Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 07

Total number of words is 3788
Total number of unique words is 1922
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ybraýym Edhemiň görkezen keramatyna haýran galyp, onuň ýöne-möne biri däldigine göz ýetiripdirler.
Soňra Ybraýym Edhem ol ýerden aýrylyp, Nişapura gelipdir
we ybadat bilen meşgul bolmak üçin bir çola ýer gözläp ugrapdyr.
Bu ýerde bir meşhur gowak bardy. Ol dokuz ýyllap şol gowakda
ýaşapdyr. Üç ýylyny gowagyň bir böwründe, ýene bir üç ýylyny
beýleki böwründe, galan üç ýylyny-da başga bir böwründe geçiripdir.
Onuň bu gowakda ýaşan döwründe başyndan nämeleriň geçendiginden hiç kimiň habary bolmandyr.
Ybraýym Edhem hepdäniň her dördünji güni gowagyň ýokarsyndaky deşikden daşary çykyp, bir ýüklük odun ýygnar eken. Ertesi irden hem ýygnan odunyny arkasyna alyp gaýdyp, Nişapura getirip satar eken. Bu ýerde juma namazyny okap bolanyndan soňra,
odun satyp gazanan puluna çörek satyn alyp, onuň ýarysyny garyp-gasarlaryň arasynda paýlap, ýarysyny hem özüne alýarmyş. Ol indiki
101
juma gününe çenli şojagaz çörek bilen oňňut edipdir. Onuň ömrüniň
köp bölegi şu şekilli geçipdir.
***
Ybraýym Edhem Mekge şäherine baryp, Käbäni zyýarat etmegi
ýüregine düwýär. Şu maksadyna ýetmek üçin ol on dört ýyllap ýolda
bolupdyr. Ol ýolboýy namaz okap, doga-dileg edip gelýär eken. Ol
ahyry Mekgä baryp ýetipdir. Şol töwerekleriň pirleri onuň ýetip gel­
ýäninden habardar bolup, garşylamaga çykypdyrlar.
Ybraýym Edhem özüni tanamazlyklary üçin bir kerweniň öňüne
düşüp gelýär eken. Kerweniň öňünden ýöremek hyzmatkärleriň
adatydy. Pirler kerweniň öňüni çekip gelýän pyýadadan:
– Ybraýym Edhemi görmediňmi? Ol ýetip gelýän bolmaly –
diýip sorapdyrlar.
– Ol dinsiz kişi nämäňize gerek? – diýip, Ybraýym olara dikanlapdyr.
Onuň aýdanyny eşiden pirler ýeňsesine şapbat urup:
– Onuň ýaly adama dinsiz diýmäge neneň diliň barýar? Dinsiz
-seniň özüňsiň – diýipdirler. Ybraýym hem:
– Menem şony aýdýan-da – diýip seslenipdir.
Ol ýeke galansoň, öz-özüne: «Soňky sözleriňi aýtmak nämäňe
gerekdi? Olaryň seni tanap, hormat bilen Mekgä alyp barmaklaryny
isleýädiň? Şükür, özüňe mynasyp paýy alanyňy görüp galdym» diýip
igenipdir.
Mekgede esli wagt bolanyndan soň, pirler onuň Ybraýym Edhemdigini tanap, ötünç sorapdyrlar. Ol bu ýerde ýaşamaga başlapdyr.
Öýlenipdir, dost-ýar edinipdir. Ol mydama alyn deri bilen gazanany
bilen güzeranyny aýlapdyr: käte odun ýygnap gelip satypdyr, käte-de
adamlaryň bag-bakjasyna garawul bolupdyr.
***
Ybraýym Edhem Balhy terk edip gaýdanda, yzynda süýtden hem
aýrylmadyk oguljygy galan eken. Oglanjyk ulalyp, ese-boýa galanyndan soň, ejesinden kakasy barada sorapdyr. Ejesi:
102
– Kakaň ýitirim boldy. Mekgede ýaşaýarmyş diýib-ä bir eşitdim
– diýip jogap beripdir.
Onda ogly:
– Men Käbä zyýarat etjek, kakamy gözläp tapyp, onuň hyzmatynda boljak – diýip seslenipdir we öz adyndan: «Kim haja gitmek
isleýän bolsa, bu ýerik gelsin. Gerek-ýarak zatlary we ulag bilen men
üpjün etjek, ýol harjyny men çekjek» diýip yglan etmegi emir edipdir.
Aýdyşlaryna görä, onuň bu çakylygyna dört müň adam dagy top­
lanyp gelipdir. Ol hemmesiniň çykdajysyny öz üstüne alyp, olary haja
alyp gidipdir we: «Belki, şeýtsem, kakamyň ýüzüni görmek miýesser
eder» diýip umyt edipdir.
Oglan Mekgä gelip, Käbäniň töwereginde hyrkaly we ýamaly
egin-eşikli birtopar kişä gabat gelipdir we olardan:
– Ybraýym Edhemi tanaýarsyňyzmy? – diýip sorapdyr. Olar
hem:
– Ol biziň şyhymyzdyr. Odun getirmek üçin sähra tarap gitdi.
Ol her gün bir ýüklük oduny arkasyna alyp gelip, ony satyp edinen
puluna çörek alýar-da, bize iýdirýär – diýipdirler.
