Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 20

Total number of words is 3779
Total number of unique words is 1878
32.7 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Rowaýat etmeklerine görä, aradan çykanyndan soň, Abu Aly
Dekkagy düýşünde gören biri:
– Beýik Allatagala seni nähili garşy aldy?! – diýip sorapdyr. Ol
bu sowala şeýle jogap beripdir:
329
– Meni huzurynda durzup, panyda eden günälerimi bagyşlady.
Günälerimiň birini ötmegini soramakdan gaty utandym. Ol günä babatda gürrüň etmek islän wagtym gara dere batdym. Şol wagt ajy der
ýüzümden aşak şabyrdap dökülýärdi.
– Ol nähili günädi?!
– Oglanjyk wagtym, hoşuma gelendigi üçin bir oglana heser bilen seredipdim – diýip, ol jogap beripdir.
Başga bir gezek ony düýşde örän bikarar, birahat şekilde, aglaýan
ýagdaýda görüp, ondan:
– Eý, ussat, näme boldy?! Näme, taşlap gaýdan ýalançy dünýäňe
gaýdyp gelmek isleýärmiň? – diýip sorapdyrlar.
– Hawa! Emma ýalançy dünýäniň küýseginde ýa-da ol ýerde
mej­lis gurap, söz sözlemek üçin däl-de, egnime hyrkany geýip, bilimi
guşap, elime hasa alyp, gapyma-gapy aýlanyp, hasam bilen gapylary
kakyp: «Kimden mahrum galandygyňyzy bilýäňizmi?!» diýip, halka
wagyz etmek üçin yzyma dolanmak isleýärin – diýipdir.
Ony düýşünde gören ýene-de biri:
– Allatagala seni nähili kabul etdi?! – diýip sorap, şu jogaby
alypdyr:
– Panyda ýagşy-ýaman her zat eden bolsam, hemmesini zerre-zerre jemläp, öňümde goýdy. Olaryň beýikligi dagdan aşdy!
Başga biri ony düýşünde bäş ýüz ýyllyk ýoluň uzynlygy ýaly
giňişligi bolan Syrat köprüsiniň üstünde görüp:
– Bu näme boldugy?! Bize habar bermeklerine görä, Syrat
köprüsi gyldan inçe, gylyçdan ýiti bolmaly?! – diýip sorapdyr. Şyh
oňa şeýle jogap beripdir:
– Hawa, ol aýdylan çyn! Ýöne bu ondan geçýäne hem baglydyr.
Kim üçin ol, görüp durşuň ýaly, örän giňdir. Başga biri üçin bolsa
gyldan hem inçedir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Abu Aly Dekkak hezretleriniň Abu Bekir Saýrefi atly bir sopusy bar ekeni. Ol ussadyň guburynyň baş ujunda
otyrka irkilip, bir düýş görüpdir. Düýşünde mazar açylyp, ussat daşary
çykypdyr. Ol pel-pelläp howada uçmak isläpdir. Sopusy ondan:
330
– Ýol hanjak?! – diýip sorapdyr. Ol hem:
– Melekut (ruhlar) äleminde meniň üçin münber taýýarladylar.
Dünýäde bolşy ýaly, ol ýere hem söhbetdeşlik üçin gidýärin! – diýip
jogap beripdir.
***
Abu Kasym Kuşeýri hezretleri şeýle diýipdir: «Ýanyma bir ýigit
geldi. Ol durman aglaýardy. «Näme boldy?!» diýip soranymda, ol:
«Agşam düýşümde kyýamatyň gopanyny hem-de özümiň dowzaha
ugradylanymy gördüm. Men: «Meni dowzaha ugratmaweriň! Çünki men Abu Aly Dekkak hezretleriniň mejlisine gelipdim!» diýdim.
Maňa: «Onuň mejlisine gelipsiň-dä?!» diýdiler. Men hem «Hawa!»
diýip jogap berdim. Şondan soň: «Muny jennete äkidiň! diýdiler»
diýip jogap berdi».
***
Abu Aly Dekkak hezretleri şeýle diýipdir:
– Ölüp, üstüňden üç gün geçen ýaly bolup ýaşa!
Her kim öz eziz janyny magşugynyň işiginde duran sübsä öwürmegi başarmaýan bolsa, ol aşyk däldir.
Haktagaladan özgäni özüne ýakyn hasap edeniň haly harap bolar.
Haktagaladan özgäni taryplan kezzapdyr.
Pirine garşy çykmagy niýet eden kişi onuň müridi bolup galyp
bilmez. Olar bir ýerde ýaşasalar-da, aralarynda ýürekdeşlik galmaz.
Söhbetdeşlik mahaly piriniň aýdanlaryny ykrar etmeýän mürit, ähdini bozan kişi hasap ediler. Oňa toba etmek wajypdyr. Emma: «Piriň
hukugyna hyýanat edenler üçin toba gapysy ýapylar!» diýen hem bir
söz bar.
Biedeplik jemagatdan kowlup çykarylma miwesini berýän daragt mysalyndadyr.
Patyşanyň huzurynda biedeplik edýän kişini dergähiň gapysynyň
öňüne kowýandyrlar, gapyda edepsizlik eden adam bolsa, eşek bakmaga ugradylýandyr.
