Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 06

Total number of words is 3826
Total number of unique words is 1901
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ony köp ýatlaýandyr.
***
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Oraza aýynda bir ikindi wagty
Rabyýanyň ýanyna zyýarata bardym. Ol nahar bişirmekçi bolup dur
eken. Öňündäki gazanyň düýbünde bir bölek et görünýärdi. Onuň
söhbete kellesi gyzdy-da:
– Söhbet mahalynda pikiriňi bişirmek, gazany gaýnatmakdan has
ýakymlydyr – diýdi we gazanyň aşagyna ot ýakmagy goýbolsun etdi.
Günüň ýaşmagy bilen agşam namazyny okadyk. Hezreti Rabyýa
agzymyzy açar ýaly çörek bilen bir küýze suw alyp geldi. Soňra gazany
bir gyra süýşürmek maksady bilen, onuň ýanyna bardy. Haktagalanyň
83
gudraty bilen gazan lokur-lokur edip gaýnap durdy. Ol nahary mis
tabaga guýup alyp geldi. Biz gaýnan etden hezil edip iýdik. Ömrüm
boýunça şol gezekde iýen çöregim ýaly lezzetli çörek, şol gezekki
ýaly tagamly nahar iýip görmändim. Nahardan soň hezreti Rabyýa:
– Yzygiderli namaz okaýanlara, ine, şunuň ýaly nahar taýynlaýarlar – diýip seslendi».
***
Sufýan Sewri şeýle diýipdir: «Bir gije hezreti Rabyýanyň myhmany boldum. Ol bir çete çekilip, men başga bir çete çekilip, daňdana
çenli namaz okadyk. Daň atanyndan soň, men oňa ýüzlenip:
– Rabyýa! Haktagalanyň bizi şuňa laýyk edip ýaratmagynyň we
daňdana çenli namaz okamagy bize nesip etmeginiň haky üçin şükür
edeli – diýdim.
Şonda ol:
– Şu nygmat üçin şükür etmek maksady bilen, gel, bu gün agzymyzy bekläli! – diýip seslendi».
***
Hezreti Rabyýa ölüm ýassygynda ýatyr eken. Abraýly kişiler
hem başujuny alyp otyrmyşlar. Birden hezreti Rabyýa olara ýüzlenip:
– Ýeriňizden galkyp, şu otagy boşadyň, meni ýeke goýuň! Men
Allahyň ilçileri bilen baş-başa galmak isleýän – diýipdir. Oturanlar
derrew daşary çykyp, gapyny hem ýapypdyrlar. Şol wagt içerden:
– «Eý, huzura gowşan ynsan! Ol senden razy, sen-de Ondan razy halda
Rebbiňe dön! Saýlantgy gullarymyň arasyna gatyl we jennetime gir!»
(«Fejr» süresiniň 27-30-njy aýatlary) – diýen ses gelipdir. Aradan birnäçe
wagt geçipdir. Başga ses-seda çykmansoň, daşarda duranlar içeri giripdirler we hezreti Rabyýanyň aradan çykanlygynyň şaýady bolupdyrlar.
***
Bir gezek hezreti Rabyýa:
– Rebbim! Erte sen meni jähennemde ýakmakçy bolsaň «Seni
dost tutundym! Heý, dost dosta-da şunuň ýaly zat edermi?» diýip,
perýat etmäge başlaryn – diýip Haka ýüzlenipdir.
84
Hezreti Rabyýa şeýle diýen badyna, gökden bir owaz gelipdir:
«Rabyýa! Biz hakda erbet pikir däl-de, gowy pikir et! Çünki Biziň
bilen söhbet etmegiň üçin saňa dostlarymyň arasyndan ýer berjek».
***
Hezreti Rabyýa şeýle diýipdir:
– Allahym! Erte kyýamat-magşarda meni jähenneme gönderjek
bolsaň, şeýle bir syry paş ederin welin, jähennem menden müň ýyllyk
ýola deň bolan aralyga gaçyp gider.
Allahym! Kysmatym hökmünde dünýäden meniň üçin nähili zatlary aýryp goýan bolsaň, şolardan duşmanlaryma, ahyretden nähili
zatlary aýryp goýan bolsaňam dostlaryma ber. Bize Seniň bir özüň
ýeterlikdir! Maňa Sen gerek, Sen!
Rebbim! Eger jähennemden gorkýanlygym üçin Saňa ybadat
edýän bolsam, meni jähenneme at we şol ýerde oda ýak! Eger jennete
girmek maksady bilen ybadat edýän bolsam, jennete girmegi maňa
gadagan et! Eger diňe Seniň razylygyň üçin ybadat edýän bolsam,
onda öz ebedi jemalyňy menden gysganma!
Allahym! Ýa köňül rahatlygy bilen hamaz okamagy nesip et, ýa-da köňlüm rahat dälkä okan namazlarymy kabul et!
Dil bilen Allatagaladan günäňi geçmegini dilemek ýalançy
adamlara mahsusdyr.
Eger biz bir toba etsek, bu tobamyzyň tüýs ýürekden çykmaýan­
dygy üçinem toba etmeli bolarys.
Eger sabyr ynsana öwrülsedi, onda ol keremli bir kişi bolardy.
Gudraty güýçli Allatagala tarap dönmek hakyky bilimiň netijesidir.
