Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 12

Total number of words is 3780
Total number of unique words is 1862
34.0 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
56.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
***
Jüneýit hezretleri şeýle diýipdir: «Serini zyýarat etdim. Onuň
birhili tüýsüniň üýtgänini görüp:
– Saňa näme boldy? – diýip soradym. Ol:
– Bir jyn ýanyma gelip haýanyň nämedigini sorady. Soragyna
jogap berdimem welin, ine, görüp durşuň ýaly, eräp, suwa öwrüldi
duruberdi! – diýip seslendi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Seriniň bir gyz jigisi bar eken. Ol:
– Öýüňi men syryp-süpüräýeýin – diýip, ondan rugsat sorapdyr.
Emma Seri muňa rugsat bermändir we:
– Meniň durmuşym bu etjek kömegiňe degmez – diýipdir.
Aradan birnäçe wagt geçeninden soň, Seriniň gyz jigisi bir
kempiriň doganynyň öýüni syryp-süpürip ýörenini görüp:
– Doganjan! Saňa hyzmat etmegimi islemediň, emma meniň
teklip eden hyzmatymy ýerine ýetirmegi üçin bir nämähremi öýüňe
alaýypsyň-la – diýip, öz närazylygyny bildiripdir. Şonda Seri hezretleri şeýle diýipdir:
– Uýam! Muny göwnüňe alyp oturma. Seniň görýän kempiriň
yşkymyza ýanmak bilen birlikde bizden mahrum galan dünýädir.
Ol durmuşymyzdan, azajyk hem bolsa, nesip almak üçin Allatagaladan rugsat sorapdyr. Şeýlelik bilen, öýümi syryp-süpürmek oňa
tabşyrylypdyr.
193
13.*
***
Seri hezretleri her gün bal iýmegi arzuw etse-de, tutuş kyrk ýyl­
lap bu arzuwy hasyl bolmandyr.
Eden günäleri sebäpli ýüzüniň garalmagyndan gorkusyna, ol
günüň dowamynda birnäçe gezek aýna seretmegi endik edinipdir.
Seri hezretleri şeýle nesihat edipdir:
– Ybadat etmek üçin iň gowy döwür ýaşlykdyr. Baý goňşula­
ryňyzdan we din ylymlaryny pula satýan wagyzçy alymlardan mydama gaça duruň.
***
Günleriň bir güni Seri hezretleriniň şägirdi hezreti Jüneýitden:
– Yşk näme? – diýip sorapdyr. Ol:
– Käbirleri yşkyň Allatagalanyň erkine boýun egmekdigini, käbirleri bolsa Onuň emirlerine boýun bolmakdygyny aýdýarlar – diýip
jogap beripdir. Olaryň ýanynda oturan Seri hezretleri şol wagt eliniň
derisini süýmäge çalşypdyr, emma eli şeýle bir hor bolup, derisi süňke
ýelemeşip giden eken. Ol:
– Yşkyň ganymy sorup, göwrämi gatadyp, şunuň ýaly hor hala
salandygyny aýtsam, bu hakykatyň hut özi bolar – diýip seslenipdirde, özünden gidip, bir gapdala agypdyr. Şol wagt onuň ýüzi nur saçyp
dur eken. Seri hezretleri özüne geleninden soň, sözüni dowam edip
şeýle diýipdir:
– Yşk aşygy şeýle bir hala salýar welin, ondan gylyç salsalar,
agyrysyny duýmaýar. Başda men yşkyň nämedigini bilmeýärdim,
emma Allatagala maňa keremini bagyşlady. Şindi yşka düşmegiň nämedigine düşünip ugradym.
***
Allatagaladan özlerine ylym bagyşlamagyny haýyş edip bermegini sorap özüne ýüz tutan şägirtleri barada Seri hezretleri şeýle doga
edipdir:
– Allahym! Sen hakda oýlanýan mahalym ünsümi bölmezleri
ýaly, bulara çuňlaşdyrmak gerek bolmadyk ylym bagyşla!
194
***
Günleriň birinde Seri hezretleri wagyz edip duran wagty halyf
ony diňlemäge gelipdir. Onuň bu ýere gelmegini uly bir dabara
öwrüpdirler. Şol wagt Seri hezretleri wagzynyň arasyny bölmän:
– Ýaradylanlaryň arasynda iň asylzadasy adamdyr, emma
Allatagalanyň ony şeýle gowy görýändigine garamazdan, ol günä
işleri köp edýär – diýip seslenipdir.
Köşgüne dolanyp gelen halif Allatagalanyň özüni jezalandyrmagyndan gorkusyna gijäni çirim etmän geçiripdir. Ertesi gün ol gymmat
bahaly donuny çykaryp, derwüşleriň edişi ýaly, ýapynja dolanypdyr-da, Seri hezretleriniň ýanyna gelip, oňa ýüzlenipdir:
– Düýn eşiden wagzymyň täsiri bilen dünýäniň haý-höwesinden ýüz öwürdim. Meni ýalňyzlyga bolan söýgi gurşap aldy. Meniň
kämil­lige alyp barýan iň ygtybarly ýoly bilesim gelýär.