Haka barýan ýoluň başlangyjynda gaýrat görkezmeýän kişi bu
ýoluň ahyrynda Allatagalanyň huzuryna ulaşmaz. Gaýrat görkezme
331
ýolunyň ahyryna ulaşmak Haka gowuşmak ýoluna geçmäge mümkinçilik berer.
Biziň bu günki betbagtlygymyz dowzahylaryň ertirki betbagtlygyndan has uludyr. Çünki dowzahylar erteki günüň sogabyndan
mahrum bolarlar. Biz bolsa olardan tapawutly halymyza, Hakyň
huzuryna çykmak pursadyny elden giderdik.
Haramy terk eden adam dowzah azabyndan aman galar, ýaramaz
haý-höwesi we şübheli bolan zatlary terk eden behişte barar. Halal
zatlaryň köpüsini terk eden adam Haktagalanyň huzuryna ulaşar.
Üç mertebe bardyr: sowal, doga we sena. Sowal dünýäni söýýä­
niň, doga ahyreti söýýäniň, sena Allatagalany söýýäniň mertebesidir.
Başarsaňyz, soltanlar bilen söhbetdeş bolmakdan saklanyň.
Çünki olaryň göwni çaganyňky ýaly näzikdir, gazaplary bolsa edil
ýolbarsyňky ýalydyr.
Eger-de dini ylma teşne bendeleriň üstüne perişdeler öz ganatlaryny gerýän bolsalar, onda Haka aşyk, teşne bolanlaryň haly
neneňkä!
Ylma teşnelik parz bolýan bolsa, Haktagala teşnelik parzyň hem
parzydyr.
Ybraýym alaýhyssalam ogly Ysmaýyla:
– Eý, balam! Düýşümde seni gurban etmegim emir edildi –
diýende, ogly Ysmaýyl:
– Atam! Uklamadyk bolsaň, şeýle perişan düýşi görmezdiň –
diýipdir.
Haktagala bilen dünýäde syr bilen, ahyretde bolsa göz bilen
didarlaşylýar.
Mala-baýlyga kowalaşýan üçin kezzaplyk, mekirlik nähili zerur
bolsa, dindar takwa bende üçin hem hümmet zerurdyr. Hümmetiň
yşgyna düşen kişi ne ýalançy dünýäde, ne-de ahyretde bir ýerde durup, ynjalyk tapmaz.
Baýlaryň bar gaýgysy toplamakdyr hanyman, garyplaryň
gaýgysy kükrekdäki şirin jan!
Aždarha bilen söhbetdeşlik garyp betbagtyň husyt baý bilen
söhbetdeş bolmagyndan has ýeňildir.
Hemme zatdan ýokary mertebe – bu garybyň köne külbesindäki sary giden kilimiň üstünde oturmakdyr hem-de ýalançy dünýäniň
aldawaçlarynyň hemmesini düýbünden terk etmegi başarmakdyr!
332
Futuwwet özgeleriň işini, müşgülliklerini bitirmek üçin ylgamak, hereket etmek, jan çekmekdir. Bu hezreti Muhammet pygamberimize (s.a.w.) mahsus hereket bolup, bize hem şeýle etmek sünnetdir.
Erte kyýamat gününde her kes diňe öz bähbidini arap: «Janym aman
galawersin!» diýip dileg etse, hezreti Pygamberimiz (s.a.w.) özgeleriň
aladasyny edip: «Ymmatym, ymmatym!» diýjekdir.
Dört zady bilmeýän, ýagny Allatagalany tanamaýan, nebsini tanamaýan, ölümi tanamaýan, ölümden soňra özüne nämäniň
garaşýanyny bilmeýän adam ybadatdaky sapa halyna ulaşyp bilmez.
Taňryny tanaýan, Oňa tüýs ýürekden ynanýan, sadyklyk edýän, yhlas edip, takwa bolmak üçin erjellik görkezýän kişini Ol arzuwyna
ýetirer. Şerigatyň we hakykatyň üsti bilen öz nebsini tanaýan adam
nebsine garşy göreşer we bu göreş dowamly ybadatyň ýerine geçer.
Ölümiň nämedigini bilýän adam ony mynasyp garşylamaga taýýarlyk
görer. Ölümden soňra boljak zatlardan habarly adam umytda bolar we
gorkuda gezer, şonuň netijesinde-de hiç haçan umydyny ýitirmez.
Rahatlyk – bu bende üçin çeni-çägi bolmadyk bir ajap mülkdür.
Hiç zady bolmadyk hossaryz kişi garyp däl-de, ahyretini satan
betbagt kişi garypdyr.
Suw we toprakdan ýaradylan adamzat neslinden hatadan, Allatagaladan hem atadan (bagyşlamakdan) başga nämä garaşyp bolar?!
333
WEÝSEL KARANY
S
adyklyga tabynlaryň kyblasy, kyrk çiltenleriň serdary,
pynhan Gün, Rahmanyň nepesi, Ýemeniň parlak ýyl­
dyzy Weýsel Karany (Allatagala oňa rehim eýlesin!) täsin ykbally
adamlaryň biridir.
Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam: «Weýsel Karany sahaba hem-de bize tabyn bolanlaryň iň haýyrlysydyr» diýipdir. Ony
laýyk, dogry şekilde nähili edip wasp etjegimi bilmeýärin. Kätä-käte
hezreti Pygamberimiz ýüzüni Ýemene tarap tutup: «Rahmanyň nepesini Ýemen sebitinde duýýaryn!» diýer eken. Pygamberleriň pygamberi şeýle diýipdir: «Erteki gün, kyýamat gopmazyndan ozal Haktagala Weýsel Karanynyň şekilinde ýetmiş müň perişde ýaradar. Onsoň,
Weýsel olar bilen birlikde Arasat meýdanyna geler hem-de jennete gider. Bu ýagdaýda Allatagalanyň ol halanlarynyň haýsysynyň hakyky
Weýseldigini, ýagny dünýä saraýyndan baran Weýseldigini Allatagaladan özge hiç kim bilmez. Çünki o dünýä saraýynda bilinmez we
tanalmaz bir gümmeziň aşagynda Haka ybadat edip, özüni halkdan
çetde saklap, ahyret gününde kesekileriň gazaply gözünden özüni gorapdy».
Allatagalanyň Resuly (s.a.w.) ýene şeýle diýipdir: «Ymmaty­
myň içinde şeýle bir är kişi bardyr: kyýamat gününde rabia we mu­dar
taýpalarynyň goýunlaryndaky tüýleriň sany ýaly derejede bendelere
şepagat eder!». Habar bermeklerine görä, hiç bir arap taýpasynda ýatlanan iki arap taýpasynyň eýeçiligindäki ýaly köp goýun sürüsi ýok
eken.
Sahabalar:
– Ol kimdir?! – diýip sorapdyrlar.
334
Hezreti pygamberimiz olara şeýle jogap beripdir:
– Allatagalanyň sadyk bendelerinden bir bende!
– Biz hem Allatagalanyň sadyk bendeleri. Onuň ady kim?!
– Weýsel!
– Nirede ýaşaýar?!
– Karanda!
– Seni görüpmidi?!
– Ýok, görmändi!
– Bu ne boldugy?! Saňa söýgi bildirip, seniň hyzmatyňa
gelmezliginiň sebäbi näme?!
– Munuň iki sebäbi bar. Biri – onuň hal derejesi ýokary, ikinjisi
– meniň şerigatyma bolan çäksiz tagzymy. Onuň bir enesi bar: eli-aýagy ysmaýar. Weýsel gündizlerine çopançylyk edip, günlük gazanjyny özi hem-de enesi üçin harçlan ynsan.
– Biz ony görüp bilermikäk?! – diýen sowal berene, hezreti Pygamberimiz:
– Sen ony görmersiň! – diýipdir we sözüni şeýle dowam edipdir:
– Emma Faruk bilen Murtaza ikisi görer. Ol tüýlek adamdyr,
sol eliniň aýasynda birnäçe ak tegmil bardyr. Ýöne ol deri keseline
ulaşan bendelerden däldir! Onuň bilen didarlaşan wagtyňyz, meniň
dogaýy salamymy hem oňa ýetiriň. Ol ymmatym üçin Haktagalanyň
dergähinde ýagşy doga-dileg edewersin!
***
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Allatagalanyň iň
söýgüli welileri gizlin bolan hem-de Allatagalanyň Resulyna sadyk
bolanlardyr».
Sahabalaryň birnäçesi:
– Ýa, Allatagalanyň Resuly! Aramyzda beýle biriniň bardygyny
bilmeýäris! – diýipdirler. Hezreti pygamberimiz (s.a.w):
– Ol Ýemen ýurdunda bir düýe çopanydyr. Oňa Weýsel diýýändirler. Gadamyňyzy onuň gadamynyň üstünden goýuň! – diýipdir.
Gelip ýeten kyssalara görä, hezreti Muhammet (s.a.w) pygam­
beriň dünýäden gaýtjak wagty golaý gelende, ondan:
– Ýa, Allatagalanyň Resuly! Seniň hyrkaňy kime bereli?! – diýip
soraýarlar. Ol hem:
335
– Weýsel Karana beriň! – diýip jogap berýär.
Hezreti pygamberimiz (s.a.w) dünýäden gaýdansoň, dört çaryýarlardan hezreti Omar we hezreti Aly (Allatagala olardan razy bolsun!)
Kufe şäherine gelýärler. Omar Faruk hutbany ortalan wagty ýüzüni
nejd halkyna tarap öwrüp:
– Eý, nejdliler! Aýaga galkyň! – diýipdir. Olar aýak üstüne
galýarlar. Faruk olara ýüzlenip:
– Araňyzda Karandan bir kimse barmydyr?! – diýýär.
– Elbetde bar! – diýip, olar öz aralarynda bolan birnäçe adamy
Farugyň ýanyna ugradýarlar. Hezreti Faruk olardan Weýsel barada
soraýar. Olar: «Tanamaýarys!» diýip jogap berýärler. Hezreti Omar
Faruk: «Şerigatyň eýesi hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ol barada bize
habar berdi. Onuň aýdan zady bihal däldir! Hakykatdan hem ony
bilmeýärsiňizmi?!» diýen.
