Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 13

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 1899
33.4 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hem ynjalanok. Munuň soňunyň nirä barjagyny endişe edip aglaýaryn.
***
Ibn Atadan her günde Gurhany Kerimden näçe sahypa okaýanyny soranlarynda, ol:
– Öňler günde iki hatym edýärdim. Soňky hatymyma dört ýyl
mundan ozal başlapdym, emma bu güne çenli diňe «Enfal» süresine
ýetmegi başardym. Öňler Gurhany Kerimi manysyndan bihabar halda okaýardym, şindi bolsa manysyna gowuja göz ýetirip okaýaryn
– diýip jogap beripdir.
209
14.*
***
Ibn Ata hezretleri şeýle diýipdir:
– Diňe kalby bilen meşgullanmak welileri, diňe yşaratlary ýatlap
gezmek aryflary, hakykatlardaky yşarat Allatagalanyň ýeke-täkdigine
ynanýanlary heläk eder.
Ýeke hudaýlylar dört topardan ybarat bolup, birinji topar häzir
dowam edip duran wagta we hala; ikinjisi netijä; üçünjisi hakykatlara;
dördünjisi bolsa ezelde maňlaýa ýazylana bakar.
Pygamberlere mahsus iň pes dereje şehitleriň iň belent derejesidir. Şehitlere mahsus iň pes dereje salyh kişileriň iň belent derejesidir.
Salyh kişilere mahsus iň pes dereje ýöne bir imanly kişileriň iň belent
derejesidir.
Allatagalanyň gullarynyň arasynda dogry bir şekilde Oňa gowu­
şan­lary bardyr. Olaryň gözlerini Allatagalanyň nury mydamalyk
aýdyňladandyr. Ýaşaýyşlary diňe Oňa baglydyr. Kalplary Oňa
gowuşandygy üçin ýakyn ylmynyň (Allatagalany şübhesiz, dogry we
kesgin şekilde tanamak) berýän sapasy bilen mydama oňa nazar eýlärler. Olaryň ýaşaýşynyň Allatagalanyň ýaşaýşy bilen birleşendigine
hiç hili şübhe ýokdur. Şol sebäpli hem olar hiç haçan ölümiň ajysyny
datmazlar.
Gowy zada gözügidijilik weli üçin parzdyr.
Dostluga we muhabbete gözügidijilik, gör, nähili gowudyr.
Hümmet wagtlaýyn zatlaryň hiç biriniň aradan aýryp bilmejek
zadydyr.
Hümmet dünýäde ýok zatdyr.
210
Abu Bekir KETTANY
D
ürslük makamynyň eýesi, hümmeti belent ymam, ýardam
äleminiň çyrasy, Mekgäniň şyhy, öz zamanasynyň piri, takwalykda we magrifetde deňi-taýy bolmadyk Abu Bekir Kettany Hijazyň
şyhlarynyň ulularyndan biri bolup, sopuçylyk ýoluny şerigat bilen
ylalaşdyryjy pikirleri öňe süren parasatly adamdy. Ol weli hökmünde
belli bir derejä eýedi. Abu Bekir Kettany hezretleri şeýle diýipdir: «Bir
gezek men haja gitmek üçin ejemden rugsat aldym. Çöl bilen gidip
barýarkam, gusul (boý) täretini almagymy zerurlyga öwürýän bir hala
düşdüm. Içimden: «Bu ýola çykmagyň bir şertini-hä berjaý etmedik
bolsam gerek» diýip pikirlendim-de, yza döndüm. Öýüme ýakynlap,
ejemiň gapa arkasyny berip oturanyny gördüm. Men ondan:
– Eje jan, gitmäge maňa özüň rugsat bermänmidiň näme? – diýip
soradym. Ol:
– Hawa, rugsat beripdim, emma içinde sen bolmaňsoň, öýüme tarap bakmaga ýürek edip bilmeýärin! Ýola çykalyň bäri şu oturyşymdyr.
Gaýdyp gelýänçäň şeýdip oturmagy niýet edipdim – diýip seslendi.
Ejem aradan çykanyndan soň, haja gitmek üçin gaýtadan ýola
düşdüm. Gidip barýarkam, çölde, aradan çykandygyna garamazdan,
gülüp ýatan derwüşiň üstünden bardym. Ondan: «Hem ölüp, hem gülüp ýatyrmyň?» diýip soradym we:
– Allah söýgüsi, ine, şunuň ýaly bolýar! – diýen jogaby aldym».
***
Abu Hasan Müzeýýin şeýle diýipdir:
– Haja gitmek üçin ulagsyz we ýanym azyksyz ýola düşüpdim.
Zemzem guýusynyň başyndaky howzuň kenaryna baryp oturdym we
211
içimden: «Azyksyz we ulagsyz çöli kesip geçmegi başaraýdym-ow»
diýen badyma, biri maňa:
– Öz-özüňe boş sözleri sözläp oturma! – diýip gygyrdy. Sesiň
çykan tarapyna bakamda, Kettana gözüm düşdi. Derrew toba edip,
gudraty güýçli Allaha sygyndym.