Seri hezretleri şeýle diýipdir:
– Munuň diňe iki ýoly bar. Olaryň biri hakda Gurhany Kerimde
habar berlipdir. Bu ýoly saýlap alan kişi bu mukaddes Kitaby yzygiderli okap, manysyny tirmeli, bäş wagt namazyny sypdyrman okamaly, garyplara sadaka bermeli, şonuň ýaly-da, dini däp-dessurlary
ýerine ýetirmeli.
Ikinji ýol gysgarak. Bu ýoly saýlap alan adam boýnuna dakýan
borçlary bilen birlikde dünýä işlerinden ýüz öwürmeli we durman
namaz okap, doga etmeli, başgalardan hiç zat hantama bolmaly däl,
başga kişilerden hiç zat kabul etmeli däl, Allatagalanyň bagyşlan zady
bilen oňňut edip, haýyş bilen diňe Oňa ýüz tutmaly.
Halyf bu sözleri diňläninden soň, çöle tarap ugrap, şol ýerde
ýaşamaga başlapdyr. Birnäçe gün geçeninden soň, halifiň ejesi Seri
hezretleriniň huzuryna gelip şikaýat edipdir:
– Seniň aýdan sözleriň oglumyň derwüşlige ýüz urmagyna sebäp
boldy. Onuň niredeligi hem belli däl.
Seri hezretleri:
– Howsala düşüp ýörmäň, ogluňyz basym dolanyp geler – diýip,
ony köşeşdiripdir.
Derwüşlige ýüz uran halif birnäçe wagtdan soň Seri hezretlerini
zyýarat edipdir. Weli derrew onuň ejesini, aýalyny we ogluny alyp
gelmek üçin adam ugradypdyr. Olar halifi gören batlaryna aglamaga
195
başlapdyrlar we maşgalasynyň arasyna dolanmagy towakga edipdirler. Ol bulara hä diýmän, bu ýerden gitmekçi bolupdyr. Aýaly ogluny
hem ýany bilen alyp gitmegini haýyş edipdir. Halif oglunyň egnindäki gymmat bahaly eşikleri çykaryp, ony bir bölek ýüň mata dolapdyr.
Ogluny şunuň ýaly gözgyny halda gören ejesi ony garbap alypdyr.
Halyfyň ejesi, aýaly we ogly köşge, ol bolsa daga tarap ugrapdyr.
Şondan birnäçe gün soňra bir adam Seri hezretleriniň ýanyna gelip, derwüşlige ýüz uran halifiň basym öljegini aýdyp, ony ýanyna
çagyrýandygyny habar beripdir. Seri hezretleri ýaňky adamyň salgy
beren mazarystanlygyna gelende, derwüş eýýäm bagryny ýere beren
eken. Seri hezretleri dyzyna çöküp, onuň başyny ýerden galdyrypdyr.
Derwüş:
– Sen biraz gijä galdyň – diýip pyşyrdapdyr we kelemeýi-şehadat
getirip jan beripdir.
Ony jaýlamak üçin gerek zatlary taýýarlamak maksady bilen, Seri
hezretleri oba tarap ugrapdyr. Onuň öňünden birtopar adam çykypdyr.
Olar mazarystanlygy nazarlap haýdaşlap barýardylar. Adam jaýlamak
üçin zerur bolan zatlar hem ýanlaryndady. Olar nirä barýandyklaryny
Seri hezretlerine şeýle düşündiripdirler:
– Gulagymyza gaýypdan bir owaz eşidilip, Allatagalanyň ýap-ýaňy aradan çykan söýgüli gulunyň jynaza namazyny okap, ony däp
boýunça jaýlamak bize emir edildi.
***
Seri hezretleri bir weliden:
– Adyň näme? – diýip sorapdyr. Weli:
– Ol – diýip jogap beripdir.
– Näme iýip oňňut edýärsiň?
– Ony.
Seri hezretleriniň beýleki soraglaryna-da ol şo zeýilli jogap beripdir.
– «Ol» diýip, kimi göz öňünde tutýarsyň? – diýip, Seri hezretleri
oňa ýene bir sorag beripdir.
– Gudraty güýçli Allatagalany göz öňünde tutýaryn.
Allatagalanyň adyny eşiden badyna, Seri hezretleri gygyryp
goýberipdir we jan beripdir.
196
Jüneýit BAGDADY
S
opuçylyk ýolunyň şyhy Jüneýit Bagdady (Allah oňa rehim
eýlesin!) älemdäki şyhlaryň şyhy we jahandaky ymamlaryň
ymamy bolup, dürli ylymlarda kämillik derejesine ýetipdir. Usul ylmynda we ikinji derejeli meselelerde fetwa bermek derejesine eýe bolupdyr. Sopular ondan nusga alar eken. Ony «Seýýidüt-Taife we LisänülKawm» («Sopularyň begi we olaryň dili») diýip hem tanapdyrlar.
Ol Seri Sakatynyň müridi we onuň aýal doganynyň ogly eken.
Bir gün Seri hezretlerinden:
– Öz şyhynyň derejesinden has uly derejä eýe bolan mürit barmyka? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Şeýle bir mürit bar. Onuň düşündiriş talap etmeýän delili-de
gözüňiziň öňünde. Jüneýidiň derejesi meniň derejämden ýokardadyr
– diýip jogap beripdir.
