Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 11

Total number of words is 3770
Total number of unique words is 1892
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Ymam Şapygy Gurhany Kerimi ýatdan bilmeýär – diýip habar beripdirler. Şol döwürde ol hakykatdan hem Gurhany heniz ýat
tutman eken. Emma ýady welin örän güýçli bolupdyr. Harun Reşit
ony synap görmek isläpdir we remezan aýynda ymamlyk etmegi emir
edipdir. Ymam Şapygy her gün Gurhany Kerimiň bir jüzüni ýat tutup,
ony terawyh namazynda okamaga başlapdyr. Ol şu şekilde remezan
aýynda Gurhany Kerimi boýdan-başa ýat tutaýypdyr.
172
***
Ymam Şapygy şeýle diýipdir:
– Rugsatlar we ýorumlar bilen meşgullanýan alymdan asla haýyr
çykmajagyny bilip goý.
Men tälim bermek edebinden bir edep we bir harp öwredeniň
guludyryn.
Hetdini tanamaýanlara ylym öwreden – ylmyň hakyny iýýän
adam, mynasyp kişilerden ylmy gysganan bolsa, oňa zulum edýän
adamdyr».
173
Ahmet ibn HANBAL
D
in we Sünnet ymamy, mezhebiň we milletiň nusgalyk şahsy,
amal we düşbülik baýdagy Ahmet ibn Hanbal (Allatagala
oňa rehim eýlesin!) ehli-sünnet wel-jemagatyň şyhydy, din we döwlet
ymamydy. Hadys ylmynyň hatyrasyna onuň ýaly kän zähmet çeken
kişi ýokdur.
Bir gün Ahmet ibn Hanbalyň ogly «Allah (jelli-jelälühü)
Adamyň palçygyny eli bilen ýugurdy» hadysy-şeribinden söz açyp,
onuň manysyny düşündirmäge geçjek bolanda, elini ýeňinden daşary
çykarypdyr welin, kakasy derrew:
– Allahyň elinden söz açan mahalyň, ele yşarat ediji bolaýma –
diýip seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir ýetginjegiň ejesi ysmaz keseline
uçrapdyr. Günleriň birinde ol ogluna ýüzlenip:
– Senden razy bolmagymy isleýän bolsaň, ymam Ahmediň ýanyna gidip, meniň üçin doga etmegini haýyş et. Belki, şeýtse, Allatagala
saglygymy gaýdyp berer. Bu hassalyk halys etimden ötüp, süňňüme
ornady – diýipdir.
Ýetginjek ymam Ahmediň öýüniň gapysynyň öňüne baryp
ardynjyrapdyr. Şol wagt içerden:
– Kimsiň? – diýen ses gelipdir.
– Men size mätäç bolup geldim – diýip, ýetginjek jogap beripdir.
Soňra bolsa:
174
– Bir hassamyz bar. Ol özi üçin doga etmegiňizi isleýär – diýip,
bu ýere gelmeginiň sebäbini äşgär edipdir.
Ymam Ahmediň bu işden göwni suw içmän, örän ynjalyksyzlanypdyr. Adamlaryň özüni tanaýandyklaryndan zeýrenip, jibrinmäge
çenli baryp ýetipdir. Soňra bolsa boý täretini alyp, namaz okamaga
başlapdyr. Hyzmatkär daşary çykyp:
– Gidip bilersiň! Çünki ymam seniň haýyşyňy ýerine ýetirmäge
girişdi – diýip, ýetginjege ýüzlenipdir.
Ýetginjek öýüne dolanyp barypdyr. Ejesi ýerinden turup, gapyny
açypdyr we Allatagalanyň şypa bermegi bilen, asla kesellemedik ýaly
bolupdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek ymam Ahmet ibn Hanbal
derýanyň kenarynda oturyp, akyp ýatan suwdan owujyny dolduryp,
täret almaga başlapdyr. Şol wagt onuň ýokary ýanynda başga biri-de täret alyp otyr eken. Ol ymama hormat goýup, oturan ýerinden
turupdyr we aşak tarapa inip, täretini şol ýerde alypdyr. Şol adam aradan çykanyndan soň, bir kişi ony düýşünde görüp:
– Gudraty güýçli Allatagala saňa nämäni laýyk gördi? – diýip
sorapdyr. Ol:
– Täret alyp otyrka, ymama goýan hormatym sebäpli, Allatagala
meni öz rehmetine gowşurdy – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ahmet ibn Hanbal şeýle diýipdir:
«Günleriň birinde ýeke özüm çöllük ýer bilen ýol aşyp barýarkam,
azaşdym oturyberdim. Bir tarapda çugutdyryp oturan çarwa kişini
görüp, ondan ýol soramagy ýüregime düwdüm. Barmaly ýerimiň
haýsy tarapdalygyny soradym welin, ol:
– Kalbyňda şübhe barka we çak etmekden başga alajyň ýok mahaly ýola çykmagyn – diýip seslendi.
«Açlygyndan samraýan bolaýmasyn» diýip, içimi gepletdim-de,
ýanymdaky bir döwüm çöregi oňa berdim. Ol aljyran ýaly etdi we:
175
– Eý, Ahmet! Sen özüňe kimdirin öýdýäň? Hem Allahyň öýüne
gidýärsiň, hem ryskyň Allatagaladan gelmegine razy bolmaýarsyň.
