Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 05

Total number of words is 3834
Total number of unique words is 1897
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
getirýärsiň. Geçen şenbe gijesinde maňa salawat aýtmagy unutdyň.
Şonuň günäsini ýuwmak üçin şu habary saňa ýetirene dört ýüz altyn
ber» diýmegi tabşyrandygymy habar ber.»
Rabyýanyň kakasy ukudan oýanyp, ir bilen Pygamber alaýhys­
salamyň düýşünde aýdan sözlerini kagyza ýazyp, ony alypdyr-da, Isa
Radanyň öýüniň öňüne baryp, şol ýazgyny emire gowşurmaklaryny
haýyş edipdir.
Isa Radan ýazgynyň mazmuny bilen tanyş bolanyndan soň, hez­
reti Pygamber alaýhyssalamyň özüni ýatlanyna şükür edip, munuň
şanyna on müň dirhemi sadaka paýlamagy, Rabyýanyň kakasyna bolsa dört ýüz altyn pul bermegi emir edipdir. Soňra bolsa özi onuň ýanyna çykyp: «Men seniň içeri girmegiňi näler islärdim. Emma muny
göwnüme jaý görmedim. Çünki sen hezreti Pygamber alaýhyssalamyň
habaryny maňa ýetirmek mertebesine – bu artykmaçlyga eýesiň. Şol
sebäpli özüm öňüňden çykmagy, aýagyň tozuny sakgalyma sürtmegi
makul bildim. Indiden beýläk bir zada mätäçlik çeken mahalyň maňa
ýüz tutsaň, saňa kömek etjegime Allatagaladan ant içýärin» diýipdir.
Rabyýanyň kakasy emiriň beren altynlaryny gerek-ýarak zatlaryna harçlapdyr.
Rabyýa ese-boýa galanda, kakasydyr ejesi aradan çykypdyr. Şol
döwürde-de Basra aýylganç bir açlygyň penjesine düşüpdir. Açlyk
zerarly Rabyýanyň aýal doganlarynyň hersi bir ýere düşüpdir. Onuň
özüni bolsa ejizliginden peýdalanan bir zalym kişi sähelçe pula satyp
goýberipdir.
Rabyýany satyn alan kişi oňa kyn, agyr işleri buýrupdyr. Naçar
gyz bir gezek ýol bilen gelýärkä, özüne gyýa göz bilen bakan bir keseki kişiden gaçyp barşyna ýykylyp, elini döwdüripdir we mynajat
etmäge başlapdyr:
– Allahym! Ýeke-ýalňyzam, enem-atam ýok. Ýesir düşdüm, elim
döwüldi. Ýöne bu zatlar piňime-de däl. Maňa diňe Seniň razylygyň
gerek. Menden razydygyňy ýa-da razy däldigiňi bilip biläýsedim!
Şol wagt gaýypdan bir owaz gelipdir:
67
– Gam çekme! Geljekde sen şeýle bir mertebä eýe boljaksyň
welin, asmandaky perişdeler seni tanaýandyklaryny aýdyp öwünjek­
ler, ýanyňda bolmaga çalyşjaklar.
Şol günden soňra Rabyýa mydama agzy bekli gezmäge, gijelerini namaz okap geçirmäge başlapdyr.
Rabyýanyň hojaýyny bir gije ukudan oýananda, gulagyna bir ses
eşidilipdir. Ol bu sesiň Rabyýa degişlidigini bilipdir. Gyz mynajat
edýär ekeni:
– Allahym! Seniň permanyňa uýmagyň köňlümiň arzuwydygyny
bilýärsiň. Huzuryňda hyzmat emek bolsa gözümiň nurudyr. Eger elimde bolsady, onda her bir pursadymy Saňa hyzmat edip geçirerdim,
dynç almazdan, Saňa tagatda bolardym. Emma Sen meni bir bendäňiň
emrine berdiň. Şol sebäpli hem Saňa isleşimçe hyzmat edip bilemok!
Hojaýyny görse, Rabyýanyň başujunda bir çyra asylgymyş.
Özem hiç bir zada bagly bolmazdan, howada butnaman durmuş.
Otagyň içi bolsa nurdan dolumyş. Bu keramaty gören hojaýyn öz-özüne: «Mundan beýläk ony gul ornunda tutup bolmaz» diýipdir.
Ol ertesi Rabyýa ýüzlenip:
– Seni azat etdim. Isleseň, bu ýerde gal – barymyz hyzmatyňda
bolaly. Bolmasa-da, islän ýeriňe gidip bilersiň – diýipdir.
Şondan soňra Rabyýa rugsat sorap, ol öýi terk edipdir we özüni ybadata beripdir. Aýdyşlaryna görä, ol gije-gündiziň dowamynda
müň rekat namaz okaýar eken. Käte bolsa gidip, Hasan Basrynyň wagyzlaryny diňläpdir.
***
Bir gezek hezreti Rabyýanyň ýoly Mekge şäheriniň üstünden
düşüpdir. Ol heniz çölüň ortasyndaka, Käbäniň garşy almak üçin özüne ýakynlap gelýändigini görüp, şeýle diýipdir:
– Maňa Käbäniň Rebbi gerek! Men Käbäni näme edeýin? Meniň
Käbäni görmäge takatym ýetmez. Käbäniň jemaly bilen nikalaşyp bolarmy?! Men özümi: «Kim maňa bir garyş ýakynlaşsa, Men oňa bir
gulaç ýakynlaşaryn» diýeniň garşylamagyny isleýärin! Men Käbä nä
ýüzüme bakaýyn?!
