Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 15

Total number of words is 3818
Total number of unique words is 1798
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edipdir. Abu Hasan:
245
– Adamlary Allatagalanyň huzuryna çagyr we hiç wagt öz ýanyňa
çagyryjy bolaýma – diýipdir. Onuň bu aýdanyna geň galandygyny
görüp, öz sözüniň manysyny şeýle düşündiripdir:
– Eger-de wagyzçy özi ýaly adamlary Allatagala ýakynlaşdyrmaga
ymtylýan başga bir wagyzça görüplik edýän bolsa, diýmek, onuň
maksady adamlarda iman oýarmak we öz tarapdaryna öwürmek däldir. Ýogsam göriplik etmegine näme sebäp bolup biler?
***
Mahmyt Gaznaly öz hyzmatkäri Aýaza beren sözünde tapyl­
mak üçin oňa öz egin-eşiklerini geýdirip, tagtynda oturdypdyr. Soňra
Aýaz soltanlaryň geýýän eşiginde, Mahmyt Gaznaly hem köşk
emeldarlarynyň lybasynda Abu Hasany zyýarat etmäge gidipdirler.
Mahmyt çapar gönderip, myhmanlary garşy almagyny we soltana
hormat goýmagyny Abu Hasandan haýyş etmegi tabşyrypdyr. Abu
Hasan muňa razy bolmadyk halatynda bolsa, oňa Gurhany Kerimiň:
«Allatagalanyň, Pygamberiň we patyşanyň emirlerine boýun bol»
diýen manyly aýatyny ýatlatmagy buýurýar.
Çapardan Mahmydyň haýyşy barada eşiden Abu Hasan soltanyň
öňünden çykmajagyny aýdypdyr. Çapar hälki aýaty-kerimäni okapdyr.
Abu Hasan oňa şeýle jogap beripdir:
– Barda, Mahmyda aýt, men Allatagala bolan imanym bilen
şeýlebir ýokary derejede meşgul welin, soltan beýle-de dursun, hatda
Pygambere hormat goýmakdan hem utanýaryn.
Mahmyt Gaznaly bu jaýdar jogaby alyp, Abu Hasanyň uly welidigini ykrar edipdir. Ol heniz hem soltanlaryň geýýän eşigini çykarmadyk Aýaz bilen birlikde Abu Hasanyň külbesiniň gapysyndan
içeri ätläp, oňa salam beripdir. Abu Hasan onuň salamyny almasyna
alypdyr, emma soltanyň hormatyna aýak üstüne welin galmandyr.
Ol soltan ýaly geýnen Aýaza barmysyň hem diýmän, Mahmyt bilen
gürrüňleşmäge başlapdyr. Mahmyt:
– Eý, Abu Hasan, soltana näme salam bermeýärsiň? – diýip sorapdyr. Abu Hasan hem oňa:
– Munuň diňe soltan ady bar – diýip jogap beripdir. Mahmyt
onuň öňünde baş egipdir-de:
246
– Seniň derejäňdäki welini şunuň ýaly hiläniň çoçgaryna
çolaşdyryp bolmajagyny bilýärin – diýip seslenipdir.
Soňra Abu Hasan ony bir gyra çekipdir. Mahmyt:
– Baýezit barada bir zatlar gürrüň bersene – diýip haýyş edipdir.
Abu Hasan:
– Baýezidi bir gezek gören kişi Kyýamat gününde ýazgaryşa sezewar bolmaz – diýipdir. Mahmyt ýene bir sorag beripdir:
– Pygamberimizi gören Abu Jehl we Abu Leheb dagy hem
ýazgaryşa duçar boldular ahyryn. Hany, aýt, Muhammet pygamberiň
derejesi ýokarymy ýa-da Baýezidiňki?
Abu Hasan hezretleri oňa:
– Mahmyt, näme diýýäniňi gulagyň bir eşidýärmi? Bu mesele barada gürläňde juda seresap bolmak gerek. Bilip goý, Pygamberimiziň
käbir sahabalaryndan we onuň zamanynda ýaşan birnäçe weliden
başga hatda ony gören halifler hem oňa mynasyp baha bermekden
ejiz geldiler – diýip jogap beripdir.
Mahmyt oňa birnäçe altyn teňňe uzadypdyr. Birbada teňňeleri
kabul eden Abu Hasan hezretleri öz gezeginde Mahmyda bir döwüm
gaty çörek hödür edipdir. Mahmyt näçe jan etse-de çöregi çeýnäp bilmändir. Soňra Abu Hasan oňa ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Seniň şu çöregi çeýnäp, damagyňdan aňry ötürip bilmeýşiň
ýaly, men hem altyn teňňelerden peýdalanyp bilemok, çünki dünýä
baýlygyndan ýüz öwürdim.
Şeýle diýip, ol teňňeleri yzyna gaýtarypdyr. Mahmyt ondan
haýsy hem bolsa bir eşigini teperrik hökmünde sowgat bermegini
haýyş edipdir. Abu Hasan bu gezek onuň haýyşyny bitiripdir. Mahmyt
öýden daşary çykmakçy bolanda:
– Pirim! Öýüň-ä göze gelüwli eken – diýip seslenipdir. Abu Hasan:
– Allatagala Abu Hasana uly bir patyşalygy sowgat berdi, ol bolsa açgözlüligi sebäpli üstesine bir külbejigi-de diläp aldy – diýipdir.