Eger şeýle etseň, ana, ýoluňdan şonda azaşarsyň – diýdi.
Bu sözleri eşidenimden soň, köňlümde göriplik ody tutaşyp:
– Allahym! Gyrak-bujakda hiç kim tarapyndan tanalmaýan şeýle
bir gullaryň bar: olar Allatagaladan ant içseler, ýüzlerindäki nuruň
haky üçin topraklardyr daglar durşuna altyna öwrüler – diýip seslendim. Soňra bolsa dykgatly synlap, topraklaryň we daglaryň ählisiniň
altyna öwrülip lowurdap durandyklaryny gördüm we özümden gitdim. Şonda gaýypdan şeýle bir ses geldi:
– Näme üçin köňlüňi goramaýarsyň? Eý, Ahmet! Eger ol islese,
ýeri göge göterip, gögi ýeriň astyna geçireris. Ine, ol biziň şunuň ýaly
gulumyzdyr. Ony saňa bir gezeklikçe görkezdik. Indi gaýdyp öňa
gözüň düşmez!
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ahmet ibn Hanbal Bagdatda ýaşaýan
döwründe bu ýerde bişirilen çöregi iýmändir. Ol: «Imanly kişilereiň
emiri Omar (Allah ondan razy bolsun!) bu topraklary gazylara
bagyşlapdyr» diýer eken. Ol altyn berip, Mosuldan getirdýän unundan bişirilen çöregi iýipdir. Ahmet ibn Hanbalyň Yspyhan şäherinde
kazylyk edýän ogly Salyh ibn Ahmet arasyny üzmän gündizlerine
agzyny bekläp, gijelerini namaz okap geçirer eken. Ol gijäniň dowamynda iki sagatdan artyk uklamandyr. Ol öz ýaşaýan öýüniň öň
tarapynda gapy ýeri hoňkaryp duran, ýagny gapy oturdylmadyk ýene
bir öý saldyryp, gijesini-gündizini şol öýde geçiripdir. Salyh gijäniň
bir mahaly möhüm iş bilen gelen adamyň öňünde gapynyň ýapyk bolmazlygy üçin şeýle edipdir. Ine, onuň kazylyk edişi şunuň ýalydy.
Günleriň birinde Ahmet ibn Hanbal hezretleri üçin çörek
bişiripdirler. Bişirilen çöregiň hamyrmaýasy Salyhyň öýünden alnan
eken. Çöregi bişirip, Ahmediň öňünde goýupdyrlar. Ol derrew:
– Bu çörek öňkülere meňzänok-la, oňa näme boldy? – diýip sorapdyr. Oňa:
– Üýtgeşik bolan zat ýok, diňe çöregiň hamyrmaýasy Salyhlaryňky
bolmaly – diýip jogap beripdirler. Onda Ahmet:
176
– Şeýle diýsen-e, ol bir ýyllap Yspyhanda kazylyk edipdi. Bu
çörek bogazymyza ýaraşmaz – diýip seslenipdir.
– Ýagşy, emma bu çörekleri nädeli?
– Häzirlikçe durubersin. Bir dilegçi gelende: «Bu çöregiň hamyry
Salyhyň hamyrmaýasyna ýugrulandyr. Isleseň, alyp gidip bilersiň»
diýiň.
Bu çörek kyrk günläp dursa-da, bir dilegçi hem zat sorap gelmändir. Çörek heňläp gidensoň, ony Dijle derýasyna atypdyrlar. Bir
gün Ahmet:
– Şol öňki çöregi nätdiler? – diýip sorapdyr.
Ony Dijle derýasyna taşlandyklaryny bileninden soň, ýokary derejede takwa kişi bolany sebäpli, ol hiç haçan şol derýadan tutulan
balygy iýmändir.
***
Ahmet ibn Hanbal hezretleriniň şägirtleriniň biri bir gije onuň
öýüne myhman bolupdyr. Halypa şägirdiniň düşeginiň ýanynda içi
suwly küýzäni goýupdyr-da, özi uzak gije namaz okamak üçin başga
otaga geçipdir. Ol irden şägirdiniň gijesini geçiren otagyna gelip, küýzedäki suwuň birjik hem egsilmändigini görüpdir. Ahmet ibn Hanbal
hezretleri:
– Näme üçin suwdan peýdalanmadyň? – diýip sorapdyr. Şägirdi:
– Gijäniň içinde maňa suwuň näme geregi bar? – diýip, geň
galypdyr.
– Bu suw täret alyp, soňra uzak gijäni namaz okap geçirmegiň
üçin gerekdi. Seniň bu bolşuň, menden öwrenýän zatlaryň bilen amal
etmeýäniňi görkezýär – diýip, halypa şägirdine ýene bir sapak beripdir.
