Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 10

Total number of words is 3732
Total number of unique words is 1867
34.4 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçin Baýezit hezretlerinden gaýyşdan tikilen eşiginiň bir bölegini kesip bermegini talap edipdir. Şonda Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Eger-de men egnimdäki eşigimi däl-de, hamymy sypyryp bersem-de, meniň ýerine ýetirýän ruhy maşklarym ýaly maşklar bilen
meşgullanmasaň, ruhy kämillige eýe bolmarsyň.
***
Allatagalanyň yşkyna düşüp, kellesi sämäp duran adam günleriň
birinde:
– Allahym! Maňa Öz nazaryňy aýla! – diýip gygyrypdyr. Baýezit
hezretleri ondan:
– Onuň nazar salmagyna mynasyp bolaryň ýaly, nähili mynasyp
iş bitirdiň? – diýip sorapdyr. Ol:
– Allatagala maňa nazar salan badyna, zerur bolan häsiýetleriň
ählisini edinerin – diýip jogap beripdir. Onuň sözleri Baýezit hezretlerine ýarapdyr.
153
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Hudaýdan bir zat dileýän wagtym, Ol menden uzakda galdy.
Emma kalp gözüm açylyp, ähli zady unudamda we kalbymda diňe
Ony görmek isleginden başga isleg galmadyk wagty:
– Allahym! Baýezidiň ýanynda bol hem-de oňa nähili darasyň
gelse daraber! – diýip seslendim.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Eger-de meni dünýäniň ýeke-täk hökümdary diýip yglan etseler, bu hökmürowanlygy öten gije Allatagala gowuşmagy arzuwlap,
uludan dem alşyma çalyşmaryn.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
Men – Onuň guly. Onuň erkiniň ýanynda meniň erkimiň näme
gymmaty bar?
Kyrk ýyllap wagyz etdim. Wagyzlarymyň hiç kime peýdasy
degmedi. Emma Allatagalanyň islemegi bilen, adamlar wagyzlarymy
diňlemän hem ruhy ösüşe eýe boldular.
Allatagala söýýän kişisine ejir gönderýär.
Ýagşy häsiýetli adamlaryň üýşmeleňi ýagşy işden gowudyr. Ýaman häsiýetli adamlaryň üýşmeleňi ýaman işden erbetdir.
Öz güýjüňe däl-de, Onuň keremine bil bagla.
Ýaşaýan günleriňiň her birini iň soňky günüň hasapla.
Hudaýa bolan yşkyň bu dünýäni hem, o dünýäni hem unutmaga
mejbur etjek derejede güýçli bolsun.
Agyz beklemeklik rehmetiň inmegine sebäp bolýar.
***
Özüne berlen käbir soraglara Baýezit hezretleriniň beren jogap­lary:
– Hudaýa ulaşmak üçin näme etmeli?
– Özüňi gurşap duran dünýä nazar salma, ol hakdaky gürrüňleri
diňleme we adamlar bilen aragatnaşyk saklama.
154
– Näme üçin beýleki wagyzçylaryň wagzy seniňki ýaly gyzykly
bolup görnenok?
– Meniň ybadatym – arassa altyn, olaryňky bolsa garyndydan
ybarat. Beýlekiler «Ol we men» diýseler, men «Diňe Sen» diýýärin.
– Zyýaratçylar näme üçin rahatlyga gowşanoklar?
– Çünki olaryň gözleýän Zatlary ornuny üýtgedenok. Ol – mizemez hem baky. Şeýle bolansoň, Ony hemme ýerden gözlemekde
many bir barmy?
– Sen näçe ýaşyňda?
– Men dört ýaşymda, çünki dört ýyl mundan ozal Hudaýa
gowuşdym. Ömrümiň başdaky ýetmiş ýyly boş oýlanmalaryň gurbany boldy. Olary hasaba goşmaýaryn.
– Kime weli diýýärler?
– Bu derejä diňe Allatagalanyň bir özüni söýýän kişi mynasyp
bolýar.
– Ruhy durmuşymyzda nämeden gaça durmagymyz gerek?
– Ähli ünsüňizi ruhuňyzyň amalynda däl-de, Hudaýda jemläň.
– Hudaýa nädip gowşup bileris?
– Nebsiňizden ýüz öwrüň. Hudaýa barýan ýol şondadyr. Öz barlygyny Hudaýda gaýyp eden kişi Onuň hemme zatdygyny aňlaýar.
***
Baýezit hezretleriniň dogasy:
– Allahym! Zatyňdan aýrylmagym mümkin bolmaz ýaly, Seniň
bilen aramdaky perdäni syr. Allahym! Garyplyk we agzymy beklemegim meni Saňa ýakynlaşdyrdy. Seni diňe Seniň keremiňiň arkasyndan
tanaýaryn.
***
Baýezit hezretleri özünden tasawwufyň nämedigini soranlarynda:
– Ähli nygmatdan ýüz öwrüp, mydama gözlegde boluň. Ine, tasawwuf diýip şuňa aýdarlar – diýip jogap beripdir.
