Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 02

Total number of words is 3726
Total number of unique words is 2173
30.1 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şerap içenlerinden soň, şol işleriň ikisini hem etdiler. Olar Zöhrä Ismi16
Agzamyň syryny açdylar we daş ýaly bolup, hasrat guýusynyň içine
gütläp düşdüler. Zöhre Ismi-Agzamy öwrenen badyna, bu ismi-şerif
ot ýaly bolup, ony çirkizdi. Ol bu ady agzyna alan badyna asmana
göterildi, Aý onuň gapy garawuly, Gün – janpenasy boldy.
Olar duşmanlar tarapyndan harlanan, serhoşlykdan başlary
sämäp duran, gözgyny halda Ýerde galyberdirler. Haýyr-da, şer-de
täleýe bagly. Olar şerap içip, täleýiň kararlaryny yzyna aldyryp bilmediler.
Serhoşlykdan aýňalanlaryndan soň, olar lapykeçlige düşdüler.
Uludan dem aldylar. Agyzlaryndan çykan dem oduň tüsseden saýlanyp duran alawyny ýatladýardy. Bir işiň gaýdansoň, uludan dem
alanyň peýdasy näme? Olar: «Hata – guldan, ata (bagyşlamak) –
patyşalardan» diýip, günälerini geçmegimizi diläp ýanymyza geldiler. «Biz eden işimize şeýlebir utanýarys welin, hatda günämizi
geçmegiňizi haýyş etmäge-de çekinýäris. Bize jezamyzy şu ýerde ber,
çünki beýleki tarapda düýn hem, şu gün hem, ertir hem ýok» diýdiler.
Olar Babyldaky guýularyň birinde başaşak asylgy durlar we lapykeçlik gözýaşlaryndan başga içere şerap tapanoklar. Adamlar säher
çagy olardan jadygöýligi öwrenmek üçin guýynyň başyna gelýärler.
Olardan islän zatlaryny öwrenýärler we göwünleriniň isleýşiçe zorlukdyr adalatsyzlyk edýärler.
14. BILBILIŇ SÜLEÝMANA BEREN JOGABY
Bilbil oňa şeýle jogap berdi: «Eý, pygamber, biziň içýän şera­
bymyz käse bilen, bada bilen içilýän şeraplardan däl. Meniň
serhoşlygyma Gurhany-Kerimiň sözleriniň manysy sebäp bolýar.
Onuň käsesiniň şondan başga içgiden habary ýok.
Ýaryň ýüzüne aşyk bolan kişiniň gözüne daňdana çenli uky gelmeýär. Saky ýüregini alyp gidensoň, onuň edip biljek zady galmaýar.
Heý, şondan soňra iýmek-içmek ýadyňa düşermi, gözüňe uky gelermi? Eý, Süleýman, meniň gowşajyk, ejizje göwräm bar, emma suhangöýlikde welin, men guşlaryň ählisinden üstün.
Derdimden meniňki ýaly mydama gan aglap duran ýüregi bolan kişiniň habary bolup biler. Ylahy beýikligiň sakylarynyň elinden
17
2.*
säherler içen içgilerimiň ýekeje damjasy bokurdagyňdan aňry geçsedi, onda akyl-da, paýhas-da seni terk ederdi».
15. HEKAÝAT
«Ondan Hüseýine bir ýuwdum içirdiler. Ol: «Men – Hak» diýip
gygyrdy we dünýä gozgalaň saldy. Onuň eliniň aýasyna «Hudaýyň
ýeke-täkliginiň» badasyny goýanlarynda, mollalar ony jezalandyrmaga karar berdiler. Bu karary çykaran iki ýüz kişiniň ählisi şol pursadyň
özünde utanç-haýalaryndan jyda düşdüler. Başy sämäp duran halyna,
ony bazara alyp geldiler. Ol özüne emir edilenlere mertlerçe boýun
bolup, günäkär kişiler jezalandyrylýan belent ýerde aýlanyp ýörşüne:
«Meni gabanjaňlyk gaplap aldy, emma onuň özgelere zyýany ýetenokdy. Men ýarymdan başga kişiniň ýüzüne bakmadym, emma meni
keseki ellerdäki neşter ýaralady. Diňe şol ýekeje garaýyş meni özümi
unutmaga mejbur edip bildi we iliň masgarasy boldum. Eýsem, yşka
düşen kişi öz söýgülisiniň köşgüniň töwereginde gezim etmäge ýürek
edip bilmezmi? Günüň şöhlesi ýüzüne düşen mahaly rahatlyk tapýan
kişi kölegedäki durmuş bilen kanagatlanyp bilermi?» diýýärdi.
Ony dar agajyndan başaşak asdylar we onuň bedenini daş ýagmyryna tutdular. Ol gelip degýän daşlaryň, başaşak asylmagynyň
berýän yzasyny duýmaýardy we: «Men – Hak» diýmegini bir pursat hem goýmaýardy. Gapylar, diwarlar, daşlar, ýüp hem-de dar agajy onuň sesine ses goşýardylar. Onuň ömür tanapy üzüldi, onuň yşk
oduny suw sepip, toprak sowrup söndürjek boldular. Bu ýerde «men»
asyl manysynda ýok boldy. B ýerde «men» ýokdy. Ol pida berlipdi. Derýanyň tolkuny kenardan aşyp, töwerekdäki meýdany basdy,
balykgulak çat açdy, dür dänesini deňiz gapyp aldy. Bu şerapdan
müňlerçe adam içdi, emma Hakyň syryny aňlap bilmediler».