***
Kettany hezretleri şeýle diýipdir:
– Kalbymda imanly kişileriň emiri hezreti Ala bir sowuklygyň
bardygyny duýýardym. Munuň ýekeje sebäbi bardy. Allahyň Resuly (s.a.w.): «Lä fetä illä Ali» («Alydan başga ýigit ýokdur») diýipdi. Hakykatdan hem Mugawyýaňky ýalňyş, onuňky bolsa dogrudy.
Men öz ýanymdan: «Haliflik hakyndan ýüz öwrüp, bu wezipäni Mugawyýa beren bolsa, munça gan dökülmezdi. Eýsem, ýigitlik şony
talap etmeýärmi näme?!» diýip içimi gepledýärdim. Öýüm Safa bilen Merwäniň aralygynda ýerleşýärdi. Bir gije Pygamberimiz (s.a.w.)
düýşüme girdi. Ýanynda-da sahabalary bardy. Ol meni ýanyna çagyryp, Abu Bekire (Allah ondan razy bolsun!) tarap yşarat etdi-de:
– Bu kim? – diýip sorady. Men:
– Bu – Abu Bekir – diýip jogap berdim. Soňra Omara tarap yşarat
edip, öňki soragyny gaýtalady.
– Bu – Omar – diýdim. Soňra Osmana tarap yşarat edip, şol bir
soragyny gaýtalady.
– Bu – Osman – diýdim. Soňra Ala tarap yşarat etdi:
– Bu kim?
Kalbymda oňa bolan sowuklygyň we öýkäniň bardygy üçin bir
zat diýmäge utandym. Hezreti Pygamber (s.a.w.) meni Aly (Allah
ondan razy bolsun!) bilen dogan okaşdyrdy. Şondan soňra biz
gujaklaşdyk. Olar ýanymyzdan gidensoň, men imanly kişileriň emiri
hezreti Aly bilen ikiçäk galdym. Onuň: «Ýör, Abu Kubeýs dagyna çykaly!» diýip teklip etmegi bilen dagyň depesine çykdyk we ol ýerden
Käbäni synlamaga başladyk.
Oýanan mahalym Abu Kubeýs dagynyň depesinde ýatanymy
gördüm. Kalbymda bolsa hezreti Ala bolan sowuklykdan we öýkeden
nam-nyşan galmandy.
212
***
Abu Bekir Kettany hezretleri şeýle diýipdir:
– Biri meniň edýän söhbetimi diňlemäge gelýärdi, emma onuň
öňümde oturanyny görmek maňa örän agyr degýärdi. «Biri-biriňize
sowgat berseňiz, gowy görşersiňiz» hadysy-şeribine uýup, oňa bir
zady sowgat berdim. Şonda-da halym öňküliginden gowulaşmady.
Halys bolmansoň, ony öýüme alyp baryp, ýanyn ýatdym-da:
– Aýagyň bilen ýaňagyma bas – diýdim. Emma ol diýenimi etmedi. Ýakasyndan el çekmämsoň, ol aýagyny ýaňagyma goýmaga
mejbur boldy. Tä köňlümdäki agyrlyk ýok bolup, onuň ýerini söýgi
tutýança, onuň aýagyny ýaňagymdan aýyrmagyna ýol bermedim.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir adam şeýle diýipdir:
– Bir gezek halalyndan ýigrimi dirhem pul gazanypdym. Men
Abu Bekir Kettany hezretleriniň huzuryna baryp, şol puly onuň
namazlygynyň bir gyrasynda goýup:
– Zerur zatlaryňyza sarp edersiňiz – diýdim. Ol maňa tarap alarylyp garady-da:
– Men şu pursady we meni gaplap alan şu ruhy haly ýetmiş
müň altyna satyn alypdym. Sen munuň bilen meni azdyrmag-a isleýän dälsiň-dä – diýip, aýak üstüne galdy we namazlygyny silkip
goýberip, çykyp gitdi. Men kümüş pullary ýerden toplaýardym we öň
şunuň ýaly kuwwatly adamy görmändigim, özümiň hem beýle ejiz
hala düşmändigim barada oýlanýardym. Ol şeýle bir kuwwatly, men
bolsa şeýle bir ejizdim!
***
Abu Bekir Kettany hezretleri ýatan ýerinde jan berjek bolup,
ejir baryny çekip, dünýä gözüne görünmeýän müridiniň ýanyny alyp
otyr eken. Müridi birdenkä gözlerini açyp, Käbä tarap seredipdir. Şol
pursatda bir düýe oňa golaýlap, gözlerine depipdir welin, olar hanasyndan çykaýypdyr. Munuň yzysüre gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Biz oňa merhemet edip, Özümizi görmek üçin mümkinçilik
döretdik. Ol bolsa şol pursatda gözlerini açyp, Käbä tarap seretmek
213
arkaly (ýagny Käbäniň Eýesini däl-de, Käbäniň özüni ileri tutmak arkaly) öňümizde günä işledi. Şonuň üçin hem biz ony jezalandyrdyk.
***
Abu Bekir Kettany hezretlerinden:
– Kalbyňdaky islegden we açgözlülikden nädip dynmaly? – diýip
sorapdyrlar. Ol:
– Her gün: «Allahym! Senden başga ebedi zat ýok. Seniň nuruňyň
kalbymy oýarmagy üçin doga edýärin» diýip, kyrk gezek gaýtalaň –
diýip jogap beripdir.