155
Abdyllah ibn MÜBÄREK
Z
amanyň zynaty, asmanyň direg sütüni, şerigat we tarykat
ymamy, sözüň hakyky manysynda uly hem kiçi jihatda bolan galamyň we gylyjyň hökümdary Abdullah ibn Mübärege alymlaryň
şahynşasy diýýärdiler. Ylymda we batyrgaýlykda onuň deňi-taýy
bolman, ajaýyp tarykatçylaryň, hormatly şerigat alymlarynyň biridi. Ylmyň dürli pudaklaryndan baş alyp çykýardy. Uly şyhlar bilen
duşuşyp, olaryň ählisiniň hormatyna mynasyp bolupdy. Onuň ýazan
eserleri meşhur bolup, görkezen keramatlary dilden-dile geçip gelipdir.
Bir gün ol bir märekä baran mahaly, şol ýerde oturan Süfýan
Sewri:
– Gel, bakalym, eý, Gündogaryň är kişisi – diýip seslenipdir. Bir
ýanda oturan Fudaýyl hem:
– Gündogaryň, Günbataryň we ikisiniň aralygyndaky ýerleriň är
kişisi – diýip, onuň aýdanynyň üstüni ýetiripdir.
Fudaýl ýaly biri onuň artykmaç taraplaryny şunuň ýaly edip nygtanyndan soň, onuň öwgüsini ýetirmezlik mümkin bolup bilermi?!
Onuň toba gelmegine bir çora tüýs ýüreginden aşyk bolmagy sebäp bolupdyr. Ol çora şeýle bir aşyk bolupdyr welin, ýöne
zowzullar ýörer eken. Abdullah bir gyş gijesinde yşkyna düşen aýal
maşgalasynyň ýaşaýan öýüniň öňünde durup, garaşmaga başlapdyr.
Magşugy hem onuň ýanyna çykyp, bular daňdana çenli bir-biriniň
ýüzünden gözlerini aýyrman, dünýäni unudypdyrlar. Şol gije dynman
gar ýagyp, töwerek agaryp duransoň, ertir namazynyň azany aýdylanda, Abdullah ol ýassy namazynyň azanymyka öýdüpdir. Birden
156
daş-töweregiň ýagtylyp gitmegi bilen bolsa, bütin gijäni söýgülisiniň
husny-jemalyna gark bolup geçirendigini aňlapdyr. Abdullah öz-özüne:
– Tüf seniň ýüzüňe, eý, Ibn Mübärek! Utan! Nebsiň haý-höwesi
üçin şeýle mübärek gijede daňdana çenli dyzyňy epmediň. Ymam
namazda uzyn bir süre okasa-ha, derrew jynyň atlanyberýär – diýip
igenmäge başlapdyr. Şobada-da köňlüni bir dert gaplap alyp, toba
edip, şondan soňra lükgeligi bilen ybadata berlipdir.
Ahyrynda Abdullah ibn Mübärek örän belent derejä ulaşypdyr.
Bir gülzarlyga baran ejesi onuň bir gül agajynyň astynda uklap ýatandygyny görüpdir. Bir ýylan hem agzyna nergiz ýapragyny alyp,
ony siňeklerden goraýar eken.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abdullah ibn Mübärek bir ýyl haja
gitjek eken, indiki ýylyny gazyda geçirip, ondan soňky ýylda-da söwda bilen meşgullanypdyr. Söwda edip gazanan puluny bolsa özünden ylym öwrenýänlere paýlap beripdir. Ýanyna gelen derwüşleriň
öňünde hurma goýup, soňra olaryň her biriniň öňüne üýşüren şänigini
sanap, hurmany iň köp iýen derwüşe öňündäki şänikleriň her birine
derek bir dirhem pul berer eken.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abdullah ibn Mübärek bir gezek ýaramaz häsiýetli bir adam bilen ýola çykypdyr we soňra onuň bilen
hoşlaşyp aýrylyşanyndan soň, aglamaga başlapdyr. Aglamagynyň sebäbini soranlara bolsa:
– O biçäre gitdi, ýaramaz gylygyny-da ýany bilen alyp gitdi (oňa
hiç hili peýdam degmedi) – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abdullah ibn Mübärek günleriň birinde çöl bilen düýeli barýarka, bir derwüş bilen gabatlaşypdyr we
oňa:
157
– Eý, derwüş! Biziň baýlygymyz bar, şol sebäpli hem bizi haj etmäge çagyrdylar. Sen bolsa çagyrylmadyk myhmansyň. Şu wagt nirä
barýaň? – diýip ýüzlenipdir. Derwüş:
– Öý eýesi keremli biri bolansoň, çagyrylmadyk myhmany has
gowy garşy alýar. Eger ol sizi öz öýi bolan Käbä çagyran bolsa, bizi
hut öz ýanyna çagyrandyr – diýip jogap beripdir. Abdullah:
– Emma ol bizden, ýagny baýlardan zekat sorapdyr – diýip seslenipdir.
– Ol zekat soran bolsa, biziň aladamyzy edip şeýdendir – diýip,
derwüş hem dek oturmandyr.
