Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 09

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 1769
34.3 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
başyndan geçenleri habar berip, Ýahýa şeýle diýipdir: «Daňdana
çenli şyhyň rahatlygyny bozmak islemedim, çünki onuň şol ýerdäki mazarystanlykda ybadat bilen meşguldygyny eşidipdim. Men bildirmän mazarystanlyga baryp, şyhyň daraklygyna galyp dik duranlygyny, daňdana çenli-de şol durşuny üýtgetmändigini gördüm. Onuň
bu halyna geň galyp, diňşirgenmäge başladym. Ol gijäni çirim etmän
geçirmek bilen, biri bilen gürleşýärdi, bir zady söwdalaşýardy. Daň
atanyndan soň, onuň:
– Şu makamy islemekden saňa sygynýaryn – diýip seslenendigini eşitdim. Ep-esli wagty ara salyp, onuň ýanyna bardym we salam
berdim. Soňra bolsa bu gijeki hereketleriniň sebäbini soradym. Ol:
– Ýigrimiden gowrak makamyň adyny maňa habar berdiler. Men
hem olaryň hiç birini islemeýänligimi, çünki olaryň ählisine perdäniň
mahsusdygyny aýtdym – diýip jogap berdi.
Ýahýa tarykatda ilkinji ädimlerini ädýärdi, Baýezit hezretleri
bolsa onuň ahyryna ýetipdi. Ýahýa:
– Şyhym! Islendik zady diläp biljegiňi aýdanlarynda, näme üçin
patyşalaryň patyşasy bolan magryfeti dilemediň? – diýipdir welin,
Baýezit hezretleri sesini gataldyp:
– Dymaweri, eý, Ýahýa! Ony tanamagy men özümden hem gysganýaryn, çünki men Ony Ondan başgasynyň tanamagyny we bilmegini asla islemeýärin. Onuň magryfetiniň bar ýerinde meniň näme
işim bar? Eý, Ýahýa! Ony özünden başga kişiniň tanamazlygy barada
Özi alada edipdir – diýip seslenipdir. Ýahýanyň:
– Gudraty güýçli Allatagalanyň haky üçin öten agşam sende
gören halymdan maňa bir nesiplik ber – diýmegi bilen, ol:
– Eger Adam atanyň päkligini, Jebraýylyň mukaddesligini,
Ybraýymyň dostlugyny, Musanyň keýpini, Isanyň päkizeligini we
Muhammet alaýhyssalamyň muhabbetini saňa berseler, bulary almaga razy bolup oturyberme we olardan hem artygyny dile. Çünki
olardan zyýada nämeleriň bardygyny bir bitsediň! Bütin durkuň bilen
Allatagala ýönel, hiç bir zada çenli aşak inme, çünki haýsy zada çenli
aşak inseň, şol zat öňüňe perde bolar! – diýip seslenipdir.
137
***
Ahmet Ibn Harp: «Gijelerine üstünde namaz okasyn» diýip,
Baýezit hezretlerine bir boýra gönderipdir. Ony alyp gelen adama
ýüzlenip, şyh şeýle diýipdir:
– Men ýeriň we gögüň ýaşaýjylarynyň ybadatlaryny toplap,
ýassygyň içine saldym, ony-da kellämiň astyna goýdum!»
***
Rowaýat etmeklerine görä, Zünnun günleriň birinde Baýezit
hez­retlerine bir namazlyk gönderipdir. Namazlygy kabul etmekden
ýüz dönderen şyh hezretleri:
– Meniň namazlyk bilen näme işim bolup biler! Meniň işime
ýassyk ýaraşar, ony gönderse ýassanaryn – diýip seslenipdir. Bu onuň
«Iş namaz okalýan menzilden aňry geçip, ahyrky nokada baryp ýetdi»
diýdigi eken.
Şondan soňra Zünnun bir gowy ýassyk tikmeklerini emir edipdir
we ony şyhyň huzuryna gönderipdir. Emma Baýezit hezretleri onyda yzyna ugradypdyr, çünki şol wagt ýöne bir deri bilen süňk bolup
galan eken. Şonda ol:
– Hakyň ýagşylykdyr keremine daýanýan kişi halkyň ýassygyna
meýil etmez, oňa zerurlyk duýmaz – diýip seslenipdir.