Oglan sähra tarap ugrapdyr. Birden onuň gözi ep-esli odun ýük­
lenip gelýän bir goja düşüpdir. Ol bildirmän gojanyň yzyna düşüp,
bazara çenli gelipdir. Goja bazara gelip:
– Gowy, halal we tämiz bir zady kim tämiz zada satyn aljak-how
– diýip gygyrmaga başlapdyr. Bir adam onuň getiren odunlaryny satyn
alyp, deregine çörek beripdir. Ybraýym çörekleri alyp, ýoldaşlaryna
getirip beripdir we özi namaz okamaga başlapdyr. Sopular çörek iýse,
ol namaz okaýarmyş.
Ybraýym Edhem dostlaryna häli-şindi:
– Keseki zenanlara we ýaş oglanlara imrinmekden häzir boluň,
olaryň haj zyýaratyny ýerine ýetirýän günlerinde gözleriňizi günäden goraň – diýip, öwüt-ündew eder eken. Ýanyndakylaryň hemmesi
onuň aýdanyna boýun bolupdyr.
Hajylaryň Mekgä gelip, Käbä zyýarat edýän döwründe Ybraýym
hem ýaranlary bilen birlikde togap etmäge başlapdyr. Birden onuň
gözi öňünden ýöräp barýan ýaş ýigdekçä düşäýipdir. Ol häli-şindi
ýetginjege tarap gözüni aýlap goýberýärmiş. Onuň bu bolşuny synlap
103
gelýän ýoldaşlarynyň biri togap ybadatyny berjaý edip bolanlaryndan
soň, Ybraýyma ýüzlenip:
– Allatagala size rehim etsin! «Keseki zenanlara we ýaş oglanlara bakmaň» diýip, bize sargaýardyňyz welin, ýaňy-ha bir görmegeý
ýigdekçeden gözüňizi aýryp bilmediňiz – diýip, kinaýaly seslenipdir.
– Sizem muny gördüňizmi?
– Hawa, gördük.
– Ynsap edeweriň! Meniň pikirimçe, şol ýigdekçe Balhda goýup
gaýdan oglum bolmaly. Şol wagt ol heniz süýtdenem aýrylmandy.
Çakym çak bolsa, ol oglumdan başga kişi däldir.
Kakasynyň özünden gaçyp gitmeginden gorkýan ogly bu ýere
bildirmän gelip, kakasyny daşyndan synlap ýörmüş.
Ybraýym Edhem şol günki gören ýigdekçesiniň öz ogludygy
baradaky pikirde bolup, bir gün ýoldaşlarynyň birini ýanyna alyp,
Balhdan gelen kerwençileriň bolýan ýerlerini idäp tapyp, aralaryna sokulypdyr. Ol bir ýerde atlaz çadyryň gurulgydygyny, çadyryň
ortarasynda duran kürsüde oturyp, düýnki gören ýigdekçesiniň
Gurhany Kerimi okaýandygyny görüpdir. Ol ýakyn gelende oglan
«Baýlyklaryňyz we çagalaryňyz pitneden başga zat däldir» diýen manyly aýaty okapdyr. Ybraýym muňa birhili bolup aglapdyr we «Rebbim dogry aýdypdyr» diýip pyşyrdapdyr.
Yzlaryna dolanmakçy bolanlarynda, Ybraýym ýanyndaky
ýoldaşyna:
– Git-de, şu oglanyň kimiň ogludygyny bilip gel – diýipdir.
Ýumuş tabşyrylan kişi ýigdekçäniň ýanyna baryp:
– Nireli borsuň? – diýip sorapdyr.
– Balhdan geldim.
– Kakaňa kim diýýäler?
Oglan öňe eglip, boş eli bilen ýüzüni ýapypdyr, gözlerinden bolsa ýaş akmaga başlapdyr. Ol hünibürýan aglap oturyşyna:
– Kakama Ybraýym Edhem diýýärler – diýipdir-de, elindäki
Gurhany Kerimi ýerine goýupdyr.
– Düýne çenli kakamy bir gezegem görmändim. Bu gören
kişimiňem kakamdygyny heniz doly anyklamok. Menden gaçarmyka
diýip, gorkyma özümi-de oňa tanadyp bilmedim. Çünki ol öňem bizden gaçyp gaýdypdy.
104
lara:
Oglanyň ejesi hem ogly bilen bile gelen eken. Ýaňky derwüş bu-
– Geliň, sizi onuň ýanyna alyp baraýyn – diýip, teklip edipdir.
Bular şeýdip, Ybraýym bilen görüşmäge gidipdirler. Ýoldaşlary
bilen Käbäniň «ýemen sütüni» diýlip atlandyrylýan burçunyň golaýynda oturan Ybraýym Edhem özlerine golaýlap gelýän ogluny,
aýalyny we hälki goýup gaýdan ýoldaşyny görüpdir. Aýaly Ybraýymy
görensoň, sabryny tükedip, joşgunyna bäs gelip bilmän:
– Ine, seniň kakaň – diýip gygyryp goýberipdir.
Töwerek-daşdaky adamlaryň hemmesi bu haly görüp, aglaşmaga
başlapdyrlar. Aglap-aglap özünden giden ogly özüne gelip, Ybraýyma salam beripdir. Kakasy salamyny alyp, ony bagryna basypdyr we
sorag bermäge başlapdyr:
– Haýsy dine ynanýaň?