Derwüşden bu jogaby alan Abdullah utanypdyr we:
– Dogry aýdýarsyň – diýip, onuň bilen ylalaşypdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abdullah ibn Mübärek örän takwa adam bolupdyr. Günleriň birinde ol ýoluň ugrundaky düşelgede
atyndan düşüp, namaz okamaga başlapdyr. At gymmatbahaly atlaryň
biri eken. Ol töwerekdäki ekinlerden otlamaga başlapdyr. Şol sebäpli
Abdullah hezretleri atyny şol ýerde goýup, ýoluny pyýada dowam
edipdir. Munuň sebäbini soranlarynda bolsa:
– Atym döwlete degişli ekin meýdanynda otlady – diýip jogap
beripdir.
***
Abdullah ibn Mübärek bir gezek Şamda wagtlaýynça diläp alan galamyny eýesine gaýtaryp bermegi unudyp, Merwe baranyndan soň, muny
aňşyrypdyr we derrew ýola düşüp, ony eýesine gowşurýança ynjalmandyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde ýoldan geçip barýan
köre ýüzlenip:
– Hanha, Abdullah ibn Mübärek ýetip gelýär, gerek zadyňy ondan dile – diýipdirler. Körüň:
– Dur, ýa, Abdullah! – diýmegi bilen, ol aýak çekipdir.
– Allatagalanyň gözümi gaýtaryp bermegi üçin doga et – diýip,
kör ondan haýyş edipdir.
158
Abdullah başyny aşak egip, doga edipdir welin, körüň gözi açylaýypdyr.
***
Abdullah ibn Mübärek bilen bir adamyň arasynda aşakdaky sorag-jogap ýüze çykypdyr. Ol adam:
– Ynsandaky iň peýdaly häsiýet haýsydyr? – diýip sorapdyr.
– Akylynyň doly bolmagy?
– Eger şonuň ýaly bir akyl onda bolmasa näme?
– Şeýle bolsa, onda gowy edep häsiýetleriniň başy bolar?
– Ol hem bolmasa?
– Onda onuň dadyna maslahat sorap biläýjek ýukaýürek dogany
ýeter.
– Şonuň ýaly dogany bolmadyk halatynda, ol näme etmeli?
– Yzygiderli dymyp gezmeli.
– Ony-da başarmasa?
– Onda tarpa-taýyn öläýmek galýar.
***
Abdullah ibn Mübäregiň bir guly bolup, ýüz dinar tölese, ony
azat etmäge söz beripdir. Gul oňa her gün birnäçe teňňe bermäge
başlapdyr. Günleriň birinde Abdullahyň dosty oňa ýüzlenip:
– Seniň guluň her gün mazarystanlyga gidip, ölüleriň kepenini
soýýar we ony bazara äkidip satyp, gazanan puluny-da saňa getirip
berýär – diýipdir. Abdullahyň örän gahary gelip, mazarystana gidende
ony yzarlamagy we aýbyny açmagy ýüregine düwüpdir. Ol gulunyň
mazarystana gelip, sal-sal eşige bürenendigini we kellesine demir halka geýip, bir mazaryň içine girip gidendigini görüpdir. Gul iňňildäp
we doga edip, uzak gijesini mazarda geçiripdir, daň bilen hem metjide
tarap ugrapdyr. Abdullah hem onuň yzyndan galmandyr. Gul metjide
gelip, Allatagala mynajat edipdir:
– Allahym! Hojaýynyma bergimi bermeli wagtym golaýlady!
Derrew onuň öňünde bir şöhle peýda bolupdyr. Şöhle guluň doga
etmek üçin ýokary galdyran aýalaryna dolup, birnäçe dinara öwrülipdir. Gul ýaşaýan ýerine gidip, hojaýynyna dinarlary gowşurmak üçin
159
aýak üstüne galypdyr. Şol pursatda Abdullah gizlenip duran ýerinden
çykyp, oňa ýüzlenipdir:
– Gel, ornumyzy çalşaly: sen hojaýyn bol, men hem seniň guluň
bolaýyn.
Bu sözleri eşidip, gul Allatagala mynajat edipdir:
– Syrymyň üsti açyldy. Indi ýaşamak islemeýärin!
Ol sözüni tamamlan badyna jan beripdir. Abdullah ol ýykylmanka, göwresini tutmaga ýetişipdir we sal-sal eşigi bilen birlikde depin
edipdir. Şol gije düýşünde Abdullah ibn Mübäregiň ýanyna Muhammet alaýhyssalam we birtopar weli gelip:
– Abdullah, näme üçin biziň halan kişimizi sal-sal eşikli jaýladyň?
– diýipdirler.
***
Abdullah ibn Mübärek şeýle diýipdir:
– Hudaýa gulluk edýän kişi hiç wagt ejir çekmeýär.
Adamlardan gaça duruň.
Akmaklaryň üç gün soňra etjek işini şu gün ýerine ýetirýän kişi
danadyr.
***
Abdylla ibn Mübärek ölmezinden öň ähli baýlygyny garyplara
paýlapdyr. Gyzlaryna näme galdyranyny soranlara, ol:
– Hudaýy galdyrdym – diýip jogap beripdir.