Olardan biri: «Imanly kişileriň emiriniň soraýan ol adamy adyny
tutanyňa degmeýän tüwmaýak garyp, akmak bir diwanadyr. Ol halkdan çete çekilip, ýalňyz, ýabany ýagdaýda ýaşaýan bir adam!» diýip
seslenýär. Omar Faruk hezretleri:
– Ol häzir niredekä? Biziň gözleýänimiz hut onuň özi bolmaly!
– diýipdir.
– Ol Urene jülgesindedir. Agşam düşýänçä düýe bakýar, soňra
eline düşen gazanja çörek satyn alýar. Abadan ýerlere (oba, şäherlere)
barmaýar, hiç kim bilen söhbete girmeýär. Adamlaryň iýýän hemme
zatlaryny iýmeýär, şatlanmagy we gamlanmagy bilmeýär, adamlar
gülse, ol aglaýar, adamlar aglasa, ol gülýär! – diýip, nejdliler onuň
bolşuny habar berýärler.
Bu gürrüňden soňra hezreti Omar Faruk hem-de hezreti Aly Murtaza (Allatagala olardan razy bolsun!) Urene jülgesine tarap ugraýarlar. Weýseliň namaz okap duran wagty hem şol ýere barýarlar.
Ol namazyny ine-gana okasyn diýip, Haktagala Weýseliň bakýan
düýelerine esewan bolmagy üçin bir perişdäni hem bu ýere iberen
ekeni. Weýsel öz ýanyna adam gelendigini aňyp, namazy gysga okap
tamamlaýar. Namazy bitirip, salam berýär. Hezreti Omar Faruk hem
aýaga galkyp, salam berýär. Hezreti Weýsel onuň salamyny alýar.
Hez­reti Faruk ondan soraýar:
336
– Adyň kim?!
– Abdullah.
– Biziň hemmämiz hem Allatagalanyň sadyk bendeleridiris! Men
seniň öz adyňy soraýaryn!
– Weýsel!
– Çep eliň aýasyny görkez!
Weýsel çep eliniň aýasyny görkezýär. Onda hezreti Pygam­
berimiziň habar beren alamatlaryny gören hezreti Omar dessine onuň
elinden öpýär-de, şeýle diýýär:
– Allatagalanyň Resuly saňa salam gönderdi. Ymmaty üçin
Haktagalanyň dergähinde ýagşy doga-dileg etmegiňi sorady!
– Doga-dileg etmäge sen has mertebeli we laýyksyň! Çünki Ýer
ýüzünde häzir senden mährem we eziz ynsan ýok! – diýip, Weýsel
jogap berýär.
– Men bu işi edýärin! Emma şu pursat seniň hezreti Pygam­
berimiziň wesýetini ýerine ýetirmegiň has zerur! – diýip, hezreti
Omar aýdýar. Weýsel bu habary diňläp, şeýle diýen:
– Ýa, Omar! Sen örän dykgatly bak, gözleýän adamyň başga biri
bolaýmasyn?!
– Hezreti Pygamberimiz seniň alamatlaryňy aýdypdy.
– Beýle bolsa, hezreti pygamberimiziň maňa eçilen hyrkasyny
beriň, haýyr dogasyny edeýin! – diýip, Weýsel sözüni tamamlaýar.
Soňra olardan çete çekilip, çolaja ýere gidýär hem-de hyrkany gapdala atyp, ýüzüni ýere goýýar-da:
– Ýa, Ylahy! Bütin Muhammet ymmatyny maňa bagyşlaýançaň,
şu hyrkany egnime atjak däl! Hezreti pygamberimiz bu işi etmegi
maňa tabşyrypdyr! Hezreti pygamberimiz, Faruk we Murtaza özlerine buýrulan işleri amal edipdirler. Indi meniň doga-dilegimi bitirmek
saňa galandyr, beýik Taňrym! – diýip, gudratly Perwerdigäre ýalbarýar. Şol wagt: «Nijemasyny saňa bagyşlaýaryn! Hyrkany egniňe
geý!» diýip owaz eşidilýär. Hezreti Weýsel: «Musulmanlaryň hemmesini maňa bagyşlaweri!» diýip ýalbarýar. Ol şeýle diýip ýene-de
ýalbarypdyr, ozalkysy ýaly hem jogap alypdyr. Bu wagt hezreti Omar
Faruk bilen hezreti Aly Murtaza: «Hany, Weýseliň golaýyna baraly, ol
näme işleýärkä?!» diýip, oňa tarap ýönelýärler. Weýsel Karany olaryň
337
22.*
gelenini görüp, ah çekip: «Wah, neçün geldiňiz?! Eger siz gelmedik
bolsadyňyz, Muhammet ymmatynyň ählisi maňa bagyş edilýänçä,
hyrkany egnime atjak däldim!» diýipdir.
Hezreti Omar Faruk Weýseliň düýe ýüňünden irimçik edilip dokalan lybasly, başy açyk, aýakýalaňdygyny, ýöne on sekiz müň älemiň
baýlygynyň şol düýe ýüňden dokalan lybasyň astyndadygyny görüp,
köňli özünden-de, haliflikden hem geçýär hem-de:
– Haliflik kürsimi bir tegelek çörege satyn aljak barmy? – diýip,
Weýselden soraýar. Ol:
– Eý, akylsyz kişi! Näme satýanyňy özüň beri bilýärmiň?!