***
Ol heniz kiçi ýaşyndaka-da bir uly zadyň küýündedigi, höwesindedigi daşyndan bildirip duran, edepli, syzgyr, pikirlenmegi halaýan,
ýiti düşünjeli çaga hökmünde tanalypdyr.
Ol bir gün mekdepden dolanyp geleninde, kakasynyň aglap oturanyny görüp, ondan:
– Näme boldy? – diýip sorapdyr. Kakasy:
– Şu gün bermeli zekatymyň bir bölegini äkidip, Seri daýyňa bermekçi boldum. Emma ol beren pulumy almady. Men ömrümi pida berip gazanan şu üç-dört teňňämiň Hakyň dostlarynyň hiç birine laýyk
däldigi üçin aglaýaryn – diýip jogap beripdir. Jüneýit:
197
– Sen bu puly maňa ber. Men ony daýyma eltip bereýin. Onuň bu
puly menden aljagyny bilýärin – diýipdir.
Ol puly alyp, ýola rowana bolupdyr we baryp, daýysynyň gapysyny kakypdyr. Daýysy içeriden:
– Gapyny kakýan kim? – diýip sorapdyr.
– Bu men – Jüneýit!
Gapy açylmandyr.
– Şu teňňeleri al! – diýip, Jüneýit gaýtadan seslenipdir. Seri hez­
retleri:
– Ony almagym hiç mümkin däl – diýipdir.
– Saňa bu artykmaçlygy, kakama-da ol adalaty beren Allahyň
haky üçin bu puly kabul et!
– Eý, Jüneýit! Maňa berlen artykmaçlyk, kakaňa berlen adalat
nämedir?
– Allahyň saňa beren artykmaçlygy we ýagşylygy fakirlik, kakama beren adalaty-da ony dünýä bilen meşgul etmegidir. Sen muny
kabul etseň-de, etmeseň-de, kakam islese-de, islemese-de, bu zekat
baýlygy hökman hakyky eýesine gowşar.
Jüneýidiň bu sözleri Seri hezretleriniň göwnüne diýseň hoş
ýakyp, ol:
– Eý, balaja çaga! Bu zekaty kabul etmezden öňürti seniň özüňe
kalbymda ýer berdim – diýip gapyny açypdyr hem-de altynlary
alypdyr. Şondan soňra hormatly piriň kalbynda Jüneýidiň aýratyn bir
orny bolupdyr.
***
Jüneýit hezretleri kyrk ýyllap gijelerini Allatagala dynman ybadat edip geçirip, asla kirpiklerini çatmandyr. Şonuň üçin hem ol ruhy
ösüşiň aňyrsyna çykandyryn öýdüp, kalbynda buýsanç duýgusy peýda
bolupdyr. Bir gün onuň gulagyna gaýypdan şeýle bir owaz gelipdir:
– Seni dinden çykan diýip yglan etmegiň wagty gelip ýetdi.
Jüneýit hezretleri jibrinipdir:
– Allahym! Meniň günäm näme?
– Seniň üçin heniz hem nebsiňe gulak asyp ýörmegiňden uly
başga bir günä barmyka?
198
Jüneýit hezretleri uludan dem alypdyr-da, başyny aşak salyp
şeýle diýipdir:
– Allatagaladan başga zadyň hem pikirini edýän adam öz haýyrly
işlerini günä öwürýär.
Şol wakadan soňra Jüneýit hezretleri terkidünýälige baş urupdyr.
Onuň garşydaşlary şeýle bir gopgun turzup, oňa myjabat atypdyrlar
welin, hatda halyf hem olaryň atýan töhmetlerine ynanypdyr. Ol Jüneýit hezretlerini synamak maksady bilen, onuň ýanyna iň owadan
çoryny ugratmagy ýüregine düwüpdir. Ýaş gyz Jüneýit hezretleriniň
ýanyna gelip, gözüni-gaşyny oýnadyp, näz etmäge başlapdyr. Weli
oňa bir nazar aýlapdyr-da, ýene aşak bakypdyr. Gyz bolsa dürli mekirliklere ýüz urup, ony azdyrjak bolmagyny dowam edipdir. Jüneýit
hezretleri gaýtadan başyny galdyryp, oňa tarap üfläpdir welin, gyzyň
takga jany çykaýypdyr.
Bu bolan işe halyf örän gynanypdyr. Ol Jüneýit hezretleriniň ýanyna gelip:
– Şunuň ýaly gözel gyzy öldürmäge neneň het edip bildiň? –
diýip sorapdyr. Jüneýit hezretleri oňa şeýle jogap beripdir:
– Sen Allatagalanyň Ýerdäki wekili bolup durkaň we biziň aladamyzy etmegiň boýnuňa wezipe edilip ýüklenendigine garamazdan,
meniň kyrk ýyllyk ruhy gözleglerimiň hem ybadatlarymyň ýoguna
ýanmaga nädip ýürek edip bildiň?
