Latin

Weliler Hakda Rowaýatlar - 01

Total number of words is 3705
Total number of unique words is 2172
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
FERIDETDIN ATTAR
WELILER
HAKDA
ROWAÝATLAR
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Feridetdin Attar.
Weliler hakda rowaýatlar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
Gündogaryň görnükli şahyry, alymy, ýazyjysy (XII–XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň dykgatyňyza hödürlenýän «Weliler hakda rowaýatlar» («Tezkiretül-ewliýä») kitaby onuň iň meşhur eserleriniň
biridir. Kitapda gürrüňi edilýän şahslaryň ählisi diýen ýaly ýurdumyz, medeniýetimiz, ruhy dünýämiz bilen gönüden-göni bagly bolup, olar halkymyzyň arasynda şu günler hem giňden tanalýar.
Olardan Abu Fazyl Hasan Sarahsy (Sarahs baba), Abu Sagyt
Abul Haýyr (Mäne baba), Abu Hasan Harkany, Abu Aly De Khak
ýaly weliler gönüden-göni ýurdumyzda ýaşap geçipdirler.
Iň bir guwandyryjy ýeri-de, rowaýatlardaky wakalaryň
köpüsiniň Watanymyzyň çäginde bolup geçmegidir.
Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär.
Sözbaşysyny ýazan we çapa taýýarlan Orazgylyç Çaryýew
TDKP №373, 2014
KBK 398 Tü 1
© Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
SYRLAR DÜNÝÄSINIŇ
BEÝANÇYSY
F
eridetdin Attaryň dünýä inen we aradan çykan ýyllary barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlara duş gelýäris.
Onuň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitabynyň 2003-nji ýylda Stambulda
«Timas yayinlari» neşirýatynda türk dilinde çap edilen nusgasynyň
«Girişinde» şeýle diýilýär: «Feridetdin Abu Hamid (ýa-da Abu Talyp)
Muhammet ibn Ybraýymyň doglan we aradan çykan ýyllary anyk
bel­li däl. Emma onuň hijri ýyl hasaby boýunça 540–618-nji ýyllaryň
aralygynda ýaşap geçendigini çaklamak mümkin. Öz ýazan gazal we
kasydalarynda käte Feridetdiniň gysgaldylan görnüşi bolan Ferid tahallusyny ulanan hem bolsa, köplenç, Attar tahallusyndan peýdalanypdyr... Attaryň kakasynyň ady Ybraýym, künýesi bolsa Abu Bekir bolupdyr. Köp ýaşan Abu Bekir Ybraýym dermanhana işi bilen
meşgullanypdyr. Attar Nişapuryň golaýyndaky köne obalaryň biri
bolan Ketgende dünýä inipdir. Onuň kakasynyň mazary hem şu ýerde
ýatyr...
«Mejälisul-Uşşak» atly eseri ýazan kişi Attaryň Nişapuryň golaýyndaky Kandişnan obasynda doglandygyndan çöz açýar. Attar
«Mazharül-Ajaib» atly eserinde çagalygynyň Tünde geçendigini habar berýän hem bolsa, bu eseriň, hakykatdan hem, oňa degişlidigi
anyk belli däl.
Döwletşah «Tezkiresinde» Attaryň hijri ýyl hasaby boýunça 513-nji ýylda doglandygyny habar berýär. Şonuň ýaly-da, onuň 537–538-nji ýyllarda doglandygy barada-da maglumatlar duş gelýär. Emma
Attaryň hijriniň 540-njy ýylynda doglandygy barada umumy bir pikire gelnendigi üçin, biz hem şonuň tarapyny çalýarys»1.
Feridüddin Attar. Tezkiretül evliýä. «Timas yayinlari», Istanbul, 2003, 9–10 s.
1
3
Ýewgeniý Bertels «Feridetdin Attaryň «Bilbilnamasy» atly
işinde1 şeýle ýazýar: «Feridetdin Attaryň ömür ýoly barada örän az
zat bilýäris. Ol, takmynan, 1150-nji ýyllarda «beýik seljuk» Soltan
Sanjaryň zamanynda Nişapurda dünýä inýär. Onuň kakasynyň dermanhanasy bolup, ol hem şol ýerde işläpdir. Dermanhana soňra oňa
kakasyndan miras galypdyr. Onuň «Esrarnama» atly poemasynda habar bermegine görä, ol eserlerini dermanhanada ýazypdyr. Bu ýere
bolsa maslahatdyr derman sorap, günde bäş ýüz adam dagy geler
eken.
Şonuň ýaly-da, ol musulman Gündogary boýunça köp syýahat edipdir, hatda Müsüre we Hindistana hem barypdyr, soňra bolsa dogduk mekany Nişapura dolanyp, bu ýerde ornaşypdyr. Ylymlar akademiýasynyň Aziýa muzeýinde golýazmasy saklanylýan we
«Bilbilnama» poemasynyň ýanyna çatylan «Mähriban ogluma maslahat» atly kiçeňräk poema şol döwre çenli onuň öýli-işikli bolmaga
ýetişendigini we oglunyň dünýä inmegine garaşyp ýörendigini çaklamaga mejbur edýär. Çünki poemanyň başynda:
Täze Aý ýene otuz günden dogýar:
Sen maňa ýüzüňi altmyş ýyldan soňra görkezdiň –
diýen setirlere duşýarys.
