömege çagyrdyk, emma işimiz rowaç
242
almady. Bir ýoldaşymyz bolsa diňe senden ýardam isledi we garakçylardan aman sypdy. Muňa nähili düşünmeli? – diýipdirler. Abu Hasan
Harkany hezretleri olara:
– Siz Allatagalany endigiňize görä ýardama çagyrdyňyz. Abu
Hasan bolsa, süňňünden syzdyryp Ondan medet isledi. Siz Abu Hasandan ýardam diläň, ol hem siziň üçin Allatagaladan ýardam dilär,
şeýdip hem müşgiliňiz asan bolar. Eger endige görä we: «Il hem şeýle
edýämiş» diýip, Allatagaladan ýardam isleseňiz, munuň hiç hili peýdasy bolmaz! – diýip jogap beripdir.
***
Abu Hasan hezreleri öz söýgüli müritleriniň birine ýüzlenip
şeýle diýipdir:
– Adamlar Baýezidiň ölendigine ynanýarlar, emma meniň üçin
ol diri bolup, edýän işlerimiň ählisinden onuň habary bar.
***
Abu Hasan hezretleriniň müridi Yraga gidip, ol ýerde Pygam­
berimiziň (oňa kän-kän salam bolsun!) hadysy-şeriplerini öwrenmek
üçin ondan rugsat sorapdyr. Ol öz ülkesinde hadysy-şeriplerden ýeterlik derejede baş çykarýan halypa duş gelmändigini aýdypdyr. Abu
Hasan hezretleri oňa ýüzlenip:
– Saňa hadysy-şeripleri özüm öwrederin, çünki olary Pygam­
berimiziň hut özünden eşitdim – diýipdir. Müridi onuň aýdanynyň
dogrudygyna şübhelenipdir. Şol gije müridiň düýşüne Pygamberimiz
girip, Hasanyň dogry sözleýändigini habar beripdir.
Şeýlelik bilen, mürit hadysy-şeripleri öwrenmäge başlapdyr.
Oňa sapak berýän Abu Hasan hezretleri Pygamberimiziň ömür ýoluna degişli haýsy hem bolsa bir wakadan söz açanda, köplenç, şol
wakanyň ýalňyş beýan edilendigini belläp geçer eken. Bir gezek
müridi ondan hadyslarda aýdylýanlary şübhe astyna almaga näme
hakynyň bardygyny sorapdyr. Abu Hasan hezretleri oňa şeýle jogap
beripdir:
– Saňa sapak berýän mahalym öňümde Pygamberimiz peýda
bol­ýar. Onuň hadyslarynda bir nädogry maglumata orun berlen bolsa,
243
onuň ýüzünde närazylyk alamaty peýda bolýar. Şol alamat boýunça
hadysy-şeribiň ýazgysynda gürrüňi edilýän wakanyň nädogry beýan
edilendigini bilýärin.
***
Günleriň birinde Abu Hasan hezretleri bir hudaýhon adamyň
öýünde zikir edilen wagty pyrlanmaga başlapdyr. Şol pyrlanyp ýörşüne
ol ruhy serhoşlyk halyna düşüpdir we aýagyny bat bilen üç gezek
ýere urupdyr. Öýüň diwarlary sarsmaga başlapdyr. Ol ýerdäkileriň
göwnüne öý we onuň duran ýeri Abu Hasan bilen birlikde pyrlanmaga başlan ýaly bolupdyr. Abu Hasan özüne geleninden soň, oňa näme
bolanyny sorapdyrlar. Ol:
– Sema (zikiriň täsiri bilen ruhy serhoşlyk halyna uçrap pyrlanmak) ýokary ruhy dünýäleri keşt etmäge ukyply adamlara niýetlenendir. Olaryň öňünde perdeler syrylyp, perişdeleriň dünýäsi olara aýan
bolýar – diýip jogap beripdir.