***
Kimdir biri Jüneýit hezretlerinden öz ýüzüne nazar aýlamagyny
haýyş edipdir. Weli oňa şeýle jogap beripdir:
– Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda tüýs ýüregimden Hudaýy
görmek isläp geldim. Emma bu maňa başartmady. Ýagdaý şeýle
bolansoň, seniň ýüzüňe nädip bakaryn?
***
Bir gezek Jüneýit hezretleri näsaglap, şeýle doga edipdir:
– Allahym! Meni bu dertden gutar!
Şol wagt gaýypdan:
– Eger-de saňa teklip eden bejergimiz göwnüňden turmaýan bolsa, onda Biz seni weli gullarymyzyň hataryndan çykarýarys.
199
***
Jüneýit hezretleri şeýle diýipdir:
– Ruhy ösüş ýolunda näme gazanan bolsam, şolaryň ählisi üçin
üç zada: terkidünýälige, agyz beklemeklige we gijeleri çirim etmän
geçirmeklige borçludyryn.
Men on ýylyň dowamynda kalbymy ýalňyşlyklardan goramaga
we oňa göz-gulak bolmaga mejbur boldum. Şondan soňky on ýylyň
dowamynda kalbymyň özi aladamy etdi. Häzir bolsa meniň şeýle bir
halym bar: kalbym-a menden bihabar, men hem onuň üçin howsala düşmeýärin. Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Hudaý meniň agzym bilen sözleýär. Adamlaryň mundan bihabardyklaryna garamazdan, men diňe araçynyň hyzmatyny ýerine ýetirýärin. Şu ýyllaryň
dowamynda men sopuçylygyň diňe daş ýüzüni beýan edip gelýärin.
Adamlaryň ýanynda tasawwuf barada hiç zat aýtmazlygym maňa
emir edildi. Allatagalanyň öňündäki gorky kalbymy gaplap alan mahaly duýgularyma erk edip bilmeýärin. Onuň rehimdardygyny ýatlan
mahalym bolsa akylyma aýlanýaryn.
Men – gul. Meniň erkim ýok. Allatagala jennete gir diýse-de,
dowzaha gir diýse-de, Onuň diýen ýerine giderin.
Halypam Seri hezretleri maňa wagyz etmegi emir etdi. Onuň
ýanynda bu işe het edip bilmejekdigimi aýtdym. Şol gije Muhammet alaýhyssalam düýşüme girip, wagyz etmek bilen meşgul bolmalydygymy aýtdy. Ertesi irden gören düýşümi halypama habar bermek üçin hyýallananym hem şoldy welin, onuň ýaşaýan otagymyň
gapysynyň öňünde duranyny göräýdim. Maňa gözi düşüp, ol şeýle
diýdi:
– Sen hemişe wagyz edip başlamagyňdan öňürti kimdir biriniň
muny saňa emir etmegini isleýärdiň. Şol emiri hem aldyň.
Men geň galyp:
– Düýşümde gören zatlarym saňa nädip aýan boldy? – diýip soradym. Ol:
– Allatagala Jüneýidiň ýanyna gidip, onuň wagyz etmäge
başlamagyny haýyş etmegi üçin Muhammet alaýhyssalama tabşyryk
berendigini maňa mälim etdi – diýip jogap berdi.
200
Şeýlelik bilen, men wagyz etmäge razylyk berdim. Emma meni
diňleýänleriň sanynyň kyrkdan geçmeli däldigini hem şert edip
goýdum. Wagyzlarym şeýle bir güýje eýedi welin, bir gezek kyrk
diňleýjimden on sekizi meni diňläp otyrkalar jan beräýdi. Soňra men
wagyz etmegimi goýdum, çünki bu iş meni göre sokup barýardy.
Günleriň birinde men näsag derwüşiň halyny soramaga gitdim.
Ol aglaýardy. Men:
– Bu derdi saňa kim gönderdi, kimden şikaýat edýärsiň? – diýip
soradym. Derwüş sesini çykarmady. Men ýene:
– Bu derde sabyr etmekden ýüz öwürmegiň bir hikmeti barmy?
– diýip soradym. Ol uludan bir dem aldy-da:
– Gözýaş dökmezligim, derdime sabyr etmegim erkimde däl –
diýip jogap berdi.
Bir gezek wagyz edýärdim. Diňläp oturanlaryň biri aýdýanlarymy aňlamaga ýetişmeýändigini mälim etdi. Men oňa ýetmiş ýyl­
lyk ybadatyny (onuň ýaşy ýetmişden aňyrdady) aňyndan çykaryp,
kaýyllyk bilen başyny aşak salyp oturmagy maslahat berdim. Diňe
şondan soňra ol wagzymyň manysyna düşünmäge başlady.
Allatagala özünden razy bolýan kalp rahat bolýar.
Günleriň bir güni bir gedaý gapymy kakdy. Meni onuň gedaýlara mahsus bolmadyk jozzuk ýaly ýüzi geň galdyrdy. Ol gazanç edip
hem gününi aýlap biljekdi. Oňa dilegçilik etmek hiç gelişmeýärdi.