177
12.*
Dawut TAÝY
D
awut hezretleri taý tiresiniň ýolbaşçylarynyň biri bolup,
sopular toparynyň hem sylaýan adamlarynyň biridi. Dürli
ylymlardan nesibini doly alypdy. Köplenç, adamlardan gaçyp, gyrak-bujaga çekilenini kem görenokdy. Toba gelmegine bir agyçy aýaldan
eşiden iki setir şygry sebäp bolupdyr. Şol setirleriň manysy şeýledi:
«Şindi ýaňaklaryňdan haýsysy çüýremäge başlady? Gözleriňiň
haýsysy ilki akdy? Haýsy ýüz we saç topraga düşüp çüýremedi, haýsy
göz ýere akmady?» Bu setirleriň täsirinden kalbyna uly bir dert düşüp,
erk-ygtyýaryny ýitiripdir, karary galman, aljyraňňy hala düşüpdir.
Dawut şol halda ymam Abu Hanifäniň sapak berip oturan ýerine gelipdir. Ymam Agzam onuň öňküliginiň ýoklugyny göreninden aňlap:
– Saňa näme boldy? – diýip sorapdyr. Ol hem başyndan geçenleri
habar berip:
– Köňlüm dünýäden sowap, kalbymda bir zat peýda boldy. Emma
şol zada gowuşdyrjak ýoldan habarym ýok. Kitaplaryň hiç birinde
onuň manysyna duş gelmedim, oňa degişli fetwa-da ýok – diýipdir.
Şondan soň, Dawut adamlardan ýüz öwrüp, öýünden daşary çykmandyr we diňe ybadat bilen meşgullanypdyr.
Aradan birnäçe wagt geçeninden soň, Abu Hanife onuň ýanyna
gelip:
– Beýle çete çekilip, il-günden gizlenmäň dogry däl. Seniň ymamlaryň
arasynda oturyp, bilmeýän zatlaryňy olardan öwrenmegiň, bu babatda
sabyrly bolmagyň, agzyňdan bir söz hem gaçyrmazlygyň we gürrüňi edil­
ýän meselelerden olardan has gowy baş çykarmagyň gerek – diýipdir.
Dawut hezretleri ymam Agzam hezretleriniň bu maslahatyny
ýerlikli hasaplap, bir ýyllap yzygiderli ylym öwrenipdir, ymamlaryň
arasynda oturyşyna, agzyndan ýeke söz hem gaçyrmandyr. Ol sabyr
178
edipdir, hiç bir soraga jogap bermändir, ders diňlemek bilen çäklenipdir. Şeýdip, bir ýyly arka atanyndan soň, ol: «Bir ýyllap eden sabrym
şondan öň ýerine ýetiren otuz ýyllyk amalyma deň geldi» diýip sesle­
nipdir.
Soňra ol Habyp Raýy bilen duşuşypdyr. Gitmeli ýolunyň gapysy
şol piriň kömegi bilen açylypdyr. Ol derrew bu ýola mertlerçe giripdir.
Dawut kitaplaryny äkidip, suwa atanyndan soň, terkidünýälige baş urup,
adamlardan umydyny üzüp, olar bilen baglanyşygyny doly kesipdir.
***
Günleriň birinde Dawut Taýy hezretleri şeýle diýipdir:
– Çöregi dişläp alyp, çeýnäp iýemokda, ilkibada suwda eredýärin
we soňra owurtlap goýberýärin.
Beýle etmeginiň sebäbini soranlarynda bolsa, ol:
– Çörek çeýnemäge sarp etjek wagtyma derek Gurhany-Kerimiň
ençeme aýatlaryny okap biljegime aklym çatany üçin şeýdýärin –
diýip jogap beripdir.
***
Dawut Taýy hezretleri içi suwly küýzäniň duran ýerine Günüň şöhlesi
düşse, ony kölegä geçirmez eken. Ol dyngysyz namaz okapdyr we sowuk
suwly bolmaga derek ýekeje pursadyny hem ýitirmezlige çalşypdyr.
***
Dawut Taýy hezretleriniň köne külbesi bar eken. Adamlar oňa:
– Külbäň üçeginde san galmandyr. Ol haçan çökse çökäýmeli –
diýip duýdurypdyrlar. Ol şeýle jogap beripdir:
– Meniň üçegi synlara wagtym bolmady. Üstesine-de, mundan
beýläk hiç haçan jaý salmazlygy ýürezime düwdüm.
Onuň ýaşan külbesiniň üçegi ölmeziniň yzysüre aşak çöküpdir.
***
Dawut Taýy hezretlerinden:
– Sakgalyňy näme üçin daramaýarsyň? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Men hemişe Allatagalany zikir etmek bilen meşgul bolamsoň, sakgalymy daramaga wagtymy sarp etmek islemeýärin – diýip jogap beripdir.
179
***
Dawut Taýy hezretlerinden maslahat bermegini soranlarynda, ol:
– Adamlar bilen barşyp-gelişmekden ýüz öwrüň we boş gürrüňlere
wagtyňy sarp etmegiň ýaramaz täsiriniň bardygyny, zerur bolmadyk
zatlara, wakalara tomaşa etmegiň peýdasyzdygyny unutmaň.
***
Dawut Taýy hezretleri öz eşigini ýuwup otyrka:
– Kalbymy hem şunuň ýaly aňsatja tämizläp bilsem bolmaýarmy? – diýip seslenipdir.