***
Baýezit Bistamy hezretleri şeýle diýipdir: «Bir gije sähralyga
çykyp, hyrkamy başyma çekip, uka gitdim. Düýşümde şeýtany bolupdyryn. Howa örän sowukdy. Men oýanyp, gusul täretini almak isledim, emma nebsim muňa razy bolman:
– Sabyr et, töwerek ýagtylyp, Gün bir dogsun! Ana, şol wagt gusul
täretini alaýarsyň – diýdi. Nebsimiň bu bolşuny görüp, namazymyň
kaza galjagyna gözüm ýetdi. Derrew golaýdaky derýanyň kenaryna
baryp, buz gatlagyny döwdüm-de, hyrkam bilen birlikde özümi suwa
oklap, gusul täretini aldym. Soňra hem hyrkamy çykarmadym. Hyrkamy durşuna buz baglapdy. Howa kem-kemden ýylamaga başlady,
emma süňňüme ornan sowugyň derdini gyşboýy çekip gezdim. Hatda
138
ýetmiş gezek özümden gidýän günlerim hem bolardy. Bu nebsimiň
ýaltalygy üçin berlen jezady.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Baýezit hezretleri bir gün mazarystana baranda, Bistam şäheriniň baştutanlarynyň biriniň ýetginjek
oglunyň bu ýerde gyjak çalýandygyny görüpdir. Ýetginjegiň gözi oňa
düşüp, ýanyna golaýlapdyr. Baýezit hezretleri hem oňa eşitdirip: «Lä
hawle we lä kuwwete illäbilläh («Hereketi-de, güýji-de berýän Allatagaladyr»)» diýip seslenipdir. Ýetginjek elindäki gyjagy bilen şyhyň
kellesine ýelmäpdir. Gyjak döwlüpdir, pir hezretleriniň hem kellesinden gan akmaga başlapdyr. Ýekelikde ybadat edýän ýeri bolan külbesine dolanyp gelen Baýezit hezretleri daňyň ýeri agaran badyna,
gyjak satyn almaga ýetäýjek altyn puly we bir tabak halwany hyzmakärinden düýnki ýetginjege ugradyp:
– Ýetginjege baryp aýt, Baýezit ötünç soraýar diý. Düýn agşam
onuň gyjagy kelläme degip döwüldi. Senden ugradýan altyn puluma
täze gyjak alynsyn. Gyjagynyň döwlendigini görende kalbyna dolan gynanjy, çeken ajysy gider ýaly şu halwany hem iýsin – diýip
tabşyrypdyr.
Ýetginjek hyzmatkäriň aýdanlaryny eşidip, gele-gelmäne Baýezit hezretleriniň aýagyna ýykylypdyr we toba edipdir, yzyny üzmän
aglapdyr. Şyhyň ahlagyndaky berekediň arkasyndan başga-da birnäçe
ýetginjek onuň göreldesine eýeripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gün Baýezit hezretleri müritleri
bilen birlikde darajyk ýol bilen barýarka, bir köpegiň garşy tarapdan
ýakynlap gelýänini görüp, ony özünden artykmaç saýypdyr-da, gyra
çekilip, ýol beripdir. Şol wagt müritleriniň biri: «Adam oglunyň mertebesi belentdir. Şyhymyz bolsa aryflaryň soltanydyr. Öz ulaşan makamlaryna we şunça müridiň göwnüniň galyp biljegine garamazdan,
şyh bu köpegi özünden ileri tutdy. Bu boljak işmi?» diýip içini gep­
ledipdir. Onuň aňyndan geçen bu pikirler özüne aýan bolan Baýezit
hezretleri müritlerine ýüzlenip:
139
– Gadyrdanlar! Ýaňky köpek hal dili bilen maňa: «Allatagala islese, meni aryflaryň soltany, seni köpek edip hem ýaradyp bilerdi.
Çünki ozalyň ozalynda meniň nähili kemçiligim, seniň bolsa nähili
artykmaçlygyň bolup bilerdi?» diýdi. Şu pikir maňa aýan bolup, ony
özümden ileri saýdym-da, öňünden sowuldym» diýipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gün Baýezit hezretleri ýol bilen
barýar eken. Bir köpek hem onuň bilen gapdallaşyp barýarmyş. Şyh
köpege galtaşyp, hapalanmasyn diýip, donunyň syýnyny çugdamlamaga çalşypdyr. Onuň niýetini aňan köpek:
– Endamym gury bolsa, menden gaça durjak bolup jan etmeseň
hem bolar, çünki maňa galtaşanyň bilen hem üstüň hapalanmaz. Endamym öl bolup, maňa galtaşmagyň bilen donuň hapalansa, onda şol
hapalanan ýeri ýedi gezek suw ýa-da toprak bilen tämizleseň, bar
zat düzeler duruberer. Emma sen nebis köpegine galtaşaýsaň, ýedi
derýanyň suwuna çümüp çyksaň-da arassalanmarsyň – diýipdir.
Baýezit hezretleri köpegiň aýdanyny eşidip:
– Seniň daşyň hapa, meniň bolsa – içim. Bu ikisini bir ýere top­
laly – bile ýol aşaly. Belki, bu ýakynlyk sebäpli aramyzda bir päklik
peýda bolar – diýip seslenipdir. Onda köpek aýdypdyr:
– Sen meniň ýoldaşym bolmaga laýyk dälsiň, çünki adamlar
menden ýüz öwrüp, saňa gujak gerýärler. Maňa duşan kişi ýerden daş
alyp, menden aýlap salýar, seni gören kişi bolsa: «Eý, aryflaryň soltany! Saňa salam bolsun!» diýýär. Men ertir iýmek üçin ýekeje süňkide aňrymda basyp goýmadym, seniň bolsa bir küýze bugdaýyň bar.
Men senden has takwadyryn.