Bilbil gürrüňiniň şu ýerinde: «Allahyň izni bilen gaýdyp agzyma
şerap almaryn!» diýip kasam etdi. Soňra sözüni şeýle dowam etdi:
«Emma bägüle bolan yşkym iňňildemäge mejbur edýär, mydama ýüregim ot alyp dur. Bägüle bolan yşkym sebäpli her säher elden-aýakdan galýaryn, dem alyp-beremde gursagymdan çykýan ahmyrym müň
dürli owaz edýär. Her gün säher ýeli öwsende, aglamaga başlaýaryn
18
– ýeliň güýjüne garşy diňe dag durup bilýär. Bägül baglary we çemenzarlyklary terk edende bolsa, tabyn bir şekilde agzymy ýumýaryn».
Bilbiliň hekaýatyny diňlän Süleýman onuň bägülden aýra
düşenine gynanyp, uzak wagtlap aglady.
16. SÜLEÝMANYŇ GUŞLARY ÝAZGARYŞY
Süleýman guşlara ýüzlenip şeýle diýýär: «Siz düýn bilbiliň ýok­
lugyndan peýdalanyp, onuň üstünden arz etdiňiz. Kazynyň ýanyna
ýeke gelýän kişi, onuň ýanyndan şat we razy bolup gidýär. Garşydaşyň
göni ýüzüne garap gürlemek gerek, ol ýok mahaly üstünden arz etmek peslikden başga zat däl. Akylly-başly aýtjak zadyň bar bolsa,
ony islän ýeriňde aýdyp bilersiň. Oňa mydama gulak asarlar. Onuň
garasyny görmänkäňiz her biriňiz görgüli bilbiliň ganyna gylyjyny
boýan gahrymana çalym edýärdiňiz. Şindi bu ýere bilbil geldi welin,
gorkudan ýaňa gymyldaýsaňyz nädersiňiz. Onuň we siziň araňyzda
bolup geçenler bilen pişigiň, syçanyň we şerabyň arasynda bolup
geçenleriň arasynda hiç hili tapawut ýok».
17. SYÇAN WE PIŞIK HAKDA HEKAÝAT
Bir gezek gije wagty syçan iýmit gözlegine çykdy, gara günde
garbanar ýaly aňyrsyna bir zatlar atmak üçin, garynja ýaly bolup,
gyrmyldady ýördi. Ol şerap söwdagäriniň öýüne girip, bugdaý gözledi, emma hiç ýerde bugdaýa gözi düşmedi. Birden onuň gözi arassa
şerapdan doly küýzä düşdi. Şerap ony arzyly bugdaýy unutmaga mej­
bur etdi. Ol şerapdan bir ýuwdum içen badyna serhoş boldy we gaty
sesi bilen gygyrmaga başlady: «Dünýäde maňa mertlikde taý geljek
kişi ýok. Dünýäni tutuşlygyna sowut bilen örtseler hem, meniň ýanymda onuň ýadyna batyrlyk düşmez. Gylyjyň kömegi bilen dünýäni özüme boýun egdirerin, gahrymanlaryň aýagyny zynjyrlaryn.
Patyşalardan meniň bilen deňleşip biljegi ýok, goşunymyň öňünde
dag hem durup bilmez. Syçanlaryň kellesini dyrnaçaklaýan pişik
dagy kimmişin? Baýram gününde syçanlara emir ederin welin, olar
beýlekilere sapak bolar ýaly, pişigiň kellesini agaçdan asyp goýarlar».
Şol wagt tötänden awa çykan pişik gelipdirde, ony tutagada, iküç
19
gezek penjeleriniň arasyna salyp, gaty gysypdyr. Şol wagt syçany
gören bolsaň, özünden gidendir ýa-da ölendir öýderdiň. Pişik çyçana
temmi beripdir, syçan bolsa onuň penjesinden öpüp, lapykeçlikden
ýaňa öz kellesini ýumruklap, gözlerinden ýaş döküpdir we pişige ýalbarmaga başlapdyr.
18. SYÇANYŇ PIŞIGE ÝALBARYŞY
«Eý, dünýä gahrymanlarynyň şasy, Hudaýyň haky üçin, maňa
azar berme, ýagdaýyma bak. Seniň ýanyňda, heý, barlygymyň,
ýoklugymyň tapawudy barmy? Hiç zadyň alnyndan däl birini jezalandyrjak bolma, seniň mertebäň örän belent ahyryn! Hökümdar
serhoş bolup, telek iş eden gulundan çekinermi? Arakhorlaryň ählisi
hem serhoş bolan mahallary çola ýerde akylsyz sözleri dillerine alýarlar ahyryn. Işi gaýdyp, serhoş bolan kişiniň aýdýan sözlerine ähmiýet
berilmeýär. Ganymy dökmek isleýän bolsaň, niýetiňi amala aşyryp
bilersiň, öz aýagym bilen gaşyňa geldim. Şu günden başlap, seniň
guluň bolaryn, diri galsam, seniň üçin doga ederin».
