Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 21

Total number of words is 2622
Total number of unique words is 1341
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bildigidir.
Salamatlyk ýalňyzlykdadyr. Ýalňyzlyk tenhalykdadyr. Tenhalyk
Allatagaladan başgasynyň hatda hyýalyňda-da ýer almazlygydyr.
Şeýle edilse, salamatlyk bolar.
Tenhalyk adaty ýalňyzlykdan ybarat bolsa, dürs bolmaz! Çünki
hadysy-şeripde: «Şeýtan ýalňyz bolýan adam bilendir, iki adamyň bar
ýerinden has uzakdadyr» diýlipdir.
Belentlige ymtyldym – pespäl boldum. Beýikligi isledim –
haýyr işi söýýänlerden boldum. Mürewweti gözledim – dogrulykda
ýaşadym. Şana ymtyldym – pukarylyga ulaşdym. Şöhrat umyt etdim
– takwa boldum. Abraý isledim – kanagat tapdym. Rahatlygy aradym
– terkidünýä boldum.
346
Abu HANIFE
D
iniň we milletiň çyragy, iliň we döwletiň çyrasy, hakykatyň
gülälegi, many we hikmet jöwherleriniň ummany, alym,
aryf, jahan ymamy Abu Hanife Kufi (Allatagala oňa bol-bol rehmet
eçilsin!) ýaly her dilde öwülen hem-de her bir millet tarapyndan hoş
görlen başga biri barmyka?
Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ymmatymyň
içinde Numan ibn Sabyt diýlen bir är dünýä geler. Abu Hanife diýen
künýesi bolan bu adam ymmatymyň çyrasydyr. Töwratda-da Abu Hanifeden söz açylandyr» diýdi».
Abu Ýusup şeýle diýipdir: «On dokuz ýyl Abu Hanifäniň hyzmatyny etdim. Şol döwrüň içinde ol hemişe ertir namazyny ýassy namazy üçin alan täreti bilen okady».
Mälik ibn Enes şeýle diýipdir: «Abu Hanifäniň şeýle bir adam­
dygyna göz ýetirdim: eger ol daşdan örülen sütüni görkezip: «Şu
sütün durşuna altyndandyr» diýse, öz aýdanyny delillere daýanyp
subut edip bilerdi».
Ymam Şapygy: «Dünýädäki alymlaryň ählisi fykyh ylmynda
Abu Hanifäniň çagalarydyr» diýipdir.
Abu Hanife sahabalardan birnäçesini görmäge ýetişipdir. Olar
Abdylla ibn Zubeýdi, Enes ibn Mälik, Jabir ibn Abdylla, Abdul­lah
ibn Ewfa, Waslet ibn Eska we Aýşe binti Ajri (Allatagala olaryň
hemmesinden razy bolsun!) dagydy. Şonuň ýaly-da, ol köp şyh bilen duşuşypdyr hem-de ymam Japar Sadyk hezretleriniň söhbetine
gatnaşypdyr. Fuzaýylyň, Ybraýym Edhemiň, Beşer Hafynyň, Dawut
Taýynyň... ussady bolupdyr.
347
Ol pygamberleriň serweri Muhammet alaýhyssalamyň rawzasyna – mazaryna zyýarata gidende: «Es-salamü aleýke, ýa, resullaryň
seýýidi!» diýip, salam beren wagty: «Aleýk es-salam, ýa, musul­
manlaryň ymamy!» diýen jogap eşidilipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir döwürde ol kybla ýönelipdir,
halkdan ýüz öwrüpdir, hyrka geýipdir. Şol döwürde bir gije düýşünde
beýleki süňkleriň arasyndan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) süňklerini
saýlap alyp, bir ýere toplaýşyny görüpdir. Ol gören düýşüniň eýmenç­
liginden gorkusyna ukudan oýanypdyr we Ibn Siriniň şägirtleriniň
biriniň ýanyna gidip, düýşüni ýordurypdyr. Ol hem:
– Sen Pygamberimiziň (s.a.w.) öwredip giden ylmynda we sünnetini goramakda uly derejä ulaşarsyň, bu iş bilen meşgullanyp, dog­
rusy haýsy, ýalňyşy haýsy – muny aýyl-saýyl edersiň – diýipdir.