68
***
Ybraýym Edhem Käbäni zyýarat etmäge diýip çykyp, on dört ýylyny ýolda geçiripdir. Ol: «Başga kişiler bu ýoly aýaklary bilen ädimläp geçse, men ony gözlerim bilen sypalap geçýärin» diýer eken. Ol
iki rekat namaz okap, bir ädim ädýärmiş we ýene namaza durýarmyş.
Mekgä baryp, Käbäni ýerinde tapmadyk Ybraýym Edhem:
– Eýsem, gözüme bir zat boldumyka? – diýip seslenipdir. Şol
wagt:
– Gözüňe bolan zat ýok. Şu wagt Käbe bu ýere gelmek üçin ýola
çykan bir ejiz zenan maşgalany garşy almaga gitdi – diýip, gaýypdan
bir owaz gelipdir.
Ybraýym Edhemde birhili gabanjaňlyk peýda boljak ýaly edipdir
we:
– Oňa kim diýýärler? – diýip sorapdyr. Şol wagt onuň gözi hasasyna söýenip gelýän Rabyýa düşüpdir. Käbe-de öňki duran ýerini
eýeläpdir.
Ybraýym Edhem hezreti Rabyýa ýüzlenip:
– Ýa, Rabyýa! Jahanyň başyna salan bu başagaýlygyň näme? –
diýip sorapdyr. Onuň eşiden jogaby nagt bolupdyr:
– Jahanyň başyna başagaýlyk we pitne salan seniň özüňsiň. Käbä
gowuşmak üçin on dört ýylyny ýolda geçiren sen dälmi?
– Hawa, bu ýoly yzygiderli namaz okap, on döpt ýylda geçdim.
– Sen bu ýoly namaz okap geçen bolsaň, men nyýaz edip külterledim.
Soňra Rabyýa haj parzyny ýerine ýetirip, zar-zar aglapdyr we:
– Allahym! Sen haj etmäge mümkinçilik berjekdigiňi, şonuň
ýaly-da, bir bela-betere duçar etjekdigiňi aýdyp, meni begendiripdiň.
Eger hajym kabul bolmadyk bolsa, bu meniň başymdam uly bir bela-beteriň inendiginiň alamatydyr. Bu bela-beter maňa näme sogap gazandyrar? – diýip mynajat edipdir.
Rabyýa indiki ýyl haj ybadatyny ýerine ýetirmek üçin ýene Basra gelipdir we:
– Geçen ýyl Käbe meni garşy aldy, bu ýyl bolsa maňa tarap gel­
ýän Käbäni özüm garşylajak – diýipdir.
69
***
Şondan soňky ýyl Rabyýa ýene Käbä zyýarat etmegi ýüregine
düwüpdir. Ol:
– Seni görmäge rugsat et! – diýip, Allatagala doga edipdir.
Soňra bolsa ýoluny emedekläp, bagry bilen süýşüp, ýerden togalanyp
aşmaga başlapdyr. Birden gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Rabyýa, akylyňa aýlan! Eger-de biz seniň öňüňde peýda bolaýsak, diňe külüň galar.
Rabyýa:
– Seniň nuruňa gös-göni nazar aýlamaga ýürek edemok. Maňa
şeýle gowy görýän fakryňy bagyşla! – diýip seslenipdir. Ýene gaýypdan owaz gelipdir:
– Sen muňa taýyn däl. Bu mertebä ölmänkäler ölen (nebsini we
duýgularyny ýok eden), öz ömürlerini Maňa bagyşlan, Meniň bilen
aralarynda gylyň ýogynlygyndan artyk menzil galmadyk erkek kişiler
mynasyp bolýar. Biz olary Özümize örän ýakynlaşdyrýarys, Bizi görmegi arzuwlap başlan batlaryna-da, olary daşlaşdyryp goýberýäris.
Rabyýa, seniň bilen Biziň aramyzda ýene ýetmiş perde bar. Olar aradan galkmasa we sen päk ýüregiň bilen gözlege çykmasaň, Bizden
fakra eýe bolmak hakyny dilemegiň hiç hili peýdasy bolmaz.
Soňra Allatagala Rabyýa hezretlerine göni öňüne seretmegi emir
edipdir. Ol diýleni edipdir. Bu ne täsinlik! Rabyýa başga bir ýerde
duranyny aňşyrypdyr. Öňünde-de adaty bolmadyk bir görnüş barmyş.
Ol ýokarlarda bir ýerlerde ganyň emele getiren ummanynyň tolkun
atyp, äpet girdap şekilinde ýüzüp barýandygyny görüpdir. Şol wagt
gaýypdan owaz gelipdir:
– Rabyýa, bu Bizi söýýänleriň hem-de Bizden aýrylandyklary
sebäpli aglaýanlaryň ganly gözýaşydyr. Emma başlaryndan inen ähli
synaglara we azaplara garamazdan, olar Hak ýoldan sähelçejik hem
sowulmadylar, Bizden hem hiç zat dilemediler. Ýol bilen öňe bir ädim
ädenlerinde bu dünýäniň hem-de o dünýäniň isleg-arzuwlaryndan,
şöhrat-şanyndan ýokary galyp, dünýäden şeýlebir ýüz öwürdiler
welin, hiç kim olaryň bardygyny hem duýmady. Bu adamlar ýerdäki
şan-şöhrady şeýle derejede ýigrenýärdiler.