180
Abu Süleýman DARANY
A
lymlyk derýasy Abu Süleýman Darany (Allah oňa rehim
eýlesin!) döwrüniň ýeke-tägi we asyryň hoşgylawydy. Örän
hoşgylaw bolany üçin oňa: «Reýhanül-kulub» (köňülleriň gowy ysly
güli) diýipdirler.
Dara (ýa-da Dareýýa) Şamyň etegindäki bir oba bolup, Abu
Süleýmanyň asly şol ýerdendi.
Onuň şägirdi Ahmet Hawaýy şeýle diýipdir: «Bir gije täk başyma
namaz okaýan wagtym kalbyma ullakan bir rahatlygyň aralaşandygyny
duýdum. Ertesi gün bu barada Abu Süleýmana gürrüň berdim. Ol:
– Sen gowşak bir adam bolmaly, çünki heniz hem seniň üçin
ýalňyzlygyň we adamlar bilen bolmagyň arasynda tapawut bar.
Şol sebäpli hem ýeke wagtyň özüňi bir hili, adamlaryň arasynda-da başga hili duýýan bolmaly. Aslynda iki jahanda adamy Hakdan
daşlaşdyrmaga mynasyp ýeke zat hem ýokdur! – diýdi.
***
Abu Süleýman şeýle diýipdir: «Bir gijämi metjitde geçirdim.
Sowuk halys süňňüme ornap, mende rahatlykdan nam-nyşan galmandy. Doga etmekçi bolamda, elimiň birini goltugyma sokup, beýlekisini ýokary galdyrdym. Bir elimiň ýylamagy bilen, endamyma uly
bir rahatlyk aralaşdy. Soňra uka batdym welin, gulagyma gaýypdan:
– Eý, Abu Süleýman! Asmana tarap açylan eliňe nesibini berdim,
beýlekisini hem ýokary galdyran bolsaň, onuň paýyny-da bererdik –
diýen ses eşidildi.
181
Ine, şol günden soň, daşary sowuk bolsa-da, yssy bolsa-da
ellerimi ýokary galdyrman asla doga etmejegimi aýdyp, ant içdim.
Allatagalanyň islendik kemçilikden päkdigini, gadyr-gymmatynyň
bar zatdan ýokarydygyny dilime sena edýärin, cünki Ol nesibimizi we arzuw edýän zadymyzy dilemedik ýagdaýymyzda-da bize
ýagşylygyny yhsan edipdir!
182
Ahmet ibn HARB
G
ündogaryň we günbataryň nusga alarlyk adamy, horasan
piri Ahmet ibn Harbyň (Allah oňa rehim eýlesin!) üstün taraplary örän köp bolup, takwalykda deňi, ybadatda taýy tapylmandyr.
Ol ynamdar adam bolupdyr. Onuň ýokary derejede takwalygyna
ynanýany üçin, hatda Ýahýa ibn Muaz Razy hem:
– Men ölenimden soň, başym onuň aýaklaryna deň bolar ýaly
edip topraga beriň – diýip wesýet edipdir.
Ahmet heniz ýetginjek mahallary ejesi bir towugy otda gyzardyp,
öňünde goýup:
– Men muny öz elim bilen iýmitlendirdim. Şol sebäpli munuň halaldygy şübhesizdir. Mundan arkaýyn iýip bilersiň – diýipdir. Ol bolsa:
– Bu towuk bir gün goňşymyzyň howlusyna geçip, ol ýerden
bir zatlar çokupdy. Goňşymyz gazanan baýlygy şübheli bolan goşun
serkerdesidi. Şonuň üçin hem muny iýmek maňa ýaraşmaz – diýip,
nahardan ýüz öwrüpdir.
***
Uly alymlaryň biri: «Günleriň birinde Ahmediň wagyz edýän
mej­lisine bardym. Onuň gürrüňini edýän meselesi barada aýdanlaryny
eşidenimden soň, köňlüm ýagtylyp gitdi. Kyrk ýyllap şol wagzyň lezzeti
meni terk etmedi. Kalbymdaky şol lezzeti heniz hem duýýaryn» diýipdir.
***
Ahmet bir döwürde Ýahýa ibn Ýahýanyň müridi bolupdyr.
Ýahýanyň bir bagy bar eken. Bir gün Ahmet öz halypasynyň ba183
gyndaky üzüm agajyndan biraz üzüm ýolup iýenini görüp, teýeneli
bir äheň bilen:
– Muny näme üçin iýýärsiň? – diýip, oňa ýüzlenipdir.
Ýahýa:
– Bu bag maňa degişli. Näme men öz bagymdan üzüm hem iýip
bilmenmi? – diýip geňirgenipdir.
Ahmet:
– Bag siziňki hem bolsa, habar bermezden we rugsat almazdan,
bu bagy bir gün haýyr-yhsan üçin bagyşlanylan ýabyň suwundan suwarypdylar – diýip seslenipdir. Onuň aýdanyny eşiden Ýahýa toba
edip, gaýdyp bu bagyň üzümini agzyna almandyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ahmediň Bähram atly bir otparaz
goňşusy bar eken. Onuň satmak üçin ugradan birtopar zady talaňçylaryň
eline düşüpdir. Bu bolan iş barada eşiden Ahmet müritlerine:
– Goňşymyzyň başyna şunuň ýaly bir iş düşüpdir. Ýör, onuň ýanyna gidip, derdini paýlaşalyň, teselli bereliň. Otparaz bolsa-da, garaz goňşymyz-da – diýipdir. Olar şeýdip Bähramyň öýüni nazarlap
ugrapdyrlar.