Attaryň ýaşan döwri baradaky maglumatlaryň biri-birinden tapawutlanýandygyna garamazdan, olaryň arasyndaky ýyl tapawudynyň
beýle bir uly bolmazlygy, Bertelsiň hem belläp geçişi ýaly, onuň XII
asyryň ortalarynda dünýä inendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.
Feridetdiniň çagalygy Nişapuryň golaýyndaky Şadýah
obasynda geçip, ol bu ýerde kakasynyň dermanhanasynda onuň kärini öwrenmek bilen birlikde ylym öwrenmäge-de erjel ýapyşypdyr.
Onuň eserleri bilen tanyş bolanyňda, arap dilini örän gowy bilendigi, tefsir, hadys, kelam, fykyh ýaly dini ylymlary öwrenendigi,
hikmet, pelsepe, astronomiýa, farmakologiýa ýaly akyl we tejribe
bilen bagly ylymlardan hem baş çykarandygy aňlanylýar. Onuň bu
bilimleri nirede we haýsy alymlardan öwrenendigi belli däl. Şol
döwürde Nişapuryň ylym merkezi bolandygyny göz öňünde tutup,
Е. Э. Бертельс. Суфизм и суфийская литература. Издательство «Наука»,
Москва, 1965. С – 340.
1
4
onuň bu ylymlary öwrenmek üçin uzaklara sapara çykmaga mätäç
bolmandygyny aýdyp bolar.
Feridetdin heniz kiçi ýaşlarynda tasawwuf bilen, sopular bilen içgin gyzyklanmaga başlapdyr. Ýaşynyň kiçidigine garamazdan, sopularyň mejlislerine we söhbetlerine goşulyp, olardan ylham
alandygyny aýtsak, asla ýalňyş bolmasa gerek.
Jamy «Nefahat» atly eserinde Attaryň sopuçylyga baş urşuny
beýan edipdir. Feridetdin bir gün dükanynda hysyrdanyp ýörşüne,
durşy bilen işe berlipdir. Şol wagt bir derwüş gelip:
– Allahyň razylygy üçin bir zat ber! – diýip, birnäçe gezek gaýtalasa-da, iş bilen gümra bolup, dünýäni unudan Attar, oňa barmysyň
hem diýmändir. Şondan soňra derwüş onuň golaýyna dykylyp baryp:
– Ependi, sen nädip öljegiňi bilýäňmi? – diýip sorapdyr.
– Sen nähili ölseň, men hem şeýdip ölerin-dä.
– Sen meniň ölşüm ýaly ölüp bilermiň?
– Munuň hiç gürrüňi bolmaz.
Bu jogaby eşiden derwüş elindäki agaç golçany ýerde düňderip
goýup, oňa başyny goýupdyr we: «Allah!» diýägede, jan beripdir. Bu
bolan işi gören Attaryň tüýsi üýtgäpdir. Şondan soňra ol dükanyny
satyp, sopuçylyga ýüz urupdyr1.
Attaryň sopuçylyk ýolunda batyrgaýlyk bilen öňe ilerländigine
Gaýybynyň:
Hakykat çyn aşyklar, girgil ýola merdana,
Rehnemadyr bu ýolda şyh Attar diwana –
diýen setirleri hem şaýatlyk edýär.
Bertels «Feridetdin Attaryň «Bilbilnamasy» atly makalasynda
bir gyzykly rowaýatdan söz açýar. Bu rowaýatda Attaryň garran çag­
larynda şol wagt bäş ýa-da alty ýaşyndaky Jelaletdin Rumy bilen
gabatlaşyşy barada habar berlipdir. Bertels şeýle diýýär: «Garry şahyr
öz öňünde duran çaganyň kimdigini bada-bat aňlapdyr we oňa «Syrnama» atly eseriniň golýazmasyny sowgat beripdir. Şu hereketi bilen
hem onuň öz ýoluny dowam etjekdigini ýaňzydan ýaly edipdir. Elbetde, bu rowaýat taryhy häsiýetli maglumata daýanmaýar we şahyryň
Feridüddin Attar. Tezkiretül evliya. «Timas yayinlari», Istanbul, 2003, 10–11 s.
1
5
terjimehalyny ýazanlaryň biri tarapyndan döredilene meňzeýär.
Muňa garamazdan, onuň Attar bilen Jelaletdin Rumynyň arasyndaky
baglanyşygy örän gowy açyp görkezýändigini hem inkär edip bolmaz.
Biz Rumynyň döredijiliginde onuň ruhy halypasy Attar tarapyndan
başlanylan işiň tamamlanyşyny görýäris. Rumynyň «Mesnewi» atly
meşhur poemasy hem, edil Attaryň poemalary ýaly, sapaga düzülen
mahaly belli bir ýordum, anyk maksat esas edilip alynmandyr. Ol diňe
ýüzugra peýda bolan pikirler arkaly baglanyşýan, ýüze çykyş tertip­
leri tötänleýin ýaly bolup görünýän hekaýatlar hataryndan ybarat.
Başga bir tarapdan, Attaryň çabrap duran otlukly duýgulary, möwç
urýan joşguny hem şägirdine geçipdir. Attar bilen Jelaletdin Rumy
bir bitewüligiň iki bölegidir, prizmanyň içinden geçip, iki ekrany ýagtyl­d­
ýan şöhledir. Has ýakynda duran ekranda onuň ýaýrawy beýle bir giň
bolmasa-da, uzakdakysynda örän uly ýaýrawa eýe bolýar. Eger-de
Attar diňe pars dilinde eser döreden şahyr hökmünde tanalan bolsa,
Jelaletdin dünýä möçberindäki şahyra öwrülýär»1.