***
Allahyň Resuly (s.a.w.) başga bir gezek hem Abu Hanifäniň
düýşüne girip, oňa şeýle diýipdir:
– Eý, Abu Hanife! Sünnetimi janlandyryp, orta çykarmaga seni
sebäp edendirler, şol maksat bilen bu dünýä getirendirler. Şonuň üçin
hem adamlardan çete çekilip, diňe ybadata berilmekden ägä bol!
***
Abu Hanife hezretleri örän ätiýaçly adam bolup, onuň bu
häsiýetiniň artykmaçlygy we bereketi bolup geçen bir wakada has
hem äşgär ýüze çykypdyr.
Abu Hanifäniň halypasy Şagbynyň garran çaglary eken. Şol
döwrüň halifi bir mejlis gurduryp, oňa Şagby hezretlerini-de çagyrdypdyr. Beýleki alymlary hem şol ýerde jemledipdir. Ol mejlis
gurmazdan öňürti hat-petek işlerini ýerine ýetirýän emeldaryny ýanyna çagyryp, her bir hyzmatkäriniň we gulunyň adyna bir mülki
resminamalaşdyrmagy emir edipdir. Mülkleriň käbiriniň ýagdaýyny
anyklamak gerek bolsa, käbirleri başga birleriniň hususy eýeçiliginde, käbirleri-de wakyflaryň (gaznalaryň) garamagynda bolupdyr.
348
Mejlise gelmelileriň bary toplanansoň, hyzmatkär taýýarlanan
resminamany getirip, şol döwürde kazylyk wezipesini ýerine ýetiren
Şagby hezretlerine gowşuryp:
– Imanly kişileriň emiri şuňa şaýat hökmünde goluňyzy
goýmagyňyzy emir edýär – diýipdir. Ilki Şagby, soňra bolsa fykyhçy
alymlaryň ählisi kagyzlara gol çekipdirler. Soňra hyzmatkär resminamany Abu Hanifäniň ýanyna alyp baryp:
– Şaýat hökmünde şuňa goluňyzy goýmagy imanly kişileriň emiri size emir edýär – diýipdir. Abu Hanife:
– Eýsem, halifiň özi nirede? – diýip sorapdyr. Hyzmatkär:
– Köşgünde – diýip jogap beripdir. Onda Abu Hanife:
– Şu resminamada ýazylanlaryň dogrudygyny tassyklaýan golu­
myň ygtybar gazanmagy üçin ýa imanly kişileriň emiriniň bu ýere
gelmegi, ýa-da meniň onuň ýanyna gitmegim gerek – diýip seslenipdir. Hyzmatkär hem:
– Bu nähili söz boldy? Kazy başlyklaýyn fykyhçy alymlaryň
ählisi munuň astyna gollaryny goýdular. Sen gereksiz ýere işi
kynlaşdyrýarsyň – diýip, ondan el çekmändir. Abu Hanife jogap
hökmünde: «Her kişiniň gazanan haýry özüniňki, eden erbetlikleriniň
zyýany hem özüniňkidir» («Bakara» süresiniň 286-njy aýaty) diýipdir.
Onuň bu sözi halifiň gulagyna baryp ýetip, ol Şagbyny ýanyna
çagyrypdyr-da:
– Bir resminamanyň dogrudyny tassyklap çekilen goluň ygtybar
gazanmagy üçin ony taýýarladan kişiniň özüni görmek şertmidir ýa
dälmidir? – diýip sorapdyr. Şagby:
– Hawa, bu şertdir – diýipdir. Halif:
– Şeýle bolýan bolsa, gullarym bilen baglaşan ylalaşygymyň
şaýady hökmünde resminama gol çekeňde, meni görüpmidiň? – diýip,
ýene bir sorag beripdir. Şagby:
– Men onuň seniň permanyňdygyny bilýärdim. Şonuň üçin hem
seni görjek bolup aýak diräp durmadym – diýipdir. Ondan bu jogaby
alan halif:
– Bu aýdanyň hakykatdan daşdyr. Meni görmegiň hökmandygy­
ny aýdan ýetginjek bolsa kazy bolmaga senden has laýykdyr – diýip
seslenipdir.