Bähram olary güler ýüz bilen garşylap, Ahmediň ýeňini öpüpdir, hezzet-hormat edipdir. Ol gytçylyk ýyl bolany üçin bular bir zatlar iýmek maksady bilen gapysyny kakandyrlar öýdüpdir we derrew
saçak ýazmagyň aladasyny etmäge başlapdyr. Ahmet onuň nämäniň
hyýalyna münenini görüp:
– Hiç zadyň aladasyny etme. Satlyk zatlaryňyzy talandyklaryny
eşidip, saňa teselli bermäge, bähbit bolsun diýmäge geläýdik – diýipdir. Bähram:
– Hawa, şunuň ýaly bir iş-ä boldy. Emma bu waka üç zat üçin
şükür etmegime sebäp boldy. Birinjiden, başgalaryň meniň zadymy
talanyna, özümiň şunuň ýaly bir iş etmänime şükür edýärin. Ikinjiden,
baýlygymyň ýarysyny talasalar-da, galan ýarynyň özümde galanyna
şükür edýärin. Üçünjiden bolsa, dinimiziň öz ýanymdadygyna, ony
talamandyklaryna şükür edýärin. Dünýä maly bolsa, gelip-gidip duran bir zat – diýip, öz garaýşyny mälim edipdir.
184
Onuň bu sözleri Ahmet hezretleriniň göwnüne hoş ýakyp, müritlerine ýüzlenipdir:
– Onuň aýdanlaryny ýazyp alyň, çünki bu sözlerden magryfetiň
ysy gelýär. Bu Allahy tanaýan adamyň diýäýjek zady.
Soňra bolsa Bährama ýüzlenip:
– Eý, Bähram! Näme üçin oda çokunýarsyň? – diýip sorapdyr.
– Erteki gün meni ýakmasyn, maňa biwepalyk etmesin diýip
şeýdýärin. Meni Allatagala gowuşdyrmagy üçin oňa şunça odun
iýdir­ýärin, şunça hormat goýýaryn – diýip, Bähram jogap beripdir.
– Sen uly bir ýalňyşlyga ýol berýärsiň! Ot hem güýçsüz, hem
nadan, hem wepasyzdyr. Oňa ynanyp ýöreden hasabyň hökman biderek bolaýmaly. Bir çaga üstüne suw sepse, ol söner galyberer.
Gowşaklygy şondan hem görünýändir. Şunuň ýaly ejiz zat saňa
nädip güýç berer? Üstüne dökülen sähelçe suwuň hötdesinden gelmegi başarmaýan halyna, ol seni Allaha nähililik bilen gowuşdyryp
biler? Şonuň ýaly-da, ol nadandyr, çünki müşk bilen nejesadyň aratapawudyny bilmänsoň, derrew ikisini-de küle öwrüp taşlar, biriniň has
gowudygyny aňlamaz. Onuň wepasyzdygy hem şübhesizdir. Ynha,
meni diňle: sen ýetmiş ýyllap oňa çokunyp gelýärsiň, men bolsa ýekeje gezek hem çokunamok. Gel, indi elimizi oda sokaly. Ol ikimiziň
hem elimizi ýakarmyka: şuny synap göreli. Ol saňa wepaly bolup,
eliňi ýakman duruberermikä?! – diýip, Ahmet ondan çyny bilen sorapdyr. Ahmediň aýdanlarynyň täsiri bilen, ol:
– Senden dört mesele barada sorajak. Dogry jogap berseň, iman
getirmäge razy – diýipdir.
– Hany, sora bakaly – diýen jogaby alanyndan soň, Bähram soraglaryna başlapdyr:
– Allatagala şu mahlukaty näme üçin ýaratdy? Rysklaryny bermesine berýär-de, soňra olaryň janyny almasy näme? Bar, öldürdem
diýeli, emma soňra olary näme üçin direldip, bir ýere toplaýar?
Şyh Ahmet oňa şeýle jogap beripdir:
– Ol Ýaradyjydygyny bilmekleri üçin mahlukaty ýaradýar. Rysk
berýäniň Özüdigini bilmekleri üçin olary ekläp-saklaýar. Güýçlüdigine akyl ýetirmekleri üçin olary öldürýär. Ýene güýçlüdigini bilmekleri üçin hem olary gaýtadan direldýär.
185
Bu jogaby alan Bähram:
– Eşhedü en lä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammedin Resulullah – diýip musulman bolupdyr.