Baýezit hezretleri:
– Bir köpegiň ýoldaşy bolmaga-da mynasyp görülmedim. Ezeliň
we ebediýetiň ýoldaşlygyna nädip mynasyp bolarkam? Allatagalanyň
beýikligine bir baksana: ýaradanlarynyň iň hormatlysyny iň ýigrenjisi
arkaly terbiýeleýär. Allah, Allah! – diýip seslenipdir.
Şondan soňra başyndan geçenleri köňülleriň soltany şeýle
aňladypdyr: «Kalbyma bir şübhe aralaşyp, ybadatdan we tagatdan
umydymy kesipdim. «Iň bolmanda, bazara gidip, bir zünnar satyn
140
alaýyn we bilime guşanaýyn» diýip içimi gepletdim. Bazarda ýüpden
asylgy duran bir zünnara gözüm düşüp, bahasyny soradym. Satyjynyň:
– Müň altyn – diýendigini eşidip, ýüzümi aşak saldym. Şol pursat gaýypdan:
– Seniň ýaly kişiniň biline guşanjak zünnarynyň bahasy müň
altyndan arzan bolup bilmez – diýen bir owaz geldi. Ony eşidemsoň,
keýpim göterildi. Men Allatagalanyň maňa ýagşylyk etmek isleýänini
aňladym».
***
Rowaýat etmeklerine görä, Baýezit hezretlerini topraga berenlerinden soň, Ahmet ibn Hadraweýhiň aýaly, Alynyň hem ejesi oňa
zyýarat etmäge gidipdir. Ol zyýarat edip bolansoň, şol ýerdäkilerden:
– Şyh Baýezidiň kimdigini bilýäňizmi? – diýip sorapdyr.
– Sen ony bizden has gowy bilmeli – diýenlerinden soňra-da:
– Bir gije Käbäni togap edýärdim. Bir ýerde dyzymy epip, uklap
galypdyryn. Düýşümde meni asmana göterendiklerini gördüm, hatda
Arşyň aşak ýanyna-da gözüm düşdi. Arşyň aşak ýanynyň ýerleşýän
ýerinde aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän meýdany gördüm. Meýdan
durşuna güle we reýhana bürenip otyrdy. Her gülüň ýapragyna-da
«Allahyň dosty Baýezit!» diýip ýazylgydy.
***
Rowaýat etmeklerine görä, uly alymlaryň biri şeýle diýipdir:
«Baýezit hezretlerini düýşümde görüp, maňa nesihat bermegini haýyş
etdim. Ol:
– Adamzat jemgyýeti aňyrsy-bärsi görünmeýän bir ummandyr.
Onuň uzak bir ýerinde şerigat diýlen bir gämi bardyr. Sen şol gämä
özüňi atjak bol we şu misgin bedeniňi gark bolmakdan gutar – diýdi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir adam Baýezit hezretlerini
düýşünde görüp, ondan:
– Tasawwuf näme? – diýip sorapdyr. Ol:
– Rahatlyk gapysyny daşyndan ýapyp, kynçylyk gapysynyň
bosagasynyň öňünde dyz çöküp oturmakdyr – diýip jogap beripdir.
141
Şyh Abu Saky ibn Abu Haýr bir gün Baýezit hezretlerini zyýarat
etmäge gidip, mazarynyň başynda birnäçe wagtlap aýak üstünde durupdyr. Yzyna dönüp gaýtmakçy bolanda-da:
– Bu ýer şeýlebir ýer bolup, her kim dünýäde ýitiren her bir
zadyny bu ýerden tapyp biler – diýip seslenipdir.
Oňa Allatagalanyň bol-bol rehmeti we kämil salamy nesip etsin!
***
Baýezit hezretleri heniz çaga wagty Gurhany Kerimi okap otyrka: «Öz ene-ataňa we öz Hudaýyňa hyzmat et» diýen sözleriň üstünden barypdyr. Ol derrew ejesiniň ýanyna ylgap baryp, ýaňky okan
mukaddes sözlerini oňa aýdyp beripdir-de:
– Men şol bir wagtyň özünde hem saňa, hem-de Hudaýa deň derejede minnetdar bolup, deň derejede hyzmat edip bilmerin. Şonuň
üçin hem, sen ýa Hudaýdan diňe saňa hyzmat etmegime rugsat al,
ýa-da özüňe hyzmat etmekden boşadyp, diňe Hudaýa hyzmat ederim
ýaly, meni Hudaýa bagyşla – diýipdir. Ejesi hem:
– Seni öz öňümdäki borçlaryňdan azat edýärin we Hudaýa
tabşyrýaryn – diýip seslenipdir.
Şol günden başlap, ol özüni Hudaýa gulluk etmäge we ol ýada başga bir weli bilen birlikde ruhy kämilligiň ýoluny külterlemäge
bagyşlapdyr. Baýezit hezretleri ömürboýy welileriň ýanyndan aýrylmandyr we onuň tanyş welileriniň sany 117-ä ýetipdir. Olaryň ählisi
aryf eken.