19. PIŞIGIŇ SYÇANA BEREN JOGABY
«Syçan, biderek ýaňrap durma, sem bol! Oduň içine düşen
bolsaň, bişmäge kaýyl bol. Sen adamçylyk we ylahy kanunlara garşy
gelýän iş etdiň, şerap içip, serhoş bolduň. Eger-de ganyňy döksem,
saňa geregi-de şol. Maňa halypam bir öwüt berdi. Mydama şol öwüde
görä hereket etdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Meýdana çykan mahalyň
özüň pil, duşmanyň çybynça ýok bolsa-da, arkaýyn bolma. Ol ulalar-da, öz neşterini ýüregiňe sanjar». Halypamyň bu sözleri gulagymdan
gitmedi, olary gulakhalka edindim. Halas bolaryn öýtme, saňa diňe
ölüm garaşýar!»
20. GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ KÖŞGÜNE ÜÝŞÝÄRLER
Guşlar uçup gelip, kazyýetde jem boldular. Döwler geldimikä
diýdirip, alagoh etdiler. Süleýman bilbile ýüzlenip: «Hany, sen ni20
rede? Näme üçin guşlar bilen bäsleşmäge çykmaýarsyň? Guşlar
üstüňden arz etmäge geldiler, eger-de degerli delilleriň bar bolsa,
söze başla!» diýdi.
21. BILBILIŇ JOGABY
«Eý, ýagtylyk çeşmesi! Ýüzüňe ýaramaz göz düşmesin! Näme
diýeýin, kime hakykaty sözläýin, eýsem, tebigat akyl-paýhasyň diline
gulak asýarmy? Ýürekleri solan bu ejiz mähelle nämäniň alnyndan?
Olaryň aýagy suwa we palçyga batypdyr!
Olar başda düşen duzaklaryndan bir pursat hem boşanyp
görmändirler, söýgülileri bilen duşuşyp, içgi içmändirler. Olaryň
ýowuzlaşan kalby daş ýaly gatap galypdyr, ömürboýy peýdasyz
oýna gümra bolupdyrlar. Men olar hakda hiç zat bilmeýändigim
sebäpli, dillerinden daş durmaga çalyşdym. Şonuň üçin hem,
Saturn ýaly bolup, olardan uzaklaşdym. Hiç kim meni görmedi. Kim meniň üçin Ýupiterimiň ornuny tutup biljekdi. Eger-de
dar gursagymy daglap duran demim daşary çyksa, onda Marsdyr
Leňňeç aşak gaçardylar, Zöhre bada-bat öz lýutnýasynyň tarlaryny
gyrardy, Merkuriý başyna toprak sowrardy. Näme hakda gürrüň etsem hem, sözüm Aý kimin söhle saçar, şanyň permany ýaly bolup,
sözüm elden-ele geçer. Eý, dünýäniň hökümdary, seniň bagtyňa
dünýä işleri isleýşiň ýaly amala aşsyn! Men bu adalatsyz guşlaryň
ýagdaýyny anyklap, olaryň näme bilen meşguldyklaryny ýüze çykaraýyn».
22. BILBILIŇ SYMrUG
GUŞA BEREN JOGABY
«Eý, Symrug, sen guşlaryň hiç birine meňzemeýärsiň, olaryň
ýöreýän ýolundan ýöremeýärsiň. Sen biriniň aýaly ýaly bolup,
öýüňden çykman köp oturjakmy? Eger-de özüňi jeň äri hasaplaýan
bolsaň, jeň meýdanyna çyk! Sen, balyk ýaly bolup, pany deňziniň
içinde gizlendiň. Patyşa bolýan bolsaň, durmuş meýdanyny boýla!
21
Dünýäde seniň diňe adyňy eşidýärler. Seniň suratkeşiň çeken suratyndan tapawudyň ýok. Özüňi guşlaryň şasy hasaplaýan bolsaň,
olaryň ýolunda ösen demirtikeni sogrup taşla! Serkerdebaşylygyň çyn
bolsa, goşunyň öňüne düş! Suwuň içinde bolsaň hem, ýalynlygyňa
gal! Eger-de sen öňbaşçynyň ornuny eýeleýän bolsaň, onda näme
üçin guşlaryň mejlisine gatnaşmaýarsyň? Eger-de sen hiç kim bilen
gatnaşmak islemeýän bolsaň, onda näme sebäp­li ýüzlerçe kebelek,
çyra topulýan ýaly, saňa tarap uçýar? Seni guşlara ýakyn hem, keseki hem hasaplamak mümkin däl. Onda sen olar üçin kim bolýarsyň?
Sen arkaýynçylykda naharyň we ukynyň lezzetini görmek üçin
hemralaryňyň ählisinden daşlaşdyň... Sen hemmeler bilen birlikde
bolsaň, güýçli bolarsyň, hemmelere ýagty saçsaň, çyra meňzärsiň!
Hemmeleriň arasynda gal, emma Hudaýa gulluk et, bedendäki jan
ýaly bol, ýöne bedeni ýadyňdan çykar. Sen diňe özüňi alada edýärsiň,
näme üçin, jan ýaly bolup, bedende ornaşmaýarsyň? Çete çekilip,
gazanýan zadyň näme? Diňe beýlekileriň kömegi bilen bir makamdan başga bir makama barmak mümkin... Diňe daşky örtüginden
doly tämizlenmegi başarýan kişi ilden uzaklaşyp biler. Eger-de muny
başarmaýan bolsaň, onda özüňi döwleriň oýunjagyna, adamlaryň
arasyndaky şeýtana öwrülen hasaplaý! Meniň iňňildilerimiň öňüne
böwet bol. Ýogsam, olar bir pursadyň özünde seniň hyýaly keşbiňi
ýele sowrarlar!»
23. BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY
«Çalt uçýan batyrgaý laçyn, bäri gel! Wezipä, baýlyga we bolçulyga gözüňi gapdyrma! Şalaryň elinde oturanyň üçin seniň özüňden
göwnüň hoş, emma olaryň endikleridir däplerinden habaryň barmy? Olar seni ellerinde götererler, soňra bolsa çölüň ortarasynda
taraşadan enaýy görmän, taşlap giderler. Eger-de özüň hakda pikirlenýän bolsaň, has öňüňi görmäge çalşardyň. Seniň gözüňi näme üçin
köwlediler, saňa gan içmegi öwretmekleriniň sebäbi näme? Seniň
aýaklaryňy bagladylar, gözleriňi açyk goýup, başyňa perwaýsyzlyk
şyrdagyny sümürdiler. Kerler ýaly, seniň bar aladaň diňe özüň bolany üçin dünýäniň giňişliklerinden habaryň ýok. Seniň kelläňden
22
perwaýsyzlyk şyrdagyny çykaranlarynda, höwürtgäňe tarap göz hem
aýlamarsyň. Sen ganatlaryňy kakyp, batyrgaýlyk bilen asmana göterilmek islärsiň, emma bolelin ýaşamak endigiň seni diňe baýlyga
tarap imrindirer. Haýp! Eger-de orta hallylygy dost edinen bolsadyň,
onda gulçulygyň golaýyndan bir bararmydyň?»
24. BILBILIŇ TOTUGUŞA BEREN JOGABY
«Eý, gandyň ganymy bolan guş, hiç haçan hem ýüregiň meniňki
ýaly edip agyran däldir. Sen ötgürlikden mahrum suhangöýligiň söwdasyny edýärsiň, aslynda bolsa, ilki ötgürlik gerek. Suhangöýligiň
gezegi şondan soňra gelip ýetmeli. Eger-de akmak sözleri ýaňramagy
pişe edinmedik bolaňda, hiç haçan kapasada ýesir bolmazdyň. Eger-de sen dünýäniň ähli ylymlaryny öwrenip hem, yşk diýen zatdan habarsyz galsaň, onda bilen zadyň bolmaz! Ýolbelet tutunman, ýola-da
belet bolman, öňe ilerlemek paýhassyzlygyň alamaty, emma torç edilen ýoldan gitmek – bu kyn bir zat däl».
25. BILBILIŇ TAWUSA BEREN JOGABY
«Owadan eşikli guş, bäri gel! Seniň kelläň görmegeý türk ýigidiniňki
ýaly, aýaklaryň bolsa hindi garakçysynyň aýaklaryna çalym edýär. Seniň
bedeniň örtülgi bolsa-da, kalbyň açyk, agzyň gülmekden ýiriläýsem
diýýär, gözleriň bolsa aglaýar. Sen metal aýnanyň ýüzüni posdan arassalap, onuň öňünde durup, ýüzlerçe reňkler bilen öwşün atyp duran aýna
ýaly eşik geýindiň. Eger-de zergär aýnanyň ýüzüne altyn çaýsa, ol aýna
bolmagyny bes edip, diňe altyn bolup ýalpyldar. Eger-de sen gözelligiň,
reňkleriň we hoşboý yslaryň söwdasyny edýän bolsaň, adamlardan
aýaklaryňy gizlemäň näme? Haýbatly atdan abraý gowudyr, tawusyň
perleri tawusdan gowudyr. Eger-de gap-gara aýaklaryň ýadyňa düşüp duran bolsa, kalbyň daşky lybasyňa guwanarmydy? Sen her hili reňk bolup
durşuňa, häzirki edil­ýän gürrüňiň düýp-teýkaryndan habarsyz. Sen gowy
yslaryň agyn özi bolsaň-da, biz hakda hiç zat bilmeýärsiň!»
23
26. BILBILIŇ ÇAÝÇAŇŇALAGA BEREN JOGABY
«Kämillik ýaşyna ýetmedik goja, sen nirede? Hany, öňe çyk!
Näme üçin gowy durmuşyň bardygyny unudýarsyň? Ýaşuly bolýan
bolsaň, şunuň anygyna ýet. Hereketdeligiň çyn bolsa, onda bilimdir paýhas nirede? Ganatlaryňa bat berip, ýokary göterilde, bakylyk
agajyna gon, bolmasa bu ýerde hemişelik galarsyň. Gökleri gulaçlamaly halyňa, höwürtgäniň hasratyny çekersiň we çaň-tozana bulaşar
ýörersiň. Haýal-ýagallyk etme, bagt – ýokarlarda bir ýerlerde. Goja
kişilere çaga oýunlaryny oýnamak gelişmeýär. Sen ýokary galdyň,
emma asylzada öwrülip bilmediň. Sen hiç kime azar bereňok, emma
maslykdan başga zat hem agzyňa degenok. Heý bir maslygyň ysyny
alyp bilmezmikäm diýip, ysyrganyp ýörsüň. Maslygyň ysy bedeniňe
ornansoň, gargalara we itlere meňzäp gidipsiň. Gargalardyr itler
bilen tirkeşme, ýör, Symrugyň gülüstanyny synla. Seniň ýüregiň
ýagşyny-ýamany saýgarmaga ukyply, emma, şonda-da, näme üçin
maslyk iýmekden el çekäýesiň gelenok? Sen maslykdan başyňy
galdyrmaýarsyň. Näme üçin başyňa bilim täjini geýdirmeýärsiň?