Feridetdin Attaryň aradan çykan ýyly barada-da dürli maglumatlara duş gelinýär. Olaryň käbirinde onuň mongollaryň Nişapura eden
çozuşlary döwründe, ýagny 1221-nji ýylda wepat bolandygy aýdylsa, käbirinde 1229-njy ýylda dünýäden ötendigi mälim edilýär. Onuň
ölümi bilen baglanyşykly bir rowaýatda bir mongol esgerine ýesir
düşüşinden söz açylýar. Ýaňky esger onuň lukmandygyny bilip, gara
başyny satyn almagy teklip edipdir. Şyh Attar adam bejereni üçin hiç
haçan pul almandygyny aýdypdyr. Esger onuň aýdanyna ynanmandyr.
Töwerekdäki adamlar şyhyň aýdanynyň dogrudygyny tassyklapdyrlar we öz aralarynda pul ýygnap, ony satyn almak kararyna gelipdirler. Şyh Attar muňa garşy çykyp: «Adamlar, men Allatagalanyň beren
uzyn ömrüni ýaşadym, indi ömrüm ahyr bolana meňzeýär. Meniň
üçin pul çykaryp, garyp düşmäň» diýýär. Bu sözleriň manysyny aňlan
mongol esgeriniň ondan peýda görüp bilmejegine gözi ýetip, elindäki
gylyjy bilen şyhyň başyny kesenmiş.
Feridetdin Attaryň jaýlanan ýeri barada iki hili düşünje bar.
Halkymyz ir döwürlerden bäri onuň Magtymguly etrabyna degişli
Е. Э. Бертельс. Суфизм и суфийская литература. Издательство «Наука»,
Москва, 1965. С – 341.
1
6
Könekesir obasyndaky kümmedine zyýarat edip gelýär we şu ýerdäki
mazaryň oňa degişlidigine ynanýar. Nişapur şäherinde-de onuň adyna bir kümmet galdyrylypdyr. Bu geň bir hadysa däldir, çünki dinimizi ýaýmakda uly iş bitiren şahslaryň adyna dünýäniň dürli ýerlerinde hatyra kümmedini galdyryp, oňa zyýarat etmek arkaly goýýan
hormatyňy mälim etmek musulmanlara mahsus aýratynlykdyr.
Emma, biziň pikirimizçe, onuň Könekesirde jaýlanandygy hakdaky
pikiriň dogry bolma ähtimallygy has güýçli. Mysal üçin, Feridetdin Attaryň ýigrimi dokuz ýyl Nişapurda ýaşanyndan soň, Şadybah
obasyna göçüp baryp, ömrüniň agramly bölegini şol ýerde geçirendigi, ömrüniň ahyrynda-da köpçülikden çete çekilip, diňe ybadata
berilmek kararyna gelendigi hakda bir maglumat bar. Onuň Könekesirdäki kümmediniň ýerleşýän ýeriniň töwerekleriniň çolalygy onuň,
hakykatdan hem, şu ýerde ybadata berlip, ömrüni-de şu ýerde tamamlandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär. Bu ýeriň Nişapurdan
beýlebir uzak bolmazlygy hem bu çaklamany tassyklaýana meňzeýär.
Elbetde, bu mesele has içgin öwrenilmegine mätäç. Biz bu ýerde diňe
oňa ünsüňizi çekmek bilen çäklenýäris.
Attaryň ýazan eserleriniň ählisi bize gelip ýetmändir. Onuň
«Musybatnama», «Ilahnama», «Hysrownama», «Pentnama», «Esrarnama», «Jewahyrnama», «Muhtarnama» ýaly eserleri ýazandygyny
bilýäris. «Bilbilnama» eseri barada bolsa ýokarda agzap gecipdik. Kasydalar we gazallar diwany, «Mantyk-et-taýr», «Tezkiretülewliýä» kitaplary bolsa Attaryň iň möhüm eserleridir.
Geliň, indi Feridetdin Attaryň eserleriniň biri – «Bilbilnama» poemasy bilen ýakyndan tanyş bolalyň. Çünki ol okyjylaryň dykgatyna
hödürlenýän «Tezkiretül-ewliýä» eseri bilen bir hörpden gopýar. Bu
eseriň heniz türkmen dilinde ýokdugy, asyl dilinde okamak mümkinçiligine hem eýe däldigimiz sebäpli, onuň bilen Ý. E. Bertelsiň
«Sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty» atly kitabynyň esasynda
tanyşdyrýarys1.
Е. Э. Бертельс. «Книга о соловье» (Булбул-наме) Фарид ад-Дина Аттара;
Суфийская космогония у Фарид ад-Дина Аттара; Ценная рукопись поем Фарид ад-Дина Аттара в Ленинградской Государственной публичной билиотеке;
Навои и Аттар; Хаййат-наме Фарид ад-Дина Аттара. Seret: Е.Э. Бертельс. Суфизм и суфийская литература. Издательство «Наука», Москва, 1965.