***
Baýezidiň ruhy halypalarynyň biri ymam Japar hezretleri tekjede
duran kitaby alyp gelmegi ondan haýyş edipdir. Baýezit tekjäniň öýüň
haýsy ýerindedigini sorapdyr. Halypasy onuň aýdanyna geň galyp:
– Sen şunça ýyllap meniň bilen birlikde şu öýde ýaşap, tekjäniň
asylgy duran ýerini hem bileňokmy? – diýip sorapdyr. Şägirdi:
– Seniň ýanyňda bolan ýyllarymyň içinde bir gezek hem ýüzümi ýerden galdyrmadym, ýokaryk ýa-da daş-töweregime garanjaklamadym – diýip jogap beripdir. Japar onuň jogabyny eşidip hoş bolupdyr we
142
– Sen ýeterlik derejede kämilleşipsiň, şindi Bistama dolan. Ol
ýerde ruhuň belentliklerine gowşarsyň – diýip seslenipdir.
***
Baýezit hezretleri Medinä zyýarat edende, oňa köp adam hemra
bolupdyr. Ol doga edip, Allatagaladan ýany hemrasyz ýeke galmaga mümkinçilik bermegini haýyş edipdir. Onuň bu dogasy kabul bolupdyr.
***
Bir gezek Baýezit hezretleri köçe bilen ýany birtopar adamly
barýarka, onda ruhy serhoşlyk haly peýda bolup: «Men – Hudaý,
näme üçin maňa sežde etmeýärsiňiz?» diýip gygyrypdyr. Ýanyndakylar ol dälirändir öýdüp, derrew ondan uzaklaşypdyrlar. Biraz soňra
onuň gözi adamyň ýerde ýatan kelleçanagyna düşüpdir. Kelleçanagyň
ýüzüne «Ony diňlär ýaly gulagym ýok, Onuň nurana ýüzüniň gözel­
liginden lezzet alar ýaly gözlerim ýok, Oňa hamdu-sena aýdar ýaly
dilim ýok» diýip ýazylgy eken. Baýezit hezretleri bu sözleri okap,
gaty gygyryp goýberipdir we özünden gidip, bir gapdala agypdyr.
Huşuna gelende bolsa, kelleçanagy ogşapdyr-da:
– Bu Allatagalany zikir ede-ede, özünden bütinleý geçen sopynyň
kelleçanagy bolmaly – diýip seslenipdir.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Namazdan lezzet almaýan kişi lükgeligi bilen dünýewi işlere
berilýär. Allatagalany zikir etmekden lezzet alýan kişi gözlegde bolanlara ýaradylan zatlardan gyra çekilmegi maslahat berýär. Köpçülik
adamy Hudaýy ýatdan çykarmaga mejbur edýär.
***
Baýezit hezretleri metjidiň bosagasyndan içeri ätlejek bolanda,
adatça, gözýaşyna boglar eken. Ondan munuň sebäbini soranlarynda:
– Men özümi aýbaşysy gelip duran zenan maşgaladan hem hapa
saýýaryn we içeri girip, metjidi haplamakdan gorkýaryn – diýýär eken.
143
***
Bir gezek Baýezit hezretleri Mekgäni zyýarat etmek üçin sapara
çykypdyr. Ol ýolda asly Zanh şäherinden bolan zyýaratça duşupdyr.
Ol Baýezit hezretlerine ýüzlenip:
– Sen Mekgä zyýarat etmek üçin barýarsyň, emma Hudaýy öz
dogduk şäheriň Bistamda goýup gaýtdyň – diýipdir. Onuň aýdan
sözleriniň täsiri bilen Baýezit hezretleri derrew yzyna – Bistama dolanypdyr.
Soň bir gezek Mekgäni nazarlap ýola çykan Baýezit hezretlerine
bir garyp kişi duş gelipdir. Ol:
– Ýanyňa harçlyk näçe pul aldyň? – diýip, Baýezit hezretlerinden sorapdyr.
– Iki ýüz dinarym bar – diýen jogaby alan garyp:
– Sen bu puluňy maňa ber. Çagalarym açlykdan öljek-öljegiň
üstünde. Sen meniň daşymdan ýedi gezek aýlan. Şeýle etseň, az mahaldan gowy hasylyň eýesi bolarsyň – diýip seslenipdir. Baýezit hez­
retleri onuň aýdyşy ýaly edipdir. Bu keramata bir baksaňyzlaň, onuň
ruhy tejribesi has hem artypdyr, ruhy serhoşlyk mahalynda aýdan
sözleri bolsa şeýlebir syrly we geň bolupdyr welin, adamlar olaryň
manysyny juda kynlyk bilen tiripdirler. Käbir adamlar ony hatda dinden çykmakda hem aýyplapdyrlar we onuň Bistamdan sürgün edilmegini gazanypdyrlar. Şonda ol:
– Bu ýer dünädäki iň gowy ýer bolup, Baýezit onuň iň ýaramaz
ýaşaýjysydy – diýipdir.
***
Baýezit hezretleri namaz okan mahaly hiç hili goh-galmagal
ünsüni bölmez ýaly, aňyny bulaşdyrmaz ýaly, Allatagalanyň gönderen
sözüni diňlemäge päsgel bermez ýaly, öýüň diwarlaryndaky yşlaryň
ählisini ýapyp çykar eken.