349
Has soňra haliflik eden Mansur: «Kazy edip kimi bellesemkäm?»
diýip pikir edipdir. Ol dört sany uly alym barada ynamdar kişileriniň pikirini diňläp, olary köşgüne çagyrmaklaryny emir edipdir. Alymlaryň
biri Abu Hanife, ikinjisi Misgar ibn Kudam, üçünjisi Sufýan, dördünjisi bolsa Şüreýk eken. Bular halyfyň huzuryna barmak üçin ýola
düşüpdirler. Ýolda Abu Hanife:
– Dil ujundan her biriňiz hakda bir zat aýdaýynmy? – diýip,
ýoldaşlaryna ýüzlenipdir. Olar hem:
– Şeýtseň, örän gowy bolar – diýipdirler. Onda Abu Hanife
aýdypdyr:
– Men bir hilä ýüz urup, kazylygy başymdan sowaryn. Sufýan
gaçar, Misgar özüne däli diýdirer, Şüreýk kazy bolar.
Soňra Sufýan ýolda bularyň ýanyndan gaçypdyr we bir gämä
özüni atyp:
– Meni gizläweriň, bolmasa, başymy keserler – diýipdir. Onuň
bu bolşy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan rowaýat edilen: «Bir
kişiniň kazylyga bellenmegi damagynyň pyçaksyz çalynmagydyr»
diýen manydaky hadysyň ýorumyna esaslanypdyr. Gämibaşynyň
Sufýany gämisinde gizlemegi bilen, halyfyň huzuryna galan üçüsi
barypdyr. Halyf ilki bilen Abu Hanifä ýüzlenip:
– Sen hökman kazy bolaýmaly – diýipdir. Abu Hanife:
– Eý, emir! Men arap däl. Olaryň azat eden gullarynyň biri men.
Arap begleri meniň çykaran hökümim bilen ylalaşmazlar – diýip, bir
bahana tapypdyr. Bu duşuşyga gatnaşýan Abu Japar:
– Bu işiň adamyň gelip çykyşy bilen bagly ýeri ýok. Munuň üçin
ylym gerek – diýipdir. Abu Hanife:
– Eger soňra ýagdaý meniň aýdyşym ýaly boljak bolsa, ýagny
aýdýanym dogry bolsa, onda men bu wezipä hakykatdan hem laýyk
däl. Eger şeýle diýmek bilen ýalan sözleýän bolsam, onda ýalan sözleýäni musulmanlaryň kazysy edip bellemek dogry bolmaz. Seniň
özüň hem Allatagalanyň wekili hökmünde bir ýalança kazylygy
ynanyp, musulmanlaryň janyny we malyny oňa tabşyrmagy dogry
hasaplamarsyň – diýip, bu teklibi başyndan sowupdyr.
Soňra Misgar öňe okdurylyp, halyfyň elinden tutupdyr-da:
– Ýag­daýyň neneň, çaga-çugalaryň gurgunmy? – diýipdir. Mansur:
350
– Muny daşary çykaryň. Onuň dälidigi bes-belli ahyryn – diýip
seslenipdir.
Soňra gezek Şüreýke ýetipdir. Halyf:
– Sen kazy bolmaly – diýipdir. Onda Şüreýk:
– Men söýgä akylyny aldyran, was-wasy bir adamdyryn. Bokurdagyma-da ejiz – diýip, dogrusyny aýdypdyr. Mansur:
– Akylyňa aýlanaryň ýaly, özüňi bejerdersiň. Şonuň bilen bar zat
düzeler gidäýer – diýipdir we Şüreýki kazylyga belläpdir.