Utanjyndan onuň ýüzi gyzarypdyr. Ol Mahmyt bilen hoşlaşmak üçin
aýak üstüne galypdyr. Mahmyt:
– Gapyňdan içeri ätlämde maňa hiç hili hormat goýmadyň. Gitjek bolamda welin, sypaýyçylyk edip, hatda aýak üstüne-de galdyň.
Muňa nähili düşünmeli? – diýip sorapdyr. Abu Hasan oňa şeýle jogap
beripdir:
247
– Sen meniň öýüme soltan hökmünde girdiň. Soltandygyňa
buýsanýanlygyň daşyňdan bildirip durdy. Şindi bolsa ýanymdan bar
zada kaýyl derwüşe öwrülip aýrylýarsyň. Bu ýüzüňe çaýylan nurdan
hem bildirýär. Şonuň üçin hem seni uly hormat bilen ýola salýaryn.
Kän ýyllardan soňra Mahmyt Hindistandaky Somnat şäheriniň
daşyny gabapdyr we ýeňiş gazanma mümkinçiliginiň ýokdugyna akyl
ýetiripdir. Ýeke özi çadyrynda galyp, ol Abu Hasanyň sowgat beren
eşigini tördäki oňa mynasyp ýerde goýupdyr-da, pälini pes tutup,
doga etmäge başlapdyr:
– Allahym! Bu uly weliniň sowgadynyň haky üçin bu söweşde
maňa ýeňiş gazanmagy nesip et. Olja hökmünde elime geçen zatlaryň
ählisini pukaralara paýlajagyma söz berýärin.
Onuň dogasy kabul bolup, duşman goşunynyň arasynda agzalalyk döräpdir we ýeňiş Mahmyda ýar bolupdyr. Şol gije Mahmyt
Gaznalynyň düýşüne Abu Hasan hezretleri girip, oňa:
– Meniň beren sowgadymy şeýle az bahalap, gödek ýalňyşlyk
goýberdiň. Eger-de sen bu ujypsyz ýeňşe derek Allatagaladan
dünýädäki adamlaryň ählisini musulmanlaryň hataryna goşmagyny
dilän bolsaň, dünýäniň ähli ýeri musulmanlaryň ýaşaýan mekanyna
öwrülerdi we sen örän uly sogap gazanardyň – diýipdir.
***
Abu Hasan hezretleriniň käbir häsiýetleri bilen tanyş bolalyň.
Ol özüňi sopy atlandyrmagyň uly bir zada dalaş etmekdigini aýdar eken. Abu Hasan hezretleri hiç mahal özüne sopudyryn diýmändir.
Ol otuz ýyllap gijelerini çirim etmän geçiripdir.
Allatagala hakdaky pikirler ony şeýlebir meşgul edipdir welin,
ol özi bolmagyny bes edipdir, bedeni bolsa ýöne bir alamata, arassa
pikire öwrülipdir.
Allatagala oňa ylahy ejiri bagyşlapdyr. Eger-de şol ejiriň birje
ülşi Zeminiň paýyna düşsedi, onda Nuh alaýhyssamyň zamanyndaky
tupandan hem uly tupan turardy.
Abu Hasan hezretleriniň müritleri kyýamat gününde Allatagalanyň
rehmetiniň we öz halypalarynyň şepagatynyň arkasyndan halas bolarlar.
248
Ol guran agajyň astynda aşagyna düşek ýazman oturyşyna, uzak
gijesini Allatagala barada oýlanyp geçirer eken. Ol Allatagalany serine alman jennet agajynyň astynda hezil edip oturanyndan, şu bolup
oturyşyny gowy görüpdir.
Ol ýa özüniň ýok bolup gitmegini, ýa-da bar ýeri özüniň doldurmagyny arzuwlapdyr.
Ol her sagadyň dowamynda müň gezek özüni unudypdyr.
Allatagalanyň kereminiň arkasyndan ol ähli zamanlarda ýaşap
geçen her bir mahlugyň geçmişinden, häzirki ýagdaýyndan we geljeginden habarly bolupdyr. Şol derejede ylmy bolmadyk adym mürşitlik
dawasyny edip bilmez. Bir adamyň aýagyna tiken batsa-da, ol muny
biler eken, edil onuň çekýän yzasy ýaly yza çeker eken we tikeniň
kimiň aýagyna batanyny aýtmagy başarar eken. Çünki ol özüni ýaradylanlar bilen bir zat hasap edipdir.
Ol Allatagalany görmegiň çäresini agtarypdyr, dowzahdan heder
etmändir we jenneti arzuwlamandyr.
Ol kyýamat gününde ýaşap geçen adamlaryň ählisiniň eden günä
işleriniň hasabynyň bir özünden soralmagyny isläpdir we şol günäler
üçin gerekli jezany çekip, ýaradylanlaryň ählisini ejir çekmekden halas etmegi arzuw edipdir.