Şol gije düýşümde üsti örtülgi jamy öňümde goýup, onuň içindäkini
iýmek emir edildi. Jamyň örtügini aýryp, onuň içinde adam jesediniň
ýatandygyny gördüm. Men:
– Allahym! Men näme üçin bu jesedi iýmeli?! – diýip gygyryp
goýberdim. Şol wagt gaýypdan owaz geldi:
– Saňa hoş ýakmaýan bolsa, gündiz näme üçin ony iýdiň?
Nämä kakdyrylýanyny aňlap, saçagyň başyndan turdum-da, gedaý hakda erbet pikir edenim üçin günämi geçmegini sorap, Allatagala ýalbaryp ugradym. Ertir namazyny okap, şol gedaýyň gözlegine
çykdym. Ony tokaýdan tapdym. Maňa nazary düşüp, ol şeýle diýdi:
– Eden günäsi üçin bada-bat puşman edýän kişiniň tobasyny
Allatagala kabul edýär. Emma mundan beýläk häzir bol we başga biri
hakda erbet pikir edip, ýeňsesinden gybatyny etme!
201
Mekge şäherinde bir dellegiň baý kişiniň saçyny syryp duranyny
gördüm. Onuň ýanyna baryp, meniň hem saçymy syryp bermegini
haýyş etdim. Ol baýyň ýanyndan aýryldy-da, meniň daşyma geçdi.
Saçymy syryp bolup, ol içinde birnäçe teňňe bolan gapjygy maňa
uzatdy-da, ony sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş etdi. Men günüň
dowamynda elime näme düşse, ony dellege getirip bermegi ýüregime
düwdüm. Tiz wagtdan ýanyma bir adam gelip, altyndan doly gapjygy
elime tutdurdy. Men ony sowgat hökmünde kabul etmegi dellekden
haýyş etdim. Ol sowgadymdan ýüz öwürdi we:
– Maňa beýle bir zady teklip etmäge utanaňokmy? Eýsem, sen
Allatagalanyň razylygy üçin bir işi eden adamyň, şol eden işi üçin hak
almaly däldigini bilmeýärmiň? – diýip gyjytly seslendi.
Günleriň birinde namaz okap durkam kalbymda güýçli howsala duýdum. Namazymy okap bolup, aýak üstüne galdym-da, daşary
çykdym. Ýol bilen gidip barýarkam, bir derwüş gözüme kaklyş­
dy. Ol ýüň ýorgançanyň üstünde oturan ýerinden maňa köpden bäri
garaşýandygyny we menden akylyňy täze islegler bilen meşgullan­
makdan ýüz öwürtmäge nadip mejbur edip boljagyny öwrenesiniň
gelýändigini mälim etdi. Men:
– Öz akylyň bilen göreş we oňa boýun egme, onuň sesine gulak
asma – diýdim. Şol wagt ol:
– Eý, akylym, men hem saňa şu sözleri aýtdym ahyry. Emma sen
hökman Jüneýidiň jogabyny eşitmek islediň. Indi onuň hem pikirini
bilýäň – diýip seslendi.
Ol ýanymdan daşlaşanyndan soň, akylymyň köşeşenini duýdum we
özüme geldim. Okan namazlarymdan ýene lezzet almaga başladym we
akylymyň bulaşmagyna garry derwüşiň sebäp bolandygyna düşündim.
Allatagala bilen aramda suwa derek otdan doly derýa ýatan hem
bolsa, Ony görmek arzuwym oňa özümi taşlap, ýüzüp geçmegime
päsgel bermezdi.
Sahl hezretleriniň maňa ýazan hatynda şeýle sözler bardy:
«Uklaýan adam Allatagala gowuşmaz. Çünki Allatagala Dawut alaý­
hy­ssa­lama ýüzlenip: «Wagtyny uka sarp edýän kişi Meni söýýändigini aýdýan bolsa, ýalan sözleýändir» diýmändirmi näme?»
202
Bir gezek düýşümde bir ogryny dardan asyşlarynyň şaýady boldum. Men onuň öňünde başymy egdim. Adamlar beýle etmegimiň
sebäbini soradylar. Men olara:
– Öz saýlap alan kärine soňuna çenli wepaly bolup galýan kişi
hormata mynasypdyr. Bu kişi öz käriniň hatyrasyna ömrüni pida
edýär ahyryn – diýip jogap berdim.
Öz garyplygyndan we uzak gününi aç geçirenliginden zeýrenýän
derwüşi görüp, oňa aýtdym: «Sen Allatagalanyň uly nygmaty bolan garyplykdan zeýrenýärsiň. Garyplyk weliler üçin Onuň beren
patasynyň alamaty bolup durýar. Olar paýlaryna garyplyk düşse, ondan birjik-de zeýrenmeýärler. Bu ýerden uzaklaş, Allatagala seni iýmitsiz we eşiksiz goýmaz».
Günleriň birinde bir baý ýetginjek wagzymy diňläp, şeýlebir täsirlenipdir welin, özüne müň dinar galdyryp, baýlygynyň galan bölegini garyplaryň arasynda paýlapdyr. Şol müň dinary ol maňa sowgat
bermek isledi. Näme maksat bilen ýanyma ugranyny bilen adamlar
oňa ýüzlenip:
– Şunuň ýaly uly welini dünýäniň toruna düşürmek isleýäňmi? –
diýipdirler. Ýetginjek derýanyň kenaryna baryp, teňňeleriniň baryny
ýeke-ýekeden suwa taşlamaga başlapdyr. Ýanyma gelende, oňa:
– Sen ýanymda bolmaga mynasyp däl. Dinarlaryňdan bir gezekde dynyp biljek halyňa, näme üçin olary ýeke-ýekeden suwa taşlap,
şunça wagtyňy sarp etdiň? – diýdim.