1
7
«Bilbilnama» poemasynyň göwrümi beýlebir uly bolmasa-da, onda göräýmäge, şüweleňli wakalaryň üsti bilen çylşyrymly
meseleleriň uly bir ýumagy çözlenýär. Poemanyň ýordumy örän ýönekeýdir. Bilbil güle aşyk bolýar. Onuň iňňildisi, zaryn-zaryn saýramasy beýleki guşlaryň mazasyny alýar. Olar ony bu edýän işi üçin
jogap bermäge Süleýman patyşanyň huzuryna çagyrýarlar. Süleýman patyşa bolsa, Gurhany Kerimde habar berilmegine görä, diňe bir
adamlara däl, eýsem, guşlara, haýwanlara we jynlara – bularyň ählisine hökümdarlyk edipdir.
Bilbil özüni goramak bilen, öz garşydaşlaryny ýiti tankydyň
astyna alýar, emma ahyrsoňunda hüýpüýpigiň – Süleýman patyşa
örän ýakyn we öňdengörüji bolan bu guşuň degerli gaýtawul bermegi
netijesinde dymmaga mejbur bolýar.
Elbetde, poemanyň düýp özeni bu bolup geçýän wakalaryň
aňyrsynda gizlenýär. Bu ýerde bilbil terkidünýälige baş urup, «ylahy yşkyň» şerbedinden içip, ýekelikde «ýeke-täk Dosty» wasp edýän
sopy şahyry aňladyp gelýär. Şahyr daşyny gurşap alan adamlaryň bu
dünýäniň işine aşa gyzygyp, ahyretini unudaňkyrlaýandyklaryny,
dinlerine-imanlaryna yhlaslarynyň azalyp, Allaha bolan söýgüleriniň
bolmalysy ýaly däldigini görýär. Ol özüniň hem şolaryň biri bolup
gitmeginden gorkup, kalbyny päklemek, yhlasyny artdyrmak üçin sopuçylyga baş urýar. Emma sopuçylygyň hem kötel ýollary bar. Sopy
Allahy zikr etmegiň keramaty bilen öz kalbynyň çuňunda baslygyp
ýatan her hili duýgularyň oýanyp, öz ruhunyň ýaradylan pursadyndan
bäri başyndan geçiren hallarynyň özünde gaýtadan peýda bol­
ýandygyny aňlaýar. Ol şol duýgulary, şol hallary gaýtadan ýaşap, bu
gezek kalbyny olardan ymykly arassalamaly. Ol hallaryň bolsa köpüsi
musulmana gelişmejek hallar. Olary ýeňip geçmek üçin uly güýç gerek. Sopy öz güýjüniň munuň üçin ýeterlik däldigini duýýar. Onuň öz
saýlap alan mürşidine – öň bu ýollardan geçip görüp, hakykata eýeren pire baş urup, oňa sygynmakdan başga çäresi ýok. Ýöne ol sopy
bolmak bilen birlikde, başyndan geçirýän ruhy ahwalatlaryny şygyr
bilen beýan edip biljek derejede şahyrçylyga-da eýe. Ine, ol kalbynda
müňzeýän duýgulary, başyndan geçýän hallary şygra salyp, piriniň
müritleri üçin guraýan mejlislerinde şol şygyrlary okamaga, ýagny
8
onuň öňünde özboluşly hasabat bermäge başlaýar. Piri hem onuň tarykat ýoly bilen ilerläp barýarka, haýsy päsgelçilige uçrandygyny öz
tejribesi boýunça kesgitläp, şol päsgelçiligi ýeňip geçmäniň ugruny
salgy berýär we öz hümmetiniň güýji bilen oňa goltgy bolýar. Sopy
şahyr haldan hala geçýär we şol hallary şygra salyp, pirine habar
berýär. Şeýdip, ol piriniň ýardamy bilen şol hallardan kalbyny tämiz­
läp, ruhy kämillige alyp barýan ýol bilen öňe ilerlemegini dowam
edýär. Emma şygryň owazy, bilbiliň owazy ýaly, onuň gatnaşýan
mejlisleriniň çäginden daşary çykmaga, beýleki adamlaryň gulagyna ilmäge başlaýar. Olary eşidip, adamlar ör-gökden gelýärler. Olar
öz kalplarynyň teýinde-de şol şygyrlarda beýan edilýän duýgularyň,
hallaryň baslygyp ýatandygyny, özleriniň yhlaslarynyň kem bolmagyna, bu dünýä aşa ähmiýet bermeklerine hut şolaryň sebäp bolýanyny aňlaman, bu şygyrlaryň näme maksat bilen ýazylandyklarynyň
magadyna-da ýetjek bolman, aňlarynyň berýän buýrugy esasynda
olary ret edip, sopy şahyry-da ýazgarmaga başlaýarlar. Şeýdip hem
ony kazyýetde süýreklemäge çenli baryp ýetýärler. «Bilbilnama»
poemasynyň gahrymany bilbil hem şol kysmaty paýlaşýar.
Geliň, şu ýerde poemanyň mazmuny bilen Ý. E. Bertelsiň rus
diline kyssa görnüşinde eden terjimesiniň esasynda tanyş bolalyň.
1. GIRIŞ
Eliňe galam alyp, kalbyň syry hakda gürrüň ber. Gürrüňiňe bar
syrlardan habarly Allahyň ady bilen başla: gullarynyň ryskyny bermek diňe Oňa mahsus. Asman öz belentligini, ýer öz pesligini Ondan
aldy. Iki dünýä ýaşaýyş lybasyny Ondan aldy. Bu gök asmany beýgeldip duran hem, Günüň ergin altynyny lowladyp duran hem Oldur.