***
Abu Hasan hezretleri müritlerine nesihat edip, şeýle diýipdir:
Allatagalanyň rehmetine gowuşjak boluň, çünki onuň rehmeti
dowzahyň eýmençliklerinden we jennetiň eçilýän lezzetlerinden ýokarydyr.
Perdeler geçmişiňi, şu günüňi we geljegiňi senden gizleýär. Perdeler syrylan mahaly ähli zady görmek mümkin.
Bilgeşleýin keramat görkezýän kişi Allatagala bilen aragatnaşyk
saklaýanlaryň halkasyndan çykarylýar.
Adamlar näme edýänlerine düşünip Allatagalany gözleseler, özlerini unudyp, Ony tapýarlar.
Diňe bäş wagt namazyny okamak we oraza tutmak bilen çäk­
lenýän musulman däl-de, amal depderine ömürboýy bir günä-de
ýazyl­madyk, hatda şonuň ýaly derejä eýe mahaly hem Allatagaladan
gorkýan we kaýyllyga ýugrulan musulman öwgä mynasypdyr.
249
Allatagalanyň kereminiň arkasyndan Ony görýän kişi başga hiç
kime üns bermez. Allatagalany synlamaga berlen kişi özi hakda pikir
etmeýär.
Tarykat boýunça öňe ilerleýänler diri ölülerdir.
Eý, gözlegdäki kişi, ýetmiş ýyllap Horasanda namaz okap, her
gezekde hem Mekgede namaz okaýandyryn öýtmeýänçäň, kalp
gözüň açylandyr öýdüp pikir etme. Ýerdäki hem asmandaky baýlyk­
laryň ählisi öňüňde serlip ýatsa-da, biperwaýlygyňy bozmaly dälsiň
we Allatagalanyň ybadatyňy kabul etmezliginden hemişe gorkup
gezmelisiň.
Köp adamlar Käbäni, beýlekiler bolsa jenneti togap edýärler.
Emma öwgä mynasyp kişi Töwhide akyl ýetirmegiň daşynda aýlanýan
(Allatagala gowşup, Onuň bilen birleşen) kişidir.
Bu dünýäde özüne nesip eden zat Abu Hasan üçin ýeterlikdir.
Adatça, ilki bir zady gözläp, soňra tapýarlar, Allatagalany bolsa
ilki tapyp, soňra gözlemäge başlaýarlar.
Allatagalanyň we Pygamberiň özara söhbetlerinde ulanýan sözlerinde şeýlebir güýçli ot lowlaýar welin, şol söhbetiň özenini düzýän
wahynyň ujypsyzja bölegi dünýä habar berilsedi, onda ýaradylan
zatlaryň ählisi ýanyp, kül bolardy. Emma pygamberler Allatagala ýakyndyklary sebäpli bu wahyny kabul etmäge ukyply bolýarlar.
Eger-de Allatagala olara howandarlyk etmesedi, bu söhbetdeşlik mahalynda olaryň göwresi bölek-bölek bolardy.
Hakyky imana eýe käbir kişiler Allatagalanyň halan kişileri bolup
durýarlar. Olar Allatagalany zikir edenlerinde asmandaky guşlaryň,
tokaýdaky haýwanlaryň ählisi seslerini çykarman doňup galýarlar, Zemindir asmana bolsa nur çaýylýar. Onuň adyny zikir etmegiň
haýbatyndan Zemin titremäge başlaýar.
Allatagalanyň ýardamy bolmazdan, hiç kim tarykatda bir ädim
hem öňe ilerläp bilmez. Diňe öz güýjüňe we yhlasyňa baýrynyp, bu
ýolda üstünlik gazanmak mümkin däl.
Bu dünýäde hiç bir günä adyňa tegmil bolup ýapyşmaz ýaly
şekilde ýaşamak gerek.
Adamlar bilen aragatnaşykda bolmakdan ýüz öwrüp, Allatagala
bilen birlikde bol, çünki gatnaşsaň dost bilen gatnaşmaly, Allatagala
bolsa iň gowy dostdur.
250
Allatagalanyň bu dünýäde ýaşaýan dostlarynyň käbiri adamlaryň
amal depderlerinde ýazylanlary okamaga ukyply bolýar.
Allatagala kalp gözi açylan adama dert gönderýär.
Weli bu dünýäniň eseri-de, adamy-da däldir.
Allatagala bu dünýäde Özüne tarap ymtylýany we Özi bilen boljak duşuşygy ölümden soňky durmuşa çenli yza tesdirmeýäni halaýar.
Allatagala bir kişini öz ýoluna salsa, onuň bilen birlikde Tewhid
jülgesinde ýaşaýar we bu kişiniň başdan geçirýän halyny Allatagaladan başgasy bilmeýär.
Allatagalany göresi gelip agyrýan we gussa çekýän ýürek iň
sagdyn ýürekdir.
Allatagalanyň näsag hala salan kişisiniň tebibi Onuň özüdir.
Gözleri bilen jenneti gözleýän kişi Allatagalanyň kereminiň arkasyndan ähli zatdan mahrum galýar. Ol ýalňyz ýaşaýar, adamlar
bilen aragatnaşyk saklamakdan ýüz öwürýär, dünýä nygmatlarynyň
ählisini ret edýär. Hatda ol öz nebsinden hem ýüz öwrüp, şonuň netijesinde Allatagala bilen arasyndaky iň soňky perde hem galkýar.