Seniň kalbyň – bu Allatagalanyň öýüdir. Onda ýaşamaga Allatagaladan başga kişä rugsat berme.
Allatagala gowuşmaga ymtylyp, uludan alnan dem günäleri
ýakyp taşlaýar.
Doly ýok bolma jülgesini (fana) kesip geçmezden, bakylyga
gowuşmarsyň.
Hudaýdan gorkýan kişi hiç haçan gülmeýär.
Allatagalany ýadyňdan çykaranyňdan dowzah azabyny çekeniň
gowudyr.
Ömri janyna bagly kişi jany tenini terk eden wagty ölýär, ömri
Allatagala bagly kişi bolsa hiç haçan ölmeýär.
203
Ýaradanyň gözelligini görmeýän göz kör bolsa bolmaýarmy,
Onuň adyny zikir etmeýän dil lal bolsa bolmaýarmy, Onuň işleri barada eşitmeýän gulak ker bolsa bolmaýarmy, Oňa hyzmat etmeýän el
şel bolsa bolmaýarmy!
Allatagalany zikir etmek üçin tagalla etmeli bolýan adam öz
ybadatlarynyň sogabyny doly derejede almaz.
Allatagala gullarynyň birini halasa, Ol bu guluny welileriň hataryna goşýar.
Gurhany Kerimi öwrenmeýän kişi kämillige ýetmez.
Köp iýýän kişiniň ybadat edesi gelmez.
Mürit üçin dünýä turşy, ruhuň amallary bolsa süýji bolup görünmeli.
Dört ýüz din alymy biragyzdan adamyň hökman ybadat etmelidigi we bir pursat hem Allatagala barada pikir etmegini goýmaly
däldigi baradaky pikiriň tarapyny çalýar.
Sopy ders bilen dökünlenýändigine garamazdan, bugdaýyň bol
hasylyny eçilýän meýdana meňzeşdir.
Allatagaladan başga zatlaryň ählisinden ýüz öwürmek we özüňi
öli saýmak – ine, sopuçylyk diýilýän zat şudur.
Tewhid Allatagalany tanamakdyr.
Nebsiňi ýok etmezden, Allatagalany söýüp bilmersiň.
Allatagala aşyk bolan uly welileriň aýdýan sözlerini ýönekeý
adamlar küpürmikä öýdýärler.
Ruhy serhoşlyk gaýtadan jan berýär, Allatagalanyň sypaty bolsa
öldürýär. Ruhy serhoşlyk nebsi ýok edýär.
Allatagalany ýekeje pursatlyk unutmaklyk Onuň razylygy üçin
edilen müň ýyllyk ybadaty ýok edip biler.
Allatagalany tüýs ýüreginden gözleýän adam Ony hökman tap­
ýar.
Iman – seniň ýüregiňdäki ýazgy bolup, şol ýazgyda: «Iýmit gözleginde gezme-de, Allatagalanyň hemmeleri iýmit bilen üpjün etjegine berk ynan» diýilýär.
Açyk göwünli zynakär kişi ýaramaz häsiýetli sopudan gowudyr.
Allatagala öz rehmetini dünýäden ozal ýaradypdyr.
Allatagalany zikir edýän kişi bu Adyň jümmüşinde gark bolýar,
Adyň özi bolsa allatagala bilen birleşýär.
204
Dünýäni terk edip Allatagala ýönelmek we Oňa yzygiderli ybadat etmek – ine, sopuçylyk şudur. Sopuçylygy özüňde gözle.
Hudaýdan başgasyny tanamaýan adam sopudyr.
Açgözlülik şer işleriň iň ýaramazydyr.
Gurhany Kerimiň aýatlarynyň manysyny tirmek magryfete alyp
barýar. Edil şol maksada Allatagalanyň nygmatlary we Onuň beýik­
ligi barada oýlanyp hem ýetip bolýar. Gurhany Kerim ony okaýanyň
kalbyna Hudaýa bolan söýgini guýýar, bu söýgi bolsa Hudaýdan ýerlikli gorkmak duýgusyny kemala getirýär.
Allatagalanyň keremi barada oýlanýan adam günä etmekden
gaça durýar, çünki günä işlemek bilen Onuň kereminden özüni mahrum etmekden gorkýar.
Öz erkini Allatagalanyň erkine tabyn edýän we Onuň gönderýän
zatlarynyň ählisini şatlyk bilen kabul edýän adam adamlaryň arasynda
iň mertebeli kişidir.
Allatagalanyň guly Ondan başgasyna hyzmat etmeýär.
Dünýäden ýüz öwürseň, öňüňde Allatagala gowşurjak ýol peýda
bolar.