Aryp diýýänleri şeýle bir kişi bolýar: ol Hakdan kalp dileýär, Hak
oňa kalp berýärem welin «Allatagalanyň huzurynda goralgy dursun,
ylahy perdäniň aňyrsyndan halk görüp bilmesin» diýip, ony bada-bat
Allatagala gaýtaryp berýär.
***
Bir gezek Rabyýa çörek bişirip otyr eken. Birden onuň ýadyna öýde gök önümleriň gutarandygy düşäýmezmi. Edil şol pursadyň
özünde birnäçe düýp sogan ýokardan patylap öňüne düşüpdir. Rabyýa
soganlary zyňyp goýberipdir-de:
85
– Şeýtan! Mekirligiňi hem ýanyň bilen al-da, güm bol! Eýsem meniň Hudaýymyň gök önüm satylýan dükany barmy? – diýip
gygyrypdyr. – Men hiç haçan Hudaýdan bir zat hem dilän däldirin.
Men özgeleriň däl-de, diňe Hudaýyň beren zady bilen oňňut etdim.
***
Bir gezek Rabyýa Mekgä zyýarat etmek üçin ýola çykypdyr. Onuň
goş-golamyny bir garry eşek alyp barýar eken. Eşek ýolda öläýipdir.
Rabyýanyň hemralary onuň zatlaryny göterişmekçi bolupdyrlar. Emma
ol ýoldaşlarynyň kömeginden ýüz öwrüp, hajyň olaryň däl-de, Hudaýyň
goragy astyndadygyny aýdypdyr. Onuň ýeke özüni bu ýerde galdyryp,
kerwen ýoluny dowam edipdir. Olar gidensoň, Rabyýa:
– Ýa, älemleriň eýesi! Men ýalňyz, dilsiz-agyzsyz, garyp bir zenan. Sen ilki bilen meni öz Öýüňe çagyrdyň, soňra bolsa eşegimi öldürip, çölde gara başyma galdyrdyň – diýip mynajat edipdir. Şol pursatda eşege jan giräýipdir. Rabyýa goş-golamyny oňa ýükläp, ýoluny
dowam edipdir. Käbä golaý gelip, ol doga etmäge başlapdyr:
– Men bir gysym toprakdan başga zat däl, mukaddes Käbe bolsa
daşdan salnan berk Öý. Meni hiç hili araçysyz Özüňiň garşylamagyňy
isleýärin.
Şol wagt gaýypdan owaz gelipdir:
– Rabyýa, mahluklaryň ählisiniň ganynyň dökülmegine sebäp
bolaryň ýaly, bu işiň günäsi amal depderiňe ýazylar ýaly, seniň hatyraň
diýip, Men dünýäni tersine çöwürmelimi? Eýsem Musanyň Biziň bilen duşuşjak bolşundan bihabarmyň? Biz ony nuranalygymyzyň diňe
ýekeje şöhlesi bilen nurlandyrdyk welin, ol ruhy serhoşlyga duçar
boldy, Sinaý dagy bolsa gap-gara kül üýşmegine öwrüldi.
***
Bir adam öýlenmek üçin Rabyýa söz aýdypdyr. Ol şeýle jogap
beripdir:
– Özüne erki ýetýän, öz ömrüne eýelik edýän kişi – diňe şunuň
ýaly biri durmuşa çykyp biler. Emma men öz bedenimiň we ömrümiň
eýesi däl. Olar Hudaýyň erkinde. Meniň üçin Oňa söz aýt!
86
***
Hasan Basry bir gezek hezreti Rabyýadan şunuň ýaly belent ruhy
derejä nähililik bilen eýe bolanyny sorapdyr. Ol hem:
– Men aňymda diňe Oňa ýer berip, özümiň ýaşap ýörenimden
hem habarsyz galdym – diýip jogap beripdir.
***
Rabyýadan:
– Nireli bolarsyň? – diýip sorapdyrlar.
– Ondan geldim, Oňa-da dolanaryn – diýip, ol jogap beripdir.
***
Muhammet pygamber (alaýhyssalam) Rabyýanyň düýşüne girip,
ondan:
– Öz dostuň ýadyňa düşýärmi? – diýip sorapdyr. Rabyýa oňa
şeýle jogap beripdir:
– Heý, seni-de ýatlaman bolarmy? Emma elimden gelýän zat
barmy? Hudaýa bolan yşkym bedenimiň ähli öýjügini gaplap aldy
welin, onda seni söýmäge-de, şeýtany ýigrenmäge-de ýer galmady.
***
Adamlar Rabyýadan:
– Sen öňüňde sežde edýän Hudaýyňy görýäňmi? – diýip sorapdyrlar. Ol hem:
– Ony görmesem, men sežde edip bilmerin – diýip jogap beripdir.
***
Rabyýa mydama Hudaýy ýatlap aglar oturar eken. Adamlar
munuň sebäbini bilmek isläpdirler. Rabyýa olara:
– Men Ondan bir pursat hem aýra düşmek islemeýärin. Onsuz
hiç ýaşap bilemok. Men janym çykjak-çykjakda Hudaýyň maňa tarap
yşarat edip: «Ony bu ýerden daşlaşdyryň, ol Biziň ýanymyzda bolmaga mynasyp däl» diýmeginden gorkýaryn – diýipdir.