Galam – hakykatlar deňziniň guwwasy. Onuň şekil berýän
sözleriniň ählisi arassa altyna meňzeýär. Galam aýralygyň hasratyny
beýan eden mahaly, gaýnap duran şepbige meňzeş ganly gözýaşlar
dökülmäge başlady.
9
2. GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ
HUZURYNA GELÝÄRLER
Döwlere-de, perilere-de hökümini ýöreden Süleýman alaý­hys­
salamyň zamanynda guşlar onuň köşgünde toplanyp, alagoh bolşup,
bilbiliň üstünden şikaýat edipdirler. Olar gargy tüýdükler ýaly bolşup
iňläpdirler, ganatlary bilen kellelerine we döşlerine pat-pat urupdyrlar. Ählisi çokjalaryny açyşyp, dady-perýat edipdirler hem-de uzak
wagtlap ganatlarydyr perlerini sallaşyp durupdyrlar. Ýüreklerinde
näme bar bolsa, bir-biriniň yzyndan Süleýmana habar beripdirler.
Olaryň ählisi bibilden şikaýatçy bolup, şeýle diýipdirler: «Ol –
baglaryň we çemenzarlyklaryň wagyzçysy bolup, öýüdir düşlegi –
gyrymsy agaçlaryň arasy. Ýigrenji, gamgyn halda gezýär, ýaramaz
işler bilen meşgullanýar, emma diliniň süýjüligine welin, at dakar
ýaly däl. Egninde mydama reňksiz köýnegi bar, emma ikiýüzlülik,
mekirlik we serhoşlyk söwdasyny edýär. Müşk ýaly hoşroý ysly
aýdymynyň arasyny bir pursat hem kesenok, emma sylaýan kişisi-de
ýok. Bahar gelip, bägüller açylanda, ýüz hili owaz, dürli-dürli heň
çykarýar. Ojakdaky gazan ýaly gaýnap, bütin gijesini iňňildäp, ýatman geçirýär. Ol ukynyň gadryny bilenok, çünki sowatly adamlaryň
dymýan wagty, sowatsyzlaryň sesi has batly çykýar. Ejizje-de bolsa,
sesi daş ýarýar. Onuň mekirlikleriniň sanyny Allatagaladan başga bil­
ýän kişi ýok!
Hökümdarymyz, oňa adalatyň nämedigini görkez, baglarda we
tokaýlyklarda sesi çykmaz ýaly et! Muňa razy bolmasaň, başga bir zat
et: bizi şunuň ýaly ýigrenji mahluklaryň elinden halas et».
3. SÜLEÝMAN BILBILI ALYP GELMEK
ÜÇIN LAÇYNY UGRADÝAR
Guşlaryň aýdanyny eşidip, Süleýman gaharlanypdyr, janyna jaý
tapman, gygyrmaga başlapdyr. Ara wagt salman hem laçyna emir
edip, şeýle diýipdir: «Ot ýaly bolup, çaltrak öňe okduryl, tüsse ýaly
bolup hem yzyňa dolan! Guşlaryň ählisini dady-perýat etdiren guşy
synap gör. Onuň akyl-paýhasdan paý alandygyny ýa-da almandygyny
10
anykla. Ol şeýle uly güýje eýemikä? Ondan köpçüligi ýigrenmeginiň
sebäbini, özüni ýeke-täk saýmaga haky nireden alanyny sora. Näme
üçin bilbil bizi bir pursat hem ýatlamaýarka, näme üçin hyzmat kemerini biline baglamaýarka? Belki, ol telbedir, serhoşdyr? Mydama
haýry şerden tapawutlandyrmagy unutmagy hem şonuň üçinmikä?
Onuň bedeniniň ejizjedigini, tapsyzjadygyny aýdýarlar, iňňildisi bolsa
bägül düýpleriniň arasyndan dynman eşidilip durmuş. Onuň ýanyna
golaýlaňda ýylgyr, bolmasa gorkudan ýaňa, Hudaý saklasyn, onuň jan
beräýmegi hem ahmaldyr... Onuň bilen gödek gürleşme, barmagyňy
agzyňa tutup habar gat, çüňküňi we dyrnaklaryňy ondan gizle».
Ýüwrük laçyn howany gulaçlap ugrady (onuň örän güýçli çüňki
bardy), azarsyz-bizarsyz görgüli bilbiliň ganyna suwsap gitdi. Ol
çüňküni we dyrnaklaryny zähere çümdürip çykaryp, haýbat bilen
ganatlaryny gerdi. Soltana hyzmat etmegiň halysyny ogşap, boýdan-başa sowuda bürendi.
Gowy hyzmatkär işe girişmezden ozal ony nämeden başlama­
lydygyny bilýänligi bilen tapawutlanýar. Hökümdarlaryň paýy –
höküm etmek, pes kärdäkileriň paýy – olaryň tabşyrygyny ýerine
ýetirmek üçin jan etmek. Ine, laçyn özüne berlen buýruga boýun
egip, gülzarlygyň çetinden girdi. Bilbil serhoş ýaly bolup, bagda
iňňildeýärdi. Bagyň gözelligi – kölegesiniň bollugy, bilbiliň iňňildisi
– ejir çekmeginiň alamaty. Bilbiliň ahy-zary laçynyň gulagyna
hoş ýakdy, bägüliň reňki we ysy bolsa gözlerine süýji göründi. Bir
pursadyň özünde yşk laçynyň başyny gök diretdi – yşk gahrymanlaryň
ählisiniň dillerini duşaklap goýýar ahyryn!..