Bu sözleri eşiden Rabyýa:
70
– Allahym! Iň bolmanda, Käbäniň ýanynda galmaga bir rugsat
ber! – diýip mynajat edipdir. Emma muňa-da rugsat etmändirler. Ol
yzyna – Basra şäherine dolanmaga rugsat alypdyr we ömrüniň galan
bölegini ýalňyzlykda we doga-dilegde geçiripdir.
***
Ýokardaky rowaýatyň biraz başgaçarak nusgasy hem bar. Abu
Aly Farmadynyň habar bermegine görä, bir ýyl haj möwsümi gelende, hezreti Rabyýa çöli külterläp ugrap, ýedi ýyldan soňra Arafata
özüni atypdyr. Şol wagt gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Eý, özdiýenli zenan! Menden näme isleýärsiň? Ýakamdan eliňi
goýberesiň gelenok-la! Eger-de saňa bir gezejik görünmegimi isleýän
bolsaň, bilip goý, şeýden halatymda derrew duz ýaly eräp gidersiň.
Şonda Rabyýa:
– Eý, gudrat eýesi bolan Biribar! Rabyýanyň bu derejä gowşar
ýaly gönezligi-de, takady-da ýokdur. Men diňe zerre ýalyjak Özüňe
bolan mätäçlik (fakr) ber!
Ýene gaýypdan owaz gelipdir:
– Seniň diýýän mätäçligiň gurak ýylda perişan hala salmagymyzyň
netijesidir. Biz ony erenleriň maňlaýyna ýazdyk. Hakyň huzuryna
gowuşmaga gylyň ujundan hem az aralyk galanda-da ýagdaý üýtgäp, kalba aýralyk duýgusy aralaşyp biler! Seniň öňüňde bolsa heniz hallardan ybarat ýetmiş perde bar. Sen şunça perdäniň aňyrsynda
dursuň. Şu perdelerden aňry aşmagy, ýagny hal hijaby saýylýan
ýetmiş menzili geçmegi başarmasaň, ýolumyza aýak basmasaň, Bize
mätäçdigiňi aýdyp bilmersiň! Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin
ýokaryňa bak!
Rabyýa ýokarsyna bakyp, howada asyl-asyl bolup duran gandan
doly derýany görüpdir. Şol wagt gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Bu bize gowuşmak üçin ýola çykan, emma başky menzilde
galan aşyklarymyzyň köňül ganydyr. Iki jahanda hiç bir menzilde bulardan nam-nyşan tapmarsyň.
Hezreti Rabyýa:
– Eý, gudraty güýçli Biribar! Erenleriň döwletinden maňa bir
nyşan görkez... – diýip-diýmänkä, aýbaşysy gelmäge başlapdyr. Şol
pursat hem gaýypdan ýene bir owaz gelipdir:
71
– Daşdan bina edilen Käbäni zyýarat etmek maksady bilen, ýedi
ýyllap ýol ýörän, ahyry şol bina golaý baranda-da özünde peýda bolan
bir närahatlyk sebäpli ýollary baglanan kişiniň başky makamy, ine,
şudur!
Şondan soňra Rabyýany gam-gussa gaplap alypdyr. Ol ynjyly bir
ses bilen:
– Rebbim! Meni öýüňe eltmeýärsiň, öz ýurdumda ýaşarym ýaly,
öz öýümde-de rahat goýmaýarsyň. Ýa meni Basradaky öýüme dolanyp barar ýaly et, ýa bolmasa-da, Mekgedäki öýüňe kabul et! Ilkinji
zyýaratymda Käbäniň ýerleşýän ýerine baryp, oňa baş egmek miýesser etmändi – diýipdir.
Hezreti Rabyýa şondan soňra yzyna dolanyp, Basradaky
öýüne barypdyr we adamlardan çete çekilip, ybadat etmek bilen
meşgullanmaga başlapdyr.
***
Iki sany goja kişi hezreti Rabyýany zyýarat etmäge gelipdir. Olar
aç ekeni we öz aralarynda:
– Rabyýa öňümizde iýer ýaly näme goýsa, höwes bilen iýmäge
başlaly. Çünki onuň hödür etjek zady halaldyr – diýşipdirler.
Rabyýanyň saçagynda iki çöregi bar eken. Ol içi çörekli saçagy getirip, bularyň öňünde goýupdyr. Edil şol wagt daşardan bir
dilegçiniň sesi gelipdir. Rabyýa saçakdaky çörekleri alagada, dilegçä
berip goýberiberipdir. Munuň yzysüre-de onuň ýanynda ýaňy bişen
gyzgynjak çörekden doly saçagy goltuklap, bir çory peýda bolupdyrda:
– Bu çörekleri saňa hojaýyn aýalym gönderdi – diýipdir. Rabyýa
saçakdaky çörekleri sanap görüp, on sekiz sanydygyna göz ýetireninden soňra, hyzmätkär gyza ýüzlenip:
– Bulary yzyna alyp git, çünki sany kem – diýip seslenipdir. Çory:
– Kem dagy däl, hojaýyn aýalyň bar bereni şü – diýip özelense-de, Rabyýanyň:
– Diýmek, ol ýalňyşypdyr, yzyna äkit – diýip, aýak diräp durmagy bilen, gyz getiren içi nanly saçagyny goltuklap, yzyna dolanypdyr
we ýagdaýy hojaýyn aýala mälim edipdir.