87
***
Hezreti Rabyýa şeýle diýipdir:
– Öz razylygyny gazanmak üçin etdirýän tagallallary üçin hem,
edýän merhemeti üçin hem deň derejede minnetdar bolan gulundan,
ýagny Hudaýa diňe Onuň merhemetiniň saýasynda gulluk edip biljekdigine düşünýän imanly kişiden Allah razydyr.
***
Bir adam Rabyýadan:
– Hudaý toba eden günäli kişiniň günäsini, hakykatdan hem, geç­
ýärmi? – diýip sorapdyr. Ol hem:
– Günäli kişi diňe Hudaý mejbur eden mahaly öz eden günäsini
boýnuna alyp, toba edip bilýär. Ýaradanyň günäli kişiniň tobasyny kabul
etmegine şu ýagdaý sebäp bolýar (Ýagny günäňi boýun alyp, toba edip
bilmek üçin hem Ýaradanyň ýalkamagy, ony islemegi gerek) diýipdir.
***
Bir adam:
– Wah! Bu ne aýylganç agyry! – diýip, agyrysyna çydap bilmän
gygyrypdyr. Hezreti Rabyýa onuň ýanyna gelip:
– Eý! Seniň bu agyryňa asla agyry diýilmez! – diýipdir. Ol adam
bu näme diýdiginiň bolýanyny soranda bolsa:
– Çünki agyry – bu hakyky imana eýe bolan kişä berilýän artykmaçlyk bolup, şunuň ýaly adamlar hatda agyrydan ýaňa geplemäge
we dem almaga mejallary ýok mahallary hem ony şatlyk bilen kabul
edýärler – diýip jogap beripdir.
***
Bir gezek hezreti Rabyýa yzly-yzyna sekiz günläp agzyny bek­
läpdir. Sekizlenji gün ol çalaja ajygan ýaly edipdir. Bir adam biraz
şeker garylan suwly käsäni alyp gelip, oňa uzadypdyr. Ol käsäni alyp,
otagyň gap-garaňky burçuna baryp, ýerde goýupdyr-da, çyrany ýakjak
bolupdyr. Şol wagt pişik gelip, käsäni bir gapdala agdaryp goýberipdir. Rabyýa bu gije diňe arassa suw içip oňmagy ýüregine düwüpdir.
88
Ol içi suwly toýun küýzä ýaňy bir elini ýetirende, çyra öçüp, küýze
bir gapdala agyp, içindäki suw dökülipdir. Hezreti Rabyýa uludan demini alypdyr-da:
– Allahym! Meni bu güne salmaň näme? – diýip seslenipdir. Şol
wagt gaýypdan bir ses gelipdir:
– Rabyýa, sen – ýerdäki nygmatlaryň gözleginde. Biz saňa şol
nygmatlary hödür edip bileris, emma oňa derek Özümiziň azabymyzdan we gamymyzdan seni mahrum ederis. Bir ýürege bir wagtyň
özünde bu dünýäniň nygmatlary hem-de Biziň azabymyz ýerleşmez.
Rabyýa, sen bir zada gowşarsyň, Biz – başga bir zada. Iki özbaşdak
isleg bir kalpda ýaşap bilmeýär.
Rabyýa derrew bu dünýä bilen bagly isleg-arzuwlarynyň ählisinden, hatda öljek bolup ýatan adamyň dünýädäki hiç bir zat bilen
weji bolmaýşy ýaly, iň zerur zatlardan hem ýüz öwrüpdir. Ol her gün
säherde şeýle doga eder eken:
– Allahym! Diňe ybadat bilen, Sen hakdaky pikirler bilen meşgul
bolarym ýaly we adamlar bu işden ünsümi sowmaz ýaly et!
***
Rabyýadan:
– Näme üçin mydama aglap ýörsüň? – diýip sorapdyrlar.
– Çünki diňe Hudaýa gowşanymdan soň derdimden gutulyp bilerin.
– Näme üçin ýyrtyk hem kirli eşik geýýärsiň? Rabyýa, seniň baý
dostuň täze eşik alyp berer ahyryn.
– Men bu dünýä bilen bagly zatlary olaryň eýesi bolmadyk
kişilerden, diňe şol zatlary Hudaýyň – ähli zadyň hakyky eýesiniň
tabşyrygy boýunça amanat hökmünde saklaýan adamlardan dilemäge
utanýaryn.
***
Hezreti Rabyýa, adatça, şeýle doga eder eken:
– Allahym! Maňa bu ömrümde näme bagyşlan bolsaň, şol zatlary duşmanlaryma-da ber! Sen maňa geljekki ömürde näme sowgat
taýýarlan bolsaň, ähli musulmana hem şonuň ýaly sowgat et! Men
babatda aýdylanda bolsa, men Seni Sende tapmak isleýärin. Meni jen89
netdir dowzahdan mahrum etseň et, emma Seni görmek mümkinçiliginden mahrum etme!