***
Abu Bekir Kettany hezretleri şeýle diýipdir:
– Imanly kişi namaz okaýan wagty Allatagala onuň öňünde günä
geçme derwezesini açýar.
Bedeniň bu dünýäde, kalbyň ahyretde ýaşasyn.
Saba bilen Allatagalanyň emrine görä hereket edýän we Oňa ilçi
bolup hyzmat edýän ýel öwüsýär. Ol Allatagalanyň ýanyna özi bilen imanly kişileriň kalbyndaky ejirleri, olaryň Allatagalany ýatlap
dökýän gözýaşlaryny we edýän puşmanlaryny alyp gidýär.
214
Abu Muhammet JERIRI
W
elilik gupbasynyň bir nagşy, hakykat Käbesiniň sada
zyýaratçysy, seresaplydan oýlanyşykly hereket etmegi
başarýan, aşyk, sadyk, dindar, daşky dünýä bilen işi bolman, kalp gözi
bilen Haky görmegi başaran, öz döwrüniň şyhy Abu Muhammet Ahmet ibn Muhammet Jeriri (Allah oňa rehim eýlesin!) uly mertebäniň
eýesi bolupdyr. Jüneýit hezretleri öz müritlerine: «Menden soňra ornumy Abu Muhammet Jeriri eýelär» diýer eken. Abu Muhammet Jeriri Abdullah Tüsteriniň söhbetlerine gatnapdyr.
Onuň: «Ýigrimi ýyllap ýeke wagtym hem aýagymy uzadyp oturmadym, çünki Allahyň huzurynda edepli bolmak gelişýär!» diýen
sözlerinden nähili kämil edebe eýe bolandygyny aňşyrmak bolýar.
Rowaýat etmeklerine görä, ol bir ýyllap Mekgede ýaşapdyr we
şol wagtyň dowamynda hiç uklamandyr, gepleşmändir, arkasyny ýere
degirmändir, aýagyny-da uzadyp oturmandyr. Abu Bekir Kettany ondan:
– Şeýle bir biçimde ýaşamaga we hemişe ybadat edip ýören ýaly
bolup ýaşamaga nämäniň arkasyndan güýç-kuwwat tapdyň? – diýip
soranda, ol:
– Allatagala kalbymdaky wepadarlygymy we tüýs ýüregimden
özüne baglydygymy bilip, bedenime kuwwat berdi» diýip jogap beripdir.
***
Hezreti Jüneýit aradan çykanyndan soň, Abu Muhammet Jeririni
onuň ýerine geçiripdirler. Şonda ol şeýle bir wakany gürrüň beripdir:
215
– Bir gün ak reňkli algyr guş gözüme ildi. Soňra kyrk ýyllap
awçylyk etsem-de, ony ele salyp bilmedim.
Bir gezek hem ikindi namazy wagtynda aýak ýalaňaç, uzyn saçly
derwüş derwüşhana gelip, täret aldy. Iki rekagat namaz okap hem, kel­
lesini ýakasyndan köýneginiň içine sokdy. Halyf şol gije meni dostlarym bilen birlikde öz köşgüne çagyrypdy. Men myhman derwüşiň
ýanyna baryp:
– Derwüşler bilen birlikde çakylyga gidesiň gelýärmi? – diýdim.
Derwüş kellesini ýakasyndan daşary çykaryp:
– Halyfyň ýanyna gitmek meýlim ýok, emma bulamak hödür
etseňiz, ýüz öwürmezdim. Bu haýyşymy ýerine ýetirseň, oňa ýetesi
zat ýok, bolmasa-da näme etjegiňi özüň bilýäň – diýip seslendi we
gaýtadan kellesini ýakasyndan köýneginiň içine sokdy. Men içimden:
«Derwüşlere goşulmakdan ýüz öwrüp, öz şahsy islegini öňe sürşüne
baksaň, bu kişi ýaňy-ýakynda musulman bolan bolmaly» diýip pikir etdim we ondan ünsümi sowup, öz işim bilen boldum. Sema
edip, yzyma dolanyp gelenimde, ol heniz hem kellesini ýakasyndan
köýneginiň içine sokup duran eken.
Men ony öz gününe goýup, hüjräme girdim-de, uka gitdim.
Düýşümde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iki sany goja kişini ýanyna
alyp, yzyna-da müňlerçe kişini tirkäp ýetip gelýänini gördüm.
– Bu iki goja kim? – diýip, oňa ýüzlendim. Ol:
– Bularyň biri Ybraýym Halylulla, beýlekisi Musa Kelimulla,
yzymdakylar hem pygamberler – diýip jogap berdi.
Men derrew okdurylyp baryp, onuň elini gysjak boldum. Emma
ol maňa ýüz bermedi.
– Ýa, Allahyň Resuly! Menden mübärek ýüzüňi öwrer ýaly,
näme telek iş etdim?! – diýip, Pygamberimize ýüzlendim. Ol bolsa:
– Dostlarymdan biri bulamak iýesiniň gelýänini saňa mälim etdi.