Bu dünýäni söýýän kişi onuň guluna öwrülýär, dünýäden ýüz
öwürýän kişiniň bolsa dünýäniň özi guluna öwrülýär.
Eger-de haýsydyr bir jemagata degişli adamyň kalp gözi açylyp, Allatagala ýakynlaşsa, Allatagala öz keremi bilen şol adamyň
hatyrasyna tutuş jemagatyň günälerini bagyşlaýar.
Derwüş hiç haçan bu dünýä-de, o dünýä-de gözüni dikmeýär.
Diňe öz öňünde uly maksat goýýanlar Allatagala gowuşýar.
Allatagalany zikir etmeli we öz nebsiňden ýüz öwürmeli.
Günä işleme, Allatagala boýun eg. Aýdyşym ýaly etseň, Allatagala gowşarsyň.
Her kim bu dünýäden baka ýany bilen bir zat alyp gitmek isleýär.
Emma ol ýere nebissizlikden başga hiç bir zady äkidip bolmaýar.
Allatagaladan gork, Ondan medet isle, şeýle etseň, ýokluk
halynda ýaşarsyň.
Gurhany Kerimiň çelgilän ýolundan barýan müňlerçe ada­myň
arasynda bir adam bolup, Gurhany Kerimiň özi onuň yzyna eýerýär,
ýagny onuň her bir amaly Gurhany Kerimiň nesihatyna öwrülýär.
Sopy kişä Gündür Aýyň ýagtysynyň geregi bolmaýar, çünki onuň dünýäsini Allatagalanyň nury ýagtyldýar. Bu nur asman
ýagtyltgyçlarynyň ählisiniň berýän ýagtysyndan ýitidir.
251
Özüne Allatagala ýolbeletlik edýän adam tarykaty has çalt geç­ýär.
Allatagalany zikir etmek we ol hakda oýlanmak weli üçin suwdur
çözgiň ýerini tutýar.
Allatagala hakykatdan hem Özüne iman getirenleriň gözüni nurlandyrýar.
Ylahy Yşkyň Zemine inen bölegi dünýäde ähli ýürege barýan
ýoly gözläpdir, emma özüne kalbynda saklap biljek bir adamy hem
tapman, ýene Allatagalanyň ýanyna dolanypdyr.
Her ýüz ýyldan bir kämil kalply ynsan dünýä inýär.
Allatagala gowşan kişi özünden jyda düşýär.
Kalbynda Allatagaladan başga ýene-de näme hem bolsa bir zada
söýgüsi bolan adamy Biribar halamaz. Ömürboýy namaz okap, nebsini jylawlap gezmegine garamazdan, onuň kalby ölüligine galar.
Allatagala bilen adamyň arasyndaky iň küti perde onuň nebsidir.
Allatagalany zikir etmek we ol hakda oýlanmak iň uly amaldyr.
Munuň üçin adama päk ömür, rehimlilik we terkidünýälik bagyş edil­ýär.
Welileriň söhbetinde bolmak ruha edýän oňaýly täsiri babatda
öwgä mynasyp amaldyr.
Eger-de sen dünýäden bir ýüz elli kilometr uzaga gaçyp gitmegi başarsaň, bu Allatagala boýun egmegiň iň ýokary derejesine
ulaşdygyň bolar.
Weliniň söhbeti Allatagalanyň iň uly peşgeşidir.
Allatagalanyň Sypaty iň uly Käbedir.
Allatagalanyň gözlegindäki kişi dokuz gezek zäheri höwes
bilen içse, onunjy gezekde şekerli suw içendirin öýder. Allatagala gowuşmak üçin tarykata giren kişi bu ýoluň başlangyjynda kän
kynçylyga sezewar bolup, başyndan kän bela-beter inýän bolsa, soňra
onuň ýoly açylýar we ol Allatagala gowuşýar.
Allatagala Öz keremliligi sebäpli size Özüni gözlär ýaly güýç-kuwwat beräýmese, tagallalaryňyz ýerine düşmez.
Öz hormatyna mertebesini pida edýän kişä Allatagala öz
mertebesiniň eşigini geýdirýär.
Allatagala gowuşjak bolsaň, nebsiňi öldürmek gerek.
Kalp gözüniň açylandygyny aýdýan we muny bütin ile jar edýän
adamyň aslyýetinde kalp gözi açylan däldir. Çünki şony aýtmagyň özi
perde emele getirýär.
252
Saňa Allatagalanyň kereminiň ýekeje zerresi nesip etse-de, biri
bilen gürrüňleşmäge-de, birine gulak asmaga-da mätäçlik duýmarsyň.
Allatagalany zikir etmek müň sany gylyjyň birwagtdaky zarbasyndan hem güýçli täsir edýär.