Abu Hanife şondan soňra Şüreýk bilen arabaglanyşygyny kesipdir we gaýdyp hiç haçan onuň bilen gürleşmändir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, halyflaryň biri düýşüne giren ajal
perişdesinden:
– Näçeräk ömrüm galdy? – diýip sorapdyr. Perişde oňa bäş barmagyny görkezipdir.
Halyf bu gören düýşüniň ýorgudyny biljek bolup, birnäçe kişä
ýüz tutan hem bolsa, olaryň suwytly aýdan zady bolmandyr. Ahyry ol
Abu Hanifäni ýanyna çagyryp, ondan düýşüni ýorup bermegi haýyş
edipdir. Onda Abu Hanife aýdypdyr:
– Perişde bäş ylma yşarat edipdir. Bu bäş ylymdan hiç bir kişiniň
başy çykmaz. Bäş gaýyp diýlip atlandyrylýan şol bäş ylym Gurhany
Kerimde şeýle aňladylypdyr: «Kyýamatyň haçan gopjagyny diňe
Allah biler, ýagmyry o ýagdyrar, enäniň garnynda galan çaganyň
oglandygyny ýa-da gyzdygyny, reňkiniň nähili boljakdygyny we
beýleki aýratynlyklaryny Ol biler. Hiç kim ertir näme gazanjagyny
bilmez. Hiç kim nirede öljegini bilmez. Allahyň her zady bilýändigi,
her bir zatdan habardardygy şübhesizdir» («Lukman» süresiniň 34-nji
aýaty).
***
Şyh Aly ibn Osman Güllaby şeýle diýipdir:
– Şamda ýaşaýardym. Bir gün azançy Bilalyň (r.a.) mazarynyň
başynda uklap galypdyryn. Düýşümde Mekgedemikäm diýýän. Men
Benu Şeýbe gapysyndan içeri giren Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir
351
goja kişini, kiçijek çagany gujaklan ýaly edip, mähir bilen bagryna basandygyny gördüm. Men hem derrew okdurylyp baryp, onuň
aýak­laryny öpdüm we içimden: «Bu goja kimkä?» diýip, geň galman
durup bilmedim. Hezreti Pygamber (s.a.w.) mugjyza görkezip, eden
pikirimi bildi we: «Bu seniň we ýurduňdaky halkyň ymamy Abu Hanifedir (r.a.)» diýip seslendi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Newbe ibn Haýýah şeýle diýipdir:
«Abu Hanifäniň aradan çykan döwründe kyýamat düýşüme girdi.
Janly-jandarlaryň ählisi hasap berilýän ýerde söm-söýekdi. Howzuň
kenarynda duran Pygamberimiziň (s.a.w.) sag we sol taraplarynda
şyhlaryň durandygyna gözüm düşdi. Olaryň arasynda ak saçly, ak
sakgally, nurana ýüzli bir pir bardy. Ol Pygamberimize (s.a.w.) tarap
bakyp durdy.
Men hezreti Pygamberiň (s.a.w.) garşysynda duran Abu Hanifä
salam berdim-de:
– Maňa howuzdaky köwser şerbetinden alyp bersene – diýdim.
Ol:
– Hezreti Pygamber (s.a.w.) rugsat bermese, bu haýyşyňy kanagatlandyryp bilmerin – diýdi. Onýança Pygamberimiziň (s.a.w.):
– Oňa şerbet ber! – diýmegi bilen, Abu Hanife hezretleri maňa
bir bada şerap uzatdy. Men ýanymdaky dostlarym bilen birlikde
şerbetden gana-gana içsek hem, ol hiç azalmady. Soňra:
– Hezreti Pygamberiň (s.a.w.) sag tarapynda duran goja kim? –
diýip, Abu Hanifeden soradym. Ol:
– Ol Ybraýym Halyldyr, sol tarapynda duran hem Abu
Bekr Sytdyhdyr – diýip jogap berdi. Men edil şonuň ýaly edip,
Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanynda duranlar barada ýekän-ýekän soramaga başladym. Her gezek sorag beremde-de, elimdäki sapagy
barmagymyň daşyna bir gezek oraýardym. Oramlaryň sany on ýedä
ýetdi. Oýanan çagym, barmagyma ýüpüň oralandygyny gördüm.