Sen bolsa gysgançlyk edip, onuň bu islegini kanagatlandyrmadyň
– diýip seslendi. Men şobada aglap ukudan oýandym. Şol wagt
derwüşhanadan biriniň hyk-çoky gulagyma geldi. Men içimden:
«Derwüş gitmekçi bolýar öýdýän» diýip pikirlendim-de, onuň ýanyna baryp:
216
– Eý, hormatly derwüş! Islegiňi kanagatlandyryp bilmegim üçin
biraz aýak çekip bilmezmisiň? – diýip, ondan haýyş etdim. Ol başyny
aşak salyp ýylgyrdy-da:
– Bir kişi senden bir arzuwynyň ýerine ýetirilmegini haýyş edýär,
sen bolsa ýüz ýigrimi müň pygamber şepagat edýänçä, onuň islegini
kanagatlandyrmaýarsyň – diýip çykyp gidiberdi. Kän wagtlap ony
gözlesem-de, ol gaýdyp maňa duşmady. Şeýdip, ondan gelen bu awy
ele salyp bilmedim.
***
Abu Muhammet Jeriri şeýle diýipdir: «Bagdadyň iň uly metjidinde bir derwüş bar eken. Tomus bolsun, gyş bolsun, ol ýeke köýnekden başga zat geýmändir. Munuň sebäbini soranlara-da: «Gowy-gowy eşikleri geýmegi halaýan biridim. Bir gije düýşümde jennete
tarap gidip barýanymy gördüm. Jennete golaýlamda, saçagyň daşyna
egrilip oturan birtopar pukara kişä gözüm düşdi. Men hem olaryň ýanynda oturmak isledim. Emma bir perişde golumdan tutup:
– Sen bulardan dälsiň. Bular diňe bir köýnekden başga eşik satyn
almaga güýji ýetmeýän pukara kişilerdir – diýdi-de, meni ol ýerden
uzaklaşdyrdy. Oýananymdan soň: «Gaýdyp bir gezek hem ýeke köýnekden başga zat geýmerin» diýip, Allatagala bilen wadalaşdym»
diýip jogap beripdir».
***
Rowaýat etmeklerine görä, Jeririniň bir mejlisi bar eken. Bu mej­
lise gatnaşýan ýetginjekleriň biri aýak üstüne galkyp:
– Kalbymy ýitirdim, ony yzyna dolamaklary üçin doga edip ber!
– diýip, oňa ýüzlenipdir. Jeriri bolsa:
– Ählimiziň başymyzda-da şonuň ýaly bir dert bar – diýip seslenipdir.
***
Abu Muhammet Jeriri şeýle diýipdir: «Yslam dininiň ýüze çykan ilkinji asyrynda dine daýanyp hereket ederdiler. Ol adamlar
ötüp gidensoňlar, din hem sylynyp gitdi. Ikinji asyrda wepa daýanyp
217
amal etdiler. Ol adamlar dünýäden göçüp gidensoň, wepa-da ortadan
galkdy. Üçünji asyrda adamçylyga daýanyp amal etdiler. Olar baka
göç edensoň, adamçylykdan hem nyşan galmady. Ondan soňky asyrda haýa daýanyp amal etdiler. Olar aradan çykansoň, haýa-da galmady. Şindi adamlar höweslendirilmäge, gorkuzylmaga daýanyp
amal edýärler.
Nebsiň waswasasyna gulak gabardan, nebsiň golastyna düşen,
arzuwlara ýesir bolan, haý-höwes zyndanynda tussaglykda ýatan
kişiniň kalbyna Allatagala ruhy joşguny we peýdany haram kylar».
***
Jeriri hezretleri şeýle diýipdir:
– Az iýýän kişi tarykat ýolunda has gowy ilerleýär.
218
Hüseýin ibn MANSUR HALLAÇ
A
llah ýolunda Hak tarapyndan şehit edilen, ylym tokaýynyň
arslany, jeňde saplary ýaryp geçen, batyr ýürekli, sytdyh,
tolkunlap ýatan magrifet deňzinde gark bolan Hüseýin ibn Mansur
Hallajyň (Allah oňa rehim eýlesin!) üýtgeşik bir ykbaly bolup, ol birtopar geň wakalary başdan geçiripdir. Ol örän joşgunly we syzgyr
adam bolupdyr, güýçli bölünişik alawlarynyň içinde mes, kararsyz
we haly perişan ýagdaýda ömür sürüpdir. Hüseýin hakyky we bagry
gara köýük bir aşyk bolup, hümmeti uly, derejesi hem belentdi. Mysal
üçin, ussat Abu Kasym Kuşeýri ol hakda: «Eger Hallaç ylalaşanyňa
degýän adam bolsa, onda adamlaryň özüni ret etmekleri bilen ret edilen hasaplanmaz. Ol ret edilmäge mynasyp biri bolsa-da, halkyň onuň
bilen ylalalaşany üçin makul birine öwrülmez» diýipdir.
Käbir kişiler onuň jadygöýlik bilen arasynyň bolandygyny
aýdypdyrlar, käbir şerigatçy alymlar bolsa ony imandan daş adam
hasaplapdyrlar. Käbirleri onuň adamy hudaýlaşdyrýanlaryň toparyn­
dandygyny aýtsa, başga birleri ony dogry ýoldan azaşanlaryň hataryna goşupdyr. Emma ýeke hudaýlylygyň ysyny alan kişiniň akylyndan
onuň şolar ýaly adamlaryň hilindendigi baradaky pikiriň geçmegi
mümkin däl. Onuň şeýledigini aýdýan adamyň ýeke hudaýlylygyň
düýp manysyndan habary ýok bolmaly.