Ol kelimeýi-şehadaty aýdýan mahaly, Ahmet gygyryp goýberipdir-de, bir gapdala agyp, özünden gidipdir. Birnäçe wagtdan soňra
özüne gelip, gözlerini açanda, müritleri ondan:
– Başyňa düşen bu hal nähili bir haldyr? – diýip sorapdyrlar. Ahmet hezretleri bolsa:
– Bähram kelimeýi-şehadaty aýdyp bolan badyna, kalbyma: «Eý,
Ahmet! Bähram ýetmiş ýyldan soňra iman getirdi. Sen bolsa ýetmiş
ýyllap musulman bolup ýaşadyň. Indi iň soňunda näme boljagyna bakaly: kapyr bolup ölermikäň ýa-da imanly kişi bolup dünýäni terk
edermikäň?» diýen owaz eşidildi – diýip jogap beripdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Ahmet hezretleri ömründe asla uklap
görmändir. Bir gije özüne:
– Biraz dynjyňy alaýsaň nädýär? – diýenlere bolsa, ol:
– Özi üçin jennetiň bezelgi durandygyny, onuň aşagynda bolsa dowzah odunyň tutaşdyrylyp goýlandygyny, emma olaryň haýsy
biriniň özüne nesip etjegini bilmeýän kişiniň gözüne, heý, uky gelermi? – diýipdir.
***
Ahmet ibn Harb hezretleri şeýle diýipdir: «Käşgä, maňa kimiň
duşmançylyk edýänini, kimiň gybatymy edýänini bilip, oňa altyn-kümüş göndersedim. Meniň üçin işleýändigi, gazanýan sogaplaryny
meniň depderime geçirýändigi üçin meniň pulumdan sowsa, neneň
gowy bolardy.
Dünýäniň sizi aldatmazlygy, öňküleriň sezewar bolan belasyna
sizi-de giriftar etmezligi üçin Allatagaladan güýjüňiz ýetdiginden
gorkuň. Bilýän zatlaryňyza görä amal ediň we dykgatly boluň».
186
Maruf KERHI
M
arufyň ejesidir kakasy hristian eken. Ony okuwa berenlerinde, mugallymy:
– Hany, üçüň üçünjisi diý, göreli bakaly – diýip, oňa ýüzlenipdir.
– Ýok, bu diýeniňiz dogry däl, düýbünden tersine – Ol bir bolan Allahdyr – diýip, Maruf garşy çykypdyr. Ussady ony näçe ursada, peýda bermändir. Bir gezek hem mugallymy ony eline taýak alyp
ýenjipdir. Şondan soňra Maruf gaçypdyr we gaýdyp ol jelegaýlara
gara bermändir. Ejesidir kakasy:
– Käşgä, yzyna dolanyp, islän okuwyna gitse bolmaýarmy? Biz
muňa-da razy bolardyk – diýip, ahmyr edip ýörüpdirler.
Maruf şol gaçyp gidişine Aly ibn Musa Ryzanyň huzuryna baryp,
musulman bolupdyr. Aradan birnäçe wagt geçeninden soň, ol gelip,
öz öýleriniň gapysyny kakypdyr. Içerden:
– Kim borsuň? – diýip sorapdyrlar.
– Maruf men.
Içeri gireninden soň, oňa:
– Haýsy dine uýýaň? – diýip ýüzlenipdirler.
– Allahyň Resuly Muhammediň (s.a.w.) dinine uýýaryn.
Muny eşidip, ejesidir kakasy-da musulman bolupdyrlar.
Maruf has soňra Dawut Taýy bilen duşuşypdyr we açlykdyr horluga sabyr edip ýaşamaga başlapdyr.
Ol ybadatlaryny doly we kämil bir şekilde ýerine ýetiripdir. Hakykat ýolunda yhlas bilen öňe ilerleýşine, ahyrsoňunda dilleriň senasyna öwrülipdir. Muhammet ibn Mansur Taýy (Allah oňa rehim eýlesin!) ondan söz açyp şeýle diýipdir: «Bagdatda Mansuryň ýanynda
ýaşaýardym. Bir gezek onuň ýüzündäki sypjyryga gözüm düşüp:
187
– Düýn uzakly gün seniň ýanyňda boldum. Şol wagt-a ýüzüňde
beýle bir sypjyryk ýokdy. Soňra saňa näme boldy? – diýip soradym.
Ol:
– Özüňe peýdasy degjek zat barada sorasan-a – diýip, jogap bermekden ýüz öwürjek boldy.
– Hudaýyň haky üçin özüňe näme bolanyny aýt! – diýip, men
hem ondan el çekmedim. Diňe şondan soňra ol:
– Agşam namazyny okap bolanymdan soň, Mekgä gidip, Käbäni
togap etmek isledim. Suw içmek üçin Zemzemiň ýerleşýän tarapyna
ugradym. Soňra hem aýagym typyp, çeşmäniň golaýyndaky gapyny
süsdüm. Bu sypjyryk şondan galandyr – diýip jogap berdi.
***
Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek Maruf Kerhi hezretleri Dij­
le derýasynyň boýuna gidip, täret alyp otyrka, bir garry aýal onuň
ýekelikde ybadat edýän külbesine girip, ol ýerdäki Gurhany-Kerim
bilen namazlygy alyp gidiberipdir. Maruf ony yzarlap gidip, yzyndan
kowup ýetipdir we ýüzüne seretmezlik üçin başyny aşak salyp, ondan:
– Gurhany-Kerimi okap bilýän çagaň barmy? – diýip sorapdyr.
Kempir:
– Ýok – diýipdir.
– Onuň ýaly bolsa, Gurhany-Kerimi maňa ber. Namazlyk seniňki
bolsun!