***
Hezreti Isa Bistamy şeýle diýipdir:
– Otuz ýyllap Baýezidiň ýanyndan aýrylmadym. Şonça ýylyň
içinde onuň bir adam bilen hem gürleşenini görmedim. Adatça,
144
ol başyny iki dyzynyň arasyna alyp oturardy. Käte bolsa başyny
galdyryp, uludan bir dem alardy-da, ýene öňki bolşuna dolanardy.
***
Bir gezek Baýezit hezretleri ruhy serhoşlyk halyna düşüp:
– Meniň beýikligime we päkligime bir baksaňyzlaň! – diýip
gygyrypdyr. Ol köşeşensoň, müritleri:
– Näme üçin ruhy serhoşlyk mahalynda munuň ýaly küpür, Gurhany Kerimi aýdylýanlara ters bolan sözleri diliňe aldyň? – diýip sorapdyrlar. Ol şeýle diýipdir:
– Näme diýenim hiç ýadyma düşenok. Eger-de şonuň ýaly
küpüriň ysy gelýän sözleri dilime ýene bir gezek alaýsam, onda meni
gylyç bilen çapyp taşlaň.
Ruhy serhoşlyga düşen Baýezit hezretleri ýene şol öňki küpürden doly sözleri gaýtalapdyr welin, müritleri gylyç bilen ýaraglanyp,
öldürmek üçin onuň üstüne topulypdyrlar. Birden olaryň öňünde ýüzlerçe Baýezit peýda bolup, olar hakykysyny ýalanlaryndan tapawutlandyryp bilmändirler. Müritler olary bir başyndan gylyçdan geçirmäge başlapdyrlar, emma her gezek salan gylyçlary hiç kime degmän,
boş geçipdir. Baýezit hezretleri özüne geleninden soň, bolup geçen
bu wakany oňa gürrüň beripdirler. Müritler onuň endamynda urgulardan galan yzyň ýokdugyny, beýleki hyýaly Baýezitleriň hem onda bir
göwrä öwrülendiklerini aňşyrypdyrlar. Olar halypalaryndan munuň
nämäni aňladýandygyny sorapdyrlar. Şonda Baýezit hezretleri şeýle
diýipdir:
– Şu wagt siziň öňüňizde duran – hakyky Baýezit. Başda gören
kişiňiz hem, onuň soňra gözüňize görnen köpsanly keşpleri hem ol
däldi.
***
Bir gezek Baýezit hezretleri eline alan almasyny synlap:
– Neneňsi gözel! – diýip seslenipdir. Şol wagt gaýypdan bir ses
gelipdir:
– Maňa mynasyp öwgini bu alma rowa görmäge utanaňokmy?
145
10.*
Baýezit hezretleri munuň üçin özüni jezalandyramak maksady
bilen, kyrk günläp namazy lezzet alman okapdyr. Şondan soňra ol
Bistamda ýetişen ir-iýmişleri iýmezligi ýüregine düwüpdir.
***
Baýezit hezretleri namazyny kyrk ýyllap şol bir metjitde okapdyr.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Men otuz ýyllap Hudaýyň gözleginde gezdim. Nämäniň nämedigine gowuja üns berip hem, gözläniň Hudaýdygyny, özümiň bolsa
Onuň gözlän kişisidini aňladym.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Otuz ýylyň dowamynda, namaza durmazdan we Allatagalanyň
mukaddes adyny dilime almazdan ozal, üç gezek agzymy çaýkadym.
***
Baýezit hezretlerinden:
– Haýsy päsgelçilik Ýoluňdaky iň uly päsgelçilik bolup göründi?
– diýip sorapdyrlar. Ol:
– Onuň rehimi inmezden, kalbyňy Oňa imrindirmek kyn düşýär.
Ol rehim eýlän halatynda bolsa kalbyň bu Ýoly özüni zorlaman geç­
ýär – diýip jogap beripdir.
***
Hezreti Abu Tarap Bagşy, adatça, müritlerine Baýezit hezretlerine
zyýarat etmegi maslahat berip, ruhy ýolagçylykda onuň gowuja öňe
ilerländigini, myhmana gönükdiren ýekeje nazarynyň hem uly peýda
berip biljekdigini aýdar eken. Onuň söýgüli müritleriniň biri bu tek­
lipden mydama ýüz öwürýärmiş. Ol bu bolşuny şeýle düşündiripdir:
– Men her gün Baýezidiň Hudaýyny görýärin. Baýezidiň özi
maňa näme peýda berip biler?
146
Emma halypasy aýak diremegini dowam edipdir:
– Häzire çenli sen Hudaýy diňe öz ykybyňa görä synladyň. Baýezit bilen duşuşanyňdan soňra bolsa, Hudaýy hakyky bolmalysy ýaly
edip synlarsyň. Aňlaýşyň birnäçe derejesi bolýar. Eýsem, kyýamat
gününde Allatagalanyň, beýlekilere garanda Pygamberimiziň gözüne
has nurly bolup görünjeginden habaryň ýokmy?