Öz döwürdeşleriniň şunuň ýaly uly pire gowy düşünmändikleri
örän gynandyrýar. Eger-de ösüp oturan bir agaç: «Anal – Hakk (Men
– Hak)» diýip seslense, siz onuň öňünde baş egmäge taýýar. Emma şol
sözleri diline alan adamy jellat çapgy ýassygyna baş goýmaga mejbur
edýärsiňiz. Siziň bir zady bilmegiňiz gerek: ruhy serhoşlyk halyna
219
düşüp, şol sözleri diline alýan uly weliler şol pursatda Allatagalanyň
adyndan gürleýärler. Allatagala olaryň dili bilen gürleýär, olaryň
özüniň bolsa şol wagt ölüden tapawudy bolmaýar.
Oňa düşünenler hem bolupdyr. Şyh Abu Abdullah ibn Halyf:
«Hüseýin ibn Mansur hudaýtarapyn bir alymdyr» diýipdir. Şibli bolsa şeýle diýipdir: «Meniň Hallaçdan tapawutlanýan ýerim ýok. Diňe
meni däli hasaplanlary üçin halas boldum, Hüseýini bolsa akyly heläk
etdi».
***
Hüseýin on alty ýaşynda Tustar şäherine gelip, bu ýerde iki ýyl­
lap ýaşapdyr. Soňra ol Doharka göçüp baryp, Omar ibn Osman Mekge
hezretlerine şägirt durupdyr. Ol bu şäherde Ýakup Akta hezretleriniň
gyzyna öýlenipdir. Şondan soňra birnäçe wagtlap Bagdatda Jüneýit
hezretleriniň ýanynda ýaşapdyr. Mansur bu ýerden Hijaza gidip, ol
ýerde sopulardan ybarat topar bilen tanyş bolupdyr hem-de olar bilen
birlikde Bagdada – Jüneýit hezretleriniň ýanyna dolanyp gelipdir. Ol
Jüneýit hezretlerine bir sorag bilen ýüzlenipdir. Uly weliniň jogaby
onuň geljekki ykbalyny aýdyňladypdyr:
– Günleriň birinde sen agaç bölegini gyzyl reňke boýarsyň.
Halypasynyň jogabyny eşidip, Hüseýin:
– Bu waka ýüze çykanda sopularyň geýýän hyrkasyny çykaryp,
ýönekeý adamlara mahsus eşik geýmäge mejbur bolarsyň – diýip seslenipdir.
Bu hut şeýle-de bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Hüseýin hezretlerine ölüm jezasyny bermek baradaky hökümiň astyna gol goýmagy
abraýly din wekillerinden haýyş edenlerinde, tä Jüneýit hezretleri
goluny goýýança, muňa ýürek edip bilmändirler. Jüneýit hezretleri
nätjegini bilmän ýaýdanypdyr. Halyf bolsa, ol goluny goýýança Hüseýini jezalandyrmajagyny aýdyp, aýak diräp durupdyr. Ahyry Jüneýit hez­retleri egnindäki hyrkasyny çykaryp, dünýewi mugallymyň
geýýän eşigi ýaly eşik geýip, hökümiň aşagyna goluny goýupdyr-da:
– Men bu höküme gol goýmak bilen Hüseýiniň özüni alyp
barşyndan ugur alýaryn we ony şu jeza mynasyp hasaplaýaryn.
220
***
Jüneýit hezretlerinden öz beren soragynyň jogabyna derek
soňra bolşy-bolşy ýaly amala aşan ýowuz welilik habaryny eşiden
Hüseýiniň lapy keç bolup, halypasy bilen hoşlaşypdyr-da, aýaly bilen birlikde Tustara göçüp gidipdir. Ol bu ýerde bir ýyllap ýaşapdyr.
Ýerli ýaşaýjylar oňa uly hormat goýupdyrlar. Hüseýin hezretleri
ikiýüzli dindarlary tankyt astyna almagy endik edinipdir. Bu olaryň
gaharyny getiripdir. Olar Hüseýiniň garşysyna dildüwşük gurapdyrlar. Dildüwşüge Omar ibn Osman hezretleri işjeň gatnaşypdyr. Ol
Hüseýini heläk etmek maksady bilen, dildüwşüge gatnaşýanlaryň
ulanmagy üçin töhmetden doly hatlary ýazyp beripdir. Hüseýin öz
garaýyşlaryna şunuň ýaly edilip garşy çykylmagyna çydam edip bilmändir. Ol egnindäki hyrkasyny çykaryp, ýönekeý adamlaryň geýýän
eşigini geýipdir. Emma ol şol wagta çenli tarykat ýolunda ýokary
makamlaryň birine ýetip, bu makama mahsus halyň kalbyna dolanyna eýýäm tutuş bäş ýyl bolan eken. Bu döwürde ol Seistan, Kerman
we Nimroz şäherlerinde saparda bolupdyr. Hüseýin ajaýyp eserleriň
birnäçesini ýazypdyr, edýän wagyzlary bolsa şeýle bir joşgunly bolupdyr welin, oňa «Gizlin ylmyň mugallymy» diýmäge başlapdyrlar.