Oramlaryň sany on ýedidi».
352
***
Utafa ibn Muaz Razi şeýle diýipdir:
– Düýşümde hezreti Pygamberi (s.a.w.) görüp, ondan:
– Seni nireden gözläýin? – diýip soradym. Ol:
– Abu Hanifäniň ylmynyň yanyndan gözle! – diýip jogap berdi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir topar çagajyk top oýnaýarka,
olaryň biriniň depen topy Abu Hanife hezretleriniň jemagaty daşyna
üýşürip, wagyz edip oturan ýeriniň ortasyna düşýär. Jemagatyň arasyna düşen topy getirmäge çagalaryň hiç biriniň gaýraty çatmandyr. Bir
oglanjyk: «Topy men getirerin!» diýip, halka gurap oturan jemagatyň
içine girip, topy alyp çykýar. Bu wakany synlan Abu Hanife hezretleri:
– Şu oglan, her näme bolsa-da, halal önen perzend-ä bolmaly
däl!– diýipdir. Sopulary bu meseläni öwrenipdirler. Hakykatdan hem
şeýle ekeni.
– Eý, musulmanlaryň ymamy! Muny nädip bildiň? – diýenlerinde, ol:
– Eger halal çaga bolan bolsa, haýasy oňa beýle iş etmäge ýol
bermezdi – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hanife hezretleriniň birinden
algysy bar ekeni. Oňa bergili bolan adama goňşulykda ýaşaýan sopusy günleriň birinde dünýäden gaýdypdyr. Abu Hanife hezretleri
onuň jynaza namazyna barýar. Şol wagt süýr günortan bolup, Günüň
gyzgyny ýakyp-ýandyryp barýan ekeni. Ol ýerde Abu Hanife adamyň
jaýynyň diwarynyň kölgesinden başga ýerde saýalar ýaly kölge hem
ýokmuşyn. Jemagat ymama:
– Şu diwaryň kölegesinde biraz oturaýmaly ekeniňiz – diýipdir.
– Bu jaýyň eýesinde algym bar. Şonuň üçin hem eger onuň
diwarynyň kölegesinden peýdalansam, bu süýthorluk bolar – diýip,
Abu Hanife hezretleri olara jogap beripdir.
***
353
23.*
Rowaýat etmeklerine görä, günleriň birinde Abu Hanife hezretlerini zyndana atypdyrlar. Ol ýerdäki zulumkärleriň biri onuň ýanyna
baryp:
– Meniň üçin şu galamyň ujuny art! – diýipdir. Ymam:
– Artman! – diýip jogap beripdir.
– Näme üçin artjak däl?! – diýen sowala bolsa ol:
– Zulumkärleriň toparyndan bolaryn öýdüp gorkýaryn!– diýip
jogap beripdir.
***
Ymam Agzam – Abu Hanife hezretleri her gije üç ýüz rekat namaz okar ekeni. Bu gün ýoldan geçip barýarka, bir zenan maşgala
beýleki bir zenana:
– Her gije bäş ýüz rekat namaz kylýan, ynha, şu adam-da! –
diýip, oňa tarap yşarat edipdir. Onuň aýdany Abu Hanife hezretleriniň
gulagyna ilipdir hem-de niýet edip, şondan soňra her gije bäş ýüz rekat namaz okamaga başlapdyr. Şeýdip, ol zenanyň aýdanynyň dogry
bolmagyny isläpdir. Başga bir gün bolsa geçip barýarka, oglanjyklar:
– Bu adam her gije müň rekat namaz okaýar! – diýip, biri-birine
habar beripdirler. Ymam Abu Hanife şondan soňra niýet edip, her gije
müň rekat namaz okap ugrapdyr.