– Yslam dinine.
– Allaha şükürler bolsun! Gurhany Kerimi okap bilýäňmi?
– Okap bilýän.
– Allaha şükürler bolsun! Ylymdan bir zatlar öwrenip bildiňmi?
– Hawa, ylym hem öwrendim.
– Allaha şükürler bolsun!
Soňra Ybraýym Edhem olaryň ýanyndan aýrylmak isläpdir,
ýöne ogly elini hiç goýbermändir. Aýaly hem aglamaga başlapdyr.
Ybraýym Edhem ogluny gujaklap oturyşyna, ýüzüni asmana tutup:
– Allahym, dadyma ýetiş! – diýip seslenipdir.
Onuň ogly şol wagt gujagynda jan beräýipdir. Ýanyndakylar ondan bu bolan işiň hikmetini sorapdyrlar. Şonda ol şeýle jogap beripdir:
– Oglumy bagryma basan badyma, oňa bolan muhabbetim
kalbymda joşmaga başlady. Şondan soň gulagyma: «Eý, Ybraýym!
Meni söýýändigiňi aýdýarsyň, emma meniň bilen birlikde başgalaryny-da söýýärsiň, başgalary bilen hem meşgul bolýarsyň, dostluga şärik
goşýarsyň» diýen bir owaz eşidildi. Bu owazy eşidemsoň, içimden:
«Gudraty güýçli Rebbim! Dadyma ýetiş! Eger oňa bolan söýgim meni
Saňa bolan söýgimden daşlaşdyrýan bolsa, ýa onuň, ýa meniň janymy
al!» diýip doga etdim. Eden dogam, ine, şu zeýilli kabul boldy.
Eger biri bu bolan işe geň galsa, oňa: «Ybraýym alaýhyssalamyň
öz ogluny gurban etjek bolmagy hem geň dälmidi?» diýäýiň.
105
***
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Käbäniň ony togap edýänlerden boşlag wagtyna rastlamak we arkaýynçylykda doga-dileg etmek
üçin amatly pursat agtarsamam, şeýle pursada hiç gabat gelmeýärdim. Ahyry bir gije güýçli bir ýagyş ýagdy. Pursady ganymat bilip,
Käbä bardym. Töwerekde yns-jyns ýokdy – diňe Käbe bilen men
bardym. Men Käbäni togap etdim we altyn halka elimi ýetirip, Allahdan günälerimi geçmegini diledim. Şol wagt gulagyma: «Sen günäňi
geçmegimi dileýärsiň. Beýleki adamlar hem edil seniňki ýaly doga
edýärler. Emma men her kese günäsiz bolmagy nesip etsem, meniň
günä geçmek, bagyşlamak, merhemet we rehim etmek derýam nirä
akjak, Gafur, Gaffar, Rahman we Rahym ummanym haýsy işe ýarajak» diýen owaz geldi. Şondan soňra «Allahym, günälerimi bagyşla!»
diýdim we:
– Dünýade meniň bilen gürleşýärkäň özüňi ara goşma, başgalaryň
günäsini bagyşlamagymy dile. Seniň günäňi geçmegimi hem başga
kişiler dilese gowy bolar – diýen jogaby aldym...»
***
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Bir gün tagt üstünde otyrkam, öňüme bir aýna tutdular. Aýna bakyp, bir mazaryň içinde oturandygymy gördüm. Ýanymda dost-da, dertdeş-de ýok. Ol ýerden
kazyny tapdym, ýöne özümi aklar ýaly delilimiň ýokdugyna göz ýetirdim. Ine, şondan soňra hökümdarlykdan sowadym».
***
Ybraýym Edhem birinden sorapdyr:
– Weli kişileriň hataryna goşulmak isleýäňmi?
– Elbetde.
– Onda dünýe we ahyret bilen jinnek ýalyjagam gyzyklanma.
Bütin durkuň bilen gudraty güýçli Allatagala ymtyl, Allahdan beýleki
zatlardan özüňi daşda tut. Halal lukma iý-de, gijeleri daňa çenli namaz okajak bolup, gündizlerine agzyňy beklejek bolup azara galma.
Bogazyndan geçýän zadyň halaldygyny bilmeýän adam diňe bir na106
maz okamak, agzyny beklemek, zekat bermek we haj ybadatyny ýerine ýetirmek bilen erenleriň derejesine ýetip bilmez. Bu derejä diňe
bogazyndan geçeniň halaldygyna gözi ýetýän we şol ybadatlary hem
ýerine ýetirýän adam ulaşar.
***
Sehl ibn Ybraýym şeýle diýipdir: «Ybraýym Edhem bilen birlikde sapara çykypdym. Ýolda näsagladym. Ol elinde näme bar bolsa,
meniň üçin harçlady. Men ondan bir zat satyn alyp bermegini haýyş
etdim. Ol meniň haýyşymy ýerine ýetirdi, ýöne munuň üçin eşegini
satmaly bolandygyny soň bilip galdym. Keselimden gutulamsoň,
onuň eşeginiň ýokdugyny aňşyrdym. Men: «Ysgyn-mydarym ýok,
indi ulagsyz nädip ýol aşarkam» diýp zeýrenmäge başladym. Şonda
ol:
– Doganjygym! Gel, arkama hopba bol – diýdi we meni arkasyna
alyp, üç menzil ýol ýöredi».