Diňe Allatagalanyň razylygy üçin kyrk ýyl ybadat edeniňden soňra
haýyrly netijelere garaşyp bilersiň. On ýyl ybadat ýalňyş gep­lemekden
gaça durmagy öwrenmek üçin, on ýyl ybadat bedeniňdäki artyk ýagdan dynmak üçin, on ýyl ybadat kalbyň isleglerini owsarlamak üçin, iň
soňky on ýyl bolsa beýleki ähli islegleriňden dynmak üçin gerek.
Az gülüň, köp aglaň, az iýip, az uklaň.
Allatagala bilen gürleşmezden bu dünýäni terk edýän kişi hakykatdan hem betbagtdyr.
Allatagalany tanamaga alyp barýan ýol päk hem yşkdan doly ýüreklere nesip edýän zatdyr, çünki ruhy serhoşlyk halyna düşen wagtyň
Onuň bilen söhbet etmek hakyky şatlyga sebäp bolýar.
Hemişe Allatagalany zikir edip geziň.
Allatagaladan aýralygyň berýän yzasy şeýlebir güýçli bolup, egerde ol bu yza ony duýýan az sanly adamlaryň kalbyndan daşary çyksady,
onda bu yzanyň odunda bütin dünýä ýanyp kül bolardy. Bu adamlaryň
kalbynda ýeke-täk isleg, ýagny Onuň hakyny bolmalysy ýaly edip ödemek üçin Ony hemişe zikir edip gezmek islegi bolýar. Emma olar bu
isleglerine amal edip bilmejekdiklerine akyl ýetirýärler.
Eger-de kalbyň Allatagala ýönelen bolsa, bütin dünýä duşmanyňa
öwrülse-de, ondan saňa zyýan gelmez.
Bir wagtyň özünde hem Allatagalany, hem öz nebsiňi keşp etmek
pany (fana) halyny başdan geçirýänligiň alamatydyr, diňe Allatagalany keşp etmegiň we başga hiç bir zadyň parhyny bilmezligiň bolsa
baky halynda ýaşaýanlygyňy görkezýär.
Ylahy Yşk ody bilen tutaşan we Ondan aýralygyň ejirine ýugrulan adam bilen söhbetdeş boljak bol.
Allatagalany zikir etmekden beýleki işleriň ählisinden ýüz öwür
hem-de dünýä bilen bagly zatlar hakda däl-de, diňe Ol hakda oýlan.
Allatagala bilen birlikde geçirilen ýekeje pursat bu dünýä üçin
edilen ömürboýy hyzmatdan arzylydyr.
Ýaradylan zatlaryň her biri Allatagalany çyndan gözleýän adam
üçin gurlan bir tordur. Ol şol tora islendik pursat düşüp biler.
253
Ömrüňiziň dowamynda hatda ýekeje gezek hem Allatagalanyň
gaharyny getiren bolsaňyz we Ony ýekeje gezek ynjydan bolsaňyz,
günäňizi geçmegi üçin doga edip, oňa ömürboýy ýalbarmaly
bolarsyňyz. Ol rehimlidigi sebäpli sizi bagyşlaýsa-da, barybir, Ony
ynjydanyňyz we emirlerini ýerine ýetirmändigiňiz üçin hemişe
kalbyňyz syzlar durar.
Allatagala ybadat edýänleriň arasynda iň gowusy kör, ker we lal
bolanydyr, ýagny Allatagaladan başgasyny görmeýän, diňe Onuň sesini eşidýän we diňe Onuň bilen gürleşýän kişidir.
Allatagala her kime bir ukyp berip, bizi oňa şeýlebir gümra edipdir welin, Ony görmez ýaly hala düşüpdiris. Allatagala bizi Özünden
aýyrmaz ýaly, dünýä bilen bagly zatlaryň ählisinden ýüz öwürmegimiz we diňe Ol hakda oýlanmagymyz gerek.
Köp adamlaryň ölüden tapawudy bolmasa-da, olary adamlaryň
arasynda görmek bolýar. Köp adamlar mazarda ýatan hem bolsalar,
olaryň dirilerden tapawudy ýokdur.
Allatagalanyň Yşky Onuň haky üçin kalbyny ýakyp, kül eden
adama miýesser edýär.
Meniň bedenim, dilim, kalbym ýok. Meniň diňe Hudaýym bar.
Ol – meniň içimde.
Bu dünýäde namaz okap, doga edýänleriň sany az däl, emma
edýän şol ybadatlarynyň miwesini olaryň sähelçesi ýany bilen o
dünýä äkidip bilýär.
Ýönekeý adamlar maňlaýlaryna ýazylan zada, weliler bolsa
maňlaý ýazgylarynda ýok zada eýe bolýarlar.
Allatagala gowşurýan ýolda diňe Ol bar – başga hiç zat ýok.
O dünýäde gülmek üçin bu dünýäde çekýän azaplaryňa, dökýän
gözýaşlaryňa sabyr et.
Allatagalanyň guly ýokluk (fana) halynda ýaşamaga başlanda,
oňa ylahy ýaşaýşyň eşigini geýdirýärler.
Allatagalanyň jemalyna jan-dilden teşne kişi tarykatyň ýokary
basgançagyna ulaşanda, ybadata şeýlebir berilýär welin, şol halda ol
bu dünýäniň derýalarynyň ählisiniň suwuny başyna çekse-de, ganmak beýlede dursun, gaýtam, teşneligi öňküsinden hem artýar. Şu
derejä ýeten adam dünýäden arasyny doly üzýär we özi islemezden
görkezýän keramatlaryna asla guwanmaýar.