Soňra Hüseýin hezretleri Basra göçüp barypdyr we ýene sopy
hyrkasyny geýmäge başlapdyr. Biraz soňra ol Mekge şäherine
barypdyr. Şäheriň ýaşaýjylary ony jadygöýdür öýdüpdirler. Hüseýin
hezretleri Basra dolanypdyr we bu ýerden ilki Hindistana, ol ýerden
hem Hytaýa syýahat etmegi ýüregine düwüpdir. Bu syýahatdan dolanyp geleninden soň, ol ikinji gezek haja gidipdir. Hüseýinde uly ruhy
özgerişlikler bolup geçipdir. Onuň wagyzlary syrly jümlelerden doly
bolupdyr, şonuň üçin hem şägirtleriniň sany beýlebir köp bolmandyr.
Hüseýin hezretlerini yzarlapdyrlar we ony baran ýerlerinden kowmak
bilen bolupdyrlar.
***
Bir gezek Hüseýin hezretleri Käbäni zyýarat etmek üçin dört
müň hajy bilen birlikde ýola çykypdyr. Bu ýere gelip, ol bir ýyllap
aýakýalaňaç we başy açyk ýagdaýda bir duran ýerinden butnamandyr.
Käte bir adam gelip, oňa çörek we bir küýze suw getirip berer eken.
221
Emma ol setanda-seýranda bolaýmasa, bir döwüm çörek hem iýmändir. Şonuň üçin hem ysgyn-mydarsyz hala gelipdir. Ol süňk bolup
galypdyr, endamynyň hamy bürşüp, hamynyň o ýeri, bu ýeri jaýryk
atypdyr. Onuň eşiginde içýan mesgen tutupdyr. Adamlaryň ýanynda
ol:
– Allahym! Geň Galmak Jülgesinden geçýänleriň ýolbeledi
Özüňsiň. Eger-de men dinsiz bolsam, onda dinsizligimi artdyr – diýip
doga eder eken. Adamlar ýanyny terk edip, ýeke galanda bolsa:
– Diňe Seni tanaýaryn we Senden başgasynyň öňünde baş egmeýärin. Maňa gönderen nygmatlaryň üçin minnetdardyryn. Maňa
rowa gören nygmatlaryň şeýlebir köp welin, dilimiň ýekedigi üçin
minnetdarlygymy doly aňladyp bilmeýärin. Şonuň üçin hem meniň
adymdan Öz-özüňe minnetdarlyk bildir – diýip seslener eken.
***
Günleriň birinde Hüseýin hezretleri çöl ýerde Hawas hezretlerine duşup, bu ýere näme üçin gelenini sorapdyr. Ol:
– Men Allatagala töwekgel etmegi öwrenmäge çalyşýaryn we
Allatagala iýer ýaly bir zat gönderse-de, göndermese-de, ikisine hem
razy bolmaga jan edýärin – diýip jogap beripdir. Hüseýin hezretleri
oňa şeýle diýipdir:
– Sen garnyň bilen şeýle kän meşgullanmakçy bolýaňmy? Sen
haçan özüňi Allatagalanyň birliginde gaýyp etmekçi?
***
Hüseýiniň oturan zyndanynda başga-da üç ýüz bendi bar eken.
Olardan:
– Erkinlige çykasyňyz gelýärmi? – diýip sorapdyr. Zyndandan
çykmaga meýillidiklerini bileninden soň, ol bir yşarat edipdir welin,
bendileriň baglangy zynjyrlary ýazyp, zyndanyň gapysy giňden açylypdyr. Bendiler onuň hem özlerine goşularyna garaşypdyrlar. Ol
zyndandaşlaryna ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Meniň Hudaý bilen bir gizlin işim bar. Onuň nämedigi meni
jellat çapgy ýassygynyň ýanyna çykaranlarynda belli bolar. Men –
Hudaýyň, öz Eýämiň bendesi. Şonuň üçin hem Onuň ýazgydyna
boýun bolmagym gerek.
222
Bu rowaýatyň başga bir nusgasynda aýdylyşyna görä, zyndanda
Hüseýin ibn Mansurdan başga-da üç ýüz kişi bar eken. Bir gije ol
ýanyndakylara ýüzlenip:
– Eý, tussaglar! Geliň, men sizi bu ýerden halas edeýin – diýipdir. Ondan:
– Munuň ýaly bir başarnygyň bar bolsa, onda özüňi näme üçin
halas edeňok? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Biz Allahyň gözegçiligi astynda gezýäris. Onuň hemaýat bermegi bilen sag-salamatlykda ömür sürýäris. Eger islesek, gollaryňyzdaky
zynjyry ýekän-ýekän çözüp bileris – diýip jogap beripdir. Soňra bolsa
barmagy bilen yşarat edipdir welin, tussaglaryň ellerini baglap duran
zynjyrlar çözülip, ýere syrygyp düşüpdir. Tussaglar:
– Ellerimizi boşadanyň-a gowy welin, zyndanyň gapysy gulply.