Näme üçin aşyk bolaňok? Yşksyz ýaşaýyş ýok ahyryn. Yşk şerabyna
başyňy aýladyp, özüňe geleniňden soň, öz ömrüňi alada etmäňi
goýarsyň!»
27. BILBILIŇ HÜÝPüýPIGE BEREN JOGABY
«Eý, keramatly hüýpüýpik, bäri gel, seniň keramatly biridigiňi
nädip aňlamaly? Sen ýüpek parça bürenýärsiň, emma gaýratlylykdan
mahrum galypsyň. Sen ullakan telpek geýýärsiň, emma duýgudaşlygyň
nämedigini bilmeýärsiň. Bedeniňi örtüp duran bu wagtlaýyn dony
sypyryp taşla, kelläňdäki zömmek täji çykar! Başyňda täç göterýän hem bolsaň, seniň daýanýan esasyň ýok. Saňa täç götermek
ýaraşmaýar. Egniňde – sal-sal egin-eşik, başyňda – daşlar bilen bezelen täç. Emma saňa täç hem, sal-sal egin-eşik hem gelşenok. Täç götermäge mynasybyň ýoly – akyl-paýhas we adalatlylyk. Seniň eliňde
bolsa ýelden başga zat ýok. Seniň aladalaryň öz barlygyňdan aňry geçenok, meniň aladalarym – asmandan hem ýokarlary tozadýar. Men
– gülüstanda nalaýan guş, sen böwürslen agajyny dyrnaçaklaýarsyň.
24
Sen Süleýmana wepaly bolmadyň, men bolsa onuň üçin tüýs ýüregimden doga edýärin. Eýsem, sen gadymkylardan galan bir tymsaly
diňlemänmidiň? Şol tymsalda şeýle diýilýär: «Boýun egmezek kişi
halamaýan zadyny arkasynda daşaýar». Sen harabalyklarda arakhorlar tarapyndan ganyň dökülip, hamyňdan tumar ýasamaklaryna
mynasyp. Şahynşa, Isgender ýaly bolup, adalatlylygyň hatyrasyna
başyna täç geýýär. Gel, başyňdaky adalatsyzlyk täjini çykaryp taşla,
çünki adalatsyzlyk ýüzlerçe täjiň soňuna çykypdy».
28. HÜÝPÜýPIGIŇ BILBILE
BEREN JOGABY
«Eý, howsala özüni gapdyran guş, näme üçin bu guşlar babatda adalatsyzlyga ýol berdiň? Eý, imanyny ýele beren guş, nadanlyk
etme. Nadanlyk ähli kişä adalatsyzlyk edýär. Ýaraly ýüregi dyrnaçak­
lama, goh etme. Ilki gazan ýaly gaýnap, lokurdamaga soňra başla.
Ajaýyplyklara bolan söýgi – kalbyň hazynasy. Iň gowusy – ýüregiň
şol hazyna sakçy bolmagy.
Bar, yşka düş, ýan, emma çem geleniň ýanynda ýüregiňdäki syrlar
barada ýaňrap ýörme. Kalbyň gandalyndan boşan, ýokary gal we köne
hekaýat otarma. Köp gezek gaýtalansoň, ol hekaýat eýýäm köneldi.
Dür dänesini köp ýerinden deşensoňlar, ýüzi soýuk-soýuk boldy. Bilbil ýaly köne ertekileri gaýtalap ýörmän, täze-täze sözleriň, bägülleriň
açylyşy ýaly, täzeden açylmaklaryna ýol bermeli. Köneden gelýän rowaýatlar gulaga hoş ýakýan hem bolsalar, her bir pursatda Mukaddes
Kitaba daýanylmalydyr. Howsaladan, oňşuksyzlykdan doly bu ýeri
terk et. Inçe bilimleriň bar bolsa-da, orta dök! Güýjüň ýetdiginden,
içiňdäkini daşyna çykar. Gaýratyň bar bolsa, jedel meýdanyna çyk!
Ýaşaýan zamanym gussaly işlerden doly bolansoň, men häzir seniň
bilen jedele girmekden hem gaýtjak däl. Men diňe ýekeje dana söz
bilen hem, bagdaky guşy derrew dymmaga mejbur edip bilerin. Ondan
ilki bilen Hudaý bilen birleşmek meselesi barada sorap, soňra iman
barada, iň soňunda-da abraýly adamlara köre-kör eýermek barada sorag bererdim. Onuň bilen başda Allahyň zaty barada gürrüň ederin,
ahyrynda bolsa Onuň sypatlary bilen bagly meseläni gozgaryn».