160
Sufýan SEWRI
D
in we dindarlyk täji, terkidünýälik we hak ýol çyragy,
alymlaryň şyhy we patyşasy, ymam hem alym Sufýan Sewri
mertebesi belent adamlaryň hilinden bolup, oňa «imanly kişileriň
emiri» diýlip ýüzlenilmegine garşy çykan bolmandyr. Ol Haka tabyn
bolupdy we abraýy şeýdip gazanypdy. Şerigat we tarykat ylymlarynda
onuň deňi-taýy ýokdy. Ol bäş sany uly müjtehit alymyň biri bolup,
takwalygyň aňry derejesine ulaşypdy. Örän edepli we kiçigöwünlidi.
Şyhlaryň köpüsi bilen görşüpdir. Onuň mydama şol bir bolşy bolup,
şonlugyna-da galypdyr. Mysal üçin, günleriň birinde Ybraýym Edhem: «Gel, hadys diňläli!» diýip çakylyk ýollanda, ol derrew çagyrylan ýere gelipdir. Şonda Ybraýym Edhem: «Onuň häsiýetini barlap
görmek isledik» diýpdir.
***
Ol dogabitdi dindar diýilýän kişileriň hilindendi. Bir gün ejesi
tamyň üstüne çykyp, goňşusynyň serip goýan gurdundan dynnym
ýalyjagyny agzyna atypdyr. Şol wagt Sufýan ejesiniň garnynda eken.
Ol kellesi bilen onuň garnyna şeýlebir süsüpdir welin, ejesi akylyna
aýlanyp, goňşusy bilen razylaşmaga gidipdir.
***
Bir gezek Sufýan Sewri:
– Eý, hadysçylar! Hadysyň zekatyny beriň! – diýipdir.
– Hadysyň zekaty nämedir? – diýip soranlarynda bolsa:
– Ýigrimi hadysdan bäşisi bilen amal etmekdir – diýip jogap beripdir.
161
11.*
***
Rowaýat etmeklerine görä, Sufýan Sewriniň zamanynda halyflyk
eden hökümdara uýup namaz okan gezegi onuň namaz wagtynda sakgalyny sypalaýanyny göräýipdir. Sufýan:
– Mundan namaz bolmaz! Bu namazy erte kyýamat gününde
Arasat meýdanynda köne esgi kimin ýüzüňe urarlar – diýip seslenipdir. Halyf:
– Sesiňi gataltma! – diýip, onuň badyny almak isläpdir.
– Men bu ýalňyşyňy ýüzüňe basmakdan çekinsem, gan gusaryn
– diýip, Sufýan Sewri gara çynydygyny mälim edipdir.
Bu sözler halyfyň degnasyna degipdir. Başga biriniň şular ýaly
edip ýüzüne gelmegine batyrgaýlyk etmeginiň öňüni almak üçin ol
birnäçe günden soňra:
– Ony minaradan aşak taşlap öldüriň – diýip emir edipdir.
Şol gün Sufýan Sewri başyny bir belent mertebeli kişiniň gujagynda, aýaklaryny-da Sufýan ibn Uýeýnäniň gujagynda goýup uka
gidipdir. Halyfyň çykaran emri belent mertebeli bu iki kişä mälim
bolup, ony bu ýagdaýdan habardar etmekçi bolupdyrlar. Aslynda ol
oýa ýatan eken we olaryň niýetlerini aňyp:
– Näme boldy? – diýip sorapdyr. Oňa ýüze çykan ýagdaýy habar
berip, duýgudaşlyk bildiripdirler. Sufýan Sewri:
– Men janymdan el üzmejek bolup, alada galyp ýören biri däl.
Şeýle-de bolsa, dünýä işleriniň hem hakyny bermek gerek – diýipdir.
Ol gözlerini ýaşa dolduryp:
– Ýa, Rep! Bularyň başyndan aýylganç bir betbagtlyk inder! –
diýip doga edipdir.
Şol wagt halyf tagtynda otyr eken. Döwlet emeldarlary-da ýanyn­
damyş. Birdenkä bir tupan turup, onuň badyna ikä bölünen ullakan
agaç köşgüň depesinden inipdir. Köşgüň üçegi çöküp, halif emeldarlary bilen birlikde onuň aşagynda galypdyr.
Bu wakadan soňra Sufýan Sewriniň ýanynda oturan kişiler:
– Munuň ýaly çalt kabul edilen dogany görmändik – diýip seslenipdirler. Sufýan hezretleri hem:
– Bu aýdýanyňyzyň hem ugry bar, emma biziň hem hakyň dergähinde ýüzümiziň gara bolan ýeri ýokdur – diýipdir.
162
***
Rowaýat etmeklerine görä, tagta täze bir halyf çykypdyr. Ol Sufýan hezretlerine uly hormat goýupdyr. Günleriň birinde Sufýan birdenkä näsaglapdyr. Halyfyň ökde bir hristian tebibi bar eken. Suf­ýana
em etmegi üçin ol şol tebibi ugradypdyr. Sufýan hezretleriniň peşewi
guýlan çüýşäni daşyndan synlan tebip:
– Bu adamyň bagry Allatagaladan gorkusyna parçalanyp, şol
parçalar hem siýdik haltanyň üsti bilen daşary çykmaga başlapdyr.