Halifligiň donuny çykar-da, öňüňe at, goý islän alsyn! Bu ýerde alyş-berşiň näme işi bar? Sen bu wezipäni hezreti Syddyhdan kabul eden
adam! Munça musulmanyň ykbaly baglanan ol wezipäni satyp, musulmanlygy pese düşürmek bolmaz! Seniň bir günki adyl halifligiň
Haktagala we halk üçin müň ýyl ediljek ybadatdan hem haýyrlydyr!
– diýipdir.
Şondan soňra Weýsel hyrkany geýip, sözüni şeýle dowam edýär:
– Şu hyrkanyň hormatyna Muhammet ymmatyndan radia we
mudar taýpalarynyň goýun sürülerinde bar bolan goýunlaryň tüýi
mukdaryndaky musulman bagyşlandy.
Şu sözleri okan adamlaryň Weýsel Omardan has ýokary derejä
çykdy diýip güman etmekleri hem ahmal, ýöne ol beýle däl! Weýsel tebigaty boýunça terkidünýä ynsandy. Faruk bolsa her bir zada
we hemme fazilete eýe adamdy. Ol terkidünýä bolmak isleýärdi. Edil
şonuň ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bir garry kempiriň öýüniň
gapysynyň öňünden geçip barýarka, oňa: «Muhammedi haýyr dogada
ýat edeweriň!» diýipdir.
Hezreti Aly sesini çykarman otyrmyş. Faruk hezretleri bolsa:
– Hezreti pygamberimizi (s.a.w) görmek üçin, näme sebäpli
onuň huzuryna barmadyň?! – diýip, Weýsele sorag bilen ýüzlenipdir.
Weýsel soraga sorag bilen jogap beripdir:
– Siz ony gördüňizmi?!
– Hawa!
– Ony gören bolsaňyz, onuň alnynda hem oturansyňyz! Şonuň
üçin bir zat sorasym gelýär: ol hezretleriň gaşlarynyň arasy açykmydy
ýa-da bitişik?!
338
Geň galaýmaly: Faruk we Murtaza hezretleri bu sowala Weýseliň
haýbatly keşbe girmegi sebäpli hiç hili jogap bermändirler.
Weýsel Karany ýene-de şeýle sowal bilen olara ýüzlenýär:
– Siz Muhammediň jan ýaly dostlarymysyňyz?!
– Hawa!
– Siz onuň hakyky dosty bolýan bolsaňyz, ol hezretleriň mübärek
dişleriniň döwlen güni oňa duýgudaşlyk hem dertdeşlik etmegiň
hatyrasyna näme üçin öz dişleriňizi döwmediňiz?! Çünki dostlugyň
şerti – duýgudaşlykdyr! – diýip, Weýsel Karany öz agzyny açýar.
Onuň agzynda bir däne diş hem ýok ekeni! Soňra ol sözüni dowam
edýär:
– Men Allatagalanyň Resulynyň şekilini, sypatyny görmedim.
Ýöne oňa duýgudaşlyk alamaty hökmünde dişlerimi gopardym. Çünki dinde esasy zat duýgudaşlykdyr.
Bu teýeneli sözleri eşidip, hezreti Omar Faruk bilen Aly Murtaza ikisi öz boluşlaryna ýürekden ahmyr edýär. Şol pursat olar
duýgudaşlyk we edep makamynyň (derejesiniň) aýry bir derejede
bolup, Allatagalanyň Resulyny asla görmedik birinden şeýdip edep
öwrenmeli bolandyklaryna akyl ýetirýärler. Hezreti Omar Faruk:
– Eý, Weýsel! Maňa haýyr dogasyny etsen-e! – diýipdir.
– Seniň üçin hemişe-de doga edýärin! Her namazda teşehhüt
dogasyny okamaga oturanymda: «Allahym, hemme musulmanlary
bagyşla!» diýip dileg edýärin. Siz imany sag-salamatlylykda, buýsanç
bilen tä mazara çenli äkitseňiz, dogamyz hem sizi tapar, onuň nepi-de
deger!
Bu jogaby eşiden hezreti Omar Faruk:
– Nesihat ber! – diýip seslenýär. Weýsel Karany şeýle diýýär:
– Eý, Omar! Allatagalany tanaýarmysyň?!
– Hawa!
– Ondan özgäni beýik Taňry diýip tanamasaň, seniň üçin has
gowy bolar!
– Ýene-de biraz öwüt berseňiz-le!
– Yzzat we jelal eýesi Allatagala seni tanaýarmy?!
– Hawa tanaýar!
– Ondan özge seni tanamasa, has ajap bolar.
339
– Birsellem şu ýerde dursan-a, dessine saňa sowgatlyk bir zat
alyp geleýin! – diýip, hezreti Omar Faruk sözüni tamamlan badyna,
Weýsel Karany elini jübüsine sokup, iki dirhem çykarýar hem-de:
– Bulary düýe bakyp gazanypdym. Eger şu dirhemleri harçlamaga ömür pursadymyň boljakdygyna kepil bolup bilseň, onda seniň
berjekleriňi hem alyp bilerin – diýýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär.
– Zähmet çekip gelipsiňiz, indi yzyňyza dolanyň, çünki kyýamat
ýakyndyr. Ol ýerde ozal günde görüp duranlaryňyzdan käbirini dolanyp baranyňyzdan soň görmersiňiz! Men häzir kyýamat ýolunyň
azygyny taýýarlamak bilen meşgul.