25
Bertels soň bir öwrümde «Bilbilnama» poemasynyň gysgaldyl­
madyk görnüşiniň hem üstünden barypdyr. Bu barada ol «Feridetdin Attaryň eserlerinde dünýäniň gelip çykyşy hakyndaky sopuçylyk
düşünjesi» («Суфийская космогония у Фарид ад-Дина Аттара») makalasynda şeýle diýýär: «Attaryň «Bilbilnamasyny» Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Aziýa muzeýinde saklanylýan golýazma esasynda
terjime edip ýörkäm, Jemgyýetçilik kitaphanasynda bu poemanyň ýene
bir nusgasynyň bardygyny bildim. Bu golýazmany gören mahalym
meni ilki geň galdyran zat onuň maňa öňden tanyş bolan golýazmadan
göwrüm taýdan has uly bolmagydy. Jemgyýetçilik kitaphanasynda sak­
lanylýan golýazmadaky poema Aziýa muzeýindäkiden dört esse diýen
ýaly galyňdy. Elimdäki ýeke nusga esasynda poemany terjime edip
başlamak üçin taýýarlanyp ýörkäm, onuň geň bir şekilde tamamlanyşy
ünsümi çekipdi. Bilbil özüniň berýän jogaplary bilen guşlaryň ählisini
masgara edeninden soň, hüýpüýpik öňe çykýardy we bilbile ýüzlenýärdi (onuň aýdanlaryny ýokarda beýan edipdik. – O.Ç.). Ol sözüni doly tamamlap ýetişmänkä hem poema duýdansyz soňlanyp, soňra-da: «Attar,
neneň ajap, diliňden bal dökülip, ömrüňden ýerlikli peýdalanmak miýesser etsin!» diýen jemleýji setirleriň gezegi gelýärdi. Bu setiriň yzysüre
meýdan we tokaý syçanlary hakdaky onuň bilen asla baglanyşmaýan
kiçeňräk hekaýa we «Eziz ogluma maslahat» diýlip atlandyrylan mesnewi şygyr görnüşinde ýazylan kiçi göwrümli eser ýerleşdirilipdir. Tapawutly goşgy görnüşinde ýazylanyndan hem belli bolşuna görä, onuň
«Bilbilnama» dahylly ýeriniň bolmagy mümkin däldi1. Poemanyň
şunuň ýaly geň şekilde tamamlanmagynyň sebäbini düşündirmek üçin
özüňden bir zatlary toslamaga mejbur edýän bir duýgy, birhili kanagatlanarsyzlyk kalbymy gaplap alýardy. Poemanyň başynda adaty hamdu-senalaryň, salawatlaryň we beýleki bagyşlamalaryň bolmazlygy bolsa,
bu duýgulary has hem körükdirýärdi. Pars dilinde ýazylan poemalaryň
birinde-de şunuň ýaly ýagdaýa gabat gelinmeýärdi. Mysal üçin, Jelaletdin Rumynyň «Mesnewisi» bu kadanyň daşynda galýan ýaly bolup
görünýän hem bolsa, onuň başyndaky sözbaşysy şol bagyşlamalaryň
ýerini tutýar».
Bu makalasyny çap etmäge bereninden soň, Bertels bu uly bolmadyk eseriň
Attaryň galamyndan çykmandygyny anyklapdyr. Ol Jamynyň «Tuhfatul-ahrar» poemasynyň bir bölegi bolup çykypdyr.
1
26
Bertels Jemgyýetçilik kitaphanasyndaky bu golýazmany ilkinji
gezek eline alanda, gözüne ynanmajak bolupdyr. Çünki onda Aziýa
muzeýinde saklanylýan nusganyň dowamynyň bardygyny görüpdir.
Onda hüýpüýpigiň soňky sözleriniň yzysüre «Birlik hakyndaky birinji sorag», «Wagtlaýyn we baky zatlar baradaky ikinji sorag», «Musulmançylyk hakdaky üçünji sorag» ýaly sözbaşylar ýerleşdirilip,
soňra-da bu sözbaşylardaky soraglara aýry-aýrylykda jogap berlipdir.
Jogaplar «Birlik hakda», «Zatlaryň gelip çykyşy hakda», «Musulmançylyk hakda: musulmançylygyň bäş esasynyň jikme-jik beýany»
diýlip atlandyrylypdyr.
Poemanyň başy hem Aziýa muzeýindäki nusgadakydan tapawutly eken. Bu nusgada poema Allatagalanyň adyna aýdylýan adaty hamdu-senalar bilen başlanylyp, soňra dogalary, Muhammet alaýhyssalamy şöhratlandyrýan sözler, dört çaryýarlaryň wasp edilişini öz içine
alýan bap, bu kitabyň ýazylmagynyň sebäbini düşündirýän bap, Mälik
şanyň adyna bagyşlama, şahyryň Izzetdin we Fahrul-älem diýip atlandyrýan piriniň görkezen on keramatynyň beýany ýerleşdirilipdir.
Diňe şondan soňra bu golýazmanyň ýazgysy Aziýa muzeýindäki nusga laýyk şekilde dowam etmäge başlapdyr. Bu golýazmanyň başky
böleginde gysga nusgadakydan 364 beýt (728 setir) artyk eken. Aziýa
muzeýinde saklanylýan golýazmada gürrüňiň hörpünden üzňe bolup görünýän we poemanyň iň soňunda ýerleşdirilen hekaýa (onda
syçanlardan söz açylýar) bu ýerde öz ýerinde – bilbiliň laçyna berýän
jogabynyň düzüminde duş gelip, bu bapda gürrüňi edilýän kanagat
adalgasyny düşündirmek üçin ulanylan adaty we düşnükli hekaýatyň
hyzmatyny ýerine ýetiripdir.