***
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Sapara çykan gezeklerimiň birinde ukymy almak üçin bir metjide bardym, emma meni içeri goýbermediler. Şol wagt aýak üstünde durmaga-da mejalym ýokdy. Özümi
aşak goýberdim. Yzyma dönüp gidibermeýänimi görüp, metjidiň
içindäkiler aýagymdan tutup aşaklygyna süýräp ugradylar. Metjidiň
gapysynyň öňünde üç basgançak bardy. Kelläm şol basgançaklara
urlup ganap başlady we üst-başym gara gan boldy. Ine, şol pursatda
özümi maksadyma ýeten ýaly duýdum we keýpim çag boldy. Meni üç
basgançakdan aşaklygyna süýrän mahallary we kelläm her basgançaga degip ýarylanda, maňa bir yklymyň syry aýan bolýardy we men
içimden: «Basgançaklaryň sany has köp bolsa bolmaýamy» diýýärdim.
Özümi şu hala salanlardan:
– Beýder ýaly günäm nämedi? – diýip soramda, olaryň biri:
– Çünki sen metjidiň düşeklerini ogurlamak üçin bu ýere gelene
meňzeýäň – diýip jogap berdi.
107
***
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir:
– Ýol üstünde ýatan bir daşy gördüm. Onuň ýüzüne «Daşy beýlesine öwür we aşagyna ýazylany oka!» diýlip ýazylypdyr. Daşy beýlesine öwremde, «Eger bilýän zadyňa görä hereket etmeýän bolsaň,
bilmeýän zadyňy biljek bolmagyň sebäbi näme?» diýen ýazga gözüm
düşdi.
Bu ýolda meniň üçin hiç bir zat kitapdan aýrylmakdan agyr
düşmändi. Çünki «Oka!» diýip emir edilipdi.
Bu gün saňa haýsy amal agyr düşýän bolsa, ertir terezide agramy
käni şol bolar.
Bir sopynyň öňünde döwlet gapysynyň açylmagy üçin onuň
kalbyndan üç perde syrylyp aýrylmalydyr. Birinjiden, ebedi yhsanyň
öwezine iki älemiň mülküni berjek diýseler, muňa begenmeli däl. Eger
ol muňa begenäýse, onuň ýaradylan bir zadyň bardygyna begenýän
we heniz açgözlükden saplanmadyk bir adam boldugydyr. Ikinjiden,
iki jahanyň mülki oňa degişli bolsa we şol zatlary onuň elinden alsalar, bar zadyndan dynandygy üçin gynanmaly däl. Çünki şunuň ýaly
ýagdaýa düşeňde gynanmak gaharjaňlygyň alamatydyr. Gaharjaň
bolsa azap içindedir. Üçünjiden, özüňe bolmalysyndan ýokary baha
berip, aldanmaly däl. Çünki özüne bolmalysyndan uly baha berip, aldanan kişiniň yhlasy az bolýar. Yhlasy az bolan kişi bolsa, Hak bilen
arasyna perde çekýär. Bu ýolda yhlasyň gaty uly bolmalydyr.
Ýa, Biribar! Meni günä etmek pesliginden uzaklaşdyryp, tagat
etmek mertebesine gowuşdyr!
Ýa, Biribar! Seni tanadym diýýän kişi hem Seni tanamandyr.
Seni tanadym diýmäge ýüzi ýok kişiniň haly neneň bolarka?
Ýa, Biribar! Saňa ne boldy-da, zady terk etdiň?
***
Öz köşgüni terk edip, derwüşlige ýüz uranlaryň biri bolan Abu
Said günleriň birinde Ybraýym Edhemiň ýaşan ýalňyz gowagyna
zyýarat edipdir. Ol gowagyň içiniň heniz hem müşk ysyndan bark
urup duranynyň şaýady bolupdyr.
108
***
Bir gezek Ybraýym çölüň içi bilen gidip barýarka, üstleri örtülgi ýatan ýetmiş sany derwüşiň tötänden üstünden barypdyr. Olaryň
altmyş dokuzysynyň jansyz bedeni gara ganmyş. Diňe biriniň çala
demi gelip-gidýär eken. Ybraýym ondan bu ýagdaýa nädip düşenlerini
sorapdyr. Derwüş şeýle diýipdir:
– Ruhy kämillige ýetmegiň ýoly, hakykatdan hem, geçmesi
kyn ýol. Ony örän seresaply aşmak gerek. Munuň üçin bir küýze
suwuň üstünde öýüň bolmaly. Göze görnüp duran zatlardan beýlebir daşlaşmaly hem däl, oňa gaty golaýlamaly hem däl. Hudaýyň erkine boýun bolan mahalyň edepsiz ýa-da gödek bolup görünmeziň
ýaly, ünsli bolmak gerek. Biziň sopy bolandygymyzdan habaryň
bolsun. Biz mydama dymyp gezjegimize, Ýaradandan başga hiç
kimden gorkmajagymyza, her bir ädimimizi öňümizde duran ruhy
maksada görä ätjegimize, Hudaýdan başga zat barada pikir etmejegimize Allatagalanyň öňünde söz berdik. Emma biz mukaddes
Mekge şäherine gelen mahalymyz, ol ýerde bizi Hydyr ata garşy
aldy. Biz muňa örän şat bolduk. Onuň bilen salamlaşyp, örän
hoşaldygymyzy, çünki eden tagallalarymyzyň miwesini berip, oňa
duşandygymyzy aýtdyk. Bu sözleri aýdyp-aýtmankak, gaýypdan
ýazgaryjy bir owaz geldi:
– Siz Maňa beren sözüňizde durmadyňyz. Eýsem, siz şu wagt
meniň tarapymdan ýaradylan birine duşmakdan alýan lezzetiňiziň
hatyrasyna Meni, Ýaradanyňyzy ýadyňyzdan çykarmadyňyzmy?