72
Hojaýyn aýal saçakdaky çörekleriň üstüne ýene iki çörek
goşupdyr-da, çoryny gaýtadan Rabyýanyň öýüne ugradypdyr. Rabyýa
çörekleri sanap görüp, olaryň ýigrimi sanydygyny bileninden soň,
sesini çykarman kabul edip alypdyr. Ol saçagy şo durşuna getirip,
myhmanlarynyň öňünde goýupdyr.
Myhmanlar çörekden gereklerini edinensoňlar, Rabyýanyň ýaň­
ky bolşuny geň görendiklerini aýdypdyrlar we:
– Munuň syry we hikmeti nämedir? – diýip sorapdyrlar.
Rabyýa şeýle diýipdir:
– Bu ýere geleňizde, açdygyňyzy daşyňyzdan aňlapdym we «Iki
sany äpediň – derwüşiň öňünde iki çöregi nä ýüzüme goýarkam»
diýip, içimi gepledipdim. Dilegçi geldi welin, başda size hödür eden
iki çöregimi oňüňizden aldym-da, oňa berip goýberdim we «Allahym! Gurhany Kerimiňde: «Bir ýagşylygy on edip yzyna gaýtararyn»
diýipsiň. Men häzir üýtgemeýän ynanç (ýakyn) halyny başdan geçirýän. Hersini on edip gaýtararsyň diýip, Seniň razylygyň üçin iki
çöregimi dilegçä berdim» diýip mynajat etdim.
Sadaka diýip beren iki çöregimiň yzyna on sekiz bolup dolanandygyny görüp, «Olary iberen kişi ýa sanyny ýalňyşandyr, ýa maňa
ýollan däldir» diýip pikir etdim. Çünki maňa iberilen bolsa, olaryň
sany ýigrimi bolaýmalydy. Çörekleri şonuň üçin yzyna gaýtardym.
***
Hezreti Rabyýa uklap ýatyrka, öýüne bir ogry giripdir. Ogry onuň
ýapynyp ýatan ýorganyny alyp, bu ýerden daşlaşmakçy bolupdyr.
Emma çykara gapy tapmandyr. Ol ýorgany alan ýerinde goýupdyr
welin, edil şol wagt gapa gözi düşäýipdir. Ol ýene ýaňky ýorgany
alyp, çykyp gitmekçi bolupdyr. Bu gezek hem gapyny tapman duruberipdir. Bu ýagdaý, şeýdip, ýedi gezek gaýtalanypdyr. Ahyry otagyň
bir tarapyndan bir ses eşidilipdir: «Eý, adam! Biderek ýere özüňi gynap durma. Onuň bize özüni tabşyranyna ençe ýyl bolandyr. Hatda
Iblis hem onuň töwereginde görünmäge ýürek edip bilýän däldir. Bir
ogry onuň ýorganyna elini degirmäge nädip batyrlyk edip bilýär? Eý,
ogry! Biderek ýere özüňe muşakgat agtarma. Çünki dostlaryň biri
ukuda bolsa, beýlekisi oýadyr!»
73
***
Hezreti Rabyýanyň hyzmatkäri bir gün garyn-içegeden çorba
bişirmekçi bolupdyr. Olar birnäçe günden bäri agyzlaryna zat alman
ekenler. Çorba bişirmek üçin zerur gerek bolsa-da, öýde sogan hem
ýokmuş. Hyzmatkär:
– Goňşudan diläýeli – diýipdir.
Onda Rabyýa:
– Gudraty güýçli Allahdan başgasyndan hiç zat dilemezlige ant
içenime kyrk ýyl bolandyr. Çorba sogandyr sarymsak atmasaň hem
bolar – diýip seslenipdir.
Şol wagt asmanda daşy ardylan birnäçe sogany çüňkünde sak­
lap, uçup gelýän guş peýda bolup, soganlary hyzmatkäriň öňündäki
çanagyň içine taşlapdyr. Muny gören Rabyýa:
– Men bu Allatagalanyň bir synagymyka diýip gorkýaryn. Men
ony aňşyrardan heniz ejiz – diýipdir we garyn-içegeden bişirilen çorbadan datman, şol gün gury çörek bilen oňňut edipdir.
***
Bir gün hezreti Rabyýa bir daga çykypdyr. Töweregine üýşen
wagşy haýwanlar, keýikler oňa gysmyljyraşmaga başlapdyrlar. Şol
wagt bir ýerden Hasan Basry çykyp gelipdir. Ýaňky haýwanlar ondan
ürküp, düw-dagyn bolupdyrlar. Hasan Basry bu ýagdaýa gynanyp,
Rabyýadan:
– Saňa gysmyljyraşyp duran bu haýwanlar menden näme üçin
ürkdüler? – diýip sorapdyr.
– Sen şu gün näme iýdiň?
– Garyn-içegeden bişirilen çorba iýdim.