***
Sufýan Sewri we hezreti Rabyýa ikisi bir gezek bütin gijäni din
bilen baglanyşykly gürrüň edip geçiripdirler. Ertesi ir bilen Sewri:
– Gowy gije boldy – diýip seslenipdir. Hezreti Rabyýa onuň bilen ylalaşman, şeýle diýipdir:
– Ýok, gowy gije bolmady, çünki sen hergiz maňa ýaraýjak
gürrüň tapmaga çalyşdyň, maňa hem jogap hökmünde saňa ýaraýjak näme aýtmalydygym barada oýlanmak iş boldy. Biz gijäni Hudaý
hakda pikirlenmän geçirdik. Eger-de men ýeke galyp, gijämi Hudaý
barada oýlanyp geçiren bolsam, has gowy bolardy.
***
Hezreti Rabyýa şeýle doga edipdir:
– Men Senden heniz dirikäm Seni ýatlap gezer ýaly etmegi, ölenimden soňra hem Seni görmek eşretini bagyşlamagyňy dileýärin.
90
FUDAÝYL IBN AÝAZ
T
obakärleriň serdary, kazylaryň ulusy, kerem we yhsan güneşi,
takwalyk we yrfan deňzi, iki dünýäden ýüz öwren wagtyň
piri Fudaýyl döwürdeşleri tarapyndan eý görlen sopular toparynyň iň
merdi ekeni. Ýöne ol bu derejä bada-bat ýetäýmändir.
Ol ilkibaşda Merw bilen Abywerdiň arasyndaky çöllügiň jümmü­
şinde çadyr gurnup, şol ýeri özüne mesgen edinipdir. Onuň egninde
ýüň ýapynjasy, kellesinde silkme telpegi, elinde-de mydama tesbisi
bar eken. Onuň köpsanly ýoldaşlarynyň hemmesi garakçylyk bilen
meşgullanypdyr. Olar talap alan zatlaryny getirip, Fudaýylyň öňünde
goýýar ekenler. Çünki talaňçylygy onuň özi ýola goýupdyr. Ol talanyp alnan zatlardan göwnüne ýaranyny özi üçin aýrypdyr. Mydama
köpçüligiň arasynda bolmak bilen, ile-güne hyzmat etmeýän, köpçülik bolup namaz okamaýan kişileri öz ýanyndan daşlaşdyrypdyr..
Günlerde bir gün çöli syryp gelýän uly kerwen görnüpdir. Garakçylar kerweniň ýetip gelýänini görüp, duruşlary bilen gulaga
öwrülipdirler. Kerwençileriň arasynda bir gurply adam bolup, gulak­
lary jam ýaly eken. Ol uzakdan garakçylaryň sesini eşidip: «Ýanymdaky altynlarymy bir ygtybarly ýerde gizlemegim gerek, garakçylar kerwene çozsalar, iň bolmanda, altynlarym-a abat galar» diýip
pikir edipdir-de, çöl depeleriniň arasyndan altynyny gizlär ýaly bir
amatly ýer gözlemäge başlapdyr. Görse, çölüň ortarasynda bir çadyr
gurulgymyş. Çadyryň agzyndan garasa, onuň içinde egni ýüň ýapynjaly biri otyrmyş. Ol bu adamdan altynlaryny wagtlaýynça saklap bermegini haýyş edipdir. Çadyryň eýesi oňa:
– Çadyra gir-de, altynlaryňy bir gyrada goýaý – diýipdir. Ol
hem altynlaryny çadyryň içinde gizläp, kerwene tarap haýdapdyr. Ol
91
kerweniň yzyndan ýetip, garakçylaryň kerwençilere degişli zatlaryň
derege ýarajaklarynyň hemmesini talap alandyklaryny görüpdir. Ol
galan-gaçan zatlaryny toplap alyp, altynlaryny goýup gaýdan çadyryna tarap haýdapdyr. Görse, çadyryň töweregi garakçylardan ýaňa
hümermiş. Olar talap alan zatlaryny paýlaşmak bilen meşgul ekenler.
Ol bir ah çekip: «Altynlarymy öz elim bilen garakçylaryň eline tutduraýan bolsam nätjek» diýip içini gepledipdir-de, yzyna dolanmak
isläpdir. Onýança Fudaýylyň gözi oňa düşüp:
– Bäri gel – diýip gygyrypdyr we ýanyna gelen bu kişä ýüzlenip:
– Seniň bu ýerde näme işiň bar? – diýip sorapdyr.
– Goýan amanadymy almaga gelipdim.
– Altynlaryňy nirede goýan bolsaň, al-da gidiber.
Ol çadyra girip, içi altynly gapjygyny alyp çykypdyr. Şol wagt
ýoldaşlary Fudaýyla ýüzlenip:
– Biz bu kerwenden ýekeje-de nagt pul tapmadyk. Sen bolsa
munça altyny yzyna berýärsiň – diýipdirler. Fudaýyl aýdypdyr:
– Ol men hakda gowy pikirde boldy. Men hem Allatagala babatda gowy pikirde. Onuň menden eden umydyny puja çykarmadym.
Allatagala-da meniň besleýän umytlarymy puja çykarmaýady-da!
***
Fudaýyla tabyn garakçylar bir gün ýene bir kerweni talapdyrlar.
Oljalary oňan garakçylar nahar iýmäge oturypdyrlar. Şol wagt talanan
kerweniň eýeleriniň biri gelip:
– Baştutan haýsyňyz? – diýip sorapdyr.
– Ol bu ýerde däl. Şo taýdaky agajyň kölegesinde namaz okaýar
– diýip jogap beripdirler.