Bir dine şu derejede uýýan biri bar bolsa, ol diniň boş bolmaga haky
ýok diýipdir we derrew kelemesini öwrüp, musulman bolupdyr. Bu
işden habardar bolan halyf:
– Biz hassanyň üstüne tebip gönderdikmikäk diýsek, asyl hassany tebibiň ýanyna ugradan bolsak näme! – diýip seslenipdir.
***
Sufýan Sewri bir adam bilen birlikde gurply adamyň öýüniň
deňinden geçip barýar eken. Ýanyndaky adam kaşaň öýi synlamaga
başlapdyr. Sufýan hezretleri onuň ünsüni başga ýana sowup:
– Siz bu owadan jaýlara şunuň ýaly göz bilen bakmasaňyzdy,
onda olaryň eýeleri hem munça puly isrip etmezdiler. Şonuň üçin
hem, bu jaýlara guwanyp bakmak bilen bu nähak isripe siz hem ortak
bolýarsyňyz – diýip seslenipdir.
***
Sufýan Sewri hezretleriniň bir goňşusy bar eken. Bu goňşusynyň
aradan çykanyny eşidip, ol pata ýerine barypdyr. Adamlar aradan çykan adamy ýagşylykda ýatlap:
– Bu gowy bir adamdy – diýip şaýatlyk edipdirler. Şonda Sufýan
Sewri:
– Halkyň ondan razydygyny bilen bolsam, jynaza namazyna gelmezdim, çünki adamlar mynapyk bolmadyk kişiden razy bolmaýarlar
– diýipdir.
163
***
Juma namazy okalýan uly metjidiň döwlet ýolbaşçylaryna niýetlenip, daşyna çäk çekilen ýerine baryp oturmak Sufýan Sewriniň
adaty bolupdyr. Ol ýerde soltanyň hasabyna gowy ysly zatlary tütetmäge başlanlarynda bolsa, onuň ysyny almazlyk üçin derrew aýak
üstüne galyp, soňra ol ýere golaýlaşmaz eken.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Sufýan hezretleri bir gün donuny
çöwre geýip, daşary çykypdyr. Oňa bu ýagdaýy duýdurypdyrlar. Ol
donuny gaýtadan çöwrüp geýmäge hem hyýallanypdyr, emma bu
niýetinden el çekip:
– Şu dony gudraty güýçli Allatagalanyň razylygy üçin geýipdim.
Indi ony adamlaryň sözi üçin çöwrüp, gaýtadan geýmek islemeýärin
– diýip seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde Sufýan hezretleri
ýuwunmak üçin hammama gidipdir. Ol görmegeý bir oglanyň içeri
girenini görüp:
– Muny daşary çykaryň! Her zenan maşgalanyň ýanynda bir,
her görmegeý oglanyň ýanynda-da on sekiz şeýtan bardyr. Şolar ony
adamlaryň gözüne görmegeý edip görkezýärler – diýip seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek birtopar ýoldaşy bilen düýeli Mekgäni nazarlap barýan Sufýan Sewri ýol boýy dynman aglap
barýarmyş. Ýoldaşlarynyň biri ondan:
– Eden günäleriňden gorkyňa aglaýaňmy? – diýip sorapdyr. Suf­
ýan hezretleri otuň guran baldajygyna tarap ümläp:
– Hakykatdan hem, günäm köpdür, emma olary toplasaň, şu
baldagyň agramyça agramy bolmasa gerek. Men öz ýanym bilen alyp
barýan imanym hakyky dälmikä diýip gorkýaryn – diýipdir.
164
***
Sufýan Sewri hezretleri bir gezek özünden sopuçylykdaky
«ýakyn» diýen aňlatmanyň manysy barada soranlarynda:
– Bu kalpdaky bir hereketdir (pygyldyr). Ýakyn dogry bolsa,
mag­ryfet şübhesiz zada öwrüler. Ýakyn – bu başyňa gelen her bir
zadyň Hakdan gelendigini bilmegiňdir ýa-da wada edilen zady gözüň
bilen görüp durmagyňdyr, hatda saňa has hem äşgär bolmagydyr.
Başgaça edip aýtsam, bu wada edilen zadyň gözüň öňünde janlanmagy, belki-de, ondan hem has aýdyň bolmagydyr – diýip jogap beripdir.
***
Bir gezek Sufýan Sewri hezretlerinden:
– Allahyň Resuly (s.a.w.): «Köp et iýilýän öýüň ýaşaýjylary
Allaha ýigrenji bolup görünýär» diýmek bilen nämäni göz öňünde
tutduka? – diýip sorapdyrlar.
Ol:
– Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýmek bilen gybatkeşleri göz
öňünde tutupdyr, çünki olaryň yzyny üzmän musulmanlaryň gybatyny
etmekleri olaryň etini iýmekleri bilen des-deňdir – diýip jogap beripdir.