254
Wepaly kişi üçin «Allatagalanyň guly» diýen derejeden uly dereje ýokdur.
Imanly adam üçin islendik ýer – metjit, her gün hem jumadyr.
Dilegçini hiç haçan yzyna eli boş gaýtarmaň. Karz alyň welin,
oňa nämedir bir zat beriň.
Myhmanlara güler ýüzli boluň.
Tarykatyň üç sany esasy menzili bar. Allatagalanyň nazaryna nähili bolup görünýän bolsaň, birinji menzilde özüňi şonuň ýaly
duýýarsyň. Ikinji menzilde sen Oňa, Ol bolsa saňa öwrülýär. Üçünji
menzilde ýaşamagyňy bes edýärsiň, Allatagala bolsa seni doly gurşap
alýar.
Ajal ýakaňyzdan tutýança, üç zada amal etmäge çalşyň. Birinjiden, Allatagala bolan yşkyňyzdan ýaňa şeýlebir güýçli aglaň:
gözüňizden ganly ýaş aksyn. Ikinjiden, Allatagaladan gorkyňyza
peşewiňiz gana dönsün. Üçünjiden, bedeniňizi duýmaz ýaly derejä
barýançaňyz, gijeleriňizi ukusyz geçiriň.
Diňe Allatagala bilen bile bolmaga çalyş we hatda Hydyr ata bolsa-da, janly-jandar bilen aragatnaşyk saklamakdan ýüz öwür. Adamlar
bilen aragatnaşykda bolmagyň ýoluny gözlär ýaly sen näme Allatagala bilen bile bolmakdan şeýle derejede irdiňmi? Seniň başgalardan
ýüz öwürmegiň hem-de diňe Oňa ymtylmagyň gerek.
Ýokluk (fana) halyna ulaşan mahalym özümi Ylahy Barlyga
çolanan ýaly duýdum, emma öz barlygyma (nebsime) guwanan mahalym doly ýitirim boldum.
Öz nebsimi ýeňmegi başaranymdan soň, suwuň meni gark edip,
oduň hem ýakyp bilmeýändigini aňladym. Soňra üç aý dört günläp
agzymy bekledim we ähli synaga döz gelmegi başardym.
Rehimdarlyk – Allatagalanyň sypaty. Biz rehimdar bolmaga
dalaş edip bilmeris.
Eý, gözlegdäki kişi, keramat eýesi bolmak isleýän bolsaň, üç
günden bir gün agzyňy beklemäge başla, soňra on dört gün yzygiderli agzyňy bekle. Soňra kyrk gün, yzyndan dört aý, iň soňunda-da tutuş bir ýyllap agzyň bekli gez. Şondan soňra bir hala düşersiň
we gözüňe bir zat görner. Onuň agzynda ýylana meňzeş zadyň
bardygyny saýgararsyň. Ýylana meňzeş şol zatdan datsaň, soňra hiç
haçan ajykmarsyň.
255
Men ajygyp başlamda, öňümde ýylana meňzeş zat peýda boldy,
emma ony datmakdan ýüz öwürdim. Çünki ol Allatagalanyň maňa tarap
inýän kereminiň öňüne perde boldy. Maňa Öz keremini gös-göni, araçysyz rowa görmegini diläp, Allatagala doga etdim. Şol wagt gaýypdan
gelýän: «Şu pursatdan başlap, hiç zat iýmeseň hem ajykmarsyň, iýmezden, içmezden açlygyňy-da, teşneligiňi-de gandyryp bilersiň» diýen owazy eşitdim. Hakykatdan hem şeýle boldy, şeýle bolmagyny-da dowam
edýär. Men aşgazanymdaky nämedigi belli bolmadyk zadyň arkasyndan
özümi mydama dok duýýaryn. Ol bal ýaly süýji we müşk ýaly bark urýar.
Meniň nämäniň hasabyna iýmitlenýänimi bolsa hiç kim bilmeýär.
Allatagaladan başgasyndan ýardama garaşýan döwrümde ybadat
edişimiň ugry bolmady. Ýaradylan zatlaryň ählisinden ýüz öwrüp,
bar ünsümi Allatagalada jemläp, özümi diňe Oňa bagyşlanymdan
soň, Onuň rehmetiniň arkasyndan ruhy ýolumdaky päsgelçilikleriň
ählisiniň zym-zyýat bolanyny aňladym. Men hiç hili tagalla etmezden, örän gowy hasyl topladym.
Allatagalanyň rehmetine akyl ýetirjek boluň. Onuň rehmetiniň
ýanynda bu dünýä mahsus günäler tozan zerresiçe ýokdur.
Men jennetiň hem, dowzahyň hem bolmazlygyny, adamlaryň
hem Allatagalany diňe Onuň öz hatyrasyna söýmeklerini isleýärin.