Laçyn başagaýlykdan aýňalanyndan soň, bilbili jezalandyrmaga
girişdi.
4. BÄGÜLIŇ WE BILBILIŇ
HOŞLAŞYK PURSADY
Bilbil bägüle garap şeýle diýdi: «Eý, ýüregi nurlandyrýan,
hoşniýetlilik şamçyragyny ýak! Ýör, gideli! Bu gije – mähir-muhabbet
gijesi. Gije – aýýüzli gözelleriň zülpi ýaly uzyn. Dostuň bilen daňdana
çenli bile bolmagy bagtyň saý. Säher wagtyna çenli syr alşyp, syr berşeris.
11
Iki mähriban dost syrlaryny açmak islän mahallary geçen günlerden söz
açýarlar. Bu pursat – soňsuz jennet, emma ol hemme kişä elýeterli däl.
Bir gije keseki dodaklardan we dişlerden uzakda seniň dodak­
laryňdan dişimi aýyrmadym. Bagban gelip, saňa: «Aýtsana, şu
gije seni kim söýdi? Kim ajaýyp ýüzüňden örtügini syrdy, lagyl
dodaklaryňa kim agyz saldy? Sen ýaz şemalynyň öwüsgininden ganyp, gowy açylypsyň. Sen çem gelene şam bolaýmaly däl ahyryn»
diýen sözler bilen ýüzlendi. Jogabyň nagt boldy: «Daňdana çenli dodaklarymy gyraw nemlendirdi, şemal öwsüp, agzymy altyndan doldurdy. Agzym bilbiliň ganyna boýaldy. Şol ganyň damjalary dodak­
larymda şu mahal hem dur».
Wepaly boljagyň barada beren wadaňy unutma, janym, gelip gujagyma dol. Men ýaly ömrüni aýagyňyň astyna atan müňlerçe guluň
bar. Emma seniň ýalyny dünýäde tapjak gümanym ýok. Bir pursat hem
ynjalyp, oturyp bilemok, seni bagryma basmaga ymtylýaryn. Menden has gowy müňlerçe aşygyň bar, emma ajaýyp ýüzüňi görmesem,
maňa ýaşamakdan agyr zat ýok. Dodaklarym gurap galdy, gözlerimden dynman ýaş akýar. Ýagyş gatap galan topraga ömür bagyşlaýar
ahyryn. Men pelekden, onuň edýän her bir öwrüminden gorkýaryn: ol
erbet adamlary bagtly edip, gowy adamlary kemsitdi. Ol bir öwrüm
edende, başga bir zada öwrülip, şol wagt aralygynda müňlerçe ýagşy-ýaman işler hasyl bolýar. Seni lowlap duran küräniň içine atarlar,
meniň kalbymda-da ot tutaşdyrarlar. Seni ýaz şemaly dymmaga mej­
bur edýär, meni aramyza düşen aýralyk buza dönderýär. Sensiz aýgünüm dogmasyn! Seniň wysalyňa ýetilýän gijä gündiziň kölegesi
düşmesin!»
Olar daňdana çenli şunuň ýaly pikirlere gark bolup, ykbalyň gelen kararyny bütinleý unutdylar. Emma gündiziň goşuny garasyny
görkezip-görkezmänkä, ykbalyň emri bilen aralaryna aýralyk girip,
biri-birinden jyda düşmeli boldular.
5. LAÇYN BILBILE HABARYNY AÝDÝAR
Laçyn bilbile ýüzlenip şeýle diýdi: «Betbagt diýsäni, ýör, ýola
düşeli. Ganatlarymdan ýapyş! Käbäni görmek isleýän garynjalar
12
laçynlaryň iň iri ýelekleriniň aşagyna girip oturýarlar. Süleýman seni
kazyýete çagyrýar. Özüňde bar bolan degerli subutnamalaryň ählisini aňyňda aýlajak bol. Sen oňa näme diýmekçi, kim diýip özüňi
tanatmakçy? Sen dünýäde gaýgy-gamsyz selpäp ýörsüň, bägüliň
reňki we ysy gözüňi gapyp, Süleýmandan daşlaşypsyň. Pany gözel­
lige guwanmaň näme? Hökümdarlaryň emirlerine näme üçin garşy
çykýarsyň? Patyşanyň tagtyndan ýüzüňi sowma, çünki şeýle etmek
bilen aýaklaryňa özüň gandal urarsyň. Dünýäde özüňe gowy diýdirjek
bolsaň, häkimiýet eýeleriniň ýöreýän ýodasyndan ýöremäge çalyş!»
6. HEKAÝAT
Bir ýer urup, ýerde galan aljyraňňy garyp görgüli niredesiň Şirwan
diýip, ýola rowana bolupdyr. Ol baryp, welaýatyň hökümdarynyň
öýüniň derwezesine ýanaşyp duran külbejikde ýaşamaga başlapdyr.