Mürit bu sözleri akyl eleginde eläp, ahyry halypasy bilen birlikde Baýezit hezretlerine zyýarat etmäge razylyk beripdir. Olar gelen
mahaly Baýezit hezretleri suw almaga giden eken. Suwdan gelýärkä
garşylamak maksady bilen onuň geljek tarapyna ugrapdyrlar. Müridiň
gözi Baýezit hezretlerine düşen badyna, ol gaty gygyryp, bir gapdala
agyp gidipdir we jan beripdir. Hezreti Abu Tarap:
– Baýezit, seniň nazaryň düşen badyna müridim jan beräýdi, bu
nädip beýle boldy? – diýip sorapdyr. Baýezit hezretleri oňa şeýle jogap beripdir:
– Seniň müridiň ylymda ýokary derejelere ulaşdy. Onuň kalp
gözüniň açylmagy üçin bary-ýogy bir ädim öňe ilerlemegi gerekdi. Ol
meni gören badyna şol haly yzda goýdy oturyberdi. Ol bu haly başyndan
geçirdi, emma onuň bedeni ýokary derejedäki bu halyň bagyşlaýan
oduna, gyzgynyna we ruhy serhoşlygyna döz gelerden ejizdi. Şol hem
onuň ölümine sebäp boldy. Eýsem köşk emeldarlarynyň aýallarynyň
Zylyhanyň öýünde myhmançylykda bolanlarynda, Ýusubyň nurlanyp duran ajaýyp ýüzüni synlap, pyçak bilen ellerini gyýym-gyýym
edişleri ýadyňda dälmi? Bu aýallar onuň gözel keşbini görüp, serden
geçipdiler we oňa şeýlebir maýyl bolup, hatda öz bedenlerini duýmagy hem bes edipdiler.
***
Hezreti Ýahýa ibn Muaz Razy bir gezek Baýezit hezretlerine ýazan
hatynda ondan: «Bakylygyň pyýalasyndan içip, güýçli derejede serhoş
bolup, ölümine çenli şol serhoşlykdan açylyp bilmeýän adam barada näme aýdarsyň?» diýip sorapdyr. Ol şeýle diýmek bilen özüni göz
öňünde tutupdyr. Baýezit hezretleri oňa şeýle jogap beripdir: «Şeýle bir
adam bar: ol iki bakylykdan (bu dünýädäki we o dünýädäki bakylyklardan) her gün uludan owurtlap içýär hem welin, emma teşneligi barha
147
artýar». Ol hem şeýle diýmek bilen özüni göz öňünde tutupdyr. Hezreti Razy oňa ýene-de bir hat ýazyp, hatynda: «Saňa käbir zatlary habar
bermegim gerek. Men aýtjaklarymy ikimiz hem jennet bagynda otyrkak
mälim ederin. Häzirlikçe bolsa dadyp göreriň ýaly saňa hamyry jennetdäki derýalaryň suwuna ýugrulyp bişirilen içleklini ýollaýaryn» diýipdir.
Baýezit hezretleri oňa şeýle jogap beripdir: «Hemişe Allatagalanyň ady
zikir edilýän ýer jennetdir. Bu ýerde aýdylan zatlaryň ählisi jennetdäki
bagyň aşagynda açylan iň uly syrdan has gymmatlydyr. Içlekli babatda
aýdylanda bolsa, men ony iýmekden ýüz öwürýärin, çünki ony bişirmek
üçin ulanylan unuň halal gazanylan pula satyn alnandygyna gözüm ýetik däl. Men onuň halaldygyny bilmeýärin». Baýezit hezretleriniň bu
jogabyny alan hezreti Razy oňa zyýarat etmegi ýüregine düwüpdir. Ol
gelen mahaly Baýezit hezretleri öýünde däl eken. Hezreti Ýahýa uzak
gije garaşsa-da, öý eýesi gara bermändir. Ertesi irden ony mazarystanlykdan tapypdyr. Baýezit hezretleri daraklygyna galyp durşuna, doga edýär
eken. Ol dogasyny şeýle sözler bilen tamamlapdyr: «Allahym! Saňa
sygynýaryn we şu gije başdan geçiren halymyň aňyrsynda nähili syryň
ýatanyny bilmek isleýärin». Hezreti Razy onuň bilen salamlaşanyndan
soň, öten gije başyndan nämeleriň geçenini sorapdyr. Baýezit hezretleri:
– Allatagala maňa ýigrimi nygmat eçildi, emma men olardan ýüz
öwürdim, çünki Onuň bilen arama perde boldular – diýip jogap beripdir.
– Näme üçin Allatagaladan magrifet (Hudaý hakdaky ylym)
dilemediň? – diýip, hezreti Razy ýene bir sorag beripdir. Baýezit hez­
retleri sesini gataldyp:
– Bes ediň! Özünden başga biri tarapyndan tanalmagy mümkin
bolmadyk Allatagalany tanamak isleýänimi aýdyp, Oňa haýyş bilen
ýüz tutmakdan ýa-da bu barada dil ýarmakdan utanýaryn. Şonuň ýaly-da Onuň diňe Özüne mahsus tewhid beýikliginde başdan geçirýän
ajaýyp halyny bozmak islemeýärin. Özüm ýaly nämynasyp biriniň bu
mukaddes çäge aralaşmagyny islemeýärin. Allatagala Özüni Özünden başga hiç kimiň tanamagyny islemeýär – diýip jogap beripdir.