Karanylar Küfeden Ýemene dolanyp baransoňlar, Weýsel Karany öz kowumdaşlarynyň, taýpadaşlarynyň arasynda uly abraýly
şahsyýete öwrülýär. Ýöne ol muny islemändir. Şonuň üçin hem
ol ýerden gaçyp, Kufe şäherine gelýär. Ondan soň ony Herem ibn
Heýýandan başga gören kişi bolmandyr.
***
Herem ibn Heýýan şeýle diýipdir: «Weýseliň şepagat etmekdäki
derejesiniň nähilidigi barada eşidenimden soň, ony görmek arzuwy
meni gaplap aldy. Küfe şäherine gidip, ony gözledim hem-de Fyrat
derýasynyň kenarynda gabatlaşdym. Ol donuny ýuwup, täret aldy.
Weýsel hezretleriniň sypaty edil salgy berlişindäki ýaly ekeni. Salam
berdim. Salamymy alyp, maňa tarap seretdi. Men onuň elinden tutmak
isledim, emma ol elini bermedi. Men: «Ýa, Weýsel! Allatagalanyň
rehmeti üstüňe çaýylsyn! Allatagala seni bagyşlasyn! Ýagdaýlaryň
niçik?!» diýen wagtym, onuň halynyň ejizligini görüp, oňa bolan
hormatym hem-de rehimim sebäpli bokurdagym dolup, aglamaga
başladym. Weýsel Karany hem aglamaga başlady-da, şeýle diýdi:
– Eý, Heýýanyň ogly Herem! Allatagala ömrüňi uzyn etsin!
Ýagdaýlaryň neneňsi, kim saňa meni salgy berdi?!
– Meniň we kakamyň adyny nireden bilýäň? Meni hiç wagt görmän, nähili tanadyň? – diýip soradym.
Weýsel Karany:
– Her bir ylmyň daşynda galmaýanyň we her zatdan habarly
bolanyň kömegi bilen tanadym. Üstesine-de, ruhum ruhuňy tanady,
çünki imanly kişileriň ruhy birek-biregiň ruhy bilen aşnadyr.
340
– Maňa hezreti Pygamberimizden (s.a.w.) bir hadysy-şerip aýdyp
bersen-e!
– Men ol hezretler bilen didarlaşyp bilmedim, ýöne onuň hadysy-şeriplerini özgelerden diňläpdim. Ýöne meniň hadysçy, müfti ýa-da
wagyzçy bolmak niýetim ýok. Çünki meniň bar işim içimdäki gara
nebsimi ýok edip, päk nebsi terbiýelemekdir. Mundan başga iş bilen
meşgul däldirin!
– Okajak bir aýatyňy diňlesem diýip arzuw edýärdim.
– «Aguzubillähi mineşşeýtanyrrajiým» – diýip, Weýsel Karany
aglady. Ol sözüni dowam edip şeýle diýdi:
– Haktagala şeýle diýipdir: «Jynlary we ynsanlary diňe maňa
ybadat etsinler diýip ýaratdym» («Zariýat» süresiniň 56-njy aýaty).
«Biz Ýeri we Gögi, ikisiniň arasyndaky zatlary oýun üçin ýaratmadyk» («Enbiýa» süresiniň 16-njy aýaty).
Bu aýatlary okap bolansoň, ol gaty sesi bilen gygyrdy-da,
huşundan gitdi. Soňra özüne gelip, ýene bir sowal berdi:
– Eý, Heýýanyň ogly! Bu jelegaýlara seni näme getirdi?!
– Seniň huzuryňa gelmek, görüşmek niýeti!
– Beýik we gudratly Allatagalany tananyndan soňra hem Ondan
özgäniň huzuryna ymtylýan ynsany henize çenli görmändim, tanamandym!
– Maňa nesihat bersen-e!
– Hemişe ölümi kelläň aşagyndaky ýassygyň astynda bil! Ukydan
oýanaňsoň, ony öňüňde duran bil! Günäniň kiçiligine bakma, günä etmäge iteren zadyň, günä etmäge sebäp bolan zadyň beýikligine bak!
Eger günäňi kiçi görseň, Allatagalany kiçi gören ýaly bolarsyň!
– Nirede ýaşamagy buýurýarsyňyz?!
– Şamda!
– Ol ýerde nädip günümi görüp bilerin?!
– Içinde müňkürlik bolan, günäden doly hem-de pent kabul etmeýän köňlüňden ýüz öwürmek bilen!
– Başga öwüt berip bilermisiňiz?!
– Eý, Heýýanyň ogly! Kakaň öldi. Adam ata, How ene, Nuh,
Ybraýym, Musa, Dawut we Muhammet (s.a.w) dagy hem ýalançy
dünýäni terk etdiler. Hezreti Resulallanyň halifi Abu Bekir hem-de
doganym Omar hem ýalançy bilen hoşlaşdylar. Wah, Omarym!
341
– Allatagala oňa rehim eýlesin! Ýöne Omar heniz diri ahyryn!