***
Sufýan Sewri hezretleri bir gezek Hatam Asama ýüzlenip:
– Saňa dört sany zat aýtjak. Şol dört zada imansyzlyk we ylymsyzlyk sebäp bolýar. Birinjiden, adamlara azar bermek ýazgydyň
Allatagaladandygyny bilmezlikden gelip çykýar. Ýazgyda ynanmazlyk bolsa imansyzlygyň alamatydyr. Ikinjiden, musulmanlara göriplik
etmek kysmata ynanmazlykdan gelip çykýar. Bu hem imansyzlygyň
alamatydyr. Üçünjiden, haramdygy ýa-da halaldygy şübheli bolan baýlygy toplamak kyýamatdaky hasap-hesibe ynanmazlyk bilen baglanyşyklydyr. Kyýamatdaky hasap-hesibe ynanmazlyk bolsa
imansyzlygyň alamatydyr. Dördünjiden, Allatagalanyň azabyndan arkaýyn bolmak we beren wadasyna bil baglamak Onuň gorkuzmalaryna we beren wadalaryna göz ýummakdan başga zat däldir. Bu bolsa
imansyzlygyň hakyt özüdir.
165
***
Rowaýat etmeklerine görä, müritleriniň biri sapara gitmekçi bolsa, Sufýan Sewri:
– Satlyk ölüme duşsaň, meniň üçin satyn al – diýip haýyş eder
eken. Bir gün ol ömrüniň ahyrlandygyna göz ýetirip, aglamaga
başlapdyr we:
– Ölmegi arzuw edipdim. Şindi bolsa ölmek maňa örän agyr
gelýär. Käşgä saparlaryň ählisi bir hasany eliňe alyp, bir mytarany
suwdan dolduryp çykylýan saparlaryň hilinden bolsa bolmaýarmy!
Emma Allahyň huzuryna barmak üçin çykylan saparyň kynçylyklary
bilen oýun eder ýaly däl. Gudraty güýçli Allatagalanyň huzuryna barmak kyn zat – diýipdir.
Sufýan hezretleri heran-haçan ölüm we onuň ynsanyň üstüni
basyşy bilen bagly bir söz eşitse, birnäçe günläp özüne gelip bilmändir. Ol gabatlaşan kişisine:
– Ölüm gapyňy kakmazdan ozal oňa taýýarlan – diýip sargar
eken. Ol hem ölümden şunuň ýaly erbet gorkupdyr hem onuň gelmegini arzuw edipdir. Dostlary:
– Jenneti göwnüň küýseýärmi? – diýip soranlarynda bolsa, Suf­
ýan hezretleri başyny aşak salyp:
– Aýdýanyňyz näme? Jennet meniň ýaly birine nesip eder
öýdýäňizmi? – diýip, olaryň alpetinden alypdyr.
***
Sufýan Sewri hezretleri Basrada aradan çykypdyr. Şol döwürde
Basranyň emiri ony häkim edip bellemek maksady bilen tapyp getirmeklerini buýrupdyr. Gözläp, ahyry ony tapypdyrlar. Oňa içagyry
degen eken, emma şonda-da durman ybadat bilen meşgullanmagyny
dowam edipdir. Ony idäp baranlaryň hasaplamalaryna görä, ol şol
gije altmyş gezek täret alypdyr. Ol her gezek namaz okamakçy bolanda, täretini bozmaly bolupdyr.
– Munuň ýaly wagtda täretli bolmasaň-da zyýany ýok ahyryn –
diýenlere Sufýan hezretleri:
– Ezraýyl gelende, hapa däl-de, tämiz bolasym gelýär, çünki
hapa kişiniň Jenaby-Hakyň huzuryna barmaga ýüzi bolmaz – diýip
jogap beripdir.
166
***
Abdullah Mehdi şeýle diýipdir: «Sufýan maňa
– Meni ýüzin ýatyr, ajalym ýakynlaşdy – diýdi. Men ony ýüzin
ýatyrdym we ýagdaýy jemagata habar bermek üçin daşary çykdym.
Dönüp, içeri giremde, dostlarynyň ählisiniň onuň ýanyny alyp oturandygyny gördüm we olardan:
– Size kim habar berdi? – diýip soradym. Olar:
– Düýşümizde «Hany, Sufýanyň jynaza namazyny okamaga
taýýarlanyň!» diýen ses eşitdik – diýip jogap berdiler.
Jaýyň içi adamlardan ýaňa hyryn-dykyndy. Sufýan hezretleri jan
derini döküp ýatyrdy. Ol elini ýassygyň aşagyna sokup, ol ýerden içi
müň altyn teňňeli gapjyk çykaryp:
– Şuny sadaka hökmünde dagydyň – diýdi. Şol wagt:
– Muňa bir baksana, Sufýan dünýälik edinmeli däldigimizi
aýdyp, gulak etimizi guradýardy. Özüniň bolsa şunça altyny bar eken
– diýenler tapylmaga başlady. Sufýan hezretleri olara şeýle jogap
berdi:
– Bu pul dinimiň sakçysydyr. Bedenimi-de şunuň kömegi bilen
günäden goradym. Şonuň arkasyndan Iblis maňa el uzadyp bilmedi. Eger ol «Bu gün näme iýip, näme içip oňjak?» diýip was-wasa
bermekçi bolsa, «Ine, altyn» diýerdim. «Kepeniňem-ä ýok» diýse-de
«Ine, altyn» diýerdim. Onuň was-wasasyndan şeýdip goranardym.