Maruf hezretleriniň özi bilen mylaýym gürleşişine haýran galan
kempir ogurlan zatlarynyň ikisini-de piriň külbesine getirip goýupdyr.
Maruf hezretleri:
– Namazlyk seniňki, halal bolsun. Ony al-da, gidiber – diýip seslenipdir. Eden işinden utanyp, girere deşik tapmadyk kempir, ol ýerden arany açmak bilen bolupdyr.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Maruf hezretleri bir gün müritleri bilen birlikde bir ýere ugrapdyr. Birden olaryň gözi Dijle derýasy bilen
gaýykly ýüzüp baryşlaryna, şerap içip, mes bolýan birnäçe ýetginjege
düşüpdir. Ýolagçylar derýanyň kenaryna baryp ýetenlerinden soň, ýanyndaky müritleri Maruf hezretlerine ýüzlenip:
188
– Şyhymyz! Allatagalanyň olaryň baryny suwa gark etmegi üçin
doga etsen-e – diýipdirler. Maruf hezretleri:
– Elleriňiziň aýasyny açyň – diýipdir we:
– Allahym! Şu ýaş ýigitlere bu jahanda nähili gowy bir durmuş
bagyşlan bolsaň, o dünýäde-de olara şonuň ýaly gowy durmuş bagyş
eýle! – diýip doga edipdir.
Onuň bu bolşuna geň galan müritleri:
– Şyhymyz! Biz bu doganyň syryna düşünmedik-le – diýip seslenipdirler. Ol hem:
– Onuň syry mälim bolýança garaşyň – diýipdir.
Gaýykdakylaryň Maruf hezretlerine gözleri düşen badyna, çalyp
oturan ribaplaryny döwüp taşlap, içip oturan şeraplaryny döküpdirler we aglamaga başlapdyrlar hem-de piriň aýaklaryna ýykylyp, toba
edipdirler. Şonda Maruf hezretleri şeýle diýipdir:
– Hiç kim gark bolmazdan we hiç kimiň jany ýanmazdan,
hemmeleriň arzuwynyň nähililik bilen hasyl bolanyny gördüňiz dälmi?
***
Günleriň birinde Maruf hezretleri täretsizkä namaz wagty giripdir. Golunyň astynda suw bolmansoň, ol çäge bilen teýýemmüm edipdir. Adamlar oňa ýüzlenip:
– Dijle derýasy bu ýerden uzakda däl. Näme üçin derýanyň kenaryna baryp, suw bilen täret almaýarsyň? – diýipdirler. Ol hem:
– Derýa näçe golaýda bolsa-da, onuň kenaryna barýançam ölmejegime hiç ynamym ýok – diýip jogap beripdir.
***
Maruf hezretleri şeýle diýipdir:
– Adamlaryň söýgüsinden ýüz öwürýän adam, Allatagalanyň
söýgüsine mynasyp bolýar we ondan lezzet alýar.
189
Seri SAKATY
S
eri Sakaty sopularyň ymamy bolup, dürli ylymlarda kämillik
derejesine ýetipdir. Ol gussa we dert derýasydy, ýumşaklyk
we durnuklylyk dagydy, şatlyk we mähir hazynasydy.
Seri Bagdatda ýaşapdyr. Onuň bu şäherde bir dükany bolup,
onda köne-küşül zatlary satmak bilen meşgullanypdyr. Oňa Sakaty
lakamynyň berilmegine-de şol sebäp bolupdyr.
Seri dükanynyň gapysyna tuty tutup, her gün ençe rekat namaz
okar eken. Günleriň birinde Lükäm dagynda ýaşaýan biri ony zyýarat
etmäge gelipdir we dükanyň tutusyny galdyryp:
– Lükäm dagynda ýaşaýan pylany pir saňa salam iberdi – diýipdir. Seri hezretleri onuň getiren salamyny alanyndan soň:
– O pir dagda ýaşaýarmy? Näme ol edere iş tapanokmyka? Hakyky
erkek kişi adamlaryň arasynda ýaşap, bir iş bilen meşgullanmalydyr,
şol bir wagtyň özünde-de Allatagaladan sähelçejik hem daşlaşmaly
däldir! – diýip seslenipdir.
***
Rowaýat etmeklerine görä, Seri hezretleri alyş-beriş eden mahaly ýüzde bäşden artyk peýda görmez eken. Ol bir gezek altmyş dinarlyk badam satyn alypdyr. Şonuň yzysüre-de badamyň bahasy ep-esli ýokarlanypdyr. Dellal gelip, şol badamy satyn almakçy bolupdyr.
Seri hezretleri badamy satmaga razy bolupdyr. Dellal:
– Muny näçe bahalaýaň? – diýip sorapdyr.
– Altmyş üç dinar berseň bolar.
190
– Emma bu gün sendäki ýaly mukdardaky badam togsan dinara
satylýar ahyryn.
– Men her on dinardan ýarym dinardan artyk peýda görmezligi
ýüregime düwdüm. Bu niýetimden dänmekçi däl.
– Men hem seniň zadyňy öz durýan bahasyndan arzan satyp bilmen.
Şeýlelik bilen, şol badamy satmak dellala hem, Seri hezretlerine
hem nesip etmändir.