Bertelsiň kellesine ilkibaşda Aziýa muzeýindäki golýazmanyň
kemçiliklidigi, onda diňe poemanyň sudurynyň galandygy, Jemgyýet­
çilik kitaphanasyndaky nusganyň bolsa poemany dolulygyna öz
içine alýandygy hakdaky pikir gelipdir. Emma soňra poemanyň
Uniwersitetiň kitaphanasynda we ýene Jemgyýetçilik kitaphanasyn­
dan tapan iki golýazmasynyň onuň gysgaldylan görnüşine doly gabat
gelýändigini görüpdir. Uzyn nusgadaky goşmaçalar olarda hem ýok
eken. Ol günbatar ýurtlaryndaky uly kitaphanalaryň kataloglaryny
gözden geçirip, poemanyň:
27
a)
India ofis kitaphanasyndaky 4 golýazmasynyň käbirinde 4,
käbirinde-de alty waragyň bardygyny;
b) Bodleýanyň toplumyndaky 4 golýazmasynyň käbirinde 4,
käbirinde-de bäş waragyň bardygyny;
ç) Şprenger tarapyndan ele salnan golýazmasynda başga bir
ýazgynyň 20 waragynyň gyrasynda ýer alandygyny;
d) Brounyň ele salan golýazmasynda 16 waragyň bardygyny;
e) Bankipurda saklanylýan golýazmasynda 6 waragyň bardy­
gyny;
f) Şeferiň ele salan golýazmasynda bolsa 22 waragyň bardy­
gyny anyklapdyr.
Bertels golýazmalaryň ýazylan kagyzlarynyň ölçeginiň ululy­
gyny, kiçiligini, sahypalardaky setirleriň sanyny, inini göz öňünde
tutup, bu golýazmalaryň ählisinde diýen ýaly, sahypalaryň sanynyň
Aziýa muzeýindäki nusgadaka deň gelýändigini anyklapdyr (5 warak). Olaryň ählisi hem şu nusgadaky ýaly başlanýar eken. Diňe
Şeferiň toplumynyň düzümine girýän golýazmadaky waraklaryň sany
Jemgyýetçilik kitaphanasyndaky uzyn golýazmanyň waraklarynyň
sanyna deň gelipdir. Emma katalogda bu golýazmanyň başlanyşynyň
we tamamlanyşynyň görkezilmändigi üçin, alym bu barada belli bir
netijä gelmäge çekinipdir.
Emma şu gysga nusgadan hem asyrlaryň dowamynda sopuçylyk
babatda ýüze çykan jedelleriň, oňa ýöňkelen aýyplaryň, şol aýyplamalara berlen jogaplaryň düýp mazmuny bilen tanyş bolmak mümkin.
Feridetdin Attaryň «Mantyk at-taýr» («Guş dili») atly möhüm
eseri hem, beýleki eserleri hem terjime edilmegine, düýpli öwrenilmegine garaşýar. Geljekde bu işiň amala aşyryljakdygyna ynanýarys.
Feridetdin Attaryň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitaby has hem
meşhurlyk gazanypdyr. Ol bu kitaby döretmek bilen öz öňünde goýan
maksadyny şeýle düşündirýär: «Allatagalanyň weli gullarynyň ömür
ýoly bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän bu uly ýygyndyny
düzmek bilen Hakykaty gözleýän kişilere uly sopularyň kalplarynda
alawlap ýanan güýçli ymtylyş hakda gürrüň bermegi maksat edindim.
Olar tarykat ýolunda toplan tejribelerinden söz açmak bilen, Hakykata
akyl ýetirmegiň iň bir inçe we iň ýönekeý ýoluny görkezip gidipdirler.
28
Mundan başga-da kitap gözlegdäki kişä bu ýolda garaşýan kynçylyk­
lardan gaça durmagyň ýollaryny düşündirýär». Ol bu kitaby düzmäge
girişmeginiň beýleki sebäplerini rowaýatlaryň üsti bilen mälim edipdir.
«Pirleriň biri aradan çykan Ýahýa Ammary düýşünde görüp, ondan
Allatagalanyň özüni nähili garşy alanyny sorapdyr. Ammar şeýle jogap beripdir: «Allatagala günälerimi bir ýönekeý zat: musulmanlara sopularyň ömür ýoly barada gürrüň berip eden wagyzlarym üçin
geçdi. Bir gezek Allatagalany jany-teni bilen söýýän meşhur pirleriň
biri menden örän razy bolup, meniň üçin haýyr dogasyny etdi. Şol
doganyň berekedi bilen jeza çekmekden gutuldym».
Aby Aly Dakkak hezretlerinden: «Allatagalanyň weli gullaryny
görmek nesip etmän, diňe olar hakdaky gürrüňleri diňlemek biziň üçin
ýeterlik bolarmy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ýeterlik bolar. Siz olar
hakdaky gürrüňi diňleýän mahalyňyz Allatagala gowuşmak islegiňiz
öz-özünden güýçlenýär we wagtyň geçmegi bilen sizi men-menlik,
tekepbirlik ýaly duýgular terk edip, olaryň ýerini tabynlyk duýgusy
eýeleýär» diýip jogap beripdir.