Ýaňky adam:
– Häzir namaz wagtam-a däl. Ol näme üçin siziň bilen nahar iýmeýär? –diýip, ýene bir sorag beripdir.
– Onuň agzy bekli – diýipdirler.
Zady talanan kişi näme diýjegini bilmändir. Ol salgy berlen
agajyň golaýyna baryp, bir pyýadanyň dünýäni unudyp namaz okap
duranyny görüpdir. Ol namazyny okap bolýança garaşan adam, soňra:
– Namazdyr oraza garakçylyk bilen bir ýere sygyşarmy? – diýip
sorapdyr. Fudaýyl jogaba derek:
92
– «Käbirleri bolsa günälerini boýun alyp, gowy bir amaly başga
bir erbet amal bilen garyşdyrdylar. Allatagalanyň olaryň günäsini geç­
megi umyt edilýär» diýen manyly aýaty okapdyr.
Sorag beren kişi haýranlar galypdyr, ýöne oňa hiç zat hem
diýmändir.
***
Fudaýyl şeýlebir ýukaýürek we asylzada kişi bolup, diýip-aýdar
ýaly däl eken. Ol ýaradylanda päk we gowy edilip ýaradylypdyr. Ol
talan kerwenindäki zenan maşgalalara elini hem batyrmandyr. Bergili
hem aňyrsynda gory az bolan kişileriň puludyr dowarlaryny özlerine
bagyşlar eken. Onuň gözi mydama baýlarda eken.
***
Fudaýyl başda bir zenan maşgala aşyk bolupdyr. Talap alan
zatlarynyň hemmesini şoňa gönderer eken. Käte bolsa ýanyna gidip, güýçli hyjuwyna derman gözläpdir. Bir gezek ol agşama çenli
söýgülisiniň ýanynda galyp, dem-dynjyny alyp otyrka, geçip barýan
kerwendäkileriň biri: «Iman edenleriň Allahy zikir etme we Ondan
inen Gurhany Kerim sebäpli kalplarynyň oýanma zamany heniz gelmedimi?» diýen manyly aýaty okapdyr. Bu aýat Fudaýylyň ýüregine
peýkam bolup sanjylyp, oňa güýçli täsir edipdir. Ol:
– Geldi, şeýlebir zaman geldi, hatda geçibem gitdi – diýip seslenipdir.
Fudaýyl nätjegini bilmändir, bir ýerde durmaga karary ýetmändir.
Ol gidip, bir harabalyga özüni atypdyr. Şol harabalygyň golaýynda bir
kerwen düşläp, indem kerwençiler ýol şaýlaryny tutup, ýollaryny dowam etmegiň aladasynda ekenler. Olaryň biri:
– Ýola düşmegimiz dogrumyka? Gitjek ýolumyzyň ugrunda garakçy Fudaýylam-a bardyr – diýip seslenipdir.
Onuň aýdanyny eşidip oturan Fudaýyl harabalykdan çykypdyr-da:
– Buşluk! Fudaýyl öňki edenlerine puşman edip, toba gelipdir.
Öň siz ondan nähili edip gaçýan bolsaňyz, şindi onuň özi edil şonuň
ýaly edip, sizden gaçýar we gözüňize görünmekden çekinýär – diýip,
gaty sesi bilen gygyrypdyr.
93
Şondan soň Fudaýyl gözünden ýaşlar döküp, ülke-ülke gezip,
hakyny iýen kişilerini razy etmegiň ýoluny agtarypdyr. Iň soňunda
gezek Abywerdde ýaşaýan bir ýehuda ýetipdir. Fudaýyl nätse-de, ol
asla razy bolmandyr.
Bu ýehudy öz ýoldaşlaryna ýüzlenip:
– Ine, musulmanlaryň üstünden gülmegiň hem wagty gelip ýetdi – diýipdir we Fudaýylyň öňünde ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk bir şert goýupdyr:
– Eger senden razy bolmagymy isleýän bolsaň, pylan ýerdäki
daşly depäni pytradyp, onuň ýerini tep-tekiz edip goý!
Onuň diýýän depesi belent bir depemiş. Fudaýyl gije diýmän,
gündiz diýmän şol depäniň gumuny töwerege pytratmak bilen meşgul
bolupdyr. Ine, bir günem säher wagty güýçli ýel turup, daşly depäniň
gumuny tozatmaga başlapdyr we onuň duran ýerini tep-tekiz edip
taşlapdyr.
Ýehudy bu keramaty görse-de, ýene hötjetligine tutup:
– Menden talap alan baýlygyňy yzyna gaýtarýançaň senden
razy bolmajakdygymy aýdyp ant içipdim. Hol duran ýassygymyň
aşagynda şonça mukdardaky altyn bar. Şony al-da, bergiňi beren ýaly
edip, maňa ber. Şeýtseň, seniň-ä bergiňi berdigiň, meniňem ähdimde
durdugym bolar – diýipdir.
Fudaýyl onuň ýassygynyň aşagyna elini sokupdyr-da, eline ilen
bir owuç altyny ýehuda uzadypyr. Ýehudy bolsa:
– Saňa razylyk bermezimden owal, maňa yslam dinini düşündir
– diýipdir.
– O seniň nämäňe gerek? – diýip, Fudaýyl oňa soragly nazaryny
dikipdir.