***
Seri hezretleri ilki-ilkiler köne-küşül zatlary satmak bilen
meşgullanar eken. Bir gün Bagdadyň bazarynda ýangyn döräpdir.
«Bazar ýanyp, kül boldy» diýip, oňa habar beripdirler. Ol: «Men
şeýle-de bu işimden el çekipdim» diýip, göwnibir halda jogap beripdir. Soňra görüp otursalar, onuň dükany ýanman galan eken. Ol
bu haly göreninden soň, özüne degişli zatlaryň ählisini derwüşlere
bagyşlap, sopuçylyga ýüz urupdyr.
***
Seri hezretlerinden başdaky haly barada soranlarynda, ol şeýle
diýipdir: «Bir gün Habyp Raýy dükanymyň öňünden geçip barýarka,
derwüşlere gowşurmagyny haýyş edip, oňa bir zatlar beripdim. Şonda
ol maňa ýüzlenip:
– Allah saňa haýyrlar yhsan eýlesin – diýdi. Onuň eden bu dogasyndan soňra dünýäden sowadym. Günler şeýdip geçip durdy.
Günleriň birinde Maruf Kerhi ýany bilen bir çagany alyp geldi-de:
– Şu körpäni geýindir – diýdi. Men hem çaga egin-eşik alyp berdim. Şondan soňra Maruf hezretleri:
– Haktagala saňa dünýäni ýigrendirsin we seni bu işiňden halas
edip, rahatlyga gowuşdyrsyn – diýdi. Onuň eden bu dogasynyň hormatyna we bereketine birdenkä dünýäden el çekdim oturyberdim».
***
Jüneýit hezretleri şeýle diýipdir: «Bir gün Seriniň ýanyna baranymda, onuň aglap oturanyny görüp:
191
– Hernä haýyrlysy bolawersin, saňa näme boldy? – diýip soradym. Ol şonda şeýle diýdi:
– Bu gije, içindäki suw sowar ýaly, küýzäni asyp goýmak pikiri kel­
läme geldi. Soňra uka gitdim welin, düýşüme bir hüýr girdi. Men ondan:
– Sen kime degişli? – diýip soradym. Ol:
– Içindäki suwy sowatmak üçin küýzäni asyp goýmaýana – diýip
jogap berdi-de, küýzäni ýere pylçap urdy. Ine, seret, bölek-bölek bolup ýatandyr.
Onuň ümlän tarapynda küýze döwüklerine gözüm düşdi. Olar
uzak wagtlap şol duruşlaryna pytrap ýatdylar».
***
Jüneýit hezretleri şeýle diýipdir: «Bir gije uka gidip, soňra ukudan oýananymdan soň, kalbym: «Şuniziýe metjidine git!» diýdi durdy.
Şeýlelik bilen, men şol metjide gitdim. Metjitde gorkunç bir adama
gözüm düşüp, ondan erbet gorkdum. Ol menden:
– Eý, Jüneýit! Menden gorkaýan-a dälsiň? – diýip sorady.
– Hawa, gorkdum – diýip boýnuma aldym.
– Allahy tanaýanyň çyn bolsa, näme üçin Ondan başgasyndan
gorkýarsyň? – diýip, ol has mojugyny tapdy.
– Kim bolarsyň? – diýdim.
– Maňa Iblis diýýärler.
– Men Allahdan gorkmaýandan gorkýaryn. Men hem seni görmek isleýärdim.
– Menden gorkan pursadyň, özüň hem bilmezden, Allatagalany
unutdyň. Meni näme üçin görmek isleýärdiň?
– Fakir sopulary ýoldan azaşdyrmak üçin jan edýärmiň? Şuny
soramakçy boldum.
– Ýok, olary iş edinmeýärin, çünki täsir edip bilemok.
– Onuň sebäbi näme?
– Dünýäni olaryň gözüne gowy edip görkezip, girime saljak bolsam, ahyrete gaçýarlar, ahyreti öňe sürüp, ýakalajak bolsam, Allaha
tarap gaçýarlar. Şeýdip öňüm baglanýar duruberýär.
– Olara täsiriňi ýetirip bilmeýäniňi-hä eşitdim. Olaryň erbet hala
düşen pursatlaryna-da gabat geleňokmy?
192
– Oňa gabat gelýärin. Sema edip, özlerinden geçenlerinde, näme
üçin aglaýandyklaryna göz ýetirýärin. Hakyň razylygyny gazanmak
üçin sema edýäne golaýlaşmaýaryn. Adamlara görünmek üçin sema
edýäni göremde-de, ony ele salyp biljegimi aňlaýaryn.
Iblis şeýle diýdi-de, ýitirim boldy. Men metjidiň içine gözümi
aýlap, Seri hezretleriniň başyny dyzynyň üstüne egip oturanyny gördüm. Ol başyny galdyryp:
– Allahyň duşmany ýalan sözleýär, çünki sopularyň fakiri
Allatagalanyň ýanynda şeýle bir eziz welin, hatda olara Jebraýyl hem
görkezilýär. Ýagdaý şeýle bolansoň, heý, olaryň Allahyň duşmany bilen ýüzbe-ýüz boljak gümanlary barmy! – diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.