Ýogsam, maňa bu altynlaryň geregi ýokdy.
Soňra ol kelemesini öwrüp, jan berdi».
***
Sufýan Sewri hezretleri şeýle diýipdir: «Pygamberimiziň (s.a.w.)
maňa belli bolan hadyslarynda aýdylýanlaryň ählisini ýerine ýetirdim.
Aglamagyň on hili görnüşi bardyr. Olaryň dokuzysy il gözüne
aglanýan agy bolup, diňe biri Allatagalany ýatlan mahalyň bogazyňa
dolýandyr. Eger Allahy ýatlan mahalyň gözüňden çynyň bilen bir
damja ýaş dökmegi başarsaň, şol hem az zat däldir.
Jarçy bir ýere ýygnanan köpçülige ýüzlenip: «Şu gün agşama
çenli ýaşasam bolýar» diýen aýaga galksyn» diýip yglan etse, ýerinden gozganan tapylmaz. Öňde bize nämäniň garaşýanynyň mälim167
digine garamazdan, adamlaryň arasyna baryp «Ölümine taýýarlyk
gören kişi aýak üstüne galsyn!» diýip jar çekdirilse-de, ýerinden turjak adam tapylmaz. Muňa haýran galmazlyk mümkin däl!
Bir işe Allatagalanyň razylygy üçin amal etmek şol işi ýerine
ýetirmekden kyndyr. Bir adam gowy iş ede-ede, ahyry onuň adyny
«Äşgär amal edenleriň depderine» girizerler. Soňra ol eden işi bilen
öwünmäge başlasa, ony dilinden düşürmese, onda ahyry onuň adyna
«Göz üçin amal edenleriň depderinden» ýer bererler.
Biriniň saňa «Sen nähili gowy adamsyň!» diýmegi «Sen nähili
ýaramaz adamsyň!» diýmeginden gulagyňa hoş ýakýan bolsa, heniz
hem erbetligiňden saplanmandygyňy bilip goý!
***
Bir ýaş ýigit haja gidip bilmeýänligi üçin ejir baryny çekýär
eken. Sufýan hezretleri onuň ýanyna baryp:
– Men dört gezek haja gitdim. Emma men şol hajlaryň sogabyny
seniň ejir çekip uludan alan ýekeje demiňe çalyşmaga taýyn – diýipdir. Ýaş ýigit onuň teklibini kabul edip, bu alyş-çalyş amala aşypdyr.
Taraplaryň ikisi hem hoşnut bolupdyr.
Gije Sufýan hezretleriniň gulagyna gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Sen girdejili alyş-beriş edip, asmanyň ýaşaýjylarynyň ählisiniň
baýamagyna sebäp bolup biljek zady şeýle arzan baha satyn aldyň.
***
Sufýan Sewri hezretleri şeýle diýipdir:
– Bütin dünýä saňa gülüp bakjak we onuň ähli baýlygy seniňki
boljak diýseler hem, Allatagalanyň dostlugyny şol zatlara çalyşmakdan
ýüz öwür.
Men kimdir birinden sowgat almaga gorkýaryn, çünki şeýtsem,
kalbymda sowgat beren adama söýgi döremegi mümkin. Men diňe
Hudaýa bolan söýgim bilen galmak isleýärin.
Adama garşy edilen günä Hudaýa garşy edilen günäden erbetdir.
Adamlar üçin oýa bolanlaryndan ukuda bolanlary bähbitlidir,
çünki olar ukudakalar dünýä işleri barada alada etmeýärler.
168
***
Bir adam Sufýan hezretlerinden:
– Adamlardan çete çekilen kişi näme bilen iýmitlenmeli? – diýip
sorapdyr. Ol hem:
– Hudaýdan gorkýan kişi azyksyz galmaz – diýip jogap beripdir.
169
Muhammet ŞAPYGY
Y
mam Şapygynyň üstün taraplary sanardan kändir. Ol hakda
örän köp rowaýat gelip ýetipdir.
Jahan ymamy Ahmet ibn Hanbal üç ýüz müň hadysy ýatdan bil­
ýändigine garamazdan, oňa şägirtlik edip, başyny ýalaňaçlap hyzmatynda gezipdir. Birnäçeleri onuň bu bolşuny oňlaman:
– Bu derejedäki adam uly ussatlaryň we şyhlaryň söhbetlerini
terk edip, ýigrimi bäş ýaşyndaky ýetginjegiň öňünde dyzyna çöküp
oturarmy?! – diýipdirler. Ahmet:
– Meniň ýatdan bilýän zatlarymyň manysy oňa aýan. Şol zatlaryň
manysyny ondan öwrenmedik bolsadyk, wagtymyzy olaryň manysyny
tirip ýörmäge sarp etmeli bolardyk. Ol habarlaryň, rowaýatlaryň we
okan zatlarynyň hakykatyna akyl ýetirmegi başarýar. Biziň bilýän
hadyslarymyz beýlebir köp däl. Ol bolsa jahanyň Güni, halkyň sag­
lygydyr – diýip, olar bilen ylalaşmandyr.