Ol bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda gününi hökümdaryň
öýüniň diwaryna ýaplanyp geçiripdir. Ahyry patyşanyň ýakynlarynyň
biriniň oňa gözi düşüp, onuň syryny dünýä ýaýyp oturyberipdir. Ony
görmek üçin daşary çykan hökümdar garyp kişiden: «Ýoluň ugrunda
guma bulaşyp ýatmak bilen näme gazanmak isleýäň?» diýip sorapdyr.
Garyp: «Haçanda bolsa bir wagt meni köşgüňe goýberersiň öýdüp, diwara arkamy berip oturyşym» diýip jogap beripdir. Bu jogap hökümdaryň
gulagyna ýarapdyr we garybyň etegidir agzyny altyndan doldurypdyr.
Şeýlelik bilen, hälki garyp kişi hökümdaryň ýakyn adamyna öwrülipdir. Hökümdar oňa şeýlebir uly hormat goýupdyr welin, onuň buýruk­
lary Şirwanyň ähli ýerinde gep-gürrüňsiz berjaý edilipdir.
7. BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY
Sen hiç haçan aşyklyk derdine uçramadyň. Heniz ot bolup ýanyp
göreňok. Tüssä çalym edýärsiň. Aşyklykda ruhuňy gaýyp edýänçäň,
hiç haçan aşykdyr magşuklaryň gadyryny bilmersiň. Diňe özüni
unudan kişi aşyklygyň datly şerabyny noş kylýar. Aşyklygyň alamaty – aň-paýhasyň belentligi, aň-paýhasyň yşk älemindäki ýoly –
paýhassyzlyk. Süleýmana meniň adymdan: «Eý, Hudaýyň ýerdäki
13
wekili! Başymyzdan emir uýanyny aýyr. Diwanalary we aşyklary
ýazgarmagyň gabahatdyr, şonuň üçin hem bizi ýanap bilmersiň» diý.
8. LAÇYN BILBILI ALYP GAÇÝAR
Bilbil laçynyň süýji sözüne-de, ýalbaryp-ýakarmalaryna-da
özüni aldyrmady. Onsoň gödeklige ýüz urdy. Ol penjeleri bilen bilbili kakyp goýberip, ony howa göteriler ýaly etdi we soňra ýene iki
penjesiniň arasyna alyp, iküç gezek gysdy. Çykalgasynyň ýokdugyna,
özüniň ejizdigine, dostunyň hem gözünden gaýyp bolandygyna akyl
ýetiren bilbil: «Seniň bir eliňde bal, beýleki eliňde neşter bar! Men älem
masgarasy boldum. Örtügi aşak indir! Sen gahrymançylyk görkezen
bolsaň, ululyk etmäge ukyply bolsaň, onda ýolbars ýaly rehimli bol,
ýyrtyjylara mahsus endikleriňden el çek! Süleýmana sowgat eder ýaly,
jan-dilden waspnama taýýarlamagyma rugsat berip, meni öz günüme
goý. Paýhasly ärleriň edähedi şeýle: islendik işde olar soňuna bakýarlar.
Danalar patyşalary zyýarat edenlerinde, olar säherde edýän dogalaryny
goşga salyp aýdyp berýärler. Kimiň eli boş bolsa, görümsizlikden gutulmaz. Patyşalara ýakynlamagyň üç ýoly bar: sungat, pul, suhangöýlik.
Meniň sungatym hem, pulum hem ýok. Diňe söz baýlygym bar. Şonyda sowgat etmekçi» diýip seslendi. Laçyn hem öz gezeginde bilbile
ýüzlendi: «Ýeri bolýar, waspnamaňy taýýarla-da, tizräk ýola düş, bar
güýjüňi tijäp uç! Ýol bize garaşýar. Biz näme üçin gijä galýarys? Ýa
ganatlarymyz ýadadymy, aýaklarymyz baglangymy? Uçaly, derrew ganatlarymyzy ýaýaly-da, bu ýoly başymyz bilen ölçäli».
9. BILBIL ÝAZ ŞEMALYNY ÇEMENZARLYGA
ÇAPAR EDIP ÝOLLAÝAR
Olar dagyň gerşine çykan mahallary ýaz şemaly çemenzarlyga
tarap öwüsmäge başlady. Bilbil dostlarynyň hatyrasyna iki eli bilen
onuň syýnynyndan ýapyşdy-da, ýalbarmaga başlady: «Sen uçup gitde, baryp söýgülimiň syýnyndan ýapyş! Soňra meniň adymdan oňa
şeýle diý: «Mensiz rahat gezip bilýärmiň? Senden aýrylyp, ýüregim
bir damja gana döndi. Eý, kalbymyň rahatlygy! Aýralygyň maňa
14
näme edenini aýdaýynmy? Mende sabyr-da, akyl-da, rahatlyk-da
galmady. Kalbym süýji durmuşy ýadyndan çykaryp, saňa baglandy.
Onuň söýgüsi Hysrawyň Şirine bolan söýgüsini ýada salýar. Seni
ýene bir gezejik görüp bilsem, bir pursatjyk seniň bilen ikiçäk otursam, onda dünýäniň ähli betbagtlygy meniň üçin üns bereniňe degmeýän zada öwrülerdi. Şol pursada çenli diri galsam, onda ölüm kär
etmeýän birine öwrülerin. Diňe ýakynlaryň nazary gül ýüzüňe düşüp
dursa bol­ýar, adamlaryň çekýän hasraty seniň köçäňe sowulmasa bolýar! Eger takdyrymda ýaşamak bar bolsa, diri galaryn, bolmasa-da,
senden uzakda jan bererin».