– Heý, doganlarynyň garyn-içegesini iýen kişiden olar ürkmän
durup bilermi?
***
Bir zamanlar hezreti Rabyýanyň ýoly Hasan Basrynyň öýüniň
üstünden düşüpdir. Jaýyň üçegine çykyp oturan Hasan şeýlebir aglamak aglapdyr welin, gözýaşy sakgalyny ezip, köýneginiň öň tarapyny
74
öl-myžžyk eden eken. Birden ýoldan geçip barýan hezreti Rabyýanyň
gözi Hasan Basra düşäýipdir. Ol:
– Eý, Hasan! Ägä bol! Bu gözýaşlaryň dökülmegine nebsiň men-menligi sebäp bolýan bolmasyn. Gözýaşyňy aýap sakla. Goý, gözýaş
damjalaryň kalbyň teýine dama-dama deňze dönsün. Eger sen bu umman içinde köňlüňi tapmak isleýän bolsaň, ony diňe gudraty güýçli
Allatagalanyň huzuryndaky hak mejlisinden tapyp bilersiň – diýipdir.
Bu sözler Hasan Basrynyň gulagyna ýakmandyr, ýöne sesini-de
çykarmandyr.
Soň bir gün Hasan Basry hezreti Rabyýanyň Fyrat derýasynyň
kenarynda duranyny görüpdir. Ol namazlygyny suwuň ýüzüne ýazyp,
özi hem geçip onuň üstünde ornaşypdyr we:
– Eý, Rabyýa! Gel, bu ýerde iki rekat namaz okaly – diýipdir.
Rabyýa oňa:
– Ussat! Dünýä bazarynyň ýagdaýyny ruha öwrülenlere gürrüň
berip, olaryň ünsüni özüňe çekjek bolýaňmy? – diýipdir.
Soňra ol namazlygyny howada ýazyp goýup:
– Eý, Hasan! Bärik gel (ýagny ýokary derejelere çyk). Şeýtseň,
halkyň gözüne ilmersiň (göz üçin amal etmersiň) – diýipdir. Ýöne
soňra Hasan Basrynyň göwnüni tapmak üçin:
– Eý, ussat! Seniň edeniňi balyklaram edip bilýär, meniň edenim
siňeklere-de başardýar. Biziň öňümizde duran wezipe bulardan has
kyn we çylşyrymlydyr – diýip, aýdanlaryny biraz ýumşadypdyr.
***
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Bir gije-gündizläp Rabyýanyň ýanunda boldum. Sopuçylygyň we hakykatyň gürrüňini etdik. Ýöne
şonça wagtyň dowamynda kelläme: «Men erkeg-ow», onuň kellesine-de: «Men zenan maşgala ahyryn» diýen pikir gelmedi. Mejlis
tamamlanyp, aýak üstüne galan mahalym, özümi boşap galan ýaly
duýdum, onuň bolsa has hem päklenendigine göz ýetirdim».
***
Bir gün Hasan Basry ýaranlary bilen birlikde Rabyýany zyýarat etmäge gelipdir. Pabyýanyň öýünde çyrasy ýok eken. Bular bolsa
75
çyrasyz oňup biljek däldiler. Hezreti Rabyýa ýyly demi bilen barmak­
laryna üfläpdir. Şondan soňra barmaklary daňdana çenli öýüň içini
ýagtyldyp durupdyr.
Hezreti Rabyýa öz görkezen bu keramaty bilen baglylykda şeýle
diýipdir:
– Biri «Bu bolup biljek zatmy?» diýip sorasa «Gurhany Kerimde
habar berilmegine görä, hezreti Musanyň eline hem töweregine ýagty
saç­mak mahsus bolupdyr. Meniň elim hem edil şonuňky ýaly edip şöhle
saçýar» diýip jogap bererin. «Ol pygamberdi ahyryn» diýip maňa garşy
çykjak bolsalar, şeýle diýerin: «Öz döwründe haýsydyr bir pygambere tabyn bolan her bir kişä, şol tabynlygyň netijesi hökmünde, bir keramat bagyşlanypdyr. Pygamberler mugjyza görkezmäge ukyply bol­
ýarlar. Pygamberleriň möhüri bolan hezreti Muhammet alaýhyssalama
tabyn bolan weli hem şol tabynlygynyň haky üçin keramat görkezmek
ukybyna eýe bolýar. Mysal üçin, hezreti Pygamber alaýhyssalam: «Kimde kim haram ýol bilen gazanan puluny onuň hak eýesine gaýtaryp berse,
pygamberligiň bir derejesine mynasyp bolar» diýipdir. Başga bir hadysda
bolsa: «Oraşan düýş pygamberligiň kyrkdan biridir» diýlipdir».
***
Bir gezek hezreti Rabyýa bir adamdan Hasan Basra bir bölek
mum, bir iňňe, birem ýüplük ýollapdyr we oňa öz adyndan: «Eý, Hasan! Mum ýaly ýana-ýana älemi aýdyňlat, ili eşikli etse-de, özi mydama ýalaňaç gezýän iňňe ýaly, mydama hereketde bol. Özüňde şu iki
häsiýeti terbiýelemek üçin özüňi horlap, gyl ýaly bolup galmakdan
gorkma» diýmegi tabşyrypdyr.