Soňra hezreti Razy öten gije edinen ruhy düşünjelerini paýlaş­
magyny haýyş edip, Baýezit hezretlerine ýalbarmaga başlapdyr.
Baýezit hezretleri oňa şeýle nesihat beripdir:
– Bir zady hiç unutma: adamzadyň nesilbaşysy bolan Adam atanyň
gowy gylyklarynyň ählisini, Jebraýyl perişdäniň päkligini, Ybraýym
148
pygamberiň gowy ahlak sypatlarynyň ählisini, Musa pygamberiň güýçli
gussasyny we Muhammet alaýhyssalamyň söýgüsini saňa bagyşlasalar
hem şatlanmaly dälsiň. Çünki bularyň bary öňüňe perde bolar. Ony
diňe Onuň özünde gözle. Şeýle etseň, bar zat seniňki bolar.
***
Kimdir biri gojalan Baýezit hezretleri oturanda ýaplanar ýaly,
oňa bir ýassyk ugradypdyr. Ol:
– Ýaradanyň rehmetine daýanýan kişi hiç hili goşmaça daýanja
mätäç däldir. Munuň hem üstesine, adamlardan nämedir bir zady kabul etmekden ýüz öwürýärin – diýip, bu sowgady almandyr.
***
Bir adam Baýezitden:
– Allatagalanyň seniň ýaly weli guly bilen köp ýyllap bile ýaşap
hem ruhy kämillige eýe bolup bilmedim. Munuň sebäbi näme? – diýip
sorapdyr. Baýezit hezretleri oňa:
– Çünki nebsiňe diýeniňi etdirip bileňok, masgaraçylyga pisint
etmeýärsiň, emma özüňe goýulýan hormata üns bermezligi başaraňok.
Olaryň ikisine-de bir göz bilen bak – diýip jogap beripdir.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Iki sany külçe üçin Hudaýy synaga sezewar etme.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Özüňi bolgusyz adam hasapla.
***
Bir adam Baýezit hezretlerinden:
– Sen näme üçin bir ýerde şeýle uzak wagtlap ýaşaýarsyň? Eýsem, ýata suwuň yslanýandygyny, hapalanýandygyny, reňkini üýtged­
ýändigini bilmeýärmiň? – diýip sorapdyr. Baýezit hezretleri oňa:
– Sen derýa öwrülseň gowy bolmazmydy? – diýip jogap beripdir.
149
***
Bir gije Baýezit hezretleri näçe namaz okasa-da, göwni aram tapmandyr. Ol hyzmatkärinden:
– Öýde üýtgän zat barmy? – diýip sorapdyr. Hyzmatkär:
– Bir hoşa bal ýaly üzüm-ä bar – diýip jogap beripdir. Baýezit
hez­retleri üzüm hoşasyny daşaryk zyňmagy emir edipdir. Onuň pikir dagynyklygy şobada zym-zyýat bolup, şondan soň okan namazlaryndan lezzet almaga başlapdyr.
***
Bir adam otparaz bir kişä yslam dinini kabul edip, musulman
bolmagy teklip edipdir. Ol:
– Eger-de yslam Baýezidiň uýýan zady bolsa, onda musulman bolmaga gaýratym çatmaz. Eger-de yslam bu adamyň amal edýän zady bolsa, onda munuň ýaly yslama ynanyp bilmeýärin – diýip jogap beripdir.
***
Bir gezek Baýezit hezretleriniň gulagyna gaýypdan:
– Her kim Menden özüne zerur bolan dünýä nygmatlaryny dileýär, Baýezit bolsa Menden Meni dileýär – diýen owaz gelipdir.
***
Baýezit hezretleri jemagat bilen bir ymama uýup namaz okar
eken. Bir gün namazdan soň, ymam:
– Sen hiç bir käre baş goşmaýarsyň. Eýsem, nämäniň hasabyna
ýaşaýarsyň? – diýip, oňa ýüzlenipdir. Baýezit hezretleri oňa şeýle jogap beripdir:
– Soragyňa jogap bermezden ozal, mundan beýläk saňa uýup namaz okamazlyga rugsat ber, çünki iýmiti Allatagalanyň göndereýändigini bilmeýän, Ony ykrar etmeýän kişiniň namazda jemagata ymam
bolmaga haky ýokdur.
***
Bir topar adam:
– Näme üçin bizi ruhy kämillige tarap alyp barmak islemeýärsiň?
– diýip, Baýezit hezretlerinden sorapdyr. Ol:
150
– Allatagalanyň öz ýanynda bolmak hukugyndan mahrum eden
kişilerini kabul etmegini sorap Oňa nädip ýüz tutaýyn – diýip jogap
beripdir.
***
Bir adam Baýezit hezretlerinden:
– Her gün ir bilen näme edýärsiň? – diýip sorapdyr. Ol hem:
– Lükgeligim bilen Allatagalany zikir etmäge berlemsoň, daşarda
gündizdigini ýa-da gijedigini aňşyrmaýaryn – diýip jogap beripdir.