***
Muhammet ilki-ilkiler çakylyklara we nika toýlaryna barmandyr,
durman aglapdyr, ýanyp tutaşypdyr. Heniz bäbek wagty oňa müň ýyl­
lyk halat geýdiripdirler. Şol sebäpli Selim Raýy bilen duşuşyp, uzak
wagtyň dowamynda onuň söhbetlerini diňläp, alan bilimine görä amal
etmekde dersdeşleriniň ählisinden öňe saýlanypdyr. Mysal üçin, Abdullah Ansary:
– Onuň mezhebinde däldigime garamazdan, ymam Şapygyny
gowy görýärin, çünki haýsy mertebä nazar aýlasam, onuň özümden
öňdedigini görýärin – diýipdir.
170
***
Rowaýat etmeklerine görä, Muhammet Şapygy bir gezek dersiň
dowamynda on gezek turup oturypdyr.
– Bu näme etdigiň? – diýip soranlara bolsa:
– Hezreti Alynyň neslinden bolan bir adam medresäniň gapysynyň
agzynda alyş-beriş bilen meşgullanýar. Ol gapynyň garşysynda peýda
bolup, oňa gözüm düşen badyna, hormat goýup, ýerimden turýaryn,
çünki Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öwlatlaryndan birine gözüň düşen
wagty aýaga galkmasaň, hiç gelşikli bolmaz – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde bir kişi Mekgede
müjewürlik edýänlere bermekleri üçin belli bir mukdarda pul gönderipdir. Bu puluň bir bölegini şol döwürde Mekgede ýaşaýan ymam
Şapyga gowşurmak üçin, onuň huzuryna barypdyrlar. Ymam Şapygy:
– Puluň eýesi ony kime bermegi tabşyrypdyr? – diýip sorapdyr.
– Ol bu puly takwa garyplara bermelidigini aýdypdyr – diýen
jogaby eşiden ymam Şapygy:
– Takwa kişi däldigim sebäpli, bu puly almak maňa dogry bolmaz – diýip, puly almakdan ýüz öwrüpdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek ymam Şapygy Mekgä gelende, ýanynda on müň altyn puly bar eken. «Ol bu pula bir ekin meýdany bilen bir süri goýun edinse gerek» diýen gürrüňi eşidip, ymam
Şapygy derrew Mekgäniň daşynda bir çadyr gurupdyr we ýanyndaky
altynlary öňünde üýşürip goýup, her geçene bir owuç altyn bermäge
başlapdyr. Şeýlelik bilen, öýläne çenli altynlaryndan nam-nyşan galmandyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, ymam Şapygy ýetginjek mahaly
Mekgede müjewürlik edýär eken. Gijelerine Käbede şem ýakýandyk­
laryna garamazdan, ol kitabyny Aýyň yşygynda okaýarmyş.
171
– Şemiň yşygy barka, kitaby Aýyň yşygynda okamaň näme? –
diýenlere-de:
– Bu şem kitap okamak üçin däl-de, Käbäni ýagtyltmak üçin
ýakylýar – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, her ýyl Rum diýaryndan Harun
Reşide paç hökmünde pul gönderipdirler. Bir gezek rumlular dört ýüz
keşişi onuň huzuryna gönderip:
– Biz yslam alymlary bilen jedel etmäge geldik, eger olar bizden üstün çyksa, paç tölemegimizi dowam ederis. Biz üstün çykaýsak
welin, paç hantama bolmaň – diýmegi tabşyrypdyr. Halyf Bagdatdaky
alymlaryň Dijle derýasynyň kenaryna toplanmalydyklary barada jar
çekdiripdir. Soňra bolsa ymam Şapygyny gözledip tapdyrypdyr-da,
oňa:
– Olaryň garşysyna özüň çykmaly bolarsyň – diýipdir. Çagyrylan kişiler Dijläniň kenaryna ýygnanansoňlar, ymam Şapygy bir namazlygy egnine atyp, suwuň ýüzünden ýöräp ugrapdyr we aňyrrakda
namazlygyny ýazyp:
– Kim meniň bilen jedel etmekçi bolsa, şu ýere gelsin – diýip
seslenipdir. Bu manzary gören keşişleriň ählisi toba edip, musulman
bolupdyr. «Keşişler ymam Şapygynyň täsiri bilen musulman boldular» diýen habary alan Rum kaýsary:
– Onuň bu ýere gelmändigine şükür edýärin! Eger ol bu ýerlerde peýda bolsa, onda tutuş Rum ilinde zünnardyr haçdan nam-nyşan
galmazdy – diýipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, käbir adamlar Harun Reşide:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.