Munuň üçin siz ölmeli bolarsyňyz.
Ýaş ýigit, seniň öňüňde dem-düýtsüz ýatanlar, Oňa bolan yşkyň
odunda ýanyp şu hala düşdüler. Ybraýym, sen häziriň özünde belli
bir karara gel: ýa bu Ýoldan ýöremegiňi dowam edersiň ýa-da öýüňe
dolanarsyň.
Ybraýym derwüşden:
– Sen näme bular bilen birlikde ölüp gitmediň? Bu dünýäde bulardan biraz artyk ömür sürmegiňe näme sebäp boldy? – diýip sorapdyr. Derwüş:
– Şu ýatan sopular bu Ýola düşen mahallary dinlerine wepaly,
kämillige ýeteňkirlän kişilerdi. Men bolsa düýbünden tejribesi bol109
madyk ýaş ýetginjekdim – diýip jogap beripdir. Soňra ol hem jan beripdir.
***
Bir gezek Ybraýymdan:
– Şalygyňdan ýüz öwürmegiňe näme sebäp boldy? – diýip sorapdyrlar. Ol:
– Günleriň birinde aýnanyň öňünde goýlan sopada otyrdym.
Men aýna siňe seredip, onda özümiň ahyrky mekanymy – mazarymy
gördüm. Men soňky ýoluma ýeke özüm, ýanymda bir dostum hem
bolmazdan gidip barşymy göz öňüne getirdim. Üstesine-de, ýanym
bilen o dünýä alyp gider ýaly haýyrdan ýeterlik derejede ýükümi tutmandym. Kyýamat gününde adalatly Kazynyň öňünde hasap bermeli
bolamda, günämi ýuwar ýaly elimde hiç zadym bolmajakdy. Şol pursatdan başlap, häkimiýetiň ýüki agyr bir zat bolup egnimden basmaga
başlady – diýip jogap beripdir.
– Horasany näme sebäpli terk etdiň? – diýip, oňa ýene bir sorag
beripdirler. Ol şeýle jogap beripdir:
– Çünki ol ýeriň adamlary meni tanaýardylar, şonuň üçin hem
meniň bilen hal-ahwal soraşyp, ybadatdan ünsümi sowjakdylar.
***
Bir gezek iki derwüş tersleşipdir. Ybraýym olara ýüzlenip:
– Siz garyplykda ýaşamak üçin hiç zat tölemediňiz. Mugt düşeni
üçin hem onuň gadyryny bileňzok – diýipdir. Derwüşleriň biri:
– Özüň munuň üçin kän zat tölediňmi? – diýip, gyjalat bermekçi
bolupdyr. Ybraýym arkaýynlyk bilen onuň ýüzüne garapdyr-da, şeýle
diýipdir:
– Hawa, men garyplygyň öwezine Balh şalygyny berdim, emma
derwüş bolmak üçin tölän şu nyrhymy hem az görýärin. Onuň bahasy
şalykdan has gymmat, dogan jan!
***
Bir gezek kimdir biri Ybraýyma müň dinar sowgat bermekçi bolupdyr: Ol:
110
– Men garyplardan sowgat alamok – diýip, puly almandyr. Ol
adam özüniň baýdygyny, garyplygyň ýele ýanyndan hem geçmeýänini aýdypdyr. Onda Ybraýym ondan:
– Şu wagta çenli ýygnan baýlygyň saňa ýeterlikmi ýa-da has hem
baýamak isleýäňmi? – diýip sorapdyr. Ol adam:
– Elbetde, has hem baý bolmak isleýän – diýip jogap beripdir.
– Diýmek, sen menden garyp ekeniň, çünki men öz garyplygymdan razy we hiç zada mätäç hem däl.
***
Ybraýym Edhem hezretleri şeýle diýipdir:
– Hudaý bilen aramyzda üç perde bar. Şol perdeleriň galkmagy üçin iki dünýäniň baýlygy öňüňde goýlanda hem özüňi bagtly
duýmaz­lyk; şalygyň eliňden gidäýende-de, jinnek ýaljak gynanmazlyk; seni öwüp, arşa çykarsalar hem, muňa buýsanmazlyk gerek.
***
Ruhy kämillige alyp barýan Ýoluň ýolagçylaryna maslahat berip, Ybraýym Edhem hezretleri şeýle diýipdir:
– Eger-de sen hakyky welileriň hataryna goşulmak isleýän
bolsaň, bu dünýä barada-da, o dünýä barada-da aladalanmaňy goýup,
Hudaýdan başga zatlardan kalbyňy arassala. Bar ünsüňi diňe Hudaýda jemle, halal gazanjyň hasabyna ýaşa. Gijeleriňi uklaman geçir we
tiz-tizden agzyňy bekle. Haram ýol bilen gazanan iýmitiň seni ruhy
tejribeden mahrum edýär, çünki şonuň ýaly iýmitiň içinde şeýtan oturandyr.