***
Günleriň birinde Baýezit hezretleriniň gulagyna gaýypdan şeýle
owaz gelipdir:
– Biziň genji-hazynamyzda wepaly gullarymyzdan gelip gowşan
köp doga we ybadat jem boldy. Sen Bize Bizde ýok zady teklip et!
Baýezit hezretleri Hudaýdan Oňa nämäniň ýetmeýänini sorapdyr we:
– Bizde ýuwaşlyk, biçärelik, kaýyllyk we ejir çekmek diýen zatlar bolmaz. Biz bu duýgulary gowy görýäris, şol duýgulary Bize tek­
lip edýänleri Özümize ýakynlaşdyrýarys.
***
Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Meniň eýe bolan zatlarym tagallalarymyň we ruhy amallarymyň
däl-de, Onuň rehmetiniň miwesidir.
***
Bir gezek Baýezit hezretleriniň müridi:
– Hudaýy ykrar edip hem Oňa gulluk etmeýän adam meni geň
galdyrýar – diýip seslenipdir. Baýezit hezretleri:
– Men bolsa Allatagalany tananyndan soň, Oňa gulluk etmäge
ýaraýan adama geň galýaryn – diýip, gürrüňi başga ýana sowupdyr. Ol
şeýle diýmek bilen, Allatagalany tanan adamyň birahat bolmaýşyna,
ruhy serhoşlygy başdan geçirmeýşine, dünýäden arasyny üzmeýşine,
ruhy serhoşlyk halyny başdan geçirip hem ybadat etmegini dowam
edişine haýran galýandygyny aýtmak isläpdir.
151
***
Günleriň birinde Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Ilkinji gezek Mekge şäherinde bolamda, Käbä gözüm düşüp,
oňa zyýarat etdim. Ol ýere ikinji gezek gelemde, Käbäniň Eýesine
duşdum. Ol ýere üçünji gezek gelemde bolsa, Käbä hem, onuň eýesine hem gözüm düşmedi. Her gezek meniň ruhy halym ruhy tejribäm
bilen birlikde kämilleşdi.
***
Günleriň birinde Baýezit hezretleriniň gapysy kakylypdyr. Ol
kimiň gelenini sorapdyr. Nätanyş Baýezit hezretleriniň gerekdigini
aýdypdyr. Baýezit hezretleri oňa:
– Men hem soňky otuz ýylymy ony gözläp geçirdim, emma henize çenli tapyp bilmedim – diýip jogap beripdir.
***
Baýezit hezretleriniň otuz ýyllap hyzmatynda gezen bir şägirdi
bar eken. Her gezek ýanyna gelen mahaly halypasy onuň adyny sorap, soňra adyny tutup, bir iş buýrar ekeni. Günleriň birinde şägirdi
öýkesini daşyna çykaryp, şeýle diýipdir:
– Jenap, sen näme üçin üstümden gülýäň? Otuz ýyl bäri saňa wepaly
hyzmat edip gelýän hem welin, adymy hem bilmediksiränden bolýaň.
Mydama Hudaý aňyndan gitmeýän Baýezit hezretleri oňa:
– Allatagalanyň ady kalbymda ýer edeli bäri başga atlar ýadyma
düşmeýär – diýip jogap beripdir.
***
Günleriň birinde Baýezit hezretleri şeýle diýipdir:
– Uzak wagtlap Allatagalanyň şanyna mynasyp bolan bir namaz
okamaga çalyşsam hem, bu maňa başartmady. Kyrk ýylyň dowamynda
tüýs ýüregimden namaz okamak barada eden tagallalarymyň arkasyndan öňümdäki perdeler syryldy. Şonda maňa dogry Ýoluň görkezilmegi üçin kaýyllyk bilen doga etmäge başladym. Jogap hökmünde gaýypdan şeýle owaz eşidildi:
152
– Hatda gapdalyňda ýatan döwük küýzeden we ýyrtyk ýorgançadan hem dynaýmasaň, saňa bu Ýola düşmäge rugsat berilmez.
Men şol zatlardan dyndym welin, öňümde Ýol peýda boldy.
Dünýäden meniňki ýaly edip doly ýüz öwürýänçäler, bu Ýola girip
bilmejekdiklerini bu Ýoly gözleýänlere aýtmagym maňa emir edildi.
***
Kimdir biri öz islegleriniň hasyl bolmagy üçin Baýezit hezretlerinden doga etmegi haýyş edip, oňa sypara hiç hili ýol goýmasa, ol
adatça şeýle doga eder eken:
– Ol – Seniň ýaradan mahluklaryňdan biri we Sen onuň ýarady­
jysy. Onuň haly Saňa aýandyr. Araňyza düşer ýaly men kimmişim?
***
Bir adam ýol bilen barýan Baýezit hezretleriniň yzyna düşüp
ugrapdyr. Ol weliniň geçen ýoluna ädimme-ädim eýermek maksady
bilen dogry onuň basan ýerine basmaga çalşypdyr. Şeýdip biraz ýol
aşansoňlar, ol ruhy taýdan kämilleşmek mümkinçiligine eýe bolmak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.