***
Meşhur pirleriň biri Abu Seýit hezretleri günleriň birinde Abu
Hasan hezretlerini zyýarat edipdir. Söhbet edip otyrkalar Abu Hasan
hezretlerinde ruhy serhoşlyk haly peýda bolup, myhmanyny bagryna
basypdyr. Öýüne dolanyp gelen Abu Seýit hezretleri dyzyna çöküp,
uzak gijesini doga edip geçiripdir. Ol häli-şindi ruhy serhoşlyk halyna düşüp, gygyryp goýberýär eken. Ertesi ir bilen ol Abu Hasanyň
ýanyna baryp, düýn özüni gujaklan wagty kalbynda ýakan oduny
yzyna almagyny haýyş edipdir. Ol bu hala döz geler ýaly derejede
taýýarlygynyň ýokdugyny aýdypdyr. Abu Hasanyň ýene bir gezek
gujaklamagy bilen ol adaty halyna dönüpdir.
***
Günleriň birinde Abu Hasan hezretleri Abu Seýide ýüzlenip:
– Men seni ruhy şägirdim hasaplaýaryn, çünki sen ruhy gözleg­
lerimi ara alyp maslahatlaşar ýaly dost göndermegini sorap haýyş
edemde, Allatagalanyň maňa bagyşlan adamysyň. Islegimi kanagatlandyrandygy üçin Allatagala minnetdardyryn – diýipdir.
244
***
Şyh Abu Sina hezretleri Abu Hasan hezretlerini zyýarat etmek
üçin öýünden çykyşyna, uzak ýol geçipdir. Ol ahyry Abu Hasanyň
öýüniň gapysyny kakypdyr. Gapyny Abu Hasanyň aýaly açypdyr. Aýal
maşgala onuň dinsiziň biridigini aýdyp, ýüzüni alypdyr we tokaýa odun
getirmek üçin giden ärini bimaza etmezligini haýyş edipdir.
Abu Sina hezretleri öý eýesini gözlemäge çykypdyr we ýolbarsyň
yzyna düşüp gelýän Abu Hasan hezretlerini görüpdir. Onuň toplan
odunlary ýolbarsyň arkasyna çykalan eken.
Abu Sina şyhyň öňünde baş egipdir we gürrüňiň arasynda onuň
aýalynyň gödeklige ýüz urup, özüni dinsizlikde aýyplamagynyň sebäbini sorapdyr. Abu Hasan:
– Eger-de men şonuň ýaly ýaramaz aýaly owsarlap bilmeýän
bolsam, bu ýolbars maňa boýun egip durmazdy – diýip jogap beripdir.
Olar uzak gijäni söhbet edip geçiripdirler. Ertesi irden Abu Hasan öýüniň diwaryny bejermäge başlapdyr. Birden onuň elindäki kerpiç aşak gaçypdyr. Ol kerpiji almak üçin aşak düşmäge, Abu Sina-da
kerpiji oňa alyp bermäge ýetişmänkä, ýaňky kerpiç öz-özünden ýerden göterilip, Abu Hasanyň elinde peýda bolupdyr.
Abu Sina hezretleriniň Abu Hasana bolan ynamy güýçlenip, onuň
belent mertebä eýedigi bilen bagly şübheleri zym-zyýat bolupdyr.
***
Günleriň birinde Abu Hasan hezretleriniň ýanyna bir adam gelip, onuň ýaly dindar bolary ýaly özüne ýapynjasyny peşgeş bermegi
haýyş edipdir. Abu Hasan ondan:
– Aýal maşgala erkegiň eşigini geýeni bilen erkege ýa-da erkek
adam aýal eşigini geýeni bilen aýala öwrülermi? – diýip sorapdyr. Dilegçi beýle bir zadyň bolup bilmejekdigini aýdypdyr. Onuň jogabyny
eşiden Abu Hasan:
– Eger-de bu mümkin bolmasa, ýapynjamy egniňe atanyň bilen
sen nädip maňa meňzäp bilersiň? – diýip seslenipdir.
***
Mollalaryň biri Abu Hasandan özüne nesihat bermegini haýyş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.