Indi biz bu ýerden nädip çykaly? – diýipdirler. Hüseýin ibn Mansur
Hallaç barmagy bilen ýene bir gezek yşarat edipdir. Şobada zyndanyň
diwarlarynda birtopar gädik peýda bolupdyr.
Ir bilen zyndanyň gulplarynyň ählisiniň ýazdyrylandygyny,
bendileriň hem gaçyp gidendigini bilipdirler. Hüseýinden gije näme
bolup geçenini sorapdyrlar. Ol bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir. Beýleki bendiler bilen gaçyp gitmändiginiň sebäbi barada soranlarynda bolsa:
– Men Hojaýynymyň gaharyny getirdim we Ol maňa şu jezany
berdi. Şonuň üçin hem gaçmadym – diýip jogap beripdir.
Bu wakanyň habaryny alan halif has uly ýaramazlyklara sebäp
bolmaz ýaly, derrew Hüseýiniň kellesini kesmegi emir edipdir. Ilki
bilen oňa üç ýüz gamçy urupdyrlar. Gamçy her gezek oňa degende:
– Eý, Hüseýin! Men senden ýaňa arkaýyn. Sen baryna döz
gelersiň – diýen ses eşidilipdir. Ony jezalandyrmak üçin taýýarlanan
ýeriň töwereginde ýüz müň adam ýygnanypdyr. Ol daş-töweregine
göz aýlapdyr-da:
– Hak, Hak, Enel-Hak – diýip seslenipdir.
Şol aldym-berdimli pursatda bir derwüş ondan yşka kesgitleme
bermegini haýyş edipdir. Hüseýin onuň bu soragyň jogabyny şu gün,
ertir we birigün aljagyny mälim edipdir. Ol şol gün jezalandyrylypdyr,
ertesi başy kesilen göwresini oda ýakypdyrlar, birigüni bolsa külüni
ýele sowrupdyrlar. Bu Hüseýiniň derwüşiň soragyna beren jogabydy.
223
Hüseýini jezalandyrjak bolup durkalar, onuň hyzmatkäri ondan
iň soňky gezek nesihat bermegini haýyş edipdir. Şonda ol şeýle diýipdir:
– Hiç haçan nebsiň isleg-arzuwlaryny ýerine ýetirme. Eger-de
onuň isleglerini kanagatlandyrsaň, ol seni pes işleri etmäge mejbur
eder.
Ogly hem Hüseýin hezretlerinden nesihat sorapdyr. Ol:
– Adamlar ahlakly durmuşda ýaşamaga ymtylýar. Sen bolsa
ylahy durmuşyň gözleginde bol. Ol has gowudyr. Ylahy durmuşda
sähelçe wagt ýaşasaň hem, şojagaz wagtyň içinde gazanan sogabyň
adamlaryň we perişdeleriň eden ýagşy işleriniň ählisine beriljek sogapdan artyk bolar – diýip seslenipdir.
***
Özüne jeza berilmeli ýere barýan mahaly Hüseýiniň ýüzi gülüp dur eken. Ondan şunuň ýaly wagt şatlanmaga nädip gaýratynyň
çatýandygyny sorapdyrlar. Ol:
– Şu wagt tüýs şatlanaýmaly pursat-da, çünki men öýüme dolanyp barýaryn. Meniň Dostum asla zalym däl. Ol maňa Öýüň Eýesiniň
myhmanlara hödür edýän şerabyny içirdi. Men şeraby soňky damjasyna çenli sokga sordum. Şondan soňra Ol mukaddes aýda ýyl aşan
çakyry şeýle köp içen adamy jezalandyrmagy gylyja emir etdi – diýip
jogap beripdir. Soňra Hüseýin jellat çapgy ýassygynyň duran ýerine
alyp barýan basgançagy öpüpdir we Käbä tarap öwrülip:
– Sen maňa gözlän zadymy bagyşladyň – diýipdir. Soňra hem:
– Ýaş wagtym men bir ýaş zenana gyýa göz bilen garadym. Şonuň
üçin hem jezalandyryldym. Şunuň ýaly günä etmekden we onuň aýyl­
ganç netijeleleri sebäpli ejir çekmekden ägä bol – diýip seslenipdir.
Şibli Hüseýinden sopuçylygyň nämedigini düşündirmegi haýyş
edipdir we:
– Seniň şu wagt synlaýan tomaşaň – bu sopuçylykdyr. Özi-de bu
onuň iň aşaky derejesidir – diýen jogaby alypdyr. Şibli ýene:
– Bu şeýle bolýan bolsa, onuň iň ýokary basgançagy nähili bol­
ýar? – diýip sorapdyr. Hüseýin oňa:
– Seniň muňa düşüner ýaly ýagdaýyň ýok – diýip jogap beripdir.
224
***
Halyf jeza ýerine jemlenen märekä Hüseýini daşlamagy emir
edipdir. Ol özüne degen daşlaryň yzasyna çydapdyr. Emma Şibli
ony gül bilen uranda, ol bagyryp goýberipdir. Munuň sebäbini soranlarynda, ol:
– Meni daşlan adamlar nadan bolup, meniň halymdan habarlary
ýok. Emma Şiblini bagyşlamaga hiç hili delil ýok, çünki ol ähli zatdan habarly – diýip jogap beripdir.