***
– Imansyz ylmyň hiç hili gymmaty ýokdur – diýip, Ybraýym Edhem kän gaýtalar eken.
***
Bir adam Ybraýymdan:
– Sen näme üçin gijeleriňi çirim etmän geçirýäň – diýip sorapdyr.
Ol hem:
111
– Gözlerimden yzygiderli ýaş akyp duransoň, gözlerimi ýumma­
gyň ebeteýini tapamok – diýip jogap beripdir.
***
Ybraýym Edhem hezretleri namaz okap bolanyndan soň, derrew aýalary bilen ýüzüni ýapar eken. Çünki ol okan namazyndan Hudaý razy bolman, ony kabul etmez we ony ýüzüne patladyp urar öýdüp gorkar eken.
***
Batrakçylyk edip gününi aýlaýan biri uzak günüň dowamynda
hiç ýere işe durup bilmän, eli boş, gamgyn halda öýüne dolanyp gelýär
eken. Aç hallaryna uklamaly boljak çagalary bolsa gözüniň öňünden
gitmeýärmiş. Ol ýolda Ybraýym hezretleri bilen garşylaşyp:
– Jenap, sen bagtly adam, men bolsa tüýs bagtygaraň biri – diýip,
oňa ýüzlenipdir. Ybraýym oňa şeýle diýipdir:
– Gel alyş-çalyş edeli. Sen maňa derdiňi ber, men hem bagtymdan göwünjeň ýüz öwreýin.
Şeýle diýmek bilen, ol ruhy ejiriň Hudaýyň ýanynda nähili uly
ähmiýete eýedigini garyba mälim edipdir.
***
Bir adam Ybraýym hezretlerinden durmuşda näme bilen
meşguldygyny sorapdyr. Ol:
– Men dünýäniň işleriniň ählisini adamlara goýdum. Dünýäde
demim gelip-gidip durka, mydama Ony ýatlaryn, pikirimde mydama Ol bolar. Sanalgym dolýança bu şeýle dowam eder. Ölenimden
soň, Hudaýy görmäge umyt baglaýaryn. Allatagala gulluk edýän kişi
başga hiç bir iş bilen meşgullanyp bilmez – diýip jogap beripdir.
***
Bir adam Ybraýym hezretlerinden:
– Ömrüňde bagtly pursatlar bolupmydy? – diýip sorapdyr. Ol
şeýle jogap beripdir:
– Derwüşlige ýüz uralym bäri iki gezek ýüzüm güldi. Bir gezek
men gaýygyň içinde otyrdym. Saçym hüwjerip durdy, eşiklerim hem
112
sal-saldy. Duýman durkam bir degişgen adam ýanyma gelip, ýöne bir
garagolsyramagyň hatyrasyna meni ýumruklap, üstümden gülmäge
başlady. Şol pursat men özümi örän bagtly duýdum, çünki ol meniň
nebsimi kemsidipdi. Başga bir gezek ýadawlykdan ýaňa metjidiň içinde
uklap galypdyryn. Bir topar adamyň bolup ýatyşyma gaharlary gelip,
aýaklarymdan tutagada, meni basgançakdan aşaklygyna oklap goýberdiler. Togalanyp gaýdyşyma basgançaklaryň birine kel­lämi deşdirdim.
Aýaklarym hem döwüldi. Emma her gezek basgançaklara gütläp
düşemde, özümiň ruhy taýdan barha kämilleşýänimi duýýardym. Tekiz
ýere baryp düşemde, basgançaklaryň sanynyň azdygyna gynandym,
çünki has baý ruhy tejribä eýe bolmak isleýärdim.
***
Bir adam Ybraýym hezretlerinden:
– Sen nädip azykly bolýarsyň? – diýip sorapdyr. Ol hem:
– Maňa ýollaýan azygyny nireden alýanyny ony ýollaýanyň
Özünden – Hudaýdan sora. Munuň ýaly ownuk-uşak zat bilen
meşgullanmaga meniň wagtym ýok – diýip jogap beripdir.
***
dan:
Ybraýym hezretleri şeýlebir wakany gürrüň beripdir:
– Bir gezek men satyn alan gulumdan adyny soradym. Ol
– Maňa islän adyňy dakyp bilersiň – diýip jogap berdi. Men on-
– Näme iýmek isleýäň? – diýip soradym.
– Beren zadyňy iýäýerin.
– Geýmek isleýän eşigiň barmy?
– Seniň beren eşigiňi geýsem bolany.
Men onuň haýsy işi etmegi halaýanyny soradym. Ol:
– Seniň tabşyran işiňi ýerine ýetirmek isleýärin – diýip jogap
berdi.
– Heý, bir isleýän zadyň barmy? – diýip soradym.
– Men ýönekeý bir gul ahyryn. Guluňam bir isläp-islemezi bolarmy?
Men «Hudaýyň guly bolup, Onuň erkine şu gul ýaly tabyn bolup
bilsem bolmaýarmy» diýip içimi gepletdim».