Bu Ýoluň üç perdesi bar. Şol perdeleri nebis, dünýä we ýaradylanlar emele getirýär. Bu perdeler hemmeler üçin umumydyr. Adaty
bolmadyk beýleki perdeleriň hataryna göz üçin edilýän ybadat, keramat görkezmeklik, ýalan sahylyk degişlidir, çünki olaryň esasynda
tekepbirlik ýatýar.
Meniň Gurhany-Kerimden uly tarapdarym ýok.
***
Jüneýit hezretleriniň müritleriniň biriniň kalby şeýtanyň pirimine ýesir düşüpdir. Ol kämillige ýetenini we mundan beýläk pirler bilen söhbet etmegiň oňa zerur däldigini aýdyp, öwünmäge başlapdyr.
Şeýlelik bilen, ol ýeke ýaşamaga başlapdyr. Günleriň birinde-de
şähere çykypdyr-da, töweregindäkiler eşider ýaly edip, gymmat bahaly esbap­lar bilen gowy bezelen we şonuň ýaly gymmat bahaly
sowut salnan düýä münüp gelip, perişdeleriň her gün özüni zyýarat
edýändiklerini we soňra asmana göterýändiklerini habar beripdir.
Onuň küpürden doly sözleri ile ýaýýandygyny bilen Jüneýit hezretle205
ri şol gije müridi bilen duşuşypdyr. Ol perişdeler gelen mahaly: «Eý,
siz – şeýtanyň ilçileri, size nälet bolsun!» diýmegi müridinden haýyş
edipdir. Müridi onuň aýdyşy ýaly edipdir. Ol halypasynyň öwreden
sözlerini gaýtalan badyna gözüne perişde bolup görnenler hem, düýe
hem zym-zyýat bolup, üýşmek adam süňküniň üstünde oturanyny,
öňünde-de ölen haýwanlaryň kelleçanaklarynyň çaşyp ýatanyny
görüpdir. Mürit puşmana gelip, halypasy Jüneýit hezretlerinden özüni howandarlygyna almagy haýyş edipdir. Şonda halypasy oňa şeýle
diýipdir:
– Bu Ýola ýaňy düşen adam üçin ýalňyzlyk örän howpludyr. Ol
hökmany suratda ylymly halypanyň ýanynda bolup, şonuň kömegine
daýanmalydyr.
***
Günleriň birinde Jüneýidiň müritleriniň biri özüni gödek alyp barmaga başlapdyr. Özüne temmi berilmeginden gorkusyna, ol metjide
tarap gaçypdyr. Jüneýit hezretleri hem yzyna düşüpdir. Halypasynyň
ýetip gelýänini gören mürit gaty gorkupdyr we ýykylyp, kellesini
deşdiripdir. Ýarasyndan akan gan bolsa topraga garyşyp, Allah sözüni
emele getiripdir. Jüneýit hezretleri:
– Öz ruhy artykmaçlygyňy şunuň ýaly edip ile göz etmek gowy
zat däl. Şunuň ýaly wepalylygy hatda çagalar hem görkezip biler.
Allatagalany diňe bir zikir etmek bilen çäklenmän, eýsem, pikirinde gezilýän we hemişe ýatlanylyp gezilýän Allatagala ymtylmak hem
gerek. Diňe şeýle eden halatyňda özüňi ruhy taýdan üstün hasaplap
bilersiň. Munuň tersine bolaýsa, adam çaga bolmagynda galýar –
diýip, müridine gyjalat beripdir. Bu sözler ýetginjege şeýle bir täsir
edipdir welin, olary eşiden badyna jan beräýipdir.
***
Jüneýit hezretleriniň müritleriniň biri Basra şäherinde ýaşaýar
eken. Günleriň birinde onuň kellesine bir ýaramaz pikir gelipdir we
Allatagalanyň emri bilen onuň ýüzi gap-gara bolaýypdyr. Ol her zat
edip görse-de bolmandyr. Diňe Jüneýit hezretlerinden: «Külterleýän
Ýoluňa hormat goý. Seniň ýüzüňi ýuwmak üçin maňa üç gün gerek
boldy» diýen haty alanyndan soň, ýüzüniň reňki öňki halyna dö­nüpdir.
206
***
Günleriň birinde Jüneýit hezretleri we müridi tokaýyň içi bilen
barýar eken. Güýçli yssynyň derdinden müridiň burny ganapdyr. Ol:
– Bu ne aýylganç yssy! – diýip seslenipdir. Jüneýit hezretleri
närazy şekilde oňa bakypdyrda:
– Sen hudaýtarapyn zatdan nägile bolýarsyň. Meni terk et –
diýipdir.
***
Jüneýit hezretleri müritleriniň birini beýlekilerden gowy görüpdir. Beýleki müritleriň oňa gözleri gidipdir. Hiç hili gep-gürrüň bolmaz ýaly, Jüneýit hezretleri müritleriniň ählisini ýanyna çagyrypdyr-da, olaryň hersiniň eline bir horaz we pyçak tutduryp, hiç kimiň
görmeýän ýerinde olaryň damagyny çalyp getirmegi tabşyrypdyr.