Hüseýiniň ellerini kesipdirler, onuň bolsa şolbir ýylgyryp
durşumyş. Näme üçin ýylgyrýanyny soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
– Olar etdir süňkden ybarat ellerimi kesip taşladylar, emma men
ruhumyň elleri bilen Allatagalanyň synyndan ýapyşdym. Jellatlar bu
ellerime galtaşmaga milt edip bilenoklar. Ine, şuňa ýylgyrýaryn.
Soňra jellat onuň aýaklaryny çapyp taşlapdyr. Ol ýene:
– Olar meniň ruhumyň aýaklaryna zyýan berip bilenoklar, men
bolsa olaryň kömegi bilen hatda iki dünýäni hem keşt edip bilýärin –
diýip seslenipdir.
Soňra Hüseýin ýüzüni çapylgy ýatan elleridir aýaklaryna oýkap:
– Men şu gün özümi bagtly duýýaryn, çünki jebir çekeniň gany
ýüzümde yzyny goýdy – diýip seslenipdir. Soňra ol doga etmek üçin
ellerini ýokary göterýän ýaly edip gobsunypdyr we Yşk dogasyny
okapdyr.
Soňra onuň gözlerini oýup, dilini sogrupdyrlar. Iň soňunda-da
kellesini kesipdirler. Heniz dilini sogurmankalar, ol şeýle doga edipdir:
– Allahym! Soňuna çenli arkaýynlyk we durnuklylyk bagyşlanyň
üçin Saňa minnetdardyryn. Şu baýlygy meni yzarlanlara hem rowa
görmegiňi isleýärin.
Bu sözleri eşidip, adamlar ony daşlamaga başlapdyr. Ol şonda:
– Biribaryň dostlugy seni tapawutlandyrýar we seýrek adamlaryň
hataryna goşýar – diýip, iň soňky sözlerini aýdypdyr.
Kellesini kesenlerinde ol gülüpdir we ruhy Ýaradana gowşupdyr.
Onuň çapylyp taşlanan beden agzalarynyň ählisi birlikde: «Minel-Hak» diýip gygyrmaga başlapdyr. Halyf olary bir ýere toplap, ýakma225
15.*
gy emir edipdir. Onuň küli-de şol sözleri aýtmaga başlapdyr: «Minel-Hak». Onuň külüni Dijle derýasyna taşlanlarynda, kül bölekleri suwuň
ýüzünde: «Minel-Hak» diýen sözleri emele getiripdir. Derýanyň suwy
möwç alyp, hanasyndan çykmaga başlapdyr. Hüseýin şeýle boljagyny
öňünden bilip, hyzmatkärine şeýle ýagdaý ýüze çykanda, derýany
köşeşdirmek we Bagdadyň suwuň astynda galmagynyň öňüni almak
üçin öz eşigini suwa taşlamagy tabşyran eken.
Suw ýuwaşapdyr we onuň kenarlaryndan toplanan küli depin
edipdirler.
***
Hüseýin ibn Mansur Hallajyň ölümi mynasybetli Apbas Tusy
hez­retleri şeýle diýipdir:
– Ruhy serhoşlygy zerarly dünýäni düňderäýmeginden howatyrlanyp, kyýamat gününde Hüseýin ibn Mansury gandally alyp gelerler.
***
Hüseýin hezretleri jezalandyryljak gününiň öň ýanyndaky gijesini jellat çapgy ýassygynyň ýanynda oturyp, doga edip geçiripdir.
Şonda onuň gulagyna gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Biz Hüseýine Öz syrlarymyzdan birini ynandyk. Ol syrymyzy
özgelere paş etdi. Şonuň üçin hem Biz ony Soltanyň syryny paş edenlere berilýän jeza bilen jezalandyrdyk.
***
Hüseýin ibn Mansur Hallaç mydama agzy bekli gezip, ybadat
bilen meşgul bolup, magryfetiň (Allatagalany tanamagyň) we ýeke
hudaýlylygyň tymsalyna öwrülipdir. «Enel-Hak» aňlatmasy agzyndan
çykan wagty dogry ýolda bolanlardan, şerigat we sünnet boýunça
ýaşaýanlardan özüni aýry saýmaýardy. Şeýle-de bolsa, şyhlaryň käbiri ondan daşlaşanlaryny kem görmändirler. Muňa dinden çykmagy,
mezhepden ýüz öwürmegi däl-de, şyhlaryň onuň sermestligini halamazlyklary sebäp bolupdyr. Başgaça edip aýtsak, Hal­laç ynanjy däl-de, özüni alyp barşy sebäpli terk edilipdir.
226
***
Rowaýat etmeklerine görä, Hüseýin ibn Mansur Hallaç bir gije-gündiziň dowamynda dört ýüz rekagat namaz okar eken. Ol muny
özi üçin parz hasap edipdir. Ol: «Şunuň ýaly belent derejä eýe bolup
durkaň, näme üçin beýle muşakgat çekýärsiň?» diýip, özünden soranlara: «Dostlaryň işine ne rahatlyk, ne-de agyr zähmet täsir eder.
Dostlaryň sypatlary pany bolansoň, rahatlyk we zähmet olara täsir
etmez» diýip jogap berer eken.
Ol elli ýaşyndaka şeýle diýipdir: «Häzire çenli mezhepleriň hiç
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.