113
8.*
***
Bir gezek birnäçe weli dini söhbet etmek üçin ýygnanyşypdyr.
Ybraýym hem olara goşulypdyr. Olar derrew öz ýanlaryndan gitmegi ondan haýyş edipdirler. Çünki onuň geýnişinden patyşadygyny
syzypdyrlar.
***
Ybraýym hezretleri şeýle diýipdir:
– Dünýäden ýüz öwrüň we Hudaý bilen dostlaşyň – ine, size
berjek maslahatym. Altynly haltaňyzyň agzyny çözüň, diliňizi bolsa
pugta baglaň. Gürlemäň we gysganman sadaka beriň.
***
Ybraýym hezretleri şeýle diýipdir:
– Ukyny oýalyga, baýlygy garyplyga, şöhraty pälipeslige, bikärligi zähmete çalyşýançaňyz, welileriň ýanyna golaýlamaga hakyňyz
ýokdur.
***
Ybraýym hezretleri şeýle diýipdir:
– Hudaýyň öňünde günä iş etjek bolsaňyz, Onuň bagyşlan nygmatlaryndan iýmäň.
Günä iş etmäge hyýallanan mahalyňyz, Onuň şalygyny terk ediň.
Günä iş etmek üçin Onuň görmeýän ýerine gidiň.
Janyňyz damagyňyza gelende, eden günäleriňiz üçin toba eder
ýaly, ajal perişdesinden birnäçe pursatlyk ömür diläp alyň.
Ýap-ýaňy jaýlanan adamy soraga çekýän Müňkür hem Nekir
atly perişdelere ýanyňyza golaýlaşmaga we eden işleriňiz barada sorag bermäge rugsat bermäň.
Dowzaha ugradanlarynda, ol ýere gitmekden ýüz öwrüň.
Eger-de siziň şu zatlary etmäge güýjüňiz ýetmeýän bolsa, onda
hiç haçan günä etmejekdigiňiz barada kasam ediň.
114
***
– Biziň dogalarymyz näme üçin kabul bolanok? – diýip, özünden
soran adamlara Ybraýym hezretleri şeýle jogap beripdir:
– Siz Hudaýyň bardygyny ykrar edýärsiňiz, emma Onuň nesihatlaryna eýermeýärsiňiz, buýruklaryna boýun bolmaýarsyňyz.
Gurhany Kerimi öwrenýärsiňiz, emma özüňizden edilýän talaby
ýerine ýetirmeýärsiňiz.
Hudaýyň beren nygmatlaryndan lezzet alýarsyňyz, emma şol
nygmatlar üçin Oňa minnetdarlyk bildirmeýärsiňiz.
Dowzahdan gutulmak, jennete girmek üçin jan etmeýärsiňiz.
Şeýtanyň size duşmandygyny bilýärsiňiz, emma oňa duşman
hökmünde çemeleşmeýärsiňiz.
Ajalyň ýakaňyzdan tutjagyny bilýärsiňiz, emma ony garşylamaga
taýýarlyk görmeýärsiňiz.
Aradan çykan ene-ataňyzy topraga berýärsiňiz, emma ondan
ybrat almaýarsyňyz (öleris öýtmeýärsiňiz).
Öz kemçilikleriňiziň köpdügini bilýärsiňiz, emma özgeleriň
kemçiligini gözleýärsiňiz.
***
Käbä zyýarat etmek üçin ýola çykan gezegi Ybraýym hezretleri
uzakly gün aç galmaly bolupdyr. Onuň öňünde şeýtan peýda bolup:
– Şalygyňdan ýüz öwreniň we Hudaýa gulluk edeniň üçin saňa
ýeten paý mukaddes sapar mahalynda-da iýmitsiz oňmak boldumy? –
diýip seslenipdir. Ybraýym hezretleri Hudaýa ýüz tutupdyr:
– Öz dostuňyň üstüne duşmanyňy ýollamaň näme?
Şol wagt gaýypdan owaz gelipdir:
– Öz kisäňdäki kümüş pullary zyň!
Ol tötänden kisesine düşen pullary zyňyp goýberipdir welin,
şeýtan zym-zyýat bolaýypdyr, Ybraýym bolsa öňki halyna dolanyp
gelipdir.
115
***
Hezreti Ybraýymy tanamaýan bir bag eýesi ony bagban edip işe
alypdyr. Günleriň birinde hojaýyny birnäçe süýji nar alyp gelmegini
Ybraýymdan haýyş edipdir. Onuň ýygyp gelen narlarynyň hemmesi
turşy bolup çykypdyr. Bagyň eýesi:
– Sen bagymda birnäçe aý bäri bagban bolup işleýän hem bolsaň,
henize çenli süýji nary turşy nardan tapawutlandyrmagy öwrenmänsiň-ow – diýip, oňa ýüzlenipdir. Ybraýym hezretleri hem:
– Meni miweleri dadyp görmek üçin däl-de, baga ideg etmek
üçin hakyna tutdular – diýip jogap beripdir. Bagyň eýesi:
– Birden sen Ybraýym bolaýma? – diýen badyna, Ybraýym hez­
retleri gürüm-jürüm bolaýypdyr.