– Haktagala maňa häzir Omaryň aradan çykandygy baradaky ajy
habary aýan etdi. Soňra men hem, sen hem ölmelidiris – diýip, Weýsel Karany salawat aýtdy, doga etdi hem-de:
– Bu meniň saňa wesýetim bolsun! – diýip, gürrüňe başlady:
– Gudratly we beýik Allatagalanyň Kitabynda görkezilen ýola
salyhlarça baglan hem-de ölümi ýadyňdan çykarma! Öz kowumyňyň
arasyna baranyňda, olara hem şony nesihat et! Allatagalanyň ýaradan mahluklaryna berýän öwütlerini berjaý et! Muhammet ymmatyna
duýgudaşlyk edip gez! Dinden çykmakdan ägä bol! Çünki nadanlygyň
soňy ynsany dowzaha eltýändir!
Şondan soňra Weýsel Karany haýyr dogasyny okap, ýene-de
sözüni dowam edipdir:
– Eý, Heýýanyň ogly! Gider wagtyň boldy! Şundan soň ne sen
meni görersiň, ne-de men seni! Men seni haýyr dogamda ýat ederin!
Sen bu tarapdan ýola düş, men hem o tarapdan ýola düşýän!
Men onuň bilen ep-esli ýoly bile geçmek isledim. Emma ol
maňa ygtyýar bermedi hem-de gözlerine ýaş aýlady. Onsoň, men hem
agladym. Ol gidensoň, yzynda köp aglap oturdym. Birden hem ol gözden gaýyp boldy. Şondan soň, ondan habar, derek tapyp bilmedim».
***
Rebig ibn Heýsem bolsa şeýle diýipdir: «Weýsel Karany bilen
didarlaşmak üçin gitdim. Ertir namazyna duran wagty onuň ýanyna
bardym. Ol namazyny okap bolansoň, tesbih sanamaga girişdi. Tesbih sanamasyny tamamlaýança, sabyr edip garaşdym. Onuň tesbih
sanamagyny bes eden wagty öýle namazynyň wagty giripdi. Soňra
ýerinden galkyp, öýle namazyna durdy. Üç gün we üç gije, ara salym
bermezden, şeýle hereket etdi. Şol zamanlar ne-hä iýip içdi, ne-de
ukusyny aldy. Dördünji günüň agşamy onuň gözlerini uky basmarlap
başlandygyny gördüm. Şol dem ol Haktagala mynajat bilen ýüzlendi:
«Ýa, beýik Perwerdigär! Uky basmarlaýan gözlerden, aç garyndan
Saňa sygynýaryn!».
Men öz-özüme: «Muňa meniň pisindim oturdy» diýdim-de, ony
bimaza etmän, yzyma dolandym».
342
***
Rowaýat etmeklerine görä, Weýsel Karany bütin ömründe gijelerine ýatmandyr. Ol bir gije: «Bu gije kyýam gijesidir» diýip, daň
atýança, aýak üstünde durupdyr. Ertesi gije bolsa: «Bu gije rukuw
gijesidir» diýip, ertire çenli rukuwda durupdyr. Soňky gije bolsa: «Bu
gije sejde gijesidir» diýip, başyny sejdeden galdyrmandyr.
Ondan: «Eý, Weýsel! Uzak-uzak gijeleri beýdip ukusyz geçirmäge nähili takat edip bilýärsiň?!» diýip sorapdyrlar. Ol:
– Biz heniz: «Subhane Rebbiýe’l a’la!» diýip ýetişmänkäk, daň
atýar. Sejdede wagtyň üç gezek tesbih aýtmak bolsa sünnetdir. Şonuň
üçin hem, şeýle hereket edýärin hem-de edil asmandakylar ýaly ybadat etmegi arzuwlaýaryn! – diýip jogap beripdir.
***
Weýsel Karany hezretlerinden: «Namazda huşu’ nämedir?!»
diýip sorapdyrlar. Ol: «Namaz okaýan wagtyňda gapdalyňa ok gelip
düşse-de, oňa üns bermezlikdir!» diýip jogap beripdir. Ondan: «Halyň
nedir?!» diýip soranlara, ol: «Ertir namazy üçin aýak üstüne galyp,
agşama çenli ýaşajagyny ýa-da ýaşamajagyny bilmeýän adamyň haly
nähili bolsa, meniňki hem şeýle!» diýip jogap beripdir.
– Amalyň nähili?! – diýip soranlara, ol:
– Wah! Ýol-a uzyn, azygym hem ýok! – diýip jogap beripdir.
***
Weýsel Karany hezretleri şeýle diýipdir: «Tewhide ulaşyp,
Allatagalanyň razylygy üçin ýerdäkileriň we gökdäkileriň hemmesiniň
ybadat edişi ýaly ybadat etseň, ýöne Oňa ynanmaýan bolsaň, Ol
ybadatyňy kabul etmez!» Muny eşidenler:
– Nähili ýagdaýda özümizi imanly hasaplap bileris?! – diýip sorapdyrlar.
– Allatagalanyň emirlerine köňülden razy bolsaňyz, tüýs
ýüregiňizden Oňa ybadat etmäge berilseňiz we şondan başga hiç bir
zat bilen meşgul bolmasaňyz, özüňizi imanly hasaplap bilersiňiz! –
diýip, Weýsel Karany jogap beripdir.