***
Hasan Basry bir gezek hezreti Rabyýadan:
– Durmuşa çykmak isleýäňmi? – diýip sorapdyr.
Hezreti Rabyýa:
– Nika gyýyşmak – göwresi bolanlara mahsys bir zat. Meniň
göwräm barmy näme? Şu görüp duranyň men däl. Men Onuň bardygy
üçin bardyryn. Men – Onuň kölegesi. Diýmek, göwräm hem Ondan
ybaratdyr – diýip jogap beripdir.
76
– Eý, Rabyýa, bu derejä, ýagny ýokluk makamyna nädip ulaşyp
bildiň?
– Bar bolan her bir zadymy Onuň ugrunda pida etmek bilen.
– Ony nähili zatdyr öýdýäň?
– Ony zatdyr öýdýän sensiň. Biz ony zatdyr öýtmeýäris!
***
Hasan Basry bir gün Rabyýanyň öýüne barypdyr we:
– Tälim almak arkaly-da, diňlemek bilen hem öwrenilmeýän, ýaradylan haýsydyr bir zat araçy bolmazdan, gös-göni kalba inen ylymdan maňa bir harp öwretsene! – diýip haýyş edipdir.
Hezreti Rabyýa oňa garap şeýle diýipdir:
– Sataýyn-da, öwezine iýer-içer ýaly zat alaýyn diýip, birnäçe ýumak egripdim. Olary iki teňňä satdym. Teňňeleriň birini bir
gysymyma, beýlekisini-de beýleki gysymyma gysdym. Çünki ikisini
bir gysymymda saklasam, jübüt bolagada, meni ýoldan çykarmak­
laryndan gorkdum. Bu gün kalbyma inen ylym şudur.
***
Bir gezek Hasan Basry hezreti Rabyýa bilen gabatlaşanda, oňa
ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Eger jennetde Hakyň didaryndan bir pursatlyk mahrum galjagymy bilsem, şeýlebir aglap-eňrärdim welin, bolşumy görüp,
jennetdäkileriň hemmesiniň maňa rehimi inerdi.
Onda hezreti Rabyýa aýdypdyr:
– Gowy zat aýtdyň. Men hem bir zat aýdaýyn. Eger heniz bu
dünýädekäň, Haky ýatlamagy undan pursadyň, munuň şeýledigini
aňlap, edil seniň diýşiň ýaly ýas tutýan, aglap-eňreýän bolsaň, şondan
çen tutup, ahyretde seniň göz öňüne getirişiň ýaly bir duýgyny başdan
geçirjegiňi aýdyp bolar. Eger bu dünýäde şeýle etmek saňa berilmedik bolsa, jennetde-de ýaňky aýdyşyň ýaly edip bilmersiň.
***
Hezreti Rabyýadan durmuşa çykmazlygynyň sebäbini soranlarynda, ol şeýle diýipdir:
77
– Üç zady alada edip, akylymy çaşyrdym. Eger meni şolaryň derdinden gutarsaňyz, durmuşa çykmaga söz berýän. Janym bogazyma
gelende, imanly bolup galyp bilerinmi ýa-da bu maňa başartmazmy?
Kyýamat gününde amal depderimi sag tarapymdan bererlermi ýa-da
bermezlermi? Amal depderini sag eline alan jemagat jennete, sol eline
alan jemagat jähenneme gidende, men haýsy toparyň arasynda bolaryn? Şu üç soraga jogap berip biljegiňiz barmy?
– Bu soraglaryň jogabyny bilmek bize başartmaz.
– Öňümde şunuň ýaly gorkuly pursatlar garaşyp durka, durmuşa
çykmaga nädip höwes edip bilerin?
***
Salyh Mürri: «Bir kişi bir gapyny gaýta-gaýta kakyp dursa, şol
gapy ahyry açylar» diýmegi halaýar eken. Ýene bir gezek şu sözleri
gaýtalan mahaly, şol ýerde bolan hezreti Rabyýa:
– Haçana çenli şol bir aýdan zadyňy gaýtalajak ýörjek? Gapy
açylar ýaly, ol haýsy-haçan ýapylypdyr?! – diýipdir welin, Salyh
Myrry:
– Geň galaýmaly! Bir erkek kişi nadanlygyny görkezdi, bir ejiz
zenan maşgala-da alymlygyny! – diýenini duýman galypdyr.
***
Bir gün hezreti Rabyýanyň ýanynda bir kişi:
– Wah, wah, aladam şeýlebir köp welin, dat meniň günüme –
diýip zeýrenipdir.
Onda hezreti Rabyýa oňa şeýle diýipdir:
– «Hiç hili aladam ýok» diýsene. Eger sen, hakykatdanam, alada
edýän bolsaň, onda bir gezek dem almaga-da ýürek edip bilmezdiň.
***
Bir zamanlar hezreti Rabyýa kellesine sargy oran biri bilen
gabatlaşyp, ondan:
– Kelläňi daňmagyň sebäbi näme? – diýip sorapdyr.
– Başym agyrýar.
– Ýaşyň näçe?
78
– Otuz.
– Şu otuz ýylyň içinde öňem hassalan gezekleriň boldumy ýa-da
sapaba sagdyňmy?
– Sapaba sagdym.