Bir gün sopusy oňa:
– Adamlar: «Ymam gijelerine asla uklamaýar» diýýärler – diýip
habar beripdir. Abu Hanife hezretleri şol günden başlap gijelerine asla
uklamazlygy niýet edipdir. Beýle etmeginiň sebäbini soranlara bolsa:
– Çünki gudratly Haktagala Gurhany Keriminde bitirmedik işleri
üçin özleriniň öwülmeklerini isleýänleri ýazgarýar. Şol tetelli adamlardan bolmajak bolup, ýagyrnymy ýere goýmaýaryn – diýip jogap
beripdir. Soňra ol otuz ýyllap ýassy namazy üçin alan täreti bilen ertir
namazyny hem okapdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, örän köp sejde edendigi üçin ymam
Abu Hanifäniň dyzy, edil düýäniň dyzy ýaly, galňapdyr.
***
354
Rowaýat etmeklerine görä, käte özüne çözmesi kyn düşen
meseläniň anygyna ýetmek üçin Abu Hanife hezretleriniň Gurhany
Şerifi kyrk mertebe hatym eden gezekleri hem bolupdyr.
***
Dawut Taýy şeýle diýipdir: «Ýigrimi ýyllap Abu Hanifäniň ýanynda boldum. Bu geçen müddet içinde onuň ýalňyz wagty hem, köpçülikde hem hiç wagt başy açyk oturanyny, otyrka dynç almak üçin
aýaklaryny öňe uzadanyny görmedim. Günleriň birinde: «Eý, diniň
ymamy! Adam-gara ýok mahaly bir dynç almak üçin aýagyňy uzadaýmaly ekeniň-dä!» diýenimde, ol:
– Haktagalanyň öňünde ýalňyzkaň edepli bolmak – bu edebiň
has ulusydyr! – diýip jogap berdi.
***
Abu Hanife hezretleri bir gün ýol bilen barýarka, bir kiçijik oglanyň
suw gaçyp, palçyga öwrülen ýeriň gyrasynda duranyny görüp, oňa:
– Seresap bol, ýykylaýma! – diýipdir. Oglanjyk bolsa:
– Men ýykylyp, palçyga bulaşaýsam hem, munuň özümden
başga kişä zyýany ýetmez. Aslynda dykgatly bolmaly sensiň! Eger-de
«aýagyň taýyp» «palçyga» bulaşaýsaň, saňa uýýan bütin musulmanlar hem seniň günüňe düşer. Olaryň hemmesini hapadan çykarmak
hem kyn düşer – diýip jogap beripdir. Oglanjygyň bu jogaby, onuň zehini, ymamyň kalbyny joşdurýar. Bu täsin waka sebäpli heýjanlanan
ymam aglaýar hem-de öz sopularyna hem-de egindeşlerine ýüzlenip:
– Eger-de siz bir mesele boýunça ygtybarlydygy anyk bolan täze
bir delile ulaşsaňyz, şol delil hem bu meseläni has dogry çözmäge
mümkinçilik berýän bolsa, onda bu mesele barada çykaran hökümimi
ýatyryp, ony täzeläň – diýipdir. Ymam Abu Hanifäniň bu sözleri onuň
kämil ynsaba eýe bolanlygyndan habar berýär.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hanife hezretleriniň ýaşan zamanynda imanly kişileriň emiri hezreti Osmana (Allatagala ondan
razy bolsun!) duşmançylykly garaýan bir baý adam bar eken. Ol hatda
355
hezreti Osmany jöhit diýip hem atlandyrýar eken. Onuň bu bolşy Abu
Hanife hezretleriniň hem gulagyna ýetýär. Ol baýy ýanyna çagyryp:
– Seniň gyzyňy pylan jöhide bermek isleýäris! – diýipdir. Baý:
– Sen musulmanlaryň ymamy ahyryn! Bir musulmanyň gyzyny
jöhüde bermegi nädip rowa görüp bilýärsiň?! Beýle zat bolmaz, men
muňa asla razy däl! – diýip gatyrganypdyr. Onda Abu Hanife hezretleri:
– Sübhanallah! Sen öz gyzyňy bir jöhide bermek islemeýärsiň!
Emma Muhammet (s.a.w) pygamberiň iki gyzynyň jöhide durmuşa
çykandygyny ykrar etmäge welin gaýratyň çatýar, şeýlemi?! – diýip,
baýa ýüzlenipdir. Ol baý adam ymamyň näme kakdyrýandygyna
düşünip, hezreti Osmana duşmançylykdan el çekip, toba edipdir.