Ýehudy şeýle jogap beripdir:
– Men Töwratda «Kim tüýs ýüreginden toba etse, onuň elindäki
çagyl altyna öwrüler» diýip okapdym. Men ýaňy seni synap gördüm.
Aslynda, ýassygyň astynda bir gysym çagyldan başga zat ýokdy.
Eliňde çaglyň altyna öwrülenini göremsoň, seniň hakykatdanam toba
edeniňe, yslam dininiň hem dogry dindigine göz ýetirdim.
Birnäçe wagt geçeninden soň, ýaňky ýehudy yslam dinini kabul
edipdir.
94
***
Fudaýyl bir kişä:
– Eden günä işlerimi ýuwmagym üçin meniň örän köp taýak urmak jezasy bilen jezalandyrylmagym gerek. Allatagalanyň razylygy
üçin meniň elimi baglap, soltanyň huzuryna alyp bar. Goý, ol maňa
taýak urmak jezasyny bersin – diýip haýyş edipdir. Ol hem onuň aýdanyny edip, hökümdaryň ýanyna alyp barypdyr.
Soltan Fudaýylyň maňlaýynda namazdan galan yzlary görüp,
hezzet-hormat edeninden soň, ony öýüne ertip gaýtmaklaryny emeldarlaryna emir edipdir.
Fudaýyl öýüne girmekçi bolanda, erbet iňläpdir. Aýaly ondan:
– Beýle iňleýäň welin, dogrudanam, taýak uraýdylarmy? – diýip
sorapdyr.
– Hawa, maňa uly bir taýak urdular!
– Niräňe urdular?
– Janyma-jigerime urdular!
Soňra Fudaýyl aýalyna ýüzlenipdir:
– Men Allahyň öýüne-Käbäni zyýarat etmegi, soňra bolsa şol
ýerde galmagy ýüregime düwdüm. Isleseň, aýakbagyňy çözeýin –
talagyňy bereýin.
– Hudaý saklawersin! Men senden asla aýrylman! Nirä gitseňem,
hyzmatyňda bolaryn – diýip, aýaly seslenipdir.
Soňra är-aýal Mekgäniň ýoluna düşüpdirler. Allatagalanyň ýardam bermegi bilen olar ýolda horluk görmän, baryp Käbäni zyýarat edipdirler. Soňra şol ýerde müjewürlik etmäge başlapdyrlar,
weli kişileriň käbirleri bilen duşuşypdyrlar. Fudaýyl Abu Hanifäniň
söhbetlerine hem gatnap, ondan ylym öwrenipdir.
Fudaýyl ygtybarly hadyslary köp bilipdir, köplenjem agzy bek­
li gezýär eken. Mekgedekä onuň dili açylypdyr, ýagny ýanyna gel­
ýän mekgelilere wagyz etmäge başlapdyr. Hatda onuň at-owazasyny
eşidip, ýakynlary ony görmäge-de gelipdirler. Ýöne olar bilen
görüşmek hem islemändir. Olar hem ony görmezden, yzlaryna dolanmazlygy ýüreklerine düwüpdirler.
Ahyry bir gün Fudaýyl Käbäniň üçegine çykyp:
95
– Adamlar gaflata gark bolupdyrlar! Gudraty güýçli Allatagala size akyl bersin, namaz okamagy nesip etsin! – diýip, ýakynlary
eşider ýaly edip gygyrypdyr. Ýakynlary maňlaýlaryny ýere berip,
aglaşmaga başlapdyrlar we Horasana tarap ýola düşmek bilen bolupdyrlar. Fudaýyl diňe şondan soňra Käbäniň üçeginden aşak inipdir.
***
Harun Reşit, bergisi bar bolsa, oňa derek şol bergisini berip biljekdigini aýdyp, Fydaýyl hezretlerine ýüzlenipdir. Ol halyfyň bu tek­
libini ret edipdir we şeýle diýipdir:
– Men Oňa bolmalysyndan az ybadat edenim üçin diňe Hudaýyň
öňünde bergilidirin. Şonuň ýaly-da Ýaradan maňa şeýlebir merhemetli boldy welin, men kimedir birine bergidar bolmak mümkinçiligine bir gezek hem duşmadym.
***
Fudaýyl hezretleri öz dogan-garyndaşlary bilen duşuşmakdan
ýüz öwrüpdir we olara ýüzlenip:
– Meni zyýarat edip, öz wagtyňyzy-da, meniň wagtymy-da almakdan başga mynasyp bir işiňiz ýokmy? – diýip seslenipdir.
***
Fudaýyl hezretleri şeýle diýipdir:
– Kyýamat gününde baýlaryň köpüsi jezasyny çeker, bu dünýäniň
güýçlüleri bolsa, hasaba çekilen wagtlary aýylganç gorkyny başdan
geçirerler. Şol gün öz eden işleriňiz üçin hasabat bermäge taýyn boluň.
Ýaradanyň keremi şeýlebir uludyr welin, araňyzdaky iň günäkär
kişi bolan menden beýlekileriňiz dowzahdan halas bolarsyňyz.
Hudaý öz söýýän kişisine kän ejir ýollaýar, söýmeýän kişisine-de dünýäniň nygmatlaryny bagyşlaýar.
Jennetde gözýaş dökmegiň mümkin bolmaýşy ýaly, bu dünýäde-de gülkiniň bardygy örän geňdir. Çünki jennet aglanýan ýer däldir,
bu dünýä-de gülkiniň ýeri däldir.