– Şunça zamanyň içinde, heý, şükür sargysyna çolanyp görüp­
midiň? Şeýdip görmedik bolsaň, onda näme üçin başyň çala syzlanda
şikaýat sargysyna çolanmaga howlugýarsyň? – diýip, hezreti Rabyýa
onuň alpetinden alypdyr.
***
Hezreti Rabyýa bir gün bir adamyň eline dört teňňe tutduryp:
– Şuňa kilim satyn alyp ber – diýip haýyş edipdir.
Ol adam:
– Reňki gara bolsunmy ýa ak? – diýip soran badyna, hezreti
Rabyýa oňa beren pullaryny derrew yzyna alypdyr-da, olary Dijle
derýasyna taşlapdyr we:
– Heniz satyn alynmadyk bir kilimiň garasynymy ýa-da agyny
alsammykam diýip pikir edeňde, gözümiň öňüne birligiň dagamak
haly geldi – diýip seslenipdir.
***
Hezreti Rabyýa bahar pasly gelende, öýüne girip, soňra hiç daşary
çykmaz eken. Şonuň ýaly bir ýaz paslynda hyzmatkäri oňa ýüzlenip:
– Daşary çykyp, Senetkäriň ýasan zatlaryny synlasaňyz gowy
bolardy – diýip teklip edipdir.
Hezreti Rabyýa oňa şeýle jogap beripdir:
– Seniň özüň içeri girip, Senetkäri synlasaň gowy bolmazmy?
Senetkäri kalp gözi bilen görme haly bilen meşgul bolmagym, senedi
synlap, oňa tomaşa etmegime päsgel berýär.
***
Bir zamanlar birnäçe adam bolup, hezreti Rabyýany zyýarat etmäge gelipdirler. Olar öý eýesi zenanyň eti bitewüligine gazana salandygyny görüp:
79
– Pyçagyň ýokmudy? – diýip sorapdyrlar.
Ol hem:
– Allah bilen aramyň kesilmeginden gorkyma öýde asla pyçak
saklamok. Pyçagyň bir zady kesmesi maňa Allahdan jyda düşmegi
ýatladýar – diýip jogap beripdir.
***
Bir gezek hezreti Rabyýa:
– Jähenneme girmekden gorkmagy ýa-da jennete girmek tamakinçiligi sebäpli Rebbine ybadat edýän gul gowy gul däldir – diýende,
ondan:
– Seniň özüň näme üçin ybadat edýäň? Sen näme jennete girmegi tama edeňokmy? – diýip sorapdyrlar.
Hezreti Rabyýa şeýle jogap beripdir:
– «Öý alma, goňşy al» diýipdirler. Oňa ybadat etmegimize rugsat
berilmeginiň özi biziň üçin iň gowy nygmat dälmi näme?! Jähenneme
düşmek gorkusy we jennete girmek umydy bolmadyk bolsa, Oňa ybadat etmek geregem bolmazmydy?! Ol özüne hiç hili sebäpsiz ybadat
edilmegine mynasyp dälmi?!
***
Birnäçe adam hezreti Rabyýany synap görmek maksady bilen,
onuň huzuryna gelip, oňa şeýle diýipdir:
– Bütin artykmaçlyklar erkekleriň başyndan seçilipdir, gaýduw­
syzlyk täji olaryň başyna geýdirilipdir, keramat kemeri olaryň biline
baglanypdyr, bularyňam üstesine, zenanlaryň birine-de pygamberlik
berilmändir. Seniň özüňe göwnüň ýetmegine näme sebäp bolýar?
Ol hem:
– Aýdan zatlaryňyzyň hemmesi dogry. Emma men-menlik,
öwünjeňlik, tekepbirlik etmegiň başyny haýsydyr bir zenan maşgala
başlamandy. Gurhany Kerimde habar berlişine görä, «Men siziň iň
uly Rebbiňiz!» diýen pyrgunam zenan maşgala däldi. Şonuň ýaly-da
aýallaryň arasynda gorkaklykda özüni tanadany hem ýokdur – diýip
jogap beripdir.
80
***
Hezreti Rabyýa bir gün näsaglapdyr. Keseliniň sebäbini soranlara:
– Gözümiň gytagyny jennete tarap aýlaberdim welin, şeýdenim
sebäpli Rebbim meni jezalandyrdy – diýip jogap beripdir. Bu onuň:
«Säher wagty köňlüm jennete meýil etdi welin, munuň üçin dostumyz
bizi ýazgardy. Şol sebäpli hem näsagladym» diýdigi eken.
***
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Bir gün hassa ýatan Rabyýany soramaga gitdim. Barsam, Basranyň barly adamlarynyň biri onuň gapysynyň
öňünde aglap otyr. Elinde-de altyndan doly gapjyk. Men ondan:
– Ne sebäpli aglaýaň? – diýip soradym.
– Şu ybadathon, çak edilişindenem takwa, jomart köňülli zenan
zamanamyzyň gyzlarynyň naýbaşysydyr. Onuň berekedi bolmasa,
adamlar heläk bolar. Men oňa bir gapjyk altyn bermegi öz ýanymdan
äht edipdim. Emma ony kabul etmezmikä diýip gorkýan. Sen araçy
bolup ber. Belki, sen haýyş etseň, sowgadymy kabul eder.