***
Ybraýym hezretleri şeýle gürrüň beripdir:
– Bir gezek Jebraýyl perişde düýşüme girdi. Onuň elinde bir kitap
bardy. Kitabyň näme hakdadygyny soradym. Ol bu kitaba Hudaýyň
dostlarynyň adyny ýazýanyny aýtdy. «Meniň adymy oňa girizmek
niýetiň ýokmy?» diýip soradym. Ol: «Ybraýym, sen Onuň dosty däl
ahyryn» diýdi. Men: «Ol aýdýanyň dogry, emma meniň, iň bolmanda,
onuň dostlary bilen dostlugym bar» diýip seslendim. Jebraýyl biraz
dymyp duranyndan soň, şeýle diýdi: «Hudaý maňa seniň adyňy sanawda birinji orunda goýmagy tabşyrdy, çünki ruhy ýolçulykda umyt
umytsyzlykdan hasyl bolýar».
***
Bir gezek çöllük ýerde bir esger Ybraýym hezretleri bilen
gabatlaşyp, ondan şäheriň salgyny sorapdyr. Ybraýym mazarystanlyga tarap ümläpdir. Gahary gelen esger onuň kellesine urup, erbet
ýaralapdyr, soňra bolsa ellerini arkasyna baglap, şähere alyp gelipdir.
Adamlar onuň öňüne salyp gelýän kişisiniň Ybraýymdygyny aýdanlarynda, esger:
– Ol maňa ters ýoly salgy berdi ahyryn! – diýip, özüni aklamaga
çalşypdyr. Onda Ybraýym:
116
– Şäher – bu ilatyň sanynyň günsaýyn artýan ýeri bolmaly. Biziň
şäherimizde bolsa, ol azalmak bilen. Mazarystan bolsa barha ulalýar.
Eýsem, mazarystanlyk günsaýyn ulalýan şäher dälmi? – diýip seslenipdir. Esger Ybraýym hezretlerini tanap, onuň öňünde dyzyna
çöküpdir. Ybraýym hezretleri bolsa:
– Maňa gödek daramak bilen, sen jennete girmegime artykmaç
bir mümkinçilik döretdiň. Şonuň üçin hem, maňa şu eden ýagşylygyň
üçin Ýaradandan saňa-da jennetini nesip etmegini dileýärin – diýipdir.
***
Bir gezek serhoş ýol bilen gelýär eken. Tozandan ýaňa onuň ýüzi
gasmaklap gidenmiş. Ybraýym hezretleri onuň agzyny örtüp duran
gumy süpürip durşuna:
– Allatagalanyň adyny tutýan agyz mydama arassa bolmalydyr
– diýipdir. Ýaňky serhoş serhoşlykdan aýňalanyndan soň, öz bolşuna
utanypdyr, puşman edipdir we içmesini goýupdyr. Gije ýatyrka,
Ybraýymyň düýşüne perişdeler girip, oňa şeýle diýipdirler:
– Serhoşyň agzyny süpüreniň we oňa ýagşylyk edeniň üçin, Allatagala seniň kalbyňy ýaman niýetleriň ählisinden tämizledi.
***
Bir gezek Ybraýym hezretleri derýanyň o tarapyna geçmek üçin
gaýyga münüpdir. Birdenkä gaý turup, adamlaryň zähresi ýarylypdyr.
Ybraýym jübüsinden Gurhany Kerimi çykarypdyr-da:
– Gaýyk gark bolsa, bu Kitap hem zaýa bolar. Emma bu asla
bolup biljek zat däl – diýip seslenipdir. Edil şol wagt hem gaýypdan:
– Biz bu gaýygyň gark bolmagyna ýol bermeris – diýen owaz
gelipdir.
117
Bişr HAFY
J
ihat meýdanynyň esgeri, görgürlik saraýynyň bezegi, hak
ýoluň işçisi, ýetişenlik otagyndaky kämil är, ruhy ülkeleriň
hökümdary Bişr Hafy saýlantgy sopularyň biridi. Oňa Fudaýl ibn
Aýazyň söhbetlerini diňlemek miýesser edipdir.
Bişr Hafynyň başda toba gelmegine bir waka sebäp bolupdyr.
Bir gün ol mes bolup, yraň-dyraň edip barýarka, ýüzüne «Bismillähirrahmänirrahiým» diýlip ýazylan kagyzyň ýoluň üstünde bulaşyp ýatanyny görüpdir. Ol kagyzy garbap alypdyr-da, müşk satyn alyp, oňa
gowy ys beripdir, gözlerine sylypdyr we uly hormat bilen bir belent
ýere galdyryp goýupdyr.
Şol gije abraýly kişileriň biri düýş görüp, düýşünde gulagyna:
«Bişre baryp aýt, ol Biziň adymyzy beýgeltdi, biz-de onuň özüni
beýgeltdik, adymyzy tämizläp, arassa hala getirdi, biz-de onuň özüni päkledik. Dünýäde-de, ahyretde-de onuň adyny gowy adamlaryň
atlarynyň hatarynda tutular ýaly etjegime gudratymdan ant içýärin»
diýen owaz gelipdir. Ol oýanyp, öz-özüne: «Bişr günäkär kişidir,
gören düýşüm asylsyzdyr» diýipdir we ýerinden turup, täret alyp, namaz okapdyr-da, ýene uka gidipdir. Emma bu gezek hem düýşünde
gulagyna şol bir owaz gelipdir. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanypdyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.