Hudaý şeýle diýýär: «Gulum Meni ýatlan mahaly, men hem ony
ýatlaýaryn, ol Meni unudan mahaly bolsa, ony unudýaryn».
96
Otuz ýyllap ýüzüm gülen däldir.
Bütin wagtymy Hudaý bilen ikiçäklikde geçirer ýaly we yzygiderli doga etmek arkaly halas bolarym ýaly kesellemek islärdim.
***
Bir gezek Fudaýyl hezretleri kiçijik ogluny eline alypdyr. Ogly
ondan:
– Sen meni söýýärmiň? – diýip sorapdyr. Ol söýýändigini
aýdypdyr.
– Sen Hudaýy-da söýýäňmi?
– Hawa – diýip, kakasy jogap beripdir. Ogly oňa garşy çykypdyr:
– Kaka, iki söýgi bir ýürekde ýaşap bilmez.
Fudaýyl hezretleri muny Hudaýyň yşaraty hasap edip, ogluny
ýere düşüripdir, şondan soňra bar wagtyny doga edip geçirip, ogluna
söýgi görkezmändir.
97
7.*
YBRAÝYM EDHEM
D
ünýä we köňüller soltany, Kap dagynyň symrug guşy, ýekelik äleminiň düri, döwlet syrlarynyň hazynasy, iň uly
yklymyň patyşasy, Allahyň ýardamy we keremi bilen ýetişen, jahan
şyhy Ybraýym Edhem (Allatagala oňa rehim etsin!) öz döwrüniň iň
bir dindar we sytdyh kişisidi. Oňa kän-kän işleriň içinde bolmak, dürli-dürli hakykatlara şaýatlyk etmek nesip edipdir. Hemme kişi ony güler ýüz bilen garşylaýardy. Köpsanly şyhlary görüpdi. Ymam Agzam
Abu Hanifäniň (Allatagala oňa rehim etsin!) söhbetlerini diňläpdi. Jüneýit: «Şu nesliň ylymlarynyň açarlary Ybraýym Edhemiň elindedir»
diýipdir.
Bir gün Ybraýym Edhem ymam Agzamyň ýanyna gelende, şol
ýerde oturan talyplaryň oňa göwünleri ýetmejek bolupdyr. Soňra ol
gidensoň, ymam Agzam talyplaryna ýüzlenip:
– Ybraýym Edhem biziň halypamyzdyr – diýipdir we onuň bu
derejä nähililik bilen ýetenini soranlarynda:
– Onuň serinde mydama Allatagaladan başga zat ýok, biz bolsa
başga-başga işler bilen meşgul – diýip jogap beripdir.
***
Ybraýym Edhem başda Balhyň patyşasy eken. Bir ýere diýip çykanda, altyn galkanly kyrk nöker öňünden, altyn gürzüli kyrk nöker
hem yzyndan ýöräpdir. Bir gije ol tagtynyň üstünde uklap galypdyr.
Ol gijäniň ýarynda ýatan jaýynyň üçegi tarapdan gelýän bir tykyrda
oýanypdyr. Göwnüne bolmasa, biri üçekde eýläk-beýläk gezmeleýän
ýalymyş. Ybraýym Edhem:
– Üçekde kim bar? – diýip gygyrypdyr.
98
– Men seniň bir tanşyň, düýämi ýitirdim-de, şony gözlemäge
çykdym.
– Heý, aljyraňňy diýsäni! Ýagşam bir düýäňi gözlejek ýeriňi
tapypsyň, üçekde düýe näme işlesin?
– Eý, gapyl kişi! Meniň düýämi jaýyň üçeginden gözlemegim,
seniň Allahy, atlazdan tikilen eşikleri geýip, altyn tagtyň üstünde oturan ýeriňden tapjak bolmagyňdanam geňmi?
Bu kişiniň aýdanlaryny eşiden Ybraýym Edhemiň kalbyna gorky
aralaşyp, ynjalygyny ýitiripdir. Ol kän pikir edipdir, serimsal bolup,
gama batypdyr.
Başga bir gezek Ybraýym Edhem umumy kabul edişlige gat­
naşýar eken. Döwletiň emeldar kişileri onuň garşysyndaky ýerlerini
eýeläpdirler. Gullar hem öňünde egele bolup durmuş. Duýdansyz ýerden biri köşge gelip giripdir. Ol şeýle bir haýbatly görünýärmiş welin,
gullaryň we hyzmatkärleriň hiç biri hem öňünden çykyp,
– Sen kimsiň? – diýmäge milt edip bilmändir.
Ol töwerekdäkileriň gorkuly nazarlarynyň astynda Ybraýymyň
tagtynyň öňüne baryp, aýak çekipdir. Ybraýym ondan:
– Bu ýerde näme işiň bar? – diýip sorapdyr.
– Men şu kerwensaraýda düşläp geçmek isleýän.
– Bu ýeri kerwensaraý däl, bu – meniň köşgüm.
– Bar, şeýlemişem-dä! Bu köşk öň kimiňkidi?
– Kakamyňkydy.
– Kakaňdan ol kime degişli eken?
– Pylana.
– Ondan ozal köşk kimiňkidi?
– Pylanynyň ogly pylanynyňky.