Jüneýit hezretleri: «Bu hekaýatlar gamgyn ýüreklere teselli
berýär» diýipdir.
Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala maňa: «Ýa, Muhammet!
Men saňa gadymy pygamberleriň durmuşynda bolup geçen wakalar
barada seniň ejiz kalbyňy kuwwatlandyrmak, ruhy açlygy başyňdan
geçirmäge mümkinçilik döretmek we saňa teselli bermek maksady
bilen gürrüň berýärin» diýip ýüzlendi» diýipdir.
Hezreti pygamberimiz ýene şeýle diýipdir: «Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».
Abu Aly Sina: «Diňe iki sany islegim bar. Men diňe weliler hakdaky gürrüňi diňlemek isleýärin we diňe Alatagalanyň halan pirleri
bilen duşuşmak isleýärin» diýipdir.
Feridetdin Attar soňra şeýle diýýär: «Pirler hakdaky gürrüňleri
diňleýän kişilerde Allatagalany tapmak we dünýäni kalbyňdan çykarmak islegi peýda bolýar, Allatagala bolan yşk güýçlenýär hem-de
adamyň ýany bilen o dünýä alyp gidip biljek zerur häsiýetlerine eýe
bolmak islegi artýar. Iň esasy-da ölümi ýatlamak olaryň durmuşynda
möhüm orun eýelemäge başlaýar.
29
...Özlerini görmesek hem mydama ýanymyzdan aýrylmaýan
uly pirler hakdaky ýatlamalary öz içine alýan bu kitaby döretmek bilen olaryň haýyr dogasyna mynasyp bolmak isleýärin. Sahabalaryň
Allatagala hakda pikirlenmek üçin iliň gözünden gizlenýän öýleriniň
bosagasynyň öňünde ýatan ite şepagatçy boluşlary ýaly (dogrusy, men
özümi itden hem pes hasaplaýaryn), kyýamat gününde olaryň maňa
şepagatçy bolmagyny isleýärin. Bu islegimi Jemal Müsli hakdaky
rowaýat has hem güýçlendirýär. Ol ömrüni çile çekip geçiren hem
bolsa, garyplara sowgat baryny berer eken. Jemal Müsliniň bir islegi
bolupdyr. Ol özüni Pygamberimiziň (s.a.w.) aýagujynda jaýlamak­
laryny we mazar daşyna: «Seniň itiň bosaganyň öňünde ýatyr» diýip
ýazmaklaryny arzuw edipdir».
«Tezkiretül-ewliýä» kitabynyň nusgalary örän köp bolup, olaryň
köpüsi göwrüm taýdan biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu eseriň
tankydy neşirini hasyl etmek geljegiň işi. Biz terjimämize esas edip,
kitabyň 2003-nji ýylda Stambulyň «Timas ýaýinlari», 2005-nji ýyl­
da Moskwanyň «САМПО», 1998-nji ýylda Tähranyň «Zäwwer»
neşirýatynda çap edilen nusgalaryny aldyk. Elbetde, bu işiň diňe
başlangyjy bolup durýar. Ony kämillige ýetirmek bolsa hemmämiziň
wezipämizdir.
Orazgylyç ÇARYÝEW
30
JAPAR SADYK MUHAMMET
S
eçgin musulmanlaryň soltany, Pygamber öwlady, hezreti Aly Murtazanyň nesli, Muhammet Mustapanyň mirasgäri, päk niýetli ymam Japar Sadyk (Allah oňa rehim eýlesin!)
Pygamberimiziň ehli-beýtindendir. Şonuň üçin bu kitaby teperrik
hökmünde ol hakdaky ýatlamalardan başladyk. Ymam Japar Sadygyň
keramatlarynyň ählisini beýan etjek bolsam, dilim beýle etmekden
ejiz geler. Ol ylymlaryň ählisinde, tarykatda, hakykatda, magryfetde
kämil derejäniň eýesi, welileriň ulusy hem gözbaşydyr.
***
Habar bermeklerine görä, halyf Mansur bir gije wezirini ýanyna
çagyryp:
– Git-de, Sadygy tutup alyp gel, ony öldüreli – diýipdir. Wezir:
– Ol bir çete çekilip, ilden üzňe ýaşamagy ýüregine düwen adam.
Ybadatdan başga zada baş galdyranok. Mülkden hem elini çekipdir.
Imanly gullaryň emirine ondan zyýan geljek gümany ýok. Onuň rahatlygyny bozmagyň hiç kime peýdasy degmez – diýip, ony pälinden
gaýtarmaga synanyşypdyr. Emma halyf onuň aýdanlaryna gulak gabartmandyr. Wezire onuň buýrugyny ýerine ýetiräýmek galypdyr. Şol
wagt Mansur özüne hyzmat edýän gullara ýüzlenip:
– Sadyk içeri girensoň, telpegimi çykararyma garaşyň. Ony çykaran badyma-da Sadygy öldüriň – diýip tabşyrypdyr.
Weziriň Sadygy alyp gelmegi bilen Mansur derrew oturan ýerinden böküp turupdyr we ylgap ýanyna baryp, oňa tagtyndan ýer beripdir. Özi bolsa onuň öňünde çöküne düşüpdir. Gullar bu bolýan zatlara
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.