Allatagala tarap alyp barýan ýollar tükeniksiz we sanardan
kändir. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da ýoluň bardygyny
aýtsam, maňa ynanaýyň. Her kim özi üçin niýetlenen ýol bilen
başarnyklaryna görä öňe ilerleýär. Men ýollaryň haýsy birine aýak
bassam, kimdir biriniň eýýäm şol ýoly külterläp barýanynyň şaýady
boldum. Adamsyz ýekeje-de ýol ýokdy. Onsoň men: «Allahym, maňa
hiç kimiň ýöremäge ýürek etmeýän ýoluny görkez. Şol ýolda Senden
we menden başga kişi duş gelmesin» diýip, doga etmäge başladym.
Allatagala maňa gam-gussa ýoluny salgy berdi. Bu Allatagalanyň
huzuryna alyp barýan Yşk ýoly bilen öňe ilerlemek isleýän kişiniň
ejir çekmekden, öňünden çykyp biljek howplardan gorkmaly däldigini aňladýardy. Allatagalanyň emirlerine höwes bilen boýun bolmak
we bize bagyşlaýan sansyz nygmatlary üçin Oňa şükür etmek gerek.
Adam hemişe Oňa şükürde bolmalydyr.
Tarykat ýolunda gazanan üstünliklerimiň ählisi ilden çete çekilmegim hem-de dymyp gezmegim bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
256
Gaýypdan gulagyma şeýlebir owaz eşidildi: «Abu Hasan, emirlerime gulak sal, çünki Men ölüm kär etmeýän ýaşaýyşdyryn. Egerde sen Maňa boýun bolsaň, saňa bakylygy bagyşlaryn. Meniň eliňi
degirmegi gadagan eden zatlaryma ýakynlaşjak bolmagyňy bes et».
Allatagala keremli bolany üçin maňa Baýezit hezretleriniňkiden
ýokary bolan ruhy haly bagyşlady. Baýezit hezretleri: «Men oturymly
ýaşaýjy hem, sapardaky kişi hem däl» diýipdir. Bu meniň başdan geçirýän halymdan has pesdäki bir haldyr. Men barlykda birlik halyny
başdan geçirýärin we Allatagalany zyýarat edýärin. Allatagala nebsimi öldüreli bäri, dowzahdan gorkmaýaryn we jennet meni özüne
maýyl edenok. Allatagala maňa şeýlebir hal bagyşlady welin, jennetiň
we dowzahyň ýaşaýjylary şol haly başdan geçirselerdi, onda olar
ýaşamaklaryny bes ederdiler.
Allahym! Seniň maňa beren sowgadyň baky zat däl, meniň saňa
beren sowadym bolsa ölmek diýen zady bilmeýär. Çünki maňa beren
sowgadyň – bu meniň özüm, Saňa beren sowgadym bolsa Sensiň.
Men öljegimi bilýärin, Saňa bolsa ebedilik ýar.
Allahym! Senden ýaşamagymy bes edip, mende diňe Özüň galar
ýaly bir hal dileýärin.
Dünýä özüni söýýän kişiden gaçýar. Sen rehimdarlygyň sebäpli
hatda büdräp barýan kişä-de Saňa gowuşdyrýan ýoly çalt geçmäge
ýardam berýärsiň.
Allahym! Men Saňa hemişe yza berýärin, Sen bolsa maňa hemişe
täze nygmatlary bagyşlaýarsyň.
Käbir adamlar terkidünýälikden, başga birleri haja gitmekden,
ýene birleri bolsa ybadat etmekden lezzet alýarlar. Meni Özüňden
başga hiç bir zatdan lezzet gözlemez ýaly hala sal.
Allahym! Meni dogry zikir etmegiň ýoluny bilýän dostuň bilen
tanyşdyrmagyň üçin Saňa doga edýärin. Men oňa hyzmat edip, patasyny almaga mynasyp bolmak isleýärin.
Allahym! Men Seniň bar zada kaýyl bendäňden başga zat däl.
Saňa baş egmegimiň we Seni zikir etmegimiň Seniň üçin hiç hili
gymmaty ýok. Meni – başy ölümli, bil baglara hiç kimi bolmadyk
ejiz kişini dergähiňe kabul etmegiň we gorag astyna almagyň üçin
doga edýärin.
257
17.*
***
Günleriň birinde haýsydyr bir sopy howada uçup gelşine, Abu
Hasanyň öň ýanynda aşak inipdir we özüniň şol döwrüň Jüneýidi
we Şiblisidigini aýdypdyr. Onuň aýdanyny eşidip, Abu Hasan ruhy
serhoşlyk halyna düşüpdir, bir aýagyny ýere urup:
– Men – häzirki döwrüň Hudaýy we häzirki döwrüň Pygamberi
– diýip seslenipdir.
(Feridetdin Attar beýanynyň şu ýerinde Hüseýin ibn Mansur
Hallajyň hem şu haldaka wepat bolanyny habar beripdir).
***
Günleriň birinde Abu Hasanyň gulagyna gaýypdan şeýle bir
owaz gelipdir:
– Abu Hasan, eger-de Biz adamlara seniň Bize aýan, olardan bolsa gizlin ruhy derejäň hakda habar bersek, onda dinsiz hasaplap, seni
daşlap öldürerler.