Men içeri girip, onuň habaryny hezreti Rabyýa ýetirdim. Ol
ýüzümi garaýşy bilen dalady-da:
– Men altyny näme edeýin? Imansyz kişilere mahsus sözleri
agzyna alýanlaryň ryskyny-da yzyna almaýan Biribar özüne bolan
yşkdan ýaňa ruhy joşan bir naçary özgä mätäç edermi? Men Ony tanalym bäri dünýäden ýüz öwürdim. Indi, hany, aýt, halaldanmy ýa-da
haramdan gazananyny bilmeýärkäm, bir kişiniň getiren altynyny nädip kabul edip bilerin?
Bir gezek öz ýyrtylan köýnegimi döwlete degişli bir çyranyň
ýagtysynda ýamanym üçin, köňlüm bir zaman bagly galypdy we şol
tikinleri söküp taşlaýançam ol açylmandy. Meniň adymdan ol kişiden
ötünç dile. Men köňlümiň tora düşmeginden gorkýan – diýip ses­lendi».
***
Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Rabyýanyň ýanyna gitdim. Görsem, ol jyrrygy çykan bir boýranyň üstünde süýnüp, kellesiniň aşagyna-da ýassyga derek bir kerpiç goýupdyr. Rabyýa başyny kerpiç­den
galdyryp, täret kylanda ulanýan döwük küýzesinden suw owurtlady.
81
6.*
Onuň bu halyny görüp, içim ýandy we oňa ýüzlenip:
– Rabyýa! Baý dostlarym bar. Eger rugsat berseň, olardan saňa
kömek bermeklerini haýyş edeýin – diýdim.
Onda ol aýtdy:
– Mälik, munyň telek bolýar! Maňa-da, olara-da rysk berýän şol
bir Biribar dälmi?
– Hawa, bu hut şeýle.
– Şeýle bolýan bolsa, eýsem Ol garyp bolanlary üçin garyplaryň
halyny görmezlige salyp, baýlara gurply bolanlary üçin ýardam
berýärmi?
– Ýok, bu bolup biljek zat däl.
Menden bu jogaby eşiden Rabyýa:
– Ol halymy bilip durka, özüm barada ýatlatjak bolmagym dogry
bolarmy? Ol şeýle bolmagyny isleýär, biz-de Onuň isleýän zadyny
isleýäris – diýip seslendi».
***
Bir gezek Hasan Basry, Mälik ibn Dinar we Şakyk Balhy üçüsi
(Allah olara rehim etsin!) hezreti Rabyýanyň huzuryna barypdyrlar.
Olar özaralarynda dogrulygyň nämedigi, kime dogry adam diýip boljakdygy barada maslahat etmäge başlapdyrlar. Hasan Basry:
– Ýaradandan gelen urgulara sabyr etmeýän kişiniň bolşy dogry
däldir – diýipdir.
Hezreti Rabyýa:
– Bu sözden badyhowalygyň ysy gelýär – diýipdir.
Indi Şakyk dillenipdir:
– Ýaradandan gelen urgulara şükür etmeýän kişiniň bolşy dogry
däldir.
– Mundanam gowy edip aýdyp bolardy – diýip, hezreti Rabyýa
seslenipdir.
Gezek Mälik ibn Dinara ýetipdir:
– Ýaradandan gelen urgulardan lezzet almaýan, dostunuň salan
ýarasyndan hoşlanmaýan kişiniň bolşy dogry däldir.
Hezreti Rabyýa:
– Mundanam gowy edip aňlatmak gerek – diýipdir.
82
Myhmanlar:
– Indi gürlemek gezegi öý eýesiniňki – diýipdirler.
Hezreti Rabyýa şeýle diýipdir:
– Ýaradany kalp gözi bilen görýändigini, arzuwlanyna tomaşa
edýändigini aýdýan kişi Ondan gelen urgynyň ajysyny duýýan bolsa,
bu onuň özi barada aýdýanlarynyň dogry däldiginiň alamatydyr. «Bu
ajynam duýman bormy?» diýip, geň galyp oturmaň. Muňa geň galyp
oturasy zat ýok. Çünki Ýusup alaýhyssalamy synlamaga başlan müsürli zenanlar pyçak bilen ellerini kesip oturanlaryny-da duýmandylar.
Eger bir kişi kalp gözi bilen Ýaradany synlaýan mahaly hiç hili agyry-ynjyny duýmaýan bolsa, munda geň görüp oturasy näme bar?
***
Basrada ýaşaýan şyhlaryň biri hassa ýatan Rabyýany soramaga
gelipdir we onuň başujunda oturyp, dünýäni ýamanlamaga hem garalamaga başlapdyr. Şonda hezreti Rabyýa oňa ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Sen dünýäni gereginden artyk söýýärsiň, ol seniň köňlüňde tagt
gurupdyr. Sen ony söýmeýän bolsaň, durman ony ýatlap oturmazdyň.
Çünki bir matany sypap-sermeläp görýän kişi, ony satyn almak isleýändir. Deri eýleýän kişi gözüne hoş ýakýan derini ýere pylçap-pylçap urýandyr. Eger sen dünýä bolan söýgüden kalbyňy doly tämizlän
bolsadyň, onuň gowy tarapy-da, erbet tarapy-da ýadyňa düşmezdi.
Sen bolsa ýöne «dünýe, dünýe» diýip otyrsyň. Bir zady söýýän kişi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.