343
Ol ýene-de aýdypdyr: «Her kim bu üç zady gowy görýän bolsa,
dowzah onuň boýnundan aşaklygyna gaýdan şadamardan hem has
golaýdyr. Olar: 1) koşuňa gelýän tagamlary iýmek; 2) gowy lybaslary
geýmek; 3) baý husytlar bilen oturyp-turuşmak».
***
Günleriň birinde Weýsel Karany hezretlerine ýüzlenip: «Şu golaýda bir erkek kişi ýaşaýar. Ol indi otuz ýyldyr bir mazar gazyp,
mazar çukurynyň gyrasynda kepene dolangy oturyp, gije-gündiz ýüregine aram tapman aglaýar!» diýipdirler.
Weýsel Karany derhal galkyp, ol adamyň ýanyna barýar. Ol waspy ýetirilen bendäni örän hor, meňzi saralyp-solan, gözleriniň hanasy
içine çöken halda görýär we oňa ýüzlenip şeýle diýýär: «Eý, pylany!
Indi otuz ýyldyr bu mazar we kepen seni Allatagaladan daşlaşdyrypdyr.
Olaryň ikisi-de seni Haktagalanyň ýolundan aýra salypdyr. Bu iki zat
seniň çokunýan butuňa öwrülipdir».
Ol adam Weýsel Karanynyň nury bilen öz içindäki nebis apatyny
görýär, gözüniň öňünden salgym perdesi syrylyp, özüne gelýär hem-de aýylganç nagra dartyp, jan berýär. Ol egnindäki kepeni bilen birlikde öz gazan mazarynyň içine ýykylýar.
Eger-de mazar bilen kepen Allatagala bilen bendesiniň arasyna
perde bolup bilýän bolsa, beýleki zatlaryň nähili perde bolup biljegine
üns ber!
***
Rowaýat etmeklerine görä, Weýsel Karany bir gezek üç gijegündizläp hiç bir zat iýmändir. Dördünji gün ol ýolda bir dinaryň
ýatanyny görýär hem-de: «Bir bendeden gaçandyr?!» diýip, ony almaýar. Ol iýmäge ýaraýan ot toplap, ondan iýip, ýoluny dowam edýär.
Gidip barýarka, öňünden agzy gyzgyn çörekli goýun çykýar. Goýun
Weýsel Karanynyň ýanyna gelip, çöregi onuň öňünde goýýar. Weýsel
Karany: «Biriniň çöreginden alandyr?!» diýip, ol çörege hem el uzatmaýar. Şol wagt birdenkä goýun adam dilinde gürlemäge başlapdyr:
«Men Allatagalanyň guly bolanyň guludyryn! Şu çöregi al! Bu çörek
Haktagalanyň öz gulunyň üsti bilen saňa ýollan ryskydyr!
344
Weýsel Karany: «Çöregi almak üçin elimi uzadyp-uzatmankam,
çöregiň eýýäm elimdedigini gördüm. Goýun hem gözden gaýyp bolupdyr» diýip gürrüň beripdir.
***
Weýsel Karany hezretleriniň öwgä mynasyp, artykmaç taraplary
sanardan kändi. Abu Kasym Jürjany (Girkani) (Allatagala oňa rehim
eýlesin!) hezretleri zikir edende, hemişe: «Weýs, Weýs!» diýip gaýtalar ekeni. Onuň gadryny şol bilipdir.
***
Weýsel Karanyny ýatlap, goňşulary şeýle diýipdirler: «Biz ony
däli hasaplaýardyk. Ahyrynda oňa bir külbe gurup berdik. Şondan
soňra bir ýyl geçse-de, onuň elinde agyz açarda iýer ýaly zady hem
ýokdy. Mahal-mahal agşamlaryna hurma satýardy, gazanan puluny
hem gedaýlara, garyplara paýlap, özünde zat goýmazdy. Köneje bir
dony bardy. Zibillerden toplan mata parçalaryny biri-birine çatyp, ýamap özüne don edinipdi».
Hakyň halan bendesiniň nepesi şeýle hallardan emele gelýär.
***
Weýsel Karany hezretleri ertir namazy wagtynda külbesinden
çykyp gidip, tä ýassy namazy geçýänçä yzyna dolanmazdy. Nirä
ugrasa, şol ýerdäki çagajyklar ony daşlardylar. Ol bolsa: «Balajyklar,
süňklerim inçedir, aýaklarym ganamaz ýaly, kiçiräk daş zyňaweriň.
Ýogsa ganly aýak bilen namaz okamaga ýetişmerin! Meniň gamym
aýagym däl-de, namazy geçirmezlik!» diýer ekeni.
***
Ömrüniň ahyrky günlerinde Weýsel Karanynyň imanly kişileriň
emiri hezreti Alynyň ýanyna gelendigini, oňa tabyn bolup, Syffyn
söweşine gatnaşyp, şol söweşde hem şehit bolandygyny, şan bilen
ýaşap, şehit bolmak bagtyna gowşandygyny habar berýärler.
345
***
Weýsel Karany hezretleri şeýle diýipdir:
– Allatagalanyň aryfy üçin hiç bir zat gizlin galýan däldir.
Allatagalanyň ýeke-täk ilähdigini bilýän adamyň hemme zady
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.