Bu sözleri eşiden Abu Hasan:
– Allahym! Keýpsiz mahalyň Seniň bize nähili daraýanyňy
adamlara habar bermegimi isleýäňmi? Bilip goý, şeýdäýsem, hiç kim
saňa ybadat etmez we adamlaryň ählisi dinden çykar – diýipdir.
Şol wagt gaýypdan ýene bir owaz gelipdir:
– Biz hakda bilýänleriňi hiç kime aýtma, Biz hem adamlary senden habardar etmeris.
***
Günleriň birinde Abu Hasanyň gulagyna gaýypdan şeýlebir owaz
gelipdir:
– Abu Hasan, sen Bize degişli, Biz – saňa.
Abu Hasan bolsa:
– Allahym! Sen gudraty güýçli hökümdar, men bolsa Seniň tabyn
guluň – diýip seslenipdir.
***
Abu Hasan Allatagala doga edip, bu dünýäni terk etmäge rugsat
sorapdyr. Şol wagt gaýypdan şeýle owaz gelipdir:
258
– Dostlarymyz ýanyňa gelip, seniň bilen söhbet eder ýaly, Biz
seni Zeminde ýörite egledik. Seniň bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçiligi bolmadyk kişi adyňy gaýtalap we senden söz açyp, ruhy taýdan
kämilleşip biler.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Diridigimi unudan mahalym, özümi hakykatyň, diňe şonuň
gurşap duranyny gördüm.
Şol wagt gaýypdan şeýlebir owaz gelipdir:
– Iki dünýäde-de saňa degişli bolup biljek hiç zat ýok. Saňa diňe
Men degişli.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Dünýäden ýüz öwrelim bäri oňa bir gezek hem gaňrylyp bakamok, Allatagala bilen gürleşelim bäri bolsa, bir adam bilen hem
gepleşemok.
***
Günleriň birinde gaýypdan şeýlebir owaz gelipdir:
– Abu Hasan, saňa ylahylykdan beýleki zatlaryň ählisini
bagyşlaýarys.
Abu Hasan hezretleri şeýle jogap beripdir:
– Allahym! Meni senden aýyrýan bu iň soňky bagyş etme we
haýyşy ret etme perdesini syryp taşlasan-a. Çünki bu perde Sende
özüni gaýyp etmek isleýänler üçin päsgelçilik bolup hyzmat edýär.
Men hiç bir zadyň özümi Senden aýra salmazlygyny isleýärin.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Bu dünýäde Allatagalany söýýän kişiler Onuň nurana ýüzüni hemişe synlap gezmek isleýärler. Gamly günlerinde-de, şatlykly
günlerinde-de olar tesellini Allatagalanyň huzuryndan gözleýärler.
Aşyklar jennetde Ýaradany görjekdikleri we ol ýerde Onuň bilen
259
baky bile boljakdyklary berk wada berlende – diňe şu şert bilen jennetde ýaşamak üçin hak gazanmaga ymtylýarlar.
***
Abu Hasan hezretleri eden günäleriniň örän kändigine, okan
namazlarynyň bolsa örän azdygyna gynanar eken.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Meniň ryskyma Allatagalanyň jogap berýänligine gözüm ýet­
ýänçä, ryskymy gazanmak üçin tagalla etmegimi goýmadym.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Dünýädäki adamlaryň islendik mesele babatda näme etjeklerini bilmän kösenýändiklerine göz ýetirenimden soň, olara ynanmagy,
olardan ýardama garaşmagy, şonuň ýaly-da, olar bilen aragatnaşykda
bolmagy bes etdim.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Hiç kimiň halypasy bolasym gelenok. Hemişe: «Meniň üçin
diňe Allatagala ýeterlik» diýip ýaşasym gelýär.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Men size tagalla etmeli däl we ruhy maşklary ýerine ýetirmeli däl diýmeýärin. Emma siziň bir hakykaty unutmazlygyňyz gerek:
maşklary özüňiz ýerine ýetirmeýärsiňizde, diňe Onuň elinde gural bolup hyzmat edýärsiňiz.
Allatagala siziň üstüňiz bilen hereket edende, diňe şol ýagdaýda
hakyky ruhy durmuş başlanýar. Siziň edýän ybadatyňyz harytlaryny
bir söwdagäre ynanyp, olary islendik wagt yzyna alyp, söwdagäri
kör köpüksiz goýmaga hakynyň bardygy barada şertnama baglaşan
adamyň harydy ýalydyr.
260
Nebsiňiz ara düşmedik halatynda, Allatagalanyň hemişe ýanyňyz­
dadygyny unutmaň. Nebsiňizi ýok etýänçäňiz, Onuň barlygynyň tagamyny datmarsyňyz.
***
Abu Hasan hezrertlerinden:
– Ölümden gorkýaňmy? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Öli kişi ölmekden gorkmaýar – diýip jogap beripdir.
***
Abu Hasan hezretleri şeýle diýipdir:
– Kyrk ýyldan bäri nebsim bir sowuk zat içmegimi isleýär, emma
men oňa hä diýemok.
***
Günleriň birinde Abu Hasan hezretleri Allatagala mynajat edip:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.