10. ÝAZ ŞEMALY BAGYŇ ÇETINDEN GIRÝÄR
Bagyň çetinden giren säher şemalynyň gözüne çemenzarlyk
gara peç bolup göründi. Bägül bilbili görmek umydyny ýitiripdir,
köýnegini ýyrtym-ýyrtym edipdir, aýagyna müňlerçe tiken batypdyr,
batga çümüpdir, bilbilden aýralyk ýüreginde ýer edipdir. Ol çemenzarlykdaky ýönekeý şahalaryň biri ýaly bir epilip, bir ýazylyp, şeýle
diýýärdi: «Dostlarym! Bile wagtymyz bagda günümizi hoş geçirýärdik, guşlaryň hem bize gözi gidýärdi. Göripleriň gözi kör bolsun-da
hernä! Dostlaryň arasyna bolsa hiç haçan aýralyk düşmesin».
11. BILBIL SÜLEÝMANYŇ
KÖŞGÜNE UÇUP GELÝÄR
Bilbil Süleýmanyň köşgünde peýda bolanda, guşlaryň ählisi hatara düzülip durdy. Ol başyny aşak egdi, guşagyny dakyndy we gürlemäge başlady. Ol Süleýmanyň adyna hamd-u senalar aýtdy, dogalar
okady we şeýle diýdi: «Sen garynja-da, ýylana-da, adama-da, ýyrtyjylara-da, döwlerdir perilere-de hökümüňi ýöredýärsiň. Senden gowy
hökümdar hem, özgeleri täçli edýän täçdar hem ýok. Sen – Hudaýyň
resuly, müdimi patyşa. Seniň düşünjeleriň kemçilikden we kämillikden ýokarda. Allah maňa geljekde sabyr-yhsan eýlese, janymy saňa
hyzmat etmegiň ýolunda pida ederin. Seniň hyzmatyňda gezmäge
özümi mynasyp görmänim üçin hyzmatyňdan daşda gezdim».
15
12. SÜLEÝMANYŇ BILBILE BEREN JOGABY
Süleýman aýtdy: «Eý, suhangöý guş, arakhor ýaly bolup, şerap
içmäň näme? Sen bir görseň serhoş, bir görseň akylyň daş ýarýar, bir
görseň ukudan gözüň açylanok, bir görseň hem gijäňi çirim etmän
geçirýärsiň. Guşlaryň ählisi ýasda geýilýän eşiklere bürenip, asmana
garaýar. Sen bolsa pursat eliňe geçdigi täze nika toýuny tutýarsyň.
Kim bolarsyň – zerduşmyň ýa-da jadygöýleriň jankoýerimiň? Sen ertesi kelläňi agyrtmaýan, häsiýetleri durmuşda gabat gelmeýän arassa
içgini iç. Ertesi kelläňi agyrdýan içgini, hatda ölüleri direldýän hem
bolsa, haram hasap et! Azgyn adamlaryň içýändikleri sebäpli, şeraby
haram etdiler. Azgyn adamlaryň toýunda serhoş bolup, serden geçme. Serhoşlyk syryň açylmagyna sebäp bolýar. Akylyňy alýan hiç bir
zady içiji bolma, bolmasa mydama samrar ýörersiň».
13. HARUT WE MARUT
HAKDA HEKAÝAT
Harut hem Marutyň başyndan geçen wakalar barada eşitdiňmi?
Olaryň bar işi Allaha ybadat etmekdi. Ilkibaşda olar perişde hökmünde asmanda ömür sürdüler. Soňra olaryň endam-jany, döwleriňki
ýaly, gam-gussa öwrüldi. Olar nebisden we şöwketden uzak durdular,
serhoşlyk diýen zady bilmediler, günä etmediler.
Allah Adam atany ýere gönderende, olaryň kalbynda bir ot
tutaşdy. Olar Allatagalanyň huzuryna gelip, içlerini dökdüler. Başda
olar şeýle diýdiler: «Belki, ýerdäki orunbasaryň bolmak Adama laýyk
bolsa-da bolandyr, emma onuň nesilleri azgynçylyga we ganhorlyga
ýüz urdy, ýeriň ýüzi bulagaýlykdan doldy».
Olar özüni adamdan artyk saýdylar we şol sebäpli hem ýagşylyk
garasyny görmediler. Allatagala olara gonalga berdi, dünýäniň paýtagtyna ýollady. Ajaýyp Zöhräniň ýüzüni görüp, öz gutulyşlarynyň
üstüni galam bilen çyzdylar. Oňa aşyk boldular-da, bar zady unutdylar, gündizlerini elewräp geçirdiler, gijelerini ýatman geçirdiler.
Olar başda azgynçylyk etmediler, adam öldürmediler, emma
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
  • Parts
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 01
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 2172
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 02
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2173
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 03
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 1898
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 04
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 1897
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 05
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1897
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1901
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 07
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1922
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 08
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 1919
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 09
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 1769
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 10
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1867
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 11
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 1892
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 12
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 1862
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    56.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 13
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1899
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1870
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 15
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 1798
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 16
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 1802
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 17
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 1876
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 18
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 1825
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 19
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2001
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 20
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 1878
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Weliler Hakda Rowaýatlar - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1341
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.