– Olar şu wagt nirede?
– Hemmesi birmahal bü dünýäden göçüp gitdiler.
– Haý, seniň köşk bolaýşyňy! Biri gelýär, biri gidýär – kerwensaraýdan tapawudy ne?
Nätanyş şeýle diýipdir-de, köşgi howlukmaç terk etmek bilen
bolupdyr.
Ybraýym onuň yzyndan ylgapdyr we:
– Meniň seniň bilen gürleşmegim gerek – diýip, biraz aýak çekmegini haýyş edipdir.
99
Ol adamyň aýak çekmegi bilen, Ybraýym Edhem:
– Içime otlar saldyň welin, sen kim bolarsyň, nireden gelýärsiň?
– diýip sorapdyr.
– Iller-ä maňa Hydyr ata diýýär.
– Köşge girip çykýançam, maňa biraz garaşsana!
Hydyr ata:
– Munça garaşmaga wagtym ýok. Mundan has howlukmaç bir
işim bar – diýip gaýyp bolupdyr.
Ybraýymyň kalbynda tutaşan ot barha möwç alyp, derdi artypdyr.
Gije gaýybana gürleşen kişisi, gündiz köşgüne gelen Hydyr ata onuň
hiç ýadyndan çykmandyr. Ol ahyry:
– Atymy eýerläň, men awa çykjak – diýip emir edipdir we içini
gepledipdir: «Munuň soňy näme bilen gutararka, göreýin bakaly».
Ybraýym Edhem atyna atlanyp, sähra tarap haýdapdyr. Ol awa
diýip çyksa-da, çykypdyr welin, aljyraňňylykdan ýaňa, näme edip,
näme goýýanyny bilmändir. Ol janpenalaryndan daşlaşyp, ýeke
özüniň galanyny hem duýmandyr. Şol wagt gulagyna:
– Oýan! – diýip bir owaz gelipdir.
Ol bu sesi eşitmedik bolupdyr. Şol owaz ýene iki gezek gulagyna
ilse-de, eşitmedik bolup, bu ýerden daşlaşmagyň hyýalyna münüpdir.
Dördünji gezek eşiden owazy sypjaklamaga ýer goýmandyr:
– Seni başgalary oýandyrmazdan ozal, özüň oýan!
Bu sözleri eşidip, Ybraýymyň erki elinden gidipdir. Birden
golaýynda bir jeren peýda bolupdyr we ony awlamagyň ugruna
çykypdyr. Jeren oňa ýüzlenip:
– Meni bu dünýä awlanmagym üçin getiripdirler, ýöne seni meni
awlamak üçin gönderen däldirler-ä! Sen meni awlap bilmersiň. Bir biçäräni peýkam atyp awlamak üçin ýaradylypmydyň? Mundan başga
işiň ýokmy? – diýipdir.
– Bu näme boldugy? – diýip, Ybraýym Edhem jerenden
daşlaşmak maksady bilen, atynyň ýüzüni başga tarapa öwrüpdir. Bu
gezek eýeriniň gaşyna dil bitip, jereniň aýdan sözlerini gaýtalapdyr.
Haktagalanyň onuň bilen bellisini etmek islemeginiň netijesinde, şol
bir sözleri özüniň döş tarapyndan bir ýerden hem eşidip galypdyr.
Şeýdip hem onuň kalp gözi açylyp, perişdeler älemine aralaşmaga
100
mümkinçilik tapypdyr. Ol erenleriň başdan geçirýän duýgulary ýaly
bir duýgyny başdan geçiripdir we üýtgemeýän bir imana eýe bolupdyr.
Aýdyşlaryna görä, bolup geçen bu hadysa sebäpli ol şeýle bir
aglamak aglapdyr welin, eşiginiň öň tarapyndan syrygyp gaýdan
gözýaşyndan ýaňa atynyň boýnudyr ýaly öl-myžžyk bolupdyr. Ol çyny
bilen tüýs ýüreginden toba edip, çem gelen tarapa tutduryp ugrapdyr.
Onuň gözüne goýun sürüsiniň yzyna düşüp barýan bir çopan ilipdir.
Dykgat bilen seretse – öz hyzmatkärleriniň biri. Ol çopanyň ýanyna baryp, altyn sapaklar bilen jäheklenen donuny onuň egnine atyp,
goýunlary-da oňa bagyşlapdyr. Soňra bolsa çopanyň egnindäki ýeňsiz
örtünjäni alyp geýnipdir-de, onuň telpegini hem başyna çekipdir.
Şol günden başlap Ybraýym Edhem daglarda, çöllerde ygyp-sagyp ýörüpdir. Eden günälerini ýatlap hem gözlerinden dyngysyz
ýaş dökýärmiş. Şol aýlanyp ýörşüne, ol Merwe golaý barypdyr. Bu
ýerde bir derýa bar eken. Ybraýym şol derýanyň köprüsinden bir kör
adamyň geçjek bolýanyny görüpdir. Birden hem kör ugruny ýitiripdir-de, suwa garşy agyp gidipdir. Şol pursat Ybraýym:
– Allahym! Ony özüň goraweri! – diýip doga edipdir.
Kör aşak gaçman, howada asyl-asyl bolup duruberipdir. Golaý-goltumdaky adamlar ylgaşyp gelip, köri çekip alypdyrlar. Olar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.