Onuň gowy görýän müridinden beýlekiler ellerindäki horazyň damagyny çalyp, alyp gelipdirler. Elindäki horazy diri getiren müritden
beýle etmeginiň sebäbini soranlarynda, ol:
– Allatagalanyň görmeýän ýerini tapmadym – diýip jogap beripdir. Beýleki müritler onuň özlerinden üstündigine akyl ýetiripdirler
we öňünde baş egipdirler.
***
Ölmeziniň öň ýanynda Jüneýit hezretleri daş-töweregini alyp
oturan adamlardan özüniň ellerini we aýaklaryny ýuwmaklaryny
haýyş edipdir. Olar aýdyşy ýaly edipdirler, emma dyrnaklaryny almagy ýatlaryndan çykarypdyrlar. Jüneýit hezretleriniň muňa ünslerini
çekmegi bilen, onuň dyrnagyny hem alypdyrlar.
Soňra Jüneýit hezretleri hormat bilen Allatagala sejde edipdir-de,
aglamaga başlapdyr. Töwereginde oturanlar ondan:
– Tutuş ömri Allatagala ybadatda geçen adamyň ahmyry bolup
bilermi? – diýip sorapdyrlar. Ol hem:
– Hiç haçan özümi şu pursatdaky ýaly sansyz duýmandym –
diýip jogap beripdir.
Soňra ol Gurhany Kerim okamaga başlapdyr we müritlerine ýüzlenip:
207
– Şu Kitapdan gowy dost we halypa tapmarsyňyz – diýip, sözüni
şeýle dowam edipdir:
– Häzirki pursatda ömürboýy eden ybadatlarym öňümde howada
asylgy dur. Güýçli ýel öwüsýär. Ybadatlarym eýläk-beýläk hallanlaýar. Men bu agşamyň duşuşygamy ýa-da aýralygamy – bularyň
haýsysyna sebäp boljagyny bilmeýärin. Şonuň ýaly-da, dowzahyň
üstünde gurlan we jennete alyp barýan Syrat köprüsini-de görýärin.
Beýik Kazy hem-de Ajal hem gözümiň öňünde. Özüm babatda nähili
karara gelinjegi we nirä ugratjaklary maňa mälim däl.
Jüneýit hezretleri Gurhany-Kerimiň aýatlaryny okamagyny dowam edipdir. Müritleri ondan Allatagalanyň atlaryny aýdyp bermegi
haýyş edipdir. Ol mukaddes atlaryň ýadyndadygyny aýdyp, barmak­
laryny büküp, olary sanamaga başlapdyr. Sag eliniň başam barmagyna ýetende, ol:
– Rahmanyrrahym – diýipdir-de, gözlerini ýumup, jan beripdir.
Müritleri onuň jansyz bedenini ýuwmaga başlap, gözlerini sypamakçy bolanlarynda, gaýypdan gulaklaryna bir owaz gelipdir:
– Dostumyzyň gözlerine suw degirmäň. Olar ruhy serhoşlyk sebäpli ýumuldy we Bizi görmäge rugsat berlende açylar. Onuň düwlen
ýumruklaryny ýazjak bolmaň. Ol ýumrugyny Biziň atlarymyzy sanamak üçin düwdi. Onuň ýumrugy emrimiz bilen ýazylar.
Köp wagt geçmänkä bir kepderi uçup gelip, tabydyň üstüne gonupdyr-da, adam sesi bilen gürläpdir:
– Meniň ýeleklerimi bu tabyda yşk çüýleri baglady. Eger-de
häziriň özünde mazarystanlyga alyp gitmeseňiz, ony alyp asmana göterilerin.
Welileriň biri aradan çykan Jüneýit hezretlerini düýşünde görüp,
Allatagalanyň ony nähili garşy alandygyny sorapdyr. Ol:
– Allatagala tarykat ýoluny külterlänim üçin däl-de, rehimdar
bolany üçin meni bagyşlady. Gije turup, Allatagalanyň razylygy üçin
okan iki rekagat namazymdan başga bu ýerde maňa hemaýat eden zat
bolmady – diýip jogap beripdir.
208
Ibn ATA
R
uhy älemiň kutby, şyhlaryň ymamy Ibn Ata (Allah oňa rehim eýlesin!) ýekehudaýlylaryň delili bolup, dürli ylym
şahalaryndan ajaýyp bir şekilde baş çykarýardy. Ol müftülik etmek
bilen, usul ylmy we ikinji derejeli meseleler boýunça fetwa bermek
derejesine eýe bolupdyr.
Rowaýat etmeklerine görä, Ibn Atanyň ýeke galyp, ybadat
edýän ýeri bolan külbesine birnäçe adam gelip giripdir. Görseler,
onuň üst-başy öl-myžžyk bolup durmuş. Ondan munuň sebäbini sorapdyrlar. Ol:
– Mende bir hal peýda boldy we gözýaşlaryma erk edip bilmedim – diýip jogap beripdir.
– Bu hala düşmegiňe sebäp bolan zat näme? – diýip soranlarynda
bolsa, ol şeýle jogap beripdir:
– Kiçijik wagtym bir kişiniň gök kepderisine ondan soraşmazdan
eýe çykypdym. Şol günämi ýuwjak bolup, müň dinar sadaka berdim
we sogabyny şol kepderiniň eýesine bagyşladym. Emma kalbym heniz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.