***
Gelip ýeten kyssalara görä, Abu Hanife hezretleri bir gün hammamdaka göbeginden aşagy dyzy bilen birlikde örtülmedik çuw
ýalaňaç adama gözi düşäýýär. Hammamdakylaryň käbiri onuň pelsepeçidigini aýtsa, beýlekileri onuň dini inkär edýänlerdendigini habar
berýärler. Ony synlamajak bolup, Abu Hanife hezretrleri gözlerini
ýumýar. Ol adam:
– Eý, ymam! Görmek duýgusyny saňa berenler, ony haçan yzyna
aldylar?! –diýende, Abu Hanife oňa:
– Seniň ýüzüňden haýa perdesiniň syrylan wagty! – diýip jogap
beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, metjitde timarlaýyş işlerini geçirýänler ymam Abu Hanifeden teperriklik bir zat isläpdirler. Bu ymam hez­
retlerine ýaramandyr. Adamlar:
– Bizň maksadymyz teperriklik almak. Näme berseň, beräý! –
diýipdirler. Ymam närazy halda olara bir altyn teňňe beripdir. Sopulary oňa:
– Eý, ymam! Sen jomartlykda, sahylykda taýsyz ynsansyň.
Emma bu gezek näme üçin saňa bir altyn teňňäni bermek hem agyr
düşýär?! – diýipdirler. Ymam:
– Munuň agyr düşmegi onuň gymmatly zat bolmagy bilen bag­
356
ly däl! Men öň hem olara az altyn sowgat bermändim. Olaryň şol
altynlary özleri üçin harçlaman, diňe metjidiň bejergisi üçin ulanandyklaryndan hem habarym bar. Meniň şol berýän altynlarymyň
halaldygyna gözüm ýetip durdy. Emma ýaňy sowgat beren altynymyň
halaldygyna kalbymda birhili şübhe döredi. Şübheli zady teperriklik
bermek hem maňa örän agyr degdi – diýip jogap beripdir. Bu wakadan birnäçe gün geçensoň, ussalar ymamyň beren altynyny yzyna
getirip, onuň hakyky däldigini aýdypdyrlar. Abu Hanife hezretleri bu
jogaba örän şat bolupdyr. Çünki ol şeýle boljagyny öňünden aňyp,
olara galp altyny teperrik berenine gynanyp, utanyp ýören ekeni.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Hanife hezretleri günleriň birinde bazaryň içinden geçip barýarka, dyrnak ýaly palçyk onuň donuna
ýapyşaýypdyr. Ol Dijle (Tigr) derýasynyň kenaryna baryp, donuny
ýuwmaga başlaýar. Oňa:
– Eý, ymam! Seniň özüň dona dyrnak ýaly hapa degse, onuň
bilen namaz okamakda aýyp ýokdugyny aýdyp, beýle etmäge rugsat berýärsiň. Emma öz donuňa dyrnak ýaly palçyk degendigi üçin
ýuwýarsyň. Muňa nähili düşünmeli?! – diýipdirler. Ol şeýle jogap
beripdir:
– Hawa, ol pitiwady, bu bolsa takwalykdyr. Çünki hezreti
Muhammet (s.a.w) Bilala tegelek çöregiň ýarysyny ýalançy dünýä
üçin ätiýaçlyk saklamagy gadagan eden hem bolsa, aýallaryna bir
ýyl­lyk azyklaryny beýlelerine basyp goýmaga rugsat beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Dawut Taýy (Allatagala oňa rehim
eýlesin!) beýleki ulamalara ymam bolýar. Ol şonda Abu Hanifeden:
– Indi meniň ýagdaýym nähili bolar?! – diýip soraýar. Ol:
– Ylym bilen amal etmeli bolarsyň! Çünki özi bilen amal edilmeýän her bir ylym jeset mysalydyr! – diýip jogap beripdir.
Terjime eden Juma ATAÝEW.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.